Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 01

Total number of words is 3452
Total number of unique words is 2028
24.2 of words are in the 2000 most common words
35.0 of words are in the 5000 most common words
41.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASY
MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY
MUHAMMET KASYM HINDUŞA
ASTRABADY
(PERIŞDE)
YBRAÝYMYŇ
GÜLŞENI
(TARYHY PERIŞDE)
I
Pars dilinden terjime eden
we neşire taýýarlan
Godarow Rahmanberdi
AŞGABAT «MGI» 2013
UOK
M
Muhammet Kasym Hinduşa Astrabady
M
Ybraýymyň gülşeni. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2013 – s.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň üznüksiz tagallalary netijesinde türkmen
halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň we alymlarynyň
eserleri yzygiderli halka ýetirilýär we olaryň edebi-ylmy
mirasyny düýpli öwrenmek maksady bilen halkara derejesinde
ylmy maslahatlar geçirilýär.
Muhammet Kasym Hinduşa Astrabadynyň «Ybraýymyň
gülşeni» («Taryhy Perişde») atly eseri Hindistanda döredilen
türkmen döwletleriniň taryhyny dogruçyl we giňişleýin açyp
görkezýän eserleriň biridir. Bu eseriň I jildinde Gaznaly türkmen
döwletiniň taryhy beýan edilýär.
Muhammet Kasym Hinduşa Astrabadynyň «Ybraýymyň
gülşeni» («Taryhy Perişde») atly kitabynyň I jildi ilkinji gezek
pars dilinden türkmen diline terjime edilip halk köpçüligine
hödürlenýär.
Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.
TDKP №
KBK
Tür
© Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar instituty, 2013 ý.
Muhammet Kasym Hinduşa
Astrabady,Ybraýymyň gülşeni.
Godarow R., pars dilinden terjime, 2013ý.
2
MÄHRIBAN WE REHIMLI ALLANYŇ ADY BILEN,
DIŇE ONDAN MEDET SORAÝARYS
BU KITAP GADYMY SÖZ BOSSANYNYŇ TÄZE
HEM TER MIWESIDIR
Ähli döränlerden has öňden dörän,
Baky durjaklardan has baky duran.
Gadymy dünýäniň kerwenbaşysy,
Birleşdiren galam bilen ýazary.
Päk perişdelere nyşana goýan,
Toprak şalaryna1 täji-tagt beren2.
«Men gizlin gençdim» diýen jümle esasynda gudrat
galamy bilen dörediş çyzygyny ýaradylanlaryň ahwalat
sahypasyna çyzyp, enaýat eli bilen barlygyň täze
ýetişen gözelini ýokluk bendinden azat edensoň, jan
bagyşlaýjy we ruh beriji nesimini3 «We oňa öz
ruhumdan üfledim»4 diýen çemenzarlykdan öwüsdirip,
ynsanlaryň barlyk gunçasyny gülletdi we janlandyrdy.
Olaryň gülşen nahalyny özüniň hemmetaraplaýyn tükeniksiz mährem, şypaly çeşmesi bilen suwaryp,
1
Bu ýerde: «Dünýäniň asly toprakdan ýasalan patyşalary» diýen manyda
gelýär.
2
Bu goşgy Allatagala hamdy-sena aýdylyp, Allatagalany sypatlandyryp,
ýazylypdyr.
3
Nesim – baharyň janly-jandary, ot-çöpi, topragy janlandyryjy ýeli.
4
Gurhanyň 15-nji («Hijr») süresiniň 29-njy aýaty.
3
terlendirip, miwelendirip, «Hakykatdan hem biz
ynsany iň gözel şekilde ýaratdyk»1 diýen owazy
pelekdäkileriň
ýygnanyşyk
ybadathanalarynda
2
ýaňlandyrdy. Olaryň «Farkadana» ýetýän başlaryny
«Biz adam ogullaryny eziz-mähriban etdik»3 diýen
nurly täji bilen zynat berip, «Olary özümiziň ýaradan
örän köp zatlarymyzdan üstün-artyk edip goýduk»4
diýen gapylary olaryň mübärek netijeli durmuşlaryna
tarap açdy. Ýaradylanlaryň iň belent derejelisi we
hormatlysy bolan bu meşhur topardan we bu sarpaly
görnüşden5 iki topara özüniň mähremlik nazaryny
salyp, olaryň azamat tuglaryny we haýbat owazlaryny
Günüň hem Aýyň çür depesine çenli ýetirdi. Olaryň birinjisi Beýiklik bargähiniň (köşgüniň) ýakynlary we
Taýsyzlyk dergähiniň saýlantgy kişileri bolan
pygamberlerdir we resullardyr. Ikinjisi bolsa,
halypalyk permany bolan «Soltan Allanyň saýasydyr»6
saýasydyr»6 diýen tugra bilen bezelen we «Bol diýse,
bes, bolar»7 diýen jahanyň çar künjünde permanlary
ýörgünli bolan patyşalardyr we soltanlardyr.
Pygamberlik düzgünlerini ýöredijiler «Elbetde, Alla
1
Gurhanyň 95-nji («Injir») süresiniň 4-nji aýaty.
Farkadan – Kiçi Ýedigene degişli iki sany ýaldyrawuk, nurly ýyldyz.
Olara «Doganlar», «Iki dogan», «Ekizler» hem diýilýär. Aýrylyşmaz dostlary
gadymda şoňa meňzedipdirler.
3
Gurhanyň 17-nji («Gijeki seýr») süresiniň 70-nji aýaty.
4
Gurhanyň 17-nji («Gijeki seýr») süresiniň 70-nji aýaty.
5
Bu ýerde Adam, adamzat göz öňünde tutulýar.
6
Muhammet Pygamberiň hadysy.
7
Gurhanyň 36-njy («Ýasin») süresiniň 82-nji aýaty. Bu söz älem-jahany,
jahany, pany dünýäniň barlyk älemini, şu dünýäni aňladýar.
2
4
Adamy, Nuhy, Ybraýymyň we Ymranyň neberesini
älemdäkilerden saýlady»1 diýen täsin we mugjyzaly
kelama görä özgelerden saýlanmak sypaty bilen
özgelerden aýratyn tapawutlandylar. Soltanlyk we
halypalyk belentligine göterilenler bolsa, «Sizi ýerde
halypa-oruntutar etdik»2 diýen enaýatly aýatyň
hökümine görä, ýaradylanlaryň düzgünleşmegine
sebäp we döredilenleriň tertipleşmegine esas boldular.
Ähli pygamberler Belent Taňrydan,
Din düzgünin alyp, belende galdy.
Dünýä şalary hem Oň kereminden,
Arap-Ajama çen, uly paý aldy.
Şalygy şalara has laýyk gördi,
«Taňrynyň saýasy» lakamyn berdi.
Dünýäň möhrün iki kişä nagş etdi,
Patyşa hem pygambere bagş etdi.
Dünýäniň bezegi beýik şalardyr,
Şa bolmasa, göwre başsyz ýalydyr.
Belent mertebeli we pelek kuwwatly patyşalardan
käbirleri has aňyrdan gaýdýan ezeli enaýata
laýyklykda, ynsaplylyk we adyllyk sypaty bilen
1
2
Gurhanyň 3-nji («Ymranyň öýi») süresiniň 33-nji aýaty.
Gurhanyň 10-njy («Ýunus») süresiniň 14-nji aýaty.
5
häsiýetlenip, namyratlyk jülgesiniň awaralaryny we
biçärelik çölüniň teşnelerini özleriniň dirilik beriji
howandarlyk
çeşmelerine
ýetip,
mähremlik
saýalarynda saýalap, hadysalar gününiň howrundan
halas bolmaklary hem-de şirk, kapyrlyk we
duşmançylyk apatlarynyň agdarlyp, ähli bendeler
aman-esenlik we parahatlyk sallançagynda rahat
ýaşamaklary üçin ýedi yklymyň anbarly meňi we
dokuz pelegiň güler ýüzündäki gara zülpi bolan Hint
ülkesiniň zemin giňişliginde jahan eýeleýjilik
baýdagyny dikdiler. Asmanlar, Ýer we ol ikisiniň
arasyndaky ähli zatlar Allatagalanyň mülküdir.
Allatagala owwaldan-ahyra hamdy-sena bolsun.
Şeýle öwgüli häsiýetli we belent mertebeli
patyşalaryň iň mertebelisi, meşhur goşunyň şahynşasy,
köşk arşynyň hysrowy, bagt göwherini ýagtyldyjy, tagt
binýadyny berkidiji, ýedi yklymyň bezegi, täj-u tagtyň
gelşigi, Allanyň mährem saýasy we Halylyllanyň1
atdaşy
Abulmuzaffar
Nasyreddin
Ybraýym
2
Adylşadyr .
1
Halylla – Ybraýym pygamber; Allanyň dosty.
Ybraýym Adylşa – Dekendäki Adylşalar nesilşalygynyň altynjy
patyşasy. Bu nesilşalygy esaslandyran adam Ýusupşadyr. Ybraýym Adylşa
Ýusupşanyň ýuwlugydyr. Hindistanda meşhur bolan rowaýata görä, Ýusupşa
Osmanly türkmen soltanlaryndan bolup, soltan Muhammet han Fatyhyň
(ýeňijiniň) dogany eken. Soltan Muhammet tagta çykanda, ol ölüme höküm
edilýär. Emma Ýusupşanyň ejesi ony bir ýol bilen halas edýär. Ol ondan
Eýrana, soňra bolsa Hindistana gidip, soltanlyga ýetýär. Ybraýym Adylşa
Tahmaspşanyň ogludyr. Ol kakasynyň dogany Aly Adylşadan soň, 998-nji
hijri-kamary ýylynda soltanlyk tagtyna geçýär. Ol ençe wagtlap
töweregindäki goňşy patyşalar bilen söweşler alyp barýar. Ahyrynda onuň
golastyndaky ýerleriň köpüsi Ekber şa Timurlynyň esgerleriniň eline geçýär.
2
6
Dine pena, patyşalaň şasydyr,
Kerem güneşi, Allaň saýasydyr.
Onuň jahan bezeýji haýbatynyň bahary hazan
ýeliniň zeperinden aman, onuň terlik bagyşlaýjy
döwletiniň nahaly döwür hadysalarynyň çapgyn
ýellerinden halas. Ol ynsaplylyk meýdanynyň
çapyşygynda ähli bäsdeşlerinden ozan, ýurt alyjylyk
we jahan eýeleýjilik meýdanynda duşmanlaryň
bedenlerine ýaralar salan. Tä «Men ýerde Adamy
halypa-oruntutar etjekdirin»1 diýen owaz arş
älemindäki ygtykafçylaryň2 gulaklaryna ýeteli bäri,
garry pelegiň gözi onuň ýaly älem eýeleýjini jahan
goraýjylyk tagtynda mäkäm ornaşan halda gören
däldir. Tä «Ol sizi ýerde oruntutar-halypa etdi»3 diýen
ruh beriji owaz aşakdaky jahanyň ýaşaýjylarynyň
arasynda ýaýraly bäri, onuň ýaly güýç-kuwwat eýesi
soltanlyk düşeginde gadam goýmady. Onuň şalyk
çapary4 «Biziň özümiz bölüşdiripdik»5 diýen
Ybraýym Adylşa otuz sekiz ýyl soltanlyk edip, 1036-njy hijri-kamary ýylynda dünýäden ötýär. Ol örän uly juma metjidini saldyrypdyr. Onuň mazaryda şol metjidiň golaýyndadyr. Meşhur taryhçy Muhammet Kasym Hinduşa
Astrabady özüniň «Taryhy Perişde» atly kitabyny hut şu patyşanyň buýrugy
esasynda ýazýar.
1
Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 30-njy aýaty.
2
Ygtykafçy – ybadat etmek maksady bilen metjitde oturanlar.
3
Gurhanyň 6-njy («Engam») süresiniň 165-nji aýaty.
4
Bu ýerde: «Onuň patyşalyga bellenendigini habar bermek üçin gelen
çapar» diýen manyda gelýär.
5
Gurhanyň 43-nji («Zer-zynat») süresiniň 32-nji aýaty.
7
diwanyndan «Biz özümiz islän kişilerimizi derejelere
götereris»1 diýen tugra bilen iberilip, ykbal permany2
«We oňa patyşalyk berdik»3 diýen möhür bilen zynat
tapdy. Ýagşy amaly, şirin sözi, Ýusup deýin jemaly we
Gün kimin görki bilen onuň taryplamalardyr waspnamalara mätäçligi we zerurlygy ýokdur. Süleýmanlyk
derejesi, Ybraýymlyk mertebesi, özüni gowy alyp
barşy we gözel ahlagy bilen älem-jahanyň
hysrowlaryndan4 saýlanandyr. Onuň soltanlyk bagynyň
reýhanlarynyň hoşboý ysyndan jahandakylaryň ys alyş
agzalary atyrlanan, serwerlikdir hökmürowanlyk
alnynyň nury bilen akyldarlaryň gözi nurlanan. Onuň
mukaddes sypatly durky Allanyň soňlanmajak
mähremliginiň güzeridir. Aýdan balyga çenli5 onuň
barlygyna şatlanylyp buýsanylýandyr. Onuň mähremlik merhemetleri saýa gözlänleriň başyna adyllyk
saýasyny ýaýyp, gahar-gazabynyň çapgyn ýeli zulum
we duşmanlyk daragtyny köki bilen goparandyr.
Döwrüň jebir-jepa berijileriniň maňlaýy onuň döwlet
bosagasynda ýenjilendir, döwrüň boýun bolmazak sü-
1
Gurhanyň 6-njy («Oljalar») süresiniň 83-nji aýaty.
Bu ýerde birini götergilemek üçin ýörite çykarylan perman manyda.
3
Beýle aýat ýok. Bu sözi arapça beýan etse-de, ol ýazaryň öz sözi
bolmaly.
4
Hysrow – patyşa, soltan, hökümdar.
5
Aýdan balyga çenli –Er balygyň üstünde ýerleşipdir diýlen öňki
düşünjelere görä, bu jümle ýeriň üstündäki we astyndaky ähli jandar,
asmandaky we aýdaky ähli barlyk, umuman barlyk älemi diýen manyny
berýär.
2
8
temkärleriniň gulaklary oňa bendelik halkasynda1,
boýunlary bolsa, oňa tabynlyk boýunbagynda
çüýrändir.
Bulutlardan çykdy ýyldyrym – çakgyç,
Günden täç alypdyr Bähramdan2 – gylyç.
Takdyr onuň ykbal şemin lowlatdy,
Jöwzanyň3 guşagyn Utaryt4 ýakdy.
Bagtynyň ölçegi boldy Müşteri5,
1
Bendelik halkasy – öňki döwürlerde bendeleriň, ýagny gullaryň
gulaklary deşilip, oňa halka ötüriler eken. Tä şol halka aýrylýança ol azat
adam hasaplanmaz eken. Şonuň üçin şol döwürlerde, şeýle-de Gündogar
edebiýatynda «gulagy halkaly guluň» diýen düşünje ýörgünli bolupdyr.
Köplenç ýeňlen tarapyň patyşasy ýeňen tarapyň patyşasyndan aman soranda
we tabyndygyny bildirende şu jümläni ulanypdyr.
2
Bähram – Gündogar edebiýatynda getirilişine görä, Bähram Myrryh
ýyldyzy (Mars planetasy) bolup, onuň mekany asmanyň bäşinji gaty
hasaplanypdyr hem-de bäşinji yklym Bährama degişli diýlipdir. Myrryh Gün
ulgamyndaky saýýaralaryň (planetalaryň) biri bolup, ýerden kiçidir.
3
Jöwza – Ekizler ýyldyzlar toplumy; Hijri-şemsi ýylynyň üçünji aýy;
Jöwza sözi sözme-söz manysy nukdaýnazaryndan bili (guşaklygy) ak, galan
ýeri gap-gara goýun diýen manyny aňladýar. Bu ýyldyzlar toparya beýleki
ýyldyzlar toparyndan has röwşen we olardan has tapawutly. Hut şonuň üçin
hem Ekizler ýyldyzlar toplumy «Jöwza» diýlip atlandyrylypdyr.
4
Utaryt (Merkuriý) – Gün ulgamyndaky iň kiçi saýýara (planeta). Ol
göwrümi boýunça Aýyň 1,5 essesine barabardyr. Utaryt edil Aýyň Ýer bilen
baglanyşykly ýerine ýetirýän amalyny Gün bilen baglanyşykda ýerine
ýetirýär.
5
Müşteri – Gün ulgamyndaky iň uly saýýaralaryň biri. Gözümize
Zöhreden soň iň ýagty bolup görünýän saýýaradyr. Günden ýedi ýüz ýetmiş
sekiz million km daşlykda ýerleşip, Günüň daşyndan on bir ýyl üç ýüz on bäş
günde aýlanýandyr. Ol Ýerden bir müň üç ýüz on dört esse uly we üç ýüz on
sekiz esse agyr hasaplanýar.
9
Nahyt1 ondan sazandalyk öwrendi.
Tutuş ýer ýüzünden giň toprakdan, täk,
Gylyç suwy bilen zulmy ýuwdy, päk.
Duşman oň elinden aglar niçe wagt,
Barlygynda tagtyň binýady belent.
Bu bagda2 her şaha göterse başyn3,
Gylyç bilen keser kökün hem başyn.
Mertlik güýji hem-de bilimi bilen,
Öz tagtyn göterdi pelege, bilseň.
Älemde kes oňa garşy dem urmaz,
Eger ursa, soňra oňa dem barmaz.
Çäresinden akyl – garry, bagt – juwan,
Onuň älem alşyndan hemme haýran.
Garry akyl onuň älem eýeleýji juwan bagtynyň dürs
pikirliliginden haýranlyk barmagyny dişleýär, gös-göni
1
Nahyt – Zöhre ýyldyzy (saýýarasy). Zöhre (Nahyt-Anahyta) ýyldyzy
Gün ulgamyndaky ikinji saýýara bolup, Utarytdan soň, Ýerden öň ýerleşýär.
Zöhre Nahyt, Biduht, Bidugt, Kiçi Bagt (Sagdy Asgar), Pelegiň sazandasy
diýip hem atlandyrylypdyr hem-de Mawerannahr ülkesi şoňa degişli
hasaplanypdyr. Ol Aýy hasap etmäniňde, Asmanyň iň ýagty-lowurdawuk
jisimleriniň biridir.
2
Bu ýerde älem, şu dünýä göz öňünde tutulýar.
3
Bu ýerde baş göteren, topalaňçy göz öňünde tutulýar. Bu ýerde şaha
adam manysynda getirilýär.
10
we ýiti peýkam onuň bereketli, joşgunly dürs we berk
pikirinden başyny aşak salýar. Onuň jahany bezeýji
pikirinden ýaňa jahana ýagty saçyjy Günüň kalbynda
äleme zynat bermek duýgusyny köretmäge mejal
galmady. Onuň Kap1 deýin durnuklylygy sebäpli,
mäkäm daglar berklik we sabyr-takatlylyk häsiýetlerini
unutdy. Ýaşaýşyň süýjän, eşretli döwri bolan onuň adyl
zamanasynda gülüň zarynda saýraýan bilbillerden we
çemen guşlaryndan başga perýat edýän we gözelleriň
gözleriniň gamzasyndan hem-de magşuklaryň zülpleriniň burumyndan başga pitne turuzýan ýok:
Deken2 gözel Eremden:«Ýüz görkez» diýp diledi,
Çün özi Adyl şanyň adly bilen bezeldi.
Onuň adyllygyndan keýik şeýle mert boldy,
Gözüň garaçygy deý şiriň gözüne doldy.
Diýseň taýsyz şadyr ol hem adalat söýüji,
Hut keýik çagasy hem diýr: «Men çölüň möjegi».
1
Kap – hyýaly dagyň ady bolup, rowaýat edişlerine görä, tutuş ýeriň
daşyna aýlanandyr. Onuň belentligi bäş ýüz parsahmyş we köp bölegi hem
suwuň içindemiş.
2
Deken – Hindistanyň günortasynda üçburçluk ýarym adada ýerleşýän
bir welaýat. Paýtagty Haýdarabat. Deken hindiçe Dekhen görnüşinde
ýazylyp, onuň günorta tarap diýen manysy bardyr. Ol ýerde musulmanlardan
Bähmeniýe nesilşalygy ençeme wagtlap höküm sürüpdir.
11
Şeker gamşyň kökünden dyrnagy balyn sorar,1
Eger, ol gamyşlygyň içinden etse güzer.
Şeýle ýiti nurludyr adyllygynyň güni,
Ondan suw bolup akdy Nowşirwanyň zynjyry.2
Bu täj-u tagt jahanyň penasyna öwrüldi,
Ýer ýüzünden gitmäge pitne bukjasyn düwdi.
Eger-de agyr uky gerek bolsa özüňe,
Tapyp bolar, garagyn gözegçileň gözüne3.
Özüniň nesilşalykly nesliniň beýikligine, ýurt
eýeleýji pikiriniň dürslügine, ýeňiş nyşanly leşgeriniň
köplügine we mübärek ülkeleriniň ýaýbaňlygyna
laýyklykda onuň Dekeniň beýleki patyşalaryndan
ýokarydygy hem rüstemdigi şek-şübheden päkdir,
adyllykdyr sahawatlylygy ýaýratmak babatda onuň
mertebe we dereje binýady jahana ýagtylyk paýlaýjy
günüň mertebesinden hem zyýatdyr. Onuň mukaddes
1
Bu ýerde: «Keýigiň çagasy edil, möjek deýin ýiti dyrnakly, gamşy
köki-damary bilen goparyp bilýär» diýiljek bolýar.
2
Nowşirwanyň zynjyry diýlip, Nowşirwanyň goýan adalat ýoly, adyllyk
ýörelgesi göz öňünde tutulýar. Gündogar edebiýatynda adyllygyň esasyny
Nowşirwan goýupdyr, soňky adyllyklar şoňa eýermedir diýilýär. Bu ýerde
Nowşirwanyň goýan esasynyň bu şanyň döwründe onuň adalatynyň adyllyk
güneşiniň has ýokarydygy, has nurludygy sebäpli, suw bolup akdy, eredi,
täze esas goýuldy diýilýär.
3
Bu ýerde adyllykdan we düzgün-tertiplilikden ýaňa gözegçileriň,
tertibe seredijileriň gözi agyr ukudan açylanok, olara oýanmaklyga we
gözegçilik etmeklige hiç hili mätäçlik ýok, bar zat asuda diýlen many öňe
sürülýär.
12
sypatly durky Allanyň enaýat lybasy bilen beýgelendir,
mährem häsiýetli görki älemiň ajap bezegi bilen
bezelendir:
Gören beýik mertebesin onuň hakan1 görmedi,
Eden kämil adyllygny Dara2 asla etmedi.
Onuň beýikliginden ýokarda beýikligi beýgelmiş
Allanyň beýikliginden başga beýiklik ýokdur, onuň
sahawatlylygyndan belentde sahawaty hemmä ýetmiş
Allanyň sahawatlylygyndan başga sahawatlylyk
ýokdur. Onuň behişt kimin mejlisinde hemişe hikmetli
nedimler we çuň duýguly şahyrlar diň salyp we nazar
dikip durandyrlar, hoş owazly aýdymçylar we şirin
sözli, salyhatly hereketli kyssaçylardyr wäşiler häzirdirler. Onuň gahar awylary we syýasat ýelleri zerarly
zalymlar ýeňlip, aýaklaryny terkidünýälik etegine
çolap, gara ýeliň howpundan ýaňa söwüt
ýapraklarynyň lerzana gelşi ýaly, sandyraşýandyrlar.
Onuň haýbat alawynyň howpundan ýaňa Nemrut kimin
sütemkärler mum ýaly bolup ýanyp köýendirler. Onuň
mübärek adalatlylygy ýaýýan döwründe keýik barsyň
1
Hakan – türki halklaryň patyşalarynyň umumy lakamy. Pars
patyşalaryna Kesra (Hysrow), Çyn patyşalaryna Fagfur, Rum patyşalaryna
Kaýsar, gadymy Müsür patyşalaryna Pyrgun (Faraon) diýişleri ýaly türki
halklaryň beýik patyşalaryna hakan diýlipdir. Bu lakam käte Çyn patyşalaryna-da berlipdir. Bu sözüň asly han-han (kan-kan) sözünden bolup,
hanlaryň hany, şahynşa diýen manyny aňladypdyr.
2
Dara – Ahamenli şalarynyň üçüsiniň ady. Bularyň soňkusy Iskender
Makedonly tarapyndan öldürilýär. Bu söz aslynda Daraýuş, Darýuş
görnüşinde bolup, ýagşy gylygyň eýesi diýen manysy bardyr.
13
ýanynda rahat, balyk läheňiň gapdalynda parahat
boldy. Kepderi laçyn bilen syrdaş, serçe bürgüt bilen
uçardaş. Onuň arş sypatly köşgüniň tozany çarhy
pelegiň gözüniň totuýasydyr, pelek deýin belent
gümmeziniň şöhlesi Aýa hem Güne nur berijidir.
Ýyldyrym ýörişli, Byrak sypatly dor atynyň lagl naly
Keýhysrowuň we Jemşidiň gulakhalkasydyr, belent
hümmetli köşgüniň gupbasy Zöhre bilen Günüň
şekilidir. Deňiz damjalary ýaly möçbersiz akyl-paýhasy Päk Allanyň ylham nurlarynyň inelgesidir we
päkize tebigatly durky Perwerdigäriň soňsuz
bereketleriniň düşelgesidir.
Adyllyk, mähriň pelegi, paýhasyň çürbaşy sen,
Ýaradylyş deňziniň dür-gymmatbaha daşy sen.
Mydam towpyk nurlarynyň düşelgesidir kalby,
Hakykatyň syrlaryny açyjydyr kelamy.
Emma mundan soň aýtjak bolýan zadym şudur:
Perişde lakamy bilen meşhur bolan köşgüň kemine
bendesi Muhammet Kasym Hinduşa Astrabady nurly
kalplary sözleriň we manylaryň tylla terezisi bolan,
paýhas metjitlerine ýagtylyk berýän dana kişilere şeýle
diýýär: Ýaşlyk döwrümde bereketli Ahmetniger
ülkesindekäm ynsanlaryň iň ejizi bolan men kemine
bendäniň huş-gulagyna käte-käte: «Eý, zaman surathanasynyň nagyşçysy, eý, jahan bezeghanasynyň
haşamçysy! Haka gulluk ediji bendäniň şükür we
14
şükranalyk etmesi, hakykatda, Jahan Ýaradyja şükür
hem hamdy-sena etmek bolanlygy üçin, yslam
patyşalarynyň wakalaryny we uly-uly pirleriň
ahwalatlaryny öz içine alýan bir kitap ýazsaň, has mynasyp bolar. Çünki Hindistan ülkeleriniň içki we daşky
nyzamy, düzgün-tertibi asman dergähli şol iki toparyň1
mukaddes netijeli mübärek hümmetiniň ýardamyna
bagly bolupdy we bolýandyr» diýen asmany owaz eşidilýärdi. Hindistanyň belent mertebeli soltanlarynyň
wakalaryny öz içine alýan kitaplar bu ülkede göwün
islenişi ýaly ýeterlik bolmandygy üçin, bu işe girişmek
wagty bilen başa barman gijikdirildi. Ahyry 998-nji
hijri ýylynda bu bende Ahmetnigerden Bijapuryň
soltanlyk köşgüne gelip, söz gadyryny biliji patyşa
bolan Dekeniň hökümdarynyň hyzmatyna gowuşmak
mertebesine eýe boldy. Ol alyjenabyň ruhy duýgulara
seýil etmäge uly höwesi bolup, yzygiderli taryhy
kitaplary okamak bilen meşgullanýanlygy üçin,
jahanda sahylyk ýörelgesine eýeriji ol jenap her hili
hemaýatlardyr goldawlar bilen sarpalap, meni bu işe
höweslendirip, şeýle diýdi:
– Seniň bendeligiňde mynasyp zat şudur: Sen edil
naý galam ýaly biziň hem-de Hindistan ülkesindäki
ähli patyşalaryň we bu diýaryň beýik şyhlarynyň
mübärek ahwalatlary barada gyzykly gürrüňlerden doly
sahypalary ýazmak üçin hyzmat guşagyny jan biline
mäkäm guşan hem-de arassa tohumly galam atyňy
1
Іňde agzalan iki topar – pygamberler we patyşalar göz öňünde tutulýar.
15
dilewarlyk meýdanynda jöwlan etdirip, guwwas kimin,
şöhlesiniň nury bilen Hindistanyň gijeligini ýagtyldýan
owadan göwherleri pikir derýasyndan çykaryp, huş
gulagyna hem aňa bezeg bergin. Käwagt patyşanyň
mähremliginiň çemeninde önüp-ösen şirin duýguly
bagbanyň ýardamy bilen many bossanynyň bilbilleri
onda nagma aýdar ýaly bir gülüstan beze, käwagt bolsa
patyşanyň enaýat mekdebiniň okuwçysy bolan aň
mugallymynyň mededi bilen Perhat ýalylar onuň
enaýylygyndan hem süýjüliginden Şirine wasyl bolar
ýaly bir köşk gur. Utaryt deý bir dükany şeýle bir beze
welin, mübärek ruhlular onuň harytlaryny satyn almaga
gelsinler. Behişdi guşlar seýr-seýrana gelip, ganat gerer
ýaly Süleýman deý bir bezegli düşek düşe.
Şeýdip, şahynşa mähremlik bermek bilen, men
bolsa onuň püre-pür doly bolan mähremlik jamyndan
ganyp, bada içmek bilen onuň hyzmatynda tabynlyk
sejdesini berjaý etdim we dilimi «Eşitdim we boýun
sundum» diýen sözler bilen açyp, şeýle diýdim:
– Häzirki güň we lal täleýimiň dil açyp, sözüm
patyşalaryň kelamy bilen sazlaşan wagty Tur
menziliniň depesinde Kelim ýaly baýdak dikip,
suratkeş galamyň towpyk güýji hem-de Isa demli
şanyň mübärek nepesleriniň bereketi bilen şygyrdyr
kyssa görnüşinde gözellik Müsüriniň bazaryndaky
Ýusup ýaly bir gözeli orta çykararyn welin, jahan
Züleýhasy onuň durkuny görüp, ikinji Ýusupdan söz
16
açar, şeýle-de hatdyr hal1 bilen Bijapuryň seýilgähinde
Züleýha jemally bir gelni jilwe bilen görkezerin welin,
zamananyň Ýusuby bendelik guşagyny guşanar.
Guraryn behişt kimin bir ajaýyp bossany,
Ordibehiştde2 onuň görersiň bakylygny.
Hoş söz bilen nagyşlap bezärin bir gülüstan,
Hergiz, asla könelmez aýlansa-da bu döwran.
Şeýdip, Hindistanyň taryhy baradaky kitaplary
yhlas bilen jemläp başladym we ýurduň daştöwereginden köp kitaplary ele saldym. Emma olaryň
arasynda Nyzameddin Ahmet Bahşynyň «Taryhyndan»
başga Hindistan patyşalarynyň ählisiniň ahwalatyny öz
içine alýan bir kitap hem bu ýönekeýje pes we kemine
bendäniň nazaryna ilmedi. Ýöne bu kitap hem men
pakyryň biliminiň gurşap alan maglumatlarynyň we
hakykatlarynyň köpüsinden boşdy hem bihabardy. Onsoň kitap düzmek hyjuwy we ýazgy ýazmak höwesi
has hem artyp, bu kemine bende öňküleriň kitaplaryny
1
Hat we hal – dürli reňkli, dürli öwüşginli; hat we nokat; Bu ýerde iki
manysynda hem getirilipdir.
2
Ordibehişt (Awestada – arta – vahist – iň oňat dogruçyllyk, iň gowy
dogrulyk; pählewiçe – urt vahişt) – otparazlyk dinidäki ýedi sany hormatly
we esasy perişdeleriň (a-meşa – spand – ölmeýän, hemişelik mukaddes ruh)
biriniň ady. Ol ruhy dünýädäki päkligiň, mukaddesligiň hem-de Taňry
hasaplanýan Ahuramezdanyň kanunlarynyň wekili, toprak äleminde oda
gözegçilik etmek hem oňa tabşyrylypdyr. Şeýle-de ol hijri-şemsi ýylynyň
ikinji aýynyň we her aýyň üçünji gününiň wekilidir.
17
okamakda aňrybaş tagallalar etdi. Şeýdip, luwluw1
deýin dargan we pytraňňy genji-hazynalaryň maňzy
ýörite, aýratyn tertip bilen bir sapaga düzülip, olar
ýadygärlik
hökmünde
«Ybraýymyň
gülşeni»
atlandyrylan bu syrlar hazynasynda jemlendi. Bu
ýygyndynyň takyk yklymyndan gelen we tassyklama
donuny egnine atan girişini 1015-nji ýylda adalat
penalaýjy, meşhur goşunly, şahynşalyk magdanynyň
göwheri, jahanpenalaýjy nesilşalygyň ýagty saçyjysy,
takdyr we ýazgyt diwanynyň saýlantgysy, ýeňiş hem
üstünlik goşunynyň serkerdesi bolan patyşanyň
mübärek adyna bezäp we zynatlap, ony mübärek mejlise sowgat etdi. Mundan öň bu ugurda nepis nusgalary
ýazyp, gizlinlik donuny başlaryna çekip, panylyk
düşeginde ýatan suhangöý adamlar bilen özüňi
deňeşdirmek we eseriňi öwmek edeplilik ýolýörelgesinden daş zat. Şony nazarda tutup, bu bende
dymmak möhürini dodagyna mäkäm basdy.
Bu bende diňe şeýle mukdarda gödeklik edip,
batyrgaýlyk baýdagyny parlatdy: Söwdany bilýän we
zada baha kesýän inçeden duýujy danalar bu gymmatly
kitaby öňki ulularyň kitaplary bilen deňeşdirenlerinde,
muny Beýtil-Mukaddese, olaryňkyny Mukaddes Käbä
deňeseler, bu kitaby Aly, olaryň kitaplaryny
Muhammet alaýhyssalam ýaly hasaplasalar2, Hudaý
bar, bu bende kaýyldyr.
1
Luwluw – dür, merjen.
Bu ýerde kitabyň ýazary: «Danalar öňki uly-uly alymlaryň kitaplaryny
Käbä deňeseler, meniňkini Beýtil-Mukaddes derejesinde, eger olaryňkyny
2
18
Sözlemekde mende beýle ýok bolsa-da berk binýat,
Bu ýaradylyş topragy däl ahyr maýasyz zat.
Kätipleriň söz oýnama zer-zynatlaryndan boş bolan
bu ýönekeý görkli gözel we jümle bezeglerinden hem
goşgy düzümlerinden daş bolan bu şamçyrag göwher
şanyň enaýat nazaryna düşüp, jümle-jahanda bady-saba
bilen jylawdaş bolar hem-de bu arassa hilli «altyn pul»
ähli döwürleriň bazarlarynda ýörgünli we rowaç bolar
diýip, umyt edilýär.
Bu kitap ýazylanda peýdalanylan kitaplaryň atlary
şulardyr:
«Emininiň terjimesi», «Zeýnel-ahbar», «Täjilmaasyr», «Tabakaty Nasyry», Şyh Aýneddin
Bijapurynyň «Goşmaçalary», «Taryhy Firuzşahy»,
«Futahaty
Firuzşahy»,
«Wakygaty
Babyry»,
«Wakygaty Humaýuny», «Taryhy Benagiti», «Taryhy
Mübärekşahy», Şyh Azeriniň «Bähmennama» atly
manzumasy (poýemasy), Molla Muhammet Larynyň
«Syrajut-tawaryhy Bähmäni» atly kitaby, Molla Dawut
Bideriniň «Tuhfatus-salatyny Bähmäni» atly kitaby,
«Elfiniň taryhy», Ustady Molla Ahmet Nenewiniň
«Taryhy», «Rowzatus-sapa», «Habybus-siýär», Hajy
Muhammet Gandaharynyň «Taryhy», Mahmytşahy
Güjratynyň
«Tabakat»
kitaby,
Mahmytşahy
Güjratynyň
«Maasyr»
kitaby,
«Bahadurşahy
Muhammet pygambere deňeseler, meniňkini Aly derejesinde görseler, men
şoňa aňryýany bilen razydyryn» diýmek isleýär.
19
Güjratynyň «Taryhy», Muzaffarşahy Güjratynyň
«Taryhy», Mahmytşahy Büzürgmendewiniň «Taryhy»,
Mahmytşahy Hurtmendewiniň «Taryhy», Nyzameddin
Ahmet Bahşynyň «Taryhy», «Bengalanyň taryhy»,
«Sindiň taryhy», «Keşmiriň taryhy», «Fawaýydylfuwat kitaby», «Haýryl-mejälis kitaby», «Kutbynyň
kitaby» we Şyh Jemaly şahyryň «Haýrul-arypyn
kitaby».
Bu ýygyndy sözbaşydan, on iki makaladan we
sözsoňudan ybaratdyr:
Sözbaşy: Hindileriň ynam-ygtykatlary, raýlar, bu
ülkede yslam dininiň peýda bolmagy.
Birinji makala: Lahor soltanlarynyň beýany.
Ikinji makala: Deli patyşalarynyň beýany.
Üçünji makala: Deken patyşalarynyň beýany.
Dördünji makala: Güjrat şalarynyň beýany.
Bäşinji makala: Malwa soltanlarynyň beýany.
Altynjy makala: Handys şalarynyň beýany.
Ýedinji makala: Bengala şalarynyň beýany.
Sekizinji makala: Multan şalarynyň beýany.
Dokuzynjy makala: Sint şalarynyň beýany.
Onunjy makala: Keşmir şalarynyň beýany.
On birinji makala: Melibar hökümdarlarynyň
beýany.
On
ikinji
makala:
Hindistan
şyhlarynyň
ahwallarynyň beýany.
Sözsoňy: Hindistanyň ýagdaýynyň beýany.
20
SÖZBAŞY
HINDILERIŇ YNAM-YGTYKATLARY,
RAÝLAR1, BU ÜLKEDE YSLAM DININIŇ
PEÝDA BOLMAGY
Bilgin, bu taýpanyň – hindileriň arasynda häzirki
döwürde «Mahabharatdan» başga giňişleýin berlen we
ondan has ygtybarly kitap ýokdur. Ony Şyh Abulfazl
Faýzy ibn Şyh Mübärek Jelaleddin Muhammet Ekber
şanyň döwründe hindi dilinden pars diline terjime etdi.
Ol bir lek2 beýtden hem köpräkdir. Bu setirleriň ýazary
şol eseri owwalyndan ahyryna çenli bilmek isleýänler
üçin we ondan habarly bolarlary ýaly ol kitabyň
gysgaça mazmunyny şu ýerde getirýär.
Örtügli galmasyn, Hindistan ülkesinde isle hikmet
eýeleri bolsun, isle terkidünýäler bolsun, isle-de
ylymly toparlar bolsun, parhy ýok, bary älemiň
ýaradylyşy barada gapma-garşylykly pikirleri öňe
sürýärler we ýöredýärler. Şol sanda «Mahabharat» ki1
Raý – patyşa, soltan; Hindistanyň käbir sebitleriniň patyşasyna «Raý»,
käbir sebitleriniň patyşasyna raja diýlipdir.
2
Lek – ýüz müň.
21
tabynda hem on üç hili garaýyş, ýörelge bardyr. Emma
ol garaýyşlaryň hiç biri delil we hakykat gözleýänleriň
öňünde kabul ederlikli däldir. Olar hakykaty gözleýänleriň kalbyna ynam bagyşlap we bu mesele baradaky
arzuwyna netije berip bilmeýärler.
Ýaradylşyň bu zerli sapagyny,
Görüş gözi bilen hiç görüp bolmaz.
Bu sapagy takdyr şeýle dokapdyr,
Onuň uçlaryny hiç tapyp bolmaz.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 02
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.