Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 08

Total number of words is 3689
Total number of unique words is 1910
27.7 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
rajalary-da medet bermäge gyssandylar. Topar-topar
leşgerler Penjaba tarap ýüz öwürdi.
1
Іň «Ab Başanyr» görnüşinde gelipdi.
139
Bu gezek emir Nasyreddin Söbükteginiň döwründe
galama getirilenden hem zyýada goşun hasaba alnyp,
Anandpalyň serkerdeliginde soltan Mahmyt bilen
garpyşmaga ugradyldy. Olar Peşawer sährasynda
soltan Mahmydyň golaýyna baryp, kyrk güne golaý
biri-biriniň garşysynda çadyr dikip oturdylar. Hiç
haýsysy söweşe girmäge ýürek etmeýärdi. Emma
kapyr leşgeri günme-günden artýardy we zyýada
bolýardy. Olara daş-töwerekden medet gelip ýetýärdi.
Kapyrlar bu gezek örän uly yhlas we tagalla bilen agyr
ýygyn topladylar. Olar musulmanlar bilen söweşmekde
uly janypkeşlikler etdiler. Aýallar öz bezeg şaýlaryny
satyp, dertlerine ýaradyp, musulmanlar bilen gazaply
söweşer ýaly uzak ýerden ýanýoldaşlaryna harçlyk
üçin iberýärdiler. Eli gysga garyp zenanlar dokma
dokap, günlükçilik edip, goşundaky adamsy üçin bir
zatlar iberýärdi. Soltan bu gezek kapyrlaryň janlaryny
orta goýup hereket edýändiklerini bilip, söweş üçin
zerur şertleri berjaý edip başlady. Iki tarapdan kapyr
batyrlary gelip bilmez ýaly goşunyň iki gapdalyndan
hendek gazmaklaryny buýurdy. Soňra söweşe galkdy.
Müň sany peýkam atyjy ýigit höküme laýyklykda öňe
gitdiler. Olar kapyrlary jeňe gyzdyryp, harby hileler
bilen olary öz leşgergählerine ýakyn çekdiler. Soňra
musulmanlar örän agzybirlik bilen olary dep etmäge
girişdiler. Soltanyň ätiýaçlyk etmegine garamazdan,
otuz müň sany baş-aýagy ýalaňaç kehkerli1 kapyrlar
1
Hindileriň arasynda brahmandan soňky ikinji derejeli gatlak.
140
ellerine gaýtalanmajak, taýsyz ýaraglar alyp, uruş
gyzan wagty hendekden geçip, goşunyň iki
gapdalyndan gelip, atlylaryň arasyna girdiler. Şobada
hem janlaryny orta goýup, atdyr adamlary gylyç,
hanjar we naýza zarby bilen agdaryp, göz açyp-ýumasy
salymda üç-dört müň kişä şehitlik şerbetini içirdiler.
Onsoň soltan kehkerli pyýadalaryň şerinden ýaňa söweş meýdanyndan çete çekilip, ol gün söweşi
togtatmaga mejbur boldy. Emma tötänden Anandpalyň
münüp oturan pili nebitdir1 peýkamyň sesinden ürküp,
gaçmaga başlady. Daş-töwerekdäki leşgerler bu
ýagdaýy hindi patyşalarynyň öňbaşçysynyň gaçmagy
bilen baglanyşdyryp, hemmesi gaçmaga başlady.
Abdylla Taýy bäş-alty müň arap atlylary, Arslan Jazyp
on müň sany türkmen, owgan, halaç atlylary bilen iki
gije-gündizläp gaçanlaryň yzlaryndan kowdular we
sekiz müň kapyry gyrdylar. Olar otuz pil, sansyz olja
alyp, soltanyň hyzmatyna geldiler. Soltan bu ýeňişden
soň, Pygamber dinini kuwwatlandyrmak üçin
Nigerkutyň kapyrlaryna garşy gazawat etmek we ol
ýeriň buthanasyny weýran etmek niýetine münüp, şol
tarapa ugrady. Ol döwürde ol gala Behim gala ady
bilen bellidi we tanymaldy. Soltan menzilleri söküp,
Behim galasynyň sebitlerine baran badyna, ony
gabamaga girişdi we onuň daş-töweregindäki ýaşaýjylary gyrmakdan özüni sähelçe-de çetde saklamady. Ol
gala raja Behimiň döwründe bir dagyň üstünde bina
1
Bu ýerde nebitli ýanýan küýzejikler göz öňünde tutulýar.
141
edilipdi. Hindiler oňa «Butlaryň hazynasy» diýip
düşünýärdiler. Etraplardaky we welaýatlardaky rajalar
ol ýere altyn pullar, göwherler, dürli-dürli nepis zatlar
iberýärdiler hem-de bu ýagdaýy Biribaryň dergähine
ýakynlaşmagyň
serişdesi
hasaplaýardylar.
Şol
sebäpden hem ol galada altyn, kümüş, göwher, dür,
merjen we beýleki gymmatbahaly zatlar şeýle bir
jemlenipdi welin, hiç kim hiç bir patyşanyň
hazynasynda beýle zady görmändi.
Galada söweşjeň batyrlar ýokdy. Ol ýerde
brahmanlardan we butlaryň hyzmatkärlerinden başga
ýaşaýjy ýokdy. Onsoň asman bilen bäsleşýän ol
galanyň ýaşaýjylarynyň kalplaryna gorky we howp
aralaşyp, «elaman, elaman» diýen owazlaryny
Keýwanyň1 eýwanyna ýetirdiler. Otuzynjy gün galanyň
derwezesini açyp, soltanyň öňünde topraga bulaşdylar,
tagzym etdiler. Soltanlar başy özüniň ýakynlaryndan
birnäçe kişi bilen gala girdi. Ol galadan ýedi lek gyzyl
dinar, ýedi ýüz man altyn we kümüş gap-gaçlar, iki ýüz
man sap tylla, iki müň man çig kümüş we Behimiň2
döwründe üýşürilip goýlan ýigrimi man dürli
göwherler diwandakylaryň eýeçiligine geçdi. Ondan
soň soltan Gazna dolandy.
Soltan Mahmyt dört ýüzünji hijri ýylynda şäheriň
daşynda bargähde altyndan we kümüşden birnäçe tagt
ýerleşdirip, bu saparda ele düşen oljalary sähra eltip
saýhallaşdyrdy. Şäher we oba adamlary tomaşa etmek
1
2
Keýwan – Zuhal (Saturn).
Gadymy hindi patyşalarynyň biri.
142
üçin çozup geldiler. Bu ýagdaý üç günläp dowam etdi.
Soltan uly toý bermeklerini buýrup, haklylara,
ýagşyzadalara uly sowgatlar berdi we kalplary
eýelemekde hiç hili kemlik goýmady.
Soltan Mahmyt dört ýüz birinji hijri ýylynda Gura
leşger çekdi. Ol ülkäniň häkimi Muhammet ibn Sury
ýarag-şaýy üpjün on müň kişi bilen soltanyň goşun
hatarlarynyň barabaryna gelip, sap çekip durdy hem-de
gün dogandan tä günortana çenli söweşdir jeň oduny
tutaşdyryp, mertlik, merdanalyk görkezdi. Soltan
Mahmyt gurlularyň yhlas we tagallalaryny görende öz
leşgerini ýygnap, mekirlik edip, yzyna döndi. Gurlular
soltanyň goşuny gaçýandyr öýdüp, özleriniň daştöwereginde gazyp goýan hendeklerinden çykyp,
olaryň yzyndan kowdular. Açyk sähra gelip
ýetenlerinde, soltan Mahmydyň goşuny uýany yzyna
öwrüp, olaryň köpüsini taply, kesgir gylyjyň iýmiti
etdiler. Muhammet ibn Suryny ele salyp, soltanyň
gaşyna getirdiler. Muhammet ibn Sury çäksiz ejirden
ýaňa soltanyň mejlisinde zäherli ýüzügini ýalap, bu
älemden göç etdi. Ol welaýat bolsa, soltanyň emeldarlarynyň golastyna düşdi.
«Taryhy Ýeminide»: «Gur häkimleri we olaryň
raýatlary şol wagta çenli yslam dinini kabul
etmändirler» diýlip, getirilýär. Emma «Gurly
soltanlaryň taryhyny» goşgy setirlerinde nagyşlan
Fahreddin Mübärekşa Merwerudynyň1 bilen «Tabakaty
1
Asyl nusgada säwlik bilen «Rudy» görnüşinde berlipdir.
143
Nasyry» kitabynyň eýesi: «Guruň ilaty möminleriň
emiri, bir hudaýlylaryň öňbaşçysy, Allanyň ýeňiji şiri
Aly ibn Abu Talybyň (oňa salam bolsun!) halypalyk
eden döwründe musulman bolupdylar. Beni
Ümeýýäniň döwründe tutuş yslam ülkeleri gürrüňsiz
hezreti Pygamberiň neberesine penalanypdylar, yslamy
kabul edipdiler. Gur ülkesi hiç bir jähetden beýle işe
meşgul bolmandylar. Bu düşünje boýunça ol ülke ähli
ýurtlardan has buýsançlydyr» diýen pikiri öňe
sürýärler.
Soltan Mahmyt hut şol ýyl ýene-de Gaznadan
çykyp, Multana geldi. Ol ýeri gahar-gazap bilen basyp
aldy
hem-de
kyrmytylaryň
we
mülhitleriň
(ysmaýyllylaryň) köpüsini gyrdy, köpüsiniň elaýagyny kesdi. Ol ýeriň häkimi Dawut ibn Nasyry diri
ele salyp, özi bilen Gazna getirdi we Gur galasynda
tussag etdi. Ol şol ýerde aradan çykdy.
Soltan Mahmydyň köňlünde dört ýüz ikinji hijri
ýylynda ýene-de jyhat etmek höwesi oýanyp, Hindistan
ülkelerinden bolan Tahanysere tarap ýöriş etdi. Çünki
onuň mübärek gulaklaryna: «Tahanyser kapyrlaryň
gaşynda hormat-sarpada edil Beýik Mekge ýaly taýsyz
hasaplanýar. Ol ýerde gadym eýýamdan galan bir
buthana bolup, onda örän köp but ýerleşdiripdirler.
Olaryň butlarynyň iň ulusynyň ady Jek Sumdyr1.
Kapyrlaryň ynanjyna görä, jahanyň ýaradylan
zamanyndan bäri bu but hem bardyr» diýip ýetiripdiler.
1
«Zeýnel ahbarda» «Jekersum».
144
Soltan Mahmyt Gazy Penjap ülkesine gireninde özi
bilen Anandpalyň arasynda baglaşylan ähde we şerte
laýyklykda oňa duşmançylyk etmezlik, ýol ugruna
geçip barýan wagty onuň ülkesine hiç bir zyýan ýetirmezlik isledi. Şol sebäpli hem Anandpalyň gaşyna kişi
iberip: «Tahanysere ýöriş edip barýan. Özüňiziň
ynamdar kişileriňizden birtoparyny biziň mübärek
çadyrymyzyň hemrasy etmegiň gerek. Şonda saňa
degişli her bir ýer pelek haýbatly goşunyň
harapçylygyndan asuda we aman galar» diýip, habar
iberdi. Anandpal buýrugy ýerine ýetirmegi özüniň
döwletiniň halas bolmagy hasaplap, derrew
myhmandarlyk esbaplaryny häzir edip, öz ülkesiniň
täjirlerine we bakgallaryna: «Haryt (parça), ýag, galla
we beýleki zerur zatlary soltanyň ordasyna eltip,
goşunda rahatlyk dörär ýaly ediň» diýip buýurdy.
Soňra doganynyň serkerdeliginde iki müň atlyny
soltanyň hyzmatyna iberip: «Bu bende saňa tabyn we
boýundyr hem-de çäksiz yhlas we ynam bilen dergähiň
ýakynlarynyň arzyna şuny ýetirmek isleýär: Tahanyser
buthanasy bu diýaryň ýaşaýjylarynyň we ilatynyň
ybadathanasydyr. Siziň din we mezhebiňizde butlary
döwmek ýagşy zatlary (gowulyklary) hasyl etmegiň we
erbetlikleri dep etmegiň esasy bolsa-da (bu düşünje
Nigerkut galasyndaky butlar döwülende aýan boldy),
häzir bu hyzmatkär sizden haýyş edýär, eger soltan
«nal bahasyny»1 belläp, her ýylky tölemeli salgydyny
1
Nal baha – bir patyşa gaýry bir ýurduň üstüne baranda eger-de ýerli
patyşa oňa garşylyk görkezip bilmejek bolsa, salgytdan daşary üstün
145
ol mülküň raýatlarynyň boýnuna ýüklese we yzyna
dolansa, bu kemine bende hem isleg-haýyşymyzyň
kabul edilendiginiň şükranasyna her ýyl elli pil bilen
nepis sowgat-serpaýlary dergähiňize iberer» diýip,
nama ýazyp iberdi. Soltan: «Musulmanlaryň ynanjyna
laýyklykda, şerigatyň rowaçlanmagy we onuň hormaty
üçin kimde-kim kapyr ybadathanalaryny ýykmaga
hernäçe köp tagalla etse, kyýamat güni ol köpräk sogap
gazanýar. Biziň mübärek niýetimiz Hindistan ülkeleriniň ählisinden butparazlyk düzgünlerini belli-külli
ýok etmekdir. Onsoň men nädip, Tahanysere edýän
ýörişimi bes edeýin» diýip, jogap berdi.
Elgaraz, bu habar Deliniň raýynyň gulagyna
ýetende, ol yslam söweşijileri bilen söweşmäge
taýýarlanyp, Hindistanyň etrapdyr welaýatlaryna
çaparlar iberdi hem-de: «Soltan Mahmyt sansyz
leşgerleri bilen meniň ülkelerimden bolan Tahanysere
ýöriş etdi. Eger ondan öň «ýas guşaklarymyzy» mäkäm
baglamasak, onda tiz wagtdan ol bu ülkäniň
sähralaryna ýaýrap, uly, kiçi döwletleriň ählisini
köküni-damary bilen düýbünden goparyp taşlar.
Maslahat şeýle, ählimiz Tahanyserde jemlenişip, bu
gowgany dep edeliň» diýip, habar iberdi. Emma soltan
Mahmyt kapyrlaryň leşgeri jemlenmezinden öň
Tahanysere ýetip, şäheri boş, esgersiz görensoň,
hatyrjemlik bilen oljalamaga girişdi. Ähli butlary
patyşanyň goşunynyň gelendäki eden çykdajysyny hem beripdir. Şoňa «nal
baha» diýlipdir.
146
döwdi. Jek Sumy bolsa, halaýygyň aýak astyna oklamak we aýakasty etmek üçin Gazna iberdi.
Yslam goşunlary buthanalarda şeýle bir köp
hazynalar tapdylar welin, onuň sany-sajagy ýokdy.
Hajy
Muhammet
Gandaharynyň
rowaýatynamaglumatyna görä, buthanalaryň birinden bir sap ýakut
bölegini tapypdyrlar, onuň agramy dört ýüz elli mysgal
çykypdyr. Hergiz hiç kim munuň ýaly göwheri gören
hem däldir, eşidenem.
Soltan bu ýeňişden soň Delä gidip, ony eýelemek
isledi. Emma döwlet sütünleri:
– Delini eýelemek haçanda Penjap ülkesi
dolulygyna diwandakylaryň eýeçiligine geçip, ýazga
geçirilse hem-de köňüller Anandpaldan belli-külli
arkaýynlaşsa, diňe şol wagt miýesser bolar – diýip, arz
etdiler. Bu söz Soltana mynasyp görnüp, niýetinden
dändi.
Soltan ol welaýatdan iki ýüz müňe golaý ýesir we
gul-gyrnak alyp, Gazna getirdi. Aýdyşlaryna görä, şol
ýyllarda Gaznany Hindistan ülkeleriniň biri
hasaplapdyrlar. Çünki Soltanyň esgerleriniň her biri
birnäçe kenizdir gulamyň eýesi bolupdyr.
Dört ýüz üçünji hijri ýylynda goşunbaşy Altyndaş
bilen Arslan Jazyp Garjystany eýelemek üçin ugrap, ol
diýaryň häkimi Şahsar1 Abu Nasry tutup, Gazna
getirdiler.
1
Şaşar bolmaly.
147
Aýdyşlaryna görä, Şahsary bent edip, Gazna
getirýärkäler, Şahsara wekil-gözegçi bellenen gulam
Gazna baryp ýetmezinden öň, hatynyna öz başyndan
geçirenlerini habar bermek isläpdir. Onsoň ol Şahsara
nama ýazyp bermegi teklip edipdir. Şahsar bu talapdan
hernäçe boýun gaçyrsa-da peýda etmändir. Onsoň
Şahsar bialaç eline galam alyp:
«Eý, betkär jelep, eý, betbagt eýýämiň lolusy! Sen
gabahat işleriň we bozuk hereketleriň meniň gulagyma
gelip ýeten däldir, baýlygymy öz islegleriňi hasyl
etmek üçin zaýa edýändigiň köňlüme aýan bolan däldir
diýen pikir bilen durmuşyňy şerap içmek we
wagtlaryňy oýnaşlaryň bilen bile bolmak bilen
geçirýäňmi? Hanymanymy ýele berdiň, abraýymy
dökdüň, namyssyzlyk topragyny başyma saçdyň. Eger
sag-aman ýene-de watana baryp ýetsem, eden
etmişleriňiň jezasyny we bozuk hereketleriň temmisini
bererin» diýip ýazypdyr. Nama tamam bolandan soň
ony möhürläp, gulama berýär. Ol nama gulamyň
hatynyna gelip, mazmuny mälim bolandan soň, ol
biçäre naçaryň içinden ot-ýalyn öwsüp, tütäp, özözüne: «Ähtimal görip duşmanlar ýanýoldaşyma ýalan
sözler aýdyp, maňa töhmet atandyrlar» diýip pikir
edýär. Onsoň ärinden gorkusyna kenizleri bilen bile
öýünden çykyp, bir ýerde gizlenýär. Gulam Şahsary
Gazna getirip, öýüne gelip görse, öýüniň gapysy
gulply, abatlykdan nam-nyşan galmandyr. Haýran
bolup, gapyny açyp görse, edil erem bagy ýaly kaşaň
148
öýi, misli Nufut1 çöli ýaly boş we gup-gury, ne
keýwanysyndan nyşan bar, ne hyzmatkärinden eser
bar. Haýran bolup, goňşularyndan olar barada sorady.
Olar namanyň mazmunyny we onda ýazylan gabahat
we bozuk zatlary aýdyp beripdirler. Gulam: «Meniň ol
zatlardan habarym ýok» diýip, ahy-nala çekip,
hatynyny gözläp tapyp, ondan ötünç sorapdyr.
Şahsaryň Soltanyň hyzmatyna eltilen ilkinji
mejlisinde degişgen ýaranlar ýaňky wakany Soltanyň
arzyna ýetiripdirler. Soltan ýylgyryp:
– Her kim öz çäginden daşary gadam ursa we
özünden ulular bilen edepli gatnaşygy ýörelge
edinmese, onuň jezasy şeýle bolar – diýipdir.
Soltan şol döwürlerde Apbasly halypa Kadyr Billä:
«Horasanyň köp ülkeleri indi bize degişli. Sizden
towakga edýärin, Horasanyň siziň gulamlaryňyzyň
ygtyýarynda bolan käbir ýesirlerini bu bendäniň emeldarlarynyň ygtyýaryna beriň» diýip, nama ýazdy.
Halypa hiç hili çäre tapyp bilmänsoň, onuň haýyşyny
kabul etdi. Soltan Mahmyt Bagdadyň halypasy Kadyr
Billä: «Samarkandy bize bagyş ediň we onuň
permanyny ugradyň» diýen mazmunda ýene-de nama
ýazdy. Halypa: «Allatagaladan pena isleýärin! Alla daş
edewersin. Bu işi hergiz etmerin. Eger sen meniň
permanym bolmazdan ol ýeri almaga kast edäýseň,
älemi seniň üstüňe öjükdirerin» diýip, jogap berdi.
Soltan Mahmyt gaharlandy we halypanyň ilçisine:
1
Nufut – Arabystanda bir sähranyň ady.
149
– Müň sany pil bilen baryp, halypalyk öýüni weýran
etmegimi we topragyny pillere ýükläp, Gazna
getirmegimi isleýärmi – diýdi. Ilçi gitdi. Birnäçe
wagtdan soň ýene-de geldi we nama getirdi. Soltan
Mahmyt oturdy, gulamlar sap düzdüler. Işigiň öňünde
dag sypat piller hatar bolup durdylar. Leşgeri
häzirlediler. Ilçi geldi we ýüzi möhürli namany tagtyň
üstünde goýdy hem-de aýtdy:
– Eý, möminleriň emiri! Seniň jogabyň şudur –
diýdi.
Hat-petek diwanynyň başlygy Hoja Abu Nasr
Zuzeni1 namany açdy. Görse, onda ilki başynda
«Bismillähi-r-rahmany-r-rahym» diýlip, soňundan
bolsa bölek-bölek harp bilen «elip», «lam», «mim»,
«elip», «lam», «mim» diýlip ýazylypdyr. Iň soňunda
hem: «Älemleriň eýesine hamdy-sena bolsun, Onuň
pygamberi Muhammede we onuň neberesiniň ählisine
salawat bolsun» diýlip ýazylypdyr. Soltan we ähli
kätipler: «Eýsem, bu näme ýazgy bolup biler, eýsem,
munuň syry nämekä?» diýip, haýran bolup galdylar.
Gurhany Mejitde şeýle alamatly aýat bar bolsa, baryny
okadylar we tefsir etdiler. Emma bu ýazgynyň syryny
hiç hili mälim edip bilmediler. Şonda heniz üýtgeşik
derejesi we mertebesi bolmadyk Hoja Abu Bekr
Kahystany gaýrat gadamyny öňe urup:
– Soltan oňa «piliň aýaklary» bilen haýbat atypdy,
ähtimal, onuň jogabyna «äläm täräkäýfe fäalä rabbüke
1
Bu hat-petek diwanynyň başlygy Abu Nasr Müşkanydyr.
150
biashabil fil»1 süresiniň manysyny ýazan bolsa gerek –
diýdi. Soltan ony eşiden badyna huşundan gitdi.
Huşuna gelip uzak wagtlap aglap, ilçiden ötünç sorady,
ony köp sowgatlar bilen hormatlap yzyna ugratdy. Abu
Bekre ýörite halat bagyşlady we ony emirlik derejesine
göterdi.
Soltan Mahmyt dört ýüz dördünji ýylda Balnat
dagyndaky Nenduna galasyna goşun çekdi. Ol wagtlar
Anandpal aradan çykyp, onuň ogly, ýagny Çipalyň
agtygy Lahoryň häkimi bolupdy. Ol garşylaşmaga
güýç-gaýratynyň ýokdugy üçin Nenduna galasynda
söweşjeň adamlar goýup, özi Keşmir deresine gitdi.
Soltan galany gurşap, nagym gazyp we beýleki
gurallary ulanyp, galany eýelemäge girişdi. Galanyň
ilaty ejizläp, aman diläp, galany tabşyrdylar. Soltan
galada näme zat bar bolsa, baryny eýeläp, galany
ynamdar kişileriniň birine tabşyrdy. Soňra Keşmir
deresine ýüzlendi. Çipalyň agtygy ondan habarly
bolup, ol ýerden başga bir ýere gaçdy. Soltan ol
dereden (jülgeden) sansyz olja alyp, halkyny yslam
dini bilen tanyşdyryp, Gazna geldi. Soňra Soltan dört
ýüz altynjy hijri ýylynda ýene-de Keşmire ugrady hemde beýikligi we mäkämligi bilen meşhur bolan Luhkut
galasyny gabady. Birnäçe wagt geçip, gar ýagyp, howa
güýçli sowansoň hem-de galadakylara Keşmirden
kömek gelensoň, gabawy taşlap, Gazna ýola düşdi. Ol
bu saparda ýoluny ýitirip, bir ýere gelip düşdi welin,
1
Gurhany Kerimiň 105-nji («Pil») süresiniň
«Perwerdigäriňiziň pil eýelerini edenini görmediňizmi».
151
1-nji
aýaty:
tamam sähra suwdan doludy. Haýsy tarapa gitseler
suwdan başga hiç bir zat görmeýärdiler. Suwda örän
köp halaýyk heläk boldy. Bu Hindistan saparlarynda
soltanyň leşgerlerine ýeten ilkinji göz degmedi,
betbagtçylykdy.
Birnäçe günden soň ýüz müň kynçylyk we hile
bilen ol suwdan halas boldular we hiç bir iş bitirmän
Gazna dolandylar.
Hut şol ýyl Abulapbas Mamun Horezmşa Soltan
Mahmyda nama ýazyp, onuň doganyna söz aýtdy.
Soltan kabul edip, uýasyny Horezme ugratdy. Dört ýüz
ýedinji ýylda ykmanda bozgaklaryň birtopary
Horezmaşanyň üstüne hüjüm edip geldiler we ondan
üstün çykyp öldürdiler. Soltan Gaznadan Balha gelip,
ol ýerdenem Horezme ugrady. Horezmiň serhedi
Hasarbende1 ýetende, Muhammet Taýyny leşgeriň
alynky bölüminiň serkerdesi edip, öňden iberdi.
Gaznalylar düşläp, ertir namazyna başlanlarynda,
horezmlileriň goşunbaşysy bolan Humardaş bukudan
çykyp, olaryň üstüne çozdy we olaryň uly toparyny
gyrdy, galanlary-da gaçdy. Soltan saýlantgy
gulamlardan uly bir topary ol jemagatyň üstüne iberdi.
Olar horezmlileri yzarlap, Humardaşy tutup, soltanyň
gaşyna getirdiler. Soltan Hazarasp galasyna ýeteninde,
Horezm goşuny doly jemlenip, onuň barabaryna
geldiler we gazaply söweşdiler. Emma olar ýeňlip,
goşunbaşylary Alptegin2 Buhary gaznalylara ýesir
1
2
Asyl nusgada: «Hasanbender», «Zeýnel ahbarda» «Japarbent».
Asyl nusgada säwlik bilen: «Lebsiptegin» görnüşinde berlipdir.
152
düşdi. Soltan Horezme baryp, ilki Abulapbasyň
ganhorlaryndan ar aldy. Soňra emir Hajyp Altyndaşa
«Horezmşa» lakamyny berip, Horezm welaýatyny we
Ürgenji1 oňa mülk edip bagyşlady. Soltan ol ýerden
Balha gelip, Hyrat welaýatyny ogly emir Mesguda
berdi hem-de Muhammet ibn Hüseýin Zuzenini oňa
wekil belläp, onuň bilen bile ugratdy. Guzganan2
welaýatyny hem ogly emir Muhammede berip, Abu
Bekr Kahystanyny onuň bilen bile ugratdy.
Soltan Horezmiň işlerinden arkaýynlaşandan soň,
şol ýylyň gyşynda goşun dynjyny alar ýaly Bustda
saklandy.
Dört ýüz dokuzynjy ýylyň alabaharynda, gijegündiz deňleşen wagtynda, ýagny «meşhur soltan»3
çemen we reýhan goşunyny sähradyr bossanlyklaryň
giňişliklerine çeken hem-de Ordibehişt4 aýynyň aram
howasyndan we Ferwerdin5 aýynyň ýakymly şemalyndan ýaňa terlik gunçasynyň galalary basylyp
alnan döwründe soltan Mahmyt ýüz müň sany
saýlantgy atly hem-de uzak Türküstan ülkelerinden,
Mawerannahrdan, Horasandan we beýleki ýerlerden
gazawat niýeti bilen gelip, soltanyň hereketine garaşyp
duran ýigrimi müň sany yslam meýletinçileri bilen
1
Asyl nusgada: «Ґrkent».
Asyl nusgada: «Gürgen».
3
«Meşhur soltan» – bu ýerde bahar manysynda.
4
Ordibehişt – hijri-şemsi hasabynda ikinji aýy bolup, Gurbansoltan
aýynyň 21-nden Magtymguly aýynyň 21-ne gabat gelýär.
5
Ferwerdin – hijri-şemsi ýyl hasabynda birinji aý bolup, Nowruz aýynyň
21-nden Gurbansoltan aýynyň 21-ne gabat gelýär.
2
153
Kunnuç welaýatyna ugrady. Güştaspyň döwründen tä
onuň döwrüne çenli hiç bir bigänäniň eli ol şäheriň
«etegine» ýetmändi. Gaznadan ol welaýata çenli üç
aýlyk ýoldur we ýedi sany howply derýadan geçmelidir.
Keşmir sebitlerine ýetende ol ýeriň häkimi mynasyp
peşgeşler we serpaýlar getirip, patyşalara laýyk
enaýatlara mynasyp boldy. Ol buýruga laýyklykda
ýeňiş nyşanly goşunyň öň hatarynda ýola rowana
boldy. Yslam goşuny menzil we mekanlardan aşyp,
Kunnuja ýetip geleninde hem-de belentliginden ýaňa
başy asmana ýetip, berklikde we mäkämlikde taýsyz
bolan ol gala göze ilende, ol ýeriň şan-şöhratly Gäwre
(Küwre) atly rajasy soltan Mahmydyň goşunynyň köplügini we olaryň zynatdyr dabarasyny görüp haýran
galdy we howpa düşdi. Onsoň pälinden gaýdyp, uruş
we jeň etmegi köňlünden çykaryp, soltanyň hyzmatyna
adam iberdi hem-de oňa tabyndygyny we
boýundygyny aýan etdi. Ezeli bagtyýarlyk synydan
ýapyşansoň, ol meýletinlikde perzentleri we tabynlary
bilen galadan aşak inip, soltanyň enaýatyna mynasyp
boldy. «Habybys-siýär» atly kitabyň eýesiniň sözüne
görä, ol yslam dinine-de giripdir.
Soltan üç günden soň Miret galasyna ugrady. Ol
galanyň Herut atly rajasy galany ynamdar adamlaryna
tabşyryp, özi bir tarapa güm bolup gidipdir. Galanyň
ilaty garşylyk görkezip bilmän, on müň gezek müň
dinar, ýagny iki lek we elli müň rupyýa, otuz pil peşgeş
berip, aman galdylar. Soňra soltan Mahmyt Çun
154
suwunyň kenarynda ýerleşen Mehawun galasyna tarap
ugrady. Ol ýeriň Gülçent atly rajasy pile münüp, suwdan geçmek islände, soltanyň leşgeri ony kowalap, edil
ýel ýaly bolup ýetip geldiler. Ol şonda hanjaryny
sogrup, ilki aýalynyň we perzendiniň başyny kesdi,
soňra hanjary özüniň kineden doly synasyna urup,
barlyk ýüküni dowzaha tarap çekdi.
Ol welaýatdan hem şeýle bir köp olja ele düşdi
welin, ony beýan etmek asla mümkin däl. Şol sanda
segsen sany dag sypat pil hem ele düşdi.
Bu işlerden dynylandan soň, soltanyň mübärek
gulaklaryna: «Şu sebitlerde Mithere1 atly bir şäher bar.
Ol Kerşen Basdyýunyň doglan ýeridir. Hindiler
Kerşeni pygamber hasaplaýarlar we bu ýeri oňa
Taňrynyň wahysynyň inen ýeri diýip kabul edýärler.
Mithere şäheriniň abadanlykda we abatlykda taýy ýok.
Ol şäherde şeýle bir ajaýyp we geň-taň zatlar bar welin,
sözleýän dil onuň waspyndan ejizdir» diýip, habar
ýetirdiler. Soltan Mahmyt (ady-soruny Allatagala dowamly etsin!) bu sözleri eşiden badyna ol şähere
ugrady. Şäher Deliniň rajasyna degişli bolsa-da, hiç
kim böwet bolmak üçin öňe gadam urmady. Soltan hiç
hili gypynçsyz öz maksadyna ýetip, şäheri talaňçylyga
berdi. Şäheriň özünde we onuň töwereklerinde ýerleşen
buthanalary ýakyp we ýykyp, soňsuz baýlygy ele
saldy. Soltan uly-uly, beýik-beýik ymaratlary, binalary
we buthanalary görüp haýran galdy. Ol Gaznanyň
1
Bu şäheriň ady dürli çeşmelerde Mahura, Matura, Meture we beýleki
görnüşlerde hem gelýär.
155
ulularyna we han-beglerine ýazan hatynda olar barada
şeýle ýazdy: «Bu şäherde asmana baş urýan müňlerçe
köşk bar. Emma köpüsi mermerden. Diňe buthanalaryň
özlerini hem köplügi sebäpli sanap gutarar ýaly däl.
Eger bir kişi edil şunuň ýaly bir ymarat bina etmek
islese, ýüz müň dinar sarp edenden soň, eli ýeňil,
çakgan ussatlar doly janypkeşlik edende iki ýüz ýylyň
dowamynda tamam edip gutarar».
Aýdyşlaryna görä, sap tylladan ýasalan bäş sany but
tapypdyrlar. Olaryň göz okaralarynda ýakut goýlup,
ählisi elli müň dinara degipdir. Ýene-de butlaryň
birinde mawy ýakut bölegini goýupdyrlar. Onuň agramy dört ýüz mysgal çykypdyr. Ol tylla buty
döwenlerinde ol togsan sekiz müň üç ýüz mysgal tylla
barabar bolupdyr. Ululy-kiçili kümüş butlar ýüzden
gowrak eken. Olary hem döwüpdirler, ählisi ýüz düýä
ýük bolupdyr. Şondan soň ymaraty otlapdyrlar. Ýigrimi günden soň ol ýerden göç edipdirler.
«Taryhy Elfiniň» maglumatlaryna görä, soltan: «Şol
töwereklerde bir derýanyň kenarynda ýedi sany gala
ýerleşip, olar belentlikde we mäkämlikde özlerini
pelegiň hemrasy hasaplaýarlar» diýip, eşiden badyna
eglenmezden ol galalara tarap ugrapdyr. Ol galalaryň
Deliniň rajasyna paç töleýän häkimi howsala düşüp,
gaçyp ugraýar. Soltan ol galalara gelip, olara tomaşa
etmäge meşgul bolýar. Şol aralykda onuň gözi birnäçe
buthana düşýär. Hindileriň ynam-ygtkadyna görä,
olaryň bina edilen döwründen bäri dört müň ýyl
geçipdir. Musulmanlar ol galalardan we buthanalardan
156
näme tapsalar eýeläp, soltanyň jylawunda Menç
galasyna tarap ýola rowana boldular. Ol gala söweşjeň
adamlardan we sansyz azyklardan doludy. Soltan on
bäş günläp gabaw serişdeleri bilen meşgullanyp, şäher
ilatynyň giriş-çykyş ýollaryny bekledi. Musulmanlar
şäheri gazap bilen eýelänlerinden soň, kapyrlaryň bir
topary özlerini galadan aşak oklap, heläk etdiler.
Birtopary aýaly we perzentleri bilen özlerini oda
okladylar. Birtopary galanyň derwezesini açyp, ellerine
hanjardyr gylyç1 alyp, musulmanlar bilen tä bary
gyrylýança örän gazaply jeň etdiler.
Soltan oljalary we gala baýlyklaryny hasaba alyp,
ýazga geçirip, Çendpalyň galasyna tarap ugrady.
Çendpal özüniň garpyşmaga kuwwatynyň ýokdugyny
görüp, soltan gelmezinden öň baýlyklaryny we nepis
zatlaryny ýanlaryna alyp, perzentleri we ýakynlary
bilen bile ülkesiniň daglarynda penalandy. Soltan
Mahmyt ol galanyň galan baýlyklaryny öz eýeçiligine
geçirdi. Ol ýerde bar bolan örän köp mukdardaky
gallany goşuna paýlap berdi. Soňra özüne göwni
ýetýän kapyr Çendraýyň ýurduna ugrady. Ol hem
Çendpalyň ýörelgesine eýerip, baýlyklary we
serişdeleri we ýaranlary bilen daglyga siňdi.
Aýdyşlaryna görä, Çendraýyň örän ullakan we hemmä
belli bir pili bolup, ol pil tutuş Hindistanda tymsala
öwrülen eken. Soltan birnäçe gezek oňa hyrydar çykyp,
agyr baha bilen ony satyn almak isläpdir. Emma
1
Asyl nusgada: «Jemder».
157
miýesser bolmandyr. Şol günlerde ol pil bir agşam
pilbansyz Çendraýyň ordasyndan gaçyp, Soltanyň
çadyrynyň golaýyna gelipdir. Soltan ony ele salyp,
begenip, oňa Hudadat (Allaberdi) diýip, at goýupdyr.
Soltan Gazna gelip ýeteninde, Kunnuç saparyndaky
oljalary sanadypdyr. Şonda ol ýigrimi müň dinar,
müňlerçe-müň dirhem çykypdyr. Bulardan daşgary
hem elli müň gul-gyrnak, üç ýüz elli sany pil we
beýleki nepis zatlar getirlipdir.
Soltan bu saparyndan ýeňiş we üstünlik bilen
dolanyp gelenden soň, onuň buýrugy bilen Gaznada bir
juma metjidini bina etdiler. Metjidiň ymaratynyň asyl
özenini dört burç, alty burç, sekiz burç we tegelek
mermerlerden bina edip galdyrýarlar. Oňa tomaşa
edenler onuň gurluşyna we mäkämligine haýran
galýardylar. Ymarat gurlup gutarandan soň, höküme
laýyklykda, ony dürli-dürli zynatlar, düşekler we asma
çyralar bilen şeýle bir bezediler welin, ol döwrüň
inçeden görýänleri ol metjide «Pelek gelni»
diýýärdiler. Ol metjidiň töwereklerinde medrese bina
edip, ony nepis kitaplar we ajaýyp golýazmalar bilen
dolduryp, metjitdir medresä köp sanly obalary wakf
etdi. Soltan Mahmytda metjit we medrese gurmak
hyjuwy dörände «Adamlar öz patyşalarynyň
ýörelgeleri bilendir» diýen söze (hadysa) laýyklykda
döwlet emeldarlarynyň we emirleriniň her biri hem
metjitdir medreseler we kerwensaraýdyr hanakalar bina
etmäge başladylar. Azajyk pursadyň içinde şeýle bir
158
köp beýik ymaratlar bina edildi welin, sany-sajagy
ýokdy.
Şol sanda soltanyň bu gezek Hindistan
welaýatyndan ele salan ajaýyp zatlarynyň biri hem
gumry şekilindäki bir guşdy. Ol guş heran-haçan
mejlise zäherli tagam getirseler, howsala düşüp
sandyraýardy we biygtyýar gözlerinden ýaş dökýärdi.
Soltan Mahmyt ol guşy başga-da birtopar sowgatserpaýlar bilen bile halypa Kadyr Billä üçin Bagdada
ugratdy.
Hindistan ülkesinden ele salnan ajaýyp zatlaryň
ýene biri bir daşdy. Bir kişä hernäçe agyr ýara düşsede, ol daşy suwda ezip, şol ýara sürtseler, ol şobada
ýagşy bolýardy.
Soltan Mahmyt dört ýüz onunjy ýylda Bagdada
özüniň Hindistan ülkelerinde gazanan ähli ýeňişlerini
beýan edýän ýeňişnama iberdi. Apbasly halypa Kadyr
Billä ol gün uly bir mejlis gurup, ol ýeňişnamany münberleriň üstünde, halkyň öňünde belent owaz bilen
okamaklaryny buýurdy. Ony eşiden adamlar yslam
baýdaklarynyň belende göterlendigi, kapyrlyk we
gümralyk esaslarynyň ýykylandygy üçin Hudaýa şükür
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 09
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.