Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 02

Total number of words is 3639
Total number of unique words is 1904
28.5 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Taňryň gudrat sapagynyň düwnüni,
Her kim isleg bilen hiç açyp bilmez.
Hindileriň nogsanly düşünjelerine, ynamlaryna
görä, bu aýlanyp duran dürli öwüşginli dünýäniň
aýlawy dört döwürdir: Birinjisi: Set ýuk, ikinjisi: Terta
ýuk, üçünjisi: Duwapyr ýuk, dördünjisi: Kelibuk.
Heran-haçan Kelibuk döwri gutarsa, ýaňadan ýene-de
Set ýuk döwri gelýär we Kelibukda gutarýar. Şu ölçege
laýyklykda, jahanyň ahwaly hemişe şu görnüşde bolup,
başlangyçdan we soňlanmadan hiç bir alamat, nyşan
ýokdur. Ygtybarly kitaplaryň birinde şeýle maglumat
nazarymyza ildi:
22
Bir adam «Arşdan aşakdakylar we ýerden
ýokardakylar barada menden soraň» diýen sözüň
eýesinden1:
– Eý, möminleriň emiri, Adam atadan üç müň ýyl
öň kim bolupdyr – diýip soraýar.
Ol:
– Adam – diýip, jogap berýär.
Bu sorag-jogap üç gezek gaýtalanandan soň, ol şahs
dymyp, başyny aşak salýar. Welileriň penakär şasy
mübärek dili bilen:
– Eger «Adamdan öň kim bolupdy» diýip, üç müň
gezek soran bolsaň-da, Adam diýip, jogap bererdim –
diýýär.
Hut şu gürrüňden hem älemiň gojaman-könedigine
göz ýetirip bolýar hem-de hindileriň garaýyşlaryny
hakyky
toslama
hasaplap
bolmaýar.
Öňki
2
brahmanlaryň
käbirleriniň
sözünden
älemiň
ahyrsoňunda soňlanýandygyny we magşar (direlme)
gününiň hakdygyny bilse bolýar. Emma olaryň alymlarydyr bilimdarlary olaryň bu sözlerine şeýle ýorgut
berýärler:
Hemme ýagdaýda Set ýugyň müddeti bir million
ýedi ýüz ýigrimi sekiz müň ýyldyr. Bu döwürde
jahandakylar ýagşylykda hem dogrulykda bolup, hanbeglerdir garamaýaklar, ululardyr pesler, garyplardyr
baýlar dogruçyllyk we dogrulyk ýörelgelerinden, Alla1
2
Bu ýerde Hezreti Aly göz öňünde tutulýar.
Brahmanlar – hindileriň iň gadymy dinine uýýanlar.
23
nyň razylygyndan çykmaýarlar. Bu döwürde her
adamyň tebigy ömri ýüz müň ýaşdyr.
Beýik hem Belent Alla päkdir. Bu nähili söz we bu
nähili ömür?!
Kim köne jahanda ýagşy atdan başga zat tapdy,
Hereket hem aramlygyň özenini kim tapdy.
Bu örtügli tilsim hakda oýlanmak ýalňyşlykdyr,
Jahanyň başyn kim gördi, soňlanyşyn kim tapdy.
Terta ýuk döwrüniň dowamlylygy bir million iki
ýüz togsan alty müň ýyl bolup, bu döwürde adamlaryň
üç bölegi Allanyň razylygyna görä bolup, olaryň adatça
ömürleri on müň ýyldyr. Üçünji döwür, ýagny
Duwapyr ýuk döwri sekiz ýüz altmyş dört müň ýyl
dowam edip, bu röwşen zamanada jahandakylar
dogruçyl we ýagşy amally bolýarlar. Her adamyň
ortaça tebigy ömri müň ýyl bolupdyr.
Adam atanyň, Nuh alaýhyssalamyň we şolar
ýalylaryň müň ýa-da müňe golaý ýaşandyklaryny
hindiler hem kabul edýärler, hem-de: «Olar Duwapyr
ýuk döwrüniň ahyrlarynda ýaşandyklary üçin ömürleri
şol mukdarda bolupdyr» diýýärler.
Kelibuk döwrüniň, ýagny dördünji döwrüň
dowamlylygy dört ýüz otuz iki müň ýyl bolup, bu
döwürde älemdäkileriniň üç bölegi ýalançylyk we
nädürslik bilen bolar. Bu döwürde adaty ömür ýüz
ýyldyr. Her döwrüň günleriniň düzgün-tertibi şeýledir:
Haçanda Kelibukyň mukdary (günleri) dolsa, Duwapyr
24
ýuk döwrüniň (günleriniň) iki essesi hasaplanýar we
Duwapyr ýugyň mukdary dolsa, onda ol Terta ýuk
döwrüne degişli bolar, haçanda Terta ýuk döwrüniň
eýýamy dolsa, onda ol Set ýuk döwrüne degişlidir.
Hindileriň hasabyna görä häzir, ýagny Muhammet
pygamberimiziň göç eden gününden bir müň on bäş
ýyl geçen wagty Kelibuk döwründen dört müň alty ýüz
segsen dört ýyl geçipdir.
Älemiň köneligi geň,
Ynsanyň täzeligi geň.
***
Bu gadymy älemiň başlangyjy görnenok,
Bu köne sahypadan bir söz göze ilenok.
Jahanyň çar künjüne aýlansam-da hernäçe,
Hiç bu çarhy pelegiň baş-aýagy bilnenok.
Hindileriň aýtmaklaryna görä, Haktagala ilki bäş
elementi ýaradypdyr. Dördüsi şol meşhur elementler,
bäşinjisi hem Akas. Soňra dürli gapma-garşylykly
rowaýatlara görä, Brahma1 atlandyrylýan bilim asylly,
1
Brahma (Barahma) – Sanskritçe – öz-özi dörän, çäksiz güýç-kuwwatyň
eýesi diýen manylary aňladyp, hindileriň gadymdan bäri iň uly hudaýy
hasaplanýar. Ol älemi, hudaýlary we beýleki barlyklary ýaradan; Hudaýyň
hyýaly janlanmasydyr. Soň-soňlar ony üç birlikde, ýagny älemi goraýjy
Wişnu hem-de barlyklary ýok we harap ediji Şiwa bilen birleşdiripdirler.
Brahmany dört kelleli we dört elli ynsan şekilinde göz öňüne getiripdirler we
şekillendiripdirler. Ellerinde bolsa, bir küýze, bir tesbi, bir mukaddes çemçe
hem-de Weda kitabynyň bir nusgasyny saklapdyr. Ol Wedalaryň ýazary hemde hindileriň kanun esaslandyryjysydyr. Bu ýurtda oňa gaty gadymdan bäri
25
ýalňyz esasly bir şahsy ýokluk äleminden barlyk
älemine getirip, ony ýaradylyşy döretmäge serişde we
Älemi ýaratmaga esas edýär. Akas elementi diýmekden
göz öňünde tutulýan zat, hindileriň garamaýak ilatynyň
aýtmaklaryna görä asmandyr. Emma olaryň aýratyn
alymlary ony ret edip, şeýle pikir ýöredýärler:
Hint akyldarlary asmanyň asmanlyk barlygyna
ynanmaýarlar. Ol görünýän zat howadyr. Bu görünýän
ýyldyzlar bolsa öňki beýik şahsyýetleriň mukaddes
durklary (ruhlary) bolup, olar özleriniň jismany
ryýazatlary we ruhy ybadatlary arkaly nurana heýkel
we ruhany peýker bolup, ylahy ahlaklar bilen
ahlaklanyp, Allanyň soňsuz, çäklenmeýän sypatlaryna
meňzeş sypatlara eýe bolup, beýik hem belent
gatlaklarda seýr edip, öz isleglerine laýyklykda,
ýokarky älemde uçup ýörler. Olaryň içinden kämil
derejelere ýetenleri uly ýyldyzlara öwrülip, bu aşaky
äleme hergiz gaýdyp gelmeýärler. Emma olaryň
içinden kämilligiň pes derejesine ýetenler öz
ýagdaýlaryna görä belentlik we serwerlik asmanyna
çykyp, ýene-de aşaky äleme gaýdyp gelýärler.
Diýmek, Akas elementiniň olaryň uly göwrümli
kitaplarynda beýan edilişine görä, başga manysy bar
eken. Islän adam şol kitaplara ýüz tutup bilerler. Olary
sygynylýar. Bu dine sygynýanlar häzirki wagtda iki ýüz ýigrimi milliona
golaý hasaplanýar. Olaryň mukaddes şäheri Hindistanda Utarpradeşiň
günorta-gündogarynda, Gang derýasynyň kenarynda ýerleşýän Benarys
şäheridir.
26
bu ýerde beýan etmek kitabyň aşa uzalmagyna sebäp
bolýar:
Her galamyň ujunyň ýazýan harpy başgadyr,
Çuň deňizden çykarlan ynam düri başgadyr.
Harplaryň bezeginden hiç açylmaz bu düwün,
Bu syry bilmekligiň geň-taňlygy başgadyr.
Brahma Ýaradyjynyň rugsady bilen ynsany gizlinlik
bukusyndan barlyk meýdanyna çykaryp, olary dört
topara böldi: Brahman, Ketheri, Bis we Suder. Birinji
topary terkidünýälik, ybadat, hökümlere1 gözegçilik
etmek we çäkleri saklamak üçin belläp, ruhy älemiň
ýolbaşçylygyny olara tabşyrdy. Ikinji topary daşky
(dünýewi) ýolbaşçylyk we hökümdarlyk tagtynda
oturdyp, göze görünýän daşky älemiň ýolbaşçylygyny
olara tabşyryp, olary älemdäkileriň düzgün-tertibine
serişde etdi. Üçünji topary ekerançylyk, kesp-kär we
beýleki hünärler üçin belledi. Dördünji topary bolsa,
diňe hyzmat etmek üçin belledi. Taňrynyň goldawlary
we Perwerdigäriň ylhamlary bilen ýokarda agzalan
Brahma bu durmuşda we ahyretde ýaramly boljak
zatlary öz içine alan bir kitap düzüpdir. Oňa «Bid»2
1
Hökümler – bu ýerde şerigat, din hökümleri we kanunlary
manysyndadyr.
2
Bid – Weda. Hindileriň mukaddes kitabynyň ady bolup, hindi dini şoňa
esaslanýandyr. Sözme-söz manysy «Wid» sözünden bolup, «bilim» we
«bilmek» manysyny berýär. Wedalar köne sanskrit dilinde ýazylan
goşgulardyr. Olaryň düzülen döwrüni b.e. öňki müňünji, hatda iki müňünji
ýyl hasaplaýarlar.
27
diýýärler. Allanyň ylhamy bilen Brahmanyň ýeke-täklik, ýalňyzlyk şygarly aňy köpçüligi birlik
hylwathanasyna gaýtaryp getiriji, halaýyk toparlaryny
we köpçülik gatlaklaryny düzgüne salyjy bir kanun
çykaryp, oňa birnäçe kada-kanunlary we düzgünleri
girizdi hem-de onuň garamaýak halkyň burnundaky
burundyk (jylaw) bolup, öňünde öňbaşçysy (ýolbeledi),
yzynda çopany hökmünde bolup, olara «Ýok, bolmaz»
diýmäge ýer goýman, olaryň dogry ýoluň ýolagçylary
bolarlary ýaly, ol kitabyny ylahy kitap diýip tanatdy we
meşhur etdi.
«Bid» kitaby ýüz müň «eşkük» bolup, her eşkük
dört «çerenden» ybaratdyr. Her çeren bolsa bir
«eçherden» az we ýigrimi alty eçherden köp
bolmaýar1. Her eçher bir harpdyr ýa-da ikinjisi
hereketsiz bolan iki harpdyr. Hint akyldarlarynyň
aýtmaklaryna görä, bu kitaby düzen şol ajaýyp
şahsyýetiň gymmatly ömri ýüz ýyl bolupdyr. Emma
adaty bolmadyk ýüz ýyldyr. Çünki: «Onuň her ýyly üç
ýüz altmyş gün, her güni bolsa ýokarda aýdylan
döwrüň dört müň ýyly, her bir gijesi hem gündizine
laýyk bolup, kesgitlenen müň ýugy öz içine alýar»
diýip bellenilýär2.
Brahman alymlary «Şu wagta çenli älemde ençeme
Brahmalar peýda bolup, gizlinlik perdesinde gizlenip
1
Şu sözlemlerdäki «eşkük, çerep, eçher» sözleriň manysy kitapdaky
bölümleri, baplary, sözlemleri, jümleleri, sözleri we harpdyr sesleri aňladýan
sözler bolmagy ähtimal.
2
100 (ýyl) · 360 (gün) · 4000 (gündiz) · 4000 (gije) = 1 ýuk.
28
durandyrlar» diýip, biragyzdan ykrar edýärler. Olar
muny häzirki wagtda, ýagny şu gara galamyň bu ak kagyzy garalap duran döwründe hem ykrar edýärler.
Ynamdar güýçli brahmanlaryň aýtmaklaryna görä,
häzirki Brahma bir müň birinji barlyk (Brahma) bolup,
onuň ömründen elli ýyl hem ýarym gün geçipdir we
günüň ikinji ýarymyny ýaşamaga başlapdyr.
Seň ýoluňda zerredir bu jahan hem o jahan,
Asla hiç närse ýokdur Seň dergähiňe ýeten.
Seň gapyňa barara pikrimize ýokdur ýol,
Özüňden başga hiç kim Seň syryňdan ägä däl.
Gowsy öz janymyzyň biçäreligi bilen,
Nogsan eýesidigmiz ykrar edeliň kileň1.
Eý, ýaşaýyş beriji, Seň dergähiň öňünde,
Bendelikden başga kär ýokdur bize her günde.
Hekaýat aýdyjylar we rowaýat edijiler şeýle hekaýat
getiripdirler:
Duwapyr ýuk zamanasynyň soňky ýarymynda
Hindistanyň Hestenapur şäherinde bir Kehteri2 raja
bolupdyr. Ol adyllyk tagtynda oturyp, raýatyny alada
bilen gurşap alypdyr. Onuň mübärek ady Raja Bhrat
1
2
Kileň – 1) tutuş; 2) mydama, hemişe.
Kehteri – hindi gatlagynda ikinji, ýagny hökümdarlar gatlagy.
29
eken. Onuň ýedi sany perzendi1 yzly-yzyna, arkamaarka hökümdarlyk sürüp, ölüm hylwathanasyna
gidenden soň, sekizinji gezekde onuň neslinden bir
perzent bolup, oňa raja Kur diýipdirler. Uly şäher bolan
Tehaniserdäki Kur Kehit diýen ýer onuň ady bilen
meşhurdyr. Onuň nesline «Kurlar» diýer ekenler. Alty
arkadan soň ondan bir perzent dünýä inýär. Ol
Çetrburç ady bilen meşhur bolup, uly raja bolup
ýetişýär. Ondan iki ogul dünýä inýär, biri Dehtraşter,
beýlekisi bolsa Pend. Dehtraşter ululary bolsa-da, onuň
gözden mahrumlygy üçin hökümdarlyk we rajalyk
onuň kiçi inisi Pende ýetýär. Pendiň meşhurlygy şeýle
bir derejede çenden-çäkden geçipdir welin, onuň
perzentlerini hem kakalarynyň ady bilen tutup,
«Pendler» diýipdirler. Pendiň bäş ogly bolupdyr: Jet
Şeter, Behim Sin we Erjün. Bularyň ejesiniň ady Könti
eken. Beýleki iki ogly Nekel we Sehitýu. Bularyň ikiside öz ejeleriniň ady bilen atlandyrylypdyr2.
Dehtraşteriň ýüz bir sany ogly bolup, onuň ýüz ogly
Gandahar rajasynyň gyzy bolan Kendeharydan dünýä
inipdir. Bu oglanlaryň iň ulusynyň ady Derýudehen
eken. Bu oglanlaryň iň soňkusynyň ady bolsa, Ýuýuçhe bolup, ol bir bakgalyň gyzyndan bolupdyr. Meşhur
kurlylar, ine, şu oglanlardan ybaratdyr.
Elkyssa, Pend ylahy ýazgyt bilen barlyk goşgolamyny
bakylyk
älemine
çekenden
soň,
hökümdarlyk daşky degişlilik boýunça Dehtraştere
1
2
Bu ýerde onuň ogly däl-de, nesli göz öňünde tutulýar.
Hersi bir eneden bolup, hersi öz ejesiniň ady bilen atlandyrylypdyr.
30
ýetýär. Emma hakykatda soltanlyk onuň perzentleriniň
nesibesi bolýar, aýratynam, perzentleriniň ulusy
Derýudehene degişli bolýar. Derýudehen soltanlyk dininde duşman gyrmaklygyň zerur işlerdendigi we
ätiýaçlyk şerigatynda1 duşmany dep etmegiň ýagşy
amallardandygy üçin, Pendlerden howp, wehim edip,
olary köki-damary bilen ýok etmekligiň pikirine
düşýär. Dehtraşter hem olaryň duşmançylyk edýändiklerini aňyp, mesgenleriniň daşlygy duşmançylygy
ýeňleder diýen maksat bilen Pendlere şäherden
daşrakda öý gurup, şol ýerde ýaşamaklaryny buýurýar.
Derýudehen gurluşykçy ussalara we binagärlere
sähelçe uçgun-ot arkaly ýanyp, Pendlerden hiç yz-sor
galmaz ýaly, ol öýüň diwarlaryna we petiklerine mazut
çalmaklaryny buýurýar. Pendler bu hilegärlikden
habarly bolup, seresaplylyk edipdirler. Ahyry bir gije
Pendleriň özi öýi ýakyp, ejeleri bilen çöl-beýewana
gaçyp gidipdirler. Derýudehen tarapyndan ol öýi
otlamak üçin, özüniň bäş ogly bilen pursat gözläp, şol
ýerde bolup ýören Behil atly aýal bolsa, şol gije
çagalary bilen bile ýanypdyr. Şeýdip, «Her kim öz
dogany üçin çukur gazsa, şoňa özi düşer» diýen pähimiň mazmuny aç-açan ýüze çykypdyr.
Derýudeheniň jansyzlary ol aýalyň çagalary bilen
ýananyny görüp, Pendler bilen olaryň ejeleri ýanandyr
öýdüp, Kurlaryň gulaklaryna ruhlandyryjy buşluklary
1
Bu sözlemde «soltanlyk dini» we «ätiýaçlyk şerigaty» diýen jümleler
göçme manydadyr.
31
ýetiripdirler. Olar şadyýanlyk we şadymanlyk şertlerini
berjaý edipdirler.
Pendler «Mahabharatyň» terjimesinde getirilişine
görä, bu wakadan soň atlaryny we keşplerini üýtgedip,
harabalykdan abadanlyga çykyp, Kenpela şäherinde
düşleýärler we dürli hilegärçilikler bilen Kenpela
rajasynyň gyzy Werupedä bäş dogan bile şäriklikde
öýlenýärler. Olar her biriniň nobatyny ýetmiş gün diýip
karar edip, kämil agzybirligi we jebisligi şu işde
hasaplapdyrlar. Hindileriň käbiri bu işiň öz dinlerinde
dürs hasaplanylmaýandygy üçin bu wakany başgaça
düşündirýärler.
Has dogrusyny Alla bilýändir.
Garaz, olaryň döwlet ýüzlerinden ösüş alamatlary
nur saçyp, beýiklik at-owazalary ýaýrap başlansoň,
Derýudehen we onuň adamlary gapyllykdan oýanyp,
meseläni derňäp başlaýarlar. Olar meseläniň anygyna
ýetip, Pendleriň ýanandygynyň toslamadygyny
bilensoňlar, dostlukly ýüzlenmeler we garyndaşlykly
mähremlikler bilen olary Hestenapura getirýärler,
myhman garşy almaklyk däplerini ýerine ýetirensoňlar,
mirasdüşer ülkäni doganlykly paýlaşýarlar. Welaýatyň
ýary bilen bilelikde köne Deliniň golaýyndaky
Enderpet Pendleriň paýyna düşýär, Hestenapur bolsa
galan ýarym welaýat bilen bile Kurlaryň ygtyýarynda
galýar. Birnäçe wagt geçenden soň, uly emirleriň
köpüsi Pendleriň alnynda ösüş hem ykbal yzlaryny
görüp, olara nöker bolmaklygy ygtyýar edýärler.
Kurlar daşyndan göräýmäge doly tabyn bolsalar-da,
32
hakykat ýüzünde aşaklyk bilen olara garşy, duşman
bolýarlar. Şol wagtlar Jet Şeteriň köňlüne «Jek rajsuý
bahande jek rajsuý» etmek, ýagny uly ot ýakyp, her hili
hoşboý ysly zatlary, miweleri, gallalary we beýleki
dürli zatlary bir ýere üýşürip, elementleriň enesiniň ýiti
nuruna – oda taşlamak, başga-da dürli sadakalar we
haýyr-yhsanlar edip, şu iş bilen Taňrynyň dergähine
ýakynlaşmak pikiri gelýär. Jek rajsuýyň şertleriniň biri
hem ýedi yklymyň raýlarynyň üýşüp, bu
baýramçylygyň dessurlaryny ýerine ýetirmekleridir.
Şoňa görä-de, Jet Şeter özüniň dört doganynyň hersini
beýleki yklymlary basyp almak üçin älemiň dört
künjüne iberýär. Ähli zatlary beriji Allanyň islegi bilen
bu arzuw azajyk wagtyň içinde hasyl bolýar. Işbaşarjaň
we işe belet doganlar Taňrynyň goldaw goşunlarynyň
ýardamy bilen älem-jahana seýr edip, döwrüň hem-de
her diýaryň, ýagny Hytaýyň, Rumuň, Hebeşiň, Arabyň,
Ajamyň, Türküstanyň, Mawerannahryň we beýleki
ýerleriň hökümdarlarydyr soltanlaryny köp hazynalar
bilen bile paýtagt Enderpete getirip, jek rajsuý
dabarasyna başlaýarlar. Bu dabara köňül isleýşi ýaly
ýerine ýetirilýär. Derýudehen ol döwleti, baýlygy,
azamaty we höküm ýörgünliligi (hökmürowanlygy)
görüp, ynsany ýazgyda laýyklykda azýar. Onuň içki
ojagynda gizlenip duran göriplik ody tutaşýar. Ol
döwrüň hilegärlerinden bu işiň çäresini soraýar. Ol
döwürde humarly oýunlar örän ýörgünli we rowaç
eken. Humar oýunlaryndan bolan narda meňzeş
«Tiýuri» oýnunyň narda oýnundaky ýaly oklanýan iki
33
daşyny galp ýasaýarlar. Soňra Derýudeheniň Jet Şeter
we
onuň
beýleki
doganlary
bilen
humar
oýnamaklygyny karar edýärler. Onsoň, hormat-sylag
bilen Pendleri öz paýtagtlary Enderpetden Hestenapura
çagyryp, hezzet-hormat däplerini ýerine ýetirýärler.
Humara gyzyşan wagtlary ýokarda agzalan galp
ýasalan iki daşy orta oklaýarlar. Özleriniň dogruçyl
häsiýetlidikleri
üçin
ýaramaz
garşydaşlarynyň
ýalançylyklaryndan we daşlaryň ýasamalygyndan
bihabar Pendler ähli mal-mülklerini utdurýarlar.
Derýudehen olary bütinleý öýsüz-öwzarsyz awara
etmek isleýändigi hem-de galp daşlaryndan hatyrjem
bolandygy üçin soňky oýunda şeýle şert edýär: eger
olar utsalar, Derýudehen ähli utan zatlaryny olara
gaýdyp bermeli. Eger-de ol utsa, onda Pendler on iki
ýyllap abadanlygy1 taşlap, pakyrlyk (derwüş) lybasynda sähralarda ýabany haýwanlardyr guşlar bilen
bolmaly. Şertleşilen möhlet geçenden soň, abadanlyga
gelip, olary hiç kim tanamaz ýaly bir ýyllap
ýagşylykda gün geçirmeli. Eger şu şert ýerine
ýetirilmese, ýene-de ýokarda agzalan müddet sährada
öňki görnüşde gün geçirmeli.
Takdyra laýyklykda, Pendler täleý daşlarynyň ters
gelmegi bilen soňky oýnunda hem utuldylar. Şerte
laýyklykda bäş dogan watandan aýrylyp, on iki ýyllap
1
Abadanlyk diýlip, esasan adam ýaşalýan ýerler, oba-şäherler göz
öňünde tutulýar. Köne edebiýatda näçe ajaýyp bolsa-da, tebigy ajaýyplyga
abatlyk, abadanlyk diýilmän, adam eli bilen işlenilen ýerlere abatlyk
diýlipdir.
34
sähradyr çölleri aýlandylar. On üçünji ýyl Dekeniň
etraplaryndan1 bolan Daýyn welaýatyna gelip, bir
ýyllap, hiç kime bildirmän şeýle bir gizlin görnüşde
ýaşadylar welin, Derýudehen olary hernäçe gözlese-de,
agtarsa-da olardan hiç hili yz-sor tapmady. Olar wada
edilen, şertleşilen wagtlary gutarandan soň, Keşen ibn
Basdyýuny2 ilçilige iberip, öz ýurduny talap etdiler.
Derýudehen edilen şerte wepa bermän, ters gürledi.
Ahyrynda hem dogruçyllykdan birje uçgunjygy hem
ýok bolansoň, hiç bir ýere ýetip bilmedi. Pendleriň
hakykaty ýurduň ulularyna aýan bolup, olar söweşmegi
karar etdiler. Pendler leşger jemlemäge girişdi. Iki
tarap Kelibuk döwrüniň ilkibaşlarynda Tehaniseriň
golaýynda ýerleşýän Kur Kehip meýdanynda häzir
boldular. Soňra toparlary bezäp, saplary düzüp, iki
tarapyň batyrlary söweş mezhebinde we uruş
ýörelgesinde şert edilen däbe laýyklykda söweşe
girişdiler. Söweş on sekiz günläp dowam etdi. Ýeňiji
bilen ýeňliji mälim edilmedi. Ahyrynda: «Aldaw we
mekirlik eýeleriniň ahyr käri ryswalykdyr» diýlişi ýaly,
Derýudehen we beýleki oňa degişli kişiler ýeňlip,
söweş meýdanynda heläklik şerbetini noş etdiler.
1
Asyl nusgada: «Perganat» (b.s. pergene) – Hint ýurdundaky etraplar.
Aslynda «pergene» diýlip, döwlet tarapyndan salgyt, paç-hyraç alynýan ýere
aýdylypdyr.
2
Basdyýu – «Mahabharata» kitabynyň bir bölegi bolan «Bharas»
(Bharat) kitabynda gelýän iki sany jedelleşýän alymyň biriniň ady. Käbir
çeşmelerde beýan edilşine görä, ol Mahura (Mahwara) şäherinde doglupdyr.
Keşen (Küşen) Basdyýunyň ogludyr.
35
Hindileriň ynam-ygtykadyna görä, bu söweşde
Kurlaryň tarapynda on bir geşun leşger, Pendleriň
tarapynda ýedi geşun leşger bolupdyr. Hindileriň
adalgalarynda geşun ýigrimi bir müň alty ýüz ýetmiş
sany pilli, şol mukdar arradaly1 hem-de altmyş bäş
müň alty ýüz atly, bir lek we dokuz müň alty ýüz elli
pyýada adama barabardyr. Hemmesinden gyzykly ýeri
şudur: aýdyşlaryna görä, iki tarapdan şunça goşundan
on iki kişiden zyýada hiç kim diri galmandyr. Derýudeheniň leşgerinden dört kişi diri galypdyr: birinjisi
Kerpaçaryç brahman. Ol iki tarapyň ussady we gylyçgalamyň eýesidi. Ikinjisi Hekim Derunyň ogly Eşwethaman. Ol hem iki tarapyň mugallymydy. Üçünjisi
Keret Berman, ol Ýadlaryň jemagatyndan eken.
Dördünjisi Sünji, ol örän dana we Dehtraşteriň
geňeşçisi bolupdyr.
Pendleriň tarapyndan sekiz kişi diri galypdyr: bäş
sany dogan, ýagny Jet Şeter we onuň beýleki
doganlary, altynjysy Sänik, ol hem Ýadlaryň
kowumyndan bolup, mertlik-merdanalyk bilen
şöhratlanypdyr. Ýedinjisi Hejteş, ol Derýudeheniň
enebaşga doganydyr. Sekizinjisi Keşen, ol kämil
şöhratlylygyndan ýaňa wasp edilmegine mätäç däldir.
Emma onuň käbir ahwallary barada ýazyp beýan
edişlerine görä, Keşeniň doglan ýeri Kahra şäheridir.
Hindileriň ol baradaky ynam-ygtykatlary köpdür.
Käbirleri ony älem hilegärleriniň başy we adam
1
Arrada – gala ýykyjy söweş guraly. Ol manjanykdan kiçiräk bolup,
duşmanlara garşy daş atmakda peýdalanypdyr.
36
ogullarynyň mekirleriniň baştutany diýip, görkezýärler.
Käbirleri onuň pygamberdigine ynam edýärler.
Käbirleri oňa Hudaý hökmünde sygynýarlar.
Meşhur gürrüňlere görä, müneçjimler onuň täleý
ýyldyzyndan onuň getirip biläýjek betbagtçylyklaryny
bilip, Ýadlaryň baştutany bolan Raja Kense habar
beripdirler. Ol hem Keşeni öldürmäge höküm beripdir.
Keşen hem sygyr bakyp, süýt satýan Nent atly bir
kişiniň öýünde on bir ýyllap gizlenip ýaşaýar.
Ahyrynda mekirlik, hilegärlik, tilsim we jadygöýlük
bilen Raja Kensi öldürýär we soltanlygy onuň kakasy
Rawkrisiniň adyna berip, hakykatda özi häkimlik
edýär. Bara-bara özüniň mekirlikleri, has dogrusy çyna
berimsiz aldawlary bilen taňrylyk dawasyny edýär.
Köp halk onuň batyl dawasyny hak bilip tassyklapdyrlar. Ol Nendiň öýünden çykandan soň, otuz iki
ýyllap Kahra şäherinde bozgaklar (ykmandalar) ýaly
ömür geçirýär. Onuň geň-taň jadygöýlükleri we
efsanalary örän meşhurdyr.
Ahyrynda Raja Çeraseň ony dep etmek maksady
bilen köp leşger ýygnap, Beharupine welaýatyndan
çykyp, Kahra şäherine ugraýar. Günbatar tarapdan hem
Arylçhanyň, ýagny hindileriň dininde bolmadyk
taýpanyň Kalýun atly rajasy ony dep etmek üçin ugraýar. Bir rowaýata görä, ol Arabystanyň rajasy eken.
Şeýlelikde, Keşen bu iki raja garşy durup bilmän, Şor
derýanyň
(deňziniň)
kenarynda,
Güjratdaky
37
Ahmedabadyň ýüz kuruhlygynda1 ýerleşýän Duwarka
tarap gaçyp, şol ýerde penalanýar. Ol şol sebitlerde
ýetmiş sekiz ýyllap ýaşap, özüni halas etmäge tagalla
baryny edýär. Emma hiç hili peýdasy bolmaýar. Ol ýüz
ýigrimi bäş ýyl ömür sürenden soň, Derýudeheniň ejesi
Kendeharynyň gargyşy bilen erbet görnüşde ýokluk
sährasyna ýola düşýär. Käbirleriniň ynanjyna görä, ol
gaýyp bolup, baky dirimiş. Kendeharynyň gargyşynyň
sebäbini şeýle geň iş bilen baglanyşdyrýarlar.
Aýdyşlaryna görä, Dehtraşteriň aýaly dogurmaly
wagty ýakyn gelende, ol köňlünde: «Adamym
Dehtraşter görejiniň ýoklugy sebäpli perzendiniň
didaryny görmekden mahrumdyr. Gowusy men hem
perzendimi, dünýäni we ondaky zatlary görmekden göz
ýumaýyn, adamym bilen dertdeş bolaýyn» diýip, pikir
edýär. Onsoň Derýudehen ýokluk äleminden barlyk
sährasyna gadam basan güni ol özüniň älem görüji
gözüni ýumýar. Ol şol bolşuna ýyllar boýy gözüni
ýumup (daňyp) gezýär. Ahyry ogly ulalyp, Pendler
bilen duşmançylyk edýär. Iki tarapdan leşger çekilip,
älemi dolduryp duran goşun söweş meýdanyna
ugraýar. Aradaşlyk ýakynlyga öwrülip, ertir
uruşmaklyk karar edilýär. Şonda ol ogluna:
– Eý, goşa garagym, eý, ata-enesiniň gözüniň nury!
Mäkäm ýarag ynsan perzendiniň durkuny we
barlygyny ähli apatlardan we jümle belalardan gorap
aman saklaýar. Ertir uruş başlanjak bolup dur. Seniň
1
Kuruh – parsahyň üçden biri, ýagny 2 km.
38
näzik we näzenin bedeniň beýle ýaragdan boş. Men:
«Birden saňa bir zat bolaýmasyn» diýip, alada edýärin.
Sen ýalaňaç bolup gel, açyk gözüm bilen seniň
durkuňa nazar salaýyn – diýýär. Derýudehen ondan
nähili ýol bilen barmalydygyny soraýar. Şonda ol:
– Eý, oglum! Bu zamanda akylda, bilimde,
artykmaçlykda Pendler ýaly hiç bir kişi ýokdur. Sen
onuň huzuryna baryp, bu zatlaryň düşündirişini sora –
diýýär.
Derýudehen ýeke özi Pendleriň huzuryna baryp,
näme üçin gelendigini gürrüň berýär. Olar
myhmançylyk şertlerini doly berjaý edip, duşmanyň
hemişe duşmandygyny anyk bilýändigine garamazdan,
maslahat we dogry ýola ugrukdyryş sapagyny elden
bermän dogry sözleri orta okladylar hem-de:
– Perzent enesiniň göwresinden ýalaňaç dünýä
inýär. Şol halatda ene-atasynyň gözi oňa düşýär. Bu
gün seni ejeňiň görmek islän ilkinji gezegi bolany üçin,
şu gün misli seniň ilkinji doglan günüň ýalydyr.
Dogrusy şudur, sen ýalaňaçlanyp, ejeňiň huzuryna bar.
Onuň nazarynyň nury seniň başdan-aýak durkuňa
düşüp, seni belalardan gorap saklar – diýýär.
Derýudehen hoşlaşyp, yzyna dolanýar. Ýolda
gelýärkä oňa Keşen duçar bolup, ondan:
– Tenha duşman leşgerine gelmegiň sebäbi nämedir
– diýip soraýar. Derýudehen ýagdaýy düşündirende,
Keşen öz-özüne: «Waweýla, eger, Derýudehen
Pendleriň sözüne amal etse, onda ol polat bedenli bolar
hem-de oňa hiç bir ýarag kär etmez we biziň barymyzy
39
gyrar» diýýär. Soňra mekirlik we hilegärlik bilen kahkah edip gülüp:
– Eý, nadan! Duşmanyndan dogry ýol gözleýän we
hakyky ýörelge yzlaýan her bir kişi anyk hatakärlik
çukuryna gaçar. Olar seniň üstüňden gülüp
masgaralapdyr. Dünýä inen pursatyň nesil agzaň örän
kiçidiginden we ýönekeýjediginden ýaňa göze ilmeýärdi. Häzir anyk bedeniň bir uly bölegine öwrülen wagty
nädip, çekinmän eneňe görnüp biljek – diýýär.
Derýudehen bu gapyllyga salyjy söze aldanyp,
ýapyşalga eli bilen onuň synyndan mäkäm aslyşýar.
Keşen ýene-de:
– Pendleriň aýdan zatlary hem gowy zatlar. Emma
egniňden uzyn etekli örtükler, gerdenbentler1 as, nesil
agzaň örtülsin – diýýär.
Derýudehen onuň aýdyşy ýaly edip, ejesiniň
huzuryna baryp:
– Ine-de, geldim, gözüňi aç – diýýär.
Ejesi «Pendlerden tälim alandyr. Anyk ol ters zat
aýdan däldir» diýen güman bilen hiç hili alada etmän
gözüni açýar. Gözüni açan badyna boýnundan asylan
örtükler nazaryna ilip, nagra tartýar we özünden
gidýär. Özüne gelenden soň köp ahy-nala edip:
– Eý, ogul! Boýnuňdan örtük asmagy Pendler
maslahat berdimi? – diýip soraýar. Ogly:
– Hudaý bar, ýok, olar däl! Keşen maslahat berdi –
diýýär.
1
Boýundan asylýan asgyç.
40
Şondan soň Kendehary elini betdoga göterip,
ýanyp-bişip, Keşene gargap başlaýar hem-de arman
elini biri-birine urup:
– Eý, ogul! Meniň nazarymyň nurundan örtügli
galan ýeriňden ýarag degip, öldürilersiň – diýýär.
Keşen hem öň beýan edişimiz ýaly dürli-dürli ejirler
bilen ýokluk ýoluna düşýär.
Elkyssa, Derýudehen öldürilenden we Kurlar ýok
edilenden soň, Jet Şeter Hindistanyň ähli ülkelerine we
beýleki ýerlere garaşsyz hökümdar bolup, älemiň
hökümdary bolýar.
Aýdyşlaryna görä, bu kyssadan otuz alty ýyl
geçenden soň, Jet Şeter Taňrynyň towpykenaýatlarynyň ýol görkezmegi bilen bibaky dünýäniň
biwepalygyna akyl ýetirip, betbagtçylyk mekanyna
girmezinden öň, dünýäniň bozuklyklaryny ret edip,
dört dogany bilen bilelikde tenhalyk1 ýoluny ygtyýar
edýär. Ahyrynda hem ýokluk ýoluna ýola düşýär.
Diýýäň: «Nirä gitdiler öňki täçdarlar, hany?»
Olardan göwrelidir zemin göwresi baky.
Şeýlelikde, Kurlar bilen Pendler biri-biri bilen
bilelikde ýetmiş alty ýyl hökmürowanlyk sürdüler.
Derýudehen on üç ýyllap, garaşsyz ýagdaýda ýer
ýüzüne hökümdarlyk etdi. Ýokarda agzalan söweşden
soň, beýan edilişi ýaly Jet Şeter hem otuz alty ýyl tutuş
1
Tenhalyk – ilden çete çykyp, bir ýerde terkidünýälik bilen ybadata
meşgul bolmagy aňladýar.
41
äleme hökümdarlyk etdi. Iki toparyň hökümdarlyk
eden döwrüniň jemi bilelikde ýüz ýigrimi bäş ýyl
bolýar.
Subhan Alla, Hindistandan başga ýedi yklymyň
taryhlarynyň hiç haýsynda şunuň ýaly ajaýyp we geňtaň hekaýatyň yzy-sory hem ýok.
Suhangöýlük bazarynyň köne satyjylary şeýle
beýan edýärler:
Döwürleriň geçmegi bilen Erjüniň (Arjunyň)
öwlatlaryndan iki arkadan soň, bir perzent dünýä inip,
soltanlyk tagtyna we ruhulyk hem magnawylyk
kürsüsine çykýar. Ol döwrüniň ýüzüne adyllyk hem
asudalyk gapylaryny giňden açyp, geçen ahwallary
geljekki ýagdaýlaryň oýandyryjysy edip, Hudaýyň
razyçylygyny gazanyp ýaşapdyr. Bir gün köňlünde:
«Meniň ata-babalarymyň dawa-jenjelleriniň sebäbi
näme bolduka? Olaryň bezminiň we jeňiniň ahwallary
nähili bolduka?» diýip pikirlenýär. Onsoň öz döwrüniň
Behşem Baýyn atly danasyna şol zatlary beýan etmegi
haýyş edýär. Behşem Baýyn:
– Meniň ussadym, dana Hekim Biýas1 şol
wakalaryň içinde bolup, şol başdan geçirmeleriň
umumylaryndan we aýratynlyklaryndan habarlydyr.
Şondan soraň – diýýär. Şoňa görä-de ol şol hekimi
patyşalara laýyk mähremlikler bilen ezizläp, maksadyny haýyş edýär. Ol garrylyk ejizligi we magnawy
meşgullanmalary sebäpli dil bilen aýtmakdan saklanyp,
1
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 03
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.