Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 11

Total number of words is 3656
Total number of unique words is 1862
31.1 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1
2
Asyl nusgada säwlik bilen: «Pazyl, Puzaýl» görnüşinde berlipdir.
Takyk däl hadyslaryň sanawyna girýän hadys.
201
seçdi. Şol wagt ýaňky gül ýüzli we aý meňizli gulam
soltanyň nazaryna ildi. Ol arlap, weziri tutmaklaryna
we talamaklaryna perman berdi. Şol wakanyň yzýany
hem ol ýeňiş nyşanly baýdagyny parladyp, Hindistana
ugrady. Betkär emirleriň birnäçesi mal almak
tamakinçiligi bilen Abulapbas Pazly örän zalymlyk
bilen gynap heläkläpdirler. Ondan soň beýik hoja,
akyldar Ahmet ibn Hasan Meýmendi wezir bolupdyr.
Ahmet soltan Mahmydyň süýt emşen dogany1 we
sapakdaşy eken. Kakasy Hasan Meýmendi emir
Nasyreddin Söbükteginiň döwründe Bust şäherçesinde
baýlyklary hasaba alýan eken. Emma ol özüne
ýöňkelen
hyýanat
sebäpli
emir
Nasyreddin
Söbükteginiň buýrugy bilen dardan asylypdyr.
Adamlaryň arasyndaky: «Hasan Meýmendi2 soltan
Mahmydyň wezirleriniň biri bolupdyr» diýilýän
meşhur gürrüň galatdyr we açyk hatadyr.
Ahmet ibn Hasan Meýmendi owadan haty, tiz
pähimliligi we danalygy bilen meşhur bolupdyr. Ony
ilkibaşda hat-petek we ýazuw diwanynyň sahyby
(eýesi, başlygy) wezipesine belläpdirler. Soltanyň
ünsüni özüne has çekmegi ony derejeden derejä
göteripdir. Ol şeýdip, ýurduň baş müstewfisi3 bolupdyr, munuň daşyndan leşger üpjünçiligi wezipesi hem
oňa tabşyrylypdyr. Birnäçe wagt geçenden soň,
Horasan ülkeleriniň baýlyklaryny hasaba almak
1
Bular bir enekä berlipdir. Şonda bir enekäniň elinde terbiýelenipdir.
Bu ýerde Ahmediň kakasy Hasan Meýmendi göz öňünde tutulýar.
3
Müstewfi – maliýe işlerine jogapkär adam.
2
202
wezipesi hem öňki işleriniň üstüne goşulypdyr. Ol
ýokary derejede bu işleriň hötdesinden gelipdir.
Soltanyň tagamly şeraby Abulapbas Esferaýyn üçin
awy-zähere öwrülende wezirlik işleriniň uýany doly
ygtyýarlylyk bilen bu gözel häsiýetli hojanyň kämil
parasatly we diýseň gudratly eline ynanylýar. Ol on
ýedi ýyllap mülk, ýurt we baýlyk işlerini
dolandyrypdyr. On sekiz ýyldan soň goşunbaşy
Altyndaş, emir Aly Hişawent ýaly uly emirleriň
birtopary soltanyň belent mejlisinde ol ylym we yhsan
çeşmesi barada gybat we töhmet dilini saýratdylar. Ol
sözler bolsa soltan Mahmyda täsir edip, Ahmediň
ahwal maňlaýyna «işden boş» diýen çyzgysyny çyzdy
hem-de ony özüniň (Ahmediň) Bähram atly
ýakynlarynyň birine tabşyrdy. Ol hem ony Keşmir
deresine eltip, Kälenjar galasynda tussag saklamagy şol
ýerli Jeňňi atly birine tabşyrdy. Ol on üç ýyl şol galada
tussaglykda boldy. Ahyrynda soltan Mesgudyň
döwründe tussaglykdan halas bolup, ýene-de wezirlik
derejesini eýeledi. Dört ýüz ýigrimi dördünji ýylda
aradan çykdy.
Soltan Mahmyt birnäçe wagtdan soň Ahmet
Hüseýin ibn Mikäli1 wezirlik wezipesine belledi. Ol tä
soltanyň ömrüniň ahyryna çenli şol wezipede işledi. Ol
Hasanak Mikäl ady bilen meşhurdy. Ol ýetginjek ýyllaryndan kämillik ýaşyna ýetmeziniň öňüsyrasyndan
1
Asyl nusgada hemme ýerde säwlik bilen: «Ahmet Hüseýin ibn Mikäl»
görnüşinde ýazylypdyr, emma bu «Hasan ibn Muhammet ibn Mikäl»
bolmaly.
203
başlap, soltanyň hyzmatynda gezip ýördi. Ol ýiti hem
berk häsiýeti, ýagşy sözi we sahawatly işleri bilen
meşhurdy.
Suhangöý taryhçylar Ahmet Hüseýinden1 şeýle
getiripdirler:
Soltan Mahmyt emir Nasyreddin Söbükteginiň
hyzmatynda Abu Aly Simjury dep etmek üçin
gideninde menzilleriň birinde «Şu ýerde kerramy
mezhepli2 bir derwüş bar. Ol takwalyk we ybadatkärlik
sypaty bilen sypatlanyp, keramatdyr gudratlar
görkezmek bilen meşhurdyr. Oňa keýik lybasly takwa
(Ahupuş zahyt) diýýärler» diýip eşidýär.
Soltanyň derwüşlere we çetde oturyp ybadat edýän
ybadathonlara bolan isleg-hormaty örän çäksizdi.
Onsoň takwa derwüşi görmegi meýil edip, şolar
ýalylara ynanmaýan Ahmet Hüseýine:
– Seniň sopulara we takwa eýelerine ysnyşygyň
ýokdugyny bilýärin. Emma keýik lybasly derwüşi
zyýarat edenimde meniň bilen bile gitmegiňi isleýärin
– diýdi.
Ahmet Hüseýin kabul barmagyny gözüniň üstüne
goýup, Soltanyň jylawunda ýola düşdi. Soltan doly
nyýazmentlik görkezip, takwa derwüş bilen duşuşdy.
Derwüş sopuçylyk garyndyly sözler bilen dil açdy. Ol
1
Bu ýerde onuň öz dilinden alnan maglumat hökmünde getirilýär.
Muhammet ibn Abdylkerim Sejistanynyň yzyna eýerýänler. Ol Zahyr
halypanyň döwründe orta çykyp, sünnileriň arasynda kerramylar mezhebini
esaslandyrýar.
2
204
sözleri eşidende soltanyň derwüşe bolan ynanjy has-da
zyýada boldy we:
– Puldan we harytdan näme zat hyzmatkärleriň
göwnüne ýarasa hazynaçylar bererler – diýdi.
Şonda takwa derwüş elini ýokary, boş howa
uzadyp, bir gysym teňňe alyp, ony soltanyň eline berip:
– Her kimiň eline gaýyp hazynadan şunuň ýaly zer
gelýän bolsa, ol kişiniň gaýry biriniň malyna näme
mätäçligi bolsun?! – diýdi.
Soltan Mahmyt muny onuň keramatlary diýip
düşünip, ýaňky teňňeleri Ahmet Hüseýiniň eline berdi.
Ahmet Hüseýin olara seredip görse, ählisi Abu Aly
Simjurynyň adyna zikgelenen teňňeler eken. Takwa
derwüşiň ýanyndan çykanlaryndan soň, soltan Mahmyt
Ahmet Hüseýine:
– Bular ýaly adatdan daşary keramatlary inkär edip
bolmaz – diýdi.
Ahmet Hüseýin:
– Bu bende öwlüýäleriň (welileriň) keramatlaryna
müňkür däldir. Emma Siziň asmandan adyna zikge
kakylýan kişiniň söweşine gitmegiňiz mynasyp
görünmeýär – diýdi.
Soltan bu gürrüňiň hakykaty barada soranda Ahmet
Hüseýin teňňeleri soltan Mahmyda görkezýär. Soltan
Mahmydyň nazary Abu Aly Simjurynyň zikgelerine
düşende utanyp gazaplanýar.
Emma bu sözleri rowaýat edýän kişi1 şeýle diýýär:
1
Bu ýerde Muhammet Kasym Hindu şa özüni göz öňünde tutýar.
205
Ahmet Hüseýiniň sözleri biderekdir. Sebäbi şulara
meňzeş zatlary Allatagalanyň permany esasynda
Hezreti Hydyr alaýhyssalam we beýleki gaýyp erenler
hut şu pes dünýäden, özem hut şol töwereklerden we
etraplardan1 isle teňňe bolsun, isle-de gaýry zat bolsun,
şerigata laýyklykda2 ele salyp, dileg eden welilere
getirip berýärler.
Elgaraz, soltan Mesgut patyşa bolanda Ahmet
Hüseýini: «Belent Mekgeden yzyňa dolanan wagtyňda
Müsürde «dinsiz»3 ady bilen meşhur bolan Müsür
halypasynyň beren haladyny geýip, kyrmyty – batyny
boldy» diýen bahana bilen Balhda dardan asýar.
Gaznalylar döwrüniň meşhur şahyrlarynyň biri
Asaýyry Razydyr4. Ol soltan Mahmydyň döwründe
Reý welaýatyndan Gazna gelip, köşk şahyrlary bilen
ýaryşypdyr we bäsleşipdir. Ol soltany öwgüläp şu kasydany aýdyp, on müň dirhem sowgat alypdyr.
Kasyda
Myrat derejäňe görä, dereje malyňa görä,
Bolsa onda seret maňa, görersiň kämil jemaly.
Meniň bilen magşara çen buýsanarlar her bir kişi.
1
Bu ýerde dileg eden weliniň özüne ýakyn ýerlerden diýen manyda
gelýär.
2
Bu ýerde «Halal ýol bilen ele salyp» diýen manyda gelýär.
3
Mülhit (ilhat) – dinsiz, dinden çykan.
4
Bu ýerde säwlik gidipdir. Ol Gazaýyry Razy bolmaly. Ýöne ol hem
Gazna gelmändir-de, şygryny Gazna ugradypdyr.
206
Meniň beýtimiň başynda: «Aýtdy» diýip, ýazsa muny1
Täk, deňi-taýy bolmadyk Häkim, Adalatly Taňry
Iki jahanda ýaratman dogry etdi men ýalyny.
Bolmasa ol ikisinem2 bagş ederdi kerem wagty,
Onda galmazdy bu bendäň Taňra umyt-dileg käni.
Ussat Esedi Tusy
Ol soltan Mahmydyň döwründe Horasan şahyrlarynyň ussady bolupdyr. Oňa birnäçe gezek
«Şanamany» düzmegi teklip edipdirler. Ol özüniň
garrylygyny we ejizligini bahana edip, mundan boýun
gaçyrypdyr. Onuň diwany känbir meşhur däl we şahyrlaryň ýygyndylarynda hem göze ilmeýär. Ol hemişe öz
şägirdi Firdöwsä «Şanamany» düzmegi ündär eken.
Ahyrynda şeýle-de boldy.
Firdöwsi Gaznadan gaçyp, Tusa gelýär. Ol ýerden
Rüstemdara we Talakana baryp, ýene-de Tusa
dolanýar. Ol ömrüniň ahyrynda ölüm wagty
ýakynlaşanda Esedini çagyryp:
– Göç ediş wagty ýetip geldi. «Şanamadan» azajyk
ýeri galdy. Galanjasyny goşgy düzümine geçirmäge hiç
kimde kuwwat ýokmuka? – diýýär. Onda Esedi:
– Eý, perzent! Gam iýme, eger ömür puryja berse,
ony men ahyryna ýetirerin – diýýär. Firdöwsi:
1
Bu ýerde kimde-kim «Gazaýyry Razy şeýle aýdypdyr» diýip, meniň
beýtimi ulansa, ol magşara çenli buýsançly bolar» diýilýär.
2
Bu ýerde iki dünýä diýen manyda gelýär.
207
– Eý, ussat! Sen garrapsyň. Bu işiň senden bitmegi
müşgil bolaýmasa? – diýýär.
Esedi:
– Inşa Alla, Alla halasa bolar – diýip, jogap berýär.
Şondan soň ol birnäçe günüň içinde bu işe girişip,
araplaryň ajamlylary basyp alyşynyň başyndan ahyryna
çenli bolan wakalary dört müň beýtden ybarat bolan
goşgy setirlerine düzýär hem-de entek Firdöwsi dirikä
onuň nazaryndan geçirýär. Ol örän begenip, ussadynyň
ýiti zehinine «aperin» diýýär1.
Esedi munazyrlary örän ussatlyk bilen düzüpdir.
Aşaky iki beýt «Gije bilen gündiz» munazyrasyndan
mysal alyndy.
Bir-birne gije-gündiziň eşidiň aýdan sözlerin,
Gamy kalpdan kowup bilýän başyndan geçirenlerin.
Ikisem nadan bolansoň turuzdylar gowga-jeňi
Aralarynda köp boldy gahar, sögünç, käýinç heňi.
Menuçehr Balhy
Onuň asly Balhdan2 bolup, ol soltan Mahmydyň
döwründe Gaznada ýaşapdyr. Ol örän gurply, baý we
1
Bu ýerde maglumatlar garjaşdyrylypdyr. Sebäbi Esedi Tusy
«Şanamany» däl-de «Gerşastana» eserini ýazýar hem-de Nahjywanda ýaşap,
Firdöwsiden ep-esli soň aradan çykýar.
2
Ynamdar çeşmelerde Menuçehriň aslynyň Balhly däl-de
Damganlydygy aýdylýar.
208
derejeli adam bolup, onuň şemiň ajaýyplygy barada
ýazan kasydasy şeýle beýt bilen başlanýar:
Eý-ä janyny başynyň hut süýr depesinde goýan,
Jismimiz janly jan bilen, sende jismiňe bagly-jan.
Hekim Unsury
Ol soltan Mahmydyň döwründäki şahyrlaryň iň
beýigi bolup, ol şahyrçylykdan başga-da köp
pazylatlary eýe bolupdyr.
Aýdyşlaryna görä, soltan Mahmydyň huzurynda we
hyzmatynda hemişe dört ýüz sany ussat şahyr
bolupdyr. Olaryň ählisi özlerini Unsurynyň şägirdi
hasaplapdyrlar. Ol soltanyň mejlislerine gatnaşmaga
hukukly bolupdyr. Soltan soň-soňlar oňa öz ýurdunyň
«Melikuş-şugara»1 derejesini bagyş edipdir. Soňra
soltan Mahmyt:
– Şahyrlar şygyrlaryny ilki oňa görkezsinler, soňra
ol maňa getirsin – diýip, höküm edipdir. Bu şahyryň
uzyn bir kasydasy bolup, ol bu kasydasynda soltan
Mahmydyň ähli söweşlerini goşgy düzümine
geçiripdir.
Aýtmaklaryna görä, bir gije mejlisde soltan
Mahmyt aşa serhoşlukdan ýaňa aslynda garyndaş2
1
Şahyrlar şasy. Bu söz şol döwürde şahyrlaryň başy, baş şahyr diýen
derejeleri aňladypdyr.
2
Asyl nusgada: «Hatanyl-asl». Bu söz «aýalyň dogany, gaýynaga,
gaýynata; käte bolsa, giýew diýen manylary aňladýar. Diýmek, Aýaz soltan
Mahmydyň bir aýalynyň dogany bolsa gerek.
209
bolan Aýaza başgaça bir garaýyş bilen seredýär. Emma
birden şerigat düşünjesi oňa: «Eý, Mahmyt! Yşky
bozuklyk bilen garma» diýip, ýaň salýar. Soltan aňyna
aýlanyp, Aýaza pyçak berýär hem-de oňa:
– Bu talaňçy zülpüňi kes – diýýär.
Aýaz:
– Niresinden? – diýip soraýar.
Soltan Mahmyt:
– Ählisini – diýip, jogap berýär.
Aýaz permany ýerine ýetirýär. Soltanyň onuň bu
boýun sunujylygyndan ýaňa yşky zyýada bolup, şol
agşam oňa köp göwherler bagyşlapdyr. Soňra aşa
serhoşlukdan ýaňa uka gidýär. Ertesi daňdan ukudan
oýananda özüniň agşamky eden işine puşman edip,
oturyp-turup, nätjegini bilmändir. Hiç kimiň gürlemäge
gaýraty çatmandyr.
Şonda Hajyp Aly Unsura:
– Içeri gir-de özüňi görkez – diýýär.
Unsury içeri girýär. Soltan ony görüp:
– Görýäňmi, meniň başyma nämeler düşdi?! Hany,
bu babatda bir zatlar aýt – diýýär.
Unsury duran ýerinde şobada şu aşakdaky goşgyny
aýdýar:
Bu gün gysgalypdyr ýaryň burum-burum towly zülpi,
Onuň üçin gama batyp, oturyp-turmak ne hajat.
Bu gün şatlyk-şagalaňlyk, meý içmek, toý tutmak güni,
Sebäp çyrpylyp bezelýär elmydama Serwi – azat.
210
Onuň bu şygry soltana ýaraýar we onuň agzyny üç
gezek göwherden doldurmaklaryny buýurýar. Soňra
aýdymçy sazandalary çagyryp, meý içmäge oturýar.
Unsury dört ýüz otuz birinji ýylda wepat bolýar.
Asjady
Onuň asly, dogduk mekany Merw bolup, çeper
kasydalary bardyr. Ol Unsurynyň şägirtlerinden we
soltan Mahmydyň öwgüçilerinden bolupdyr. Bu beýt
onuň kasydasyndandyr:
Inçeden görüji şahym Sumanata sapar etdi
Özüniň eden işlerin täsinlikleň tugy etdi.
Onuň şygyrlar diwany känbir meşhur däldir. Emma
onuň şu rubagysy örän meşhurdyr:
Toba edýän serhoşuň içip, lap urmasyndan,
Ak alkymly gözelleň yşkyndan toba edýän.
Ýürekde meý höwesi, dilde bolsa tobadyr,
Eý, Allam! Men bu nädürs tobadan toba edýän.
Ferruhy
Ol hem Unsurynyň şägirdidir. Aýdyşlaryna görä,
onuň kakasy Sistanyň häkimi emir Halabyň
gulamlaryndan
bolupdyr.
Ferruhy
Sistanyň
211
daýhanlaryndan (mülkdarlaryndan) biriniň hyzmatynda
işlemegi karar edýär. Ol her ýyl bäş manlyk iki ýüz
susak däne we ýüz derem gazanypdyr. Soňra ol Beni
Halabyň gyrnaklaryndan birine öýlenmek isleýär.
Emma onuň çykdajysy aşa köp bolansoň, daýhana
ýagdaýy beýan edip, ondan:
– Üç ýüz susak däne bilen üç ýüz elli derem ber –
diýip, haýyş edýär. Daýhan:
– Sen mundan artyga-da mynasypsyň. Emma meniň
mundan artyk berere gurbum ýok – diýýär.
Ferruhy ondan umydyny üzüp, soltan Mahmyt
Gaznalynyň doganynyň ogly, Abulmuzaffaryň1 ýanyna
baryp, aşakdaky çeper kasydany düzýär we ondan köp
sanly halatdyr-pul sylag alýar:
Çemenlik ýaşyl ýüpek örtse gülgün ýüzüne,
Daglar alar egnine müň reňk parça ýüpek,
Toprak edil keýik deý, göbekden müşk öndürer,
Söwüt totyň peri deý çykarar sansyz ýaprak.
Soňra ol Soltan Mahmydyň ýanyna gidip ýokary
derejelere ýetýär, onuň öňünden zer guşakly ýigrimi
gulam atlanyp ýöreýän eken.
1
Abulmuzaffar Ahmet ibn Muhammet Çaganly çaganlylaryň (häzirki
Täjigistandaky) emiri bolup, Mahmydyň doganynyň ogly däldir.
212
Dakyky1
— Ol ilkinji şahyrlardan bolup, soltan Mahmydyň
döwründe «Şanamanyň» başyny başlaýar hem-de iki
müň2 ýa-da ondan gowrak beýt düzýär. Soňra Firdöwsi
ony dowam edýär we tamamlaýar. Onuň şygyrlaryndan
bir mysal:
Men bu ýerde köp galyp, sarpam gidip har boldum,
Sebäp köp eglenmekden hormat gider har galar.
Eger suw hem çukurda uzak dursa, akmasa
Aramlygyndan ýaňa, porsap başlar, yslanar.
Jelaleddin, Jemalylmille Muhammet ibn soltan
Mahmyt Gaznalynyň soltanlygynyň beýany
Soltan Mahmydyň ygtyýar we hökmürowan eli
dünýewi işlere eýeçilik etmekden üzülen wagty ogly
Emir Muhammet Gowzganandady3, Emir Mesgut bolsa
Yspyhandady. Onsoň soltan Mahmydyň garyndaşy
Emir Aly ibn Il Arslan merhum Soltanyň wesýetine
görä, Emir Muhammedi Gazna çagyryp, oňa patyşalyk
täjini geýdirýär. Ol serkerdebaşylyk derejesini öz agasy
(kakasynyň inisi) emir Ýusup Söbüktegine, wezirlik
1
Abu Aly Muhammet ibn Ahmet Dakyky Balhy Samanlylaryň döwrüniň
soňlarynda çaganlylaryň köşgüniň şahyrlaryndan eken. Onuň öldürilen
ýylyny 341-nji ýyl diýip belläpdirler. Bu ýerde säwlik gidipdir. Dakyky
Mahmyt patyşalyga ýetmezinden 48 ýyl öň aradan çykypdyr.
2
Ol 1054 beýt ýazypdyr. Firdöwsi hem ony «Şanamada» getiripdir.
3
Asyl nusgada: «Kurkan».
213
derejesini Hoja Abu Sähl Ahmet ibn Hasan Hamdawa1
bagş edýär we hazynanyň gapysyny açyp, ondan
mertebelini-mertebesizi, beýigi-pesi nesibeli edýär.
Onuň döwründe arzanlyk we parahatlyk emele gelip,
raýat we goşun arkaýynlykda ýaşaýarlar. Emma adamlaryň kalby Emir Mesgudyň patyşalyga geçmegini has
köp isleýärdiler. Soltan Mahmydyň aradan çykanyndan
elli gün geçensoň, Abunnejim Emir Aýaz ibn Oýmak2
gulamlar bilen birleşip, Aly Daýany hem öz tarapyna
çekip, gündiziň güni gaýduwsyzlyk bilen atýataga
girýär we ýörite atlara münüp, Busta tarap ýola düşýär.
Emir Muhammet bu ýagdaýdan habarly bolup
ygtybarly emirlerden bolan Sundehraý3 Hindini
hindilerden düzülen köp sanly goşun bilen olaryň
yzyndan iberýär. Bu goşun olaryň yzlaryndan ýetende,
aralarynda gazaply uruş turýar we Sundehraý hindileriň
köp bölegi bilen bilelikde öldürilýär. Gulamlardan hem
köpüsi öldürilýär. Gulamlardan diri galan kişiler
hindileriň kellelerini Emir Muhammediň köşgüne
iberýär. Abunnejm Emir Aýaz we Aly Daýa öňküleri
ýaly tizlik bilen agzybirlikde gidip baryşlaryna,
Nişapura Emir Mesgudyň hyzmatyna ýetýärler.
Aýtmaklaryna görä, Emir Mesgut Hemedanda
kakasynyň wepat bolandygyny eşidenden soň, Ajam
Yragynda ynamdar emeldarlar we häkimler goýup,
Horasana tarap gyssanýar hem-de doganyna hat
1
Asyl nusgada: «Hamdany».
Asyl nusgada: «Yshak».
3
Asyl nusgada: «Sunydraý».
2
214
ýazýar. Ol hatyň mazmuny şeýle: «Men kakamyzyň
saňa bagyş eden welaýatyna göz gyzdyramok. Özümiň
ýalaw gylyjym bilen basyp alan Jibäl, Tabarystan,
Yrak ülkeleri maňa ýeterlik. Emma sen meniň adymy
hutbada ilki aýtdyrmalysyň».
Rowaýat etmeklerine görä, Emir Mesgut we Emir
Muhammet bir günde doglupdyr. Emir Mesgut gaty
gitse ondan sähelçe wagt öň doglupdyr. Şonuň üçin
Emir Muhammet oňa känbir boýun egmeýän eken we
olaryň arasynda hemişe oňşuksyzlyk bolupdyr.
Elkyssa, Emir Muhammet doganynyň hatyna
gödek jogaplar ýazyp, söweş esbaplaryny taýýarlamaga
meşgul bolýar. Döwletlilik isleýänleriň bir topary
doganlaryň arasynda ylalaşyk döretjek bolup, hernäçe
tagalla etseler-de, hiç zat başa barmaýar. Emir
Muhammet hiç hili eglişik etmän, köp goşun bilen
Gaznadan çykyp, ýola düşýär. Ol 421-nji ýylyň Oraza
aýynyň başynda hakykatda Nikbetabat (ýagny
betbagtlyk) bolan Teginabat1 diýen ýerde düşläp, ol
aýy şol ýerde geçirýär. Aýt (baýram) güni hiç bir
sebäpsiz, onuň başyndan telpegi ýere gaçýar. Adamlar
muny erbetlige ýorýarlar. Baýram aýynyň üçüne,
agşam Emir Aly Hyşawent, Emir Ýusup Söbüktegin
we emir Ahmet Hüseýin Mikäl birtopary bilen
ylalaşyp, topalaň baýdagyny parladýarlar hem-de Emir
Mesgudy goldap, Emir Muhammediň çadyrynyň
daşyny gabaýarlar. Ony ol ýerden çykaryp, häzirki
1
Asyl nusgada: «Tekiýabat».
215
wagtda Gandahar ilatynyň «Halaç galasy» diýip
atlandyrýan «Walaj»1 galasyna äkidip, şol ýerde tussag
edýärler. Ähli leşger we hanlar Emir Mesgudy garşylamak üçin Hyrada eňipdirler. Emir Mesgut Hyratdan
Balha baryp, Ahmet Hüseýini «Nurly Mekgeden
gaýdanda Müsür halypasynyň beren haladyny
geýipdir» diýen bahana bilen dardan asýar. Sebäbi
Emir Mesgudyň mübärek gulagyna: «Ahmet Hüseýin
bir gün diwanda: «Eger, heran-haçan Emir Mesgut patyşa bolaýsa, Ahmet Hüseýini dara çekmeli bolar»
diýdi» diýip ýetiripdiler. Şonuň ýaly-da, Aly Hyşawent
hem gadyr bilmezliginiň netijesinde jezalanyp
öldürilýär. Emir Ýusup Söbüktegini tussag edýärler. Ol
şol ýerde wepat bolýar. Emir Muhammet hem
Mesgudyň permany bilen ýokarda agzalan galada kör
edilýär.
Emir Muhammediň soltanlyk süren wagty bäş
aýa-da ýetmeýär. Ol dokuz ýyl tussaglykda bolup, emir
Mesgut öldürilenden soň ýene-de bir ýyl höküm
sürüpdir. Ahyrynda hem Möwdut ibn Mesgudyň
buýrugy bilen öldürilipdir.
Şyhabeddin, Jemalylmille soltan Mesgut ibn soltan
Mahmyt Gaznalynyň soltanlygynyň beýany
Soltan Mesgut diýseň sahawatly we batyr adam
bolup, oňa «ikinji Rüstem» diýer ekenler. Onuň oky
1
«Tabakaty Ekberi» kitabynda «Zebh», «Zeýnel ahbarda» «Weleh».
216
demir sowutdan geçip, piliň tenine çümýän eken. Onuň
gürzüsini hiç kim bir el bilen göterip bilmeýän eken.
Söhbetdeşlikde gödek jogaplar berýändigi üçin, kakasy
ony hemişe peseldipdir. Emir Muhammedi bolsa,
hormatlamakda we mertebelemekde köp tagalla
edipdir, hatda ol Apbasly halypasyndan Emir
Muhammediň adyny Soltan Mesgudyň adyndan öň
ýazmagyny haýyş edipdir.
«Tabakaty Nasyry» eserinde şeýle maglumat
getirilipdir:
Hoja Abu Nasr Müşkäni1 şeýle diýýär:
Soltan Mahmydyň köşgünde bu permany
okanlarynda, ol ähli emirleriň we hanlaryň köňlüne
agyr degdi. Soltan Mesgut mejlisden çykanda, men
hem onuň yzy bilen çykdym we oňa:
— Siziň lakamyňyzyň ahyrda gelenligi meniň we
ähli emirleriň ýüregine ot saldy – diýdim. Şonda soltan
Mesgut:
― Hiç alada batma, «Gylyç ýazgydan gowurak
habardyr» diýipdirler – diýip jogap berdi. Men yzyma
dolananymda, soltan meni ýanyna çagyryp:
― Näme üçin soltan Mesgudyň yzyndan gitdiň
we onuň bilen näme hakda gürleşdiň – diýip sorady.
Men oňa ähli bolan zady artdyrman-kemeltmän gürrüň
berdim. Soltan:
— Men hem soltan Mesgudyň ähli babatda Emir
Muhammetden ýokarydygyny we menden soň
1
Asyl nusgada: «Müşkäti».
217
patyşalygyň Mesguda ýetjekdigini bilýärin. Emma men
bu zatlaryň baryny bu biçäre Emir Muhammediň
meniň döwrümde bir azajyk hormatly bolmagy üçin
edýärin – diýdi.
Abu Nasr ýene-de şeýle diýýär:
― Men bu wakada iki zada geň galdym: birinjisi,
Mesgudyň maňa şeýle ylymly – bilimli hem ynamly
jogap berşi. Ikinjisi bolsa, soltan Mahmydyň hüşgärligi
we ähli zady göz astynda saklaýşy. Habarçylar bu
habary derrew oňa ýetiripdirler.
Soltan Mesgut tagta çykan ýyly soltan Mahmydyň
hökümi bilen Hindistanyň serhet galalarynyň biri bolan
Kälenjer galasynda tussag edilen Ahmet ibn Hasan
Meýmendini azat edip, ýene-de ony wezir edip
belleýär. Soňra hazynaçy Emir Ahmet ibn Ýanaltegini1
tutup, malyny döwlet haýryna geçirýär we ondan köp
baýlyk alýar. Şondan soň ony Hindistanyň
goşunbaşysy edip Lahora iberýär. Şeýle hem ol soltan
Mahmydyň permany bilen Hint galalarynyň birinde
tussag edilen Mejdeddöwle Deýlemlini hem öz ýanyna
çagyrýar.
Kiç2 we Mekran ülkelerinde soltan Mesgudyň adyna
hutba okalmagy
422-nji ýylda soltan Mesgut Balhdan Gazna gelip,
ol ýerden Kiç we Mekran ülkelerine goşun ugradýar
1
2
Asyl nusgada: «Nyýaltegin».
Asyl nusgada: «Keç».
218
hem-de ol welaýatda, öz adyna hutba okadyp, zikge
kakdyrýar. Ol ýer bilen baglanyşykly ahwalat şeýle
bolupdyr:
Bu welaýatyň häkimi wepat bolup, ondan iki ogul
galýar. Biri Abulasakyr, beýlekisi bolsa Isa. Isa öz
kakasynyň welaýatyny ele salyp, Abulasakyry ähli
zatda oňa dahylsyz edýär. Abulasakyr doganynyň
öňünde durup bilmän, ejizläp soltan Mesgudyň
dergähine gelýär we oňa:
― Eger patyşa leşger iberip, Kiç we Mekran
welaýatlaryny bu pes bendäniň eline düşer ýaly etse,
men hem beýleki tabynlaryň hatarynda, hatara goşulyp,
boýun bolup, ol welaýatyň hutba we zikgesini döwrüň
soltanynyň adyna geçirerin – diýýär. Soltan Mesgut
onuň haýyşyny kabul edip, onuň bilen uly goşun
iberýär hem-de goşuna:
— Eger Isa ylalaşyk ýolundan ýörese we
welaýatyny doganlarça paýlaşlasa, ol-a biziň islegimiz,
bolmasa-da, ondan welaýatyny alyp, Abulasakyra
tabşyryň – diýip, buýruk berýär
Abulasakyr söweşe taýýar we üpjün leşger bilen
ol sebitlere gelip ýetende, bagty ýatan Isa «obaçyllyk»
ýörelgesine eýerip1, ýaraşykdan we ylalaşykdan boýun
towlaýar. Şeýdip, iş şeýle bir derejä baryp ýetýär
welin, onuň adamlarynyň köpüsi ondan aýrylyp,
Abulasakyra goşulýarlar. Emma ol ýagdaýyň
şeýledigine garamazdan, özüniň ýörite we aýratyn
1
Bu ýerde soňunyň näme boljakdygy barada pikirlenmän, sada we
samsyklaç hereket edendigi aýdylýar.
219
kişileri bilen birlikde söweşe girýär, köp tagallalar
edenden soň ahyry öldürilýär. Abulasakyr öz mirasdüşer watanyna ýetip, soltan Mesgudyň adyna zikge
kakdyryp, hutba aýtdyrýar. Şol ýyl soltan Mesgut Reý
we Hemedan welaýatlarynyň hem-de Jibäl ýurtlarynyň
häkimligini özüniň Taş atly hyzmatkärine (nökerine)
bagyş edýär. Ol hem az wagtyň içinde ol welaýaty
soltan Mahmyt Horasana tarap dolanandan soň,
ornaşan emirleriň, häkimleriň we emirdarlaryň elinden
gaňryp alyp, öz ygtyýaryna geçirýär. Soňra bolsa
soltan Mesgudyň hökümine laýyklykda, özbaşdaklyk
baýdagyny parladan Alaýeddöwläni ýeňip, onuň
emeldarlaryny heläk edýär.
Seljuk türkmenleriniň üstün çykmagy
Bu ýylda soltan Mesgut Gaznadan Yspyhana we
Reýe garşy hereket etdi. Ol Hyrada ýetende Saragtyň
we Bawerdiň1 ilaty Seljuk türkmenlerinden nalap
şikaýat etdiler. Onsoň Soltan Abusagt2 Abdus ibn
Abdylezizi köp leşger bilen olaryň üstüne iberýär. Ol
türkmenleriň leşgeriniň alkymyna gelip ýeten badyna,
olar bilen ýüzbe-ýüz bolup, birnäçe gezek garpyşýar.
Ýöne bu çekeleşik birýüzli edilmezden, soltan Mesgut
Gazna dolanýar.
423-nji ýylda serkerdebaşy Altyndaş soltan
Mesgudyň permany bilen, Samarkandy we Buharany
1
2
Asyl nusgada: «Badawert».
Asyl nusgada: «Abdyrreis».
220
basyp alan Alytegini1 dep etmek üçin Horezmden
leşger çekip, Mawerannahra tarap ugraýar. Gaznanyň
Soltanlyk köşgünden hem Altyndaşa medet bermek
üçin, on bäş müň böwsüji atly iberilýär. Olar Balh
sebitlerinde Altyndaşa goşulýarlar. Altyndaş Amuýa
suwundan geçip, ilki Buhara ugraýar. Ol ýeri basyp
alandan soňra, Samarkanda tarap ýola düşýär. Alytegin
söweşmek we ar almak maksady bilen şäherden çykyp,
bir tarapynda suwly derýa we köp agaç, beýleki
tarapynda bolsa çarhy pelek ýaly uly we beýik dag
ýerleşen bir ýerde leşgergäh gurýar. Uruş ody
şuglalanan wagtynda, Alyteginiň bukuda duran
esgerlerinden bir bölegi Altyndaşyň goşunynyň ýeňsesinden hüjüm edip, köp sanly esgerleri ýalaw gylyçlary
bilen heläkçilige uçradýarlar we Altyndaşy agyr
ýaralaýarlar. Altyndaşyň ýarasy tötänden öň soltan
Mahmydyň huzuryndaka Hindistan galalaryndan bir
galany basyp alýan wagtlarynda, manjanyk daşynyň
degen ýerinden düşüpdir. Altyntaş özüniň bu
ýagdaýyny gizlin saklap, şeýle bir dözümlilik, berklik
görkezipdir welin, Alyteginiň köp esgerleri öldürlip,
gylyçdan sypanlary bolsa tokaýa gaçyp gidipdirler.
Garaňky düşen wagty, Altyndaş goşun serkerdelerini
ýygnap, öz ýarasy hakynda olara gürrüň berip:
— Meniň bu ýaradan gutulmagym mümkin däl.
Siz indi öz işiňiziň gamyny özüňiz iýiň – diýipdir.
1
Asyl nusgada: «Tekin».
221
Olar hut şol agşam Alyteginiň ýanyna çapar
iberýärler we ondan ylalaşyk isläp: «Buhara Mesguda
degişli bolsun, Samarkantdan aňyrsy bolsa Alyteginiň
ygtyýarynda bolsun» diýip, teklip edýärler. Ertesi Alytegin Samarkanda, Altyndaş bolsa, Horasana tarap
gidýär. Ikinji gün Altyndaş wepat bolýar. Wezirwekiller onuň wepat bolandygyny gizlin saklap,
Horezme gidýärler. Soltan Mesgut Horasandaka bu
habary eşidip Horezmiň hökümdarlygyny Altyndaşyň
ogly Haruna bagyşlaýar.
Ajaýyp häsiýetli Hoja Ahmet ibn Hasan
Meýmendiniň wepat bolmagy
Hut şu ýylda gözel häsiýetler bilen bezelen Hoja
Ahmet ibn Hasan Meýmendi bu dünýäden ahyret
älemine göç edýär. Soltan Mesgut Harun ibn
Altyndaşyň diwan eýesi bolan Abu Nasr Ahmet ibn
Muhammet ibn Abdyssamady Horezmden çagyryp,
oňa wezirlik işini tabşyrýar. 424-nji ýylda Soltan
Mesgut Hindistana ugraýar we Keşmir deresinde
ýerleşen Serseti galasyna baryp, ony gabaýar. Bu berk
galanyň ýaşaýjylarynyň kalplaryna gorky we howsala
düşüp, soltanyň ýanyna ilçi iberip:
— Biz häzir şu mukdarda zer berýäris we her ýyl
hem köp mukdarda altyn-kümşi hazyna gowşurarys –
diýipdirler. Soltan olar bilen şu usulda ylalaşmak
isleýärdi. Ýöne şol galanyň adamlarynyň elinde
222
tussaglykda bolan musulman täjirleriniň bir topary
soltan Mesguda şeýle mazmunda hat ýazýarlar:
«Biz takdyryň hökümine görä bu ýere gelip, şu
galanyň kapyrlarynyň elinde ýesirlige duçar bolduk.
Olar biziň ýanymyzda dünýä mallaryndan näme
zadymyz bar bolsa, baryny elimizden gaňryp aldylar
we elip kimin bizi dirhem-dinar nokatlaryndan
sapladylar1. Indi, soltan yzyna dolanandan soň, olar
bizi ýaşaýyş özeninden hem mahrum ederler diýip
howsala düşýäris. Galanyň ýaşaýjylarynyň mundan
artyk azyk-iýmitleri we garşylyk görkezmäge güýçkuwwaty ýok. Onsoň olaryň az wagtyň içinde boýun
egjekdikleri anykdyr».
Soltan olaryň aýdanlary barada oýlanyp,
ylalaşmak pikirini bozýar we yhlas bilen gabaw
esbaplaryny
taýýarlamaga
girişýär.
Soltanyň
buýrugyna görä hendekleri şol töwerekde ösýän şeker
çiňrikdir gamyşlar bilen dolduryp, belent edip galanyň
üstüne çykýarlar. Ol ýerdäki kapyrlaryň ählisini
öldürip, olaryň aýallaryny we perzentlerini ýesir edip,
köp baýlyk ele salýar hem-de olaryň musulman
täjirlerinden alan zatlarynyň baryny yzyna gaýtaryp
berýär. Şeýdip, onuň bu ýagşy ady ebedi we baky
galdy.
"Bu Allanyň pazlydyr, kime islese berer"2
1
Bu ýerde söz oýnadylýar. Elip harpynda hiç hili nokat bolmaýar. Bu
ýerde özlerini elip harpyna, dinarlary bolsa käbir beýleki harplarda bolýan
nokatlara deňäpdir.
2
Gurhanyň 57-nji («Demir») süresiniň 21-nji aýaty.
223
Şu ýylda, ýer şarynyň köp böleginde ýagyn
ýagman, uly gahatçylyk emele geldi. Gurakçylygyň
yzy bilen hem umumy gyrgyn (mergi) keseli gelip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 12
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.