Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 07

Total number of words is 3660
Total number of unique words is 1924
28.0 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
göwünlilik bilen ondan:
– Eger täleý saňa ýar bolup, meni seniň eliňe
düşüren bolsady, sen men barada neneňsi alada
ederdiň? – diýip sorady. Ol:
– Kalbymda şeýle karara gelipdim. Eger senden
üstünlik gazanan bolsamdym, seni galalaryň birinde
tussag edip, rahatlyk we aýşy-eşret esbaplaryny
häzirläp bererdim – diýip jogap berdi. Seýfeddöwle
Mahmyt doganynyň kalbyndaky syrlaryndan habarly
119
bolandan soň, ol mejlisde gaýdyp demini çykarmady.
Emma birnäçe günden soň, ony Jürjan galalarynyň
birinde tussag edip, rahatlyk serişdelerinden gerek
zatlarynyň baryny tertipläp berdi. Emir Ysmaýylyň
ömür pursaty özüniň içki pikirine laýyklykda şol ýerde
paýawlady. «Ýakma bişersiň, gazma düşersiň»1.
Eminilmille, Ýemineddöwle soltan Mahmyt
Gaznalynyň döwleti döwründäki wakalaryň beýany
Tebigy we ruhy bilimleriň eýeleri mübärek ýazgyly
galamlar bilen kitaplarynyň sahypalarynda şeýle beýan
edipdirler:
Soltan Mahmyt Gaznaly dini we dünýewi
bagtyýarlyklar bilen bezelen bir patyşa bolupdyr. Onuň
adalat we älem eýeleýjilik owazy hem-de batyrgaýlyk
we ýurt tutujylyk ýaňy asman ýyldyzlaryna baryp
ýetipdir. Gazawat işlerinde mübärek tagallalar etmek
bilen yslam baýdaklaryny asmanda parladyp, zulum
eýeleriniň esaslaryny dargadypdyr. Pälwanlyk we
batyrgaýlyk meýdanyndan geçende, edil güýçli sil
deýin, oý-beýikden alada etmändir. Soltanlyk we hökmürowanlyk tagtynda oturan wagtynda edil kuýaşyň
şöhlesi ýaly, onuň adalat nurlary hemme ýere baryp
ýetipdir.
Nazm
1
Asyl nusgada: «Kim dogany üçin çukur gazsa, oňa onuň özi düşer».
120
Hem kalby aňlydy hem güýçli eli,
Şu ikisi bolsa tagta çykmaly.
Emma käbir kitaplarda şeýle maglumatlar hem göze
ilýär: ol belent mertebeli patyşa şu öwgüli sypatlaryna
garamazdan, baýlyk ýygnamak we toplamak babatda
iki sany nälaýyk ýörelgede, ýagny açgözlükde we
husytlykda yhlas görkezipdir.
Nazm
Sahawat ylmyndan tapmady hormat
Düri berk saklady misli bir sadap.
Hazynasy köpdi göwherden doly,
Emma bir müflis hem görmedi hiç nep.
Şu kitabyň ýazary Muhammet Kasym Perişde bu
barada şeýle diýýär: ol belent mertebeli soltana şular
ýaly häsiýetiň ýöňkelmegi şol döwrüň belli kişileriniň
bahyllygy we ynsapsyzlyklary sebäplidir. Hawa, ol
altyn-zeri gowy görüp jemläpdir, emma olary ülkeleri
eýelemeklige sarp edipdir.
Abu Nasr Müşkäniniň «Makamat» atly kitaby,
şeýle-de Abulfazl Beýhakynyň köp jiltli kitaplary bu
söze şaýatdyr, subutnamadyr. Çünki şeýle bir köp
mukdardaky alymlar, danalar, şahyrlar we goşunlar
onuň dergähinde jemlenip, soltanyň yhsan saçagyndan
haýyrlanypdyrlar welin, beýle ýagdaý örän az patyşa
121
nesip edendir ýa-da nesip etjekdir. Danalar we
akyldarlar bilýändir, beýle ýagdaý dirhem we dinar
bagyş edilmezden miýesser bolmaz. Ol atly-abraýly
adamlary gowy görüpdir, olara engamdyr serpaýlar
beripdir. Kesgitlenen aýlyk haklaryndan daşary hem
her ýyl dört ýüz müň dirhem bagyşlapdyr. Dürli-dürli
mähremlikler we mähribanlyklar bilen ezizläpdir.
Hawa, ýöne iki sany waka ol patyşanyň älemde husyt
ady bilen meşhur bolmagyna sebäp bolupdyr. Olaryň
biri Firdöwsi bilen baglanyşykly kyssadyr, ikinjisine
bolsa, ömrüniň ahyrynda raýatlardan we gurplulardan
alan altyn-kümşi sebäp bolupdyr.
Aýdyşlaryna görä, soltan daşky görk-görmekden
boş bolupdyr. Günlerde bir gün aýnada öz keşbini
görüp, öz keşbinden ýaňa gam-gussa batyp, wezirine:
– Patyşalaryň ýüzüni görmek gözüň nuruny
artdyrýar diýen meşhur düşünje bar. Emma meniň
şekilimi göreniň ezýet çekmejegine geň galmaly –
diýipdir. Onda wezir:
– Keşbiňi müňden biri halamaz, emma gylykhäsiýetiň hemmeleri ýagşylyk bilen gurşap alandyr.
Diýmek, ähli kalplaryň küýsegi bolaryň ýaly ýene-de
ýagşy gylyk-häsiýet bilen gadam urgun – diýipdir.
Bu söz Ýemineddöwlä hoş ýarap, ýagşy gylykhäsiýetini şeýle bir derejede artydyrypdyr welin, atabraýy patyşalaryň ählisinden geçipdir.
Soltan Mahmydyň kakasy emir Nasyreddin
Söbüktegindir, ejesi bolsa Zabulystanyň han-begleriniň
122
biriniň gyzy eken. Şonuň üçin soltan Mahmyda
«Zabully» hem diýlipdir. Firdöwsi şeýle getirýär:
Şygyr
Mahmyt Zabullyň mübärek dergähi bir deňizdir,
Ne deňizdir?! Ini-boýy, gyra-kenary ýokdur.
Deňze girdim, suwa çümdüm, emma tapmadym dür,
Bu bagtymyň günäsidir, deňziň günäsi ýokdur.
Ol üç ýüz elli ýedinji1 ýylda Aşura2 güni agşam
dünýä inipdir. Jürjanynyň «Minhäçes-Syraç» kitabynda
şeýle maglumat berilýär:
Soltan Mahmydyň täleýi yslam dininiň eýesi
Muhammet pygamberiň täleýi bilen muwapyk
bolupdyr. Ol dünýä inmezinden bir sagat öň emir
Nasyreddin Söbüktegin düýş görüpdir. Düýşünde onuň
öýüniň ortarasynda, ojagyndan bir daragt peýda bolup,
şeýle bir derejede belende göterlipdir welin, älem halky
onuň saýasynda ornaşyp bilipdir. Ol oýanyp, onuň
ýorgudynyň pikirini edip durka, birden bir buşlukçy
gelip, Mahmydyň dünýä inendigini söýünjiläpdir. Emir
Nasyreddin Söbükteginiň bagtyýarlyk daragtynda
şatlyk gülleri açylyp, ol öňi ajap, soňy sagadatly
düýşden arkalanypdyr we umyda beslenipdir hem-de
1
Awfynyň «Jawamygul hekaýatynda» 361-nji ýylyň Aşyr aýynyň onuna
Sogapgüni dünýä inýär diýlip, maglumat berilýär.
2
Aşura – Aşyr aýynyň ony. Şol gün Ymam Hüseýin şehit bolupdyr.
Aşura güni Allatagala Ýeri, dag-derýalary ýaradypdyr, ençeme pygamberiň
tobasyny kabul edipdir. Pyrgun şol gün gark bolupdyr, Muhammet pygamber
şol gün dünýä inipdir, kyýamat hem şol gün gopmalymyş.
123
ýaňy dünýä inen perzendine Mahmyt diýip at goýupdyr. Köp wagt geçmänkä-de, onuň ykbal nahaly
şeýle bir görnüşde saýa salyp ugrapdyr welin, ýer
ýüzüniň ilaty onuň saýasynda saýalapdyr. Bu
maglumatyň subutnamalarynyň biri-de Firdöwsiniň
«Şanamasydyr».
Beýt
Beýik soltan Mahmyt şanyň döwründe
Goýun, möjek bile gelýärler suwa.
Çaga ene süýdün emen badyna
Mahmyt diýip bakýar, gör, sallançaga.
Emir Nasyreddin Söbüktegin hut şol ýyllarda şol
perzendiniň şükranasyna hindileriň Sudre1 arygynyň
boýunda ýerleşen buthanasyny weýran etdi. Şeýlelikde,
Mahmydyň täleýiniň din eýesi Muhammet pygamberiň
täleýi bilen muwapykdygy hakykat boldy2.
Mahmydyň tagta çykan ilkinji ýylynda Sistanda edil
bir daragt şekilinde sap gyzyl magdany ýerden ösüp
çykdy. Gazdyklaryça ondan sap altyn çykýardy. Ol iki
sütün bolup, ösüp sekiz geze ýetdi. Ol şol durşuna
1
Bu aralygyň nirede ýerleşýändigini anyklap bolmady, ýöne bu at soň
dakylan türkmen adyna meňzeýär, ähtimal «Sudre» däl-de, «Suwdere» bolsa
gerek.
2
Bu ýerde Muhammet pygamber bilen baglanyşykly rowaýat
ýatlanylýar. Muhammet pygamber dünýä inende, Sasanlylar döwletindäki
«Taky Kesra» atly eýwanyň on dört sütüni ýykylypdyr. Soň hem pygamberiň
özi Mekgedäki butlary agdarýar.
124
saklanyp, soltan Mesgudyň döwründe ýer titremegi
bilen ýom-ýok boldy.
Soltan Mahmyt dogany bilen bagly işlerden
boşaşandan soň, Balha ugrady. Ol özüniň Horasanyň
emirler emiri derejesiniň Bektuzuna tabşyrylandygy
sebäpli Buhara – emir Mansuryň ýanyna ilçi iberip,
ynjandygyny duýdurdy. Ol bolsa:
– Saňa Balhyň, Termiziň we Hyradyň emirligini
berdik. Emma Bektuzun bu döwletiň belli bendesidir.
Hiç bir sebäpsiz onuň işden boşamagyna buýruk
bermek ýerlikli däl – diýip jogap berdi.
Soltan Mahmyt bu jogapdan soň Abulhasan
Hamawyny1 köp sowgat-serpaýlar bilen Buhara
ugradyp, emir Mansura:
– Sizden towakga şeýle, dostluk we yhlas
çeşmesiniň gözbaşyna ähmiýet bermän, ony
bulandyryp hapalamaň. Şeýle-de atamyň we meniň
Samanly nesilşalygynyň öňündäki bar bolan
hukugymyzy depelemesinler, goý ülpetlik, dostluk
riştesi üzülmesin hem-de tabynlyk we boýun sunujylyk
binamyz ýykylmasyn – diýip, habar iberdi.
Abulhasan Hamawy Buhara baryp ýetende, emir
Mansur oňa wezirlik derejesini berip, öz ýanynda
saklady hem-de habara jogap bermegi ünsden düşürdi.
Soltan Mahmyt mejbury Nyşapura ugrady. Bektuzun
onuň ugrandygyndan habarly bolan badyna şäherden
çykyp, bir tarapa gitdi hem-de Buhara arznama iberip,
1
Asyl nusgada hemme ýerde «Jemewi» görnüşinde gelýär.
125
ýagdaýy beýan etdi. Emir Mansur ýaşlygy sebäpli
men-menlik edip, goşun toplap, Horasana ýöriş etdi.
Sarahsa çenli hiç ýerde saklanmady.
Soltan Mahmyt emir Mansuryň öz öňünde durmaga
kuwwatynyň ýokdugyny bilse-de, käýinilmeginden we
gadyr bilmezlik bilen betnam bolmagyndan howatyr
edip, Nyşapury oňa goýup, Murgaba gitdi. Şonda Bektuzun Faýygyň ugrukdyrmagy bilen emir Mansura
biwepalyk edip, ony tutdy we gözüne mil çekip, onuň
kiçi ýaşly dogany Abdylmeligi tagtda oturtdy. Soňra
soltan Mahmytdan gorkusyna Merwe gitdi. Soltan
Mahmyt ony yzarlap, Merwe geldi. Bektuzun bilen
Faýyk onuň garşysyna çykyp, jeň etdiler. Gadyr
bilmezlikleri olaryň ahwalyny terse öwrüp, ýeňiş
şemaly soltan Mahmydyň baýdaklarynyň üstünden
öwüsdi. Faýyk Abdylmäligi alyp, Buhara tarap ýüz
öwürdi, Bektuzun bolsa, Nyşapura gaçdy. Ol birnäçe
wagtdan soň, ýene-de Buhara gelip, pytran leşgerleri
ýygnamaga girişdi. Tötänden, şol wagtlarda Faýyk
hassalap, Hakyň çakylygyny «lepbeý» diýip, kabul
etdi.
Ilek han Kaşgardan Buhara ýöriş edip, Abdylmäligi
we onuň neberelerini köki-damary bilen ýok etdi.
Şeýdip, ýüz ýigrimi sekiz ýyl dowam eden Samanly
nesilşalygynyň döwleti tamamlandy.
Soltan Mahmyt garaşsyz halda Balhyň we
Horasanyň hökümetini dolandyrmaga meşgul boldy.
Onuň döwletiniň dabarasy älem etraplaryna we
welaýatlaryna ýaýrandan soň, Bagdadyň halypasy
126
Kadyr Billä Apbasly öň hiç bir halypa tarapyndan hiç
bir patyşa iberilmedik bir gymmatbaha halat iberip, oňa
Eminelmille we Ýemineddöwle diýen lakamlary bagyş
etdi.
Mahmyt üç ýüz togsanynjy ýylyň Boş aýynyň
ahyrlarynda Balhdan Hyrada, Hyratdan hem Sistana
gidip, ol ýeriň häkimi Hanap1 ibn Ahmedi özüne tabyn
edýär we soňra Gazna gelýär. Hut şol döwürlerde hem
Hindistana ýöriş edip, birnäçe galany basyp alýar.
Soňra yzyna dolanyp gelip, edil öňküsi ýaly adyllyk we
adalatlylyk düşegini ýer ýüzüne giňden ýaýýar.
Şeýlelikde, oňa bolan dostluk-söýgi uly-kiçiniň ýüreklerinde orun tapýar.
Ilek han Mawerannahry bir demde Samanly
nesilşalygyndan arassalap, soltan Mahmyda ýeňiş
namasyny ugradyp, ony Horasan ýurduny eýelänligi
bilen gutlaýar. Şoňa görä-de, iki patyşanyň arasynda
dostluk we birlik binasy doly berkidilýär. Soltan Mahmyt hadysçy ymamlardan bolan Abuttaýýyp Sähl ibn
Süleýman Suglukyny2 ilçi edip, Ilek hanyň gaşyna
iberýär hem-de onuň päk gyzlaryndan bir hormatly
gyzyň özüniň nikasyna girizilmegine meýil edýär.
Soltan Mahmyt Abuttaýýyp Sähl ibn Süleýman Suglukydan Hindistandan getirilen çensiz-çaksyz nepis
sowgatlar: gymmatbahaly ýakutlardyr lagllar, dür,
merjen we merwerit düzümlerini, anbar monjuklary,
kafur we beýleki hoşboý ysly zatlardan doly bolan
1
2
Asyl nusgada: «Halyf».
Abuttaýýyp Sähl ibn Süleýman Sugluky hadysçy alymlaryň biridir.
127
altyn-kümüş gap-gaçlar, ud daragtlary, taply gylyçlar,
lowurdysy görenleriň gözüni gamaşdyrýan, göwherler
bilen bezelen çekiler we lybaslar bilen bezelen söweş
pilleri hem-de eýerli we uýanly ýyndam atlar iberdi.
Ymam Abuttaýýyp Sähl Türküstan diýaryna
ýetende, ol ülkäniň ilaty Ilek hanyň hökümine
laýyklykda, ony hormatlamak we sarpasyny
götergilemek babatda ýokary tagallalar etdiler.
Türküstanyň ilatynyň köpüsi-de Ilek hanyň mübärek
döwründe musulman bolupdy.
Ymam Abuttaýýyp Uzkentde1 tä nika işleri doly
tamamlanýança
saklanýar.
Soňra
Türküstan
«deňzinde» guwwaslyk edip ele salan «dürri ýetimini»2
alyp, ol welaýatda sowgat berlen dürli nepis we ajaýyp
zatlar: sap-arassa altyn-kümüşler, Hytaý kenizleri,
Hotan aý ýüzlüleri, kakum3 we samyr derileri we
beýleki gymmatbahaly zatlar bilen yzyna dolanýar
hem-de ýumşy ýerine ýetirip, soltan Mahmydyň
hyzmatyna gelýär. Ol ýerine ýetiren mynasyp
hyzmatlary üçin şalara mynasyp dürli-dürli sylagsarpalara eýe bolýar. Ondan soň uzak wagtlap soltan
Mahmyt bilen Ilek hanyň arasynda dostluk-doganlyk
1
Asyl nusgada säwlik bilen «Awurkent» görnüşinde berlipdir.
Dürri ýetim – taýsyz dür, ýeke-täk merjen, dür, bu ýerde gyz
manysynda gelýär.
3
Kakum – samyra meňzeş kiçijik haýwan. Zamahşary «Mukaddamatul
edep» atly kitabynda ony «as» diýip, agzap geçýär. Ol syçandan ulurak
bolup, reňki ap-akdyr. Guýrugy kelte we guýrugynyň ujy garajadyr. Onuň
derisi örän ak we nepis-näzik bolup, ondan possun tikýärler.
2
128
dowam etdi. Ahyrynda bolsa zamananyň «ala» gözi we
göripleriň şugulçylygy bilen dostluk ýoly bulaşyp,
doganlyk duşmançylyga öwrüldi. Allanyň ýardam
bermegi bilen ol wakalar yzda beýan ediler.
Soltan Mahmyt: «Soltanlygyň möhüm işlerinden
boşaşanymdan soň, ýyllarboýy Hint diýaryna gidip,
gazawat we jyhat dessurlaryny berjaý ederin» diýip,
aýdan sözüne laýyklykda, üç ýüz togsan birinji hijri
ýylynyň Baýram aýynda ýene-de Gaznadan Hindistana
ýöriş edip, on müň atly bilen Peşawere geldi. Çipal on
iki müň atly, otuz müň pyýada we üç ýüz sany söweş
pili bilen onuň garşysyna çykyp, jeň meýdanyny
tertipleşdirdi. Üç ýüz togsan ikinji ýylyň Aşyr aýynyň
sekizine Başgüni jenneti topar bilen dowzahy topar
biri-biri bilen garpyşyp, batyrgaýlyk şertlerini berjaý
etdiler. Soltan Mahmyt ýeňiş we üstünlik gazanyp
«Gazy» lakamyna eýe boldy. Çipal özüniň on bäş sany
ogullarydyr ýakynlary bilen ýesir düşdi, bäş müň hindi
söweşde öldürildi. Köp oljalar ele düşdi, şol sanda
ýokarda agzalan ýesirleriň boýunlaryndaky göwher
bilen bezelen on alty sany boýunbag (monjuk düzümi)
soltanyň nazaryna ildi. Hindi dilinde oňa «mala» diýilýärdi. Baha-nyrh kesijiler bir sany aýratyn
boýunbagyň bahasyny ýüz segsen müň dinar diýip
ykrar etdiler1.
Soltan Mahmyt Peşawerden Pehende2 galasyna
gidip, ony hem eýeledi. Bahar möwsümi
1
2
Bu monjuk düzümi hut Çipalyň özüne degişli boýunbagdyr.
Bu galanyň ady asyl nusgada «Pethende» görnüşinde hem gelýär.
129
ýakynlaşypdy. Çipal we beýleki ýesirler paç-hyraç
bermegi kabul edensoň, soltan Mahmyt olara aman
berip goýberdi. Soltan Mahmyt owganlylaryň
ulularyndan örän köpüsini gyryp, bir toparyny bolsa
özüne nöker edip, Gazna dolandy.
Aýdyşlaryna salgylansaň, hindileriň ynanjyna görä,
her bir raja musulmanlardan iki gezek ýeňilse ýa-da
ýesir düşse, soltanlyga mynasyp hasaplanmandyr we
onuň günäsi otsuz päklenilmeýär diýlipdir. Şoňa göräde, Çipal öz ogly Anandpaly mirasdüşer edip, özüni
oda oklap ýanypdyr.
Soltan Mahmyt üç ýüz togsan üçünji ýylyň Aşyr
aýynda ýene-de Sistana gidýär we bu gezek Halap1
Gazna getirýär. Soňra ýene-de köňlünde Hindistana
gitmek höwesi döräp, üç ýüz togsan bäşinji ýylda
Bahatyýa ülkesine (şäherine) tarap hereket edýär hemde Multan sebitlerinden geçip, ol şäheriň daşynda
düşleýär. Ol şäheriň belent gala diwary bolup, ondan
uçar guş hem uçup geçip bilmeýärdi. Daş-töwereginde
bir hendegi bardy welin, edil umman ýaly giňdi we
çuňdy. Ol ýeriň rajasyny ady Beçrady2. Ol özüniň
esgerleriniň
we
pilleriniň
köplügine
diýseň
baýrynýardy hem-de emir Nasyreddin Söbükteginiň
Hindistanyň serhedinde bolýan emirlerine boýun
bolmaýardy. Ol edil şonuň ýaly Çipala-da şerte laýyk
boýun bolmaýardy. Soltan Mahmyt ony dep etmek
1
Asyl nugada: «Hanyf».
Asyl nusgada: «Behiraw». Іň «Bejiraw» görnüşinde gelýärdi.
«Tabakaty Ekberide» «Behira» görnüşinde berlipdir.
2
130
üçin onuň üstüne leşger çekende, ol öz goşunyny
jemläp, yslam leşgeriniň öňünde sap çekip durdy. Iki
tarapyň arasynda yzy üzülmezden üç günläp, uruş
boldy. Emma ýeňlen we üstün çykan belli bolmady.
Yslam esgerlerine tasdanam zamananyň «ala» gözi
degipdi. Şol sebäpli hem dördünji gün soltan öz leşgeriniň arasynda: «Şu gün soltanlyk söweşi bolar.
Şonuň üçin nökerler we beýleki esgerler1, ýigitler we
garrylar gazawat etmäge taýýar bolup, söweş
meýdanyna ýüz öwürmeli» diýip, jar çekdirdi. Raja
Beçra musulmanlaryň gaýduwsyz ýörişinden habarly
bolup, buthana girýär we özüniň «hudaýyndan»
ýardam dileýär. Soňra hindilere ýaraglar bilen üpjün
bolmagy buýurýar hem-de sansyz ýarag-esbap we
dabara bilen şäherden çykyp, söweş meýdanyna
ugraýar.
Yslam emirleri uruş we söweş ýaraglaryny ellerine
alyp, sagdan-soltan kapyrlaryň üstüne hüjüm etdiler.
Olar çäş wagtyndan tä gün günortadan agýança jeň
etdiler, zarba urdular. Iki tarapdan hem ölenleriň sany
ummadan aşyp, depeler döredi. Emma hiç tarapda-da
ejizlik we gowşaklyk alamatlary göze ilmeýärdi. Soltan
Mahmyt Ezeli Perwerdigäriň dergähine ýüz tutup,
penakär pygamber hezreti Muhammediň (Oňa we onuň
1
Asyl nusgada: «Goşunyň adamlary, nökerler we nöker däller, juwan we
garry ...». Soltan Mahmydyň goşunynda onuň özüniň hakyna tutan düzgünnyzamly goşunyndan başga-da, söweşip, olja almak niýeti bilen üýşen dürli
taýpalardan düzülen goşunlar hem bolupdyr. Olaryň özleriniň aýratyn
serdarlary bolsa-da, ýörişe gitjek bolsa, söweş wagtynda soltana doly tabyn
bolmaly bolupdyrlar.
131
neberesine Allanyň salamy we salawaty bolsun!) päk
ruhlaryndan ýardam diläp, merkezdäki goşun bilen hut
özi kapyrlaryň merkezine zarba urdy. Olaryň merkezi
toparyny pytradyp, gaçmaga mejbur etdi. Beçra1
ýeňlen leşgeri bilen galada penalanýar. Soltan Mahmyt
galany gabap, hendegi gömmeklerine buýruk berýär.
Hendegiň gum, daş we ot-çöp bilen gömülip
gutarylmagyna az galanda, Beçra haýran bolup,
howsala düşüp, öz leşgerini soltanyň garşysynda
goýup, agşamara özüne degişli birtopar adam bilen
galadan çykyp gaçýar hem-de Sint suwunyň
töwereklerindäki jeňňelleriň birinde penalanýar. Soltan
Mahmyt bu ýagdaýdan habarly bolup, yslam
goşunyndaky edermen ýigitleriň bir toparyny onuň
yzyndan kowmak üçin belleýär.
Söweş jeňňeliniň şirleri jeňňellikde ýaňky gorkak
«sygryň» daşyny gurşap alanlarynda, onuň gaçara ýeri
galmaýar. Onsoň hanjar çekip, özüniň kineden doly
kükregini öz eli bilen ýarýar. Belent mertebeli gazylar
onuň başyny soltan Mahmydyň gaşyna ugratdylar
hem-de gaýgyruwsyz gylyçlaryny onuň tabynlarynyň
depesinden inderip başladylar, köp kişini gyrdylar.
Soltan Mahmyt iki ýüz segsen söweş pili, köp sanly
oljadyr ýesir ele düşenden hem-de şäher bilen oňa
1
Bu at golýazmada käte Beçraw, käte Beçra, Behiraw we Bejiraý
görnüşinde hem duş gelýär. Bu söz hindiçe «Bajiraý», «Baçra» görnüşinde
duş gelip, sözüň ikinji bölegi, ýagny «ra» ýa-da «raý» sözi «şa» diýmegi
aňladýar.
132
degişli ýerler özüniň ülkesine goşulandan soň, ýeňiş
we üstünlik bilen Gazna dolandy.
Soltan Mahmyt üç ýüz togsan altynjy ýylda
Multany eýelemek maksady bilen leşgerlerine
ýygnanmak barada perman berdi.
Multanyň öňki häkimi Şyh Hamyt Ludy emir
Nasyreddin Söbüktegin bilen yhlas we dostluk ýoluny
berk tutup, mynasyp hyzmatlar edipdi. Ondan soň onuň
tagta çykan agtygy Abulfath Dawut ibn Nasy:r ibn Şyh
Hamyt ilkibaşda atasynyň ýörelgesine amal edip, özüni
soltan Mahmydyň
hyzmatkärleriniň hatarynda
hasaplasa-da, yslam leşgeri Bahatyýa1 şäherini
gabamaga meşgul bolan wagtynda ondan akyla
sygmajak işler ýüze çykyp, nälaýyk işleriň öýjügine
öwrülipdi. Onuň özi malahydalardandy2. Soltan
Mahmyt şol ýyl oňaýly wagt däldigi üçin bu ýagdaýa
göz ýumup, oňa hiç zat diýmändi. Soňky ýyl bolsa ar
almaga ugrady.
«Zeýnel ahbarda» getirlişine görä, soltan onuň bu
işden habarly bolmazlygy üçin ters ýol bilen ýola
rowana bolýar. Onuň ýol ugrunda ýerleşen Anandpal
ibn Çipal onuň ýoluna böwet bolýar. Emma ýeňlip,
Keşmire tarap gaçýar.
Elfiniň3 maglumatlarynda getirlişine görä, Abulfath
soltan Mahmydyň ýörişe ugrandygyny eşidensoň,
1
2
Asyl nusgada «Bahatypa».
Malahyda – ysmaýyllylar; bu sözüň dinsiz, dinden çykan diýen manysy
3
Bu ýerde «Taryhy Elfi» kitaby göz öňünde tutulýar.
bar.
133
howsala düşüp, Anandpaly soltanyň niýetinden
habardar edýär we ondan kömek soraýar. Anandpal
oňa kömek bermegi ýüregine düwüp, Lahordan Peşawere gelip, emirleriniň bir toparyny soltan Mahmydyň
ýörişine böwet bolar ýaly onuň geçjek ýoluna
ugradýar. Soltan gazap oduny ýakyp, leşgerine
Anandpal bilen söweşmegi we onuň ýurduny
tozdurmagy buýurýar. Olar Anandpalyň batyrlyk
baýdagyny parladyp gelen emirlerini gahar we gazap
tygy bilen garşyladylar hem-de olary pytratdylar.
Anandpal bu ýagdaýdan habar tapan badyna gaçmaga
ýüz goýdy. Soltanyň leşgeri onuň yzyndan kowup,
Sudra sebitlerindäki Çenap suwunyň kenaryna gelýär.
Anandpal gorkup, Keşmir daglaryna gaçýar. Soltan
onuň yzyndan kowman, Pethende1 ýoly bilen Multana
tarap ugraýar. Aslynda onuň bu ýörişinden esasy
maksady-da Multany basyp almakdy. Abulfath Dawut
Hindi patyşalarynyň öňbaşçysynyň başyna nämeleriň
düşendigini görensoň, garşylaşmagy makul bilmän
galada penalanypdy. Ol ejizlik we ýalbaryş gapylaryny
giňden açyp, her ýyl ýigrimi müň gyzyl we sap dinar
bermegi hem-de şerigat hökümlerine boýun bolup,
mülhitlik (dinsizlik) mezhebinden ýüz öwürmegi äht
etdi. Soltan Multany ýedi gün gabandan soňra, şu
ähtnama bilen ylalaşyk baglaşyp gaýtmaga taýýarlanyp
ýörkä, Hyradyň häkimi Arslan Jazybyň ýanyndan ilçiler gelip Ilek hanyň leşgeriniň çozup gelip, eden
1
Bu galanyň ady asyl nusgada: «Pehende» görnüşinde hem gelýär.
134
harapçylygy barada habar berdiler. Soltan Mahmyt
öňküdenem beter gyssanyp, Pethendäniň dolandyryş
işini Sikhpala tabşyryp, Gazna gaýdýar. Sikhpal hindi
rajalarynyň biriniň ogludy. Ol Peşawerde Abu Aly
Simjurynyň eline ýesir düşüp, musulman bolupdy. Oňa
Ab Başanyr diýýärdiler.
Ilek han bilen bolan wakalaryň beýany şeýledir:
Soltan Mahmyt bilen Ilek hanyň arasyndaky
dostluk-doganlyk gatnaşygy uzak wagtlap dowam etdi,
gaýyn-giýewilik söýgüsi has-da mäkämleşdi. Ahyry
beýan edilişi ýaly, bozuklaryň bozuklygy we göripleriň
şugulçylygy zerarly bu dostluk duşmançylyga öwrüldi.
Soltan Mahmyt Multana tarap hereket edip, Horasan
ülkesi şir ýykyjy batyrlaryň haýbatyndan boşap galanda, Ilek han pursaty ganymat bilip, ülkeleri basyp
almagyň kül-külüne düşdi. Onsoň ol goşunbaşysy
Syýawuştegini köp sanly goşun bilen Horasana
ugratdy. Japartegini1 bolsa, paýtagt Balha şihne edip
belledi. Hyradyň häkimi Arslan Jazyp bu ýagdaýdan
habarly bolup, paýtagty goramak üçin Hyratdan Gazna
ugrady. Horasanyň ulularynyň birtopary soltan
Mahmydyň uzak wagtlap bolmandygy we her hili
toslama myş-myşlaryň ýaýrandygy sebäpli Ilek hana
tabyn bolmak ýoluny saýlap aldylar. Soltan Mahmyt
Gazna gelip ýetenden soň, edil tolkun atýan umman
deýin haýbatly goşun we köp sanly leşger jemläp,
Balha ugrady. Japartegin soltan Mahmydyň ýörişinden
1
Ähtimal bu at Çagrytegin bolsa gerek. Sebäbi ol döwürde Ilek hanyň
ilatynyň esasy bölegi türkmen bolup, türkmen atlaryny göterýärler.
135
habar tapan badyna Balhdan Termize gaçdy. Ahmet
Jazyp soltan Mahmydyň buýrugy bilen Syýawuşteginiň
üstüne ýöriş edip, Hyratdan çykyp Mawerannahra
ugrady. Ilek han Çyn patyşasy Kadar handan medet
diledi. Kadar han bäş müň kişi bilen Ilek hana ýardam
bermäge ugrady. Ilek han arkalanyp, onuň bilen bile
Jeýhun suwundan geçdi. Balhyň dört parsahlyk
golaýyna gelip, soltan Mahmydyň leşgeriniň
garşysynda düşledi. Soltan Mahmydyň hut özi ýeňiş
nyşanly goşunyň hatarlaryny düzüp, goşunyň
merkezini özüniň kiçi inisi, Jürjanyň häkimi emir
Nasyreddine, Abu Nasr Faryguna we Abdylla Taýa
tabşyrdy. Sag ganaty Altyndaş Hajyba, çep ganaty
Arslan Jazyba hem-de owgan we halaç emirlerine
tabşyryp, bäş ýüz sany dag sypat pili olaryň öňünde
ýerleşdirdi. Beýleki tarapdan Ilek hanyň hut özi
goşunynyň merkezinde ýerleşip, Kadar hany sag
ganata, Japartegini çep ganata belledi. Şondan soň iki
goşun edil iki sany simap deňzi kimin biri-birlerine
tolkun atyp ugradylar. Atlaryň owazy bilen pelegiň
gulagyny ker etdiler. Ulaglaryň toýnagynyň çaňyndan
älem giňişligini garaňky gijä öwürdiler. Hüjüm şemaly
bilen söweş ody alawlap ugrady. Taply gylyçlaryň we
şugla saçyjy naýzalaryň aryk arçamasyndan ýaňa
batyrlaryň gyrmyzy gany söweş meýdanynyň gara topragyna bulaşdy. Ilek han aýratyn şahsy gulamlaryndan
düzülen toparlary bilen öz sapyndan öňe çykyp,
garpyşyp, tutda-basa meşgul boldy. Soltan Mahmyt
Ilek hanyň türkmenleriniň gaýduwsyzlygyny görüp,
136
atyndan düşdi hem-de nala we doga-dileg bilen ýüzüni
topraga berip, hezreti Züljelalyň dergähinden üstünlik
we ýeňiş diledi, nezir we sadakalar bermegi özüne
wajyp etdi. Soňra Taňrynyň tükeniksiz keremine bil
baglap, dag ýaly mes pile atlanyp, Ilek hanyň
leşgeriniň merkezine hüjüm etdi. Birden, Taňrynyň
enaýaty bilen soltan Mahmydyň pili ilki bilen Ilek
hanyň baýrakçysyny1 holtumyna dolap, howa atyp
goýberdi. Ondan soň ýüzüni türkileriň (türkmenleriň)
hataryna öwrüp, sansyz halky heläkçilik ülkesine
gapgardy. Hut şol pursat hem soltan Mahmydyň
goşunynyň batyrlary soltanyň taýsyz Kadyryň enaýaty
bilen edil mes pil deýin duşmanyň üstüne hüjüm edýändigini görüp, biygtyýar, sagdan-soldan bary birden
topuldylar. Gaýgyruwsyz gylyjyň zarby we jan alyjy,
aýawsyz naýzanyň urgusy bilen türkileriň durmuş
köküni köwläp başladylar. Ahyry Ilek han bilen Kadar
han öz janlaryndan umyt üzüp, müň hile bilen söweş
meýdanyndan çykyp, edil ýyldyrym deýin süýnüp
gaçdylar. Jeýhun suwundan geçip, tä öz ülkesiniň uzak
çetlerine ýetýänçä hiç ýerde atlarynyň uýanyny
çekmediler. Olar şondan soň Horasany eýelemek
pikirini köňüllerine-de getirip bilmediler.
«Taryhy Ýeminide» şeýle getirilipdir:
Ýemineddöwle soltan Mahmyt Ilek han ýeňlip
1
Baýrak – baýdak. Іňler türkmenleriň arasynda baýdaga «baýrak» hem
diýlipdir. Onuň hem esasy sebäbi ýygnanyşykda sylag, baýrak alanlarynda
ony köpçülige we janköerlerine görkezmek üçin depelerinde götererler eken.
Şeýlelikde baýrak bilen baýdak sözi birmeňzeş manyda hem ulanylypdyr.
137
gaçandan soň ony yzarlap ugrady. Ol wagt gyş
paslydy. Ol sebitleriň sowugy tutuş leşger tap edip
bilerden örän zyýadady. Emirleriň köpüsi bu ýagdaýa
razy däldiler. Emma soltan Mahmydyň hut özüniň hem
bu babatda çynlakaý tagalla edýändigi üçin bialaç iki
göç (menzil) olaryň yzyndan gitdiler. Üçünji gije,
sährada galyň gar ýagyp, çapgyn aýaz boldy. Soltan
üçin bir bargäh dikip, köp sanly ojaklar häzirläp, ot
ýakdylar welin, mejlisiň adamlarynyň köpüsi yssydan
ýaňa gyş eşiklerini çykarmak islediler. Şol pursatda
masgarabaz1 gelip girdi. Soltan degşip:
– Eý, masgarabaz, bar daşary çyk hem-de sowuga:
«Seniň munça jan etmäň nämeden, biz munda yssydan
ýaňa eşigimizi çykarara ýakynladyk» diýgin – diýdi.
Masgarabaz şobada daşary çykyp, ýene-de içeri girdi
hem-de edep zeminini öpüp, aýtdy:
– Soltanyň habaryny sowuga ýetirdim. Ol: «Meniň
soltanyň we onuň ýakynlarynyň synyna elim
ýetmeýänem bolsa, şu gije gullukçylara we nökerlere
şeýle bir hyzmatkärlik etjekdirin welin, ertir hezreti
Soltan we onuň ýakynlary öz atlaryny özleri timarlar
we bizden onuň mübärek hatyrlaryna hiç bir gubar
ornaşmaz» diýdi.
Soltan şol wagt bu sözi daşyndan degişme diýip
geçirse-de, içinden bu ýörişinden puşman edip, yzyna
dolanmagy karar etdi.
1
Asyl nusgada: «Delçek». Bu söz ähtimal «dälijek», «dälijik», «dälişge»
diýen sözüň az-kem üýtgän görnüşindedir. Çünki masgarabaz hem dälişge
diýen manydadyr.
138
Birden hut şol agşam Hindistan tarapdan: «Ab Sara1
mürtet bolup, dinden dönüp, ýene-de özüniň asylky
dinine geçdi hem-de ülkäniň soltandan boşdugyny
görüp, soltanyň emeldarlaryny, häkimlerini ol diýardan
çykaryp kowdy» diýip, habar getirdiler. Şonuň üçin
Soltan aladaňdandan ýöriş uýanyny Hindistana tarap
burup, göçme-göç, menzilme-menzil ýola rowana
boldy. Hindistanda mülkleri bolan emirleri öňünden
gyssanmaçlyk bilen ýola saldy. Olar Ab Sarany tutup,
dergähe getirdiler. Soltan Mahmyt ondan dört ýüz müň
dirhem alyp, özüniň hazynaçysy Tegine berdi, ony
bolsa tussag etdi. Ol şol ýerde-de dünýäden ötdi.
Soltan Mahmyt şobada ol ýerden uýanyny öwrüp,
Gaznada rahatlyk düşeginde gyşardy.
Soltan Mahmyt üç ýüz togsan dokuzynjy hijri
ýylynda Multany eýelemäge baran wagtynda
biýedeplik edendigi üçin Anandpala «edep» we temmi
bermek maksady bilen goşun jemläp, Hindistana ýöriş
etdi. Bu habary eşidenden Anandpalyň içinden otly
tütün çykyp, Hindistanyň raýlaryndan kömek diledi.
Musulmanlaryň dep edilmegini özleriniň derejeleriniň
ösmegine esas diýip düşünensoňlar, Hindistanyň we
onuň etraplarynyň ähli rajalary hatda Ujynyň, Guwalýaryň, Kälenjeriň, Kunnujyň, Deliniň we Ejmiriň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 08
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.