Latin

Ybraýymyň Gülşeni I - 12

Total number of words is 3720
Total number of unique words is 1745
30.5 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetdi. Bu kesel köp yklymlara ýaýrap, bir aýdan azrak
wagtyň içinde, Yspyhanda kyrk müň adam heläkçilige
uçrapdyr. Hindistanyň köp şäherlerinde we obalarynda
ekarançylyk we beýleki dürli işleri edere adam
tapylmandyr. Bagdat sebitlerinde, Mosulda we
Jürjüstan1 welaýatynda mama keseli şeýle bir uly derejede ýaýrapdyr welin, mama zerarly iki ýa üç adamy
ölmedik ýekeje maşgala hem bolmandyr.
425-nji ýylda soltan Amula we Sara tarap ugraýar.
Bu diýaryň adamlary birleşip, söweşe häzir
bolupdyrlar. Gazna leşgeri üstünlik we ýeňiş
gazanansoň, Tabarystanyň emiri Abakalyjar2 ilçiler
iberip, soltan Mesgudyň adyna hutba okatmagy kabul
edýär hem-de öz ogly Bähmeni we doganynyň ogly
Şiruýe3 ibn Surhaby girew edip iberýär. Emir Mesgut
ol ýerden Gazna tarap ugraýar we Nişapura gelip
ýetýär. Bu ýeriň ilaty Seljuk türkmenleriniň elinden
şikaýat edýärler. Soltan Mesgut Bekdogdyny we
Hüseýin ibn Aly Mikäli agyr goşun bilen olaryň üstüne
iberýär. Haçanda goşun Sependanakan4 diýen ýere
ýetenlerinde, türkmenler tarapyndan ilçi gelip,
aşakdaky mazmunda habar getirýär: «Biziň özge bilen
1
Çak edilşine görä, Gürjüstan bolsa gerek.
Asyl nusgada: «Ebakalenjar».
3
"Zeýnel-ahbarda" Şehru.
4
"Zeýnel-ahbarda" hem şeýle. Asyl nusgada: «Şebidulfak».
2
224
işimiz bolmaz ýaly we özgäniň bize azary ýetmez ýaly,
öri meýdanlarymyz belli edilen ýagdaýynda, biz
dergähe tabyndyrys we bendediris». Bekdogdy ilçiler
bilen gödek gürleşip:
― Tä boýun egýänçäňiz we ýaramaz işlerden el
çekýänçäňiz hem-de soltan Mesgudyň ýanyna kişi
iberip, meniň sizden el çekmegim barada, meniň adyma
bir nama getirýänçäňiz, siziň we biziň aramyzda
gylyçdan başga ylalaşyk bolmaz – diýip, jogap berýär.
Türkmenler öz ilçileriniň dilinden bu gürrüňleri
eşidensoň, öňe hüjüm edip, gazaply söweşip başlaýarlar.
Emma ýeňlip, uruş meýdanyndan ýeňse berip, gaçyp
başlaýarlar. Bekdogdy olaryň yzyndan kowup, seljuklylaryň maşgalalaryny, aýal-oglan-uşaklaryny ýesir
edip, köp olja ele salýar. Ýöne yzyna dolanan wagtynda,
Bekdogdynyň adamlarynyň olja ugrunda pytrandyklary
sebäpli, türkmenler dag derelerinden çykyp,
Bekdogdynyň goşunyna hüjüm edýärler. Uruş iki gijegündizläp dowam edipdir. Bekdogdy Hüseýin ibn Aly
Mikäle ýüzlenip:
— Bu wagt durmagyň ýeri däl – diýýär. Emma
Hüseýin mäkäm durýar we söweşi dowam etdirip,
türkmenleriň eline ýesir düşýär.
Soltan Mesgudyň leşgeriniň Seljuk türkmenleri
tarapyndan ýeňilmegi
Bekdogdy Nişapura soltan Mesgudyň ýanyna
gaçyp gelýär. Soltan Mesgut gamgyn bolup, 426-njy
225
ýylda Gazna ýüzlenýär. Şu ýagdaý bilen birlikde
Hindistandan Ahmet Ýanalteginiň1 topalaň edendigi
barada hem habar gelip ýetýär. Emir Mesgut hindileriň
serdarlaryndan bolan Natehäni onuň üstüne iberýär.
Olar bir-birleri bilen garşylaşyp, söweşe başlaýarlar.
Natehe öldürlip, onuň leşgeri dagaýar. Bu habar soltan
Mesguda ýetende, ol hindileriň emirler emiri bolan
Tülk (Tülek) ibn Jehleni iberýär. Ol barşyna jeňe girip,
Ahmedi ýeňýär. Ahmet perişan we agyr ýagdaýda
Mansura, Tehte2 we Sinde tarap gidip barýarka, Tülk
ony yzarlap, onuň adamlaryndan kim ele düşse, onuň
gulaklaryny we burunlaryny kesipdir. Ahmet diýseň
howsala düşüp, Sint derýasyndan geçmekçi bolupdyr.
Emma birden güýçli sil gelip, ony gark edýär. Sil onuň
jesedini kenara çykarandan soň, onuň kellesini kesip,
Tülküň ýanyna getirýärler. Tülk bolsa ony Gazna
soltan Mesgudyň ýanyna iberýär.
427-nji ýylda Gaznada, täze köşk gurlup
tamamlanýar. Onuň içinde göwher bilen bezelen altynzer tagt goýýarlar. Şeýle-de ýetmiş man agramy bolan
zerden edilen täji köşgüň ýokarsyndan altyn zynjyrlar
bilen asyp goýýarlar. Soltan Mesgut şol tagtyň üstünde
oturyp, şol asylgy täji başyna geýýär we uly-kiçi
hemme emeldarlary myhmançylyga çagyrýar. Şeýle-de
şu ýylda ol öz ogly Emir Möwduda deprek we baýdak
berip, ony Balha iberýär. Özi bolsa, "Tabakaty Nasyry"
1
Asyl nusgada: «Nabaltegin».
Tehte häzirki Päkistanda, Sindiň Haýdarabat diýen ýeriniň golaýynda
ýerleşen meşhur şäherdir. Bu ýeriň ady köplenç Tete diýlip ýazylypdyr.
2
226
eseriniň ýazarynyň aýtmagyna görä, Sewälegiň
paýtagty hasaplanýan Hansy galasyny basyp almak
üçin, Hidistana tarap leşger çekýär. Bu gala örän
mäkäm bolup, hindiler: «Bu galany yslam
soltanlarynyň hiç biri basyp alyp bilmez» diýip,
ynanýan ekenler.
Hansy galasynyň basylyp alynmagy
Bu galanyň örän mäkäm bolandygy üçin soltan bu
ýere gelip ýetende, örän köp tagalla edip, alty günüň
içinde bu galany basyp alýar hem-de ol ýerden köp olja
ele salyp, ol galany öz ynamdar adamlaryna tabşyrýar.
Soňra ol ýerden Sunpet galasyna ugraýar. Ol galanyň
häkimi Dipal Heri mundan habarly bolup, jeňňellige
gaçyp gidýär.
Sunpet galasynyň basylyp alynmagy
Yslam leşgeri bu galany hem basyp alýar we ähli
buthanalary weýran edip, köp olja ele salýarlar. Soňra
Dipal Heriniň gaçanyny eşidip, ony yzarlap
başlaýarlar. Olaryň ýetip gelýändiginden habarly bolan
Dipal Heri ýeke özi güm bolup, gaçyp gidýär. Beýik
mertebeli söweşijiler onuň leşgerleriniň baryny
gyrýarlar we ýesir alýarlar. Soňra ol ýerden Ramyň
häkimlik edýän deresine tarap ýöriş edýärler. Ram
muny eşidip, Dipal Heriniň baýlyklaryndan köp peşgeş
iberýär we:
227
― Men garry we ýarawsyz bolanym sebäpli, siziň
öňüňizden çykyp, hyzmatyňyza ýetip bilmeýärin –
diýip, habar iberýär. Soltan Mesgut onuň ötünjini kabul
edip, ondan el çekýär. Soňra Sunpetde özüniň uly
emirleriniň birini goýup, eýelän ýurtlarynyň
hemmesini doly hasaba1 geçirýär we özi Gazna tarap
ýola düşýär. Ol Lahora ýeten wagtynda, ogly Mejdudy
ol ýeriň häkimi edip, oňa deprek we baýdak berýär.
Aýaz Hasy bolsa onuň atabegi edip belläp, özi Gazna
dolanýar.
428-nji
ýylda
Seljuk
türkmenleriniň
bozgaklyklarynyň çäresini görmek üçin Balha gidýär.
Türkmenler bu habary eşidip, Balh welaýatyny taşlap,
töwereklere pytraýarlar. Ol ýeriň ilaty:
— Togrul beg ýeňiş alamatly goşunyň ýok wagty,
birnäçe gezek derýadan geçip, musulmanlary öldürip
talady – diýip, arz edýärler. Soltan:
— Öňümizdäki gyşda onuň çäresini görüp, ony
dep ederin we ýazyň başlarynda bolsa Seljuklylary ýok
etmäge girişerin – diýýär. Emirler we naýyplar datpygan edip:
― Seljuklylar iki ýyl bäri Horasandan köp malbaýlyk alýarlar. Olar bu welaýatyň ilatyny biz tarapdan
şeýle bir göwni synyk edipdirler welin, tutuş ilat Seljuklylaryň hökümetine göwün beripdirler. Ilki şu
1
Bu söz asyl nusgada «zabt etdi» görnüşinde gelýär. Bu söz ähli eýelän
ýerlerinde häkimler, salgytçylar we beýleki döwlet emeldarlaryny belläp,
doly ygtyýaryna geçirendigi we her ýylda bermeli salgytlary belländigini
aňladýar.
228
topary (Seljuklylary) dep etmäge başlamak gerek,
soňra başga möhüm meseleleriň ugruna çykyp
başlamaly diýýärler. Edil şol wagt şahyrlaryň biri
aşakdaky iki beýti goşga geçirip, soltanyň arzyna
ýetirýär:
Duşmanlaň garynjady, indi ýylan çykypdyr,
Ýylan bolan garynjaň başyndan tütün çykar.
Mundan artyk duşmana hergiz bermegin aman,
Bil, ýylan ýaşap ýörse, derrew aždarha bolar.
Soltan Mesgudyň täleý ýyldyzy betbagtlyk
çäklerine gelip ýetensoň, bu gürrüňlere üns bermän,
Mawerannahry ele salmak umydy bilen köpri çekip,
Jeýhun
derýasyndan
geçýär.
Mawerannahryň
serdarlaryndan hiç haýsysynyň söweşe çykmandyklary
üçin, ol ülkeleriň köp ýerini gaty arkaýynlyk bilen
basyp alýar. Emma Mawerannahrda bu gyş örän köp
gar we ýagyş ýagyp, Gaznalylar köp kynçylyklara döz
gelmeli bolupdyrlar. Edil şeýle agyr ýagdaýda hem
Çagry beg Dawut Seljukly uruş maksady bilen,
Saragtdan Balha tarap ýöriş edýär. Wezir Hoja Ahmet
ibn Abdyssamat Balhdan şeýle mazmunda hat ýazýar:
«Dawut Seljukly uly goşun bilen Balha tarap gelýär.
Meniň onuň öňünde durup biler ýaly derejede
adamlarym we uruş esbaplarym ýok».
Soltan Mesgut yza dolanmak teblini kakyp, Balha
tarap ýola düşýär. Togrul beg bu pursatdan
peýdalanyp, şanyň yzyndan Gazna gelýär we soltan
229
Mesgudyň atlarydyr düýelerini talap, Gaznalylary uly
namys astynda goýýar. Soltan Balh sebitlerine ýetende,
Dawut ýoluny üýtgedip, Merwe tarap ugraýar.
Soltan Mesgut Balha ýetensoň, öz ogly Möwdut
bilen bilelikde, Çagry beg Dawudy yzarlap
Gowzganana gidýär. Ol ýerde birnäçe adamlar Aly
Kuhandeziden şikaýat edip, soltan Mesgudyň ýanyna
gelýärler. Aly mekir, zalym we ýol urýan talaňçy
galtamandy. Ol şol töwereklerde köp talaňçylyklar edýärdi. Soltan Mesgut ony tabyn bolmaklyga çagyrýar.
Emma ol kabul etmän, öňküsi ýaly halka yza bermek
we adam öldürmek bilen meşgul bolýar. Soňra öz
maşgalasyny we perzentlerini äkidip, şol töwerekdäki
galalaryň birinde penalanýar. Soltan Mesgut onuň
üstüne goşun iberýär. Goşun baryp, ol galany basyp
alýar we Alyny tutup, soltan Mesgudyň ýanyna
getirýärler hem-de dara çekýärler.
Türkmenler soltan Mesgudyň Merwe tarap
hereket edýändigini eşidip, ilçi iberýärler we:
– Biz bende we tabyndyrys. Eger biziň malgaralarymyz we maşgalalarymyz ornaşar ýaly, biziň öri
meýdanymyz belli edilse, biziň özümiz huzuryňyza
baryp hyzmat ederis. Eger şeýle edilse, merhemetden
daş bolmaz – diýip habar berýärler. Soltan Mesgut
olaryň bu haýyşyny kabul edip, olaryň mundan beýläk
ýaramaz işleri etmezlikleri barada ähdi-peýman alar
ýaly bularyň serdary bolan Beýgunyň ýanyna ilçi iberýär we olaryň öri meýdanynyň çäklerini kesgitläp, bu
barada ähdi-peýman baglaşylýar. Soltan Mesgut olar
230
bilen ylalaşyp, ol ýerden Hyrada ýüzlenýär. Ýolda
türkmenlerden bir topary soltan Mesgudyň leşgerine
hüjüm edip, birnäçe adamy öldürip, bir topar zatlary
talapdyrlar. Soltan Mesgut olaryň üstüne bir bölek
goşun iberýär. Bular olaryň ählisini öldürip, olaryň
kesilen kelleleri bilen birlikde, aýallaryny we
çagalaryny ýesir edip, Soltan Mesgudyň ýanyna
getirýärler. Soltan Mesgut olaryň hemmesini eşeklere
ýükläp, Beýgunyň ýanyna iberip:
― Her kim ähdini bozsa boljagy şudur – diýip,
habar iberýär. Beýgu ötünç sorap:
— Biziň bu işden habarymyz ýok. Ol jemagat biz
näme islän bolsak, şoňa hem duçar bolupdyrlar – diýip,
jogap berýär.
Soltan Mesgut Hyratdan Nişapura, ol ýerden hem
Tusa gidýär. Tusuň golaýyna ýetende, türkmenleriň bir
topary öňe çykyp, söweşe girişýärler, emma köpüsi
öldürilýär. Şol wagt hem: «Bawerdiň ilaty öz galasyny
türkmenlere tabşyrdylar» diýip, habar berýärler. Soltan
Mesgut ol galany basyp alyp, ol ýeriň adamlaryny
gyryp, ýene-de Nişapura dolanýar. Ol bu ýyl gyşy şol
ýerde geçirýär.
430-njy ýylyň bahary gelip ýetende, Togrul beg
Seljuklynyň garşysyna Bawerde1 tarap ýola düşýär.
Togrul beg mundan habardar bolup Tezene2 we
Bawerde tarap gaçýar. Soltan Mesgut yzyna dolanyp,
1
Asyl nusgada: «Badawert».
"Zeýnel ahbarda": Nezen "Tabakaty Ekberide": Teren "Taryhy
Mesgudyda": Bersi. Bu ýer ähtimal häzirki Tejen etraplary bolsa gerek.
2
231
Mänäniň ýolundan Saragta tarap ýüzlenýär. Ol Mäne
ilatyny salgyt bermeýändikleri üçin basyp alyp, bir
toparyny öldürýär we ýene bir toparynyň ellerini kesip,
olaryň galalaryny weýran edýär. Ol ýerden
Daňdanakana tarap gaýdýar. Ol bu ýere gelip ýetende,
430-njy ýylyň Oraza aýynyň sekizinde, türkmenler
daş-töwerekden hüjüm edip, Gazna taraplara gidilýän
ýollary baglapdylar. Soltan Mesgut bialaç saplar
düzüp, urşa taýýar bolup durýar. Türkmenler hem
leşgerler düzüp, garşysyna gelýärler. Şeýdip, güýçli
söweş tutaşýar. Şu ýagdaýda hem Gazna leşgeriniň köp
serdarlary ýüz öwrüp, seljuklylaryň tarapyna
geçipdirler. Soltan özüniň mübärek durky bilen uruş
meýdanyna gelip, türkmen serdarlarynyň birnäçesini
gylyç, naýza we gürzi zarby bilen urup ýere ýykýar we
hiç bir patyşanyň etmedik gazaply söweşini edýär.
Birden, entek duşman hataryna girmedik esgerleriň bir
topary hem biwepalyk edip, uruş meýdanyndan ýüz
öwrüp, Gazna tarap gaçyp gidýär. Soltan Mesgudyň
ýanynda hiç kim galmansoň, ol özüniň güýç-kuwwaty
we merdanalygy bilen söweşden çykyp gutulýar. Hiç
kimde onuň yzyndan kowmaga gaýrat tapylmaýardy.
Ýolda onuň goşunyndan birnäçe esger oňa goşulýar.
Olar Gur ýolundan Gazna gelýärler. Soltan Aly Daýa,
Hajyp Subaşy we Bekdogdy Hajyp ýaly uruşman
söweş meýdanyndan gaçan serkerdeleriň baryny tutup,
olaryň malyny döwlet haýryna geçirýär, özlerini bolsa,
Hindistana iberip, galalarda tussag edýär. Olaryň
köpüsi şol ýerlerde tiz wagtdan wepat bolýarlar.
232
Emir Mesgut Seljuk türkmenlerini dep etmekden
ejiz bolansoň, leşgerini Hindistana äkidip, güýç toplap,
soňra türkmenleriň üstüne dökülip, olaryň almytyny
bermek isläpdir. Onsoň ikinji gezek Balhyň emirligini
şazada Möwduda berip, Hoja Ahmet ibn Muhammet
ibn Abdyssamat weziri oňa goşup, ol tarapa iberýär.
Ärtegin Hajyby onuň hajyplygyna belläp, dört müň
adamy oňa hemra edýär. Lahordan gelen şazada Emir
Mejduda iki müň adam bilen Multana gidip, ol ýerleri
zabt etmegi buýurýar. Şeýle hem ol şazada emir
Izedýary Gaznanyň dag eteklerine, ol ýerde topalaň
edýän owganlara gözegçilik etmek we olaryň bu
welaýata zyýan ýetirmekleriniň öňüni almak üçin
iberýär. Soltan Mesgudyň özi soltan Mahmydyň dürli
galalarda saklaýan ähli hazynalaryny Gazna getirýär
we düýelere ýükläp, Lahora tarap ýola düşýär. Ol ýolda
gidip barýarka, dogany kör Emir Muhammedi galadan
çykaryp, öz ýanyna getirmekleri üçin adam iberýär.
Olar Märikle kerwensaraýyna, başga bir rowaýata görä,
şu asyrda Buht suwy ady bilen meşhur bolan Jeýlem
suwuna (derýasyna) ýetenlerinde, käbir ynamdar
gulamlar hazyna göterýän düýelere duçar gelip, olaryň
hemmesini talaýarlar. Edil şol wagt hem Emir
Muhammet ol ýere gelip ýetýär. Gulamlar özleriniň bu
näkesliginiň başga emir saýlanylmazdan boş
galdyrylmajakdygyna göz ýetirip, zerurlykdan, emir
Muhammediň ýanyna gidip, ony patyşalyga kabul
edýärler. Soňra Emir Mesgudyň üstüne hüjüm edýärler. Emir Mesgut şol kerwensaraýda gabalyp saklanýar.
233
Leşgeriň uly-kiçisi watandan daş düşmekden we
Hindistana sapar etmekden närazydylar. Olar Emir
Mesgudy Sint derýasynyň golaýynda ýerleşýän
Märikle kerwensaraýynyň içinden çykaryp, soltan
Muhammediň ýanyna tutup getirýärler. Soltan
Muhammet oňa ýüzlenip:
― Meniň seni öldürmek niýetim ýok. Sen öz
aýalyň we perzentleriň bilen bolar ýaly özüňe bir ýeri
saýla – diýýär. Soltan Mesgut bolsa Geri galasyny
saýlaýar. Aýtmaklaryna görä, ol şol gala tarap gidende,
gündelik harajatlary üçin pula mätäç bolýar. Şonuň
üçin soltan Muhammediň ýanyna kişi iberip, ondan bir
az pul soraýar. Soltan Muhammet oňa bäş ýüz dirhem
iberýär. Soltan Mesgut gaty gaýgy-gama batyp, ynjap,
katra-katra ybrat göz ýaşlaryny ýaňaklaryndan seçeläp:
«Subhanalla! Düýn edil şu wagtlar üç müň düýelik
hazynanyň eýesidim. Indi bu gün bolsa şeýle ýagdaýa
duçar boldum» diýýär. Soňra öz ýakynlaryndan müň
dinar karz alyp, ony şol bäş ýüz dirhemi getiren adama
bagyş edip, ony iberilen zer bilen bilelikde, yzyna
gaýtaryp goýberýär.
Soltan Muhammet gözleri göreç nurundan binesip
bolansoň, hökümdarlygy telbelik bilen meşhur bolan
ogly Ahmede tabşyryp, özi bir döwüm çörek bilen
kanagatlanýar. Ahmet Ýusup ibn Söbükteginiň ogly
Süleýman hem-de Aly Hyşawent Ogly bilen bilelikde,
kakasyna sala salman, Geri galasyna gidip, 433-nji
ýylda Mesgudy gaýgyruwsyz gylyjyndan geçiripdir.
Käbirleriniň aýtmaklaryna görä, ony diriligine çukura
234
salyp, üstüni gum bilen gömüpdirler. Käbir taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Ahmet öz kakasyny adam
iberip, Mesgudy öldürtmäge mejbur edipdir. Bolan
wakalaryň hakykatyny Alla gowy bilýär.
Şyhabeddöwle Mesgudyň soltanlyk eden wagty,
«Güzide»1 eserinde rowaýat edilşine görä, dokuz ýyl
dokuz aý bolupdyr. Emma başga rowaýatlara görä, ol
on iki ýyl höküm sürüpdir. Ol batyr we sahawatly
patyşa bolupdyr. Ol sahylykda aşa elaçyk bolup,
alymlar we akyldarlar bilen mejlis gurup, olara dürli
yhsanlar edip, köp sylag-serpaýlar berer eken. Bir topar
akyldarlar onuň adyna kitap ýazypdyrlar. Şol sanda öz
eýýamynyň meşhur alymy we matematika ylmynda
deňi taýy bolmadyk ussat müneçjim Abu Reýhan
Horezmi matematika ylmyna degişli «Kanuny
Mesgudy» diýen kitaby onuň meşhur adyna ýazyp,
ondan kümüşden edilen bir pili sylag alypdyr. Kazy
Abu Muhammet Nasyhy hem Abu Hanypanyň
mezhebinde fykha (şerigata) degişli "Kitaby Mesgudy"
diýen kitabyny şol bilimdarlara pena berýän şanyň
adyna ýazypdyr. "Rowzatus-sapa" eserinde şeýle
setirler bar:
Şyhabeddöwle Mesgut mätäçlere köp sadaka
berer eken. Şeýle-de, ol bir gezek oraza aýynda, bir
günde mätäçlere bir lek (100 müň) dirhem beripdir.
Mesgudyň soltanlyk eden döwrüniň başlarynda onuň
ygtyýaryndaky ülkelerde şeýle bir köp medreselerdir
1
"Güzide" eserinde on üç ýyllap höküm sürdi diýip getirilýär. Ähtimal,
ýazaryň peýdalanan eserinde nätakyklar bar bolsa gerek.
235
mejitler gurupdyrlar welin, dil olaryň sanyny beýan
etmekden ejizdir we keltedir.
Abulfath Kutbulmille Şyhabeddöwle Emir Möwdut
ibn Emir Mesgut ibn Mahmyt Gaznalynyň
soltanlygynyň beýany
Emir Mesgut öldürilenden soň, kör Emir
Muhammet köp aglap, ony öldürmekde tagalla edenleri
ýazgaryp, Emir Mesgudyň Balhda bolýan ogly
Möwduda bir hat ýazýar. Ol hatyň mazmuny şeýle:
"Pylany we pylany öz kakalarynyň aryny almak üçin,
Emir Mesgudy öldüripdirler. Başgalaryň bu işde hiç bir
dahyly we ygtyýary bolmandyr"
Möwdut onuň hatyna bir jogap matamnamasyny
ýazýar. Onuň mazmuny şeýle: Päk we beýik Taňry
emiriň ömrüni zyýat etsin we onuň diwana ogly
Ahmede düzüw ýaşap bileri ýaly akyl bersin. Ol gaty
uly günä işe baş goşupdyr. Ol möminleriň emiriniň
Seýýidilmuluk wes-salatyn1 diýip lakam beren
patyşasynyň ganyny döküpdir. Ýakyn geljekde onuň
«sylagy» özüne ýeter"
Möwdut şu haty ýazandan soň, ar almak maksady
bilen, Märiklä tarap hereket etmegi ýüregine düwýär.
Abu Nasr Ahmet ibn Muhammet ibn Abdyssamat ony
bu sapardan saklap, Gazna äkidýär. Gaznanyň ilatynyň
ählisi ony garşy almaga gyssanyp, onuň bilen
1
Patyşalaryň we soltanlaryň jenaby.
236
ylalaşýarlar. Şeýdip, ol 432-nji1 ýylda Gaznadan çykyp
ugraýar. Kör Muhammet özüniň Namy atly kiçi ogluny
Peşaweriň we Multanyň serkerdebaşysy edip belläp,
Sint suwunyň töwereklerinde Möwdudy garşylamaga
gyssandy. Dipur2 çölünde aga we ininiň (doganynyň
ogly) aralarynda uruş ody tutaşýar. Ahyrynda ýeňiş we
üstünlik şemaly Möwdudyň goşunynyň üstünden öwsüp, Muhammet we onuň pitnedir bozuklygyň özeni
bolan ähli ogullary hem-de Nuştegin3 Balhy, Aly
Hişawent Ogly, Süleýman ibn Ýusup dagylar ýesir
düşüp, ählisi tussag edilýär. Möwdudyň gulamlary ar
almak maksady bilen, Abdyrahym ibn Muhammetden
başga ählisini şobada öldürýärler. Abdyrahymy
öldürmändikleriniň sebäbi hem Emir Mesgudy tussag
edenlerinde
doganoglanlar
Abdyrahman
we
Abdyrahym ony görmäge gidipdiler. Abdyrahman
masgara etmek üçin biýedeplik elini uzadyp, Emir
Mesgudyň kellesindäki tahýasyny çykarypdy. Emma
Abdyrahym ony onuň elinden kakyp alyp, hormatly
agasynyň (kakasynyň doganynyň) kellesine geýdiripdi
hem-de doganyna biýedepligi üçin käýäp, oňa
sögünipdi. Şeýdip, ahyrynda «Kim bir ýagşy amal etse,
özi üçindir we kim ýamanlyk etse, öz zyýanyna eder»4
diýen jümle hakykata öwrülýär.
1
Ýokarda Mesgudyň ölen ýyly 433-nji ýyl diýlip getirilýär. Bu ýerde
säwlik gidendigi görnüp dur. 433-nji ýyl dogry bolmaly.
2
"Zeýnel-ahbarda" Dinur. "Tabakaty Ekberide" Dentur.
3
Asyl nusgada: «Tuşnekin».
4
Gurhanyň 41-nji («Fussilat») süresiniň 46-njy aýaty.
237
Elkyssa, Möwdut öz kakasynyň ganhorlaryndan
aryny alansoň, özüniň ýeňiş gazanan ýerinde oba we
kerwensaraý gurup, ol ýere «Fathabat»1 diýip at
goýýar. Soňra onuň kakasynyň we doganlarynyň
tabytlary onuň buýrugyna görä, Geriden2 Gazna
getirýärler. Özi hem Gazna howlugyp, wezirlik
wezipesini Abu Nasr Ahmede tabşyrýar. Soňra 433-nji
ýylda ony boşadyp, bu wezipäni Hoja Tahyr ibn
Muhammet Müstewfä berýär. Özüniň emirlerinden
Abu Nasr Muhammet ibn Ahmet atly birini Hindistana
iberýär. Ol Muhammet ibn soltan Mahmydyň ogly
Namy bilen urşup, ony öldürýär. Şondan soň, Möwdudyň diňe inisi Mejdut ibn Mesgutdan başga hiç-hili
aladasy galmady. Mejdut kakasy öldürilenden soň,
Multandan Lahora gidip, Aýazyň kömegi bilen Sint
derýasyndan tä Hansy we Tehanisere çenli bolan
ýerleri doly basyp alyp, gep-gürrüňsiz özbaşdaklyk gazanypdy. Şonuň üçin, Möwdut şol ýyl ony dep etmek
üçin söweşe taýýar we üpjün goşunyny onuň üstüne
iberýär. Mejdut bu ýagdaýdan habarly bolup, paýtagt
Delini basyp almak üçin, Hansy ülkesinde watan tutan
we pursada garaşyp duran köp sanly goşun bilen olary
garşylamaga çykýar. Ol Möwdudyň leşgeri Lahor
galasyny basyp almazyndan öň, Gurban aýynyň
altysynda ol ýere ýetýär. Onuň berkliginden we
haýbatyndan tas Möwdudyň leşgeriniň arasyna
agzalalyk düşüp, Gaznanyň köp emirleri Mejdudyň
1
2
Fathabat – Ýeňişabat.
Asyl nusgada: «Kiri».
238
hyzmatyna gidipdiler. Tötänden Gurban baýramy güni
ir bilen Mejdudy çadyrda öli halda görýärler. Bu
wakanyň nähili ýüze çykanlygy belli bolmaýar. Aýaz
hem birnäçe günden wepat bolýar. Şeýdip, uruşsyzdawasyz Hindistanyň Mejduda degişli sebitleri
tutuşlugyna soltan Möwdudyň adamlarynyň eline
düşýär we Mawerannahryň emirleri oňa hem boýun
bolýarlar. Emma Seljuklylar Möwdudyň Çagry beg
Seljuklynyň gyzyny nikalap alanlygyna garamazdan,
ýene-de öňküsi ýaly oňa garşy söweş alyp barýardylar.
435-nji ýylda Deliniň raýy1 we beýleki rajalar birleşip,
Hansy we Tehaniser ülkelerini daş-töwerekdäki
goşundylary bilen birlikde, Gaznaly emeldarlarynyň
golastyndan çykaryp alyp, Nigerkut galasyna tarap
ýola düşýärler. Olar bu ýeri hem dört aýlap gabaýarlar,
Lahordan medet gelip ýetmänsoň, bu ýeri hem basyp
alyp, öz eýeçiligine girizýärler. Olar Nigerkut
galasynda ýene-de öňki düzgünlerine laýyklykda,
butlar oturdyp, ol sebitlerde ýaňadan butparazlyk düzgünlerini rowaçlandyrypdyrlar. Bu wakanyň giňişleýin
beýany şeýledir:
Deliniň raýy Gaznaly soltanlygyndaky ejizlik we
gowşaklyk alamatlaryny görüp, brahmanlardan iblis
sypatly biriniň ýol görkezmesi bilen öz emirlerini we
döwlet sütünlerini çagyryp şeýle diýýär:
— Şu gün agşam Nigerkut buty meniň düýşüme
girdi. Ol maňa:
1
Raý (raja) – patyşa, hökümdar.
239
«Men şu wagta çenli Gaznaly döwletiniň esasyny
sarsdyrmak we weýran etmek üçin Gaznada
saklandym. Indi meniň maksadym hasyl boldy. Şonuň
üçin men indi özümiň asylky merkezime, öz ýerime
gaýdyp gelmek isleýärin. Men size üstünlik we ýeňiş
bagyşladym. Siz öz eliňizden gideren welaýatyňyzy
tutuşlygyna yzyna gaýtaryp almalysyňyz. Meni şol
ýerde häzir diýip biliň» diýdi.
Kapyrlar ol güni özleriniň baýramçylyk günleriniň
biri ýaly hasaplap, şatlyk-şagalaň we baýramçylyk
edýärler. Deliniň raýy gizlinlikde we pynhanlykda
özüniň ynamdar daş ýonujylaryny ýanyna çagyryp,
olara:
— Daş ýonup, şol buta meňzeş bir şekili taýýarlaň
– diýip buýurýar. Daş ýonujylar şol salymyň özünde,
hyzmat bilini berk guşap, hindistanlylar üçin şol buta
meňzeş bir «Hudaý» ýasaýarlar. Deliniň raýy daştöwerekdäki rajalar bilen birleşip, Hansy we Tehaniser
galalaryny basyp alýarlar. Soňra Nigerkut galasyna
baryp, bu galanyň daşynda çadyrdyr kepbe dikýärler.
Gije perdesi gözleriň görejine böwet we gurşaw bolup,
adamlar gaflat ukusyna batanlarynda, Deliniň raýy
ýaňky jadygöý daş ýonujylaryň ýasan we oňaran
butuny şol töwereklerde ýerleşen bir bagyň içinde,
mynasyp bir ýerde oturtmak üçin, ýaňky ýol görkeziji
brahmanyň eline berýär. Brahman bu duýgusyz we düşünjesiz emeli ýasalan buty alyp, ýaňky baga äkidýär
we bir mynasyp ýer tapyp, ony şol ýerde oturdýar.
Ertesi daňdan, gündogar bezegçisi zümerret
240
penjiresinden baş çykarandan soň, bagbanlar ukudan
turup, öňki adatlaryna görä baga gidýärler. Olaryň gözi
birden köp gezekler gören we gowy tanaýan butlaryna
düşende, joşgun-şagalaň edip, onuň ýene-de gaýdyp
gelendigi bilen bir-birlerini gygyrşyp, gutlamaga
başlaýarlar. Bu habar çar tarapa ýaýrap, leşgergähde
uly gykylyk we gowga turýar. Deliniň raýy öz çagalaryny, garyndaşlaryny we beýleki hormatlanýan
adamlaryny alyp, şowk-şagalaň we dabara bilen bu
ýasama hudaýa tagzym etmek üçin aýakýalaňaç
pyýadalap, baga garşy ýola düşýär. Ol özleriniň
düzgüni boýunça berjaý etmeli däplerini ýerine ýetirip,
başyny onuň aýagynda goýup, gaýdyp gelendigi bilen
mübärekläp, onuň şükranasyny berjaý edýär. Soňra
daşary çykyp:
— Ol bir gijede Gaznadan şu ýere gelensoň, ýolda
ýadapdyr. Bu gün ol dynç alyş düşeginde ýatar. Ertir
bolsa hemmeleri myhmançylyga çagyrar – diýýär. Ähli
kapyrlar bu pikiri kabul edip, öz ýagdaýlaryna laýyklykda oňa sadakadyr-nezir bermekligi özlerine wajyp
we borç bilipdirler. Olar ertesi butuň huzuryna gelip,
şeýle köp mukdarda göwherlerdir gymmatbaha nepis
zatlary onuň aýak astyna oklapdyrlar welin, «Mahmydyň ruhy Hindistana rowana» bolupdyr1. Şol brahman
bu daş ýürek butuň ýanynda durup, her bir zyýarata
gelýänlere:
1
Bu ýerde soltan Mahmydyň köp altyn-kümüş toplandygy, şolary görse
durup bilmeýändigi ýaňzydylýar.
241
— Bu but «Meniň mesgenim bolan galany basyp
alyň we eýeläň» diýip, emr etdi – diýýärdi.
Şundan soň Hint goşuny yhlas we ynam bilen
galany basyp almak üçin tagalla baryny edip, gabaw
esbaplaryny taýýarlamaga başlapdyrlar. Bu galanyň
goragyndaky musulmanlar ilkibaşda, şehit bolmaklygy
karar edip, galanyň diňini we diwarlaryny berkidip
başlaýarlar. Olar Lahordaky Gaznaly emirleriniň
ýanyna adam iberip, olardan kömek-ýardam dileselerde, olaryň öz aralarynda agzalalyk ýüze çykyp, biribirleri bilen tutluşykda bolandyklary sebäpli, asla
galadakylaryň
perýatlaryna
ýetişmändirler.
Şu
sebäpden galadakylar bialaç janlaryna, mallaryna we
namyslaryna degmezliklerini şert edinip, kapyrlardan
aman diläp, galany olara tabşyrýarlar we Lahora gidip,
öz ýaranlaryna goşulyşýarlar. Deliniň raýy soltan
Mahmydyň weýran eden buthanasyny rejeläp,
gaýtadan baryp, buty öňki öz ýerinde oturdýar. Bu
habar Hindistanyň uzak sebitlerine baryp ýetýär.
Kapyrlar gaty şat we hoşal bolýarlar hem-de zyýarat
etmek üçin Nigerkut galasyna öňki döwürlerdäkiden
hem köp gelip, butparazlyk bazaryny gyzdyrypdyrlar.
Hint kapyrlarynyň şeýle däpleri bolupdyr:
Olar uly we möhüm işlerde şu but bilen
maslahatlaşýan ekenler. Eger ol rugsat berse, şol işe
başlap, yhlasdyr-tagalla edýärler, bolmasa-da ýok.
Bu düşünje häzirki zamanda bu ülkäniň iman we
yslam dawasyny edýän käbir adamlarynyň arasyna
hem ýaýrap, şol duýgusyz doňňara daş bilen
242
maslahatlaşyp, uly mukdarda pul we gymmatbaha
zatlary şol buthana iberip, sogap tama edýärler.
Ýokarda agzalan wakalar ýüze çykandan soň,
yslam leşgeriniň şirleriniň öňünde gorkudan ýaňa
tilkiler ýaly tokaýlarda we jeňňellerde guýrugyny
ýamzyna gysyp, sümülişip ýören Penjabyň we beýleki
welaýatlaryň rajalary hatyrjemlik we arkaýynlyk bilen
baş galdyrýarlar.
Üç sany güýçli raja on müň atly we köp sanly
pyýada esger bilen ýöriş edip, baryp Lahory gabaýar.
Emir Mesgudyň ogly soltan Möwduda tabyn bolmagy
bir gapdala taşlap, alty-ýedi aýlap, mülklerdir
wezipeleriň üstünde biri-birleri bilen baryş-geliş ýollaryny baglap, uruş-dawa edip ýören yslam emirleri
kapyrlaryň üýşüp gaýrata münendiklerini eşidip,
ylalaşyk işiginden girýärler hem-de Möwdut ibn emir
Mesguda tabyn bolmak babatda ähdi-peýman
baglaşyp, topar-topar, saz-üpjün leşgerler bilen şäherden çykýarlar. Rajalar bu ýagdaýdan habarly
bolansoňlar, uruşmazdan gaçýarlar.
434-nji ýylda Emir Möwdut Ärtegin Hajyby
Toharystana iberýär. Ärtegin Toharystana ýetende,
«Dawut Türkmeniň ogly Ermene1 gelipdir» diýip
eşidýär. Onsoň Ärtegin onuň üstüne goşun çekýär.
Ärtegin oňa golaýlaşan badyna, Dawut Türkmeniň
ogly leşgeri goýup, özi birnäçe adamlary bilen gaçyp
gidýär. Ärtegin ol ýere ýetip, onuň leşgerinden bir
1
Bu ýeriň nirededigini takyklap bolmady.
243
topar adamy gyryp, Balh şäherine gidýär we ol ýeri
hem basyp alyp, Emir Möwdudyň adyna hutba
aýtdyrýar. Birnäçe wagt geçensoň, türkmenler onuň
üstüne ýöriş edip, Balhyň golaýyna gelýärler. Ärtegin
Emir Möwdutdan kömek isleýär. Onuň bu haýyşy
kabul edilmänsoň, öz goşuny bilen Kabulyň Penjhir
diýen ýeriniň üstünden Gazna gelýär.
435-nji ýylda Emir Möwdut käbir adamlaryň
gepine gidip, Gaznanyň kütwaly Abu Alydan ynjap,
ony tussag edýär. Soňra onuň bigünäligi mälim
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ybraýymyň Gülşeni I - 13
  • Parts
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 01
    Total number of words is 3452
    Total number of unique words is 2028
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.0 of words are in the 5000 most common words
    41.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 02
    Total number of words is 3639
    Total number of unique words is 1904
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 03
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1763
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 04
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1825
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 05
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 1875
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    37.8 of words are in the 5000 most common words
    44.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 06
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 1900
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 07
    Total number of words is 3660
    Total number of unique words is 1924
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 08
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1910
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 09
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 1861
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 10
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 1884
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 11
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 1862
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 12
    Total number of words is 3720
    Total number of unique words is 1745
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 13
    Total number of words is 3730
    Total number of unique words is 1718
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ybraýymyň Gülşeni I - 14
    Total number of words is 2668
    Total number of unique words is 1377
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.