Latin

Ýazgyt - 06

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2405
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
höweslehdirýär.Belki, munam gorkuzandyrlar?-diýip,Şammy
maňa naýynjar garady
Bular ýaly seň dowzahyňy,jennetiňi
bilermi,boşatsak,antyny ýuwdup,ýene üstüňe ýarag çenäp
durandyr-da.Ýok,men oňa garşy.
Çoluk jan,Durdy kakam çopanymyz boldy,gepe gidip adalat
ýolundan azaşdy,özem men garantga boldum diýýär-ä,indi ol
iýen duzuna ikilik etmez-diýip,Ene ýalbardy.
Çoluk,menem Enäň aýdanyna goşulýan,gel, bir gezek oň sözüne
ynanyp göreli!-diýip,Şammy kel boýnuny burdy.
Ýok how,men-ä göwnämok.Ol adam diýen zadyň nämedigini
bilenok,oturan kürsüsi üçin öldürmekden gaýdanok,ýöne,şu
etmişleri üçin özüniň hem çüýrän alma ýaly ýok bolup gitjegini
aklyna sygdyranok.Ol biçäräni goradymy,ýykylany
galdyrdymy,ýetim sakladymy,ajy doýurdymy?Ýok,gaýtam,azm
edip biziň rahat durmuşymyzy ýumurdy.
82
Kakaňy gazamada dykanlygy üçin gaharyň gelýändir,men ony
bilýän-diýip,Şammy ýüzüni sallady..
Onda meň günäm ýok,çopandym,birdenem dikme bol
diýdiler,boldum,garantga ýaly aýdylany ýerine
ýetirdim,wessalam-diýip,Dudy däli gözünden boýur-boýur ýaş
döküp aglady.Uly adamyň aglamagy maňa erbet täsir etdi.
Ýeri bolýar,biz üçlük bolup seni boşadyp goýberýäris,ýöne
sen ýene ene-ataňdan,Gurhandan ant iç!
Özem,ýüzüni käbä tutup ant içsin-diýip,Ene ara goşuldy.
Dudy däli,töweregine garanjaklap, biziň talabymyzy iki
aýtdyrman ýerine ýetirdi.Onuň biziň elimizden sypmagy üçin iň
amatly pursat-häzirki pursatdy.Sebäbi, eline ýarag alyp
bilýänleriň bizden öňňesi söweş meýdanyndady.
Maral-a, gaçyp barýan ýesiri tutup getirdi.Kimem bolsa
içimizden biri,Gara Ýowşan ony boşadyp goýberendir,ýogsam ol
gaçyp bilmeli däldi.Indi bizem ony şeýdip boşadyp
goýbersek,olam “men siziň göwnüňize degdim,bagyşlaň” diýip,
bizi serhetden geçirip goýberer öýütdik-de,ony boşatdyk.Ýöne
küýküni gabyr düzeder diýlişi ýaly ony öldüräýmeseň
düzedip bolmajak ekeni.
Şol gün biz, elguş bilen aw edýän, awdan maňa kösük
getirýän , atyny seýisläp, tup yssyda möjek kowalap tutmagy
başarýan, oňa sylag baryny alyp, ýedi çagasyny hor- homsy
etmeýän Amma kakamy Öküziň kakynda jaýladyk.Onuň ölümi
atamyň ujagyndan ýaýran otuz bäş adamyň ölüminiň başlangyjy
boldy, şolaryň otuz altynjysy bolsa mendim. Öňräjik,üstümize
abanýan aýylganç howpy aňan ýaly atam Amma kakamy,
Mämmetdurdy, Ýagdy kakamy, gelinleri ýygnap şeýle diýipdi“Köşeklerim, siziň batyrlygyňyza, gorky-ünjüni bilmeýänligiňize
ynanýan, biziň elimizde şemhal, garanil,duşmanyň elinde
bäşatar, onbiratar, piliňbudy , beýleki aýylganç güýçli ýaraglar,
biziň münýänimiz at, eşek, düýe, duşmanyňky polat at,
uçar,onsoň, batyrlygy sapalak bilen utgaşdyryp goranmany
başarmaly, „Hudaýdan gorkmaýandan gork, hemem Hudaýdan“
83
diýen aýtgy bar, Hudaýdan gorkmaýan adam atmany it atançada görmez, janyňyzy gaýgyryp, özüňizi goraň! Neslim bir
tükenmesin!” Atamyň aýdýanlary dogrydy,şonda-da näme,uruş
ýitgisiz bolmaýardy, ýitgi bar ýerinde gözýaşlar derýa kimin
akýardy. Aglamaz ýalam däldi, watanyňy terk edeniň-ä edeniň,
ýöne bir gidibermeli hem däldi, ýaňyja bileje barýan ýan
ýoldaşyň, ýakynyň , dost- ýaryň guma garylýardy. Berlen
ömürden artyk ýaşap bolmajagyny bilsegem, her kim bu iki
günlük ýalançyda sütem –jebirden daşda durmagyň arzuw
hyýaly bilen ýaşaýardy, emma, Öküziň kakynda , Parsy guýyda
duşmanyň çekdiren jebir sütemi hiç bir zat bilen deňär ýaly
däldi. Muny beýik Magtymguly bilen Omar Haýýamdan gowy
aýdyp bilen ýokdy,Magtumguly:
-Orramsydan bolan orramsy begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady - diýse, Omar
Haýýam:
Gökde bir öküz bar, Parwinmiş ady,
Aşakdaky biri – zemin zurýady,
Syn et, arasynda iki öküziň ,
Eşekler hars urýar, çekdirip dady-diýýär....
--7–
Taryhdan parça
Porsy guýy basmaçylaryň esasy merkezleriniň biri
bolansoň, oňa barýan ýollar her hilli çukurlar, ýer asty
geçelgeler, çuň ganowlar, belent depeler bilen berkidilendi,ýerli
ýagdaý söweş alyp barmaga amatlydy, onsoňam olaryň müňe
ýakyn nökeri bardy.
Porsy guýy söweşi uzynly gün dowam etdi, agşama ýakyn
basmaçylar dişine çenli ýaraglanan dyzyl goşuny aldow ýoly
bilen dargatjak boldular, ýagny, eli ak baýdakly bir basmaçy
atyny ýüzün saldyryp geldi-de, komandir Lomanowa hat
gowşurdy, onda“ Siziň güýjüňizi gören basmaçylar parahat ilaty
84
taşlap gaçyp gitdiler , arkaýyn geliberiň” diýilýärdi. Maslahat
berenlere gulak gabartmadyk komandir,öňe hereket etdi, iki
kilometr geçende belent depelerdäki
basmaçylara gözi
düşüp,söweşe girdi,üç sagada çeken uruşda gyzyl goşun kynlyk
bilen ýeňiş gazandy, ýöne, graždan urşunyň gahrymany,
Zakaspiý frontunyň öňki serkerdesi Sokolow öldürildi. Şu urşa
82-nji Aktýubin atly polky, Türküstan atly goşunynyň 84-nji
polky, özbek atly polky, dag atyjylar diwiziýasynyň aýratyn
topary , I-nji we 2-nji Türkmen atly polky , Ýakup
Kulyýewiň,Durdy Täşliýewiň başda durmaklarynda
harby
mekdebiň okuwçylary, 83-nji Begalin atly polky, 45-nji Merw,
46-njy Aşgabat serhet toparlary, GPU-nyň 10 –nji atly polky,
Orta Aziýa birleşen harby mekdebiň okuwçylary we ýene-de
birnäçe bölümler gatnaşdylar....
Agzalan kitabyň 143-nji
sahypasy .
Awtordan: -Söweşe gatnaşan uçarlar barada näme
üçindir taryhy ýazgylarda ýatlanylmaýar,ýogsam olar
bosgunlaryň geçen ýolunyň dowamynda irginsiz çozuşlary
edipdiler. Sowet Hökümeti ony halk köpçüliginden gizlin
saklapdyr ...
Gamakly guýysyna barýançak duşmanlar irginsiz
hüjüm etdiler, her hüjümde nirede oýnap ýörenem bolsak , ejem
meni gözläp tapdy we uçarlaryň agyp –dönüp taşlaýan şyrdak
ýaly gara bombosyndan gorajak bolup, bagryna basdy. Gara
gaýyş telpeginiň , penjeginiň myrdaryny aşyryp, uçardaky
adam, nebir iş edýän ýaly, käbirirmiziň gorkup gaçyşyny görüp,
hezil edip gülýär.onuň ýüzi maňa gaty aýylganç görünse-de, bir
zat weli aýan , öňe çykyp duran dişi ýok ! Hajar daýza
“Şammy,ýeke dikrarym nirede “ diýip, naýynjar ses edip aglap
gelerde, oglyny sagrysyna alyp gider, ýa-da Şammy ejesine, ejesi
Şamma tarap gol gerip ylgar, olaryň bolşy misli bir diňe üstüne
howp abananda birek-birege has ýakyn durmagy ündeýän
ýalydy. Ýarasy bitmedik Durdy awçy süňki döwülip, diňe
85
saçuzynda saklanýan elini egri gylyjy bilen kesdi, kesilen
golunyň ujuny goýnuň gaýnap duran guýruk ýagyna basdy,
ýarasyna özi em edip, sag elini Hajar daýzaň gazan çukurynda
adam jaýlan ýaly edip jaýlady,şeýdip saz çalmadan ömürlik
mahrum boldy.
Duşmanyň çozuşy köplenç bosgunlaryň sag,sol
tarapyna we yzky hataryna gabat gelýärdi, onsaň köplenç iki
gyradan , yzdan gelýän mal garalar, adamlar heläk bolýardylar,
hiç wagt bosgunlaryň öňünde söweş bolmandy,ýogsam, halky
saklajak bolýas diýişleri ýaly, ony etjek bolsalar adamlaryň
öňüne böwet bolmalydylar,yza gaýtarmalydylar. Orta gurpde
barýanlaryň arasynda ýitgi onçakly däldi, munuň özi gyzyllaryň
ilkinji nobatda mal –garany, goranyşa goýlan ýigitleri ýok
etmegiň kül- külüne düşenliginiň alamatydy.
Bu günki söweşde azyk ýükli düýämize ok degdi, oňa
ýüklenen ýüki eşegimize geçirmeli boldy. Ugramaly bolanda
ýetim galan köşekleriň şagallara şam boljagyny göz öňüme
getirip bozuldym, emma etjek alajym ýokdy. Atam ýagdaýymy
aňan ýaly „Enesiz köşek ýanymyzdan ýöremez, ýükläýin
diýseňem eşegiň ýüki ýetik, sür eşegiňi!“ diýdi, men „galaly,ata“
diýip agladym, emma maslyklaryň, jesetleriň yzzan-çuwanlygyň
içinde ýatyp boljak däldi, otyrypda, onsoň „ Hyh, janawer, hyh!“
diýip, eşegimi idip ugradym. Ýöresemem ýöredim welin ýedi
çakrym geçmänkä, günüň gyzgynyna saň- gaty bolan çaryk
aýagymy gan-gabarçak etdi. Çykaraýyn diýsem ýandakly
meýdan, dişimi gysyp, bir ýerde durulýança zordan çydadym.
Ata, çarygymy çykaraýmasam boljak däl!
Çykaraý, köşek! – Atam gan öýen ökjäme seredip,
horjynyň içindäki torbany silkende, gulan tezegi, ýylan goňagy,
jykjyk, hajjyk , maýdaja düwünçeklere düwülen derman otlar
pytrap gitdi. Ol torba suw guýup, bir-birine degende ses edýän
gulan tezeklerini oňa atyp çaýkalady-da : Köşek, aýagyňy torba
sokda biraz sakla, ýaradan nam-nyşan galmaz – diýdi.
86
Aýagymyň azary köşeşdimi nämemi, atamyň çalmarynda
uklap galypdyryn, turup seretsem, ýaralar bitip gidipdir.. Men
atamyň danyşmentligini welitaraşdygyny, akyldardygyny
bilýärdim, indi tebipliginede göz ýetirdim. Aýagymy görkezeýin
diýip barsam, atamyň ýanynda Agdar han. Men edep bilen salam
berip, çöküme düşüp oturdym.
Ýaraň bitendir köşek, ýatyşyňdan aňdym, azajyk otyr,
Agdar han bilen söhbeti soňlaýyn.
Belkuly aga, azyklar-a gutardy, aç çaga-çugalaryň agysy,
azary artdy, zenanlary düýelere mündürip bolanok, çelekleriň
suwlary, golçalaryň gowurdaklary taňkyrady, gyzylbaş
nowruzam birhili guraksy geldi, ýogsa ýuwa-ýelmik diýermiň....
Alla bize kuwwat berer, penasynda saklar.
Ol-a dogrul-a welin... Nämede bolsa siz bir köpi gören
adam, şu ulgam-ulgam alaňlaryň ýaz oty guşaklygyňa ýeterdi
indi şol bir takrowsylyk... Ýogsa-da ýaşuly, göçi bölek böleklere
bölsek nähili borka? Ortakaka barsak toparymyz has-da
köpeler, marydan, gökdepeden syçmazlar, ilerden gökjeliler,
çaşgyndan şagalllar, gyrdan atalar gelerler, owgan serhedine
bolsa 16-17 menzil bar, ýolam batgyn, alaňlyk..
Howply ýolda bölünseg-ä bolmaz, onda duşman rüstem
geler! Hany, agam bilen maslahat edeýin diýipdiňle, nähili
boldy?!
Wah,şol dönük bilen gepleş diýmäň,ony görenimden
syrty...
–Agdarhan,ol,agaň,ahyryn!
Hawa,birisi agam,beýlekisi daýym,ýene biri ýegenim,olaryň bary
duşmanym,haýsy birini göreýin!-Inçeden orta boýly Agdar
hanyň ýüzi gara örtdi,dodaklary ýaryk-ýarykdy.Bosgunlaryň
garamaty ony halys çökeripdi.Çökermez ýaly hem däldi.Ilki
başdan ýigrimi müňe golaýlan bosgunlar azalyp,ýedi-sekiz müňe
gelernem bolsa,olaryň azyk üpjümçiligi onuň boýnunady.Ýöne ol
ýol ugruna azygy nireden alsyn?Her bir adam öz ýagdaýyna
anyk göz ýetirýänem bolsa,hiç zat tamakyn bolmaly däldigini
bilse-de,ýene
umytly
nazaryny
Agdar
hana
87
gönükdirýärdiler,Han handyr,her bir kyn ýagdaýdan çykalga
tapar.Çykalga
tapyp
bilmejek
bolsa
“Han”diýmezdiler”.Bosgunlaryň umytly garaýyşlaryndan şu
soraglary okaýan,zanny galjaň,ýadamany-ýaltanmany bilmeýän
Agdar
han
jogap
tapyp
bilmän
has-da
kiçelýärdi.Onsoňam,dogan-dogana ýarag göterer diýip kimiň
kellesine gelýär?Her zatda bolsa,bu ýerde geçirimlilik
etmeli,parasatly
bolmalydy.
Han,geçirimli bolmaly,bizde başga ýol ýok.-diýip,atam onuň
pikirini aňan ýaly seslendi-Hany,wekil ugratjak diýýärdiň-le?
Gaýtam onuň özi wekil ugradyp: “Ýesirleri çalyşsaňyz ýa
boşatsaňyz Jojuklydan päsgelçiliksiz geçmegiňizi üpjün edeýin,
azyk bereýin“ diýýär,bizde bolsa,çalyşar ýaly duşmana ýesir
düşen ýok!
Hany,Porsy guýy, Ýomut gelen guýularynda ýesir alan
adamlary?
Olary Aşgabada ugradypdyrlar,onsoňam olar ýesir
däl,bizden aýrylyp galan çarwalar.
Eýle bolsa, wekili çagyr, agzyny ysgap göreli!
Bosgunlaryň han-begleriniň ýanyna Bäpbe çasa meňzeş
keltejik, arryk, neşe edýänligi üçin dişleri garalyp giden adamy
alyp geldiler.
Men ýesirleriň bahasyny biçip berjek!- diýip,atam gelen
wekile ýüzlendi, otyranlar gyzyl-kümüş, mal-gara soralar öýdüp,
bilesigelijilik bilen dymdylar-. Sen her bir ýesiriň üçin eliň
degenden kül- yşak bolup duran çaryk getirersiň !
Çaryk diýdiňmi?Oň ýarasy ýeňille,çarykdan bol zat
ýok,getireris!Iň ýaman ýeri biz sizden dilegçi bolýas,näme talap
etseňiz hakyňyz bar,sizde ýesir düşen ýekeje adam ýok,näme
diýseňiz hakypyz bar!- diýip, wekil soragly nazaryny atama
dikdi.
Munuň
aňyrsynda uly bir syr ýatandyr öýdüp
pikirlenen Bäpbe ças gonjyna gor guýlan ýaly birden syçrap
galdy.- A-how, adamlar, muňa nähil düşünme-laýt, hä, goý,
88
gyzyl-kümüş bolmasyn diýeli,
bolmanda ok-ýaraga bir
çalyşmaly ahyr, köne çaryklary başymyza ýapalymy , hä!
„Wäşilik bihuda ýaňraly-ga däl, melhemdir jana, samsyklary haha- haýlap güldürer“ diýenleri, ýöne häzir wäşiligiň ýeri däl,
ýaşuly!
Gowur artdy, Bäpbe çasy goldaýanlar , garşy çykanlar
tapyldy, Bäpbe bolsa ýaňadan ot aldy- Meret serdar. Ýowşan
ýoluk, Baýram batyr siz näme agzyňyza suw alan dek otyrsyňyz ,
hä,ýa bu ýerde başga bir syr gizlenip ýatyrmy!?
Nähili syryň ýatanyny bilemok, ýöne ýesir çalyşmaly
bolsa biziň ýomutlaram galmasyn, ýogsa-da, topar beriň,
duşmanyň çanagyny-çemsesini dargadyp, ,oglanlary alyp
geleýin! – diýip adynyň yzyna serdar goşulmasynyň goşulanyna
monça bolan Meret tentek seslendi.
Hawa, şeýle özün-ä !- diýip Baýarm bykowly gummisummi etdi.
Ýerbentden Owgan serhedine çenli ýola belet , Annaguly
han, ýatan ýeri ýagty bolsun bendäniň „ Ýol beledim bolarsyň !“
diýip, meni ýanyna alypdy, Ýeroýulandan duz çekip Mary iline
satypdym. Men ortalyk adam ýöne, Agdar hanyň ýesirleri
boşatjak bolmagy göwne müňkürlük tohumyny sepýär, dogany
Halmyrat Gotur bilen diňe öz kowumlarynyň aladasyny edýärdiýip , uk ýaly arrykdan uzyn çokga sakgal adam seslendi. Oňa
Ýowşan Ýolly diýerdiler, gaýtmankak guýynyň töweregine
gonan uçardan soň peýda bolupdy, Şammy ikimiz oňa „ Gara
Ýowşan“ diýerdik
-Munda bir syr gözläp, göwne guman getirip ýörmäň
,Agdar han halkynyň aladasy bilen gezýär, onsoňom, düşünseňiz
munda çuň many bar, düşünmediklere düşündireýin, muny
ýöne bir oýunlyga salyp edemok, biziň ýanymyzda ýesirlerin
bahasynyň näme durýanlygyny duşmana duýdurmak üçin,
namyslary bar bolsa goý, „tükgerip amanatyny tapşyrsynlar“
diýip etdim.
89
Atamyň bu sözünden soň Bäpbe çasdan başga sesini
çykaran bolmady, ýöne, olam şol günüň öýläni sekiz sany haýy
giden çaryga 8 ýesir çalşylanda sesini çykarmady, belki, atamyň
herekediniň düýp manysyna düşünendir, belki, düşünen däldir,
ýöne bir zady welin men soň-soňlar bilip galdym, olam, çaryga
çalşylan duşman ýesirleri gaýdyp biziň garşymyza uruş
etmekden ýüz öwrüpmişin, diňe Dudy däli lebzini
ýuwdupmyşyn. Bu meniň şol wagtky gelen netijäm, hakykatda
welin şondan soň bize öňküsindenem gazaply darap başladylar.
Biz, mejbury ýagdaýda elimize ýarag alanan bolsak,uruş
tälimlerini heniz onçakly bilmeýänem bolsak, ata-babalaryň
häsiýeti,ruhy
siňen bedenimizi,
watana,ata-enä
bolan
söýgüden
,terbiýeden,däp-dessurdan,daşymyzy
gurşan
adamlardan ruhlandyryp, gaýduwsyzlyk
bilen
garşy
durýardyk. .Atam Hudaýa ýalbarýardy: „ Gudratly Taňrym,
duşman lebzini ýuwutdy, ýazyksyz bendeler gyrylyp dursa
soňumyza sogan ekiler, biz, bäş wagt namazymyzy okap, seň
adyň bilen ýatyp turýarys, agzymyza hapa söz alamzok, iki jüýje
uruşsa araçy bolýas. Näme üçin bu belany üstümize inderdiň?!
Gudraty güýçlim, öňde-soňda bir inerim galdy, ony ýoluňa
sadaka berýän kömek et!...“ Atam şol gün ineri soýduryp , bişirip
bermäge mümkinçilik bolmansoň özüňiz iýersiňiz diýip
bosgunlara paýlady, kakam onçakly bir namazhon bolmasa-da ,
köp dogalary okady, ejem gijesi bilen doga- dileg etdi, ertir
oýanamda hem sesi gelýärdi, „Irden sag-aman örenimize şükür
edýän , her kimiň ojagyny gorap, birek-biregi gerekläp-arzuwlap
ýörmegimiz uzakdan bolsun, jan Alla! Möjek ýaly topulýan
meshebsizleriň temmisini bereweri, jan Hudaý! Nähili gowy
günümiz bardy töweregimiz giden sonarlykdy,bolçulykdy,
towşan-towdaryny çykan ýeriňde taýak bilen alybermelidi,
buglama edip iýerdik, mele-myssyk çöregiň ysy müň menzile
ýeterdi, hany indi o zatlar? Sekiz ganat ak öýüň içinde
towsuşyp- ýaýnardyk, sözeni- durşuna özeni ýakyp, onuň
yşygyna gözel keşdeler çekerdik, çopan tüýdüginiň sesi eşidiler
90
durardy, ony bize ýat etdiň jan Alla! Türkmen bir namysjaň
diýäýmeseň, kişi zadyna göz gyzdyrjak, kişi üçtüne sürünjek
halk däl ahyr! Ertiriň tämiz howasynda çöküme düşüp
ýalbarýan, bizi hor etme, iki dikrarymyň başyny dik et, beladan
sow, ýagmyr ýagdyr , içere suwumyz, ýugura unumyz ýok,
kömek et,jan Hudaý, ýalbarýan!“
Är ömri geçensoň bu wakalary jikme-jik gürrüň
berýänligimiň sebäbi häzir adamlar azygymyz gutardy diýip,
bir güne çydamadyk boluşyp ýörler, men welin şol wagtlar
nandan başga zady agzyma alasym gelenokdy, Hepdeläp nan
iýmeseň uly täretiňem gelmez ekeni. Halmyrat goturyň kömegi
degdimi, ýa,duşman esgerleriniň goş haltasyndan düşdümi,
bilmedim, bir gün kakam bir bölek ors nanyny getirip „Ilki
gabygyny soruň, köp iýseňiz ölersiňiz “ diýip, Şammy, Ene
üçümize azajyk döwüp berdi.Özüme berlen nany badabat
bokurdakdan geçirdim, ýene iýjek bolsam, öňümdäki nan
gürüm –jürüm boldy, ejemdem sorasam „ Kapyryň nanyny
iýenimden aç ölenim gowy!“ diýýär.Şammy kel bolsa içim
agyrýar diýip, çermegini çekip, ylgap gitdi, garny pökgeripjik
dur, nany köýneginiň içine salan bolmaly. Onuň yzyndan ýetip
temmisini berip bilýärdim, emma ýüregim etmedi, kakasy
maýyp, ejesi meň ejem ýaly dogumly däl.
Oglum, zadyňy dostlaryň bilen deňje paýlaşgynyň, kömek
etseň kömek ederler, ýagşy hereketler yzyna dolanýandyr,
ekeniňi alarsyň , başga ýol ýokdur . Men Garry hoja görgülini
söweş meýdanyndan göterip alyp gaýtdym, „ Meni taşla, gaç,
janyňy gutar, baribir ölýän “ diýip ol ýalbardy , taşlamadym,
taşlasam, bu dünýäde nädip ýaşaýyn? Taşlan bolsam başga biri
menem taşlar-da ! Pylany kyn günümde goltgy berdi, ölümden
halas etdi diýdirip bilseň şondan wepaly dost,ýakyn adam
tapmarsyň , sebäbi onuň aňynda „meni halas etdi“ diýen
bimöçber bergisi ýatyr- diýip, kakam pikirimi aňan ýaly öwüt
berdi ....
91
Ene, Mämetdurdy kakamyň gyzyny, elinden tutup ejemiň
ýanyna getirende men gyşlaky, sakar guzyjygym bilen oýnap
ýördüm.
Eje, bu gyzyň gulagy agyrýar, Oguldursun gelnejem
„Ataňa görkez diýdi“ diýip Ene dillenende, beýlede, eşegiň
bilçekisini gaňňa daňyp duran atam eýýäm keseliň emini tapan
ýaly „ Köşek, onuň gulagyna saryýag damdyr!”-diýp,ejeme
gygyrdy.Ejem kiçijik küýzeden saryýag alyp , Jahanjygyň
gulagyna damdyrdy. Az salymdan bir ujy çowly,bir ujy tämmi,
başam barmak ýaly gurçuk zomlap çykdy, „Sen ýeke-hä bolmaly
däl!“ diýdi-de,ejem ýene ýag guýdy, şobada üç sany daýow
gurçuk yzly-yzyna çykdy,”Wah, görgülijigiň gulagyna gurt
düşäýen ekeni, çaga sereder ýaly boldumy.. Byfff, bulary, eý,
Hudaý, saçyna-da bit düşüpdir,edil çynmaçynyň bazary ýaly,
hany dur, munuň tohumyny tükedeýin!“ Ejem ysy ýakymlyja
suwuk ýagy saça çaldy, tohumy ýaýramasyn diýip, Enäň, meniň,
ýetip geln Şammy keliň saçyna-da çalyp çykdy.Duşman birahat
etmese, gün gowy gyzanda biziň eşiklerimizi çykaryp çäge
gömjekdigini, eger peýda bermese oda tutjakdygyny, şeýdip
bitleriň, soňuna sogan ekjekdigini ýaňzytdy . Ýagyň ýakymly ysy
atama hem ýeten bolmaly ol „ Berekella, köşek, nepýagy gorap
saklapsyň , bolsa-da, eliňe bir zat düşse eşrepi ýaly tutmak üçin
seňki ýaly üşük, pugtamanlyk gerek, şeýtana goýnuňda yssy ýer
bermezlik gerek, men bolsa, häýit, ýagymyz gutardy diýip
ýördüm”diýip , ejeme mähir bilen garady , ejem ýaşmagyň
aşagyndan üm bilen“Nepýag ýene-de bar!“ diýýän ýaly çüýşäni
atama görkezdi.
Gördüm, köşek, gördüm! Saňa aýtmagam gerek däldir
welin, berk saklagyn, bir damjasy gotura dermandyr-diýip, atam
eline suw akytmak üçin egilende, daşy kemerli garaja tüňçämiz
asmana zyňylyp gitdi, goýun gumalagy ýaly gülle onuň
böwründen gapy açan bolsa nätjek! Gorkuma
balagyma
goýberäýipdirin.“Wah, weheý, ýaşytdaş abzalym , sanalgyň
dolaýdymy?Bu jelegaýlarda aw edenimde ýanymdadyň , iki
92
tarapy guma direýän, adam girse görünmeýän borjakly
meýdanda gaplaň bilen ýüzbe-ýüz bolamda aljyrap, seni
gaçyrypdym , iki gündenem tapypdym , elli ýyldan soňam seni
bu ýerde taşlamaly boldum”diýip, atam çöküne düşüp gözýaş
etdi,ýerinden turjak bolanda sandraklady.”Garynjaň çakyndan
artyk ýük göterjek bolup,ýykylyp – sürşüp ýörşi ýaly,garrasaň
aýagyň ýer tutmaz ekeni, güýç- kuwwat galmady, jan Alla,
meniň janymy alda, Ýeroýulana ýetmekleri üçin bosgunlara
ýardam ber!...”
Oglum, “ýagmyr ýagdyr Soltanym!” diýip dileg et,Alla
çagaň dilegini eşidermiş, barja suwumyz ýaňkyja taňkaň
içindäki-di-diýip, ejem maňa ýüzlendi,soňom , Hudaýa
ýalbarmaga
başlady.Menem,Hudaýa ýalbarmak üçün
egilenimde
gözüme
çöp
çümdi.Ene,gözümdäki
çöpi
çykaryp,saryýag çaldy we sarady,şondan soň öz ýanymdan gözegörünýän-u görünmeýän zatlary sazakdyr-selinler,çigildemdirgülleri,owşardyr-çerkezleri,keýikdir-gulanlary,bürgütdirbarslary,Hudaý bilen bile kömege çagyrdym,sebäbi atam
aýdypdy:”Tilki adam ekeni, ejesi namaz okanda ýeňsesine
dürteni üçin Hudaý ony tilkä öwrüpdir, doňuz adam ekeni,
matany kem ölçäp bereni üçin doňza öwrüpdir, garga adam
ekeni, garaýürek bolup, görene ýamanlyk edeni üçin, Hudaý ony
gara garga öwrüpdir”diýip, häzir, öň adam bolan tilkinem,
doňuzam, garganam „bizi beladan gora,suw tapyp ber!“ diýip
kömege çagyrýardym.Birdenem, adyna agzanyma mähetdel,
ýanymda gonan zakyja garga gözüm düşdi,meň ho günki agsap
gelşim ýaly olam sag aýagyna agsaýar. Ilki ol galan gaçanlary
çöpleýändir öýtdüm, bir seretsem olam däl.”Ýagşy söz ýylany
hinden çykar“ diýlene uýup, kisämdäki galanja gowurgadan
onuň öňüne sepeledim. Ol göwünli-göwünsiz çokalan boldy,
beýleki gargalar gelende bolsa,orta geçip „gazak, gazak“ diýip,
nämedir bir zatlary „samrady“,beýlekiler ganatlaryny ýaýyp
“gak-gak-gak“ diýip jogap berdiler. Guş diline düşünmesem-de,
„Eger olar bize ýakyn, mähriban bolmadyk bolsalar duşmanyň
93
golaýyna gonardylar“ diýip pikirlendim. Şol wagt sakarja garga
aýagy bilen gum peşäp uçdy- gondy,ýene gum peşedi. Be, ol bir
zat diýjek bolýarmyka?. Haçanda , bu geň ahwalaty beýleki
gargalar hem gaýtalap ugranda men- Seret eý, olar nähili keýp
çekýärler- diýip,ýetip gelen Şamma ýüzlendim.
Olar keýp çekenoklar, basym uçarlar geler,goranyň,
gizleniň diýip bize duýduryş berýärler.Seret, asmana galyp, daş
ýaly ýere gaçýarda gum sowurýar, bu onuň “uçar maňa meňzeş
zady taşlap, adamlary,mal garalary paýhynlar, häzir boluň!”
diýdigi-diýip,Şammy bir zat tapdy oturuberdi. Keliň gowusy
köprüniň aşagynda ýatyp eşek ürküzer diýýärler welin şu kel
kellelede oýun bar, bir seretseň getirýän delilleri gabat gelibem
duran ýaly.
Eý, Şammy, kel kelläňi keserdip , doňuz diňini salýaňda,
jahennemden habar berip oturuberýäň-laýt! Uçarlar üç günläp
gelmedi, bu günem gelmez!
Aý ony görüberis!
Hawwala, çypdyrmaly bolsa-ha iki paýly ýalysyň, gel,
gowusy syryk ýaly gamaklary ýygnaly, odun bor!..
Gün günorta golaýlapdy.Adatça, ir bilen çozmadyk
duşman soň gara berenokdy, indi kowlener öýdmeýärdim,
mylaýym, ýakymly howa , azajygam bolsa parahat durmuş ,
guran gamaklaryň döwülýän sesi, düýäň bagyrmasy, atyň
kişňemesi, çagalaryň gülküsi meýmirediji täsir edýärdi,kä ýerde
ýaňy çykyp ugran çigildem gülleri haly atylan ýaly baýyrlara
görk berýärdi, bir ýerden hüwdi eşidilýärdi.
Allaý, allaý ak bäbek,
Asman dury gök, bäbek,
Ejeň pyçak çalýança,
Kakaň gylyç salýança,
Sallançakda ýat bäbek
Alla, huwwa etmäge,
Käşge elim boş bolsa,
94
Hopba edip gitmäge,
Saňa ýaran- baş bolsa,
Arzuw-hyýal etmäge
Çörek duzum haş bolsa,
Ejeň saha guwanyp,
Ýürejigi hoş bolsa
Huwwa, balam, huwwa, huw!
Atasyna ogşasa,
Kesgir gylyç bilbagy,
Enesine ogşasa,
Merwendendir ýaşmagy,
Ejesine ogşasa,
Ýüpekdendir bilbagy
Huwwa balam, huw, huw, huw!...
Birdenem, hüwdüniň arasy bilen „ Duw-duw-duw“ ,
„Duzt, duzt, duzt“ , „Ta-ta-ta“ sesler eşidildi, bu eýýäm, urşuň
alamatydy. Çagalary oýtuma taşlan aýallar, keteni köýnekleriniň
üstünden iki örüm saçlaryny goýberen gyzlar ellerine gyrkylyk,
pyçak, gylyç alyp häzirlendiler. Bilgeşleýin üstümize
kowulýanlygy sebäpli duşmanyň jotda guýruk atlary
güpürdeşip, içimizde başagaýlyk döredýärdi, okuň sesine, ganyň
ysyna dälilik derjesine ýetipdiler.
Yzyňyza dolanmasaňyz siziň külüňizi çykarýarlar! –
diýip, kimdir biri gygyrdy.
Kim şuny aýdan, kim? Aýdyň, men onuň çanagynyçemçesini gana bulaýyn – diýip ,Meret tentek töweregine
garanjaklady.
Men gargalaryň golagoply „Gak, Gak“-laryny eşitdim
hem-de göz – açyp – ýumasy salymda çöpe-çöre siňişlerini
synladym. Pursat saýyn artyp barýan güwüldiden gorkup,
alaçsyz asmana seretsem, çägeň reňkine meňzeş iki uçar baýryň
eteginden ýetip gelýär, owsarly düýeler eýesine baş bermän
patanaklap gaçýar, adamlar janyny gorap çöpe-çöre siňýär,
95
Şammy keliň yzymyzdan galman gelýän gürjüsi guýrugyny
ýamzyna gysyp gujaga gysylýar...
----8---Uçarlar pesaýlap, mallaryň üýşen ýerlerini peýläp,
bomba taşlap başladylar. Ýüregi ýarylan ýaly bolup, ylgap gelen
ejem meni bagryna basdy,Ejemiň tebigatynda enelere mahsus
tebigy mähremlik bardy,meni her ädim mähir bilen
garşylap,mähir bilen bagryna basýardy,kökenekleýärdi,şonda
onyň ýüzi gül dek açylýardy,meň ýüzümde azajyk hem
bolsa
gussa
görse şobada
ýaprak
ýaly
saralýardy,süllerýärdi.Ejem bilen bile bolan döwürlerim isle
agyr isle ýeňil günler bolsun tapawudy ýok, özümi edil
jennetde ýaly duýýardym.Elbetde,şeýle jennetli ojagyň
saýasynda mähir bilen önüp-ösen çaganyň beýleki jenneti
çagalardan tapawudy ýokdur,olar halallyk ýolundan asla
dönmezler.Kakam ejemi demirgazyk ýyldyzyna meňzedýär,ol
asla ýerini üýtgedmeýär,diňe öz okunyň daşynda aýlanýar
diýýar...Käte, soň-soňlaram ejemiň gowy görüşi,mähri
ýadyma
düşende
bialaç
gözümiň
owasy
ýaşdan
dolýardy,saklanyp bilmeýärdim.. Ine,ejem ýene meni bagryna
basdy,Hajar daýza Şammyny gujagynda gizledi , atam Ene bilen
Jahanyň üstüne çäkmenini atdy, şeýdip, çagalary okdan gizlejek
boldular. Bombalaryň aýylganç ýarylmasyna, piliňbudunyň „Tata-ta“ –syna seretmezden Meret kakam uçganaklap duran ak
atynyň üstünde iki ýana daz ýasap , asmandaky uçarlary nyşana
alýardy,”Meniň bagtym geldi, ýowyň çanagyny çemçesi bilen
gana bulaýyn“diýip gygyrýardy.
:Eje Meret kakam batyr , biz ýaly bukulyp ýatanok!diýip,men ejeme seretdim.
Meret tentek Meret tentekdir-dä, samsyk ol , batyrsyran
bolýandyr, samsygy ok almaz diýýändir
Eje batyry ok almaz diýenoklarmy näme?
Ýat, galdyrma kelläňi!
96
Ejem goluny gerip bagyrtlap ýatsada, men bolup geçýän
wakalary synlap ýetişýärdim. Ýagyş ýaly ýagýan okdan birjikde
çekinmän, duşmanyň alnynda Meret kakamyň batyrgaý
herekedine göwnüm galkynýardy, okuň ondan sowulyp geçişini
görüp, atamyň „batyry ok almaz“ diýeniniň dogry ekenligine
düşündim. Onuň bu etmişi, gorkudan rüstem gelip bilmän
oturan adamlarda, aýal-gyzlarda batyrlyk, gaýduwsyzlyk,
duýgusyny oýardy, Ogultäç gelnejem, dört örüm saçyny başyna
ören Maral dagy zenanlara baş bolup , gözleri gapyk ýaly,
gyrkylyklaryny bulaýlap , duşmana topuldylar, şeýdip ganymy
yza serpikdirdiler. Men saçlary biline oralan gözelleriň „Wah“
diýip ýykylyşyny, böwrüme ok degen düýäniň içegesini süýräp,
ýykylýança gaçyşyny görüp ýatyryn, Meret kakam bolsa
henizem „Ine, men, alyp bilseňiz alyň!“ diýýän ýaly, şol çapyp
ýör, atyna özüne gülle degäýse nädersiň, diýmek gülle batyrdan
gorkýar.
Meret kaka, gorkaňok-maýt? – diýip ,men ikindinara
ondan soradym.
Bilýämiň näme, ölýänleri görüp köp zada öwrenişýän
ekeniň , bolmasa däliräp gidibermeli- how! Ukusyzlyk, açsuwsuzlyk, horluk , ölüm gorkusy adamy aljyradýar, keç
ykbalyna kaýyllyk döredýär, gowulygyň boljagyna welin umyt
döredýär,bilýärmiň näme, „Men öläýsem pylana pylan zat aýt!“
diýip, ölümini ýarpy-ýalta bolsa-da, boýnuna alanlar ölýärler,
muny öz durmuşymdan bilýän, şol sebäpli hiç wagt ölüm barada
pikir edemok, şeýtseň ok seni almaz ekeni!Aslynda men
ölümden gorkamok. Şeýle häsýetim üçün maňa Tentek, samsyk,
däli goşulmalary goşdular, goý,goşsunlar, akylly bolsaň okuň
agzyna göni barmarsyň ahyr! Sizem eneňiziň gujagynda
janyňyzy saklajak bolmaň-da, eliňizden gelen kömegi ediň!...
Ölümden hemmeler gorkýar,segsene ser urdum weli
okdan ölesim gelenok-diýip, atam dillendi
Men özümi gorkaklaryň hataryna goşasym gelenok
hä,ýöne edil gapdalymda bomba ýarylanda
jalbarymy
97
ölläpdirin-diýip,Bäpbe ças seslendi,adamlaryň gülkülerinden
soňam-Özüm aýytmadyk bolsam bilmezdiňiz-diýdi.
Köşekler,iň bir gaýduwsyz adam ýeňiş sazyny
çalýandyr,beýlekiler oň yzyna düşýändir,gülle gaýduwsyzdan
gorkýandyr...
Atamyň, Meret kakamyň sözlerinden soň biz, Şammy
dagymyz beýdip ejemizi penalap ýatman, özbaşdak hereket
etmelidigimize düşündik. Zakyja gargalaryň täsin hereketlerini
düşündirmekde Şammy keliň öňden görüjiligi, bu eýýäm, biziň
howpsuzlygymyzyň açarydy, herekedimiziň başlangyjydy. Men
„Nähak söz diýipdirin, göwnüme degipdirin, ötünç soraýyn“
diýip, ejesiniň gujagynda gizlenip ýatan Şammydan
bagyşlamagyny sorajak boldum, emme ejem „Gymyldaman ýat!”
diýip, ýeňsäme bir çaldy welin „ Waý, eje!“ diýenimi duýman
galypdyryn. Şu günden soň biz gargalaryň kömegi bilen halys
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 07
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.