LatinEach bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýazgyt - 04
Total number of words is 3728
Total number of unique words is 2257
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
kim bolup biler?”diýip,ol pikirlenýärdi.Märekeman bolsa-da ol,
häzir mährewsizdi,mürewwedi ýokdy.Mur dek muhannes,
mähirsiz duşmanyň mesligne bakman,ony memleketinden
kowup çykarmagyň aladasynda-dy.Bu işiň elinden geljeginigelmejegini hakydasyna hem getirmeýärdi.Özem,birhili köne
dünýäden gaýyp düşen ýaly bir töwra adamdy.Henizem uruşda
diňe adam güýjüne bil baglanylýandyr diýip hasap
edýärdi,duşman
bilen
ýekeme-ýeke
çykasy,güýç
synanyşasy,ölesi ýa-da öldüresi gelýärdi.Daşynyň ähtiýalanlyk
bilen gabalmagyna düşünip bilenokdy.Onuň pikiriçe,duşman
“söweşe geldim,taýýarlan” diýip puryja bermelidi,soň başa-baş
söweşe çykmalydy.Näme diýse uşjak bolup duran çal atyny
köşeşdirýän ýeke dikrary,göz guwanjy,nowjuwan Berdi bolsa,
bu töwralygy üçin oňa igenýärdi.Başga mütdetde ähtiýalanlyk
erkek adama gelişmeýän hereketleriň biri bolsa-da, häzir ony
ulanmagyň
utanç
däldigini
kakasyna
düşündirjek
bolýardy,”Rugsat ber,men hol çetki pulemýody adamsy bilen
ýok edeýin!” diýýärdi.Emma Garry Hoja: “Eý,ogul,ogul,düýeçe
ulalypsyň,köşekçe akylyň ýok,depeçe beýgelipsiň, daryça beýniň
ýok,hünäri
ata
oglundan
öwrenermi
ýa-da
ogul
atadan?!Näme,men
indi
garrandyryn
öýdýärmiň?”
50
diýýärdi.”Ýok,kaka,men ony diýjek bolamok,ýöne,atanyň
maksady ogul ösdürip ýetişdirmek,ýetişen oglunyň maksady
atasyny eklemek, näkesden goramakdyr.Häzir meniň wagtym
geldi,rugsat ber,duşmana kimdigimi görkezeýin “ diýip ogly
ýalbarýardy. “Ogul, ölsem nesil ýetişdirip,yzymy dowam etdirjek
sen,sen ölseň,köküm
gurar,adym ýiter” diýip,Garry Hoja
göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen dor atyna atlandyda,duşmana tarap okduryldy.Berdi diňe atyň halyça juluny
görüp galdy,aljyrap gygyrdy,gygyrdy,goýdy.Dor at eýýäm
kötelde ýerleşen jotda guýruk atlylaryň zenehdanyna ýetip
barýardy.
Ot ýaly gyzan pulemýoda dynç bermek
üçin
oturanlarynda,Garry hojanyň kösse gylyjyny bulaýlap gelşini
gören duşmanyň zähresi ýarylyp,başyna kyýamat gopdy.Olaryň
üçüsi kempaýyny görkezip gaçdy,beýlekileriň
köpeni
biçildi.Garry Hoja pulemýody kemende dakyp atyna süýredip
alyp gaýtdy.Bu waka örän çalt bolup geçdi.Jöwlana dönen
duşman aýňalyp ýetişmedi.Haçan-da özüne gelende, daýaw dor
at eýýäm pulemýot bilen eýesini ok ýeterden daşlaşdyrypdy.
Garry hoja biziň ýatan oýumyza gelip atdan düşdide,süýräp getiren aýylganç ýaragyny tokly göteren ýaly göterip
bir tarapa zyňyp goýberdi.Onuň demir tigirleri,göwresi çägä
sümüldi.Ol bize “Alyň ogullar,inerjiklerim,munuň üstüne
buşugyň,daşyna poh çalyň,indi bi başga zada ýaramaz” diýdi.
Biz Garry hojanyň ýaragy ediberşini gözümiz bilen
görüp,agzymyzy açyp galdyk.Şammy ikimiz ony ýerindenem
gozgap bilmedik.Bu ýerde atamyň: “Goýun-geçi soýanda
böwregini goparyp alýar-da,onuň daşynyň çyg ýagy zady bilen
petir nana dolap hapladyp urýar,soňra düýe ýükünden pes
bolmadyk ýükli eşegini ýüki zady bilen göterip ýör” diýip,Garry
hoja barada aýdanlary ýadyma düşdi.Emma men “Garry hoja
ýükli düýänem göterýärmişin” diýip,Şammy kele aýdyp
berdim.Şammy geň galmakdan ýaňa sümüginiň ernine
ýeteninem bilmedi.Ol ahyrym
çermegini çekip:”Çypbakaý
51
çynyňmy?Öwlüýäjan kessin diý” diýdi.Menem: “Öwlüýäjan
kessin ” diýdim.Şol wagt ýanymyza dokuz ýaşlaryndaky gyz
doganym Ene geldi.Ony “Oýdan çykmasyn,göz –gulak bol” diýip,
ejem ugradypdyr.Ol gelen badyna täzeden bir atyşyk
başlandy,hiç kelläňi galdyrar ýaly bolmady.
Ýer bagyrtlap esli ýatanymdan soň,ok sesleri birneme
kiparlan badyna ýerimden ýuwaşja galyp töweregime
seretdim,emma “enekäm” topugyma ýetip duran ezýaka
köýnegimiň eteginden tutyp aşak oturtdy.”Galma ýeriňden!”
Şammy
kel
almaň
sapagy
ýaly
boýnuny
süýndürip:”Henizem
durlarmaýt
olar?”
diýip,gorkagorka,sorady.
Durman nirä gitsinler?
Kakam olara“gyzyllar” diýýär.
---Onda biz kim bolýas?
Biz halk duşmanlarynyň çagalary bolýas!Şu zatlar
gowulyk bolup gutarsa,gowy boljak-da!
Men-ä olary Marala,Berd-ä tawşyrardym,goý, çat
maňlaýyndan göz açsyn!
Adamyň maňlaýyndan göz açsalar bolmaz-a,eý
Çoluk!Belki,birneme saklanarys ,belki,bu dawany uruşsyz
çözeris?Bizem käte özara tersleşip,uruşman ylalaşýas
ahyrym,”agzalanyň ili hansyz,halky sansyz,saçagy nansyz”
bormuş diýýä,kakam.
Meň ýalan sözüň bolmansoň seň bilen ylalaşýan.Dudy
däliň heý ýekeje dogry sözi barmy?Kakamy türmä
basdy,malymyzy talady.
Ynanyp bolmasa onda ar almak galýar,şeýlemi?diýip,Şammy kel sorady.
Hawa,ar almaly, ar!Şumat uçardan taşlanýan zady elime
berseler,olary palaç ýatyran ýaly ederdim.
Bu şol diýýän zadyňdan kemmi?-diýip, ol pulemýody
görkezdi.
52
Hawa,men höwes bilen bu ýaraglary gyzyllaryň
garşysyna ulanardym,arman ol maňa nätanyşdy.Şonda-da
tutulýan tutawajyndan ýapyşyp,iki ýana aýladym-da “ta-ta-ta!”
diýip “atdym”.Bu ýarag bilen ýap-ýaňy bize tarap ok
atypdylar,zorluga,eden-etdilige çydaman,aýyl-saýyl bolýança
howpsuzrak ýerde ýaşap,güler ýüz berlende mekanyna gaýdyp
gelmegi niýet edinýän günäsiz bendeleri,garry gurtylary,balaçagalary,aýal-ebtadlary ýok etmegiň kül-külüne düşüpdiler.Bu
ýaragyň hut şeýle niýet üçin ,ýörüte adam öldürmek üçin
ýasalanlygy
çyndy.Mäşesine
gelse
atamy,kakamy,ejemi,Maraly,Berdini,Garry
hojany,Annaguly
hany,ähli bosgunlary ýok etjegem çyndy.Ýöne biz şeýle aýylganç
ýaragy güýçli duşmanyň elinden zor bilen almak bilen belli bir
mütdetde ondan has güýçlidigimizi görkezdik!Goý,biz bu
ýaragyň diline düşünmäli,nädip atmalydygyny bilmäli,şonda-da
ol biziňki,diýmek, biz belli bir derejede duşmandan güýçli.Maral
ýarag bilen tanşyp “Oky bäşataryňka meňzeş” diýýär, okuny
öwrenen bolsa basym, ony ulanmagyň tärinem öwrener,kimkim,Maral öwrener.
Men öz-özümden hoşal bolup,ýaragyň tutawajyndan
tutdum-da,iki ýana aýlap “atdym”.”Ta-ta-ta-ta!”Her atan okumyň
bir
näkesi
tüňňerdýänligine
ynanýardym,şoňa
hem
guwanýardym.Şeýdip, keýpden çykyp otyrdym welin, Şammу
kel “Menem ataýyn” diýip,böwrüme dürtüp goýanok,”Aç
osrak,dok suwsak” diýýärler welin,kän bir aç bolmasada,Şammy keliň käte zarplyja,ýakymsysja ysjagaz çykaraýmasy
bar.Men şony göz öňünde tutup “Sen öz ýaragyň bilen
atybersene ” diýdim.”Ol hakyky ýarag däl-ä ” diýip duransoň
neneň atdyrmajak?!
Ol ýaragyň tutawajyna ýapyşyp ýapyşmanka “Ta-ta-tata” diýip,şeýle bir “atyp” başlady welin,asyl goýar ýerde
goýanok.
Men daýaw ojaryň düýbünde duşmany nyşana alyp ýatan
Marala “Gel bileje ataly” diýip gygyrdym. Ol bir zatlar-bir zatlar
53
diýýän ýaly, elini galgadyp yşarat edýär.Oňa özümçe
düşünip,Şammyň böwrüne dürtdüm-de: “Sen atyjy bolarsyň”
diýdim.”A sen kim,Serdar boljakmy?” diýip,Şammy atmasyny
goýdy.Men kellämi yrap hawa diýdim,dogrusy özümiň häzir
serdarlygyma ynanýardym.Duşmanyň güýçli ýaragy elimde,ok
atmany öwrensem, günümize goýmaýan näkesleri gürrüňsiz ýok
edip bilerdim ahyryn.Onsoň
serdar däl-de men
kim
bolýan,onsuzam Şammy keliň, Enäniň serdary ahyr.Men
Şammyň elinden piliňbudyny alakgetdin-bu ýaraga başgaça at
dakyp bilmeýärdim-gamakly üwmegi “tozadyp” başlamda,
öňüme bir gytyjak bagana telpek gaýyp düşdi.Seretsem, ok
bir ýanyndan girip beýlesinden çykypdyr.Ýüzünde gan-pet
galmadyk Şammy keliň süýri kellesinden syrygyp gaýdan
gan, maňlaýynyň üsti bilen aşak damdy,Ene görgüli
“ýernňden
turduň!”
diýip,
onuň
kempaýyny
ýumruklaýardy,jümjüme ýaglygyny sypyryp bir zatlar
diýýärdi.Buýtar-süýtar etjek bolan Şammynyň ezeneginden
tutup bir siltedi welin,ol biziň gorkajyk gaýalygymyz ýaly
siýdikläpjik dur.Siýdige öllenen ýaglyk saralandan soň-a
keljurynyň kellesi şeýle bir gülkünç görnüşe girdi,heý
goýaý,tas pyňkyrypdym.
Gör-ä, bi melgunlary, çagany sylap goýanoklar.Türkmen
bolup türkmene ýarag çeneýän
duşmanlaryň bagryny
garaldaly.Al eliňe Şammy ýaragyňy, at gysganma-da-diýip,
gözi ýaşly bagry daşly Maral aňyrdan gygyryp aglady.Şondan
soň Şammy wazladyp şeýle bir ok atdy welin ganymlary
gabsalda gabzap janyny gabyz etdimi-kä diýýän,galanynam
onuň özi bilýär....
Senem men ýaly gyzyllara çenäp atdyňmy?-diýip,ondan
soradym.
Çenemän ýöne ataýdym
Gawunkelläňden
çüýlediler,şonda-da olara
nebsiň
agyrýarmy?
54
Beý diýme,Çoluk,adamy atyp biljekgäl.Annaguly Han
gabat geldi,atjakmy?
Ol dönük däl-ä1
Dönük bolmasa, erte oňa-da dönük diýerler.Kakaňy
dölä salmadylarmy?Asyl duşman duluňdan döremesin
diýsene!
Goýsana, oglan,aramyzda
dönük
ýok,garşymyzda
duşman bar,serkerdämiz onuň hötdesinden geler-diýip,Ene
onuň al-petinden aldy.
Dogan-dogana gala bolaýjak ýaly, emma...
Kim ol dogan diýýänleň1
Gyzyllaň hany Halmyrat Gotur
Agdar hanuň
agasymyşyn.
Goýsana oglan,,doganlar uruşmaz,birek-birege içigaralyk
etmez-ä!
Beý diýme,Ene,ýaňy jigileň urşup durşyny gözüm bilen
gördüm.
Olar
bir
many
bilmez
çagalar.Goý,indi
şu
gürrüňi,asylzada neslimize ysnat getirme.
Dogryňy aýtsaň urýarlar...Sen şolar ýalyň günäsi bilen
eliňe keşde däl-de, ýarag alýarsyň-diýip,men Şammynyň
tarapyny tutdum.
Ol
döwrüň zerurlygy,kaýyl bolaýmaly-diýip,Ene
gaharly jogap berdi.
Dogrudanam,her döwrüň öz zerurlygy
bolar
ekeni.Şeýle bolmaýanlygynda ejem häzir kakama ok daşaman,
biş-düş ,kir ýuwmak bilen meşgullanardy,kakam mal-garaň
yzynda bolardy,biz oýda ýapyrlyp ýatman , daşyna ýaňy tüý
bitenje owlak-guzular bilen oýnardyk,sagmak üçin ejeme
goýun-geçileri kökerişerdik,düýamize çelek atyp, suw
getirerdik.Hany indi o zatlar...
Şol wagt agar çäkmene duwlap Annaguly hany alyp
geldiler.Pahyryň naçary ýanynda ýok,diňe iki nökeri aglap
gelýär.
55
Adamlar,hanymyz şehit boldy-diýip Baýram bykowly
seslendi.
Baýram batyr,ol-a bolmandyr, okuň agzyna bermeli
däldiňiz,oňarmansyňyz1
Kysmatynda bardyr-da Welkyly aga,ýogsam, bizem ony
etmejeklerden-ä däldik.
Kysmatynda bardyr!-Baýram molla
hanyň indi
öňküdenem nurlanan nurana ýüzüni çäkmeniň gyrasy bilen
ýapdy...
Indi Annaguly hanyň ölümi barada
bar bolan
maglumady dile getireliň...
Giç öýlänlär bosgunlar günüň dowamynda ikinji gezek
garşylyklaýyn
söweşe
girdiler.Söweş
örän
gazaply
boldy.Arman ok,ýarag ýetmezçiligi gollaryny baglady,ýogsam,
olar ep-esli aralyga duşmany kowalap hem gitdiler.
Ne gözel mert,namysjaň goç ýigitlerimizi ýitirýäsdiýip,Garry hoja başyny ýaýkady-Nirä,seretseň,ölüm,ölüm...
Dogry,aýdýarsyň,mollam!-diýip,Garaoglan beg ony goldady.
Dogry-diýip,Berdi hem başyny atdy.
Ölüm barada pikir etmeseň özüňi ýeňil duýýarsyň.Iň
esasy zat-ömrüňi nämäň
hatyrasyna gurban etjek
bolýanlygyňy
bilmeli,watany,ili,ýurdy,maşgalany
gelmişeklerden goramagyň mukaddesligine düşünmeli.Bu
gahrymançylyk, şöhrat,at-abyraý üçin edilmeýär.Ol watan
üçin edilende gözellik derejesine ýetýär.Eden hyzmatyňa
görä-de, şöhrat gaýdyp gelýär.Watany gorap ölsem armanym
ýok...Aýgytly söweşe çykmaga pursat geldi,ýa ölmeli,ýa
almaly!
Duşmanlar
depelerde,amatly
nokatlarda
ýerleşdiler,han,gyssanma-diýip,Garry hoja garşy çykdy.
Muny maňa duşman serkerdesi Loginow hem aýtdy.Men
oňa “pulemýod eskadronyň komandiri Dudy dälini berseň köp
gyzyl pul alarsyň”diýdim,ol “Men dönük,ýa ganhor
däl”diýdi.”Hop ýagşy,ganhor bolmasaň onda aýt,günäsi
56
bolmadyk ýaragsyz bosgunlary gyrmak ganhorluk dälmi?Güýçli
ýaragyň bilen,amatly nokatlary eýeläp,güýçli boljak bolmak
mertligiň alamatymy?Seniň polat uçaryň bar,emme biziň horja
eşegimize gözüňi dikýäň,güýçly ýaragyň bar,emma biziň
gyrkylygymyza gözüňi dikýäň.Örän uly,tükeniksiz tokaýly,janly
jandarly ýurduň bar,emma biziň syrgyn çägeli mekanymyza
gözüňi dikýäň.Bizde dört derýa,bir deňiz bar,sizde onlarça
derýalar,köller,deňizler
bar,şonda-da
ýurduma
gözüňi
dikýäň.Munuň, garybyň ýyrtyk donuna baýyň göz dikişine çalym
edýär,şeýle dälmi?”diýip soradym.Ol “Hut şeýle,seňki
dogry,ýöne men sizi ýok etmek üçin iberildim,yza dönme
ýok!”diýip jogap berdi.”Kimiň kimi ýok etjegini Alla
bilýär!”diýip,menem jogap berdim. Şol aýdyşym ýaly,biz
bukulyp gününi görýän duşmana aldow salarys,bir bölek
ýygyny sag ganatdan ugradarys,özümiz esasy güýç bilen
çepden zarba urarys,göreli, kimiň ýok boljagyny!Dogrymy
aýtsam,biz olardan hemme taraplaýyn hem güýçli,ýöne, biziň içdaşymyzda
pula
satylýanlar
bar,şolar
bizi
heläk
edýärler.Siňreldi
guýysynda
güýjüm
agdykdy.Men
duşmana”Bize garşy söweşýän musulmam doganlar!Ýaragyňyzy
taşlap,
boýun
bolmasaňyz,baryňyzy
gylyçdan
geçireren!”diýip,arapça hat ýazyp ugratdym.Hat, depede
ýerleşen duşmanyň pulemýod eskodronynyň komandiri Dudy
molla
berilipdir.Ol maňa şeýle mazmunly jogap hatyny
ýazdy:”Annaguly han,sen bize dogan däl,sen galtaman.Biz saňa
gerekli musulmanlardan däl,biz bolşewikler-zähmetkeş halky
goraýjylardan.Bize, haýsy Hudaýa ynanylýanlygynyň tapawudy
ýok.Aramyzda asla, Hudaýa ynanýanam ýok” Ine,duşmanda
gulluk edýän türkmeniň beren jogaby.Beýle adama türkmen
diýip bolarmy?-Sesine dyngy berdi-de,ol Berd-ä ýüzlenip:Ýigitleri al-da,duşmanyň üstüne aç gurt kimin topul!-diýdi.
Bolar,han-diýip,Berdi atyna atlanmakçy boldy.
Ýok,bukdaklap,amatyna garap almasaň,
duşman
eýgertmez,gaýrat et,Berdi batyr!
57
Oglanlary göni ajala ugratmaly, garaňky gatlyşýança
goraga geçeli.Ýaragyň,okuň ýetmezçilik edýän wagty,
duşmany bukuda awlamak ýerlikli bolar-diýip,Garry hoja
maslahat berdi.Emma han sözünden dänmedi.
Göbek ganyň daman ýerinde mertlik,gaýduwsyzlyk
görkezmezlik mümkün däl.Dogry,goç ýigitlere nebsim
agyrýar.Ölsek ýerimizi başgalar eýelär.Watany gorap
ölsek,gelinlermiz çaga dogrup,ornumyzy boş goýmazlar,şeýle
dälmi? Men bir zada ynanýan,duşman nähili güýçli hem
bolsa aňyrsy-bärsi görünmeýän Garagumyň hemme ýerini
eýelemez,eýeläýende-de, ahyrym özi gaçyp gider,sebäbi jany
çykaýmasa türkmen,duşmanyň aýagyna badak atar durar...
Annaguly
han
donunyň
synyny
epläp, guşagyna
gysdyrdy,bäşataryna ok sürüp öňe okduryldy,ylgap barýarka
aýdyma hiňlendi.
Mary-Şahy-Jahan asly mekanym...
Aç gurt deýin gana degdi dişlerim,
Rüstemden zyýada kylan işlerim.
Ilim üçin dogry duran goçlarym,
Jan alyp,jan berdi seniň üstüňde...
Ol,Gara şahyryň bu goşgusyny dilinden düşürmän
gaýtalamany gowy görerdi.
Ol bu ýere gaýtmazynyň öň ýany,ýetmiş ýaşy arka atan
Gara şahyr nebereleri bilen Jüneýit hanyň ýanyna,owgana
gelipdi,şol ýerde hem Pidaýy lakamy bilen
“Mary-ŞahyJahan”atly goşgusyny aýdym edip aýdyp beripdi.Şondan bärem
Annaguly han, aňyrsynda hüjre-hüjre Mary taryhy ýatan
goşgyny,aýdymyň heňini ýat tutup gaýtalaýardy.Bu onuň
kalbynyň harasady bilen owaz öýdümine
gabat
gelýärdi,gözellige,durmuşa bolan söýgüsini oýarýardy...
Annaguly han beýikli-pesli ýerleri peýläp duşmanyň
bir toparynyň golaýyna bardy-da, ýapa ýaplanyp tüpeňiniň
58
mäşesini gaýtardy,ýetip gelen Garry hoja bilen Garaoglan hem
onuň gapdalynda ýerleşdiler
Han,maslahat berýär diýme,nämede bolsa ýaşym
uly,aýtmak borjum.Sen ýönekeý nöker däl,bosgunlaryň
hany,ýolbaşçysy.Beýdip öň hatarda söweşmeli däl-de, goç
ýigitleri ýerli-ýerinde goýup,az ýitgi bilen
kapyry ýok
etmekde bize ýol görkezmeli.Biz seni yitirsek uly hata
goýberýäris,sebäbi, sen uly daragt.Köp adamlaryň täleýi seniň
herekediňe bagly.Onsoňam,seni ýaralasalar ýoly bize kim
görkezer?-diýip,Garry hoja dillendi.
Hojam,maňa zat bolmaz,Alla bardyr.
Ol dogry,Alla bardyr,ol bizi goraýar,ýöne menden
başga saňa ony etme,muny beýtme,bu seniň işiň däl diýip
biljek ýok.Henizem bir pille,bosgunlaryň arasyna
baralyGarry hoja şeýle diýse-de, sözüniň diňlenilmejegini
bilýärdi.Aslynda jan alyp jan bermeli şu pursatda onuň özi
hem başgaça hereket edip biljek däldi.
Annaguly han ýazda peýda bolýan ak,gara,sary,mele
güläleklerde
bir-birine
meňzeş
bolmadyk
adamlary
görýärdi,onsaň bir gülälek aýak astyna düşende gynanýan
adam ölümiň elhençligine düşünýärdi,ölüm barlygy ýok
etmekdi,gaýdyp getirip bolmajak zatdy.Adamyň ölümi bolsa
geçirip bolmajak hatady.Han,hut şol sebäplem“Hiç kim bu
elhenç ýitgä gaýdyp uçramasyn!” diýip, ölümiň öňüne böwet
bolasy gelýärdi.Öz ölümi bilen beýleki ynsanlaryň ölüminiň
öňüni
aljak
bolýardy.Şu
pursat
ol
mähriban
maşgalasyny,gizlenpeçekli uruş-uruş oýnuny oýnamany
halaýan ogullaryny ýatlady,olary göresi,gujaklasy geldi.Öýe
gaýdyp bardygy uruş oýnyny oýnatmaly däldigi barada
pikirlendi..Ol hiňlenip, oky
gutarýança
dili
düşnüksiz
gelmişekleriň läşini serdi, soň, tüpeňe derek gylyja ýapyşyp,
gabat garşysyndaky depede ýerleşen duşmanyň üstüne “Jan
alyp jan berdim seniň üstüňde”diýip, gaplaň ýaly
topuldy.Barşyna,birini gylyçdan geçirdi,döwlen gylyjy taşlap ak
59
saply pyçagy aldy-da,ot saçýan pulemýodyň öňüne özüni atmak
isledi,emma ikinji duşman pulemýody taşlap,pyçagy bilen oňa
topuldy.Sag böwrüni tutup ýykylan han özüne gelende,edil
gapdalynda ýatan çala jan duşmany gördi.Pyçak onuň
kükreginden,duşmanyň pyçagy bolsa onuň sag böwründen
giripdir.Hanyň bu herekedi zerreje wagtda onlarça oky
ýagdyrýan aýylganç ýaragyň sesine suw sepipdi.Mundan
peýdalanan goç ýigitler ýerli ýerden ýetişip,duşmany
serpikdirdiler.Garry hoja,Garaoglan hem bu ýerde agyr
ýaralanypdylar...
Eý,kapyr,dirimiň!?-diýip,Annaguly
han
çagalykda
öwrenen
dilinde,
ors
dilinde
sorady.
Türkmençä düşünýän!-diýip,duşman gözüni açman seslendiMen belorus alymy Aleksandr Hodzkonyň çowlugy,adym
Aleksandr.Alym 90 ýyl mundan öň Magtymguly şahyryň köp
goşgularyny terjime edip,Londan-da neşir etdiripdir.-Ol
töweregini,sermeledi.
Pyçagyňy gözleýärmiň?Ol ine,meň böwrümde,meň pyçagym
bolsa seň kükregiňde!
Çermegi pyçakly çyňyr
türkmen görersiň diýýärdiler,dogry ekeni!Wah-waheý,yz
galdyrman gitmeli boljakda!Heý,öýüňe
öküz giren
diýsänim,meni nädäýdiň?
Seni çagyrdymmy?Aýagyň bilen özüň geldiň,men günäkär däl.
Dogry,özüm
geldim.Men
polşada
ylmy
iş
alyp
barýardym.Ýolbaşçymy öldürdiler,onam menden görüp, türmä
basdylar.Haçan-da,hiç zatdan gaýtmaýan kellekeserleri ähli
ýurtlaryň türmelerinden ýygnap,Siziň garşysyna ugratmakçy
bolanlarynda, men hem, şahyr Magtymguly hakdaky ylmy işimi
dowam etmegiň hatyrasyna olara goşulyp gaýtdym.Sen şahyr
barada näme bilýärsiň!?
Bizde,onuň
eserleri Mukaddes Gurhandan soň söýülip okalýar.Duşmanym
bolsaňam, beýik şahyr barada ylmy iş ýazýanlygyň üçin
hormatyň ýokarydyr.Eliň ýaragly gelmedik bolanyňda
myhmanym
hökmünde
kabul
ederdim.
60
Alym Hodzkonyň kitaphanasynda şahyryň 28 sany goşgulary
bar,men olary ýatdan bilýärin,isleseň aýdyp bereýin.Güýjüm
ýetäýse!-Ol sag eliniň aýasy bilen kükreginden akýan gany
saklajak boldy,emma ony beýdip duruzmak kyndy...
Dogry ýörän,dogry gezen dok bolar,
Biwagt ýörän melamata çoh galar,
Ömrüň boýy ýygnaganyň ýok bolar,
Haram söýen ýigitlere baş bolmaň
!-diýip,Aleksandr sägindi...
Magtymguly,köp söwdaly başyň bar.
Ömrüň uzak,ýüzden aşa ýaşyň bar,
Özüňi bil,özgede he işiň bar,
Bahabar ýör,hak ýadyndan daş bolmaň!”
-diýip,Annaguly han goşgunyň yzyny alyp göterdiŞahyr”Özgede he işiň bar”diýse-de,sen-ä eliň ýaragly gelipsiň!
Nädeýin,ýorganyma görä aýak uzatdym-diýip,Aleksandr bir
gerindi-de,ýüzüni çytyp dodagyny dişledi-General Lomakin bu
topraga aýak basanda”Tekeler ýer ýüzüne ysnat getirýän
ýabany,wagşy,medeniýetsiz taýpadyr,ak kagyzyň ýüzüniň gara
tegmilidir"diýip,ýolbaşçylaryna maglumat iberipdir.Men ol
aýdylanlaryň toslamadygyny bilýärdim.Magtymguly ýaly beýik
şahyry bolan halk medeniýetsiz,wagşy bolup bilmez.Şeýle dälmi
näme!?
Kimiň
wagşylygyny taryh görkezýär.1878-nji ýylda Lomakin, jansyzy
Awarskiniň üsti bilen, Gowşut hanyň köwşüne iýiji guýup,1880nji ýylda bolsa Nurberdi hana awy berip öldürtdi,mundan beter
wagşylyk bolmaz.Umumanam,taryhçylar biz barada”Bir söz
bilen aýdanyňda türkmen topragy,türkmensähra ýeriň we
zamananyň hemme muşakgatlyklaryny öz gerdenlerinde çeken
we taryhy beýan edenleriň näletlerine sebäpsiz sezewar bolan
ynsanlaryň
ýaşaýan
ýeridir.Geçmişde,ylaýtada-da,gajarlar
döwründe,türkmenleriň
keşbini
nädogry
we
ters
61
suratlandyran,rehimsiz
galtaman
atlandyran
ýazgylar
kän,türkmensährany,türkmen topragyny”ot we gan ýurdy”ilaty
bolsa
medeniýetsiz,taryhy
geçmişi
bolmadyk
hasapladylar.Häzir hem siz şeýle maglumatlara daýanyp hereket
edýärsiňiz,emma
olar
biziň
ruhumyza
ters
gelýän
zatlardyr.Magtymguly,Mollanepes,Kemine,Mätäji,Seýdi,Zelili,An
dalyp,Magrupy ýaly şahyrlary bolan halka medeniýetsiz diýmek
köre-körlükden başga zat däldir.Sen,biz barada şeýle pikir
ýöredýän
bolşewiklere
ynanýarmyň?
Olaryň şygarlary,çagyryşlary ýakymly,soňuny bilmedimAleksandryň sesi kem-kemden pessaýlap barýardy,dem almasy
kynlaşypdy,kükreginden akýan gan kiçeňräjik depeden aşak
syrygýardy.Annaguly hanyň hem ýagdaýy erbetdi,agzyndan gan
gelýärdi.
Çagyryşlara köre-körlük bilen ynanýan bolsaň, onda
ýaşanyň näme,ýaşamadygyň näme-diýip,Annaguly han onuň
kükregindäki pyçagy sowurmak isledi,emma Aleksandryň
naýynjar sypaty badyny aldy-Şahyryň hatyrasyna degmäýin..
Ylmy işlerim ilerlär ýaly birneme baýlyk gazanmak niýetim
bardy...-diýip,Aleksandr
ysgynsyz,seslendi.
Baýlyga däl,Alla ynanmaly-diýip,Annaguly han barha pessaýlap
barýan duşmanyň kynlyk bilen dem alyşyna diň saldy.Henizem
oklaryň şuwwuldysy,pulemýodyň tatyrdysy eşidilýärdi,gazaply
uruş dowam edýärdi.Bu ikisi bolsa haýsy ilki öler diýip
garaşýardylar.
Men serkerdeden gorkýaryn.Ol yzgytsyz kellekeser.Wagtynda
barmasam, “gaçgak” diýip jezalandyrar.Sen ölseň bolsa”men ony
gahrymanlarça öldürdim”diýip,hasabat bererin.Komandir meni
sylaglar,ylmy
işime
başlaryn,belki,
maşgalama
gowşaryn.
Öleýin diýip ölüp,galaýyn diýip galyp bolmaz,ol Allanyň
işi,kysmatda bardyr...
Kysmat
diýsene!-diýip,Aleksandr
dodagyny
çala
gymyldatdy-da dymdy.
Duşman,ölme!Ölsek
62
bile öleli!Magtymgulyny bilýän bolsaň erbet adam bolsaňam
dura bara düzelersiň.Ölme!Men seni şahyryň nazary düşen
topraga
aýlaryn,heniz
eşitmedik
goşgularyňy
okap
bererin,ölme!-Annaguly han seretse,duşman gözi açyk jan
beripdi.Adamyň ölerine garaşyp duran gök siňek eýýäm onuň
gözüni çokalap ugrapdy.”Adam şu kiçijik jandarça ýok!diýip,Annaguly han gözüniň öňi ümezläp,essi aýylyp barýarka
pikirinde aýlady-Siňekde beýni bolmasa-da, bolşewiklerden
akylly.Ölmänkäň
gözüňi
çokjak
bolup
duranok.Siňek
adam.Adam bolsa-siňek!”Jan alyp jan berdim seniň üstüňde”Annaguly han şu sözden soň özünden gitdi,aýňalmanam jan
berdi...
Söweş birneme kiparlandan soň ilki hany,soň Garry
hojany,Garaoglany goşa alyp geldiler...
.Pahyr,ýola
beletdi,gaýduwsyzdy,batyrdy,kysmatynda
bardyr-diýip,Bayram molla ep-esli dymaşykdan soň öňki
sözüni gaýtalady.Onuň kellesinde akja ýüpek sellesi,aýagynda
mele mesisi,egninde mele çäkmeni,bilinde mele guşagy
bardy,duran ýerinde düýäniň üstndäki çelekden suw alyp
bilýän uzyn adamdy,şu galagoply döwürde hem özüne timar
berip bilýänligi üçin başyndaky sellesi atamyňky ýaly
güýüzlik kelemiň reňkini ýadyňa salyp durman,ap-akjadyAý,hawala, o zatlara ökde bolmasaň Jüneýdiň sag goly bolup
bolýarmy.Gylawlydy pahyr.
Döwletde jylow bolmasa, halkda gylow bolýan
dädlir,Baýram molla.Indi şol jylowy birjikde eýesiz galdyryp
bolmaz.Ony Meret batyra bersek nähili bor?
Ýok ýaşuly goý, öňe Agdar han çyksyn!-Annaguly hany
ýüzüne sylyp bilmedik Meret gamgyn halda jogap berdi.
Äl-eýt,nätdiňiz muny,heniz hanyň gyzgyny sowamanka
ornuň gürrüňini edýärsiňiz-diýip, Bänbe ças janykdy.
Agdar han,köşek! Jylowy sen almaly bolduň!Agaň bilen
gepleş.Halys goýmansoňlar, urga çydaman gaçyp barýan
63
bosgunlar biz,adam bilen işimiz ýok,bizi
öz günümize
goýsunlar.
Meň ýanymda dönügiň adyny tutmaň1-diýip,Agdar
han gaharlandy.
Il ykbaly çözülýärkä towşantüý bolmalydyr.Sen
Halmyrada wekil ýollap ylalaşygy teklip etmeli,jylowy hem
eliňe almaly,köşek1
Ol-a bolmaz Welkyly aga!Ýowuň üstüne barmak
ýalbarmakdyr hä,
öňünde dyza çökmekdir.Güýje güýç
ulanmaly diýjek men-ä, hä?
Nädäýdiň aýt, Bäpbe,kim ýalbarmaň gürrüňini edýär,
ylalaşmasa kapyr, goý, özünden görsün.Bizem-ä onuň çanagynyçemçesini gana bulajak borus!-diýip, Meret gyzmalyk etdi.
Ylalaşygy teklip etmegem ýalbarmakdyr-da, hä?!
Bäpbe diliňi däl,kelleňi işletmeli,gep çöpläp ýörmeli
däl,netije görkezmeli! Ylalaşyk üçin duşmanyň öňünde dyza çök
diý,men taýyn ,adam gany dökülmese bolýa!- diýip atam onuň
sözüni böldi.
Bäpbe ças geçisakgal, juk burun, gözleri ýanyp duran
godanajyk adamdy, burny buýli bolup,oňa dakylan delil bagam
Ýeňiş ýegeniň elinde ýaly, ikisi aýrylmaz aşnadylar, emma eli
egriligi, ahlak bozuklygy üçin , Ýeňiş ony öz ýanynydan
kowupdy,soňam atamyň hemaýaty bilen Annagulynyň toparyna
goşulypdy. Dawa bolsa nanany gury iýmeýän Bäpbe ýene-de bir
zatlar diýmekçi bolanda, Garry hojany,Garaoglany
hem
götergiläp alyp gildiler.
Egri gylyjyny sag gysymyna gysyp, gatap galan kakasyny
bagryna basýan Berdi aglaýardy, goşary bilezikli, topbusy
ildirgiçli, göwderi köýnekli, uzyn boý, maýa ýaly gelin bolsa,
äriniň aýagyny gujaklap :-Meni taşlap, maşgalany ykbala
bagyşlap gitdiň-leý, janym, ýanýoldaşym! Eý, Taňrym bu nä
ýowuzlyk, bu nä ajy aýralyk – diýip nala çekýärdi, oňa aýalgyzlar, agzy ýaşmakly gelinler goşuldylar, boldy bir yzlaşyk,
64
atamam gözüniň ýaşyny sylýar. Aýralyk belasy adamlaryň
süňini gowşadar ekeni...
.Giçlik, Meret tentek bilen Baýram bykowly birnäçe
oglany
ýanyna
alyp,
üç
gerçegiň
mazaryny
gazýardylar.Meret mazaryň ikinji depigini gazdy-da, pilini
taşlady.
Han bizi gowy görýärdi,goraýardy,menem ony atamy,
watanymy sylaşym ýaly sylaýardym.Beýle adamy ýere dözüp
bormy?
Dogry,
ýere
dözer
ýaly
däl,ýöne
it-guşdan
goramasagam bolmaz-diýip,Baýram gazmagyny dowam etdiBilýämiň näme,bir pursat gelende biz hany bu ýerden alyp
obasynda-Tejende jaýlarys,onýança goý,ol şu ýerde rahat
ýatsyn...-Ol,mundan daş bolmadyk ýerden gelýän duşman
gülküsini, aýdymçyň zorruk sesini diňläp-Biziň ýüregimiz
agyrýar,olar bolsa adam öldürdik diýip keýp çekýärlerdiýip,sögündi...
Ýere
duwlamankam hanyň
peşeneli
ýüzüni
görjekdim,soňky
gezek
hoşlaşjakdym,wah,bolmadydiýip,Meret tentek başyny ýaýkady.
Agşam namazdan soň, ýagyş ýaly ýagýan ok birneme
kiparlanda,jynaza namazyny okap, Annaguly hany kepensiz
zatsyz,tabytsyz,ýuwman zat etmän egnindäki ganly eşigi bilen
arassa çägede goýdular-da,tenotagyna ýene bir gezek göz
gezdirip, jaýladylar.Dogry,meýit jaýlandy,ýöne, şertleri doly we
dogry berjaý edilmedi,meselem suw bolmanlygy üçin
ýuwulmady.”Goýsaňyzlaň,how,giň
ýeriň
gürrüňini
edýärsiňiz”diýip,Meret gaharlandy. „Kakamy ýanym bilen alyp
gitjek“ diýip bozlap dursa-da, Berdiniň raýy ýykylyp,Garry
hojany hem jaýladylar, ýöne,eli gylyçly, bili bükülen adamy ýere
duwlamak aňsat däldi..Baýram molla şehidiň gylyçly elini, bilini
oýkalap doga okady, „Hojam, är işini bitirdiň, senden razy,
senem bizden razy bol-da, gylyjyňy eliňden goýber, biliňi ýaz!“
diýip ençeme gezek gaýtalady. Geň göräýmeli, esli wagtdan soň
65
merhum elini gowşatdy, bilini ýazdy. Şeýdip ony,Garaoglany
hem hanyň gapdalynda jaýladylar „ Şehit geçer gany bilen,sahy
geçer nany bilen“ diýlen dürs ekeni. Jaýlanylan ýer bilinmesin
diýip,mazaryň üstünden mal sürüldi.
Giç agşam Agdar hana ak pata berdiler, „Hanyň dostuna
dost,
duşmanyna
duşman,
aýdanyndan
dänmeris“diýip,Gurhandan ant içdiler,Meret tentegi bolsa
kömekçi bellediler....
Indi, bu wakalar barada sowet hökümediniň,
taryhçylaryň ýazgylarynda berilen habarlary derňäliň!
---6-Taryhdan parça.
1932-nji ýylyň fewral aýynyň 19-yna leýtenant
Lisiçkiniň, Loginowyň we Leonowyň atlylary Jojukly demir ýol
menziliniň 50-60 kilometr demirgazygynda bozgunlary
gabadylar. Annaguly han haýal etmän goragy güýçlendirip,
ýigitleri
ýerli
ýere
ýaýratmagy başardy.
Ýagdaýyň
howpludygyna garamazdan , aňtow maglumatlarynda aýdylyşy
ýaly,Gara ýowşanyň maglumatlary,gumlular hat-da iki gezek
garşylyklaýyn hüjüme hem geçdiler, ahyrym,garaňky gijeden we
toparyň serkedesi Loginowyň „ Aljyraňňylyga düşmegi“
sebäpli,gumlular güýçlerini bir ýere jemläp, ýollaryny dowam
etdiler. Bu söweşde Annaguly han, Garry hoja we ýene-de 60
sany gozgalaňçy öldürildi.Hanyň öldürülmegi bahasyna ýetip
bolmajak uly ýeňişimizdir.Ony öldürmek üçin öňem iki
synanyşyk bolupdy,birinde mergen dogry nyşana alyp

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 05
- Parts
- Ýazgyt - 01Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3708Total number of unique words is 240228.0 of words are in the 2000 most common words41.3 of words are in the 5000 most common words48.3 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 02Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3725Total number of unique words is 232829.9 of words are in the 2000 most common words43.1 of words are in the 5000 most common words49.9 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 03Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3738Total number of unique words is 229730.3 of words are in the 2000 most common words43.5 of words are in the 5000 most common words49.9 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 04Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3728Total number of unique words is 225730.7 of words are in the 2000 most common words43.8 of words are in the 5000 most common words51.2 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 05Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3762Total number of unique words is 242729.5 of words are in the 2000 most common words42.3 of words are in the 5000 most common words49.0 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 06Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3745Total number of unique words is 240528.6 of words are in the 2000 most common words41.8 of words are in the 5000 most common words49.3 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 07Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3673Total number of unique words is 231729.1 of words are in the 2000 most common words41.9 of words are in the 5000 most common words48.9 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 08Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3579Total number of unique words is 240429.2 of words are in the 2000 most common words41.1 of words are in the 5000 most common words47.7 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 09Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3572Total number of unique words is 239028.8 of words are in the 2000 most common words41.2 of words are in the 5000 most common words48.5 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 10Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3740Total number of unique words is 223330.9 of words are in the 2000 most common words44.6 of words are in the 5000 most common words52.0 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 11Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3596Total number of unique words is 230127.6 of words are in the 2000 most common words40.7 of words are in the 5000 most common words47.9 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 12Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3646Total number of unique words is 223129.8 of words are in the 2000 most common words42.1 of words are in the 5000 most common words48.7 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 13Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3761Total number of unique words is 243230.0 of words are in the 2000 most common words44.0 of words are in the 5000 most common words51.1 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 14Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3649Total number of unique words is 236928.8 of words are in the 2000 most common words42.5 of words are in the 5000 most common words49.7 of words are in the 8000 most common words
- Ýazgyt - 15Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 98Total number of unique words is 7428.3 of words are in the 2000 most common words37.7 of words are in the 5000 most common words43.0 of words are in the 8000 most common words