Latin

Ýazgyt - 09

Total number of words is 3572
Total number of unique words is 2390
28.8 of words are in the 2000 most common words
41.2 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tapawudy ýok,Jüneýdi
ýaragly garşylaýşyny eşitdik,owgan topragynda howupsyz
ýaşarys,nämede bolsa biz Gaýgysyzyň raýaty,Gaýgysyz bolsa
owganlaryň ýegeni-diýip,Meret tentek garşy çykdy.
Owganda, Amanulla han iňlisleriň zor salmagynda
tagtyndan agdaryldy,ol Eýrana gaçanmyşyn, tagt ugrunda
Habybulla han göreşýärmiş.
Çala eşiden çatma ýykarlaryna bardy seňkem, Ýowşan
aga, çaklaýan wakaňyza iki ýyl boldy,häzir ýurt asuda-diýip,
Agdar han jogap berdi.
Indi aňymda aýlap görýän welin, Ýowşanyň niýeti özüne
berilen görkezme esasynda bizi,Eýran ýolundaky güýçli
berkidilen serhet toparynyň üstüne eltmek ekeni.Onuň salgy
beren ýolundan gitmänimiz gowy bolupdyr,sebäbi gyzyllaryň
uly goşun bölümleri şol ugurda ýerleşdirilipdir.Onsuzam biz
Duzly oýa çenli irginsiz hüjüm edýän gyzyllara garşy göreşip
geldik.Söweşleriň birinde atama ok degdi.Duzly oýa ýetip
barýarkak atam ýarasynyň yzasyna gerinen ýaly etdi-de, eli
bilen bir zatlary diýdi.Suw soraýandyr öýdüp, jürdekde
galan soňky
damja suwy
onuň agzyna tutdurjak
boldum,emma ol gataňsy elini galgadyp,kellesini çala
çaýkady,Ene jürdegi elimden alyp –Agzy beklä suw hödür
etme,günä bor-diýdi.
130
Biz
jaryň
ugry
bilen,ellibiriň
üstünden
gitmelidik,serhet ýakyn,bu barýan ýolumyz bosgunlary ýok
etmek üçün ýörüte gurnalan pirim-diýip,Bäpbe ças janykdy
Adamçylykdyr,göwnüňiziň galan ýeri bolsa razy boluň,hany
Amanmyrat jan,Ýagdy jan, näme olar görünenok?-diýip,atam
samrady.
Men ölenleri ýatlap dünýe bilen hoşlaşyp barýan
atama
seredip
aglaýardym,kakam,ejem ýüzlerini salap
oturdylar,Baýram
molla
doga,doga,doga okaýardy.”Bu
horluklar
öz günämiz
üçündir, sebäbini özümizden
gözläp,ynsanlary söýmegi öwreneliň,Taňry ýalkanyna ezýet
ýamanyny
iberermiş,enşalla biziň
öýümiz uçmahdadyr
,garaňkylykdan ýagtylyga çykjak bolanda adam horluk
görýändir,sanalgysy dolup ýene şol garaňkylyga dolanmaly
bolanda öňküdenem beter horluk görýändir...
Dyzly oýda, elliki ady bilen tanalýan guýa ýakyn
gelenleriň arasynda ilkinji
şehit bolanlygy üçün atamy
ganambaşy etseňem bolman durjak däldi. Bir aýa ýakyn
irginsiz ýörelmeler,duşmanlar bilen çaknyşyklar biziň halys
eňkamyzy alypdy,açlyk-suwsuzlyk bilenem öwrenişipdik.
-Ok-däri,azyk gutardy,siz Annagyla hanyň agasy Ata
handan
ýarag,azyk getirmeli,ol serhetden geçen eriňde
Güloran-Badhyz obasynda ýaşaýandyr,Alla ýaryňyz bolsundiýip,Agdar han ýigitleriň içinden iň batyr,gaýduwsyzlaryny
saýlap,ýyndam atlara oturdyp ak pata berip ugratdy
Bosgunlaryň käle inip ugranlaryna ýarym salkyn
geçenem bolsa,onuň yzy
henizem
gelip durdy,gelip
durdy.Mallara suw berilmese-de,Badhyzyň
gök otundan
birneme
alynýardy.Gör-ä,
Badhyzyň
tebigatynyň
üýütgeşikdigini, geçen ýolumyzda diş synçgar ýaly ot
bitmändir,bu ýerde bolsa dyzdan. Adamlaryň arasynda agyz
suw diýip iki ýana ylgaşýanlaryň sany köpeldi, dargalmasyn
diýibem, garaňky düşenligine garamazdan ýola ugramaly
edildi.Alabaharyň garaňkylygy dünýäni gaplady,ýanyňdaky
131
zatlar bolaýmasa galanlary tümlük ýuwutdy.Demirgazykdan
öwüsýän şemal asman gümmezini gara bulutlar bilen
örtdi.Göç ala-zenzele turuzyp, pytyraňňy halda Eroýulanyň
belehtliklerine
dyrmaşyp ugrady.Bu ýerleriň uly-uly
oýlary,beýik-beýik depeleri,depesi çüri çöňňeleri göçi hasam
aljyraňňylyga saldy,nir-ä ýöreýäniňi bilip bolanokdy.Adamlar
düýeleriň bagyrmasyna,atlaryň kişňemesine,çagalaryň agysyna
salgylanyp ,bir-birine ýakyn hereket etjek bolýardylar,ýöne,
yzygiderlilik ýokdy.Bir topar beýlekiden aýrylýardy,hereket
welin dowam edýärdi,ýogsam, azaşmazlygymyz üçün kakam
bir-birimiziň elinden tutmagy tabşyrypdy,Agdar, han barylýan
ugur bilinsin diýip, käte pagtabent atýardy.Göçüň öňi owgan
serhedine
ýetenem
bolsa
yzdaky
mahgaralaryň,atalaryň,şagallaryň,gyzylgözlileriň,ganjyklaryň,a
manşalaryň,perreňleriň
kowçumlary
azaşyp, yzyna
aýlanypdylar.Azaşylmagyna
sebäp
bolan
zat,
yzdaky
kowçumlaryň arasy bilen gelýän Gara Ýowşan sülsatneşebendiň-Men
bu oýda aw etdim,Mara duz äkidip
satdym,ýol-ýodasyna gaty belet,ümür bolsa-da, dogry ýoly
görkezerin-diýip,öňe düşmegi bolupdy.Daňdanlar, göç ilki
agşamky ugran oýuna inende,ýagny, enesi ölüp bozlap galan
köşejigiň
goýlup
gidilen ýerinde çöküp oturanlygyny
görenlerinde adamlar azaşandyklaryny bildiler.Olar gazapdan
doly nazarlaryny
aýlanlarynda Gara Ýowşan
-Men
azaşypdyryn,huşym gidipdir-diýip ýöwselledi, rejäniň geň
däldigini aňyp
göterdi ökjäni. Maral –Dur,ataryn-diýip
bäşataryna ok sürdi,emma Baýram-Gyzym,gaçyp barýany
atmak namartlyk bor-diýip ýaragyň başyny egdi.
Kaka ol bizi azaşdyran dönük,goýber,läşini sereýin1diýip,Maral garşy çykdy. Baýram gyzynyň özdiýenli,göwnüne
düwen zadyndan gaýtmajakdygyny
bilýärdi,ol gurjak
oýnaman aşyk,çilik oýnardy,at çapardy,tüpeň atardy,aw
ederdi,Göroglyny
ýatdan aýdyp bererdi,durmyşda oňa
meňzejek bolardy.
132
Gyzym,Görogly beg bir sözünde “ gaçany kowujy
bolma” diýipdir ahyr, gulak asaý,ýogsam menem ony sylap
goýjaklardan däl.
Wah,kakam bolaýýaňda,ýogsam-a...Jojuklyda otla ok
atanam,Annaguly hanyň ölümine sebäp bolanam şu ýerçeken,
sypdyrmaly däldik,dönügiň jezasy ölümdir.
Baýram, ýaşlygyndan özüni neşä aldyran ,her hili
ýaramaz işlerden gaýtmaýan, muzduny berip ur diýseň kelle
getirýän Gara Ýowşany tanaýardy,kowumdaşydy,çöle ,ýola
belet
diýse, hyzmatyny ak ýürekden hödürleýändir
öýdüpdi,ýöne, iline,watanyna ikilik etmegi welin aňyňa sygjak
zat däldi.Bulara ol indi gözüni ýetirdi.Her zatda bolsa,Gara
Ýowşanyň atylmanlygy gowudy,sebäbi, Baýramyň gyzy öz
gumlusyny atypdyr diýjekdiler.
---12—
Taryhdan
parça.Serhediň
golaýlaşýanlygyna
garamazdan gyzyl goşun henizem basmaçylaryň hötdesinden
gelip bilmeýärdi,ýogsam, Ýerbentden bäri bir aýa ýakyn
gazaply söweşler alynyp barylypdy.Fewral aýynyň 23-ne
TSSR
GPU-nyň berk talap etmeginde,
galtamanlary
yzarlamak hem-de howadan zarba urmak üçün, Daşkendiň
üsti bilen Germaniýadan üç sany ýunkers-ÝYF-13 kysymly
harby uçarlar getirilipdi-Gör-ä, öz raýatyny ýoklamak üçün
,çykdajy bary çykarylyp nirelerden harby ýaraglar,uçarlar
getirilýär-A.N-Martyň 24-25-ne bolan söweşler gozgalaňçylar
üçün has aýylganç
boldy, uçarlar
15 kilogramlyk
bombalaryň
46-syny,soňky üç uçuşda ýene 40-syny
taşladylar.Howadan
hem-de
guryýer goşunlarynyň
hüjümlerinden
gowy
goransalarda,taşlanan
bombalar,uçarlara
berkidilen pulemýodlar
öz işlerini
bitirdiler,olardan ne üsti ýükli düýeleri,ne bala-çagalary
gorap
bolýardy,onsaňam
uçarlar
kämil
aragatnaşyk
serişdeleri
bilen
üpjün
edilip,guryýer
goşunlaryna
133
yzarlanýanlar barada möhüm maglumatlary yzygiderli berip
bilýärdi,ýogsam, basmaçylar buky ýerlerini ,ot açyş
nokatlaryny ussatlyk bilen saýlaýardylar,muňa seredeniňde
basmaçylaryň içinde
ýörüte harby taýýarlygy geçen
esgerleriň ýokdugyna ynanasyň hem gelenokdy.Garagumyň
uç-gyraksyz çöllüginde mal yzynda gezip ýören sähraýy
adamlaryň erjelligine,ugur tapyjylygyna, köp urşy başyndan
geçiren ,SSSR harby akademiýasyny gutaran tejribeli
serkerde Merkulow hem geň galýardy. Söweşýän goşunyň
üstüne Korniýenkonyň we Ostowskiniň çalt hereket edýän
serhet bölümleri goşulyp,Akrabat serhet galasynyň
40
kilometr demirgazygynda
gozgalaňçylaryň
öňünden
çykyldy,birleşen uly goşun sekiz
sagadyň dowamynda
gazaply söweş alyp bardy,emma üstün çykyp bilmedi.Agşama
ýakyn basmaçylar gabowdan çykmagy başardylar.Şol aýyň
26-na Ellibir jülgesiniň ýanynda ähli bölümler birleşip,
basmaçylary gabawa saldy,ýöne olar örän erjellik bilen
söweşip,her edip hesip edip jülgä özüni atmak islediler.Edil
öňki söweşlerde bolşy ýaly bu gün hem basmaçylarda
araçäkden aşmaga bolan uly ynam bardy,Annaguly hanyň
şaýkasyndaky banditleriň-galtamanlaryň-seret,kime
şeýle
diýilýär?-,şol sanda aýal oglan-uşaklaryň ählisiniň kalbynda
sowet hökümetine garşy synpy ýigrenç ,dini we milletçilik
kakyn bilen üsti ýetirilip durýan
islegler gaplap
alypdy.Gyzyl
Goşuna
garşy
söweşlerde
aýalgyzlaryň,çagalaryň hem ulular üçün buky ýer gazmaga
kömek
edendiklerini,kähalatda bolsa
ellerine
tüpeň,gylyç,gyrkylyk
alyp,
goşuna
tarap
topulandyklaryny,erkekler bilen deň derejede söweş alyp
barandyklaryny
görmek
bolýardy.Näçe
garşylyk
görkezselerem olar günüň ahyrynda
doly paýhyn
edildi.Şeýlelikde, Ellbiriň eteginde 172 basmaçy öldürildi,26sy agyr ýaralanyp ýesir düşdi,50 töwerek aýal-oglan uşak
öldürilip,255-si ýesir alyndy,soňky söweşlerde jemi 363 adam
134
öldürildi,68 ýaraly ýesir alyndy,56 at,565 düýe olja
alyndy....Agzalan kitabyň 125-150-nji sahypalary.
Ellbir söweşine gös-göni gatnaşan M.Çernýawskiniň
ýatlamasyndan-Annaguly hanyň toparynda 4500 düýeden
ybarat
kerwen,1500 sany
ýaragly
goragçylar
bardy,kerwenden 500 düýe,ähli ilatdan bolsa 60 sany garry
we çaga diri galdy,olaram paý-piýada Guşga sürülip
getirildi.Diňe şu söweşde “ Gyzyl Goşun 80 adam
ýitirdi”diýilýär...Çoluk aga
ýatlamasynda
bosgunlaryň
sanyny on müňden geçirýär
“çagaň ýa-da bir zadyň
ýitse,ony tapmak üçün syrgynyň içine bir günde aýlanyp
çykyp bolmaýardy” diýýär.85 ýaşly Kakajan molla bolsa
bosgunlaryň sanyny ýigrimi müňden aňry hasap edýär....
Ellbir jülgesinde gazaply söweş alyp baran zenanlar,
üç tarapy gyzyl-ala bägüllere bürenen ,gündogary duzly oýa
ýapgyt bolup gidýän peslige , biziň oturan oýumyza
geldiler.Giç
öýläniň
hoştap
howasy
janyňa
ýaraýardy,bägülleriň,her hili gülleriň,käkilik otunyň,ýabany
gyrymsy otlaryň ysy başyňy aýlandyryp barýardy.Badhyzyň
howasam,tebigatam üýütgeşikdi,adyny agzan ösümligiň bardy,
arassa asman, az salymlygam bolsa asuda,parahat durmuş
höküm sürýärdi, uruş gidýändir öýütmersiň.Her hüjümde
zenanlaryň sanynyň
azalýany welin bildirýärdi .Olaryň
ýüzleri gara ört,dodaklary ýarçyk-ýarçykdy,suwsapdylar,gaty
ýadapdylar, diliňi öllemäge bolsa bir
damja suw
ýokdy.Duşman güýüçli ýaragyna daýanyp, öýleden soň
üçünji gezek eýelenen depeden zenanlary yza gaýtarypdylar
.Maral ýanymda, ýaragyny arassalap oturşyna –Wah,ok
azalyp barýar-diýip, dodagyny dişledi.
Ýaňy,duşmandan gaçyp geldiňiz, meni
alyp git,şu
gamam bilen läşlerini sereýin-diýip,Marala närazylygymy
bildirdim.
135
Oýnuňy,duşmany getirip eliňe berenimde etmeli
ekeniň,onsaňam biz
gaçyb-a gelmedik,Görogly kakam
aýdypdyr-a, gaçyşym bar kowşuma bermen diýip1Ondan-a
sümügiňi oňar!
Süpürýän weli ýene çykaýýar-a,ýeňim gatap galdy.
Al şujagaza süpür-diýip,Maral maňa gyralary keşdeli
,seçekli ýaglygyny yzatdy. Ýaglyk şeýle bir enaýyjady welin
burnyňy däl,eliňem süpürer ýaly däldi.
Joralar,mähribanlar-diýip,Ogultäç gelnejemiň sesi çykdyBiz Oguzhanyň,Salyr Gazanyň nesilleri,namysymyzy gorap
,şehit
bolan
ärlerimiziň,doganlarymyzyň
aryny
almalydyrys,biz bir naçar, biçäre zenan, ah urup aglanymyz
bilen wah diýjegimiz ýok,diňe söweşmeli. Jogap berseňiz
bir sorajak zadym bar,siz kapyryň gujagyna girjekmisiňiz?
Ýok,ýok,ýok1
Äriňize wepaly boljakmysyňyz?
Hawa,hawa,hawa.
“Allahu akber” diýip ganymyň üstüne çozmaga
taýýarmysyňyz?
Taýýar,taýýar,taýýar.Goý,
kapyrlar
zenan
zoruny
görsünler.
Ýeňiş gazandyk diýip duşman şerap içer, aýdym
aýdar,mes bolup ýatar, şonda biz häzir bolmaly-diýip,Maral
teklip girizdi.
Maraljan dogry aýdýar,şu ynsan päkligimiz bilen
jihäde gitmeli,Pygamberimiz üç hili jihäd bar diýipdir,şeýtana
garşy gizlin ,nebse garşy açyk ,din duşmanlaryna garşy
mukaddes jihäd,bir duşmany ýoklap şehit bolsak üç
jihädimiz kabul bolar,enşalla-diýip, ejem söze goşuldy.
Naçarlar baryndan
bazar eýläp
iýip-içdiler,dynç
aldylar,ýary
gijeden
soň aglaşyp,birek-birek
bilen
hoşlaşdylar,ýeňil ýaralanan Baýram mollanyň
ak pata
bermeginde ,aýagyňy atanyňdan uçup barýan atlara atlanyp,Ýa Alla - diýen aýylganç ses bilen duşmanyň üstüne
136
döküldiler, bizem,biz ýaly çagalaram uly ilimlz bilen
gygyryşyp
zenanlary baýyra çenli ugratdyk.Beýle zada
garaşmadyk
duşman
üstüni
basdyrdy,aýňalyp
etişmedi,döşleri gapak ýaly erkekler girmäge deşik tapsa
razy boldular.Şol wagt jülgede turan tupan olaryň gorkusyny
öňküdenem beter artdyrdy.Güýçli gopan harasat ýerden
galdyran owunjak daşlary,çöp-çalamlary duşmanyň ýüz-gözüne
aýlap urýardy,ýerde ýatan zatlary asmana uçurýardy,çadyrlary
goparýardy,gazandyr-ojaklary agdar-düňder edýärdi.Wagtalwagtal eşidilýän gök gürrüldisi,ýyldyrym çakmasy hem gijäniň
garaňkylygyny
böwsüp,zenanlaryň
gazaply
seslerini
getirýärdi.Şemalyň yzy bilen başlan ýagyş bedreden dökülýän
ýalydy.Her bir görünýän gara üstlerine sürünýärdi,has dogrusy
tebigy güýçler hem Allanyň gudraty bilen duşmany dyza
çökermek üçün çykana meňzeýärdi.Segsene golaý duşmanyň
läşi
serilipdi,gaçyp
sypanlar
bäri-bärde
durmandylar.Asyl,zenanlary ýeňen bolmady...
Ýeri gelende bellemeli zat,türkmen
zenanlarynyň
görkezen gaýduwsyzlygy Gyzyl Goşunyň serkerdelerini hem
sarsdyran ekeni.Muny esgerler dillerinden düşürmän gürrüň
edýärdiler,”ellerinde ýaraglary bolmasa-da daş zyňyp, bir ýeriňe
şikest salýarlar” diýýärdiler.Käbir aýdylýan zatlara ynanar
ýaly hem däldi,ýöne, ýesir düşüp,üçlügiň elinden sypyp gelen
Dudy Dudyýewiç welin saklanyp bilmedi,kim-kim ol Maralyň
gaýduwsyzlygyny görüpdi, dogrusy erkekleriň köpüsi ony
başarjak hem däldi.
Men gumlylara belet,tarypyny etmäge
mynasyp
zenanlar-diýip,ol goşun komandiri Iwanowa düşündirdi.
Siz
zenanlaryňyzy
ertekilerdäki
döwlere
deňeýärsiňiz,”bir duşmany öldürip bilsem uçma barýaryn,soň
maňa ýaşaýyşyň zerurlygy hem ýok”diýýär diýip,badyhowalyga
baş
goşýarsyňyz,bi
çökder
bolýar.Nätanyş
ýer,ýurt,belki,esgerleriň gözüne
goşa
görünýändir?Dört
137
tärimiň içindäki sowatsyz zenanlardan emeli gahryman
döretjek bolmaň!-serkerde göwniýetmezçilik bilen murtuny
tämizlemegini dowam etdi.
Daň atyp jahan ýagtylanam bolsa goýy ümürden ýaňa
bäş ädim öňüňü saýgaryp bolmaýardy,ýarym-ýalaňaç
esgerleriň
ýuwunýany haýsy,üstüne serenjam berýäni
haýsy,käte atlaryň pyşgyrmasy, gülki sesi eşidilýärdi.
Ýüzlenmäge
rugsat
ediň,ýoldaş
komandyrdiýip,esgerleriň içinde, zenanlaryň zarbyndan sypan, biline
çenli ýalaňaçlanyp ýuwunyp duran bir serkerde seslendi–Men
özümi aklajak bolamok,ýöne agşam olar
duýdansyz
çozdular,aýňalyp hem etişmedik,biz...
Sen maňa erteki otarma,gözüňe gelýänçe içipsiň-de,
dowul döretjek bolýarsyň..
Ýok,ýoldaş komandir,biz...
Kes sesiňi ýal ýagysy,men siziň şagalmeslik eden
ýeriňize bardym,ölenleriň segsenisi hem lül-gammar bolup
ýatan ýerlerinde, gylyçdan geçirilipdir.Men atýň üstünde
gylyç oýnadyp,söweş hereketlerini alyp barmakda köp çorba
sowadan adam, ölenleriň ýaralaryna seretdim,ol zenanlaryň
işi däl,ýörüte türgenleşik geçen saýlama esgerleriň edip
biläýjek
hereketleri.Meni aldajak bolmaň,meni...ýagşam
bir..Dogry,olar
uruşmany
başarýarlar,guramaçylygyna,tertibine,gaýduwsyzlygyna haýran
galaýmaly,ýekeje
öli ýa-da ýaraly bolyp ýesir düşene
duşmadym,diýmek, birek-biregi goldaýarlar.Biziň iň bir
gowşak ýerimiz gijeki uruşlar,olar möjek ýaly gijelikden
peýdalanýarlar,bu meselede olardan öwrenere zadymyz
kän..Ýeri bolýar,derrew geýmiňizi geýip hatara duruň!diýip,ol
Duda gazaply garady.Dudy başarsa merkezde
galyp,söweşiň
öň
hatarynda
görünjek
däldi,sebäbi,
Maralyň,Baýram Bykowlynyň eline
ýesir düşerin diýip
gorkýardy,komandir ýany bilen alyp gaýdansoň boýun
bolmaly hem bolýpdy..
138
Ertiriň ümüş-tamyşlygyndaky goýy ümüre duwlanan
atly, edil ýeriň astyndan çykan ýaly depeden aşak inip,hiç
zatdan habarsyz esgerleri gylyçdan geçirip başlady,nämäň
nämedigine gözüni ýetiren esgerler ýaraga ýapyşyp,gaýtowul
berýänçäler çalasyn hereket bilen ol eýýäm iki adamy
ýaralap
ýetişdi.Ýerli-ýerden
topulyp,atlyny
atdan
agdardylar.Iwanow
özüniň hälki
gelen
netijesiniň
hakykatdygyna
göz
ýetirdi,onuň
esgerleri
gaýduwsyzlygy,söweş
hereketlerine
ökdeligi
bilen
tapawutlanýardy, ýöne, gözsüz batyr bosgunyň bu hereketleri
welin haýran galmaga mejbur etdi.
Ine,zenan maşgala diýip agzyňyzy dolduryp gürrüň
edýän galtamanlaryňyzyň biri,kim muňa zenan diýjek!
Ýagşam bir tapdyňyz Amazonkalylary...
Öň çopan,soň dikme,häzir
pulemýod
eskadronyň
komandiri Dudy Dydiýewiç “ men diýjek” diýip,tasdanam
gygyrypdy,ol
bu
geleniň
kimdigini
gylyç
aýlaýşyndan,herekedinden
aňypdy,has dogrusy süňňi
syzypdy,başga wagt bolan bolsa bäş ädim golaýyndan
geçmäge-de gorkardy welin,häzir ol her elinden bir esger
tutup duran bosgunyň ýanyna gorka-gorka bardy, onuň
kellesindäki silkme telpegi sypyrdy.Şobada, bilek ýaly gara
saç çöşlenip ýere ýeteňkirledi,gyrmyzy donuň astynda indi
onuň göwüsleri hem mese-mälim bildirýärdi.Dudy, ýylanyň
üstünden basan ýaly bolup, doňup galan Iwan Iwanowiçiň
ýanyna çekildi.Asyl, erkek diýip duranlary erkek eşigine
giren senan bolsa nätjek!Ep-esli dymyşlykdan soň kimdir
biri gülüp goýberdi.”Bes et “ diýip,oňa gygyrsa-da, Iwan
Iwanowiçiň özem
häzirki düşen ýagdaýyna
gülesi
gelýärdi,emma
beýitse,
öz-özüni
masgaraladygy
boljakdy.Rehimsizlikde,wagşylykda ýakasyny
tanatsa-da,
gaýduwsyzlyk onuň iň gowy görýän häsiýetidi,özüniň, käbir
şeýle
esgerleriniň
köp
ýalňyşlyklaryna hem gözüni
ýumýardy,ýöne edil beýle gaýduwsyzlygy görkezip biljek esger
139
heniz
oňa
duşmandy.
Beýik Pygamberimiz kybla meselesinde,daşlap adam öldürme
we edilen jenaýata görä jeza berme meselesinde,asmandan
wahyý inmänkä Töwrada görä çözüpdir,şol sebäplem,siziň
edýän jenaýatyňyza görä meniň herekedim din söweşidirdiýip,onýança senanyň özi hem dil açdy.Bu sözleri komandirine
terjime edeninden soň,Dudy seslenmän durup bilmedi.
Ine,galtaman zenanyň ediberişi,zenan däl ol,ajdarha!
Ol jyn-arwah bolaýmasyn, how1
Indi ynansalar gerek, esgeriň sözi ýerem almaz,ýerdede ýatmaz diýleni...
Eý,köpeý
ogullary,dikdüşdiler,gazykdan
ýöretme
ýalýagylar,gowruňyzy bes ediň!-diýip,serkerde gygyrdy-Ondan
soraň,öldüriljegini bilse-de,gorkman ýeke özi nädip biziň
üstümize
gelip
bilýär?Kim
ony
iberipdir?
Mende, kalbymy açýan nur bar,ol maňa “şu ýalançy dünýä
aldanma,ölümden öň ölüme taýýarlanda,diniňi gorap, hakyky
durmuşa bar” diýýär,din ugrundaky söweşde bolsa dört ýüz
gezek Haja gidip gelen ýaly sogap bar!-diýip,zenan jogap berdi.
Zenanyň telpegini geýdiriň,ýaragyny,atyny gaýdyp beriň!diýip,jogaby eşiden Iwanow seslendi-Ýogsa-da,kim oň bilen
başa-baş söweşe çykjak!?Gaýtalaýaryn,kim şu zenan bilen
gylyçlaşyp
biljek?-Polýak,latyş,hunkar,ermeni,alaman,rus
türmelerinden saýlanyp alynan kelle keserlerden ses
çykmady.Öz topraklarynda döşlerine kaksalaram bu ýerde welin
dilleri bokurdagyna giden ýalydy-Çykjak
ýokmy?Diýmek,
içimizde ýekeje erkek ýok-da!Saýlama esgeriň edip bilmejek
işini etmegi başaran zenanyň dört tarapy açyk,atynyň
jylowuny goýberiň,goý,gitsin!
Men çykjak-diýip,kimdir biri orta çykarman boldy..
Sem
bol,indi
çykyp
oturma,ýaňy biriniň
aşagyndamydyň?Goý, senan gitsin.
Ony goýberip bolmaz,watan dönüklerini ýer ýüzünden
süpürip taşlamaly-diýip,Dudy seslendi.
140
Ony dardan asmali, atmaly!
Kesiň sesiňizi döremän geçenler,ýaň-a biriň çykyp
bilmän
züwdürip dursyňyz,indem
wala-wala
eden
bolýaňyz.Zenany goýberiň!
Atyň jylowyny eline alan Maral, ýüzüni sallap duran
Dudynyň gasygyna ökjeli köwşi bilen rastlap depdi-de:
Watan dönükleriniň kimdigini wagt görkezer,ol saňa
galmandyr,ýerçeken!-diýdi.
Gasygyny tutup çabalanyp ýatan Duda nebsi agyran
Iwan Iwanowiç
zenanyň bu gözdençykgynç herekedine
gahary geldimi, nämemi,iňlis mauzerini çykaryp, atyny çapyp
gidip barýan Maralyň yzyndan atyp goýberdi, eýýäm depä
dyrmaşyp ýetişen Maral, hiç zat bolmadyk ýaly gözden
ýitdi. ..
Şol
gaýdyşyna hem ol,ýaňky atylan okdan ýeňil
ýaralanan atyny iýdip ýanymayza geldi.Men şol wagt Durdy
awçynyň elindäki ýarasyndan akýan iriňli gany arassalamaga
Hajar daýza kömekleşýärdim.Ýara beterläpdi,şonda-da ol syr
bildirmän aýdyma hiňlenen bolýardy.
Hümmetli ärleriň maňlaý deri bar,
Gambar babaň ýylky bakan ýeri bar,
Onda-munda tawus guşuň peri bar,
Belki,Hindistandan gelen bar munda
Uzakdaky alys tozan jerendir,
Bürgüt özün al-asmana gerendir
Okly kirpi pisse çöpläp ýörendir,
Ajyny-süýjüni gören bar munda.
Uklap ýatan boz maraly oýadan,
Dag goçlary başşak gaýdar gaýadan,
Badhyzym owadan,örän owadan,
Gülälek goş basan alaň bar munda...
Eý,Badhyz,Badhyz,tarypyň ýetirip bolaýdyk
öýdýän,seniň gülälek goş basan alaňlaryňda läşimiz
gargalara,şagallara şam boljak,indi. Aýryl keýwany, ýara
141
degme, indi kömek edip bilmersiň.Meni goýda il belen
git!Size degmezler.Meň kysmatym şu ýeri çekendir.Git,jorap
ör,haly doka,Şammy jany okat,ösdür,görer gözi,mydary,
geleri-gideri bol!Sen guwanjym,namysym arymsyň!Ýaňky,
nämähreme gözüňi dikseň,o dünýe bi dünýe ýüzüm
garadyr...
Aýdýanyň näme,awçy,ony edenimden takga janym
çykany gowudyr ,arkaýyn bolaý-diýip Hajar daýza hamsykdy.
Ynanýan goý,aglama-Birden onyň essi aýylyp samradySuw,suw...Ýok bol şeýtan,suw hödürläp imanymy aljak
bolma, agzym
bekli,güm bol,toba,toba,essagpurulla,şu
suwsuzlygyma ölüp gitsem uçma bararyn ahyr...
Wah,muny Iblis goýanok,suw hödürläp imanyny
alaýmabilseýdir,aý ýok,diýseň polat erklidir, iblise per
bermez...
Biziň
daş töweregimiz
ýaralylardan,jesetlerden
doludy,iňňildi,hassyldy,samramalar
kändi,haýsyna
näme
kömek etjegiňi biler ýaly däldi, şonda-da, Şammy,Ene
üçümiz
ýagdaýymyzyň
ýetdiginden olara
kömek
edýärdik.Armanly ölen şehitleriň gözi açykdy,owsarly
erkekler
aýaklaryny serişip ýatyrdy,çöküp oturan bir
erkegiň üstündäki aý ýaly geliniň gülýakasyny ok böwsüp
geçipdir,muňa erbet bolan erkek esreýän ýaly agzyndaky
haltasyny
çykaryp, bütün göwresi bilen tiriň-tiriň
titreýärdi,gözünden
boýradyp
ýaş
dökýärdi,haýwan
diýjeksiň,zaryn
aglaýşyny
diýsene,üstündäki
şehit
düşürilmese, şu oturyşyna gatap galjagy ikiuçly däldi..
Eý musulman bendeleri,çagamy alyp beriň,ölmänkäm
bir emdirip galaýyn-diýip,Memmetdurdy kakamyň ýaraly
aýaly Oguldursun gelnejem elini serip,çagasynyň ýanyna
süýşenekläp barjak bolýar.Bir ýaşa ýeter-ýetmez çagany
eltip berenimde , gelnejem ony bagryna basyp,maňlaýyndan
öwran-öwran öpdi-de aglady.Bizem bile aglaşdyk.
142
Käliň ortasyndaky uly çöňňäniň gaýra gapdalyndan,
uly baýryň burnundan zomlap çykan uçarlar gaplaň ýaly
arlap, depäni ýaraýyn diýýärdi.Olaryň peýda boljagyny
gargalar
habar beripdi,ýöne,
düwülen göwün
beýle
hyzmata
mätäç däldi,onsaňam bukulaýyn diýeniňde-de,
Ýeroýulanyň içinde kä ýerde bir ýylgyn bolaýmasa diş
synçgar ýaly çöp ýokdy,ýokarda,daşynda welin haşal ot
dyzdandy, onsaň her kim özüni oýtumlara duwlap, janyny
saklajak boldy.Misli bir mekdebe gatnaýan çagalar ýaly,öňe yza
uçýan uçarlardan zyňylýan
bombalar,onda
oturdylan
piliňbutlaryndan ýagýan çagbaly oklar, tirkiş düýeleri palaç
ýatyran ýaly edýärdi,düýe bary bagyryp boýunlaryny ýere
düşäýýärdi,olaryň arasyndan
ýaraly ýatanlaryň,ah urup
aglaýan zenanlaryň,çagalaryň, ýek-tük galan mallaryň,”bir
Alla,bir
Pigamber,ar-namys
üçün
söweşeliň”
diýýän
Merediň,Baýram Bykowlynyň sesleri tot-tozana garylyp
gidýärdi ,az wagtda uçarlar Ýeroýulanyň duzly gollaryny,
källerini
düýe
läşlerinden,adam
jesetlerinden
doldurdy,şonda-da,
gandan
doýmadyk
ýaly
aýlandy
ýördüler.Adamlar nirä gitjeklerini bilmän aljyrap,bir-birine
bukulyşyp,eýläk-beýläk
pelesaň
urýardylar,bir-birini
ýitirip,uly yzlaşyk bolup,guzysyna tapyşýan mal sürüsine
öwrülipdiler.Göçüň
öň bölegine
uçarlaryň
täsiri
ýetmedi,sebäbi
serhet
ýakyndy.Agdar
hanyň,Halnazar
baýyň,Samat
baýyň
nebereleri,şeýle
hem
mahgaralaryň,tentekleriň, perreňleriň,atalaryň göçüniň bir
bölegi uçarlaryň okundan aman galdy.
Bilek ýaly sazagy köki-damary bilen
sowrup,bir
buranda suwuny alyp içip bilýän,boýy derek,gaplaň ýürek,
“iýýän lukmamyz halal bolmasa ,eýle-beýle güpürdi çykaýgyç
bolýandyr”
diýmegi halaýan Bayram
molla
uýlugyny
tutup,süýşenekläp,
ýaralylara
başardygyndan
em
edýärdi.Atyň atasy,ýigidiň enesi diýlenid-ä, onuň enesi
akylly,ot-çöpler bilen kesel bejerýän bilgiç zenandy,molla
143
ondan köp zat öwrenipdi,indem bilýänlerini ýaralylara em
edip berýärdi.Gözümiň alnynda iki zenan ele düşenden
öleniň gowy diýip bir-birine gyrkylyk sokanda men, pessaý
uçup atanaklaýyn bomba taşlaýan uçarlary görkezip-Eliňde
ýarag bar,at hol gaýyş donly duşmany,beýdip üstümize
hekgeren bolmasyn-diýip, Marala igendim.Ol gabadyna
getirip, iň soňky okuny asmana atanda, uçar bir çaýkanan
ýaly etdi-de, gözden gaýyp boldy,ýöne olar bir däldi.
Özüm üçin goýan ýekeje okum bardy,onam-a
ulandyk-diýip,Maral başyny ýaýkady,birdenem, bombadan
goraýan ýaly Ene ikimizi gujagyna gysyp çukura duwlandyAllatagala ilki bilen asmany hem-de zemini ýaradypdyr,ýer
tümlige gaplanan ekeni,ähli ýer suwmyş,Biribar goý ýagtylyk
bolsun diýen badyna tümlükden sogrulyp Gün çykan,şondan
bäri tümlüge gije,güne bolsa Gün diýilipdir,ikinji gün suwy
ikä -ýerrdäki suwa we asmandaky suwa -bulutlarabölüpdir,üçünji gün ol sywlary bir ýere ýygnap gury ýeriZemini döredipdir, onuň üstüne ot-çöpleri sepeläp baglary
ösdüripdir,dördünji gün Aýy,ýyldyzlary döredipdir,bäşinji gün
ýerde-suwda ýaşaýan jandarlary jübütme-jübüt ýaradyp jan
beripdir,altynjy gün ol öz keşbine çalymdaş adamzady jübüt
ýasapdyr hem-de ony ýer ýüzüne hojaýyn edipdir. Lut
pygamber döwründe şol adamlar,Iblisiň gepine gidip, Hudaýyň
eden gowy işine ýaramazlyk bilen jogap beripdirler. Bu
Ýeroýulan diýilýän oý gülläp ösen şäher ekeni,adamlar
Hudaýa dalaş edip ugrapdyrlar,muňa gahary gelen Hudaý gara
daş ýagdyryp,şäheri ýere sokupdyr.Ýeroýulandaky äpet, garagara, dowzah daşlaryny görensiňiz,olar ýöne bir daş däl,otda
bişirilen ýaly,ýanyp,gara köýük bolan daşlar,ana,şolar asmandan
ýagypdyr.Bu barada Agraf süresiniň 84-nji aýatynda “Olaryňýagny Lut pygamberiň kowmunyň üstüne apatly ýagmyr,daş
ýagdyrdyk.Ana indi asy-günäkär kowumyň kysmatynyň nähili
bolanlygyny görüň!”diýilýär.Olar, ters ýoly üçin ýеге сokulan
bolsa, biz hak iş üçin ýere sokulýas,bularyň ikisiniň
144
aňyrsynda hem Allanyň nurly ýüzi bar.Ýöne,Adam ata
wezipesini eýeläninden
bäri Iblisiň
maksady
adamy
zaýalamak, bu ýere gaýtmanymyzda hem ol ýüregine düwen
niýetini etjek,gaýdanymyzda
hem etjek.Gyzyllaryň elinde
binamys ölenden bu ýerde mert söweşip ölen ýagşy,çünki
Bakara süresiniň 284-nji aýatynda aýdylyşy ýaly”Gökdäki we
ýerdäki bar nerse Allanyňkydyr,içiňizdäki närsäni hem äşgär
ediň, isle gizläň,Alla sizden şol zatlar üçin hasap soraýar we islän
kişisiniň günäsini geçip,islän kişisini azaba goýýar,Alla hemme
härsä kadyrdyr”diýilýär...Maral ýene-de nämedir bir zatlar
diýdi,ýöne,garynja hininiň üstüne düşen bombanyň sesinden
ýaňa tas huşumy ýitiripdim,gulagymda bolsa Şammy keliň “Ine,
şor maňlaý bolsaň bolýany”diýýär. Asyl ol gelýänem ýaly-la!?
Indi
tutaýsam,
Duduny
nätjegimi
bilýändiýip,süýşenekläp gelen Şammy hüňürdidi.
Hä,näderdiň,ýene boşadyp
goýberjekmi?-diýip,Maral
sorady.
Ýok, söz berdiň,sözüňde tapyl diýjek!
Hudaýa
adamyň
gowusy
gerek,ýogsam, Gara
Ýowşan,Dudy däli,Porsy
ýalylar bir wagt ölüp gitmeli
ahyr,men...
Tekeler, şol geçitden geçseňiz ölümden gutulýarsyňyzdiýen aýylganç ses Maralyň sözüni böldi,şobada ok atylma
kesilip
ümsümlik aralaşdy.Muňa, duşman özüne gaçyp
gitmäge maý berýändir diýip düşünen bosgunlar, birden
ýerlerinden turanlarynda,edil gök gübürdän ýaly ses
çykdy.Olar ýüzlerini geçide tutup ylgadylar,ýöne täzeden
atylyp başlan güllelerden sypjak gumanyň ýokdy.
Maral Ene ikimiziň elimizden tutup geçide ylgajak
boldy,emma men “ejemiň ýanynda galjak” diýip aýagymy
direýärdim,Maral bolsa “Ejeň bir duşmany ýok etsem yçma
bararyn”diýip,islegi boýunça ölüme gitdi,ýor!”diýip,elimden
çekýär.Şol aralykda kimdir biri Maral bilen aramyzdan
zymdyrylyp
geçdi-de,meni ýere ýazdy.Gaçyp barýanlar
145
elimden,aýagymdan,ýüzümden basyşdyryp geçýärdiler,Enäniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 10
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.