Latin

Ýazgyt - 07

Total number of words is 3673
Total number of unique words is 2317
29.1 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ysgynyňy alýan uçarlardan goranmagyň tärini öwrendik. Atam
aýtmyşlaýyn „Kömek üçin Hudaý tarapyndan iberlen“ guşlaryň
asmandan inip, ýer peşemegi bilen, Şammy ikimiz herimiz bir
tarapa ylgap „Gizleniň, uçar gelýär!“ diýip habar ýaýradýardyk ,
şeýdip , Meret kakama,adamlara elimizden gelen kömegi
edýärdik . Biziň duýdurşymyza ilki ynamsyzlyk edenem
bolsalar , soň düýelerini çökerip, eşeklerini oýa salyp, üstüne
çöp-çalam atmak bilen boldular, ynanmazlyk edenleriň birem
Bäpbe ças. „Uçaryň sesi ýok, ýagy görünenok, adamlary ýaga
salyp, hereketi togtadýarsyňyz“ diýip ol şaňňy sesi bilen bize
gygyrýardy, men oňa bu zatlary Şammy öňünden görýär
diýdim,emma ol „Şammy pohuny öňünden görýär“ diýip
ýaňsylaýar, barybir muny zakyja gargalar habar berýär diýsem
ol ynanjak däl. Garaz, uçarlaryň bize ýetirýän ýitgisi indi
azalypdy, munuň göçden galýanlaryň bize gelip goşulýanlardan
artyklygy üçünem bolup biljekdi, ýöne, Mürzeçyrlanyň
týwereklerinde „O-how, bi märekäni , asyl türkmeniň deň
ýarysy ýygnanan ýaly-la, beýle boljagyny bilen bolsam men
onbäş atly dälde , uly goşun alyp gelerdim!“ diýip , Annaguly
98
hanyň howsala düşýän pursatyndan märekä häzir üç esse
azalypdy ....
Zakyja gargaly wakada ýalan sözlemeýänligimize göz
ýetiren adamlaryň öňünde biziň derejämiz has-da beýgeldi,
Bäpbe ças indi ýolda gaçyran gyzyl şaý-sepiniň özüne gaýdyp
geljegini, gelmejegini bizden sorajak bolup ýörmüşem
diýýärler...Men zakyja gargaly wakany kakama aýdanymda
ol
ajy
ýylgyrdy-da-Olaň
näm-ä
üýüşýänligi
belli,
görendirin,maslygyň,jesediň ysyna gelýändirler-diýdi welin
oňa ynanjagymy,ynanmajagymy bilmedim...Şammy kel bolsa bir
gün”Gargalaryň ammarlaryny tapyp bolsa birnemejik baýabam
bolýar,olar
ýalpyldaýan
zat
görseler,kümüş,altyn,aýna
bölejigi,sabyn,demir pul ýygnaýarlar,özlerem örän akylly,Bänbe
çasdan
akyllydygyna
bilýän,ýöne
garagollaram
bar”diýýär.Dogrudanam,goýun bakyp ýörkäk,agajyň şahasynda
garry garga uklap otyrka,bezzat garganyň biri şahanyň ujundan
basyp,deňagramlylygy üýütgetdi-de ony ýere gaçyrdy,özem
üstünden gülýän ýaly,”gak-gaklap”heşelle kakýar.Üstüne howp
abananda agsajyk garganyň gagyllaýşyny,ony eşiden beýleki
gargalaryň topar bolup,ala-zenzele bilen oňa kömege gelişini az
görmedik
ahyryn...
Birden turan harasat, gara bulutlary
kowalap
ýagyş
getirdi.Atam agar çäkmenini çägä oýkady-da, egnime atdyEzilme köşek!-diýdi.Menmidirin çäkmeniň içinde ümsüm
oturjak,ozalam , bi ýaz ýagyşyny Taňra
tagzym edip
gazandyk ahyr, oturyp bormy,diňe men däl,çagalar bolup
aýakýalaň başy açyk jalaň aşagynda waz ýasadyk,bu ýagyşa
garaşypdyk,ol halas edijimiz,durmuşymyzyň diregi,ýaşaýşyň
özenidi.
Oglum, oýnuňy bes et,agşam düşdi,baýym şagal
köpelipdir,dişläýmesin, bir gezek ol kakamyň aýagyndan
ýapyşdy,20 ýyldan soň şol şagalyň çagasy daýyňa
topuldy,asyl ol özünden heder edilmeýänligi baradaky habary
99
ata-babalaryndan alyp galýan bolsa nätjek-diýip, ejem meni
oýnap ýören ýerimden gaýtardy.
Eje, bir gepiňde şagal, “syryk ýaly gyz görsem bökeböke iýerin,syçan ýaly oglandan gorka-gorka
gaçaryn”
diermiş diýýärdiň,indem ...
Baýym şagalyň ar algyç bolýanlygyny aýtjak boldum ...
Eje, bizem şolar ýaly ar algyç bolarys,şonda şu güne
düşürenleriň dat gününe!
Ölmän galsaň edersiň guzym,umytda bolaly!Ýigrimi iki
günläp asmandan nem dammady,umytdan düşmän Taňra
tagzym etdik,netijesinem görýäň!
Men ar almaň gürrüňini edýän bolsamam, iň bärkisi
eşegi
duşamany,düýe
owsarlamany
hem
ýaňy
öwrenipdim,eşegimiň
ýüpüni gabat gelen zada ildirip
ýördüm.Ho günem, ýüpi Şammyň çökeren
düýesiniň
boýnuna daňaýypdyryn,bir zat üçün elimi aýlamda, gorkajyk
torum tarsa turdy-da, eşegim asyi-asyl boldy galaýdy.Kömek
etjek bolup eşegiň aşagyndan galdyrýan,Şammy bolsa
“Ýüpüni
kes,how!”diýýär,aljyrap durkam ejem”Düýäni
çöker”diýdi,asyl şolam boljak ekeni...
Taňrydan
dilän
dilegimiz
hasyl
boldy,ýagyş
ýagdy,suwsuzlykdan gandyk diýsek, düýeler, deňze dönen
takyryň şykgy laýynda,biziň buzda taýjak bolup ýykylyp
ýörşümiz ýaly taýyp durlar.Idip barýan inerimiz aýagyny
döwdürdi, atam ony Huday ýoluna sadaka berip doga
okatdy,ejem Taňra tagzym etdi,doga okady,Taňry bize zakyja
gargalary iberdi,ýagyş ýagdyrdy,asmany
gaplan
gara
bulutlardan
gorkan duşman
gara bermedi,az salymlyk
parahat durmuş höküm sürdi,bular Taňryň bize beren
peşgeşi1Ýöne,garyp galla tapsa gap tapmaz diýilşi ýaly, suw
tapdyk welin azygymyz gutardy,azyklaryň köpüsi gyrylan
düýelerde galdy,ejem indi gowurgany goşawuçlap däl-de,
sanap berýärdi,”ýaradan ýaradypmy yrsgalynam ýetirer”
diýen umyt bile ertire çykýardy...Bir gün Maralyň beren
100
çöregini gotura derman edip iýip otyrkam,ýetip gelen Berd-ä
syçalakga barmajygym ýaly çöregi hödürläýmenmi.
Gaýraky
oýda duşmanlaryň goş haltasyndan
tapdym-diýip,Maral
düşündirdi.
Men häzir-diýip, Berdi ýerinden turdy,emma Maral onuň
öňüni
gabalap goýbermejek boldy-Aýryl,maňa
hödür
etdilermi,menem hödür edäýmeli!
Gitme,Ogultäç gelnejemiň ogly Çary gidip,gaýdyp
gelmedi,duşman ýakynda...
Beýdip,janyňy goraglap saklap bolmaz-Berdi atylan ok
ýaly ylgaşlap baýyrdan aşdy.
Berdi kaka,Marala gulak as,gitme-diýip, men onuň
yzyndan gygyrdym, nanymy hödür edenime puşman etdim,
sebäbi “Öldürerler”-diýip uly ili bilen aglaýan
Maraly
köşeşdirmek hillalla bolaýdy,gorky-ürküsiz
atylyp giden
Berdi dolanyp geleninden soňam, Maralyň sesini goýdurmak
bize kyn düşdi.
Gaýdyp, agzyňa gelenini sarnap durmagyn-diýip Maral
maňa gazaply seretdi...
Ýeri gelende bellemeli zat, meniň
burnum
çöregiň
ysyny
allaowarradan
alyp
bilýärdi,bosgunlaryň ýöremeli ýolunam şol ys boýunça salgy
berip bilýärdim.Dogrulygyna güwa geçip biljek däl,ýöne,
Jojukly demir ýol menziline göni gelmegimize hem çöregiň
ysy sebäp bolan bolsa gerek.Göçüň çep ganatyny
gypjaklardan Agdar han,Berdi han,ärsarylardan Agamyrat
Soltan,sag ganaty badalardan Meňli Öwez, şagallardan Bäş
pälwan,Çoluk han,atalardan Amanmämmet serdar,Gurban
jowlan,yzyny
Meret tentek bilen agasy
Ýazmuhammet
Ýarty,Bäpbe ças,salyrlardan Beg batyr
dagy goraýanam
bolsalar olaryň birem meň ys alyşym ýaly çöregiň ysy
boýunça demir ýol menzilini tapan däldirler,ýöne, Halnazar
baýyň
nebere ýaşulysy Garry molla bilen Şabasan ahun
atamyň ýanyna gelenlerinde, demir ýol menzilinden azyk
kömegini
alarsyňyz diýipdiler,diýmek, bir tarapdan bizi
101
kowalap,atyp,öldürip ýörselerem, beýleki
tarapdan bize
kömek etjek bolup jan edýänleriň bardygy mälim boldy ,
belki. Tejeniň kerlekler tiresinden bolan Şabasan ahunyň
garyndaşlary bu kömegi etjekdirler,kim bilýär,ýöne, ejem-äHudaý jan, ysyna zar bolan çörek eýeleriniň göwnüne
rehim-şepagat inder,bizi gözden salmasynlar-diýýär,kakam
bolsa uzakilara bakyp-Menzil goralaýjak ýaly,emma bu
ýerde bir pirim bolmaly,keýwany, hany ajan aýranyň bolsa
ber,içip,gorkaklyk damary gowşadaýyn,aýaga täze tigir
oturdaýyn1-diýdi,berilen
aýrany
içibem-Bi
kalbyňy
ruhlandyrýar,gahrymançylykly işlere mübtele boluberesiň
gelýär-diýdi.
Kakasy,aýdýanyň
näme,heý okuň
öňüne
howlugarlarmy,ol üstüňden düşse ýurduňy puklaýar, ýa
öldürer ýa-da heleýleň köýnek biçjek bolanda ýeňini tyrryk
edişi ýaly bir ýeriňi kemli eder.
Etmez,keýwany,düwnük kesel aldymy,ok alar ýaly...
Içýakgyç gep tapýaň-da1-diýip, ejem hüňürdedi.
Kakamyň aýdýanlarynyň jany bardy...Ähli zat bir dilim
gawundan başlanypdyr.Kesilen gawunyň içi arap hatyna
meňzäp,öwrüm
bolup
dur diýýär.Ondan
bir
dilim
çeýnäýmezmi.Şondan soň köňli bozulan hala geldi,şonda-da,
çiligiň ujuna özüni daňyp , suw bermekden galan Möjekli
guýysyny gazmaga başlady, emma üýütgän kalby ony dälilik
derejesine ýetirdi,düwülen
göwün düwünme keseline
ýolukdyrdy.Haraý isläp,Zülkefil
pygamberiň
huzuryna
baranda oňa biri duz-çörek hödür etdi-Çörek iýip ,suw içip
bilemok diýip ol ysgynsyz jogap berdi,-Al şuny iç,açylarsyňdiýip
arkasyndan
uzadylan
suwy
nädip
içenini
bilmedi,şeýdip, öňi bilen Taňrynyň,soňam bu toprakda ýatan
keramatly pirleriň-ärleriň kömegi hem-de öz dilegleri bilen
keselinden açylyp gitdi, indi ony okuň hem alyp bilmejegine
düşündi. Käbä baranlara bir arabyň-Siz bu ýerlere gelip
oturmaň,Maryda
pygamber
Zülkefil,Hoja
Ýusup
102
Hemedany,Zeid,Gaffary ýaly keramatly ägirtler ýatyr,şolaryň
huzuryna zyýarata
baryň-diýmesiniň dogrulygyna indi
düşünip galdy,,,.
---------------9-------Taryhdan parça
Porsy guýusyndaky aýylganç söweş barada hem-de
basmaçylaryň ýetip gelýänjigi barada, demir ýoluň ugrundaky
bolşewik goşunlary wagtynda habardar edilipdi,emma, Orta
Aziýa harby okrugynyň bölümleri öňlerinde
goýulan
söweşjeň tabşyrygyň hötdesinden gelip bilmediler,GarybataGöksüýri demir ýol menziliniň aralygyndaky bölümler birbirlerine bil baglap, 3 kilometrden gowrak aralyga
gözegçiligi gowşadypdyrlar,Gyzyl
goşun
serkerdeleriniň
geçirip bolmajak
hereketlerinden peýdalanan basmaçylar
şol aralykdan geçdiler.Bu işde elbetde, basmaçylaryň
aňtowçylarynyň hem-de öz içimizde käbir adamlaryň eliniň
barlygy köre hasadyr,ýogsam, Agdar hanyň göçüniň demir
ýola tarap hereket edýänligini nazarda tutup, TSSR GPU- sy
dag atyjylyk
diwiziýasyna
ýoly berk saklamagy
tabşyrypdy,olar
garybata-dörtguýy-jojukly-göksüýri
menzillerde ýerleşipdiler,mundan başga-da şu aralygy berk
goramak üçün Aşgabatdan bronopoezd iberilip,irginsiz iki
ýana gatnamaly edilipdi,demir ýoldan geçip günorta tarapa
barýan basgunlar iki oduň arasynda galmalydy,emma göz
öňünde tutulan gowy iş amala aşmady...-Agzalan kitabyň
125-149-nji sahypalary.
Ejem atamyň ýanyna gelen myhmanlaryň öňünde
soňky
gowurmany,soka salynan gowurganyň unundan
taýýarlanan çöregi goýdy,atam ozalam-a etli-ganly däldi ,indi
hamy
süňküne
ýelmeşen ,halys
gutaran
garra
103
öwrülüpdi,şonda-da kalby belent halda ýanyna gelenleriň
möhümini bitirjek bolýardy.
O-how, çagalar,guşuň guýrugyna daňylan ýelgamak
ýaly gaýmalap ýörmäň-de, oturyň bir erde,elim boşasyn,soň
oýnuňyz bolsa ediberiň,sorajak zadyňyz bolsa soraň,
sorasaňyz
köňülde tüwelew turýar1-diýip,atam
bize
gygyrdy.Şammy ikimiz uruş-uruş oýnuny goýup gürrüňçilige
goşuldyk.
Aramyza kapyr aralaşyp däninim, mizan terezisimiň
haram tarapy agyr geldi,şol sebäpli däninim, köp ýitgi
çekdik,Amanmyrat pahyr soňky deminde bir damja suw
sorady,möhümini bitirmedim,suw ýok,bolaýanda-da agzymyz
bekli-diýip,Baýram molla seslendi.
Gandarlarymdan ganymy alyp gelýänem welin ýenede az görunýär-diýip, ajan aýrandan keýpini köklän kakam
dodagyny dişläp,başyny ýaýkady.
Köşek, seresaply geple,myhman ataňdan uly diýen
aýtgy bar-diýip, atam onuň sözüni böldi-Köneler kyrk ýylda
arymy aldym,onam howlugyp aldym diýerdirler,dyzyň çökük
wagty,telpegiňi goýup gepläp başlanyňdan syrtyňa çyra
tutup, derrew belliň ediljek wagty, janyňy goramak hillalla
bolýar,duşman rehimsiz,özünden ejizlere palta salýar,bizem
ýüzi üfläp tapaýmaly garry,onsoň gysmaly bolýarda, kä
zatlary...
Biz, adamlary yza gaýtarjak bolup ýokardan kän
gezek hat taşladyk-diýip, özüne birneme arka tapynan
Arslan beg ýer dyrmalap pessaý söze başlady.Ol Amma
kakamyň ýogalanyny eşidip ýerine görüneýin hemem aýal
dogany Ogultäç gelnejeme,daýysy Baýram molla yzy ýarasyn
diýeýin
diýip iki gün bäri Jojukly-da garaşyp duran
ekeni,egninde harby eşigi, bilinde nagany,kellesinde maňlaýy
bäşburç ýyldyzly papagy bardy, gyzyllaryň komandirleriniň
biridi- Häzirem Welkuly aga,bir pille, diri galjak bolsaňyz
göçden saýlanyň,kömek edeýin!
104
Köşek,gelin näme diýdi?
Ogultäç men gaýyn atamlyk
diýýä,onsoňam, göç
bilen siziň ýoluňyzam bir däl ahyr.
Atylan ok daşdan gaýtmaz diýleni...
Ýegen, bularyň ir-u-giç
jogaby soralar,başarsaň
Eroýulana barýançäk bize kömek et1-diýip,Baýram molla
dillendi.
Daýy,elimden gelenini edeýin,jylowyň ujy Halmyrat
Goturda,ýöne ýoluňyz Mary baýlarynyň öri meýdanlarynyň
üsti bilen Badhyz baýyrlaryndan geçip, Eroýulana barýar,şu
ýolda öz adamlarym
bilen başardygymdan
azyk
üpjünçiligini ýola goýaryn, göçden
galaryn diýseňiz
Sakarçägede Nepes Şura atly tanyşym bar,ol obasynda
Tejenden ,Ahaldan baran bosgunlary, gökdepeli Hümmet
begiň,Çoluk begiň,sazanda Geldi Begiň maşgalalaryny,ýene
ençeme maşgalany ýerleşdirip , howpsuzlygyny üpjün etdi,
sizi hem şoňa tabşyryp biljek.
Öz janymyzy halas etjek bolup başgany howp
astynda goýup bilmeris!
Daýy,ondan
gorkmaň,şuranyň
goldawy
örän
ýakardan, obasynda asudalygy
üpjün etmek üçin Ata
Mäneli ady bilen tanalýan adama-da kömek eden, arkaýyn
ýanyna
baryberiň!...
Daýy,uruş
bolan
ýerde
baýguşlar”Geliň, guda bolalyň!”diýişip, toý tutýarlar.Nebir
gözel gelin-gyzlaryň sataşýan günlerini görseň,gowusy men
olary
ýatlamaýyn...Şu ýerde men özümi,gyzyl goşunyň
komandirlerini gaty geň galdyran bir ýagdaýy ýatlamakçy,olam
az salymyň içinde Siziň şunça taýpalary birleşdirip bir göwre
ýaly hereket etmegiňiz we harby taýýarlygy gowy goşunyň
garşysyna
çykmagy
başarmagyňyzdyr,kä
pursatlarda
gaýtam,siz,bizden,rüstem hem geldiňiz,ýok,men dogry zada
dogry
diýmegi
başarýan..
Ýegen,bu ýerde geň galarlyk zat ýok,Siz,biziň üstümize güýçli
ýaragly we taýýarlykly gelip, ýeňiş gazanarys öýütdiňiz,ýöne
105
söweşde, maddy-taýýarlykdan ruhy güýjüň has peýdalydygyny
inkär etjek ýokdur.Biz iman we ynançlarymyzdan alan güýçgaýratymyz bilen gazaply söweşýeris,”Alla birdir”diýip ynamly
hereket edýäris,netijede
Allanyň kuwwaty we ýardamy
bilekdir-baldyrlarymyza
güýç-gaýrat
berýär.Namaz
okaýanlygyň çyn bolsa sen bulary bilmeli ahyryn?
Daýy, düşündim,”Garşy garşa gelen we biri Allanyň ýolunda
söweşen,beýlekisi kapyr bolan iki sany tarapyň ýagdaýynda
kapyra ýigrenç bardyr”Ali Imran süresiniň 13-nji aýatynda şeýle
diýilýär.
Biribarlyk ynanjymyzyň düýbünden ýok bolup gitmezligi,
biziň indi ölmän galan, barmak basyp sanaýmaly
adamlarymyzyň
ömrüne
baglydyr.
Daýy,ýene bir geň galan zadym,sizden ýesir düşýän ýok!
-Bolmazam.Musulman siz ýaly wagşy kapyra ýesir düşenden
ölenini gowy görer!-diýip,kakam dillendi.
Bu wagşylygyň düýbi gaty aňyrdan,ata-babalarymyzyň
alamançylykly hereketlerinden öz gözbaşyny alyp gaýdýardiýip,Arslan janykdy-Biz Hywa barýan ýa gelýän rus söwda
kerwenlerini
talap
geldik.Biz
beýle
etmeli
däldik.Emma,Mary,Ahal hanlary alamançylyksyz ýaşaýşy hiç göz
öňüne getirip hem bilmediler.Dogry,soňky otuz ýyllykda biziň
bu hereketimiz birneme gowşanam bolsa,öňki hereketler
zerarly ruslarda biz barada ýalňyş düşünjeleri emele
getirdi.Eger biz ruslar bilen il bolmasagam,eýran bilen il bolyp
ýaşamaly ahyryn,ýöne ol ýurduň patyşasy ogry we talaňçy il
bilen raýdaş bolmak islemez.Ýa men ýalňaşýaryn-my?
Sen ýalňyşýarsyň,ýalan sözleýärsiň.Agzyňdan kapyryň
sözi çykýar.Men seni şu ellerim bilen bogup öldürerindiýip,kakam gyzmalyk etdi-de,Arslana topuldy.
Köşeş,köşek!-diýip,Belkuly aga ogluny köşeşdirdi-Bolan
zady gizläp bilmeris.Şeýle gabahat hereketler boldy,ol
çyndyr...Seniň ýaňky soragyň,biziň gidip-gitmezligmiz barada
106
bolsa,men şulary aýtjak.Indi biz “il bilen gelen toýda-baýram”
ederis!
Onda
näme,Welkuly
aga,sag
bolmaşak,görüşsekgörüşmesek birek-birekden razy bolmaşak,daýy, senem sag
bol!
Hi,aýal doganymyň ekeje ogly bilen herimiz derýaň
bir kenarynda,birek-birege ok atmaly borus
diýseler
ynanarmydyň!Eý,Taňrym!Ýegen,sen emlägiňi halas etjek bolup
gyzyllaryň syrtyny ýaladyň,çökder günä gazandyň,daýyň
hökmünde seni jezalandyrmaly,ýöne öz aýagyň bilen görmäge
geleniň üçün bagyşlaýan!-Baýram molla hamsygyp ýerinden
turdy-da , ýegeni bilen gujaklaşyp hoşlaşdy,kakam bolsa ony
ugratmakçy boldy
Aý-u, ugratmaga
gitme-diýip,ejem kakamyň öňüni
gabalady.
Näme üçün, keýwany?
Ol ar almaga gelen bolsa bildiňmi,belki, demir ýoluň
aňyrsynda daýanjy,goldawy bardyr?
Ýäk,senem-ä bylamakçy,men bir burny sümükli çaga däl
ahyr,towugyň bitini özüne çöpledýän,sen bolsa...Onsoňam
“Aýal başlan iş oňmaz,gyş görülen düýş oňmaz”diýipdirler...Ýör
oglym1-diýip,kakam golumdan tutyp, meni myhmanyň
ýanyna alyp bardy.
Daýy, düşün,meňem ýagdaýym aňsat däl,işde namaz
okap
bilemok,Hudaýyň
adyny tutup bilemok,namazymy
çagalamdanam gizleýän.
Arslan ýegen,,beýdip öz-özüňi aldap ýaşap bolmaz,saňa
nebsim agyrýar,saňa ýeten her bir ýagşylyk Alladandyr,saňa
ýetjek her bir ýamanlyk bolsa etmişiňdendir-Baýram
molla,kakam dagy myhman bilen sagbollaşyp aýrylyşdylar...
Bu bolýan zatlara seretseňizläň,iki dogan bir ýandan
Halmyrat Gotur meslekdeşleri bilen gyzyllara,Agdar han
bosgunlary baş bolyp birek-birege darkaş gurýarlar,bir eneatanyň ogullary,ganlary bir,janlary bir iki dogan aldym107
berdimli
söweşýärler,depe saçyňy üýşendiriji,kalbyňy
eýmendiriji aýylganç ses bilen bir-birine topulýarlar,bir-birini
ata
basgyladýarlar,kim
gaçýar,kim
kowýar,biler
ýaly
däl.Bosgunlaryň az sanlysy, Jüneýdiň nebereleri handan
delalat isläp owgana barýan bolsalar, hiç zatdan habarsyz,
dowula
düşen
köpçülik
nirä
barýanlarynam
bilmeýärdiler.Atly-abyraýly adamlaryň biri öňe çykyp,
ýagdaýy akylly başly düşündirse, beýle jebir-sütem bolmaly
däldi ýa-da
bosgunlaryň watanyny taşlap gitmegini
islemeýän bolsalar-kim sebäpsiz ýurdyny terk etsin-olaryň
öňünden çykyp yza gaýtarjak bolmalydy,ol ýok,gaýtam
yzdan,iki gapdaldan ähdiýalanlyk bilen çozup,gyrak-bujakda
barýanlary
öldürýärler,diýmek,wagtal-wagtal
Jüneýdiň
aldawuna gidip, watany taşlamaň diýip uçardan kagyz
taşlaýanam dolsalar hakykatda dogany doganyň üstüne
gijjeläp,öjükdirip, türkmeniň gaýmagy hasap edilýän ylymbilimli adamlary ýok etmegiň kül-külüne düşüpdiler,sebäbi
etjek bolýan ters işleriniň öňüne olar böwet boljakdylar,hiç
zada düşünmeýän garyplary bolsa, eýesiz mal ýaly islän
ýeriňe kowsa boljakdy.Eý,Hudaý,adam ölmese her zada
duşjak ekeni...
Gije bir çene baranda günbatardan gyzyl ot bolup
nämedir bir zat süýnüp gelýärdi,bir seretseň ol atamyň
“günbatarda, pany dünýäde ýaşaýan adam ir-u-giç agzy bilen
ot saçýan ajdarha
öwrülip,bakyete-gündagara süýnüp
gidermiş!” diýýän ajdarhasyna meňzeşdi.
Kaka,ot pürküp ajdarha ýetip gelýär!
Otly gelýär oglum, gorkma!
Heniz otly diýilýän zady görmedik bolsaň,garaňkyda
ýalnyny ýaýradyp,gözüňi gamaşdyryp,
sürünip gelse,
gorkmanam bir gör!Men kakamyň aýagyna ýapyşyp eňsesine
duwlandym,haçanda, tigirli-tamly zat,gyzyl ot bolup, otda
ýanýan etiň
jyzlaýşy ýaly çirkin sesi bilen ýetip
gelende,adamlaryň
arasynda ,şeýle
bir
başagaýlyk
108
başlandy,hiç diýip-aýdar ýaly bolmady”-Üstümizi ajdarha
basdy, gaçyň!”-diýýän haýsy,goş-golamyny taşlap, maşgalasy
bilen yzyna tutduryp barýan haýsy”Başyňyzy gutaryň!-“diýip,
basga galýan haýsy,aý garaz, boldy bir başagaýlyk.
Bu otly, gorkmaň!- diýip, kakam ýaly köpi görenleriň
sesi goh-galmagalyň içine siňip gidýär.
Ortakakdan,Çymçyklydan,Ýolbarslydan,Kyrkguýydan,Ha
nguýydan gelip goşulan adamlaryň
köpüsi gaçdylar,Hajar
daýzada Şammy keli alyp gaçan ekeni,men ony soň Şamma
duşanymda bilip galdym.Şeýle sada adamlary gabap,güýçli
ýarag, aýylganç sesli uçýanlar
bilen gorkuzyp, yzyna
gaýtarjak bolup ýörmän, ýönekeý dilde nämäň nämedigi
düşündirilse beýle horluklar bolmaly däl ahyr,ýa-da ,
günäsizleriň bi gyrgynçylygy kime-de bolsa birine hasap üçün
gerek boldumy-ka? Birdenem, tüpeň sesi çykyp,batly barýan
otlynyň aýnalary pagyş-para pytrady,otly çyrasyny öçürüp
çirkin gygyryp garaňkylyga siňip gitdi...
-Kim atdy,duşmany öjükdirýäs ahyr1-diýip,aljyraňňylyga
düşen Agdar han gygyrdy.
Gije rahat ýatyp bilmedik,otlyň çirkin sesi,aýnalaryň
pagşyldysy,duýdansyz
çykan
tüpeň
okunyň
şuwwuldysy,uruş,göçhä-göçlük ,açlyk,suwsuzlyk
kellämizi
çaýkan bolmaly,näme edip goýanymyzy bilemzok,atam
telpegini,kakam çokaýyny,ejem duztorbany tapanok,düýe
diýjeksiň, Şammy keliň dile düşbüje düýesi hem çök diýeniňe
düşünenok.
Başgalary bilemok,men welin demir ýol tarapdan
gelýän çöregiň ysyna ýatyp bilmedim.Şol sebäpli bolsa gerek,ir
bilen ejeme duýdurman, Şammy ikimiz demir ýol menziline
gitdik,möjegiň etiň ysyny uzakdan alyşy ýaly, bizem çöregiň
ysyna göni bardyk, aňňat-aňňat çägelik bilen mal-garadan
başga zady görmedik gumlular üçün demir ýoluň kese
ýatyrylan agaçlary,tigirli öýleri,demir ýollary tapylgysyz
täsinlikdi.Biz agşamky ot bolup geçen tigirli öýler ýaly öýleriň
109
aşagyndan sümülip, ak kerpiçli haýatyň öňündäki kiçeňräjik
bazara geldik. Goltugy çagaly aýal araňyzda tebip ýokmy
diýende Şammy
bir aý bäri biz-ä üsgürip hem
göremzok,Allanyň özi goraýar-diýip jogap berdi,meniň bolsa
gözüm nan satýan dolmuş gyzda,onuň çep dulugyna çigit
taşlap sagyndan gabygyny ussatlyk bilen çykaryşyna
seredýändirin öýtsemem, ünsüm daşy hoz ýaly gyzaran
çörekde-di,galyberse-de, hol beýleräkde dowar,düýe,sygyr
bakyşyp ýören çagalar,ýataklaryň tanyş ysy,kiçijik ýapjagazyň
şirläp akyşy,tamdyrda bişen çöregiň janyňy alyp barýan
ysy,bular şeýle bir asyda, ýürege ýakyn,göwün göterijidi,
welin, tolgunyp gözümiň ýaşyny saklap bilmedim.
Beýle, gara çörek bize gerek däl-diýip,men Şammy kele
sala salan boldum.
Mundan gowy çörek tapmarsyň-satyjy gyz çigit
çigitlemesini goýup çöregi gözüme dürtäýjek boldy,ýene
azajyk saklan bolsa agyz urýardym.
Myň kepegi köp-diýip,Şammy ýaltaklap tüýkürindi,
ymtylmadan ýaňa meňem agzym suwaryp,tüýküligimi saklap
bilmejeklerden boldum,diňe bir tüýkülik däl, şeýle ýagdaýda ät
galyp ujudyň ujundan çig çykmaz ýaly, atam aýtmyşlaýyn çörek
satýanyň öýüniň gamyşyna süýkenmelidik,ýöne, bäri-bärde
satyjynyň öýi barmy,onsaň ähli zada kaýyl bolaýmalydyk.
Öz kepegiň köp,ak bugdaýyň nany,gözüň körmi!-satyjy
gyz gaharlandy. Wah,biziň gözümiz kör däl-de, nebsi agyryp
dadyrar diýen umyt bilen çörege at dakan bolýardyk-Almajak
bolsaňyz gidiň,galtamanlaryň dogmalary diýsänim...
Gum-da çörek bişirlende, ät galmasyn diýip, ilki bilen
çagalara dadyrýarlar-diýip,
men öz ýanymdan öýkelän boldym.
Gidiber şol gumuňa,haýsy bir ygyp ýören basmaçynyň
çagasyna çörek tapaýyn,ýagşam bir..-diýip,satyjy ogurlar öýdüp
çöregini ýygnady.Emma aç ölsegem
ogurlyk diýen zadyň
ganymyzda ýokdugyny ol näbilsin.
110
Eý-ý,näme işleýärsiňiz?-murty taýzaryp duran,harby
penjekli,papakly,orta boýly dolmuş
adam
ikimiziňem
golumyzdan tutdy.
Biz serdarymyzyň ýanyna barýas-diýip, men agzyma
gelen zady atyp goýberdim.
Ýoldaş Stalinden näme sorajakdyňyz?-diýip,bu sözi
eşiden-den saň-gaty bolup,ýüzi agaryp giden adam sorady.
Bizi
kowalap,urup,öldürip
ýörmeleriniň
sebäbini
soraýjakdyk-Şammy keliň bu jogaby meni aňk etdi,ol biziň
ýöne-möne çagalar däldigimizi,köp zat bilýänligimizi bu
adama duýdurýardy
Ýörüň hany!- ol bizi demir ýoluň gyrasynda üýşüp ýatan
künjara tümmejikleriniň üsti bilen alyp gitdi-de ,demir
gapyly,gözenekli jaýa saldy-Ajykdyňyzmy,al,al saňa-da,iýiňdiýip elimize bir bölek çörek tutdurdy,men çörege agyz urdumda, jaýyň içindäki demir oturgyçlara,demir tekjelere gözümi
aýladym,demir gözenegiň öňünde nirä gitjegini bilmän pyr-pyr
aýlanýan atly garynja gözüm düşdi,ol bi berk,demir gözenekli
jaýdan nädip çyksyn diýip gynandym.Ol Garajaoglan guýysynda
gabat gelen garynjama gaty meňzeşdi,belki doganydyr!
Nanyňy ýaltaklaman iý-diýip, murtly ýeňsäme çalaja
kakdy,eliniň gatylygyny-ha bilemok,murty,egin-eşigi welin
serdaryňka meňzäpjik dur,serdar murt goýberse,adamlar şoňa
meňzejek
bolup gelişse-gelişmese
murt goýberer
ekeni,kellesindäki
papagy,aýagyndaky
ädigi
hem
meňzeş,serdar eşigini
çykarsa
bularam
ýalaňaç
gezjekmikäler-Siz basmaçy çagalary bolmaly!?
Basmaçy kim bolýar?-diýip,men soradym
Batan dönügi .
Atam ony diýenok.
Diýmese-de, meskewden şeýle buýruk geldi,ony siziň
bilmegiňiz
hökman däl...Hi geçip barýan
otlunam bir
atarlarmy,ony diňe ajalyna el bulaýan eder.Bu hereketiňizden
soň garşyňyza
ýörüte goşun
bölümlerini
çykarmaly
111
edildi...Hany,nan iýen
bolsaňyz çykyň,sizi ýetim çagalar
saklanýan öýe äkitjek1
Men gözenegiň daşyna aýlanyp, aýnaly äpişgeden
çykjak bolýan garynjany barmagymyň ujuna mündürip,gapyň
agzyndaky aýylganç tikenli,porsy agajyň düýbüne goýberdim ,
ol zynjyrdan boşan ýaly atylyp gitdi,ýok,ol hakykatdanam
bagty ýatanlaryň jaýyndan boşapdy ,ýogsam, ömri ötýänçä
çykjak däldi-Ylga,bular seni iýimlemekden-ä geçen ýaşamaga
hukugyň barlygyna-da düşünenoklar, tikenli,porsy agaja
goýberýär diýme, bulaň agaçlaram öz sypatlaryny salgy berer
durar,dura-bara ys bilen öwrenişersiň,gaýdyp duzaga düşme!
Murtly adam bizi nirädir alyp barýar,men bolsa ejemiň
bagryny paralap
gözleýşini,kakamyň ýaga düşüşini,atamyň
olary köşeşdirjek boluşyny,özümüň bolsa ýaňky garynjanyň
urnuşy
ýaly
urnuşymy
göz
öňüme
getirip
tas
möňňüripdim.Näme etmeli1Birden ejemiň -Demir ýolda
işleýän daýyň bardyr,ady
Hudaýberdi ,çaga durmançoň
dakylan Porsy lakamy hem bolmaly-diýeni ýadyma düşdide,daýym bolsyn,bolmasyn ýalbarmaga başladym.
Hudaýberdi daýy,meni tanamadyňyzmy1
Adymy nireden bilýäň,kim aýtdy?-diýip ,ol çiňerilip
seretdi,ýüzi duw-ak, gara dere batdy.
Adyňy ejem aýtdy,Täzegül diýýärler oňa...
Sizi Sibire sürgün etmedilermi?-şu erde kakamyň –
Göçülmese bizi bir ak halta salup,daşyna-da Zulmat diýip
ýazarlar welin gidersiň onsaň uwlap-dieni ýadyma düşdi-de,
ýylgyrdym.Daýym garanjaklap-garanjaklap-Diňle,men daýyň
däldirin!-diýdi.
Sen şol baýym şagaly gorkuzýan daýym dälmi?Ejem
“halyndan habar al,salam aýt,salam getir,birnemejik azyk
alyp gaýt” diýdi.
Ýok,men daýyň däldirin-diýip ol gözüni petredip
,töweregine gorkuly garanjaklady,ýöne, garşylyk görkezdigiçe
men onuň hut daýymdygyna ynanyp ugradym,ýüzi dagam
112
ejeme meňzeýän ýalydy-Ejeň ýalan sözläpdir, öňem aýal
daganyň
basmaçylara
goşulypdyr
diýip
tas
işden
kowupdylar,men ýerden ýeke çykan ýetim,watan dönükleri
bilen bir köçedenem ýörämok ,meskewe,hut ýoldaş Staline
hat ýazdym, ol meni goldady.Ýaşasyn ýoldaş Stalin,ýaşasyn...
Daýy,biz ker däl-diýip, Şammy gulagyny gorjady.
Bolýar,men sizi goýbereýin,ejeňe aýt, şu gün gije
ýaryma çenli ýoldan
geçsinler,ýogsa,
ýaragly esgerler
dökülýärler.Ejeň men barada ýene näme diýdi?
Daýyň tanamasa Porsy ady-da bardyr,tanadaýgyn,az
owlak azyk,suw berip goýbersin diýdi.
Ýegen oglan,ýanymda gal,okadaýyn,adam edeýin!-Porsy
diýilýän,töweregine garanjaklap,menip gulagyma pyşyrda-dy.
Ýok,meň ejem,kakam bar,şolar bilen boljak.
Kakaň bilen gitseň ýoluň garaňky,ömürboýy jebirsütemde borsuň,men bolsa kakaň adyny,öz adyňy üýtgedip
adam edip ýetişdirerin,bolýamy?-ol elime bir bölek nan
tutdurdy.
Men öz adymyň,ene-atamyň
atlarynyň üýtgediljek
bolunmagyna gaharlanyp ýarylaýjak boldym,ol hiç kimede
ýaramasa gerek,eger onuň ogly bolaýsaň,olam seni garynjany
edişi ýaly bagty ýatanyň jaýyna gabap goýsa,ne oýnap,ne
ýaýnap bilseň , ondanam bir durmuş bormy!.Ol nähili gowy
adam bolanlygynda-da, öz ene-ataňdan ýakyn bolup
bilmez,gowusy zor aýakdan daýyly boljak bolman bu ýerden
garaňy saýlamaly.Biz Şammy bilen ümleşip göterdik ökjäni.
Kyn güne düşseňiz Porsy diýip Jojukla geläýiň-ol
yzymyzdan gygyryp galdy.
Ýok,bize
Jojukly adyny dakynýan duralgada,demir
gapyly,gözenekli jaýam,çala zat üçün gorkup-müzzerip duran
Porsy daýam gerek däl.
Ady hätüýs-laýt,Porsy...Porsy bolanda jojukly menzili
bolýarmy?-diýip, Şammy gaçyp barýarka sorady.
Şonda-da, bu ady oňa akylly adamlar dakypdyrlar.
113
Çoluk,daýyň nany köpem welin bir döwümjik berdi.
Ol daýym däl, boýnuna almady.
Almasa-da ol daýyň1Daýyň bolmadyk bolanda bizi
goýberermidi?
Men
jogap
berip
bilmedim,bokurdagym
doldy
duruberdi...
Ejem biziň nirede bolanymyzy aňşyrmady,beylekilere
bolsa dişine çenli ýaraglanan duşmanyň saklaýan ýerinden
nan alyp gaýtdyk diýip erteki otardyk.
Munuň näme?-diýip,ejem elimdäki çörege seretdiNanmy,gyz bi,nireden alan bolsaň şo ýere taşla,aç öleris,kişi
emlägine el gatmarys.
Eje,myny Porsy daýym iý diýip berdi, orsuňkam bolsa
çörek- çörekdir-dä.
Eý,hudaý-diýip,ejem
ýakasyna
tüýkürdiToba,toba,kapyryň haram zadyny elläni üçin
çagamyň
günäsini geç,jan Alla,men onuň elini ojaryň külüne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 08
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.