Latin

Ýazgyt - 13

Total number of words is 3761
Total number of unique words is 2432
30.0 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
-------16----Kelte boýly,arrykdan siňrikmen adam “keçäni öýe
ugurdaş ýazypsyň,ýas ýok ýerinde kündükleri jübütläp
goýupsyň”
diýip,dalandaky agtygyny
elesledip
barýar.Sözlerinde, aňyrdan gaýdýan çuňňur many bar. Ol çaý
başynda
sesini çykarman,gussa gaplanyp, geçenleri
ýatlamagy halaýar,onda-da,diňe içinden.Emma,Şamyrat atly
agtygy-Ata,başyňdan geçenleri aýdyp berjekmi?- diýip,gününe
goýanok.Agtygy muny bäş ýaşdan bäri soraýar.Häzir ol onbäş
ýaşynda.Aslynda gözüniň görenlerini birine gürrüň bermese
rahat oturma ýok,ýöne..
Hawa,ol ýedi ýaşynda taşlap gaýdan ýerine-“Duzly
oýa” tötänlikde gabat geldi.Ýogsam,gözläpdi,sorag-ideg bilen
köplere ýüz tutupdy.Haçanda”Sen
şeýle-şeýle wagşylyk
edilipdir” diýip, onda-munda gürrüň edýärmişiň,ony ýadyňdan
çykar,düýşüň hasap et,ýogsam, gowy bolmaz”diýip,degerli
ýerden berk tabşyranlaryndan soň, agtygyna-da gürrüň
bermekden gorkdy.Hudaý ugruna etjek bolsa ýol tapar
ekeni.Kysmatynda bardyr-da.
1950-nji ýyllaryň başlarynda ol Annamämmediň,Şajyk
hanyň,Goýun guýynyň töwereklerinde goýun bakardy.Goýny
“ýa sala bak ýa çala” diýen gep bar,çala baksaň semrär,sala
baksaň arryklar.Şol ýylyň gyşy gurak geldi,ýöne Garagum çöli
bir bereketli mekan,islän çöpüň bar,çürçüri,togdary,bedene
ýaly eti halal guşlary diýjekmi..
Annamämmet guýysyndan başlanýan giň jülgäň ugry
bilen gündogara ýöreseň ýol ikä bölünip,biri pisselige192
Küňreldä,biri “Segsen gulaç” guýynyň üsti bilen Akrabada
barýar.Gyşyň güni ktrk tüýüsli,kyrkysam gylyksyz diýlişi
ýaly, bir gün gaýa-gopuz ýok ýerinden howa sowap, güýüçli
gar ýagdy.Dowarlar burunlaryny yga tutup,syrgyn garyň
ugry boýunça Akrabat ýoluna düşdüler. Gündüzlikde,gözi
düşenden
kürtdirip
duruberýän
düýeler,gije,
baýyrlardan,kötellerden
emgenmän
geçdiler.”Çoluk
akga,goýnuň yzyna
düşüp barsak, birden serhetden
geçäýmäli?Bu ýerler goragly ahyryn!Sen bir Amyderýanyň
suwuny içen adam,seljerip
gör!”diýip,çolugym
howsala
düşdi.Hemişe
görünmän-görünmän käte
bir
obada
görünemsoň,ömrümde
bir
gezegem
Lebaba
gidip
gelemsoň,dili duzlunyň biri ”Aý,ol-a Amyderýaň suwuny
içip,köp
zady
öwrenen, akylly adama öwrülip
geläýipdir”diýip,ýaňsa alypdy.Çoluk şony ýatlaýardy.
Allajan bir katra rysk berse, adamyň ömrüne
ýetermiş,juda rysgymyz gaçan däldir-le,sabyr edeli-diýip,men
ony köşeşdirdim...
Ahyrym,çuň käle özüni atyp, rahatlyk tapan
dowarlaryň arasynda gyşardyk.Gözler süzülip barsa-da, bir
ýerden çykýan çaga agysy ýatyranokdy.Golaý-goltumda oba
ýok,zat ýok,şonda-da, bu oýdan duz almaga geleniň biri
“çagasyny galdyraýdymyka” diýip, ýerimden turdum-da,ses
çykan tarapa gitdim,ýöredigimçe ses daşlaşýan ýaly.Çomuçly
tümmejige
çöküp
diň
salsam,
aýal
agysyna,düýäň
bagyrmasyna,erkegiň
bögürmesine,atyň
kişňemesine,eşek
aňňyrmasyna meňzeş sesler,maşyn bary gelýän ýaly
güwwüldiler, kiçijik ýylpyldylar köpelip barýan ýaly.Uly
howsola düşse-de, syr bermän ýerime gelip gyşardym welin
biri”Tur
how,
üstümden”diýýär, aýrylsam”Basgylap
ýörme,janym”diýýär.Gorkyma çolugyň ýanyna bardym, olam,
şeýle sesleri eşidip, gymyldap bilmän ýatan ekeni.Garaz,çirim
etmän daň atardyk.Jahan ýagtylyp, töwerege ser salsak,
adamlaryň,mal-garalaryň süňkleri edil odun basylan ýaly.Kä
193
ýerde çaganyň,kä ýerde uly adamyň, düýäniň,atyň süňkleri
dagaşyp
ýatyr,üsti-üstüne
goýlan
top-top
matalar
alaçalar,begresler,keteniler ýaňy goýlup gidilen ýaly,eliňi
degirseň pide bolup,küle öwrülýär.Ýapylaryň ýüzünde gara
ýylana meňzeş bilek ýaly gara saçlar,guran kelleçanakdan
sogrulyp gaýdýar.Aýal-gyzlaryň gyzyl-kümüş şaý-sepleri
çakrap giden süňkleriň üstünde, dogup gelýän günüň nuruna
ýalpyldap,
gözüňi
gamaşdyrýar.Dogrysy,gözüň
bilen
görmeseň bu aklyňa-oýuňa sygmajak zatlara ynanasyň hem
gelenok.Süňkleri ýere duwlaýyn diýsemem aňyrsy-bärsi
görünenok..Birdenem, aýagymyň ysgyny gaçyp, süňňüme
şagga der geldi-de,dyran ýerimde ýykyldym.Başymdan geçen
wakalar aňymda janlanyp başlady.Hawa,kakamy,ejemi taşlap
giden ýerim hut şu oý bolmalydy.Goýun bakmadyk
bolamda,syrgyn gar sebäpli goragly ýere
aralaşmadyk
bolamda,muny tapyp biljek däldim.Oýtum-oýtum källeriň her
bir künjeginde şehit ölenleriň keşbi
gözümiň öňünde
janlanyp başlady.Şu
kiçeňräjik
tümmejigiň
alkymynda
atam,hol
çomujyň
düýbünde
Durdy
awçy,ondan
günortarakda Baýram molla ýatyrdy.Sorag-ideg edip,daş
gulakdan eşdişime gör-ä, kakam bilen ejem duran ýerimden
gündogarrakda,elli-alytmyş
ädimlikde
bolmaly,gaýratly,gaýduwsyz,arslan
ýürek
Oguldursyn
gelnejem,at üstünde bir demde üç duşmany ýoklap,
amanadyny tabşyran Aýgözel gelnejem hem şol töwerekde
bolmaly.Indi olardan ne yz galypdyr,ne süňk.Şonda-da näme,
jaýlanmadyk jesetlerden galan süňklerden ýygnap bilenimi
ýygnap,otuz ýyldan soň ýere duwladym.Bilýänje aýatlarymy
okap, töwür galdyrdym...
Indi sallarlap görýän weli, mahmal ýaly gelinler,Maral
ýaly gyzlar,Annaguly han,Garry molla,Çoluk han,Baýram
bykowly,Meret tentek,Durdy awçy ýaly goç ýigitler bolmadyk
bolanda, türkmeni türkmen diýip goz öňüne getirmek
mümkin hem däldi.Bu oýlarda,oýtumlarda adam gany joýa194
joýa akdy,ol türkmeniň imany,namysy,ary bilen baglanyşykly
gandy.Ýaňy göze görünip ugran gyzlar,surat ýaly gelinler, oky
bary eli bäşatarly,oky ýogy ujyna gyrkylyk gysdyrylan uzyn
taýakly,öldürmeli,ölmeli,ýöne,duşmana
diri düşmeli
däl
diýip,aýgytly,gazaply söweşipdiler.Şolaryň biri duranam bolsa,
Allanyň rahman atly rahmeti durardy,ondan soň Alla
howlukman, rahman rahmeti aýyrdy.Şol döwürde özümiň
ejiz-çaga
bolmagym,
meni
sergezdan
köçesinde
entrekletdi,käte “şolar bilen ölüp giden bolsam bolmaýarmy”
diýip gijelerine aglap çykýan.Her zatda bolsa,namyslaryny
goramakda pugta durup, mallaryndan,janlaryndan geçip,oraza
döwri,az sanly bolsalar-da, ummasyz uly goşun bilen
garpyşmagy başaran ata-babalaryň, gerçekleriň şehit bolan
ýerlerini tapmagym,meni diýseň tolgundyrdy.Biri bilen
gepleşýän wagtym bu duýgular aýrylýar,ýeke bolsam gözümiň
öňünde gahryman gerçekler,namysly gelin-gyzlar.Türkmen
“geçeni
geçdi
bil”
diýýär.Men
ony
edip
bilemok,gaýtam,”şehitleriň arasy bilen ölüp gitsem gowy
bolardy,şonda, oýtumlaryň birinde galjak jesedim ýere
siňip,ýabany otlaryň ösmegi üçin iýmit bolardy,nebir ýigitleriň
jesedi
ýere
siňip,ösümliklere
garyldy
ahyryn”diýýän.Dogry,ýabany otlaryň ýere ýüzleý ýapyşan
kökleri
jesetlerden
iýmitlenip,her
ýyl
harç
bolup
ýetişendir,gülläp nesil galdyrandyr,käsi basgylanyp,kökidamary bilen sogrulýar, boý alyp bilmän gurandyr.Şeýdip,edil
şehitleriň ölüşi ýaly ölendir.Şonda-da men bu haşal otlary gowy
görýäryn,ýöne, “Duz oý” topragyny welin ýigrenýärin.Munda
ösýän käkilik otuny,çomujy,gamak şiresini agtygym Şamyratjana
bererin we”Ine,şehitleriň diriliginiň subutnamasy hökmünde
şulary saňa getirdim”diýerin.Agtygym, gepiň manysyna
düşünmese-de,käkilik ota çaý demläp berer,onsoň,içýän çaýym
bilen peýda bolýan şehitleriň ruhy,öňküleriň üstüne goşant
bolup,süňňüme has çuň siňer,ol ölüp gitsemem süňňümden
aýrylmaz.Bu ýerde jesedi galyp,yzynda ýatlanylýan şehitleriň
195
sany ýüzlerçe,müňlerçe,on müňlerçe... Kakajan molla atly pir
sypatly bir tanyşym,Ýerbentden Duz oýuna çenli aralykda şehit
ölenleriň sanyny otuz bäş-kyrk müňe ýakynlaşdyrýar.Ol olaryň
ýatan oýtumlaryny ýassanyp,ömrüni geçirdi,wakalary ilikdüwme öwrendi,olara bagyşlap namalar,şygyrlar ýazdy, kitap
etdi.“Ärler ýatandyr”diýen goşgusynda ol:
Erkegi,aýaly hakyň esgeri,
Söweş meýdanynyň çyn esrek neri,
Gany jennet güli,nakaşy zeri,
Toprak bolyp galan zerler ýatandyr.
Bileliň biz bulaň kylan zaryny,
Jan berip gorady namys aryny,
Ýatlalyň atma-at,goýman baryny,
Çaga,zenan,erkek-barlar
ýatandyr-diýip,pyjagaly
wakalary agzaýar.Başga şygrynda:
Joýalar möwç urup akandyr gany,
Müňlerden geçipdi şehidiň sany,
Haýsy türkmen gizlär teninde jany,
Ne üçün bolmadym şol zamanda men-diýýär...
Parçalap,öldürdi,hakyk,alymy,
Alym,diýip,hoprmat,goýdy,zalyma,
Berbat kyldy öýüni hem malyny,
Rysgal atly çyn mydardan aýyrdy.
Edebi,haýasy ylymy bilen,
Ata-enesiniň edebin alan,
Bir-bire ynanyp,tire-il bolan,
Tire atly asyl bardan aýyrdy.
Derýalar möwç urup,çeşmeler joşup,
Jerenler koýlara sesini goşup,
Bereket derýasy hetdinden aşyp,
Bol nygmat eçilen ýerden aýyrdy...-diýýär.
Ine,”Habarly bolgun”atly
bu goşgy hem Kakajan
Mollanyň ýiti zehininden çykan setirler...
Döwlet bir daragtdyr,köki hem kändir,
196
Kök şaha döredip,güýç berýän jandyr.
Her kowum,her tire,köklerden sandyr,
Kök zäher içýändir,habarly bolgun!
Dört sütüni bardyr,jany hem bardyr,
Sütünsiz döwletiň kanunsyz sandyr,
Tana dört sütüni,Hudaýyň ýardyr,
Dogry ýol açýandyr,habarly bolgun!
Dört sütün-birisi-derwüş dogasy,
Ýene biri-batyr,gaýrat eýesi,
Üçünji alymdyr-nadan belasy,
Dördünji-jomartdyr,habarly bolgun!
Owwaly alymyň ylymy bilen,
Ylymdan dür saýlap,şagirdi galan,
Hak duşmany Haka diýýändir ýalan,
Kezzaplar gaçýandyr,habarly bolgun!...
Onuň “Haka boýun bol”atly giň göwrümli poemasynda
şeýle setirler bar:
...Hatam köpdür,Allam,nädersiň meni,
Aglamakdyr işim,ýat edip seni.
Paý astyna goýup garyp başymy,
Seniň duşmanlaryň alýar daşymy.
Eger olar gelip dost bolsa maňa,
Eden haýyr işlem bararmy saňa?
Ylaha!Bilýänsiň garyp halymy,
Hiç dostum ýok,bilemok men,ilimi.
Adym Kakajandyr,salyrdyr aslym,
Ýalawaç tirämdir,türk-iman neslim.
Allamyrat aga,ol Baýram Gadam,
Çoluk Gurban ogly,Bukawly Baýram.
Gürrüňin diňleýip ýazdym kyssamy,
Kagyza geçirdim,paýlap gussamy.
197
Baýram Bukawlydan söz açyp başlap,
Söz dänesin jemläp,dür seçip başlar.
Hekaýat başlaýyn,gel,indi diňle,
Gulagyň pugta goý,gel indi aňla!
Hywada pirler we şirler düşlärdi,
Yslam käte güýjäp,kate peslärdi.
Han Jüneýit bardy-ziberdest piri,
Göýä dag gerşiniň babyry,şiri.
Ady Baýmuhammet,ol hem bir ärdi,
Baýram Bukaw atly bir ogly bardy
Ýene neberesi,ogul-gyz kändi,
Agzybirdi,dinde örän mäkämdi...-diýip,ol
şehitleriň
tarypyny ýetiripdir...
Men başardygymdan ýene bir aýat okap, gelmeli bolsa,
ýa-da, birine salgy bermeli bolsa salgylanar ýaly,öz
ýanymdan
bellikler
edip,dowarlary oýdan sürüp
ugradym.Birden otlaryň arasy bilen bir zat aýagyma
degdi,görsem çaga kelleçanagy.Ol, gulagyna gurt düşen
Jahanjanyňky bolmalydy,men ony iň soňky pursatda hut şu
ýerde
görüpdim.”Jahanjan,sen
gorkajykdyň!-diýip,men
kelleçanagy sypaladym-Sen uçarlaryň taşlaýan bombasyndan
öldüňmi
ýa
duşman
güllesinden?Belki,açlykdan
ölensiň?Ýa,ýykylyp,kelläň
gara
daşa
degdimi?Wah,men
guraýyn,berýän soraglarym nähili,sen jogap berip bileňok
ahyryn,seň üçin bolşewik,menşewik boldy,haýsy jemgiýet
boldy,tapawudy ýok ahyryn.Pany dünýäde ýaşaýan biz onuň
ejirini
çekmeli
bolýas
ahyryn,bagyşla!Sen,dogrudanam
bombadan
ölensiň!Kysmatyňda
bardyr,ondan
gaçma
ýok!Häzirem,aryň wyzzyldysyna meňzeş ses bilen bomba
taşlaýan uçarlaryň sesi gulagymda ýaňlanyp duran ýaly,her
gezek ölenleriň,ýaralylaryň sany artýar,ýöne Asman-zemin
welin
arassa.Iki
tirsek
bolan
porsygamaklar,keýikokaralar,ýaýran gollaryň ortasyndan,dört
barmak bolup çykyp ugran çomuçlar hiç zat bolup geçmeýän
198
ýaly,altyn reňklerini günüň nuruna lowurdadyp,näzijek
öserlerini
ýaýradýpdyrlar,ok
degse,şehitler,ýaly,başyny
egýär,süllerýär,guraýar.Her zatda bolsa, çöldäki otlar,gyrymsy
agaçlar
suw
tapyp,ýaşaýyşlaryny
dowam
edýärler,şeýdip,kölegesinde
mekan
tutan
ýolagçylary
begendirýärler.Özi
görünmese-de,asmanda
uçaryň
sesi
eşidilýär.Häli-häzirem bu ses kalbyma gozgalaň salýar,ölüp
barýan ýaly,ýaşamaklygyň manysyna has çuň düşünip
başlaýan.Ine,arassaja,näzijek,ynanjaň,şol bir wagtda gorkajyk
Jahanjanyň kelle çanagy.Şeýle güne düşen çagalar onlarça.Olar
azap
baryny
gördüler,iňňildediler,agladylar,gaharlandylar,gazaplanyp ýere
siňdiler.Hawa,men olaryň gazapdan ýaňa gan öýen kalblaryny
söýýän.Nirededir bir ýerde,bark urýan gülzarlygyň,bagbakjalygyň golaýynda Jahanjanyň söýmek islän goç ýigidi
henizem, oňa garaşyp ýörendir!?Men Biribaryň ýasan
daglaryna,depe-düzlerine,tükeniksiz
çöllügine,ýere
sokan
şäherine eşek münüp aýlandym,gyş-tomus görmesem, oňa
ýakyn durmasam ynjalmadym,has dogrusy oňa aşyk
boldum.Biziň jemgiýetimiz Garagum çöli ýaly çägelik,ol
dogry,ýöne,ýowuz çägelik hem bolsa asuda,ýürekgysgynç hem
bolsa, aňyrsy bärsi tükeniksiz meýdan.Her ädimde görnüşini
üýdgedýän başly barat şeýle toprak başga nirede bar?Şu topragy
ýzarlap, kän selpänim üçin,duşmanlarym maňa däli
diýdiler.Häzirem,şu aýylganç işi eden adamlara meňzeş
aýylganç
ýyrtyjylar,adamlaryň aňyndan Alladan
gorkma
düşünjäni aýryp,adamdan gorkma düşünjäni girizjek bolup
urunýarlar,özleri ýaly ýyrtyjy bolmasaň, seni hiç kim
saýýarlar,ýöne, munda garynja pil bolýan bolsa,onda pil
garynja bolýandyr.Şehitleriň ykbaly ýerde ýatmaz,ýedi gat
ýere gömselerem parlap çykar-da,jemgiýetde öz ornuny
eýelär,enşalla, ahyrym,şeýle bolar!Suw akar daş
galar”
diýipdirler.Hawwa,ol şeýle!Gözümiň öňünde,ýaşajyk Jahanjanyň
kemsitmelerden soň gatan,agyryny sessiz kabyl eden kalby
199
dur,ol adamlaryň arasynda ýaşaýanlygymy,heniz ölmänligimi
duýmaga maňa kömek edýär...
Men
Jahanjanyň
kellejigini
yhlas
bilen
ýere
duwlap,ýerimden galsam, çolugymyň elinde
gyzyl
gülýaka,monjuk,bilezik ýaly şaý-sepler.
-Bar,alan ýeriňde goý,eýesine nesip etmedik zat saňa
nesip etmez.Ýerbentden gaýdan san-sajaksyz kerwen,
çykgynsyz horlyklara sezewar bolup,dişine çenli ýaraglanan
goşun bilen söweşip,köp adamsyny ýolda galdyryp, bir aý
diýilende aç-suwsyz şu oýa geldi.Yzarlanmalar,üstüňden
gülmeler,zorluk bilen watandan kowulmalar bosgunlary
dälilik derejesine ýerirdi,süteme çydaman janyna kast
edenler,elini-aýagyny ýitirip Garagumyň ýowuz çolünde
amanadyny tabşyranlar boldy,”Duzly oý” bolsa ýolda ölmän
galanlaryň iň soňky jaýlaryna öwrüldi.Senem, “Ölen-ä
öleni,gözüni garga çokany” edip, olardan galan zatlary
çöpläp,günä iş edýärsiň.Atam pahyr “senedi köpeltseň taraň
bolmaz” diýerdi.Wah,zat gursun diýsene,men ine, iki sany
ýyrtyk keçäm bilen oňňut edip ýörün ahyr.Başym dynç,
kelläm agyranok,sürüde malyň,öýde altynyň bolsa günde ol
öldi,ýitdi, ýa biri aldy habar geler durar,aýagyňy uzadyp
arkaýyn ýatyp bilmersiň,rahadyň gider”-diýip,çolugyma
käýindim.Ol bor diýip alan zatlaryny goýdy.Ýapa dyrmaşyp
barýarkam , dowarlara haý-küş edýänem bolsam,gulagyma
ejemiň, “gaç,oglum,gaç” diýen sesi gelýän ýalydy.Maral, Ene
ikimizi zor bilen il ugruna alyp gitjek bolýar,men “kakamejemiň ýanynda galjak!” diýip hötjetlik edýän, şol wagt
ýanymda
ýarylan
bombanyň
zarbyna
özümden
gidipdirin...Näçe ýatanymy bilemok,huşuma gelip üstümiň
galyň gumuny kakyşdyrdym-da, ýerimden galsam, Şammy
kel üstüme abanyp dur.
Bol,eý,çaltrak gaçaly,ýogsam tutýarlar!-Asyl ol gömülen
ýerimi görüp,demigmesin diýip ýüzümiň gumuny aýrypdyrda, özüme gelýänçäm garaşyp dursa nätjek!Ine, hakyky
200
dostuň etjek herekedi...Nir-ä gitjegimizi bilmän iliň gaçan
tarapyna gaçdyk,garaňky düşüp barýarka bir gowagyň içinde
ýatdyk, ertesi
ýuwa-ýelmik,çomuç,kertikli
ýaly otlaryň
gözleginde jülge söküp ýörkäk mallardan döl alýan,kirden
ýaňa selleleriniň näreňkdeligi saýgartmaýan owganly çopanlara
gabat geldik.
Aý,aý,türkemen-ä gül bolup gyrylypdyr-ow,heý
alla,bulara seret!-diýişip,olar hyrçyny dişläp, başyny
ýaýkadylar,az-owlak naharladylar-da, ýöremeli ugrymyzy
salgy berdiler.Şol ýerdäki kiçijik çeşmeden suw içip öýlä
çenli ýöredik,bir çöpüň düýbünden “waý doganjyklarym-eý!”
dien zaryn ses bilen zenan maşgala çykyp, özüni üstümize
oklanda gaty gorkdyk.Ol asyl Maral bolsa nätjek!.Akja ýüzi
garagäz,horlanypdyr,üsti başy ýyrtyk-ýyrtyk,aýaklary gara
gan,saçy bolsa çym ak,”özüňi goramagyň iň ygtybarly ýoly ile
görünmezlikdir” diýip, gulagyma çawuş çakýar .Şammy kel
ýol boýunda çaşyşyp ýatan keçelerden iki gat edip Maralyň
aýagyny sarandan soň aňrylygyna, itleriň sesine görä
ýöräberdik.Töre hanyň obasynyň golaýyndaky otluk
meýdançada ýatan köp sanly ýaraly adamlaryň
içinden”Araňyzda Çoluk barmydyr,how!?”-diýen sese hä
bersem,Memmetdurdy kakam, ýaraly aýagyny
süýräp,gujagyny açyp gelýär...Güloran obasynda Annaguly
hanyň aýaly äriniň patasyny alyp,aýat-töwür etdirýär
ekeni,oňa, aýak üstünde durup bilýän türkmen gatnaşdy, biz
üçin şatlykly ýerem Maral şu ýerde Berdä gowşup toý
tutdy.Men ýöne toý tutdy diýip aýdyp goýberýän,onuň üçin
türkmen däp-dessuryny berjaý etmeli,gyz,oglan ýetim bolansoň
olara eýe çykmaly.Maral öz ykbalyny özi çözýände bolsa
Mämmätdurdy kakama“Maňa ata bolda,ýitig sorap geljekleriň
habaryny al”diýip,haýyş etdi.Ine,onsoň Berdä eýe çykan
ýaşulylaryň ikisi,bir aýaly hem ýanlaryna alyp, Mämmetdurdy
kakamyň ýanyna ýytyg sorap geldiler.Ol
“Myhmanlar,adatda,ýagny türkmen däp-dessurynda gyzlaryň
201
ykbaly,ene-atasynyň,doganlarynyň elinde bolýar,emma muňa
garamazdan,şerigata we ýetimligine garap,biz gelen-gidene
gyzymyzyň özüniň jogap bermegine razy bolduk.Anha,gyz,inede siz,baryň,ol öýdedir, gepleşiň!”diýdi.Sawçylar bir-birleriniň
ýüzlerine seredip,diňşirgenşip durdular-da, soň olaryň
ýaşulysy”Ýörüň gaýdalyň!Öý eýesi bize “Baryň
gidiberiň,sözüňizi aljak däl!”diýen bolsa gowy bolardy,olam
bolmady.Biz indi aljak gelnimiz bilen aç-açan
gepleşmelimişik,bu biziň-ä görüp-eşiden zadymyz
däl,toba,estagpyrulla”diýip,ýerinden turdy.Onda Mämmetdurdy
kakam ”Ýaşulylar,siz meniň aýdan sözlerimi gülki ýa-da bolmasa
sizi masgara etmek üçin aýdylan zatdyr diýip guman
etmäň!Siziň pikiriňiz dogry,ýöne gyzymyzyň bizden edýän
talaby esasynda,biz oňa öz ykbalyny özüniň çözmegine rugsat
berdik.Siz muny geň görmäň,sebäbi ol gyzyň öz ykbalyny özüniň
çözüp bilýänligini ýolda,bu ýere gelýärkäk duşmanyň garşysyna
görkezen gahrymançylyklary subut etdi,ine,ýanyňyzda oturan
Kynnan ýeňňemiz hem oňa şaýatdyr.Ýörüň,hany,gyzyň ýanyna
baralyň,gepleşip görüň,netijäni soň çykaryň!”diýip,olary
Maralyň oturan sekiz ganat ak öýüne eltdi.Dulda sülmüräp
oturan Marala gözi düşen myhmanlar içlerinden “Eý,Alla,bu
görünýän suratmyka ýa adammyka?”diýişip,töre geçdiler.Maral
gobsunyp olara ýer berdi.Häzir ony görmäge göz,diýmäge
sypaýydan söz,ýüzbe-ýüz bolup oturmaga päk ýürek bilen
utanç-haýadan eýi ýeten ýüz gerekdi.Sawçylaryň
ýaşulysy”Gyzym,men şu adamlar we ýeňňemiz bilen,ýaşymyň
bir çane baranlygyna garamazdan ömrümde ilkinji gezek saňa
söz aýtmak üçin ýanyňa geldik,dessura gabat gelmesede
gepleşmeli bolýas,elbetde,bu Allanyň rugsady bilendir.Biz,
tekeleriň bagşylaryndan,asly oturumly ýerimiz
Sakarçäge,Akýaply,hezirki mekanymyz Hyradyň etegindäki
Türkmengala diýen oba”diýdi.Maral”Siziň iki ýaş juwany öýliişikli etjek bolmagyňyz gowulykdan nyşan.Şerigat boýunça
barjak bilen aljak adam bir-birlerini görmeli we geljekleri
202
hakynda pikir alyşmaly.Siz şoňa nähili
garaýarsyňyz,ýaşuly?”diýdi.”Şerigat aýdýan bolsa dogrudyr, şeki
ýokdur,biz oglumyzy görkezip bileris”diýip,ýaşuly jogap beren
badyna “Çopan oglumyz bar,aýbymyzy gizläp durjak däj,her
pasylda bir ýuwunýan bolaýmasa golaý-goltumda ýüzüne suw
degen däldir,gulaklarynyň içi hüýtgara,çägemi,kesekmi,belli
däl,dyrnaklary ösen,bili goýun daňýan alajasy bilen
guşalan,uçgury dyzyna golaýlaýar,burny maňňal
ýalydyr”diýip,Kynnan ýeňňe ara goşuldy.Maral hem gep alyp
galmady.”Ýeňňe,erkek adamyň adam bolmagy aýal
bilendir,ýuwsaň,artsaň,idetseň,päkize eşik geýdirip,wagtlywagtynda iýdirip-içirseň adam bolar,onsoňam Hyzyr gören
arassa çopan halal zähmedi bilen maşgalasyny ekleýär
ahyryn”diýip,jogap gaýtardy.Kynnan ýeňňe”Bolubilýä,bize
şundan gowy gelinlik derkar däl”diýeninden soň,heserlije
ýaşulylaram guýruklaryny ýamyzlaryna gysyp,dillerini ýuwdana
döndüler.Gepläbem bir görsünler,bu aýalyň sözi
erkekleriňkidenem kesgir ahyryn!Şeýlelikde,däp-dessury özüçe
azajyk üýütgedip, türkmende ilkinji bolup öz ykbalyny özi
kesgitlän Maral boldy.Özem şol döwürlerde.Häzirki günlerde ol
zatlar bir hili ertekä çalym edýär ahyryn.Söýgi barada onlarça
dessany bolan,ýeke-täk halkdygyna garamazdan durmuşda
türkmenler, söýgi diýlen zady gaty bir açyk mahabatlandyrmany
halamaýardy,söýgi däp-dessuryň kölegesinde,gizlin hereket etse
gowy görýärdi...Garaz,eýle boldy,beýle boldy,Maral bilen
Berdiniň toýy tutuldy.Şammy kel ýüzüni sallap”Maraly Berdi
alsyn,başga biri aslsyn,maňa toý bolsa bolýar”diýdi.Ol muny,
Maraly özüniň alyp bilmedigine içiniň ýangynjyna diline
getirýärdi...Örän dabaraly tutulan bu toýuň çykdajysyny Samat
baý öz üstüne aldy,soň ýene bir,ýene bir toý tutuldy,garaz,şu
ýerde biz iki aýa golay ýaşap,garnymyzy gowy köjedik,diňe
bir köjemek däl,gyzyl kürtäni çümre atynan Maralyň egnindäki
täzeje el ketenisi,aýagynyň gülli joraby,köýneginiň öňüni tutýan
apbasylary,hasam owadanlaşan ýüzünden çogup duran bagty
203
biziň keýpimizi hasda göterdi.Belki,bi, ýol boýy çekilen
azaplardan soň bolýan ilkinji toýlugy üçindir,bilmedim.Mämme
kakamyň ýanyndaky biziň daşkyrak garyndaşymyz”Nä wagt,nä
zamana diýleni,göze görnen gyzyň duluňda otursa abraýy
artmaz ekeni,öýden ýetişen gyzyň ýa özi çykmaly ýa-da
maslygy,owgan topragynda şu ýagdaýlary çözmek gaty kyn.Gyz
maşgalany alyň diýip,hödür edip hem bolanok,ogluň bolsa aňsat
gelinlik gözläbermeli.Öňüräkden bäri ýaşaýan welin,owgan
topragynda hem däriniň ysy ýatanok,rahatlyk bolmasa toý
tutulmaz ekeni”diýip, näme üçindir zeýrenmek zeýrenýär.Men
şo wagtlar onuň diýýän zatlaryna düşünmeýärdim,asla
düşünjegem bolmaýardym,sebäbi her gün irden hasam
owadanlaşan Maralyň gelin keşbini synlamakdan gyzykly,täsin
zat bardyr öýütmeýärdim,näme üçündir Berdi welin ýadyma
düşmeýärdi.Ýöne synlamagam uzaga çekmedi,öňde eklenç
diýlen zat keserip ýatyrdy.Şammy keli ýaňky zeýrenýän adam
ogullyk alyp galdy,men bolsa Memmetdurdy kakam bilen ilki
Saryja baýyň,soň Samat baýyň goýnuny bakdym.Samat bay
meni Hyrada alyp gitdi.Bu şäher daglaryň arasyndan geçýän
iki derýanyň ortasynda ýerleşýärdi,derýanyň biri arassa
suwly, içi balyklydy,beýlekisi bulanyk, ikisi şäheriň günbatar
çetinde tapyşýardy. Şäheriň daşyny gurşap alan daglardan
käte “A-a-u-u-u”diýip, arlaýan gaplaň sesi çykýardy.Odun-çöp
azlyk edýärdi,sygyr tezegi gara kömür bilen deň
görülýärdi.Hyratda oňyrga burun,saryýagyz,ejizleriň
hossary,edenli-syratly Jüneýit hany ilkinji gezek gördüm,
watana dolanmak üçün sakgalyny syryp, keşbini
üýütgedip,Ýerbende gitdi-de,alty aýdan soň dolanyp
geldi,hossarlaryny ýygnap”Şura hökümedi gozganarly
däl!Ýurduňdan aýrylsaň aglap ýörmeli bor ekeniň, süňňüň
gowşap,keselçilik basmyrlaýar,edeniňi goýanyňy bilip
bolanok,wah,kämil ýaragym ýok”diýip,ahmyr çekdi.Ýerli
ilatyň ýaşaýşy elhalam bolsa, bärden baranlaryň ýagdaýy
öwerlikli däldi,çagasyny okatmak,hünär öwretmek,
204
öýlendirmek,durmuşa çykarmak ýagdaýy kyndy,öz göwün
diýen ýeriňe gudaçylyga barmak kyndy. Hyrat şäheriniň 25
kilometr golaýynda 12 müň gektar ýer alyp, ogullary
Eşşi,Eýmir,Kötük han dagy bilen Yzmykşir obasynda
ýaşan,1939-niy ýylda Türkmengala obasynyň golaýyndaky
gonamçylykda jaýlanan Jüneýit han şeýle ahmyrly gitdi.Ol öz
döwründe ilkinji kümüş,ýüpek türkmen pullaryny,özbaşdak
Daşoguz respublikasynyň baýdagyny döretdi,Gaýgysyz Atabaý
barada-Ol meni ýok etmekde meskewe gowy görünjek
bolmady,gaýtam,iki müň ýarag iberip”özüňizi bir goraň!”
diýip kömek berdi.Watanyny,ilini gelmişeklerden goramakda
mümkünçiliginden ýokary hereket etmegi başaran hakyky
türkmen gerçegini, 1929-nji ýylda Daşkentde“Gyzyl Goşunyň
hataryndan talaňçy ermenileri çykarsaňyz men Hywany alty
aýda Soýuza birikdirerin”diýip, eden çykyşy hem-de bize
eden kömegi üçün garalap,Mikoýanyň talaby boýunça
atdylar, şonda meniň ýüregim üzüldi,elim-aýagym
kesildi,daýanjym döwüldi,ýagşy umytlarym uçdy,ýaşarlygym
galmady. Nesillerime soňky sargydym”adyny türkmen diýip
tutýan her bir adam Gaýgysyzyň mertebesini belentde
tutsun,aňryujy mümknçilik bolsa-da meni Watanymda
jaýlaň!”-diýdi.Emma onuň wesýeti şu günlere çenli bitirilmän
gelýär...
Men-ä dogrusy o döwürler ýaş,watan küýsegi
baradaky düşünjä onçakly bir düşünip barmasamam,
Mämmetdurdy kakam weli “her hili agyr güne düşsemem
watana aşsam bolýar “ diýip ýatyp bilenok.Alabaharda ol bizi
Guşgynyň etegindäki Mugyra obasyna getirdi.Mekge-medinäkäbä gitjek bolup ýören oba hany
Abdylla han
Mämmetdurdy kakamyň arzyny diňläp elinden gelen kömegi
berdi,ýanymyz bilen gelen 16 ýetim çagalary azyk ýükli on
eşege mündürip ugradyp goýberdi.Guşgy derýasyndan gije
geçdik welin,şobada daşymyzy gaban ýaşyl papaklylar205
serhetçiler bizi bir atýataga gabadylar.Asyl,bi ýatak Ene
dagynyň hem saklanylan ýeri bolsa nätjek.
Mämme kaka,suwsaýan-diýip,men gabowda ýatan üçnji
günümiz halys çydaman seslendim
Gaýrat et,jigim,sen indi ondört
ýaşadyň,çydamly
bol,köpräjik Gurhan sürelerini gaýtala,gör-ä,özüň ýaly çagalar
seslerini çykarman ümsüm oturlar.Wah,bularda nä günä bar,
yzymyza düşüp gitdiler,indem watana dolandylar, horlamaly
däl ahyr,eý Alla,özüň rehim et,rehim et jan Hudaý..
Allaň özi kömek etjek bolsa ýol tapar ekeni,şobada
gök gübürdäp şeýle bir jala guýdy welin ýatan ýerimizde
üçekden
syrygýan
ýagyş
suwundan
teşneligimizi
gandyrdyk,agşamlyk az-owlak çörek berdiler,sekiz gün saklap
otla mündirip goýberdiler.Çagalaryň yzynda garyndaşy
barlary aňry gitdi,Mämme kakam bilen men otlyda gabat
gelen bir adamyň haýyşy boýunça Ýolötende düşdük.Şäheriň
etegindäki obada eken ekinimiz, bitginli gawunymyz heniz
ýetişmänkä “ owgandan gelen gaçgak” diýip Mämme kakamy
alyp gitdiler,meni bolsa öý eýesi obadan kowdy,asyl bu
zatlar hasyl özüme galsyn diýip şol adamynyň edip ýören işi
bolsa nätjek.Şondan soň Marydan Tejene,Tejenden Mara
kowaladylar
ýördüler.Maryda
Garaköşegiň
köprüsiniň
aşagyny öý edinip ,käte dilege çykyp, gün gördüm,özümi
tutdyrmajak bolup,Möwlamjan gonamgylygynyň gümmeziniň
aýakujuny ýerläp ýatdym, jaýlamaga adam getirseler
gorkyma
baryp
bilmedim,öz ýanymdan aýat-töwür
etdim,meňki bir süýtden agzy bişen suwy üfläp içeri
boldy.Ýöne,oňat, Möwlamjanyň müjewüri meniň köp dogalary
bilýänligim üçin egilşik edip,baryndan kömek etdi,bir gün
ol”Beýdip gaçyp ýaşap bolmaz,seniň ýagdaýyňda çölde
goýun
bakmaly,adam
gözünden
daşda
bolmaly,görmesinler,bilmesinler” diýdi,soňam juma zyýaratyna
gelenleriň birini ýanyma getirip-Annamyrat,şu ýetim oglana
206
kömek et, Nepes şurany gördüm,meň adamdan Annamyrada
aýdaý diýensoň seni çagyrdym-diýdi.
Heý,mollam,beýle işler üçin Nepes şura azar hem
bermeli däl ekeniň,ony meň özüm çözýän,ýeri bolýar,
ýigdekçä eýe çykaryn,göz-gulak bolaryn,eklärin,saklaryn,islese
öýlendirip
hem
goýbererin-diýip,ýylgyryp
gepleýän
,syratly,mähirli hoşgylow adam meni yzyna düşürip alyp
gitdi.Ol asyl otuz bäşinji ýylda Aşgabat—Moskwa
at
çapyşygyna
gatnaşan Akmyrat
Kadyryň
ogly
bolsa
nätjek.Halkyň şöhratly taryhynda uly orun alan,ýigitleriň
gaýduwsyzlygyny,mertligini,owadan
atlarymyzyň
çydamlylygyny,ýyndamlygyny dünýä dabaralandyran bu atly
ýörüşe gatnaşan Akmyrat,özi ýaly on bäş ýigit bilen,tomsuň
jöwzaly epgegini at üstünde geçirip,84 günde 4300 kilometr ýol
geçip Moskwa barypdyr.Ol ýerden atly abraýly, uly baýrakly
dolanan Akmyrat aga, ogly bolmansoň, ene-atasy ölen
çagany,Annamyrady ogullyk alyp ulaltdy.Iki gyzynyň birine
öýlendirdi.Ol çaga üstünde ýogaldy welin, ikinji gyzyny
berdi.Şeýdip, öň Nepes şuranyň kätibi bolan Annamyrat,indi,
uly bir obanyň maldarçylyk bölümine ýolbaşçylyk edýär
ekeni.Ine,Hudaýjanyň kömegi bilen meniň bagtyma şeýle
adam
gabat
geldi-de,yzarlanma,kemsidilme,horlanma
azabyndan dynaýdym.Munuň üstüne,altmyşynjy ýyllaryň
başlarynda yzarlanmalar hem kesildi.Goýun guýy eteklerinde
çopançylyk edip ýören ýyllarym men bilesigelijilik bilen bizi
şu güne salan adamlaryň ykballary bilen gyzyklanyp
ugradym,ilkinji
nobatda
aýal
doganym
Enejany
gözledim.Irginsiz sorag-ideglerden soň,
onuň Sakarçäge
etrabynyň
Çaşgyn
obasyndaky
çagalar
öýüne
düşenligini,,1937-nji ýyllaryň başlarynda bir ENKEBE-de
işgäriniň “ okatjak “ diýip alyp gidenligini anykladym.Şondan
soň doganjygymyň yzyny ýitirdim,ýöne bize azar berip
gelenleriň
käbirleriniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 14
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.