Latin

Ýazgyt - 05

Total number of words is 3762
Total number of unique words is 2427
29.5 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilmändi,beýlekisinde , mergeniň oky çyg çekip göçmändi,garaz,
ikisinde-de ol diri galypdy.Bu gün bolsa ol pulemýodyň öňüne
özüni oklamak islände, biziň batyr esgerimiz
Hodzko
tarapyndan pyçaklanyp öldürildi.Tüm garaňka duwlanan
basmaçylar, garrylar we ýetginjekler batyr şehitleri gyssagly
jaýladylar. Annaguly hanyň öldürilmegi gozgalaňçylaryň
66
ýagdaýyny kynlaşdydy,sebäbi ol ýola beletdi, batyrdy,
gaýduwsyzdy.Onuň gaýduwsyzlygy barada esgerleriň arasynda
rowaýada ýakyn gürrüňlerem bar.Bir gezek Loginowa”Annaguly
han seniň bilen gepleşik geçirmek üçin gelýär”-diýenlerinde
ol”Onuň bilen gürrüňim bolmaz,ýüzüne seredesim hem
gelenok”-diýip jogap berdi,emma haçan-da, hiç zatdan
çekinmeýän Annaguly hanyň özüne golaýlaşýanlygyny
görende,ol ýap-ýaňy aýdan sözüni unudyp, sylag-hormat bilen
ony garşylady we ýanynda oturmaga ýer görkezdi.Han,urşy bes
etmegi, içer ýaly suw kömeginiň berilmegini sorap gelen
ekeni.”Näme,uruşdan gorkýarmyň?”diýen soraga “Bigün-ä
adamlaryň gyrylmagyny islämok”diýip,han jogap berdi,”Ýöne
itlerem,doňuzlaram özara uruşýarlar ahyryn”diýen söze
ol”Siz,”ähli halklar berleşiň!” diýip,dost doganlygy şygar
edinýärsiňiz,özüňiz
bolsa
ýaşamagy
itden,doňuzdan
öwrenýärsiňiz”diýen
jogaby
eşidip,ol
gaýdyp
sorag
bermedi.Hanyň haýyşyny bitirmese-de, Loginow soň „ Eger-de
Annaguly han öldürilmedik bolanda basmaçylar gürrüňsiz
Owganystana
aşardylar,diýseň
görmegeý,hoşsurat,ýakymly,nurana adamyň ölümine gaty
gynandym!“ diýip, buýsanjyny aýratyn nygtapdyr. Uruş bolan
gününiň ertesi GPU- niň işgärleri, jansyz Gara Ýowşanyň
galdyrýan maglumatyna esaslanyp, Annaguly hanyň, Garry
hojanyň jesetlerini mazardan çykarmak islediler.Nähili hem
bolsa çagalykda musulman duzuny dadan Dudy Dudyýew durup
bilmän”Türkmen däp-dessurynda bu ýagdaý örän erbet
hasaplanylýar,ony etseňiz olaryň bize bolan gazaplary hasam
artar!”diýip,Loginowa
düşündirdi,emma
oňa
gulak
asylmady.Mazardan çykarylanlaryň kelleleri kesilip, subutnama
hökmünde söweş hereketleriniň Moskwadan gelen ýolbaşçysy,
SSSR GPU- nyň wekili Sobelewe ugradyldy... „Gyzyl Baýdakly
Türküstan“ I42 sahypa, Loginowyň beýanaty...
67
...1931-1938-nji ýyllarda Mary welaýaty boýunça ýetmiş
sekiz müň ýedi ýüz öýli Owganystana we Eýrana göçüp
gitdiler...Mary Welaýat Döwlet Arhiwi,3,73 jiltleri....
Agdar han depegenden daşyrak diýen aýtgydan ugur
alyp, Gamakly goýusynyň aşak eňňidiňdäki Öküziň hakyna çenli
gije ýöremegi makul bildi. Ugrasagam ugradyk welin, ölenleri
jaýlamak, patasyny alma-ga beýle-de dursun, agyr ýaralyny
almaga-da mümkünçilik ýokdy.Ölüsini jaýlajaklar, agyr ýaralysy
bolanlar
galmaga
mejbur
boldular.Duşmanyň
ýowuz
gazabyndan gorkup, ýolundan dänmegi ýüregine düwenlerem
olara goşuldylar. Ýol ugry iňňildi-den doly. Zaryn agy, agyr
ýaralyň hassyldysy,„Jan dogan, meni taşlap gitme!, „ Razy boluň,
doganlar!“, „Doganjygyma şehit öldi diýiň !“ diýen sesler
eşidilýär.Bir ýerde inçebil, syratly –sarmakly, negözel gyzlary
jaýlap bilmän, köne ýorgany ataýypdyrlar, biz bolsak olaryň
üstünden bir goltuk ojaryň üstünden geçen ýaly geçip barýarys.
Bulara gözi düşýän naçarlaryň nalyşy atylan top okundanam
beter täsir edýär. Iki gözüne, bagyrýan sesine erkleri ýetýän
naçarlaryň kä ýerden „ Aman-aman, aman edeýin, doganjyklam
gyrylyp gutardy-leý, jan Allam!“ diýen sesi saçyňy dym- dik edip,
iniňi jümşüldedip barýar. Şeýle ýagdaýda men ejemiň eline gaty
berk ýapyşýardym, goýbersem asman gaçaýjak ýaly-dy...
Atam böwrüne ok degip gyşaryp ýatan,peşeneli ak sakgal,
perişde ýaly adamyň – Magsym pälwanyň ýanynda saklandy.
Pälwanyň elinde sanap gutarylmadyk tesbisi , agzynda bir bölek
nany bardy, agzaçar edende ok degip gatap galan bolmaly
görgüli! Atam „Ýuwdanyň özüňki, çeýnäniň gumana“ diýleni
dogry ekeni.Muňa seret!Bi görgüli bilen döwek döwerdik,
ädeýinmi – ätmäýinmi diýip duran iki öküzi bardy, özem
yrgyldap barýandyr
yzynda, „Döwek döwsem beýnim
çaýkanýar!“ diýip. Indem , ynha döwen harmanynyň nany
agzynda, gatap galypdyr. Ogly- gyzy ýok, dolanara yzy ýok , heý
dünýe , dünýe .. Atam keltejik töwür edip ýüzüne syldy-da „Gör,
68
bi bolýan zatlary?Ilimde gury aýaklar, salpy aýaklar öňe
çykdylar, barara ilsiz, batara kölsüz garamaýak bolduk, ýöräre
ýolsuz, işigi malsyz, ogulsyz- gyzsyz tuwmaýak bolduk! Taňrym,
bu näme etdigiň boldy?Ýaşymyň soňunda gözden çykgynç
günäm barmy?!” Garryja eşigimiziň syrtynda men onuň
hüňürdisini diňläp barýan..... Çaý içer salym ýöränem bolsak,
syzalygyň, sazaklygyň, ýowşanlygyň içinden iňňildiler,
jesetler,serlip ýatan düýe läşleri çykyp dur,çykyp dur.Biriniň
garnyna ok degip, içegesi çykypdyr, biriniň aýagy ýok,
ýanyndaky köşegi bolsa bagyrýar....
Ýogsa-da , köşek diýenimde bir zat ýadyma düşdi.
Şammy keliň düýesi botlanda iki bolup begenipdik, enesiniň
üstüne atylan köşejik, emdirmäge maý bolmansoň açlygyndan
bagyryp gelýär.Bu ýagdaý bosgunlaryň yzky goragyny üpjün
edýän Bäpbe çasy ynjalykdan gaçyrdy..Agdar hanyň gohgalmagalsyz herehet etmeli diýen buýrugy bolansoň,
duşmanlara barýan ugruňy bildirmeli däldi, onsuzam, hataryň
yzyna köp çozulardy, şol sebäpli Bäpbe ças „ Köşegiň sesi
çykmaz ýaly et, hä-de öldür! “ diýip,Durdy awça buýruk berdi.
Durdy aga orta boýly, eti- gany ýerinde,
garaýagyzdan sypaýy, elliden geçen adamdy, çagasy bolmanlygy
üçin üç aýal alypdy, dördünjisinden Şammy kel dünýä inipdi.
Ýeke dikraryny çäksiz gowy görýänligi üçin, gysryk satyn alyp,
günde dört gezek haly horjun ýapyp onuň juluny täzelärdi,
oglunam mündirip, daşyndan hezil edip guwanardy, aýaly Hajar
daýza „Pylan zady kem!“ diýäýse dagy, ýaltanman aty täzeden
eýerlärdi. „Be- eh,bi baýtal ýaňja-da başga sypatda-dy-laýt!
Näçe öwran eýerledi- laýt!?“ diýişip, adamalar geň
galardylar.Atam oňa çaga kysmy töwra adam diýerdi.
Ýüregi ýuka, polady ýumşak Durdy, ganjyklar
tiresinden bolanlygy üçin,
käte
Durdy ganjyk diýip
ýüzlenerdiler.Ol demi bilen degirmen ýöredýän Bäpbe çasyň
talabyna nädip
boýun boljagyny bilmedi.”Köşegi öldürip
bolarma-aýt, oňa ynsabym çatmaz!“ diýse-de, ol köşek bilen bir
69
horjunda oturan ogluna „ Guzyjygym, ony köşeşdirsene!“ diýdi.
Şammy köşegiň kellesini sypalady, agzyny tutup „ Goý sesiňi!“
diýdi, emma kelebiň ujuny ýitirip, gyrkylyk kesen goç ýaly sesini
çykarman ýatyberdi. Onsuzam yzgydy Gazminde galan ýaly, ýüzi
çytylyp, gaşlary bürülip duran Bäpbe, zemzen dek çişdi, gaplaň
gazabyna girdi-de,ok bolup Durdynyň alkymynda häzir boldy:„
Munuň sesine suw sepmeseň kössäm bilen dograýan,onsuzam
let iýýän” diýip azm urdy. „Näme etseň özüň et, gözüm bir
görmesin“ diýip, Durdy köşegi oňa alyp berdi. Otursa-tursa
özüne serdar diýdirjek bolup azara galýan Bäpbe çasyň bu
hereketinden soň, Şammy ikimiz ony duşmanymyz hasapladyk.
„Serdar akylly- huşly , hemme zada göz ýetirýän, parasatly,
edermen bolmalydyr, ýöne,toşap gaýnadyp ýörenden serdar
çykýan däldir“ diýip atamyň ýaňzytmasyny Bäpbe çasa degişli
etdik, oýnaklap duran gözüni et iýýän guşuňka meňzetdik,
sebäbi ol guş özünden ejizlere rehimsizlik bilen palta
salýar.Gulaklaryndan çykyşyp duran tüýlerini Damlada dagan
kepbämiziň sömelişip duran agaçlaryna meňzetdik.Şammy
bolsa „ Muň boýam, ýüzem, häsiýetem,köşegi gylyçdan geçirişi
ýaly
wagşylygam,
Damlanyň
dikmesi
Duda
meňzeş“diýýär.Bolmanda-da, gawun gawundan reňk almasa
bolmaz ahyr...
Süýji suwly Siňreldi guýusy ýowyň elindeligi sebäpli biz,
Öküziň kakynda ýerleşen Porsy guýuda düşledik, Gündizki
uruşdan, gijeki ýoldan aran adamlar duran duran ýerinde
gyşardylar. Men atam bilen çöküp oturan iki düýäniň arasynda
gyşardym. Ýatyp bir arkaýyn aýagyňy uzadyp, garypja
çatmamyzdaky ýaly ýatma ýok.Gözümiň öňünde diriligine
gylyçdan geçirilen köşegiň keşbi, Annaguly hanyň gan tegmilli
ýüzi, Garry hojanyň düwrülen süňňi, agyr ýaralanyp ýolda galan
şehitleriň keşbi.Nirä seretseň ölüm, ölüm, nirä seretsek gan.
Ölen adamyň odun ýaly gataýanlygyna-da,indi gözümi ýetirdim,
gatap, has-da agralýan merhumlaryň ýere duwlanylşyny
gördüm.Adam ölende gyşda guraýan çöpler ýaly gataýar
70
ekeni,diri wagty bolsa ýaňy jan giren otlar ýaly ýumşak bor
eken.Aslynda ölmek diýmek näme? Atam „Ölmek topraga
garylyp, şu görünýän ýaz otlaryna , geçemjege, gulanguiruga,
guzgulaga, gyrnaksaça,güle, ýegmala, ýowa- ýelmikdir ýepelege
öwrülmekdir . Biz bi dünýä wagtlaýyn gelendiris, biz gideris,
ýerimizi başgalar eýelär, soň olaram gider, şeýdip, aýlanyp
duran çarhypelekdir bi!“ diýýär. Bu zatlar meniň üçin düşnüksiz,
gorkunç, guzaplyk.Atam „Ejir çekmän bi guzaplyklardan dynyp
bolmaz , ol Alla tarapyn iberilýär!“ diýýär.
Azajyk irkilenem bolsam üşäp,daňa golaý oýandym.
Ata, ýaman sowuk-laýt?
Sowuk diýýäňmi, köşek? Meýdana bir sakow gyraw
düşüpdir diýip üşeýän diýmek oglana uslypmydyr? Tur, hany
tüňçäni
alyp
ber,
täret
kylmaly,agyz
açmaly,
gyrmyldamaly,”gündizki aşdan gün hantama” diýipdirler.
Men bili guşaklyja gara taňkany oda süýşürdim, saçagy ýazyp,
gowurmaly golçany üstünde goýdum.
Şeýt ahyr, köşek, öwreniber, kämillik ýaşyňa çenli näme
öwrenseň öwrenibermelidir. Men-ä şu ýaşymda hem köp zady
bilmeýänligime gözümi ýetirdim. Bu toprakda ýaşaýan adam
gaýrat-goýazy bilen daşymyzy gurşaýan çöpleri satybam gününi
görer.
Ata, bu toprakdan gidýäris ahyryn!
Köşek gitmeris, gitsegem gaýdyp geleris.Adam
Watanyndan aýrylsa gowşaýandyr. Barjak ýerimizem öz
watanymyzdyr.Watanyňda ondan –oňa geçmegiň aýby ýokdyr,
onda-da näme.... Köşek ýadyňda sakla, sen indi başga
goýunlaram emiberýän emäjin guzy ýaly bolmalysyň, öz siňegiňi
özüň garamalysyň, guşuň guýrugyna daňylan ýelgamak ýaly
ýeňil gopmalysyň.Garry ataň pahyryň edişi ýaly, towugyň
bitinem özüne çöpletmäni başarmalysyň! Ol-a ýorunja pürüni
kepege garyp, gaýnadyp bererdi welin, towuklar temegini
taýzardyp „ Baý, he-zil-le-bi“ diýip, gygyryşardylar.Ejeň ýaly
tygşytly
bolmagam
öwrenip
goýmalydyr.Biri
goýun
71
soýsa,damak ganyny okara salyp közüň üstünde goýardy welin,
ýaňky gan bagyr ýaly bişer! Men ol tagamy henizem
duýýaryn.Ýene bir zady bilip goýmalydyr, irginsiz işleýän adam
rysgallydyr. Käbiri sygyr ýatak salyp bilmän ýörändir, kakam
welin ýylgyny örup, daşynam suwar welin ne gözel ýatak
taýyndyr. Işleýän adamyň bir meşik kak , bir meşik sök , toşap
taýýarlamak elinden gelmelidir . Damlada goşar ýaly çişi ýere
urup, azajyk dume gawun ekdim, onuň ýarylýany bäş oýnam
mal saklamaga ýetdi.Ýeriň dilini bilip
yhlas etseň
şeýdiberýändir! „Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar“
diýipdirler. Ine , şu öküziň kaky ýaly ýere gawun- garpyz ekseň
näçe önüm alsa boljak?! Men muny mal gara ýok wagty adam
üçin gaçara kowara maýyň barlygy üçin aýdýaryn! Nan kesegiň
üstünde diýişleri ýaly daýhanyň , maldaryň gara zähmeti, ajy
deri rawaçlygyň açarydyr.Häzir bolsa birimiziň elinde odun,
beýlekiniň elinde sowuk uran bagyň ýapragy, birimiziň elimizde
taýak , beýlekide sowuk ýarag, biriniň elinde tohum, beýlekiniň
elinde gamçy bar! Bir ýylky iýjegiňe zikr düşenok diýip,
pygamberimiz aýdyp geçenem bolsa, häzir çarwaň, daýhanyň
bir ýyldaky iýjegine on esse zikr düşürýärler, şeýdip, çarwany
maldan, daýhany ýerden gaçyrýarlar.Ýöne, „Sabyrly gul durabara şat bolaryny“ edip, gujak açyp yza çagyrýançalar
bendelikde bolmaly borus, „Ata ýordum atadym,harman işin
bitirdim“ diýenleri ...
Köşek agzaçar edindik, töwür galdyrdyk, hany indi, didäň
daşdan alýandyr, seret, Durdy Töwra görünenokmy! Segsene
ser ursaň gözüň täze dogan guzyň gözi ýaly bolar ekeni, biri
„Ýaşuly!“ diýse , beýläňe seredip „Hä“ diýip dursuň.
Ata,ol bir üwmek jyglymyň ýanynda atyny eýerläp
dur,ýanynda-da, bykowlyja tazysy-diýip,men doňuz diňini salyp,
jogap berdim.
Bu onuň eýýäm ikinji eýerleýşidir! – diýip, atam myssa
ýylgyrdy – Ýör, guzym, onuň gömen garyndan ýüregi buz ýaly
edeli!
72
Ýylyň gurak gelmegi,Öküziň kakynda suwuň bolmazlygy
bosgunlaryň arasynda uly howsala döretdi.Näme etmeli diýen
sowal keserip durdy. Alla hor etmejek bolsa çykalga tapylar
ekeni.Kimdir biri Durdy awçynyň bu ýerlerde aw edenligini,
şondan maslahat soralmalydygyny ýatlatdy.Awçy,şonda,Siňreldi
goýusyndan on çakyrym günortada,Öküziň kakynyň gündogar
ganatynda gar gömüp goýandygyny, gije tapyp bilmejegini,
ertire
garaşmalydygyny
aýdypdy
we
Agdar
hany
rahatlandyrypdy.
Biz baranymyzda Durdy awçy dutaryny
keçe gabyna salýardy.
Garaja
oglan
guýysyndan
bäri
elime
alyp
görmämsoň,ýürek halys küýsedi durdy – diýip,atamyň öňünde
özüni aklajak bolýan ýaly aljyrady.Ol ökde awçylygyndan başgada,bagşydy,şahyrdy.
Men
onuň
aýdymyny,
sazyny
diňlemändim,gürrüň edýärdiler, şahyrlygyna welin şu ýerde göz
ýetirdim.
Belkuly aga, goşgy okap bereýinmi!- diýip, gar gömen
ýerini tapmak üçin adamlaryň öňüne düşüp barýarka ol sorady.
Oka,köşek,oka.
Durdy awçy ardynjyrady, bokurdagyny arçady.
-
Men saňa diýeýin, eý, Meret tentek,
Duşman-a güýçlidir, gyssanma entek ,
Baýram, Çoluk batyr, misli bir şir dek,
Duşmanyň döşüne kakmaly boldy.
Berekella, köşek, bir eli giňlikde, enşalla, sazyňam,
aýdymyňam, labyzly goşgularyňam diňläris.Alla bizi şo günlere
ýetirsin-dä!- Atam “hoş gepläni hoşal” edip onuň göwnüni
göterdi.
Ýanymda Magtymgulynyň arap elipbiýinde kitaby
bar,okap bereýin.
Zehini keç bolar bady ýaňylaň,
Biygtyýar bolar goly daňylan,
73
Göreşde ýykylan,jeňde ýeňilen,
Içi doly namys bilen ar bolar
Haly müşgül bolar köýüp ýananyň,
Imany şikestli haram iýeniň,
Kastdan roza,namazyny goýanyň,
Özi kapyr,biliň,jaýy dar bolar...
Ine,men arap elipbiýinde Magtymgulyny okadym.Näme
üçin ol türkmen dlinde, türkmen elipbiýinde däl?Nesimi
“Diliňden arap sözi dökülip durka,kim saňa türkmen
diýer!”diýip
janygypdyr
welin,oňa
eýe
çykmadyk,Nowaýy:”Mesgenim hyjranda bolsa,erdi ol Merw Şah
Jahan”diýenem bolsa oňa hem eýe çykmadyk.Kakam
pahyr:”Ölerdim weli kepenligim ýok-da!”diýerdi.Şoňky ýaly
garyplygyň ýaman derdini çekip ýaşap ýörüs.Öňde biri:
Elimde-hä ýaragym ýok,
Asylmagam gelşikli däl.
Kim maňa zäher bersin?
Gark bolmaga-da gaýrat gerek!
-diýip,garyplygyna gaty janygypdyr...
Nä döwür nä zamana boldy diýsene!Häzir şahyryň bi
kitaby horjunyňdan çykaýsa “watan dönügi” diýip seni
sürgün ederler,kitabyňy oda ýakarlar.Sen bir häzir bol,awçy!diýip,atam hyrçyny dişledi.
Ýaşuly,muny maňa Maryda arap,latyn elipbiýini öwreden
mugallymym Allaguly Garahan hem aýtdy,”Magtymguly şahyryň
arap elipbiýinde çykan goşgusyny dini kitap diýip
ýygnaýandyrlar,häzir bol,sebäbi olar ors elipbiýinden başgasyny
bilmeseler
nätjek!”diýipdi.Diýseň
bilimli,zor
adamdy.Lukmançylykdan ýokary bilimi bolsa-da, ol türkmeniň
teke şiwe diliniň döwlet dili bolmagyny,türkmeniň edebi dili
bolmagyny gazanan gerçekdir.Ýogsam,ýomut dili öňe
geçmelidi,saryk,salyr,ärsary
şiwe dilleri hem bar ahyryn
...Durdy awçy öňe- yza aýlanyp, käte doňuz diňini salyp, diňe
74
özüne belli bolan belgilere salgylanyp, gar gömen ýerini
gözleýärdi hem-de “Allaguly, türkmenleriň arasyndan çykan
ilkinji ylymly lukmanlaryň biridir,ol Meskewdaky Geňeşler
öýüniň Sütünli eýwanynda lukmançylykdan ylmy nutuk
okapdyr,türkmeniň bir döwiet dili bolmalydygy barada ençeme
ylmy eserleri döredipdir..Şony dogry edipdir.ýogsam, her kim öz
şiwesinde geplejek bolsa döwletde bäş sany dil
ýörärdi...Ýöne,bolşewikler ony hem ýok ederler.Olara halky
garaňkylykdan çykarjak bolup öňe düşýän adam gerek
däl.Ýogsam bizi şeýdip heläkläp ýörmezdiler.Şeýdip olar sada
türkmene
ýaman
zady-öňe
çykyp
barýana
goltgy
bermän,gaýtam,aýagyndan aslyşmany öwretdi...”
Ine, ahyrym ol,üýüşmek çägeniň bir tirsek aşagyndaky
terslin-oňlyn taşlanan selin düýplerini galdyryp,gömüp goýan
garyny tapdy.Asyl, diwarlaryny, astyny-üstüni selin bilen
basyryp, çäg-ä gömseň, ýylyň dowamynda gar alsa boljak ekeni.
Gör, ata-babalarymyzyň ugur tapyjydyklaryny! Bu zatlar öň
ulalyp- kiçelen halkymyzyň ýaýrap-ýaýrap dünýä doluşy ýaly
bir zat bolsun gerek! „Owuz ýaýy atylanda asmandaky gün
görünmezmiş”, diýmek, biz köplük bolup, şol köplügiň
döredenlerini aňa siňdirip, durmuşa ornaşdyryp bilsek, ylymdabilimde bize taý tapylmaz“ diýip, atamyň aýdany ýadyma
düşýär.
Syryk boýly Baýram molla, dem salymyň içinde çukuryň
garyny deň derman paýlady.Onuň ýüzünden akýan burçak –
burçak deri gören atam: “Berekella, köşek, işläňde şeýdip, gül
ýaly işläp,ýatanda beg ýaly ýatmaly, iş aňsadyny ýalta tapar
etmeli däl, ýagyrnyňy derledip
iýilýän çörek guzaply,
hupbatlydyr, ýöne halal, minnetsiz çörekdir!”diýdi. Baýram
molla, çukurdan towşan ýaly towsup çykyşyna ýaş seliniň birini
köki- söki bilen sowrup,burdy-da, ondan çykan suwy içip, bir
zatlar diýmekçi boldy.Emma duýdansyz çykan tüpeň sesi ähli
adamy tisgindirdi.
75
Durdy awçynyň ýykylanyny ilki men gördüm.Ok, Agdar
hana, Baýram molla atylanmy, belli däldi, ýöne bu duşmanyň
nyşana alyjysynyň işidigi bellidi.Näme üçin Durdy awçyny
atdylar? Ile suw tapyp bereni üçinmi-kä ?
Duşman nyşanyna düşdüm öýdýän-diýip Durdy awçy
ysgynsyz seslendi.
Bu täleýiň işi, maňlaýynda bardyr- diýip, atam onuň
kellesini galdyrdy.
Hawa, kimi Hudaý tutjak bolsa sebäp tapylýandyr
Külli türkmeniň gaýmak ýaly, ylymly-bilimli ogullarynyň
boýnuna düşdi, bi !
Biziň
boýnumyza
düşer
ýaly,
näme
günä
edipdiris?Çagalara bilim –terbiýe berýän molla-ahunlar,halal
lukma iýýän bi naçar bosgunlar günälimi?Görýän weli, bularyň
gan
öýen
gözleri
Hudaýa,
halka,
kowma
ynanmaýarlar.Barjamly, sowatly,ynsaply adamlary itden beter
ýigrenýärler,öçli ýaly topulýar,her edip hesip edip olardan
dynsalar, dünýäleri düzeläýjek ýaly.Köre –körlük bilen,ertekä
meňzeş haýsydyr bir toslanyp tapylan durmuşlary
üçin,bigünäleriň
ganlaryny
dökýärler.Özleriniňem
şol
ýaramazlygyň
pidasyna
öwrüljekdiklerini
bilmedik
bolýarlar.Ýöne taýagyň iki ujam-a bardyr ...
Watan üçin söweşde adam uçugy bolar, nähek ganyň
dökülmegi mümkin, ýöne munda Meskew, Stalin günälimi-kä
diýýän.Gepleýän sähne bolsa-da, diňleýji dana gerek!Täç Gök
serdaryň ogly Gaýgysyz bor diýip, öz halkyna ýaramly işleri
edibermel-ä!?Wah, etmenäm durmady-la welin, bolýan däldirdä...
Şeýledir ýaşuly, men-ä how, ondan razy.Onuň Hywa
kömek üçin däne ugradyldy bahanasy bilen bize iberen iki müň
ýaragyna näme diýjek?Ýogsam, ilkinji çaknyşykda duşman biziň
işimizi gaýraky atyza geçirip yzymyza şakyrdyk dakyp bilýärdi
ahyryn.
Özüne raýat bolsaň gelmişegiň seň bilen işem ýokmyşyn..
76
Çarwaň malyny zorlap alsalar, molla- ahunyň öýünden
kitap, sowgat berilen ýarag çykdy diýip basyp ýörseler,
bulamakçyň ortalyk boljak bolsa nädip raýat boljak?!
Durdy açwy nähak zorluga sezawar bolanyň biridi.
Tokaý hojalygynda arabakeş, çöpçi bolup işlände, iki ýyl Minsk
guwerniýasynyň
Miksenowiç diýen obasyna päleçilige
ugradylypdy.Ondan gelip ýene öňki işine başlapdy. Geçen ýyl
Gara Ýowşanyň arzasy boýunça onuň öýi dökülende ýarag, ok,
päleçilikde bolan ýerindäki dostlary bilen alyşan hatlary
çykypdy, oňa „ Dört aýal alyp üçüsini kowupsyň hasaba
alynmadyk ýarag saklapsyň!“ diýip jenaýat işini gozgadylar.
Ýaragyň sylag berilenligi tassyklaýan hat Minskiden gelýänçä,
aýal alyp – kowmagynyň sebäpleri anyklanýança ol Ýerbendiň
ýerzeminde saklanypdy, günäsiniň ýoklugy üçin sekiz aýdan soň
boşadylypdy. Ol bulary aňynda aýladymy, nämemi- Öz içiňden al
dörär diýleni dogry ekeni, iň bärkisi şu günleriň howasyna
seret, nem damanok,edil...seň bir...
Durdy jan, salyrly diýýädiň weli sögünjiň bilen sözüňi
ýalana çykarmadyň-ow!
Durdy ýylgyrjak ýaly etdi-de, ýüzüni çytyp duýrukdy,
birnäçe wagtdan soň özüni rastlap :
Ýaşuly gaty äge bolup geplemeli etdiň-ow, hawa!Aý, indi
nähili geplänimde-de,barybir men maýyp.Ýeke dikrarym
Şamma,aýalyma,atyma gözüňizi aýlaweriň, maňa-ha heňňamyň
hepbigi düşdi- diýdi.
Aýdýanyň näme, ýaraňy sararys, düýe mündürip
ýanymyz bilen alyp gideris.Köşekler baryň , ineri alyp geliň!diýip, atam bize ýüzlendi.
Biz Şammy, Ene üçümiz ineri almaga barýarkak gür
sazaklygyň içinden aýdym sesi çykan ýaly boldy.Ýok ol aýdym
däldi, läledi.
Depe depeden beýik,
Depeden inen keýik,
77
Ýigitleriň içinde ,
Berdi, ezizim beýik!....
Bukdaklap seretsek Maral, ýaragyny arassalap läle
kakýar, ýeňsesindenem Berdi ýetip gelýär. Söýgi gerdenine
düşeniň ýöreýşem üýtgeşik bolar ekeni, atamyň „ Söýgi
Süleýman pygamberi girdabyna düşüripdir, ýogsa ol juda
pähimdar eken-ä“ diýeni ýadyma düşdi-de,Berdiniň ýetip
gelýänini Marala buşlamak isledim, emma Ene goşarymdan
şapba tutdy-da, bizi bu ýerden idirdedip alyp gitdi:
Siz beýle zatlara seretmeli däl, ýörüň hany!
Mydama hötjetlik edýändiris welin, şu gezeg-ä garşysyna
gidip durmadyk , birki ädim –ätmänkäk „ Waý, Berdi jan-eý, diri
ekeniň – eý“ diýip , Maralyň ýarym agyly, ýarym gülküli sesini
eşitdik. Ene ýüzüni tutup gyzardy, Şammy bolsa „ Maral daş
edýär-eý!“ diýdi. Men onuň näme diýjek bolýanyna düşinmedim,
ýöne, başga bir zada welin düşündim. Atam bir sözünde
„Allatagala meniň gowy görýän bendäm öz ugruna gezip, ylym
öwrenýän, kitap, Gurhan, namaz okaýan adamdyr, pylan zat
edýän diýip döşüne kakyp ýörenden gaçmalydyr diýipdir“ diýdi ,
diýmek, Maralyň bu hereketlerini Hudaý oňlaýandyr, rast
oňlaýarmy , olaryňky ugruna bolaýmalydyr!
Sazaklykdan saýlanan badymyza gabat garşymyzda
Bäşim tüpeňini çekgesine gysyp ok atmany öwrenjek
bolýardy.Ogultäç gelnejem onuň elinden ýaragy alyp : „ Eý ,
Bäşim çäklim, beýdip oky zaýalamazlar“ diýip , çenemän atyp
goýberdi, şo bada dikilen çakyr süňk zyňylyp gitdi. „Amanmyrat
kakamyň aýaly Ogultäç gelnejem ok atmany Maraldan
öwrenenem bolsa, indi halypasyndan ozdurypdyr“
Şammy kel böwrüme dürtüp,wah,onuň şeýtmesi bar-da:
“Eý,o barýanlara seret!“ diýdi weli, görsem , Baýram bykowly
çäge reňk köýnek balakly , ädikli, gulagy kesilmedik gürjiň
kellesi ýaly gulakjyňly bir näçe ýesiri öňüne salyp gelýär.Bu
gijeki gahrymançylygyň netijesidi. Ol Annaguly hanyň toparyna
78
goşulanyndan soň, köp gaýduwsyzlyk görkezdi, gözsüz batyrlyk
etdi.Ar,watan üçin her gezek atyna atlananda Annaguly han:„
Duşmanyň daşy berk galadyr, pelemýut , üçýanlar, güýçli
ýaraglar, uly goşun, duran beladyr.Sen olaň garşysyna göni
gitmede, amatly mütde-de garaş, al sal“diýýärdi,”Ýok, men mert
söweşjek!”diýse-de, han ony saklaýardy.Indi welin, ony saklajak
ýokdy,üstesine-de, olary şu güne salyp ýören Dudy däli Porsy
guýysynyň töweregindemiş diýen habary alypdy.Onsoň, Meret
tentek , Hydyr han , Çoluk batyr, Berdi han ýaly hersi dagyň şiri
goç ýigitleri aly, söweşe çykypdy.Berdi hana „ Sen ak matany
baýdak edinde duşmanyň üstüne git, olary depä golaýlaşdy”
diýip ugradypdy.Şeýle ýol bilen duşmanyň bir bölek esgerini
üstüne getiri, bir bölegini gyryp, bir bölegini ýesir alypdy. Şol
ýesirleriň içinde duşmanyň pylemýod toparynyň ýolbaşçysy
Dudy däli hem bardy.
Şuny bir öldüreýin!- diýip, Meret Dudynyň üstüne
topuldy, emma Çoluk han ony saklady.
Baýram, sen namartladyň, başa-baş söweşmäge bognuň
ysman, bizi aldow ýoly bilen ýesir aldyň!-diýip Dudy däli
seslendi.
Kakamy zorlyk bilen alyp gideniňizde,naçarlarymy tärime
saraňyzda siz soradyňyzmy!Ony ilki özüňden başlamaly ekeniň,
onsoňam, bu ýer mertlik görkeziljek ýer däl, çagalaň, aýallaryň
ýanynda darkaş gurup bilmeris.Seni Agdar hana tabşyraýyn, ol
rugsat berse kimiň namart, kimiň mertdigini görübermeli
bolar...
Rejäň geň däldigini aňan Dudy däli çöküne düşüp
ýalbarmaga başlady, aglady:”Men günäker däl, meni mejbur
etdiler,men..” Adamlara ejir görkezen,men plan etdim, pismydan
diýip öwünýän adam, zörledip dursa birhili boljak ekeni...
Biz geçip barýan ýesirleriň yzyndan seredýärdik, Ene
bolsa ýüzüni tutyp çöpe- çöre siňdi gitdi, özem bize: „ Seretmäň
gözüňiz kör bolar!“ diýip gygyrýar, Şammy kel böwrüme dürtüp
– men onuň böwre dürtmesinden bizar bolýardym:
79
Eý Çoluk, ýaňkylara gowy seretdiňmi?- diýdi.
Hawa, seretdim.
Olaryň iki şahy bar , dişlerem öňe çykyşyp dur-laýt!
Ýok , men-ä görmedim, biz ýaly adam.
Men kellelerinde şahlary barmyka öýütdim.
Şammy, şu gezeg-ä güjügi uçurşyň ýaly çypdyrdyň
öýdýän?! – diýip, men ýylgyrdym.
“Şeýleräk boldy” diýýän ýaly ol boýnuny burdy.
Bir gezek goýun bakyp ýörkäk Şammy böwrüme dürtüp
„ Asmandan güjügiň sesi gelýär!“ diýdi, asmana diň saldyk,
seretdik, eşidilýän, görülýän zat ýok,beýleki çagalaň ýanynda
Şammyny masgara etmejek bolup-“Haw-waýt, şu gün ir bilen
Amanmyrat kakamyň ýaňy güjüklän ganjygynyň bir güjügini
çaýkel göterip ötägitdi, bi şonuň sesidir” diýip, onuň
aýdanlaryny tassyklan boldum-da,soňundanam budundan
çümmükläp”Ýerden bir aýagyňy üzme how, ýogsam, maňa kyn
düşýär!”- diýdim. Men „Güjügi uçuryşyň ýaly“ diýip , şu wakany
ýatlapdym.
Biz häzir ilkinji gezek duşmany ýakyndan synlaýardyk,
olaram sary , gözi gök diýýäýmeseň, biz ýaly adamlar
ekeni.Käbiriniň aýdyşy ýaly, öňe çykyp duran dişem ýok,
betgelşik nyşanam ýok. Şol wagt ýüzüne ýaglyk saran ejem
ylgap ýanymyza geldi.
Eje, ýesirler Sary ýegene meňzäpjik dur!
Sen nä kör boljak bolýarmyň?!
Seretdim, kör bolamag-a !
Ýagşam bir iş edipsiň, kapyryň adyny agzama , seretme
özüňem!Onsuzam olar ors dilinde okatjak diýip, dilimizi
ýitirjek bolýarlar. Alla jan , aň bilmez çagalaryň günälerini geç,
gözlerini kör etme, ýüzlerini gyşartma, men bulara gaýdyp
kapyrlara seretmez ýaly ederin!Hany, düşüň öňüme, çalt boluň!diýip, ejem bizi alyp gitdi.Asyl diňe bir ejem däl, çargatlyçarjowly gelin-gyzlaram ýesirlere seretmejek bolup, şunkar
gören çymçyk ýaly ýüzlerini ýapyp, çöpe- çöre siňipdiler.Olarda
80
kapyra seretseň gözüň şel açar diýen düşünje bardy. Häzir
welin,ejem bilen barýarkam, dyr pytrak öý goşlarynyň arasynda
ýaş çagalaryny goltugyna alyp , uz ýaşynyp, bir zatlar bilen
gümra bolýan gelinleriň, gelene mölerlip seredýän çagajyklaryň
misli bir toýa äkidiljek ýaly iň gowy eşiklerini geýişlerine , şaýsepleri dakynyşlaryna seretdigiňçe seredesiň gelýärdi.Erkek
adamlaram, atamdan öňňesi diýäýmeseň toý eşiklidi. Diri adama
zat gerek diýleni-dä, ýogsam, beýle howply hatarly ýolda
bezenmegiň zerurlygyna düşünýän ýokdy. Diňe bir nobatdaky
göçüljek bolunanda yzzanda çuwanlyk bolaýmasa , häzir-ä, aň
bilmez çagajyklaram öz geýen eşiklerine bap geljek bolýan ýaly
akyllyjadylar. Goşa gelenimizde Ogultäç gelnejemiň ýanynda
,gumuň içi bilen ýolsyz- ýodasyz, üzlem saplam bolup gelýärkäk,
göçe gelip goşulan galtaman Öwez meňliniň gaýtarmasy
Ogulnabat bardy.Ol aýagy gyrma köwüşli, düýpli gyňajyny
örkünjek atynan, bili gülli guşakly, çabydynyň üstünden hywa
donuny geýen görmegeý gelindi. Galtaman adyny alan Öwez
Meňli, Ata Mäneli bilen oňyşman, bir topar atly bolup,
Sandykgaçydaky mekdepde okaýan bu gyzy gyzlaryň içinden
saýlap, özüne aýal edip alypdy hem-de üsti gülebent edilen
daýaw erkegiň üstünden düşürmän alyp gelipdi. Dogrusy, Öwez
galtaman ýaly biriniň gyzyny zorlap alýan, ýa ogurlyk, eli egrilik
edip at gazanan galtamanlaryň başga-da birnäçesi
yzarlanmadan gaçyp, bosgunlaryň arasyna goşulypdy, şeýdip,
bir damja reňkiň arassa suwy zaýalaýşy ýaly, günäsiz
bosgunlara “basmaçy-galtaman” atlaryň dakylmagyna sebäp
bolupdy.
Şol çünüň öýläni,güýçli söweş gidip durka, Şammy,Ene
üçümiz oýna gyzygyp, bir oýda otyrkak, Maral, eli,aýagy
saralgy bir adamy südürläp alyp geldi-de-Gaçypdyr nejis,
alyň jeza beriň,saklaň,men söweşmeli-diýip,ylgap yzyna gitdi.
Dudy kaka!-diýip,Ene onuň elini çözmekçi boldy.
Çözme-diýip,men garşy çykdym.
81
Enegül,Çolukjan,men Durdy kakaňyz,öňki
çopanyňyz.Çolukjany boýnuma mündürip
göterýärdim,ýadyňa düşýärmi,Çoluk jan?
Hany aýt,haçana çenli sen dini kitaplary,Gurhany
okaýar diýip, bizi kowalap, horlap ýörjek,eý tagtabit diýsänimdiýip,Şammy agaç gamasyny onuň böwrüne gezedi.
Walla,men garantga,bilýän zadym ýok,elimi çözseňiz
sizi çagalar öýüne tabşyrjak,iýdirjek,içirjek,okuwly etjek.
Demir gapyly,demir gözenekli,demir haýatly jaýa
saljakmy?Ilki salyp soňam atarsyň,şeýlemi?-diýip,men
soradym.
Ýok,Çoluk jan,senem bir atyp bormy,Alladan,Gurhandan
mähriban serdarymyz Çtaliniň adyndan ant içýän!Eger
günüme goýsaňyz, serhetden arkaýyn geçer ýaly şert
dörederin,ýöne,meni ýaňky ajdarha ýa-da Baýram Bykowla
bermeseňiz bolýar.
Çoluk!Ene ikimiz oňa ynanýarys,senem bize
goşulaý.Alla ynsany dowzah bilen gorkuzýar,jennet bilen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 06
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.