Latin

Ýazgyt - 08

Total number of words is 3579
Total number of unique words is 2404
29.2 of words are in the 2000 most common words
41.1 of words are in the 5000 most common words
47.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýuwaryn,gaýdyp ellemez ýaly ederin!Taşla ony ýere,taşla
diýýän?
Mem bildirmän çörege agyz urdum-da, galanyny emaý
bilen kesegiň üstünde goýdum.Ejem çöregi çöpe gapjadyp,
beýleräkde bir çukura gömdi,öz ýanyndan doga okap
gömen ýerine atanak çekdi-de:-Menden soraman daýyň
ýanyna gitdim diýsene?!Ýagşam bir iş edipsiň!Daýyň näme
diýdi?-diýip, çiňerildi.
Gije polat ýoldan geçiň,bolmasa gapjarlar diýdi.
Ýeri bolýa, kakaňa aýdaýyn,sen birugsat hiç ýere
bytnaýmagyn-diýip,ejem ylgaşlap gitdi.
Orsuň bişiren nany hem bolsa,ony iýmek külli günä
hem bolsa agzymdaky çöregi taşlap biljek däldim,açlyk-açlyk
bolýardy,ejemiň gömen çöregini hem aldym-da,gumuny
üfleşdirip,kisäme dykdym.
Şammy kele hiç erde daýym barada dil ýarmazlygy
tabşyrdym,aslynda ejem ikimizden başga tanajak bolmasa114
da ,-adyny tutanyňa degmejegiň ady tutulmasa ýagşydy.Şol
gün gyssagly ugramaly bolanda ejem daýyňy görüp bilmedik
diýip ýatlady,şoň bilenem galdy,men welin soňky wakadan
bäri birhili dem almamam kynlaşan ýalydy,kapyryň haram
çöregindenmi-kä
,ýa-da
çeýnemän-çeýnemän
ýuwudanymdan?.Şu ýerde bir bellejek zadym, agzy sary
çagalaryň akylly-akylly ,käte uly adamyň tapyp bilmejek
sözlerini dillerine getirişlerini
okyjylaryň geň görmekleri
mümkün, belki, munda ýedi ýaşda başymdan geçen wakalary
ýetmiş ýaşymda gürrüň berýänligimiň täsiri bardyr, ýöne,
şol döwrüň çagalarynyň sözüň doly manysynda akylly
bolandyklaryna güwä geçip biljek,ýaşy durugşan adamyň
dili bilen çagaň agzyna salynan sözler wakalary giňişleýin
düşündirmek üçün ulanylan usuldyr...
-----10-------Taryhdan parça
...Aňňat-aňňat depeleri,sürgün çägäni,çöli ussatlarça
peýdalanyp, söweşde aýratyn erjellik görkezmek bilen
gozgalaňçylar güýçli ot açyp,Kurbatowyň goşunyny gabamagy
başardylar.Gozgalaňçylaryň hüjümini saklap bilmän bäş
esgerini,iki serkerdesini aldyran,üç esgerini ýaraladan
Kurbatow
yzy
çekildi,söweş
meýdançasynda
bir
pulemýodyny
taşlady,birini
duşmana
aldyrdy.Soňky
takyklamalara görä, onuň uly ýitgi çekmeginiň esasy sebäbi,
gyzyl esgerleriň,serkerdeleriň göz öňüne getirip bolmajak
basga
düşmekleridir.Olaryň
köpüsi
ilkinji
söweşe
girýändikleri üçün, gopkularyndan ýaňa zörledip agladylar
we söweşiň öň hatarynda öldürilen pulemýodçylaryň ýanyna
barmaga gorkup, ýaraglaryny taşlap gaçdylar,ondan başga-da
üç esger söweş meýdanyny taşlady. Şol günüň ertesi olary
tapmak başartdy. Öýlän sagat üçlerde ilki Tarasowyň,soň
Loginow bilen Leonowyň atlylary goşunyň gabawdan
çykmagyna kömek etdiler,ýogsam şu erde gozgalaňçylaryň
yzarlanmalary tamamlanyp, arkaýyn serhetden geçmeklerine
115
mümkünçilik dörejekdi.Güýçleriniň artyklygyna garamazdan
gyzyl goşun basmaçylary boýun egdirip bilmedi,tersine,
güýçlerini üç-dört kilometre ýaýradan gumlular kerweni,balaçagalaryny öňe ugradyp,tä garaňky düşýänçä garşylyklaýyn
hüjüme geçdiler, soňam, amatdan peýdalanyp söweşden
çykyp gitdiler,ýörüte taýýarlygy geçen harbi serkerdeler, hiç
hili taýýarlygy bolmadyk bosgunlardan asgyn geldiler...
Ýokarda agzalan kitabyň 146-nji sahypasy.
Gije, JOJUKLY menzilinden geçip, Owgan gädik atly
depeden çepe,Şehitliniň ýoluna düşenimizde,meniň ýüregime
birhili howsala aralaşdy.Öýden daşlaşyp barýanlygymyzamy,menzilde saklananymyzda nirädir bir ere barýan,bir
erden gelýän adamlaryň suw ýaly akymyna-my,ýa-da tigirli
tamlar
özüne çekdimi bilmedim,heniz adamyň aýagy
degmedik, ýaňy çykyp ugran ýaz güllerini, otlary basgylap basgylap näçe ýöresemem,menden bu duýgy aýrylmady.
Birnäçe gün öň ýagan ýagyş zerarly eýýäm, gülpürçük bolan
meýdana,haşal otuň mekanyna öwrüljek
ne gözel
ekinzarlyga kimde bolsa biri seretmelidi, emma, ýeriň eýesi
ýok,eýe boljaklaram ,basmaçy,galtaman,watan dönügi ýaly
atlara beslenip gaçyp barýar.Mekandan daşlaşdygyňça-da
gam-gussa
basýar.Bu duýgumy tassyklaýan ýaly,edil
gapdalymda“öýmüze gidesim gelýär” diýip,çaga zaryn
aglady.Adamlar bir-birlerine seredip başyny ýaýkadylar.Bu
sorag diňe bir aglaýan çagajygyň dilinde däl-de, ählimiziň
kalbymyzda-dy.
Goý,gyzym,goý,honha, Çoluk,Şammy,Ene dagy barýar,şu
ýerlerde öýümiz bolmaly,şu toprakda ýaşamaly-diýip,Ogultäç
gelnejem aglamaga başlan Jahany köşeşdirdi.Gelnejem şeýle
diýse-de , ruhumyz gezegen aýagymyzy selkilledip,göregen
garagymyzy gyrpylladyp,ygyp ýören tozga ýaly bi toprakdan
nirädir bir näbelli topraga,atam aýtmyşlaýyn öň türkmeniňki
bolan topraga alyp barýardy, o ýerde bagtly durmuşyň
116
garaşmaýanlygyny süňňümiň syzýanlygy sebäplem, köňlümi
gussa gaplap,ýüregim howsala düşýärdi.
Otla kimiň ok atanyny bilip bilmedim-ow-diýip, ,Agdar
han garryja eşegişe ýaplanyp,irkilip oturan atama ýüzlendi,ol
horlanyp,ýüzi
gara-ört
bolypdy,ýanynda Bäpbe ças,Gara
Ýowşan,Baýran Bykowly dagy bardy-Indi
ýagdaýymyz
çylşyrymlaşdy,ok-däri gutardy,bolaýanda-da, eli ýarag tutup
biljek erkekler
azaldy,ýaňky, gyz-gelinleri urşa çekmesek boljak. däl!-ol
Bäşimi ata mündürip gelen Ogultäç gelnejemi görüp sesini
kesdi.
Oglymy watan goragyna, hanyň ygtyýaryna berýän!diýip ,gelnejem ýaşmagyň aşagyndan maňa ýüzlendi ,menem
ony terjime etdim, atam gözýaşyny eliniň aýasy bilen sylyp
başyny atdy.
Kakamyň atyna münüp arymy aljak-diýip,heniz murty
garalmadyk Bäşim seslendi.
Çolyk begiň ygtyýaryna
baraý-Agdar han, atyny
çapdyryp giden ýetginjegiň yzyndan garap-Ýaşuly,gaýduwsyz
agtygyň bar,ýaşy uzak bolsun!-diýdi.
Sag bol,köşek!Dogrudanam,indi zenanlar urşa giräýmese
erkek
göbekli
azaldy!
Aýallary urşa çykarmak dogry däldir,hä!Ýesir düşseler masgara
we
ryswa
bolar,nä!Namysymyz,basgylanar,onsoňam...
Zenanlar ýaragy erkeklerden pes ulananoklar,ony Welkuly aga
bilýändir!-diýip,Agdar han,Bäpbe çasyň sözüni böldide,gapdalynda agzy ýaşmakly duran gelnejeme seretdi..
Ataňa aýt,biz barybir söweşe çykarys,bizi saklajak ýokdur!diýip,Ogultäç gelnejem ýaşmagynyň aşagyndan seslendi.Men
onuň sözüni atama “terjeme” etdim. Ol ýerinden kynlyk bilen
turdy-da:
Köşekler,ýörüň,olara pata
bereliň-diýip, zenanlaryň
toplum bolan ýerine bardy. Soň ol sözüni dowam etdiZenanlar,size bir hakykaty aýtmakçy...Aýal ýüz ýaşasa-da
117
ýüzügaralygy ýanynda galýandyr,mydam haýany ýatlap ,
çekinip gezmelidiginem
siz ýaňy bilmeli däl.Dünýäň
başam,aýagam haýa bilen gutarýandyr.Ýaşymyň soňunda
meni ýüzügara
etmän ,söweş
meýdanynda
ärlerçe
durup,namysyňyzy goramalysyňyz,bilip bolmaz ,uryşda her
hili ýagdaýa düşersiňiz,şonda-da utanç-haýany ,ar-namysy
baýdak edinmelisiňiz,ýaramaza ýoldaş bolan moýly käsä
öwrülýändir,moýly käseden ses çykmaz,abat käse şarňyllap
durandyr...-Atamyň sözi, ýagdaýymyz gowulaşar ,howpdan
dynarys diýen ynam bilen daňyny atarýan zenanlaryň
arasynda hamsykmalaryň köpelmegine getirdi,hasam Maral
sojap-sojap ,misli bir bu aýdylýanlar diňe özüne degişli ýaly,
Berdi bilen pynhan duşyşyklary bir ýol bilen atamyň
gulagyna ilen ýaly aglaýardy,ol syry bilýänligim zerarly
maňa
tarap käte gözüniň
gytagyny hem
aýlaýardyKöşekler,aga kän üns bermäň,indi sizi görüp bilerinmi biljek
däl, sargajak zadym bar-abraýyňyzy ýere çalmaň,gaplaň ýaly
söweşip ölmeli bolanda mert ölüň,pylany şeýle ekeni
diýdirmäň,Hydaý sizi garamaňlaý etmän maksat-myradyňyza
ýetirsin-Atam doga okap ýüzüne syldy...
Ýanymda
oturan Şammy
nämedir
bir
zat
sorýardy,şapbyllysy ýer ýarjak bolansoň, gyllygymy saklap
bilmän
“Sordursaň
gamamy
berjek”
diýip
ýalbardym.Ahyrym ol gamamy alyp, agzyndakyny meň
agzyma sokdu-da-Dişiň bilen döwme,diňe sormalysyňdiýdi.Men talhy tagamly zatdan dişläp aljak boldum,per
berer ýaly däl, yzyna berdim.
Çoluk,dişiň törpi ýaly,gyrasyndanam gädipsiň!.
Ýok,döwüp bilmedim.Künjarany doňuzam iýenok,sen
bolsa ony menden gysganýaň?
Bäşim,
oda tutup, ýumşadyp iýýärmiş,tagamy erbet
däl-ä?Ýa-da
ony menden
aljak bolup doňuzly gepi
tapdyňmy?Iýmäge zadyň bolmasa künjara hem hurş bolýar
.Hünärim köp-de, aýalym ýok!-Bäpbe çasyň
şaňňy sesi
118
çykan
tarapa ýaltaklasak, ol akguzynyň burum-burum
derisinden tikilen silkme telpegini güberdip,bäş ädim beýle
ýanymyzda Maral bilen
gürleşýär-Hojalykda işi özüm
edýän,bulamakçyň bolmasa öýüň manysy ýok dienleri,sen şu
gezek köýnegimi ýuwup ber,gaýdyp haýyş edmäýin!?
Gör ony,hünärim köp diýip ysyrganýar,aýalym ,öýüm
diýip,gözüni jüjerdýär...
Nätdiň-aýt,Şammy,Maralyň
Berdisi
bar-a,onsaňam
Bäpbäň telpegi agan.
Berdi almasa Maraly men aljak,çypbakaý-çynym,ýöne
Bäpbe çasa bermen-diýip, ol gytyjak saçyna timar berip
keltekçesini düzetdi.
Beýle pekgerýäň-le how,jynymy atlandyrma,syçalakga
barmagym ýaly boýuň bolarda syryk ýaly Maral saňa
bararmy?-diýip, men onuň kelje kellesine pitikledim.
Men öserin,iki aýakly iki günde diýleni,Görogly görden
çyksa-da ösüpdir-ä!
Garaşyp garraýmasaň..Ýogsada,atam, Aby Neýsan ýagyşynyň-Allanyň nurunyň- ýedi
damjasy bir ýere düşse,Kimýa atly otuň gögerýänligini, ony
tanamak ukubynyň
zakyja
gargaň,pyşbaganyň paýyna
düşenligini, şol oty tapyp iýen baýtalyň ajaýyp ýyndam taý
taýlaýanlygyny,goýnuň, sur baganaly guzy getirýänligini,zakyja
garga bilen
pyşbaganyň
bolsa aklynyň öňküsündenem
goýalýanlygyny gürrüň berdi.Pyşbaganyň oty tanaýşy barada
Magtymguly atamyzMar oglundan gorkar,köl gurbagasy,
Kim-ýany tanarmyş çölüň lagasy,
Derýalarda doglan düwlen çagasy,
Sowuk suwy süýt ornunda içermiş-diýipdir.Şol çöpi
tapmagyň ýene bir ýoly bar, zakyja garganyň höwürtgesindäki
ýumurtgadan çykan ilkinji jüýje kesellese, garga çöpi gözläp
tapyp, çagasyny açarmyş,gulanlar höwre gelende,erkek gulan
şol oty iýip ýadamazmyş,senem, şol çöpi Maralyň köwşüne119
köýnegine degirseň yzyňa düşer ýörer,atam oňa syrtlan çöpi
hem diýýär,bilmedim,näme üçünligini...
Eý,ony nädip tapsa bor?
Pyşbagaň taşlan ýunurtgasynyň daşyna germew et,şoň,
gudratly çöpi alyp gelýärkä pyşbaganyň agzyndan garbap alda ulan.Ol, itiň aňsady ahyryn.
Oň nirede we haçan ýumurtga gömjegini nädip bileýin?
Gerek bolsa yzyna düşersiň!Bolmanda aňsat zat barmy?Keýp
ömür boýy gymmat bolupdyr.Magtymguly atamyz söýgi
barada”Daglar-daşlar çekebilmez bu derdi”diýmänmidir!
Çoluk,munuň erteki-mi?
Erteki,däl
.
Haý,çypdyrdyň,öýüdýän!?
Olam ahmal-diýip,men boýnuma aldym.
Jojuklydan Garaburun belentligine gelýänçäk gargalar
gozgalaň tapmady,bizem asuda hereket etdik, öz ugruňa
gezmegiň nähili eşretdigine şeýle asuda pursatlarda göz
ýetirer ekeniň. Birdenem olar birahatlyk tapyp, täsin
hereketlerine başladylar welin,adamlara buýruk berilen ýaly
düýelerini
howul-halat
çökerip,
üstüne
çöp-çalam
okladylar,özleri
çagalary
bilen
ýylgyn
tokaýlygyna
sümüldiler,kä ýerden “çök jänewer,höwraýt,çök-haýt,göbegiňe
çökädim-aýt “ diýen sesler çykýardy.Olar ýonutlaryň orsuçy
urugynyň
jüneýit
tiresiniň adamlarydy,Gurbanmämmet
serdaryň ady niresiniň ady bilen baglanyşykly bolansoň,
bosgunlaryň
arasynda
olaryň
abraýy,sylagy
ýokarydy.Annaguly han öleninden
soň, gorag birneme
gowşanam bolsa, olar indi diňe bir kerweniň başynda
bolman , eýsem , özlerini azat,bosgunlara dahylsyz alyp baryp
başlapdylar.Jüneýit nanyň Nikolaý patyşa ,şuralar hökümeti
bilen türkmeniň garaşsyzlygy ugrunda alyp baran hereketleri
hiç kimiň ýadyndan çykmaýardy, şonuň üçünem, soňky
ýyllarda
“Türkmeniň
milli gahrymany,halk bähbidini
goraýjy,türkmenleriň umumy yglan eden hany “ ýaly atlar
120
bilen metbugatda han barada makalalar,kitaplar çap edilip
başlanypdy,onsuzam hanyň nebereleriniň sylagy ýokarydy .
Uçarlar bomba baryny taşlap gidenlerinden soň,
bizi tolgundyran bir waka boldy.Ugramaga heniz buýruk
berilmänkä
han nebereleriniň kellesi ýaglykly,goşarlary
çermelgi gyz-gelinleri dars ýasap,
goşlaryny düýelere
ýüklemäge
başladylar, murtuna timar
berýän ,uzyn
boýly,syratly
serkerdesi bolsa atamyň
ýanyna
gelipÝaşuly,tekeler haýal gozganýarlar,her gezek size garaşmaly
bolýas,şoň üçünem biz özbaşdak hereket etmekçi –diýdi.
Annageldi,köşek,gaýa-gopuz
ýok
ýerinden
howlugyberýäňle,bileje gozgansak duşman çekiner.
Goýsaňyzlaň bally!-diýip,bili ýol belgisi dek bükülen
,ýüzi gatan toprak kimin jaýryk atan garry aýal düýesiniň
boýnuna delilbagyny dakyp durka seslendi-Biz sizden halys
ýadadyk,teke aýallary ýalta,diňe çaga dogurmany bilýärler,höwaýt,jänewer,tur-aýt ýeriňden!
Agdar hanyň,atamyň ýalbarmasyna bakman, olar
Goýun guýa barýan ýola düşdüler,uzyn kerweniň iň yzyndaky
düýäň owsaryndan tutup barýan gara gözenek,ak ýüz gelin –
Gel,ballym,biziň bilenjik gidäý!-diýip,meni ýany bilen alyp
gitjek boldy,men gaçyp, sözi geçmänligi üçün keýpi gaçan
atama gysmyljyradym.
Ýaşuly,ýomutlar bizi taşlap gitdiler,yzky hatardakylaryň
arasynda hem başagaýlyk başlandy,näderis, hä?
Bäpbe,ýaňky,ýelýürek bolma ,kagyz çeýnemediň,syýa
ýuwutmadyň,alňasama!-diýip,Agdar han onuň ýüzüni aldy.
Han,giňlige
salmaga,arkaýynlaşmaga
hakymyz
ýok,hä,menem how, öwran-öwran gaýnadylan
samsyklyga
ýuwunomoga..
Goýsana bi, ýympyklygyňy...
Goýjak däl,kalby gaý söýýän ýolda özüni ýöwsel duýar
diýleni,hä,maňa gezek gelende yzgydyň azyberýär-le ,dilimi
kesäýmeseň-ä goýduryp bilmersiň..
121
Şaňňy sesli bu adamdan gorkmasamam,
inim
söenokdy,gowy görüp elini egnime goýsa-da, beýlekileriň
çümmükleýşi ýaly täsir edýärdi.
Köşekler,ýük
agyr bolsa eşek—eşekden
görer
etmäliň,aşak tüýkürsem sakgal,ýokary tüýkürsem murt
zaýa,ikiňem daşym däl,birek-birege gol berseňiz güýçli
bolarsyňyz,wala-waladan wagyz ýagşy.Maslahat bilseňiz bu
gün galyp,tapan-tupanymyzdan
şehitlere aýat-töwür
edeliň,üst-başymyza serenjam bereliň.
Bolar ýaşuly-diýip, birneme rahatlanan Agdar han
jogap berdi.
Şeýdip,bosgunlar ilkinji gezek öz islegleri boýunça
aýak
çekdiler,arkaýyn
ot
ýakyp suw
ýylatdylar,kir
ýuwdular,ýuwundylar,agzaçar üçün baryndan bazar eýläp
hörek taýýarladylar.Bäş ýaşly çaga bolaýmasa ählimiziň
agzymyz beklidi,asyl az iýdigiňçe iýmite bolan höwesiň
gaçar ekeni,akylyň goýalyp,sagdyn,tutanýerli,ýadamazak bor
ekeniň,orazanyň peýdalydygy dogry,ýöne iýjek diýeniňde-de
üýşüp
duran
azyk
hem
ýokdy..
Ata,maňa ebjedi,hewwezi,huttyýny,kelemeni öwretdiň weli o
zatlar näme diýildigi bolýar?-diýip,bir böwşeňlik bolanda
soradym,sebäbi
bileýin
diýip,böwrüm
gijeýärdi.
Tüweleme,tüweleme,oraza akylyňy goýaldypdyr,ýöne sowalyňa
ertir jogap berjek,sebäbi bi pygamberimizden galan sünnetleriň
biridir,senem irgözünden ýat.
Ata, şu wagt
bilesim
gelýär-diýip,men
öz
eňegimi
tutdum.
Ýeri bolýar,biljek bolýandan zähmedi gysganmaly däldir.Ylmyň
merdiwanynda
ebjed
hartplarynyň
manysyny
şeýle
düşündirýärler,ýagny,ebjed-atamyz Adam safiýýulla günäde
tapyldy,hewwez-köňlüniň islegine gidip,ornundan taýdy,huttyýtoba etmegi bilen ol günäden ýuwuldy,kelemen-Adam
aleýhissalam özüniň günäleriniň geçilmegine sebäp bolar
ýaly,Alladan tälim aldy,sagfes-ol ökünji özüne kesp
edindi,karaşet-tobasy,ökünji kabul bolup,onuň endamyndaky
122
garalyklar aýryldy,sahhez-onuň ökünji 200 ýyl boldy,zezaglenAllatagala onuň güälerini bagyşlap,ony öňki ornunda
goýdy.Köşek,sen bulary ýadyňda sakla,boýnuňdan asda entekentekler aýyrma,olar doganyň ulusydyr,olar seni in şääää Allahu
köp belalardan gorar.Men saňa öz yhlasymy siňdirdim,ozaly
Alladan,soňra pygamber hudadan,çaryýarlardan bu işde
rowaçlyk arzuw edýärin-ol doga okap ýüzüne syldy...
Mekanymyzdan ygranymyzyň ýigrimi çekizinji güni
ýaşdy,asyl ol Garaburyn depesiniň aňyrsynda gizlenýär
ekeni...
Taryhdan parça.
-----
11----------
1932-nji
ýylyň
mart
aýynda
Kurbatowyň.Molowyň,Tarasowyň
bölümleri Merkulowyň
serkerdeliginde,Orta Aziýa harby bölüminiň söweşjeň
goşunlary
bilen
birleşip,Sarahsyň
60
kilometrlik
gündogarynda,Garaburun -Goýun guýy-guýysynyň ýanynda
gozgalaňçylaryň yzyndan ýetdiler,agşama çeken gazaply
söweş barada GPU-nyň resminamalarynda şeýle ýazylypdyrBu söweşde gozgalaňçylar öz hüjümlerini güýçli ot açma
bilen
dowam
etdirip,batyrlyk,gaýduwsyzlyk,erjellik
görkezdiler,söweş wagty olar piýada nyzam
Bilen”Ýok bolsun şura hökümeti,ýok bolsun Gyzyl
Goşun! “ -diýip, gykylyklap, üç gezek garşylyklaýyn hüjüme
geçdiler,Merkulowyň bölümleri hem edil Kurbatowyň bolşy
ýaly ,eýýäm söweş başlanan badyna aljyraňňylyga,gorkaklyga
köňül berdiler,Merkulowyň ýaralanmagy goşunyň basga
düşmegine getirdi,esgerleriň käbiri gaçdy,käsi gaçmaga
hyýallandy,Merkulowyň ornuna galan siýasy ýolbaşçy
Iwanow tertip düzgüni ýola goýmaga synandy,emma
galmagalyň,buýrygyň netije bermeýändigini görüp, köplügiň
içinden gaçyp barýan esgerleriň birini atdy,bu çäre olary
123
duruzdy,tertip
dikeldildi,emma
barybir
ähliumumy
başagaýlykda, goşundan üç sany esger,bir serkerde söweş
meýdanyny taşlapdy,soňra olary Mary-Guşgy demir ýolunyň
ugrundak Daşköpri menzilinden tapdylar...Agzalan kitabyň
125-149-nji sahypalary.
1932-nji
ýylyň mart
aýynyň
ortalarynda
Türkmenistanyň merkezi gazetleriniň birinde
“ Ýomut
basmaçylary ýok edildi” ady bilen çykan makalada şeýle
ýazgylar bar-Gyzyl esgerler Saragtyň 6o kilometr gündogardemirgazygynda ,Goýun guýysynyň ýakynynda Jüneýit
hanyň heberelerinden bolan basmaçylaryň uly toparynyň
daşyny gabamagy başardy,uzaga çeken
söweşden soň
galtamanlar ýok edildi ,ýek-tük çaga diýäýmeseň ýesir
düşen bolmady,sebäbi ýesirligi kabul etmedik gyz-gelinler
ellerinde bar bolan gyrkylyk bilen çagalaryny, özlerini
öldürdiler ,şeýlelikde,Garagum çölüni mekan tutunan Jüneýit
hanyň neberelerinden bolan basmaçylaryň iň uly,iň soňky
topary köki-damary bilen ýok edildi.Ýaşasyn Gyzyl
Goşun,ýaşasyn ýoldaş Stalin! Basmaçylar ýok bolsun!!!...
Garaburunda ýatan gijämiziň ertesi ir bilen, daşymyzy
gaban duşmanlary gören Agdar han, goç ýigitleri ýygnap,
bir çukura tüýkürtdi hem-de ýaralynyň, şehit öleniň jesedini
alyp gaýtmadygyň, öleniň çagalaryna seretmedigiň hatyny
talak diýip, kasam içdirdi,söweşde ölenini-öçenini bilmesin
,gaýduwsyz bolsun diýip, hersine bir bulgur ajan aýran
içirdi,soň Baýram mollanyň pata bermeginde
Alla diýip
atlandylar.Toparyň öňüni Çoluk han,Berdi batyr,Ýagdy
kakam,söweşe
ilkinji
gatnaşýan
Bäşim
dagy
çekýärdiler.Olaryň çozuşy duýdansyz, gazaply boldy,Ogultäç
gelnejemiň,Maralyň başda durmaklarynda aýylganç ses,ahynala bilen söweşe giren zenanlaryň işi
hem
netijeli
gutardy,duşman gorkup,yza çekildi.Az salymdan soň, ikinji
söweşe başlamakçy bolan zenanlaryň ýolbaşçysy Ogultäç
124
gelnejem –Joralar,sizi aýgytly söweşe çagyrýaryn,türkmeniň
namys goragçysy bolup gelendigini gadymdan bäri bilmeýän
ýok, ölsegem,namysymyzy gorap ,duşmany öldürip öleliň,diri
galsak arkamyzdan deperler,çala jany myhdan asarlar,okýaragyňyzi tükelläň,okyňyz gutarsa
diri ele düşmez ýaly
gyrkylygy bile gysdyryň-da, yzyma düşüň,birinji söweşde
aljyran duşmana maý bermäliň-diýip, öňe okduryldy,ýyldyrym
dek süýnýän
atlar,galgaýan gyrkylykdyr- gylyçlar,aýylganç
sesler bu gezek hem duşmany yza tesdirdi.Maral bolsa
toparyň öňünde,göze ilmeýän çaltlyk bilen gazaply söweş
alyp barýardy, gyrmyzy dony,kellesindäki silkme telpegi kä o
erde,kä bu erde galgaýardy, şemala gös-göni bolýan bilek
ýalyn gara saçy diýäýmeseň,oňa zenan maşgala diýip boljak
däldi.Onuň ýelden ýyndam,ýyldyrymdan çalt
herekedini
depäň üstünde synlaýan Maralyň ejesi-Allajan,ýüzügarany
özüň gora,medet-kuwwat ber-diýip, doga okaýardy.Ýüzügara
sözüne diňe men düşünýärdim.Maralyň ejesi hoja gyzymy
bermen
diýip,
gyzynyň
Berdä
bolan
söýgüsini
unamaýardy,şol sebäplem gyzyna ýüzügara diýýärdi,Şammy
ikimiz üçün bolsa ýer ýüzünde Maraldan ak ýüz, owadan gyz
ýokdy,syh-syh kirpikleri diýjekmi,bir gysym bili,ketenisini
ýaryp çykjak bolýan göwüsleri,ýaňy dogan aýy ýadyňa salýan
gaşlary diýjekmy,haýsysyny alsaňam
diliň taryp edip
ýadajak däl.Asla şol dogram.Berdi
onyň dodagyndaky
halyna”Bal sormaga gelen ary”diýýär,Şammy razylaşanok,
Berdi”Ary baldan geregini edinip
beýhuş
bolyp
galypdyr”diýýär,Maralyň owadan barmaklary öň keşde
gaýap,tikin tikerdi,indi tüpeň,gylyç,gyrkylyk tutýar.Owadan
aty hem duşmany kükregi bilen kakyp,toýnagy bilen depip,
saýlama goç ýigitleriň işini bitirýär..Ine,häzirem gyr at
gulagyny ýapyryp öňe barýar,zatdan habarsyz duşman,yzdan
duýdansyz peýda bolan Maraly görüp, ýaraglaryny taşlap
gaçdylar.Ýap-ýaňy Maralyň,bosgunlaryň janyna howp salan
aýylganç ýarag,duşman pulemýody eldeki guzy ýaly, atyň
125
yzyndan tigirlenip barýar.Maral bu gün Garry hojanyň
görkezen gahrymançylygyny görkezdi.Türkmen zenanynyň
amala aşyran bu herekedi öňde-soňda bolanam däldir,asla
bolmazam.Atam oňa-Berekella guzym,,gujur-gaýratyňdan ýer
sarsýar,berekella.Ýedi ýaşlaryňda ýanyma getirenlerinde çala
jany bardy,em tapylmasa öljek diýdiler,menem gyzyňyzy geçi
çopana tabşyryň,goý geçiň iýen otundan iýsin,içen suwundan
içsin-diýdim,bir aýdan ýene ýanyma getirdiler, indi gök
eşegiň
iýýän
otuny
iýsin,süýdüni içsin diýdim,şeýdip,
keseliňden saplanyp gitdi,sebäbi geçi bilen eşegiň şeýtany
bir, iýýän otlary hökman derman bolaýmaly,ýedi ýyl geçi
bakandan,bir ýyl eşek bakandan akyl sorama diýýändirlerdiýdi.
Güýçly gaýtowul gören duşman öýle namazdan soň
yza çekildi,biziň üçün bu gün dogan oglan ýat bormy,biri
gamgyn bolsa biri şat bormy diýleni boldy,has dogrusy,
şehitleri
däbe
görä ýere duwlamak,patasyny almak
mümkünçiligi
döredi,onuň
üçün Alladan müň kerem
razydyk.
Aýal-gyzlaryň gamgyn
sesleri,agylary
welin
Garaburun oýuna ýaň salýardy.
Aglaý-aglaý elýaglygym ezildi,
Aglamasam näzik göwnüm bozuldy,
Ýagdyjana iki gözüm düzüldi,
Aýralyk,aýralyk,zalym aýralyk...
Gyzyny aldyran Gynnan eje “Ýetimlikde ýetenim,ýeke
dikrar-götenim,owurdymda
iýmlänim,sakawumda
suwlanym,bege bitimi berip,dana gaşymy gerip, ýetişdiren
owlajygym-gowlanym,gözden
gaýyp
boldy-leý”diýip
uwlaýardy...
Jaýlanjak jaýlananam bolsa dirileriň,ölüleriň arasynda
Çolyk beg ýokdy.Agdar han-Ol ýesir düşjek ýigit däl,ýaraly
bolyp
galandyr,gözläň!-diýip,ýigitleri
dymly-duşa
ugratdy,bizem näme Şammy ikimiz öz ugrumyza gözlege
çykdyk.Çykan erimizden daş bolmadyk aralykda zakyja
126
gargalaryň üýşen ýerine barsak,saňa ýalan maňa çyn,şol
maňlaýy sakar agsak garga
Çoluk neressäniň gözüni
çokalap dur.
Eý,ol Çoluk beg ýaly-la-diýip Şammy böwrüme dürtdi
Ýok bol,näkes!-diýip,men garga kesek aýlap saldym.
Sakar garga dört-bäş ädim golaýda gonup”Sen öz
halasgäriňi kowmaga hakyň ýok,kesek bilen gorkuzybam
bilmersiň”diýýän
ýaly
gak-gaklap,ýene hol beýlede
gonýar.Men muňa çydap bilmän, elime ilen ojary alyp uly
ilim bilen gygyrdym-da, Çoluk begiň duşmana topulşy deý,
gargalaryň üstüne topuldym,şeýdip, ýadap ýakylýançam
kowalap-kesekläp gitdim,olaryň ganaty bar,uçýar,men bolsa
ýerde ýöreýän,onsoň,bir bölegi gaçan ýaly etse-de, yzymda ikinji
bölegi jesede topulýar.Gargalaryň,
dünýäni
döretmekde
ýaradana ýardam berenligini,ynsan üçün Alladan kalb
soranlygyny,ýagşylyk ediji beyik- keramatly guşdugyny,oňa
ýowyz daramaklygyň erbetlik hasap edilýänligini atam
aýdanam
bolsa,
bu
alamatlary
görüp
kesek
zyňman,gargynman ,gygyrman biljek däldim...Şodur-da şodur,
men-de zakyja gargalara bolan ýigrenç döredi,indi olar Alla
tarapyn iberilen halasgärler däl-de,şehitleriň gözüni çokýan
wagşylardy, “ölen-ä öleni,gözüni garga çokany” diýlip
ýönelige aýdylmaýar ekeni,asyl olar halasgärler däl-de,
jesetleri
çokalamak
üçün
daşymyzda
gaýmalaşýar
ekenler.Bu meniň üçün ýadyňa-oýuňa
düşmejek bir
aýylgançlykdy.Kakam bir sözünde bu barada ýaňzydypdam
welin men ynanmandyryn...Men jesediň ýanynda galyp,Şammy
keli Agdar hana ugratdym...
Gazaply söweş tä garaňky düşýänçä ,çabgaly ýagyş
ýagýança dowam etdi.Depäňde örtgüň,öý-öwzaryň ýok,egineşigiň myjjyk,garnyň aç,şonda-da näme, adam uruşdan özge
zadyň jebrine kaýyl bolar ekeni,onçakly bir rahatlyk
bolmasa-da garaz, gijäni galagopsuz geçirdik.Egnimizde düýe
ýüň çäkmeni,ýagyşyň täsiri ýok, suwjyk duýgular,ýylmanak
127
sözler,badyhowa ,pöwhe öwünmelere derek köňüllerde gazap
bar.Şeýdip,Şammy, Hajar daýzanyň idip barýan atynyň
üstünde,kakasynyň syrtynda,menem atamyň köne çäkmenine
bukulyp, eşegiň syrtynda, daň saz berenden Garaburundan
daşlaşyp barýarys.Goýun guýusyndan geçip, çägeligiň baýra
sapýan
etegindäki Gyzyl jaryň
ýoluna düşenimizde,
öňümizden
üstüni gara-gan edip
Annageldi batyr
çykd.Ol”Duşman bizi paýhynlady,ýeke çykmaly däldik,size
gulak asmalydyk!”-diýip,Agdar hanyň aýagyna ýykyldy.
Her bir laý eýläp ýöreniň gepini tapma,how,muny
derňemeli,bilmeli-diýip,Agdar han tolgunan märekäniň sesine
bir bada suw sepdi,ohda-da näme aýdylan söz aýdylansoň
gowur artdy,Bäpbe ças -Ölüme kaýyl,Allajan alsaňam gynap
bir alma-diýip ,aglamjyrady.
Bäpbe,çykmadyk janda umyt bar,sen beýdip dursaň
zenanlara dowul düşmezmi,erkek kişi saýhallyrak bolýandyr
-Atam gözleri ýaşly titreşip duran zenanlara ýüzlendiKöşekler,her hili ýagdaýda-da giň,mert boluň,biliň,Gülendam
gelnejeňiz yhlas bilen gyr ata seretmedik bolanda Görogly
beg beýle at alyp bilmezdi.Iki gulagy açykdan boluňda,
kynçylykdan çykmagyň
ýoluny gözläň,ruhy jähtden
durnukly,pugtumal, döwülmezek boluň.Alla hemme zady
görýändir,ýerli-ýerinde goýýandyr,çykgynsyz günden çykalga
tapýandyr,Magtymguly -Bir sagatda gopar ahyrzamana,eger
geler bolsa gahry dilberiň-diýipdir ahyr,jebir-sütem köpelse
Taňry rahatlyk tapmaz..Üç aýlyk çagakam ejem ölüp ,altmyş
alty ýaşly mamamyň elinde galypdyryn.Açlykdan dyngysyz
aglamsoň ol, boş emmesini agzyma tutdurypdyr,şeýdip, Alla
göwsüne süýt inderip, ölmän galypdyryn, şonda “oňyrgam
agyryp,üşüdip-gyzdyryp tas ölüpdim” diýip, mamam pahyr
aýdardy,diýjek bolýanym,çykgynsyz günde hem Allanyň özi
ýalkajak bolsa ugur tapýandyr...
Atamyň bu sözünden soň birneme rahatlanan
jemagat ýola düşdi,agyr ýaralanan Annageldi batyry düýäň
128
üstüne sarap alyp gaýtdyk,ýöne, soňky gören zatlarymyz
welin, ýürek daşdan bolanda-da çydam etjek däldi...
Bir depeden aşyp seretsek,öňümizdäki ýapyň ýüzi
ýöne
adam jesedi bolup ýatyr,kürtdürip duranymyzy
bilmändiris.Soňam
goýun sürüsiniň suwa
çozyşy ýaly
okduryldyk.Eý,Hudaý,şeýle bir adam gyrylypdyr hiç diýipaýdar
ýaly
däl,bizden
sowrulyp
gaýdan
ýomut
garyndaşlar,ýaz güli ýaly çagalar, kükrekleri gyrkylykly,
çapylan daragt
ýaly ýykylyşyp, gatap galan zenanlar...Bir
zenana jan beren söwer ýaryna elini diräp,atjak okuny atyp
bilmän galypdyr,gök keteni köýnekli gyzlar ýesir düşmejek
bolup bir-birlerine gyrkylyk sanjypdyrlar. Haýrana goýan
başga bir zada gabat geldik,ösgün ýylgynyň düýbünde, egni
gije-gündüzli,başy öýme ýaglykly,ak ýüzli mürçe-miýan gelin
henizem süýt damyp duran göwsüni açyp,çep egnine
düwrülip gatap galypdyr,ýaşyna ýetmedik çagajyk bolsa
beýlede, silkme telpekli kakasynyň ýanyna gatnap, ýaňy
çykyşyp ugran otda ýol ýasap uklap galypdyr.Atam ýüzüni
sowup,geliniň süýtden doly göwsüni keteniň aşagynda
gizledi-de-Baýram molla, şehit bendeden razylyk sora,pahyr,
çagaň haky üçün gözi açyk,umutly-armanly amanadyny
tabşyrypdyr-diýdi.
Gelin,kowumlaryň ýanyňa
ýygnandy,çagaňa
eýe
çykarys,ekläp-saklarys,ondan arkaýyn , bizdenem razy bolBaýram molla çöküne
düşüp,eli bilen gelniň gözüni
ýumdurdy,doga
yzyna
doga
okady.Birdenem,ýygrylan
aýagyny ýazjak ýaly eden gelin arkan düşdü-de, şobada hem
şu pursada çenli üýtgemedik ýüzi göm-gök,endam-jany gapgara boldy.-Çagasy kowumlaryna gowuşýança, pahyryň ruhy
jesedi taşlamandyr,teni üýütgetmän saklapdyr.Asyl Annageldi
batyr
dilden-agyzdan
galdy
diýdikle,wah,
bolmandyr,bolmandyr.Ine bir agyza bakman hereket edilse
bolýan zat,belki, bi ykbaldyr,ýazgytdyr,belki, hudaýsyzlaryň
129
köpelýänligi
üçün
gudraty güýçliniň
bize görkezýän
gazabydyr...
Bu aýylgançlyk
şeýle bir sarsdyrdy welin,
süňňümizdäki gahar-gazap,duşmana bolan ýigrenç bir ýyla
däl,onlarça
ýyllara-da
ýeterlik boldy.Boýnuma
alaýyn,segseniň gädiginden garadym welin şol ýigrençlerden
henizem saplanyp bilemokdym.
Adamlar,diýenimi etseňiz Eýrana
aşalyň,serhet
ýakyn,ýurt asuda-diýip ,onda-munda
kän
bir
gňrünmeýän,göze-başa düşmeýän Gara Ýowşan asudalygy
bozdy.
Ryza şanyň
gyzyllardan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 09
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.