Latin

Ýazgyt - 12

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2231
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
48.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aldyk.Allaň kömegine garaşyp ýatmaly dälde hereketde
bolmaly ekeni,hereketde bereket diýleni ekeni. Öýe gelip,
bugdaýy
dänik edip çagalara iýdirdik .Bir günem
ýabany,ýagny
pygamber
arpasyna-tek-tekä
gözümiz
düşdi.Näme kän gün kän,bize bolsa bäş başa iýmit gerek.Bizä beýlede dursun bizi ýok etseler bol-elinlikde ýaşarys
diýip hasap eden ýeňi ýoluklaryň hem mydarlary öwerlikli
däldi,öň diňe diýileni edip gelenler endiklerine görä
özbaşdak işlemäni bilmeýärdiler, ýeriň,suwuň bar ýerinde
açlyk çekýärdiler.Olarda bir hili zähmede bolan düýpli ýigrenç
bar ýalydy,hiç kimiň işläsi gelenokdy,ýöne işlemeseň iýmersiň
ahyryn!Şeýle ýagdaýda Tejene ýa-da Mara
aralaşmak
gerekdi,nämede bolsa ekarançylyk,ilat güri, iş tapyp
boljak,ýöne oňa ulag gerekdi.Hany süri-süri goýunlar,ýüzlerçe
düýeler,kişňeşip duran atlar?Edil ýere siňen ýaly. Allaň özi
oňuna etjek bosa ugur tapýar ekeni.
Ir bilen namazymy okap çatmadan çyksam,edil
ýanjagazynda,mal
ýatagyň
agzynda
howutly
düýe
çöküp,gäwüşäpjik
otyr,gözüme ynanman ýanyna barsam
hakyt şol-da1 Ylgap Ogultäç gelnejeme aýytdym welin ol
177
gelip
düýäň
maňlaýyndan
sypalady-daEý,Hudaý,janlarym,Ýeroýulandan
geläýipdir-dä,ýurdyny
tapypdyr-diýip,begenjine aglady,çagalary üç gezek daşyna
aýlap,il görmesin diýip üstüne çöp-çalam oklady-Muny bize
Hudaýjan berendir,göçseňiz kösenmäň
diýip,gudratyňa
döneýin jan Allam-diýdi...
Şol gün gije ýarymdan soň çagalary
ýükläp
gündogara kerwen ýolunyň ugry boýunça ugradyk,daň
atanda Sakarçägäniň Çaşgyn diýen obasynyň golaýyna gelip
ýük ýazdyrdyk. Gije göçäýmeseň gideýin diýen ýeriňe gitmek
gadagan,her ädimiň
ölçegli hat-da dem almaňam
sanalgydy..Çaşgyn syrgynynyň bir çetinde çatmajyk ýasanyp
ýaşap başladyk.Bugdaý orak günleri gelnejem adam güýji
azlyk edýän ýerde bize orak ordurdy, galýan
bugdaý
başlaryny ýygnap, bir bölegini syrgynyň harmanyna dökdi,az
bölegini özi aldy,şeýdip, ölmez-ödi edindik.Gyşdan öň biri
keçe getirse, ýene biri ýorgan getirdi,Çaşgynyň kalplary
mähirden doly adamlarynyň kömegi bilen gyş şaýymyzy
tutdyk.Adam başy daşdan gaty diýleni-dä,1934-nji ýylyň ýazy
ýagynly
geldi,takyrlara
az-owlak
gawun-garpyz
ekdik,tokaýyň arasyndaky harman ýerlere çykan arpadugdaý başlaryny ýygnap azyk edindik.Men günüm bir
bolsa ejem-kakamy,Çolukjany ýatlap aglaýardym,ejem-kakama
näme
bolanyny
bilmesemem,
Çolukjanyň
diriligine
ynanýardym,sebäbi ol bomba ýarylan ýerde ýokdy ahyr .Biz
bäş başymyzyň azygyny ýykma-ýykylma tapyp süýrenip
ýörkäk başga bir ýagdaý döredi duruberdi.Gazy gazyp
çatmamyza gelsek özümiziňkiden başga alty çaga,bäş gyz,bir
ogul ýerde süýnüp ýatan aýalyň daşyny gallap oturlar.
Ogulsapar,senmi gyz,jorajan,nireden çykdyň?
Jorajan,ejem-kakam,adamym duzly
oýda şehit
galdy,kysmatlarynda bardyr,çagalary eklejek bolup inçekesele
uçradym,ölmänkäm bulary saňa tabşyraýyn diýip idäp-idäp
geldim,sanalgym doldy.Jora,ene mähriňi
çoýda penäkär
178
bol,olaň başga howandary ýok –diýip, özünden gitdi,asyl ol iň
soňky deminde bu ýere aşan bolmalydy,sebäbi şol gije-de
amanadyny tabşyrdy...
Şeýdip gol doly ýetim çaga dökülip galyberdi,Ogultäç
gelnejem
bilen
onbir
baş,iň
ulularam
men,10
ýaşlarymda.Gelnejemiň bir başy,ýyl agyr,barja azygymyz
sanlyja günde gutardy,ilat bu güne çenli tanamadygam bolsa
indi
galtamanlaryň çagalary diýip bizden ýüzüni
öwürdi,ýaşara
jaýymyz,azygymyz,egin-eşigimiz,ýorgandüşegimiz ýok. Aýagy dolak dolanan çokaýly, bili guşakly
gelnejemiň
mertligine,gujuryna,başarnygyna
häli-häzirem
haýran galyp yzyndan ýetip bilemok.Oglanlaryň agy-garany
saýgarýanyny barjamlyrak
adamlaryň malyny bakmaga
çopanlara
kömekçi
berse,gyzlar
bile
ýüň
ýygnap,saýyp,egirip,boýap haly dokady,orak gelende bilimizi
guşap işe girişdik.Diňe öz güýjümize bil baglap hereket
etmesek bolmajagyna hemmämiz düşündik,şeýdip, durmuşyň
agyrdan agyr günlerine azajykdan,ken-kemden öwrenişip
gitdik.”Birneme saýyrdyňraga ýeteniňizi bir görsem” diýip
gelnejem arzuw ederdi.Öň günlükçilikde bolup,diýleni edip
gelen,indi bolsa wezipe eýelän ýeňiýoluklar,her bir iş etmeli
bolsa ýaýdanyşyp,biri bir ýumuş buýrar diýip garaşýan ýaly
hallyň-sallyň hereket edýärdiler,gelnejem ýaly öz halal
zähmedi bilen gazanç edýänler bolsa her işden baş alyp
çykmaga ökdediler.Syrgynyň bugdaýy ýetişende ýolbaşçylar
ony näme bilen döwjeklerini bilmän ýaýdanyşyp durkalar,
gelnejem bir bölek ýeri orup,onam bize tokmak bilen
döwdürip
ýele
sowurdy-da
arassa
bugdaý
aldy
oturyberdi,ýolbaşçylar muny görüp,oragyň köp bölegini bize
ynandylar,şeýdip, özümize ýeterlik azyk edindik,soň pagta
ýygdyk,gazy gazdyk.Arabamyz ýaňy tigirlenip ugranda
ýetimleri
gizläpsiň diýip gelen adamlar,meni,Ogulsadap
daýzamyň çagalaryny Çaşgyndaky ýetimler öýüne alyp
gitdilerMen muňa gaty erbet boldum,özümi öldüräýsim
179
geldi,gelnejem ejemiň ýerini tutupdy,öwrenişipdim.Ol meni
aljak bolup gapy-gapy sökdi,barmadyk ýeri,ýüz tutmadyk
adamsy galmady,emma peýda bermedi,sebäbi soň görlüp
oturylsa bu işlerde Dudy däliniň eli bar ekeni,ol hatda
gelnejeme hem ýanyma gelmäni gadagan edipdir.Ýetimler
öýünde bize ýazmany,okamany, surat çekmäni,tikin işlerini
öwredýärdiler,naharlaýardylar,egin-eşik
berýärdiler,kem
zadymyz ýok ýalydy,ýöne meni nähilidir bir güýüç
gelnejemiň ýanyna çekýärdi,ýüregim bu ýerden gaçsam
diýýärdi,bir gezek gaçdymam,emma yzymdan ýetip alyp
gaýtdylar.Dudy däli ýanyma ýygy-ýygydan gelip başlady,her
gelende elinde bir sowgatjyk.Çagada,ýürekde kir-kimis
ýok,biri
gelip aladaňy edip dursa
şeýle bolmalydyr
öýdýärsiň,onuň
näme
niýet
bilen
edilýänligine
düşünmeýärrsiň.Kem-kemden
men
oňa
öwrenişip
başladym,seni okatjak,adam etjek,gyzym hökmünde kömegimi
berjek,eden günälerimiň öwezini doljak diýmesine
guş
bolup uçdym.Göwnüme bolmasa ondan gowy adam ýok
ýalydy, duşmanymlygy ýadymdan çykdy.Okamany,ýazmany
gowy ele alanymdan soň,1937-nji ýylyň ýaz aýlary ýörüte
bilim berýän okuwa ýerleşdirjek bahanasy bilen ol meni
Mary şäherindäki öýüne
alyp geldi,bu gün okuwa
gidersiň,erte gidersiň diýip iki aý saklady,soňam,bir zat
içirip,başymy aýlady-da, meni zorluk bilen özüne
aýal
etdi.Şeýdip,ýaňy
16
ýaşa
gidemde,
eneatamyň,kowumlarymyň Ýerbentden Ýeroýylana çenli,uzak
ýolda şehit bolmaklarynyň esasy sebäpkäri bolan, iň ganym
duşmanymyň aýaly bolup galyberdim.Kysmatymda bardyrda,ýazgytdyr.Men
şol
wagt
bu
sözüň
manysyna
düşünmeýärdim,berilýän
wadalara
höweslenip
günümi
geçirýärdim,ýaňy sekiz aý ýaşaşdymam welin...
Türkmende ekeniňi alarsyň diýen çuň manyly bir gep
bar, bigünä adamlaryň ölümine sebäp bolan adama Alla
göz görkezdi,adamymy,halk duşmany hökmünde
atuwa
180
höküm etdiler.Ine, saňa ekeniňi alarsyňyň manysy,kasas
kyýamata galmaz diýleni...Gözüm mydam gorkyda bolansoň,
adamymy ýygnan batlaryna ,nätjegimi bilmän aljyrap köçä
çykamda, pete-pet bir adam bilen çaknyşdym.Ol ýagdaýymy
ýüzümden aňan ýaly-Gyzym,eýgilikmidir?-diýdi.Men düşen
ýagdaýymy gürrüň berdim.
Göterip biljek goşuňy al-da yzyma düş,gijä galsaň
ýygnarlar-diýip,ol adam gyssady.Men bir düwünçek goşumy
alyp,gije onuň atynyň syrtyna münüp nirädir bir ýerlere
gaýtdym.şol wagt hiç bir zadyň pikirini etmän,tötänden
gabat
gelen
adamyň
atynyň
syrtyna
münüp
gaydyberipdirin,indi oýlanyp görsem Allajanyň özi maňa
kömek diýip bir sebäp tapyp,bu adama duşuran ekeni,asyl
ol şol wagt sözi hemme ýerde ötgür,baýyň-garybyň ýakyn
hossary,hiç zatdan çekinmeýän, gaýduwsyz NEPES ŞURA
bolsa nätjek1.Welaýatda şondan başga bir adamam maňa
kömek edip biljek däldi.Muňa men Mary-Sakarçäge ýolynyň
ugrunda,her ýerde goýlan saklow nokatlaryndan geçenimizde
göz ýetirdim.Bärden barýansyň,”kim gelýär” diýen soraga
“Nepes şura” diýen jogaby eşiderde ýaragly esger ýol
berer,üçünji nokatda, dogry, bizi sakladylar.
Nepes aga bagyşlaň,halk duşmanynyň özün-ä tutduk
welin aýaly
gaçypdyr,ýer ýykyp
tapmaly diýdilerdiýip,ýaragly esger seslendi.
Menem,ine,gyzyma,daýzalaryny görkezip,yzyna
alyp
barýan,welaýatda
işim çykyp,
gijiräge
galmaly
boldy.Sizi,Sakarçägä ugratdylarmy?
Nepes aga,ol aýal Çaşgyndaky
çagalar öýünde
terbiýelenen,gaçsa hökman şu ýol bilen gitmeli...
Men edilýän gürrüňiň özüm barada barýanlygyna
düşünip howsala düşdüm, tutarlar,gowusy
gaçaýyn diýip
ýerimden
gozgandym,Nepes aga-Gymyldama,at
ürkýärdiýensoň alaçsyz aglamaga başladym.
181
Halys ýadady,kellesi agyrýar,sabyr et,basym öýe
ýeteris...Ýigitler, dogry iş edýärsiňiz,halk duşmanlaryny
tutmaly,juda
tapmasaňyz
mendenem
habar
alyp
duruň,elimden gelen kömegi bereýin.
Nepes aga,kömegiňiz üçün minnetdar bolardyk,sagaman baryň,ýolda saklajak bolsalar adymy beräýiň!...
Biz ýolda bäş barlagdan geçip gije ýarymdan aganda
Akýap obasynda Geldi kel diýen bir atly-abraýly adamyň
öýüne bardyk.Şol döwürler oba şurasyna,kolhoz başlyklaryna
kelte ýarag-nagan berilerdi,Geldi kelde başga-da
iki
bäşatar,bir ikiatar, Nepes şurada iki bäşatar bardy,olar kelte
ýaragdan öňňesini Garry kirs diýen örän ynamdar,diline
berk
adama sakladardylar,obany duşmandan goramaly
bolanda
ulanaýmasalar
başga
wagt
ýaraga el
urmazdylar,aslynda
olary
atly-abraýly
edýänem
şol
ýaraglardy. Geldi kellerde men ýedi aý ýaşadym.Bir gün
şura maňa”Sen Mary şäherinden üç kilometr daşlykdaky
“Mülkbagşy”obasynda
ýerleşýän
saglygy
saklaýyş
nokadynda,ýörüte orta bilim berýän mekdebe okuwa
gitmeli,ilatyň saglygyny goramak üçün zenan lukmanlar zerur
gerek,baýaminnet,geçen ýyl, hökümet,”saglygy saklaýyş
işgärleriniň sanyny köpeldmeli” diýip karar çykardy,men şol
karara laýyklykda,seniň adyňy,äriň adyny üýütgedip,resmi
kagyz taýynladym,indi sen, keselläp dünýeden gaýdan Ata
Sähet atly bir çopanyň gyzy hökmünde ýaşarsyň.Adamyňy
atuwa höküm etdiler,hiç ýerde hiç wagt ol barada dil
ýarmak bolýan däldir,özüm,arkaýyn, ýaýnap ýaşaber
diýýänçäm,diliňe gaty berk
bolgun”-diýip,meni okuwa
ugratdy.Men,Enegül Durdy gyzydym,indi Ene Ata gyzy bolup
ýaşaberdim.Şeýdip, men, ýigrimi ýyllap dilimi dişläp
gezdim,1958-nji ýylda, Huruşewiň günä geçişligi boýunça
atylman, türmeden gaýdyp gelen adamymyň ýanynda hem,
dilimi dişledim,garaz, ol pent maňa sapak boldy,durmuşdaky
kelle agyry döredýän meseleler aradan aýryldy.Nepes aga
182
“indi agzyňy açaý” diýmegi ýadyndan çykaransoň, men
bütin ömrümde hiç kime hiç zat barada gürrüň beren adam
däl, sizede häzir gorka gürrüň berip oturyn...
Iki ýylda okuwy gutaryp, keselhanada işläp
başladym,wezipe,jaý berdiler,sylag-hormat etdiler.Indi men,
öňki galtamanyň,basmaçynyň gyzy däl-de, ýeňi ýolugyň
gyzydym,hereketlerim,ädimlerim,taraplarym açyk,ýöne,dilimi
dişläp gezýärdim,üstümden gülýän ýok,howp abananok,sütem
edýän ýok.Bularyň bary, iline minnetsiz ýagşylyk paýlaýan
Nepes aganyň hyzmatydy,ol meni okatdy ,ylymly-bilimli
adam etdi,ile goşdy.Adamym bulary maňa söz beripdi,
etmedi, aldady,aslynda-da,ol meni okatmak üçin däl-de, aýal
edinmek üçin başymy aýlan ekeni.Ol ony soň boýnuna aldy.
Hut şu döwürden başlap, men göwrämde iki kalby göterip
gezdim, biri,ruhy taýdan göýdük,medeni taýdan gömük ýeňi
ýolugyň,wezipä eýe bolanda gedem,ulumsy,şöhratparaz bolşy
ýaly bolmaly boldum, ähli zady başarýan,ýöne, hiç zady
başarmaýan bolmaly boldum,ikinjisi, ruhy,medeni
taýdan
baý,ýaradanyň özi ýalkanyny ýalkar diýip,ähli zada kaýyllyk
bilen garaşýandan,garaşýan zadymyň boljagyny bilýänlerden
boldum, “giç goýaryn-aç goýmaryn” diýermiş, Alla diýip,
adyllygyň dabaralanjagyna ynamly garaýanlardan boldum....
Müňýyllyklaryň
dowamynda
däp-dessurymyza
daýanyp,
adyllygyň
nusgasyny
görkezip
gelen
türkmen,bolşewikleriň
boýnuna dakan
ýörelgesi bilen
ýöremeli boldy,edil araba goşulan atlaryň götünligine
ýöräp, ýol aşjak bolşy ýaly ýöredik,ýöne, dogry zada dogry
diýmeli,ilatyň uçdantutma saglygy,bilim almagy baradaky
düýüpli aladalar,deňhukuklyk baradaky şygarlar,dost-doganlyk
ýörelgeler maňzyňa batýan zatlardy.Gumdan başga hiç zada
gözi düşmedik, ýönekeý çarwa gyzynyň saglygy saklaýyş
ugurdan bilim alyp,göz kesellerini köki-damary bilen ýok
etmek barada geçirilýän çärelere gatnaşmagy,diňe gatnaşmak
däl,oňa ýolbaşçylyk etmegi-şol aladalaryň netijesidi.Bu
183
çäreler Ogultäç gelnejeme nähilidir bir goltgy bermäge,islän
wagtym,keselçilik bahanasy bilen olaryň ýanyna barmaga,
maňa mümkünçilik döredýärdi.Her gezekki duşuşykda bolýan
gizlin
gürrüň
hökman , Duzly
oýa
syrygýardy,şol
gürrüňlerden,
ejem-kakamyň şehit bolup ellibiriň
oýtumlarynyň birinde galandyklaryny,Maralyň,Çoluk janyň,
Berdiniň serhetden aňry aşandyklaryny
bildim,Ogultäç
gelnejemiň,Ogulsapar daýzamyň
çagalaryny, her hili ugur
boýunça
bilimli etmek isledim,emma” basmaçy çagalar”
diýip,olary okuwa almak islemediler.Muny adamyma gürrüň
berenimde ol”Sen Gara Ýowşanyň ýanyna bar,haýyş et,bu işi
diňe şol oňarýar,men oňa jaň ederin”diýdi.Oňa aýagym
çekmese-de, çagalaryň bilimli bolmagynyň hatyrasyna ýüzüme
hikap çekip, ýerçekeniň ýanyna barmaly boldum.Ol Samat baýyň
Mary şäherindäki giň howlusynyň eýesi ekeni.Ak işikde,ejem
janyň eli bilen dokan halysynyň üstüne hapa aýaklaryny atyp,
barmaklary ýüzükli,altyn dişlerini syrtardyp garşylady-da
ol”Menlik näme işiňiz bar?”diýip,erni çilimli, gözüni
oýnatdý.Men ýagdaýy aýdyp kömek soradym,”tüýküligiňiz ýere
gaçanok,hökümiňiz
ýöreýär,bigünä
bendelere
kömek
ediň!”diýdim.Onuň ýüzi üýütgedi,gazaplandy, naganyny alyp
gözümiň
öňünde
kelemenletdi,”Durdy
Täşliniň
aýaly
bolaýýaň,ýogsam, şu “haýyşyň” üçin bir oky maňlaýyňdan
çüýlärdim”diýdi,menem söz alyp galman’Bigünä adamlaryň
ganyna,zadyna suwsan ogry ýerçekene, ýüz tutanym üçin özümi
öldüräýesim
gelýär”diýip,sögüp,içimi
sowadyp,gaýtdym.Ýeňsämden,ähtiýalanlyk
bilen
atar
öýütdüm,atmaga bogny ysmady,ýerçekeniň!.Bolsa-da, Nepes
şura ondanam güýçli çykdy,çagalaryň okamagyna kömek
etdi.Şeýdip,çagalary bilimli etdim.Käte onbir baş bir saçaga
ýygnanyp,gören
günlerimizi
ýatlaýarys, ýatlabam
aglaşýarys,adamyň başynda durjak zat ýok ekeni,şoňa
şükürler edýäris.Ýeri gelende,Ogulsapar daýzamyň Baýram
atly bäş ýaşlyja ogluny özüme ogullyk
alanymy
184
aýdaýyn,birinjiden-ä,”Ogultäç gelnejemiň nähili hem bolsa
azajyk ýüki ýeňlesin” diýdim,ikinjiden bolsa...Men muny, şol
wagtlar ärimiň ýagdaýyny bilip etmändim,ýöne, höwür
bolsun diýipdim,asyl, soň görüp otursam, menden çaga
boljagam däl ekeni.Maral gasygyna depip, ärimi tök
edipdir.Ol,ýigrimi ýyl türmede ýatyp çykanyndan soň,muny
boýnuna alyp,gürrüň berdi.Aldadyp alany,ganym duşmanym
bolany
üçin,
men
ony
ýigrenýärdim,käte,“Ýatyrka
öldürip,şehitleriň aryny alsam!”diýen pikir hem peýda
bolýardy,emma,Alla saklandyr-da,beýle gabahatlyga elim
barmady,onuň eli barsa-da, meniň elim barmady.
Bir gün iş otagymda, näsaglaryň möhümini bitirip
otyrkam,
gapyň
agzynda
bir
adam “keselhananyň
ýolbaşçysyny görkeziň!” diýip, goh turuzýar,sesem bir hili
tanyş
ýaly.Haçanda, ony ýanyma
getirenlerinde, gözi
saralgy,garaýagyz,uzyn boýly, burunlak adama otyrgyç alyp
berip, hormat etdim.
-Nepes şura maňa “Diňe şonuň ýanyna barsaň gözüň
açylar” diýdi,idäp gelişim,”başga-da lukmanlar bar” diýip,
ýanyňa
göýbermejek
bolýarlar,emma,
Ýowşanmydyr
niýetinden yza dönjek!?Sowetler-şuralar ýurdyny guran men
ahyryn...
Bu adamynyň gözüne seredip,keselini anyklajak
bolýan,gulagyma bolsa “men bu ýerleriň her bir oýtumyna
belet, Mara duz daşapdym,sizi azaşdyrman serhetden
geçirip, sogap gazanjak bolýan” diýen ses eşidilýän ýaly,ýa-da
“Durdy Täşliniň aýaly bolaýýaň,bolmasa, bir oky maňlaýyňdan
çüýlärdim”diýilýän ýaly.Men öz edişi ýaly,onuň möhümini
bitirmän hem bilýärdim,emma, ýüregim edenok,”duşmanymam
bolsa ol adam” diýýärin.”Sen duşmanyňa
ýagşylyk
edýärsiň,emma
ol
tohum-tijiňi
ýok
etdi”diýip,meni
ýazgarýanlaram bar,”Alla bardyr” diýip jogap berýärin.
Ýaşuly,gözüňizi bejermek gerek!
185
Gara Ýowşanyň gözi bejerilmese bolmaz,Soýuzy dikelden
men ahyryn!.
Nepes şurany tanaýaňyzmy?
O-how,ol ýütgeşik zor,diýseň geçirimli adam.37-nji
ýylda,wezipesine öz adamymy goýjak bolup,şyltak atyp,işden
boşatdyrdym,bir aý türmä-de basdyrdym,emma çykdy-da,öňki
işine
başlaýdy,soň,ýene
iki
gezek
ýazdym,bolmady,ahyrym,”urşa ugradyp dynaýyn”diýip,urşa
ugradylmagyny gazandym,ondanam ölmän geläýdi.Jany berk
ekeni,Ol bulary bilse-de, kine saklanok,gaýtam, “gözüň agyrsa
bejert,meň adymdan ýanyna baraý”diýip,seni
salgy
berýär.Salgy bermände-de,tanyşym gyt däl,men...men...
Bu, pis adamyny diňledigimçe,birhili gowşap ,essim
aýylyp
barýar, demim demime
ýetenok, başym
aýlanýar.Duşman
bolsa-da,
keselini
bejermek welin
borjum,onam bilýän,şonda-da,işe elim baranok.Öz arzasy bilen
meýletin watan goragyna giden, Nepes agany “Nen
ugratdym!”diýip,ýalan
sözlemesi
hasam
maňzyma
batanok.Onsaň
kömekçime“seret”
diýip,daşaryk
çykdym.Arassa howadan dem alyp nepesimi durladym,hapa
ornamasyn diýip elimi sabynlap ýuwdum.Gijesi bilen ýol
ýörelensoň,meniň Çolugy arkama alyşym, surnugyp,ertesi
ümür
sowulanda,ýene,şol
öňki
ugran
nokadymyza
gelenligimizi bilip, Maralyň,Gara Ýowşany atjak boluşy,bu
nejisiň
günäsi
bilen
“azaşyp”ýörkäk,daşymyzy gaban
duşmanyň, bizi“palaç ýatyran” ýaly gyryşy,gözýetime uzalýan
meýdanyň-jeset-maslyk bolup ýatyşy göz öňümde surat ýaly
janlanýar,ýöne...Aý,garaz,kim bolanda-da,”ol keselli, kesellä
ýardam etmeli” diýip,özüme zor salyp,iş ýerime geldim.Süýji
keseli zerarly gözüniň gowy bolmajagyny,endamyna ören
ýaralaryň
aýrylmajagyny
bilýärdim,şonda-da, “keseliň
gowulaşar”diýip,
däri-derman
edip,
ugradyp
goýberdim,yzyndyn bolsa “kasas kyýamata galmaz” diýip
seslendim,men oňa “Senden arymy alyp bilmesemem,gudraty
186
güýüçli Taňrym,ilki gözüňe,endamyňa ýara çykaryp, soň
janyňy alar” diýen manyda, ýaňky sözi dile getiripdim.Ol
bolsa eşitmedimi,eşitse-de düşünmedimi “ hawwa,galmaz,hiç
zat galmaz” diýip jogap berdi...Şu gelmän geçen geleninden soň,
men her gün erbet düýş görüp oýanyp başladym,bir gün
düýşümde kakam,bir gün ejem ölýär,bir gün atam ölýar,ölüm
meni
häzirki
parahat
durmuşymda
rahat
oturdanok.Aslynda,geçen az pursatlyk ömrüme, beýle
köpçülikleýin ölümler nädip ýerleşýärkä?Ýaşajyk döwrüm, ölüm
bilen bir ýassykda ýatmaly bolupdym,häzir il aýtmyşlaýyn ýagty
gelejege barylýan ýolda hem,ol duýgy “ýassykdaşym”.Soňky
döwürler “ýagty gelejek” diýip, halys ýürege düşdüler,haçan ol
geljek,gelende
näme
boljak
bilýän
ýok,ýöne,ony
mahabatlandyrýanlar-a kän.Arada, agzyňa berk bolmaly diýen
öwüdi unudyp,mahabat edýäniň birinden“Ýagty gelejek haýsy
ýylda amala aşar,ýogsa,muny aýdyp ýöreniňe on ýyl dagy
boldy?”diýäýmenmi,ol”Soňky aýgytlaýjy gün-şol ýagty gelejekkommunizm basym peýda bolar”diýdi.”By erteki bolaýmasyn?”
diýip soraýmanmy,ol “Näme partiýanyň şygaryny äsgermezlik
edýärmiň?Sen
daşary
ýurt
içalysy
dälsiň-dä?”diýip,
gazaplandy,dogrusy elinde ýarag bolanda, Dyz oýda atyşlary
ýaly, meni atar öýütdim.Rejänip geň däldigini aňyp”Maňa
düşünmediň,erteki däl,”ertirki gün” bolaýmasyn diýdim”diýip,
özümi “aklap”zordan sypdym.Bu ýalan ýaňramalara demigip
gidýär ekeniň.Käbir sagymçy joralarym hem “Her sygyrdan
pylança tonna süýt aldym”diýýärler,ol dogry bolsa,süýt derýa
kimin akmalydy ahyryn.Ýöne,indi şol ýalan sözsüz oňup hem
bolmaýardy,gaýtam,öňki ýalanyň üstüne ýene bir ýalany
goşýardylar.Adam muňa ilki perwaýsyz garaýardy,soň
öwrenişýärdi,soňam,
özüde
ýalansyz
oňup
bilenokdy.Şeýle,samsyklygyň
soňy
geläýjek
ýalydy,emma...Ýygnaklarda, “Halkymyzyň ähli kynçylyklary
ýeňip geçjekdigine ynanýarys!”diýýärler welin, halk şeýle bir el
çarpýar,görer dagy eder ýaly däl.Bir döwüm çöregi
187
bolmadyklaram,aldanýanlygyny
bilýänlerem
el
çarpýarlar,”ýagty
geljege
garaşýarlar”.Ol
indi
endige
öwrülipdi.Olar her bir zat-da, dar pikirleriniň ýetişine görä
hereket
edýärdiler,tebigatda,durmuşda
näme
boluň
geçýänliginden habarsyzdylar.Allanyň gudratly güýjüne
ynanmaýardylar,ynanýanlaram itden beter ýigrenýärdiler.Her
bir täze zada,aňlarynyň ýetýän çäginden daşardaky zatlara duş
gelsele,
jahyllar
ýaly,perwaýsyz,körzehinler
ýaly
owarramçyldylar.Durmuşa göz ýetiriş derejeleri pes bolansoň,
paýhaslary hem pesdi. Galanlaryny-ha bilemok welin, mende
durmuşa bolan iki garaýyş bardy,birisi hakyky,beýlekisi ýasama
garaýyş,soňa baka ýalan garaýyşly durmuşa bolan ynamyň kemkemden artyp başlaýar ekeni.Bir gün, “Sowet Hökümediniň
deňsiz-taýsyz “üstünligiu” bilen ýetişdirilen alym agranomyň işe
başlamagy” mynasybetli,nobatdaky ýygnak geçirildi.Men,murty
taýzaryp duran, gelişikli agranomdan“ýorunja haçan ekilýär”
diýip soraýmanmy,ol ýeňsesini gaşap”bilemok”diýdi.Şoňky ýaly,
biz nämede bolsa bir zat öwrenýärdik,nämede bolsa bir zat
okaýardyk,nämede bolsa bir iş edip, günümizi geçirýärdik,soňy
welin boşdy,ýasamady.Bir günem ýaňky gyzyl agranom
“öldürilipdir” diýip,adam baryny şähere ýygnadylar.Murgap
derýasynyň köprüsinden gündogara geçen ýeriňde,ýoluň çep
gyrasynda, gabyr gazdylar.Ozal gül ekilen ýer torç
edildi,jaýlanjak ýer taýynlandy.On iki kilometrlik aralykdan, tüp
yssy howada, merhum getirildi.Respublikanyň ähli ýerlerinden
adamlar çagyryldy.Ahyrym, merhumyň daşyna gyzyl mata
orap,howul-halat taýýarlanan agaç gapyrjaga salyp,türkmene
gelişmeýän saz-şowhun bilen jaýlanyldy.Daşyna,bölek-büçek
tagtadan haýat aýlandy,hormat garawuly goýuldy.Bu, ne
musulman däbine,ne hristian däbine gabat gelýärdi,belki,
bolşewikleriň däbine gabat gelýändir,bilýän ýokdy.Çykyp
gepleýänler“Bir
rewolýusseneriň
nähak
ölümine
basmaçylaryň,baýlaryň müňüsini ýok ederis,ýeriň astyna
girsede öldüreni taparys”diýip,ýasama“gahrymany”ýasama
188
mahabatlandyryp,bogaz
ýyrtdylar,ýene
biri
“Bolşewik
ýoldaşymyz Daňatar Çähet aramyzdan gitdi,ol watana berilen,il
agysyny aglaýan,ahlakly,sosializimiň dünýä ýaýrajagyna
ynanýan adamdy,onuň adyny ebedileşdirip, işlän obasyna
dakarys”diýdi,ýene biri “Halky söýüň Daňňy ýaly,baýlaň
depesine çykyp” diýip, goşgy okady.Men içimden “adamlaryň
depesine çykma keýpinden çykdyňyz, edeniňiz az görünýär”
diýip,tas gygyrypdym,ýöne kimdir biri”Goýsaňyzlaň,ahlakly
bolsa şeýle iş edermi?Suwjuklykdan halys irdik,ondan-a,halka
çörek bermäň gürrüňini ediň!”diýip,menden öňürtdi.”Muny kim
aýtdy?”diýip,Gara Ýowşan duranlaryň arasyndan saýlandy.”Men
aýtdym!”diýip,Aky atly daýhan ýigit öňe çykyp, Ýowşanyň
alkymyna bardy:”Siziň öwüp arşa çykarýanyňyz,baryp ýatan
ahlaksyz,binamys kişi,ol obamyzda zorluk bilen bir naçaryň
namysyny
depelejek
boldy,şonuň
üçin
men
ony
öldürdim!”diýdi.Akyny südürläp alyp gitdiler,ýerli ýerden“Onuň
boýnuna boýunturuk dakyp,üç gün ýer sürdürmeli,soň
atmaly!”,”Ony dabanyndan soýmaly!”diýen ýaly sesler
çykdy.Adamlaryň ýüzi it ýüzüne meňzäp barýana çalym
etdi,kimdir biri gapdalyňdan çykyp tumşugyňa kakaýjak ýaly
gorky döredi.Aglamaly bolsam,duran ýerimdir welin-belki
çagalygymda
köp
aglanym
üçindir-näkesleriň
doňuz
horkullysyna meňzeş sesleri,atýan haýbatlary gulagyma
degende,
bialaç
gözümden
ýaş
akýar.Näçe
adam
öldürdiler,henizem olara az görünýär. Ýanymda duran garry
aýal”Ahlaksyz,binamys adam üçin beýle dabara nämä
gerek?Adyny oba dakmaly diýýärler...Aý,hawwala,bi bolup
biläýjek zat,bulara adamlary gorkuzmak,garşysyna çykýanlary
ýok
etmek
üçin
bir
syýasy
bahana
gerek!Men
şäherde,Podwoýsk-Griboýedow
köçeleriniň
burçunda
ýaşaýaryn.Podwoýskiý-itiň ýüzi ýaly görmeksiz,hyýrsyz,aşa
ýaranjaň,durky bilen gana boýalan,ganhor adam,Griboýedow
bolsa orsuň ilçisi döwründe, bir gijede Tükmensährany eýrana
peşgeş bereni üçin, türkmenler tarapyndan öldürildi.Ýene189
de,köp
şeýle
ýasama
şöhratly
adamlaryň
atlary
köçelere,obalara,şäherlere dakyldy,bu hem şolaryň biri boljak
ekeni-dä!”-diýip zeýrendi.Garry aýalyň aýdyşy ýaly, bi ölüm
mynasybetli üç adamdan ybarat adatdan daşary syýasy topar
döredildi.Indi olar islän adamsyny islän wagty ýok etmäge
hukuk
gazandylar.Olaryň
şygary:”Biz
näme
etsegem
BOLAR!”Özlerem, şeýle bir samsyklaç häsiýetli welin,mysal üçin
adamym, meni duluna geçiren günleri, iýmäge bir döwüm
çöregimiz ýok halyna, bergi baryny edip,tow bereňde saýraýan
bilbil satyn aldy oturyberdi.Muňa näme diýjek?Soňky
döwürlerde, tükeniksiz ýygnaklara,çärelere çykýan eli gyzyl
baýdakly adamlar, edil eýesiz mal ýaly, “basmaçylar”
diýilýänleriň
eken
güllerini
depgiläp,bag-bakjalary
goparýardylar.mallaryny talaýardylar.Şeýle tükeniksiz çäreleriň
birine,Aşgabadyň eteginde atylan “26 Bakuw komissarynyň”
ýatlanyş çäresine gitmeli boldum.Agyr keselli ýaly,şeýle ýerlere
aýagym
çekenokdy,emma
gitmän
hem
bolanokdy.Odessada,gyzyllar,aklaryň
26
komissaryny
atypdyrlar, indi bolsa aklar, bu ýerde,gyzyllaryň “26
komissaryny” atanlar.Ýöne, näme üçin
ikisinde hem, 26
adam,şoňa hiç düşünip bilmedim.Ýa-da bular, Allajanyň,
“edeniňi çekdirýänliginiň” bir alamatymy-ka?Bu alamat
maňa,”edeniňi çekmeli bolýanlygyň” baradaky ynanjymyň
tassyklanmasy hökmünde uly täsir etdi...
1960-njy ýyllaryň başlarynda,Huruşewiň
“günä
geçişligi” esasynda, adamym türmeden geldi,ýatan ýyllary
üçin uly möçberde pul tölediler.Şoňa gowy jaý saldyk.Meniň
ýaly ýetim üçin, iň ýakynyň ýan ýoldaşyň bolaýjak
ýaly,emma ol ezizim däl.Bary-ýogy ýedi aý bile ýaşap, 20
ýyllap
görmedigimden-mi,şol
pyjagaly
wakalardanmy,garaz,ony sulhum alanokdy.Ol, bolup geçen
wakalara
gatnaşanlygy,bigünä
adamlaryň
ganynyň
dökülmeginiň
esasy
sebäpkäri
hökmünde,özüniň
ýazgarylmazlygyny,günäsiniň geçilmegini
sorady”Allanyň
190
islegine görä,ýigrimi ýyl türmede jezamy çekdim,nähak iş
edenligime ahmyr etdim,iýiji ýara dodagymy ýirýär,bu eýsem
jeza
dälmi,”kasasyň
kyýamata
galmadygy” dälmi?”
diýýär,şonda-da, näme,ýürege emr edip bolmaýar-da.Gün bir
bolsa, iki gezek onuň etmişini ýatladyp dyrýaryn.Özara
gürrüňimiz öz aramyzda galýar,başga ýerde hiç zat barada dil
ýarmaýardyk,il bilen iç döküşmezdik. Halk
duşmanynyň
gyzy,soňam aýaly adyny alanym üçin, meniň,
“halk
duşmanlaryny” ýok etmäge gatnaşanlygy hem-de hökümet
adamlarynyň ähli ýaramaz etmişlerini gözi bilen görenligi
sebäpli,indi ol wakalara şaýatlygy üçin, ýok
edilmeli
edilen,ýöne, bir sebäp bilen ölmän galan adamymyň,başgalar
bilen gürleşmäge haky hem ýokdy. Hökümet olary hiç wagt
ile goşmandy.Nepes şuranyň arka durmagynda
etrap
merkezinde men bolaýmasam,obalardan Çoluk Begliň,sazanda
Geldi Begliň,Hümmet Mämmediň,Huseýin Mämmediň,Berdi
hojanyň we ýene bir näçe maşgalalar bolaýmasa,köpler
bolşewikleriň pidasy bolupdylar.Yzynda galanlary adam
sanyna goşmandylar.Olar,edil men ýaly ýalňyzdylar.Ýalňyzlyk
bolsa ruhyňy berkitmäniň iň yhtybarly serişdesidi .Men
“mertebämi peseldýärler”
diýip,nalyş etmedim,gaharymy
getirseler
gaharlanmadym,durmuşy
şöýüp,gyňyrlaryň
garşysyna gülüp göreşdim,ýeňsem, “ýeňdim” diýip, döşüme
kakmadym,ýeňilsem ejizlemedim,sebäbi, ir-u-giç hakykatyň
dabaralanjaklygyna bolan ynamym güýüçlidi.Belki, bi, ähli
zady
görjek,biljek,okajak
bolyp
dyrjaşyp
ýatanlygymdandyr?Men
adamlaryň
maňa
üns
bermeklerini,kömek
etmeklerini
islemedim,çünki,maňa
beriljek
zat
dälde,meniň
berip
biljek
zadym
gymmatlydy,adyma
aýdylýan-u-aýdyljak
zatlar
däl-de,
adamlar üçin etjek ýagşy işlerim wajypdy,şeýdip, öz pikirim
bilen ýaşadym,ýüregimden gerek bolan zady hemmelere
paýladym,maňa
gerek
bolan
ýekeje
zady-şehitleriň
mertebesiniň haçanam bolsa dikeldiljekligi baradaky
191
umudymy,
kalbymda
çuňňur
gizlenen , netijesiz
gynançlaryma dolap, gizlin sakladym.Halys saklap bilmesem
gözýaş
dökdüm.Sebäbi, kommunistleriň
agalyk
edýän
ýurdunda umudymyň hasyl bolmajagyny bilýärdim. Iň
esasam, bir ýerden çykar diýip Çolukjana garaşýardym...Men
oňa durkum bilen garaşýardym...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 13
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.