Latin

Ýazgyt - 02

Total number of words is 3725
Total number of unique words is 2328
29.9 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
taýagymam taşlaýsam diýýän,mallary alyň- diýip ol kakama
ýüzlendi.
- Juma namazyny okaýyn,çynyň bolsa soň göräýeris.
- Sygyr ýatak bolan jaýda-da namaz okalarmy?
-Indi ol Allany ýatlap dileg edilýän ýer.Nähili
bolaýypsyň,Alladan gorkmaýarmyň?
-Ýok,gorkamok.
-Sende
iman
galmandyr,ogul,eliňe
ýarag alyp
hudaýsyzlaryň hataryna goşuljaksyň.
-Garyplary gynap geldiňiz,indi gezek biziňki..
-Eý Hudaý,bi
sowatsyzlardan özüň goraweridiýip,kakam ýakasyna tüýkürdi.
-Döwlede agalyk edýänleriň köpüsi türmede oturanlar
bilen garyp-gasarlar...
-Wah,olary türmeden çykarmaly däl ekeni.Sebäpsiz giren
däldirler-ä?Senem şolaryň yzyna düşjek diýsene...
-Näme düşmän...Biz-ä çopançylyk etdik,hiç zadyň başyny
tutmadyk adam,hökümediň Gökdepedäki dikmesi Ataýew uly
wezipe eýeläp otyr.Men bir dikme bolaýyn,kürre tozany onsoň
görersiňiz..
-Wa-eý,wah, şu wezipe gursun- diýip,kakam hyrçyny
dişledi.
–Köşek,seň taşlap gaýdan
goýunlaryňdan hasap soralar.Men saňa mal berdim,saňa
ýagşylyk,hormat etdim,sen bolsa haýyr we peýdaly işleriň
deregine
ýamanlyk
etjek
bolýaň.Hakyky
musulman
dilinden,elinden,herekedinden başgalaryň zyýan görmeýän
adamsydyr-diýip,atam janykdy.
Ine, şeýdip,Durdy Täşliniň çopan taýagyny ýaraga
çalşyp,garyplaryň mesgeninde wezipä eýe bolanyndan soň
ýurda şeýtan aralaşdy, eden-etdilikler köpeldi,adamlar dälilik
derejesine
ýetdi.Döwür
ýaramazlyga,ýaranjaňlyga,gödeksi
19
ygrarsyzlyga,wyždansyzlyga tarap üýtgedi.Keşbi adam,häsiýeti
maýmyn bolan jemgiýet döredi...
Şol wagt men bu zatlara akyl ýetirip bilmeýärdim...
Bu gün Garajaoglan guýysynda gaýda-gaýmalaşyk
köpeldi.Ak keçeli nätanyş atlar peýda boldy.”Pähimli adamlaryň
ýygnanyşygy boljakmyşyn,Jüneýidiň ynamly wekili çykyş
etjekmişin” diýen gürrüňler ýaýrady.Käbir ýelýürek adamlar
eýýäm zatlaryny oňa-muňa gömüşdirip,mallaryndan bizar iki
ýana at çapýardylar,dumly-duşa çapar ýollaýardylar.Şu garmagürmeligiň hysyrdysy bilen, hol alysdaky baýryň aňyrsyna gelip
gonan iki ganat uçary Şammy ikimizden başga gören
bolmady.Şol ýerde guýy bolansoň Şammy kel: “Eý,ol suw almaga
gelendir” diýdi.Birdenem çermegini çekip: “Kakama aýtjak”
diýdi-de, ylgap öýlerine gitdi.Uçaryň gonmagy adamlaryň
howsalasyny artdyrdy.Kelleleri ak ýaglykly bir bölek atly “Alla”
diýip şol tarapa atlandylar,emma ok ýeter meýdana
barylmanka,uçar asmana galyp gitdi.
Şeýle waka Garajaoglan guýusynda-ha däl,Garagum
çölünde hem heniz bolmandy.Şol sebäpli, bu waka bolan
gününiň öýläni ak atly öýme-öý aýlanyp”Erte,Garry hojanyň
öýüniň ýanyndaky meýdança maslahada barmaly”-diýip,jar
çekdi.Ertesi adamlar aýdylan ýere baranlarynda Garry hoja
eýýäm ýanyna myhmanlary,ak sakgal ýaşulylary ýygnap
otyrdy. Kakam ikimiz märekä iň soňunda goşuldyk.
-Begler,hanlar,töreler,wajyp meseläni çözmek üçin sizi
çagyrdyk-diýip,Garry hoja seçelenip duran ak silkme
telpegini
çykaryp gapdalynda goýdy.Bu,onuň ýygnanan
märekä bolan sylagyny aňladýardy hem-de maslahadyň
açylanlygynyň alamaty hökmünde kabul edilýärdi-Ýanymdaky
syratly,peşeneli adama Annaguly Hydyrhan diýýärler.Ol Tejen
hany Hojagulynyň sag goly,ýanyndakylaram wepaly nökerleri.
Owgandan
geldiler.Goý,han
öz
matlabyny
aýdyp
bersin!Geple,ogul!
20
Annaguly han iki ädim öňe çykdy,salam berip silkme
telpegini çykardy,başyny egdi-de söze başlady.
Halaýyk,Ahal,Tejen,Mary sebitleriniň aksakallary,maňa
we başga-da birnäçe adamlara, Owganystana göçülip baryljak
ýeri görmek,göç etjek ilatyň ýaşajak ýerlerini öwrenmek
maksady bilen kyrk sany nöker,ýigrimi sany üsti ýükli düýe
berip, ugratdylar.Yzarlanýanlygymyz sebäpli,birbada owgana
aşmak başartmansoň, biz ilki Eýrana bardyk.Emma,eýran
serhetçileri zatlarymyzy elimizden alyp kowup goýberdiler.Soň
biz uly kynçylyk bilen owgana aşdyk hem-de öň bu ýerlere
göçüp gelen türkmenleriň ýaşulylary,Gurbanmämmet serdar
bilen
duşuşyp,göçýüp
gelmegiň
şertleri
barada
maslahatlaşdyk.Gurbanmämmet serdar däninim: “Ýakyn
garyndaşlarymyň gaýtjagyny alyp gaýt hem-de şu haty Ahmet
hana gowşur” diýip,haty we altmyş iki sany nökeri berip,meni
bärik ugratdy.Halky gyrgynçylyga sezewar etjek bolşewikleriň
eline ýurt doly geçmänkä, göçüp gelmegiň şertleri barada
Jüneýit han bilen bolan soňky maslahatda ol, Garagumda
bolşewiklere garşy gizlin hereket edýän Ahmet hanyň ýanyna
getirilmegini sorady.Ine, onsoň,
ýigitlerimiz bilen Guşgy
sebitlerinde serhetden geçip geldik.Gelsek, döwlet syýasy
dolandyryş edarasynyň (G.P.U.) wekilleri kakamy,iki doganymy
zamunlykda saklaýar ekenler.Olar şeýle ýol bilen meni tutjak
bolýan bolmaly.Dogrusy,Jüneýit handan aýratyn tabşyryk
bolmadyk bolanda, bu ýerde däninim galsam galardymam...Biz
gidýän adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmeli.Gitjekler üç
günde taýýar bolmaly.Men däninim, ýene bir zat
aýtmakçy,Jüneýit han hökümetde işleýän ýokary wezipeli bilen
gürleşipdir.Ol “Biz sizi ýok edip biljek,ýöne siziň yzyňyzda
bigünä adamlar,çagalar bar, şolaryň hatyrasyna,nähak gan
dökülmesin diýip, ylalaşyga gelseňiz gowy boljak.Başyňуzyň
aman galmagyna
welin güwä geçip
bilmen”diýipdir,Jüneýiт:”Başym gerek bolsa al,ilime degmeseň bolýa”
diýende ol “Bilmedim-dä,käte bize bagly däl zatlaram bar,kimiň
21
näme boljagyny bilýan ýok,ýöne, çagalar aman galsa gowy
boljak”diýipdir.Jüneýit oňa ynanmady. Şeýdip, sada adamlaryň
hossary,ogrylaryň,pyssy-pujurlik
edýänleriň,men-menlik
satýanlaryň duşmany Watanyny terk etdi.Onuň bar wagty,
ýolda pul ýatan bolsa hiç kim ellemezdi, soralmadyk zady
aýdyjy, dileg ediji bolmazdy,goýmadygyny gоtermezdi.Onuň
soraýan ýerinde goýun bilen gurt bir owadan suw
içdi.Hakyky serkerde,watançy,edermen ,gaýduwsyz adamy
Gaýgysyz Atabaý Damla guýysyna çagyryp, “Daşoguza häkim
bol” diýen,emma han göwnemändir.Sebäb, güýüçli ýaragly
orslaryň garşysyna batyrlyk bilen söweşmegiň peýdasynyň
ýokdugyny ol bilýärdi.Ýa olaryň öňünde dyza çökmeli,ýa-da
häzlrlikçe göçüp gitmeli.Soňuny görüp gelen ýok.Bu size
maglumat üçin, ,galanynam däninim, kimde näme pikir bar
bolsa aýdyp otursyn!- diýip,Annaguly han töweregine
garanjaklady.
Mähelläniň gowry artdy,kä ýerden galmagal çykdy.Her
kim öz pikirini aýtjak bolup jan etdi.Biri: “Bu ýerde galsaň,seni
ak halta salyp agzyny bogarlar-da,daşyna-da “Zulmat” “Sibir”
diýip ýazarlar,gidersiň onsoň uwlap” diýse,başga biri “Şehit
geçer gany bilen,sahy geçer nany bilen” diýipdirler,kapyra
boýun bolanymdan şehit öläýjek” diýýärdi,ene biri: “O-how,bu
ýerden gidilmände-de serdar Stalin arkamyzda duraýjak ýalyla?Gurban Welkuly onuň ýörüte haty bilen zyndandan
boşapdyr-a!” diýýärdi.Garaz,belli netijä gelýäni ýokdy.Iň bärkisi
biziň maşgalamyzda hem bir çukura tüýkürlenokdy.Amanmyrat
kakam bilen Mämmetdurdy kakam gitmegiň tarapdary
bolsa,Ýagdy kakam galmakçy bolýardy,kakam bolsa sesini
çykarman otyrdy.Şeýlelikde turdy bir gowur. “Wah atam ýokda,mähelläň gowryny ýatyrardy” diýen pikir kelläme gelipgelmänkä, Garry hojanyň gök gübürdeýän ýaly sesi çykdy: “Oho-how,goňurbaşlar,ýuwaşrak-laýt!Bu ýerini halys gul bazaryna
dönderdiňiz.Ata barka ogul gepleýän däldir.Magtymguly
atamyz”Beg-töre,aksakal,ýurdyň eýesi”diýipdir-ä.Geliň, bir zat
22
edeliň!Her taýpanyň töresi,ol bolmasa-da aksakgal- kethudasy
pikirini aýtsyn,galanlaram onuň bilen ylalaşsyn, “Gurt gören itiň
agzy ala bolsa-da, gyssaga düşende biriger” diýen gep bar.Aldajy
gurt
ýetip
gelýärkä,bir
çukura
tüýküreliň!Hany,Baýram,ýomutlaryň adyndan aýt!
-Bolýar- diýip,Baýram bukowly öňe çykdy.Men, bagana
telpekli,bili,
eginleri
bilen
hatar
okly,garanilli,egri
gylyjy,hanjary,agaç gaply hagany gaýyş kemerine ildirilgi,gyrtyç
murtly,gözlari ýanyp duran adamynyň gözlerine, kiçeňräjik
ýapyň
güzaý
tarapynda,geçemjek,geçigulak,goňurbaş,gulanguýruk,kertikli
ýaly ýaz otlarynyň arasynda oturan ýerimden syn
edýärdim.Ol,Hywa argyşa gidende “dini kitaplary wagyz edýär ”
diýip,kakasyny tussag etmäge gelipdirler, Baýramyň orta
boýly,ak ýüzli,dolmaçdan gujurly aýaly,gyzy Maral ikisi olara
gaýtawul beripdirler.Esgerler naçarlary tärime sarap, ahun
agany alyp gidipdirler.Baýram muny eşidip: “Eý Allam, päk
ruhumdan ant içýärin,atamy alyp gidenlere degişli temmi
bermesem telpek geýmedigim bolsun ”diýip ant içýär,gaharyna
orslar bilen azda-kände çaknyşýar.Şonda ýüzüne tyg
düşýär.Ýöne,batyryň ýüzüniň ýarasy-bezegi diýişleri ýaly, ýara
ony birjikde kemli görkezmeýärdi.
–Adamlar,siz meniň düşen günümi eşidensiňiz.Hawa,men
kakamyň öňünde bergili.Kakam-dinim,aýalym-namysym, dine
we namysa howp abananda türkmen jebisleşmegi
başarýandyr.Bir zady biliň,dilinde: “Garybyň arkadagydyrys”
diýselerem,gelmişekleriň matlaby bizi ýaman ýola itelemek,ýok
etmekdir,namysjaň halkyň degnasyna degmekdir,dilini,dinini
ýok etmekdir,emma namys bilen din aýrylmaz, bitewi bir
göwredir.Ony goramak üçin şirin janymyzy gaýgyrmaly
däldiris.Dogry,duşman güýçli,bize örän uly hasratlar,kynçylyklar
garaşýar.Her näçe kynam bolsa,başa düşjek külpetler näçe
agyram bolsa,biz hasratymyzy,gözden akjak ýaşymyzy ganyma
görkezmeli däldiris.Hawa, häzirki ýaly agzala bolunsa,duşman
23
begenýändir,goý,ol özdiýenli türkmeni,yslama uýýanlary dyza
çökerip “Aýagymyň astynda depeledim” diýip heşelle
kakmasyn,hawa.Kadyr
Allany
ýatlap,birek-birege
daýanyp,ganyma garşy durmaly.Namart serinden geçsin,mertler
ýaraga ýapyşsyn!Biliň,ölsek,gabrymyzy depelärler,diri ele
düşsek,namysa duz seperler,hawa...
-Baýram,alňasama,gyssanma,men duşmanyň çanagynyçeмçesini gana bularyn,ar alyş pursady golaýlaşýar- diýip,Meret
tentek oturan ýerinden zöwwe galdy.
Meret tentek tekelerini Akgoňur taýpasynyň “Tentekler”
tiresinden bolup,Gökdepäniň “Gyrgylyagyz” diýen ýerinde
dogulýar,toýlarda göreşip,garşydaşyny ýeňip gelensoň pälwan
diýen ada, şan-şöhrada we az-owlak mala eýe bolýar.Ony
baýlaryň hataryna goşanlarynda 10-15 ýigide baş bolup ata
atlanýar,oba talap ýörmese-de, galtaman adyny alýar.Aslynda,
Merediň ata-babalary
Gökdepe urşundan aman galyp,Garaguma siňipdiler
hem-de mal bähbidini arap, toplumy bozman, sonar ýerlerde
guýular
gazyp,
olara
özleriçe
“Baýrajy,Daşajy,Garajy,Bulanyk,Gelditaý” ýaly atlary dakyp, şol
ýeriň ýapylarynda gyşlapdyrlar.Ýylyň dowamynda göçüp-gonup
gara öýlerde syrgyn bolup ýaşapdyrlar. Mal- garalary
artyp,halal zähmetleri bilen hakyky baýlyga ýetipdirler we baý
lakama eýe bolupdyrlar.
-Hawa,ar alyş pursaty golaýlaşýar- diýip,Baýram jogap
berdi.
-Ýomut garyndaşlar kyn güne düşende,tekeler çetde
durup bilmez – diýip, Annaguly han ara goşuldy-.Men muny
däninim,tekeleriň adyndan açyk aýdyp bilerin.Ýöne,ýene bir
gezek
gaýtalaýaryn,biz
däninim,syýasata
goşulmaly
däldiris,çykyp
gepleýänler
däninim,şu
meselede
ägä
bolmalydyrlar.Hany,indi däninim,beýlekileri diňläliň,olar nä
pikirde!
24
Ebeçaýryň üstünde egele bolup oturan körsagyrlaryň
ulusy-kiçisi ýaşy kyrkyň gädiginden ätlän kakama seretdiler.Bu
“sen geple” diýildigidi.Emma ol sesini çykarmady.Ýap-ýaňy
ýanardag
ýaly
daşyp,sesine
bat
berenlerem
ýer
dyrmadylar.Kimdir biri: “Gurban jöwlan, aýdaý” diýdi.Şondan
soň kakam özüniň geplemelidigine düşünip ýerinden
gowsundy,soňam: -Biz öz günümiz- güzeranymyz bilen ýykmyýykylma oňuşyk edip geldik,hiç kime azar bermedik, ogurlyksütemi bilmedik,asuda ýaşap ýörkäk sen-men ýok depämizden
uruberseler nähili bolar?Öz ýurdunda dogup-döräp, ata-baba
dessurymyzy,edim-gylyklarymyzy,dilimizi,dinimizi
berjaý
edip,erkana ýaşamak isleýänligimiz üçin,türkmene ýat bolan
ähli zat ortalyk diýen düzgüni kabul etmeýänligimiz üçin, bizi
duşman saýsalar nähili bolar?Şu meselede maslahatlaşyp gelen
netijämiz barada aýdarys- diýdi.
-Men alilileriň adyndan Annaguly hana goşulýandylymy
höwes bilen aýtmakçy bolýaryn, hä- diýip,gözi et iýýän guşuňky
ýaly, ýanyp duran keltejik adam şaňňyja sesine bat berdi.
-Bäpbe ças,sen Ýeňiş ýegen bilen oňuşman
aýrylyşypsyň-da, indem biziň adymyzdan gepläp otyrsyň-la!Biz
najadymyzy göreris,gowusy goşulma- diýip,peşeneli aksakgal
adam oňa jogap berdi.
-Han,biz
seň
bilen-diýip,daýanyklydan-daýaw,uzyn
boýly,peşeneli ýigit,ärsarylaryň kethudasy Agamyrat Soltan
matlabyny mälim etdi.
-Halaýyk,başga aýtjak-goýjak zadyňyz bolmasa,ertir däl,
birigün,däniinm,säher
bilen
ugraýandyrys,soň,däninim,eşitmedim diýmäň!Gidilýän ýoluň
howpludygyny bilýänsiňiz.Dogrusy,beýle uly mähelläniň biz
bilen howply ýola düşjekdigini bilmändiris...Biziň gitjek
bolşumyz örän gödek oýna çalym edýär.Şu ýere ýygnananlaryň
hemmesi dоwlet garşysyna çykan,ýa baý däl,birnäçesi dowdowa,howsala
düşüp
gelen.Şoňa
göräde,adamlar,pikirleniň,oýlanyň,başarsaňyz biz bilen gitmäň!Siziň
25
köpüňiziň gyrgyna berilmek howpuňyz bar.Alkymda, Mary iline
goşulsaňyz
gelme
diýmezler,ýa-da
Ahala,Tejene
siňiň!Galanynam näme, ýaşulylar,maslahatlaşyň,ýedi ölçäp bir
kesiň! Bu ýerlerde şu çaka çenli Şaltaý baryryň,Akmyrat
hanyň,Ahmetdir,Kakabaý hanyň toparlary türkmeniň milli
mertebesini,ata-baba erkinligini goramak üçin baş göterip,
gyzyllaryň garşysyna çykdylar.Geçen ýylyň tomus-güýz
aýlarynda Myradaly han,Lulluk baý,Kaka baý,Orazgeldi han we
Ýüzbaý ýaly serkerdeler şeýle söweşlerde şehit boldular.Bize
hem şolardan galan topar diýip hasap edýärler,diýmek, garşylyk
gazaply bolar-diýip,Annaguly han nurana ýüzüne gelşik berýän
telpegini
geýdi.Bu
maslahadyň
tamamlananlygyny
aňladýardy.
Garasyny göreniňden türkmenligi bildirip duran,
ak,gara silkme telpekler, merdi-merdanalygyň,özüňe erk
edip
bilýänligiň,agzyndan
çykan
sözüniň
eýesi
bolýanlygyň,gerçekligiň,erklierkanalygyň,gaýratyň,gujuryň,yrsgal-döwletiň-çyn
türkmenligiň
alamaty
hökmünde
görülýärdi.Oňa
buýsanylýardy,onsoňam telpek türkmeni
syratly,edenli
görkezýärdi.Bosgunlaryň ählisinde ak,gara silkme telpek
bolanlygy üçin,gyzyl goşunyň esgerleri gorkularyndan olara
golaýlaşyp hem bilmeýärdirler.Telpek howply bir ýarag
hökmünde
görülýärdi.Ähli türkmene söýgi we hormat
duýgulary
bilen
beslenen,mätäji
hemmeden
gowy
görýän,başarsa zeruryny bitirjek bolup jan edýän syratly
serdarlar Annaguly hana,Agdar hana welin, gara silkmeler
hasam gelşik berýärdi.Haýbatly görkezýärdi... Adamlar
dargadylar.
Men
öýe
gelip,bolan
gürrüňi
ejeme
aýdyp
berdim.Ol:”Waý,Hudaý jan-eý,bu näme boldugy-leý!”diýip,
howsala düşdi, ”Rahat oturma ýok” diýip aglady,meňem
howsalam ýetikdi, agladym.Aglamaz ýaly däldi.Çarwa obasynda
gaýda-gaýmalaşyk,başagaýlyk köpeldi,ähli öýlerde diýen ýaly
26
mal soýlup,gazanlar ataryldy,gowrulýan etler golçalara
gaplanyldy,haltadaky bugdaýlar gowurga üçin gazanlara
atyldy.Men düýämi suwa ýakaýyn diýip guýa barsam, daýawdaýw erkekler bir-biri bilen tutluşýarlar.Şammy suw çekip,nowa
ýaňy bir meşik guýdy welin, düýeleriň bary çozdy,zordan gaçyp
sypdyk.Birneme saýhallanylmasa,beýle ýagdaýda guýa barmak
howpludy.Biz çete çekilip ýaýdanyp otyrkak”Kakamy alyp
geljek!”diýip,Şammy kel ýerinden turdy.
Şol wagt günorta gözýetimde bir gara guşuň uçup
gelýänine gözüm düşüp:- “Şammy,guşa seret!”diýdim.Şammy kel
çermegini çekip:”O guş däl-ow,ol uçar!” diýdi.Onýança tarryldy
ýapynyň ýüzüni ýaňlandyryp gitdi.Guýynyň at gaýtarym
daşyndan bir öwrüm edip,düýeleriň,mal-garalaryň üýşen ýerini
peýläp pessaýlady-da,ok ýagdyryp başlady.Biz gaçyp,garry
sazagy galkan edindik.Uçar her öwrüm edip geçip
gidende,birnäçe düýe ýykylýardy.Az salymda şeýle bir düýe
gyryldy,hiç aýdyp-diýer ýaly bolmady.Eýsem,kim-de bolsa biri
gyzyl matany kiçeňräjik depäniň üstüne dikmedik
bolanda,zaýaçylyk mundanam köp boljak ekeni.Uçardaky gara
gaýyş penjekli,gaýyş gulakjyпly adam dikilen gyzyl matany
görüp,bizi özleriniňki saýdymy-nämemi, sumat bolaýdy.Asyl,
soň bildik welin,atamyň pähim-paýhasy bolmadyk bolanda
zaýaçylyk mundanam köp boljak ekeni.Onuň tabşyrygy boýunça
kak, ejemiň başyndaky gyzyl gyňajy sypyryp,syryga daňypdyrda,depä dikipdir.Gyňaçsyzam bolsa, perzendine howp abananda
adam aljyrar ekeni.Bir tarapdan başy açyk ejem gujagyny gerip
“Balam” diýip
ýetip gelýär,beýleki tarapdan Şammynyň
ejesi.Soň
görsek,sadaka
berjek
torumymyz
içegesini
ýaýradyp,aýagyny kakýar.Halallap hem ýetişmedik.
Bu
waka
adamlaryň
ýüregini
gahar-gazapdan
doldurdy.Entek, gaýa-gopuz ýok ýerinde,göç ugramanka,hiç hili
duşmançylykly herekediň ýok ýerinde,göçüp gitmek,gitmezlik
barada belli karara gelinmedik wagty, parahat oturan
çarwalaryň üstüne ok ýagdyrmaklyk- görülüp eşidilmedik
27
wagşylykdy.Munda,biziň içimizden kimdir biriniň eli bar ýalydy.Bu hereketiň, kakam ýaly göwni bölekleriň göçe
goşulmagyna alyp gelen bolmagy mümkündi.Başgalar-a bilemok
welin,kakamyňka şeýle bolandyr.Ýogsam ol, atam bilen
maslahatlaşyp gitmezligi,gidiläýende-de, Bathyzyň “Ellibir”
diýen ýerinde, mal üstünde bolýan atamyň inisi Allakuly hanyň
ýanyna göçüp barmagy ýüregine düwüpdi.Atam-a, ol ýere
öňdenem göçjek bolup ýördi, erte-erte bilen şu güne
ýetipdi.Indem, pikiriň üýtgäp,aýgytly netijä gelinmegine,ýokarky
wakadan başga-da,ejem hem sebäp bolan bolmalydy.
-Kakasy,muny saňa akyl öwretjek bolup ýa-da başga niýet
üçin aýdamok.Men ýerli dikmäniň sözüne ynanamok.Sözüne
ynanar ýaly başga-da bir atly –abraýly adam göremok..Bu günki
gün düýnki gedaýlar,ýeňi ýoluklar, taýagyny gözüňe dürtüp
dursalar nätjek!?Olaryň ne adamkärçiligi,ne edep-terbiýesi,ne
bilimi bar.Barmaklaryny basaýmasalar, gol çekip,okap
bilenoklar.Olar, Batyryň aýalyna elini gatjak bolany gaçyryp
goýberipdirler!Beýle masgaraçylyga gözüni ýumýanlardan
näm-ä garaşjak?Dikme,aýal-gyzlary jemläp okuw okatjak
diýibem ýörmüşin.Nädip okuw okatsyn,özi okap bilmese? Beýle
мasgaraçylyk görlen zatmydyr?Käşg-ä, gaýyn atam ýaly bilimi
ýetik bolsady,olam däl.Gowusy bizem il bilen bolaly,goňşygolam,dost-ýarlaryň hemmesi göçýär.Gallaçlar bolaýmasa galjak
ýok,olaram göçmäge gurby bolmansoň otyrlar.Bizem “Il bilen
gelen toýda baýram” edeli.
Ejem hojalyk işi bilen gümra bolup, kakamyň işine
goşulmazdy,hiç mahal hiç zat soramazdy ýa-da pylan zadym ýok
diýip iňirdemezdi.Kakam bir zat diýdigi dogry bolsun,nädogry
bolsun ylalaşardy.Ýöne,kakam gazamatdan çykyp gelenden soň,
birhili onuň dili uzalan ýaly bolaýypdyr.
-Keýwany,gepiňde maňyz bar.Gel,şu gezek diýeniňi
edeýin,Allakuly kakamyň ýanyna göçeliň- diýdi-de, kakam
atama gelen netijesini gürrüň berdi.
28
-Köşek,ýeri men nädeýin,nädip ýurdumy taşlaýyn?diýip, atam agyr üsgürdi.
-Kaka,barýan ýerimizde iniň ýaşaýar.Özüň aýtdyň-a bir
mahallar ýeriň bir bölegi türkmeniňki bolupdyr diýip,o ýerem
biziň mekanymyz.
-Aýdypdym,köşek,ýöne,gitsek
gowumy,galsak
gowumy,arasyny açyp bilemok.
Şony pikir edip ýatyp
bilmedim.Ýaşymyň soňunda aňsat däl ahyryn.
-Kaka,owsarlanmadyk düýeleriň gezip ýörüşleri
ýaly,bizem gumlular, ata-baba erkana,garaşsyz gezdik.Indi bolsa
bize owsar saljak bolýarlar.Oňa çydap bolmaz ahyryn! Bar,olam
hiç diýeli.Kalhoza girmeseň,türmä basjak bolup dursalar,girseň
ähli zadyň ortalyk boljak bolsa,onda nätjek,hatda aýalyň hem
ortalyk bolmalymyşyn,how!
-Kim aýt,bi aýylganç zady tapyp ýören?Heý,beýle-de bir
masgaraçylyk bolarmy?Ol bolup biljek zat däl!Namys orta
düşende türkmen serinden geçýändir.Özümizi garaşsyz alyp
barmagymyz ors-a ýakanok öýüdýän!
-Kaka,mekany taşlamak aňsad-a däl,ýöne şeýle diýip
dursalar nätjek?Olaň islegi halky bakna etmek,ezmek,dinden
el üzdürmek!
-Aý, bu zatlar,bir agzy boşuň tapýan zatlarydyr-la.
-Menem şony pikir etdim.Ýöne,biz öňümizi bilemzok
ahyryn.Kalhoz
gurjak
diýip
maldan
dyndardylar,belki,mundanam mojugyny taparlar?Düýelerimizi
okdan geçirdiler, gaýalygymyzy ýok etdiler.Jüneýit han muny
öňünden aňyp owgana gidipdir ahyr.
-Aý,näbileýin,oglum,barjak ýerimiz nätanyş ýer,nätanyş
däp-dessur.Üstüňden agalyk etjekler başga.Olar seniň
diliň,diniň,däp-dessuryň,durmuşyň bilen gyzyklanmaz.Biz gul
bolarys.Olaryň guly bolduň,bularyň guly bolduň,tapawudy
näme?
-Jüneýit hanyň başy dik bolsa,türkmen gul
bolmaz,kaka,şuny berk belle!Onsoňam, aga-iniler bilen
29
gepleşip,bir çukura tüýkürdik.Allakuly kakamyň ýanyna göçüp
gitmeli etdik.Indi senem hötjetlik edip oturma!
Atam sesini çykarmady.Kakam onuň bilen ylalaşdym
hasap etdi-de, ejeme: Täzegül,biliňi berk guşa-da,zatlary
jemleşdir,gowurma,gowurga taýýarla! diýdi-de, erkek,garaýelin
goýunlary soýmaga başlady.
Galan mal-garalary näderis?-diýip,ejem onuň yzyndan
gygyrdy.
Janyň gaýgyka mal ýadyňa düşýärmi?
Hudaý jan-eý,bu nä zulum boldy?Toba,toba,eşideniň
erbetlik,gyz.Bu duşman adamyň etini hem iýýärmiş
diýýärler.Özüm-ä hiç welin,Ene jana,Çoluk jana nebsim
agyrýar.Eýý,dünýe,dünýe,halal lukma iýmämiz bardy,bary poha
garyldy.Alla jan,özüň gowy bilýänsiň-dä,bulary-diýip,ejem
aglamjyrady.Menem ony gujaklap agladym. Depäňden basýan
howp, ýüregiň howsalasyny artdyryp,örküňi daraldyp barýan
ýalydy.Ýatanyň üstüne turan gelse, şeýle bolar ekeni...
----3---Şol günüň agşamy biz, juwana öküzçämizi soýup,agyz
açdyrdyk,hudaý ýoluna sadaka berdik.Ýygnananlaryň içinde
biri”Welkuly aga, Durdy dikme hudaý ýoluna” sadaka
bermekligi oňlamaýanlygyny” duýdurdy-diýdi.
-Ogul,sadaka bermek köne däp-dessurymyz.Keramatly
kitaplarda hem haýwanlary soýup,sadaka bermek aýdylan.Oňa
bolmaz diýmäge dikmäniň neneň dili barýarka?
-Ýaşuly,bilmedim,ýöne,ol”Özüňi bagtly etmek üçin
özgeleri bagtsyz etmek ynsaplylykdan däl.Haýwanyň hem
ýaşasy gelýändir.Hudaý, bendelerine etjek ýagşylygynyň
öwezine gurbanlyk talap edýän däldir”diýýär...
-Ogul,halal zähmedim bilen edinen malymy sadaka
berýän.Sen dikmäňe aýt,goý,ol ähli jandara,adamlara hem bir
rehim,bir mähribanlyk we mylakat etsin,şonda onuň işini Alla
oňarar.
30
Dikme wekili gideninden soň,öýde esli wagt dym-dyrslyk
höküm sürdi.Ýygnanan jemagat öňki adamlar däl ýalydy,ýüzleri
salykdy,rehim-şepagat ýokdy.Atam bilen mydama degişmäni
halaýan goňşymyz Garry hojada agzyna suw alan ýalydy.
-Adamlar,şeýle gürrüňleri siz indi, täze hökümet
dikmelerinden her gün eşidersiňiz-diýip,birnäçe wagtdan soň
Garry hoja dillendi-Maňa namaz okamaly däl,ogluňa sünnet
etdirmeli däl diýip duýdurdylar.Bu gün sadaka gadagan
diýýärler,erte ýene bir zat taparlar.Bulary arkaýyn diňlejekler
galarlar,diňlemejekler goşlaryny düwmeli bolar.
Şeýlelikde,adamlar dargap,her kim barja goşuny
ýygnamak
bilen
meşgul
boldy.Kakam
goşlary
tükelleşdirip,öň,kän bir ulanylyp ýörülmedik howutlary
jemleşdirip,uzak ýol üçin gerek boljak beýleki zatlary
ýygnaşdyryp iki ýana zowzullaýardy,arasynda “Wah,gowurma
azrak boljag-ow” diýýärdi.Atam oňa “Sen gysylma,köşek,
gyssanma,gowurma az bolar öýtseň,bugdaý köpdür.Bugdaý
adamyň imanydyr,bugdaýyň bolsa,oglan-uşagyň bilen janyň sag
bolsa,dünýäde şondan uly baýlyk ýokdyr.Işiňi gyssanman
ediber.Ine,maňa kyn.Garrasaň işden galyp, geçmeýän bagananyň
çöpe ildirilip goýluşy ýaly galyberýer ekeniň ýeke özüň”
diýýär.Biz
il
ýatyp,it
uklaýança
gowrulan
gowurmalary,saryýaglary
gorküýzelere
saldyk,gowurgaly
haltalaryň agzyny bogup goýduk.Ak öýümiziň tärim görnüşli
diwarlary beýleki öýlerden tapawutlylykda, göçe-göçlükde
derrew söküp,ýygnap bolýardy,düýä ýükläp,islän ýeriňe,hat-da
barmasy kyn ýerlerde-de, aňsatlyk bilen eltip bolýardy.Üstüniň
keçe örtügi ýagyn ýagyp durmasa aşagyňa düşek bolýardy.
- Men indi ol ýollara çydaman,çekize halta
döndüm.Gudraty güýçliň özi alyp gidäýmel-ä,şonda bu
azaplardan dynjag-a!- diýip,atam agyz açarda seslendi..
-Waý,atamyň diýýän zadyny.Seni hiс kime bermen,sen
bize gerek!Al,gowusy, bir goşawuç gowurga bereýin,iý!- diýip,
mem oňa gowurga uzatdym.
31
-Köşek,dişim barmy,seret!
-Ata,dişiň ýok,,diliň bar.Çeýnäp beräýeýin,bolmasa?!
-Wah,çeýnäp
bereýin
diýen
diliňden
aýlanaýyn,köşek,özüň
iý!Durmyşda
gaty
zat
çalt
zaýalanýar,ýumşak zat uzak saklanýar.Hany,sen sapagyňy ýat
tutduňmy?
-Hawa,ata,ilki”Rabbi
zidniý
ylmiý”aýaty,dileg
aýatyny,soňra
“Innä
fetehnä
leke
fethan”aýatyny
öwrendim,ýene öwretjekmi?-diýip,men çöküme düşüp soradm.
–Berekella,köşek,Perwerdigär
dilegimizi
eşitse,ylmyň
artar,onuň çylşyrymly ýollaryny aýdyň eder.Wah,seni halal iýip,
bilenini
öwredýän,dili
senaly
molla
berjekdim,bolmady.Sen,ýöne
ýaňky
bereketli
aýatlary
gaýtalagyn.Men
her
säherde”Eý,Hudaýym,agtygym
Berdimyratjana
maňa
beren
ylmyňy we
abraýyňy
bereweri!Onuň yslam kerwenine goşulyp,dogry ýol bilen
gitmegine ýardam edeweri!Iki dünýäsini abat,berýän ylmyňy
özüne
we
ähli
musulmanlara
peýdaly
edeweri!”diýip,dileýändirin...
Şol wagt salam berip, egni çäkmenli,aýagy mesili Garry
hoja geldi.
Orazaň kabul bolsun,Welkuly aga!- diýip,ol görkezilen
ýerde oturdy-da,akja sellesini çykaryp,maňlaýynyň derini syldy.
Seňkem kabul bolsun,Garry hojam!Agzyňy açansyň-a?
Agzymy
açdym,taňryýalkasyn!Näme
netijä
geldiler,soraýyn diýip geldim.
Gowy edipsiň!Gurban goşlaryny düwüb-ä ýör.Biz siz
bilen Ýeroýlandaky Ellibir diýen ýere çenli gitmekçi.Ýogsa-da
,Ýerbentden adam kän-mi?
Üç müňe golaý bardyr.
Malyňyzy ýygnap bildiňizmi?
Ýygnap bilmedik,Welkuly aga,döl döwri bi gabahatlyk
gabat geldi,üstesine-de,alabahar gurak,otuň ugry ýok.Bu zatlar
asmandaky guýrukly ýyldyzyň işimi-kä?
32
Göс-hä-göçlük,orsly
gürrüňlerem
şol
guýrukly
ýyldyzyňkymy,Garry hoja?!
Şeýledir,Welkuly aga,ugrunda bardyr.
Ýogsa-da,bi ors diýilýäniň iki dişi sömelip çykyp
durmyş,ol dogrumydyr?
Özüm-ä göremok,Welkuly aga,Ýöne Meret tentek
Çelekende görenmyş.Olaram biz ýaly adammyşyn.Gulagy
kesilmedik gürjüň kellesi ýaly, depesi çüri telpegi barmyş,doňuz
eti halaýan iýmitimiş!
Bä,şeý diýýä...Doňuz iýýä diýsene...Ol-a,
gowy
däl.Haram zady iýýän bolsa,gowy däl.Bu beladan Hudaý janyň
özi sowsun-da, hernä!Men bir sandan galan garry.Ine,şu oturana
nebsim agyrýar-diýip,atam meni görkezdi.-Syçan ýyly Damlada
doglupdy.Ýagyn köp düşüp,mallardan,adamlardan ölen-ýiteni
bardy.Daşy gurasa çopan ederis diýip,molla zada-da
bermedik.Damladan bu ýere göçüp geldigem welin,ine,ýurt
çaýkanyp başlady.Agtygymyň gören güni ýokdur,şoňa nebsim
agyrýar!- diýip,atam ýaglygy bilen gözüni süpürdi.
Ýagşy niýetde,ýagşy umutda bolaly,Welkuly aga!Ýagşy
söz agzyňdan çyksa,saňa nur bolup ýagarmyş,belki,Hudaýyň özi
ýalkaýady-da!Ýogsa-da,Annaguly
han
“Galjaklar
galsyn,galmajaklar,goşun bilen çaknyşmasyn!Nähili hem bolsa
goranyp, Owgana ýa-da Eýrana aşmaly!Ýurdy terk etmek
kyn,başga çykalga bolmasa nätjek?!Men size mümkin boldugyça
ýoluňyzy açaryn,emma arkaýynlaşmaň.Biz halk duşmanlary
adyna
eýe
bolduk.
Yzymyzdan,öňümizden
kowgy
barar,araçäkde garşylyga duşarys.Sag-aman barmagymyz
hökümediň
aladasy däl-de,halky bizden aýyrmak.Saklap
bilmese
ýok etmek,ine olaň islegi.Gidenimizde düýelitegeli,mal-garaly arkaýynlaşmalyň,özümizi ile görkezmäliň,
tanaýanlar bardyr” diýýär.
Halky gyrgyna berip ýörüşlerini göreňde, aňyrsynda
gaпojaklar oturandyr öýdýärsiň.
33
Gaýgysyz Atabaý hem öz mümkinçiligine görä hereket
edýär, Meskewden çekinýär.
Bilmedim-dä köşek,ýurda duşman-a bolduk!Ata watana
duşman,galtaman bolmak gahat zat, nätjek-dä?!Bir günki gamyň
oýan ýerini müň günüň şatlygy dolduryp bilmez, şon-a bilýän!
-Men-ä turjak,Welkuly aga!Annaguly hana “Gidýärler”
diýip aýdaýjak!
-Bolar,köşek, baýyrlaryň arasynda gaçyp gün görüb-ä
bolmaz,Ellibire özümizi ataly,belki, asudalyk bolaýady-da...
Bu gün Garajaoglanda iň soňky gijämizi geçirýärdik.Az
wagtlygam bolsa biz bu ýeriň adamlary,tebigaty,howasy bilen
öwrenişipdik,eger-eger gidesimiz gelenokdy,ýöne,bu zatlar uzun
gijesini aglap geçirýän ejem,doganym Ene üçümizden
çözülenokdy.Edilýän hereketlerden nägile bolsa-da ejem:
“Hudaý jan edeniňe şükür!” diýýärdi.Her zadam bolsa biz gije
rahat ýatyp bilýärdik,ok sesleri eşidilenokdy,duşman çozar
gorkusy ýokdy.Suw içesiň gelse içibermelidi,nan iýesiň gelse
iýibermelidi,aýagyňy uzadyp ýatyp bolýardy.Men şondan soň
kyrk ýyllap gije-gündiz rahatlyk garasyny görmejegimi
bilmändirin.Bilen
bolsam...Bilen
bolsaň
näderdiň
diýsene!Kysmata kaýyl bolmaly bolardym-da...
Atam,maňa bilim öwretmegiň deregine, öwsaýy ýaly
eýýäm uklapdy,kakam öwselesini tükelläp,ejem öý gamyşynyň
mülemmesini mäkäm daňyp ýördi,men bolsam ýat diýilmegime
garamazdan öleňde aýakýalaň durup,Ömrüzaýa ýyldyzyny
gözleýärdim.Bu gün ol öňküsinden has ir ýaşan ýalydy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 03
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.