Latin

Ýazgyt - 01

Total number of words is 3708
Total number of unique words is 2402
28.0 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Amanmuhammet NEPES.
ÝAZGYT
Resminama kyssasy
Ýowuz ýyllaryň pidasy
bolan babam Artyk ussa
bagyşlaýaryn.
2016 ý
Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW:
-Her bir obanyň öz hakyda
hem-de ýazuw taryhy
bolmalydyr, adamlar öz
meşhur obadaşlaryny, olaryň
zähmet we durmuş
edermenligini, eziz
obasynyň ösmegine goşan
goşandyny bilmelidir.
Olaryň atlary Hormat
kitabyna ýazylmalydyr.
ÝAZGYT.
2
Resminama kyssasy
Ýowuz ýyllaryň pidasy
bolan babam Artyk ussa
bagyşlaýaryn.
Söz başy.
-1Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda bolup geçen wakalar
Sowet hökuwmediniň nukdaý nazary bilen ölçenildi.Her adam
şol bir waka öz düşünjesine,akyl çatyşyna, syýasy talaplara görä
baha berdi,ýöne olar, hakykata laýykmy, seljeren bolmady."Suw
akar daş galar” diýilişi ýaly, taryh ähli zady ýerbe-ýer goýar
ekeni.Indi, öň beýik hasap edilen gymmatlyklar pes,pes hasap
edilen gymmatlyklar beýik,dogry hasap edilenler nädogry bolup
çykdy.Şol döwürde, ata –babalarymyzyň başdan geçiren
hasratly wakalary barada
dil ýaryp bolmady, bir zat
aýdaýsaňam “Hiç ýerde şu gürrüňleri edäýme!”diýerdiler.
Men geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda şol wakalaryň
janly şaýatlaryndan köp ýazgylary alyp rejeleşdirdim,kagyza
geçirdim.Adamlaryň,ýerleriň atlarynda käbir nätakyklyklaryň
bolmagy mümkin,ýöne, gep onda dälmikä diýýärin.
Şu ýazgylary okanlarda “Beýle uly gyrgynçylyk kime
gerek? Adamlaryň ezýet çekmeginden,gyrylmagyndan lezzet
almak üçin, bu ýazgylar ýazylanmy?Ynsan ykbalyna parhsyz
adamlar nädip döreýär?Mal-mülk hem Watany terezä salsaň,
haýsysy agramly geler?Özge ýurtda şa bolandan öz ýurdunda
geda bolmagy isleýän türkmen, baýlyk bähbidi bilen özge ýurda
aşarmy?Eserde akja guş edilip görkezilýän han-beglerimiziň
saman astyndan goýberýän “suwy bar bolaýmasyn?” diýen ýaly
soraglaryň döremegi mümkin.Men bularyň baryna jogap berip
biljek däl, goý, okyjy ony öz-özünden gözlesin.Men bolan,ýöne,
şu güne çenli gizlin saklanan wakalary bolşy ýaly beýan
etdim,hem-de, ony toslap tapmandygymyň subutnamasy
3
hökmünde, salgylanan resminamalarymdan bölekleri getirdim,
galyberse-de,şu wakanyň
gözlüje şaýady,Saragytly Çoluk
Durdy oglunyň ýatlamalaryny, şol etrabyň Oraz Salyr
obasynyň
ýaşaýjysy
Kakajan
Mollanyň
beren
gürrüňlerini,ýazan goşgularyny ulandym.Eden kömekleri
üçin,men olara tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.
Eseri ýazmak üçin maglumat toplanymda,1931-1937-nji
ýyllarda
türkmeniň
gaýmagy
hasap
edilen
alym
adamlaryň,1941-1945-nji ýyllarda,türkmeniň süýdi hasap
edilen,1948-nji ýylyň ýer yranmasynda bolsa, türkmeniň gazany
hasap edilen,ylymly-bilimli adamlaryň ýok bolanlygyna gözüm
ýetdi.Dogry,başgaça pikir edýänleriň barlygyny hem inkär
etmeýärin...
Indi, ýigrimi bäş ýyl bäri, “Ýeroýulan duzda”,1932-nji
ýylda kommunistler tarapyndan ýok edilen bosgunlaryň
hatyrasyna berilýän sadakanyň guramaçylyk işlerini alyp
barmak,merhum mirasgär Ümür Eseniň we şu kitabyň
awtorynyň paýyna düşdi.Her ýylyň aprel aýynda berilýän
sadaka ülkämiziň dürli ýerlerinden ýüzlerçe adamlar gatnaşýar.
Şehitleriň ýatan ýerleriniň ýagty, imanlarynyň hemra
bolmagyny Beýik Biribardan dileýäris.
Adam,Idris,Nuh,Hud,bile,Salyh,
Ibrahim, Lut ile, Ismail, Ishak,
Ýakup, Ýusup, Şuaý, Musa hem Harun,
Dawut, Süleýmanu, Elýasu, Eýýup,
Zülkifil, Ilýasu,Ýunus, Zekreýa,
Ýahýa, Isa, Muhammedu-Mustafa...
25 pygamber kelamulladan ,
Pena bolsun ruhlara, ýa Alla!
Şehitler ýanyna zybana geldim
Elhamdulilla, elhemdulilla, elhemdulilla!!!...Omyn!
4
Ganly menziller...
Daň bilen çölüň arassa howasyndan dem almak,gezim
etmek,aňňat-aňňat çägelikde çarwa obasyny synlamak gör
nähili hezillik.Ine, gözüňe söweýin alty,sekiz ganat ak
öýler!Olarda dindar,namysjaň,sadadan gaýratly adamlar
ýaşaýarlar.Olar ykbalyny haka tabşyryp,gündüziň surnukdyryjy
zähmedinden soň, asuda,rahat durmuşa ymtylýarlar.Daň
atmanka aýaga galmak hökmany zerurlyk.Käte goýun guzylaryň
mäleşýän sesleri,çopanyň “heýit”diýen çasly sesi çykýar.Bihuda
gezip ýören ýok.
Atam ýygy-ýygydan”hormatsyz beriljek bir ýylky ömre,
hormatly bir pursat ber maňa taňrym” diýerdi.Alaň
açyklyk,arkaýynçylykdy, islän iýmişiňi ýolup alybermeli
bagymyz bardy,ol erem bagyny ýadyňa salýardy.Atam”Hudaýa
şükür,köşek,obada ogurlyk bolany ýadyma düşenok,gybat
etmek ýaly günä işlerem ýele ýanyňdan geçenok.Adamlar birekbirege goldaw berip,”Agzybire taňry biýr, agzalany gaňrybiýr
“edip, sylaşykly ýaşaýarlar”diýýär.Şonuň üçin bolsa gerek,obada
garyba,gedaýa ýa-da bolmasa aç gezip ýörene duşmarsyň.Şeýle
bir bol-elinlik welin,bir zat aýtsam geň görmegiňiz,”geplesem
ýaňra-dymsam
–lal”diýmegiňiz
mümkin.Düýäniň
etini
iýemzok.Aw etini,koý etini,guş etini
saýlabermeli.Düýäniň
goýultmagy, goýnuň owzy,geçiniň sargany haýsy öýe barsaň
dolup durandyr.Çöl diýjeksiň,atamyň ýetişdiren ir-iýmişli gür
bagy ho-ol alyslardan seleňläp görünýär.Ol tomsuň jokrama
yssysynda guşlaryň mekanyna öwrülýär.
Adamlaryň
mal-garadan
eli
boşragy
Eýran,Owgan,Hywa
diýip
argyşa
giderler,söwda-satyg
ederler,haryt alyp gelerler.Getirilen harydyň puluny ber,berme
geregiňi alybermelidir, bir wagt berseň bolýandyr,bermeseňem
ýatladyp durmazlar.Ýöne,bermezlik asla mümkin däldir,sebäbi
saňa bolan ynam,hormat ähli zatdan ýokarydyr.
5
Obanyň iň sylanýan adamsy bolan atam ýazyň ýagynly
geljegini ýa gurak boljagyny,otuň bol boljagyny ýa-da
bolmajagyny,goç goýberip döl almagyň wagtyny öňünden
kesgitläp bilýärdi.Onuň hasaby boýunça şu ýylyň ýazy gurak
gelmeli,rahat durmuş höküm sürmelidi.Emma, göz boldumy dil
boldumy,biziň bu rahatlygymyza sogan dograldy duruberdi.
Garry hoja ony Guýrukly ýyldyzyň boýnuna atjak bolýar,atam
bolsa
“Rahatlygyň
birahatlygam
bolmaly,bolmasa
deňagramlylyk bozular” diýýär.Men ony başga zatdan
görýän.Öňräjik Garryçyrla hökümet dikmesi gelip: ”Mallary
kalhoza tabşyrmaly” diýip, aýagyny depip duran boldy.Kakam:
“Malym ygtyýarymda galmajak bolsa,kalhoza girjek däl,malymy
hem berjek däl” diýdi.”Bermeseň zorlap alarys” diýip,gözi däli
öküziňki ýaly,girdenäniň girre gahary geldi.”Süňküňi zulmatda
çüýrederin” diýip, какамa haýbat atdy,soňam ýerdölä gazamada dykdy...
Alty aýlap ýerdölede ýatan kakamyň durmuşa bolan
garaýşy üýtgedi.Jinnek ýaly günäsi bolmansoň, beýle
herekede garaşmandy.Haçanda bilindäki guşagy,pyçagy hat-da
uçgurnyda sogrup alansoňlar nämäň nämedigine düşünip galdy,
soň-a,enemiň boýnuna dakan dogasyny hem siltäp,mertebesini
basgyladylar.Öýde galan ýakynlarynyň ykbaly ony gozgalaňa
saldy,kim eklenç eder,kim mallara sereder,kim maşgala baş
bolar?Bu soraglara jogap gözläp, uzak gije ýatyp,gündüz
rahat oturyp bilmedi.Aňyňa sygmajak häsiýetleri
bilen
üstüňden gülýän kapyrlaryň hereketleri gumly,sada,halal
lukma iýýän adamynyň durmyş düşünjesini gazgalaňa
saldy.Bimahal çak turuzyp, samsyk soraglary berýän,günde
5-6 gezek hapa elleri bilen egin-eşikleriňi dörýän,otursaňturuzyp,tursaň-oturdyp,döleden çykaňda,yzyňdan iteläp ýa-da
syrtyňa depip azar berýän,düşnüksiz dilde gepleýän adamlara
adam diýer ýaly däl.Beýle sütem eder ýaly onuň günäsi
näme?Halal zähmet bilen üç oýnam mal edinip, erkin
ýaşaýanlygy
üçünmi-kä?Ol döwlede
eklenç
azaryny
6
ýetiremok,biriniň zadyny ogurlap iýjek,halanmaýan zady
etjek
bolanok.Atam”Bular
Allaň
işidir,kysmatyňda
bardyr,kaýyl bol”-diýýär.Ol oňa kaýyl, ýöne, günäsi bolman
günälileriň hatarynda oturmak ýakyp-gowrup barýar.
Öňler daň atandan azanyň sesi metjidiň münberinden
ýaňlanardy,indi oňa derek gargalaryň gagyldysy çykýar.Döläniň
üçeginden
sallanyşyp
duran
kerepleri
synlap
ýatyrkaň,azanyň sesi çykaýsa, gatan köňüller
birneme
ýumşajakdy,durmuşa,ýaşaýyşa bolan höwesiň artjakdy.Ýöne,
indi gargalar, bendelikde oturanlaryň çöken köňüllerine teselli
bermäge kömek edýän guşa öwrülüpdi.Sebäbi,onuň bilen
günüň dogup-ýaşyşyny,howanyň ýagdaýyny,ölýän mallaryň
sanyny bilmek bolýardy,näme üçin diýeniňde,gargalar köpelse
maslyklaryň
köpeldigi
hasap
edäýmelidi.Olar,ahlak
bozulmalaryň,wagşylygyň,zorluk-sütemiň netijesinde döreýän
pidalaryň boljagyny öňünden aňarmyş,ýygnanyşyp, heşelle
kakarmyş diýýärler.Şeýle-de
bolsa,
bendelikde
içiňi
hümledip,arzyňy kime aýtjagyňy bilmän ýatyrkaň, bir garga
gagyllaýsa höwür tapynan ýaly bolýarsyň.Bilbil saýrandyr
öýdüp,soňkuja çöregiňi beräýesiň geler.Onuň islän ýerine
uçup, gidip-gelip durmagy,daşa aýlanan çorçukly simden
päsgelçiliksiz geçmegi erkinligiň alamaty
hökmünde
görülýärdi.Göwnüň has çökgün wagty muny ýatlap”Allaň
edenine kaýyl bol, sen-ä, bendelikde ýatyrsyň, gargalar bolsa
islän ýerinde gezişip ýörler,diýmek,durmuş dowam edýär”
diýip,öz-özüňi köşeşdirersiň...
Bendelikde
keltejik
sim
tapsaňam
begener
ekeniň.Ujuny kertikläp, ýyrtylan köwşüňi ýamar ýaly biz
ýasasaň,ýyrtylan eşigiňi depjeseň boljak.Nobatdaky soraga
alyp gidenlerinde döläň köp sanly deşikleriniň birinde simiňi
gizlärsiň.Bir gün görsem,döläniň ýakynyndaky erik agajynyň
depesinde garga özüne şol simden öý ýasanýar.Mendäki ýaly
ýene birini tapyp, şahalaryň arasyna germäp,üstünem gyzgan
çöpi bilen örtüpdir.Gyzganyň ýandagyňkydan kelte,ýöne,
7
ýogyn tikenleri erik şahalaryna ilteşip, şeýle bir saklanýardy
welin, şemal güýçli turdugyça
gowşaman, gaýtam,
berkeýärdi.Gargalaryň öý ýasamaga ökdeligi çeniň-çakyň däl
ekeni.Ýasanan höwürtgesinde çagalary peýda bolandan
gargalar olara iým çokmany,yrsgalyňy ýerden gözlemäni
öwredýärdiler.Şonda “Gargalaňam,adamlaňam yrsgalyny Alla
berýär,ýöne adamyň ýaşaýşy gargaňkyça ýok” diýen netijä
geleniňi duýman galýarsyň.Şol sebäpli bolsa gerek, kyn
günüňde
Alladan,boýnuňdaky
dogadan
medet
dilärsiň.Dogasynyň alynmagy oňa erbet täsir etdi.Bir gezek
soraga çagyrlanda, ýarym-ýalta türkçe gepleýän ermeni
dilmaçdan”Dogany alyp bolmazmy-ka?”-diýip,ol sorady.
-Seň ýagdaýyňda türmä düşenler,günälerini boýnuna
alyp,baýlygyny,altyn
şaý-seplerini
tabşyrsalar,derrew
boşaýarlar.-diýip,ermeni jogap berdi.
-Boýnuma alar ýaly günäm bolmasa nädeýin?
-Bardyr,bilýän dälsiň.
-Günäm-ä ýok,ýöne,günäsizi günäli edesiňiz gelýän
bolsa onda bilmedim.
-Saňa düşündirjek bolup wagtymy ýitirenime gynanýandiýip,dilmaç gürrüň gutardy hasap etdi..
Şeýdip,kakam gazamatda ýatyberdi.Atamyň kömegi
bolmadyk bolanda ýene näçe ýatjagym belli däldi.
Atam,aýagyny süýräp,kakamy çykarmak üçin dikmäniň
ýanyna kän gatnady,“Zorluk bilen ediljek bolunýan iş oňuna
bolmaz,oglumy boşat” diýip ýalbardy.Emma kim onuň gürriňini
diňleýär?
Bir gün Garry hoja gelip: -Welkuly aga,ogluňy basym
boşatsalar gerek!- diýdi.
--Agzyňdan Hudaý eşitsin,Hojam!Näme bir hoş habar
gulagyňa degäýdimi?
--Serdarymyz Stalin, zorluk bilen kalhoz gurjak
bolýanlary ýazgarypdyr.Indi kolhoz diýip azar berene onuň
kagyzyny görkezäýmelimiş.Samat baýlar-a, eýýäm, mallaryny
8
hem yzyna alypdyrlar.It eşigine girdikmi,it bolup üýrmeli
bolarys.
--Hojam oglumy boşadarlarmy ýa zulmata ugradarlarmy?
--Boşadarlar.Men saňa serdaryň şol kagyzyny tapyp
getireýin.Al-da bar, zährimaryň ýanyna.Aýyň şöhlesi garybyň
öýünede düşer,enşalla!
Az salymdan Garry hoja eli kagyzly dolanyp geldi.Atam
ony Gurhaп ýaly üç gezek maňlaýyna degirdi-de,emaý bilen
ýaglygyna dolap, goltugyna gysdyrdy.Ejemiň dokan iki
palasyny,ildirgijini,gülýakasyny alyp dikmäniň ýanyna gitdi,
”Seniň üstünlikden başyň aýlanypdyr,muny serdarymyz Stalin
aýdýar” diýip,makalany görkezdi.Dikme zontuny ýuwdup,eltilen
zatlary alanyndan soň, kakamy boşatdy.Ýöne,bu ýerde kagyz
peýda etdimi ýa-da halydyr,şaý-sepler,ony bilmedim.Kakam-a,
“zat berjek bolsaňyz kagyzyň geregi ýok” diýýär.
Şeýlelikde,köp adamlaryň atlary,düýeleri zorluk bilen
ellerinden alyndy,saklar ýaly ýatagyň,berer ýaly otuň gerekligini
ýadyndan çykardylar.Netijede mallar aç-suwsyz öldürildi.”Päk
zähmedimiziň miwesi- mallar eýesiz, aç öldürild” diýip,adamlar
gaty gynandylar.Atamyň: ”Zorluk bilen edilen iş oňuna bolmaz”
diýeni dogry çykdy.Kakam:” Bular Stalindenem gorkanoklaraýt” diýse,atam:”Stalin bularyň haýsy birine ýetişsin?Bular öň
mala topulýan bolsalar,indi gözleri ahun-mollalarda ” diýdi.Her
halda bolsa serdaryň makalasyny galkan edinen halk-olara belki
şaý-sepler,halylar galkan bolandyr- birneme rahatlandy.Bizem,
Şammy ikimiz rahatlandyk.Üstüňe dyzap duranlaryň aýagy
kesilse oýnamaga,mal bakmaga-da wagt tapyljak ekeni.
Men doganyň soňky ykbalyny kakamdan soranymda olBoşadanlarynda “Dogaňy ýakdyk” diýen jagaby eşidip gaty
erbet boldum.Ýönekeý doga ýakylýan bolsa, diýmek, ondan
erbet gorkulýan bolmaly.Bolmanda-da, köre-körlük bilen
jemgiýet gurjak bolmagyň ýasama zatdygyny bilmeýän ýok
ahyryn-diýip,kakam
sözüne
dyngy
berdi-Obamyzda
Nurmämmet baý diýen baý bardy,Annaguly hanyň
9
kakasy.Türmeden gaýtjak bolup durkam,ony bir ýerden soraga
getirdiler.Ol meni görüp ilki aglady,soňam bir hili aýylganç ses
bilen güldi.Men dälirändir öýdüp:
-Nurmämmet aga,bu nätdigiňiz boldy?diýip,ondan
soradym.
-Men bir ýerinden gelme baý,täjir adam.Goý,meni
assynlar,atsynlar.Sen bolsa,ýaňy ýakynda-da kyrk ýamaly don
geýip ýören garybyň biri ahyryn.Iki oýnam mala ýaňy eýe
bolduň.Sen-de näme ýazyk bar?
-Aý,maňlaýda bardyr-da!
-Wah,kimleriň ogullary nirelerde kösenişip,azar baryny
görüp,günäsiz başlaryny aldyryp ýörler!Jüneýit,Eziz han şu
zatlaryň bolmazlygy üçin göreşdiler ahyryn!
-Belki,gowy günler gelsin-dä!-diýip, men göwünlik
berdim.
-Haý,näbileýin...Bir zady-ha bilýän.Şu öňe çykan,elini gana
boýan ýolbaşçysumaklaryň bary gyrgyna berler...Ýurtda
aýylganç bir tutluşyk bolar,öňe çykanlar pürdelener.Arman,ony
görüp biljek däl-dä!-diýip,baý başyny ýaýkady.
Men gaýtdym.Baýdan gördüm-bildim ýok,ýöne onuň
aýdanlarynyň amala aşjagyna ynanýan-diýip,kakam sözüni
soňlady...
Dogrudanam,soňky,1937-38-nji ýyllaryň tutha-tutlygy
onuň aýdanlaryny subut edmeýärmi näme!?...
Bir gün men çörek haltamy,suwumy alyp,goýunlary örä
çykardym.”Oglan oýna gider,çopan goýna gider” diýleni bize
degişli
däl,ýöne,
aýak
biteniň
malyň
yzyna
düşübermelidir.Menden bir ýaş kiçi Şammy kelem eýýäm
malyny sürüp gelýär.Goýunlary goýberip,sazagyň düýbünde
aşyk oýnaýas,göreşýäs,gyzlar gurjak oýnaýarlar,keşde çekýärler.
Men bu beýik depäniň üstünden oba syn etmegi gowy
görýärin.Han-ha, biziň düýe ahyrymyz,Baýram mollanyň goýun
ýatagy,aňyrda Garry hojanyň syrgyny görünýär,Şammy keliň
ejesi Hatyja daýzaň ýatakda alyp galan geçisiniň çekreýşi
10
eşidilýär.Gyşyna bu depe aňzakly sowukdan,tomsuna sähel
şemal üçin jomartlanyp,gumuny
gurralaýyn
guýýan
Garagumdan goraýar.
Obamyzda Baýram bykowly diýen, gözleri ýanyp
duran,edenli, daýaw adamyň Maral atly gyzy bar.Göze görnüp
ugran 17 ýaşlaryndaky bu gyz dört örüm saçyny keteni
köýneginiň üstünden goýberip,çöl maralyňky ýaly owadan
gözlerini balkyldadyp, biziň bilen goýun bakýar.Ýok, goýun
bakanok-da, çöle
çykyp, kimedir birine keşdeli
tahýa
tikýär.Ýogsam,bäş
sany kel toklusyny bize goşanda-da
bolman duranok ahyr.Kakam: ”Oglana ýumuş buýur,yzyndan
özüň ylga” diýse-de,Maral şojagaz goýnuny bakdyrjak bolup
meniň yzymdan ylgaýar.
Gün guşlyga galanda nanymyzy iýdik-de, töwür
etdik.Herimiz öz gowy görýän zadymyzy ýatlaşdyk.Men gawun
kakyny,Şammy gawun söküni ýatlady,Maral: “Şorja gurt
bolaýsa,hezil edip sorardym” diýdi.Ol sözüni soňlap
ýetişmänkä,dolangy bir zat patylap ýere düşdi.Açyp
görse,Maralyň dilän zady. ”Hudaý jan dilegimi eşitdi.Gudraty
güýçli dilegimi kabul etdi” diýip,ol herimize bir gurt paýlady.Şol
wagt ýakyn aralykdan gülki eşidildi.Biz eýýäm onuň Berdidigini
bilýärdik. Gyrmyzy donly,silkme telpekli,gara ädikli, ýigrimi
ýaşlaryndaky görmegeý oglan geldi-de,Maraldan--Gözüň
goçalypdyr welin, gorkduňmy?-diýip, sorady.
--Gytyjak murtuň bilen meni gorkuzyp bilmersiň!
--Gurdy dadyp gör,duzlujadyr-diýip,Berdi murtuny
sypalady.
--Hawa,edil diliň ýaly ekeni.
--Saňa ýaran bolsa bagtym getirdi.Ejem bir bukja
taýýarlady,bukjasy-sukjasy bilen getireýin?!
--Ýok,maňa biri bolýar.
--Maral, bu günem güýç synanyşarysmy?
--Näme synanyşman,garagyňa gül salarys.Hon-ha,demir
gyrym otlap ýör,gylyçdyr ýaýym eýerden asylgy,sagdagym
11
okdan doly.Ýör bäri gitseň-diýip,Maral ýeňillik bilen ýerinden
galdy.
--Menem gitjek-diýip,men sapanymy aldym.
--Bolýar, Berdi kakaň syrtyna mün-äý,goýunlara Şammy
jan sereder-dä –diýip,Maral Şammy keliň kellesini sypalady.
--Näme how,bir zat bolsa Şammy?
Men aşyklarymy Şammy kele berip,goýunlaryma
seretmäge razy etdim.
Obamyzdan ep-esli aralykda bir mahal dolup akan,indi
bolsa ýylan ýatagyna öwrülen jar bar.Şu jaryň boýunda bular
güýç synanyşýardylar.Berdiniň ýerliksiz öwünmesi muňa sebäp
boldy. Bir gün ol bökjekläp duran çal depel atyny görkezip:
“Munuň öňüne at geçenok” diýäýmezmi.
--Ýerbentde taý tapylmadymy?Eýle bolsa demir gyrymy
seňki bilen ýaryşa çykarjak
--Meniň bagtym geldi.Gel, çykarsaň,ýöne şertiňi aýtdiýip,Berdi gülümsiredi.
--Atyň galsa,ýaý,tüpeň atmakda ýeňilseň,üç aýlap
goýunlarymy bakarsyň.
--Eger ýeňäýsem?
--Onda şertiňi aýdaý!
--Şertim...Maňa durmuşa çykmaly,keşdeli
tahýany
kelläme geýdirmeli...
Maral
güldi-de:--Başgarak
zatdan
şert
edip
bileňokmy,oglan!- diýdi.
--Ýok,meň
diňe
şu
şertim
bar.Sebäbi...sebäbi...men...men...
--Eýle bolsa üstün çyk,soňunam görübereris- diýip,
Maral jogap berdi.
Şeýdip, bular ýaryşa çykdylar.Ilki Maral ýeňildi,soň
ýeňdi,bu günem aýgytlaýjy synanyşyk bolmalydy.
--Ýüňsakgal bolaýmabilsek ýagşydyr,hä, Çoluk batyr!diýip,atyny ýograladyp barýan Berdi menden sorady.
12
Men gyzdan ýeňlip-ýeňilmezligiň gaty bir parhyna
düşünip
barmasam-da,öz
ýanymdan
Maralyň
tarapyndadym.Soňky ýaryşlarda Maral ýeňdi.Ol ýaşlykda gurjak
däl-de,ýarag oýnap ulalan ýalydy.Berdi onuň çenemän nyşanany
urşuny görüp, ýeňlenini boýun aldy,belki-de, özi ýeňilmek
isländir,kim bilýär.”Goýnuňy alty aý bakmaga razy!” diýip,
ýylgyrýar.
--Masgaraçylykdan çekineňokmy,Berdi kaka?
--Ýok,saýlanyň atyňa atlanmankaň,eýýäm barjak ýerine
baryp dursa,keýigiň gözünden çüýläp dursa,göreşde her
erkekden pes oturmasa,masgara bolanym hiç.
Bu wakadan soň iki juwanyň arasynda söýgi ody
tutaşdy.Belki,
ol
öňüräk tutaşandyr,bilmedim.Men
söýüşýänlere
guwanyp,atamyň:“Ozal
başda
Haktagalla
adamzady söýgi bilen ýaradypdyr,söýgi adamyň ýagty jahan
bilen sazlaşykly ýaşamagynyň çeşmesidir” diýşini ýatladym...Bu
dermansyz dert adamyny üýtgeder ekeni.Maralyň ýüzi
nurlanypdy,gözleri has ýitileşipdi,keýpi göterilipdi.Öň sähel
zada tirläp,gara taňkany otsuz, lasyrdadyp gaýnadýan,ýüzüni
kürşerdip ýören Berdi indi mylaýym,hoşgylaw,galjaň ýigide
öwrüldi.Ol indi biziň beýik depämize,Göbekli depä günde iki
gezek atyny çapdyryp çykýar.
Bir günem aşyk oýnap otyrkak Şammy kel böwrüme
dürtüp: --Eý,Çoluk,basym ahyrzaman boljakmyşyn,eý- diýdi.
--O näme diýdigiň boldy?Takga-takwa bolaýdyň-my?
--Güýçli ýel turup,ähli zady ýykyp-ýumurjakmyşyn,kyrk
gün jala gelip,sil aljakmyş,soň äjit-mäjit döküljekmişin, daglar
pagta ýaly ýumşap,suw kimin akjakmyşyn,Günüň nury
öçüp,aý ik-ä bölünjekmişin...
--Şammy nätdiň-aý muny,agzyňdan haýyr aç!
--Muny Kynnak daýzam aýtdy, Magtymguly pir ýazypdyr
diýip şu goşgyny hem mysal getirdi.
Beýan ersem kyýamatyň waspyny,
Dag-u-daşlar tekiz bolar ýaranlar.
13
Ol başy bu başy müň ýyllyk dünýä,
Misli öý kibi dar bolar ýaranlar...
-Şeýle diýdimi?Öwülýäkessin diý?
-Öwülýäkessin...
Bu habar howsala düşürensoň,agşama nädip ýetenimi
bilmedim.Agzaçarda saçagyň başyna üýşdik.
Mydaryň nähilidir?- diýip,kakam atamdan sorady.
Owsarymyň ujy guýa daňylgy,haçan guýa iterseler
gidibermeli.
Kaka,entejik dikgirdiň bar ahyryn,giň bol!Al,bir käse çaý
owurtla,agzyňy açan bolsaň!
Çaý iç diýme,oglum!Garry adam deşik kündik ýaly bolar
ekeni,täreti saklap bolanok.
Ne
beýle
ýüzüň
salyk-la?
--Soňky günler gözüm çekýär,bir belaň alamaty bolaýmasa
ýagşydyr.
Ata, Kynnak daýza “Basym ahyrzaman boljak” diýýärdiýip,men howsalamy daşyma çykardym.
--Goýsana,how, bolgusyz gep tapyp oturyberýärsiňdiýip,kakam süýtli okarany öňüne çekip, al petimden aldy.—
Kaka,giň bol,göwnüňe zat getirme,iý,iç,baryňdan bazar eýle.Bäh,
süýdüň tagamy üýtgäpdir-le,how,Täzegül! Köpräk suw guýýan-a
dälsiň-dä?!-Kakam ýetim guzulary emdirip duran ejeme
gygyrdy-Beýtme how, muny,soň senem,Sary ýegeniňki ýaly
hasabatyňy berip bilmän oturma.-Kakam süýtli çanagy bir gyra
süýşürdi-de,öňüne düýe gatygy çekdi -Bar,oglum,öýüň çep
dulundaky
ganarlary
alyp
gel,
birnemejik
ýüň
sataýmasak,harjymyz gutaryp barýar. .
Ene ikimiz ganarlara ýüň dykyp başladyk.Ejem bolsa
ýaşmagyň aşagyndan pyşyrdap:”Azajyk suw garmasam,ýetim
guzulara ýetenok” diýýär.Men onuň sözüni atama terjime
etdim.Atam kellesini gaşady-da:
14
Arada Myrady soramaga bardym.Olam süýt satanyňky
ýaly, geçmişde gyşygrak gezen-dä.”Gitmeli welin, sen ýaly alaňaçyk gezen bolsam gorkjagam däl.Geçmişde bir pohiýjilik
etdim,şol horlaýar” diýýär.Adam pahyryň eden günäleri üçin
ýaşynyň soňunda hasabat soralýany dogry bolarly.Galplyk
etseň,jezasyz goýanoklar.Ol ýerde senden”Eýäň kim?Kimiň
neslinden,kimiň dininden” diýip,örän berk soralýar, dogry jogap
berip bilmeseň,geçmeýän baganany çöpe ildirip goýuşlary
ýaly,ýeke özüň sömelip galyberýärmişiň.
--Gözüň çekmesi aýryldymy, kaka?.
-Ýok.oglum-diýip,atam jogap berdi.
--Onda myhman geljekdir,garaşyber.Hany bir töwür edip
ber!
Töwüriň yz ýany,bize hakykatdanam Ýeňiş ýegen
geldi.Uzadylan düýe çalyny içip,ol:--Welkuly daýy,eşidensiňle,dünýä bulaşdy,seni bu ýerde oturtjak däller.Özüňe gerekli
zadyňy,malyňy al, aňsatjak Eýrana,isle Owgana geçireýin.Bu
ýerden çaltrak başyňy gutarmak gerek-diýdi.
-Bir geçi iki tekäni süsüşdirer edäýdiň-le,Ýeňiş ýegen!?diýip,atam dillendi,sakgalyny sypalap sözüni dowam etdi-On
ýyl mundan öň körsagyr iliniň kethudasy Geldimyrat baýy
hökümet adamlary tutup alyp gidipdiler hem-de uzak ýurda
sürgün edipdiler.Biz ýaly çöle gaçyp çykan birnäçe baýlar bolsa
basmaçylar atlandyrylyp ýok edilipdi.Onsoň özlerini oňarýan
adam at-ýarag edinip, ar-namys üçin çöle çykdy.Ýöne, süri
agsaksyz bolmaz diýlişi ýaly garakçylyga ýüz uranlaram
tapyldy.Netijede, hökümede
howp abanýar bahanasy bilen,
sowatsyz garyplara harby tälim öwredip, dogany doganyň
üstüne küşgürdiler,”Biz bu ýerde günäkär däl, özleri
oňuşanoklar” diýip, basybalyjylykly herekede başladylar.Has
dogrusy, hökümet baýlaryň iň soňky nokadyna çenli ýok etmel
diýen buýruk berdi. Her zat-da bolsa soňky iki-üç ýyl asyda
ýaşadyk.Ýeňiş ýegen,seniň häzirki aýdýanlaryňa ser salsaň, şol
öňki hereketler ýene-de gaýtalanýana çalymdaş- Atam sözüne
15
dyngy
berdi-de:-Ýeňiş ýegen,köşek,sen hossaryňy idäp
gelipsiň,taňryýalkasyn!Men öz ýygynymyň adamlary bilen näme
bolsam bile boljak,maňlaýymdakyny görjek!Hany,atdan düş,çaýpaý bereýin!- diýdi.
--Ýok, Welkuly daýy,şu wagt damaga elimiz
degenok,gitmeli.Ýöne,häýt,bu
ýerde
gowulyk
bolmaýmasa.Malyňy kalhoza tabşyrjaklar,ähli zat ortalyk
boljakmyş,bir deşikden nan iýmelimiş,hat-da, aýalyňam
ortalykmyşyn how!Meňki duýdurmak,Welkuly daýy,senden
başga ýakynym ýok, idäp geldim.Bizem nirä barmaly, baran
ýerimizde nähili ýaşamaly bilemzok,çagalary
howpda
galdyrasyňam
gelenok.Şura
hökümeti
gün-günden
güýçlenýär,Jüneýit han onuň öňünde durup bilmedi,biz
näme?!Ýeri bolýar,gözel göwnüň,soň aýtmadyň diýmeseň
bolýar- diýip,Ýeňiş ýegen kellesini ýaýkady-da,atyny debsiledi.
-Ýeňiş ýegen, kalhoz baradaky gorkyňy taşla,serdarymyz
ýazypdyr-a,onuň zorluk bilen bolmajagyny- diýip,ýerzeminden
çykaly bäri Stalini dilinden düşürmeýän kakam seslendi.Diňe bir
olam däl,biziň hojalygymyzda serdary ýamanlap biljek ýokdy,ol
iň ýakyn hossarymyzdy,kyn güne düşeni goldaýan duýgur
adamdy.Men onuň suratyny hökümet dikmesiniň jaýynda
görüpdim.Olam edil Ýeňiş ýegen ýaly murtly,owadan adam
ekeni.Soň Şammy ikimiz ýörüte-de ony görüp gaýtdyk.
Biz
kolhozyň
zorluk
bilen
gurulmajagyny
bilýärdik,ýöne,göwnüme bolmasa Ýeňiş ýegen häzir uly bir
howpuň öňünden gaçyp barýana meňzeýärdi.
-Görüň-dä, men-ä
Halnazar baý bilen maslahaty
Ortokakda birikdirjek! –diýip,Ýeňiş ýegen gidip barýarka jogap
gaýtardy.-Kalhoz,bu gün bolmasa,ertir boljak,muny degerli
ýerden eşitdim.Ynha men, amanat ata münüp, amanat don
geýdim.Amanat don geýseň
synyň silkeräk,amanat at
münseň syrtyň galkarak bolar ekeni.
Kakam onuň yzyndan esli salym garady-da:--Biz-ä
düşünýän däldiris,biri “kalhoza girmek meýletin” diýýar,biri
16
“girmeseň Zulmata sürgün ederis” diýýar,biri “Gurkan okaýaň”
diýip ahun mollalary tutup ýör, he-eý,Taňry,dynç oturmak
maňlaýa ýazylmandyr öýdýän- diýdi.
-Kaka, biz Ýeňiş ýegen bilen ugramalydyk,bary bir bu
ýerden gitmeli bolsak- diýip,men aglamjyradym.
-Bu gep nireden çykdy- kakam gaharly sorady.
-Şammy “ barymyz göçýäs” diýýär.
-Häý,ýagşam bir gep tapypdyr,şo kel dostuň,oňa gulak
gabartmazlar.Aýyr sümügiňi,sen indi sekiziňe gitdiň,aýyp bor
ahyryn.Naharyňam iýmän goýupsyň,bir gün garnyň aç bolsa
kyrk günläp akyl soralýan däldir.Ganary dykyp bolda nanyňy
iý!
Men öňki endigim boýunça burnumy ýeňime
süpürdim,şol wagt ejem: “Berdimyrat jan,bäri gel,guzujyklary
emdirmäge kömekleş!”- diýip gygyrdy.Men aýagym ýer tutaly
bäri goýnuň yzynda gezýärdim,has dogrusy,ejemiň çolugy
bolýardym,kakam: “Täzegül özüne çoluk-çopan ýetişdirýär”
diýip,ýaňsa alardy,atam bolsa”Oňa ýetesi näme bar,Hezreti
Pygamberimiz,Musa,Dawut
pygamberler
çopançylyk
edipdirler,öz malyňy bakmaň aýby ýokdur.Hadyslaryň
birinde”Alla hiç bir pygamberi ol çopançylyk eden
bolaýmasyn”diýip
iberen
däldir”diýilýär.Sährada,tebigaty
synlap,pasyllaryň üýütgeýşini gözüň bilen görüp,tämiz howadan
dem almak göwnüňi göterýär.Kä günüň,käte aňzaklygyň
aşagynda
taplanyp,ýaşaýyş
üçin
tebigat
bilen
göreşýän,möwsümleriň üýütgedigiçe ajaýyp görnüşlere,kä
ýyldyrym çakyp ýagyş ýagýan,käte parlak ýyldyzly açyk asmana
seredip ýaşaýan adamyň ruhy päklenýär,duýgy-düşünjesi
giňelýär,hileden we ikiýüzlilikden daşda bolýar.Arassa duýgular
bolsa adamy kemçiliklerinden saplaýar.Ýnsan-ynsaplylygyny
bozmaýar,haýwanlaşmaýar.Ýalan-ýaşryk
we
hile
bilen,aldowçylyk we zyýan bilen bulam-bujar bolan durmuşdan
daşlaşyp,sap we tämiz sähralarda agaýana sürüňi bakmak ýaly
asylly işiň heý-de bir aýby bormy!?Alyn deri bilen,daban azaby
17
bilen zähmet çekip ýaşaýan, hiç bir hünäri erbet görmez.Şeýle
dälmi,Çolugum!?-diýip,kakam başymy sypaýar.Şammy kel hem
hakyky adymy tutman maňa“Çoluk” diýip ýüzlenýär.Heniz
adymy bilmeýänlerem, “Çoluk” diýip başladylar,şeýdip
Berdimyrat adymyň yzyna Çoluk ady hem ýelmeşdi
galaýdy.Çoluk diýenleri üçin kän bir gynanyp duramokdym,ýöne
“Çolly” diýseler welin halamazdym...
---2---Düýn
Şammy
ikimiz
oýna
gyzdyk,gumalak
sanadyk,güjügimize
zyňan
taýagymyzy
getirtdik,göreşdiik.Göreşde ýykyldy welin Şammy gaharlanyp:
“Sen Çolly,Çolly” diýdi.Men öýkeläp,garynjalaryň hinlerine giripçykyşlaryna,öz agramlaryndan has artyk ýüki alyp
gelişlerine,ýolunda goýýan emeli päsgelçiliklerimden geçmek
üçin her hili tilsimlere ýüz uruşlaryny synladym.Bu meniň iň
gowy görýän güýmenjämdi.Birnäçe wagtdan soň Şammy
sümügini çekip ýanyma geldi-de: “Indi saňa Çolly
diýmäýin,bagyşla!” diýdi.Şeýdip ýaraşdyk.Ol ýenede Garajaoglan
guýusyndan göçüljekligi baradaky gürrüňi gaýtalady.Men: “Biz
göçemzok” diýdim,ol: “Göçülýär” diýdi,jedel etdik.Men ýeňilsem
güjügimi bermelidim,ol ýeňilse owadan galamyny berip,adymy
Çolly diýip tutmaly däldi...
Biziň hojalygymyzda güni üçin hyzmatda gezýän Durdy
atly ýetim bardy.Ol ýuwaşdy,sadady,mylaýym, hoşgylawdy,meni
käte göterip mal bakýan ýerine alyp giderdi. Günlerde bir gün,
azyk almaga gelen Durdy, atamyň “Döwür bulaşyp barýa” diýen
sözüni
eşidip,
“Howwa
bulaşýar,bulaşaram,kim
oňa
günäkär?Garyplaryň ajy derleri bilen baýan baýlardan hasap
soralar” diýdi oturyberdi.
-Köşek düşünmedim-le,bu näme diýdigiň boldy?Sen
bizi göz öňüne tutýarmyň?
-Ýok,Welkuly aga,ýöne, şeýle baýlar bar-da.
18
-On ýyldan bäri oglum ýaly görüp,iýdirip-içirip
ýörün,öýli işikli etmäň aladasynda.. Sen bolsa... Bu nä boluş?
-Bolýan zady basym görersiňiz..Ýaşuly men-ä, çopan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 02
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.