Latin

Ýazgyt - 10

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2233
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
‘Doganjygym dirimiň?” diýýän sesi çala eşidilýär.Edil
gapdalymda
ýarylan
bombadan
soň
özümden
gidipdirin...Gözümiň öňünde, kellesi kelte börükli,börügi
egmeli,gapdaly heýkel-tumarly,orta boýly ejem
ezýaka
köýnegime tumar dakyp,iki aýagyny sallançak edip,meni
huwwalaýan keşbi peýda bolýar...
Allaý,allaý al hanym,
Bal goşulan talhanym,
Ýagy gelse ýaragym,
Uly gelse geregim
Toýdan süýji görenim,
Süýtden gaýmak süzenim,
Aýa –güne bakanym
Adyna Çoluk dakanym,
Huwwa,balam,huw,huw,huw...
Tüpeň sesi, tüw,tüw,tüw...
---13—
Indi,ýokarda ke ýerde ady agzalýan,yzda hem
agzaljak,bosgunlara kömek etjek bolýan Nepes şuranyň nähili
adam bolanlygy baradaky gürrüňe geçeliň!...
Ol ýaňy 19 ýaşyna ýetende rus patyşasy bilen
germanlaryň arasynda uruş başlanypdy.Şol zerarly halkdan
pul,şaý-sep,at salgytlary,urşuň yzynda işlemek üçin päleçilige
adam ýygnalyp başlandy.Onuň göz-guwanjy,gyr aty hem
elinden alyndy.Emma,keseki adamlaryň eline düşmejek bolan at
iki ýana urundy,gözünden ajy ýaş döküp,çyny bilen aglady.Muny
görüp bozulan Nepes:”Atym bilen meni hem alyp
gidiň!”diýip,pälä gitmekçi bolýar,ejesi Aýna ejäniň ah urup
aglamagyna garamazdan ol öz diýenini tutýar.Barlyrak adamlar
ogullaryna derek başga bir adamy pula tutup ugratmakçy
bolup başagaýdylar,ol bolsa özi höwesek gidýärdi.Ol
,ejesiniň:”Betbagt,men,betbagt!”diýip,aglap ugratmagynda
146
Belorus topragyna gitdi,yzynda galan inisi Täşli bilen aýal
dogany Ejegyz hem çyny bilen agladylar,emma Nepesiň göwni
bir ýaly.Gaýtam,pälä gidýänine begenýär.Durmuşda käte
bolaýýan betbagtçylyk hem adamy bagta ýetirip biljek ekeni.Ol
ony öz durmuşyndan bilýär.Pälä alynmaklyk il içinde betbagtlyk
hasap edilse-de,ol gidip,iki ýyl geçeninden soň bagtly adam
bolup dolanyp geldi.Ol indi öňki bilýänje köne türkmen
ýazuwynyň üstüne,pus dilinde geplemäni,ýazmany,okamany
öwrenipdi.Gaýgysyz Atabaýa şeýle adamlar edil howa ýaly
gerekdi.Şol sebäpli hem ol ony obalary suw bilen üpjün etmek
baradaky edaranyň miraby edip eşe belledi.Soň Türkmenistan
respublikasy döredildi.
Ep-esli ýyl geçeninden soň ol betbagtlylykdan bagtly
bolan ýyllaryny ýatlap:”Meňki hem ýazgyt,bosgunlaryňky hem
ýazgyt.Ondan gaçjak gumanyň ýok.Ol Allanyň işi,edenine kaýyl
bolaýmaly.Nesibäm çekmän pälä gitmedik bolanymda
ýazgydym nähili bolardy?Belki, şonda bosgunlaryň häzirki
görýän görgülerini görmeli bolardy?Ony bir Alla
bilýar!”diýip,pikirinde aýlapdy...
Ol 1930-nji ýylda,häzrki “Geňeş”obasynyň “Molotow”
bölüminiň esasynda döredilen “Moskwa” kolhozynyň,bir ýyl soň
“Şura”,”Görelde
ýaryş”,”Daýhan”,”Komsomol”,”Stalin”,”Kaganowiç” adyndaky
kolhozlary birleşdirilip,”Akýap” şuralygynyň şuralygyna
bellenilýär.Ilkinjileriň hatarynda öz gyr atyny we eşegi bilen
arabasyny kolhoza geçirýär.Muny gören Sähet Ata,Akweli
Durdy,Saparberdi Şadurdy,Agajyk baý,Pirnepes baý ýaly
adamlar öz mallaryny meýletinlik bilen kolhoza
tabşyrýarlar.Diňe bir Saparberdiniň tabşyran goýunlarynyň
sany iki ýüzden geçýärdi.Daýhanlaryň
öküzlerini,düýelerini,ýabylaryny,arabalaryny kolhoza
tabşyrmaklary netijesinde,kolhozyň işçi mallary köpeldi we
obalarda ýer sürümini geçirmäge,pagta,bugdaý ekmäge
mümkinçilik döredi.Kolhoz hojalygyna arza bilen girenleriň 15147
niň garyp,6-nyň batrak,57-niň orta daýhan bolanlygyna
garamazdan 1932-nji ýylda däneden uly hasyl ýygnap,oba
hojalyk işgärleriniň Moskwada geçirilen birinji gurultaýyna
gatnaşmaga hukuk aldylar.Olaryň arasynda ilkinjileriň biri
bolup Nepes şura bilen hasyl şurasy Ataly Tan hem
bardy.Moskwadan gaýdyp gelen ildeşlerini uly dabara bilen
garşy alan oba adamlary,olara berilen sylaglary-gapyrjak
bagşyny-patefony diňlemek üçin bir ýere ýygnanýardylar.Olar
üçin bu uly bir täsinlikdi,çünki,beýle zat beýleki obalarda
ýokdy.Nepes şura aýdym diňlemäge gelýän adamlar bilen
düşündiriş işlerini geçirýärdi,kolhoz gurulşygynyň çylşyrymly
ýollaryny öwredýärdi,maslahat berýärdi.Özi ilkinjileriň
hatarynda gelejekki obanyň bolmaly ýerine göçüp gelensoň,
suwly ýaplaryň boýunda dagynak oturýan beýleki hojalyklary
hem bir ýere jemleýärdi.Bu bolsa olaryň suw we beýleki
üpjünçiligini aňsat çözmäge şert döredýärdi.Bir çetde,uly gür
baglyga bürenen Agajyk baýyň,Pirnepes baýyň mülk ýerlerini
taşlap,oba göçüp gelmekleri,beýleki adamlaryň hem oba göçüp
gelmeklerine itergi berdi.Şeýdip ol öz daşyna Garly
Gurbanýaz,Aga Atamergen,Rejep işan,Paýzy Seýitje,Aman
Gulak,Geldi Oratja,Döwlet Meleş,Amangeldi Gurt,Öwez
Berdi,Berdi hoja,Çommul Durdy ýaly çala,doly sowatly adamlary
ýygnamagy başardy.
Ol ekin meýdanlaryna hemişe pälä gidip gelen gyr atyna
atlanyp aýlanýardy,kemçilikleri ýüze çykaryp,duran ýerinde
düzedilmegini gazanýardy.Ýer agdarýanlaryň ýanyna barsa
atynyň gapdalyna daňylan pilini alyp,bir sagat ýer
agdarýardy,gazyçylaryň ýanyna barsa çokaýyny çykaryp,ýaba
girerdi,däne ormaly bolsa ýanynda göterýän oragy bilen iliň
öňünde-di.Daýhanlar özleri bilen meýdanda deň işleşýän,orak
ormak,gazy gazmak ýaly işlerden gaçmaýan,kim bilen nähili
gepleşmeli,kime gowşak kime gaty daramalydygyny bilýän oba
şurasyny sylaýardylar.Şeýle ýagdaý adamlaryň jogapkärçiligini
artdyrýardy.Ýöne,oba şurasyny hukugy hem gaty
148
güýçlidi.Ýüregi, yhlasy bilen işlemeýän kolhoz başlyklaryny ol
duran ýerinde boşadyp,başgasyny belläp bilýärdi.Şonuň bilen
birlikde obalarda hasapda durýan hojalyklaryň hal ýagdaýy,güngüzerany,maşgala sany,mal sany barada maglumatlary
ýygnaýardy.
Bir gezek ýygnak geçirlende,ozalky batrak,häzir onbaşy
Gurbanmyrat Hydyr ogly söz alyp:-Men,Tat Serdaryň özüni alyp
barşyndan razy däl.Ol özüni gödek alyp barýar,agzyna gelen sözi
ulanyp,iş talap etmekde adamyň edip biljek çäginden çykýar,özi
hojalyk işlerinden çetde durýar-diýip,kolhoz başlygynyň
üstünden düşdi.Ozalky batragyň tankydy belligi Nepes şura
ýarady.Ol oturanlara ýüzlenip:-Kimi onuň ýerine
hödürleýärsiňiz!?-diýdi.Oturanlar özleri bilen deň
işleşýän,daýhançylyga ökde Atda Sapary görkezdiler.Ol hem
başlyklyga saýlandy.
Önümçiligi alyp barmakda onuň üýtgeşik iş usuly
bardy.Işde öňde baryjylar üçin bellenilýän ýörüte sylaglar
kolhozyň ulumy ýygnaklarynda,hut şuranyň gatnaşmagynda
gowşurylýardy.Şol bir wagtda ýaltalaryň-da atlary okalyp,olara
kagyza dolangy “baýraklar”berilýärdi.Olar bolsa gara keçedir ýa
öküziň süňki.Ýaltalaryň eline berilýän “baýraklaryň” daşynyň
kagyzy şol ýerde sypyrylýardy we olaryň ýüzleri
gyzdyrylýardy.Şeýle ýagdaýda ýaltalar derrew düzelmek bilen
bolýardy.Daýhanlara berilýän haklar hem gaty
üýtgeşikdi.Aýdaly bir daýhan bir tonna pagta ýygypdyr.Şol
ýygan pagrasyndan eger ol kolhozdan halta alsa haltasynyň
ruly,pagtasyny tabşyrmak üçin araba alsa arabasynyň puly
tutulýardy,hiç zat alman öz güýji bilen pagtasyny tabşyrsa hiç
hili tutum tutulmaýardy.Ýaňky daýhan ýygan pagtasynyň
ýarysyny tabşyranda hem onuň bir ýylky iýjek-içjegine ýeterlik
pul gazanýardy.Onsoň käbirleri ýygan pagtasynyň ýarsyny ýere
gömüp,ätiýaçlyk üçin indiki ýyla goýýardylar.Oňa pagtaňy
tabşyr diýýän ýokdy.Aňyrsy iki-üç ýylyň içinde gowy gurplanan
daýhanlar,indi öz durmuşlaryny kolhozsyz göz öňüne getirip
149
hem bilmeýärdiler.Bularyň bary bir guramaçynyň,işe berlen
sowatly adamynyň guramaçylygynyň hetijesidi,şonuň bilen
birlikde bu üstünlikler Nepes şuranyň abraýyny arşa
göterýärdi.Ol murty palta kesmez diýilýänleriň hataryndady.Hut onuň ýokarky üstünlikleri-de,iki ýyldan soň MaryAşgabat-Moskwa at çapyşygyna şu Akýap obasyndan iki
adamynyň gatnaşdyrylmagyna sebäp boldy.Türkmenistan
boýunça oňa gatnaşan on iki adamynyň ikisi şuranyň
obasyndan.Dogry,olaryň biri,Annamuhammet Orazberdi
ogly,ýarowsyzlygy sebäpli Aşgabatdan yzyna gaýdanam bolsa,at
ýatagyň garawuly bolan Akmyrat Kadyr ogly özüniň dor atyna
atlanyp,Moskwa at çapyşygyna gatnaşdy.Oňa “Gyzyl ýyldyz”
ordeni ,ýaşaýan obasyna bolsa 1,5 tonnalyk ýük awtomaşyny
sylag berildi.Beýle üstünlik heniz görülip-eşdilen zat
däldi.Türkmenistanda beýle üstünlik gazanan başga oba
ýokdy.Dogry,beýle üstünlikler her keme başartmaýardy.Şol
sebäpli bolsa gerek,Gaýgysyz Atabaýyň aýagy Mara
düşdigi,hökman Nepes şuranyň ýanyna gelerdi,halyndan habar
alardy,degerli kömegini bererdi.
Abraýynyň artyp barmagy Nepes şuranyň eliniň uzadan
ýerine ýetmegine kömek edýärdi.Bir gün meýdana aýlanyp
ýörkä oňa:”Üçlük Gulhan işany ýygnady”diýen habary
ýetirdiler.Şol döwürler “Üçlük”diýen adatdan daşary topar
bolardy,olar islän adamsyny tutup,islän ýerine sürgün edip,ýada şol ýerde atyp ýok edip bilýärdiler.Ýöne olar birini ýygnajak
bolsalar hökmany suratda oba şurasyna maslahat
salmalydylar.Maslahatsyz edilen bu hereket onuň gaharyny
getirenem bolsa, ol, gaýra goýman, raýona gelip,üçlügiň
maslahaty gidip duran jaýyna kürsäp girdi.Şol wagt ýüzüni
sallap duran Gulhan agany aýplaýan höküm
okalýardy.”Baýlygyny gizläp,doga-tumar bilen halkyň aňyny
zäherleýän,geçmişiň zyýanly galyndysyny
mahabatlandyrýan,öýünde dini kitablary saklaýan Gulhan işanyatyp,ýok etmeli!”diýen karary eşiden badyna,Nepes üçlügiň
150
öňüne geçip, jaýyň içinde oturanlara ýüzüni öwürdi-de şeýle
diýdi:-Adamlar!Kim Gulhan aga baýlygyny gizlän diýýär?Onuň
gizlän baýlygyny kim görenmişin?Ol ähli baýlygyny kolhoza
tabşyrdy.Iki sany kel toklyny öýünde saklany üçin baý
bolýamyşmy?Ýa-da onuň doga-tumar berenini kim görüpdir?Hiç
kim.Öýünden dini kitaplar çykdy diýýärsiňiz.Olar dini kitaplar
däl,arap elipbiýinde ýazylan türkmen dessanlary.Olary özüm
okap gördüm.Elipbiýi bolmansoň, türkmen arap elipbiýini
ulanyp geldi,sizem arap ýazgyly bir kitap görseňiz aýyn
bolmasa dine degişli etjek bolup ýörsüňiz.Kitap çykdy
diýip,adamy aýplamak gülkünçdir.Ony
goýberiň!Garawul,tüpeňiňi somaldyp durma-da,aýryl
gapydan!Gulhan aga,bar git!Adam adyňy tutsa maňa aýdaý!
Gulhan aga aýdylany edip, çykyp gideninden soň,özüni birneme
rastlan üçlügiň Garly bolşewik diýen bir agzasy:-Nepes aga,biz
çykarylan hökümi ýatyryp bilmeris!”diýip,garşy çykdy,emma
şuranyň:”Siziň hökümiňizi men ýatyrýaryn!Ýokaryk şeýle diýip
aýdaýyň!”diýen jogabyndan soň ol hem kibtini gysyp
galdy.Ine,Nepes şura şeýle edenli adamdy.
Ine,Akýap obasynda işler ýola düşüp,uly üstünlikler
gazanylan hem bolsa,köp kolhozlarda emelsiz ýolbaşçylaryň
günäsi bilen hasyl alynman,daýhanlar kyn güne düşüpdiler.Çöl
içindäki dagynak,çarwa obalarda ýagdaý hasam erbetdi.Ol
ýerlerde kolhoz gurmak diýen zat asla mümkin däldi.Maldarlar
malyň yzyna düşüp,ondan-oňa göçüp ýaşaýardylar.Olaryň
mallaryny alyp kolhoz gurjak bolmaklyk köre-körlükdi.Aslynda
kolhozyň nämedigini olara düşündirjek bolýanam
ýokdy,ýogsam,Nepes şura ýaly kolhozyň many-mazmunyny
olara dogry düşündirip bilen bolsalar,çarwalar eline ýarag alyp,
höküwmediň garşysyna çykmasa çykmazdylaram...Çarwalaryň
garşysyna edilýän ýowuz hereketler barada Nepes şura habar
berip,ondan delalat islänleriň sany köpdi.Ol bu barada
welaýatyň jogapkär işgärleriniň biri Bogdasarowyň ýanynda
maslahat edipdi.Ol bolsa:”Sen öz ýolbaşçylyk edýän obaňy
151
oňar,başga zatlara goşulma!”diýipdi.Şonda-da ol adalatyň
ýoýulmagyna gözüni ýumyp biljek däldi.Ikinji gezek onuň
ýanyna baranynda ol gaharlandy.
Sen duşmanlaryň,basmaçylaryň dili bilen
gürleýärsiň!Olar biziň ganymyzy az dökdülermi?Partiýanyň
görkezen ýolunda menem,senem kelläni orta goýmaly
bolarys.Eşidýärmiň?Kolhoz gurmakdaky guramaçylyk
ukubyň,höküwmediň öňündäki bitiren hyzmatlaryň üçin men
seniň bu haýyşyňy eşitmedik hasap edýärin,ýöne indi
gaýtalasaň hezil bermen!
Aý,Gökdepäniň Kelejar obasyndan gelen ýakyn
garyndaşyma kömek edäýjekdim-dä!
Men seniň ambaryňyzdaky ekinlik dänäni
obadaşlaryňyzdan goraýşyňy eşidip begendim.Olar näme,bu
däneleriň özleri üçin ekiljegini bilenoklarmy?
Aý,aç adam “Taňrysyny tanamaz”diýleni-dä!Ýogsam men
olara “Bu däne siziň ertiriňiz üçin ekilmeli”diýdimem...
Men seniň her bir oba adamsyny döşüňi gerip
goraýşyňdan habarly.Üçlük habardar etdi.Diýýänleriň dogry
bolsa goraber.Arkaňda duraryn...Ýeri bolýar-Bogdasarow
birneme ýumşady-Ýakyn garyndaşyňa kömek etmeli,ol
dogry,ýöne men saňa belet.Ähli zatda ýukaýüreklilik
edýärsiň!Biziň işimizde ol bolmaz!...Şu gezek men ýakyn
garyndaşyňa kömek bermegiňi unaýaryn...
Bu sözler bilen ganatlanan Nepes inisiniň ýanyna geldi.
Täşli,bir iş etjek
bolýan,bilmedim,oňlarmyň,oňlamazmyň?!-diýdi.
Agam,aýdyp otur!
Aýtsam,soňky günler dürli bahanalar bilen bigünä
adamlary tutup-basyp ugradylar.Men olara kömek edesim
gelýär.
Häý,Nepes,gowy işiň başyny başlapsyň.Ýöne,häzir
bol,biläýseler sylab-a goýmazlar.Sen höküwmet adamsy ahyryn!
152
Men oňa eýýäm baş goşdum.Asly Gökdepeli Begli aga iki
ogly bilen Tejenden gaçyp gelipdir.Men ony hasaba aldym.
Bäş wagt namaz okaýar diýip,günäsiz adamlary tutup
ýörler...
Iň ýamany bolşewikler ata-baba ýol-ýörelgämize,däpdessurymyza geçmişiň hapasy diýýärler.
Hasaba alan bolsaň bolupdyr.Ýöne obamyzyň
parahatlygy,asudalygy,iýmit-azygy ýetikligi üçin gyzyllardan
gaçyp bize goşuljaklaryň sanyny artdyraýmasa...
Artsa,hemmesini kabul ederis.Men olara ýagşylyk edip
bilsem armanym ýok...Gerek bolsa ýene Bagdasara ýüz
tutaryn,pulumy gysganmaryn!Puluň bolsa mollany metjitde
oýnasa bolýar..
Agam,haýyr iş edýärsiň,kabul bolsun!”Könelermiz”Bir ajy
doýurmak haçdyr ýaranlar”diýipdirler,haýyr iş ýüz ýyldan
soňam ýatlanylýandyr...Edýän ýagşylyklaryň haj-a gidip gelen
bilen deň bolar,enşalla!Gulham Seýit otursa-tursa seni dilinden
düşürenok.”Meni ölümden alyp galdy.Ýedi arkam edilen
ýagşylygy unutmaz!”diýýär..
Dogrudan hem şol wakalardan bäri tas bir asyra golaý
wagtyň geçenligine garamazdan Gulhan
aganyň,Begli,Hümmet,Mämmet aganyň kowumlary ýolda-yzda
Nepes şuranyň kowumlaryny görenlerinde:”Biz ataňyzyň eden
ýagşylygyny nädip gaýtarjagymyzy bilemzok,Taňry
ýalkasyn!Alla gorasyn!” diýip,dileg edýärdiler... Täşliniň nokarda
belleýşy ýaly,şuranyň asylly hereketlerini eşidip,haraý isläp
gelenleriň sany gün-günden köpelýärdi,hat-da Ata Mäneli ady
bilen tanalýan biri hem onuň asylly hereketlerini
goldaýanlygyny bildirip,gizlinlikde,telim ýola onuň ýanyna gelip
gidipdi...Esasy bellemeli zat,beýleki obalarda “üçlügiň” pidasy
bolanlaryň sany –sajagy ýokdy,emma Nepes şuranyň
obalarynda welin, beýle ýagdaý bolmandy.Sebäbi ol tutulmaly
diýlip ady bellenilen adamlary öňünden habardar edýärdi,pylan
günler öýde bolmaly däl diýip duýdurýardy.Şonda-da,näme
153
adamçylykda, her hili ýagdaýlar bolaýýardy.Hasam, çarwalaryň
düşen günlerini ol daş-gulakdan eşitmeli däldi.Öten agşam Begli
baýyň ogly Geldiniň sazandarlyk etmeginde,Nursähet bagşynyň
dilinden şu gaýgyly aýdymy eşidipdi.
Bomba partlap,çaň turup,gopdy beýik bir zenzele,
Maýa,köşek bozlaýyp,asmana çykdy welwele,
Mäleýip owlak-guzy,arşa çykandyr gulgula,
Toplara göwsün gerenler,bolsun Alla ýaryňyz!
Aýal-u-oglan –uşak,duşmana garşy durdylar,
Aglaşyp,jebri-sütem kapyr golundan gördüler,
Toplaýyp goýun kimin,epgek howada sürdüler,
Delm urup,suwsap ölenler,bolsun Alla ýaryňyz!
Garşylaşdy ol goçaklar,atlanyp,göwsün gerip,
Köp ýigitler şehit boldy,aldanyp,özi baryp,
Ol ýetimler aglaşarlar,ýalňyz Haka ýalbaryp,
Yňraşyp,ahlar çekenler,bolsun Alla ýaryňyz!
Balamyzdan aýrylyp,aglaşdyk,bolduk hapa,
Ilim diýip dalaşdym men,çeksemem jebri-jepa,
Watanymdan aýra düşdüm,görmedim zowky-sapa,
Eý,musulman türkmen ähli,bolsun Alla ýaryňyz!...
Ýokarda,sowatly,ýarym sowatly adamlaryň içinde ady
agzalyp geçilen Berdi hoja barada iki agyz .Ol hakykatdanam
gaty sowatlylaryň biridi.Yzarlananlygy sebäpli Tejenden gaçyp
gelen,hasaba ökde,dogruçyl,ynsaply,bäş wagt namazyny
sypdyrman okaýan adamdy.Ol Eziz hanyň mürzesi bolan ,ýazyjy
Berdi Kerbaba bilen bile okap, bilim alandy.Şol sebäpli onuň
ýanyna uly iliň sylaýan,hormatlaýan adamlary
gelerdiler.Gelenleriň içinde namaz okamaýany bar bolsa,onuň
bilen görüşenden soň,”täretim bozuldy” diýip,täzeden täret
154
alardy.Ony ýakary wezypelere hem çagyrýardylar,emma
onuň:”Ilden öňe-de gitme,yza-da galma,ortada bol”diýen
ýörelgesi bardy, wezipä gyzykmaýardy.”Ýolbaşçy bolsaň
adamlara gatyrak daran ýeriň bolar,adalatsyzlyga ýüz
urarsyň,ejizeganymlyk edersiň,ol bolsa meniň ýolum
däl”diýerdi,gowy görenligi üçin Ak patyşany dilinden
düşürmezdi,”bolşewikleriň düzgüni uzaga gitmez”diýip,ynamly
aýdardy.Iki ogluny,Hydyry,Ylýasy gowy görerdi.Hydyry Tejende
goýup gaýtmaly bolanlygy üçin gynanardy.Mugallymçylykdan
eli boş bagty mellegine,mal-garasyna seretmegi gowy
görerdi.”Zähmet çekmeseň bagta ýetip bilmersiň”diýmäni gowy
görerdi.
Ine,şeýle halal adam “üçlügiň” gözüne ildi.Has dogrusy
“Üçlüge”: “Tejenden hem tutulman gaçyp gelen”diýen habary
ýetiripdirler.Emma Nepes şuranyň razylygy bolmasa oňa el
gatyp bilmeýärdiler.Olarda, “günde pylança,bilimli,eli
hünerli,baý,beg adamyny tutmaly”diýen maksatnama bardy,ony
etjegem bolsaň ýa-ha şuranyň razylygyny almalydy,ýa-da ol
ýygnaga diýip,oňa-muňa gidende, bet işlerini amala
aşyrmalydy.Umumanam,şol düşnüksiz döwürde,ilkinji
nobatda,iň ylymly-bilimli,halky garaňkylykdan çykaryp biljek
adamlar,hünerliler,senetçyler,kümüşçi ussalar ýok edilýärdi.
Şeýle günlerde,şuranyň ýygnaga gidenliginden paýdalana
“üçlük”,Berdi hojany işläp oturan ýeriden alyp gidýärler we
atuwa höküm edýärler.Şol döwürler Mary-Aşgabat ýolunyň üçdört kilometrligindäki köne jaryň ugrunda,atuwa höküm
edilenleri atar ekenler.
Bäşatar ýaragly atly,eli daňylgy Berdi hojany şol ýere
alyp barýarka:
Ýaşuly,sen nireden?-diýip,soraýar,ýogsam oňa tussag
bilen gepleşmek gadagan hem edilipdir.
Men Akýaply,Nepes şuranyň obasyndan,adym
Berdi.Hojalardan.
Seni nirä alyp barýanymy bilýärmiň?
155
Ýok,oglum!Bilemok.
Seni atmaga alyp barýaryn...
Ogul,atmaly bolsaň atarsyň-da-diýip,Berdi hoja göwni bir
ýaly jogar berdi-Maňlaýyma şol ýazylan
bolsa,nädeýin.Kelemämi öwürmäge pursat berseň bolýa...
Ýaşuly,men Tejenden.Siziň obaňyzda ýaşaýan Çoluk
begliniň aýal doganynyň ogly,adym Mergen.Nepes şura Çoluk
daýymy ölümden alyp galdy,halkyny penalady,çörek berdi,uly
abraý gazandy.Onuň bol çöregi biziň Tejenli maşgalamyzy hem
açlykdan çykardy.Men beýle ýagşylygy öläýmesem ýadymdan
çykarman...
Hawa,Nepes ile köp ýagşylyk paýlan adamdyr.Obada
bolan bolsa men beýle güne düşmeli däldim.Onuň ýygnaga
gidenliginden peýdalanypdyrlar...
Hojam aga,gel,ikimiz bir zar edeli!-diýip,Mergen atynyň
başyny çekdi-Men seniň eliňi çözüp, goýbereýin!Git-de,ep-eslije
wagtlap hiç kimiň gözüne görünme!Soňuny görüp gelen
ýok.Men “Atdym”diýip,degişli ýere maglumat bererin.Bu
atylýanlaryň sanyny hasaba alyp,yzymy barlap durýan
ýok,senem atylanlaryň biri bolarsyň-da...
Oglum,sen bu haýrly işi näme üçin edýärsiň?Meni
boşadyp,özüň birden ýaman güne düşäýme!?-diýip,eli çözülip
durka Berdi aga sorady.
Nepes şuranyň obasyndan bolanyň üçin...Onsoňam,hojam
aga,senden bir täsin nur töwerege ýaýraýar,olam ýagşy
adamlygyňdan habar berýär.Beýle adama el ursam, gowy
ýaşamajagyma gözüm ýetýär...
Şeýlelikde,Berdi hoja,Nepes şuranyň obasyndan
bolanlygy üçin ölmän galdy.
Beýik Watançylyk urşunyň öň ýany,Moskwadan
ugradylan bir haty oňa gowşurdylar.Onda:”Merhum Berdi Täşli
ogluna bildirilen jenaýatda, hiç hili günäsiniň ýoklugy
üçin,Ýokary Kazyýet ony aklady”diýip ýazylandy.Şeýdip,diri
gezip ýören adam özüniň günäsiz atylandygy baradaky haty
156
eline aldy.Şonda Berdi hojanyň gözünde ilkinji gezek ýaş
göründi.Ol ömrüne aglan adam däldi.
Uruşdan has soň,bu waka barada gürrüň
gozgalanda,Berdi hojanyň agtygy,alym,tehniki ylymlaryň
doktory Allaberdy Ylýasow:
“Atam pahyr Nepes şuranyň eden ýagşylygyny dilinden
düşürmezdi.Ol hasam,elini çözüp, boşadyp goýberen şol Tejenli
oglany gözläp tapmagy,kakam Ylýasa berk tabşyrdy.Köp
gözleglerden soň kakam Mergeni Tejenden tapdy.Atamyň
tabşyrygy boýunça,iki halta un bilen bir toklyny
eltip,kakam,oglanyň sag-bolsunyny ýetirdi, razy,hoş edip
gaýtdy”-diýip, gürrüň berdi....
Käbir adam bu ýazgylary okap,erteki diýmegi hem
mümkün,emma Nepes şuranyň şol döwürlerde bitiren işleri
ertekä çalym hem edýärdi...Ondan ýene bir mysal getireli...
Akýap obasynyň “Daýhan” kolhozynda Artyk atly biri
ýaşaýardy.Ol pil kätmen,orak,pyçak,dutar,gyjak ýasaýardy,ezber
kümüşçi ussady,tikýän erkek,aýal köwüşlerini ,çokaýdyrçaryklaryny synlanlar,başlaryny ýaýkap,boş
gidmeýärdiler,künde,araba hem bejerýärdi.Bulardan başga-da
ol köne türkmen ýazuwyny suwara bilýärdi,arap-pars
dilinden,din ylmyndan öňüne geçjek adam ýokdy.Aýaly
ölensoň,ol iki gyzyny hor etmejek bolup janyny aýaman
işleýärdi. Agşamlaryna küt-küt kitaplary okaýardy,gyzlaryna
hem okamany,ýazmany öwredýärdi.Garaz,gyzlarynyň
sowatly,bilimli bolmagynyň,bol-elinlikde ýaşamagynyň aladasy
bilen başagaýdy.Çagalar bilim bermek-olaryň gözlerini
açmakdy,durmuşa düşünmekdi,her hili ýaramaz
endiklerden,azgynlyklardan daşlaşmakdy.Ol:”Çagalarym,goý,aç
bolsun,egin-eşigi kemli bolsun,ýöne geçmişimizdäki gowy
zatlary öwrensinler,ylymly-bilimli bolsunlar,diňe şonda
durmuşyň öwrümli ýollaryndan baş alyp çykarlar,ýüreklerinde
mähir artar,olam öz gezeginde din we beýleki gatlaklardaky
adamlaryň birek-birege gowy düşünip,agzybir ýaşamaklaryna
157
şert döreder,ejizeganym bolman,gurbunyň çatdygyndan mätäje
kömek eder.Her adam, öwrenýän ylmy bilen,ýene biri diniň üsti
bilen,ýene biri daşyny gabaýan ýagdaýy bilen durmuşa,dünýä
düşünýär,hersiniň öz ýol-ýörelgesi bar.Olaryň hemmesini bile
alyp barmak peýdalydyr.Ýöne,bilim syýasatdan daşarda
bolmalydyr”diýen ýörelgeden ugr alýardy.Ol gyzlaryna arappars dillerini öwredýärdi,namaz okanda gyzlaryna hem
okadýardy.Namazdan soň “Tebäregi” okaýardy,işan-mollalaryň
aýdýan aýatlarynyň nädogry ýerlerini düzedip berýärdi.
On ýedisini dolduran uly gyzy Gözeli giçi gyzyndan gowy
görerdi.Belki,ejesine gaty meňzeş bolanlygy üçindir?Aýaly ýaly
Gözel gaty arassady,päkizedi,başyňa täç edäýmeli
maşgalady.Gyzlarynyň eklenje mätäçligi,onuň ussaçylyk
edip,dürli zatlary ýasap satmagyna getiripdi,ýogsam, arzuwy,
oglan okadyp ders bermekdi.Aýaly ýogalanda gyzlarynyň:”Eje
jan!Maslahatçymyz,howandarymyz,eke daýanjymyz,sen
nirede!?”diýip uwlaýyşlary gulagyndan gitmänsoň,köçede biri
aglap duran bolsa gabadyndan geçip bilmän,onuň halyndan
habar alardy. Ol tebigy bolaýmaly zatdy...
Bolşewiklere bolsa, beýle tebigylyk
ýatdy,hasam,ýekebara hojalyklary ýigrenýärdiler,kolhoz
döredip,ýagny,köpçüligiň hojalygyny döredip, adamlaryň
hemmesini deň-derejede ýaşatmagyň arzuwyny
edýärdiler.Artyk ussa ýaly ýekebara hojalyklar olaryň gözlerine
gaçan çöp ýalydy,ony”köki-damary bilen ýok
etmeli”diýýärdiler.”Üçlügiň” maksadyny öňünden aňan Nepes
şura:”Dini kataplary ýygnamaly”diýen habary ýetirýär.Artyk
ýedi ganar kitaby bir gijäniň içinde suwly ýabyň gyrasynda
gömýär.Bu işe uly gyzy Gözel kömekleşýär.Şol gijäniň ertesi
bolsa Artygy ýygnaýarlar.
Bu habary eşiden Nepes şura “Üçlügiň” welaýat ketdesi
Hasan Jumaýewiň ýanyna baryp:”Ýedi obanyň derdine
ýarap,kime pil,kime orak,kime kätmen ýasap berýän,
gurallarymyz,kündedir-arabalarymyz döwülse, bejerip berýän
158
ussamyzyň alynyp gaýdylmagy,tutuş önümçiligimiziň
bökdemegine getirdi,adamlaryň elini işden sowatdy” diýdi we
ussanyň gaýragoýulmasyz boşadylmagyny talap etdi.Jumaýew,
önümçilikli meselede perwaýsyz bolup bilmedi,sebäbi, haryt
bolçulygyny döredýänleriň bahasynyň ýokarydygyna
düşünýärdi.Nepes şuranyň deliller bilen subut edýän meselesine
kembaha garasa, kellesinden sypalmajagyny bilip, Artyk ussany
türmeden çykardy...
Şol döwrüň iň gazaply,gorkuly guramasy bolan “Üçlügiň”
öňünde hem öz dogryçyllygyňa,batyrgaýlygyňa,adyllygyňa bil
baglap,aýgytly hereketler bilen raýatyňy gorap boljak
ekenligini,Nepes şuranyň ýokarky mysalynda görse bolýar...
Artyk öýüne gelip, Nepes şurany çagyrdy we şeýle diýdi:
Nepes,sen meni ölümden alyp
galdyň!Taňryýalkasyn!Birki ýyllykda aýalyň çaga üstünde
ýogalyp,üç gyz bir oguly terbiýelemegiň saňa aňsat
düşmeýänini bilýärin.Sebäbi özüm ýetim saklaýaryn.Şu jähtden
bir zat aýtmakçy...Eden ýagşylygyňy ýagşylyk bilen
gaýtarmakçy,gönüläp aýtsam,uly gyzymy saňa nikalap
bermekçi...
Men kyrk ýaşadym,gyzyň deň-duşym däl-diýip,Nepes
garşy çykdy.
Onuň deň-duş bolmagy hökman däl.Maňa gyzym arkaýyn
ýaşasa bolýar.
Gyzyň göwnärmi-kä?
Ol atasynyň sözünden çykýan däldir...
Ine,şeýdip,bir adamyny bagta ýetiren Nepes şuranyň özi
hem birden bagta ýetdi duryberdi.Aýaly ölüp,ýetim galan
çagalaryna göz-gulak boljak maşgala indi, onuň öýüni
bezedi....Adam üçin,onda-da ikinji gezek öýlenýän adam üçin
şundan uly bagt ýokdy...
(Artyk ussa dünýäden gaýdanyndan soň,onuň her hili
gurallaynyň,tilsimatlarynyň,sandallarynyň,terezileriniň,dürli
159
köwüşleriň köp sanly galyplarynyň öýümizde otuz-kyry ýyllap
baslygyp ýatanlygyna,şy kitabyň awtory şaýat).
Ýokarda,Nepes şuranyň adamlara eden ýagşylyklary
barada diňe iki obadan mysallar getirildi.Beýleki bäş obadan
hem şeýle mysallaryň onlarçasyny getirse boljak.Ýöne ony
etmän,2016-nji ýylyň sentýabr aýynda togsan
ýaşaýan,Sakarçägeli baýry taryh mugallymy,türkmenlerde
ilkinji sportsmenleriň biri Welberdi Weldurdyýewiň bu barada
aýdanlaryny size ýetirmekçi:
“Men şol tutha-tutluk döwürlerini gowy bilýärin.Nepes
aganyň
alasakgallara,alajagözlere,körsagyrlara,hajysopylara,soltanyzlar
a şuralyk eden ýyllary ýekeje adam hem günäsiz basylan
däldir.Men şol döwrüň gözlüje şaýady hökmünde muny açyk
aýdyp biljek!Onuň adamlara eden ýagşylyklary sanardan
kändir.Haýsy oba baryp,Nepes şura diýseň-diňe ýagşylykda
ýatlarlar...”
Dogry,ýagşylyk ýerde ýatmaýar,ol adamlaryň dilleriniň
üsti bilen ýagşylyk edeniň ömrüni uzaldýar.
Nepes şura öz arzasy bilen Beýik Watançylyk urşuna
gitdi,Leningradyň gabawunda boldy,çabga ýaly ýagýan okuň
aşagynda gezse-de,uruşdan sag-aman dolanyp geldi.Gelip,ýene
öňki işini dowam etdi...
“Okuwdan elimiz boş wagty köçede uruş-uruş oýnuny
oýnardyk-diýip, Allaberdi Ylýas ýatlaýar:-Merhum Aman Ata
neressäniň üýtgeşik bir papagy bardy.Ol ony geýýär welin,edil
Gitlere meňzäýýär.Aman:”Git!”diýýär,bizem:”Haýl”diýip,jogap
berýäris.Şol wagt ýoldan geçip barýan Nepes şura bize
ýüzlenip:”Çagalar,uruş oýnuny oýnasaňyz oýnaň,ýöne ýaňky
ýaly “sözi” iň soňky gezek eşidenem men bolaýyn,aýdanam siz
boluň!Indi bir şular ýaly aýylganç uruş gaýtalamasyn.Siz,uruşda
kellämiň gorkuly ýerine baryp saklanan okuň köne ýarasyny
gozgadyňyz”diýip,bize çalaja käýindi...”
160
Hawa,Nepes şura segsene ýetip dünýäden gaýtdy.Ol
mundanam köp ýaşamalydy.Arman,uruşdan galan ok onuň
sanalgysyny ýakynlaşdyrdy...
Ikinji bölüm
Kasas kyýamata galmaz.
Taryhdan parça:-1937-1938-nji ýyllarda Mary welaýaty
boýunça jemi on alty müňe golaý adam “halk duşmany”
hökmünde tussag edildi,şolaryň bäş müňden gowuragy
atyldy,galanlary türme tussaglygyna,uzak ýerlere
ugradyldy...Mary Welaýat Döwlet Arhiwi,gazna 3,73.
--14—
Araçäge ýeten bosgunlar duzly oýda
bolýan
ýagdaýlary gözleri bilen görüp dursalar-da, edip biljek
çäreleri ýokdy, gidip bilmän ,kim-de bolsa biri diri galyp
geler diýen umyt bilen şol ýerde gijäni geçirdiler,çagalar
ylgaşlap,ýapylaryň ýüzündäki garlary suwsan mal ýaly
iýmäge başladylar, olaryň köp bölegi ene-atasy wepat bolan
ýetimlerdi,käbirleri
ene-atasyny ,göçüni
ýitirenlerden-di.
Teşne zenanlar teşneligi gandyranlaryndan soň şol ýerde
yklap galdylar.Daň saz berenden her kim birek-biregi gözläp
başlady,uly-uly gollara siňen bir topar aýal oglan-uşaklar
bir-birini
tapyp
bilmän
elewreşip güni
guşluk
etdiler.Duşmana bolsa geregi şol.Gün syçrap asmana
galandan
tüpeň
sesleri eşdilen
badyna
aljyran
adamlar,çagalaryny hem jemläp bilmän serhede
gaçyp
başladylar.Esgerler gaýradan ok ýagdyryp,göçi oka tutan
hem bolsa, soňra araçäk tarapa aýlanyp,bosgunlaryň öňüni
gabaladylar.Bu ýagdaýy gören adamlar has-da aljyrap,
çagalaryny goltuklap gaçyp başladylar,görlüp oturylsa göçüň
köp bölegi araçäkden geçen hem ekeni,emma duşman
atlylary olary yza doladylar, serhetde ok atyp bilmänsoňlar
bosgunlaryň arasyny kesip yza doladylar,gaýtmajak bolanlary
gylyçdan geçirdiler. Göçüň bir bölegi serhetden geçdi, yza
161
dolanan bölegi bolsa geçip ýetişmedikler bilen bir hatarda
ýesir düşüp ,Guşgy galasyna sürüldi. Şeýlelikde 149 sany
guýynyň
üstünden
geçip
Ýeroýulana
ýeten
göç
dargady.Ýeroýulanda
gana
bulaşyp
ýatan
jesetlerden,düýeleriň,atlaryň läşlerinden ýörär ýaly däldi,bu
bir ýürekgysdyryjy elhenç zatdy.Töwerekde oturumly ilat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 11
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.