Latin

Ýazgyt - 03

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2297
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ertesi Annaguly han märeke ýygnap,göçüň rowaç
bolmagynyň hatyrasyna sähet tutdy,aýat-töwür etdirdi.Käbir
howsala düşen adamlar goh-galmagal etdiler.”Biz nirä
barýarys,baranymyzda ýüzümizden sypajak barmy,ykbalymyzy
kime ynanýarys? ” diýen soraglary keserdip goýdular.Has-da
Bäpbe ças: “Nähili bor,hä?Muny bilýän barmy,hä?Duşmandan
kasam bilen däl,kämil ýarag bilen üstün çykylýar,ilaty gyrgyna
bermejek bolsak olaryň diýenine bor diýeliň!” diýip,peteň berdi.
34
Sen how,näme diýjek bolýarsyň?-diýip,Meret tentek oňa
azgaryldy-Sen
dönük
bolaýma,how?
Goý,ol dönüklik etmejekligi barada Gurhandan ant
içsin,ýogsamam...diýip,Baýram
bykowly,gylyjyna,ýapyşdy.
Bolýar-Bäpbe ças elini Gurhana goýup ant içdi-Men size
dönüklik etmen,ölmeli bolsa bile ölerin,ýöne bu herekediňiziň
akmaklykdygyna
soň
düşünersiňiz.
Ýaman janygýaň welin,köşek,bir
alamat gördüňmi?
Hawa,Welkuly aga,şu gün atym düz ýerde büdredi,Baýram molla
ony
oňatlyga
ýormady.
Baýram molla agzy dogaly,halatly adamdyr,ol dogry,ýöne amal
bilen sebäbiň arasyny ölçemeli bolsa, ýola çykmaly hem
däl.Ajaldan
gaçyp
bolmaz,ýazgytdakyny
görübererisdiýip,atam,köşeşdirdi.
Her
kim,däninim,öz
göwnüne
geňeşsin-de
najatyny
görsün,zorluk ýok,islän gider,islemedik,galar!-diýip,Annaguly
han
märekä
gözüni
aýlap,
dillendi.
-Ýöwsellemäň,adamlar,bu ýerde galsak,namysa duz seperler.Biz
diňe ar almak üçin, güýç toplamaga gidýäris,gaýdyp gelerisdiýip,Baýram dillense,Meret tentek”Ýoluňyzy gaýgy etmäň,bize
golaýlaşmak islän her bir duşmanyň çanagyny-çemçesini gana
bulamak meň bilen!”- diýýärdi.
-Köşekler,dil bilen degirmen dartmalyň-la- diýip,atam
ara goşuldy-da,mähelläniň gowruna suw sepdi. –Dünýäni
görmän,dünýälik adam bolup bolmaz.öňünden tarhandökerlik
etmeli däl,onsoňam,ählimiz bir adamyň agzyna garamaly,öňe
düşýän Annaguly han-my,barymyz gürrüňsiz şoňa boýun
bolaýmaly hemem onuň orunbasary Agdar hana.
-Gökdepede dökülen nähek ganlar halkyň aňyndan
çykmanka biz nä güne düşdük?Orslaryň bu hereketleri süteme
sezewar edilen halkyň ynamymy gaçyrdy,aňymyzda eziji
hökmünde ornaşdy.Olar şu güne çenli türkmene ulumsylyk
bilen garadylar,sözümize ynanmadylar,biziň iň ýigrenýän
zadymyzyň ulumsylykdygyny,iň eý görýän zadymyzyň bolsa
35
lebzi halallykdygyny bilmedik boldular-diýip,Agdar,han,janykdy.
Şeýlelikde,galjaklar galdylar,gitjekler at,eşek,düýe diýmän
goşlaryny ýüklemek bilen boldular. Ozal göçüp-gonup ýören
çarwalara göçmek diýen zat şeýle bir kyn bolmasa-da,bu göç
öňkülere meňzeş däldi.Indi täze bir oýtaga däl-de,ýurdy
müdümülik diýen ýaly taşlap gitmelidi.Gijäniň içinde nämäni
alyp nämäni goýjagyňy biler ýaly däldi,halylary,şaý-sepleri
aljakmy,azyklary aljakmy?!Düýelerem ýeterlik däldi.Ala hasyrdy
bolup ýören ejeme kakamyň kellesi garyşdy,”Diňe öz
janyňy,çagalaryňy saklap bolsa razy bolaýmalydyr welin bulara
zadam gerek”-diýip hüňürdedi.Ol düý-ä atylan haly horjunyň bir
gözüne meni oklady-da: “Ajyksaň,halta el uraýgyn!”diýip,çaňňaly bilen başymy sypady-da,düýeleri hatara düzdi,bir
düýäniň
howdunyň
çözülen
çemmerini
daňdy.Başy
çargatly,onuň üstündenem çepbetewini atynan ejem,dokama
gara gülli guşagy biline mäkäm guşap,alňasap, öýe bi girýärdi,bir
çykýardy,almaly
zadyny
alyp
bilmedigine
bozulyp,
garanjaklap,gözüniň ýaşyny saklap bilmeýärdi.Älemi agladan ajy
gözýaşlar gözünden paýraýardy. Kakam düýäň owsaryny onuň
elime tutdurdy-da,töweregine göz gezdirdi.Nirä seretseň,ýykanýumranlyk,soýlan goýunlaryň kelleleri,gyrkylmadyk gerileri
dagaşyp ýatyr,eýesiz düýeler,goýunlar giden bir oýy
dolduryp,ajy aýralygy duýýan ýaly ota agyzlaryny urman
ýüzlerini sallaşyp durlar.Käbir inerler biri-birini ýaryp-dişläp
gopgun turuzýarlar.” Bu bibereketçilik bir zadyň başydyr”
diýip,atam ýol töwürini etdi: “Bismillähirrahmänirrahiým,lä
ilähe illä ente subhaneke inni küntüminez zalimiýn...”
Göç ahyrym ugrady...
---4–
Taryhdan parça. Ummasyz köp adamly Daşajy we
Siňreldi guýularyny gabamaк, duşmany ýok etmek maksady
bilen Sowet hökümeti bu ýerde ýerleşýän Lomanowyň
baştutanlygyndaky goşuna kömek diýip, kükürt zawodyndan
Loginowyň
serkerdeliginde
170
atlyny,Leonowyň
36
serkerdeliginde G.P.U.-nyň 68 atlydan ybarat 82-nji
bölümini,Tejen etrabyna degişli maldarçylyk bölüminiň merkezi
bolan Ýolbarsly guýysyndan Lisiskininiň serkerdeliginde 60
atlyny ugratdy ...Gyzyl baýdakly Türküstan atly kitabyň 129-nji
sahypasy, 1976 ý.Moskwa.
Serdarlar başy,atan okunyň hatasy bolmadyk goç ýigit
Annaguly han nurly ýüzüne gelşik berýän ter gara sakgalyny
sypalap,bir eli Gurhanly,bir eli iňlis ýaragly ýigitlerine baş
bolup,kerweniň öňüni çekip barýardy.Çep ganatda batyrlykda
göreniň gözüni baglaýan,bagana telpekli,bili hatar-hatar okly,
gylyjy,agaç gaply nagany gaýyş kemerine gysdyran,gyrtyç
murtuny sypalap,ýanyp duran gözlerini uzaklara dikip,bir topar
goç ýigidiň öňünde Baýram bykowly barýardy.Sag ganatda
garadan gaýtmaz Meret tentek bilen Bäpbe ças ýigitlere baş
bolýardylar.Ortada aýal-oglan-uşak,garry-gurtudyr çagalar,ýaňy
murty taban ýigitler,dört örüm saçyny biline orap,oňa hadaly
gyrkylyk gysdyran gyzlar,şaý-seplerini güne ýaldyradyp,gollary
çermelgi,ýüzleri gazapdan doly gelinler barýardylar.
Şeýdip, Mürzeçyrlanyň baýyrlyklaryna,Akmollanyň
çöňňesine golaýladyk.Haçanda Akmollanyň öňallysynyň günorta
tarapyndaky Daşajy guýysyna ýetenimizde,Balkan,Daşhowuz
sepgitlerinden ýygnanan adamlara duş geldik.Olar Ahmet hanyň
toparynda gyzyllara garşy söweşen gumlylaryň, Baýramguly
Telekäniň,Ilaman begiň,Ahmet hanyň
ýigitleridi.Annaguly
hanyň “Ahmet beg nirede?” diýen soragyna Ilaman beg:”Biz,
Ortaguýynyň töwereklerinde bolşewik goşunlary bilen güýçli
çaknyşdyk,iki tarapdanam köp adam heläk boldy,şondan iki gün
soňra bolan söweşde biziň 150-ä golaý ýigitlerimiz,500 sany üsti
ýükli kerwenimiz,aýal-oglan-uşaklarymyz duşmanyň eline
düşdi.Şu söweşden soň Ahmet han “Adamlar,men öz ýigitlerim
bilen
Üstýurda
tarap
çekiljek,Owganystana
aýagym
ädenok,watanymy terk edesim gelenok,ölsemem şu ýerde öljek”
diýip,bizden aýryldy,bizem onsoň şu ýere,siz bilen duşuşmak
üçün geldik.Ortaguýynyň töwereklerinde Jüneýit hanyň
37
gerçekleriniň urup ýykan uçarynyň galyndylaryny gördükdiýip,jogap berdi
Bu habardan soň Annaguly han gum içindäki biribirinden onçakly uzak bolmadyk köp sanly çarwa obalaryndan
wekil ýygnap, maslahat geçirdi.Ol döwürler Garagum çöli
ýurduň oturymly ilat ýaşaýan beýleki ýerleri ýaly
ilatlaşandy.Oturymly ilatdan tapawutlylykda çarwalar has
erkindiler.Maslahatda,şol erkin çarwalar, her edip hesip edip
bolşewik hökümetine boýun egmejekdiklerini ýene bir gezek
beýan etdiler.
Adamlar, Garry hojany diňläň!- diýip,Annaguly han
seslendi.
Garry hoja iki elini galdyryp aýat okady, “omin” diýip
töwir etdi,az salym märekä göz aýlady.
Halaýyk,görüp dursuňyz,göçüň köp bölegi aýal-oglanuşak,bigünä
adamlar.Olaryň
döwlet,hökümet
bilen
dawalaram,eden etmişlerem ýok,ýöne, adamlaryň yzyna eýerip
howply
ýola
düşenler.Olaryň

bolmanda
bir
bölegini,hossarlarynda adygany ýoklaryny şu howply ýoldan,
ajalyň okundan sowmak her birimiziň borjumyz. .Gökdepe
urşunda goýberen hatamyzy, çagalary yzymyza düşürip,galanyň
içinde uruşmagy gaýtalajak bolmalyň. Annaguly hanyň
aýdanlaryny makullap,aňryujy bolar ýaly bolsa,”şu howply
ýoldan galaweriň” diýesim gelýär.Içimizde, täze öri ýere mesaýy
göçüp barýanlaram bar,olar
“biz bilen ýöremesin”
diýjek,”sowulyň
ýoldan,il uludyr göterer” diýesim
gelýär.Gyzyllar “halky
örüzýän ahunlar,işan-mollalar”
diýýärler.Biziň oňa dahylymyz ýok.Özlerine döwlet diýen
bolşewikleriň pygyllary ýaramazam bolsa, häzirlikçe, güýçli
bolmak Hudaýsyzlara miýesser etdi,ýöne, Alla görüp durandyr,
netijesini çykarar.Dogry,hemmämiz ýurt aşyp gitmäliň-ä diýip
biljek däl, galsalar nesli bilen ýok ediljekler bar,olara gitmekden
başga çykalga ýok.Meniň özümem neslime degilmesin diýip size
goşuldym.Owgan bir musulman patyşaly ýurt,sag-aman baryp
38
bilseg-ä gowusy,bolmasa-da näme, Allanyň özi şehitlik
derejesini bersin-dä!-Garry hoja çöküne düşüp doga
okady,gitjeklere-de,galjaklara-da ak pata berdi.
Annaguly han ýere gaçaýjak bolup,gündogara at salýan
gara bulutlara ser salyp,o golda,bu golda ýük уazdyran göçe
gözüni aýlap, başyny ýaýkady,dodagyny dişläp,öz-özüne
diýdimi,Garry hoja diýdimi içini dökdi.
Duşman-da,how,adam mertebesi diýen düşünje ýoga!Diňe öz köňlüniň rahatlygyny alada edýän ähli
illerde,dinlerde,döwürlerde halanýan däldir welin, türkmen-dä
ol asla halanmaýar. Öz aladasyny edýän ýabany haýwan bilen
deňdir.Adamyň mertebesini saklamak iň esasy zadyň biri bolup
dursa-da,gyzyllar,olaryň içinde öz türkmenlerimiz hem bar,olar
hem türkmende ary bar ýaly hereket edýärler, birek-biregiň
göwnüne degýärler.”Bizi öz günümize goýuň” diýip iki gezek
ylalaşyga аdam ugratdym, kabul etmеdiler,ýogsam, aramyza
gelip düşünişseler bu bosgun beýle uly möçberde bolmazdy
ahyr.Adamlaryň dilini tapmaga ymtylmasalar, zorluga daýanyan
jemgiýet uzaga gitmez.Döwlet halkyň däp-dessuryny
hormatlap,adamyň köňlüniň päk görküni erbetliklerden,ýaman
pällerden,hyýallardan
goranyp
bilmegi
üçin
şert
döretmeli,köňül gözelligine aýawly çemeleşip, oňa mukaddeslik
hökmünde garamaly,ynsan mertebesini belent tutmaly.Diňe şu
ýörelgelere esaslanyp gurulýan döwlet müdümidir.Bular bolsa
hiç kime hiç zat düşündirmän, ýöne kowalap, tutup, öldürip
ýörler.Käte bir uçar bilen asmandan kagyz ýagdyrýarlar, oňa
bolsa düşünýän ýok, şeýle-şeýle diýip düşündirseler, bu sada
türkmen watanyňy terk etjek däl-ä!...
Han,duşmanlardaky türkmen serkerdeleriniň
bir-ä
Agdar hanyň agasymyşyn,gürleşip görmediň-mi?-diýip,Garry
hoja sorady.
O bolýa,bi bolýa,käte habarlaşmanam durlanok.
Olara,dogan-dogana
ýarag
çenemek,ok
atmak
uslupmydyr diýmeli...
39
Diýdim,biz sizi ýok etmek üçin däl,yzyňyza gaýtarmak
üçin çalyşýas,ýöne” bolşewiklerden gaty çekinýäs” diýdiler.
Wah,dilimize,dinimize azar bermeseler biz gitjek dälä?Belki,baýlyk
hödürläris,goý,günümize
goýsunlar,islän
baýlygyny tapyp bereli.
Hödürledim,belli zat aýtmadylar,ýene görerin-dä...
Göç
ýoluny dowam etdi, ýöne
ähli guýylaryň
zäherlenendigi
ýa-da
duşman
tarapdan
eýelenenligi
sebäpli,suwsyz mallar,düýeler,daýaw-daýaw erkekler belli bir
derejede göçüň ýoluna howp döredýärdi, herekedi
gowşadýardy.Bu ýagdaýlary nazara alyp,Annaguly han
guýulardan sowlup geçmegi,kak suwuna,kä ýerde gar suwuna
bil baglap hereket etmegi makul bildi.Halaýyga
“Howp
abanýanlygy sebäpli göçüň hereketini artdyrmaly,ýanyňa malzat almaly däl,her öýüň erkek göbeklisi öz öýüni,töweregini
goramaly,ýaraglary
aýal-gyzlaryň,ýetginjekleriň
eline
berip,mümkinçilik bolanda özüni goramagyň tärlerini öwretmeli
“ diýen permany berdi.
Eli ýarag tutup bilýän erkek adamlaryň hemmesi goragda
bolansoň,indi bize maslahat berýän,ýol görkezýän garry
atamdy.Ol maňa: “Köşek,gelnejeleriňi,töwerekdäki gelin-gyzlary
ýanyma çagyr” diýende, atam çagalary hiç ýere goýbermän,berk
saklaň diýip tawşyrjakdyr öýtdüm.Emma ol beýle däl ekeni.Az
wagtdan soň atamyň çöküp oturan düýesiniň ýanyna kelleleri
uzyn-u-kelte börükli,börügi lowurdap duran ildirgiçli,käsi
gözüňi gamaşdyryp barýan altyn gaş egmeli,käsiniň gapdaly
ýüzi nagyşly heýkel-tumarly,kä tumaryň içi dogaly aý ýaly gelingyzlar ýygnandylar.Ezýaka köýnegimiň üstünde meňem
tumarym bardy,çala gymyldasaň jaňňyrdaýan jaňjagazym
bardy.Ejem elimden tutup sypdyrmaýardy,ol muny meni
ýitiräýmäýin diýip edýär ekeni.Atam agzy ýaşmakly
gelinlere,başyny
egip
duran
gyzlara,En-ä,maňa,Şammy
kele,beýleki çagalara göz gezdirip çykdy-da:40
Köşekler,biz watany terk edip,näbelli bir mekana
barýarys!Nirä barýanyňyzy Taňrynyň özi biläýmese bilýän
ýok.Barjak ýeriňizde ýüzüňizden sypajak barmy,ykbaly kime
ynanýarys,bilýän ýok,ýöne, biz etiňizi gataltmaly,eliňize ýarag
alyp,gerek
bolanda
özüňizi,çagalaryňyzy
goramagy
başarmaly.Bular ýaly ýowuz günlerde ýaşmagy syrmagyň hem
aýyby ýokdur,birneme çuslanmagam gerekdir.Han-ha,ýomut
gelin-gyzlaryna serediň!-diýip,ol düýelerini çökerip,ýüklerini
saýhallaşdyryp ýören elleri çermelgi,billeri guşalgy,kellesi
ýaglykly gelinlere elini uzatdy.-Haýsy zada el ursalar,örän
çalasyndyrlar,görelde alyň! Sen Baýramyň gyzy bolsaň,
ýaraga erk edip bilmeli-diýip,atam Marala ýüzlendiÝöne...Hawa,ne döwür,ne zamana boldy bi!?Heý,gelin-gyzlar
eline ýarag alar diýip pikiriňe-oýuňa geljek zatmydyr?Hudaý
jan,ýaşymyň soňunda beýle gabahat işleri görkezmäweridiýip,atam elini galdyryp töwür etdi,soňam Marala: -Ho
baýyrdan aňry geçiň!- diýdi
-Hany,gelnejeler,haýsyňyz
meniň
bilen
gitjek!?
Gorkmaň,adamyňyz zat diýmez.
Agzy ýaşmakly ýer dyrmaşyp oturan gelinleri görüp men
ejemiň böwrüne dürtdüm: “Eje,bizem gidäýeli?!” Ejem iki
aýtdyrman ylalaşdy we elimden tutup Maralyň ýanyna ilkinji
bolup bardy-da Amanmyrat kakamyň aýaly Ogultäç
gelnejemi,Mämmetdurdy kakamyň
aýaly Oguldursun
gelnejemi,Ýagdy kakamyň aýaly Aýgözel gelnejemi çagyrdy.
-Gelnejeler,ejem sizi çagyrýar- diýip,men dilmaçlyk
etdim.
Aýdanyma mähetdel Ogultäç gelnejem iki ogul,bäş
gyzyny,Oguldursun gelnejem ýaşy ýetmedik çagasyny alyp bize
goşuldylar.Aýgözel gelnejem goşulmady,oňa derek ýol
gyrasynda ýatyrylan belgi ýaly, bili bükük Kynnan
ejemiň,ýagyrnysynda unaş ýaýybermeli üç gyzy bize goşuldy.
Biziň toparymyz ala gowur turzup ýapyň aňyrsyna
geçdi.Hasam beter çagalar bu “gezelenje” begenýärdik,elimizde
41
tüpeň bolmasa-da,ony özümiz atýan ýalydyk.Beýleräkde
Maralyň ejesi Bibigül töweregine gelin-gyzlary üýşüripdi.
Maral goşar ýaly dört örüm saçyny depesinde ýygnap
ýaglyk bilen daňdy-da,eline bäşatyryny alyp: “Sadap,gel” diýip,
gözi sürmeli,zülpi burmaly,tutma ýok,öpme ýok,garap
durmaly gyzlaryň birini ýanyna çagyrdy.
Ýog-eý- diýip,Sadap gorka-gorka yza çekildi.-Ýaraga
ýapyşmak uly gyzyň işi däl.
Jora,bu
zerurlyk,muny
barymyzyň
bilmegimiz
gerek!Bolmasa, Owadan gelneje,sen geläý!- Maral ejemi çagyrdy.
Ejem ýaragy eline aldy-da,şobada ýere gaçyrdy:-Buz
ýaly-la,gyz,bi,birhili iniň söýenok!
Gelneje,ýaragy berk tut,şeýdibem çene!-Maral maňa
ýüzlenip:-Ýogsa-da, biz nämäni nyşana alarkak? diýdi.
Hol sazagy ataý!
Hudaý jan saklasyn,sazagam atyp bolarmy?!
Onda hol gamaklary nyşana alaý!
Jigim,beý diýmesene,ösüp oturan zada degsek bolmaza,başga zat tap.
Toba,birine sazak diýsek,birine gamak diýsek,onda
nädip duşmana tüpeň çenejek?Duşman adamdyr ahyryn.diýip,Kynnan daýza Maralyň al petinden aldy. –Eliňe ýarag
alanyňdan soň,ýürekdäki
mähir
uçgunlaryňy sowrup
taşlamalydyr,rehim aradan aýrylmasa gazap döremez,gazap
döremese,eliňde tüpeň saklatmaz.-Kynnan daýzamyň gepinde
maňyz bardy.Duşmana aman berme diýen aýtgy ýönelige
aýdylan däldi.
Men ýigrimi bäş ädimlikdäki tümmegiň üstünde kelle
ýaly kesegi goýdum.
Ine,bu bolar- diýip,Maral ýeňillik bilen dem aldyda,ejemiň elindäki ýaragy alyp çenemän atyp goýberdi,şobada
kesek pytrady.Duýdansyz çykan sese barymyz ziňkildäp gitdik.
42
Tüpeň atmaga gelen adamyň ýüregi gürsüldemeli
däldir.-diýip,Maral bäşatary ejeme berdi. –Gelneje, nyşana al-da,
at!
Ejem gözüni ýumup atyp goýberdi welin,ok başga ýerini
tozatdy.Her kim öz gezeginde tüpeň atdy.Gezek Kynnan
daýzama ýetende Maral oňa:
Daýza,indiki
atyşyga
Annaguly
hanyň
özi
gatnaşjakmyşyn, bizi ýüňsakgal edäýmegin!- diýdi.
Heý,näbileýin,gyzym,Annaguly han indi o zatlary görüp
biläýse!?- diýip,Kynnan daýza perwaýsyz jogap berdi-Oň kellesi
üçin uly baýrak goýlanmyşyn.
Kim muny aýtdy?
Gara Ýowşan diýen adam Garajaoglan guýusynyň
ýanynda azaşyp bize goşulypdy.Jojukla çenli siz bilen gitjek
diýýär,şol adam aýtdy.
Ol aýdanda näme,duşmana berler ýaly üýşüp ýatan kelle
barmy?Hany,aljak bolsun-da ganym,hanyň kellesini?Ýagşam bir
gürrüň tapdyň- diýip,Maral gaharlandy.
Uçaryň sesi güýmenjämiziň arasyny kesmäge mejbur
etdi.Adamlaryň arasyna gyssagly dolanyp geldik.Bu gezek
uçarlar ok ýagdyrman,kagyz ýagdyrdylar.Onda: “Jüneýidiň
aldawyna gitmäň,yzyňyza dolanyň!’ diýlen ýazgy bardy.Muňa
ynanyp
göçden
galýanlaram,gelip
goşulýanlaram
bardy,ýöne,goşulýan köp bolansoň,adamlaryň sany artyp gidip
otyrdy,bu bolsa öz gezeginde onsuzam tygşytly saklanylýan
suwuň ýetmezçiligini döredýärdi.
Howa salkyn bolsa-da,iýýän höregiň gowurma ýa-da
gowurga bolansoň,haçan görseň agzyň kepäp durdy.Suw
sorasaň atam: “Sabryň soňy salamat,sabyrsyz kişi melamat”
diýip jogap berýärdi we agzy dykyly kiçijik küýzeden bir
owurtjyk dadyrýardy.Bu bolsa suwsyzlygyňy gandyrman,gaýta
has-da suwsadýan ýalydy.Bu ýagdaý Annaguly hany ynjalykdan
gaçyrýan bolmaga çemeli,haçan-da ol, atamyň ýanyna gelende
keýpi ýokdy,dodaklary ýarçyk-ýarçykdy.
43
-Welkuly aga,bi suwsyzlyk belasy däninim,ikinji duşman
bolup üstümizi basmarlap barýar! Bosgunlary ýola
çykardyk,öňüne düşüp,garamaty boýna aldyk,bir ýerde
gyrdyrman,suwsyz heläk edmän, sagaman araçäkden geçirip
bolaýbilsedir!Goragymyzam
onçakly
däl.Belki,ýetim-ýesir
çagalaryň nalasyny Alla eşitsin,Alla bizden bolsun-da!Suwam
suw welin, ölümden özüňi saklajak bolmaklyk gowulyga
eltmez.Mert bolalyň,biri öldi diýip uly yzlaşyk bolup barsak,ýada janyňy gutarjak bolup goşa bukulyp ýörsek bize uslyp
däldir.Allany çagyralyň, belki, beýle zatlar bolmasyn!
Hawa,köşek,howply ýola düşen her bir adam ölüm bilen
ýüzbe-ýüz durmalydygyny bilse ýagşy.Birine bir zat boldy diýip,
ýöne uwlaşyp otursalar gowy däl.Men bu barada gürrüň
geçirerin,arkaýyn bolaý!Suwly meselede bolsa ertire bir çykaly
bir alajyny taparys!-diýip,atam jogap berdi.
Men atamyň jogabyna gaty geň galdym.Gidip barýan
ýerimiz Garagumyň tüýs örküji,mart aýynyň ortasy,ýagyn
ýok,kak suwy ýok,guýular duşmanyň elinde,onsoň arkaýyn
gürlemegini geňlemez ýaly däldi.Her halda bolsa,baryndan
bazar eýläp,agzaçar edildi.Men suw dileýärdim.Ejemiň:
“Oglum,suw gutardy,görýäň-ä ataňam,kakaňam bir owurt çaý
içip bilenoklar,täretlerinem çägä tenmim kylýarlar” diýmesine
asla
düşünesim
gelenokdy,diňe“Suw
ber”diýip
aglaýardym.”Aglama,oglum,aglasaň,daýyň başy kel bolar”
diýmesine gulak gabartmamsoň,”Indi aglasaň hol möjeklere
berip goýbererin” diýip,sazaklaryň içindäki gara zatlary
görkezip,meni gorkuzýardy.Asyl ertir turup seretsem,her gezek
düşlenende soýulýan goýunlaryň kelleleri,derileri şahasyndan
düýe asaýmaly sazaklaryň üstüne taşlanýan bolsa nätjek!Ejemiň
möjek diýip gorkuzýanam şolar ekeni.Annaguly han, asly
galjaň,mähir-muhabbetli tüýs goç ýigit, suwuň aladasy bilen bir
pursatam ýatmanlygy pökgeren gözleri aýdyp dur.Müňlerçe
adamyň garamaty boýnuna düşensoň,onuň ýatyp bilmejegi
aýandy.
44
Annaguly han gelende atam bilen kakam eýýäm ejemiň
agşam bişirip mata dolap goýan işleklisinden agzaçar
edinipdiler.Ýeri gelende aýtsam,ejem gaty ugur tapyjy
aýaldy.Onuň ýanynda mydama ýaňy soýulan ýaly goýun eti
bolardy,hatda tomsuň tüýs jokrama yssysynda hem ol eti
isripsiz saklaýardy.Eti ýuka dograp,goýnuň garnyna duzlap
dykardy-da, çägä gömerdi.Üç gün çägede saklansoň temen bilen
kä ýerini deşip,agşamlaryna daşaryk çykaryp goýardy.Çägä
gömmek başartmasa,aýry-aýrylykda dolap possunyň ýa-da
ýorganyň aşagyna sokardy.Şeýdip ol tomsuň ortaky aýlaram eti
zaýalaman saklamagy başarýardy.Öýmizi hem arassa
saklaýardy,işigi günde üç gezek sübselärdi.Ine,häzirem ol öňki
endigi boýunça bir ýylgynyň düýbünde ýatýan ýerimiziň
töweregini ýag guýup ýalabermeli arassalapdy.
Annaguly han salyhatly salam-helikden soň:
“Ýaşuly,birahat edäýdim öýdýän,düýn ertire bir çykaly
diýipdiňiz?- diýdi.
Köşek,aýdýanyň näme,türkmen hiç wagt aýbogdaşyny
gurup oturmaga haky ýokdur,onda-da, saçagyň başynda şu
wagt...Nä döwür,nä zamana boldy diýsene!Türkmen mydam
ýekedyz oturmalydyr.Gel,köşek,nahar başyna,agyz açaly!?
Taňry ýalkasyn,ýaşuly,agzymy açdym.Uzyn gije suwly
meseläni aňymda aýlap ýatyp bilmedim.Bilýäňiz,öňde-soňda
gidenleri hasap etmäniňde,diňe biziň bilen on bäş müň öýli
bosgun barýar.
Bilýän,köşek!Sen bir zat et,kimde gataňsy düşek bolsa
ýygna-da düýe asaýmaly sazaklaryň aşagyna ýaz.Her ýerde,her
ýerde,ojaklara gazan oturdyp ot ýakdyr,boş gaplaram şol ýere
getirt.Haçanda,gün birneme gyzyp ugrar welin,sazaklary silkip
gije düşen gyrawlary düşegiň üstüne gaçyrarsyň,soň ýygnap
gazanlarda eredersiň welin,taýynja suwuň bardyr.Şol suw
Siňrenli guýysyna çenli ýetäýse gerek.
45
Agzyňdan Hudaý eşitsin,ýaşuly,belki, şeýle bolsun-da!diýip Annaguly han nurana keşbine gelşik berýän gara
sakgalyny sypalap,ýeňillik bilen ýerinden turmakçy boldy.
Köşek,sen owgana beletsiň,hany aýt,onda ýaşamak
kynmy?-diýip,atam ýaýdana-ýaýdana sorady.
Hudaý köp görmesin,azar görmän ýaşaýarlar,ýöne
Watan-Watan
bolýar-da.Maňa
bu
soragy
köp
berýärler,”myhmanyňky üç gün,üç günden soň göçgün”
diýleni,uzak myhman bolup bilmersiň ahyr.
Bäş ýyl ýaşasa-da Jüneýit öwrenişmändir-dä?
Öwrenişme nire,bolşewikler çekildigi şo dem watana
gaýtjak diýip dilinden
düşürenok.Bolşewlkler çagany
okatjak,jaý berjek,adam etjek,gullyga goýjak diýýärmişler,bir
görseň etjek bolýan işleri ýamanam däl ýaly.
Ene-ataň etmeli aladasyny döwlet öz üstüne alsa çaga
atasyny tanamaz.Bi däbimize ters gelýän zat,iň ýamanam
dilimiz ýiter,bir zat sorasaň çagaň gäwür ýaly ýüzüňe
seredip dursa bolmaz-a..
Şeýle özün-ä –diýip,Annaguly han turmak isledi.
Han,suwuň ýagdaýy ediler welin azyk nähili?
Aňsat
däl,ýaşuly,kimde
azyk
bar,berenok,kim
berjek,azygy ýok.Aramyzda,ýaňralar
ýeterlik.
Bilýän,Meret tentek ar-namys,ölüm barada kän gürleýär,oňa
aýt,döşüne kakmasyn,ölmek hemmäniň alnynda bar,ýöne ölüp
gidibermeli
hem
däl,iliňi,gorap,netije,görkezip,ölmeli.
Bolar,ýaşuly,bolar-diýip,Annaguly han turdy.
Taryhdan parça
----5---1919-njy ýylyň 19-njy aprelinde Sowet hökümeti bilen
Hywa hökümetiniň arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol
çekildi.Emma,1919-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Sowet
hökümeti “Hywa zahmetkeşleriniň isleglerini göz öňünde tutup”
Jüneýit hanyň üstüne goşun sürdi.Bedirkendiň eteginde hanyň
46
goşuny dargadyldy.Jüneýit han guma çekilip Ortaguýyda
mesgen tutdy.Şol wagtda ýagny,1922-nji ýylyň 30-njy
dekabrynda SSSR-Sowetler Soýuzynyň Sosialistik Respublikasy
döredildi.1924-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistan we
Türkmenistan
respublikalary
döredildi,Täjik
awtonom
respublikasy Özbegistana,gazak we Garagyrgyz awtonom
respublikalary Russiýa degişli edildi.
Basmaçylara garşy
söweşde ýerli milletden bir adamyň hem ýokdugy göz öňünde
tutulyp
(diňe
çeh,ermeni,polýak,rus,latyş
kellekeserleri
bolan),1924-25-nji ýyllarda garypdyr batraklary basmaçylaryň
garşysyna çykardylar.1927-nji ýylda Bütintürkmen Geňeşiniň 1nji gurultaýynda Jüneýit hanyň günäsi geçildi,ol watanyna
gaýdyp gelip Ortaguýy Bäşajy,Çaryşly diýen guýylarda mesgen
tutdy.Hana “Höküwmediň aldawuna gitme, seni aklap tutjak
bolýarlar” diýip Gaýgysyzyň adamlarynyň biri habar
berýär.Olam özüni goramak üçin daşyna adam ýygnaýar.1927nji ýylyň aýagynda Gökdepäniň geňeş agzalary “Kömek
ediň,Jüneýitden
bizi
goraň!”diýip,hökümede
“ýüzlendiler”,ýogsam, han ýerinden hem gozganmandy. Geňeş
agzalary hakykatda, şeýle işe baş goşdularmy ýa-da ony
bolşewikler toslap tapdylarmy,garaz,her zatda bolsa bu
gyzyllaryň Jüneýdi ýok etmek üçin oýlap tapan bahanasy
bolmalydy..Şeýlelikde, hökümet hiç bir sebäpsiz 10-13 atly,üç
uçary bilen hersinde bäş adam, jemi 15 adamy ýokardan taşlap
Jüneýit hany tutmakçy bolýarlar,emma,han tutdyrmady.Şondan
soň ol Owgana getmeli boldy. 1932-nji ýylyň başyndan oktýabr
aýynyň aýagyna çenli esasy arassalaýyş işleri geçirilip Jüneýit
hanyň egindeşleri ýok edildi. Bu çärelere Durdy Täşliýew,Ýakup
Kulyýew ýalylar işeňňir gatnaşdylar.
Şol kitap, 130 sah.1976 ý. Moskwa.
Men bu wagt düýe ýüňünden edilen artykmaç ýyly we
ýumşak ýorganyň aşagynda ýatyrdym.Ol pagtaly ýorgan ýaly
gelen zady özüne çekip duranokdy,çyg çekip,letderip hem
47
duranokdy,ejem
aýtmyşlaýyn,çalak-çülak
keseliňdenem
açýardy.Atam bolsa “Bu ýorganda ýatsaň ýanyňa kesel gelmez”
diýýärdi,onuň özi bilen ýaşytdaşdygyny welin aýdanokdy.Ony
ejem aýdypdy.”Ýorganyň daşy azyndan on gezek täzelenendir”
diýdi.Näçe gezek täzelensede,ol maňa ýakymlydy.Belki,ejem
bilen
ýatýanlygym
üçindir!Ýa-da
ýorganyň
ýüňüni
deňagramlykda saklamak üçin her burçuna tikilen aşyklaryň
atamyň atasynyň eliniň degenligindendir? Belki,şeýledir.Her
zatda, bolsa,gyrawdan suw alyşlaryny gözüm bilen görüp
bilmesem-de,Şammy kel ýanyma gelende men eýýäm düýämizi
daňyp durdym.Dogrusy,Şammynyň meni gözläp tapyşyna geň
galdym.Öňňün
onuň
bilen
aýrylyşypdym.Märekäniň
köplüginden ýaňa bir zadyňy ýitirseň,iki-üç günläp tapjak
gümanyň ýokdy, indi Şammyny ýitirdim hasap edipdim,emma ol
Damladaky goňşymyz Sähetdurdy aga ýaly, gaty synçy bolup
çykdy.Sähetdurdy aga-da pyçagyňy gije ýitirseň,derrew tapyp
berýärdi.Şolar ýaly synçy,yzçy adamlar şu wagt biziň öňümize
düşse şeýle gowy boljakdy.Arman Sähetdurdy aga dünýäden
ötdi,Şammy kelem entejik ýaş.
Hawa,men düýäň owsaryny dakdym.Howuda daňylgy
küýzäň birine ok degipmi,nämemi,içiniň gowurdagy düýäniň
aşagyna üýşüp garynja bazaryny döredipdir,sallanyp duran
ýüpde bolsa küýzäň pytraman galan gulpy galypdy.Atam muny
görüp:”Köşek,gowurdagy
kakaň
atyna
bereweri!”
diýip,tabşyrdy.Men atyň gowurdak iýenini görmändim,emma
olam adam ýaly ekeni...
Şammy keliň bir zat aýtjak bolup aýdyp bilmän
ýaýdanyp durşuny aňsam-da,bilmezlige salan boldum.Ahyrym
ol ýaýdana-ýaýdana ýüregini bire baglap:
Agşam düýşümde ýekegapanyňky ýaly dişleri öňe
çykyşyp duran gorkunç orslar üstüme çozdy welin,patja-patja
goýberäýipdirin- diýdi.
48
Men muňa hezil edip güldüm.Hat-da çöküp oturan
düýämizem salpy dodagyny titredip gülen ýaly etdi.Şol wagt
täretden gelýän atam:
Köşekler,güler
ýaly
zat
bolsa
maňa-da
aýdyň!Näme,dostuň bir işjagaz edäýipmi?Poh düýşe girýän
bolsa döwlet tapylýandyr -Garradym diýip zeýrense-de,atamyň
jam ýaly gulagy bardy,eýýäm bu gürrüňi eşiden bolsa nätjek!Köşek,poh döwletdir, başga tarapdan pohuň galagopluk getirýän
ýerem bardyr!Sen,köşek gyssan,özüňe tawşyrylan işi örän çalt
et,bu wagt telpegiňi ýere goýup oturmaly döwür däl,guýrugyňa
çyra tutup bu ganymlar derrew belliňi etjekler,onsuzam
türkmen aýbogdaşyny gurup arkaýyn oturýan däldir...
.Atamyň aýdyşy ýaly hem boldy. Çelekler gyraw suwdan
doldurylyp
ýaňy
bir
ugradyk
welin
bir
ýerden
“Haý,halaýyk!Daşymyzy ýagy alandyr-la, how!” diýen ses
çykdy.Şobada
düýeler
täzeden
çökerilip,howutlar
ýazdyryldy.Bizi gurşap alan belentligiň gündogar we kybla
eteklerinden duşmanyň jotda guýrek atlylary göründi..Çöpdeçörde san bar, olarda san ýokdy.
Az wagtdan duşmanyň uçarlary peýda bolup, “Boýun
boluň!”diýýän ýaly hat ýaýratdylar,emma hiç hili üýtgeşikligiň
ýokluguny görüp,toklyň kellesine meňzeş bombalary taşlap
başladylar.Gara zat ýere düşende aýylganç ses bilen ýarylýardy
we güýçli tozan turuzýardy.Ölýän mallaryň ,adamlaryň sany –
sajagy ýokdy,tozan demiňi
tutup barýardy.Müňlerçe adamy özünde jemlän agras
kerweniň üstüne atanaklaýyn hereket bilen bombalaryny
taşlap,keýpden çykan uçarlar gaýyp bolandan soň,depelerde
mesgen tutan duşmanyň pulemýodynyň “ta-ta-ta-tasy”töweregi
gurşap aldy.
Şammy ikimiz derrew özümizi oýa atdyk.Eli ýaraglylar
sazaklaryň
arasyna
siňip,aldym-berdimli
söweşe
girdiler.Annaguly han telpegini sazaga ildirip,bäş ädim
gaýrarakda duşmana seredip ýatyrdy.Telpege garap ok atýan
49
duşmanyň ýerleşýän nokadyny anyklanyndan soň ,ol bir okda
garşydaşyny tüňňerdýärdi. Az salymda ol bir ýerden, Meret
tentek bir ýerden, Ilmyrat beg,Agdar han, Çoluk batyr başga
ýerden atlaryna atlanyp, aç gurt kimin duşmana
topuldylar.Güýçli ýarag gorky-ürküni bilmeýän goç ýigitleri gyrýapyr edip barýardy.Söweş meýdanynda gerçekleriň öleni
öldi,ölmedigi yza çekilmäge mejbur boldy.Annaguly han bu
ýagdaýy görüp özüni öldüräýesi geldi,emma edip bilýän çäresi
ýokdy.
Garry
hoja,
häliden
bari sazagyň
düýbine
duwlanyp,gynyndan
çykaran
gylyjyny
tutup,duşmanyň
hereketine syn edýärdi.”Içimizde bir murtut-içaly bolmadyk
bolanda duşman bizi beýle taýýarlykly “garşylymaly”däl.Ýöne,ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýazgyt - 04
  • Parts
  • Ýazgyt - 01
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2402
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 02
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2328
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 03
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2297
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 04
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2257
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 05
    Total number of words is 3762
    Total number of unique words is 2427
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 06
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2405
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 07
    Total number of words is 3673
    Total number of unique words is 2317
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 08
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2404
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 09
    Total number of words is 3572
    Total number of unique words is 2390
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2233
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 11
    Total number of words is 3596
    Total number of unique words is 2301
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2231
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 13
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2432
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 14
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 2369
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýazgyt - 15
    Total number of words is 98
    Total number of unique words is 74
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    37.7 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.