Latin

Ojaklar öçmesin - 10

Total number of words is 3682
Total number of unique words is 2131
31.4 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Göwnüňedir ol!
— Aňrujy ýagdaý bolsa-ha...
— Wah, ýok-da!
Gülendamyň gözi garaňkyrady. Ýykylaýmakdan
gorkup, duran ýerinde aşak çökdi. Ýüregi akyp
baransoň halys gurbaty bolman, iki elini hem ýere
diräp, aýak üstüne galdy. Yraň-daraň edip zordan öýüne
ugrady. Yrgyldap gelşine öýündäki çagalaryny ýatlady.
Baransoň olaryň öňküdenem beter ulalan gözleriniň
boş ele düşjekdigini ýatlap, hasam gynandy. Öýüne
gelensoň öňňinden bäri galman ýatan Akmämmediň
turup oturanyny görüp, az-kem begendi. «Gutuldyňmy,
oglum?!» diýdi. Akmämmet ýarty nany jigilerine bölüp
berip oturşyna: «Me, eje, senem şujagazy iý, ýaňy daýym
224
getirip gitdi» diýip, ejesine dört barmak ýaly nany
uzatdy. Dokuz ýaşlyja oglunyň uly adam ýaly bolup
oturşyny görüp, Gülendamyň göwni galkdy. «Jigiň
ýüzündäki çişler köpeläýipmi» diýip, bir towsanda
çagasynyň üstüne howala boldy. Elläp gördi. Çagasynyň
buz ýaly bolup galan endamyna eli degenden: «Waý,
işim gaýtdy-eý, balam-e-eý!» diýip uly ili bilen gygyrdy.
Akmämmet gulagyndan çekilen ýaly bolup, zöwwe
ýerinden galdy. Tasap öýden çykdy-da, Sapar agalara
tarap ylgady. Çagalaryň beýlekileri bolsa, näme-näme
bolanyny hem aňşyrmadylar. Ýöne, ejeleri ýer dyrnap
bagyryp ýatansoň olaram ugrubir aglaşdylar.
...Şondan soň üç-dört gün geçdi. Ara-çola döwümdişlem nan tapdyryp duran hem bolsa mähriň ganar
ýaly zat dişe degenokdy. Oba arasynda: «Pylanynyň
ýüzüne çiş ýöräpdir, pylankes açlykdan ölüpdir» diýen
ýaly gürrüňler seýrek hem bolsa eşdilýardi. Kyýasjygyň
jaýlananyna dördülenji gün diýlende Kowusyňam ýüzi
çişip başlady. «Bagtym ýatdy, bu-da gitjek! Ýeke-ýeke
gidibirmikä bular?!» diýip, Gülendam zary-girýan
aglady. Muny görüp Akmämmedem aglady. Beýleki
üçüjigem aglaşdylar. Akmämmet: «Eje, gar eräp ugrady,
kürüm gözläp geleýin, düýn Mäligem tahýasyny
dolduryp getiripdir» diýdi. Gülendam hossar tapynan
225
dek begendi. Aglamasyny goýdy. «Gidäý, oglum,
ýarasaň, belki, Hudaý namarda zar etmäýedi-dä» diýdi.
Akmämmet kürüm köwlemäge gitdi. Syçanyň
kürümini. Öýlänler zire-zire bolup duran arassa
bugdaýdan etegini doldurup geldi-de: «Eje, sen muny
bişirde jigilerime beriber, men ýene getirin» diýip, özi
yzyna, kürüm köwlemäge gitdi. Garaňky düşüberende
ýüzüni gök-dalak edip, boş gaýdyp geldi. Ysgynsyz
seslendi. «Ýaňkydan maňa goýmadyňmy, eje?»
Gülendamyň bagry para-para boldy. «Wah, jan oglum,
men guraýyn, ýene getirin» diýeňsoň, doýsunlar diýip
baryny beräýdim-dä jigileriňe. Akly ýeten çaga dawajenjel etmedi-de, oturan ýerinde içini tutup bir gapdala
gyşaraýdy. Uzak gije aç ýatdy. Ertesem şol açlygy bilen
turdy-da, ýene kürüm köwlemäge gitdi. Ýene-de boş
geldi. Oňa çenli kiçilerem: «Nan-da nan» bolşup, yzlaşyp
başladylar. «Beýder ýaly biz Hudaýa näme ýamanlyk
etdikkäk?» diýende, Gülendamyň bokurdagy doldy.
Donunyň ýeňinden çykaryp, çagalarynyň hersine bir
sany sök berdi.
Akmämmet:
— Söki nireden aldyň, eje? — diýip gultundy.
Sapar aga getirip berdi ýaňy, sen ýokkaň. O bendä226
de aýakbagy bolduk. «Şujagazyňy bir aldyraýma» diýip
gitdi ýaňam. Muňňam-a çişi gaýdarlykly däl. — Ol
ýene-de bir söki Akmämmede uzatdy. — Sen oglum,
şujagazam jigiňe ýumşadypjyk iýdir, men orunbasar
gelmedimikä, bir görüp geleýin. Senem-ä düýnden bäri
duz dadan dälsiň.
— Men hiç-le! – diýip, Akmämmet çişip ýatan jigisine
seredip aglap goýberdi.
Gülendam kontora baryp orunbasary sorady. Oňa
Allaguly aganyň şol gidişidigini, özüniň welin juda
paltasy daşa degäýmese aňsat boş gelmejekdigini
aýtdylar. «Ol-a bolaýypdyr» diýip, bir bada begenip
gaýtsa-da, özüne iýer ýaly zadyň şu gün, häzir gerekdigi
ýadyna düşüp, ýüregi süýşen ýaly boldy. Ikinji çagasynyň
hem elden gidip barýandygyny ýatlanda süňňi elendi.
Ol öz işigini ýaýdana-ýaýdana zordan açdy.
— Jigiň nähili, oglum? – diýip, Akmämmetden
gorka-gorka sorady.
— Ýatyr öz-ä. Sökem ýumşadyp berdim. Hezil edip
iýdi.
Bor oglum, demi bar bolsa bolýa. Gelýänçäm gara
janym galmady. Ertire bir çykaly hany.
227
Ysgynsyz aýaklary ony ertir ýene-de Hekimberdiniň
gaşyna getirdi.
Skladda dogrudanam zat ýokdy. Bolaýanda-da oň
ygtyýary Hekimberdiniň elinde däl. Aňyrsynda bir
zady bolsa ony Hekimberdiniň aýdyşy ýaly kolhozyň
özem ile paýlajak. Ýöne Hekimberdi Gülendamyň
horlanýanynam, halys ugur tapman, öz ýanyna
gelýäninem bilýär. Ol şu pursatdan peýdalanmak isledi.
Şonuň üçinem: «Ind-ä çykalgasy galan däldir-dä»
diýip, oýlandy-da, ýüzüni ýerden galdyrman durşuna,
halal maşgalanyň elýetmez şahasyna dil ýetirdi. Özem
ol muny şeýle bir bihaýalyk bilen syrtarylyp aýtdy
welin, gahardan ýaňa ýüregi ýarylara gelen päkize
maşgala gapanyň üstünde duran çekim daşyny alaga-da
Hekimberdiniň depesinden inderdi. Degmedi. Tasap
daşaryk çykdy. Kürtdürdi. Ajyndan ölen Kyýas, çişip
ýatan Kowus boýunlaryny galdyryp bilmän, içerde
pytraşyp ýatan gara kellelije çagajyklary göz öňüne
geldi. «Kyýas jany Omar görüp bilmedi. Kowus janam
görüp biljek däl öýdýän» Gülendam aýaza galdyrap
durşuna nätjegini bilmän ýaýdandy. Hekimberdiniň
haýasyz keşbi göz öňüne gelende: «Çagalarymy gujaklap
aç öleýin welin...» diýip gözünden ýaş dökdi. Käte bir
ädim ädip barşyna skladyň daşky derwezesine ýetip
228
haýaty yklap durdy. Pikir etdi. Içinden geçip barýan aýaz
naçar maşgalany egreýdip, alyp barýardy. «Ärnazar aga
ertir geläýende-de, Kowusjygyň ertire galjagyna ynamy
bolmadyk Gülendam bagryny elek edip yzyna döndi.
Bagyr awusy gitmedik gelin ertirem Kyýasyň taýyny
jaýlamaly bolaýmagynyň ahmallygyndan ýaňa näderini
bilmän gözünden ýaşyny saçyp sklada ýaňadandan girdi.
Özünden öňürti köwsarlap içeri giren gyş şemalyndan
hem sowuk ýüzüni ýerden götermän dillendi:
— Kyn söwdany meniň başyma salma, jan dogan!
Erte Omar gelse...
— Wah ýok-da, Gülendam!
— Onda nä...
— Aý, gaty zerur bolsaň öýdäkiden bäş-üç kilo...
getirip beräýmesem.
— Gaýrat et, jan dogan. Ärnazar aga gelse, üzeýin
— diýip, Hekimberdiniň ýüregine rehim gelendigine
begenen Gülendam göz ýaşlaryny süpürdi. Begenjine
eýýäm onuň ýaňky gödekligini hem bagyşlady. Ýigrenjiň
ornuny minnetdarlyk eýeläp ýetişmänkä, köw-söw edip
duran Hekimberdi buz ýaly sowuk sözlerini şagyrdadyp
gelniň öňüne dökdi.
229
— Nememi osoň, nähili, ýaňky aýdanmyz boljakmy
osoň?
Aç gözlerinde gazap ody täzeden ýanan gelniň
göz öňüne ýene-de çişip ýatan çagasy geldi. «Asly
toprakdyr şuňňam, erär-le» diýip, ýene-de birmeýdan
Hekimberdä ýalbardy. Hekimberdiniň şeýle agyr
sözlerini eşidip, çekip durup bilşine özem haýran galdy.
Halys bolmansoň ysgynsyz, ýöne ýürekden syzdyryp
şeýle diýdi.
— Sen ýalkanmarsyň, Hekimberdi! Sen ýalkansaň
men hudaýdan närzadyryn...
Hekimberdiniň sesi güňleç çykdy:
— Ýok-da!
Gülendam çapgyn şemala duwlanyp öýüne geldi.
Garaja kelleler yrgyldaşdylar: Ejeleriniň iki eliniňem
boş gapydan girenini görüp barmajyklaryny sormaga
başladylar. Gülendam bu boluşda uzak oturyp
bilmejegini bildi. Sandygy açyp, gymmat bahaly şaýsepinden näme galan bolsa bir ýaglyga düwdi-de, gelen
yzyna tarap gitdi. Öz-özüne göwünlik berdi. «Bolmaly.
Heý ysgyladam bir boş bormy. Ol elindäki düwünçegi
Hekimberdiniň öňüne oklady. Hekimberdi gözüni
tegeledi.
230
— Bu näme?
— Şaýlarym. Gyzkam dakynan ysyrgamam,
şakäkilimem şunuň içinde. Hemmesinem alaý. Bir
bişirlik berseň bolýa. Un bolsa-da, bugdaý bolsa-da.
Ertire çyksak bolýa. Belki ertir geläýedi-dä birinden
biri.
Hekimberdi sowuklyk bilen şaýlary elleşdirdi.
— Ýadyma düşýä. Şuny dakynýanyňy bilýän. Gyzdyň
sen o wagtlar. Owadandyň. Sen şumadam owadan. —
Soňra ol ýaglygy emaý bilen düwdi. Yzyna uzatdy. —
Me, ýygna. Kolhozyň maly meň öz zadym däl. Onsoňam
aýtdym-a ýok diýip. — Hekimberdi ýüzüni kese sowdy.
— Bir käse ýaly sary ýag-a bar. Bugdaýam özümiňkiden
beräýmesem...
— Karz beräý! Şularam al! Hem-ä şulary bereýin,
hemem alan karzymy üzeýin. Şu gün-erte oňňut bolsa
bor. Ärnazar aga...
— Özüň razymy osoň?
— Karzamy?
— Ýaňky aýdanma? Gorkma, hiç kim bilesi ýok.
Gülendam ýüzüni tutup çykyp gaýtdy. Çagalar
ejeleriniň elindäki düwünçek çöreklidir öýdüp
231
ýerli-ýerden topuldylar. Şagyrdaşyp ýatan gymmat
bahaly bezegler bir döwüm çöregiň ýerini tutmady.
Gülendam seretse, Kowusyň çişi köpelipdir. Birhili ýüzi
gögerenem ýaly. Akmämmediňem haýy gaçyp barýar.
Ortaky üçüjigi-hä nämüçindir başlaryny ýerdenem
göterenoklar. Käte bir gözlerini açýarlar-da, ýene
ýatyberýärler.
Akmämmet ýatan ýerinden çalaja pyşyrdady:
— Eje, Sapar aganyňam ýüzi çişipdir. Ýaňy agtygy
gelip gitdi. «Gülendam tapan bolsa iki barmak ýalyjak
nan bersin, dadyp bir öleýin» diýipdir.
Gülendam içigip, içigip aglady. Göwnüni bire
baglap ýerinden turdy. Kimdir biriniň öňünde özüni
aklamakçy bolýan ýaly, dik duran ýerinde kükregine
uruplar aglady:
— Nädeýin-dä! Nädeýin onda men?! Gyraýynmy
bulary?
...Bir zatlara güýmenen bolup duran Hekimberdiniň
ýanyndaky iki-ýeke adamlar gidişýänçä, Gülendam
daş işikde aýaza gerňelip garaşdy. Hiç kimiňem arkasy
haltaly çykmaýanyny görüp uludan demini aldy. Sklady
ýapjak bolup durka muňa gözi düşen Hekimberdiniň:
«Maňa garaşýaňmy, Gülendam?» diýenini eşidip,
232
gabaklaryny götermän, çalaja baş atdy. «Çaga-ha
gidip barýa» diýip delmurdy. Gulpa sokan açaryny
towlajagyny, towlamajagyny bilmän duran Hekimberdi
syrtyny bir gapdala burdy. Ýüzüni eňşetdi.
— Ysgylatda-ha, Gülendam ýaňky aýdanym, ýel
öwüsýä. Bersemem çagalarymyň agzyndan kesip
özümiňkiden beräýmesem... Biziňkilerem özüň bilýäň,
az-küş däl. Gaýnymam meňkide. Gahatlyk ýeke seň
başyňda däl. Çyda! Ärnazar aganyň ýanyna giden
bolsalar oň özi bir ýol salgy biýr-dä.
— Wah, maňa şu gün gerek, şu wagt, şu pursat
gerek. Düýnkijämiň mazary kepänok, beýlekimem
çişip ýatyr. Onymam öljek. Çagajyklarym gidip barýa
ýeke-ýekeden. Näme diýseň kaýyl boldum, indi bir boş
goýberme, zalym!
Hekimberdiniň gözleri ýiteldi. Ýaş balasyny gorap,
özüni oda-suwa urmaga taýyn bolup duran bürgüde
meňzeş bu gelniň halyna gynanjak boldy. Ýene-de isleg
ökde çykdy. Ýuwdundy. Çalaja seslendi:
— Bärik geç-äý onda!
Hekimberdi
sklady
daşyndan
gulplady-da,
Gülendamy arka ýüzündäki gapydan saldy. Özem girdi.
Gapyny içinden ildirdi. Sessiz-üýnsüz dowam eden
233
hysyrdylardan soň agyr söwda başlandy. Gara el ak
gerdenden ötdi. Gülendam yzyny üzmän aglap ýatyşyna
Hekimberdiniň demi ýüzüne urandan, sesini kesdi.
Onuň iki görejine gazap bilen dikanlady. Göreçlerden
uçgun syçrady.
— Bu güzer seň injek güzeriň-ä däldi welin... —
diýdi-de, yzyny aýdyp bilmän eňräp goýberdi. — Bol
basym, çagam ölmänkä öýe bir ýeteýin!
...Ýüzüni hüýt-gara edip, Hekimberdiniň uzadan
düwünçegini goltugyna gysyp, üstündenem hiç
kim görmez ýaly donuny büräp, yrgyldap barýan
Gülendamyň gözi häzir ýeri-gögi saýgaranok. Onuň
aňynda diňe «Kowus jan ölmäge ýetişmedik bolsa
ýagşydyr» diýen oý bar. Öýe gelensoň ol görgüli
çagasynyň diridigini görüp begenibem bilmedi. Işikden
ätländen Akmämmet böküp öňünden çykdy.
— Eje, ýaňyja Allaguly aga gelip gitdi. Ine, ýarty halta
unam getirdi. Ýene bir hepdeden Ärnazar aganyň özem
geljekmiş. Hemmelere-de bugdaý berjekmişler.
Ozalam ümürde ýöreýän ýaly äm-säm bolup gelýän
Gülendamyň iç işikde duran ýarty halta uny görüp,
barja ysgynam gaçdy. Haltany sypaň-sermeň eden
boldy. Maňlaýyny bogdagy çözülmedik halta diräp,
234
demi-demine ýetmän aglady. Goltugyndaky düwünçegi
çagalarynyň göräýmeginden gorkup, saňňyl-saňňyl
edip ýerinden turdy. Şol turşuna telim ýola gatnap
torç eden ýoluny şor ýaşy bilen eze-eze sklada bardy,
goltugyndaky düwünçegi çykaryp, henizem bir zatlara
güýmenen bolup duran Hekimberdiniň öňünde goýdy.
Göwni bir ýaly parhsyz gepledi.
— Men-ä ýulunmaza gitdim welin, herne Hudaý
neresse çagalara haram aşy rowa görmändir. Ejiz
boldum... Aljyradym... Şu gara kelleler diýip... Wah
garamaňlaýym!
Ol gazap bilen düwünçegi silkip goýberdi.
Düwünçekden şagraşyp dökülen sübse darylaryny
görüp, Gülendamyň dili tutuldy. Gözüniň öňi ümezläp,
injikleri saňňyldady. Ýykylmazlyk üçin ganatlaryny
ýaýdy.
Ol soňky gezek öýüne gelende iňrik garalyp ugrapdy.
Haltanyň bogazyndan ellerini sokuşyp, un iýip, ýüzlerini
ak urba edişip oturan çagalarynyň seredibilmän,
galpyldap, aýak üstünde kän durdy. Ölesi geldi. «Wah,
ýetişjegem ekenler» diýip, köňlüni daglaý-daglaý halys
ýere siňdi. Kem-kemden endamynyň hapasy köpelip
barýan ýaly, töweregine çalt-çalt garanjaklady. Suw
235
ýylydyp ýuwundy. Oň bilenem synasy päk bolmady.
Gulagyna kimdir biriniň, ýöne Omaryňky-ha däl,
sesi eşidildi, «Indi nädip ile görünjek?» Gülendam
gyssanjyna özüni aklajak boldy. «Il bilenog-a!» «Il
aýnaňdyr. Muny il-ä däl, derýadaky balyklaram biler.
Çagalaryňy gujaklap şehit ölen bolsaň abraýyň artardy
Merdiň jaýyna namardy salandan-a...» Iň ýamany
şondan soň boldy. Işikde hakyt Omar peýda boldyda, Gülendamyň üstüne direndi duruberdi. «Heý,
Gülendam, beýdeniňden-ä hemmejesinem eltip gara
ýere duwlan bolsaň, gowy bolardy!» diýdi. Başyny
ýaýkaý-ýaýkaý götinjekläp çykyp gitdi. Gülendam:
«Dur!» diýip jynssyz sesi bilen gygyrdy. Omar başyny
ýaýkady. «Durarlyk galan däldir». Kelebiň ujuny ýitiren
gelin äriniň yzyndan ellerini serip, gözünden boýurboýur ýaş dökdi. Ysgyny gidip ýykyldy. Şol ýatyşyna
ýarym gijeler üşäp oýandy. Turup peje ýalaňy odundan
salyp öýüň içini birazajyk ýylatdy. Daň atmanka
çagalaryna bulamak bişirip berdi. Unaşam bişirdi. Sapar
aga-da bir käse aş iberdi. Pytraşyp ýatan gara kelleler
dikeldiler. Öýüň içinde hereket başlandy.
Şondan soň bir hepde geçmänkä Ärnazar aga gutulyp
geldi. Halk ýeňillik bilen dem aldy.
Bu habara hemme begense-de, Gülendam begenip
236
bilmedi. Ol indi hiç zada begenip hem bilenok, gynanyp
hem. Ol gije-gündiz bir zada, urşuň gutararyna,
Omaryň oba gaýdyp gelerine garaşýar.
Bahar gelip, töwerek al-elwan öwsen mahaly, sapaly
bahar bilen bile uly iliň uzak ýyllar garaşan ýeňşi hem
ýetip geldi. Gerçek ýigitleriň, ner atalaryň birnäçesi jeň
meýdanlarynda müdimilik galdylar. Ölmedikleri bolsa
başlaryny dik tutup, är kimin öýli-öýüne gaýdyp geldiler.
Ýüzünden nur saçyp, Omaram geldi. Çagalaryny
bagryna basyp öwran-öwran ogşady. «Hany, ekiziň taýy
şümi?» diýip, ajalyň agzyndan sypyp galan Kowusjygy
eline alyp telim gezek bökdürdi. Gülendama göwünlik
berdi:
— Beýlekini aldyrdyňmy? Zyýany ýok, gamlanma.
Galanam bor. Şularyň jany sag bolsun. Hany, özüň
nähili? Ynjaman, agyrman otyrmyň?
Gül ýüzi bir eýýäm solan Gülendamyň bolsa,
ganaty döwülen guş ýaly şol bir ýygrylyp oturşy. Edil
doňdurylan ýaly. Omaryň gözüne-de seredip bilenok.
Aglaýar. Omar bolsa hiç zat aňanok. Şol pessaý-pessaý
gürläp otyr.
— Goý aglama. Ine, Hudaýa şükür, abraý bilen
duşmany ýeňdik. Sag-aman siziň araňyza gaýdyp
237
geldik. Senem, tüweleme, çagalara är kimin seredipsiň,
ekläpsiň...
...Çagalar gaty giç ýatdylar. Jürrüldeşip halys
ýadansoňlar ýatdylar. Gülendam düşek saldy-da, daşky
eşiklerini çykaryşdyryp oturan adamsyna:
— Omar, hol sandykdaky ýaşyl elbukjaň içinde bir
hat bardyr. Sen prontdakaň birinden gelipdi. Menem
ýygşyryp goýdum. Şony oka, oňa çenli menem bir daş
çykyp geleýin... — diýdi.
Omar sandygyň üstündäki ýorganlary aýryşdyryp,
haty tapýança esli wagt geçdi. Daşy bukjasyz, dört
eplenen kagyzy açdy-da, okap başlady.
«Omar, altyn gapyň açyldy. Kümüş uýanyň üzüldi.
Şir awuna şagal degdi. Seniň bilen bir düşekde ýatmaga
meniň hakym ýok. Şu gara kelleleri ölümiň agzyndan
alyp galjak bolup, seniň tylla käsäň bilen özgä suw
içirdim. Günämi bilýän. Şoň üçinem gidýän. Kyýamat
magşar güni gabat gelseň, meniň ýüzüme otly kesindini
basarsyň. Senden bir haýyşym bar, olam bolsa özleri
üçin ejeleriniň şeýle pes güne düşendigini çagalar
bilmesinler. Ýene bir zat, onam aýdaýyn. Çagalaryň şol
haram aşy iýen däldirler. Olar arassadyrlar. Nädeýin,
ejiz boldum, başym egildi, pudagym döwüldi. Indi
238
özüň geldiň. Çagalary hor etmersiň...»
Omar ylgap daşary çykdy. Birdenem bir zat göwnüne
gelen ýaly işiklerindäki eşegarka kürsäp urdy. Ortarada
sallanyp duran aýal göwresine gözi düşenden, depe
saçy düýrükdi. Çözlenen gara saçlaryň şemalyň ugruna
tar-mar bolup ykmasy, aýyň şöhlesi çala düşýän
garaňky ýerde hasam perişan bolup görünýärdi.
Omar bir bada nätjegini bilmän ýaýdandy. Ýaňyja
sowap başlan göwräni sesini çykarman, emaý bilen
çözüp aldy. Usullyk bilen gujagyna gysdy. Aý ýagtyda
gapysy garalyp görünýän öýüne öwran-öwran seretdi.
Ýaňyja-da ene-atasynyň arasynda jürrüldeşipjik oturan
jüýjejikleriň eýýäm enesiz galandyklaryna ynanasy
gelmedi. Çagalarynyň ýetim günleriniň başlanmagyny
hiç bolman ertire çenli bir uzaltmak isleýän ýaly, öýe-de
girmän, goňşularyna-da duýdurman, baharyň mymyk
howaly bu hoştap gijesini, jebri-jepalara göýdük bolan
kembagt aýalynyň başujunda oturyp geçirdi. Şol gije
ol dört ýylky çekmedik jebrini çekdi. Içinden bolsa şol
bir sözi gaýtalady oturdy: «Beýdäýmelem däl ekeniň,
Gülendam! Bir topar garakelleleri ýetim goýmaly däl
ekeniň. Maňa görä-de bulara sen has gerekliräk ahyry!
Oňarmansyň, Gülendam! Edil beýdäýmeli däl ekeniň.
239
Şular üçin ýaşabermeli ekeniň-ä... Oňarmansyň...»
1981 ý.
MEÝDAN
Uruş gidip durdy. Şol haý-haýly ýyllarda biziň
obamyzyň demirgazyk çetinde ýerleşýän at ýataklarynyň
birinde indi garrap çapuwdan galan, Meýdan diýen
owadan bir gara at durardy. Oba adamlary ötende,
geçende oňa bakyp: «Bir wagtlar munuň öňüne
at geçenokdy» diýişýärdiler. Käbirleri bolsa onuň
ömründe ýekeje gezek ýaryşda ýeňlendigini, şol gezek
hem onuň öz ýeňilenine namys edip gözünden ýaşlar
döküp aglandygyny, guwanç bilen ýatlaýardylar.
Seýisimiz Gandym aga-da ala-böle şol ata üýtgeşik
bir mähir bilen serederdi. Onuň sandan galandygyna,
bazarynyň sowulandygyna garamazdan, ir-ertir, giç
agşam onuň daşynda pelesaň urardy. Käte idip ony
birmahallarky toýnagyndan uçgun syçradyp, ýüpek
ýalyny boz şemala ykjadyp gezen ýerlerine aýlardy.
Göwnüni götererdi. Hiç kim ýok wagty bolsa onuň
bilen gürleşerdi.
Şeýle günleriň birinde onuň ýanyna ýuwaşja ýöräp
kolhozyň başlygy geldi. Ol salam berdi-de, atyň
240
ahyrynyň gyrasynda çommalyp oturdy. Çilim ýasandy.
Ony çekip bolýança ýaýdana-ýaýdana bir-ä ýatagyň
içinde hysyrdanyp ýören Gandym aga, birem Meýdanyň
ýaşaryp duran gözlerine, jaýrylyp başlan toýnaklaryna
siňe-siňe syn etdi. Torbasyndaky iými kynlyk bilen
hütürdedip iýşini görüp başyny ýaýkady. Çilimiň
tüssesine düwünip esli mahal üsgürüp duransoň,
ýaşaran gözlerini ýaglyk bilen süpürdi. Ýene-de alada
bilen bir ata, birem seýise taýly gezek seretdi. Üýtgeşik
bir zat diýmänem turup gitdi. Gijara ýüzüni sallap
ýene-de geldi. Kiçijik jaýyň kölegesinde çaý içip oturan
Gandym aga başlygyň köwlenip ýörüşinden ýüregi bir
zat syzan ýaly, ýanyna gelenden elini sandyradyp oňa
bir käse çaý uzatdy. Oňa ýeňillik bolsun diýip özi söz
açdy.
— Sen bir zadyň-a aladasyny edýäň, başlyk.
Eýgilikmidir?
Başlyk:
— Aý bu wagt aladasyz adam barmy Gandym aga? —
diýip, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy. Soň ýene-de ondan,
mundan her dürli gep açan boldy. Ahyry hem ertirden
bäri aýdyp bilmän ýören zadyny kynlyk bilen ýaýdanaýaýdana aýdyp başlady. — Gandym aga, men-ä kyn bir
241
ýumuş bilen gelendirin. Munuň saňa ýokuş degjeginem
bilýän. Ýeke saňa däl, bütin oba ýokuş degjeginem bilýän.
Ýöne başga çykalga ýok. Uruş gidip dur. Hemme zat
front üçin. Belki, meniň diýjek bolýan zadymy aňsaňam
aňýansyň. Ýaňy ertir ir bilen gelenimde-de aýdyp
bilmän gitdim. Şu... — Başlyk ýuwdundy, ýerinden
turup jübüsini sermendi. Çilim ýasandy. Onsoň ýenede oturdy. Gandym aga bolsa sakgalynyň ujyny dişläp,
gözüni süzüp oturyşyna gürrüňiň yzyna garaşdy. Başlyk
aýtjak bolýan zadyndan özi basylyp halys ýegşerdi. — Şu
Meýdany ulanmaly boljak. Iş üçin. — Şeý diýensoň ol
agyr ýüküň astyndan çykan ýaly sojap-sojap dem aldy.
Käsäniň düýbünde galan çaýy zarp bilen owurtlady.
Çiliminiň galan ýarysyny bir demde sorup düýbüne
eltdi. Köz barmagyny bişiriberensoň bolsa bir gapdala
oklap goýberdi. Ýerinden turup ädigi bilen basgylady.
Gandym aga esli wagtlap aşak bakyp oturdy. Içini
hümletdi. Ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da, köwşüni
geýdi.
— Çaýyňy içip bolan bolsaň, ýör hany, inim! — Ol
başlygy yzyna tirkäp Meýdanyň ýatagyna getirdi. —
Sen başlyk. Ygtyýar sende... Ýöne seret, sen neneň
edip muny ýüke dözjek, ýa malaň yzyna goşjak?
Toýnaklaryna seret, gözlerine seret, hiý ady-owazy külli
242
türkmene dolan bedewi hem bir ahyr ýaşynda beýtmek
bolarmy?
Başlyk duran ýerini torç etdi.
— Wah, öňki-öňkülik bolanda men şu zatlary
dilime aljakmy? Özüň gördüň. Işe ýaraýjak mallaryň-a
hemmesini diýen ýaly fronta iberdik. Indem näme... Aý,
bolýa-da... Bu bir haýwanyň, ynsanyň başyna inen bela
boldy ahyryn, Gandym aga!
— E-eý inim, ol aýdýanlaryň-a dogrudyr. Gepläre
ýer goýmadyň. Özüme her neneň kyn iş buýursaň-da
ýokuş görmezdim, garrylygy bahana etmezdim. Şu
janawary welin...
Gandym aga sözüni soňlap bilmedi. Göwni bozuldy.
Çygşyl-çygşyl edip Meýdanyň ýanyna bardy, onuň
maňlaýyny mähir bilen sypady. Saňňyldap durşuna atyň
boýnundan gujaklap, başlyga eşitdirmän pyşyrdady.
— Hawwa-da, uruş bolmasa kim seni garran mahalyň
gara işe rowa görerdi. — Soň bärisine öwrülip başlyga
ýüzlendi. — Äkidiň, ýöne men ýokkam äkidiň!
Meýdany gijara, Gandym aga ota giden mahaly
gelip äkitdiler. Agşamaralar garaňky gatlyşyberende
garry seýis durup bilmän Meýdanyň ýatagyna bardy.
243
Boş duran ýatagy görüp, süňňüni saklap bilmän, ahyra
ýaplanyp, söwer dosty üçin aglan dek çyn ýürekden
aglady. Atyň esbaplaryny ýygnap durşuna öz ýanyndan:
«Sen dälmidiň bedew at, meniň adym, abraýym! Sen
dälmidiň meniň ganatym, perim! Senem bir perzendim
dälmidiň?! Ýürekdeşim, syrdaşym dälmidiň?!» diýdi.
Ömrüni atşynaslyk bilen geçiren goja Meýdanyň
uçganaklap duran jahyl günlerini ýatlady. Uzakly
gije-de o çigninden bu çignine döne-döne azar çekdi.
Örtendi. Sowuk jaýyň içinde köneje çäkmenini ýüzüne
ýapyp ýatyşyna, şol ýeňilen gezegi Meýdanyň öz
ýüzüne seredibilmän çar tarapa buruljyrap duruşyny
göz öňüne getirdi. «Haý, janawar, edil adam ýaly-ow»
diýip pyşyrdady.
Gandym aga telim günläp beýleki ýatakda duran iki
sany ýaş taýyňam ýüzüne seredibilmedi.
Şondan iki-üç gün geçensoň, Gandym aga Meýdany
kültä goşup sürmek üçin Nyýaz aganyň on dört ýaşly
ogly Bäşşä tabşyrylandygyny eşitdi. Şol ýerdenem
ýüzüni sallap göni ekinçilige tarap gitdi. Bäşşe
şüdügärligiň gyrasynda Meýdany kültä goşup durka
onuň daşyna töwerekden başga-da bäşdir-üçdür adam
üýşdi. Bu hemmeleriň gez guwanjy bolan çyn bedewe
duýgudaşlyk etmegiň ýönekeýje nyşanydy. Her kimiň
244
bu atyň edermenliginden, şan-şöhratyndan söz açasy,
oňa guwanasy gelýärdi.
Ertirden bäri çiliň gyrasynda çommalyp oturan
Gandym aga ýerinden turup geldi-de, gataňsy elleri
bilen Meýdanyň endamyny sypalaşdyrdy, barmaklary
bilen ýalyny darap sagrysyna çalaja kakdy. Edil
gapdalyndaky duranlaryň biri bilen gepleşýän ýaly
ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:
— Gaýrat et, janawar! Bar, Alla saňa kuwwat bersin!
Meýdan seýisiň diline düşünen dek, garry
göwresindäki galan soňkuja güýjüni jemläp, hokrandyhokrandy-da, agyr demri süýräp, keşiň içine girip gitdi.
Şol wagt onuň gözlerinde ýaş göründi. Gapdalda syn
edip duranlaryň biri:
— Haý janawar, ýokuş görd-ow — diýip, gamgyn
seslendi. Beýlekilerem ýüzlerini sallaşyp birhili susluk
bilen dagaşdylar. Urşuň öz boýnundan ildiren agyr
labyryny çekip barýan bedew ata tarap seretmäge hiç
kimiň bogny ysmady.
Meýdan beýik ýeňşiň şatlykly habary biziň uzak
ýaýladaky uly bolmadyk obamyza gelip ýetýänçä ýanyny
ýere bermedi. Ýazyň ajaýyp bir güni bolsa oba tarapdan
ýüzin salyp gelýän, ak köýnekli oglan göründi. Elini
245
bulaýlap, bir zatlar diýip gygyryp gelýän oglan, külte
urup ýören Bäşşäniň deňinden ylgawuny ýazdyrman
düşelgä tarap geçip gitdi. Onuň yzyny üzmän gaýtalap
gelýän sözleri welin öz deňine gelende Bäşşä örän aýdyň
eşidildi.
— Ýeňi-iş! Ýeňi-i-iş! Uruş gutardy-y-y! E-e-eý, uruş
gutarypdyr-e-eý! Biziňkiler ýeňipdirler-e-eý!
Ep-esli wagtlap aňk-taňk bolup duran Bäşşe kültäni
taşlady. Bir demde ýaňkynyň yzyndan ýetdi-de, egnini
egnine deňläp bu-da ugrubir ylgaberdi. Bäşşe ylgap
barşyna iki gözünem ol oglanyň agzyndan aýyrman,
käte bir:
— Çynyňmy? Dogryňm-eý? Aýdaýsana, dost jan!—
diýip, sojap-sojap soraýardy.
Ol oglanyn bolsa şol eňip oturşy. Muňa barmysyň
hem diýmän, şol bir sözleri gaýtalap barýar.
— Uruş gutarypdyr-e-eý, biziňkiler ýeňipdirler-eý!
Öňbaýraga goýberilen ýaly eňişip gelýän oglanlar
düşelgä ýetip aýak çekdiler. Ondan-mundan eňişip
gelýän kolhozçylaryň barysynyň berýän soraglary
birmeňzeşdi.
— Çynyňmy?
246
— Kim aýtdy?
— Kimden eşitdiň?
Ahyry çynlygyna göz ýetirensoňlar bolsa bir-birlerini
gujaklaşyp, telpeklerini ýokary zyňyşyp, ala-goh
boluşdylar. Aýallaryň bolsa aglanyna, gülenine düşüner
ýaly bolmady. Şatlykly habara içi byjyklap, ýüregi
ýarylyp barýan Bäşşe köpçülikden sokga sogruldy-da,
aýak aldygyna Meýdany goýup gaýdan ýerine tarap
ylgady. Ol bardygy Meýdany külteden boşatmakçydy.
«Gaýrat edibildiň, jan atym, är işini bitirdiň, ine, uruşam
gutardy, indi sen hem bu kyn işden boş!» diýjekdi. Hatda
ol öz ýanyndan Meýdan ýatakda durka oňa günde bir
gezek gülli körpe ýygyp getirip bermegi hem ýüregine
düwdi. Goý, Meýdan ondan kine etmesin. Ony öňüne
salyp şüdügärligiň içi bilen günuzyn iki baka dynuwsyz
sürendigi üçin Bäşşeden gaty görmesin. Başlykdanam,
Gandym agadanam. Hiç kimdenem gaty görmesin.
Şu çaka çenli uzynly gün ýüzüni ýerden galdyrman
atyň yzyna düşüp ýören çaga ylgap gelşine, hamana,
Meýdan özünden: «Ýaňky oglanyň aýdanlary dogrumy,
ugrunda barmy? Urşuň gutarany çynmy?» diýip
soraýan ýaly, atyň boýnundan aslyşyp, eýlesine bir
geçip, beýlesine bir geçip, begenjine böke-böke, köpden
247
bäri özüne-de ýat bolan şadyýan bir owaz bilen, arassa,
saýyrdyň ses bilen saýrap başlady.
— Çyn! Çyn! Gutarypdyr. Uruş gutarypdyr.
Biziňkiler ýeňipdirler. Bu gün-ä ýetişmezler welin, ertir
dagy hökman gelerler. Adamlaram geler, atlaram geler.
Ýene-de öňki-öňkülik bolar. Çyn şü.
Düşündi. Ynsan kimin duýgur bedew bu çaganyň
diýjek bolýan zatlarynyň hemmesine düşündi. Syzdy.
Urşuň gutaranlygyna-da, şu bökjekläp duran oglanjygyň
agalarynyň, kakasynyň, obadaşlarynyň uçursyz uzaga
çeken hupbatly uruşda üstün çykandyklaryna-da,
olaryň urşa giden men diýen ençeme jahyl bedewler
bilen bir hatarda, hä diýmän gaýdyp geljekdiklerinede ynandy. öz ornuny tutjak çyn bedewleriň mundan
bu ýana jeň meýdanynda ýa şüdügärligiň içinde dälde, elmydama agyr märekeli toýlar içinde, tomaşa
meýdanynda boljakdyklaryna-da ynandy. Ol gürre
silkindi-de, başyny dik asmana tutdy. Gulaklaryny
üşerdip goç ýigitleriň, ýüwrük atlaryň jeň meýdanyndan
gaýdyp geljek ýollaryna tarap algyr nazaryny dikdi. Iki
art aýaklaryna daýanyp, öň aýaklaryny ýokary göterdi.
Sekräp-sekräp asmana zyňdy. Uçjak boldy. Demir
tirkegi bolmadyk bolsa, belki, ol uçardy hem. Emma
agyr labyr onuň göwnündäkini etdirmedi. Güýjüniň,
248
kuwwatynyň kemsiz kemelenine gözi ýetip duran
ynsanýürek agras at şondan soň gaty bir gudurajagam
bolmady. Ýöne ýüreginden syzdyryp, öýkenini,
bagryny sogurara getirip, çar töweregi ýaňlandyryp
şeýle bir uzak, şeýle bir haýbatly kişňedi welin, onuň
owazyny ýeke bir biziň ýaýlalarymyzda-ha däl, ondan
has uzaklarda hem eşitmedik galmandyr. Meýdanyň
sesi ilki bilen-ä köne galalara, ilerki daglara düşüp
ýaňlandy. Soňam obamyzyň ýokarsyndaky ýumşak
gum gerişlerine düşüp birazajyk peseljek ýaly etdi-de,
ýene-de çägä siňmän asmana göterildi. Asmana düşüp
ýaňadandanam bir ýaňlandy welin, şondan soň-a ony
bütin jümle-jahan eşiden bolsa gerek. Şol sesiň zarbyna
tas asman çüýşesi çat açyp, jygda-jygda bolup ýere
dökülipdi. «Uruşdan gelýän ýigitler Meýdanyň sesini
şol gezek ýoldakalar eşidipdirler» diýşip, kolhozçy
aýallar soň-soňlaram gürrüň etdiler ýördüler. Aýallaryň
arasynda: «Pirli golak dagy Gyrmanýaň içinde gizlenip
galan iň soňky nemisi kowalap ýörkäler Meýdanyň
sesini eşidip ýoldaşlaryna: «Häk, biziň, obaň atyna bir
zad-a boldy, sesi ýaman zaryn çykdy» diýşipmişinler»
diýip gürrüň edenleri hem boldy. Bedew ata bolan
söýgä ýugrulgy şol howaýy gürrüňlere biz buwagt
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 11
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.