Latin

Ojaklar öçmesin - 08

Total number of words is 3717
Total number of unique words is 2153
34.3 of words are in the 2000 most common words
48.5 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçünji gezekde aldy». Men içimden: «Häý, menem
beriberen bolsam boljak eken-ow!» diýip ahmyr
etdim. Ýene-de öz gowşaklygymdan göwnüm galdy.
Nowgül ýaly gyzyň söýgüsini gazanyp bilen ýigidi
gözümiň gytagy bilen synladym. «Bu dogrudanam
174
şoňa mynasyp» diýip öz-özüm tassykladym. Gulberdi
menden şo-ol bedenterbiýe mugallymy hakynda hem
sorady. «Şeýle-şeýle diýýäler welin şol dogrumy?» diýdi.
«Ynanma!» diýdim.
Gulberdi bilen dostlaşyp tirkeşip ýöremsoň Nowgül
bilenem öwrenşip gitdim. Men öňki Nowgüli, mämişi
köýnekli Nowgüli henizem söýýärdim. Häzirki Nowgüli
bolsa dostumyň gelinligi hökmünde hormatlaýardym.
Bir wagtky meniň beren hatym hakynda Nowgülüň
oýundan, çyndan ýekeje gezek hem agzamandygy üçin,
men oňa ömürlik minnetdar. «Duýgusyny äsgermezlik
etmäýin» diýendir-dä.
Şol ýylyň tomsy men mekdebi gutaryp, Aşgabada
okuwa gitdim. Gulberdi bilen Nowgülüň toýuny hem
görüp bilmedim. Gulberdi neressäniň ömri gysga ekeni.
Nowgül bilen ýyl ýaryma golaý ýaşaşyp-ýaşaşmanka,
tarpa-taýyn ýogaldy. «Ýürek agyryly ekeni» diýdiler.
Ýöne men-ä onuň: «Ýüregim agyrýa» diýenini
eşitmändim. Nowgüli hem şondan soň göremok diýen
ýaly. Okuwy gutarybam Aşgabatda işe galdym-da,
oba hem käwagt bir barylýa. Onda-da gabat geleni-hä
görýäň, gabat gelmedigem galyberýä.
Ine, seredip otursam, ondan bäri eýýäm ýigrimi
175
ýyl geçipdir. Ýyllar biziň deň-duşlarymyzyň, dostýarlarymyzyň birnäçelerini özleri bilen alyp gitdiler.
Galanlaryny bolsa üýtgetdiler. Daş keşplerini, hüýhäsiýetlerini üýtgetdiler. Dek düýnüň özünde men
Nowgüle gabat gelmedik bolsam, bu zatlar barasynda
belki, henizem çynlakaý oýlanmasam oýlanmazdym.
Durmuş bir akyp ýatan derýa. Onuň öňünden sowlubam
bolanok, sowubam bolanok. Men ony görenimden
tanadym. Heý-de tanamanmy?! Egninde mämişi
köýnegi ýok diýäýmeseň, ol henizem şol birwagtky ter
Nowgüli ýadyňa salyp dur. Siňe seredäýmeseň, geçen
ýyllaryň goýan yzlary kän bir bildiribem duranok. Şol
bir dykyzlygy, alçaklygy, çalasynlygy.
— Ýagdaýlaryň niçik?! — diýip beren soragyma:
— Aý, biziňkem bir dul mydarydyr-da — diýip
gümürtik jogap berdi.
Onuň häsiýetinde uly özgerişligiň bolandygyny
derrew aňdym. Öňki Nowgül heý-de, şeý diýermi?
Diýmez! Ölse-de diýmez. Ol buýsançlydy, merdemdi.
— Nowgül, ýör öýe baraly, duz dat, çaý iç, çagalary,
gör! — diýdim.
Ol ýüzüni ynjyly çytdy.
176
— Men howlukmajyrak. Agşamky otly bilen
gaýtmaly. Ýör, bolmasa myhmanhana baraýaly. Şol
ýerde ine-gana gürleşeris, könäni ýatlaşarys. Soňam
meni ugradyp goýbärsiň...
Nowgül meniň golumdan tutup diýen ýaly,
myhmanhanadaky bir adamlyk otagyna eltdi. Çaý
goýdy. Başga-da oduk-buduk getirip, orta goýdy.
Nowgül meniň gabat garşyma geçip oturdy. Häzir
içgin synlap men onuň ter ýaňaklarynyň diýseň,
diýmeseň, könelişip başlandygyny, alkymynyň sallanyp,
dişleriniň az-kem saralyp ugrandygyny gördüm.
Bir mahalky hallan atýan gara saçlaryň indi menzili
gysgalypdyr. Bolsa-da, entek özüni gaty bir elden
bermändir. Belki-de, meniň göwnüme şeýledir, kim
bilýär.
— Ýigit bary yzymdaka men özümi dünýäde iň bir
bagtly adam hasap edýärdim — diýip, ol turuwbaşdan
könäni ýatlap başlady. — Emma men kembagt ekenim,
Muhy jan. Kembagt bolmasam, iki ýyla ýetmänkä
bagtym suwa çökermidi? Şol gidişi-gidişi boldy. Ilkiilkiler-ä göwnüme ýalan ýaly, ol geläýjek ýaly boldy
durdy. Soň bildim çyndygyny. Bileňde nätjek diýsene?
Başga hiç kime göwnüm urmady. Ýekeje gyzymy saklap
177
oturdym. Borjumy haklap oturdym. «Ýigit ýasy ýedi
ýyl» diýip, ýedi ýyl ýedi aý oturdym. Bir görsem ömrüm
köýüp barýar. Ýigit barynyň arzuwy Nowgül dünýeden
bipaý geçip barýar. Gizläp nädeýin, Muhy jan, ýaryldym.
Ahyr ýaryldym. Nädeýin. Menem janly-jandar ahyry.
Nowgül ýaşaran gözlerini süpürdi. Maňa gezek
bermän gürledi. Menem sesimi çykarman diňläp
oturdym.
— Seniň ýagdaýlaryň nähili?! — diýip, ahyry menden
sorady. — Durmuşyňdan razymy?
— Gül ýaly, kem zadym ýok.
Men muny hamala Nowgüle gyjalat bermek üçin
aýdan ýaly, ol ýüzüni çytyp, aşak bakdy. Dodagyny
dişläp, ýürekgyýdyryjy görnüşde ýylgyrdy. Köýneginiň
üstünden buduny sypalap oturşyna, gaşyny galdyrman
sorady:
— Könäni ýatlaýaňmy, Muhy?
— Heý, onam bir ýatlaman bormy?
— Maňa hat bereniňi bilýäňmi?
— Howwa-la.
— Näbileýin, ýatdan çykaraýdyňmykaň diýdim.
178
Şol gezekki utanyp ýüzümiň gyzaryşy, Nowgülüňem
gyzaryp, sesiniň sandyraýşy şu günki ýaly ýadyma
düşýär. Häzir welin ol zatlary arkaýyn ýatlaýa.
Gürleşip ep-esli oturypdyrys Birdenem Nowgül
humaý gözlerini süzüp maňa seretdi. Üýtgeşik bir
hyrydar nazara duçar boldum. Beýle ahmyr gatyşykly
maýyl gözleri men şondan öňem göremok, soňam.
Onuň sesi sandyrap çykdy:
— Ahmyrdan çykasyň gelenokmy?
Men aňk-taňk boldum. Bu sözler meni iki gulagymdan
tutup getiräge-de, ýeriň biline çalnan ýaly etdi. Agyr
töhmediň astynda galyp barýan ýaly demikdim. Meniň
ýakmaz bir zat aýdaýmagymdan howatyr eden Nowgül
howlukmaç gürledi.
— Ine men, ine-de sen. Şu jaýda ikimizden başga
janly-jandar ýok. Göwnüňde arman galmasyn. Sen
birwagtlar meni söýüpdiň, ýaşlygyň päk söýgüsi bilen
söýüpdiň. Men seni hiç wagt ýatdan çykarmandym.
Ýüregiňde arman galannam bilýän. Al, göwün
solpyňdan çyk!
Ajal deri diýýänleri hem şondan sowuk däl bolsa
gerek, meni şeýle bir der basdy, Hudaý saklasyn,
ömrümde beýle zulum gören däldirin. Ýatyrkam gara
179
basanda oýanmanyň tärini tapýardym. Häzir welin,
turup ötägitmäge göwrämde gurbat tapmadym.
Hyýalymda Gulberdi neressäniň keşbi peýda boldy.
Onuň berdaşly göwresi eplem-büklem bolan köne
demir ýaly elhenç, naýynjar göründi. Bileje iýlen
tagamlar, gyzgyn gatnaşyklar, galyberse-de, onuň köýen
ömri ýadyma düşdi. Bu alabeder dünýäniň ýakasyndan
tutaga-da, maňlaýyna beräýesim geldi. Usullyk bilen
ýerimden turdum-da gapa tarap ýöneldim. Gulply
gapyny açjak bolup, dyzap durşuma yzyma bakyp
ysgynsyz ses bilen: «Açary ber!» diýdim. Nowgül şol
bir oturşyna sag elini ýaňagyna diräp, maňa bakyp,
ýylgyran bolup otyr. Nä ýygyrmak. Ine-de, ol ýerinden
turup başyndaky ýumşak ýaglygyny aýryp taşlady.
Ýakasynyň tylla bendini ýazdyrdy, öňküsinden sähelçede mizemedik ak alkymyny sypalap goýberdi.
— Men bu gapa ýalňyşyp gelipdirin, Nowgül! Aç
gapyny. — Men oňa golaý bardym. Ýalbardym. —
Haýyş edýän, aç gapyny. Men seni söýüpdim, Nowgül.
Mämişi köýnek geýen Nowgüli söýüpdim. Emma ol
öwsen şemallar bu wagta çenli ýeriň daşyndan gör, näçe
gezek aýlanandyrlar. Meniň maşgalam bar, öýüm bar,
çagalarym bar. Ikimiziň aramyzda bolsa, Nowgül, dost
sarpasy gala bolup dur. Men ol galany ýumrup bilmen.
180
Men şol gezek senden öýkelemän gidipdim. Senem
menden öýkeleme. Saňa sapak berip biljek däl. Öz eliň,
öz ýakaň. Isleýşiňçe ýaşa. Ýöne meniň bilen dostlarça
hoşlaş, Nowgül!
Ol ýene-de stoluň başyna geçdi. Iki elini kükreginiň
üstünde çalşyryp goýdy-da, uludan bir sowuk demini
aldy.
— Durmuş bir ýolagçy otlusyna meňzeýär ekeni,
Muhy jan. (Ol özüniň bary-ýogy iki ýaş uludygyna
buýsanyp ömürboýy maňa: «Muhy jan» diýip geçdi.)
Ýolda duşýaň, ýolda-da aýrylyşýaň. Ol otludan bir
düşen bolsa, gaýdyp oňa münmeýär. Gulberdi neresse
gözümiň öňünden gidenok. Ýygy-ýygydan düýşüme
girýär. Emma indi ol ýok...
Nowgül ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Gelip gapyny
açdy. Ýuwaşlyk bilenem yzyna dolandy. Baryp, diwanyň
üstünde, goşa dyzyna bakyp kän oturdy. Göz ýaşlaryny
sylyp, başyny galdyrdy. Penjireden uzaklara seretdi.
Howwa, penjiräniň ed-dil agzyndaky gök şahalara,
onuň üstündäki jürküldeşýän serçelere däl-de, has
aňryk, has uzaklara seretdi.
Men usullyk bilen otagdan çykdym. Hoşlaşman
gaýdanyma birhili boldum-da, ýene yzyma öwrüldim.
181
Gapydan boýnumy uzadyp bu biçäre aýala, bir
mahalky ýetibilmeýän arzuwyma: «Hoş, sag bol,
Nowgül!» diýdim. Ol tisginip bärsine bakdy. Birdenem
sandyraýan elleri bilen ýüzüni tutup, aglap başlady.
Göwresini diwanyň üstüne taşlap, ýüzüni ýassyga berdi.
Onuň ýanan ýüreginiň agyr nalasy ömür gulagymdan
gitmez. Gitmejegi çyn şonuň. Hernä, açyk howa
birneme özüme getiräýdi. Barýançam agyr pikirlerden
açylar ýaly, öýe pyýada gitmegi ýüregime düwüp,
köçäniň ol tarapyndaky trotuara düşdüm. Kükregimi
ýelden dolduryp, öýkeniminň howasyny täzeledim.
Myhmanhananyň onlarça penjireleriniň içinden
Nowgülüň bolýan jaýynyň penjiresini agtardym. Şol
wagt açyk penjireden bäri seredip duran Nowgüle
gözüm düşdi. Ol aglaýardy, gollaryny ysgynsyzlyk bilen
bulaýlaýardy. Egninde bolsa şo-ol bir mahallarky ýaly al
ýaňaklaryna al goşýan ýukajyk, mämişi köýnegi bardy.
1969—81 ýý.
INDI AGLAMA, DÜRJEMAL!
(satiriki hekaýa)
Halyk ýarygijeler gorkup oýandy. Dik oturyp,
töweregine diň saldy. Daşardan aýallaryň, çagalaryň
182
aglaşýan sesleri eşidildi. «Goňşulardan-a biri
ýogalypdyr-ow» diýip, içini gepletdi. Başujunda duran
çärýek çüýşe aragyň hemmesini käsä guýdy-da, başyna
çekdi. Ýüregi ýerine geldi. Daşardaky gykylyk, agy,
goh zym-zyýat boldy. Şondan soň ol rahat ýatdy. Ertir
irden ýene-de kellesi agyryp oýandy. Erbet azarlady.
Arak gözledi. Ýok. Jübülerini sermenip zordan iki
manat tapdy. Ejesindenem üç apbasy diläp aldy. Ejesi
gan eňräp: «Içme! — diýdi. — Öýüň-ä ýykdyň. Indi
bir goý, şunyňy». Halyk: «Bor eje, goýaýyn» diýdi.
özi welin, hopul-sopul geýindi-de, yraň-daraň edip
dükana, çakyr almaga gitdi. Öýden çykan badyna,
bu dünýäniň öňkülerine görä has üýtgändigini görüp
gaty geň galdy. Hemme zat, daş-töwerek birhili goýy,
tylla sary reňke öwrülipdir. Adamlaram, baglaram,
daglaram geçip barýan maşynlaram, bar zat jylk sary.
Halyk bular ýaly hadysany öňem bir gezek synlapdy. Ol
aýaly aýrylyp gitmeziniň öň ýany bolupdy. (Aýaly bir
ogluny hem alyp çydaman gitdi.) Şol gezegem Halyk
gaty azarlady. Turup içere zat tapmady. Gulagyna her
hili sesler eşidilip, gözüne her belalar görnüp başlady.
«Dürjan gel, meniň dişimi sogurýalar» diýip, aýalyny
çagyrdy. Sesine ejesem geldi. Halyk olara: «Duruň,
galmagal etmäň, ine häzir sogurýalar, wraçlara päsgel
183
bermäň, ine, ine anha... A-an-ha-a!» diýip, hamaly dişi
sogrulaga-da, özem zarp bilen itilen ýaly bolup, özüni
ýeňseleýin diwara bir urdy welin, hälem kellesi diwara
kakylan mähnet çüýden bir sere ýaly aşak degäýdi. Halyk
hakykatdanam dişi sogrulan ýaly bolup usurgap esli
ýatdy. Turup: «Hany doktorlar gitdimi?» diýip sorady.
Şol gezek Dürjemal äriniň öňünde meseläni kesgitli
goýdy. «Besdir, indi goýmasaň men-ä mundan bu ýana
çydap biljek däl. Adam sanyndan-a çykdyň. Şonda-da
şol bir heňiň. Şunça garaşdym, indi besdir. Çagamam
alyp gitjek!» diýdi. Halyk şol gezek «Goýaýyn» diýip söz
berse-de, goýup bilmän köp horlandy. «Islän wagtym
goýaryn!» diýip ýören adam, aňsat goýaýmajagyna göz
ýetirdi. Arak goýdurylýan ýere gitmänem namys etdi.
Içmän çydajak bolup, azarlap ýatan wagtlary, assyrynlyk
bilen içerä gözüni aýlap içer ýaly zat gözledi. Eliniň
barmaklary bir ýumulsa açylmady. Damarlary çekdi.
Bir eli bilen beýleki eliniň barmaklaryny açyp, aýnaň
öňünde duran, ýarty çüýşe odekolony zordan aldy. Suw
getirmek üçin, wanna barýança ýöräp bilmän masgara
boldy. Nädip ýöremelidigini ýatdan çykarypdyr.
Aýaklary pružinaly ýaly tagaşyksyz hereketler bilen,
iki ýana hallan atdy. Ony diýseň ellerem, bütin göwresi
ýaňy ýöremäni öwrenýän çaganyňky ýaly giden ugry
184
özüniňki bolup dur. Ahyry hem ýöräp bilmän ejesini
çagyrdy. «Suw getirip bersene!» diýdi. Ejesi suw getirip
oglunyň öňünde goýdy. «Git-de, goýaý senem iliň
goýýan ýerinde, jan guzym!» diýip, ogluna ýalbardy.
«Şony suwa garyp agzyma tutsana jan eje!» diýip,
bu-da ejesine ýalbardy. Şony içensoň azajyk özüni
dürsedi. Ýerinden turup, dik oturdy. Şol wagt aýaly
geldi. Boşan odekolony görüp, sessiz-üýnsiz zatlaryny
ýygnaşdyrdy. Ogluny geýindirdi. Çykjak wagty gaýyn
enesiniň gujagyna özüni oklap aglady. Ikisem bir zaman
aglaşdylar. Razylaşdylar. Ene-de gelni günäkerlemedi,
gelinem gaýyndan kinedar bolmady. Bu aýralyk pursaty
olaryň ikisi hem algyr nazarlaryny öýüň ortarasynda
dişindäki ýok gyly sogurjak bolup dümtünip oturan
Halyga dikdiler. «Ozalebetde döremän geçseň
bolmyýamydy...» diýen ene yzyny sözläp bilmän aşak
çökdi. Gelnine ak pata berdi. «Bolýa guzym, gitseň
bar aman! O dünýe, bu dünýe men senden razydyryn.
Gitseňem bir ýyl, iki ýyl otur gyzym. Belki buda bir
adam syýagyna geläýedi-dä!». Gelin-ä biragyzam
sözläp bilmedi. Saýlap-seçip barany, eginleri dag ýaly
pälwan sypat bu ýigidiň bir owurt şerap üçin özüni
şeýle kiçeldip oturşyna tüýs ýüreginden gynandy. Gitdi.
Yzyna gözläpler gitdi. Oguljygy hem: «Ene-ä-ä» diýip
185
eljagazlaryny sere-sere gitdi. Halyk bolsa zoňtarylyp
oturşyna: «E-eý, çypyňmy-eý, seniň, goýaryn men,
gitme entek» diýdi. Aýaly çykyp gidensoň ejesine
ýüzlenip: «Eje, şu dişimiň arasynda bir gyl bar welin,
hiç sogrup bilemok, şuny aýyrsana!» diýdi. Garry gazap
bilen gargyndy. Haly-ys, zandyndan ötensoň gargyndy.
«Dişiňem gursun seniň, özüňem üstesine gurasyn.
Dişleriň dökülipler geçse bolmyýamy? Hunaba-ha
ýutdurdyň maňa ahyr ýaşymda, döremän geçen. Bu
bolşuň bilen ýulunmaza gidersiň sen. Maýa gelnim
bozlap gitdi, tokar guzym mäläp gitdi. Ýürek ýagym
gitdi, ysgynym, mydarym gitdi... Nalajedeýin men?..»
Garry iki günläp ýerinden galmady. Halys degnasyna
degen Halyk, şondan son bir aý ýaly içmänem gezdi.
Ölümiň bärsinden gaýtdy welin, goýdy. Maşgalasynyň
yzyndanam gitdi. Gelni hem: «Hany entek bir ýyl,
ýarym ýyl göreli näme bolýanyny» diýdi.
...Ine üçünji hepdäniň içidir ol ýene-de içip ýör.
Işem ýok, güýjem ýok. «Içme» diýip päsgel berýän
Dürjemalam ýok. Hezillik. Ejesem nätsin, şol Taňrysyna
gargap otyr. Halyk düýrügip, halys heläk boluberse,
gaýtam oňa dözmän, galan-gaçan şaýyjyklaryny hem
çykaryp berýär. Nätsin-dä!
...Hawa, dükana çakyr almaga barýan Halygyň
186
gözüne dünýe jylk sary göründi. Dükana girdi welin
onuň içindäki asylgy suratlara gözi düşüp, gülküsi
tutdy. Ol suratlardaky adamlaryň ýüzleri kä çep tarapa,
käte-de sag tarapa gyşaryp, süýnüp gidýärdi-de, ýenede ýerine gelip duruberýärdi. Halyk bir zat ýadyna
düşen ýaly, tapba gülküsini kesip, adamlaryň ýüzüne
seretdi. «Adamlaryň ýüzi dogry, ýöne sary. «Beh!». Şol
wagt «wazt» etdi-de bir ary Halygyň dulugyna kakyp
geçdi. Bu-da elini salgady. Baryp bir çüýşe çakyr aljak
bolanda ýene-de şol ary «wazt» edip kakyp geçdi.
Sesini eşitse-de, ol hiç hili ary görmedi. Dükandan
çykansoň hälki «wazt-waztlar» has hem köpeldiler.
Halyk: «Ile bir görünmäýin» diýip, çet ýere bardy-da,
çakyryň ýarsyny içdi. Galanny ýantorbasyna saldy.
Arylar azaldy. Çakyryň täsiri ýetensoň düýbünden
ýok boldular. Öýüne gelensoň irkiljek boldy. Bolmady.
Ejesem öýde ýok. Sähel wagtdan ýene azarlap başlady.
Galanja çakyrynam içensoň gijäniň aladasyny etdi.
Eger içere zat tapylmasa, gije ony her hili gorkunç
belalar ýatyrmaz. Ony özem bilýär. Gaty gowy bilýär.
Ýene-de goňşular aglaşarlar, itler uwlaşarlar. Örän
aýylganç uwlaşarlar. Bir topar şübheli adamlar Halygy
gözläp öýüň daşyndan ters aýlanarlar. Ol gözüni tegeläp
töweregine seretdi. Ejesem geler ýerde gelmedi. Çörek
187
dükanyna giden bolmagy mümkin.
...Halyk gije dogrudanam azarlap oýandy. Kellesiniň
içi jymyrdap alyp barýandygy sebäpli, derrew başujuna
el uzatdy. Çüýşe boş. Öýüň içine birlaý göz gezdirdi.
Ejesiniň gelenini ýa gelmänini hem pikir etmedi.
Şol wagt goňşularynyň öýünden ýene-de aýallaryň,
çagalaryň aglaşýan sesleri eşidildi. Gitdigiçe-de güýjedi.
Halyk zöwwe ýerinden galdy-da: «Eje-e!» diýip, çirkin
gygyrdy. Yrgyldap gelen garrynyň sesi nadyl çykdy.
— Näme?
— Kim ýogald-a şu ýerde?
Garrynyň solgun ýüzi hasam agardy.
— Nirede?

Ine,
goňşulardaky
yzan-da-çuwanlygy
eşideňokmy? Haýsy goňşyňkydan çykýa şü?
— Men-ä ses eşidemok — diýse-de, olam durupdurup diň saldy. — Äý, ýok. Hemmeler ýatyrlar. Ýat,
senem.
Garry çykyp gitdi. Ses welin ýatmady. Güýjerledi.
Onsoň diwaryň aňyrsyndan Halygyň adyny tutup
dükürdeşip başladylar. «Çyksaň-a çyk, bolmasa-da
hökman şu gije seni alýas!» diýişdiler. Muny ol hakyky
188
gulagy bilen eşitdi. Ýene-de ejesini çagyrdy. Bu gezek
garry oglunyň öz ygtyýarynda däldigine göz ýetirdi.
«Gorkma guzym, hiç zat ýog-a» diýip, oglunyň ullakan
kellesini kükregine gysdy. Daňdana çenli şeýdip
oturdy. Halyk welin, şol «ziňkildedi» ýatdy. Käte hem:
«Eje, ikimiz-ä bulary eýgermeris» dindi. Aýak ýoluna
turmaga hem gorkdy. Soňabaka gorky has basmarlady.
Düwdenekläp turup gitdi-de, ortaky jaýdaky telefona
ýapyşdy. Şol ýerdenem ejesine gygyrdy: «Eje sen şolary
azajyk güýme, men milisgä jaň edeýin!». Milisiýa habar
edip ýetişmänkä-de gapa seredip: «Wä-ä-ä!!! — diýip,
uly ili bilen gygyrdy. Çünki, üç-dört sany hyrsyz pyýada
eýýäm haçan gapyny açyp, Halygyň üstüne topulyşyp
gelýärdiler. Özlerem: «Ýok, et sen milisgä jaň! Bol et!»
diýşip muňa gyjalat berýärdiler. Dişlerini gyjaýardylar.
Halyk atylyp otagdan çykdy. Ellerini serip gelýän
ejesiniň duşundan şowurdap geçdi. Balkona bardy.
Guşaklygyna ýetip duran germewden säginmän böküp,
özüni aşak oklady. Halygyň jaýy ikinji gatda ýerleşýärdi.
Ol özüne gelende, diwarda görnüp duran reňkli
suratlara geň galdy. Edil kino gören ýaly. Köçemi,
yranşyp oturan baglarmy, trotuar diýermiň asyl awtobus
duralgasy-da bar. Honha, şol duralga-da eli sumkaly
Dürjemalam dur. «Dürjan, Dürjan, men bärde-e, bäri189
ik, bärik gel!» Birdenem diwardaky suratlar aýryldy-da,
Halygyň nazary açyk penjireden görünýän köçä dikildi.
Dürjemal asyl şol ýerde ekeni. Halyk turup bilmäni üçin,
ýatan ýerinden göwresini galdyryp, duralga tarap elini
uzatdy, zowlatdy oturdy. «Dürjan ge-el! Men bärde!».
Halygyň sesine wraçlar geldiler. «Ýeri-ow, ussa näme
gördüň?» diýşip, hoşamaýlyk bilen soradylar. Halygam:
«Honha duralgada aýalym dur, meni gözläp ýör. Baryň
aýtsaňyzlaň, men-ä turup bilemok. Tapman heläk
bolýar ol» diýdi. Wraçlar: «Bor, bor hökman aýdarys»
diýşip, Halygy köşeşdirip gitdiler. Gowy ýatar ýaly
uky dermanyny berdiler. Birneme ýatdam. Daňdan
ara oýansa radioda Halygyň adyny tutup, tankyt edip
duran ekenler. Halygyň özem haýran gala-gala galmaz
boldy. Asyl diktoram şol günde-günaşa gepläp ýören
diktorda. «Pylan edaraň ussasy Halyk diýilýän daýaw
pyýada günüň-gününe arak içip, işe gelmän bolgusyzlyk
edip ýör. Aýaly hem gitdi, oglam gitdi. Özem nirede
bir bolgusyzlyk bolsa şol ýerde. Ýeke enesinem
idedenok. Öýüne garakçylar çozanda-da ejesini taşlap
özi samolýoda münüp gaçypdyr...» Tankydyň yzy
tükenmedi. Şol wagt derman paýlap ýören bir ýaş oglam
jaýa girdi. Halyk oňa: «Inim, şol radiony ýa öçür ýada ýok edip durky bilen aýyr. Wraçlara özüm aýdaryn.
190
Besdir-dä indi! Adamy öz gününe bir goýuň-a» diýdi.
Ol oglan töweregine garanjaklady: «Agam, şu içerde-hä
radioň ady hem ýok».
Üç-dört günden soň Halyk gowy özüne geldi. Şonda
ol dogrudanam diwarda hiç-hili radioň ýokdugyna göz
ýetirdi. Indi diwarda kino hem görünenok. Hemme zat
ýerbe-ýer. «Ýeri, gowulaşdykmy?» diýip, ýyljyraklap
gelýän wraçy görenden Halyk myssa ýylgyrdy. «Bu
nähili boldy-a?» diýip, öz ýagdaýyndan habar aldy.
Wraç oň ýanynda oturdy-da gara çyny bilen şeý diýdi:
— Hemme zat özüňe bagly ussa! Geçeni
ýatlap oturmaly. Ýöne iň güýçli derman seniň öz
durnuklylygyňdyr. Biz seni tut ýaly ederis. Aýagyňy
bejäris. Gül ýaly bolup gidersiň. Bagtyňa böken ýeriň
ýumşak gum ekeni. Howwa, biz seni bejerip, ýörite arak
goýdurylýan ýere geçiris. Goýarsyňam. Ýöne welin,
galany ýene özüňe bagly. Içme şony! Maşgalaňdan,
çagaňdan, eneňden gowumy? Bu jahana ilden üýtgeşik
iki-hä gelmersiň. Şujagaz berlenjäni bir harlama.
Halyk agyr düýşden oýanan ýaly, böwrüni dişläp köp
oturdy. Wraçyň ýüzüne seretmän gürledi:
— Indi bizar-la. Ölsemem agzyma alman. Häýt, şu
göwnüme islän wagtym goýup biläýjek ýaly boldum
191
ýördüm-dä. Bilmändirin. Owsarymy eline beräýen
ekenim.
Halygyň gözlerine ýaş aýlandy. Göz öňüne
eljagazlaryny galgadyp giden ogly, aglap giden aýaly,
ejesi geldi. «Ejem nädýärkä?».
— Ejem nädýärkä?! — diýip, ol daşyndan seslendi.
Wraç ýerinden turup:
— Ejeň öýňüzde. Garaşyp otyr. Aýalyňam öňňünden
bäri gapyny alyp dur. Häzir geler. Elinde ne gözel
oguljygam bar — diýdi.
Bu hoş söze Halygyň süňňi ýeňledi. Beýnisi süzgüçden
süzülip arassalanan ýaly boldy. Jaýyň içi giňeldi. Ýürek
hoşwagt gürsüldedi. Mukaddes ojagyna ýene döwran
dolanjakdygyna, öňküsi ýaly il deňinde aýalynyň,
çagasynyň boljakdygyna, garry ejesiniň oglundan
nalap Hudaýa nalyş etmejekdigine, garaz öňünde şeýle
gowy günleriň ýene boljakdygyna begendi. Şol wagt
hem işikde ogluny göterip duran Dürjemal göründi.
Halyk dikeldi. Horlanany mese-mälim bildirip duran
aýalynyň ýaşly gözlerine müýnli bakdy.
— Indi aglama Dürjemal!
Dürjemal ogluny adamsynyň eline berdi-de, Halygyň
192
krowadynyň gyrasynda oturdy. Başyny aşak salyp
aglady. Öten günleri üçin, hasratly günleri üçin, goç
ýaly ýigidiň ejizläp düşen günleri üçin aglady. Hemem
şol pajygaly günleriň gaýtalanmajagy üçin, dönen
döwranyň dolanandygy üçin, sönen ojagyň köräp
başlandygy üçin begenjine aglady.
1981 ý.
GUDUMAN BAGŞY
Ikindi namazyny okamaga howlugyp gelýän
kerwenbaşy barha ulalyp barýan kölegesinden nazaryny
sowdy-da, ýoldaşlaryna ýüzlendi:
— Gurbany gitdigim Saragt babaň galasyna ýetjek
bolsag-a gijä galarys, şu obaň deňesinde düşäýeliň!
Hol-ha, guýam bar ekeni.
Obanyň
gyrasynda
düşlediler.
Kerwenbaşy
aralaryndaky ýaş oglana çaý-suw bilen bolmagy
tabşyrdy. Beýleki üçüsine-de: «ýükleri ýazdyryň!» diýip
buýruk berdi. Özi hem ho-ol, beýleräkdäki şyr ak takyra
bardy-da, namaz okamaga durdy. Ýaş oglan ot ýakyp çaý
goýdy. Arasynda ylgap gidip ýükçilere-de kömekleşdi.
Gelip ýene-de çaýy bilen boldy. Kerwenbaşynyň uzyn
kölegesiniň geň-enaýy hereketlerine seredip, keýp etdi.
193
Gülesi geldi.
Birdenem oba tarapdan hem-ä uzyn, şol bolşy
bilenem diýseň eginlek, etli-ganly, dolmuş ýüzli, bir
söz bilen aýdanyňda uçursyz daýaw bir kişiniň donuny
ýelbegeý atynyp, assa ýuwaş ädimläp, özlerine tarap
gelýänini gördi. Kerwenbaşa seretdi. Özünden habar
alynsa, näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Ýükçilerem öz
işleri bilen başagaý. Ýaňky adam golaý geliberensoň, bu
oglan onuň nurana ýüzüne, gyrçuw sakgalyna siňe syn
edip: «Kyrk ýaşlarynda dagy bardyr» diýip oýlady. Salam
berende sesi sandyrady. Daýaw adam şol äwmän gelşine
oda goýulan tüňçeleri aýagy bilen pyzyşdyryp goýberdi.
Üstüne suw dökülen közler «wasyrt, wast-wast» edip alaburugsy boldular. Soňam tüsseläp başladylar. Ýüzünde
ne gahar, ne gazap hiç zat bildirmeýän bu adam, ýüzüni
ýerden galdyrman ylgaşyp gelen ýükçileriň salamyny
aldy, parahat sesi bilen:
— Haýsyňyz kerwenbaşy borsuňyz? — diýip sorady.
Oňa eglip-galyp duran ýerinden gözüniň gytagyny
bäri aýlaýan kerwenbaşyny görkezdiler. Daýaw adam
kerwenbaşy namazyny okap bolýança sesini çykarman
garaşdy. Kerwenbaşynyň bäri ugranyny görüp oňa
garşy ugrady. Ony özünden uly görüp, salam berdi.
194
Kineli gürledi.
— Näme, ýaşuly, meýdana geldiňizmi?
Kerwenbaşy guşagyny guşanyp, eşiklerini düzedip
durşuna bu hansypat, hökmürowan owazly kişiniň
öňünde aljyrajak boldy.
— Hä, näme?
— Töweregiňde gara-gura görünýämi ýa çölmi tozap
ýatan?
— Töweregimiz-ä, Hudaýa şükür, giden obalyk.
— Onda bu nä boluşdyr, bi?!
— Hä, näme?
— Şu giden obada size bir käse ýyly suw beren
tapdyrmaz öýtdüňizmi? Bu näme etdigiňiz boldy?
Oba gelip, obaň gyrasynda guma bulaşyp ýatmak
türkmençilikde bolýanmydyr? Ýa siziň obalarda
şeýleräkmi?
Kerwenbaşy kyn güne galdy. Hasam aljyrap
ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Olaram aşak bakdylar.
Kerwenbaşy näme diýjegini bilmän:
— Aý, Mara barýadyk-da, gyssag bo...
Daýaw adam gelen yzyna tarap öwrüldi. Dag süýşen
195
ýaly bolup ýöräp barşyna, ikuçsyz gürledi:
— Nirä barýanyňyz bilenem işim ýok, nirden
gelýäniňiz bilenem. Paty-putyňyzy göteriň-de, meň
yzym bilen, ho-ol, ýanaşyk oturan iki öýe baryň, derrew!
Kerwen ýerini üýtgetdi. Kerwenbaşy baran batlaryna
kömekleşmek üçin ylgap çykan iki sany ýetginjegiň
birinden:
— Öý eýesine kim diýerler? — diýip sorady.
— Guduman bagşy diýýäler!
— Oh-ho-ow! — diýip, töweregine ýuwaşlyk bilen
göz aýlan kerwenbaşy içini gepletdi. — Asyl şo diýsene?
Hm-m... Beh, mundan çykd-ow.
Myhmanlara çaýam berildi, naharam. Her
dürli gürrüňlerem edildi. Öý eýesi hem daşyndan
seredeniňdäki ýaly gaty bir tutuk hem däl ekeni. Her
dürli gürrüňler tapyp, myhmanlary gülüşdirdi oturdy.
Hatda, Tejen derýasyna Saragtyň deňinde çümüp,
çykanda Tejeniň deňinden çykyşyna çenli gürrüň
berdi. Kerwenbaşy ara maý düşen wagty gozganjyradyda, häliden bäri aýtjak bolup, aýdyp bilmän oturan
sözlerini dile getirdi:
— Bagşy! Biz-ä siziň adyňyzy eşidip daşyňyzdan
196
guwanyp ýördük welin, ine, näme, bü-de bir nesibedirdä. Saý-sebäp bilen hut öýüňizde otyrys. Bäş-üç sany
aýdyma isleg bildiräýsek biedeplik bolaýarmyka? Oba
arasy gowulykdyr-la hernä?
Bir gowy çynar ýaly howalanyp oturan bagşy myssa
ýylgyrdy.
— «Käşgä myhman suw dilese» diýipdirler — diýdide, töweregine göz aýlady. Hälki ýetginjekleriň birini
«oňa-muňa aýt» diýip oba arasyna iberdi. Soň ýene
myhmanlara ýüzlendi. — Hudaýa şükür, obada köpden
bäri agramçylyk ýok.
...Meýlisiň örüsi kem-kemden giňäp başlady.
Guduman bagşynyň sesi çykyp ugrandan işigiň
kiliminiň açylyp-ýapylmasy ýygaldy. Hä diýmän
oturara ýer galmady. «Özüniňkilerem muny şu gün
görýän ýaly-aý» diýip geň galan kerwenbaşy gijäniň bir
mahaly daş çykanda, öýüň ýeňsesinden tä mal ýatagyna
çenli garasar gonan ýaly bolup oturan gelin-gyzlary
görüp, gara öýden çykýan aýdymyň gudratyna doly göz
ýetirdi. Ol dolanyp öýe giren wagty bagşy iň bir çeküwli
aýdymlaryň birine gygyryp otyrdy. Bagşy beýik perdä
galmak üçin, uçjak guş ýaly bolup ilk-ä bir düýrükdi,
yzyndanam öýkenini howadan dolduryp boýnuny içine
197
çekdi. Iki çignini hem galdyraga-da, şeýle bir gygyrdy
welin, kelle iki çigniň içine girdi ötägitdi. Tep-tekiz.
Des-deň. Bir salymdan soň ýaňky kelle haýallyk bilen
çykyp başlady. Şol gelşine-de bokurdakdan şeýle bir
enaýy owazlar çykardy welin, ony göz bilen görmeseň,
gulak bilen eşitmeseň ynanar ýaly hem däl. Mahmal deý
ýumşak bogazdan çykýan säkdirmeler, öwrümler, hiç
bir garyndysyz, Guduman bagşynyň hut özüniňkidi.
Ol bir erkana saýraýan bilbil kimin, aýdymlaryň
kekejinden tutup şeýle bir çeýneýärdi, hatda käbir
yşgyň kesewileri aýdym gutarara çydap bilmän, parapara bolup, dillenmäge mejbur bolýardylar. «Säkdir-r!»,
«Säpjet!», «Hä-ä, hä-ä!».
Biri bardy. Annanyýaz yşgy diýerdiler. Ol aýdymsaza yşk edip, elmydama bagşylar bilen gezip ýörensoň,
«yşgy» diýen lakamy hem alypdy. Ine, ol häzirem älemjahany unudyp, aýdyma berlip, gözünden ýaş döküp
otyr.
— Wah zalym pelek, şunam gara ýere rowa görersiň
bir gün! Ine, görüň-de duruň dykar bir gün holtumyna
şunam. Men bir senden öň öleýin how, inim!
Guduman bagşy bolsa gapdalynda duran bedreden
käte bir käse suw içip, şo-ol, belent heňlere gygyryp
198
otyr. Kerwenbaşy onuň bar neşesiniň gara suwdugyny
görüp, hasam geň galdy.
«Adam öz ygtyýaryna-da beýle joşar eken-ow!»
Daňa golaý aýdym gutardy. Iki sagat ýaly irkilip
turansoňlar, ýolagçylar ugramakçy bolup öý eýesinden
rugsat soradylar. Guduman bagşy ellerini terezilendirip
oturyşyna:
— Rugsat Alladandyr, adamlar — diýdi. — Ine, öý,
ine-de gapy. Men bar, ýok diýmän geliberiň, ötseňiz,
geçseňiz. — Ol azajyk sägindi-de, düýnki kinesini
ýatlady. — Ýöne hiç mahal, oba ýetip ýolda düşlemäň!
Obaň namysyna degersiňiz.
Kerwenbaşy ýene bir gezek bagşydan ötünç sorady.
Ýene bir gezegem taňryýalkasyn aýtdy. Hoşlaşyp,
ugrajak bolup duran wagty çekine-çekine öý eýesine
ýüzlendi:
— Bagşy, sizem soramadyňyz, bizem aýtmadyk, bu
kerweniň kimiňkidigini.
— Taňry myhmanynyň hemmesiniňem derejesi
deňdir ýaşuly. Kimiňki bolsa şoňky bolsun. Öz adyňyzy
bildik, şo bolýa. Sag-aman baryň! Biziň garyp adamyzy
soranlara, bizi tanaýanlara köp dogaýy salam aýdyň.
199
— Saglykda görşeli bagşy! Hoş galyň adamlar!
— Hoş, Taňry myhmany!
Bagşy kerweniň garasy ýitýänçä garap durdy.
Bu adam — ady külli türkmene ýaýran, türkmen
halkynyň bilbili, meşhur Oraz Salyrdy.
1981 ý.
SARPA
Nazaryň öýdedigini bildigi bes, garryja enesi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 09
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.