Latin

Ojaklar öçmesin - 02

Total number of words is 3739
Total number of unique words is 2228
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Birdenem galmagal tapba ýatdy-da: «Häýt, simi
sypdyrdyňyz! Bagşylaryň simi sypdy! Tok kesildi!» diýen
ýaly aljyraňňy seslerem çykyberdi. Entegräkdenem:
«Boldy-da, boldy» boluşdylar. Gopgun täzeden
göterildi. Şondan soň garynlak poşşuk bir pyýada
eline mikrofon alyp hemmeleri stoluň başyna çagyrdy.
Ýeke-ýekeden söz berdi. Her sözden soňam içdiler.
Öňündenem içdiler. Arasynda-da içdiler. Ulurak adam
geplese adyny, atasynyň adyny, hatda wezipesine çenli
aýtdylar. Galanlaryna bolsa: «Illiň goňşusy... Illiň bile
işleýäni, daşkyrak garyndaşy...» diýmek bilen oňaýdylar.
«Adamlar! Ine şu ýerde hemmämiziň ýaşulymyz, toý
eýesi Illiniň dogan daýysy, ökde sazanda Tarlan agada bar. Geliň, şondan bir agyz söz eşideli» diýen welin
bolmady. Gitdigiçe-de märekäniň gowry artdy. Başda
ýuwaşjadan hümürdeşip oturan myhmanlaryň ýüzleri
açylyşdy. Agyzlary gowşaşdy. Düşnüksiz aýdymlara
oklanýan pullaryň mukdary kem-kemden köpelip
başlady.
Ata-babalaryň sag eli gylyçly, sol kibti galkanly, agyşyp,
çapyşyp, çarwadar gezip ýören wagtlaram taşlamadyk
27
gara dutaryny obadaşlarynyň gel-gel indi hemme tarapy
abat, döwletli, döwranly şeýle dok durmuşdakalar
keýpihonlyk bilen başlaryndan aýlap urandyklaryna
Tarlan aganyň ynanasy gelmedi. Ynanmady asyl.
Hiç bolmanda daýysy atly sazanda bolan Illi ýegeniň
şeýtjekdigine, toýunda bagşy aýtdyrmajagyna keskelläm ynanyp bilmedi. Agyzdyrygyny çeýneýän
at ýaly boş agzyny gäwüşedip tolgunyp oturyşyna
Tarlan aga özüniň mähriban atasy, aýdym-sazyň
ölemen aşygy, elinden ençeme gowy dutarlar çykan
Amandurdy ussanyň baryp-ha çagajykka öz gulagyna
guýan sözlerini ýatlady. «Dutaryň kirişleri Türkmeniň
ýürek damarlaryndan, süňňi süýeklerinden ýasalandyr,
oglum! Mukamlarynyň bolsa her birinde onuň
ömürbeýany, ahy-nalasy, beýik ýörişleriň taryhnamasy
bardyr. Başyna her hili agyr külpetler, çekmesi kyn
bolan sütemli synaglar düşse-de, erkini, azatlygyny,
ýurduny, malyny elden giderse-de, gany bilen eýlenip,
deri bilen durlanan mukamlaryny, aýdymlaryny, gowy
şahyrlarynyň goşgularyny ýitirmäge hiç bir halkyň
haky ýokdur. Çünki aýdym-saz diýlen zat ýeke bir şu
günki nesliň baýlygy däldir. Ol hem-ä seňkidir, hemem
senden öňki ötenleriňkidir. Hemem bolsanym senden
soňky geljek näbelli nesliňkidir. Ony öňküsindenem
28
has owadanlap ogul-gyzlaryňa ýetirmek bolsa seniň
mukaddes borjuňdyr. Onsoňam bir zady berk belle:
«Haýsy obaň aýdyjy bagşysy, çalyjy sazandasy gutarsa,
obada dutaryň sesi galsa onda, şol oba burny gara
eşegiň üstünde ters oturyp, düşnüksiz, zenzeleli,
ýakymsyz sazlar çalyp harsydünýä Harteçjal gelermiş.
Ol seniň ýagşyňam bilmezmiş, ýamanyňam. Toýuňam
bilmezmiş, ýasyňam. Şo-ol, depäňde dep kakyp,
nagarasyny döwer durarmyş. Erbetlik köpelermiş.»
Agyr oýlara batyp oturan Tarlan aga bir gezek özüniň
tüýs çagalygyny edip: «Ata, eger Harteçjal bagşylar
ýatyrka ýa obada ýok wagtlary bildirmän geläýse
näme?» diýip, soranyna çenli ýatlady. Amandurdy ussa
şonda loh-loh gülüpdi-de: «Gelibilmez oglum. Sebäbi
türkmeniň dutarsyz obasy-ha däl, dutarsyz öýem
bolmasa näme. Onsoň oňa nädip Harteçjal gelsin. Eger
bardy-geldi geläýse-de, dutaryňy gabyndan çykaryp
aýak aldygyna çalybermeli. Gaçar. Zut gaçar. Onuň iň
eýmenýän zady dutaryň owazydyr. Ömür boýy geljek
bolup dutaryň sesiniň galaryna garaşyp ýörenmiş betpäl
deýýus. Öňem bir gezek tas gelen ekeni-de Babagammar
pir wagtynda duýup gaýtaraýypdyr. Nesillerinede: «Hergiz dutaryňyzy taşlaýmaň. Aýdymlaryňyzy
kesäýmäň» diýip tabşyrypdyr. Şondan bärem bu dutar
29
obasaýyn, öýme-öý, asyrma-asyr, nesilme-nesil geçip
gelýändir, oglum. Ine, senem ökde sazanda borsuň.
Onsoň öz ogullaryňa, agtyklaryňa öwredersiň. Olaram
şeýder. Şeýdibem gider oturar. Onsoň bu golaýlara heý,
Harteçjal gelermi?» diýip, agtygynyň arkasyna kakypdy.
Atasynyň aýdyşy ýaly Tarlan aganyň öz-ä
hakykatdanam ökde sazanda bolup ýetişdi. Ol hatda
urşa gidende-de dutaryny ýany bilen äkidip, ýol boýy
ýigitlere söweş mukamlaryny çalyp berdi. Ýöne uruşdan
sag eliniň ortaky iki barmagyny aldyryp geldi-de onuňmunuň ýanynda: «Barmaksyz saz çalsaň aýlawda
agsak at çapan ýaly bir zat bor. Onuň hezilem bolmaz,
mazasam. Märekäň çetinden seredip oturmaga bolsa
kararym ýetmez. Ilem kösemäýin, özümem kösenmäýin.
Görmäýinem, köýmäýinem» diýdi-de, kolhozyň
gum içindäki guýularynyň birine göçdi ötägitdi.
Ata pendini ýatlap iki oglunyň birinden birini bir öz
ornuny tutar ýaly sazanda etjek bolup şunça jan çekdi
welin bolmady. Bir-ä düýbünden dutara imrikmedi.
Beýlekisem başda bir öwrenäýjek ýalam etdi-de, soň
başga zatlara ulaşdy gidiberdi. Asylam obada dutar
oýnaýan azalyp başlady. Ýöne o wagtlar entek köne
ýollary kemsiz torç eden kämil bagşylaryň birentegi diri
gezip ýörensoň, bir bada bagşynyň azalýany-köpelýäni
30
bildiribem durmady. Ol biraz soňrak, bagşylar bir
çetinden gidip ugranyndan soň bildirdi. Bu ýagdaýy
obadan uzakda ýaşasa-da hemmeden öňürti Tarlan aga
duýdy. Oňa-muňa-da duýdurdy. Ýöne her gezegem:
«Öz ogullaryňa öwretseň bolmyýamy?» diýen soragy
eşitdi-de, agzyny berk ýumdy. Ýöne ir-u giç obanyň
bagşysyz galaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikir
welin, oňa ýatsa-tursa ynjalyk bermedi. Edil pikir edişi
ýalam boldy. Ahyrsoňunda bütin jelegaý diňe iki bagşa
Hally bagşy bilen Baýly köre diräp galdy. Şonuň üçinem
ol: «Men bir bilýänjämi ýitirmäýin» diýip, hiç kim ýok
wagtlary, ogryn-ogryn, pynhan-pynhan, maýdalmamaýdal çaldy ýördi. Kemterrägem bolsa bolşuna görä,
ýagdaýynyň ýetdigine görä köne ýollary arçady. Hemem
öz ýürejigini egisdi. Göwnüni aldady. Käte-de bedew
atyň şowhunly aýlawy küýseýşi dek, oturyp-oturyp
gol doly märekäni, arkan-ýüzin gaýşyp daňdana çenli
çeküwli-çeküwli aýdymlar aýdýan belent sesli bagşylary
küýsedi. Saz atly şeýle owadan dünýäni taşlap gaýtmaly
bolandygy üçin gynandy. Garrylyk basmarladymy ýa
halys ýürek ýukaldymy, soňabaka gojada hiç bolman
ýene-de ýekeje gezek bir märekäniň içinde ýagyrnysyny
derledip saz çalmak, bagşynyň dyzyny penjeläp aýdym
diňlemek höwesi peýda boldy-da, oba gidýän ýola
31
garap oturmanam çykardy. Göwnüne deň-duşlarynyň
biri geläge-de: «Tarlan, sen nädip otyrsyň bu ýerde? Ýör
ahyry, ol ýerde saňa oglanlar garaşyp otyr» diýäýjek
ýaly şo-ol, ýola bakyp emendi oturdy.
Dek düýnüň özünde bolsa şäherden öz ýanyna
kanikula gelen on ýaşlyja agtygy Amandurda kakuw
öwredip, onuň ýitije ukybyna guwanyp otyrka, obadan
ine, şu toýa ýegeni Illiň toýuna çakylykçy bardy-da,
onuň näçe wagt bäri edip ýören islegini nap-nagt
etdi oturyberdi. Ymgyr çölüň içi bilen suwsap gelýän
ýolagçynyň akar çeşmä gözi düşüp howlugyşy ýaly
şondan soň ol gijäniň basymrak ötüp ertiriň gelerine-de
howlukdy. «Hä, şü-ýä bolaýdy — diýip, daňdana çenli
on gezek dagy daş çykdy. Gelibem dik oturdy. Uçjak
guş ýaly gobsundy. Uly adam bilen gürleşýän ýaly edip,
agtygyna sala saldy. — Dutarymam alaýsammykamaý? Ýegen-ä «daýym dutaryny alyp gelsin» beýleki
diýmändir. Ýa şonda-da alaýsammykam? Bagşylar
birden: «Halypa, hany özüň öňüni başlap ber!» diýseler
dagy: «Häk, öz dutarym bolaýsady!» diýip, garsynyp
oturmagam-a bolmaz. Alaýyn. Gel alaýyn. Belki,
oglanlaryň kakuw görjegi bardyr. Ýol öwrenjegi bardyr.
Nirä gitjegini bilmän kösenişip ýören ýaş ösdürimler
bardyr. Olara nusga bor ýaly bäş-üç saz çalmal-a bor
32
köne ýollardan. Hä?»
Ol heniz daňam atmanka dutarynyň kirişlerini
täzeläp, täze gabyna salyp, çykanda egnine atyp
gidiberer ýaly iç işikde burça söýäp goýdy. Agtygynyň
ýüzüni-gözüni sypalady. — Senem äkideýin, oglum. Şu
wagtdan märeke görüberseň ýüregiň erser. Gowy bor».
Gözüni açyp göreli bäri süňňüne siňip, ganyna ornan
höwes, döwür gurap oturan märekeli meýlisiň gaýybana
humary bu gün oňa uzak ýoluň azabyny bildirtmedi.
Her alaňdan aşanda aňyrsyndan eli dutarly bagşylar
çykaýjak ýaly boýnuny süýndürip, üsti açyk köneje
«69»-yň ruluny towlap oturşyna: «Bä, bagşylaram
tapgyr-tapgyr gidip barýar-ow. Biz aklymyzy bilibem-ä
telimsi gitdi. Hany Anna bagşy? Hany Çerkez bagşy?
Ketde bagşy ýaly sazanda dagy dolanyp şu dünýäň
ýüzüne düşmez welin, ine, şo-da gitdi-dä! Dutary
ýeňsesinde, boýnunyň üstünde goýubam çalar otyrdy
dabyrdadyp. Edil barmaklarynyň gözi bar ýaly.
Özem hernä: «Adamlar, beýni bir tylla käsedir. Ony
ýüpek ýaglyk bilenem arassalap bolmaz. Ony diňe
saz arassalar» diýerdi. Hakyt çyn-da şol. Bilýä-dä
zalym — diýip, köne töňňeleri ýatlady. — Gapdalynda
joňkarlypjyk oturan agtygyna her bagşyň öz ýoly, öz
aýratynlygy barada daljygyp-daljygyp gürrüň berdi.
33
— Indi Täşli bagşam ýok. Şoňňa jukkuldysam degýädi
bir bagşa. «Galkan aldy kuwwatymy, gojaýdym begler
gojaýdym» diýip aýdanda dagy aždarha ýaly agzyndan
ot syçraberýäd-ä, bende. Bu wagt indi sakaň başynda
Hally bagşy bilen Baýly kör oturandyr. Olaram-a
döw çykandyrlar, köpeý ogullary! Ýaşlardanam azy
ýaranlary bolmagy mümkin. Onçasynam ine barsak
göribiris. Oba barylmaýanynadam-a indi on-on bäş
ýyl-a bolandyr. Howwa-da, şo-ol, Begjan toý edendäki
baryp gaýdanymyz. Kän ýyl geçipdir...»
Ol bu gün şeýle uly höwes, ummasyz hyjuwlar bilen
toýhanaň gapysyndan aýak basypdy. Emma...
...Ähli isleg arzuwlary daşa urlan aýna dek çympytrak bolan goja hopugyp ýerinden galdy. Atasynyň
sözlerini ýene bir gezek ýatlanda bolsa, bu dutarsyz toý
geçirip oturan bagşysyz obaň çetinden Harteçjal eýýäm
haçan girip gelýän ýaly howsala bilen töweregine
garanjaklady. Ses-üýn alyşar ýaly ýegenini bir çetiräk
ýere çagyryp, şu toýuň ýaşulysy hökmünde meseläni
çürt-kesik orta goýdy.
— Näme diýsene, ýegen! Sen oglan bolmada
derrewjik ulag tapyp Hally bagşy bilen Baýly körüň
yzyndan adam iber. Gelsinler. Özüňem ýer taýynla...
34
Çadyr gur! Adamlara-da eşitdir, bagşy boljak diýip.
Birden dagap ötägitmesinler. Hiý, bagşysyzam bir
toý bolarmy? Üsti gyzyl-çog kejebeli iner-maýalary
taşladyk. Gyzdanam gylykly ülpüldeşip duran ne
gözel atlar bilen gelin getirmäni goýduk. Bir galany
— bagşylardy. Indi olardanam dynjak bolýaňyzmy?
Etdirmen! Şu toýda hiläm bar bolsa-ha şu gün bagşy
aýdar. Kim däl diýse-de men özüm jogabyny bererin.
Hany bar, kimi ugratsaň ugrat-da, il ogullaryny getirt!
— Wah, indi bagşy aýtdyrjak diýseň gülüşýäler-ä, jan
daýy — diýip, Illem müň gep bilen daýysynyň başyny
agyrtdy. — Ine, ho-ol arada Atanepes toý etjek wagty
«Hally bagşy dagyny aýtdyrjak» diýse ogly: «Şu tok
bilen aýdýan bagşylar aýtmasa öýlenjegem däl» diýip
çykyp gidiberipdir-ä. Bu ýaşlardan gorkaýmalydyr,
daýy. Onsoňam, o-ol seň öňki gören bagşylaryň ýok
indi. Kän aýdybilenoklar...
Tarlan agaň süňňüne ýeňiljek galpyldy aralaşdy.
— Aýdybilmez-dä, aýtdyrmasaňyz! Gynynda
köp ýatsa kesgir gylyjam poslaýandyr. Kümüş küle
öwrülýändir. Aýlaw görmese men diýen bedew
atlar toýnak kakyşyny ýitirip gazyklarynda garraşyp
gidýändirler. Bagşyny bagşy edýän toýdur, märekedir.
35
Heý, gyzyl ýaly eller gören ne gözel bagşylaram bir beýdip
ölmänkäler jaýlamak bolarmy? Heý, gözbaşyny beýik
daglardan alyp gaýdýan akar çeşme-de bir gurarmy?
Heý, bagşysyzam bir toý bormy? Bagşysyz ildenem bir
il bormy? Beýtseň ýollary çöp basyp, ýodalar ýok bolup
gitmezmi? Ýedi müň ýedi ýüz äheňler ýitmezmi? Bu
gidişiňize gitseňiz entegräkden Hally bilen Baýla-da
zar borsuňyz. Düşdüňmi. Gözläbem tapmarsyňyz. Bir
günem bir nazarkerde ogul döräge-de: «Hany bi biziň
elýetmez baýlygymyzy haýsy öwrümde taşladyňyz?»
diýip ýakaňdan ebşitläp bir tutar welin, şol gün haýsy
deşige girjegiňem bilmersiň. Sen näme meni beýle köp
nalatdyň, ýegen?! Hä?! Ýa-da bagşy aýtdyrmaň diýip
buýruk beren barmy size? Ýok bolsa onda nä ýapyşak
ýaly ýapyşyp ýatyrsyň sen bulara? Bar, derrewiň özünde
getirt bagşylary. Bu gün sen aýtdyrsaň ertir hemmelerem
aýtdyrar. Bar! Tur!
Tarlan aganyň haýbatam, ýalbar-ýakaram, hiç
zadam Illä täsir etmedi. Eremedi. «Ýok, daýy. Men
ilden çykybiljek däl. Indi hemmelerem toýunda şulary
aýtdyrýa» diýip, şol bir depen ýerini depdi durdy.
Gaýdanda: «Illi ýegen bir heniz märeke görmedik ýeke
ýigitdir. Tutumly toý güni gapdalynda synyny silkip
duran ýaşuly gerekdir, geňeşdar gerekdir. Ýogsam sähel
36
ýerde aljyrap töweregine gözlär durar» diýip gaýdan goja
toýuň tutumy, gerimi barada özüne sala salmakdan-a
geçen, gaýtam berýän maslahatlaryňam alman durşuny
görüp, ýegeninden gaty görjek boldy. Emma syr
bildirmedi. «Her näme-de bolsa toý eýesidir» — diýip,
onuň dürli taraplaryndan baryp gördi. Eglişigem etdi. —
«Bolmasa goý, bu gije-hä bular aýtsyn, ertirem bagşylar
aýtsyn. Ýok onam etjek däl diýseň, onda gijäni bölüşeli.
Ýarym gijeden soň gezegi bagşylara ber». Illi onam
etmedi. Ahyram: «Gel-aý, şu gürrüňleri goýaly-la, daýy.
Sen goşulmasyz zada goşulmasana» diýýän ýaly ýüzüni
kese-kese sowup başlady. Bir zatlary bahanalabam
turup gitdi.
Oba bagşylarynyň ýitip barýan şöhratyny olara
dolap bermegi ýüregine berk düwen Tarlan aga şondan
soň ulagly oglanlaryň içinden aýdanyny edäýjek
birini tapdy-da: — Hally bagşy bilen Baýly köri ýeriň
deşiginde bolsalaram şu gije tapyp getir. Öýünde bolsa
Jumagulynam alyp gaýt, ýanlarynda saz çalar ýaly.
Bar, basym git-de, çalt gel. Tarlan aga iberdi diýseň
ýaýdanjagy bolmaz. Bol! — diýip, pert-pert gepledi.
Edil şol wagtam dodaklary ullakan, garaýagyz, gartmaç
biri ylgaşlap howla girdi-de, Tarlan aganyň deňinden
geçip, çetki stollaryň birine ýaplanyp arak içip duran
37
Illiň ýanyna bardy. Gulagyna bir zatlar diýişdirdi. Illiň
ýüzi üýtgedi. Keýpi gaçdy. Şondan soň olaryň ikisem
çetki duran maşynlaryň birine kürsäp girdiler-de, obaň
gündogar çetine tarap tutdurdylar. Süňňi bir ýakymsyz
zady syzan ýaly Tarlan aga bagşylaryň yzyndan gitmek
üçin maşynyny gyzdyryp duran oglana: «Hany, azajyk
garaş entek sen!» diýdi-de özi ýaňkylaryň giden ýoluna
bikararlyk bilen garap başlady. Ýarym sagat ýaly wagt
geçensoňam Illi dagy: «Tumarly eje pahyr-a ýurduny
täzeläýipdir» diýen sowuk habar bilen ýüzlerini sallaşyp
gaýdyp geldiler. Tarlan aga:
— Inim, biziňki bolmady. Derrew maşynyňy yzyna sal.
Gitme! Indi bagşy bolmaz! — diýip, ýolagça gyssanmaç
buýruk berdi-de, özi towsup öňe çykdy. — Kim, kim?
Tumarly? Şol Amanmyrat pahyryň Tumarlysymy?
Illi çalaja baş atdy. Daýysyna tarap howatyrly garady.
Tilkilendi.
— Bolsa-da, hossarlaryndan rugsad-a aldyk. «Aý
garry adamdyr gaty göremizok. Arkaýyn toýuňyzy
sowuberiň» diýdiler.
Şeýle möhüm iş çykanda-da özüniň öňe
tutulmandygy üçin Tarlan aga bu gezek gara çyny bilen
gaty gördi. Ýöne mundan artyk goşulman durmaga38
da bogny ysmady. Ol daglara saýa salan garry bürgüt
kimin duran ýerinde çalaja yraň atdy-da, sol ganatyny
ýegeniniň üstüne gerdi. Sag ganatynam bokurdagyna
sygdygyndan «warraýlaşyp» duran aýdymçylara tarap
serdi.
— Ýegen! Olar ýaly iş bolan bolsa bulary goýdur.
Çalt goýdur! Ýet! Ýet, il duýmanka! Bagşam bolmaz,
beýlekem. Aýdymam bolmaz sazam. Basym bol,
ýogsam biabraý bolarsyň.
Bu sözlere öňden garaşyp duran ýaly Illi kejirlik bilen
syrtyny bir ýana towlady. Ýüzüni eňşedip daýysynyň
düýbünden garaşmaýan tarapyndan tutdy.
— I-i, aýtdym-a men ýaňy rugsat alyp geldim diýip.
Başga näme gerek?
Tarlan aga ýegeniniň bolşuna bu gezek öňküdenem
beter geň galdy. Şu zatlary aýtdyrman etmeli halyna
gaýtam aýdylansoňam ikirjiňläp durşuny görüp, diýseň
gahary geldi. Her niçik bolsa-da başardygyndan parahat
gürlemäge çalyşdy.
— Rugsat sorasaň gowy edipsiň ýegen. Bolmandada hiç kim saňa: «Toýuňy kes» ýa «Bagşyňy goýdur»
diýmez, özüňden bilmeseň. Başlapsyň, taň edipsiň.
Allanäme. Gidibersin şu gidişine. Ýöne aýdym-sazyňy
39
bir kes! O zatlar hemmäňem başynda bardyr. Özüňe
ýakmajak zady ile-de etme. Ýulunmaza gidersiň!
Daýysynyň berkine tutup ugranyna gözi ýeten Illi
agzyndan aragyň ysyny aňkadyp durşuna tosaň-tosaň
etdi.
— Ýa, daýy, rugsat sorasaň boldugydyr-da näme.
«Ediberiň, geçiriberiň, Hudaý işidir, owalda-ahyrda bile
gelýän zatlardyr, aýby ýok» diýip özleri aýtdylar ahyry.
Gudalary Aşyr aga-da, şo ýerde ekeni. Olam şo gepi
aýtdy. Başga näme gerek? Onsoňam men goýdurjak
bolsamam ýaşlar etmez bular. Goýdurtmazlar. Ozalam
günüme goýman şulary getirden şolar dälmi! Maňa
galsa-ha asylam getirjek-gä, bagşy aýtdyrjak — diýip,
daýysynyň gowşak damaryny owkalajak boldy.
Tarlan aga oňa: «Sen bagşyny beýlekini bilýän eşek
bolsaň...» diýip başlaberjek boldy-da ýene-de, köpüň
içinde agzyny ajytmazlyk üçin gaharyny ýuwdup
goýberdi.
— Ýegen, başga taky-tukyňy bilemok! Iň soňky gezek
aýdýan şuny. Goýdurjakmy ýa ýok?! Sen şunyň gaty
gabahat işdir bilseň! O ýerde-hä bir giden märeke ýaka
ýyrtyp aglap otyr, siz bolsaňyz... — Tarlan aga birden
sesini gataldyp goýberdi. — Näme, garry bolanda
40
gaýdyp gelýämişinmi? Özümiz-ä şu wagt Täçli bagşy
direlip gelse-de, şoňa ýekeje aýdym aýtdyrybiljekgä. Senem ýüzüňe bäş barmak garany çekme ýegen!
Ýaňy-ýaňy etmediň aýdylany. Indi-indi etmän dursuň.
Nähili zat sen?..
Illi hüňür-hüňür etdi-de, suw ýylanyň suwa siňişi
ýaly daýysynyň ýanyndan suwuldy ötägitdi. Onuň
gelşiksiz hereketlerine jany ýanam goja hyrçyny
dişläp, başyny ýaýkady. Teležkanyň ýanyna bardy.
Üstündäkilere sowuk habaryň yşaratlaryny etdi. Saz
peselendensoňam:
— Iniler, goýuň! O ýerde bir bende jan beripdir.
Beýdip durmak ýagşy däl... — diýip ýuwaşlyk bilen
düşündirdi. Sazandalar duran-duran ýerlerinde
gurallaryny goýup dim-dik boldular. Hiç kimden sesüýn çykmady. Tarlan aga ýegeniniň agzyna öýkündi.
— Goýmazlar, goýmazlar... Näme goýman? Ine
goýdular-ä! Bular nä adam çagasy dälmi? Hemmesem
özüňizden. Bar günäni ýaşlaryň üstüne atyp etjegiňizi
edip ýörsüňiz! — Ýaşlardan göwni biten goja olaryň
ilkagşamdam bäri edip duran ýürege düşgünç
heňlerini hem bir demde bagyşlady. Hoşamaýlyk etdi:
— Şeýdiň köşekler, şeýdiň. Goýuň. Bir ýagşy adam
41
dünýeden ötüpdir. Sylamak gerek. Sylaşyk ýagşy zatdyr.
Gepiniň ýer tutandygy üçin aýagy ýeňlän goja şol
ýerden göni Tumarly ejelere tarap tutdurdy. Şunça
ýollar geçip, ine, indem bir gysym bolup çiň-arkan
ýatan deň-duşy bilen, in soňky gezek hoşlaşdy.
Töweregindäkileriň ýüzüne-de seretmän «Aýdym saz-a
etdirmeris welin, ýöne toý üçin aýyplaşmarsyňyz- da.
Başlanaýypdyr ýogsam toýam yza çekäýsek bolup dur
welin» diýip, hamala özi ýörite iberilen ýaly, gara çyny
bilen ötünç sorady. Ertir ugradyşmaga geljekdigini
aýdybam ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Ýas ýerden oňly
saýlanmanka-da aglaşyp oturan aýallaryň sesleriniň
üstüni basyp, obanyň dik depesinde ýaňadandan
ýaňlanan güýçli sazyň sesini, zorruk aýdymy eşidip
huşy başyndan göterildi. Ýöremäge karary ýetmän:
«Bi nä? Bi nä?..» diýip garaňky köçe bilen toýhana
tarap ylgaşlamaga başlady. Gelşi ýalam «Has-has» edip
aýdymçylaryň alkymyna dykyldy.
— Bu näme etdigiňiz boldy?! Goýuň! Goýuň diýýän
men size! Näme diýdim ýaňy men?
Aýdylyp duran aýdym gutarýança-ha oňa barmysyň
diýenem bolmady. Soňundanam hüžžük saçly burunlak
bir jahyl geldi-de, gözlerini süzüp:
42
— Biziňk-ä ýaşuly, öň gürleşilgi. Şol bahany biz şu
iki günüň içinde ýa aýdym aýdyp halkdan çöplemeli,
ýa-da Illiň özünden almaly. Şol puly berseler aýtdyk,
aýtmadyk biziň üçin tapawudy ýok. Ýöne Illi: «Ýas
ýerden rugsat aldym. Bu gije-de aýdarsyňyz, erte
agşamam aýdarsyňyz. «Aýtmasaňyz pul ýok» diýip
aýagyny depip dur. Bizem näme, onça puly nädip
gidereli. Bular diýip başga ýerdenem galdyk. Ýogsam
çakylyk kändem welin...
Tarlan aga gürrüňdeşi gürläp bolýança zordan
çydady. Ellerini sandyradyp jübülerini sermendi.
— Näçe manat bermeli size? Hä! Me men bereýin.
Ýöne goýuň! Bormy! Aýp bor han ogul, aýp bor. Obaň
o çetinde biri ýogalsa-da kyrk güne çenli dutarymyzy
gabymyzdan çykarmazdyk. Bu bendäň-ä entek
jaýyndan jesedem çykanok. Bar gep pulda bolsa, işi
aňsat onuň. Bol aýt näçe bermeli?
— Sen beribilmersiň, ýaşuly ony.
— Näme bermän? Gatam biýrin. Men bir ýat adam
däl. Illiň daýysy men. Dogan daýysy. Öz toýum şu
meniň. Haýsy Illi diýip sorasaň Tarlanyň ýegeni diýerler
häli. Düşdüňmi? Bol aýt! Iki ýüzmi, üç ýüzmi? Bäş
ýüzmi? Näçe?! Hä?!
43
Ýaňky oglan ýakymsyz ýylgyryp yzyna döndi.
44
Illini tapyň haw, adamlar — Arasynda sazandalara
tarap elini galgatdy. — Duruň! Duruň entek çalmaň!
Başlamaň! Başlamaň diýýän! Çalmaň! — Bir ýerden
ýüzüni sallap Illi geldi. Goja agzyndan ak köpük saçyp,
ýegeniniň üstüne gygyrdy: — Ber näme berjek diýen
bolsaň şulara! Goýdur seslerini!
Hemişeler guma baranda ak aýranly çanagyň, berre
guzyň etiniň başynda arakdan doýup: «Daýy, senden
başga hossarym ýokdur, sen öl diýseň ölerin» diýip
galgap oturan ýegen oglan indi puly kölegeläp yza
tesmäge başlady.
—Ýak, daýy... Nireden alaýyn men onça puly. Öňem-ä
özüň bilýäň, juldan çykdym şu toý diýip. Senem
ýene bir zat tapýaň oturyberýäň. Men diňe şol puluň
üstüni dolmaly. Düşdüň? Şeýdip aýdyp dursalar-a
men bermesiz bolaýmagymam ahmal. Aşa köp düşse
dagy şeýtelem galaýýa. Onsoňam bu zeýilli zatlar oba
arasynda häli-şindi gabat gelip dur. Haýsy birinde
nemetjek ýörjek onuň. Arada Sytdyhlar toý edende-de
Sähetweli agaň inisi ýogaldy. Şonda-da aýtdyrdydar-a.
Hiç kimem hiç zat diýmedi.
Tarlan aga ýetjek derejesine ýetdi.
— Kim aýtdyrsa-da sen aýtdyrmarsyň! Düşdüňmi?!
45
Illi usullyk bilen daýysynyň ýüzüne geldi.
— Aýtdyrman näme? Aýtdyryn. Men nä ilçe ýokmy?
Rugsat aldym, zat etdim...
— Aýtdyrmyň onda?
— ...
— Goýdurmazmyň?
Illi ýöwselledi.
— Goýsalar goýubersinler. Ýöne aýtmasalar şonça
puly mugt ýerden men-ä beribiljek-gä. Başlanlary bäri
bar aýdanlary iki aýdym. Iki aýdyma iki ýarym müň
manat berip men nä... Il-ä gaýtam bäş manat şeýtel
galdyrjak bolup... Senem daýy edil meň zyýanyma
çapýan ýaly-laý...
— Häk, pul janyňyzy alsyn siziň pedernenäletler
diýsänim! — Tarlan aga dişini gyjady.— Ýagşynyýamany bilmez ýaly nä döw çaldy size? Süýnüp ýatan
öliň mertebesinem satyn almaly boldumy indi sizden?
— Ol ýegeniniň iki gözüne garap iň soňky sözüni
aýtdy. — Obaň şu ýagdaýynda şunyňy goýdurmajak
bolsaň geçdim men senden. Düşdüňmi? Ine gitdim
özümem. Beýle nadandygyňy bilen bolsam, asyl-ha
öňem gelmezdim. «Daýym bar eken-ow» diýip dolanyp
46
aýagyňy sekäýme şol Hydyr gezen çöllere. Seň şu
masgaraçylygyňy ataň-eneň görmän ölenem bir gowy
zat bolaýypdyr. Özüňi sylamasaňam obaňy, iliňi, günüňi
bir sylasaň bolmadymy? Men seni tanamandyryn,
ýegen! Ýegen diýýän men saňa. Emma bilýäňmi sen
kim ekeniň? Hä? Sen kim diýsene?.. Senmi?.. Sen...
Sen... — Goja düwnükdi. Şol demde-de ýegeninden
ömürlik doýdy. Geçdi. Sortdurylyp duran sazandalara
tarap täzeden ýüzlenende sesiniň sandyraplar çykyşyny
halys aljyran gojanyň özem duýdy. — Iniler! Pulum-a
ýok. Ýöne goýnum köp. Näçe diýseňiz goýun bereýin.
Goýny kiçiräk görseňiz köşek bereýin, ner bereýin.
Maýa bereýin. Işigiňize arwanalar çökereýin. Ýöne
zynhar şunyňyzy goýuň! Goýuň! Obany mas-gara
etmäň! Gaýrat ediň. Mundan zyýat ynjytmaň meni,
ysgyn-mydarym gitdi-i...
Bolmady. Ýerler depip, elewräpler ýalbardy welin
bolmady. Töwerekden başga-da iki-ýeke töwella eden
boldy. Şonda-da bolmady. Etmediler. Illem etmedi,
sazandalaram etmedi. «Ýaşuly bize mal gerek-gä, pul
gerek. Onda-da nagt gerek» diýişdiler. Aýtmasalar
pulsuz galjakdyklaryna gözleri ymykly ýetensoň bolsa:
«Içiňizde heý bulara gep düşündirip biljegiňiz ýokmy,
haw, adamlar!» diýip daşlarynda elewräp, perwaz urup
47
ýören Tarlan aga üns hem bermän, aýak aldyklaryna
dep kakyp nagara döwmäge durdular.
Güýçli sazyň gopguny, merhumyň basgylanan
mertebesi halys ysgyndan gaçan gojanyň iki çigninden
basaga-da injiginden aşagyny ýere sokdy oturyberdi.
Çykjak bolup dyzadygysaýam aýaklary aşak gitdi.
Göwnüne, Tumarly eje-de tabytdan turup ho-ol, alatozan bolşup, böküşip ýören jeňňimaglubanyň içinde
tans edip ýören ýaly bolup duýuldy. «Tumarly beýtme,
sen bir beýtme ahyry, ýat doganjygym, rahat ýat!» diýip
şunça gygyrjak boldy welin, edil gara basandaky ýaly
içinden sesem çykmady. Birdenem gözüniň öňünde
ýalaňaç eşege ters münüp, gapdallaryndan asylgy
süňk-saňklara, güňleç depreklere kakyp şaňňyrdap,
waňňyrdap, ýagşyňam bilmän, ýamanyňam bilmän,
nejisligiň gara buludyny yzyna tirkäp, obaň içine girip
gelýän Harteçjalyň hyýaly keşbi peýda boldy. Özem
ol bir seretse-hä ýegeni Illä, bir seretse-de ala-goh
bolşup duran sazandalara meňzedi... Takyk haýsyna
meňzeýändigini welin bilibilmedi. Tarlan aga agzynyň
ysmaýanyna, diliniň öwrülmeýänine seretmezden
elem-tas bolup gelýän Harteçjala garap howlukmaç
gepledi. «Wah, ýetişmedim-dä! Armanly boldum-da.
Sen ýasy gabatlap geldiň... Namart geldiň... Şu gün
48
meniň dutarymy ellemejegimi bilýäň-dä. Ýasda heň
edilmeýänini ine gel-gel senem bilýän ekeniň-ow. Häk,
ganym gapyllykda basdyň-da, obaň üstüni» diýip, ahmyr
bilen başyny ýaýkady. Içini tutup märekeden çykyp
barýan Tumarly ejäniň yzyndan: «Tumarly, sen gaty
görmeseň iki heňde gaýtaryn men şuny. Dutarymam
ýanymda. A-how, adamlar! Getiriň meniň dutarymy»
diýip gygyrasy geldi. Bolmady. Üstesine şol wagt garam
küräp başlady. Asmandaky petreşip duran ýyldyzlaryň
her biri ullakan gar tozgalaryna öwrüldi-de, ýere tarap
başly-barat kelemänläp gaýdyberdiler. Özem şeýle bir
gyzgyn welin, edil degen ýerini ýakyp-ýandyryp barýar.
Egnine çenli basmarlaberensoň ýaňky gar birdenkä buz ýaly sowady. Salkynjak şemalam öwsen ýaly
boldy. Şondan soň Tarlan aga az-kem özüni dürsedi.
Bir silkinende üstüne geýdirilip duran gar üýşmegi çar
tarapa pytrap, duw-dagyn bolup gitdi. Özlerem ýere
düşmän göge tarap göterildiler-de, al asmanda gaýagaýa, aýlanyp, öwrülip gelen yzlaryna tarap uçdular
ötägitdiler. Hemme zat ýerine geldi. Tupan sowuldy.
Tarlan aga: «Ho-op» diýdi-de, usullyk bilen ilk-ä çep
aýagyny, soňam sag aýagyny çukurdan çekip çykardy.
...Namysyna deglen obaň agyr derdini göteribilmän,
ysytma tutýan ýaly yraň-daraň edip ugran goja «Ýa,
49
daýy beýtmesene... Otursana... Gitmesene... Ýeke men
däl-ä... Nädeýin... Esli pul... Şeýtel...» diýip gapdaly
bilen ýantaklap gelýän ýegenine barmysyňam diýmän
maşynyny goýan ýerine geldi. Barşy ýalam elini uzadyp
dutaryny barlap gördi. Oturan halaýyga ýüzlenip:
«A-how adamlar, goý, diýäýiň-ä sizem şolara» diýip
iň soňky gezek gygyrasy geldi. Emma bu zatlary hiç
kimiňem görmän duran däldigini pähiminde aýladyda, bir düýrmek bolup maşynyň içine girdi. Geleli bäri
çagalar bilen iki ýana okkessirme geçip ýören agtygyny
ýanyna çagyrdy. Şol ýerdenem uzyn gijäni derdi-hal
aýdyşyp geçirmek üçin sakgaldaşlaryndan biriniň
ýanyna gitdi. Bu gije ýas ýerine barmaga bogny ysmady.
Ýegeniniň işigindäki goh üçin ilden çekindi.
Ertesi guşluk wagtlary Tumarly eje pahyra don biçip
otyrkalar, olaryň deňinden zok çalyp, ala-zenzele bolup
geçen gelnalyjyny görende bolsa goja namysdan ýaňa
bir ölübilmedi.
...Ol gölegçiler gelensoňam hormat üçin üçdört sagat dagy düşekde oturdy-da, giç öýlänler
boluberende guma tarap ýola düşdi. Gaýdanda uçar
guşuň ganatlary kimin galgap gaýdan eginler bu mahal
ýüzükden geçiräýmeli gysby göründi. Bar zada bir özi
günäkär ýaly goja ýol boýy içini gepletdi. Orta ýoldan
50
geçiberende bolsa yňranyp gelýän maşyny bir beýik
alaňyň üstünde saklady. Howlukman ýere düşdi-de,
düýnden bäri yzky oturgyçda ýatan dutaryny emaý
bilen eline aldy. Gabyndan çykardy. Ho-ol beýleräk
barybam edil elenen ýaly, ygyp ýatan arassa çägäniň
üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy-da, ýuwaşlyk bilen
düzmäne başlady. Birkemsiz düzensoň bolsa dutaryň
nepis tarlaryna bitaý barmaklary bilen kakyp goýberdi.
Sojap-sojap pyşyrdady: «Ine onda, biziň elimiz däl,
Babagammaryň eli!»
Edil şu pursata garaşyp duran dek şol dem asman,
zemin we dünýäniň ýeke-täk göwheri bolan tylla gün
üçüsi alys gözýetimde garsa gujaklaşdylar. Asuda
sährada gumy tirsekläp ine-gana saz diňlemek üçin
gökden ýere ýörite düşen dek gider wagty gidibilmän,
eňegini çägä diräp, ýalbyrap duran tylla tasyň içinde
bolsa, tamdyraň tarlaryny şabram kakyp, oglanlykdan
bäri belet güzerleriniň dik depesinden şaglap inip,
güsürdäp göterilip ak çägeleri maňlaýyndan dökülýän
şor deriň zory bilen goňraýdyp, kümüşsöw, nepis
sazlardan yzyny üzmän çalyp oturan Tarlan aganyň
ýadaw keşbi elesläp göründi. Ol çaldygysaýy hem
düýnden bäri göz öňünde çal tüýlerinden asylgy
goňrawlaryny goňňurdadyp, ýalmanyp duran Harteçjal
51
ähli şakyr-şukurlaryny süýräp, allowarralara tarap
gaçmaga başlady. Ol gözden ýitiberende bolsa, gojanyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 03
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.