Latin

Ojaklar öçmesin - 14

Total number of words is 3162
Total number of unique words is 1804
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
suratyny çekip kakypdyr welin, buw-w, hoşuň gelsin.
Üh-he...
Garaz ol Nazary işletmedi. Kowsa-da gitmedi. Şondan
soň ykjam tersleşdiler. Ahyry Nazar ony südenekledip
çykarjak boldy. Olam dert-azar garşylyk görkezdi. Şu
içeriden maslygym çykar welin, özüm çykman» diýip
gygyrdy. Söýeden ýapyşyp germelip durşuna, çym gyzyl
bolan gözlerine ýaş aýlap Nazaryň ýüzüne dikanlady.
— Sungaty ýoýýaňyz! Biderek şo çeken suratlaryňyzyň
barysy. Häýt, Saparnazar aga bolaýsa şu wagt. Kimiň
jaýdan çykmalydygyny aýdardy saňa. Hm-m. Indi
327
gelemde onam getirin. — Yzyndanam gara çyny bilen
ýalbardy. — Sen inim, göwnümde arman galmasyn
elimi bir goýber, galanjasyny içeýinem gideýin. Wagtam
bolandyr.
«Wagtyň-a bir wagt boldy seň!» diýäýmeli welin,
näme, Nazaram bir ýüregi ýuka oglan. Ýene-de ynandy.
Goýberdi. Galanja çakyryny içensoň-a myhmanyň
ýagdaýy hasam agyrlaşdy. Nazara barmagyny
çommaldyp bir zatlar diýdi. Düşüner ýaly bolmady.
Boşan çüýşelerini ýantorbasyna saldy-da, nägeräkeýle ýerinden turup ugrajak boldy. Ýene-de barmagyny
çommaldyp bir zatlar diýdi. Nazar onuň: «Sungaty
ýoýýaňyz, sungaty» diýendigine çen bilen düşündi.
Gitse kaýyl bolup sesini çykarman synlap durdy. Emma
bu çagyrylmadyk myhmanam aňsat-aňsat gidäýmedi.
Ilk-ä gapyny tapmady. Soňam gidere ýagdaýy bolman
şalkyldap yza serildi. Nazar: «şul-a kemem bolmady»
diýip, ony ussahananyň burçunda duran agaç sekiniň
üstüne geçirip ýatyrdy. Diňe şondan son işläp başlady.
Ukynyň arasynda bir topar zatlary samrap, iki gezek
sekiden gaçan myhman dört sagada golaý ýatansoň
hüýt-gara bolup ýerinden galdy. Ýylgyryp çaý içip
oturan Nazaryň ýüzüne gözi düşenden ütükläýmeli
bolan ýüzi öňküdenem beter gara-ört boldy.
328
Utandy. Sesini çykarmaga bogny ysman, nätakyk
ädimler bilen ýaýkanjyrap gapa bardy. Nazaryň ýüzüne
seredip bilmän aşak bakdy.
— Inim, bagyşlaweri, birhil-ä bolupdyr bi. Sagat näçe?
Duralga gideýin. Çagalara-da oduk-buduk almalydym.
Bor onda! Hoş sag bol!
Nazar ýene-de ýylgyrdy.
— Sag aman bar.
Myhman gapydan çykansoňam ýaňadandan
boýnuny içerä uzatdy. Nazaryň gözüne welin seredip
bilmedi.
— Ýöne bagyşlamaşakdyr-how, inim. Biz bir oba
adamsy-da, kän bir biziň bilen deň bolup durmaň.
— Bor, bor. Al, çaý iç!
— Aý ýok, bu wagt çaý keşdim çekenok.
Gitdi. Gapy ýapylansoň Nazar ýerinden turup
äpişgäniň öňüne bardy. Myhmanyň yzyndan synlady.
Myhman ussahananyň gapdalyndan geçýän ýola
çykdy-da ikiýana garanjaklady. Mähellesi azalan bazary
synlady. Onsoň saga, duralga tarap bir hyýallandy-da,
ýene oňa tarap gitmän, çepe öwrülen ýerindäki arpa
suwy satylýan meýhana tarap ýöneldi.
329
Onbäş, ýigrimi minut geçensoň bolsa Nazar
ýaňkynyň bir lýotçik bilen dawalaşyp gelýänini gördi.
Myhman derini syryp ýantaklap gelşine lýotçigiň
ýeňinden ýapyşyp oňa samolýodyň nädip uçýandygyny
düşündirýärdi. Äpişgä golaýlan wagtlary Nazar öz
myhmanynyň sözlerini has-da aýyl-saýyl eşitdi.
— Men her bir zady bilmesem ömür ynjalamok.
Ine, sen lýotçik. Şeýle dälmi? Şeýle. Emma sen şol
samolýodyň nädip uçýanyny bilýän dälsiň. Eliňe oňaryp
berýändirler. Senem sürüp ýörensiň. Çary körüň maşyn
sürüşi ýaly. Men welin sürmesemem samolýodyň nädip
uçýanyny bilýän. Sebäbi bilesim gelýä. Bilesim gelýän
zadymy bilmän nädip ynjalyp gezeýin men onsoň?
Hä?! Özem üç hilidir siziň onyňyzyň. Perlisi bardyr.
Ana ol-a şo-ol howany dolap alyp, dolap alyp ýüzüp
gidip oturandyr. Ony uçurýan zat şojagaz peri. Perini
döweýin şoň. Uçuryp bilşiňe uçur. Häk... Tejribede-de
synadym men ony. Garajaň güzerine suwa düşmäge
baramda iki golum bilen kelemenläp bir ýüzýän welin
şo-ol, okdurylyp öňe gidip barýan. Şonda bildim men
ony. Howwa-a! Beýleki gurbalyň bar, ana ol bolsa
howany iterip uçýa. Nesibäň çekip bir jüňňülli ýere
suwa düşmäge barsaň düýbüne çümäge-de aýagyňy
kerte diräp bir dyzap gör. Dazlar ötägidersiň, ýüzüň
330
ugruna, olam edil şo-da. Howwa-a. Şoňňaly bu zatlar.
Onsoň üçünjisi nemedip uçýa...
Üçünjiň nädip uçuşyny Nazar eşdip bilmedi.
Gürrüňdeşler äpişgeden daşlaşdylar. Ho-ol aňyrrak
baransoňlar bolsa aýrylyşdylar. Myhman duralga
garap ýüzlendi. Bäş-üç ädim ädensoň sakga durdy-da,
lýotçigiň yzyndan gygyrdy:
— Bar olar-a bildiň diýeli, a raketa nädip uçýa Hä?
Aýa çenli nädip uçýandyr öýdýäň? Howasyz ýerde. Hä?!
Bilmersiň. Asyl biläýmersiň. Men bolsam bilýän —
Lýotçik elini salgap ötägitdi. Bu welin şonda-da sesini
kesmedi. Duralga barýança samrap gitdi. — Howwa
bilýän. Sebäbi bilesim gelýän bir zady bilmesem hiç
oňup bilemok. Siz welin bileňizok. Sürýäňiz, emma
nädip uçýanyny bileňizok. — Ol yzyna öwrüldi-de,
Nazaryň ussahanasyna tarap herreldi. — Üstesine
sungatam ýoýýaňyz. «Tüf» diýýän men size. Saparnazar
aga-da «tüf» diýýä. Ol-a mendenem gowy düşünýä bu
zatlara. Indiki gelemde şonam alyp gelmesem bolmaz...
Myhman öwrümden aýlanyp gözden ýitensoň
Nazar başyny ýaýkap çalaja ýylgyrdy. Äpişgäni ýapdy.
Eşiklerini çalşyrdy, ussahanany daşyndan gulpladyda agşamyň salkyn howasyna hoşwagt bolup öýüne
331
ugrady. Iş gutardy.
1982 ý.
«IGRIKMI ÝA ÜGRIK?»
Altynjy klasyň hasap mugallymy bir sebäp bilen ikiüç günlük bir ýana gidipdi-de, şol gelýänçä okatmagy
dokuzynjy klas okuwçysy Täçmyrada tabşyrypdylar.
Mekdep direktory ony ýörite ýanyna çagyryp şeýle
diýdi!
— Sen şo sapaga ýitiräk, başga mugallymam ýok,
gaýrat et-de, iki günjik girip çyk! Oňa çenli ol oglanam
geler.
Täçmyrat ertesi üçünji sagat altynjy klasa girdi.
Şunça özüne zor salsa-da, günde-günaşa kowalaşyp
ýören oglanlarynyň öňünde agras durup sapak geçmek
Täçmyrada ýeňil düşmedi. Ýaňy öýlenen dul ýaly şol
böwregi bökdi durdy. Okuwçylaram goh edişip, biribirinden beter.
Täçmyrat sapak geçip başladam welin iň yzky partada
oturan Sazak sesiniň ýetdiginden zowladyp goýberdi.
— E-eý, ügrik dä-ä, igrik!
Täçmyrat gahar hem haýyş gatyşykly nazaryny
332
Sazaga dikdi:
— Näme gygyrýaň-aý?!
— I-i-i, a sen igrige ügrik diýip dursuň-a. Ügrik
diýýäniň ügrik däl-de, igrik! Igrik bolmaly.
Täçmyrat ýaýdandy. Elindäki heki çommaldyp
durşuna:
— Bolýa-laý — diýdi-de, ýene tagta tarap öwrüldi. Bir
meýdan sessiz-üýnsüz ýuwdunyp durdy. Şol durşunada bärsini bakman Sazaga gatyrgandy:
— Näme bolanda saňa näme, çözlüşine seret-dä!
— Şonda-da igrik diýdä-raý!
Täçmyrat gaharynyň gelenini duýman galdy.
— Igrig-ä diýlenok şoňa.
— Igrik şol-a!
— Ügrik diýýän!
— Igrik!
— Men ügrik diýjek!
— Ügrik diýme, igrik diý!
Täçmyrat çym-gyzyl bolup durşuna, özüne zor
salyp, sapagyň yzyny aýdyp başlady. Şondan soň klasyň
333
gowury hasam artdy. Asyl bary ýöne «igrik-de, ügrik»
boluşaýdylar. Şol iki söz agyzdan agyza zynjyrly halka
bolup düwüldi, özleri ýadap, özleri goýdular. Täçmyrat
her hal jaň bolýança sapagy geçip gutardy. Içindenem:
«Bir çyksam şu Sazagy it ýenjen ýaly ýenjeýin» diýdi.
Sazagam il goýansoňam goýaýman, şol igesini sürtdi
oturdy. Her gezek Täçmyrat «ügrik» diýýär welin olam
towy azalan patefon ýaly: «Ügrik del-e-eý, igrik!» diýip
zowladyp otyr.
Klasdan çykyp zalyň ugry bilen barýarka Täçmyradyň
gulagyna yzyndan edilýän gürrüňler ildi. Sazak eýýäm
beýleki klasdan çykanlara-da «igrik» hakynda gürrüň
edip berýärdi. Jibrinen bolýardy.
Hemme sapaklar gutaransoň, Täçmyrat mekdepden
çykdy-da, ho-ol aňyrrakda, ýoluň gyrasynda Sazaga
garaşyp durdy. Sazak ýoluň ortarasyndan gelýärdi. Her
tarapynda hem iki-üç sany taraptutary. Kitap salynýan
bukjalaryny ellerinde hallanladyp, ýaýkanyşyp
gelişlerine olar Täçmyrada ogryn-dogryn seredýärdiler,
bir zat-bir zatlar diýişýerdiler. Sazak deňine gelýänçä
Täçmyrat içi kitaply düwünçegini, egnindäki pagtaly
donuny çykaryp, bir çetde, eräp barýan garyň üstünde
goýdy. Sazagyň öňünden zompa çykdy-da ýakasyndan
tutdy.
334
— Näme kän jyňňyldaýaň sen? Hä?!
Sazak Täçmyratdan iki-üç ýaş kiçi hem bolsa
dogumlyjady.
— Telpegiňi towugyň maslygy ýaly edip özüň näme
diýsene!
Täçmyrat
hasyr-husur
başyndaky
telpegini
çykaryp eline aldy-da, oňa geň galyp seretdi: «Ýaňy
çykardymmykam diýdim welin». Ol telpegini donunyň
üstüne zyňyp goýberdi. Bir pursat ölen towuk ýaly bolup
ýatan telpegine syn etdi. «Beh, dogrudanam, meňzeýäraý». Öwrülip ikinji gezek Sazagyň ýakasyndan tutdy.
Dişini gyjady.
— Hany, ýene bir gaýtala, igrikmi, ügrik?
— Igrik!
Sazagyň gulagynyň düýbi gyzyp gitdi. Elindäki
kitaplary garyň şypyljyrap duran ýerlerine gaçdyda hapalandy. Çep elinde saklap duran syýa çüýşesi
tigirlenip gitdi. Sazagyň özi welin ýykylmady. Täçmyrat
ur-tut soragyny gaýtalady:
— Igrikmi, ügrik?
Sazagyň jany ýandy.
— Igrik how, şol-a, igrik! Ölseňem igrik! — Ol
335
gazabyna bäs gelibilmän hamsykdy. — Janyň çyksa-da
igrik!
— Igrikmi?
— Igrik!
— Al, igrik bolsa!
Ikinji gezek şarpyk dadan Sazak özüni Täçmyradyň
üstüne zyňdy. O ýerinden, bu ýerinden agyz urdy.
Arasynda-da «Igrik şol, öl ölseň, igrik, igrik!» diýip
bokurdagyny harladyp bolubilenini boldy.
— Igrikmi?
— Igrik!
— Al, igrik bolsa!
Geçip barýan bir mugallym bulary gördi-de,
ikisinem şol duruşlaryna eltip direktoryň kabinetine
saldy. Direktor olara düşündiriş ýazdyrdy, meseläni
mekdebiň umumy ýygnagynda goýjakdygyny aýtdy.
Täçmyrada aýratyn igendi:
— Biz-ä saňa ynam bildirip... hil bir adammykaň
öýdüp... päheý... marş hany...
Täçmyrat ertesi okatmaly bolmady. Iki günlük
giden hasap mugallymy şol günüň ertesi işe geläýdi.
336
Ol arakesme wagty Täçmyradyň ýanyna geldi-de, ony
yzyna tirkäp mekdebiň güneş tarapyna geçdi. Jaýyň
nowasyndan şarlap akýan gar suwuna syn edip durşuna
Täçmyratdan bolan wakany jikme-jik sorady.
— Oňarmansyň, gyzmalyk etmeli däl ekeniň —
diýdi.
— Gowuja düşündirjek boldum-da, ýoldaş mollum!
Mugallym ýylgyrdy. Çilim otlandy, başyny ýaýkady.
Gözlerini güldürip, uzak wagtlap Täçmyrady synlady.
Täçmyrat bolsa aşak bakyp, ýyrtyk köwşüniň burny
bilen ýumşak gary şol mynçgady durdy. Mugallym
çilimini ýere taşlady. Gara çümen çilim «wass» edip
söndi. Jaň kakyldy.
— Bolýa, Täçmyrat, bar, sapagyňa bar!
Täçmyrat ertirden bäri aýdyp bilmän duran zadyny
ýaýdanjyrap mälim etdi:
— Umumy ýygnaga goýmaňda bolmazmyka, ýoldaş
mollum?!
Mugallym «Göreris!» diýip gysgajyk jogap gaýtardy.
Täçmyrat mugallymy gapdallap barşyna mekdebiň
agzyna ýetäýmänkä şeý diýdi:
— Ýoldaş mollum, şol dogrudanam, igrikmi ýa
337
ügrik?
— Igrigem däl, ügrügem däl. Igrek! Ikinji bogny «e»
bilen ýazylýa.
— Ügrik bolaýmasyn?
Mugallym birazajyk böwrüni diňläp durdy.
Yzyndanam hezil edip güldi-de, mekdebe girip gitdi.
Täçmyrat duran ýerinden öňe gitjeginem bilmedi,
yza gaýtjagynam. Onuň şu wagt bir çet ýere çykyp bir
özüniň ýalňyz galasy geldi...
...Täçmyrat mekdepden soň uniwersiteti gaýybana
gutaryp, hasap mugallymy bolup ýetişdi. Ýöne şol
wakany ýatlasaň welin ol şindi-şindilerem heziller
edinip gülýär. Onuň gülküsini tutdurjak bolsaň,
başga hiç zat diýmän, diňe: «Ügrikmi ýa igrik?» diýip
soraýmalydyr.
...Hawa-da, bize şol elwan ýaşlygyň
ýatlamalaryndan başga nämesi galypdyr?
lezzetli
1980 ý.
GÖWÜN
Dördünji klasyň okuwçysy Baýmyrady çeper
höwesjeňleriň toparyna kabul etmediler. Seçilişik
338
bolanda diňläp gördüler-de: «Buw-w, bu sesiň bilen seni
iliň öňüne çykaryp aýdym aýtdyryp bolmaz» diýdiler.
Baýmyrat muny öler ýaly gaty gördi. Gyssanjyna baryp
kakasyna arz etdi. «Menem aýdym aýtjak!» diýdi. Näme
üçin almadyklarynam aýtdy. Kolhozyň saraýynda ýükçi
bolup işleýän Agaly çagasynyň dolup-daşyp durşuna
dözmän, agşamaralar ýüzüni garaňka tutup aýdym
mugallymynyň öýüne bardy. «Şeýle-şeýle» diýip näme
üçin gelendigini düşündirdi. «Aňrujy bor ýaly bolsa
aýtdyryň, boýnuny burup otyr, çaga gaty höwes edýä»
diýdi. Aýdym mugallymy şunça düşündirjek bolsada, Agaly bir tutan ýerini tutdy oturdy. Mugallym
birmeýdan böwrüni diňläp oturdy-da, çykalga tapan
ýaly «ziňk» edip Agala seretdi.
— I-i... Horda duruzaýaly-la şony bolmasa!
— Horda durulsa nirde durulýa? — diýip, Agaly
mugallymyň özüne sorag berdi.
— Neme-dä, köpçüligiň arasynda durup aýdybermelidä.
— Aýdym aýtmaly dämi özi?
— Hawwa-la.
— Bor şol. Bir ýerde durup aýtsa bor.
339
— Ertir sapakdan soň gaýtalamagymyz bardyr,
baraýsyn, şonda-da bir synap göreli hany.
Ertesi Baýmyrady horuň iň yzky hatarynda oturgyjyň
üstünde duruzdylar. Ýaňy bir aýdyma başladylar welin
aýdym mugallymy Baýmyrada elini serip «uwlaberdi».
— Goýaweri, goýaweri! Düş! Düş jigim, düş! Bütin
hory bulaşdyrýaň. Seňki boljak däl. Sesiň düýbünden
bolanok. Düş, düş!
Baýmyradyň bokurdagy doldy. «Nämesi bolanokmyş
şunuň? Hä? Nämüçin bolmyýamyşyn?» diýip
gygyryberesi geldi. Emma ýekeje agyzam gepläp
bilmedi. Burnuny sallap barşyna özüniň «hatardan»
çykarylanyna öler ýaly namys etdi. Öýe baransoňam
iýip-içip ugry bolmady.
— Neneň, bu gün aýdym aýtdyrdylarmy? — diýip,
kakasy işden gelşi ýaly sorady.
Baýmyrat aşak bakyp oturşyna sesini çykarman
keçäni dyrmalady. Kakasy soragyny gaýtalansoň:
«juk» etdi-de, burunjygyny çekdi. Çygjaran gözlerini
galdyryp, kakasynyň ýüzüne mölerildi. Agalynyňam
barja keýpi gaçdy. Ynjap gürledi.
— Nämüçin aýtdyrmadylar?
340
Baýmyrat eginlerini gysdy. Gepiniň tutulmandygy
üçin Agalam aýdym mugallymyndan kinedar boldy. Öz
ýanyndan öýkeledi.
— Ertir direktiriň ýanyna baraýaryn oglum
men. Gatam aýtdyrlar. Näme aýtdyrman. Sen nä bi
hökümediň adamy dämi?
Baýmyrat tisgine-tisgine sowuk demini aldy.
Agaly ertir şähere ýüke gitdi-de, mekdebe gijara,
direktor gaýtjak bolup durka bardy. Ýagdaýyny aýtdy.
«Gaýrat ediň, çagaň göwni galmasyn» diýdi. Direktor
aýdym mugallymyny ýanyna çagyryp, Agalynyň näme
üçin gelendigini gysgajyk düşündirdi. «Bilýän, bilýän
— diýgip, mugallym görgüli elewräberdi. — Hiç
bolanok, ýoldaş direktor, öňki agşam Agala boýunam
boldum welin, hiç bor ýaly däl. — Ol aşak bakyp sesini
ýuwaşatdy. — Çagada-da beýle zoňtar ses bor ekenow. — Soň ýene ellerini ýaýdy. — Men-ä nätjegimi
bilemok».
Agaly zol-zol: «Gaýrat ediň-de, bir ýagdaýyny tapyň,
ýogsam çaga gaty gyýylýa» diýip duransoň direktoram
aýdym mugallymyna ýalbaryp başlady. Olaryň ikisem
gara çynlary bilen bu çykgynsyz ýagdaýdan çykalga
gözlediler.
341
— Nemetsek näderkä?! — diýip, aýdym mugallymy
ýerinden turdy. Möhüm bir uly işi çözýän ýaly iki ýana
gezmeledi. Oturanlaryň hersiniň ýüzüne bir seredip azkem durdy-da, ýene öňküje ýerine geçip oturdy. Içine
ýel sordy. Şol ýeliň kükreginden çykaryna mähetdel
«hm-m» edip söze başlady. — Şeýdäýmesek, men-ä
başga näme etjegimizi bilemok. Halys höwes edýän
bolsa, näme, dursun horda, ýöne sesini çykarman
dursun. Uluraklaryň ýanynda, yzky hatarda duruzarys
welin, kän bir görünibem durmaz.
Agalynyň ýüzüne seredişdiler. Ol aşak bakyp
oturyşyna çalaja seslendi:
— Bolýa-da onda, men şeý diýipjik aýdaýyn oňa.
Agaly agşam öýüne baranda Baýmyrat ýaňy ýerine
geçen ekeni. Kakasy içeri girenden ol boýunjygyny
galdyrdy. Gözüni tegeläp onuň bir zat diýerine
garaşdy. Agaly pejiň gapdalyna çekdi-de, ädigini
çykardy. Dolagyny aýryp ädiginiň içine sokuşdyryp
otyrka direktoryň ýanyna barşyny ogluna birin-birin
howlukman gürrüň berdi.
— Şol hor diýilýäninde duraýsyn diýdiler. Ýöne
sesini çykarmasyn diýdiler. Onam ýöne men bolamsoň
ýüzümden geçip bilmän diýäýdiler öýdýän. Al-aýt, ala342
böle seň sesiňiň köpçülige bolman durşuny muň. —
Agaly böwrüni diňledi. — Sen kakam pahyra çekensiň.
Şo bendäňem bokurdagy jäheksizdi. Gürlände arslan
arlan ýaly «gübür-gübür», sesinden goňşular arkaýyn
ýatybilmezdiler. Atam pahyr-a asyl gadym wagtlar
obanyň jarçysy ekeni. Üh-he! Ertir baraý onda sen
arkaýyn.
Baýmyrat bu habara diýseň gynandy. Dodagyny
kemşerdip dişini gysdy. Kemsinendigini kakasyna-da
bildirmejek bolup, ýorganyny ýüzüne çekdi. Kakasy
çaýyny içip boluberende bir zat ýadyna düşen ýaly
usullyk bilen ýüzüni açdy. Gara der bolan maňlaýyny
aýasy bilen süpürdi. Başdakysy ýaly boýnuny galdyrdyda, ýuwaşja, basyk, ýadaw sesi bilen:
— Kaka-a! — diýdi. Peje bakyp çaýynyň iň
soňuny käsesine sarkyryp oturan kakasynyň özüne
tarap gaňrylanyny görensoň bolsa daljygyp birnäçe
gezek ýuwdundy. Has naýynjar gepledi. — Agzyňy
gymyldatsaň bolýamyka?
Agaly birmeýdan dik depesine bakyp pikirlenip
oturansoň çalaja gozgandy. Ardynjyrady. Oglunyň
ýüzüne seredibilmän kesä bakyp jogap berdi.
— Bor-la. Näme bolman. Sesiňi çykarman nädeniňde
343
nä.
Ogly üçin Agalynyň özem çaga ýaly kemsindi.
Gynandy. Galan çaýyny iki owurtda içdi-de, düýbüni
pejiň aşagyna serpip goýberdi.
Baýmyrat welin şondan soň birneme ynjaldy. Sähel
salymdan bolsa çuňňur uka gitdi. Uzak gije derçiräp
hezil edip ýatdy. Ertir deň-duşlary bilen bir hatarda
durup il deňinde aýdym aýtjakdygy üçin tüýs ýürekden
begendi.
1982 ý.
IKI ŞAÝY
Meretgeldi elmydama çagalaryna köçeden bolsun,
iliň öýünden ýa işiginden bolsun, oduk-buduk tapan
zatlaryny öýe getirmezliklerini nesihat edýärdi. Ine, ol
häzirem ýedi ýaşly uluja ogly Sähedi çat maňlaýynda
oturdyp, gök çaýyň bady bilen hemişekije öwüdini
berip otyr:
— Bize iliň zady hergiz-hergiz ýokýan däldir, oglum.
«Bir gulaç ýüp tapyp öýe getirsem, bir külter tanap
bolup çykýa» diýip, kakam pahyr aýdardy. Jinnek ýaly
zat getiräýmäň, köşek öýe. Jigileňňede sarga. Ýogsam,
344
biderek ýere sizi urup-sögüp ýörmeli bolýan. Sen-ä
indi, tüweleme, aga-gara düşünýäň, ep-eslije bolupsyň.
Şapbyk-şapbyk edip o dulda ýaýkanjyrap, un eläp
oturan Sonatäç gapdaldan at goşdy:
— Goýaýsana senem indi. Çagajygyň halys ýüreginebagryna düşdüňle. Bir aýtdyň, iki aýtdyň, boldy-da indi.
Meretgeldi tirsekläp çaý içip ýatyşyna ilk-ä
onuň aýdanlaryny sesini çykarman diňledi. Soňam
ýaltalyk bilen ýarpy göwresini aýalyna taran öwürdi.
Hyrsyzlandy. Muny aňşyran Sonatäç un eläp oturyşyna
başyny aşak goýberdi, dodagyny dişläp, mys-mys etdi.
Meretgeldi hiç zat diýmedi-de, ýene öňki ýatyşyna
ýatyberdi. Şol ýerdenem aýalyna tarap ýüzüni öwürdi.
— Burnuň dagy nähili-aý?
— Hä, näme?
— Ozalam-a oragyň sapy ýaly welin, un çalybam-a
işini görüpsiň. Tüýs «sölite suwda belli, hapysa
hamyrda» diýleni-dä.
— Ana, indem maňa igenip başlady.
— Näme, siziň ýamanlygyňyza çapýandyryn
öýüdýäňizmi? Bizem-ä şu hojalygyň zyýanyna-ha däl.
— Aý, şonda-da her zadyň çaky ýagşy. Çagalar-a seň
345
derdiňden ýaňa halys saňsar bolupdyrlar.
— Saňsar bolarda, men bir zat diýsem, sen tersine
bir zat diýseň. Olar kimiňkä gulak asjaklaryny bilmän
janserek bolşup ýörler. Men şulara köçeden zat tapsaňyz
öýe getirmäň diýsem, senem şony diý!
— Şeý diýýän-ä menem. Ine, düýn Ahatjan iki şaýy
tapyp geldi welin, äkit-de zyň diýdim. Güm et diýdim.
Edil şu diýşim ýaly. Nä derdim seň iňirdiňi çekip.
Meretgeldi böwrüni diňledi.
— Ýeri, zyňdymy onsoň?
— Dagy näme? Gurban jynlyň eşek ýatagyna zyňdy.
Kakasynyň ýanynda irkiljiräp oturan Sähet birden
ýalpa gözüni açdy-da, usullyk bilen daşary çykyp
gitdi. Oňa kän ähmiýet bermedik Meretgeldi mynnymynnysyny dowam etdirdi:
— Zyndyran bolsaň gowy edipsiň. Öňde-de bir jahyl
ogurlyk edip tutulypdyr-da, patyşa ony ölüme höküm
edipdir...
Sonatäç hamyry legene gaplap, üstüni basyrjak bolup,
hyklap oturyşyna:
— Şeýledir, şeýledir — diýip, hüňür-hüňür etdi.
346
Meretgeldi onuň kinaýa bilen aýdanynam bilmedi,
çyny bilen aýdanynam. Şol wagtam işikden gözüni
tegeläp Sähet girdi.
— Eje, o ýerde ýok ekeni!
— Näme, ol?
— Ýaňky diýeniň.
— Näme diýdim-ä?
— Gurban jynlyň eşek ýatagyna zyňdy diýdiň-ä.
Ahat zyňdy diýmediňmi? Şaýyjygy.
Meretgeldi şol derçiräp ýatyşyna bir aýalyna seretdi,
birem ogluna. Çaýynyň soňuny käsä sarkyrdy-da,
uludan demini aldy.
— Bulara-a baryny biderek etd-ow!
Hamyr eşiklerini aýryp durşuna Sonatäç ogluna
ýüzlendi:
— Oglum, kakaň ýaňky aýdanlaryny eşitmediňmi nä
sen?
— Haýsy aýdanny?
— Daşardan zat getirmäň diýenni.
— Eşek ýatag-a ol.
347
Meretgeldi şol ýatyşyny üýtgetmän barmaklaryny
büküp başlady:
— Eşek ýatak bolsun, düýe ýatak bolsun, işik bolsun,
tör bolsun, gör bolsun, getirmäň şu öýe hiç zat! —
Meretgeldiniň towy güýjedi. — Beh, bulara bir aýt, müň
aýt — edil göwünleri bir ýaly. Il-günüňki-hä ümländen
düşüniberýä welin, bi bulara hiç gep düşündirip
bolanok.
— Çagadyrda kem-kem düşüner gider-dä. Getir şo
käsäňdäkini maňa ber. Wah-wah-eý, bilim ýazaýdy
halys.
— Hä, gala alansyň.
— Toba.
— Me iç, şuň bilen biliň seýik tutýan bolsa.
Sähetjik kakasynyň çat maňlaýynda aýbogdaşyny
gurap, gözüni ýaldyradypjyk oturşyna şaňňy sesi bilen
gygyrdy:
— Kaka, elli manat tapsamam almaýynmy?!
Meretgeldi oglunyň ýüzüne mölerilip, köp seretdi.
Kakasy ýene bir ýakmazyny aýdar öýdüp çekinen Sähet
azrak yza süýşdi. Gyzaryp ejesine seretdi. Meretgeldi
näme diýjegini bilmän ýene-de esli oturansoň, gyşaryp
348
ýatan ýerinden dikeldi. Aýalynyň ýüzüne seretdi:
— Beh, dogrudanam, şonda nätmeli borkan-aýt?!
Sonatäç çaý içip oturyşyna içini güldürip gepledi:
— Nätmeli bor öýdýäň? Öýe getiribem-ä bolmaz.
— Zyňybam-a bolmaz onça puly.
Sonatäç hezil edip güldi. Yzyny üzmän «şyg-şyg»
edip, kän güldi. Meretgeldi bolsa ikiýana gorsanyp,
näme karara geljegini bilmän oturyşyna ýassygynyň
aşagyndan nas çüýşesini çykaryp, nas atdy. Dodagyny
çommaldyp, öz-özüne aýdýan ýaly edip gürledi:
— Ýüz manat, müň manat bolsa-ha höküwmede
eltip berilýänini bilýäs. Bäs-üs manat bolsa-da, üs
gezek? «Kimiňki häw sü» diýip gygyzaga-da, alyp
gaýdybezmelidiginem bilýäs...
— Hany, hiç zat almaly däl diýmediňmi nä ýaňyja?
— Otuzsana häw, duz entek, oglana jogap biz bezel-ä...
Hä, onam bilýäs, munam bilýäs... Beh, dogzudanam,
su elli manady nätmelidigini bilemog-aý! — Ol pejiň
gapdalynda duran tüfdany Sähede görkezip ümledi.
Sähet loňkuldapjyk gidip tüfdany getirdi-de,
kakasyna berdi. Özem ýene öňküsi ýaly aýbogdaşyny
gurup, Meretgeldiniň maňlaýynda oturdy. Meretgeldi
349
tüfdana nasyny tüýkürip, çöp bilen gorjady-da, ýene
Sähedin eline berdi Sähet sesini çykarman ýerinden
turdy, tüfdany äkidip alyp gaýdan ýerinde goýdy.
Gelip ýene öňküsi ýaly oturdy. Ýene-de kakasynyň
ýüzüne çiňerildi. Meretgeldi ernini aýasy bilen süpürip
oturyşyna bir meýdan oglunyň ýüzüne seretdi. «Beh,
sypdyrjak däl-aý şü» diýip içini gepletdi. Birdenem
aýgytly gürledi:
— Hany, bir getir bakaly, onsoň görübereris näme
bolýanyny. Ýöne ýolda ýitiräýmegin!
Şol wagt Sähetjik ertirden bäri ýumulgy duran çep
elini açdy-da, kakasynyň ýüzüne mölerildi. Onuň
aýasyndaky kirlije iki şaýyny gören Meretgeldi birbada
aňk-taňk boldy. Nämäň-nämedigini kellesinde aýlap
ýetişensoň, çym-gyzyl bolup, Sähede topuldy:
— Nireden aldyň ony?
— Ahadyň zyňan ýerinden.
— Alma diýmedimmi?
— Özüň şumatjyk alaý diýmediňmi? Ýitirmän getir
diýdiň-ä.
— Elli manatmy näme ol?
— Ýok.
350
— Onda nä aldyň?
— Ahat zyňypdyr-a.
— Ahat zyňsa, Ahadam şo tapany üçin zyňdy-da.
Zyň, getirme diýleni üçin zyňdy-da... — Meretgeldiniň
gazaby kem-kemden güýjedi-de, töwereginden eline
iler ýaly zat gözläp, sermenip ugrady. — Näme men şuň
bilen agzymy deňäp sanaşyp durun-a! Inini-boýuny
ýap-ýasy edeýin-le! Indi senem adam oýnajak bolýaňmy
sen? Hä?!
Sähetjik kakasyna tutdurman gapydan şowlap çykdy.
Sonatäç ylgap baryp, işige germeldi. Çym-gyzyl bolup,
ärine igendi:
— Toba-toba. Bolşuň nähil-ä seň? Was-was etdiň sen
o çagany, was-was etdiň! Hakyna seretseň-ä, özüň şeýle
seň.
— Goýsan-aý, seňki näme!
Sähet daşarda, ho-ol aňyrrakda duran ýerinden
kakasyna gygyrdy:
— Kaka elli manatlyk köpük tapsam nädeýin?!
Meretgeldi duran ýerinde aşak çökdi. Sonatäç gyjyt
berdi.
— Şeýt-de çagaňa-da oýnat-da ýör indi.
351
Ärine ýene bir zatlar diýjek bolup çemelendiçemelendi-de, hiç zat diýmän ýerinden turdy. Hamyryny
barlap geldi. Gülmekden ýaňa ýaşaran gözlerini süpürip
durşuna: «Tamdyra ot bir goýbereýin» diýdi.
Içerde ýeke özi galan Meretgeldi ep-esli wagtlap içini
hümledip oturdy. «Beh, biziňki ýöne ters bolup dur-aýt.
Al diýseň bolmasa, alma diýseň bolmasa. Mollumlar
öwretmel-ä şular ýaly zatlary. Gury aýlyk alşyp ýörler.
Terbiýe bermeli, çagalara terbiýe. Aý, bolýa-da, olaňkam.
Saglyk bolsa bor. Galannyň bir alajy bolar».
Şondan soň ol Sonatäç gelýänçä gapa gözüni
jüýkerdip, sarsman oturdy. Aýalynyň tamdyrdan gelip
demlän çaýy ony derçiredip, diýseň kök etdi. Dili näçe
giýjese-de, sesini çykarmaga bogny ysmady. Tamdyrdan
ýaňy çykan nanyň ýakymly ysy içerä ýaýrady. Ahat
bilen Sähedem geldi. Şunça çydasa-da, mundan artyk
dymmaga karary ýetmedik Meretgeldi dyzyna galdyda, ýassygy bagryna basdy, hemişeki endigi bilen
çagalaryna ýüzlendi:
— Şu hergiz ýadyňyzda bolsun...
Meretgeldiniň ýeňsesinden uzyn bir tanyş «şyggyldy»
eşidildi.
1980 ý.
352
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.