Latin

Ojaklar öçmesin - 05

Total number of words is 3721
Total number of unique words is 2215
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
it uklansoň usullyk bilen Şemşat ejäniň maňlaýyna
geçdi. Başardygyndan öwrümli gürledi. «Seň şumat
nähili keşpdedigiňi hiç göz öňüme getirip bilemokda, Şemşat! Göwnüme sen henizem şol, meni urşa
ugradandaky keşbiňmikä diýip durun. Çagalaňňam nä
kadda gelendiklerini bilemok. Parahat jan-a tüweleme
geplände dagy gaýadan daş gaýdan ýaly «düňk-düňk»
edip edil men welin ýüz keşbi zady nähili şoň? Hä?
Uzynakmy olam Gurbanmuhammet ikimiz ýaly?
Daýawmy? Bilip bolanok-da, Şemşat gözüň görmese.
Ýigit ýetensoň sypaň-sermeň edip ýörseňem birhili.
Sen bilýänsiň-ä. Sen gözüň bilen görüp, guwanyp
ýörsüň-ä...»
Aýalynyň göwnüne zat getirmän: «Çagadyr-da, atada çeker, enä-de, on arka aňyrsyna çekip ýörenem bar.
Daýy tarapynda-da gidiberýä. «Ýedi arkama meňzemen,
ýerden göterene meňzärinem-ä» diýdirýädiler ejem
pahyr dagy» diýen sadaja gürrüňlerindenem onuň gaty
bir göwni suw içmedi. Gaýtam öz ýanyndan ters many
çykardy. Göwnüne aýaly sapalak atýan ýaly, äriniň
körlüginden peýdalanyp ony bolgusyz gürrüňler bilen
aldaýan ýaly, özüni edil çaga oýnan kimin oýnap oturan
ýaly bolup göründi.
Şol gije ol özüniň ýaşlyk döwrüni, on iki synasynyň
100
sagat, gaýgysyz, gamsyz çagalygyny, alys gözýetimde
galan, indi hiç haçan gaýdyp gelmejek röwşenli
günlerini ýatlady. Pyşyrdysyndan bal dökülip duran
elwan dodaklaryny dişläp, bägülüň ýapragy ýaly ötegçi
şemalyň badyna-da bir geňsi tirpildäp duran nepis,
gyrmyzy ýaňaklaryny çalaja gyzardyp, bir göreniňem
är ömrüne degýän süzükli humaý gözleriň goragçysy
bolan gara hanjarlaryny ýürekden gezäp: «Ýa ýeriňki,
ýa seniňki» diýip duran Şemşat bolsa, şol bir päkligi, şol
bir mähribanlygy bilen Döwletýar pälwanyň gözüniň
öňünde gaýmalady durdy. Hut şol Şemşadyň, yzynda
ýigit barynyň ser-sepil sergezdan bolup ýörendiklerine
garamazdan gara başyny dine öz başyna deňäp ak
ýürekden ömürýoldaş bolan şol Şemşadyň, ine, şuşşu Şemşadyň hut öz dosty, onda-da dogan hökmünde
görşüp ýören ganybaşga gardaşy Badam garaýagly
bilen azaýjakdygyna Döwletýar pälwanyň kes-kelläm
ynanasy gelmedi. «A-ak, a-ak, Şemşat a-ak, Şemşat pääk...» diýýän haýsydyr bir ýakymly owazam, beýnisiniň
içinde üznüksizlik bilen şol gaýtalandy durdy. Ýöne
ol sesiň kimiňkidigini, nireden gelýändigini welin
Döwletýar pälwan jepalar çekse-de bilip bilmedi. Ol:
«Owf!» etdirip ýerinden galdy-da, dik oturdy. «Ýook, Şemşat beýtmez. Beýtmez-z!.. Watan üçin, ar üçin
101
gurlan jeňde ýaradar bolup ýyldyraryndan aýrylan
bir är ýigidiň ýeňsesinden tüpeňlejek zenan Şemşat
däldir. Bir biwepany aldap goltugyma salary ýaly meň
pelekden pes oturan ýerim ýokdur. Kim näme diýsede ýalan aýdypdyr. Mämmet gyşyk pohuny iýipdir!
Gel-gel indi men şoň gepine gidibem öz halalymyň
synasyna betgüman bolup ýören bolsam, onda maňa
bir çem bolupdyr. Indi men gowusy abraý bilenjik...»
Şondan soň ol algydarynyň ýoluna garap başlady.
Emma jan eýesi gelip ondan öňürti Şemşat ejäniň
ýakasyndan ildi. Kempir gawun bişiberende ýykyldyda, güýzegräk has haýallady. Obada ömürbaky ýagşy
adam adyny alyp gelen Şemşat eje bilen hoşlaşmak,
razylaşmak üçin ulam geldi, kiçem geldi. Aýalam geldi,
erkegem geldi. Sag aýagyny ýerden sähelçe süýräbiräk,
bütin ömrüni gara zähmet bilen geçirendigi daşyndanam
mese-mälim bildirip duran Badam aga-da geldi. Özem
her gün geldi. Ilden ir gelip, hemmedenem giç gaýtdy.
Tegelek ýüzne gelşik berip duran gür sakgalyny sypalap,
edil päki çalybermeli tep-tekiz, etlek duluklaryny
ýaldyradyp oturşyna: «Gaýgy etme, gutularsyň — diýip,
hassa jana hemaýat berdi. Dostuna-da: — Aýallaryň
jany berkdir, sakgaldaş. Bulara zat bolmaz, gorkma.
Ertir ýene-de düwdenekläp çaý demläp ýörendir
102
görseň» diýdi. Göwünlik berdi.
Garrylygy, ýarawsyzlygy zerarly soňky döwürlerde
az-kem gelmesini azaldan Badam aganyň ýene-de
birden-kä beýdip gatnap ugramasy, Şemşat ejäniň
başujyny alyp çaý diýse — çaý, nan diýse — nan äberip
oturmasy, ol ikisiniň uzakly günki üznüksiz hümürdileri,
Döwletýar pälwanyň ýaňy bir sönüp barýan ýürek
oduny täzeden ölçerdi. Tutaşdyrdy. Henizem kalbyndan
ymykly çykman, gursagynyň bir ýerinde maýyna
garaşyp, düýrlenip ýatan müňkürlik ýene-de täzeden
çözlenmäge, ulalmaga, çişmäge, Mämmet gyşygyň
gyjalatly sözlerem gulagynyň düýbünde ýaňadandan
ýaňlanmaga başlady. Badam aganyň ýeke bu gün däl,
asyl ömürboýy öz gapysyndan aýrylman hyzmatyny
edip gelendiginem ol bir bada unutdy. Ony mähetdel
öýünden çykaryp kowara bahana gözledi. Şol pursat
telim wagt bäri: «Şemşat ak, Şemşat päk!» diýip, özüni
ençeme melamatlardan sowup gelen hoşamaý owazam
nirädir bir ýana sumat boldy-da, başga bir garamtyl, goýy
ses peýda boldy. Ol: «Kow! Derrew kow. Bir emmasy
bolmasa ol özüniňem ýaramaýan halyna beýdip gijegündiz Şemşadyň başujyny alyp oturmazdy» diýip,
gojanyň böwrüne symsyklady. Ozaldanam ala-göwün
bolup oturan Döwletýar pälwan topuň agzyndan sypan
103
ok ýaly hasanaklap ýerinden galdy-da, atylyp gapa
germeldi. Dik asmana garap durşuna: «Sapby! Gel otur
eneň ýanynda gömülde! Suw diýse, suw ber, nan diýse
nan ber! Aýrylma ýanyndan! Haý, oýun janyňy almasyn
seň bir! — diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. — Soň
ol bilgeşländen hem-ä ogullary, gelinleri eşider ýaly,
hemem Badam aga düşüner ýaly, öz-özi çykyp gider
ýaly edip gowuja gatyrgandy. — Ýa ýer urup ýerde galan
hossarsyzmy bi?! Hä?! Şu içerde şuň agzyna bir owurt
suw damdyrar-a adam ýokmudyr indi? Hä?! Ýokmudyr?
Gyrylanmydyr barsy?! Utanaňyzokmy?!»
Ýaşulynyň bu haýbatly sözlerinden soň gelinlerdenem
iki sanysy ylgaşyp gelip gaýyn eneleriniň gapdalyna
gondular. Ogullarynyňam öýde barlary gelip: «Ejemiň
ýanyndan aýrylaýmaň! Oturyň ýanynda!» diýşip, dik
duran ýerlerinden gelinlerine abaý etdiler-de derrewem
işli-işlerine dargaşdylar. «Wysyr-wysyr» edişip çaý içer
salym zordan oturdylar-da, gelinleriňem hersi bir iş
bilen turup-turup gitdiler.
Kepbe örmek üçin işigiň agzynda üýşürilgi duran
gyzyl çybyklaryň birini münüp Sapbam gitdi. «Men
ýarasam ertir irräjik aýlanarynda, sakgaldaş. Sen ýene
ýaňkyň ýaly birden-kä darygyberme. Aňsat däldir bir
giden işli adama hassaň ýanyny alyp oturmak. Şu wagt
104
şuňa senden golaý hossar bolmaz. Gapdalynda gara
bolup göwünlik berip oturanyňam her zada degýändir.
Ýan ýoldaş diýlen zat adama, sakgaldaş esasanam şu,
ahyr ýaşyňda gerek bolýan ekeni. Sen ýöne şuňa ömür
diläber» diýip, ýatar wagtlary boluberende Badam
aga-da gitdi. «Çynmyka? Ýalanmyka?.. Dogrumyka?..
Nädogrumyka?..» diýip özüniň ýakymsyz pikirlerine
gümra bolup oturan Döwletýar pälwan «Hä-ä...
howwa...» diýişdiren bolsa-da, dostunyň nämeler
diýendigini takyk aňşyrybilmedi. Oňa derek sag
gulagynyň düýbündäki: «Ana Badamam gitdi. Bol, şu
wagt hiç kim ýok wagty kempiriň özünden sorap gör!
Şo zatlar çynmy, Mämmet gyşygyň aýdanlary dogrumy,
Badam ikiňiziň araňyzda şolar ýaly zat boldumy? Diý!
Aýdar!» diýip duran hälki garamtyl, garagol sesi welin ol
doly aňşyrdy. Beýnisiniň içindäki köpden bäri azar berip
ýören ululy-kiçili syçanjyklaram şol dem has ezberlik
bilen gybyrdyklaşdylar-da, «şyrt-şyrt» edişdirip, onuň
guran tasma dönen ýeňse damarlaryny kertmäge
durdular. Birdenem gojanyň kellesiniň içinde aýylganç
bir şarňyldy peýda boldy. Gözüniň öňündenem ilk-ä bir
gök, yzyndanam sary gatyşykly ganguýma gyzyl reňke
boýalan uzyn-uzyn zolaklar terslin-oňlyn öwüsmäge
başladylar. Gulagynyň düýbem: «Bol sora... bol sora...
105
bol sora...» diýşip duran tanyş-u nätanyş birtopar
adamlaryň dürli owazlaryndan ýaňa ala-wagyrdy
boldy-da, Döwletýar pälwan olaryň haýsy birine gulak
asjagynam bilmän, şol her tarapa bir hekgerdi oturdy.
Ahyram şolardan biriniň ugruna gidip goltugyndaky
mähnet daşyny kempiriň depesinden indermek üçin
ýaňy bir öňe garap omzadam welin, bagtyna şol:
«Şemşat päk, Şemşat päk!» diýip näwagtlardan bäri
özelenip ýören ýakymly ses ýene-de nirdendir bir
ýerlerden dazlap geldi-de, gojany garbap alyp, gör indi
näçinji gezekdir düýpsüz uçudyň gyrasyndan elinjek
sowdy goýberiberdi. Beýleräk eltip oturtdy. Elindäki
ýüpek ýaglyk bilen onuň ynjap duran beýnisiniň
içinem arassalap goýberdi. Ýüzüni sypalady. «Giň bol,
darykma!» diýip göwünlik berdi. Halys aljyrap, gara dere
batyp oturan Döwletýar pälwan şondan soň: «ÝA Alla!.
ÝA iman!.. Ýa abraý!..» diýip, yzly-yzyna uludan demini
aldy-da, ýuwaşjadan yza çekildi. Ýerine geçip bir zaman
butnaman oturdy. Ýakasyna tüýkürdi. Ýaňadandan
turup Şemşat ejäniň üstüni ýapyşdyrdy. Ýassygyny
düzedişdirdi. Şu edip ýören gowgaly pikirleriniň
barynyň ýalandygyna, ýalňyşdygyna, özüni şu güne
çenli nähak ýere horlap gelendigine ynanasy, ynjalasy,
ölmezinden öň ýekeje gün bir rahat ýatyp, arkaýyn ine106
gana ukusyny alasy geldi.
Ýöne welin ynjalyp bilmedi. Ýatybam bilmedi. Şol,
gorsandy oturdy.
Munuň uzynly gije ýatman, ala-basga duşup
oturanyny aňan kempir ýassykdan çalaja başyny
galdyrdy. Ysgynsyz gürledi. «Sen bir arkaýyn ýatyp
ukyňy alsaň bolmyýamy, Döwletýar! Uzyn gije
ýatmadyň. Ýa meni gaýgyryp birahat bolýaňmy?
Meni-hä, birjigem gaýgy egme! Besdir indi meňki.
Hudaýa şükür, ogul öýerdik, gyz çykardyk. Agtyk
gördük, çowluk gördük. Şol nägehan uruşdan çykdyk
baş esen, bagry bitin. Başga näme gerek? Şükür edeli.
Nadyl bolmaly. Oguldan gyzdan yza galman her kim öz
gezejiginde gitse ýagşy. Birden gaflatda gapyl galaýsam
dagy armanly bolma, Döwletýar! Gel, hoşlaşaly. Razy
bol. Agyryp, ynjan ýeriň bolsa aýt! Beýan et! Geçişeli!
Kör är bilen ýaşaşanyna kemsinendir-ow, ýa namys
edendir-ow, diýip göwnüňe güman getirme. Ogluň
gyzyň arasynda ata bolup oturanyňam, ardynjyrap
gapydan girip-çykyp ýöreniňem, çagalaryň ylgap
gelip: «Hany kakam?» diýenlerinde: — Honha otyr.
— diýenlerimem degendir dünýäň bar malyna. Ertiragşam içerden «gubur-gubur» sesiň gelip durany
nämä degmedi. Men-ä Hudaýdanam, bendesindenem,
107
sendenem müň-de bir razydyryn. Senem razy bol!»
Ömrüň bu paýawlap barýan çagynda özüniňem
şeýle mert-mert gürrüňler edip, mylaýym sözler bilen
ýanýoldaşynyň göwnüni awlaman, gaýtam birgiden
bor-bolgusyz pikir-u allaryň ugruna gidip, onuň päk
synasyna betgüman bolup oturandygy üçin goja bu
hoşlaşyk pursaty özüni gaty oňaýsyz duýdy. Ozaldanam
kemsiz ysgyny giden ýürek ölüm düşeginde ýatan
naçaryň bu merdemsi sözlerine tyg-tyg bolup dilindi,
endam-jany iňňe sanjylan ýaly «jas-jas» edip awady
durdy. Ol ellerini titredip aýalynyň üstüne howala
boldy-da, sandyrawuk ses bilen: «Razy, razy... Menem
senden razy, Şemşat!» diýip birnäçe gezek zordan
gaýtalady. Özi welin şol gyssagarada-da kempirinden
nämedir bir zatlar soramakçy bolýan ýaly oňa tarap
zol-zol tolgundy oturdy. Emma ol soragy şunça wagtlap
soratman gelýän haýsydyr bir güýç bu gezegem oňa dili
zyban bermedi. Güman gümanlygyna galdy.
Çarşenbe güni çäş wagty kempir jan berdi. Agaç aty
döwletli bosaga üç ýola degrip göterjek bolanlarynda bir
çetde sesini çykarman gulagyny gerip duran Döwletýar
pälwan: «Adamlar, duruň! Şunça ýyllap bile ýaşaşdyk
bende bilen. Ýene-de ýekeje gezek hoşlaşyp galaýyn. Iň
soňky ýola» diýdi-de, gark bolup barýanyň gaýykdan
108
ýapyşyşy ýaly gaýygynam bir çete taşlap iki eli bilen
tabydyň sag tarapyndan aslyşdy. — «Şemşat, aý Şemşat!»
diýip bir zatlar sorajak boldy. Şemşat eje tabytdan
başyny galdyraga-da: «Hä, näme? Näme sorajak bolýaň,
Döwletýar? Çekinme-da soraber! Göwnüňde arman
galmasyn?» diýäýjek ýaly ikibaka hekgerdi. Ondan indi
ses-seda çykmajakdygy uly iliň bolsa özüne seredip
durandygy hakydasyna gelensoň bolsa göwnünde gubar
baryny bagladan şol gümany ýuwdup, kempiriniň
üstüne ýapylan ýüpek çymylganlary eda bilen sypalady.
«Baryň, adamlar, rugsatdyr!».
Tabydyň gyrasyndan aran deý ilişen barmaklar kemkemden gowşaşdy. Agaç at howalandy. Dazanaklaşyp
barýan dört ogluň gaýym gerdenleriniň üstünde
sarsman, ynjaman, rahat ýatan Şemşat eje bolsa
özüniň bir ýassykda başlaşyp, şunça ýoly bilen geçen
ýanýoldaşyndan, ýürekdeşinden, syrdaşyndan, gör indi
nijem bir wagt bäri gümanlar içinde gorsanyp ýören
heserdeşinden kem-kem daşlaşmaga başlady.
Döwletýar pälwan welin her näçe özüne zor salsada, daşyny alşyp özüni göz-görtele melamata itekleşip
duran garamtyl göwreleri, Mämmet gyşygyň dar derä
giren gyrgylar ýaly beýnisiniň içinde pelesaň urşup
ýören ýakymsyz sözlerini her näçe taýaklap kowsa109
da, uzak wagt bäri özüni heýjana salyp çal başynda
berk berç bolan bet gümanlaryndan hut şu baky
aýralyk pursaty hem doly aýňalyp bilmedi. Açylyşjak
bolup şunça jan etse-de bolmady. Gaýtam Şemşat eje
gidensoň birhili göwnüniň armany hasam artan ýaly,
küren obaň içinde ýekeje özi çyp-ýalaňaç bolup galan
ýaly hasasyny süýräp märekäniň içi bilen iki ýana şol
elewredi ýördi. Durup-durup syrtyny barlady. Eli bilen
öňüni ýapdy. Gölegçiler gaýdyp gelensoňlaram aýagy
bişen ýaly zowzanaklap ýörşüne ogullarynyň ýanyndan
aýrylmady. Olaryň haýsy-da bolsa biriniň öz ýanyna
geläge-de: «Kaka, ýaňy kiçi jaýyna saljak wagtymyz ejem
bir pursat mütdet diläp: «Kakaňyza aýdyň, nähak ýere
özüni horlap ýörmesin. O zatlaryň bary ýalandyr. Goý, ol
galan ömrünem edil öňküleri ýaly başyny belent tutup,
döşüni gaýşardyp, adam oglundan müýnsüz ýaşasyn.
Şeýtanyň pyglyna uýmasyn» diýdi diýmeklerini isledi.
Eşidesiniň gelýän zadyny wagty bilen ogullaryndan
eşitmänsoň özüniň baraga-da: «Gurbanmuhammet jan!
Ýaňy jaýlajak bolanyňyzda ejeňiz size hiç zat diýmedimi?
Hiý, bir zat aýtmadymy? «Kakaňyza eý diýiň, beý diýiň»
diýip dagy sargamadymy? Ýadyňa düşenokmy?» diýip
soraýasy geldi. Çemelenip, çemelenip ahyram çemini
tapman goýbolsun etdi-de, sesini-üýnüni çykarman
110
ýaşulularyň oturan jaýyna girdi. Bir burça geçibem
tükgerdi.
Şunça wagtlap kalbyna otlar salyp, ahyrynda-da şol bir
nämälimligine galan alasarmyk, ýakymsyz pikirlerini,
betgümançylyklaryny şondan soň Döwletýar pälwan
öz gursagynda garrydyp gapdaly bilen äkidäýse-de
ahmaldy welin, ýas ýerden ýat-ýakyn gaýdyşyp ikisiniň
ikiçäk galan pursatlary Badam aga Şemşat ejäniň öz
wagtynda örän akylly, edermen, üstesine-de diýseň
namysjaň gelin bolandygy hakyndaky edip oturan
mesaýy gürrüňleriniň arasy bilen ir wagtlar, uruş
döwürlerinde halys adam tapylman, Mämmet gyşygyň
bugdaý brigadasynyň brigadirligine bellenendigini,
onuňam sygyr münen jyn ýaly gara ýabyly obaň
içinde görene göz bolup bir meýdan iki ýana ýelk
ýasandygyny, uruşdan öň toýda-tomguda Döwletýar
pälwan dagynyň oturan jaýyna çaý eltibilse-de özüne
bagt saýyp ýören halyna onuň ýoklugyndan peýdalanyp
Şemşada el uzatjak bolandygyny, Şemşadyňam ony
hakyt, görene göz edip it ýenjen ýaly ýenjendigini,
ýöne ýüregi çişmesin diýip äri uruşdan gelensoňam
oňa hiç zat aýtmandygyny, illere-de: «Aýdaýmaň» diýip
sargandygyny, Mämmet gyşygyň bolsa şol wakadan soň
ömür boýy küýüniň köçesiniň sähelçe maýyny tapsa
111
Şemşady çakmak, ony awundyrmak, masgaralamak
bolandygyny, Döwletýaryň uruşdan gözüni aldyryp
gelenliginden, oňa hiç zat duýdurylmaýanlygyndan
peýdalanyp barha möwç alanlygyny, bir gün özüniňem
ony çet ýerde çepe gabaga-da: «Şemşat bilen işiň
bolmasyn, Döwletýar hossarsyz däldir. Edil şu dört
dişlini garnyňdan geçiräýeýinmi?!» diýip, gyssandygyny,
onuň öz ýanyndan-a ant içip, awy ýalap, müň gepiň
başyny agyrdyp zordan sypapdygyny, Şemşadyň
ýanyna baryp bolsa: «Meňki bar diýäýseň bolmadymy,
men indi şol Badam garaýaglyça-da ýokmy?» diýip,
ýüregini öňküdenem beter bulandygyny, bir günem
Şemşadyň jürdegine bildirmän bäş-on sany bugdaý baş
salyp soňundanam aýallar bilen arabaly oba gelýärkä
öňlerinden çykan bolup ony ogry tutandygyny, şol
ýerdenem: «Utan! Öl!» diýen ýaly pişik haýbatlary
bilen biçäräni öňüne salyp başlygyň ýanyna alyp
gaýdandygyny, emma başlygyň Mämmet gyşyga
göni «Sen boş! Düýpleýin boş! Özüňem daga git,
guýudan suw çek, mallary suwa ýak, oba arasynda
durma» diýendigini, namysdan ýaňa bir ölübilmän
duran Şemşada bolsa: «Şu başlaryň birinem seniň
ogurlamandygyňa men ynanýan. Sen uýam, arkaýyn
gaýdyber. Muň üçin eliňi işdenem sowutma, ýüregiňem
112
çişirme. Gaýtam oglanlar gaýdyp gelýänçäler gaýrat etde bize bir brigadir bolup ber» diýendigini, ertesem,
kolhozyň umumy ýygnagyna çagyraga-da, «Sap ýürekli
daýhana töhmet atany üçin» diýip Mämmet gyşygy
uly iliň öňünde it masgarasy edendigini, obadan
çykaryp kowandygyny, Mämmet gyşygyň bolsa daga
baransoňam hamala hiç zat bolmadyk ýaly oň-muň
ýanynda: «Aý, adamlar, siz çekinmäň-de kolhozyň
malyny arkaýyn iýiberiň, ogurlaberiň. Ýaman etseler
ýa birgat saýlarlar ýa-da perme bellärler, munda ograogry, beýlekä-beýleki diýseň öz ýakaňdan alýar ekenler»
diýip, gaýtam öňküdenem beter ýok gürrüňler tapyp
tosaň-tosaň edendigini, başga-da şular ýaly kän-kän
zatlary howlukman, bir uçdan, usullyk bilen gürrüň
berdi-de, bar zady ap-aýdyň, ap-aňsat etdi oturyberdi.
Iň soňunda-da: «Nähak töhmet diýlen zadyň nähili
agyr ekendigini pälwan ine, men şonda bildim. Ýöne şol
gezek şo başlyga deregem bir Mämmet gyşyk ýalyň biri
bolan bolsady, onda Şemşat namysa çydaman hökman
özüni öldürerdi. O neresse welin iki agyz hoş söz bilen
ony dirije dowzahdan aldy oturyberdi» diýdi.
Ogurlykda tutulan ýaly saňňyldap, äňini şakyrdadyp
oturan Döwletýar pälwan goltugyndaky ullakan
ýaglygyny çykaryp ýüzüni, gözüni süpürişdirdi.
113
Birdenem diň-gögüne garady-da zarp bilen: «Weý,
kimiň kimdigini oturan ýerinde bilip otyr-a, ol
bäş barmagy ýaly. Ýeri onsoň ol Mämmet gyşyk
ýalyň gepine gidibem bir Şemşat ýaly arassa adama
betgüman bolarmy, ogurlyk ýaparmy?» diýip, gygyryp
goýberdi. Onuň şeý diýerine garaşyp duran ýaly
edil şol wagtam gulagynyň düýbünde: «Onda özüň
näme şoň gepine gidip ýan ýoldaşyňa, söwer dostuňa
betgüman bolduň, agyr günäler ýüklediň?!» diýen owaz
ýaňlandy. Döwletýar pälwan bu sesiň nireden gelenini
aňşyrmasa-da, kimiň sesidigini edil şu pursat tanady.
Ol ses ençeme wagt bäri özüni çukura iteläp, beýnisini
iýip ýören MÜŇKÜR bilen arman, ýadaman, «A-aak, Şemşat a-ak, Şemşat pä-äk...» diýip, irginsiz gidişip
oturan PÄHIM-PAÝHASYŇ sesidi.
Ömürboýy bitin münen gara ýally kazylyk atynyň
tä teninden jany çykýança aýagyny dürs basandygyna,
lahat jaýyna barýança toýnak kakyşyny üýtgetmän,
dogry ýoldan sowulman gidendigine gözi ýeten gojanyň
begençden ýaňa birden-kä başy asmana ýetdi-de,
endam janam deňli derejeli, her dürli owadan, gymmat
bahaly lybaslar bilen örtüldi duruberdi. Ähli lybaslaryň
üstünden ýelbegeý taşlanan abraý atly ak dony bolsa
ak säheriň süýt reňkli sergin howasynda bir geňsi
114
pasyrdap, gojanyň argyn göwresini juda ýakymlylyk
bilen sypalamaga başlady. Ýüpek donuň ýumşak mähri
ýadaw ýürege geçip, bir demde beýnisinem durlap
goýberdi. Mämmet gyşygyň agzyndan çykan sowuk
gülleleriň derdinden beden şol pursat bar dertden
aman boldy. Özüni ne günlere salan agyr ahwalatlaryň
hakykatdan hem ýalan bolup çykandygyna takyk göz
ýetiren Döwletýar pälwanyň häzir guşlar bolup uçasy,
bir meýdan gökde ganat ýaýyp, ýaňadandanam ýere
düşäkgetdänim söwer dosty Badamyň boýnuna zyňasy,
ömürboýy synasyna söýget bolup gelen bu tapylgysyz,
edil gara ýer ýaly ýuwaş, bahader dostunyň öňünde
dyzyna çöküp ötünç sorasy, onuň bilen çyn ýürekden
razylaşasy, günä geçişesi geldi. Emma özüniň Mämmet
gyşyk ýaly iki aýakly şeýtanyň gepine gidip şeýle pes
ahwalatlara düşendigini adam oglunyň, hatda iň ýakyn
dosty Badam garaýaglynyň hem bilmegini islemedi.
Gaýtam özüniň bu alasarmyk, puç pikirlerini Şemşat
ejä, Badam garaýagla, ýa bolmasa-da başga birine
duýduraýmandygy, desbi-dähel Mämmet gyşygyň
yzyndan dat diýip, beýleki diýip gidibermändigi,
hiç zat ýok ýerden oň bilen eňekleşip, uly ile ryswa
bolaýmandygy, asla duýdansyz gelen şol apy-tupany hiç
kime-de bildirmän, tenha, täk özüniň çekip-çydandygy
115
üçin edil şol aýylganç düýşden soň oýanyp, şonuň düýşi
ekendigine begenişi ýaly diýseň begendi.
Hut şol günüň ertesem ol Gurbanmuhammet bilen
maşynly öwlüýä gidip, ahyr ýaşda eden gabahat günäsi
üçin kyn günde syrdaş bolup, agyr we uzak ýyllaryň
azabyny gerdeninde deň-derman çekişen, pukaraja
içerini ogul, gyz döwletine baý edip, atadan ýeke galan
Döwletýar pälwanyň köküni köllere ýaýradan, ile-güne:
«Tüweleme döwletli öý ekeni» diýdiren ezizinden,
içi hysyrdy bilen azandan doly tegelek aýlary, uzynak
ýyllary arka atyp, indem müdimilik uka gark bolup ýatan
halalyndan müň mertebe ötünç sorady. Gapyllykda
göwresine giren bet gümanlaryň ählijesini sokur gözden
syzylyp çykýan ajy gözýaşlar bilen soňuna çenli ýuwup
aýyrmak islän ýaly gapdalynda nowbahar oglunyň naw
kimin direnip durandygyna hem garamazdan yhlas
bilen, silkinip, silkinip aglady. Telim wagt bäri ýüreginiň
daşyna çolaşyp, ezýet baryny berip gelen gara ýylanam
şol demde onuň agzyndan sogrulyp çykan ýaly boldy.
Dünýesi giňedi. Göwni ynjaldy. Köpden bäri gazyga
daňylan at ýaly atygsap duran dilem açyldy. Gaýdyşyn
dymyp gaýdan goja gidişin: «Ejeňiziň ýanyndan maňada bir ýerjagaz belläň, oglum! Hiç kim almaz ýaly
töweregini pil bilen çapyklaýyn...» diýip, ogluna gezek
116
bermän gürledi.
***
Şondan soň her gün ir ertir, giç agşam işiklerindäki goja
talyň saýasynda başyny belent tutup oturan Döwletýar
pälwanyň: «Kimsiň haw, sen?! Pylany! Bi senmidiň ýa?..
Mannykmy haw?! Mannyk gurgunlykmy? Gel-ä, bir
çaýlaşal-a, sakyrdaşal-a! Päheý köpeý ogly diýsänim!..
diýip, ötene, geçene lak atýan çasly, açykdan gelen dury,
şowhunly sesi obanyň depesinde ýene-de edil öňküleri
ýaly ýaňlanyp başlady.
1985 ý.
GÜL ÝÜZLI ÝIGITLER...
Perdeliniň işden geleni hem şoldy welin, körümşek
ejesi ýüzüni garaňkyradyp, oglunyň yzysüre öýe girdi.
Ýigrimi ýaşly boý gyzynyň adyny tutup:
— Täçnabady-ha dugtora äkidäýmeseň ak öýländen
bäri «içim agyrýa» diýip, urunup otyr. Kakaňam öýde
ýok — diýdi. Perdeli aýagyny hem epmän daş çykdy.
Işigindäki garažy açyp, gyzyl «Žigulini» otlady. «Bar
getir!» diýip, ýuwaş, emma kesgin gürledi. Ejesiniň
Täçnabady yzyna tirkäp öýden çykanyny görüp, maşyny
117
işige eltdi. Garaňkyda oňly saýgarmasa-da, jigisiniň
ýagdaýynyň agyrdygyny ýüzünden aňdy. «Irgözinden
dugtor çagyraýmaly ekeniňiz-dä» diýdi. Oňa iňňildiden
başga jogap bolmady. «Bolmasa menem bile gidäýeýin?»
diýen ejesine, Perdeli: «Işiň ýok!» diýip, gödeňsi jogap
gaýtardy.
Obadan onçakly uzak bolmadyk raýon merkezindäki
keselhananyň nobatçysyna jigisini tabşyransoň, Perdeli
daş işige çykyp çilim otlandy. «Köriçege dagymyka?
Kesjek bolsalar rugsadam-a soraýandyrlar» diýip,
ýaňadandan kabulhana girdi. Hälki, kabul eden
gelinleriň birinden: «Men garaşybereýinmi ýa...» diýip,
çekinibräk sorady. Gelinleriň daýawragy muňa golaý
geldi. Ýyljyraklady:
— Garaşyň, elbetde garaşyň! Özüňizem obadan
gelipsiňiz, bellisini bilip gidiň-dä, indi munça bolanyna
görä. Indi basym bolar. Wagty golaýlan ekeni. Uf-f,
çilimiňiz näm-ä, jan dogan!
Perdeli agzyndaky çilimini tas ýuwdupdy. Erbet bir
zady ýüregi syzan ýaly iki ýana elendi. Sakyndy.
— Näme golaýlapdyr? Näme diýjek bolýaňyz?
Mele gelin aýtmasyz bir zady aýdandyryn öýdüp,
dilini dişledi.
118
— Siz onuň nämesi?
— Ol gyz meniň jigim.
Duranlaryň hemmesi hem birhili boldular. Özara
pyşyrdaşdylar. Gyzyň näme üçin garnyny ýasy guşak
bilen çekip daňandygyna-da olar indi düşündiler.
Şonuň üçinem olaryň biri ýuwaşlyk bilen Perdelä:
«Azajyk garaşyň entek» diýdi. Biri «tirk-tirk» edin zalyň
ugry bilen aňryk gitdi. Ýarym sagat ýaly wagt geçensoň,
şol «tirkildi» ýene eşdildi. Kem-kemdenem golaýlaşdy.
Elini haladynyň jübüsine sokup gelşine, ol ýoldaşlary
bilen bir zatlary maslahatlaşdy. Beýleki zenanlar oňa:
«Bar, onda aýt!» diýşip, yşarat etdiler. Olam: «Men-ä
barybiljek däl» diýýän terzde, ýüzüni ynjyly çytyp,
burçdaky oturgyja çökdi oturyberdi. Gussaly gözlerini
aňyrsy gijäniň gara perdesi bilen örtülgi penjirä dikdi.
Perdeli bilen başda gepleşen daýaw, mele gelin ýüregini
bire baglap ýerinden turdy. Daş işikde garaşyp duran
Perdeliniň ýanyna bardy. Bir salym gepläp bilmän
owsun atyp durdy. Ahyry hem ýaýdana-ýaýdana:
— Gaýdyberiň, hemme zat düzüw — diýdi.
— Howwa, näme bolupdyr?
Gelin gizlejegem bolup durmady.
119
— Ogly bolupdyr!
— Kimiň?!
— Uýaňyzyň.
Perdelini biri guýa zyňan ýaly boldy. Ol özüniň
şowurdap aşak gaçyp gelşine çenli açyk duýdy. Düýbüne
ýetýänçä görgüsini gördi. Uzak ekeni... Gaty uzak
ekeni... Ine-de onuň aýagy ýere degdi. Gaty. Ellerini
guýynyň diwaryna diräp, aýaklaryna agram berdi.
Kimdir biriniň özüne goltgy berýänini hem duýdy. Bu
näzik beden, hoşroý ysly zenanyň ýaňky «buşlukçy»
gelindigini bilensoň: «özüm giderin» diýip pyşyrdady.
Ol indi bolan işe doly göz ýetirdi. Birbada näme etjegini
bilmän ýaýdandy. Bir-ä keselhananyň ýagty penjiresine,
birem gijäniň aňyrsy görünmeýän tümlügine, taýly
gezek seretdi. Aşagyndan çykmasy kyn, agyr ýüküň
aşagynda galandygyna hem düşündi.
Ol maşynyň ýanyna gelip çommalyp oturdy.
Nobatçy jaýynyň penjiresinden, hälki zenanlaryň
özüni synlaýandyklaryny, bir zatlar diýişýändiklerini
duýdy. Olaryň biriniň ylgap çykaga-da: «Wiý dogan,
siz bizi bagyşlaň, ýaňky ogly bolan başga biri ekeni.
Biz ýalňyşypdyrys» diýmegini isledi. Töweregine
garanjaklap kän garaşdy. Emma bolmady. Halys girere
120
başga deşik tapmansoň maşynyň içine girdi. Otlady.
Dişlerini şakyrdadyp gaza basdy.
...Maşynyň sesini eşidensoň, ejesi düwdenekläp daş
çykdy. Büdüräp gelşine Perdeliniň alkymyna dykyldy.
— Nähili Täçnabadyň ýagdaýy? Ýagşymy? Kakaňňam
şumatjyk gelip duruşy. Gitjek bolup durdy yzyňyzdan.
Ýagşy dälmi özi indi?
Perdeli: «Ýagşy-y...» diýip, öz-özi bilen gepleşýän
ýaly, böwrüni diňläp dem salym durdy. Birdenem
atylyp garrylaryň bolýan jaýyna girdi. Kakasynyň
näme diýenini hem aňşyrman, dulda asylgy duran,
ata-babasyndan galan gylyja ýapyşdy. Ony gynyndan
sogrup aldy-da, gapa tarap ylgady. Gara ýer ýaly ýuwaş
oglanyň lowlap ýanmasynyň ýöne ýere däldigini aňan
Muhat aga tarsa ýerinden turup, oglunyň öňüne böwet
boldy.
— Bolşuň nähili?! Nirä? Munyň näme?!
Oňa çenli ejesi hem gelip Perdeliniň boýnuna zyňdy.
— Waý, balam, näbela boldy?!
Perdeli gazap bilen ata-enesiniň ýüzüne taýly gezek
alarlyp bakdy. Gan öýen gözler gandar göründi.
Perdeliniň dişleri şakyrdady, elleri sandyrady. Sürnüp
121
gelen gazap, çykara ýol gözledi. Ol kükregini ýarara
getiren sözleri birsydyrgyn aýdyp bilmän, üzlemsaplam edip garrylaryň üstüne gygyrdy.
— Gyzyňyz ogul dogurdy! Boý gyzyňyz... — Ol
atasyna barmagyny çommaltdy. — Duluňda dogurdy-y!
Duluňda-a! — Ýaňy görýän ýaly ejesine hem penjesini
açyp topuldy. — Senem şoň bilen bile öldürmeli. —
Sakga sägindi-de, atasyna tarap öwrüldi. — Üçüňizem,
ýok, dördümizem bile öldürmeli. Hemmämizem
öldürmeli.
Perdeli hununa bäs gelip bilmän aglap başlady. Ýöne,
ol aga meňzemedi. Ol ullakan apy-tupanyň ýürege
sygman, köwsarlap, köwsarlap ujypsyzja çykalgadan
çykjak bolup dyzamagydy.
Muhat aga oglundanam beter elendi.
— Ýalandyr-r-r! Ýalandyr diýýän men saňa köpeý
ogly! Ymmata sygmajak zat meniň öýüme sygmaz.
Äber bäri, atam pahyrdan galan gylyjy. Öz elim
bilen pürrelärin eger şo çyn bolsa. Kelamylladan ant
içdigim bolsun şu! Ganjygam öldürin, köpegem. Meň
namysymy itiň oslugna taýlanyň tohumy tükenýänçä
gidişerin. Getir-r! — Ol oglunyň elindäki gylyja
ýapyşdy. Perdelem: «Ýok, özüm gitjek» diýip, gylyjy
122
sypdyrmady. Tut-da bas bolşup ýörüşlerine, Muhat aga
ogluna ýalbarmaga başlady. — Goýber, guzym, men
gideýin. Meň yzymda aglap galjak çagam ýok, sen ýaş
çagalaryňy dökme...
Perdeli gylyjy gazap bilen silkip kakasynyň elinden
boşatdy. Çykyberjek bolanda, boýdaş bolup duran
ejesi boýnundan aslyşdy. Bu zatlaryň nämeler bilen
gutarjagyna akly ýetip duran ene elini ýakasyna ýetirdi.
Aýalaryny patladyp-patladyp kükregine urdy. Eňredi.
— Emdiren süýdüme razy däldirin gitseň. Gitme!
Gitme! Ýag-da bolsa ýulundym, men şondan. Päliňden
el çek! Ölen eken-dä!
Şol wagt Perdeliniň aýaly çagalarynyň elinden tutup
içeri döküldi. Iki elini serip işige germeldi.
— Biziň maslygymyzy basyp ötersiň. Ýogsam
ötmersiň. Gitjek bolsaň, öňürti bizi gyryp, onsoň git!
Yzanda-çuwan bolşup duran gara kellejikleriň
arasyndan gözüni ýumup gapydan çykan Perdeliniň
öňünden Muhat aganyň inisi Sähet aga çykdy. Däli iner
deý agzyndan ak köpük saçyp dyzaýan inisini garsa
gujaklap, bagryna basdy.
— Dur! Dur, bir agyz sözüm bar.
123
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 06
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.