Latin

Ojaklar öçmesin - 09

Total number of words is 3816
Total number of unique words is 2202
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çygşyldapjyk onuň ýanyna geler. «Otyrmyň guzym?» ýada: «Geldiňmi oglum?» diýip, ýuwaşja seslener. Iç işikde
arkasyny tama ýaplar-da, kütelişen gözlerini agtygyma
diker. Nazar kitap ýa gazet okap oturan bolsa-ha enesi
sesini çykarmaz. Oturar oturar-da turar ötägider.
Niçikmi, Nazar boş oturan bolsa ýa-da çaýjagaz içýän
bolsa welin ýuwaşjadan pysyr-pysyr gürläp başlar. Garry
adam-da. Oňky şol göreninden, eşideninden ýagşyýagşy öwüt-ündewler etmek. Öz düşündigindenjik
aýdyp otyr. Sen soraýaňmy ýa soraňokmam diýenok.
Nazaram näme, enesi bir zat diýse «ýok» diýsinmi,
«bor» diýýä, «hoş ene» diýýä. Enesi yzyny yzarlap ýörmi
soň o zatlaryň. Adam pahyr garrasa edil çaga ýaly bor
200
ekeni. Ýüregem halys ýukalaýýamy, nämemi...
Garry ho-ol günem Nazaryň ýanyna gelip birtopar
öwüt-nesihat edip gitdi. Şondan bäri Nazaram birhili
bolup ýör. Telim gün geçdi welin, henizem enesiniň
sözleri gulagynda ýaňlanyp, göwni bir täsin bolup dur.
«E-eý, Nazzym! Bäş gün diýýädiler welin bäşem ýok
ekeni bi ýalançy... — diýip, garry şol gün gelşi ýaly
dünýewi gürrüňlere tutduryberdi. — Düýn ýaljakdy
gulpagmyzy tasadypjyk ylgap ýörenimiz Akbäbek
dagymyzyň. Ine-de eýýäm bolup oturşymyz. Eý-ho-o!
Hany o janlar?! Deňi-duşlarmyz hany? O-ol, apalap,
sapalap saklap ýelden-günden gorap, «ýerde goýsam ys
bolar, gökde goýsam pos bolar» diýşip, aýagmyza ýekeje
tikeniň batanna dözmän, daşymyzy dolap, başymyzy
orap kemala getiren mähremlerimiz hany?! Hany?! Ýok!
Birem ýok. Biz aklymyzy bilibem baý-ba-a, nijembir
adamlar gitdi... Şo-ol, tapgyr-tapgyr gidip otyrlar, gidip
otyrlar... Ataň pahyr daga buw-w, baryp nä wagtlar
gitdi. Hany göreýin... M-m... Kalhoz-salhoz-a ýokdy
welin, Nazzy jan, ýöne şo wagtlar höküwmed-ä bardy.
Höküwmedem bardy, bir çetinde şol, baýnaman geçen
baýlaram bardy. Höküwmediň ýaňy gelen uçurlary
bolaýmasa şol. Sebäbi «palçabige goşulypsyň» diýip,
ataň pahyram şu, täze gelen höküwmetden içi ýanyp
201
ýören baýlar öldürdi-dä. Kakaň ýapy bir joňkuldapjyk
ylgap ýören oglandy şonda. Ine, ýetim diýdirmän, ýesir
diýdirmän guzujygymy ýaňy bir il hataryna goşup öýişik etdimem welin şu ýandan bir uruş turdy diýdiler.
Ana, şol sowuk habaryň gelen gününiň ertesem kakaň
dagy bäş pyrgun jahyl bolup pronta gitdiler. Meňkiň-ä
şo gidişi-gidişi boldy. Şol bäş araba oglandan göreýin
hany... — Kempir gözlerini süzüp barmaklaryny
bükmäge başlady. — Hm-m... Begjan, Nurmämmet,
ilerki Aýtmyradyň inisi, Ata goturyň ortanjy ogly...
— Ol galanny içinden sanady. — Aý, şolardan gaýdyp
geleni men-ä bäş-alty oglandan kän dälmikä diýýän.
Kakaň gidenine ylaýyk bir aý, kyrk gün diýlende-de
sen bolduň. — Nazar bu gürrüňleri öňem telim ýola
eşiden hem bolsa enesiniň göwni üçin ýaňy eşidýän
ýaly üns bilen diňledi oturdy. Muňa monça bolan garry
hasam ornaşykly oturdy. Şu gürrüňleri özem hut birinji
gezek aýdýandyryn öýtdi. — Uruş gutaryp gerçekler
gelişip ugransoň il hatary ejeň ikimizem ýola garap
otyrys welin, bir gün guzyma derek sygryň dili ýaljak
hat getirip berdiler. — Kempir hamsykdy. Gyňajynyň
ujy bilen gözlerini süpürdi. — Öläýen ekeni asyl ol-a
neressäm. Haty getirip beren oglana: «Jan jigi, uruş
gutard-a indi. Seň munyň başga zat bolaýmasyn,
202
bir ýalňyşlyk bar bolaýmasyn» diýýän welin, dur o
görgülem kibtini gysyp. Ana, şo hat geldem welin hakyt
kyýamat gopar, asman ýere inip bi çal göz dünýäde
hut iki gapyşar öýtdüm. Häk, Nazzy jan adam ölmese
her zada kaýyl bor ekeni. Hiç gowga-da gopmady. Ine,
elimden şol goçgar guzymy aldyrybam-a gezip ýörün
otuz ýyl bäri. Öli bilen diriň arasyna her gün bir depik
gum düşermiş diýýädiler welin, şo çyn ekeni şol. Hmm... — Garry ýene-de agtygynyň ýüzüne dikanlady.
— Urşuň yzyndanam turdy bir açlyk. Sen, dagy: «ene
na-an, eje na-an» diýip zeýrenipler oturşyň şu günki
ýaly ýadymda. Ýekeje gysym arpa uny ýog-a göge
garyp bulamak edere. Indi bir görkezmesin şo zatlary.
Görenem biz bolaly eşidenem. Şu wagtlaram siziň gatygutyňyzy zyňman çorba dograp iýýänimi geň görmäň.
Bir owuntygyna zar boldug-a, gurbany gitdigimiň.
Zar bolan zadyňy harlasaň bolmaz. Har tutan zadyňa
zar edäýmesem bardyr, Hudaý saklasyn. — Garry
gobsundy. — Şu mesçilikde-de ilat ölüsini ýatlap degsin
etmäni beýlekini bilenok-da! Heý, toba! Bolýamy onsoň
şu zatlar?! Hä?! «Ölüsi bolmadygyň dirisi bolmaz»
diýipdirler. Pahyr bolan bendeler yzynda galanlardan
umydygär bormuşlar. Birenteginiň dagy ömür garny
doýman gitd-ä! Açlygyndan öleniň-ä hetdi-hasabam
203
ýok. Ine, şo bendeler hantama bolup her juma agşamy,
aýatda, baýramda hossarlarynyň gapysyndan gelip,
daş işikde ymsynypjyk durarmyşlar. Şonda hossarlary
özüni ýatlaman oturan bolsalar dagy gelen bende gaty
nägile bolup yzyna gaýdarmyş. Öwlüýäň çetinden
girende-de ýaraly keýik ýaly agsaklap, towsaklap gaty
gözgyny görnermişin. Şonda töweregindäkileriňem
hiç haýsy oňa ýüz bermezmiş. Perişdelerem ugruna
seretmezmiş. Eger oba gelende özi ýatlanyp oturylan
bolsa welin oň ruhy şat bolup, yzyna gidende guş
kimin uçup bararmyş. Şonda onuň depesinde altyn tas
görnermiş. Hemmeler onuň daşyna ýygnanyşyp, şadyhorram bolup begenişermişler. Perişdelerem onuň
maňlaýyndan sypap, dillerine ýagşy senalar getirip
«omyn» diýermişinler. Ana, şonda pahyr bolan bende
yzyndakylardan gaty razy bolarmyş. «Hüw» diýse
asmana uçup, «Hak» diýse ýere düşermiş. Ine, şular
ýaly oglum bu zatlar. Bu zatlaryň hiç aýby bolmaz.
Ölüni ýatlanyň bilen tersa bolmarsyň. Olaram bir özüň
ýaly adamlar-a, obasy başga diýäýmeseň bendeleriň.
Şu öň görüp, gatnaşyp ýören, öň bile iýişip, içişip ýören
adamlaryň-a olaram. Uly bir tereke tutmasaňam her
iýip içeňde: «Bagyş etdim umydygär bendelere» diýseň
şolam bolýa. Bir käse suw içibem: «Bagyş etdim atam
204
pahyryň ruhuna, ýa kakam pahyryň ruhuna» diýseň
şolam bolup dur. Kän bir zat hantama-da däl olar.
Ýöne ýatlamaly. Ýatlap durmaly. — Kempiriň azajyk
sesi peseldi. — He-eý, yza galmak ýaly ýaman zat ýok
ekeni guzym. Giden-ä gidýä, senem munda ser-sepil.
Balaňdan yza galmak ýaly zulum iş bolmaz ekeni. Wah,
şol goçgar guzym gitdem, nury didäm gitdi. Gözümiň
röwşeni gitdi, bilimiň kuwwaty gitdi. Men maňlaýy
gara şonda-da ölmändirin-ä. «Adam başy daşdan gaty»
diýleni-dä. Size umyt bagladym oglum. Nazzym ýetişer,
ýeke dikrarymdan galan ýekeje daragtym ýetişer.
Dumly-duşa gol uzadar, bag berer, miwesi süýjär,
bu gam basan garyp göwnüm teselli tapar diýdim. O
diýenlermiňem Hudaýa şükür barjasy boldy. Çowlugada ýüzüm düşdi. Indem näme, şu öz agramjygmy özüm
göterip aýak üstünde yrgyldapjyk ýörkäm, ogla gyza
ýük etmän, ýek görünji görkezmän berenje amanadyny
abraý bilenjik alsa men Hudaýdan müň-de bir razy.
Tabydymyň bir ujundan tutup: «Waý, janym enem!»
diýip ýekeje gezek gygyrsaň maňa şo bes. Ana, ömür
boýy edip gelen arzuwym, ýetip bilmez derejäm şol
köşejigim meniň...»
Enesi turup gidensoňam Nazar esli wagtlap birhili
bolup oturdy. Enesiniň halys ýüreginden syzdyryp,
205
göwni bir ýaly pessaýja edýän gürrüňleriniň, şeýle
täsirlidigine geň galdy. «Hemmelerem şeýdip ýürekden,
öz aýdýan zadyna ynanyp gürläýse!» diýip oýlandy.
Günde aş bereninde-de ölüniň datmaýanyna doly gözi
ýetip duran hem bolsa göwnüne kakasy her gün agşam
mazarlygyň bärsinden girip, guburyna tarap agsaklap,
towsaklap barýan ýaly, ýüzi gözi salyk, oglundan,
yzyndan nadyl, beýleki başy altyn tasly şat merhumlaryň
ýanyna barybilmän, bir çetde kibtini gysyp,
mugruljyrap oturan ýaly bolup göründi. Ýüregi awady.
Uludan demini alyp ýerinden turdy. Penjiräni açdy.
Ýaz paslynyň goýy, ýylymsy howasy içerini doldurdy.
Howlynyň içinde hasasyny tyrkyldadyp towuklara
däne berip ýören enesini birinji gezek görýän ýaly ony
üýtgeşik bir üns bilen synlady. Bir wagtlarky ölüp giden
balasyna, ondanam has ir giden ýan ýoldaşyna, şu günki
dokmäde, şagalaň hem şatlykdan doly eşretli durmuş
üçin ençeme kynçylyklary başlaryndan geçirip, ýow
güni janlaryny orta goýan obadaşlaryna, deň-duşlaryna
bolan yhlasyny, sönmez söýgüsini heniz-henizlerem
gursagynda göterip ýörendigi üçin enesine köp-köp
sarpa goýdy. Ýesersiräp enesiniň kejine gaýtmandygy,
onuň duýgularyny äsgermezlik edip göwnüne
degmändigi üçin bolsa öz ýanyndan diýseň begendi.
206
Iňrik doly garalmadyk hem bolsa baryp çyrany ýakdy.
Içeri ýagtyldy.
1981 ý.
BAKYLYK
Güýzüň şol güni sapak başlanmanka, klasdaşlarymdan
biri ylgap ýanyma geldi-de, has-has edip durşuna:
«Ejeň bilen eneň uruşdy, eneň öýňüzden gitdi!» —
diýip habar berdi. Enemi öler ýaly gowy göremsoň bu
sözler meniň çaga kalbymy lerzana getirdi. Enemiň
göwnüne degendigi üçin ejeme bolan gazabym gözýaşa
öwrüldi-de, gözümden paýrap döküldi. Şol aralykda
men ýaňkydan: «Nirä gitdi?» diýip soramaga ýetişdim.
Ol: «Nowhanadan geçip, bäş gatla gidýen ýola-ha
bir düşdi» diýdi. Bäş gatlada daýym gatla saklaýardy.
Ähtimal enem şolara giden bolmaly. Men güýjümde
baryny edip gumak ýol bilen ylgap başladym. Topur
şeýle bir galyň welin, aýagym her gezek ýere degende,
dabanmyň astyndan: «wast, wast» edip topur iki ýana
çüwdürilýär. Ýolboýy aglap baramsoň kimin öňümden
çykanyny, kimiň näme diýenini hem bilemok. Bäş
gatla gidýän ýol bilen esli ýere çenli ylgamsoň, enemiň
tasap barýanyna gözüm düşdi. Golaýragyna bardym207
da, sesimde baryny edip: «Ene-e!» diýip, öňküdenem
beter agladym. Ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi.
Meniň bu ýere nädip gelenime geň galýan ýaly ýekeje
dişi somalyp duran agzyny açyp töweregine seretdi.
Ýanyma geldi. Meň bilen deňleşmek üçin dikejegine
oturdy. Ýüzümden sypalap ysgynsyz seslendi:
— Bar guzym yzyňa gaýt!
— Ýok, senem bile git meň bilen!
Şeý diýenimden enem ýerinden turdy. Bir zatlar diýip
hümürdedi. Aňyrsyna öwrüldi-de, ýene öňküsi ýaly
tasanjyrady ötägitdi. Başga alajym bolmansoň topuryň
içine özümi goýberip aýaklarymy däbşenekledip
aglaberdim. «Ene-e, ga-aýt!» diýip agynyň arasy bilen
kän gygyrdym. Enem bir dönjek ýalam etdi-de, sag
eliniň aýasyny maňa tarap ýaýdy. «Ýok, ýok guzym,
ýok!».
Gitdi. Menem şol oturşyma otyryn. Aglaýaryn. Enem
häli dolanar, şindi dolanar, diýen umyt bilen arasynda
gözlerimi etegime süpürip ýola seredýärin. Dolanmady.
Ýöne welin garasy ýitýänçä yzyna gaňryla-gaňryla gitdi.
Enemi gözden ymykly ýitiremsoň ýerimden turdum.
Ýumruk ýaly bolan gözlerimi owkalaşdyryp, şol ýerden
göni mekdebe gaýtdym. Öýe baryp ejemiň üstüne
208
dyzaberesimem geldi. Emma elimden zat gelmejegini
bilip duramsoň bar gazabymy ýuwutmaly boldum.
Enemiň göwnüne degdirýändigi üçin kakama hem
gaharym geldi. Şonuň telekdigini çaga-da bolsam
bilýän şo wagtlar. Kakamyň öz üstüne-de gygyryberýär
ejem. Häzir menem baryp bir zat diýsem, «Bar, owarra
bol, sen ne güjüg-ä!» diýse, men ýere gireýinmi?!
Birnäçe gün geçdi. Kakam gidi-ipjik enemi getiräýer
öýtdüm welin, hiç o tamam çykmady. Özüm-ä
aýdybilemok hiç haýsypa, özlerindenem bilenoklar.
Kakamam bir hili enemden iren ýaly. Girip çykyp ýör.
Iň ýamany indi enemiň geljegini, gelmejegini anyk
bilemizok. Özümden üç ýaş uly uýam bilen käte enemiň
gürrüňini edýäs-de, uludan demimizi alşyp oňaýýas.
Ol-a käwagt: «Mämmet agam eşegini berse enemiň
yzyndan Gurt daýymlara baryb-a gelerdik» diýip
agzaýardam. Ýöne neme, ululardan birugsat gymyldap
bolýarmy.
Şeýdip serimsal bolup ýörkäk birden enem pahyryň
özi gelipdi. Durup bilmändir. Men-ä ol gelende
mekdepdedim. Enem: «Mele janyň yzymda gum
garbap galany hiç göz öňümden gitmedi, ýüregim parapara boldy durdy» diýip gelen badyna uýamyň ýanynda
aýdypdyr. Enem gelensoň ejemem gaňňasyny gaýşardyp
209
durmandyr. Adam ýaly gürleşipdir. Gurt daýymlaryň
içersini soraşdyrypdyr. Çaý demläp beripdir. Mämmet
agamlardan bir käse zawut ýag alyp gara çorba edipdir.
«Gury dile düşenimiz galdy» diýip, öz-özi geplenipdir.
Men enemiň gelenini eşidenimden öýe tarap daz
ýasadym. Gelşim ýaly enemiň boýnuna zyňdym. Ol
meni gujaklady, ýüzümden, gözümden öpdi. Hamsygyp
gözüniň ýaşyny süpürdi. «Ýürejigim oglum, görejigim
oglum!» diýdi. Menem hamsykdym. Bokurdagym dolup
hiç zat diýip bilmän dyzynyň üstünde otyryn. Damagym
dolmakdan ýaňa bokurdagymdaky ýumruja zat agrady
gitdi. Olam oňly gepläp bilenok! Sesini çykarman
girip çykyp ýören ejeme seretdim. Onuň ýüzünde hiç
hili kine nyşany görünmänsoň uludan demimi alyp,
ýene enemiň ýüzüne bakdym. Enem kentlewügi bilen
dodagyny dişläp, böwrüni diňläp birmeýdan oturdyda, kynlyk bilen elini donunyň ýeňine sokdy. Bir düýp
sogan çykardy. Kynlyk bilen ony maňa uzatdy. Ol şony
şeýle bir kynlyk bilen uzatdy welin, özüm birhili bolup
gitdim. Henizem şona birhili bolup ýörün. Men bilýän,
enemiň maňa süýji beresi geldi. Ýöne ýok-da! Ýok.
Süýji ýok. Bolmasa nätsin-dä, o garabagyr? Ajy sogany
maňa bereni üçin ol gaty ynjady. Ynjandygy görnüp
dur. Emma näme-de bolsa bir zatjagaz bermese ene
210
ýüregi ondanam beter ynjajak. Men begenjimi eneme
bildirmek üçin saçakdan nan alyp sogan bilen hezil
edip iýdim. «Ýaman süýji eken» diýip, ýarysyny uýama
bölüp berdim. Enemiň dolanyp gelendigi üçin uýam
ikimizem şeýle bir begendik welin, hiç aýdyp diýer
ýaly däl. Bize şondan başga zat nämä gerek. «Enem
gelmedi» diýip gyýylyp ýörmeden-ä dyndyk. Boldy şol.
Şol gije men-ä ememiň sag goltugynda, uýamam çep
goltugynda heziller edinip ukladyk. Biz öňem her gije
ememiň goltugynda şeýdip ýatardyk.
...Ondan bäri otuz ýyl geçdi. Oglanlygyň höziri
sowulmanka enemden ömürlik jyda düşdüm. Ony agaç
ata mündürip, bakyýa ýurduna hemişelik äkidenlerinde
hem şo-ol gezekkim ýaly ezilipler agladym. Gelmejegini,
dolanmajagyny bilsemem: «Ene-e, gitme-e!» diýip
ýene-de topurly ýol bilen yzyndan ylgadym. «Mele
janyň mäleýşine dözmedim» diýip gaýdyp geläýjek ýaly
telim günläp giden ýoluna garadym. Çagalykda galan
duýgular adama ömür ýoldaş bolar ekeni. Çünki henizhenizlerem ýola seretsem enem pahyr ak gyňajyny
galgadyp gözýetimden görünäýjek ýaly bolup dur.
Ýogsam ondan bäri näçe ýyl geçdi?! Gaty kän ýyl
geçdi. Otuz ýyl geçdi. Men bolsam henizem eneme
211
garaşyp ýörün.
1982 ý.
ENE ÝÜREGI
Kä ýyl bahar aýlary daglardan sil gelip, derýalary
joşdurýar. Suwuny hanasyna sygdyryp bilmedik
derýalar öz kenarlaryny üznüksiz ýykmak bilen derýa
boýundaky oturan obalaryň mal-garalaryna, oglanuşaklaryna ullakan wehim salýar. Uly adamlardan,
çopan-çoluklardan has-da hüşgär bolmaklygy talap
edýär. «Pylanynyň sygryny sil alypdyr, pylan at
kenar hopanda derýa gidipdir, jüňňüldäki aýlaw tas
pylanyny alan ekeni...» diýen ýaly gürrüňler obada
häli-şindi eşidilýär. Eneler çagalaryny bir pursat hem
gözden salmazlyk üçin ol öýden ol öýe bikararlyk
bilen ylgaşýarlar. Çünki ýaş çagalar eneleriniň gözüne
güýdüşip, sypyndyklary derýa tarapa eňýärdiler we
äpet-äpet kenarlaryň çyzyk aça-aça, ahyrsoňy hem
haýallyk bilen agyp, uly pagşyldy bilen gümmürdäp
suwa gaýdyşyna, haýbatly, bulançak suwuň bolsa
köpürjikläp däli-porhan bolup, dolup-daşyşyna çaga
höwesi bilen syn edýärdiler. Öz duran kenarynyňam
ine-ine hopup gaýdaýmagynyň gaty ahmaldygyna,
212
hemme çaganyň akly ýetip hem duranok.
Uruşda ýogalan äriniň yzynda galan ýeke dikrary
Begmyratjygy saklap oturan Hesel görgülini aljyradan
şol mylaýym güneşli günem derýa tarapdan yzyny
üzmän gümmürdi gelip durdy. Begmyrat ir bilen-ä
işiklerindäki eşegarka kepbäniň gapdalynda Akbaý bilen
oýnap otyrdy. Birdenem gürüm-jürüm bolaýdy. Işikde
ýüň boýap oturan Hesel ilki-ä: «Aý, goňşulara dagy
barandyr-da», diýip, ogluny kän bir ýoklabam durmady.
Gunortanyň öň ýanlary boluberende welin, enäniň
ýüregine birden-kä howsala düşmäge başlady. Kalby bir
zat syzan ýaly edip oturan işini taşlap zöwwe ýerinden
galdy. Ilk-ä ýüreginiň gürsüldisine, soňam dynuwsyz
güwwüldeýän derýa tarap diň saldy. Ylgap baryp aşak
ýanlaryndaky goňşusy Tuwak daýzadan: «Begmyrat jan
sizde-hä däldir?» diýip sorady. Hopukdy. Ýoklugyny
bilensoň aňyrky goňşulara tarap ylgady. Arasynda:
«Akbaý, Akbaý!» diýibem gygyrdy. Obanyň içinden
kelteräk bir öwrüm etdi-de, tam kepbesiniň güneşinde
sakgal-murtuny bejerip, her gümmürdi eşidilende-de:
«Haý, pylan güzeriň kenary gitdi-ow. Aýuwly güzer-ä bu
ýylam kenaryny sile bermäýse gerek. Ana, indem pylan
kenar ýykyldy» diýip, geplenjiräp oturai Isaguly agaň
gaşyna geldi. Isaguly aga Heseliň içki harasadyndan
213
bihabar: «Hesel, bi nä, eliň ýüňli aljyrap ýörsüň? Ýa
reňkiň almadymy?» diýip, loh-loh gülen boldy. Elinde
bir penje ýüňüň bardygynam Hesel diňe şondan son
bilip galdy. Penjelerini açanda ýere gaçan ýüň ýuwaşja
öwüsýän ýaz şemalynyň badyna käte bir öwrüm edip
inçejik ýodadan eslije daşlaşdy. Baryp bir düýp ýandaga
bagryny beribem togtady. Hesel ysgynsyz ses bilen:
«Begmyrat jany-ha gören dälsiňiz, Isaguly aga» diýip
sorady. «Weý, ol-a ynha meniň ýanymda-la» diýmegini
isledi. Isaguly aga bolsa birazajyk böwrüni diňläp
oturdy-da: «Be-e, şon-a görmedim-ow men» diýdi. Şeý
diýende özüniňem birhili ýüzi köpelip gitdi. Ýerinden
turup otyrýerini kakyşdyrdy. Ýelbegeý atynan ýektaýyny
çekişdirdi. Derýa tarap assyrynlyk bilen göz aýlady.
Şol dem derýadan yzly-yzyna iki gezek güňleç, elhenç
gümmürdi eşidildi. Son ýene, ýene... «Haý, bir uly kenara
ýykyld-ow — diýip Isaguly aga ýüzüni çytdy. Kenaryň
haýsy kenardygyny biljek boldy. — Çary başlygyň
güzeridir-ow şu, öňem telim sil alybilmändi, bu gezek
güýçli bor-a çemeli». Ol ýüzüniň ganyny gaçyryp derýa
tarap hyýallanyp duran geline: «Öňürto oba arasyny
bir gör, gyzym gowuja. Howsala düşüp ýörme!» diýdi.
Özi welin nazaryny güwwüldiniň gelýän tarapyndan
sowup bilmedi. Hasyr-husur donuny egnine geýdi,
214
işikdäki agaç haçja ildirilgi duran çöwürmesini alyp urtut başyna sokdy. Ýaňky sözüni ýene-de gaýtalady. «Sen
oba arasyny görüşdir, gyzym, menem o ýan bu ýan bir
köw-söw edeýin. — Ol derýa bilen obanyň aralygynda
garalyp ýatan jeňňellige tarap başyny atdy. — Häli
barsaň toraňňynyň tanapyndan uçup ýörendir-le,
peläket!» Isaguly aga sözüni soňlap soňlamanka Hesel
derýa tarap haýdap başlady. On-ýigrimi ädim arany
açansoň bolsa sakga durdy-da, köwşüni çykaryp eline
aldy. Özem topuň agzyndan sypan ok ýaly bolup şeýle
bir ylgady welin, Isaguly aga onuň bir-ä köwden aşak
inenini, birem köwden çykyp jeňňele özüni uranyny
görüp galdy. Soň görünmedi. Hesel şol ylgap gelşine
jeňňelligi kesip geçdi-de, derýanyň ýakasyna bardy.
Sakga durup töweregine seretdi. Güzerden saga ýa
sola gitjegini bilmän bir salym o ýan bu ýan delmurdy.
Howlukdy. Çepe gitse Begmyrat jan sagda ýaly, saga
gitse bolsa çep tarapda ýaly bolup duýuldy. Ahyram
göwnüni bire baglap jüňňüle tarap ylgady. Ep-esli
ylgansoňam: «Çary başlygyň güzerinde bolaýmasyn?»
diýdi-de, sakga durup yzyna ylgady. Güzere gelip ýene
saklandy. «Ýok, jüňňüldedir!» Ol ýene-de ilki giden
tarapyna tutdurdy. Ýadady. Demi ýetmän gözleri
peträp hanasyndan çykaýara geldi. öljeren çägäniň
215
üstünden öwsen bir salkynjak şemalyň badyna az-kem
özüni dürsedi. Henize çenli bir elinde göterip gelýän
köwşüniň her taýyny bir tarapa zyňdy-da, derýanyň
boýy bilen jüňňülli güzere tarap haýdap başlady.
Aýagyna girýän çöplere, owunjak daşlara üns bermän
ylgady. Jüňňüle ýetmäge bir öwrüm galanda bolsa özüne
tarap ýüzin salyp gelýän Akbaýa gözi düşdi. Hesel sakga
durdy-da, ondan: «Hany Begmyrat?! Begmyrat jan
hany?!» diýip edil oba çagalarynyň birinden soraýan
ýaly aglamjyrap sorady. «Waý işim gaýtdy, bagtym
ýatdy!» diýip, gollaryny öňe serip uly ili bilen aglady.
Begmyrat hut sile akandyr öýtdi. Akbaý Heseliň edil
öňüne geldi-de, onuň ýüzüne seredip çyňsady. Badyny
gowşatmanam yzyna öwrüldi. Dilini sallap «has-has»
edip baryşyna: «Bol çaltrak, yzymdan galma!» diýýän
ýaly Heselden birjigem gözüni aýyrmady. Eýesiniň öz
yzyna eýermeýändigini görüp birnäçe gezek saklandy.
Bir ýerde durmaga karary ýetmän, duran ýerinde
aýlanyp, aýlanyp ýene-de aňryk, gelen ugruna tarap
ylgady. Jüňňüle ses ýetim aralyk galanda ed-dil kenaryň
gyrasynda aýagyny sallap oturan ak köýneklije oglana
Heseliň gözi düşdi. Gollaryny serdi.
— Begmyra-a-at!
Onuň sesi edil gabat garşysyndaky kenaryň
216
gümmürdisine garyşyp gitdi. Begmyradyň oturan
kenarynyň bir garyş ýaly çat açandygyna özüniňem
herdem saýy ulalyp barýandygyna gözi düşensoň-a
Heseliň öňküje ysgynam gaçdy. Iň ýaman ýeri hem
jaýryk Begmyradyň arka tarapynda bolansoň çaga
ondan bihabardy. Hesel-ä indi gygyrybam bilenok,
öňküsi ýaly ylgabam bilenok. Diňe kem-kemden açylyp
barýan jaýryga elini serip samrap barýar.
— Waý balam! Waý çagam! Çagajygym-eý!
Oguljygym-eý! Zalym derýa, ýuwutma! Ganym kenar,
gaýtma! Alma guzymy. Ýa Gaýtarmyş ata, gaýtar
guzymy! Ýoluňa başym gurban!
Howp has golaýlaberende eýesine garaşmaga şondan
artyk karary galmadyk Akbaý tirsek boýy açylan
jaýrykdan böküp geçdi-de, Begmyradyň köýnejiginden
dişläp çekmäge başlady. Begmyrat kertden aýagyny
sallap, opurylýan gaýalara seredip, keýp edip oturşyna
ilk-ä Akbaý oýun edýändir öýtdi. Haçan-da Akbaý has
dözümliräk darap özüni kenardan bir ädim ýaly yza
çekenden soň welin onuň oýun etmeýändigine göz
ýetirdi. Hasanaklap yzyma öwrülende ep-esli bolan
jaýryga gözi düşüp ýüregi ýarylara geldi. Näderini
bilmän gyssagara: «ejä-ä-ä!!!» diýip uly ili bilen aglamaga
durdy. Akbaý bolsa agzyndan ak köpük saçyp jaýrykdan
217
bir aňryk, bir bärik bökmäge başlady. Özem şeýle bir
naýynjar çyňsaýar welin, hiç uwnup-çydar ýaly däl. Ol
ýetip gelýän enä seredip jaýrykdan bir ädim beýlede
togtady. Guýrugyny ýamzyna gysyp, sandyrap, çyňsap
durşuna: «ýetişermikä, ýetiş- mezmikä» diýýän ýaly
bir enä, bir ogula, birem ikisiniň aralygyndaky jaýryga
seretdi. Agyp barýan kenary saklamakçy bolýan ýaly
penjeleri bilen dyrnaçaklady. Hesel güýjünde baryny
edip zoraýakdan jaýrykdan böküp geçdi. Haraý isläp,
aglap duran ogluny garbap aldy-da yzyna, jeňňele tarap
gaçdy.
Otuz kyrk ädim çemesi geçibem togtady.
Saňňyldaşýan injikleriniň üstünde durup bilmän özüni
ürgün çägäniň üstüne goýberdi. Oguljygyny bagryna
basyp oturşyna uçuk gaýnan dodaklaryny ýalap
gözüni ýumdy. Edil şol wagtam Begmyradyň ýaňky
oturan kenary gümmürdäp derýanyň içine gitdi. Hesel
gözüni ýalpa açdy. Äpet kenaryň eýýäm öňki ýerinde
ýokdugyny görüp, tarsa ýerinden turdy-da, Begmyrady
goltugyna alyp oba tarap aýak aldygyna gaçmaga
başlady. Gaçdy. Durman gaçdy. Akbaýam gaçdy. Orta
ýolda Isaguly aga öňlerinden çykyp Begmyrady halys
tapdan düşen Heseliň elinden aldy. Keýinen boldy.
— Häýt, garagol! Näme ejeňi kösäp ýörsüň?! Aýtsaň
218
bolmyýamy nirä gitjegiňi. Beýdip ýörseň men saňa
şemala pyrlanýanam ýasap bermen. Päheý, sen-ä!
Öýüne gelensoňam Hesel ertire çenli ogluny bagryna
basyp, dilsiz, agyzsyz galman ýatdy. Eger ýene-de ýekeje
pursat gijä galaýan bolsa balasyndan ömürlik jyda
düşjek ekendigini welin hiç aklyna sygdyryp bilmedi.
Derýanyň bolsa henizem şo-ol sag kenaryny ýumrup
gidip oturşydy. «Gümmür... Gümmür... Gümmür...»
...Heseliň ýüregine dowul düşüp başlan wagty,
Begmyradyň oturan kenary ýaňy bir çalaja çat açyp
başlapdy.
1983 ý.
GARA KELLELER
Omar urşa ugrajak bolup durka, dört çagasyny
daşyna üýşürip kemşerip duran aýalyna:
— Bujagaz garaja kelleleri hor edäýme, Gülendam! —
diýdi. Yzyndanam gelniň gabaryp görünýän göwresine
gözi bilen ümläp şadyýan ýylgyrdy. — Işallasa, ýene-de
köpelersiňiz, onsoň-a aladaň hasam artar.
Gülendam: «Horlaman» diýdi-de, ärini gujaklamaga
ejap edip, ýanbaşyna göterip duran çagasyny bagryna
219
basdy. Ogşady. «Sag aman geliň!» diýdi. Başga diýere
söz tapylmady. Hoşlaşdylar.
Uly iliň başyna düşen kyn pursatly agyr ýyllar
başlandy. Omaryň gidenine dört aý diýlende
Gülendamyň ekiz ogly boldy. Alty çaganyň keşigi
tejribesiz gelniň ýeke özüniň başyna düşdi. Iki-üç ýyl
nägerek-eýle dyrjaşdylar. Şu soňky gyş welin...
...Çakyr aýazly şol gyşyň gelmegi bilen urşuň
ýowuzlygyndan ýaňa halys tapdan düşen hojalyklara
açlyk aralaşdy. Gülendam ýaly çül-çagaly hossarsyz
aýallaryň başyndan bolsa agyr synaglar indi... Bu wagt
indi ekizler Kowus bilen Kyýasam «eje nan» diýmäge
ýarapdylar. Saçakda welin şol arzyly nan ýokdy. Ine, indi
telim günden bäri çagalarynyň «na-an, na-an» diýip,
üznüksiz iňňildeşýän sesleri Gülendamyň bagryny gara
suwa dönderdi. Hersiniň ýanyna bir baryp, uzak gijäni
zowzuldap geçirdi. Öz açlygy ýadyna-da düşmedi.
Bularyň halyna duýgudaşlyk edýän ýaly, uzak gije
daşardan gyş şemalynyň zaryn şuwwuldysy eşdildi
durdy. Daňa golaý gar ýagyp başlady. Ertesi goňşulary
Sapar aga iki öý arasyny gardan arçap ýol ýasady.
Gülendamyň halyndan habar aldy. Bir topar çaganyň
açlykdan ejir çekip ýatyşlaryny görüp, gojanyň gözüne
ýaş aýlandy. «Biziňem ýagdaýymyz öwerlikli däl» diýdi220
de, gidip öýünden ýartydan ulurak gyzdyrma getirip
berdi. Alty çaganyň hersine bir dişlem ýetdi. Aňyrsy
aldanan çagalar öňküdenem beter nan dileşip başladylar.
Sapar aga damarlak ellerini serdi: «Wah, ýok-da! – Ol
başyny ýaýkap, Gülendama duýgudaşlyk etdi. – Seňki
kyn, gyzym. Çagalaryňam ýaş özüňem ýeke. Hiç kimede aňsat däl welin... Häýt, Ärnazar bir basym geläýse,
oba şuňňaly gaty gytçylyk düşende bäş-on gün o ýan,
bu ýan ulag alyp giderdi-de, tapyp geläýerdi bir zatlar.
Ýeri ýarýamy, gögi dilýämi, bilmersiň» diýip, üç aý bäri
merkezi keselhanada syrkaw ýatan kolhoz başlygyny
ýatlady.
Sapar aga gidensoň Gülendam ekizleriň biri Kyýasyň
ýüzüne çiş ýöräp başlandygyny duýdy. Hopukdy.
Hasyr-husur Sapar aganyň eşegini diläp aldy-da uluja
ogly Akmämmedi şoňa mündürip goňşy obadaky
daýysynyňka dilege iberdi. Aýaza saň-gaty bolup,
agşamaralar dolanyp gelen oglunyň goltugynda ýekeje
kädiden başga zat görmänsoň ojagaz umydyndanam
el üzdi. «Daýym şuny gaýnadyp iýäýmeseňiz başga zat
ýok diýdi» diýen oglanjyk sowuk pejiň aňyrsyna geçdide, sessiz-üýnsüz süýndi ýatyberdi. Uzyn gije samrady.
Gyzdyrdy. Gülendam kädiniň ýarsyny gaýnadyp
çagalaryna iýdirdi. Olam nanyň ýerini tutmady. Ertesi
221
irden turan badyna Kyýasyň ýüzündäki çişiň endamyna
ýaýrap başlanyny gören Gülendamyň zähresi ýarylara
geldi. Agşamky ýatyşyndan galman ýatan Akmämmede:
— Jigileriňe häzir bol, oglum! – diýdi-de, özi
howlukmaçlyk bilen orunbasary görmäge, kontora
gitdi.
Ärnazar aga ýaly dogumly bolmasa-da, ýüregi ýuka,
ýetim-ýesire mährem Allaguly aga Gülendamyň näme
üçin gelenini eşidenden ýeke elini galgadyp, jöwrenip
başlady.
— Ýoklugy-ha çyn, Gülendam. Ysgylatda-da ýokdur.
Ärnazar gelmese men-ä nätjegimi bilýän däldirin.
Döwledem kömek berýä welin, şu aždarha ýuwdup
ýatyr-da bar zady. — Ol şeý diýende günbatara tarap
elini salgady. — Ýöne kömek ederis. Etmeli bor. Ýok
welin, tapmaly bor. Frontçylaryň çagalaryna hökman
kömek etmeli. Bir gysymdan ýygnarys welin taparys.
Sen öýüňe gaýt! Öýlän men özüm ibärin. Az-köp
diýme, gyzym!
Oýlänara Gülendamyňka Allaguly aganyň özi geldi.
Ýüzüni sallap iç işikde oturşyna, goltugyndan çärýek
nan çykardy:
— Sen şuny bir al, gyzym! Obany ters aýlandym.
222
Hemmelerem «meni gör-de, seni gör». Şu ýerden
turşuma Ärnazaryň ýanyna gitjek. Bir alaç etmesek
halk gaty horlanýa. Oba arasyna agramçylyk düşjek.
Işanguly agaň aýaly pahyram ýogalypdyr. Mätjan
keliňem endamy çişip ýatyr. Sen, gyzym, ýene-de bäşüç gün gaýrat et!
Allaguly aga turup gitdi. Gülendam onuň getiren
nanyny galanja kädi bilen çagalaryna iýdirdi. Ol gijede şeýdip geçdi. Ertesi ýene-de ajykdylar. Gülendam
uruna-uruna halys nätjegini bilmän, ädimlerini zordan
ädip, özüniň hem, Omaryň hem deň-duşy, skladçy
Hekimberdiniň ýanyna gitdi. Onuň ýüregine rehim
geler öýdüp, jany-teni bilen ýalbardy. Gülendamyň
göwnüne skladda un bar ýaly, eger Hekimberdi rehim
etse, hemme zat düzeläýjek ýaly bolup göründi.
— Çagajyklarymyň endamyna çiş ýöräp başlady. Ajal
ara düşjek bolup dur, kömek et! Omar gelse ýagşylygyňy
müň esse edip ýerine salar.
Hekimberdi tilkisiräp gepledi.
— Wah, Gülendam, zat ýok. Ine, ysgylat, gir! Tapsaň,
özüňki. Bolsa, men nä... Ýaňyja Gurt agaň agtygam gelip
gitdi. «Enemiň ýylyny berjek, ýarmalyk zadyň ýokmy?»
diýip. Ýok-da! Nädeýin?.. Zady bolsa, kolhozyň özi
223
gizlejekmi sizden...
Özi welin «ger-ger» gägirip durşuna gözüni
Gülendamdan aýyrmady. Gülendam ýene ýalbardy.
Naçaryň boýun burup gelmeginden onuň halys
ejizländigini bilen Hekimberdi gözlerini oýnaklatdy:
— Kim saňa ysgylatda un bar diýip iberýä?
— Hiç kimem diýenok. Ýöne hemişe şundan
alamyzsoň şunda bar ýaly bolup dur göwnüme.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 10
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.