Latin

Ojaklar öçmesin - 01

Total number of words is 3772
Total number of unique words is 2113
32.0 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
JUMA HUDAÝGULYÝEW
OJAKLAR ÖÇMESIN
MAZMUNY
OJAKLAR ÖÇMESIN
AKAR ÇEŞME GURAMAZ
DUZUŇ JEZASY
NAÇAR DOGAN
GÜMAN
GÜL ÝÜZLI ÝIGITLER...
DURMUŞ SIMFONIÝASY
GULLUK BORJY
NOWGÜL
INDI AGLAMA, DÜRJEMAL!
GUDUMAN BAGŞY
SARPA
BAKYLYK
ENE ÝÜREGI
GARA KELLELER
MEÝDAN
MENIŇ OGLUM DEREKSIZ DÄLDIR
PYÝADA KAZYLAR
SYGYR SÖWDASY
ÝAŞASYN ORTA GÜRP!
OTURLYŞYK
ÝÜZSÜZ HUDOŽNIKLER
MAKULATURA
BILIMSEK
«IGRIKMI ÝA ÜGRIK?»
GÖWÜN
IKI ŞAÝY
3
Bu kitaby kakam Hudaýguly Juma oglunyň
ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
OJAKLAR ÖÇMESIN
Gültäç ejäniň adamsy Hümmediň yzyny saklap
oturanyna seredip otursaň indi kyrk ýyl dagy bolupdyr.
Hawa, asyl ylaýyk kyrk ýyl şo. Hümmet neresse fronta
urşuň başlarynda gidipdi-de, kyrk üçde hem ýogalypdy.
Gültäç şonda: «Hakyt ýer hopar, menem şoňa güpürdäp
giderin» öýpdüpdi. Çünki ol adamsyndan ajy habar
gelmezinden ýarym ýyl ozal bäş ýaşlaryndaky ylgap
ýörenje ogly, ýeke dikrary, Hümmet neressäniň ýalňyz
nyşany Kakamyratjygy hem duýdansyz gelen ajala
aldyrypdy. Wah şojagaz çaga gezip ýören bolsady, onda
ol bütin ömrüne beýdip örtenmese-de örtenmezdi.
«Ine, Hudaýa şükür, Hümmediň yzy ýitmedi, yzynda
goç ýaly ogly galdy, ojagy öçmedi» diýerdi. Ýöne Gültäç
armanly boldy. Iki ganatynam bilelikde gyrdyrdy.
Uruşdan utulanlygyny boýnuna almazlygy welin
ýüregine berk düwdi. Şeýtjegini ol bir ýerlerde gidip
duran adamhor urşuň çat maňlaýyndaky ýeke gözüne
iki barmagyny diräp baryp-ha şo wagtlar aýtdy. «Haram
uruş, niýetiň-ä ýigidiň ýurdunda ýel öwüsdirmekdir
4
welin, men ony etdiräýmen saňa. Men Hümmediň
ojagyny öçürmen, dulundaky çyragyny söndürmen.
Özüm ölinçäm-ä şoň gapysy ýapylmaz» diýip, gap
dulda donuny çümre geýip oturşyna berdaşly gollaryny
galgadyp tolguna-tolguna urşa haýbat atdy. Hümmediň
ir wagtlardan bäri Aşgabatda işläp ýören inisi Gulkişi
uruşdan gaýdyp gelende-de Gültäç hut şol sözleri diýdi.
Agasynyň ýerine «yzy ýarasyna» gelen Gulkişi bolsa
aşak bakyp çilim kükedip oturşyna ýeňňesine başga
näme diýjegini bilmän: «Mert bol, ýeňňe! Hümmet
eýle boldy diýsek Kakamyrat janam beýle bolaýypdyr.
Indem näme göwnüňe geňeş. Meň-ä...» diýip, yzyny
aýdybilmän düwündi. Yzyny aýtmaga onuň hakam
ýokdy. Dul galan gelinlere rugsady ulular berýärler.
«Eger ir-u giç turmak göwnüňde bar bolsa rugsatdyr,
gelin. Sylanyňa taňryýalkasyn, biz-ä maňlaýymyzdan
görýäs» diýýärler. Emma Gulkişi ony aýdyp bilenok.
Ýaşkiçi. Ol gelen gününiň ertesi agyr başyny ýerden
götermän zoraýakdan: «Men-ä ýeňňe gitdim onda. Sag
bol. Saglykda görüşeli. Senem näme maňlaýyňdan gör.
Bu uruş gaty zabun boldy — diýip ugraberjek bolanda
welin, Gültäç ajy habary Hümmetden hut şu gün alan
dek zöwwe ýerinden galdy-da, bagryny para-para edip
juda zaryn aglady. Agyň arasynda-da nalaýa-nalaýa:
5
«Gitseň sag bol, ýöne her daýym yzyňa bir köwlengin
— diýip özelendi. — Ara-çola seni bir görüp duraýyn.
Özi ýok diýsem ýurdunda ne atasy, ne enesi ne-de
yzynda ornuny tutjak zürýady galdy. — Heniz kyrk
hem ýaşamadyk syrdam gelin bokurdagy dykylyp-demi
gelmän baýdak ýykylan ýaly dik duran ýerinden keçäň
üstüne parlap ýykyldy. Ýüzüni gaty keçä oýkap-oýkap
sessiz-sedasyz eňredi. Soň ol gözýaşa ezilen keçäni
penjeläp başyny ýerden göterdi. Dyzanaklap ýerinden
galdy-da, dykyz gollaryny serip, aýalaryny kükregine
ura-ura ajy perýatlar etdi. — Wah, men nädeýin?! Nä
alaç edeýin?! Bu gapyda goýun bolup ýerlejekdim,
maýa bolup bozlajakdym, köpelip köl boljakdym,
Hümmetler diýdirjekdim. Nädeýin, bolmady! Täleýim
ters geldi. Tümmül bugdaýym göklügine oruldy. Argyşa
giden kerwenim gaýdyp gelmedi. Agyr meýlisim
sowuldy, bazar-dükanym ýapyldy. — Gelniň demi
içine düşüp ýene-de ýarym sagat dagy ýer bagyrtlap
ýatdy. Birhaýukdan soň aýylganç bir içini çekdi-de,
ysgynsyz başyny galdyryp, negeräk eýle turup dik
oturdy. Çişen gözlerini aýasy bilen süpürişdirip, perişan
saçlaryny boluşyna görä düzedişdirdi. Henizem işikde
söýä ýaplanyp ala-burugsy bolup duran ýüwürjisine
ýüreginde ömürlik ornaşdyran niýetini ýene bir gezek,
6
iň soňky gezek beýan etdi. — Ýöne men-ä pelekden
utulanymy boýnuma alman Gulkişi. Şu gapyny saklap
ömrümi ötürerin. Senem käte bir gelip agaň garyp
çatmasyna boýnuňy uzat. Maňa şolam bor. Özüm
ölünçäm-ä agaň gapysy ýapylmaz, tüýnügi tüssesiz
bolmaz. Şuny berk bilgin!» Ýeňňesiniň şol gezekki
ahy-nalasy Gulkişiniň gulagynda ömürboýy ýanlandy
durdy. Gözýaşa ezilen öl keçäniň şorumtyk ysam
beýnisinden çykmady. Beýle agyr jebir hem sütem
içinde çekilen ahy-nalalar oňa agasynyň ölmündende beter has ýokuş degdi. Garrytdy. Şeýle boljagyny ol
gelmänkä-de bilýärdi. Şonuň üçinem ýaýdana-ýaýdana
gelipdi. Uruşa gidende ýaýdanmandy. Agasynyň boşap
galan öýüne gelmäge welin ýaýdandy Gugaryp galan
içeri ony oba gelmezinden has öň lagşatdy Ol uruşdan
gelip bu ojagyň başynda agasy Hümmet bilen, onuň ogly
Kakamyrat, ýeňňesi Gültäç bilen başybitin sag-aman
duşuşjakdy. Oguljygyny dyzynyň üstüne mündürip
oturan agasy bilen käse doly şeraby çakyşdyryp içjekdi.
Gülüşjekdi. Degişjekdi. Emma hemmesi tersine bolup
çykdy. Ol agasynyň öýüne ine, şu ýagdaýda gelip gitmeli
boldy. Indi onuň bu obada hiç kimi ýok. Agasam ýok,
inisem ýok. Dogan-garyndaşam ýok. Tekiz. Tep-tekiz.
Ýeňňe-de näme, öz göwnüne geňeşsin. Otursa otursyn,
7
tursa tursun. Ygtyýary. Hümmed-ä ýok.
Şol gezek obadan ýegşerilip çykyp barşyna Gulkişi
agasy bilen bolan iň soňky hoşlaşygyny ýatlady.
Hümmet neresse şonda aýalyny, ýaňyja aýak biten ogly
Kakamyrady hem ýanyna alyp inisini fronta ugratmak
üçin uzak obadan Aşgabada ýörite gelipdi. Özem
inisiniň öňürti gidýänine özi sebäpkär ýaly zol-zol:
«Bizem basym bararys...» diýip gaty köp gaýtalapdy.
Başga diýere zat tapmandy. Göwnüne inijigi gözünden
armanly uçup barýan ýaly, ony gaýdyp görmejegine
eýýämden kaýyl bolan ýaly, inisinden ýüzüni gizläp,
gözüniň ýaşyny telim ýola ogrynça sylypdy. Iň soňky
pursatda inisini gujaklap bagryna basyp durşuna bolsa
ahyry ýaryldy. Aglap goýberdi. Kakamyrady goluna
göterip duran Gültäjem aglady. Töwerekde özünden
başga aglap duran erkegiň ýoklugyny görüp Hümmet
neresse şonda biçak utandy. Otly gözden ýitensoňam
ol haýata arkasyny ýaplap şo-ol, ýola seretdi oturdy.
Bularyň, başyndan inen agyr aýralygy duýan dek şol gün
asmanam günüzyn aglady. Ilk-ä bir jybarlady. Soňam
birsyhly aglady durdy. Hümmet şondan soň özüniň
mähriban doganjygyny, eziz inisini görüp bilmedi.
Gulkişiniň gidenine dört aý diýlende Hümmedem
gitdi. Şo gidişem gidişi boldy.. Gulkişiniň bolsa soň8
soňlaram, asyl şu ömürboýy agasynyň şol gezekki
aglanyny ýatlanda ýüregi gyýym-gyýym boldy ýördi. Ol
agasynyň özüni gaty gowy görýänini bilýärdi. Özüniň
bolsa ony özüçe gowy görüp bilmeýändiginem, asyl
göresi gelse-de ony başaryp bilmeýändiginem bilýärdi.
Kä adamyň özi zandy mährem bolýar. Sen dogan
bol, beýleki bol tapawudy ýok. Hümmet neressede
nämüçindir Gulkişä seredeninde ýukaýüregiräkdi.
Belki-de ýetimçilik bilen ýarym göwün ösenligindendir.
Gulkişi bolsa kän bir ýetimçiligi duýmady. Duýdy,
ýöne Hümmet ýaly ýiti duýmady. Sebäbi öňünde özi
hor bolsa-da, inijigini hor etmejek agasy bardy direnip
duran. Şonuň arkasyndan-da onuň ýetimçilik azabyny
kän çekmedigi. Hümmet welin çekdi. Gaty zabun çekdi.
Her gezek jigisi «nan» diýip aglanda içinden jany çykyp
ýüregi sogrulara gelerdi. Kä wagt Hümmediň halys
aljyrap agşamaralar obanyň ortarasyndaky depä çykyp:
«Kaka-a-aý, gel-a-aý, öldüg-aý!!!» diýip, basmaçylaryň
elinden ölen kakasyny çagyrýan wagtlaram bolýardy,
neressäň. Gulkişi hem dogrudanam kakasy geläýjek
ýaly aglamasyny goýup, gözlerini jüýjerdip Hümmediň
gygyrýan tarapyna serederdi. Ýöne welin näçe
seretsede kaka-da görünmezdi, eje-de. Ejesin-ä Gulkişi
düýbünden bilenok. Ýetim. Ikisem tüýs ýetim. Jigisini
9
arkasyna alyp Hümmediň gapy gezýän wagtlary hem
az bolmandy. Birnäçe gezek gaty süňki itiň öňünden
alyp jigisine getirip berýänem çyn. Item süňküni «me
saňa» diýäge-de ýöne berip goýberäýenok. Onam söweş
edip almaly. Ine, belki şol zatlary ýatlabam şol gezek
Hümmediň bokurdagy dolandyr. Şeýledir. Inisiniň
uruşda wepat bolmagynyň gaty ahmaldygy, şonuň
üçinem ondan ömürlik jyda düşmeginiň mümkindigi
göwnüne gelip, şol zar-zelillikde geçen hossarsyz
günlerini ýatlap şol zatlar üçin aglan bolmagam
mümkin. O-da mümkin. Ýöne uruşdan Gulkişi geldide, Hümmediň özi gelmedi. Öz-ä bir gelmedi, üstesine
ojagaz çagada... Gulkişi welin şol gezek agasynyň
ýerine gelip gidende ýeňňesiniň eden ahy-nalalarynyň
arasyndaky «Gulkişi, meniň-ä çyram söndi welin sen
bir öl daragtsyň, pyntyk ýararsyň, miwe getirersiň.
Gaýrat etde, şolaryň birini agaň ýurduna ýurt eýesi et!
Men ölen günüm Hümmediň ýurdy ömürlik göçmesin»
diýesiniň gelip, emma aýdyp bilmedik sözlerini söz
arasyndan aňşyrmady. Zenanyň mertligine düşünmedi.
Özündenem bilmedi. Üstesine şol gidişine gaýdyp obada gelmedi, ýeňňesinden habaram tutmady. Gidişigidişi. Ne habar, ne hatyr. Dynç. Gum gukluk.
Ýyllar geçdi. Aýlar aýlandy. Urşuň ýüreklere salan
10
yzasy kem-kemden köşeşdi. Tutuş täze bir nesil ösüp
ýetişdi. Ýurt abadanlaşdy. Rysgal köpeldi. Otuz alty
ýaşynda ärinden galan, şondan bärem gün yrman uruş
bilen urşup oturan dul gelin Gültäjem indi ýetmiş dört
ýaşady. Gözleri kösseýip biliniň kuwwaty kemeldi. Ýylýyldan egbarlaýandygyny duýan garry günlerde bir
gün töweregine seredip özüniň bu içerde dogrudanam
ýekediginem «agaç ata» münen güni Hümmediňem
gapysynyň ýapyljakdygyny açykdan- açyk duýdy.
Allaniçigsi bolup: «Hä, çyn eken-ow!» diýdi. Mundan
otuz sekiz ýyl öň obadan çykyp giden Gulkişini ýatlady.
Hümmediň öýüniň indiki ykbaly barada onuň bilen
gürleşesi geldi. «Dogandyr. Dogan-dogana dözmez.
Tüweleme şahasy köp. Bir goluny şuňa taşlasa bor
durubir» diýip öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. Şu
çaka çenli habar tutmandygy üçin Gulkişiden kim
bilýä näçinji gezekdir kine etdi. Haýal etmänem
obadaşlarynyň birinden Aşgabada, Gulkişä habar etdi.
«Hökman gelsin» diýdi. O gezek Gulkişi gelmedi. Soň
ýene-de habar etdi. «Ýeňňeň heläk ýatyr, ölmänkäm
görjek diýýär diýiň» diýdi. Şondan soň Gulkişi ýanyna
ýedi ýaşlyja agtygynam alyp özüniň bir wagtlarky terk
edip giden obasyna iki günlük dolanyp geldi.
11
***
— Gültäç eje, ýüwürjiň geldi!— diýen sese iki büklem
halyna düwdenekläp gapydan çykan kempir, gözüniň
üstüne ellerini gezek-gezegine kölegeledip» «hany, hany
haýsy şuň?!» diýip, işikde duranlaryň hersiniň ýüzüne
bir jiňkerilip çykdy. Duranlaryň içinden saýlanyp
özüne salam beren sypaýy geýnüwli, çal saçly hortaň
kişiniň ýüzüne serede-serede dertli başyny ýaýkap,
kemiş-kemiş etdi. Ysgynsyz, inçejik gollaryny ätişgir
ýaly edip ýüwürjisine tarap uzatdy. Görüşdi. Sykylan
göwresini göterip bilmän syrylyp aşak çekdi. Hasasyny
öňüne kese ýatyryp aglady.
— Heý beýlede bir gonman uzak uçmak bormy,
Gulkişi! Aý, Gulkişi...
Ol ýene-de aglady. Aglady diýiläýýä-de, bu
görgülilerde aglara gözýaş galdymy. Baryp-ha uruş
ýyllary bularyň bulagy guramadymy näme? Gözlerini
süpürip burunlaryny çekseler agladyklary şol. Gültäç ejede häzir ýene bir gysym bolup sessiz-sedasyz çiginlerini
silkip otyr. Ysgyn-mydar ýok. Gepläre gurbatam ýok.
Ýürejiginden syzdyryp aglaýa-aglaýa ylgaşyp gelen
goňşy-golamlarynyň ýürek-bagryny gara-suw etdi.
Gulkişä bir zatlar diýjek boldy, öýlerini, malyny-başyny
12
soraşjak boldy. Emma bolmady. Şo-ol, horja ellerini iki
ýapa serdi oturdy. Şol wagt Gulkişi ertirden bäri elinden
tutup duran agtygyny getirip ýeňňesiniň dyzynyň
üstünde oturtdy. Özi ýene-de gaýra çekildi. Gültäç eje:
«Wiý, Gulkişi bu seniň agtyjagyňmydy asyl?!» diýip,
sorabam bilmedi. Ýöne ogşady. Çaganyň ýakymly ysy,
possujak ýaňaklary, ýumşajyk saçy ömürboýy çaga
ysyna zar bolan bu kembagt zenanyň lagşan göwresine
gurp berdi. Özüni dürsedi. Elipi donunyň ýeňine sokdyda kagyzly kemput çykaryp çaganyň eline tutdurdy.
Şondan soň dili zybana geldi. O duran ýerinden elini
öýüne tarap ülňedi.
— Gir, Gulkişi! Ataň ýurdy, agaň ojagy abatja
durandyr. Ir-u, giç geläýse eli sowuk kesege degmesin
diýip içiniň odunam öçüremok. Ýör, agaň gapysyny öz
eliň bilen aç-da, söýesine egnini bir dire! — Ol ýenede ýüzüni çaga tarap öwürdi. — Şu seniň agtygyňmy,
Gulkişi?! Büý-ä tüýs Hümmede meňzäp dur. Ady näme
bu köşejigimiň?
— Hümmet.
Gültäç eje bir turjak ýaly etdi-de, ýene-de çökdi
oturyberdi. Atasyna gitjek bolup hyýallanan çagany
ýaňadandan çekip alyp bagryna basdy.
13
— Hümmet diýdiňmi? Şeý diýdiň dämi? Şu
Hümmetmi şu, Gulkişi?! Wah, adyňdan aýlanaýyn
köşejigim!
Horja eller ýene-de titredi. Sandyrady. Çiginler
silkindi. Ýygyrt-ýygyrt ýüzüň üstündäki agyz, göz, gaş,
hemmesi bile burnuň töweregine üç-dört gezek üýşüp
çaşdy. (Ana, şolam bir agladygy şonuň.) Şondan soň ol
oturan ýerinden galman töwerekde duranlara ýüzlendi.
— Şu hergiz göwnüme Hümmet geljek ýaly boldy
durdy welin bir zady süňňüm syzýan ekeni. Wiý,
giriň-ä öýe! Hany ýörüň! Näme daşarda dursuňyz?!
Hemmäňizem öýe giriň! Gyýw, Mämmetjuma, şu gün
Hümmediň öýünde toý bar diý-de bütin oba habar et!
Hümmediň inisi gelipdir diý! Hany, ýörüň! Giriň öýe!
Ýa Alla, adyňdan aýlanaýyn!
Ýaňky Mämmetjuma diýlip ady tutulan ýaşuly uly
dabara bilen gaýşarylyp töweregindäkilere ýüzlendi.
Kellesini silkip gürlände telpeginiň buýralary seçelenipseçelenip gitdi.
— Ahaw, jemagat! Şu gün Hümmet Şanepes oglunyň
öýünde toý bar. Inisi gelipdir. Hemmelere-de eşitdiriň!
Baryň, bäş-üç sanyň oba arasyna çakylyga gidiň!
Sähetdurdy, sen çekenäň üstüne dep. Meňkidenem
14
birini alyp gaýt! Bar! Çalt!
Bu obada Hümmediň öýi diýsen: «Haýsy Hümmet
ol?» diýjek bolmaz. Hümmet indi kyrk ýyl bäri şu obada
ýogam bolsa onuň öýi, işigi, maşgalasy, maly-garasy
hemme zady bar. Gültäç eje hiç kime «Gültäjiň öýi» ýa
«Gültäjiň towugy» diýdirenok. Okuwçylar mellegini
işlemäge gelenlerinde-de, «Hümmet agalara barýas»
diýdirýär. Şeý diýmeseler gaty görýä. Şonuň üçinem
ýaňky ýaşulynyň «Hümmetlere geliň!» diýenine Gültäç
eje monça bolup başyny atdy. Edil elinden çekilen ýaly
laňňa ýerinden galdy. Kimdir birinden (uruşdan bolsa
gerek) telim ýylky köýüp ýatan aryny alan ýaly ajymtyk
ýylgyrdy. Gulkişiniň burnuna bolsa nirelerdendir bir
ýerden göz ýaşa ezilen öl keçäniň şorumtyk ysy geldi.
Derrewem beýnä ornady.
Şol gün Gültäç ejeleriň, ýok, Hümmet agalaryň
öýünde hakyky toý boldy. Hümmediň hatyrasyna
Mämmetjuma agadan başga-da işikde söwüşlik mal
getirip daňan kän boldy. «Ýigit hatyraly bolsa bir başgada» diýip, Gültäç eje muňa-da bolubilenini boldy.
Ýüwürjisiniň ýanynda burçak-burçak derläp çaý içip
oturşyna işigindäki märekä göz aýlap, göwnünde gum
basyp ýatan köne armanyny daşyna çykardy.
15
— Zeýrenýä diýme, Gulkişi. Hyzmata zar boldum.
Käte-käte oturyp-turup gol doly märekä hyzmat edesim
gelerdi. Meniňem öýümde üýşmeleň bolmazmyka
diýip, uzynly gijeleri arzuw edip geçirerdim. Zenany
hyzmatdan kesseň bijaý erbet bor ekeni. Ýöne
näme, öýüňde erkek bolmasa bolaýýamy o zatlar.
«Mydama öýüm adamdan doly, nätjegimi bilemok»
diýip, adamsyndan nadyl bolýan zenanlaram bar oba
arasynda. Men aýdýan: «Öýüňde direnip duran erkegiň
bolsa, girim-çykymyň köp bolsa, hiý, oňa ýetesem bir zat
bormy» diýýän. «Şoňa şükür ediň» diýýän. Üstüňden
döwran sowulmasyn, Gulkişi. Bir sowulsa soň gaýdyp
gelmesi gaty kyn bor ekeni. — Ol çaýyny içip boldy-da,
ellerini ýere diräp ýerinden galdy. — Ýa, Alla! Şu gün
bir myhmanlara özüm hyzmat edeýin. Ýör, köşek saňa
böwrek äbereýin. Aýuw, Sähetdurdy, şu çagajygyma
bir täzeje böwrek bersene! — Gültäç eje nirä gitse-de
Hümmetjigem ýanyndan goýmady. Şol, elinden tutup
aýlandy ýördi. Gelene, gidene-de görkezdi. Guwandy.
— Ine, Gulkişiň agtyjagy şü. Hümmet şü. Hümmede
meňzäbem durandyr. Öýdäki suraty bilen deňe-de
goräý. Meňzemän nirä gitsin bi. Hümmediň jan ýalyjak
inisiniň balasyndan bolan bolsa. Ýör oglum, Hümmet!
Ol aýlanyp-öwrülip ýene-de garşy-garşy Gulkişiniň
16
ýanyna geldi. Gaýta-gaýta ýagdaýlaryny soraşdyrdy.
Özem her agzynyň birinden «Waý-waý-waý: waý-waýwaý, hiý şeýle-de bir yzyňa köwlenmän uzak gitmek
bolarmy» diýip, üznüksiz, «juk-juklady» oturdy. Içini
dökdi.
— Ondan, mundan eşidýän-de menem oturan
ýerimde guwanyp otyryn daşyňdan. Kä wagt tilewizirde
bir çykýaň. Ulular bilen. Şonda golaýyna baryp:
«Gulkişi, näme gelip menden habar tutaňok? Men-ä
baryp bilemok, sen näme geleňok?» diýýän welin, sen
gaýtam göwnüň bir ýaly aňyryňy bakyp başga biri bilen
gepleşip otyrsyň. Şoňa-da hapa bolup oturyn onsoň.
Gitjek wagtyň bäriňi bakyp: «Hoş, sag boluň!» diýýäň
welin, ana şondan soň birazajyk ynjalýan.
...Myhmanlar dargaşansoňam bu ikisi gürrüň edip
köp oturdylar.
— Häk, sen şu derejäňi Hümmedem gören bolsady.
Sen özüňden beter begenerdi. Men-ä begenýän.
Ýaňky aýdyşym ýaly daşyňdan guwanyp otyryn. Kä
wagtam bir ojaga odunjyk oklaýan, sen gersiň diýip.
Geljegiň-ä bilýän welin, ýöne Hümmet bilen gersiň
diýib-ä ýadymda oýumda-da ýok. Ýöne ýüregim
syzýady — Ol birden böwrüni diňledi-de, Gulkişiniň
17
ýüzüne-de seretmän, pessaý-pessaý gürläp başlady. —
Seni näme üçin çagyrandygymy bilýäňmi, Gulkişi? —
Gulkişi eginlerini ýygyrdy. Ýylgyran boldy. Näme üçin
çagyrylandygyny bilesi gelip içini it ýyrtyp barýan hem
bolsa ýeňňesiniň öz dillenerine garaşdy. Gültäç eje edil
çaga ýaly kemşerdi. — Şu öýe şunça eýelik etjek boldum
welin, meňki bir her dem hyýal ekeni, Gulkişi! Bu öýüň
hakyky eýesi men däl ekenim. Men bir garawul ekenim.
— Ýene-de horja eller titredi, çiginler silkindi. Bir salym
hiç kimden ses çykmady. — Şu ojagyň hakyky eýesi
sen. Seniň agaň bosagasy şü. Ataň pahyryň bosagasy. —
Garry hopukdy. Tisginip-tisginip dem aldy. — Men indi
gitmeli. Hümmediň ýanyna, Kakamyrat janyň ýanyna
gitmeli. Şol gitjek-gitjegim. Şu işigi saklap oturşyma
hiç elim degmedi. Senem gelmediň, gelmediň. Indem
näme, men gidemsoň şu gapy ýapyk bir durmasyn. Sen
şunuň bir alajyny et. Mende-hä alaç galmady. Gutardy.
Aldandym. Utuldym. Galanam saňa bagly. Ine, meniň-ä
uzak ýoldan çagyrdyp saňa bar aýtjagym şü, Gulkişi!
Agasy Hümmediň obada henizem öýüniň bardygyny,
onuň içinde gazan atarylyp nahar bişirilýändigini,
tüýnüginden gije-gündiz tüsse çykýandygyny, gurnalan
dükanyň henizem ýapylmandygyny Gulkişi ine şu
wagt, häzir bilip galdy. Bu ojakdan baryp-ha ol haçanlar
18
el ýuwupdy. Şo-ol, uruşdan gelişin Hümmediň ýerine
gelip giden sapary el ýuwupdy. Ol ýeňňe diýeniň pylanyň
ýurdy bar eken-ow, diýdirip bilýändirem öýütmändi.
«Aýaldyr-da, islese onda bor, islemese munda bor.
Äre-de gidip biler. Dogan-garyndaşynyňka-da gidip
biler. Garaz ol bir ýerde ýaşamaly bor. Äriniň öýünde
oturany bilen ondan ýurt eýesi bolmaz» diýip pikir
edipdi. Hut şonuň üçinen «Obada meniň agamam
ýok, onuň öýem ýok, hiç hili ilteşigimem ýok» diýen
düşünjä eýeripdi. Hut şonuň üçinem oň şunça wagtlap
yzyna köwlenmändi. Ine, häzir ýeňňesiniň gaşynda
gara dere gark bolup oturşyna welin özüniň bu zenan
barada ömürboýy ýalňyş pikirler edip gelendigine
düşündi. Öler ýaly utandy. Düzedip bolmajak hata
goýberendigi üçin, agasynyň yhlasyny syndyrandygy
üçin, ýeňňesiniň ynamyny ödemändigi üçin öz-özüni
ýigrendi. Hiç mahal dolanyp gelmejegine gözi ýetsede, ençeme ýyllardan bäri bir pukara ýigidiň garyp
çatmasyny saklap oturan bu beýik zenany nämä
deňejegini bilmedi. Onuň boýnundam haýsy lagly,
haýsy göwheri, haýsy düri asjagyny bilmedi. Haýsy
birini assada kem bolaýjak ýaly bolup göründi. Beýle
yhlasy diňe yhlas bilen ödäp bolýar. Onam Gulkişo
oňarmady. Professor häzir bu müşt ýaljak bolup oturan
19
zenanyň öňünde girere deşik gözledi. Gültäç eje bolsa
şol birsyhly gürledi oturdy:
— Men indi gurpdan galdym, Gulkişi. Sen gaýrat
et-de, şu ojaga bir eýe bol. Gyrgynçylyk getiren urşuň
başyma salanlaryna boýun-a bolmadym welin, näme,
janam bir tende amanat-da. Onam tabşyrmaly. Haçan
getirkä diýip ýoluma gözläp oturandyrlar. Ine, birden
men ýola düşäýsem ojaga ot saljag-a ýok. Menden soň
bu gapy ýapylsa sen günäkärsiň, Gulkişi. Nätmelidigini
özüň bil. Tüweleme şahaň barly. Miwäň köp. Oýlan.
O dünýe bu dünýe senden ýalňyz haýyşym şu — hiç
kime «Hümmediň ýurdy güçüpdir» diýdirme. Men-ä
diýdirmedim. Oba adamlarynyň hemmesem hernä:
«Hümmedi düýşümizde görsek, ýüzi-gözi açyk, gaty
sagdyn görünýä» diýýäler. «Gyr atly gördük» diýýänem
bar. Menem aýdýan: «Atly görünmän näme, yzy abad-a
oň. Ine öýünde ertir-agşam ot ýanyp dur, atly-abraýly
inisi bar» diýýän. «Howwa, dogry şo» diýýäler bendeler.
Gulkişi agyr alada galdy. Ýerine geçip ýatansoňam
ýeňňesiniň öz öňünde goýan çylşyrymly meselesinden
baş çykaryp bilmedi. Bu ýere gaýdanda beýle-beýle
zatlar onuň ýadyna oýuna düşmese näme? «Syrkaw
ýatan bolsa-ha sorap gaýdaryn, ýogalanam bolsa
agamyň hatyrasyna aşyny-suwuny bererin» diýip
20
gaýdypdy. Ýeňňe welin şol bir perdeden tutdy. Kyrk ýyl
mundan ozalky hörpünden gopdy oturyberdi görgüli.
Şol heňi. Şol bir başky ugran ugry. Arada bolsa tikenekli
azaplardan, gamly güzaplardan doly nijem bir ýyllar
ýatyr. Ýyllar ony üýtgedip bilmändir. Gulkişi bolsa
ol geçen ýyllary tüýdüp-tüýdüp ylyma berdi. Alym
boldy. Durmuşyň pelsepesini öwrendi. Kän zatlara
akyl ýetirdi. Ýeňňesiniň pelsepesine welin akyl ýetirip
bilmedi. «Hümmediň, yzy ýitmesin!» Ine, Gültäç ejäniň
bu köýen ömründe ýöreden iň beýik pelsepesi. Iň beýik
maksady. Onuň üçin şondan beýik ylym, şondan beýik
wezipe ýok.
Gulkişiniň gözüniň öňüne ýene-de Hümmet
ikisiniň hor-homsy, aç-suwsuz idenekleşip ýörüşleri,
ýetmesi kyn bolan agyr, güzaply günleri geldi. Gyýyldy.
Ýüreginiň töründe henize bu güne çenli saklanyp galan
doganlyk mähri onuň ýadaw ýüregini mylaýymlyk bilen
owkalap goýberdi. Bedeni gowşap, uky basmarlady.
Uklady. Şol ýatyşyna ol düýşünde-de agasyny gördi.
Hümmet neresse bir ýerlerden-ä haýdap gelýärmişin.
Özem jybardan gorkup gara öýüň arkasynda yklap
oturan Gulkşiniň başyny sypalap: «Jigim ajykýan-a
dälsiň?» diýip gapdalyndan asylgy duran ýantorbasyna
elini sokýarmyşyn. Elini çykarýarmyşynam welin onuň
21
elindäki nan däl-de kiçijik bir guşmyşyn. O-da Hümmet
aýasyny açandan uçýar-da ötägidýär. Hümmet neresse:
«Bar jigim şony tutup gelsene nan taparys» diýýär
welin, Gulkişi asyl gozgananogam. Otyr sortdurylyp.
Gulkişi derrew oýandy. Ýeňňesiniň henizem uklap
ýatan Hümmetjigiň başyny sypalap oturanyny görüp,
«Ýeňňe henizem uklaňokmy?» diýip, çalaja ýylgyrdy.
Dikeldi. «Wah, men uruş turaly bäri uklamasam näme
— garry üýtgeşik bir zat aýdandyrynam öýtmedi. —
Sen bir ýat, Gulkişi! Ýolam ýadadandyr. Men-ä bir şu
Hümmet jan aglap turaýmazmyka diýip otyryn. Bir
aglap tursa, menem ony höre-köşe etsem. Meýdana
çykarsam. Ysgap ysyndan gansam». Göz öňünde
gaýmalap ýören ganym urşuň gözüne gazap bilen
sereden garrynyň horja elleri ýene-de titredi. Çiginleri
silkindi. Gözýaşa ezilen keçäniň birwagtlarky şorumtyk
ysy bolsa ýene-de Gulkişiniň kaňşyrawugyny tütedip
gitdi. Ömürboýy özüni çaga mährinden mahrum
edip ömrüni bir öýde sopbaş özi sermenip geçiren
kembagt ýeňňesiniň awuny eline salan bürgüt deýin
amanat çaganyň üstünde ganat gerip oturşy ýüregiňi
para-para etdi. Özüniň bäş oglundan birini bir şu
öýe ýurt eýesi edip beräýmeli ekendigini ol indi bildi.
Ýeňňesini, agasynyň mährem ýanýoldaşyny şu çaka
22
çenli ýat hasaplap gelendigi üçin müň mertebe arman
etdi. Pikirlerden ýaňa süňňi gowşap ol ýene-de süýndi.
Ýatan ýerinde aga-döne ertir ýeňňesine näme jogap
berjekdigi hakynda, durmuşyň salkyn jaýda oturyp
okalýan leksiýalardan has çylşyrymlyrakdygy hakynda
oýlandy. Gyssandy. Emma özüniň ur-tut näme jogap
beräýjegini welin bilmedi. Bu soragy bir özüniň çözüp
bilmejegine-de göz ýetirdi. Uzyn gije içini gepletdi.
«Ýeňňem-ä: Urşuň salan towky näletini boýnumyza
almaly, agaň yzyny ýitirmäli» diýýär. Men bolsam oňa
näme jogap berjegimem bilemok. Boýnuňa almazyň
bolýamy, jan ýeňňe, diýibem bilemok. Onuň ynamyny
syndyrasym gelenok».
Şol wagt Hümmetjik edil Gültäç ejäniň höwes edişi
ýaly aglap turdy. Peje ot salyp oturan Gültäç eje: «Wah,
sesjagazyňa döneýin jan guzym!» diýdi-de, bir bökende
çaganyň ýanyna bardy. Onuň goltugyndan tutup
dik oturdy. Ýüzünden, gözünden ogşady. Suw içirdi.
Daşarygam äkidip getirdi. Şondan soň çagany alyp
törki jaýa geçdi. Heniz endamyndan süýdüň ysy hem
oňly gitmedik, eýjejik, possujak çagany goltugyna gysyp
heziller edip ýatdy. Özem kimdir biriniň çagasyny dälde, hut öz adamsy Hümmediň jan ýaly inisi Gulkişiniň
agtygyny goltugyna alyp ýatdy. Gültäç eje bu gije
23
özüni çagaly gelin hasap etdi. Garry göwün howalanyp
alyslara gitdi. Turup-turup çaganyň ýüzüne seretdi. Şu
çagany ýany bilen getirendigi üçin Gulkişiden müňde
bir razy boldy. Onuň ähli gelmediklerini bir demde ak
ýürekden bagyşlady. Ukynyň arasynda tamşananda epesli çaganyň agzyna göwsüni tutdurasy geldi. Göwni
şony höwes etdi. Ýöne sermene-sermene zat tapmady.
Oňa derek öwran-öwran ogşady. «Ýene-de ýekeje gezek
aglap turaýbilse ýagşydyr» diýip içinden dileg etdi.
Özüniň bir mahallarky ogul bilen äriň arasynda ýaýnap
gezen bagtyýar çaglaryny ýatlady. «Kakamyrat jan gezip
ýören bolsa şu wagt kyrk bäş dagy ýaşardy çagajygym»
diýip pyşyrdady. Birdenem laňňa tirsegine galdy-da,
uky-da meýmiräp ýatan Hümmetjigiň özüniň eziz
balasy, mähriban perzendi, ýürek ýagy Kakamyrat jan
bilen bir almany iki bölen ýaly şeýle meňzeşdigine
haýranlar galyp seretdi. Seretdigi saýy hem barha
göwni söýünip, hamala biri getiräge-de hut Kakamyrat
jany goltugyna salyp giden ýaly, bu durmuşda ol hiç
zat ýitirmedik ýaly çöken ýüregi galkyjaklap başlady.
Gurplandy. Ganatlandy. Kyrk ýyl bäri dulunda ýataýata, indem gugaryp galmaly öýüň içinde peýda bolan
ýaş nahaly görüp, ýeňsesini tüňňerdip gapydan çykyp
barýan urşuň yzyndan goşa ýumrugyny düwüp haýbat
24
atdy. Heşelle kakdy. «Hä-ä, utuldyňmy?! Basyldyňmy
menden, ganym mekgar?!» diýip gygyrdy. Onuň öýkeläp
çykyp gidenini Gulkişä buşlamak üçin hasanaklap baryp
daşky jaýyň gapysyndan boýnuny uzatdy. Ýüwürjisiniň
uklap ýatanyny görüp, ony turuzmaga dözmedi. Şondan
soň onuň süňňi ýeňledi. Göwni ynjaldy. Çep goluny
Hümmetjigiň kellesiniň aşagyna goýdy-da sag eliniň
barmaklaryny çaganyň ýüpek ýaly ygyp duran şar gara
saçlarynyň arasyna sokdy. Çaganyň hoşroý ysyna gark
bolup süýji uka gitdi.
Gulkişi ertesi ir oýandy. Turup içki jaýyň gapysyndan
boýnuny uzatsa, Hümmetjik atasynyň uzyn gijeläp uç
tapman çykan çolaşyk pikirleriniň çözügüdi ýaly bolup
Gültäç ejäni iki eli bilenem mäkäm gujaklap, bir enaýy
derläpjik ýatan eken. Gültäç eje bolsa uruş ýyllaryndan
bäri almadyk ukusyny hut şu gün almagy ýüregine
düwen dek, henizem agzyny açyp, çuňňur-çuňňur dem
alyp, ukynyň ýat bolan lezzetine melul bolup ýatyrdy.
Gulkişi şeýle uzak hem ezýetli azaplara döz gelip
şunça ýol geçen garyp ýeňňesine täzelikde bina edilen
üýtgeşik bir heýkele seredýän ýaly şo-ol seretdi oturdy.
Hümmetjigiň bolup ýatyşy bolsa garrynyň ömür boýy
edip gelen arassa yhlasynyň elinjek miwesi ýaly bolup
göründi.
25
Adamzadyň başyndan agyr külpetleri salan uruş
ýene-de ýeňildi.
AKAR ÇEŞME GURAMAZ
Oňa: «Şu toýda bagşam aýtdyryljak däl, dutaram
çalynjak däl, o zatlar galdy. Diňlenenok. Märekä indi
ine, şular ýöriýä — diýip, howlyň ortarasyndaky owadan
halylar, her dürli reňkdäki öçüp-ýanyp duran elektrik
çyralary bilen bezelen, nowasy açyk teležkanyň üstüne
bir zatlary ýükläp, düşürip, sim çekişip ýören ýaşýeleňleri görkezdiler. — Iki günläp göreniň-eşideniň
şularyň güpür-tapyry bolar. Başga zat görmersiň».
Olaryň aýdanlaryny tassyklamakçy bolýan ýaly edil
şol wagtam ýaňky teležkanyň üstünden aýylganç bir
güpürdi, haýsydyr bir gorkunç zadyň jynssyz sesine
meňzeş şaňňyldy eşidildi. Yzyndanam nämedir bir zat:
«Tak-tak-tak, pak-pak-pak» etdi. Sykylyk ýaly inçeden
uzyn sesem Tarlan aganyň o gulagyndan girdi-de,
beýnisindäki inçe damarlaryny şarpa-şarpa kesişdirip,
ýüzüniň ugruna bu gulagyndan çykyp gitdi. Inini
üýşendirdi. Yz ýanyndanam dünýäni ýaňlandyryp
barýan güňleç, batly ses eşidildi. «Bir, iki, üç! Üç, iki,
bir!» Ýaňky sanawaçlar birnäçe gezek gaýtalanandan
26
soň bolsa gulagyňy gapyp barýan göçgünli saz, hiç
milletiňkä-de degişli bolmadyk gemmik-sümmük
aýdymlar başlady. Golaý-goltumda durar ýaly bolmady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 02
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.