Latin

Ojaklar öçmesin - 04

Total number of words is 3717
Total number of unique words is 2222
30.1 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ine-de ol düşelgäniň pessejik haýatyndan ätledi. Iki ädim
beýleräkdäki gädikden giräýmeli welin, belki, gören
däldir-dä. Sünbül duranlaryň içinden doganjygyny
gözledi. Şyhmyrady. Dogrusy Şyhmyradyň özi möjek
ýaly bolup uýasynyň gapdalyndan çykaga-da: «Sünbül,
bu senmiň, gurgunmysyň, ýegenlerem gurgunmy,
76
özümem-ä barjak bolup durdum!» diýäýmeli welin,
görünäýenok-da zalym! Sünbüliň hyýalyny aňan ýaly
edil şol wagtam gapdaldan biri: «Sünbül!» diýip gygyrdy.
Sünbül maňlaýyndan şagga inen deri süpürmäge hem
rogwaty bolman beýlesine öwrülende gapanyň başynda
duran brigadiriň özüni çagyrýanyny gördi. Dodagyny
dişläp gyssagara aýagyna ildirip gaýdan köneje köwşüni
«şap-şap» etdirip brigadiriň ýanyna bardy. «Hany, meniň
doganym Şyhmyrat nirede?» diýen manyda, beýlekilere
bildirmän ellerini kelteden serdi. Brigadir ýuwaşja
hümürdedi: «Şyhmyrat dagy şu wagt Orazdurdynyň
pagtasyna aýlanyp ýörler. Öýlän şu ýere geljekler. Men
oňa hökman aýdaryn. Sen bar-da arkaýyn biş-düşüň
bilen boluber» diýdi. Sünbül haýatdan yzyna ätläp
barşyna: «Wah, zatlarym taýyn-la — diýip ysgynsyzja
seslendi. Geçibem yzyna gaňryldy. Üm bilen brigadiri
ýanyna çagyryp pyşyrdady. Aňyrky duranlara garap
ümzügini atdy. — Hemmesinem eltgin, hoşmy.
Ýoldaşlarynam alyp barsyn. Zadym kän. Iki gazan dagy
atardym. Palowam etjek». Ol: «Aşam kesip goýdum»
diýmäge çekinip yzyna öwrüldi. Gelendäkisi ýaly çalt,
ýöne öňkä görä rahat, durnukly ädimler bilen oba gitdi.
Indi onuň süňňi ýeňläp, göwrümi giňän ýaly, ýaňky
aljyraňňylyk el bilen aýrylan ýaly boldy. Agşama çenli ol
77
başga-da dürli-dümen naharlar bişirip, ýoldaşlary bilen
bile myhmançylyga geljek doganyna garaşdy. «Daýyň
gelende öňünden çykyp salamlaşgynyň!» diýip, uluja
ogly işden gelen badyna öwran-öwran el kesip sargady.
Halys degnasyna degensoň olam: «Tanamasam nämaý diýip zoňtaryldy durdy. Ýaga depjek ýaly kyn gördi.
«Yňdarmalygy dagy tüýs daýysy-da — diýip Sünbül
daýysyna meňzäni üçin ogluna guwandy. — Men özüm
görkezerin. Görseňem bilersiň-le. Aralarynda şondan
daýawy ýokduram».
Agşama çenli Sünbülleriň öýüniň töweregi toýhana
öwrüldi. Sünbüliň özi bolsa bir girdi, bir çykdy, bir
çykdy, bir girdi. Zol-zolam ýola seretdi: «Bulam
geläýmez indi şuňňaly ýerde» diýip, ýene-de adamsyny
ýatlap gyssandy.
Garaňky gatlyşmanka ilerki köprüden başlygyň
münýän maşynyna meňzeş, ýöne oňa görä täzeräk bir
maşyn geçdi-de, göni obanyň gyrasy bilen aýlanyp bärik
gaýtdy. Gelibem Sünbüllere sowuldy. Sünbül gyssagara
Aýsoltany ýatlady. Onuňam häzir şu ýerde bolmagyny,
Şyhmyradyň gelip maşyndan düşüşini, oturşyny
onuňam görmegini isledi. Oňa çenli maşynam gapa
gelip saklandy. Sünbül nätjegini bilmän iki ýana urundy.
Öýe girjeginem bilmedi, maşyna tarap ylgajagynam.
78
Elbetde, maşyna tarap ylgamaly. Ýeri, gapynyň agzynda
doganyň maşyndan düşjek bolup durka öýde nä körüň
bar diýsene. Ol adamlaryň arasynda pyrlanyp ýörşüne
ahyry togtady. Bir zatlar diýip pyşyrdady. Aljyrap
ogluna seretdi, emma oglundanam tamasy çykmady.
Dur tanamadyksyrap. Baryp «salawmaleýkim daýy»
diýäge-de alkymyna dolaýmaly welin, dur-da!
Maşyndan ilki bilen-ä brigadir, soňam Sünbüliň
dogany, söýegi, on bir ýyllap didaryna zar bolan
mähriban agasy Şyhmyrat düşdi. Şofýor düşmedi.
Aljyrap duran Sünbül birden-kä atylyp gitdi-de, baryp
doganjygynyň boýnuna zyňdy. Ýüzüniň ugruna-da
aglady. Köpçüligiň içinde beýdip görüşibilerin öýdüp
Sünbüliň hyýalynda-da ýokdy. Nädip görüşjekdigi,
özüni nähili alyp barjakdygy hakda öten agşam
uzynly gije ýatman pikir edende hem edil beýdäýerin
öýütmändi. Nätsin-dä, durup bilmedi-dä. Ol öz
göwnüne ogluny görüşdirjekdi, beýleki etjekdi, özi
ýöne Şyhmyradyň çignine kakyp oňaýjakdy. Emma
ol bolmady. Bolmajagy görnüp dur-a. Zyňdy honha
boýnuna. Durup bilmänem aglady. Yzyndanam güldi.
Diňe şondan soň Şyhmyrada: «Gir dogan, öýe bir gir
— diýip sojady. — Hany ýoldaşlaryňy getirmediňmi?
Getirmeli ekeniň-dä. Getirseň bolmyýamy? — Ol dag
79
ýaly bolup duran doganynyň daşyndan pyr-pyr aýlandy.
Obadaşlaryna-da: — Hany, giriň! Hemmäňizem giriň!
— diýdi. Ellerini serdi. — Ýa daşary gowy bormuka?»
Aýlanyp öwrülibem zol-zol Şyhmyradyň içerilerini,
çagalaryny soraşdyrdy. «Girsene öýe!» diýip gyssady.
Şyhmyrat howlukman obadaşlary bilen ýeke-ýeke
görüşip çykdy. Saglyk, amanlyk soraşdy. Iş hakda,
güzeran hakda ony muny soraşdyrdy. Sünbüliň «Gir
dogan öýe» diýip telim gezek gaýtalan zaryn sözüne
bir söz bilen: «Men häzir gitmeli. Sünbül sen gaty
görme jigim!» diýip ýuwaşja jogap berdi. «Gitmeli? O
nähili gitmeli? Nirä gitmeli? — Sünbüliň depesinden
ýekedaban bilen ýelmenen ýaly boldy. Ýüzem garaört boldy. Öňküdenem beter tolgunyp başlady. —
Nirä gitmeli?! Gitmeli? O nähili gitmeli? Nire gitmeli?
Gitmeli?» — Sünbüliň erbet aljyranyny görüp oňa halys
dözmedik brigadir Şyhmyradyň ýanyna baryp çekineçekine:
— Nahar iýip gidäýiň, görgüli ertirden bäri
hysyrdanyp ýör — diýdi.
Şyhmyrat daşarda ýazylan düşegiň ortarasynda duran
saçagy emaý bilen açdy-da, bir döwüm nany döwüp
agzyna saldy. Çalarak çeýnedi-de ýuwdup goýberdi.
80
Suwa salnan guş ýaly ganatlaryny sallap, süllerip duran
Sünbüliň ýanyna geldi-de öňküsindenem pessaý ses
bilen:
— Agşam onda raýona barmaly. Hökman baraýmaly.
Ýygnak boljak. Şu wagtam zordan sypyp gaýtdym.
Gitmänkäm gelip bilsem gelerin, sag oturyň» — diýdi.
Bir gitse onuň gaýdyp geljegine ynanmaýan ýaly
Sünbüliň dodaklary çalaja gymyldady. Näme diýenini
welin özem aňşyrmady. Soň gapdalynda duranlardan
sagadyň näçedigini sorady. «Sekiz» diýdiler. Sünbül
ýene-de doganyna tarap owsundy.
— Onda ona çenli oturaý. Dokuza çenli oturaý. Bir
otur-da naharyň duzuny dat. Onsoň gidiber.
Brigadirem näme bolsa şol bolsuna saldy-da, ýene
bir gezek töwella etdi.
— Bolmasa beýlekilerem alyp geläýsinler?!
Şyhmyrat şunça syr bildirmejek bolsa-da ynjany
ýüzünden bildirdi. Azajyk üýtgedi. Brigadiriň ýüzüne
gyýa-gyýa bakdy. Brigadir bir çete çekildi-de çommaldy
oturyberdi. Gaýdyp goşuljagam bolmady. Sünbüliň
gözgyny ýagdaýyny görmejek bolup aşak bakdy.
Şyhmyrat düşendäkisine görä birneme oňaýsyzlyk bilen
81
maşyna mündi. Kabinadan kellesini çykaryp Sünbüle
ýüzlendi.
— Näme kemiň bolsa habar edäýgin. Çekinme!
Sünbül ogurlykda tutulan dek kibtini gysyp durşuna
«Gara dogan sag bol» diýibem bilmedi. Ol bolsa muňa:
«Kem zadyň bolsa aýdaý» diýýär. Sünbüliň kem zady
barmy näme? Onuň bar kemi şol ýeke-täk, mähriban,
ýalňyz doganynyň yssy mähri. Ýekeje ýyly sözi.
Doganynyň ötende, geçende: «Otyrmyň uýam?!» diýip,
halyny sorap gelip öz gapysyndan garamagy, ýekeje
käse çaý içip, bir pursatjyk dyz epip gitmegi. Pylanynyň
tüweleme, ner ýaly dogany bar ekeni diýilmegi. Ine
onuň bar kemi. Başga kemçilik nämişlesin, onda! Maşyn
ugrandan soň obadaşlar ýüzlerini sallaşyp gitmek
bilen boldular. Emma brigadir olary goýbermedi.
Hiç kimde-de bir oturarlyk keýp galmadygam bolsa
bu kyn pursatda Sünbüliň daşyny çolartmazlyk üçin
göwünli-göwünsiz daşardaky sekiniň üstüne geçip
oturdylar. Iýdiler, içdiler. Kem-kemden hemmeleri
ýene-de öňküsi ýaly şatlyk gurşap aldy. Sünbüliň welin
synan göwni gamdan saplanyp bilmedi. Töwerekdäki
şagalaňa seretmezden onuň gussasy barha artdy. «Haý
seni gaty gynandyraýdym öýdýän» diýäge-de, Şyhmyrat
dolanyp geläýjek ýaly ýaňky maşynyň giden tarapyna
82
seretdi durdy. Gelmejegine gözi ýetensoň bolsa ýaňky
gelip giden epeý adamyň öz doganydygy üçin bu duran
halaýykdan utandy. Içinden öwran-öwran: «Gelmän
giden bolsa gowy bordy» — diýip hamsykdy. Muny
eşiden ýaly brigadir kynlyk bilen ýerinden galdyda: «Oňa-ha men günäkär Sünbül! — diýdi. — Halys
«Wagtym ýok» diýip duransoň, hiç bolman görüp bir
gaýt, ýaňy işdenem ýaraman gitdi diýäýdim-dä! Sünbül
ýaňky sözi içinden däl-de, daşyndan aýdandygyny indi
bilip galdy. Myhmanlaram şol, sözi gaýdýançalar telim
ýola gaýtaladylar. Iň soňunda-da «Adamçylykdyr, agaç
ata mündürilip, gelmez ýola gönderilen güni «Wa-aý,
ýeke dogan!» diýip ýaka ýyrtyp aglar ýaly bir ejiz naçar
Şyhmyradyň özünedem-ä gerekdir. Şol kemini onuň özi
duýanokmyka?» diýişdiler. Sünbül myhmanlar gidensoň
tama ýapyşyp zordan öýe girdi. Düşegem oklamadyda, ortarada bili döwülen mar ýaly güýlündy ýatyberdi.
Özem Şyhmyradyň gelip gidenini ne Aýsoltanyň, ne-de
Aýnagözeliň hiç haýsynyňam eşitmezligini, bilmezligini
isledi. Nämüçindir onuň häzir baraga-da Aýsoltan bilen
bile gujaklaşyp, söýenişip aglasy geldi. Oba arasynda öz
doganynyň gürrüňini edilerinden çekindi. Dag ýaly
doganyň arkasyndan gaýgysyz ýaýran gerdenler indi
hepbik ýaly gysyldy. Ol şu güne çenli diňe erkek doganlar
83
namysa galýandyr öýderdi. Ýöne şu gün welin ol, erkek
doganyňam uýasyna namys getirip biljekdigine ymykly
gez ýetirdi. Şu günden şu ýana Şyhmyrat hakynda
ediljek garamtyl gürrüňler ýadyna düşüp hasam hapa
boldy. Urşa gidip gelmedik kakasyny, mundan öň bir
ýyl öň ýogalan ejesini ýatlady. Başyny büräp aglady.
Gaty kän aglady. Uzakly gün mähriban doganynyň
ýoluna bakyp ýadan gözler, indi aglamakdan ýaňa çişdi
gitdi. Gijäniň bir wagtlary süýrenip ýerinden galdy-da
beýleki otagyň gapysyndan seretdi. Setirlenişip ýatan
çagalaryny, ýolbars kimin arlap ýatan adamsyny görüp
göwrümi giňedi. Adamsynyň başujunda oturyp oňa
uzak wagtlap seretdi. Seretdi seretdi-de, çyg çaýylan
gözlerini sylyp, ýerinden turdy. Öýi dolduryp ýatan
hossarlaryna ýene bir gezek gözüni gezdirdi-de usullyk
bilen daş çykdy. Gara mahmal dek ýumşak, arassa
asmana bakdy. Balkyldaşyp duran päkize ýyldyzlara,
durmuş ýoly deý öwrüm ýasap gözýetimde ýitip gidýän
akmaýanyň ak ýoluna gözi düşende bolsa kalby hasam
giňedi. Onda-munda ir ören horazlaryň sesleri eşidildi.
«Indi bir wagtky horazlaram galmandyr — diýip, ýadaw
halyna ýok zatlaryň pikirini etdi. — Öňler kepbe ýaly
daýaw, gyzyl horazlar bordy obaň içinde ýaýkanyşyp
ýören. Indi ýok şolar. Gutarypdyr. Iňkibatyr diýip
84
bir bela çykdy. Agy-garany saýgardanok. Biri-birini
çokalaşyp ýörler». Ol (üstüne sürnüp gelýän bolgusyz
pikirlerden gaçyp ýaňadandan öýe girende, adamsynyň
aýak uçda çilim çekip oturanyny görüp begendi. Ony
görenden ýüreginiň gyrasyndaky kebir baglap duran
şor gamlar eräp aýryldy. Sünbül ýeňillik bilen gondyda ärinden: «Çaý içjekmi?» diýip sorady. Jogabada
garaşman peje ot saldy. Kitiri atardy. Gübürdäp duran
pejiň gapagyndan düşýän gyzgylt şöhle onuň güne
ýanan, horaşaja ýüzüni hasam hor, ejirli görkezdi.
Ol özüniň söýenere, daýanara, gyssanan wagty gamgussasyny deň paýlaşara ýeke-täk hossarynyň ine,
şu — gije gündiz zähmet çekip, der döküp, hojalyk
üçin hars urup ýören dymma pyýadadygyny şunça
ýaşaşybam ýaňy bilen dek oňa ogryn-ogryn seretdi.
Alagaraňkylykdan, äriniň äwmezekliginden peýdalanyp
hasam uzak seretdi. Birdenem ýüreginiň töweregi süýjäp
gitdi. Ol adamsynyň Şyhmyrat hakynda hiç bir zat
soramazlygyny isledi. O-da sorabam durmady. Çilimini
çekip bolansoň birmeýdan gark urup üsgürdi-de gara
ýagly penjegini ýelbegeý atynyp daş çykdy. Hasanaklap
gelen goňur gaýyňa ýuwaşja: «Ýit, ýok bol!» diýdi-de,
beýleräkde basylgy duran ullakan kädiniň aňyrsyna
geçip duwlandy. Kowulanyny ýüzüne almadyk item
85
seňkildäp şo tarapa gitdi.
Ýekebara gygyryşýan horazlaryň sanynyň köpelmegi
bilen, traktorlaryň tarryldysy, maşynlaryň güwwüldisi
hem köpelip başlady. Ene süýdi dek arassa ak säher al
şapaga ornuny berip ýetişmänkä bolsa obanyň içi eýýäm
durşuna ibirt-de-zibirtlige öwrüldi. Iş güni başlandy.
1983 ý.
GÜMAN
Özüniň belent ruhuny, alçaklygyny, tüýs bir
märekesöýen, şahandaz, şoh ýigitlere mahsus bolan
bälçikligini zabun urşa-da, şol urşuň öz başyndan
inderen batyllyk belasyna-da, gojalygyň ýeri gyratlap
gelen çalymtyl, çyg dumanyna-da basmarlatmadyk
Döwletýar pälwan şol günem edil hemişekileri ýaly
gapysynyň agzyndaky goja talyň astynda, ýumşak
düşegiň üstünde aýbogdaşyny gurup oturan ýerinden:
«Kimsiň haw, sen?! Pylany?! Bi senmidiň asyl?! Näme,
tanytman geçäýerin öýtdüňmi? Gel-ä bir takyrdaşal-a,
çaýlaşal-a!..» diýip uly ýoldan ötene-geçene lak atyp, uly
dünýäň şagalaňyna, şowhunyna goşulyp, küren obaň
içini ala-ýaz edip otyrdy.
Birdenem onuň gaşynda edil ýerden çykan ýaly
86
bolup, oba arasynda juda seýrek görünýän, baryp-ha
uruş döwürlerinden bäri dagda, düzde mal yzynda onymuny edip ýören, goýun ogurlapmy, ýüň, ogurlapmy
garaz dürli sebäplere görä telim gezek türmä düşüp
ömrüni öýsüz-öwzarsyz ötüren, gözüniň şullulygy
zerarly urşa-da gitmedik Mämmet gyşyk peýda boldy.
Ol düýeguş ýüklenen düýe ýaly «ýelk-ýelk» edip her
ýerden bir basmarlap geldi-de, hersi bir tarapa bakyp
duran dym-ak gözlerini Döwletýar pälwana dikmek
üçin ýüzüni düýbünden ters tarapa öwürdi. Ellerini
arkasyna tutup aýaklaryny abşartdy. Niýetini ozalbaşdan
bir ýaman zada dikip gelen ýaramaz adamyň ýakymsyz,
goňras owazy bilen burnuna salyp ondan, mundan,
aýlap, öwrüp birhili-birhili düşnüksiz gürrüňler etdietdi-de, ahyram teýeneli gürrüňleriniň soňuny öz
ýüküniňem ýetikdigine garamazdan, uruş turaly bäri
Döwletýar pälwanyň ody bilen girip, küli bilen çykyp,
gumdan odun getirmelem bolsa, haraza bugdaý
äkidip un getirmelem bolsa, ýekeje toklusyny gyrkyp,
penjiresine aýna salyp bermelem, bolsa henize bu güne
çenli el kömeginem, dil kömeginem, gaýgyrman gelen
dosty, köne traktorçy Badam garaýaglyny Döwletýar
pälwanyň ýanýoldaşy, — Şemşat ejä ýöňkäýjek bolýan
äheňde tamamlady. Açyk pyşgyrmasa-da, ýaňzytdy.
87
Gojanyň gözsüzliginden peýdalanyp hatda: «Siňe
seretseň çagalaryňam saňa däl-de, Badama çalym edip
durandyr» diýjek ýalam etdi. Şemşat bilen Badamyň
uruş ýyllary bileleşip traktor sürüşlerini, orak diýip,
gazy diýip ençeme gezekler ýatymlyga gidişlerini,
Badam görgüliniň Şemşady aýap, elmydama gazyda iki
çäk, orakda iki paý alyp ýörmeli bolandygyny birhili
gyjalat berýän äheňde öwran-öwran gaýtalady, «Wah
howwa-da, sen-ä bir gözsüz-ýüzsüz adam. Nätjek...
Oturan ýeriňde nämäni bilýäň... Uruş gursun... Şol
dämi seni şu günlere salan...» diýip, dili bilen Döwletýar
pälwanyň inçe damarlaryny owkalady.
Kyrk ýyl bäri ýer sermäp oturandygyna garamazdan
kemim bardyr öýtmän, özündenem, dünýedenem göwni
hoş, ile-güne: «Hä, şüý-ä bir tüýs, ýalançyň ýazy-ow»
diýdirip oturan Döwletýar pälwan Mämmet gyşygyň
ýaňky sözlerine ilk-ä bir aňk-taňk bolup ep-esli oturdy.
Başardygyndan sowukganlylyga salyp Gyşygyň gyşyk
gürrüňleriniň manysyny tirdi. Ömrylla öz gapysyndan
garamaýan halyna bu gün onuň ýöriteläp gelşiniň, çaýsuwam içmän, oňly salam-heligem alyşman, dik duran
ýerinden urup duran patarrakylarynyň düýp manysy
beýnisine baryp ýetendenem garrandygyna garamazdan
özüniň juwanlygyny ýitirmedik ýigitlik namysy
88
kalbynda joş urdy-da, hununa bäs gelibilmän «haşhaş» edip töweregini sermenmäge başlady. Gojanyň
gozganjyrap ugranyny görenden Mämmet gyşygam:
«Bor onda pälwan, men-ä gitdim. Daga barýan. Işim
çykdy-da gaýdyberdim. Oba arasyna gelibem bilemizok
biz-ä. Ýogsam seň ýanyňa gelip bir şular ýaly takyrdaşyp
geçäýmek hyýalym-a şo-ol, pront ýyllaryndan bäri
bardy. Be-e, wagtam tiz geçýär-ow. Düýn ýaljakdy şo
zatlar dagy... Tüweleme ind-ä, oglanlaram ýetişipdir.
Olaram indi aga-gara düşerçe bolandyrlar» diýdi-de,
ýüzüni gyşardyp gelendäkisindenem beter ýelkildäp
zut gitdi.
Ömürboýy namysyny depesine täç edip gelen gojanyň
gany bir demde depesine urdy. Ol dazanaklap galdyda: «Häk, seniň bir... gyşyk doňuz diýsänim!» diýip
elindäki taýagyny aýak sesiniň daşlaşýan tarapyna aýlap
saldy. Ala-şakyrdy bolup honda düşen taýagyň nyşana
degmänini duýansoň bolsa gözdaňdy oýnaýan çaga ýaly
iki elinem serip, duran ýerinde telim gezek pyrlandy.
«Sapby-y!» — diýip, aňyrrakda oýnap ýören agtygyny
ýanyna çagyrdy. Gyssady. — Bar oglum meň taýagymy
tap-da meni bir ýaňky Mämmet gyşygyň yzyndan ýetir.
Özüňem gaty bejit bol! Bol çalt! Ylga özüňem. — Taýagyň
ol ujundan tutup düwdenekläp barýan agtygynyň yzy
89
bilen ylgaşlap, boş eli bilen honany sermeläp barýan
gojanyň ýüregi agzyndan çykaýarly, gursagy ýarylaýarly
göründi. — Sen öňem haramzadadyň Mämmet! Seň
häzirem şol haramzadalygyň! Şu haramzadalygyň
bilenem ötersiň. Ötseň ötüpler geç! Ýöne meň halal
ojagyma haram sürtjek bolmaň näme. Gyrman meň
iki gözümi alanam bolsa namysymy, arymy alan däldir.
Şu iki didämem namys üçin, ar üçin, ilim-günüm üçin
döwüşip giderendirin men. Seňki ýaly gözüme ogurlyk
arpaň gylçygy girip kör bolan däldirin. Döwletýar hälem
sen ýalyň ýüzüsine degýändir. Bir elim ilse bolany.
Sypdyrman. Ediljek bar-a, şu bar-a, ed-dil hamyňy
boýnuňa ýygyraýaryn men seň. Düşdüňmi? Özüňem
dur! Gaçma! Gaçma diýýän men saňa! Sapby jan, bir
şoňa bildirtmänjik eltsene oglum meni... özüňem bar-a,
şu çep tarapyndan elt. Hoşmy? Men oglankamam
çepden zyňýadym...» Atasynyň Mämmet gyşyga näme
üçin sögünip gelýäninden bihabar çaga şol wagt: «Ata,
Mämmet aga kanturyň işiginde duran ýük maşynyna
mündi. Maşynam ugrady. Özem ho-ol, daga gatnaýan
Sähetdurdyň maşyny» diýdi. Döwletýar aga: «Dur diý,
oglum olara! Duruň diý. Saklanyň diý! Tahýaňy bula!
— Goja gyssanjyna ömür etmeýän işini edip orta ýolda
telpegini çykaryp bulaýlamaga başlady. — Duruň ha90
aw! Gitmäň ha-aw! Ah-o-ow, adamlar! Haý, Sähetdurdy
ha-aw! Maşynyňy sakla, iki agyz gürrüň bar, onsoň
gidiber ha-aw!..» Sapbynyň: «Ata, sen telpegiňi başga
ýana bulap dursuň» diýenini eşidip goja hasam hapa
boldy. «Häk, alahöwren duýdurman çakdy-ow, armanly
etdi-ow!» diýip yzly-yzyna ýuwdundy. Bir göwni-hä:
«Häzir göni kontora bar-da, başlyga aýdyp Mämmet
gyşygy yzyna dola, edil ýazzy maňlaýyňda oturdybam:
«Hany, niýeti ýoldaşy bolan betpäl deýýus, sen ýaňy
näme diýjek bolduň? Aýt hany! Hany, açygrak pyşgyr!
Meň namysym haýsy çöpüň düýbünde galypdyr?»
diýip, sorag et. Çyn bolsa-ha bar-da ýüzüne kesindi
gaçmyş heleýiňi öldür, ýalanam bolsa Gyşygyň özüni
öldür» diýdi. Ýene bir göwnem: «Howlukma, otur-da
oýlan. Saldarla. Ölçer. Dök. Sen näme Mämmet gyşygy
tanaman durmuň? Gyssanma» diýdi. Namysdan ýaňa
ölüp barýan goja iki kentlewügini biri-birine gysa-gysa
eňegini burnuna ýetirdi. Agtygynyň: «Ata, ol adam saňa
näme diýdi-aý? Nämüçin gaharyň geldi-aý?» diýýän
üznüksiz soraglarynyň birinem aňşyrman: «Hany öýe
bir elt oglum meni. Bolmasa erte birigün ýene-de daga
maşyn gider. Şoň bilen men özümjik gidibirin. Änigine,
şänigine gaty basym ýeterin men bu zatlaryň. Ahyr
ýaşymda adama arzam etmen. Döwletýar hemişe-de
91
öz namysyny özi gorap gelen oguldyr. Men oň bilen
hut özüm hasaplaşaryn. — Pylany eý diýdi, pylany beý
diýdi — diýip iliň öňünde maşgalamyň abraýynam
dökmen. Bir gürrüň ýaýrasa onsoň iliň oň çyndygy
bilenem, ýalandygy bilenem, işi bolmaz. Ýalanam bolsa
çyn bor gidibir. Öňürti özüm bir anygyna ýeteýin entek.
Bu zatlar oýun eder ýaly zatlar däldir...» diýip, ýaraly
ýolbars ýaly ýol boýy yňrandy. Öýe gelibem yňrandy.
Içeri girse daş çykasy, daş çyksa içeri giresi geldi. Giň
dünýe gözüne zyndan göründi. Ýene beýnisini iýip
ýüregini sogrup barýan bu agyr ahwalaty adam ogluna
aýdybam bilmedi. Gaýtam: «Hiç kim aňmadyk bolsa
ýagşydyr» diýip öz ýanyndan onam gaýgy etdi. «Şu
günki galmagaly bir adama-da aýdaýmagyn» diýip,
agtygyna-da sargady. Hut ertiriň özünde daga gidýän
maşynlaryn biri bilen Mämmet gyşygyň yzyndan
gitmegi, onuň bilen ikiçäk oturakgetdänim meseläni
çürt-kesik edişmegi ýüregine düwdi. «Men seni ýeriň
deşiginde bolsaňam taparyn. Seň munyňdan ganyň ysy
gelýär, Gyşyk! — Bir ýerde oturara karary ýetmän, öýüň
içinde iki baka hasanaklap ýörşüne ol öýüň içini alatozan etdi. Ömür daga gitmeýän halyna: — Daga maşyn
gitse maňa hökman duýduryň. Meň daglyk işim bar.
Men daga gitmeli. Men daga gitjek. Hökman gidäýmeli
92
men...» diýip, ähli ogullaryna, hatda gelinlerine çenli
sargap çykdy. Ýöne sebäbini aýtmady. Tulum ýaly çişip
oturşyna: «Işiňiz bolmasyn. Näme gitmelem dälmi?»
diýip, zat ýok ýerden gaýtam olara-da gatyrgandy.
Gyzgyny gaýdyşyp, süňňi sowadygy saýam Mämmet
gyşygyň ýaňky sözleri bir süri garasar ýaly beýni
çanagynyň içinde çar tarapa terslin-oňlyn çapyşyp,
güsürdeşip, gyşyk-gyşyk öwrümler edip başga bir
taraplardan, Döwletýar pälwanyň ýadyna, oýuna
düşmejek taraplaryndan gelmäge başlady. «Birden şol
doňuzyň aýdanlary ugrunda bar bolaýmasyn? Men
ýene-de ömür boýy gapa çykyp, adama gezek bermän
sakyrdap oturşyma uly ile ýeňsämden güldürip gelen
bolaýmaýyn! Bu doňuz samsyklyga salyp dogrusyny
aýdan bolaýmasyn ýene?! Ol her näçe ýaman adam
bolanda-da, hiç zat ýok ýerden gelekgetdänim edil
beýdiberer ýaly oňa meň eden ýamanlygym ýog-a!
Duşmançylygymam ýok. Men ýene-de birden
hakykatdanam şermysar halyma şermendelik edip
oturan bolaýmaýyn! Hä?!. Hi-i- iýh!..» Şol wagtam
onuň ýadyna birden-kä özüni ömür boýy heläk edip
gelen aýylganç bir düýşi düşdi. Telim gezek gaýtalanyp
bizar peteňini çykaran şol düýşde ol hernä mähelleden
ýaňa hyň berip duran köçäniň ortarasy bilen çüw93
ýalaňaçlygyna gidip barýan bolup görnerdi. Utanjyndan
ýaňa ýere giribilmän, aljyrap, elleri bilen kä öňüni, kä
yzyny ýapyp görene göz bolup duran Döwletýar pälwan
şonda oýanansoňam telim wagtlap özüne gelibilmän
kösener ýörerdi. Şol masgaraçylykly suratyň düýşi bolup
çykandygyna doly gözi ýetenden soň bolsa begenjinden
ýaňa nätjegini bilmän: «Eý Alla! O dünýe, bu dünýe
şolar ýaly biabraýçylygy huşumda bir görkezme!
Amanadymy al welin abraýdan aýyrma!» diýip, yzyny
üzmän dileg ederdi. Ine, göwnüne ol häzirem edil şol
gorkunç düýşüniň içi bilen gidip barýan ýaly gorkunjyna
hasyr-husur elini uzadyp syrtyny barlady. Birdenem
goşa ýumrugy bilen gütüledip maňlaýyna ýelmedi. «Eý,
pena-a! Ýa, pena-a! Aňdyran ekeniň-ow asyl! Syzdyran
ekeniň-ow! Bu kör gözler bir zatlar aňan eken-ow!
Özüm syzmasamam süňňüm syzan eken-ow!».
Bili berk, bilegi ýogyn ençeme pälwanlaryň
ýagyrnysny emgenmän ýere degiren, tutuş üç ýyllap
gyzyl oduň içinde gaşyny çytman ganym okunyň
garşysyna döş gerip söweşen Döwletýar pälwan
ýaňky Mämmet gyşygyň agzyndan atylyp çykan
sowuk gülleleriň badyna tap getirip bilmän, tärimsiz
tüýnük ýaly ýegşerdi ýatyberdi. Şol sansyz gülleleriň
hemmejesem gelip gojanyň göni ýüreginden girdi.
94
Buzdanam sowuk ekendiklerine garamazdan içine
girensoň gyzdy. Gysdy. Gowurdy. Bagryny paralap
öýkenini eleme deşik etdi. Gyzyl ödegini ýardy.
Bokurdagynyň içi bilen ýokarlygyna tarap süýşdi-de,
baryp beýniniň içini ala-burugsy etdi.
Hemişeler: «Heý, takyrdaşara adam geçmezmikä?»
diýip günuzyn ýola garap oturan goja şondan soň
dolanyp öýden çykmady. Oňa-muňa görünmäge-de
çekindi. Bir burça gysylyp, içini hümledip oturşyna
özüniň bütin ömrüni täzeden ölçerdi, dökdi. Eledi.
Sowurdy. Öwdäp-öwdäp ýene-de sowurdy. Emma
çäjini, harpygyny saýlap bilmedi. Bulaşdyrdy. Özem
bulaşdy. Ähli zat garym-gatym, bulam-bujar boldy.
Sähelçe göwnüne gara getirip biläýjek zady hem
ýatladygy, ölçerdigi saýy ol gara kem-kemden ulalyp
çyn melamata öwrülmäge, ýüregini myjap, içegeleriniň
iç ýüzüni peki bilen dilmäge başlady. Mämmet gyşygyň
eşekligini edäge-de: «Aý, men-ä saňa olar ýaly zat
aýdamogam, diýemogam, seň özüň ömürboýy içiňde
gara saklap gelensiň-de indem garrylyk basmarlap «waswas» bolansyň. Howwa-da, kör halky müňkür bolýa-da.
Adamlar, görüň how munuň diýýän zatlaryny!» diýip,
özüni öňküdenem beter kyn ýagdaýa salaryndan, iliň
öňünde-de ryswa ederinden çekinip, assa ýuwaş daga
95
gitmesinem goýbolsun etdi.
Ol urşa ugrajak güni ir wagtlardan bäri duz-emek
bolşup, dogan ýaly gowy görşüp ýören dosty Badamyň
ýanyna barşyna çenli, (Badam bron boýunça frontdan
galdyryldy.) «Bilip bolmaz, Badam, adamçylykdyr.
Gelsem-ä — gelinçäm, gelmesemem tä özüň ölinçäň
şujagaz iki çaga bilen (Şol wagtlar Döwletýar pälwanyň
Gurbanmuhammet ogly bilen Dünýägözel gyzy ýaňyja
çapyşyp ýördüler.) ýeke naçary gözden salma. Şemşat
ikimizde-de senden başga goldaşara hossar ýokdur»
diýşine çenli ýatlady. Badam şonda içinden jany çykýança
Döwletýaryň çagalaryny hor-zar etmejekdigine söz
berdi. Beren sözünde-de tapyldy. Döwletýar uruşdakada, uruşdan şeýle bolup gelensoňam Badam bu hojalygy
gözden salmady. Ullakan bir batmanlap dökere artyksüýşük zady bolmasa-da, garaz dostuna agyr arabanyň
bir taýyny çekişdi. El kömegini berip bilmedik wagtlary
dil kömegini berdi. «Düýn-öňňinem dünýäni dolduryp
ýören adama içini hümledip ýer sermäp oturmak kyn
bor» diýip, uzak gyş gijeleri gelip gümürdeşip gitdi.
Göwünlik berdi. «Ine, hä diýmän çagajyklaryň ýetişer,
bu günlerem geçer» diýdi. Döwletýar pälwanyň dört
ogluny öýerişip, iki gyzyny durmuşa çykaryşdy. Toý tutsa
kethudasy, maslahat etse geňeşdary boldy. Döwletýaryň
96
çagalaram, Şemşadam ony edil doganlary, atalary ýaly
sandylar. Badam her gezek öýlerine gelende çagalary:
«Badam kakam gelýär!» diýişip ylgap öňünden çyksalar,
Şemşat: «Gel, dogan, töre geç!» diýip, oňa adamsynyň
oturan ornundan ýer görkezdi. Her agzynyň birindede: «Tüweleme Badamyň ömri uzak bolsun. Içdedaşda gözden salanok. Edil erkek dogan ýaly haçan
görseň gapdalyňda direnip dur» diýip, dostundan ýaňa
Döwletýar pälwanyň göwnüni bitin etdi. Döwletýaram
dogan bermedik Hudaýyň özüne şeýle mähriban dosty
berendigi üçin ondan ömürboýy minnetdar bolup
geldi. Çagalaryna-da: «Özüňizem ýatdan çykarmaň,
ýedi puştuňyza-da sargaň. Heran-haçan kimde-kim:
«Men Badam garaýaglynyň tohumydyryn diýse, özem
sähelçe kömege mätäç bolsa, şoňa agzyňyzdakyny
çykaryp iýdiriň, egniňizdäkini sypyryp geýdiriň» diýip
otursa, tursa sargyt etdi.
Ine, bu günem dosty bilen şeýle gyzygyp gatnaşyp
ýören çyn dostuň göwnünde dostuna güman döredi.
Ukusyz, tükeniksiz gijeler başlandy. Pikir basdy.
Gaýgy artdy. Ahyram bir gije Döwletýar pälwan garry
göwrä gelişmeýän ýeňillik bilen böküp ýerinden turdyda, şapladyp buduna urdy. «Çyn şol! Dogry şol Gyşygyň
aýdanlary. Badam bilen Şemşat ikisiniň bileleşip traktor
97
sürenlerem, gaza gatnanlaram, orak oranlaram çyn.
Telimler gezek ýatymlyga gidenlerem çyn, «iş gyssag,
pylan wagta çenli ýetişmeli» diýşen bolşup. Uruş döwri
bolansoň göwnüňe zat getirilýämi, ynanylaýýa-da...
Onsoňam dostsyran bolup ýörensoň... — Ol ýüregi
ýarylan ýaly bolup daş çykdy. Öýüň daşyndan bir
durman on bir gezek aýlandy-da, gelip ýene-de öňki
ýerinde çök düşdi — Eý, Huda-aý! Ýa synasy sagdyn
gelniň batyl är bagryny ýakaýdymyka? Şu zatlar
çynmyka ýa meni şeýtan oýnajak bolýamyka? Özüň
aýt! Hiý, meniň çagalarymyň içinde Badam garaýagla
meňzeýäni barmy? Hä?! Eýläme, beýläme geçip, al bilen
başymdan tylla täjimi alany çynmy şoň? Iliň öňünde
ryswa bolanym, syrtymyň açylany çynmy? Hä? Aýt!
Aýt, namart bolma. Namysdan çykybilmän ölsem itiň
ogly boldugym. Körlügem bahana etmen, garrylygam.
Men pederine ysnat getirjek oglan däldirin...»
Daňyny zordan atyran goja ertesi ir bilen öýünden
dazlap daş çykdy. Bir ýerlerden Sapbyny tapyp geldi-de,
ony ýanynda oturtdy. «Juk men ýaňyja şekelat iýdim»
diýip, gaýra gaýyşmagyna garaman jübüsinden bir
düwür gant çykaryp berdi. «Men senden bir zat sorajak
welin, hiç kime aýdaýmagyn. Hoşmy? — diýip, nursuz
gözlerini dik depesine dikip oturyşyna bikararlyk
98
bilen oýkanjyrady. Gulaklaryny gapa dikip böwrüni
diňledi. — Oglum, kakaň bilen Dünýägözel ejeň-ä
maňa meňzeş. Şeýle dälmi? On-a meň özümem bilýän.
Ýöne ine, Parahat kakaň bar, Rahat kakaň bar, Almaz
kakaň, Gyrmyzy ejeň bar, ana, şolar kime meňzeýä?
Maňamy ýa eneňe? Gözlerim görmänsoň göwnüm
görklerini höwes edýä, guzym! Şoň üçin soraýan men».
Döwletýar pälwan öz bagryndan önüp, öz goltugynyň
aşagynda kemala gelen çagalarynyň ýüz-keşplerini,
oturyş-turuşlaryny, edim-gylymlaryny alys ýerlerde
gezip ýören gaýybana birini soraýan ýaly hetjikläp,
hetjikläp sorady. Özem Sapbynyň: «Pylan kakam-a hool öýmüze gelýän Badam aga bar-a ana şoňa meňzeýä.
Illerem aýdýa. Ýöne «ataňa aýdaýma» diýýärler. Höwün
pylan agaň agtygam aýtdy» diýäýerinden gorkup
gara jany galmady. Deminem alman, ýaýyň kirşi ýaly
dartylyp oturşyna bilini üzülere getirdi. Ýöne bolsa-da
Sapby olar ýaly gürrüňleriň gyrasyndanam barmady.
Gaýtam: «At ýüz diýýäniň näm-aý, ata? Bugdaý reňk
diýýäniň nähili zat bolýa? Irimçik diýip hol, Mämmet
aga ýaly çagşanaklap ýörene aýdylýa dämi?» diýip,
ýok gürrüňleriň başyny agyrtdy. Döwletýar pälwan:
«Aý, bu bir mana düşmez çaga-da, nämäni bilýä bi...»
diýip, agşama çenli zordan çydap oturdy-da, il ýatyp
99
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 05
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.