Latin

Ojaklar öçmesin - 13

Total number of words is 3648
Total number of unique words is 2187
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Birentegi «Duruň-eý, duruň! Gulak asyň entek!» diýip,
özüniň diňlenmegini haýyş edýär. «Bizi-hä adamam
hasap edenoklar» diýip öýkeläp turup barýanam bar.
«Şunam diňläň how!» diýip Kakajan oturanlardan
haýyş etdi-de, ýaňky öýkeläp barýany saklap ýerine
geçirdi. «Dogry-da walla! Padar geplände men
geplemeli dälmi?» diýip, olam ýeň berer ýaly däl. «Men
dagy bir wagt modadan galdym-ow!» diýip başda köp
gepläp oturan burunlak «jykyr-jykyr» güldi. Oň özüniň
welin şol bir bolşy. Beýlekiler onuň deňinden bir
wagtlar ýetip geçdiler. Hälki tämiz ýakalaryň aşagynda
doňup duran galstuklaryň rejesi gitdi. Ezenekler
agdy. Agyzlaryň parawuzy söküldi. Biri tost aýdanda:
«Asmanymyz arassa bolsun, uruş bolmasyn!» diýdi.
«Şo bir bolmasyn how» diýişdiler. Şondan soň bir
meýdan halkara temasyndan jedel etdiler. Biri jedelde
basylyp aglady. «Ispisalnyý meni kemsitmek üçin
baryňyz bir bolýaňyz» diýdi. Köşeşdiler. Aglamasyny
302
goýsa-da goýdy welin, hernä ara wagt düşende:
«Ispisalnyý, ispisalnyý...» diýip gaýtalady oturdy.
Gyşarylyp ýatan galstugynam aldy-da düýrläp jübüsine
dykdy. «Şemallasa gowy bor» diýip daşary çykardylar
welin öňküdenem beter boldy. Kakajanyň goňşusynyň
mellegindäki gülli körpä gözi düşdi-de: «Men şuny
orjak» diýip özeleniberdi. Kakajany çagyrdylar. Olam
ör-gökden geldi. «Şu goňşym bilen ozalam ugrum
ýok, seňki näme-aý!» diýip gatyrgandy. «Ol obadan
bul oba gelibem bir atyz ýorunja ormanmy?» Munuň
çynydygyny bilensoň Kakajan gidip goňşusyndan
rugsat alyp geldi. Köpçüligiň içinde syr bilidräýmäýin
diýendir-dä, Kakajan baryp: «Bir del myhman bar
welin şo seniň ýorunjaňdan bir gysym orsun-la, höwes
edýä» diýse, goňşusy bende: «Oraýsyn!» diýipdir. Ine
onsoň ýaňkyň eline orak berdiler. Şunça goh turuzyp
oran zadam bolmady. Hindi towugy ýaly her ýerden bir
ülňäp barşyna derrew aňyrsyna çykdy. «Şow-şap, şowşap» diýip, bäriligine-de bir gaýtdy. Şoň bilenem orak
gutardy. Öýe girdiler. Öýdäkiler şeýle bir gaty gygyryp
gürleşýärdiler welin, sag bolsaň ýanlarynda bir pursat
durmak mümkin däl. Kakajanam: «Baý, oturlyşyg-a
gyzyşdy-ow!» diýip, öz hyzmatyndan özi hoşal, ýyrşaryp
otyr. Ol öý eýesi bolansoň kän içenok. «Sen bir saklanjak
303
bolaweri» diýip, gapdalynadakam ony zol dürtgüläp
otyr. Ortadaky naharlary wagtlaýynça aýryp, birmeýdan
çilim çekmeklik teklip edildi. Muny «kelte töwir» diýip
atlandyrdylar. Şondan soň orta giňedi-de, üç-dört
sanysy kart oýnap başlady. «Goýuň, how şo kartyňyzy!»
— diýip, indi birneme araga özüni basmarladan, hälki
burunlak haýal-ýagalraga-da, haýbat atdy. — «Kart
oýnamaga geldiňizmi bu ýere?!» Türkmeniň atababasyndan galan senedi şundan soň ýatlaryna düşdi.
Ýerli-ýerden: «Dutar ýokmy-aý?» diýişdiler. Kakajanam:
«Men-ä tapmadym — diýdi. — Nepes çüýrügiň
oglunda bar welin, olam bermez. Özüni çagyran
bolsag-a...» «Aý, bolýalaý, özi geljek bolsa dutaram
gerekgä». «Beh, indi obada dutar tapmagam kyn-aý —
diýip hälki burny paşşyk «myşlady». — Şondan dagy
her öýde biri durmaly dämi?» Beýlekilerem: «Hökman
edinmeli birini — diýişip başlaryny ýaýkaşdylar.
— Goý, asylgy dursun törüňde. Çalsaň, çalmasaň
dursun. Gelen bor, giden bor, ýa şuňňaly oturşyk bor».
«Küldanam edinmeli — diýip, ertirden bäri gürrüňe
goşulmaga gorkýan ýaly ýaýdanyp oturan biri ýüzüni
ak-tam edip söze goşuldy. — Çilim çekmiýänem bolsaň
edinmeli. Gelen bor, giden bor, ýa şuňňaly oturşyk
bor». «Bu gürrüň nireden çykdy-aý?» diýýän terzde
304
biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Soňam gürrüň
düýpden başga ýana sowulyp gitdi. Arak alyp gaçmaga
başlady. Gepde, gürrüňde ugur-utga galmady. «Goýuň
diýdim how şo kartyňyzy! — diýip, ýaňky aýdan ýenede: «tu-uz, wale-e-e-et» diýşip, galgap oturanlaryň
üstüne heňkirdi. — Kakajan, seretsene bulara, ýöne
kart oýnaşan bolup otyrlar». Kakajanam bilmedim
nirede uranyny eýýäm iki-üç gezek ýelmäpdir. Ozalam
bir çalajan, hor işigaýdan, içgem gowy degipdir: «Ýeke
zürýadymyň toýunda kart oýnamalymy siz?!» diýip buda aglap otyr. Şondan soň karty goýdular. Kakajanam
bir daş çykyp geldi-de, açylyşdy. Gapynyň agzynda dik
duran ýerinden ellerini galdyrdy: «Häzir ikinji gelýär.
Kakmaç!»
Kakmaç bilenem urdular. «Turuzuň-a o ýatanam»
diýip, bir burçda garynjygyny otuz ýedi köpüklik
pökgi ýaljak pökgerdip, synçgyryp ýatana tarap ellerini
uzatdylar. O ýatan gelende-de geplemedi, soňam
geplemedi. Iýjegini iýdi, içjegini içdi, garynjygyny
doýurdy-da ýatyberdi. Her synçgyranda pökgüje
garny towsup, towsup gidýär. Häzirem «tur-tur»
diýişdiler welin, turup bir bölek kakmajy eline aldy,
şer suwundanam bir pyýalany dolduryp ýelmedi-de,
beýlesine agdarylaýdy. «Muňky hezil ekeni» diýişdiler.
305
Şondan soň «bölünişik» başlandy. Her kim öz gapdalynda
oturanyň ýakasyndan ildi. Ikibir-ikibir ümmüldeşdiler
bir meýdan. Sag wagtyň edilmejek gürrüňler başlandy.
Içgi adamlaryň inçe damarlaryny yzarlap ygtyýaryny
ellerinden aldy. Bir başbozar tapylyp, «goňşusy» bilen
tersleşdi. «Bilýäňmi men kim?» diýip üstüne süründi.
Tutdylar. Tutjaklaryny bilip hasam dyzady. «Seni
ataryn!» diýdi. Beýleki giň ekeni: «Bar, pulemýodyňy
guraber» diýip, bärsine öwrüldi. Ýyrş etdi.
Dyzmajy iki bolup äkitdiler. Ýarym sagatdan soň:
«Öýüne elten bolup heleýinden eşitmezimizi eşitdik»
diýşip gaýdyp geldiler. — Hany guýuň-aý, ýaňky
heleý bar neşäni aldy albassy ýaly bolup. «Içirip, içirip
getirýäňiz sandan çykansoň» diýýär-aý, ýüzüňe bakyp.
Ýatyryp agzyna guýýan ýaly biz oň. Heleýine gözi
düşensoň-a ýaňky haýbatyndan nyşan galmady.»
Beýni öýjükleri aşa ýadap haýdansoň, kemkemden ýadawlyk, sussupeslik başlandy. Gabaklaryň
inip çykmasy kynlaşyp, bäbenekleriň agyp dönmesi
haýallady. Diller öwrülmejek boldy. Aňlar bulaşdy.
Ýagdaýy ýeten-ä gitdi. Ýagdaýy ýetmedigem saçagyň
başyndan süýşmäge-de ýaraman, ýykylyp galdy. Diňe
iki sanysy çüý ýaly bolup, daň atýança galman, içip
oturdylar. Gitjek gidip, ýatjak ýatansoň Kakajana:
306
«Hany, şu zatlary aýryşdyr. Bir okara nahar galsa bor,
galanyny aýyr, özüňem gel, otur, özli-özümiz bolubam
bir içeli» diýdiler. Kakajanam inçe paýapyldan geçýän
ýaly, gollaryny galgadyp, hallanlap ýörşüne zatlary
ýygnaşdyrdy. Arasynda gidip oguljygyny görüp geldi.
Aýalyna mylaýym sözler aýtdy. «Sen ýatyber gaplary
ertir ýuwarsyň» diýdi. Aýal hem äriniň göwnüni
göterdi: «Tüweleme, gowy toý etdiň, sag-aman sowduň,
naharyňyz ýetmese aýdaý, ýene bişirin» diýdi.
Kakajan hoş bolup gaýdyp geldi. Aýaklanmadyk
köşek ýaly ýaýkyldap gelşine, ýatanlaryň içini gyjyklap
başlady. «Turuň-eý, tursaňyzaň, içeliň-le!» diýdi. Oturan
ikisi: «Ýatanlara degme!» diýensoň gaýdyp degmedi.
Şol ikisiniň ýanyna geldi-de, arak guýuşdyrdy. Gepläp
başlady: «Siz meniň söwer dostlarym! — ol şeý diýdide, öz aýdanlaryna müňkür bolýan ýaly, durup, böwrüni
diňledi. — Howwa-a, sizden başga töweregimde adam
galmady. Taşladylar. Ýalňyz goýdular. Men ýeke. Ýetim
bolsaň bildir durar ekeni. Meniň hossarym siz ekeniňiz
— Kakajan ýene-de aglady. — Siz meniň arkadagym,
howandarym! — Ol elindäki pyýalany goýdy-da,
oturanlaryň ikisinem ogşady. Olar jüblerinden ýaglyk
çykaryp, Kakajanyň ogşan ýerini süpürdiler. Şondan
soň Kakajanam birhili özüne gelen ýaly boldy. — Siz-ä
307
peýan bolaňyzog-aý, hany, içeliň!» — diýdi. Yzyndanam
bulaşdy.
Ýaňky burçda ýatan: «Öwh» edip beýlesine agdaryldy.
Yzyndanam: «Hä-ä!» diýip arlady. «Bela-a!» diýip bärde
ýatanyň biri ukyň arasynda jogap berdi. Oturanlar hikirde-hikir gülüşdiler. Hä diýmän Kakajanam ýykyldy.
Ol-a ýatyrka-da gepläp ýatyr. Indi galan bir ýaňky ikisi.
Olaryňam biri sagadyna seredip: «Daň-a atdy!» diýdi.
«Onda öýe ir gözündenjik baraly» diýip beýlekisi ýene
hikirdedi. Ikisem hezil edip gülüşdiler.
— Hany onda guý!
— Al onda. Zakulçitilniý.
Içdiler. Bularyň biri käsäni ýerde goýdy-da, iňkise
gitdi.
— Turalymy?
— Turaly.
— Meň bir aýagym agsak bolmaly welin, şoň
haýsylygyny sen bileňokmy?!
— Çep çüýjügiň pistoletli ýaly tümmerip dur welin
şonyň agsak bolaýmasa.
— Dogry! — Ol barmagyny çommaltdy. — Prrawilno!
308
Ol sag tarapyna öwrüldi. Sag aýagyna daýanyp
ýerinden galdy. Ikisem ýerinden turup ýatanlara birlaý
göz aýladylar. Sergi bolup ýatan pyýadalara bakyp,
garynlaryny sypalaşdyrdylar. «Rahat ýatsynlar!»
diýip, ýaňky agsak çyrany öçürdi. «Goý, ýatan ýerleri
ýagty bolsun!» diýibem beýlekisi çyrany ýakdy.
«Hikir-hikir» gülüşip koridora çykdylar. Köwüşlerini
geýip durkalaram hikirdeşdiler. Köçä çykansoňlar
gümürdileri, hikirdileri eşidildi durdy. Kem-kemden
sesler uzaklaşdy. Soň hiç zat eşidilmedi. Jahan mazaly
ýagtyldy.
1981ý.
ÝÜZSÜZ HUDOŽNIKLER
(Ýarym fantastiki satiriki hekaýa)
Günlerde bir gün Aşgabatda ýadyňa-oýuňa düşmejek
bir ýagdaý boldy. Ylymlar akademiýasynda ürç edip
işleýän alymlaryň biri, her bir döredijiniň (ýazyjy
bolsun, hudožnik ýa kompozitor bolsun tapawudy ýok)
öz döredijilik ýüzüni görkezýän täsin bir maşyn oýlap
tapypdyr-da, ony hem ilki bilen hudožniklerde synap
görmek isläpdir. Hudožnikler soýuzyna günibirin gelip
ýeten bu habar kimi begendirse, kimi gynandyrdy.
309
Öňünden gaçyp uzak ýerlere komandirowka gidenlerem
boldy. Üç adam keselhana ýerleşdi. Garaz «gaçan
gutular, duran tutular» diýenleri boldy. Synag iki günläp
dowam etdi. Halk hem görsün diýip synagy şenbe hemde ýekşenbe günleri geçirdiler. Şert şeýle: «Öňe çykýaňda ullakan aýnaly, dörtburç kameranyň içine birnäçe
işleriňi salýaň. Özüňem şol kameranyň çep burçunda
ýörite ýasalan münbere münüp halka garap dursuň.
Kosmonawtlaryňky ýaly güberçek skafandory hem
depäňde düňderip berk ýapýaň. Endam-janyňam ýöne
sim bolup dur. Ine, onsoň ýaňky alym maşyny usullyk
bilen işledip goýberýär welin, suw içer salymda seniň
döredijilik ýüzüň hut öz ýüzüňe çykýar duruberýär.
Bu şeýle bir täsin, şeýle bir gülkünç welin özüň gözüň
bilen görmeseň ynanar ýaly hem däl. Münbere ilki
çykan bendäň-ä asyl ýüzem görünmedi. Edil repide
ýaly tep-tekiz bolup dur. «Muň-ňa ýüzem ýok ekeni»
diýdiler. Oň bolsa bir durşy. Gyzaraýynam diýenok. Iň
gyzykly, has geň ýerem münberde duranyň özi ýüzüniň
üýtgäninden ýa-da düýbünden ýüzsüz duranyndan
hiç habary ýok. Ine şo geň. Ikinji biri çykdy welin,
apparat işläp başlandan oturanlar gürre ördüler-de, el
çarpyşyberdiler. Sebäbi münberiň aňyrsynda dünýä
belli meşhur hudožnik Dawid Alfaro Sikeýros durdy.
310
Göwresi türkmen, ýüzi meksikaly. Apparatdan işlerini
çykardylaram welin ýaňky görgüli öňki keşbine gelip, öz
ata-babasyna meňzäp dur. Soňabaka oglanlar tribuna
münmäge ýaýdanyberdiler. Ýogsam olar ýygnaklarda
zatda tribuna çykyp geplemäni gaty gowy görýärdiler.
Islänini ýamanlap, islänini öwüp, garaz bolubilenlerini
bolýardylar. Bu ýerde welin hakyky ýüzüň görnüp
dur-da! Ýöne welin näçe ýaýdansaňam nobar boýunça
gezegiň gelende hökman çykaýmalydy. Gitjek ýeriň
ýok. Meniň-ä adym iň yzda bolansoň otyryn arkaýyn:
«Gezek gelýänçä ýa apparat döwüler ýa iş wagty gutarar»
diýip. Ine, onsoň münbere ýene biri mündi welin,
muňa-ha oturan halaýyk güle-güle kese ýykyldy. Sebäbi
oň ýüzi bellibir adama meňzemän, her ýeri biriniňkä
meňzeýärdi. Mysal üçin, ýüzüniň çep bölegi italýan
hudožnigi Renato Guttuza meňzese, beýleki tarapy
ispan hudožnigi Pablo Pikasso meňzeýärdi. Ýüzüniň
başga bir ýerleri Tuluz Lotrege, kä ýeri Wan Goga, kä
ýerleri bolsa Armando Piseiato meňzeýärdi. Şol wagt
ol bir sebäp bilen aňyrsyna bakdy welin ýeňsesi edil
amerikan hudožnigi Anton Referejýeniň ýeňsesi boldy
duruberdi. Güle-güle kese ýykyldyk. Umuman şeýle
bir güldük, asyl özümiziňem şol ýere barjakdygymyz
ýadymyza-da düşenok. Garaz her kim öz gezegi gelýänçä
311
gülibileni özüniňki. Soň gülere ýagdaý galanok. Her
kim girere deşik tapsa girjek. Şonda-da utanman:
«Bu apparat daşary ýurduňkydyr. Şoň üçinem daşary
ýurduň hudožniklerini görkezýär» diýip gor-gor edip
oturanam bar. Edil şol wagtam biriniň ýüzünde Bäşim
Nuralynyň ýüzi görnüp gitdi welin, ýaňky hüňürdäp
oturan «lak» bolaýdy. Başga biri kellesiz göründi.
Boş göwre dur. Kelle ýok. Garaz, şeýdip hemmeler
birlaý tribuna münüp-düşdüler. Hormat üçin başlygy
mündürmediler. «Işgärleriniň ýanynda özüni oňaýsyz
duýmasyn» diýdiler. Akyl etdiler. Sylag-hormat diýlen
zadam şuňňaly ýerde gerek. Ine şeýdip hemmeler geçip
gutardy-da, iň soňunda gezek maňa ýetdi. Mündüm.
Elbetde, men özüm-ä näme-näme bolanyny bilemok.
«Mün» diýdiler mündüm. «Düşmeli» diýdilerem
düşdüm. Soň näme-näme bolanyny gapdalymdaky
oturanlardan sorasam: «Sen tribuna müneniňde
bardyň-da, soň hiç görünmediň. Bir seretsek seň eliň
kagyz-galamly daşarda aýlanyp ýörsüň. Äpişgeden bir
gelýäň, işikden bir gelýäň hiç girip bileňok. «Bu näme
beýdip ýör?» diýip, pultda oturan alymdan sorasak ol:
«Bu entek döredijilige doly girişibilmändir. Öz ýüzüni
görkezere mümkinçilik bermänsiňiz» diýdi. Onuň saňa
gaty nebsi agyrdy» diýdiler. Meniň bokurdagym doldy.
312
Tas aglapdym. Şeýle dogruçyl, päk ýürekli maşyny
gujaklaýasym geldi. Emma aýaklarym duşaklanan ýaly
ýerimden gozganybam bilmedim. Synag gutardam
welin, gazap donuny geýen hudožnikler alymyň özüne:
«Hany, sen özüňem münsene şol münbere, göreli
bakaly nädýä-kä!» diýişdiler. Alym: «Bor, oglanlar
siziň göwnüňiz ýykylandan şeýtanyň boýny süýnsin»
diýdi-de, çyzgylaryny howlukman apparatyň içine
salyp münbere çykdy. Başga birem maşyny işledip
goýberdi. Ine, onsoň ýaky alymyň çigninde birnäçe
adamyň kellesi peýda boldy. Göwre bir, kelle kän. Ýöne
hemmesiniňem öz ýüzi, öz gözi bar. Bar zat ýerbe-ýer.
Kelläniň köpdügine garamazdan ýaňky alymyňam
öz ýüzi aýyl-saýyl görnüp dur. Beýlekilerden artyk
görünmese kem görnenok. Özem şadyýan, wagtyhoş.
Müýni ýokdur-da elbetde. Ol münberden düşendede ýeňillik bilen düşüp gitdi. «Şu apparaty köpeldip
ähli döredijilik edaralaryna paýlajak, sergi zallarynda,
konsert zallarynda, kitaphanalarda goýjak» diýdi.
Hudožnikleriň hasam keýpi gaçdy. Özaralarynda
hümürdeşdiler-de, basymrak bu ýerden çykyp
gitmek bilen boldular. Alym apparady ýygnaşdyryp
durşuna synaga gatnaşanlary üçin olara tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi we kiçijik bildiriş yglan etdi.
313
— Indiki şenbe güni ýazyjylary synag etjek, soňam
kompozitorlary. Görerin diýseňiz geliberiň, gapy
açykdyr!
Muny eşidip sus barýan hudožnikler dirjendiler.
Hekgerişdiler.
Biri-birine:
«Hökman
geleliň!»
diýişdiler. Öz yzalaryny eýýäm ýatlaryndan çykardylar.
Iliň üstünden gülmek üçin indiki şenbäniň basymrak
gelerine howlukdylar.
1983 ý.
MAKULATURA
Garajanyň niýeti obadan gelip awtobusdan düşüşi
ýaly öz hususy maşynyna şaý almak üçin göni jygyllyga
gitmekdi. Ýöne ol duralganyň çat maňlaýyndaky giň
meýdançada hatara duran dükanlary görüp ol pälinden
el çekdi. «Gel-aý, aýlanyp göreýin-le, bazaryň gaçyp
gidýän ýeri ýok» diýdi. Şol aýlanyp ýörşüne-de ol kitap
satylýan dükanyň üstünden bardy. Rejelenip goýlan
kitaplary ýekän-ýekän synlap başlady. Birdenem ho-ol
aňyrky burçda aýratynja goýulan üýtgeşik, tapylgysyz
kitaplara gözi düşdi. Maýn Rid, Jek London, Aleksandr
Dýuma, Dostoýewskiý... Ol «Oh!» diýdi-de, tekjä tarap
elini serdi.
314
Şol kitaplaryň birine güýmenip oturan, maýa ýaly
daýaw, gara gözli ak gelin asyl gymyldamadam. Ol
oturan ýerinden gabaklaryny çalaja galdyrdy-da, «Sen
näme, asmandan düşdüňmi?» diýýän manyda sesiniüýnüni çykarman kirpikleriniň ujuny Garaja gezedi.
Jogap bermänem ýene-de gabaklaryny aşak goýberdi.
Özem edil öňküsi ýaly, elindäki kitaby bilen boluberdi.
Garajanyňam özüni edil beýtdiräýesi gelmedi.
— A gyz! — Garaja uzyn göwresi bilen ýaňky gelniň
üstüne dartylan ýaý kimin egreýdi. Titräp başlan
barmaklary bilen tekjedäki kitaplary görkezdi. Sesem
sandyrady. — Görkeziň maňa şo kitaplary. Siz näme
«Obadan gelen-ow şü» diýip adamy äsgermezçilik
etjek bolýaňyzmy?! Ýa obalylar kitap okamaýandyr
öýtýäňizmi?
Gelniň kirpikleri ýene-de Garaja gezeldi. Owadanja,
ýazgyn gaşlar çytylanda çaklaňja çatma meňzedi.
— O kitaplar talon boýunça berilýär. Talon boýunça.
Näme göreňokmy. Hon-ha, ýazylgy dur-a!
— Talon?
Ýene-de jogap bolmady.
— O nähili talon? Nämäň talony?
315
Halys bolmajagyny bilen gelin dyp-dykyz budunyň
üstündäki kitaby siltenjiräp ýapdy-da, tasanyp ýerinden
turdy. Ellerini tagta diräp possujak dodaklaryny çalaja
gymyldatdy.
— Kagyz ýygnap alynýan talon. Düşdüňizmi?
Makulatura!
— Ä-hä! — Garaja süýem barmagy bilen eňegini
dyrmalady. Bu geline nähak gatyrganandygyna
ökünmekden ötri sesi öňküsinden has pessaý çykdy. —
Her kitap üçin näçeräk kagyz ýygnamaly borkan-aýt?
Munça bolanyna görä gelin onam aýtdy. Şondan
soň bu kitaplary alyp bilmejekdigine Garajanyň doly
gözi ýetdi. Wagt geçirmän göni jygyllyga depmek üçin
beýlesine öwrülip gaýdyberjek boldam welin dükana eli
talonly biri gelip girdi-de, Garajanyň el ýetirip bilmän
emenip duran kitaplaryndan birnäçesini arkaýyn aldyda ötägitdi. Artykmaç gepem bolmady, gürrüňem.
Garaja hasyr-husur ýaňky kitap alanyň yzyndan ýetdide alkymyna dykyldy.
— Ýaşuly, nähili kagyz tabşyrmaly şuň üçin?
— Kagyz kagyzdyr-da. Nähilisi bormy oňňam bir.
— Neme... Men neme diýjek bolýan. Juda köne
316
zyňyndy kagyz gerekmi, ýa... täzerägem bolsa bolýamy.
— Tapawudy ýok.
— Gazetem bolýamy?
— Bolýa.
— Kitap nädýä? Täze kitap?
Garajanyň gürrüňdeşi: «Bir bela sataşaýdym öýdýän»
diýýän ýaly ýüzüni ynjyly çytyp töweregine garanjaklady.
Yzyndanam geçirimlilik bilen zoraýakdan ýylgyrdy.
— Onçasyny bar-da özlerinden soraýsana. Biz-ä
entek täze kitap tabşyryp göremizok.
Ugrady. Onuň bilen egnini deňläp barşyna Garaja
ondan kagyz tabşyrylýan nokatlaryňam birnäçesiniň
salgysyny aldy. Eglenmänem şol salgy alan ýerlerine
ýerlerine tarap eňdi. Baryp olardanam täze kitabyň
tabşyryp bolýanyny, bolmaýanyny sorady. Ýarym sagat
ýaly wagt geçip-geçmänkä-de gara der bolup ýaňky
dükana gaýdyp geldi. Şol elýetmez kitaplaryň sag we sol
taraplaryndaky bölümlerde telim ýyl bäri alynman, çaň
basyp baslygyp ýatan kitaplara barmagyny çommaltdy.
— Şolaryň birini görkezseňizläň maňa. — Ol kitaby
eli bilen sallarlap gördi. Içini hümletdi. — Hm-m...
Maňa şundan bir elli sanysyny beriň! — Satyjy oňa
317
oýun edýändir öýtdi. Emma bu ýigidiň durşuna alada
öwrülen ýüzi oýun edýäne-de meňzänok. Gaýtam
satygçyny birsyhly gyssap alarladyp barýar.
— Boluň, ýeňňe boluň! Men bu gün yzyma-da
gaýtmaly. Entek ýene telim gatnamaly boljak. Wah
maşyn bolan bolsa bolaýjak ekeni. Oňňam şu wagt
döwlüp durşuny diýsene. Haý içigara! Ýeňňe, o-ol
ýukajyk kitapdanam ýüz sanysyny ber! Gaty kän ýatdy
şol sizde. Aşakylaryň-a hemmesini beräý! Şolar-a men
öýlenmänkämem bardy şu dükanda. — Satyjy nätjegini
bilmän aljyrady. Ýöne bermezlige-de onuň haky ýokdy.
Kitab-a harytdy, bu duranam alyjydy. Beräýmeli. Başga
alaç ýok. Satyjy üçin harydy geçse oňa başga näme
gerek? Garawul däl-ä ol. Satyjy! Garaja düňküldäp gitdide köçeden taksi tutdy. Alan kitapalrynyň hemmesini
şoňa ýükledi. Entegräkdenem gara der bolup gaýdyp
geldi. Elindäki talony hälki owadan gelniň öňünde
gütledip goýdy: «Graf Monte Kristo!» Bahajygynam
töläp kitaby ymykly eline alansoň bolsa: «Nätdim?»
diýýän terzde gaýşarylyp gelne seretdi. Gelin ýylgyrdy.
«Ýylgyraýarsyň — diýip, Garaja-da içini güldürdi. Öz
bolup ýörşünden öz göwni hoş boldy. — Tapdyň bu
taýda... Häý...»
318
Ol ýene-de ýaňky ilki kitap satyn alan bölümine
bardy. Bir giden kitap aldy. Onsoň beýleki bölümlerden
alyşdyrdy. Mazaly ýüküni tutansoň gitdi-de, olaram
tabşyryp ýerine ýene-de talon alyp geldi. «Jek Londony
bäri alyň» diýip herreldi. Başda satuwa kelleleri gyzan
satyjylar soňabaka nätjeklerini bilmän dükanyň
müdirini çagyrdylar. «Bir-ä şeýdip ýör welin, biziň
şeýdişimiz dogrumyka?» diýdiler. Müdirem näme
etjegini bilmän o ýan, bu ýan jaň edip başlady. Oňa
çenlem Garaja bu dükany eňňere edip, başga bir kitap
dükanynyň gapysyndan baryp girdi. Ondanam mazaly
ýüküni tutdy-da, göni makulatura tabşyrylýan ýere
eňdi. Makulaturaçy garry aýalam munuň heniz gaty
açylmadyk kitaplary daşap ýörşüne nätjegini bilmän
iňirdäp ugrady welin, bu-da başga bir kagyz kabul
edilýän ýere ötägitdi. Şeýdip ol dükanlar ýapylýança
öýden getirenje pullarynyň baryny sowup gutardy.
Ullakan toruny «dünýä edebiýatyndan» dolduryp,
Garaja agşamaralar iň soňky awtobus bilen oba gaýtdy,
ýol boýy hem öýlerine baransoň aýalyna näme jogap
berjekdigi hakda oýlandy. Çünki o şu günki öýden alyp
gaýdan pullaryna bazardan şaý almalydy we köneje
maşynyny bejerdip indiki juma güni aýalyny atasy
319
öýüne äkitmelidi. Toýa çagyrypdylar.
1983ý.
BILIMSEK
(satiriki hekaýa)
Maý baýramyna gyssagly bir surat çekip ýetişdirmeli
boldy-da Nazar dynç günüdigine garamazdan,
ussahanasyny açyp işläp başlady. Ussahananyň
ýerleşýän ýeri şowhunly şäher bazarynyň gyrasy
bolansoň, äpişgeden görünýän ibirtde-zibirtlik birhili
işden eliňi sowatmanam duranok. Seniňem çykyp
şol akyma goşulyp ötägidesiň, gerek bolsa-bolmasa
şowhunly dükanlardan nämedir bir zatlary gözlän
bolup duş gelýän tanyş-bilişlere aladaçyl görünesiň
gelýär. Açyk äpişgesinden daşardaky mähelläni ýarym
sagada golaý synlap Nazar kynlyk bilen bärsine öwrüldi.
Şol dem ussahananyň işigi «jy-yk» etdirip çalaja açyldy.
Nazar çekjek bolup duran suratyndan bir ädim gaýra
süýşdi-de, gapa seretdi. Gapydan boýnuny uzadyp
duran hortaň, kellesi uly, gytyk saçly, burunlak, obadan
gelendigi elindeki köneje ýantorbasyndanam bildirip
duran kyrk bäş-elli ýaşlaryndaky alagöz kişi Nazara
seredip baş atdy. «Mannykmysyň?» diýdi. Mürähede
320
garaşmanam içeri girip gapyny eliniň tersi bilen ýuwaşja
ýapdy. Çekinjeňlik bilen gözlerini ýiteltdi.
— Arma-da!
Nazar elini süpürişdirdi:
— Bar bol ýaşuly. Geç, otur!
Myhman çetki stullaryň birine geçip oturdy. Aýagyny
çalşyrdy. Howlukman ussahanany birlaý gözden geçirdi.
Burnuny çekdi. Şonda onuň burny durşy bilen gowy
gymyldady.
— Ýeke özüňm-aý, munda?
— Howwa.
Nazar içinden «Häzir reňk dilär-ow şu» diýip oýlandy.
Emma myhman düýbünden başga hörpden gopdy.
— Inçedir-ow öz-ä. Aýlyk-günlügi nähiliräk onsoň
siziň munyňyzyň?
— Edip almaly.
— Potrat-da, onda.
Nazar egnini ýygyrdy.
— Potrat şol. — Myhman oturgyja oýkandy.
Suratçynyň bilmeýän sözüni aýdany üçin monça boldy.
321
— Bilmeýän bolsaň bilip goý, şoňa şeýle diýilýär.
Üh-he. Nememi onsoň, ýeke özüm diýdiňmi? Şonyň
gowy ekeni. — Ol ýene-de töweregine garanjaklady.
Ýantorbasynyň agzyny jyrladyp açdy. — Şunda bir
ýemejik bar welin, ýemedeli-le... Issikanyň ýokmy?
Piwenoýa barmaýyn-la men. Şunyň-a bir gowy zat
ekeni... Ýekeligiňem gowy. Ýöne ýelmäp oturmaly.
Potrat bolsa işle diýip üstüňi alyp duranam bolmaz.
Tüweleme äpişgäňdenem oňatja zatlar geçişip durlar.
Nazar şunça sypaýyçylyk edip sypjak bolsa-da
bolmady. Myhman halys alyp ýatdy. «Kelläm şatlap
dur, ýekeje issikan ýelmesem bolýa, osoň, gitjek,
assabusa münüp oba gaýtjak. Biz bir oba adamsy
piwenoýda entäp ýörmäli» diýdi. Nazar edep bilen
käse berdi. Myhman ýantorbasyndan bir çüýşe çakyr
çykardy. Açdy. Aýynyň gany ýaly gyrmyzy çakyrdan bir
käsäni dolduryp: «Al onda, saglyga!» diýdi-de ýelmäp
goýberdi. Hezil etdi. Burçak-burçak derledi. Göwrümi
giňedi. Dili gijedi. «Köneräk ekeni öz-ä» — diýip
ussahananyň diwarlaryna seretdi. — Sen işläber. Häýt,
sana myşaýdam-a etdim weli... Aý, häzir turýan men.
Men inim ötegçi. Bazarlaýaýyn diýip obadan geldim.
Indem gaýtjak. Ýumşumam bitmedi. Çagalara bir odukbuduk alaýjakdym. Zat ýok. Be-e, bü-ýä gowy boldy322
aý. — Ol ýene-de bir käsäni dolduryp içdi. Şondan soň
dünýe gözüne käsedäki çakyrdanam gülgün göründi.
Torbasyndan bir gap «Pamir» çykaryp çilimem çekdi.
— Elli gap dagy aldym — diýdi. — Şü-de gyt how, gabat
gelen wagty alaýmasaň tapdyranok».
Ertirden bäri myhmany alkymlap oturan Nazar
munuň bir käse bilen goýmajagyna gözüni ýetirdi.
Ýerinden turdy. Işiň başyna baryp sypaýyçylyk üçin
ötünjem sorady.
— Ýaşuly, gaty görme, men gyssag.
— Işle, işle! — diýip myhman ýerinden turup ellerini
kelemenletdi. «Tarp» etdirip aýagyny ýere urdy. Jaýyň
içi sarsyp gitdi.
— Baý siziň işiňizem-ä kyn iş-ow. — Ol çekilgi
duran suratyň birini eline aldy. — Tüweleme edil öz-aý,
maladis. Allaň özi üşük bermese her kim edibilmiýä bu
zatlary. Üh-he.
Nazar gyzardy. «Basymrak bir ýok bolsady» — diýip
içinden kejikdi. Başda ýüz berensoň indi gödek bir zat
aýdaýmaga-da ynsaby çatmady. Myhman bolsa Nazary
öwüp, öwüp halys ýadansoň galanja çakyrynam guýup
içdi. Soň ol Nazaryň işläp duran ýerine has golaý geldi.
Başky çekinjeňliginiň nirä gidendigi belli däl, ol gaty
323
badyhowa gürledi.
— Başlygyňyz kim onsoň, inijik? Ol neme-hä däldir?
Nazar dişini gyjady.
— Aý, olam bir ýaş oglan. Özümiz ýaly.
— Hm-m... Tüweleme ýaşlar zor. Men ony çalarak
tanyýamykamam diýýän. Onuň soňky alan aýalynyň
kakasy uruşdan öň biziň obamyzda alty aý ýaly oturyp
gaýdan bolmaly. Öňräk bir gulagyma degdi şü. Oglanam
bolsak çalarak bilýäs. Hyýrsyz adamdy pahyr. Gyzam
şoňňaly bolsa-ha...
Ol birden-kä dymdy. Elini jübüsine sokup aşak bakyp
durşuna içini hümletdi. Nazar oňa: «Bolan bolsaň gidäý
indi» diýen terzde bir zat aýtdy. Emma ol onuň bilen
hyýalam etmedi. Gaýtam: «Inim, men bir daş çykyp
geleýin» diýip mytdyllap gitdi-de, ýene bir çüýşe çakyr
alyp geldi.
Nazar sesini çykarman öz işi bilen boluberdi. Ikinji
çüýşäniňem ýarysyny içensoň myhman has haýbatlandy.
Nazaryň çekip oturan suratyna lak atyp başlady.
— Şunyň erbedem däl welin, şu oba görmedigiňi
edýäň-dä. Keýigiň arkasy beýle çökgün bolmaz haw,
inim. Araba goşulýan ýaby ýaly bulaňňa seň. Üh-he,
324
üh-he, beý şu çilimem alyp ýatjag-ow. Edaraňyzda iň
ökdäňiz haýsyňyz? Başlykmy? Zor bolmasa başlyk
edesleri ýok-la. Kömek gerek bolsa-ha aýdaý. Horlanma.
Başlygyňyzy görüp bereýin. Üh-he, khm-m, ine şu
çeken adamlaňňam bolanok. Ýüzi-gözi dagy nähili-aý
bulaň?!
Nazar aşaklyk bilen çüýşä gözüni aýlady. «Ýeňsesinden
südürläp kowaýsammykam?» Emma beýdäýmäge-de
dözmedi. «Başda ýüz bermeli däl ekenim welin...»
Myhmanyn bolsa indi bir ýerde oturyp karary
ýetenok. Ol elini arkasyna tutup ussahananyň içini ters
aýlandy. Äpişgeden geçip barýanlary synlady. Dönüpdönübem Nazaryň çeken suratlarynyň üstünden düşdi.
Sesini çykarmaýanyny bilip hasam süründi:
— Siz suratçylar bar zady ýoýduňyz. Düşünilmeýändir
öýdüp kelläňize gelenini otaryşyp ýörsüňiz. Gatam
düşünilýändir. Meskewiň muzeýlerindäki suratlary
bir gör. Her tüýüne çenli bildirip, gözüniň ýaşyna
çenli buldurap dur. Şoňňaly çekmeli, çekjek bolsaň.
Bolmasa-da taşla! Meňňem höwesim bardy şuňa başda.
Ýagdaýym bolmady. Okap bilmedim. Daýhançylyga
ulaşdym. Ýöne goşgy goşýan. Suw tutup ýörkäm
goşýanam, aýdym edibem aýdýan. Çüri bagşyň esasy
325
aýdymlary meň goşgularymdyr. Ýöne olam men ýaly
ýanama gygyrýar.
Nazar indi gaharyny gizlejegem bolmady.
— Sen ýaşuly, ulagdan gijä galaýma?
— Näme diýdiň?
— Gijä galaýma diýýän!
— Galman. — Ol aşak bakyp yranjyrap oturdyoturdy-da birdenem başyny silkip galdyrdy. — Näme,
kowjak bolýaňmy? Ýakmadymy? Basyldymy baryp!
Dogry söz ýakmaz size. Edeniňizi edişip ýörsüňiz
baryňyz. Arada siziňkiler obamyzyň köşgüne bir topar
surat çekip eltdiler. Bary it ýandakdan böken ýaly. «Tüf»
diýdim men-ä. Saparnazar aga-da «tüf» diýdi. Ol-a bu
zatlara hasam gowy düşünýä. Seňňem çekenleriňden
bolmagy mümkin şo suratlaryň içinde. Pämilýäň näme
seň?!
Nazar bu gün iş bolmajagyny bildi. Onsoňam ertirden
bäri içip oturan myhmanyň özüne ýalandanam bir
gezek hödür etmändigine geň galdy. Nazar, ölse çakyr
içýämi ýogsam. Arpaň suwunam içenok. Ol «Bir çüýşe
arak getiregä-de şuň bilen deňleşäýsemmikäm» diýip
içini gepletdi. Ýene-de işiniň gyssaglygyny ýatlap, ol
326
pälinden el çekdi. Eýdip-beýdip myhmany ugratmaly
diýen netijä geldi. Aýgytly gepledi.
— Ýaşuly, besdir indi. Gaýtjak bolsaň-a gaýt.
Bolmasa-da ussahanadan bir çyk. Hon-ha bazar,
honha-da duralga. Maňa bir päsgel berme, men gyssag.
Myhman birbada köşeşdi. «Gissag, gissag — diýip
çalajadan Nazaryň agzyna öýkündi. — Mydama
yzyňyzdan ýagy ýetip gelýän ýaly siziň. Gepleme diýseň
geplemäýeris. Ýöne her zat etmeseňem sen Meret çişigiň
kiçi oglyça çekip bileňok. Şu ýyl altynjyda, okap ýör.
Başga okan ýeri ýok. Biriňizem şonça çekip bilmiýäňiz.
Kakasynyň ýatýan kerebadynyň arkasyna bir üç atlynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 14
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.