Latin

Ojaklar öçmesin - 11

Total number of words is 3688
Total number of unique words is 2135
32.2 of words are in the 2000 most common words
44.2 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ynanmasagam şol wagtlar ynanypdyk. Her gün, her
249
sagat, her öýde Meýdan hakynda şeýle gürrüňleriň
köpräk edilmegini isläpdik.
Meýdanyň şol gezekki teşne owazyny kimleriň eşidip,
kimleriň eşitmänini-hä bilemzok welin, Gandym
aganyň eşidip, obadan haýdap gelenini özümizem
gördük. Meýdanyň şeýle üýtgeşik, şeýle badyhowa
kişňändigine-de güwä geçip biljek. Asyl, ol-a şol gezek
ýagty jahan bilen hoşlaşan ekeni, janawar. «Hoş gal,
ýagty jahan, sende bäş gün gezdim, namart gezmedim.
Tükeniksiz ömür barmy? Şu güne ýetjek bolup bar
güýjümi sarp etdim. Indi rogwatym ýok. Ýogsam
toýhananyň agzyndan näler uçganaklap geçesim
gelýär. Emma indi bary gutardy. Hoş, eziz adamlar! Siz
menden hiç wagt müýnli bolmaň. Men sizden çigit ýaly
hem gaty göremok. Hemmesine uruş günäkär» diýen
ekeni. Munuň şeýledigine bize soň Gandym aga aýdyp
berdi. «Gandym aga atlaryň diline düşýärmişin» diýip
il-gün ýöne ýere aýdanok ahyry. Ýöne ol azajyk gijä
galyp geldi. Ýetişmedi.
Meýdan kişňäp bolansoň dumly-duşuna keýerjekläp,
birhili öňe, yza owsun atyp, aýaklary bilen ýeri gazap
başlady. At tirkegden boşamak isleýändir, bu toý güni
begenjine iki ýaňa ýüzin salyp çapasy gelýändir öýden
Bäşşe: «Häzir, häzir, jan atym! Ine, derrew» diýip, atyň
250
esbaplaryna ýapyşdy. Hatda onuň özüniňem şol dem hut
şu atyň üstüne münüp, heniz habar baryp ýetişmedik
alys obalara şeýle köp garaşylan şu şatlykly habary,
ýenşiň habaryny elinjek eltesi geldi. Oňa çenlem at
dyzamasyny goýdy-da, birhili titremäge, sandyramaga
başlady. Sähelçe wagtdanam endam-jany öl-suw bolup
derledi. Birdenem göwresine erk edibilmän dyzlaryny
ýere berdi-de, güpürdäp keşiň nçine ýykyldy. Boýnuny
çalaja galdyryp, töwereginde aljyrap, eýýäm-haçan
aglamjyrap ýören ýaş oglana seretdi. Şonda ol göýä
Bäşşeden utanýan ýaly, bolup ýatyşyny özüne uslyp
bilmän, namys oduna örtenýän ýaly bolup göründi.
Birdenem Meýdanyň gözleriniň öňi dumanlady.
Soňra ol dumanyň öňüni galyň bir sary perde tutdy.
Balkyldap duran bäbenekler ýumuldy. Dem almasy
kynlaşyp, hassyldysy has artdy. Çişip başlan garnyndaky
damarlaryň her biri uýluk ýaly boldy. Bäşşe allaniçigsi
bolup özüni atyň üstüne zyňdy we boýnundan gujaklap
öňküsindenem beter aglamaga başlady. Bir mahallarky
külli türkmen topragyny baglan, şan-şöhraty dünýä
ýaýran ajaýyp bedewiň şeýle uzak garaşylan toý güni
bu şüdügärligiň içinde, ýalyna demirtiken çolaşdyryp
ýatyşy oglanyň ýaş ýüregine sygmady. Ol göz ýaşyna
etegini ezip, «hork-hork» edip durşuna Meýdanyň
251
tirkegini aýyrdy. Agynyň arasy bilen bir zatlar diýip
hümürdedi. Meýdan gözlerini çalaja açdy. Kem-kemden
özüni rastlap iň soňky gezek boýnuny galdyrdy. Turjak
boldy. Gurbat tapylmady. Diňe ysgynsyz ses bilen:
«Hiýh» etdi-de, boýnuny şalkyldadyp ýere goýberdi.
Ýatan ýerinden özüne tarap ylgaşyp gelýän kolhozçylary
çalaja saýgardy. Şondan son ol hiç zady saýgarmady.
Başdan-aýak ýeňiş bilen geçen şöhratly at ömri şeýdip
ýeňiş bilenem tamamlandy.
Kolhozçylar Meýdany göterip diýen ýaly ekiniň
içinden çykardylar. Şol wagtam gara dere batyp Gandym
aga ýetip geldi. Meýdanyň başujunda oturyp ýuwaşja:
«Heý, çagam-eý...» diýdi-de, iki eli bilenem ýüzüni
tutup hamsykdy. Onuň ýalyna, guýrugyna çolaşan
çöp-çalamlary aýryşdyrdy. Ýüzüni ýerden galdyrman,
töweregindäkiler eşider ýaly edip: «Adamlar, Watanyň
başyna agyr iş düşen güni jeňden gaçyp, dagda-düzde,
çölde-gyrda gizlenip ýören Hyrdy ýaly pedernenälet
näkeslerden şu at müň esse ynsandyr» diýdi. Şondan
soň ol oba adam iberip başlygy getirtdi. Başlyk
gelýänçe bolsa ýanyndakylara Meýdanyň geçmişine
degişli her hili gyzykly gürrüňler edip berdi. Bu atyň
taýçanaklygyndan bäri öz elinde önüp-ösendigini, onuň
bilen ömürbaky edil ataly ogul ýaly ýagşy görüşendigini
252
ýatlap gaýta-gaýta bozuldy. Hemmelerem bozuldylar.
...Gandym aganyň haýyşy boýunça Meýdany bir
çetde adam jaýlan ýaly edip jaýladylar. Başlyk bolsa
Meýdanyň mazarynyn gapdalynda ýeňişe bagyşlap söz
sözledi.
1983 ý.
MENIŇ OGLUM DEREKSIZ DÄLDIR
Garagumyň güne göýdük bolan gerişlerine urşuň
ýelgini çabran mahaly Akgül eje gawun üstündedi.
Agtygy Hangeldiniň ilkinjileriň biri bolup urşa
ugraýandygyny eşitdi-de, şol ýerden aýakýalaň, baş açyk
çöp-çöňürleriň arasy bilen oba tarap gönüläýdi. Gelegelmäne şaýyny tutup ýören agtygyna kömekleşmäge
başlady.
– Gyýylýandyr diýme, guzym. Watanyň başyna düşen
müşgil iş seňňem müşgiliňdir. Muny ata-babalarymyz
aýdypdyr. Sen Göroglynyň neslisiň. Pederiň mertdir.
Heder etmän ed-dil iki gözüniň ortarasyna urgun
duşmanyň.
Akgül ejäniň bolup ýörşi ogluny uzak wagtlyk jeňe
däl-de, iki günlük oduna iberýän ýalydy. Göwrümini
253
giň tutup gepleýşinden onda erkek adamlaryň hem
hemmesine ýetdirip durmaýan mertligiň bardygy aýdyň
göründi. Ýogsam, ýeke agtygyňy, onda-da ata-eneden ir
galyp özüň eliňde bökjekläp kemala gelen agtygyňy me
saňa diýäge-de ajalyň üstüne iberäýmek aňsat zatmy?
Ýok, Akgül eje zenan hem bolsa ejizlemedi. Agtygy
ugrap barýarka hem gapdaly bilen gyňajyny gös-göni
edip barşyna şo-ol öwüt berip gidip barýar.
— Men-ä gaýgy etme guzym. Sag-aman gelýänçäňiz
günümi görerin, kolhoza-da kömekleşerin. Akgüliň
agtygy bijaý mert ekeni diýdirseň bolly. Ataň pahyram,
baý, gaýratly adam-da. — Akgül eje guwanç bilen
başyny silkip goýberdi. — Atlanha-atlan bolsa hemmäň
öňündedir gylyjyny bulap.
Garry gyňajynyň ujy bilen nemsiz gözlerini süpürdi,
ýüzüni ynjyly çytyp, böwrüni diňledi. — Haýt, ýöne
öýlendirip ýetişmedim-dä guzujygym seni.
Hangeldi güldi.
— Uruşdan gaýdyşyn birini alyp gaýdybirin, ene.
Bolmyýamy?
Garry gyssandy.
— Ýog-e-eý! Ýok, oglum, ýok. Beýtseň meni Çary
254
goturlaryň ýanynda ýüzügara edersiň. Zygyr-zygyr
gatnabam, ahyrynda beýdäýmek bomy?
Hangeldi ýene-de hezil edip güldi. Çünki Çary
goturyň gyzy Ogultuwak bilen ol öten agşam wadalaşyp
hoşlaşypdy.
— Bor-da onda ene. Zygyrdyňy goýman gatnaber
bakaly.
— Goýman oglum. Goýup näme.
...Ogul gitdi. Ene galdy. Telim ýyllap söweşen ýigidiň
«dereksiz ýitdi» diýen habary ýeňşiň habary bilen
bile geldi. Dört ýyl bäri haty-habary gelip, arslan ýaly
urşup ýören agtygyna birden-kä «dereksiz» diýilmegi
namysjaň garra gaty ýokuş degdi. Ynanmady. Eli hatly
elewräp, bütin obany aýlanyp çykdy. Baran ýerinde hem
«Heý iner ýaly ogulam bir dereksiz ýitermi» diýdi. Oba
Sowetine, başlygyň ýanyna bardy. Olaram näme diýsin?
«Hat gelen bolsa şeýlerdir-dä. Çykaýdyklaram-a bardyr
öz-ä bir ýerden» diýdiler. Akgül eje gijelerine dik otyrdy.
Gündizlerine çar tarapa perwaz urdy. Oturyp-turup şol
bir sözi gaýtalady: «Dereksiz diýmeler-ä bolmandyr.
Dereksiz ýitjek ogul meň Guldurdymyň bilinden önmez.
Ölse-de, mert ölendir. Ölen bolsa, öldi diýip ýazaýmaly
dämi? Terekesini bir sowsam. Wah, «Ýekeje enem bar»
255
diýip kemendirine aýdandyr çagam ozal. Kemendirem
meni gynandyrmajak bolup, «öldi» diýmäni kyn görüp,
şeý diýip ýazandyr. Olam bir Hangeldi jan ýaly ýeke
ýigit bolsa bildiňmi? Hm-m... Şeýledir şü...»
Şol ynama kalbyny gapladan ene ertesi obadaşlarynyň
biriniň maslahat bermegi bilen raýon merkezine,
harby komissariýatyna gitdi. Baryp giren agzyndaky
stoluň aňyrsynda çilim kükedip oturan bir harby eşikli
ýigide elindäki haty görkezdi. Ol ýigit Akgül ejäni
tanady. Obasy başga bolsa-da, raýonlary gaty bir uly
bolmansoň, ildeşleriniň köpüsini tanaýardy. Hangeldi
bilen-ä ýakyndanam tanyşdy. Akgül ejäniň soňky
ahwalatlaryndan hem habarly bolansoň, elindäki hata
seredip oturşyna: «Urş-a gutardy welin, onuň salan
ýaralary haçan biterkä?» diýip içini gepletdi. Uludan
demini alyp, ýerinden turdy. Akgül ejäniň getiren
kagyzyny özüne görkezdi:
— Akgül eje, ine şu kagyzda «dereksiz ýitdi» diýip
ýazylypdyr. Biz-ä...
Oňa sözüni soňlara maý bolmady.
— Wah, meniňem janymyň ýanýan ýeri şo-da köşek.
Heý ner ýaly ýigidem bir dereksiz ýitermi? Dört ýyllap:
«Ene söweşýäs, ene söweşýäs» diýip haty geler durar256
da, oba gaýdyşlyk bolanda dereksiz ýitäýermi? Ol-a
bolanok, çagam. Sen maňa şu ebserleriň iň ulusyny
görkez. Bir gümürtiklig-ä bolmaly munda.
Ulusynyň ýanyna eltdiler. Olam düşündirjek boldy
welin, telim eşiden zadyny eşitmekden bizary çykan
garry ileri-ileri omzaberdi.
— Sen, çagam, bir zada düşün. Ýa ölenini bilmesem,
ýa diriligini bilmesem nädip gol gowşuryp oturaýyn
men? Ýeke guzymy iberemde gaşymy çytmadym, indem
çytman. Ýöne «dereksiz» diýen gürrüňiňizi goýuň!
Bellisini bilsem bolýa. Ölen bolsa aýatsyz-gurhansyz
müzül bolup ýörmesin guzujygym. Sag aman gelen
bolsa ordenlerini ýalpyldadyp dakdyraga-da, elinden
tutup, oba bir aýlajakdym. Ine, meň agtygym atasyna
çekipdir diýjekdim. O diýenim-ä bolmady. Hi-iç,
hiç. Jan gaýgyr ýaly boldumy bu. — Akgül eje has-da
aýgytly gepledi. — Sen çagam, ýokary bilen gepleş-de,
garry eneňe bir kömek et!
Garrynyň göwnüni ýykmadylar. Merkeze hat
ýazdylar. Birnäçe wagt geçensoň öňki mazmundaky
hat geldi. «Dereksiz ýitdi». Her gezek şu sözi eşidende,
Akgül ejäniň bagry para-para bolýardy. «Dereksiz
ýitdi» diýilmeginiň «sana geçmän ýitdi» diýildigi
257
däldigini, ýöne käwagt käbir urşujynyň nirede ölüp
galany bilinmän ýa başga hili betbagtlyk zerarly şeýle
ýagdaýyň bolýandygyny oňa düşündirjek hem boldular.
Şonda ol örtenipler şeý diýdi:
— Wah bilýä-ä-n! Ony bilýän. Ýöne şu serimsal
bolup ýörmek ýaman. Diri bolsa dirisi gelse, ýogsam
ýok bolsa, habary gelse. Iňňe däl-ä meň goçgar guzym
ýitip gidiberäýer ýaly. Heý, obaň o çetinde görnüp duran
jahylam bir dereksiz ýitermi? Höwün Meretgylyç lagyr
agzyny dolduryp müňküldedip: «Hany, bi, o tarapa
geçip dereksiz bolanam-a barmyş» diýip ýüregime
ot saldy oturyberdi. Meň balam beýtmez-ä, beýtmez!
Ind-ä bellisini bilmesem asylam bolmaz.
Özüniň uzak ömrüniň ählisini päk ýaşap geçiren
arly-namysly garry ahyr ýaşda soňsuz alada batdy
oturyberdi. Iki ýyllap şähere gatnady. Onuň şunça güýji
nireden alýanyna haýran galaýmalydy. Ahyry öz goly
bilen Moskwa hat ýazdy. «Şol oglan Meretgylyç lagyryň
aýdyşy ýaly adyny hapalap «dereksiz» boldumy ýa urşup
ýörkä nirede öleni bilinmän ýitgek boldumy?» diýip
ýazdy. Birnäçe hepde geçensoň, şol harby komissariýata
ilki barandaky gabat gelen oglan (köp çekýän borly,
häzirem elinde çilimi tütäp dur) eli bukjaly gelip, salam
berdi. Içişikde çommalyp oturdy-da, çilimini çekip
258
gutardy, Akgül ejäniň uzadan çaýyndan bir käsäni üç
owurtda içip, pessaýlyk bilen gürrüňe başlady.
— Ogluň uly söweşde, agyr bir söweşde gurban
bolupdyr. Hangeldi hasam gaty urşupdyr... M-m...
Şeýle maglumat bar diýip seň hatyňa jogap geldi.
Köpçülikleýin gyrgyna düşüpdirler-de, birbada
birentegini anyklap bilmändirler. Howwa-a... Seň ogluň
hemmedenem zor urşupdyr.
Akgül eje ýaşa dolup ugran gözlerini ur-tut süpürdide gyňajyny çigninden ýokary taşlap goýberdi. Burnuny
çekdi. Ölüm habarynyň sürnüp gelen harasatynyň
öňüne agtygyna bolan buýsanjyny galkan etdi.
— Wah-wah, şeýder ol neressäm, şeýder. Mertden
bolan-a ol. Atasy pahyram şoňňalydy. Iliň öňündedi
atlan-ha-atlan bolsa. Bolýa-da, guzym, bellisini bilen
bolsaň. Hakyt öldi diýip takyk ýazylypmy?
Täzeden çilim oranan ýigit başyny galdyrman jogap
berdi.
— Howwa.
Akgül ejäniň göwresi titräp gitdi. Bokurdagy doldy.
— Bolýa-da guzym, bellisini bilen bolsaň. —
Oglundan tamasy düýbünden üzülen garrynyň injikleri
259
buz ýaly boldy, dünýäni ýaňlandyryp aglasy geldi.
Emma myhman ýigit gidýänçä aglamazlygy ýüregine
düwüp çydady. Ol oglanam gitjek-gitjek ýaly etsede, bir zatlary aýtjak bolup, aýtmaga çekinýän şekilli
şol köwlendi durdy. Ahyram daşary seredip durşuna
üzlem-saplam şulary diýdi:
— Akgül eje, neme... o tarapa geçenlere «dereksiz»
diýlenok, «dönük» diýilýä. Seň ogluňa şyltak atyp,
seniň ýüregiňi çişireni üçin Meretgylyç lagyry äkidip,
hökümede tabşyrjak. Hat ýüzünde arza berjekmi?

Ýog-e-eý!
Beýtmäň,
köşek,
beýtmäň!
Tohumymyzda adam ýamanlap, gapy kakan ýokdur.
Degmäň, degmäň. Ahyr ýaşymda o güne bir düşmäýin.
Her kim ýaman bolsa, özi Hudaýdan tapar. Men
guraýyn, şu bellisini bilmesem ynjalmadym-da. Umytly
gezip ýören bolsam gowy boljak ekeni. Ölýänçäm
ýoluna garap, garaşyb-a oturardym. Namardyň gepi
günüme goýmady-da. Şo günümem köp gördüler-dä.
Gözläbersem çykaýjak ýalam boldy durdy, çagam bir
ýerden. — Akgül eje myhmana bildirmän gözýaşyny
syldy. — Indi bolsa köşek, sen git-de, oňa-muňa aýdyp
gel. Bolýa, çagam dereksiz bolmasa bolýa.
Ýigit gapydan çykyp, Akgül ejäniň öýjagazyndan
260
saýlanyberende yzyndan guzy mälän ýaly, zaryn bir ses
eşidildi.
— Balam-e-eý, balam-e-eý... Nirde galdyň, guzymeý!
Bu ses ýaňky ýigidiň aýagyndan ýüp salnan ýaly
aşak çökerdi. Ellerini sandyradyp, çilim ýasandy.
Jübüsinden hälki getiren hatyny çykaryp, kim bilýär,
näçinji gezek göz gezdirdi. Ol hatyň hem mazmuny edil
öňki hatlaryňky bilen deňdi. «Nähili we nädip ölendigi
barada maglumat ýok. Dereksiz ýiten». Öňkülerden bir
üýtgeşik ýeri olam bolsa, Hangeldiniň urşuň başyndan
tä aýagyna çenli söweşendigi, hiç bir ýazygynyň
ýokdugy barada giňişleýin aýdylýardy.
Akgül ejäniň öýüne goňşy-golamlar üýşüberende,
ýigit özüniň düzedip bolmajak ýalňyş goýberendigini
duýdy. Emma indi giç. Hangeldi hakda belli bir zat
biljek bolup, garrynyň ýyllarboýy tükeniksiz jepalar
çekip ýörşüne dözmän, onuň ýüküni ýeňletjek bolup
tapan çykalgasynyň düýbünden ters çykandygyna indi
düşündi. «Birden Hangeldi bir ýerden çykaýsa näme?»
Bu sorag kellesine gelende zöwwe ýeriden galdy. «Gelse
gowy-da» diýibem öz-özüne jogap berdi. «Garryňam
islegi şo-da. Ýa özi gelsin diýýär, ýa-da öldi habary
261
gelsin» diýýär.
...Akgül eje agtygynyň söweşde gurban bolanyna
gözüni ýetirip, şondan soňam dört ýyl kyrk gün obada
başyny dik tutup gezdi. Oglundan razy bolup, dünýeden
arkaýyn ötdi. Öljek wagty hem şol wakany ýatlady.
— Meretgylyç lagyra aýdyň, Akgül gözüni ýumup,
armansyz ötdi diýiň. Il-güni gorap döşüni ajalyň öňüne
ýaýdanman tutan goç guzynyň enesi bolan heleý, baý,
arkaýyn gider-ä! Tohumy şeýle biziňkileriň...
Soň-soňlaram gelenler boldy. Hatda, on-on bäş
ýyldan soňam gelen boldy. Hangeldi welin, henizem
gelenok.Gelmese-de gelerçe boldy. O-ol, Akgül ejäniň
öňünde ýalan sözläp o pahyryň arkaýyn ölmegine
sebäp bolan ýigidiň «ýalany» hem «mukaddes ýalan»
bolup çykdy. (Gepiň gerdişine görä aýtsak, şol oglanam
bir wagtlar öýken keselli bolup ýogaldy).
Ine, şol wakalardan soň bir är ömri geçensoň, has
takygy otuz ýyl geçensoň, Hangeldiň mazary tapyldy
oturyberdi. Ony Germaniýada birnäçe wagtlap bolup
gelen bir žurnalist oglan urşuň iň soňky aldym-berdimli
günleriniň bolan ýerinden tapypdyr. Obadaşlary
Akgül ejäniň elewräp ýörşüni ýatlap, uludan demlerini
aldylar. Kolhozyň partiýa guramasynyň sekretary oba
262
adamlaryny kluba ýygnap, dabaraly mejlis geçirdi.
Çary goturyň gyzy Ogultuwak eje bolsa bir janly
soýup, Hangeldä degsin etdirdi. Çünki indi bu obada
Akgül ejäniň öýi hem ýokdy, ojagy hem. Olaryň
ikisinem uruş ogurlapdy.
1981 ý.
PYÝADA KAZYLAR
(satiriki hekaýa)
On üç ýylyň duly, altmyş bir ýaşly Mäterguly aga
ýekelikden zeýrene-zeýrene ahyry ilerki obadan özi
ýaly gazygynda ýeke galanyň birini tapyp getirdi.
«Garry bolanda göwni ýokmy?» diýip, goňşularyna gün
bermän ýören çaşy, çypar horazyny soýaga-da ýumşajyk
palow bişirdi. (Käşir tapman içine palow kädi saldy.)
Bir wagtky dosty heserdeşi Haknazar aganyň uly ogly
Pirlini we duldegşir goňşusy Mäligi çagyryp üýşmeleň
etdi. Bir çüýşe arak aldy. «Etmän ýören zadymyz däl-le»
diýip, iki käse aragam ýelmedi. Dili açyldy.
– Haknazar pahyr bilen iýenimiz aýry gitmezdi –
diýip, Pirliniň kakasyny öwdi. – Tüweleme, senem
kakaňa çekipsiň. Seni görsem, şony gören ýaly bolaýýan.
263
Seni gowy görýänimem şoň üçin. – Mäterguly aga uzyn
göwresini ýaýkyldadyp gitdi-de, kümeden bir sany
gyş gawunyny alyp geldi. – Me, şunam iýiň, Pirli jan,
palowyň ýany bilen. Ýagşy zada niýetläp ýördüm. Gowy
bolaýdy. – Onsoň öz ýagdaýlaryna geçdi. – Sallahlygam
näme, Mälik jan, özüň bilýäň ýaman zat bi...
Mäligem aýaly ýogalyp üç ýyl bäri dul gezip ýör.
Şonuň üçinem ady tutulandan: «Hä?!» diýdi-de,
hyrçyny dişläp başyny ýaýkady: Mäterguly aganyň sesi
peseldi.
– Çagalar-a ýokuş görýäler welin, olaram näme,
dura-bara düşünşerler-dä.
«Howwa-da, howwa» boluşdylar. Mäterguly aganyň
özüne höwür tapynyp gowy iş edendigini öwran-öwran
nygtadylar. «Jan-jan, her kimiň öz jany» diýişdiler. Bu
meselede birneme tejribesi bolansoň, Mälik has-da
jibrindi.
– Çagaňam bolsa jany jany başgalygyny edýä how.
Pylankesi alaýaýyn diýseň dagy: «Şu öýe-hä getirmersiň!»
diýşip, bagryňa hanjar sokýalar oturyberýäler. Özlerinede bir iş buýursaň bahanalary taýyn. Onsoň nirede bir
ýyly-yssydan garnymy doýrup bilerkäm-ow, diý-de
ysyrganda ýör! Bir doýsaňam indikiň gaýgy. Wah, aýal
264
gerek-le! – Mälik çaga ýaly boýnuny burup, «mynnymynny» etdi. – Aýal bar wagty-ha göwnüňe şu islän
aýalyňy alyp bolaýjak ýaly bolýa durýa ekeni. Niçikmi,
aýalyň ýokmy, çöl ekeni bi bela.
– Iý, Mälik jan, palowdan iý! – diýip, Mäterguly aga
tabagy Mäligiň öňüne süýşürdi. – Pirli jan, guýsana
ýemedenem...
Pirli boşan çüýşäni pejiň aşagyna tigirläp goýberdi.
– Mäti kaka, munyň-a boşady. Şunça öýlenibem
alanyň ýekeje şişemi?
Mäterguly aga ýeňsesini gaşady.
– Alyb-a ikisini aljakdym welin, gel-aý, ajy zat täk
bolsun diýdim-dä.
– Onda üçüsini alaýmaly ekeniň.
– Adama birini içip how, onsoň o täze geleniň gözüne
görünmek gerekgämi? Gelenim-ä bir arakkeş ekeni
diýip gider-dä ýok bolup. Öýüne ýetmänkä-de Mälik
ýalyň biri kakar.
Gülüşdiler. Pirli gürrüňi has gyzyşdyrmak üçin
bilgeşländen sorag berdi.
– Mäti kaka, bi getireniňi nädip tapdyň onsoň?
Öňürti hat-pat dagy ýazansyň-da?
265
– Saňa oýun gerek. Me, ondan-a dükana git-de ýene
bir çüýşe arak getir! – diýip, Mäterguly agadan öňürti
Mälik seslendi. Ýelbegeý atynyp oturan güpbüsiniň
jübsünden on manat çykaryp Pirlä uzatdy. – Şu pul toýa
ýarasyn. Yrym edýän. Belki maňa-da ýokaýady-da. Irdim
men şu sallahlykdan! Arman men utanjaň bolýan. Ühhe! Bar, Pirhan getir! Bir göwün açyşalyň. Toý günüdir
bi. Adam pahyr iki gelýäm-ä bi dünýä? Mäterguly aga:
«Özüm alardym-la!» diýip, gozganjyranam boldy welin,
Mäligiňem: «Yrym edýän, yrym edýän!» diýip şol bir
eňip oturşy bolansoň dükana şoň on manady gitdi.
Pirli gidensoň Mälik tirsegine gyşardy-da, Mäterguly
aga ýüzlendi.
– Ýaş oglanyň ýanynda soramany birhili gördümde... Nememi o-soň? Haçan ýanyna girjek?
Sülmürän bolup oturan Mäterguly aga çyny bilen
gatyrgandy:
– Ýanyna girmek hökmanmy-aý, gümürdi bolsa
bolýada ýanyňda.
– Nužil ýagdaý ýog-aý?! – diýip, Mälik iki buduny
biri-birine berk gysdy. – Onyň-a bolmaz!
– Goýsana-how, biderek gürrüňiňi! Tertip, düzgün
266
diýibem bir zat bor-a. Bolmaz-a sen-men ýok,
barybermek...
Mälik dertdeşiniň alkymyna dykyldy.
– O ne düzgündir-aýt ol?
– Nika diýdi, pyýada kazy diýdi, birazajyk delile
getirmesek bolmaz. Boýnuma goýlandyr Mälik goňşy.
Özem bir mollaçyr bir zat bi.
Mälik boýnuny kibtiniň içine gysdy-da, iňkise gitdi.
– Bä-ä! Dogrudanam-aý! Onda molla-solla
çagyrmaly bor-ow. Pyýada kazam gerek bor. Irräk
aýtmal-a bi zatlary, ýak...
– Adam çagyrmarys han ogul artykmaç çykdajy edip.
Pirli ikiňiz hemmesini oňararsyňyz.
– Seň çynyňmy, ýa oýun edýäňmi?
– Çynym.
– Başym çykmaýan zadyny, goňşy, men-ä boýun
alybilmen. – Şol wagt «haş-haş» edip Pirli geldi. – Ine,
Pirliň özem geldi. Şu oňaraýmasa men-ä...
– Näm-aý ol? – diýip, Pirli her goltugyndan bir çüýşe
çykaryp oturşyna sorady. – Dawaňyz näme?
Birmeýdan hiç haýsyndan ses çykmady. Esli wagtdan
267
soň Mälik gözlerini güldürip Pirlä seretdi.
– Muň-ňa, mollasam, pyýada kazysam ikimiz ekenik.
Pirli «luk-luk» etdirip käselere arak guýuşdyryp
oturşyna:
– A-aý, bolsak bolubiris, Mälik kaka! – diýdi. – Hany,
şuny bir içeliň!
– Maňa-ha guýma, inim! – diýip, Mäterguly aga
ysgynsyz seslendi. Boýnuny burdy.
Mäligem ýöwselledi.
– Kazy boljak bolsak bizem-ä... Soň osoň... Masgara
bolup durmalyň...
– Al, hany! Hiç zat bolmaz.
Pirli göterdi. Mäligem göterdi.
– Palow bilen içmek kyn bolýa – diýip, Mälik
ýüzüni kürşertdi. – Täze «gelin» börek-sörek bişirip
bilenokmyka?
Pirli agzyny şapbyldadyp barmagyny ýalady.
– Gelen güni börek bişirdiberseň bormy olam bir.
Mäti kaka, şu täze açylanyndanam bir gezek içmelidiň
welin, oňarmadyň. Bi süýji ekeni öňkülerden.
– Hä-ä, iýişiňizdenem bildirýä süýjüligi. Hany,
268
«willi-wüllüňizi» az ediň-de, basymrak etmeli işleriňizi
edişdiriň. Soň oturyberiň, geliňde. Haçandy günüň
ýaşany.
«Oho-da, oho!» boluşdylar. Mälik gyjalat berdi:
– Hany, ýaňy ýaman arkaýyn görünýädiň-le. Ýa
aragyň keýpi ýetdimi?
«Boluň, boluň!» diýip, Mäterguly aga bulary
gyssaberdi. Mälik bilen Pirli ikisem iki ýerden:
– Bol, onda näme etmeli bolsa öwret! – diýişdiler.
Mäterguly aga-da ýagdaýynyň ýetdiginden öwreden
boldy:
– Bärden baryňdamy, «Nika wekilçiliginikime
berdiňiz» diýip soraň...
– Şon-a özüň soraýsana – diýişdiler.
Mäterguly aga böwrüni diňledi.
– Be, bormukan-aýt, ol?
– Ýene adama bäş gram ursak bor, näme bolman –
diýip, Pirli ýene-de birlaý arak guýuşdurdy. Bu gezek
üçüsem sessiz-üýnsiz içdiler. Mäterguly aga käsäni
goýdy-da, agzyny süpürip ýolbars kimin arlady:
– Bo-or-la-aý, iniler! Özüm soraýaryn ýaňkyny.
269
Berkime tutsam böregem-ä bişirderdim men oňa welin.
Üh-he! Ine onsoň «wekilçiligi pylan baýa berdik» diýip,
biriňiziň adyňyzy tutar welin, «Siz öz teniňizi Mäterguly
Eminagzam ogluna bagyşlaýaňyzmy, sythy-yhlasyňyz
bilen onuň ýarpy göresi bolmaga razymysyňyz?» diýip
soraň. «Howwa» diýer welin yzyny özüm oňararyn.
Küh-he!
– Belki Hudaý, bize-de ýokaýady-da! – diýip Mälik
tamşandy.
Pirli çüýşesini somlady.
– Onda ýene bir ýola ýelmäliň!
– Soň, soň! – diýip, Mälik ellerini kelemenletdi.
Ýerlerinden turansoňlar üçüsem öz ýagdaýlarynyň
öwerlikli däldigini duýdular. Mäterguly aganyň her
goltugyndan biri girdi. Şondan soň, öňe, yza hallan
atyşyp, «gelinli» jaýa tarap ýöneldiler. Mäterguly aga
Mäligiň gulagyna pyşyrdady:
– Soňkusyny ismeli däl ekenik!
– Hemmämizem köp isipdiris – diýip, Mäligem
öz gezeginde agzyny Mäterguly aganyň gulagyna
golaýlatdy.
– Gapydan girenlerinden, hebeşi ýaly hüýt-gara
270
bolup oturan betgelşik, sary diş bir aýaly görüp zähresi
ýaryldy. Pirli usullyk bilen Mäterguly aganyň gulagyna
çawuş çakdy:
– Mäti kaka, şümi getiren zadyň?
Mäterguly aga geplese syry açylar öýdüp, «howwa»
diýen manyda gözlerini gypyrjyklatdy. Pirli o diýeni
bilenem oňmady-da, hemmeler eşider ýaly edip:
– Mäti kaka, galan ömrüňi ýürek edip şuň bilen
geçirmäge özüň bir razymy? – diýdi.
– Wah, men razy-la! – diýende, Mäterguly aganyň
bokurdagy doldy.
– Bol, onda sora.
Mäterguly aga bularyň goltugyndan sogrulyp çykdyda, ýykylmazlyk üçin elini işigiň söýesine diredi. Zarp
bilen gepledi:
– Eý, meniň çarşenbe güni çäş wagty ilerki obadan
äkelenim! Şu meniň umytly ojagymda otyrkaň aýt, sen
nika wekilçiligini kime berýäň? – Ol şemalyň ugruna
ygşyldaşýan hyşşagulpaklary ýaly, biri-birine degip,
gaýdyp, zordan aýak üstünde duran ýoldaşlaryna tarap
elini uzatdy. – Ine, Mälik baý bar, Pirli baý bar.
Öň telim äre baryp, bu zatlara suw içen ýaly ökdelän
271
«gelin» iki aýtdyrman:
— Pirli baýa berdik — diýdi.
Içinden: «Meniň adymy bir tutmabilseýdir» diýip,
basga aglyp duran Pirliniň dulugyna ýelmenen ýaly
boldy. Başga çykalga ýokdugyna gözi ýetensoň bolsa,
bir ädim öňe süýşdi-de, ýarak ite haýbat atýan ýaly,
«täze gelniň» üstüne heňkirdi:
— Siz, bagyşlaň welin adyňyzam bilemok! — Pirli
öz badyna entirekläp gitdi-de, «gelniň» daşyndan
bir öwrüm etdi. Ahyram ýoldaşlarynyň birinden
ýapyşyp saklandy. Barmagyny çommaltdy. — Howwa-a, «it üýrer, kerwen geçer» diýipdirler, ýeňňe! Siz
öz organizmiňizi Mäti kakama bagyşlaýaňyzmy? Şoň
bilen...
Ol sözüni soňlamanka Mäterguly aga onuň böwrüne
hütületdi.
— Ýör, o tama!
O tama geçensoňlar Mäterguly aga Mälikden ýapyşyp
durşuna Pirlä sökdi.
— Köpeý ogly diýsänim, bilgeşleýin etýäňmi? Hä?!
Nirden tapýaň o gürrüňleri?
Pirli ellerini serdi:
272
— Öz öwreden zatlaryň-da, Mäti kaka.
— Arganizm diý, diýdimmi men saňa?
— Onda näme diýmeli?
— Aý, eşşekataly, aýtdyma ýaňy men saňa: «teniňizi
diý» diýip. Üýtgeşik söz aýdyp jynyny tutdyrsyň sen oň,
gör-de dur!
Pirli kellesini ýumruklady:
— Wah-heý, men guraýyn! Mäti kaka, ýör, hany,
ýaňadandan aýdaly. — Içki tamyň gapysyndan
ätlemänkäler, Pirli Mäterguly aga ýüzlendi. — Mäti
kaka, seň munyň jynlammy?
— Şuny menden öňki alanlar-a şeý diýdiler how.
Häzir bol!
Ýene-de girdiler, «güpür-de-tapyr» boluşyp. Pirli urtut soraga başlady:
— Siz öz organizmiňizi Mäti kakama bagyşlaýaňyzmy
ýa ýok? Hä?! Bir agyz söz!
— Häk, seniň bir — diýdi-de, Mäterguly aga Pirliniň
elinden tutup, süýräp diýen ýaly çykardy. Tumşugyna
ýapaýarly göründi, bokurdagy harlady. — Seň ataňdan
ýaňa inim-boýum ýazylan däldir. Şolam hernä şuňňaly
zat bolsa bir bolgusyzyny tapyp bulaşdyrardy. Senem
273
şuny bilgeşleýin edýänsiň. Beled-ä men seň tohumyňa.
Ataň bilen otuz iki ýyl tirkeşdim. Görgümi görkezendir.
Wah, aňdymam-la şeýle boljagyny. Sen, it ataly, düzüw
geplejekmi ýa ýok?! — Ol gyssanjyna Mälige ýüzlendi.
— Bolmasa Mälik jan, seň özüňjik aýdaýsana, inim!
Öňem aladanyň öz başyndan aňsatlyk bilen
sowulanyna ýüzde-müň şükür edip duran Mälik bu
sözi eşidenden elewräberdi.
— Bolmaz ol, goňşy, bolmaz! Wekilçiligi Pirlä berd-ä
ol.
— Olam-a şeýledir öz-ä — Mäterguly aga Pirlä
bakyp, çyny bilen ýalbardy. — Jan, inim, guluň bolaýyn
düzüwje aýdaýsana!
— Wah, ynan, Mäti kaka, bilgeşleýin aýdamok. Özi
agzyma geläýýä.
— Näm bolmaly ol arganyzm diýýäniň?
— Aý, neme-dä, şü, adamyň organizmi-dä. Hemme
ýerem girýä oňa. O diýmek neme-dä, adamyň durky,
teni diýmek-dä.
Mäterguly aga birneme köşeşdi.
— Be, olam-a ugrundan barýan ekeni öz-ä. Aý, şondada aýdylanjasyny aýdaýsana, agzyňdan kireý isleýäňmi?
274
— Bor, Mäti kaka indi ýalňyşmajak bolaýyn. Bolmasa
şo ýerinem özüňjik aýdaýsana.
Mäterguly aga ýer depip gygyrdy:
— Içimi ýakma diýýän men saňa!
Üçünji gezek girdiler. Pirli hetjikläp başlady:
— Siz, ýagny, Mäti kakamyň soňky alany! Siz öz...
— Şol wagt Mäterguly aga Pirliniň gulagyna: Teniňizi
diý, betbagtyň çagasy, teniňizi diý!» diýip, pyşyrdady.
Pirli hem wagtynda ýadyna salnany üçin begendi.
Dogumlandy. – Siz öz teniňizi şu bolşuňyz bilen Mäti
kakama bagyşlaýaňyzmy? – Ol aýalam aýdylaryna
mähetdel: «Bagyşlaýarys. Näme bagyşlaman? Munça
ýoklara-da bagyşlaý-bagyşlaý gelinendir» diýdi-de,
«myş-ş» edip, uludan bir demini aldy. «Yzyny aýt,
yzyny!» diýip, Mäterguly aga gyssaberensoň, Pirli
indiki aýtjak sözlerini ýadyna salmak üçin dik depesine
garady. «Sydky-yhlas» sözüni aýtjak bolanda, näme
üçindir, göz öňüne obalaryndaky ady belli arakkeş
Sytdyh Ylýas geldi. – How-wa-a, siz öz teniňizi Mäti
kakama bagyşlaýanyňyz bilen oňarmysyňyz ýa ýarty
halyňyza Sytdyh Ylýas ýaly biri bilen...
Ýüregi agzyndan çykara gelen Mäterguly aga Pirliniň
ýakasyndan tutup, idirdedip ugrady.
275
– Boldumy, Mäti kaka, dogry aýtdymmy? – diýip
barşyna, Pirliniň gözi Mäterguly aganyň adamçyl
erkegiňkä dönen gözüne düşdi. Onuň bolşy Pirliniň
hekirtmeginden alarly göründi. Birdenem töweregini
sermenip, eline iler ýaly zat gözläp başlady. Rejäniň
geň däldigini aňan Pirli, işikden zymdyrylyp çykdyda, zut gaçyp gitdi. Pirliniň yzyndan ýetip bilmejegine
gözi ýetensoň Mäterguly aga agzyndan ak köpük saçyp
Mäligiň üstüne gygyrdy:
– Bar, senem ýok bol, sallah işigaýdan! Git, garnyňy
doýur bir ýerden ýyly-yssy tap-da! Içigara diýerler size.
Iýseňiz, içseňiz, başga zat gamyňyza däl, siziň! Ýet,
ýaňkyň yzyndan! Me, äkit bi ýarty çüýşe aragyňam!
Häýt, çüýşän başujyňda dikilsin!
– Bor, goňşy, gidäýeris – diýip, köwşüni geýip oturşyna
Mälik närazylyk bildirdi. – Sallahlygymy-ha goňşy
aýtmasaňam bilýän. Hudaýyň salanydyr, nädeýin? –
Mälik hamsykdy. – Men-ä yrym edip geläýdim, senden
ýokuşsyn diýip.
– Yrymy, ýomy bilýän eşeklermi siz?! Içigara siz!
Görünmäň gözüme! Häý, aragyňyzam başyňyzy iýsin,
böregiňizem. Böregem iýjekdiňiz siz! Gel men saňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 12
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.