Latin

Ojaklar öçmesin - 03

Total number of words is 3663
Total number of unique words is 2199
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
öl-suw bolan ýagyrnysyny agtygynyň mylaýym demi
ýelpäp goýberdi:
— Ata, getir, ýadan bolsaň men çalaýyn!
1933 ý.
DUZUŇ JEZASY
Ak öýlänler daga tarap ýola düşen ýük maşyny raýon
merkezinden çykyberende, gyşyň sowugyny piňine-de
alman duran iki sany ýaş gelniň biri elini galdyrdy.
— Ýany adamsyz enteşip ýörmäge çekinenoklaramaýt!— diýip, rulda oturan hor ýigit ryçagy silkeläp
oturşyna gatyrgandy. Duranlaryň deňinden geçibiräk
saklandy. — Mün diýilende münäýjeklermikän nätanyş
maşyna?
Şofýoryň gapdalynda oturan semiz mehanik (Bular
dagdaky guýularyň birine suw çykarýan motor alyp
barýardylar) germesatan bolup kabinadan düşüp
barşyna, ýaltalyk bilen hümürdedi:
— Biriniň-ä elinde ýaş çagasam bar ekeni.
Zerurdyrlar-da, elbetde!
52
Ol ylgaşlap gelen gelinlerden nirä barýandyklaryny
sorady. Olar bolsa ur-tut münüp özüne sorag berdiler.
— «Ýagty ýoluň» kümeçiligine barmazmysyňyz?!
Mehanik näme diýjegini oýlanyp ýetişmänkä
kabinadan şofýoryň gaharly sesi eşdildi.
— Üstünden geçýäs, üstünden!
Gelinler: «Şü-ýä bolaýdy-da, bolaýdy» bolşup kabina
mündüler. Mehanik sowugam bolsa nowa münmeli
boldy. Sygmadylar. Hälki gatyrganan bolup oturan
şofýoryň welin güni geldi. Kabinaň içine aýal ysy
çaýylandan göwni açylyp dili gijäp başlady.
Şondan soň gürrüň has gyzyşdy Ýol boýy telim
gürrüňiň başyny agyrtdylar. Soňabaka gürrüňiň
serhedi has giňedi. Çagaly gelin, Akgyz dul bolup çykdy
Bir ýylam ýaşaşman ärinden aýrylypdyr. Nämemişin,
gabanjaňmyşyn. Muňa bolsa gabansaň bolmyýamyşyn.
Gülaýymyň adamsy bolsa häzir goşunda gulluk
edip ýör ekeni. Şu wagtam bu ikisi Akgyzlarda
myhmançylykda bolupdyrlar-da, indem Gülaýymyň
işleýän ýerine, kümeçilige barýan ekenler. Köne
joralaryň görüşmänlerine-de iki ýyl dagy bolupdyr.
Garaňky mazaly düşensoň kümeçilige gelip ýetdiler.
53
Ýanar maşyny Gülaýymlaryň ed-dil işiginde kesertdi.
Şol wagt Begjan «tarp» edip nowadan böküp düşdi.
«Gulagymy sowuk aldy» diýip, aýal maşgalalaryň
ýanynda ýerliksiz zeýrendi.
Onuň digdenekläp durşuna dözmedik Gülaýym
aýgytly gepledi.
— Siz näme, şeýdip gidiberjekmi? — Çaý-suw içiň-de,
duz dadyň. Ol henizem gulagyny owkalap duran Begjana
seretdi. — Birnemejik ýylynyňda onsoň gidiberiň. —
Tanyş bolduk, ýoldaş bolduk. Adamçylykdyr, ötseňiz,
geçseňiz sowular ýaly öýi görüp gidiň. Men-ä ýylboýy
şu ýerde, oba-da gidemok.
— Erkegi ýok bolsa birhiliräg-ä bor.
Begjan Ýanara garap ýuwaşja gürlese-de muny
Gülaýymam eşitdi. Eşitdi-de, oda-köze düşüberdi.
— Wiý, birhilisi bormy onuň? Açyk gapydyr-da,
barybermelidir-dä. Barylmyýan, gelinmeýän gapy
däldir. Traktorçylaram häli şindi gelip, iýip-içip
gidip durandyrlar — diýdi. Özüniň şolar üçin çörek
bişirýändiginem aýtdy. — Gaýnymam ýanymda bolýady
welin, olam oba gidäýdi-dä. Düşüň, düşüň! Çekinmäň!
Türkmençilikde myhman üçin aýal boldy, erkek boldy
54
tapawudy bolmaz.
Şu sowukda ýyljak pejiň başynda oturyp bir käse
gyzgynja çaý içmek höwesi ikisine-de kem ýaramady.
...Demir ojak gübürdäp başlansoň, uly bolmadyk
iki otagdan ybarat pessejik pagsa jaý kemsiz ýylady.
Kakadylan etden gaýnatma bişýänçä, myhmanlaryň
öňüni boş saklamazlyk üçin gelinler duldaky syrçaly
küýzeden gowurdak çykaryp eretdiler. Içine ýumurtga
hem çakdylar. Öý eýesiniň rugsat bermegi bilen, Ýanar
kabinadan bir çüýşe aragam getirdi. Akgyz içki otagda
düýrlengi duran sallançagy ýazdyryp çagasyny ýatyrdy.
Şondan soň üýşüp nahar iýdiler. Ýigitleriň hersi bir
käsäni dolduryp şer suwundan içdiler. Gelinlere hödür
etmäge çekindiler. Heniz öz aýalyndan başga zenan
bilen garşylaşyp oturyp görmedik Begjan, bir bada
aljyrajak ýaly etdi. Bu gelinleriň ýat adamlar bilen
arkaýyn döwür gurap oturyşlaryny öz ýanyndan ýokuş
gördi. Öz aýalynyň şeýdip ýatlar bilen oturaýsa nähili
boljagyny göz öňüne getirende ýüregi sarsdy. Hut
aglaýasy geldi. Kem-kemdenem öwrenişdi. Şerabyň
keýpi gowy ýetensoň bolsa, gelinler Begjanyň gözüne
düýbünden başgaça göründi.
Ýanar ýene-de käselere arak guýuşdyrdy. Göterjek
55
wagty janyny barlap görmek üçin, Gülaýyma ýüzlendi.
— Bi, ýat adamlar otyr-ow munuň öýünde diýip
saňa... nememi... gep-ä geläýmez-dä herne? Adamlaram
how, ýaman erbet bolupdyrlar. Göwni gara bary.
Ýanar bilen göz çeneşip oturan Akgyzam «mys-s»
edip Gülaýyma seretdi. Göwnüni giň tutup oturan
Gülaýym şol başky durnuklylygy bilen:
— Adamyň işi bolmaz, arkaýyn oturyberiň. Oba
adamlary biri-birini gaty gowy tanaýandyr. Kim ak,
kim gara bilinýändir. — diýdi. — Arkaýyn iýiň, içiň.
Isleseňiz ýatyp gidiň. Gelim-gidimsiz öý bolmaz. Ine
iki jaý, birinde ýatyberiň. Siz meniň myhmanym. Size
hyzmat etmek bolsa meniň borjum.
Ýatmak meselesi öň çözülendir, Ýanar hemme
zady gepleşendir öýdüp oturan Begjanyň bar mazasy
gaçdy. Mölerilip Ýanara seretdi. «Ýatyp gidiň!» diýen
sözi gulagy bilen eşidip, ýüregine sowuk suw urmak
maksady bilen Ýanara sagadyny görkezip, göwünsiz:
— Hany, gymyldamyýasmy? — diýen boldy.
— Ine gymyldaýas-a! — diýip, Ýanar şakyr-şukur
käselere arak guýuşdyrdy. Ýoldaşynyň aljyraňňylygyny
ýuwmarlady. — Al, onda gymyldaly!
56
Ýanar boşadan käsesini keçäniň üstünde goýdy-da,
gözüni jüýjerdip Akgyza seretdi. Olam muňa seredip
gaşlaryny gerdi. Bir meýdan gözleşmeşek oýnaşansoňlar
Akgyz Gülaýyma bildirmän: «Howlukmaň, oturyberiň»
diýip, ümledi, ýyljyraklady. Ýanara tarap göwsi bilen
owsun atdy. Enaýyja diliniň çowy bilen ýokarky
dodagyny ýalap goýberdi. Meýiň mesligi bilen yşgyň
humary bileleşip başlarda tutuksy bir çal dumany emele
getirdi.
Ikinji çüýşedenem içensoňlar ýigitler mazalyja
mesirgediler. Gülaýym bir iş bilen daş çykdam welin,
pursat arap oturan Akgyz:
— Çagam oýanaýdy öýdýän — diýip, ýeňillik
bilen ýerinden galdy. Turjak wagty Ýanaryň süýem
barmagyny berk gysdy. Gapa ýetibem çep gaşyny kakyp
goýberdi. Ýanaryň ýüregi ersip gitdi. «Wah, häzir!»
Salym geçmänkä-de Akgyzyň yzy bilen aňyrky jaýa
girdi. Ýarym sagatlap garaňky jaýdan Ýanaryň çaga lak
atyşy, çaganyň jykyrdysy we Akgyzyň şelaýyn pyşyrdysy
eşdildi durdy. Soň hiç zat eşdilmedi. Daşardan gaýdyp
gelen öý eýesi bolsa o jaýdaky bet işi bir bada gümanam
etmedi. Arkaýyn Begjan bilen gürleşdi oturdy.
Ýagdaýy duýansoň ortadaky çüýşelere ýigrenç bilen
seretdi. Başda içişlige rugsat bereni üçin, umuman
57
bu birtopar gadyrbilmezleri myhman alany üçin ýüz
müň puşeýman etdi. Indem gijäniň bir wagty: «Turuň,
göteriliň!» diýip, goh edip ili örüzip ýörmäni kyn görüp
serimsal bolup oturşyna gözüne ýaş aýlady. Şu ortarada
mes bolup özüne göz gypyp oturan myhmanyň girjek
wagty «erkegi bolmasa birhiliräk bor» diýip ýaýdanyp
durşyny ýatlady. Ýerliksiz ýere açykgöwünlilik edeni
üçin öz-özüne gahary geldi. Has beterem içerdäkilere
gahary geldi. Iş-işden geçendigini bilensoň bolsa
sowukganlylygy saklaýmakdan başga alaç tapmady.
Şuny ýatyryp bilse özi ýatman çykmaga kaýyl boldy.
Begjanyň yranyp oturşyny görüp: «Ýatmazmyka» diýip
pyşyrdady. Gijesi bilen traktorçylar üçin hamyr edip
nan ýapmagy ýüregine düwdi. «Goý, irden gyzgynjagy
bilen äkitsinler».
— Siz ýatyberiň men häzir size düşek ýazyp bereýin.
Henizem ham-hyýallara gark bolup irkiljiräp oturan
ýigit bu sözi eşdip gultundy. Mundan sähelçe wagt
ozal ýyljak jaýa, gyzgynjak nahar bilen bir käse çaýa
gultunan göwün indi başga zatlara gultundy. Ýenede sanlyja minutdan özüniň ýyly gujaga düşjekdigine
pugta ynandy. Ykbalyndan müň-de bir razy bolup,
süzülgi duran gözünem açman uzyn-uzyn gägirdi.
58
Gijäniň şu mahallary bir del maşgalanyň özi bilen
hut ikiçäkdigi üçin, oňa-da bile ýatar ýaly düşek
saldyryp oturandygy üçin has-da eseldi. Şerbetli akaryň
sakasyndaky mirap ýatdan çykdy. Bu jaýyň pagsalaryny
özi goýan dek hojaýynsyrady. Şol wagtam Akgyz girdide çyrany sorady. Gülaýymyň içki harasadyndan
bihabar gaýtam onam özi bilen deň hasaplap syrtaran
boldy. Begjana bakybam bir ýylgyrdy-da, çyrany göterip
zut gitdi. Begjan çyra äkidilensoňam garaňkyda gözüni
süzüp eslije oturdy. «Geläý bärik» diýlerine garaşdy.
Bir işiň boljagyna şübhe galmady. Kellesinde nämäniň
«hüňňüldeýänini» welin kes-kelläm bilip bilmedi.
Öňünde uçgun görünýän gözleri garaňka birneme
öwrenişenden soň bolsa, bäbenekleri bilen Gülaýymy
gözledi. Onuň gap-gaçlary ýygnaşdyryp oturandygyny
çalarak saýgardy. Düşek salnansoň hemme zada
ygtyýar bolandyr öýdüp şol tarapa bat bilen omzady.
Gülaýym ala-basgy bolup oturan myhmanyň elinden
zordan sypdy. Sojap-sojap dem aldy. Aglasy geldi,
ýöne aglamady. Gykylyk galmagalam etmedi. Hiç kimi
kömege-de çagyrmady. Ol syçrap ýerinden turdy-da,
başyndan tagzymsyz turulan saçagyň ýanyna bardy.
Ony, göteräge-de, gütüledip Begjanyň öňüne oklady.
— Duzumy iýdiň-ä işigaýdan! Gözüňi gapmazmy
59
bi seniň?! — Begjan ilki bilen-ä özüni ullakan bir
degirmeniň üstünde aýlanyp oturan ýaly duýdy. «Hyrryňhyrryň, hyrryň-hyrryň». Birdenem degirmeniň
aýlanmasy galdy-da, şuwwuldy peýda boldy. Şondan
soň birmeýdan gulagy şaňlady. Yzyndanam hamala
uçup ýören ekeni-de ine, birdenem torgaý gonan ýaly
usullyk bilen gaýy-yp, ýere gonaýdy. Şeýtdi-de açyldy
oturyberdi. Öňki-öňkilik boldy duruberdi. Özüne
gelendenem üstünden suw guýlan kesek ýaly eräp, ýere
siňdi ötägitdi. Burny öňküsinden garyş-sere dagy uzaldy.
Bu görgüsi ýaman indi, şuwagt, açylansoň bildi özüniň
serhetden geçenini. Indi billi bu zatlaryň oýun däldigini.
özüniň myhmandygy, Gülaýymyň bolsa öý eýesidigi
indi ýadyna düşdi. Bu bolan işiň ýeke bir ýalňyşlyk dälde, azgynçylykdygynam, ullakan jenaýatdygynam indi
açyk bildi. Ýöne arman giç bildi. Ol etegine gowurga
guýlan ýaly gozganyp bilmän birmeýdan oturdy. Şonda
ol özüne-de, Ýanara-da, şu belalara duçar eden çakyr
aýazly gyş gijesine-de tükeniksiz nälet okady. Ýandy.
Bişdi. Nädeninde ol kenara, öňki päklik kenaryna baryp
boljakdygy hakda oýlandy. Ýollarda duman göründi.
Ýigidi gam basdy. Özüni öldüräýesi geldi. Oturdygy
saýy hem saçakdaky nanyň her bir owuntygy syhsyh bolup, munuň meý-mest bolan günäkär gözlerini
60
köwläýerli göründi. Ýerinden galyp bilmän oýkanjyrady.
Bir zatlar diýen bolup, özüni aklasy geldi. Bolmady.
Söz tapylmady. Ötünç soramaga-da dili öwrülmän,
zoraýakdan ýerinden galdy. Işige tarap ýöneldi.
Bosagadan abraý bilen ätlän aýaklar, çykanda örän agyr
ýüki göterip çykmaly boldular. Ol alagaraňkyda ädigini
gözlemäge hem howlugyp, gapyny usullyk bilen açdy.
Ýegşerilip gapydan çykdy-da, işikde duran maşynyň
buz ýaly kabinasyny kynlyk bilen açdy. «Has-has» edip
açary gözledi. Tapmady. Ýanara signal berjek bolup
hyýallandy. Soň onam gelniň abraýyna zyýan diýip
düşündi. Akyl etdi. Özüniň bu ýerde mundan artyk bir
pursat hem saklanmaly däldigine-de pugta akyl ýetirdi.
Ol oturgyjyň üstündäki galyň güpbüni çekip aldy-da,
kabinany emaý bilen ýapdy. Daş işikde ýatan, ýeňsesi
ýyrtyk, bitaý, köne galoşy aýagyna ildirdi-de, sowuk
şemala döşüni gerip ýola düşdi. Bu wagt onuň her
edip, hesip edip beýle masgaraçylygyň bolan ýerinden
basymrak daşlaşasy, eger ýeriň ol ujy bar bolsa, baryp
şondan özüni ikirjiňlenmän oklaýasy geldi. Gidip
barşyna saň-gaty çöňürleriň injiklerini daraw-daraw
çyzyşynam, çapgyn daň şemalynyň bokurdagyny
ynsapsyzlyk bilen päkiläberişinem duýmady. Ol gün
dogýança durman ýol ýöredi. Her näçe ýörese-de,
61
gütüläp öňüne düşen saçak göz öňünden gitmedi.
Gün dogup adam boýy galyberende, maşynyny
şakyrdadyp, Ýanar ýetdi. Onuňam ýüzi pökgerip,
gözleri çym-gyzyl bolupdyr. Maşyn gapdalyna gelip
duransoňam, güýçli-güýçli gaz berensoňam Begjan
aýak çekmedi. Şemalyň ugruna barýan peşmek ýaly
ýegdekläp barşyna şo-ol gitdi oturdy. Ýanar has öňe gitdide maşyny saklady. Düşdi. Kabinadan Begjanyň ädigini
çykaryp öňüne oklady. Begjan sesini-üýnüni çykarman
ýere çökdi. Çym gyzyl bolan aýaklaryny owkalaşdyrdy.
Howlukman ädigini geýdi. Birdenem hasyr-husur
ýerinden turdy-da, gapdalynda sortdurylyp duran
Ýanaryň tumşugyna ýelmäp goýberdi. Ýanar şalkyldap
ýykylansoňam onuň garnyna münüp ýakasyndan tutdy.
Silkeledi.
— Sen, barysyna günäkär! — Ol sesinde baryny edip
gygyrdy. — Hemmesi senden boldy. Me-e!!! Al!! Al, hezil
et! Gönen! Ýene gerekmi? Gerekmi ýene? Hä? Gerekmi?
Senden boldy diýýän men saňa şu masgaraçylyklaryň
barysy, dogumlysyran bolup! Häý, seniň, bir...
Ýanar zordan mehanigiň elinden sypyp gaçdy.
Güýji pes bolansoň däl-de, hakykatdanam özüniň oňa
görä has günäkärräk bolandygy üçin gaçdy. Şol gaçyp
62
barşyna-da duýdansyz urgudan ätiýaç edip gaýta-gaýta
yzyna seretdi. Şumjardy.
— Nädeýin-dä, indi men, boljak iş bolansoň?
Öleýinmi?
— Öl! Öl, ölüp bilýän bolsaň! Bol öl! Bol, öl diýýän
men saňa!
Gaça-gaça ahyrsoňy Ýanaryňam sabry-karary
tükendi. Sakga durdy-da, ýüzüni gök-dalak edip yzyna
öwrüldi. Agzyndan gelenini atalap gelýän mehanigiň
üstüne süründi. Gözlerini däli öküziň gözi ýaly edip
barmagyny çommaltdy.
— Sen öl! özüň öl! Gelme indi golaýma! Gelme
diýýän, gelseň öldürin! — Ýanar çaga ýaly aýagy bilen
ýer depip janykdy. — Sen özüň idili eşek bolýan bolsaň,
azajyk akyllyrak bolaýmaly ekeniň-dä, maňa görä!
Näme, sen dek gaýtdyňmy?
Begjan sandyraýan penjelerini gerip barşyna, «Goý,
goý! Aýtma-a!» diýip arydan goranýan ýaly ellerini
daldalady. Birdenem kükregini ýarara getirip möňňürip
goýberdi. Iki dyzynam ýere urup ýer ýumruklap aglady.
Agşamdan bäri dykyn alyp duran ýürek, diňe şondan
soň birneme köşeşdi. Özüni ýagşy rastlap bolansoň,
hol beýleräkde henizem gaharyna bir zatlary samyrdap
63
sögünip ýören ýoldaşynyň ýüzüne naýynjar bakdy.
Berjek soragynyň jogabyndan eýýämden basylýan ýaly
ýüzüni eňşetdi.
— Näme diýdi? Gaýtjak wagtyň näme diýdi? Hiý, bir
zat diýdimi?
Ýanar ýumruk degen ýerlerini sypalap durşuna
öýkenini sowuk howadan ykjam doldurdy. Kükregi
boşansoň aşak çökdi. Beriljek jogap has kyn bor-a çemli
ol iýen ýumruklary üçin edip duran kinesinem badabat ýadyndan çykardy. Ysgynsyz çöp bilen doň ýeri
gorjalap Begjanyň ýüzüne hem seretmän güzap baryny
çekip örän kynlyk bilen dillendi.
— Üh-he!.. Neme... O zat... Akgyzyň-a, daň
bilen köwşüni öňüne oklady. Bir zatlar diýişdirdi
aňşyrmadym. Özüme diýenlerini welin eşitdim. Daş
işikde elini göwsünde gowşuryp durşuna: «Bu gapynyň
bosagasy pesem bolsa howalasy belentdir. Ojagym
horaşaja bolsa-da süňňi arassadyr. Çöregim bitindir.
Ötseňiz, geçseňiz geliberiň, myhman-a alaryn» diýdi.
Özüň bilýäň menem-ä ýüzüme zat alýan eşek däldirin
welin, onuň şol sözleri menem asylyp öläýmeli etdi.
Nädip ugranymy, nädip gelenimi hem bilemok. Ýol
boýy hem bir ölüp bilmedim. Näbileli beýle boljagyny.
64
«Düşüň» diýip özelenip duransoň nemeräjikdir
öýdäýdik-dä...»
Begjanyň ýene-de: «Ikimiz ýaly haramzadany ölüm
näme etsin» diýip, haşgyrasy geldi. Urasy, urulasy,
garaz içini egisesi geldi. Emma ýerindenem gozganyp
bilmedi. Uzak wagtlap pikir edip oturdy. Örän köp
pikir etdi. Pikir etdigi saýy hem bulaşdy. Gara bagrynyň
elekler bolup elenýändigini, özüniň agyr, çekmesi kyn
bolan bir elhenç jezany çekýändigini duýdy. Ol jezanyň
yzasynyň häli-bärde aýrylyp ötägitmejeginem aňdy.
Egnindäki güpbüsini sowuk ýere taşlaga-da sowuk
çägäniň üstünde gyşardy. Tirsegine söýenip ýatyşyna
aýalary bilen kelleçanagyny gysdy. Iňledi.
— Düýnkülerden galan-gaçan-a ýokdur?
Gürrüňiň başga tarapa sowulanyna begenjine
Ýanaryň gözleri ýitelip, süňňi ýeňledi. Tasap ýerinden
galdy.
— Bolmalydyr. Hä, näme, içjekmi? Içelimi?
Getireýinmi?
— Alsana bar bolsa. Kelleler ýarylyp barýa. Gözümem
ýere gaçjak. Bar bolsa bir agyz nanam al!
Ýanar kabinadan bir çüýşe arak çykaryp Begjanyň
65
eline tutdurdy. Özi bolsa iýer ýaly zat almak üçin
göwresini ýaňadandan kabina sokdy. Begjan böwrüni
diňlap oturşyna çüýşäni açmak üçin, agzyna salyp
gapagynyň o ýerinden, bu ýerinden dişledi. Açmanam
agzyndan çykardy. Myrryhy tutdy. Çüýşäni gysymlap
eýlesine, beýlesine seretdi. Seretdi-seretdi-de, ýerinden
turup maşynyň yzyna geçdi. Elindäki çüýşäni bat bilen
nowanyň demir burçuna bir ýelmände kül-uşak etdi.
Ýüzüni küşşerdip kabinada galan beýleki çüýşänem
çykaryp nowa ýelmedi. Aragyň myrtar ysy tämiz
howany zer-zaýa etdi. Ýigitleriň ýüregini bulady. Begjan
uludan bir demini aldy-da, böküp kabina mündi. Çymgyzyl bolup öňe seredip oturşyna, kükregini hyžyrdadyp
Ýanara gygyrdy.
— Sür!!!
Biri-birine ýekeje agyz hem söz gatman sagat ýarym
dagy ýol ýöränsoňlar üsti garly belent daglara baryp
ýetdiler. Serini duman basan bu daglara siňdikleri
saýy, birneme göwünleri açyldy. Gepleşesleri geldi.
Nämede bolsa bir bahana tapyp gürrüň gozgamak
üçin assyrynlyk bilen biri-birine seredişdiler. «Ähemühüm» edip gobsunyşdylar. Agyr ýatlamalaryň ýerini
iş aladalary bilen basmarlamak üçin, oturdyljak motor
hakynda, onuň öňkä göre has gowy boljakdygy, çünki
66
munuň daşary ýurtdan getirilendigi hakynda üzlemsaplam gürrüň etdiler. O-da peýda bermedi. Ol
gürrüňler bilenem köňüller gamdan doly saplanmady.
Oňaýsyz gürrüňler edildigisaýy, gaýtam göwünler barha
gubar baglady. Onsoň ýene-de dymdylar. Ýalňyşlyk
bilen bolan bu işe ýene bir gezek tüýs ýürekden puşman
etdiler. Gynandylar. Begjan şofýoryň gapdalynda daýaw
göwresini boş horjun deý iki epläp oturşyna edilen
günäniň berjek jezasyndan howpurgap, hyýalynda
Gülaýymdan telim ýola üzür ötündi. Ýalbardy. Ýarym
gijeden bäri içinden müň gezek gaýtalap diline tüýler
bitiren şol bir sözi ýene-de müň birinji gezek gaýtalady:
«Men seniň kyýamat eşegiň boldum, Gülaýym!»
Şol dem tebigat hem özüniň emelsiz perzentleriniň
gabahat günäleriniň üstüni hiç kim görmänkä örtmegi
ýüregine düwen dek asmandan ak gar sepeläp başlady.
Ak gar. Owunjak ak gar. Edil elekden elenýän ýaly
maýdaja ak gar sepeläp başlady.
1982 ý.
NAÇAR DOGAN
Özünden gözlüje üç ýaş uly dogany Şyhmyradyň
Aşgabatdan şu ýere, hut öz raýonlaryna pagta
67
ýygymynyň gidişi baradaky respublikan barlag
komissiýasynyň arasy bilen gelendigini Sünbül öten
agşam telewizorda täzelikler görkezilip durka bilip
galdy. Begenjine horja ellerini titredip bir demde iki
kese suw içdi. Çagalaryna-da buşlady. «Şyhy daýyňyz
gelipdir! Hon-ha Şyhy daýyňyz şol!» diýip demi-demine
ýetmän daljykdy. Akly goýalyşan çagalar boýunlaryny
süýndürüşip «haýsy-aý, haýsy?» diýişýänçäler ekranda
telim kadr çalyşdy. «Şuňňalyda gapdalyňda görünmez»
diýip, Sünbül heniz işden gaýdyp gelmedik adamsyny
ýatlady. Onuňam telewizorda Şyhmyrady görmegini
isledi. Oturara karary ýetmän daş çykyp töweregine
seretdi. Ýatmadyk goňşularynyň öýüne baryp
Şyhmyradyň öz raýonlaryna barlaga gelendigini, şu
habaryň diýseň çyndygyny, çünki hut öz gözleri bilen
telewizorda ýaňyja görendigini hopugyp-hopugyp
gürrüň berdi. Öňki gezek (mundan iki ýyl öň) gelendede doganjygynyň öz obalaryna gelibilmän gidendigini
ýatlap gynandy. «Bu gezek ol biziň obamyza-da
hökman geler, öýe-de geler. Ýöne men ony öýe ýeke
çagyrman, ýoldaşlary bilen çagyraryn» diýdi. Ukusy
gelip pallaşyp oturan goňşularynyň hersine bir
ýumuş buýurdy. «Her gün doganym gelip duranok
jan doganlar, ýerli-ýerden kömekleşiň» diýdi. Näme
68
naharlar bişirjegine çenli aýdyşdyrdy. Çykyp gelýärkä:
«Unaşam edäýsemmikäm, Şyhmyradyň oglanka iň
gowy görýän nahary unaşdy» diýip pyşyrdady. Bu
döwürde myhmana unaş goýulmaýandygyny ýatlabam
ikirjiňlendi. Öýüne baransoňam esli wagtlap hümürdedi
oturdy. «Barlagçylar ertir hökman biziň oba gelerler.
Şu gün «Ýalkymda» bolan bolsalar ertir hökman bize
gelerler. Öten ýyl Özbegistandan barlagçylar gelendede «Ýalkymyň» yz ýany bize gelipdiler».
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly Sünbüliň adamsy hem
şol gün işden örän giç geldi. Harmana äkiden iki
teležka pagtasynyň ikisiniňem çyg diýip yzyna
gaýtarylandygyny, şonuň üçinem köpräk eglenmeli
bolandygyny aýdyp zeýrendi. Şyhmyradyň gelendigini
eşidip bolsa esli wagt sesini çykarman çilim çekip
oturdy. Sünbüliň gopup-gopup gürleýşine bilinerbilinmez ýylgyrdy. Ýanýoldaşynyň şatlygyny paýlaşasy,
onuň göwnüni göteresi geldi. «Eger wagt tapyp sowulsa
men bar-ýok diýme-de hökman bir janly öldürt,
başarsaň gije-de ýatymlyk alyp gal!» diýdi. «Sowulsa
diýmän näme? — diýip Sünbül äriniň öz dogany
hakda gümürtik pikir edişini halaman siltendi. — Heý,
şondan şuňa geler-de, Şyhmyrat meňkä sowulman
gidermi? Öňki gezekkisine bakma sen oň. O gezek
69
olaryň hemme barmaly ýerleri, her sagatlary öňünden
ölçelip biçilen eken-ä. Adam oglunyň öýüne sowulara
ýagdaýy ýok eken-ä o gezek». «Bu gezegem-ä owsaryny
başyna orap goýberäýen däldirler» diýäýesi gelse-de,
erkek ýarym göwün naçaryň göwnüni ýykmady. «Gelse
gaty gowy-da, biz-ä gelse begenýäs» diýdi. Nahardan
soň ýene bir çilimi çekibem, ýerine geçdi. Dessinede uklady. Sünbül welin uklamady. Garaňky jaýda
gorsanyp ýatyşyna Aşgabatdan gelen barlagçylaryň
haçan, nirä barmalydyklarynyň geňeşini öň özi beren
ýaly: «Ertir hökman biziň obamyza gelerler» diýip öz
ýanyndan ýene bir gezek tekrarlady. Öwran-öwran
doganjygyny nähili garşy aljakdygy barada oýlandy.
Arasynda-da alyslarda galan ak ýyllary, doganjygy bilen
bir gapydan girip-çykyp ýören ümbilmez ýyllaryny,
urşuň we onuň yz ýanyndaky, ençeme ýowuzlyklara
gabat gelen galagoply, çagalyk ýyllaryny ýatlady.
«Şyhmyrat şo wagtlaram birhili zoňtarrakdy — diýip
Sünbül ýatan ýerinde ýylgyrdy. Beýlesine agdaryldy. —
Uly işde işlejekdigi şo wagtlaram bildirýädi. Baýarsyrar
ýörerdi haçan görseň herrelip. Häk... Ind-ä tüweleme
bütin ýurdy sorap otyr. Hut ministriň özünden sähelçe
kiçimişin. Ýaňy telewizorda-da ullakan edip diňe şol
ikisini görkezdiler-ä. Obamyzyň-a hemmesi görendir.
70
Şu gije ýygnak bolan bolsady. Onda hemmeler kantura
üýşüp Şyhmyrat hakda gürrüň ederdiler. Aýsoltanlar
telewizirini oňartdylarmyka? Şol bir gören bolsa
ýagşydyr. Şyhmyrat Aşgabatda okap ýörkä-de, şu
biçäre göwünlidi şoňa. Birhil-ä bolandyr ýaňy gören
bolsa. Görgüli henizem ýanynda Şyhmyradyň adyny
tutsaň gyzarýar-a. Arada ogluny öýerende-de çalarak
ýatlaşdyk. Hemişe gyzarýady welin şo gezek agardy. Ýa
ýaşdanmyka?...» Sünbül indi o çigninden bu çignine
ýygy-ýygydan agdarlyp başlady. Ertir dik durup hyzmat
etmek üçin birazajyk ymyzganmalydygyny hem ýatlady.
Ýöne ýatyp bilmedi. Ýene-de ekrany dolduryp duran
Şyhmyrat göz öňüne geldi. Öz-özi ýylgyrdy. «Aýnagözel
gören bolsa-ha içi tütändir ýelnine gan ineniň. Baý,
görib-ä-ä! Hi-iýh! — Ol içini çekdi-de göz öňünde
gaýmalaklap ýören Aýnagözele haýbat atdy. Ýorgandan
elini çykaryp barmagyny çommaltdy. — Görübilmeseň
gözüň çyksyn! Sen bi dünýäde göwnüň ýetýän adamy
barmy? Aýsyz gije asmana bakyp üýr diýseň saňa.
Mekejin! Arada-da: «Käsiniň dogany aýda rowandada gapysyndan garanok, biri-birine yssysy ýok» diýip
maňa kakdyran bolýa. Nämemişin öz dogany her
aýda gelip habar tutup durmuşyn: — Sünbül ýorganyň
ýüzüne ýapylgy duran burçuny serpip goýberdi. Aýasy
71
bilen derini süpürdi. — Meň doganym seňki ýaly
işsiz däl! Ýurt eýesi! Haçan gelende nä? Gelse bor.
Ine, ertir geler welin, görersiň kimiň bigadyrdygyny.
Ýany ministrli geler meň doganym. Seňki ýaly üç
sany jalataýy tirkäp gelmez! Hm-m!» Ýarym gijeden
agyberende Sünbül azajyk ymyzgandy. Düýş hyýaldan
arasyny gylça-da üzmedi. Düýşünde-de bir görseň-ä
Şyhmyrady garşylap ony nirede oturtjagyny bilmän
pelesaň urup ýör, bir görseňem Şyhmyrat bilen ýorga
taýhara artlaşyp ygşyldap ýatan, tylla sary bugdaýlygyň
arasy bilen goňşy oba, daýylarynyňka gezelenje barýar.
Asmanda-da şol, öýden ugranlaryndaky saýrap başlan
torgaý guş, henizem galman depelerinde saýrap gidip
barýarmyşyn. Edil şol, birwagtlarky ýaly. Ýene bir
görseňem ikisi hoşa çöpläp ýörlermi, nämemi?
Ýatsa bir sagat ýatandyr. Ýene-de oýandy. Ertir
doganyny görjekdigini ýatlanda ýüregi joşup tas
kükregini ýarypdy. Düýşünde-de şony görendigi
üçin-ä hasam begendi. Ind-ä hijem ýatasy gelmedi.
Çygşyldap daşary çykdy. «Daň ýyldyzyny» gözledi.
«Ol-a kerwengyran» — diýip öz-özi pyşyrdady. Kejikdi
— «Gerekleseň daňam atmaz!». Daňdanyň çigregi
birneme üşediberensoň ýene-de öýe girdi. Şondan soň
irkildi.
72
Sünbül ýaňyja ýatandygyna garamazdan ir bilen
turdy-da çagalaryny, adamsyny naharlap işe ugratdy.
Onuň özem işe gitmelidi. Ýöne ol bu gün doganyny
garşylamaly. Naharyň, nanyň ugruna çykmaly. «Bir
ýerden bir okarajyk süzme-de tapaýyn. Birden Şyhmyrat
«unaş içjek» diýäýdi-dä. Näme, ýüzüne seretjek
oturjakmy onsoň şo wagt? Ýok, ol bolmaz. Ätiýaçdan
hemmesini taýýar edi-ipjik goýaýyn. «Häh» diýeňde
«mäh» bolaýar ýaly». Ol şu oýlara gümra bolup barşyna
göni brigadiriň bosagasyndan ätledi. Brigadir Sünbüli
görenden ýyljyraklady:
— Doganyňy gördüňmi agşam telewizirde?
Ine! Ine! Ine, Sünbüliň bar zatdan beter isleýän zady.
Guwanjy. Buýsanjy. Şeýdip baran ýerinde doganjygynyň
gürrüňini etseler, şony öwseler muňa başga zat näm-ä
gerek? Sünbüliň dogany iliň dogany ýaly diňe bir öz
obasynda tanalýan doganlardan däl. Giden bir ýurda
belli dogan. Şolar ýaly tanymal doganyň bolsa ine, şu
ekinçiligiň içinde zähmet çekip ýören, kätmen urup çil
çekip ýören, zähmetkeş, gujurly, ýönekeý bir daýhan
uýasy bar. Ine, esasy bilinmeli zat näme!! Sünbül her
gün, her sagat, her bir öýde öz doganynyň gürrüňiniň
edilmegini isleýär. «Tüweleme, Sünbüliň dogany zor!»
diýseler muňa şol bes. Onsoňam näme, obada indi
73
ýetişip gelýän ýaş ösdürimler bar. Goý, olaram Aşgabat
ýaly ýerde ministrligiň iň uly wezipeleriniň birinde öz
obadaşlarynyň işleýändigini, onuňam hut Sünbüliň
doganydygyny bilip goýsunlar.
Brigadiriň ýaňky sözi hem Sünbüliň başyny göge
ýetirdi. Sabanyň bu sergin çagynda onuň guş boluplar
uçasy geldi. Doganyny garşylamaga taýýarlyk görer ýaly
rugsat sorady. Brigadir ýene-de başdakysy ýaly keýplije
ýylgyrdy.
— Bu gün geljeklerini näbilýäň bu ýere?
Sünbül gümansyz gürledi:
— Şu gün şolar hökman şu ýere gelmeli. Ho-ol, öňňil
Özbegistandan geldiler-ä... — Ol birden pessaýlady.
Hasabynyň ýalňyş çykaýmagyndan gorkdy. Ozaldanam
ejizläp suwa dönen ýüregi gyýym-gyýym boldy. —
Näme bu gün gelenoklarmy? Ertir gelýälermi? Ýa
gelmän gidýälermi?
Sünbüliň çaga ýaly aglap goýberäýmeginden ätiýaç
eden brigadir ädigini geýip oturşyna çalt-çalt gepledi.
— Gelýäler, gelýäler. Gorkma! Şu gün bize gelýäler.
Eýýäm habar berdiler. Ýöne sen entek rugsat sorama.
Işiňe git. Olar seňkä gelselerem agşamlyk gelerler.
74
Öýlän gaýdyber. Bizem kömekleşeris. Sen hiç darykma.
Sünbül welin doganynyň her gün gelip
durmaýandygyny, şonuň üçinem ony gaty göwnejaý
garşy almalydygyny aýdyp şol özelendi durdy.
— Goý, ministrlerem bilsinler obada Şyhmyradyň
gaty gadyr-gymmatly uýasynyň bardygyny. Bilseler
gowy bor. Onsoňam Şyhmyradyň oba gelmeýänine
buw-w, baryp näçe ýyl boldy. Kän ýyl boldy. Obada
bolsa ölen bar, ýiten bar, ogul öýeren gyz çykaran bar.
Olara-da aýlanmaly bor-a! Irräk barmasa bolmaz. Men
bir kemhyzmat bolmaýyn. Göwnümdäkijäni edeýin.
Rugsat ber, dogan!
Brigadir ahyry oňa rugsat berdi. Sünbül öýüne geldide ilki bilen-ä hamyr etdi. Süýt tapyp hamyra süýdem
goşdy. «Iýileni iýiler, iýilmedigini Şyhmyrat äkider ýany
bilen. Süýtli nan gowudyr, çagalary hezil eder» diýdi.
Hamyry alýança işiklerindäki goýnuň birini soýdurar
ýaly adam tapyp geldi. Naharam atardy. Hemme
işlerini bir ýüzli edensoň, süýr günortanlar gumak
ýol bilen güne jyzyrdap düşelgä tarap ugrady. Obadan
çykýança howlugyp ýüregi agzyndan çykara geldi.
Uly ýabyň köprüsinden geçensoň bolsa ylgaşlady. Ýol
pes. Iki tarapam giden hyşalyk. Adam görjek gümany
75
ýok. Ylgabermeli. Gijä galsa doganyny başga biri
elinden alyp gidiberjek ýaly ol soňabaka hasam gaty
ylgap başlady. Şyhmyrat dagy häzir hökman düşelgede
bolmalydylar. Ony naçar ýüregi duýa-duýa gelýär.
Başga hili bolmagy mümkin däl. Düşelgä golaýlaşdygy
saýy Sünbüliň ýüregi hasam gürsüldäp, damagy hem
gurap başlady. «Wiý, ine ýap bar-a gapdalymda!» Ol
şunça suwsap gelşine özem geň galyp, güzerden suw
içdi. Şonda-da bokurdagyna öl degene meňzemedi.
Düşelgäniň töweregindäki üýşmeleňi, maşynlary görüp
öňküdenem beter aljyrady. Şol-ol, duran ýat adamlaryň
içinde ine, şu Sünbüliň, ýönekeýje oba zenanynyň telim
ýyl bäri görmedik, dar garynda depişen, emjek çekişen
mähriban doganjygy Şyhmyrat bolmaly. Munuň şu
tebsiräp baryşy şonuň üçin-dä. Soňabaka Sünbül
aýaklarynyň nähili ädilýäninem duýmady. Bir seretsehä geregindenem artyk çalt ýöräp, şowlap barýan ýaly,
bir seretse-de aýaklary ädilmeýän ýaly bolup duýuldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 04
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.