Latin

Ojaklar öçmesin - 07

Total number of words is 3683
Total number of unique words is 2211
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Koridora çykanda gelniniň iki çagasyny gujaklap,
149
akyr-ukurlaryň arasynda uklap ýatyşyny görüp, oňa
nebsi agyrdy. Ýüregi gyýyldy. Başuçlarynda çommalyp
oturdy. Sagadyna seretdi. Bäş. «Daňdanky otlam-a
geler...» Ol zöwwe ýerinden galdy-da, daş çykdy.
«Hojaýyny oýadaýmaýyn» diýen gorky bilen howlynyň
içinde usuljakdan o ýan, bu ýan gezmeledi. Haçan
beriljegi näbelli janyň pikirini etdi. Işe gelen günleri bir
ýoldaşynyň: «Dokuz ýylda jaý aldym» diýeni ýadyna
düşüp, öz-özünden hopukdy. Bir üýtgeşiklik döräp,
basymrak jaý berilmeginiň arzuwyny etdi. Basym
beriljegine ynanasy geldi. Ýuwdundy. Ara daş hem
bolsa wokzala gelip duran otlynyň zogy gaty golaýda
eşdildi. Sapa öýe girdi. Çagalaryna, aýalyna ýene bir
gezek seretdi-de, içki jaýa geçdi. Myhmanlaryň biriniň
ýatan ýerinden gozganjyrap: «Otly geläýdi öýdýän,
Myşşy agadam-a gelmelidi» diýen sözlerini jogapsyz
galdyryp, diwaryň düýbünde gyşardy. Ýene-de gözüniň
öňüne koridorda çagalary bilen gysylyşyp ýatan gelin,
ýazylmadyk hekaýasy geldi. Ýüregi jigläp gitdi: Şol wagt
hem gulagynda Oraz Taganowyň: «Şu gün başla, ertir
giç bor!» diýen sargydy ýaňlandy. Beýlesine agdaryldy.
Pyşyrdady: «Bu gün-ä bolmady». Bir zat ýadyna düşen
ýaly garaňkynyň içinde öz-özi ýylgyrdy. Şol ýylgyryp
ýatyşyna hem uklady. Düýşünde giň jaýyň içinde oturyp
150
gowy bir hekaýa ýazdy. Heziller edindi.
1981 ý.
GULLUK BORJY
Gije ýarymdan agyberende ýadaw halda burawdan
gaýdyp gelen ýigidiň gözi bimahal çagy öýüniň deňinde
duran ak «Žigulä» düşenden süňňi bir ýakymsyz zady
syzan ýaly ýüregi howlugyp, dem almasy kynlaşmaga
başlady. Dessine-de öl-suw bolup derledi. Işigi itdi.
Açylmady. «Amangül, Amangül» diýip aýalynyň adyny
tutup gygyrdy. Içerde hysyrdy köpelen hem bolsa
işik wagty bilen açylmady. Şondan soň ýigit hasam
gyssandy. Beýleräkde, üýşmek odunyň ýanynda ýatan
paltany alaga-da gapy bilen söýäniň arasyna salyp
gaňyrdy, oňa çenlem jaýyň arka ýüzündäki äpişgäniň
şarkyldap açylany eşidildi. Paltany elinden goýman
gelýän ýigit tamyň ýeňsesinden aýlanýança bolsa
äpişgeden patlap gaçan başga bir daýaw pyýada esli
ýere çenli omadaklap gitdi. Ho-ol, aňyrrak baransoňam
ýerinden turup ylgaşlady. Ýüzüniň ugruna-da hälki
«Žigulä» münüp, çyrasyny zadynam ýakman ilerligine
tarap tutdurdy. Ýigit yzyna dolandy. Işige gelendenem
gapy zarp bilen açyldy-da iç işikde bulam-bujar bolup
151
duran aýalynyň: «Näme boldy? Näme işläp ýörsüň
gijäniň içi hars urup?! Ýa ýene-de içip geldiňmi?
Hä?! Hany üfle!» diýýän şerimsiz, şarry sesi gulagyna
geldi. Ýöne onuň näme diýip näme aýdanyny welin
aňşyrmady. «Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek
yzyny eýermez, ilki bilen şuny bir alaýyn» diýdi-de,
iki eli bilenem paltaň sapyndan ykjamlap tutaga-da
ýokaryk göterdi. Gelin jynssyz gygyryp gaýra çekildi.
Töre ylgady. Ýüzüniň ugruna-da ýaňky pyýadanyň
çykyp gaçan penjiresinden towsup daşaryk bökdi. Şol
ýerdenem göni aýak ýalaň, baş açyk, digdenekläp, it
baryny örüzip äriniň çagalyk dosty, uçastok milisioneri
Gullynyň üstüne eňdi. Barybam işigiň agzynda arwah
ýaly bolup durşuna:
— Dat ýetiş! Özüňem çaltrak ýetiş! Söýün meni
paltalajak boldy. Zordan gaçyp gutuldym. Çaltrak
güm edip ýygnaýmasaň gyrjak ol barymyzy. Men-ä
hiç welin tas ukuda ýatan çagajyklarymyň ýüregini
ýarypdy o ganym — diýip, demi-demine ýetmän,
agzyndan ak köpük saçdy. Gullynyň: «Näme dawaňyz
bar?» diýen sowalyna bolsa: — Wah, wah-e-eý, özi
«was-was» bolarda başga dawasy bormy onuň? Şol bir
öňki heňidir-dä. Içibilenini içip gelipdir-de gözüne
görünýärmi, nämemi, üstüme dyzap dur: «Hany tap!»
152
diýip. Elinde-de ýalaw ýaly palta. Heý toba — diýip,
hamala Gully özüne näbelet ýaly çyna berimsiz ýalan
sözler bilen jogap gaýtardy. Ýaňyja ýyly goltukdan
çykandygy mesaňa-mälim bildirip duran, ýöne entek o
diýen mähri ganmadyk dikgije durkuny gamyş kimin
galdyradyp Gullynyň eýlesine bir geçdi, beýlesine bir
geçdi. Bolubilenini boldy. Dylmyldady. — Ýöne meni
bir eltme indi o ýerik. Bardygym öldürer. Onsoň saňada gowy bolmaz. Häzirem şu töwereklerde bir ýerde
garawullap duran bolmagam ahmal o ýezidiň.
Gully sesini çykarman eşiklerini geýdi. Dessine-de
işiklerinde duran üç tigirli motoryny otlap Amangüli
oba sowetiniň jaýynda ýerleşýän uly bolmadyk
kabinetine getirdi. Öňünde kagyz bilen galam goýdy.
Henizem ukynyň yzy bildirip duran ýüzüni aýalary
bilen owkalap, indi birneme deminden düşen geline
görkezme berdi.
— Hany, şu ýerde otur-da men gelýänçäm
howlukmanjyk düşündiriş ýaz. Näme boldy, nämeden
başlandy, sebäbi neme?..
Ygtybarly ýere gelendigine gözi ýetensoň Amangül
eýýäm-haçan munuň özi bilenem dawalaşyp başlady.
— Düşündiriş ýazjak-gä, arza ýazjak. Basdyrjak. Şirin
153
janymdan gowumyşynmy? Gelmeze gitsin! Jähenneme
gitsin! Şonsuzam öz günümi görerin. Çagalarymam
eklärin. Häzir-ä arza ýazjak. Ertirem raýona baryp
barlajak. Dostsuran bolup arzamy neçennige bermäýseň
dagy menden gaty görme.
Gully: «Aý, näme ýazsaň şony ýazsana» diýip, eşidilereşidilmez hüňürdedi-de, özi şol ýerden göni Söýüniň
ýanyna gitdi. Ýol boýam Amangüliň şeýle şermende
bolup döreýşiniň sebäbini agtardy.
Dogry. Amangül başda gaty bir erbet maşgala
dälem ýalydy welin, elbetde boljagydyr-da bir ady belli
tüpbozar, puldar bilen baş goşdy-da nebir ýigidiň ýüzüne
atanak çekdi oturyberdi. Adamsynyň ýuwaşlygyndan
peýdalanyp soňabaka-ha halys göze-başa-da düşäýdi.
Öten ýyl-a çagalarny adamsyna goýup şonsy bilen
kurorta-da gitdi. Aýalynyň bet ýola baş goşandygyny
uly il bilse-de, Söýüniň özi wagty bilen bilmedi.
Aňyp başlansoň bolsa telim wagtlap ynanjagynyynanmajagyny bilmän, güman içinde gorsanyp gezdi.
Belli bir tutarygy, subutnamasy bolmansoň açyk bir
zat diýip pyşgyrybam bilmedi. Ur-tut aýrylyşmaga-da
bogny ysmady. Çagalaryna dözmedi. Güman güýjerläp
telbelik hetden aşyberenden soň bolsa içip başlady.
Aragyň garasyny görse ögäp ýören arassa jahyl çüýşäň
154
başyna bir çökse turmany bilmedi. Aýalynyň ýanynda
ugurly-utgasyz: «Sen eýlemişiň, sen beýlemişiň» diýip
geplenibermänem çykardy. Haýbatam atdy. Gara ýer
ýaly ýuwaş ýigitden beýle zada garaşmadyk gelin onuň
bu bolşuny juda ýokuş gördi. Haýalçyraýmaly halyna
gaýtam: «Içýä, urýa, hiç zat ýok ýerden gabanýa, maňa
azar berýä» diýip, oňa-muňa arz edip başlady. Gully
baryp-ha şol mahallar: «Sen şunyň bilen aýrylyş-da dyn.
Senem dyn, bizem dynaly. Ýogsam ahyr bir gün seniň
öz başyňa ýeter şü» diýip, dost maslahatyny beripdi.
Söýüniň belli bir netijä gelibilmän ikirjiňlenýändigini
görensoň bolsa: «Onda gardaş özüňden gör. Soňky
gün pylan diýme» diýip, gahar edip çykyp gidipdi.
Gahar edip gitse-de Amangülüň bolup ýörüşi
ýüregine sygman, obanyň ähli guramalaryny ýygnap,
Amangülüň bütin oba ysnat getirýändigi hakynda, ony
ýok edip obadan çykaryp kowmak, juda bolmasa başga
çäre görmek hakynda mesele gozgady. Degerli deliller
getirdi. Söýüniň ahyr bir gün bir zadyň üstünden
baraýmagynyň ahmaldygynam, ony eýdip-beýdip
jenaýata barýan hatarly ýoldan sowmalydygynam
ýaňzytdy. Ýöne oturanlaryň hiç haýsy hem belli bir
netijä gelip bilmediler. Asyl nähili hereket etjeklerini
hem bilmedi. Amangülüň özüni çagyraga-da göni:
155
«Sen şunyňy goý!» diýmäge bolsa çekindiler. Eger şeý
diýäýseler, Amangül oturanlaryň hersiniň gözüne ýekeýekeden iki barmagyny diräge-de: «Özüňizi oňaryň! Öz
heleýiňize buýruň, gyzyňyza buýruň, bajyňyza buýruň.
Meň bilen näme işiňiz bar?!» diýäýjek ýaly boldy
durdy. Raýon ýolbaşçylary bilenem, milisiýa naçalnigi
bilenem gepleşip gördüler. Bolmady. «Üstünden şikaýat
bolmasa, doktordan hat bolmasa, hiç hili çäre işlerini
geçirmäge, onuň göwün islegini gadagan etmäge,
«gezme» diýmäge kanun boýunça biziň hakymyz ýok.
Içip aýalyna yzygiderli azar berip ýören bolsa gözi
bilen görmän tutaryksyz ýerden gabanyp goltuldap
ýören bolsa ol ýigide çäre görmezlige-de hakymyz ýok»
diýdiler. Gully görgüli şonda: «Wah gözi görensoň
giç bor» diýip şunça özelendi welin bolmady. Hatda:
«Onda näme öten ýyl: «moral taýdan bozuk, pylany
bilen gezýä» diýip Annadurdyny sistemadan çykaryp
goýberdiler?» diýibem gördi. Şonda: «Äý senem-ä! Ol
bir erkek adam, onsoňam gullukçy. Sen aýdýan zadyňa
bir düşün-ä» diýip gaýtam al-petinden aldylar. Şondan
soň Gully Amangülüň goňşularyndan düşündiriş aljak
boldy. O-da bolmady. «Başyna ýassyk goýamyzok»
diýdiler. Gorkdular. «Depegenden daşyrak» diýenlerini
etdiler. Şeýdibem bet iş rowaç boldy ötägitdi. Halys
156
paltasy daşa degen Gully durup-durup ýene-de Söýüne
gahar etdi. «Gözüň çyksyn» diýip kesanasyndan kän ýola
kine bilen käýindi. Oturyp-turubam ýene-de oňa nebsi
agyrdy. Eziz balalarynyň hatyrasyna Söýün görgüliniň
döz gelip ýören şu muşakgatly ahwalatlarynyň
mertlikdiginem bilebilmedi, namartlykdygynam.
Ýöne çagalyk dostunyň gylygyna gaty belet bolansoň
bu zatlaryň oňňullyk bilen gutarmajakdygyny welin,
ol illere görä has irräk göz ýetirdi. Çünki Amangülüň
bolup ýörüşi äriniň gözüne iläýmekdenem gaty bir daş
däldi. Gully ýalňyşmady. Ine, ol hut şonuň pikir edişi
ýalam boldy.
Gapy açylaryna mähetdel Söýün gap böwürde
arkan düşüp ýatan ýerinden laňňa galdy-da, burçda
ýatan palta tarap topuldy. Gireniň Amangül däldigini
bilensoň bolsa kürtdürdi. Bir gapdala bakyp sögündi.
Sandyrap duran uzyn barmaklary bilen pejiň aşagynda
ýatan ýarty gap «Pamirden» birini sogrup aldy. Otlady.
Uly gam-gussa hem agyr ahwalat astynda sojaýa-sojaýa
tüsse ýuwdup oturşyna her-hal, däbi bozmajak bolup
gelene mürehet etdi.
— Geç, Gully. Otur, çaý iç. Çörek iý.
Gully usullyk bilen aşak çökdi. Özüne uzadylan
157
tegelek, bitin nanyň ujundan pisse ýalyjagyny döwüp
aldy. Agzyna atdy. Şu çöregi Amangülüň bişirendigi
ýadyna düşende welin, agzynyň içine zäher atylan
ýaly boldy. Bokurdagy bitdi. Çeýnäp oturan çöregini
agzyndan çykaryp zyňaýasy geldi. Emma Söýüniň
hatyrasy üçin, duzuň hatyrasy üçin, galyberse-de däbiň,
mukaddes çörege bolan ajaýyp dessuryň hatyrasy üçin
ýuwdup goýberdi. Şu iki arada-da çaýyň aladasy bilen
hysyrdanyp ýören Söýüni sessiz-üýnsüz synlap oturşyna
ara düşen dymyşlygy oňaýsyzlyk bilen bozdy.
— Söýün, gitmeseg-ä bolmaz.
Söýün aşak bakyp çilim kükedip oturşyna, başam
barmagynyň dyrnagy bilen gyzgyn pejiň gapagyny bir
gapdala süýşürdi-de, çekip oturan çilimini oduň içine
oklap goýberdi. Gullyň ýüzüne seretmän, çagalaryň biri
dagy eşidäýmesin diýýän ýaly, ýuwaşlyk bilen seslendi.
— Şol aýbygadymyň läşini sermän hiç ýere-de
gitmen.
Gully aşak bakyp ardyndy. Söýüniň bir gysym bolup
galan syrdam göwresine bakyp, onuň süýt deý ak,
asman deý temiz çagalyk ýyllaryny, mekdep ýyllaryny
ýatlady. Uzynakdan gelen ýuwaş, ölemen pökgüçi,
gyz gylyk, ýuwaş oglan şuş-şu wagtam Gullynyň
158
ed-dil gözüniň öňünde dur. Söýün şol döwürlerem
ýuwaşlygyna ýuwaşdy-da, ýöne setanda-seýranda bir
zada gahary geläýse dagy welin, tüýs zynjyrlaýmalydy.
Asyl wagty bilen köşeşmezdem. Gaharlanyşan adamsy
bilen ömür-ömür gepleşmezdi. Ýaraşdyrjak bolsaňam
etmezdi. Amangüli dagy onuň haçan, haýsy gün alyp
gaçanyna çenli Gullynyň hut şu günki ýaly ýadynda.
«Ulalarys. Şeýle-şeýle tukat wakaly kyn günler
başymyza geler, gülüp, oýnap şat bolan göwünler
şeýle gabahat, gowgaly wakalara sezewar bolar» diýip,
şol wagt olaryň, heý, biriniň bir kellesine gelipmidi?
Gelmändi. Eger bilen bolsadylar, onda olar ol bigam
çagalykdan çaltrak çykjak bolup, oglanlygyň gökgyrtyç gülälekli tekiz meýdanyndan müdimilik baş alyp
gaýtmazdylar. Kämilligiň bu hupbatly ýollaryna tarap
howlukmazdylar.
Ýatlamalar ýegşerdip barýan ýaly Gully zordan
ýerinden galdy. Haýpygelijilik bilen dostunyň ýüzüne
garady.
— Gitmesek bolmaz Söýün. Soň birneme sowaşansoň
düşünersiň.
— Şony kerçemesem özümem sowaman, içimem
sowamaz. Ömürem sowamaz. Haçan şonuň etini çişe
159
düzerin-ä, ana şondan soň içim sowar. Bildiň gerek?
— Ýeri bolýa-laý, hany ýör, gideli!
— Ýok gitjek-gä!
Gully ýene-de aşak çökdi. Uludan demini aldy.
Söýüniň ýüzüne seretmän gepledi.
— Meniň saňa ýamanlygym-a ýok, Söýün. Seni gözgörtele çukura iteklemäge-de wyždanym çatanok. Şu
ýagdaýda goýup gitmäge-de hakym ýok. Bol geýin,
gideli.
— Näme etjek meni äkidip? Näme edipdirin men?
— Haçan bir zat edersiň diýip garaşyp oturyp
bolmaz-a. Ýa-da çagalaryňdan ömürlik aýrylasyň
gelýämi!
Söýüniň bokurdagy doldy.
— Çagasyna dözýän eşek bolsam şeýdip binamyslyga
saljak ýörjekmi men oba arasynda. Şular üçin dälmi!..
Şular diýip dämi nä...
Gullam hapa boldy. Esli wagtlap gepläp bilmedi. Herhal özüni ele aldy. Papagyny ýeňsä süýşürip maňlaýyny
sypalady. Gözüni gypyrjaklatdy.
— Hany ýör gideli!
160
Söýüniň birhili ýüregi
Sandyramasam galdy.
egsilen
ýaly
boldy,
— Basarlarmyka?
— Basmasalaram arak goýdurylýana-ha ibärler.
Üçünji gezek düşüşiň. Ýadyňda bolsa öňki gezek
duýdurypdym. Aý, aňyrsy alty aýdan ýa bir ýyldan
dolanyp gersiň-dä. — Ol Söýüniň paltasyna garap baş
atdy. — Bu oturşyňa gitseň gelmeze gidersiň. Düşdüňmi.
Onçasynam näme, ine, baraly. Ýagdaýlaryňy düşündir.
Gepleş. Matlabyňy aýt. Olaram adamdyr düşünerler.
Söýün birazajyk böwrüni diňläp oturdy-da,
usullyk bilen ýerinden galdy. Howlukmanam geýindi.
Bir-ä gapa, birem dünýeden bihabar «Hys-hys»
edişipjik hatara ýatan çagajyklaryna seredip, olardan
gözüni aýrybilmän ezilip durşuna Gulla bildirmän
barmaklarynyň ujy bilen gözüni süpürdi. Çilimiň ajysy
çykan sargylt barmaklar nemli gözi awuşatdy. Ýaşartdy.
Ýigit ellerini serip ýaýdanyp, ýuwdunyp durşuna zordan
gepledi.
— Onda sen meni hiç ýere-de äkitme, Gully.
Jähennem aýrylyşaýaryn. Dek häziriň özünde öýden
çykyp gideýin. Sesimi çykarmaýyn. Ýöne şujagazlaryň
dyrnagyna zar etme. Iki günlügem bolsa aýyrma sen
161
meni şulardan. Oba arasynda görüp daşlaryndan
guwanyp ýörenimem her zada degýä. Tapmadym diýäý.
— Gitmesek bolmaz, Söýün. Aýalyň arza ýazdy.
Düşündirişem ýazyp otyr. Menem bu zatlary
protokollaşdyrmaly. Saňa-da düşündiriş ýazdyrmaly.
Özüň bilýäň, iş ýagdaýy... Baryp ýolbaşçylara arz etse
onsoň maňa käýýärler. Öň hemmesi aýdyldy ahyry
saňa. Aýrylyşjak bolsaň şo wagt aýrylyşmalydyň. Indi
giç. Indi üçünji gezek düşüşiň şu mesele boýunça.
Özüňem içgili.
Söýün janyndan syzdyryp zarynlady. Ýürejigi bilen
ýandy.
— Ýeri, gel-gel indi şunda-da men günäkärmi? Elim
bilen tutup, gözüm bilen göremsoňam... — Söýüniň
demi içine düşdi. Sesi guýa gaçan daş ýaly bokurdakdan
garna tarap güw gitdi. Gaýdyp zat eşdilmedi. Içindäki
közler bagryny ýakyp gutarmanka daşyna çykarjak
bolup ýigit şunça jan çekdi welin bolmady. Ýandy.
Onda-da tüsseläp ýandy. Birdenem içinde edil köz
basylan ýaly ýiti bir agyry peýda boldy. Ol elleri bilen
içini tutup boş halta ýaly iki eplendi. — Onda ejelerini
bir öýe getir bularyň! Ýeke ýatmasynlar. Gorkarlar.
Ol gözünden paýrap çykan ýaşlary aýasy bilen
162
süpürdi-de, ukuda ýatan çagalaryny ýeke-ýeke ogşap
çykdy. Telim wagtlap olardan gözüni aýrybilmän,
gidibem bilmän şo-ol, iki ýana elendi durdy. Bu ýagdaýa
uzak seredip durmaga Gullynyňam gözi gyýmady. Ol
gapa tarap ýöneldi-de, ýuwaşlyk bilen Söýüni gyssady.
— Bol, Söýün! Gideli.
Gidip barýarkalar Gully ýüzüniň ugruna kontora
baryp Amangüle: «Bar, oýanmankalar çagalaryn
arasyna bir bar. Äriňi äkidýän» diýdi-de, özi şol ýerden
şähere döndi. Gije sagat üçe on dört minut galanda
bolsa Söýüni raýon milisiýa bölüminiň nobatçysyna
tabşyrdy.
Ertesi irdenem öz uçastogynda ýüze çykan agşamky
ýagdaý boýunça milisiýa naçalniginiň ýanyna girdi.
Söýüniň ýagdaýlaryny bolşy-bolşy ýaly edip aýtdy.
Amangülüň arzasyny, düşündirişini görkezdi. Söýüniň
hiç hili düşündirişiniň ýokdugyny, ýazmaga namys
edýändigini, onuň şu güne düşmegine bolsa hut şol
aýalyň sebäpkärdigini çekinmän gürrüň berdi. Şu gezek
sypdyrsalar Söýüniň gaýdyp şolar ýaly ganygyzgynlyk
etmejekdigini, çünki barybildigi aýaly bilen aýrylşyp,
günäsini öz boýnundan sypyrjakdygyny, oba arasynda,
günde-günaşa çagajyklaryny görüp ýörse oňa başga
163
dünýe malynyň derkar däldigini hem naçalnige
düşündirdi. Şu zatlara özüniň kepil geçýändiginem
syzdyrdy. Naçalnik oturan kürsüsiniň üstünde arkan
gaýyşdy-da, Gullynyň ýüzüne çiňerildi.
— Saňa arza düşdümi?
— Düşdi.
— Düşündirişem aldyňmy?
— Aldym.
— Şonuň aýalyna palta alyp topulanam çynmy?
— Çyn.
— Eger gaçyp seň ýanyňa barmadyk bolsa onuň öz
aýalyny öldüräýmegi ahmalmy?
— Ahmal... — Gully bir azajyk pikirlendi-de, hamala
Söýün eýýäm aýagyny sallap gidip barýan ýaly ýenede onuň günäsizdigini delillendirmäge çalyşdy. —
Neme... ol öýünden-ä çykmandyr, ýoldaş naçalnik.
Köçä çykybam kowalamandyr. Umuman ony eli paltaly
görenem ýok. Onsoňam näme, elbetde... gözi bilen
görensoň... bir bada... gyzgynyna... Gaty ýuwaş oglan
bolmaly öz-ä. Mundan bu ýana-ha indi asylam işi
bolmaz. Aýrylyşýa.
Naçalnik elleriniň hereketi bilen onuň sözlerini
164
tapba kesdi.
— Bolanok! Bu diýýän zatlaryň birem bolanok.
Wessalam! Günäkäre çäre gör. Işini çig etme. Birden
paltalaýdy-da! Hä?! Ýeri şonda nätjek? Birden
gyzgynyna paltalaýdy-da! Hm? Bir iş etse eder oturybirdä. Ýüregi ýukalyk edäge-de ullakan bir jenaýata ýol
berseň sendenem bir halkyň goragçysy bolarmy?
Bular ýaly işde sowukganlylyk gerekdir. Dogrumy şol?
Dogry bolsa haýal etmän ýygna! Ýygnadyňmy! Ýygnan
bolsaň gowy edipsiň. Indiden soň bir zat bolsa sen özüň
günäkär borsuň. Sypdyrma. Olar ýaly herdem hyýallara
bil baglap bolmaz. Aýrylyşjak diýäge-de al bilen eliňden
sypyp, barybam etjegini etse, ber onsoň habaryny.
Onsoňam il-ä dert-azar barlyşdyrjak bolýa, sen bolsa
aýrylyşdyrjak bolup... Öňki gezekki düşenlerinem
nazara alyp. Hemme zat düzgün boýunça bolsun. Soňky
gün özüňe gep gelmez ýaly et. Bar!
Gully naçalnigiň pikiri bilen bir bada razylaşan hem
bolsa, niredendir ýüreginiň töründe bir ýerde onuň
bilen razylaşmady. Söýüniň halyna gynandy. Naçalnigiň
şu zatlardan sowukganlylyk bilen baş alyp çykybilşine
gözi gitdi. Söýüniň gözüne görünmekdenem çekinip,
naçalnigiň ýanyndan çykyşy ýaly göni oba gaýtdy. Oba
golaýlaşdygy saýy hem onuň kalby daralyp, tukatlyk
165
basmarlap ugrady. Amangüle bolan ýigrenç bir ýerlerde
garasar sürüsi ýaly şaglap geldi-de, ozaldanam hüňläp
duran ýadaw beýnä berk-berç doldy. Özüni Söýüniň
ýerine goýup gördi. Şonda onuň beýnisi çat açan ýaly
bolup erbet şatlady. Ol: «Ýuwaş adamlar gaty çekimli
bolýar ekenler — diýip, içinden pelsepe otardy. — Ýöne
şol ýuwaşlyk olara gör nähili kyn düşýän ekeni. Ýok, bu
iş meniň işlejek işim däl». Ol ertiriň özünde arza berip
işden çykmagy ýüregine düwdi.
Obanyň çetinden giriberende bolsa, öňünden
çykan ak «Žiguliniň» yzynda ýeserje ýylgyryp oturan
Amangüli görüp, Gullynyň depesinden gaýnag suw
guýlan ýaly boldy. Häzir onuň Amangüli hut özüniň
paltalap öldüräýesi geldi. Gazaplandy. Togtady.
Gaharyny daşyna çykaryp bilmän titräp durşuna dişini
syzdyryp: «Howwa, biz-e gije ýatman ärleriňizi ýygnaly,
sizem munda gören bilen şaýradyň ýörüň» diýdi.
Gullynyň deňine gelende maşyn tizligini artdyrdy.
Tozan köpeldi. Tozana ýetdirmän barýan içi agyr
günäli ýeňil maşynyň yzyndan garap durşuna Gullynyň
öňküdenem beter keýpi gaçdy. Zehini ýandy. Öten
agşamdan bäri gör näçinji gezekdir Söýün görgüliniň
(ýeke bir Söýüniň däl, asyl hemmesiniňem) hiç zatdan
bihabar, bigam çaglaryny, oglanlygyň şirin keýpinden
166
başga hiç bir aladasy, gowgasy bolmadyk küpürsäp
ýatan boz günlerini ýatlady.
Şondan soň-a ol Söýün bilen hoşlaşman gaýdandygy
üçin hasam hapa boldy. Utandy. Häziriň özünde
yzyna, şähere tarap dönesi, baryp Söýün bilen hakyky
dostlarça hoşlaşasy, tüýs ýürekden göwünlik beresi,
eger gerek bolsa naçalnigiň ýanyna ýaňadandan girägede dim-dik durup: «Ýoldaş naçalnik! Şeýle, şeýle... Biz
näme üçin bir apbasy ogurlan ogrulara çäre görýäsde, iliň öýüni ýykýan, çagalaryny zir-zöwran edip,
onuň tutuş bir ömrüni talaýan namys ogrularyna,
namysyny satýan söwdagärlere jeza beremizok?» diýesi
geldi. Juda bolmasa-da naçalnigiň ýanyna ähli oba
ýolbaşçylary bilen bilelikde baryp, Söýüniň geljekki
ykbalyny öz boýunlaryna kepillige alasy, şeýdibem
nähak ýere çoçgara çolaşan, «...çagam, çagam» diýip
namysdan, ardan aýrylan, emma şonda-da äsgerilmän
inçe duýgulary zalymlyk bilen basgylanyp, gül ýüzüne
kül sepilen bir bigünä ýigidi mähriban obasynyň,
eziz çagajyklarynyň uzak aýraçylygyndan elinjek
dyndarasy geldi. Söýüniň ýerine eltäge-de Amangüli,
ýok, ýeke bir Amangüli däl-de, ýaňky onuň bilen bile
gapdalyndan süwümsiz syrtarylyp geçen ak maşynly
gara ýigidem bilelikde gözenege dykaýasy geldi. Ol
167
kellesiniň gyzgynyna: «Dogry-da walla! Oglanda näme
günä bar? Günäkär ho-on-ha-a, ho-ol biziň ýörejek
ak ýolumyzyň üsti bilen gaýşarylyp, heşelle kakyşyp
barýan näkesler!..» diýip, gygyranynam duýman galdy.
Dessine-de yzyna, şähere tarap öwrüldi. Ýaňky geçip
giden hapysa adamlar arassa şäheriň süňňüne siňip
ýetişmänkäler olardan öňürtmek islän dek motory
iň soňky tizlige geçirdi. Dazlap barşyna özüniň hälki
işden çykmak baradaky pikirini hem goýbolsun etdi.
Gaýtam adam ykbaly bilen iş salyşylýan bu jogapkärli,
çylşyrymly kärde diňe bir kagyz boýunça däl-de,
käte ynsan, ýürek emri boýunça hereket etmekligiň
zerurdygyna-da, şeýle etmekligi başarýan adamlaryň bu
işde gaýtam has gerekliräkdiklerine-de aýdyň düşündi.
Özüniň ýürekden syzdyryp aýtjak ähli gürrüňleriniň
hemmejesine naçalnigiň birkemsiz düşünjekdigine-de
ol pugta ynandy.
1982—84 ýý.
NOWGÜL
Nowgülüň adyny tutsaň, ýedi obanyň ýigitleriniň
barysy birden yraň atardy. Hemmäniň ýetip bilmeýän
arzuwy, islegi şoldy. Özümiň ondan iki ýaş kiçidigime
168
garamazdan, ol gyzyň yşgynda menem bir entäp
alypdym. Sekizinji klasy gutaran ýylym, raýon
merkezinde orta mekdep okuwçylary üçin açylan
lagere dynç almaga gaýtdym. Nowgülüň lagere
terbiýeçi bolup gelýändigini eşidenimde bolsa, guran
bokurdagymy arçap, töweregime garanjaklaberdim.
Çünki, her gezek şähere gelenimde ony daşyndan
görüp, köýüp, ýuwduna-ýuwduna giderdim. Kolhozara
festiwal ýa sport ýaryşlary bolaýsa dagy, hemmäniň
gözi Nowgüldedir. Ol aýdym aýdardy. Saçlaryny
hallanladyp aýlana-öwrüle tans edende welin, aklyňy
aparyp, yşkyňy joşdurardy. Eger-de şol ýyl tötänden
lagerde gabat gelişmedik bolsak, meniň ony daşyndan
söýüp ýörendigimi özümden başga hiç kim bilmezdem,
eşitmezdem.
Ol lagere günaşadan gelerdi. Özem her gelende bir
dürli köýnek geýip gelerdi. Gök sowsany-da geýerdi,
ýaşyl keteni-de. Ýöne meniň üçin iň owadany, iň
enaýysy onuň mämişi köýnegidi. Şol köýnegini onuň
özem gowy görýän bor-a çemeli. Ilki günem şony geýip
geldi, iň soňky günem. Aralygynda-da birnäçe gezek
geýip geldi. Men bolsam heniz-henizlerem mämişi
köýnekli gyz görsem tolgunman durup bilemok.
Ýatlaýan, Nowgüli ýatlaýan. Ýaşlygymy, tüýs ýürejigim
169
bilen ter gyz söýen, tämiz günlerimi ýatlaýan. Ol wagtlar
biz ýaşdyk, bigünädik. Päkdik. Terdik. Arassadyk. Kirkimirsiz göwünlerimiz biziň sadalygymyz, ýaşlygymyz
zerarly köp gezekler kösenen hem bolsalar, goý, bizden
närza bolmasynlar.
Howwa, men bir aýlap raýonda belli, owadan,
aýdymçy gyzy ýakyndan synlap gezdim. Ýeke synlamak
däl, men ony çyn ýürekden söýdüm. Örtenipler
söýdüm. Gysga tomus gijelerini krowadymda gorsanagorsana geçirerdim. Irden turanymdanam işikdäki
bagyň aşagynda Nowgül bilen gürleşip, gülüşip oturan
bedenterbiýe mugallymyny görüp, öz-özüm hapa
bolardym. «Bu kim, men kim?» diýip, öz ýanymdan
kemsinerdim. Onuň Nowgül bilen söýüşmäge-de,
gezmäge-de haky bardy. Meniň welin hakym ýokdy.
Kiçiligimi hasap etmäniňde-de, ol meniň terbiýeçimdi
ahyry. Onsoňam okuwçy baraga-da, terbiýeçisine:
«Men seni söýýän!» diýse nähili bor? Birhili bor. Ony
golaýyndan görüp ýörmegem meniň üçin tükeniksiz
lezzet. Men ony hyýalymda öpýärdim, gujaklaýardym.
Özüni görenimde welin, sussum basylyp, dilim
tutulýardy. Nowgül mende ilkinji bolup yşk oduny
döretdi. Belki, ömür boýy ony ýatdan çykarybilmän
ýörmegimem şonuň üçindir. Ol bir şäher gyzy, men
170
bolsam sada oba oglany. Şonuň üçin Nowgül menden
olar ýaly zada garaşýanam däldir. Näbilsin ol meniň
içimde harasat gopýandygyny.
...Bir gezek bizi derýa boýuna, jeňňele gezelenje
äkitdiler. Ýanymyz bilen Nowgül we şol bedenterbiýe
mugallymy gitdi. Gür jeňňelligiň içinden geçýän
derýanyň boýunda düşledik. Her kim bir ýana dagady.
Nowgül bilen mugallym bolsa güzere suwa düşmäge
gitdiler. Gözümde okum bolan bolsa, urjakdym şol
wagt şolaryň ikisinem. Garama-gara yzlaryna düşdüm.
Olar çykaryndylar, suwa düşdüler. Suwuň içinde-de,
gyrasyna çykybam kowalaşyp, basalaşyp oýnadylar.
Bu ýagdaýy görüp meniň bolmajym boldy. Özüme
erk edip bilmän agladym. Men Nowgülden beýle
zada garaşamokdym. Juda beýder öýdemokdym.
Aýtmanymda-da ol meniň söýýänimi bilmeli dälmi?
Sarpamy saklamaly dälmi? Ýüregim gyýym-gyýym
bolup gitdi. Özümi ejiz duýdum. Şu çaka çenli Nowgüle
hiç zat duýdurmandygyma puşman etdim.
Agşam, şähere gaýdyp gelenimizden soň, bir çete
çykyp, Nowgüle hat ýazdym. Ýazdym, söýýän diýip.
Öňki-soňky ahmyrymy iki tagta kagyzdan çykardym.
Ertesi irden haty bereýin diýip barsam, ol mugallymjyk
eýýäm Nowgüli alkymlap otyr. Meni görüp gaýra
171
süýşen boldy. Beräýeýin diýdim oturgyç bilen depesine.
Näme diýjegimi bilmän ýaýdanyp durşuma: «Ertir öýe
gidip geleýin-le, mollum!» diýen boldum. Sesim welin
özümiňki däl. Şeýle bir ebeteýsiz çykdy welin, özüm
utanyp gitdim. Olam: «Ertir başga-da gidýän köp, sen
birigün gidäý» diýdi. «Hoş!» diýip, çykyp gaýtdym.
Gapynyň agzynda durup, Nowgüliň ýeke galaryna
garaşdym. Emma, ol gün näçe garaşsamam, haty oňa
berip bilmedim. Ertesi ir bilen maşk edip bolanymyzdan
soň, ýuwunyp durkam, Nowgülüň ýeke özüniň jaýa
girip barýanyny gördüm. Ylgap gidip tumboçkadan
haty alyp geldim. Işikden çykjak bolup durka, haty
eline tutdurdym-da, özüm ýatýan jaýymyza tarap
ylgadym. Ertirlik nahar başlanmanka bellisini bilesim
gelip, damagym gurap barýar. Krowadyň gapdalynda
köwejekläp durkam, «ýyrş-ýyrş» edip Nowgül geldi.
Elinde-de meniň hatym. Aşak bakyp durşuma hatly
eliniň maňa tarap uzanyny bilýän. Bütin süňňüm bilen
galdyrap durun. Zordan ýüzüne seretdim. Ýylgyrdy.
Azajygam gyzardy. Al ýaňagyna gözüm düşenden
bildim men onuň gyzaranyny.
Söýmedik bolsa-ha gyzarmazdy diýip, soň-soňlaram
göwnümi hoşladym ýördüm. Diňe bir gyzarmak däl,
sesem sandyrady:
172
— Neme... Al munyňy... Sen menden kiçi ahyryn,
Muhy jan. Ýöne men senden gaty göremok, senem
menden öýkeläýme... Onsoňam...
Soňuny eşidemok. Eşidesimem gelmedi. Nädeýin
eşidip. Bolmady. Bolmajagyny-ha aňýadymam welin
nätjek-dä. Indi ýöne masgara bolanymy hiç kim
bilmänkä göterilmeli. Şeýle bir ýüzüm gyzýandyr welin,
hoşuň gelsin. «Lap-lap» edip howur berişini özümem
duýýaryn. Özümi ele alyp bilmän kän kösendim. Jaýdan
çykyp barýarka Nowgülüň:
— Gamlanma, Muhy jan, sen gowy oglan... — diýenini
çalaja eşidip galdym. — Nahardan gijä galaýma! —
diýeninem bilýän.
Nahar işdäň alarmy ondan soň. Köp pikirlenip
durman, zatjagazlarymy, çalşyrgyç üçin saklap ýören
köýnejigime düwdüm-de, ýatakhananyň köçe tarapky
penjiresinden böküp, yzyma garaman oba tarap eňdim.
Şol gün agşam öýde, ýüňleri çykyşyp duran, köne
ýorganyň içinde ýatan ýerimde: «Bolup ýatyşyň şü,
ýene-de Nowgül ýaly gyzdan hantama bolýaň» diýip,
öz-özümden utandym. Gaýdyp Nowgülüň gözüne
görünmezligi ýüregime düwdüm.
Şondan soňam birnäçe gezek Nowgüle gabat
173
geldim. Her gezegem ýüzüne seredibilmän, aşak
bakyp geçerdim. Ol welin: «Muhy, gurgunmyň, hany
salamyň?!» diýerdi. Geçip gidensoň onuň yzyndan
seredip, köneje welosipedime ýaplanyp kän durardym.
Egninde mämişi köýnegi bar bolan wagty-ha garasy
ýitmese gözümi aýyrmazdym.
Soň-soňlar ol täze gullukdan gaýdyp gelen, ştangaçy,
daýaw, Gulberdi diýilýän bir oglan bilen tirkeşip
ugrady. (Bedenterbiýe mugallymy bilen uzak gezmedi).
Ol oglan diýseň kiçi göwünli, sada ýigit ekeni. Bir gezek
raýon merkezinde mekdebara spartakiada boldy. Şol
gün oýunlar gutaryberende ol meniň ýanyma geldi-de:
— Salam, dost, şäher oglanlary seni urjak bolýalar,
häzir bol. Ýöne gorkma, men seni oba barýançaň
ugradaryn — diýdi.
Şondan soň Gulberdi bilenem dost bolup gitdik.
Bir ýola men ondan: «Nowgül hatyňy birinji gezek
bereniňden aldymy?» diýip soradym. Ol güldi. «Ýok,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ojaklar öçmesin - 08
  • Parts
  • Ojaklar öçmesin - 01
    Total number of words is 3772
    Total number of unique words is 2113
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 02
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2228
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 03
    Total number of words is 3663
    Total number of unique words is 2199
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 04
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 05
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2215
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 06
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2147
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 07
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 08
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2153
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.5 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 09
    Total number of words is 3816
    Total number of unique words is 2202
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 10
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2131
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 11
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2135
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 12
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2187
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 13
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2187
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ojaklar öçmesin - 14
    Total number of words is 3162
    Total number of unique words is 1804
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.