Latin

Dört derwüş - 12

Total number of words is 4116
Total number of unique words is 2042
33.9 of words are in the 2000 most common words
50.1 of words are in the 5000 most common words
57.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zatlarymy, lybaslyk mata parçalarymy, başga-da her hili del zatlarymy getirdiler. Olaryň bary hanymyň göwnüne ýarajak zatlardy, onuň göwni hoş bolup, bu zatlary köşk hyzmatkärine berdi-de, zatlaryň bahasynyň bolsa, hatda görkezilişi ýaly edilip, ertir
maňa tölenjekdigini aýtdy. Men edep bilen tagzym etdim-de, örän
minnetdar bolup, ertir ýene gelmelidigime begendim. Gitmäge
rugsat berlende, men akylym çaşan ýaly bolup, köşkden çykdym,
sebäbi meniň aýdýan zatlarym tersine bolup çykýardy. Aljyraňňy
ýagdaýda men kerwensaraýa bardym. Dostlarymyň bary:
- Saňa näme boldy? - diýşip, meniň daşyma üýşdüler.
Men bolsa:
- Şeýle gezelençden meniň başym çaşdy - diýdim.
Men bütin gijäni ynjalyksyz geçirdim. Ertesi irden ýene şol
ýerde peýda boldum hem şol köşk emeldary bilen köşge girdim.
Yene men düýnki huşuňy alýan zatlary gördüm. Şa gyzy meniň
ýagdaýymy aňyp, töweregindäkileriň baryny öz işlerine goýberdi. Hemmeler dargansoň, biz ikiçäk bolup galdyk, ol meni ýanyna
çagyrdy. Men bardym. Ol oturmagy buýurdy-da, soňra soramaga
başlady:
Biziň ýurdumyza şu baýlyklary getireniň ýerine salar ýaly
bizden näme isleýärsiň?
Men ýürek edip, şeýle sözleri aýtdym:
- Mende siziň gadam tozuňyzy gözüme sürtmek arzuwy
bardy, Allatagala ol arzuwymy berjaý etdi. Indi men ol arzuwyma ýetdim, bu dünýäňem bagtyna eýe boldum. Harytlaryň bolsa
hatda görkezilen bahasynyň ýarysyny siziň üçin geçýärin, galan
ýarysynyň bahasy hem maňa besdir.
- Yok, ýok, seniň harytlara goýan bahaň hemmesi doly töle n e r- diýip, şa gyzy garşylyk bildirdi. - Ondan başga-da, meniň
bir ýumşumy bitirip berseň, sen ýene sylag alarsyň.
- Eger hanym üçin gerek bolsa, şeýle bagtyň ugrunda maly-mülküm bilen janymy gurban etmäge şol demde taýýardyryn.
Şa gyzy meniň jogabymy eşidip, hat ýazmaga gerekli
zatlaryň getirilmegini buýurdy-da, hatjagaz ýazyp, ony dür sa-
pagy bilen tikilen bukja saldy, daşyny hem nepis ýaglyjak bilen
dolady-da, ony meniň elime berdi. Soňra barmagyndaky möhürlije ýüzügi sogrup, şeýle diýdi:
- Hol tarapda bir uly bag bardyr. Ol bagyň ady Dilhoş1
diýilýändir. Şol ýere bar-da, onuň garawulyny tap, garawulyň
ady Keýhysrawdyr. Oňa bu ýüzigi gowşur-da, bizden salam aýt
hem ondan hatjagazyň jogabyny sora. Emma tiz dolanyp gel.
Gidişiň bilen gelşiň deň bolsun. Onsoň bu bitiren işiň üçin meniň
sylaglaýşymy görersiň.
Men şa gyzyna tagzym etdim-de, ýola düşdüm, duş gelen
adamdan soraşdyryp gidiberdim. Bimäçe wýorst ýol ýöränimden
soň, bir baga gözüm düşdi. Men ol baga ýakynlaşyberemde, bir
ýaragly adam meni tutdy-da, bagyň derwezesine alyp bardy. Görsem, başdan-aýak haýbatly bezenen bir ýaş ýigit altyn oturgyjyň
üstünde ýolbars ýaly bolup otyr; onuň egninde sowut, başynda
bolsa polat sopbaş bar. Aňry ýanynda ýetginjeklerden bäş ýüz
sany söweşiji elleri galkanly hem gylyçly, eginleri ýaýly hem sagdakly taýýar bolşup hatara durlar.
Men baş egip, salam berdim welin, ýaş ýigit meni öz ýanyna çagyrdy. Men oňa ýüzügi berdim, soňra mylaýymlyk bilen
gürläp, içi bukjalyja ýaglygy görkezip, hat barasynda aýtdym. 01
bu habary eşidip gynandy hem kellesini ýaýkap, şeýle diýdi:
- Seni bu ýere şum ykbal getiren bolsa gerek. Bolýar, baga
giriber. Serwi agajyndan demir kapasa asylgydyr, onuň içinde bir
ýaş ýigit bendi bolup oturandyr. Oňa bu haty ber-de, jogabyny
alyp, derrew yzyňa dolan.
Men derrew bagyň içine girip gitdim. Bu ýöne bir bagmy!
Men diriligime jennete girendirin öýtdüm. Daş-töwerekde aky lyňy
haýran edýän güller açylyşyp, suwlar al-asmana çüwdürilişip,
guşlar her dürli owaz bilen saýraşýarlar. Men ýolumy ýazman
gidip barşyma, bir agaçdan asylgy duran şol kapasany gördüm.
Onuň içinde görmegeý bir ýigit oturan eken. Men hormat bilen
başymy egdim-de salamlaşdym hem çybyklaryň arasynda asylgy duran kapasadaky ýigide daşy dolangy bukjajygy berdim. 01
1Dilhoş - «göwün hoşgähi» diýmek.
ýigit haty çykaryp okady-da, menden şa gyzy barada ýangynly
soraşmaga durdy.
Emma biz heniz gürrüňimizi gutarmankak, birdenkä tutuş
bir hebeşi goşuny peýda boldy. Olar çar tarapdan meniň üstüme
çozdular-da, naýza hem gylyjyň pyştasy bilen meni ýençmäge
durdular. Yaragyň bolmasa, özüňi nädip gorap biljek?! Göz açyp-ýumasy salymda olar meni parçaladylar, ýaraladylar, men özümden gidip ýykyldym. Men huşuma gelen mahalym, özümi iki sany
adamyň göterip barýandygyny gördüm. Olar gidip baryşlaryna
özara gürrüň edýärdiler.
- Bu ölini çöl meýdana taşlaly, goý, munuň meýidini it-guşlar dargatsyn - diýip, olaryň biri aýtdy.
- Birdenkä patyşa habar tutup görägede, beýdenimizi biläýse, ol ikimizi diriligimize ýere gömdürer, çagalarymyzy bolsa
juwaz okunyň astynda mynjyradar. Beýle ýalňyş iş edip, näme
biz janymyzdan irdikmi? - diýip, beýlekisi jogap berdi.
Olaryň edýän gürrüňlerini eşidip, men bu gorkunç adamlara ýalbarmaga başladym:
- Allatagalanyň hatyrasyna, meniň günämi geçiň. Meniň
jesedimde entek iň soňky demim bar. Men ölemsoň welin, öz islän zadyňyzy ediň. Emma aýtsaňyz-la, maňa näme boldy, näme
üçin meni beýle erbet ýaraladylar, siz kim bolarsyňyz? Şuny bir
aýdyp beriň - diýdim.
Olar maňa haýpy gelip, gürrüň bermäge durdular.
Kapasadaky ýaş ýigit häzirki patyşanyň agasynyň ogly. Öň
bolsa ýurduň şasy şol ýaş ýigidiň atasydy. 01 ölüm ýassygyna
baş goýanynda, öz inisine: «Meniň oglum şu patyşalygyň hakyky
mirasdüşeri, ýöne ol entek akyly goýalyşmadyk çaga, şoňa görä-de döwlet işini yhlasly hem seresaply alyp barmagy seniň özüňe
tabşyrýaryn. 01 mazaly ýetişensoň bolsa, ony öz gyzyňa öýlendir-de, bütin ýurduň häkimligini hem hazynany oňa tabşyr» diýip
wesýet etdi. Şu sözleri aýdansoň, köp wagt geçmänkä patyşa
ölüp, häkimlik onuň inisiniň eline geçdi. Emma ol merhumyň
wesýetini berjaý etmedi. Gaýtam, tersine, ol agasynyň oglumy
akylsyz däli diýip, ile jar etdi-de, ony şol kapasanyň içine taşlady
hem ol ýere guşam uçup girmez ýaly, bagyň daşyna öz ynamdar
193
adamlaryndan garawul goýdy. 01 bimäçe gezek ýaş ýigide ölüm
awusyny iberdi, ýöne onuň jany berk ekeni, awy hem kär etmedi. Biziň şa gyzymyz bilen bu şazada bir-birlerini söýýärler; ol
gyz öz jaýynda birahat, şazada bolsa kapasada saňňyldap otyr.
Şa gyzy senden söýgi hatyny iberende, gezip ýören şugulyň biri
nähili ýol bilen hem bolsa muny aňyp, bu habary patyşa ýetiripdir. Şa bolsa hebeşi goşunyny iberipdir, olar hem seni şu ýagdaýa
salypdyrlar. Soňra şa öz wezirine şazadadan - bendiden ömürlik dynmagyň ýoluny tapmagy buýmk berýär. Ähtiýalan wezir
ýadyňa-oýuňa düşmejek hile gump, patyşanyň gözüniň öňünde,
hut öz goly bilen ýaş ýigidi öldürmäge şa gyzyny yrypdyr.
- Yörüň, meni şol ýere eltiň, ölmezimden öň şony şeýdişlerini beri görüp öleýin - diýip, men özümi göterip barýanlardan
haýyş etdim.
Olar birbada razy bolmadylar, emma ahyrsoňy men ysgyndan gaçan ýaraly bilen gizlin ýerden gidip, şol ýere bardylar-da, bir çetde durdular. Seretsem, patyşa tagtyň üstünde otyr,
şazada bolsa kapasadan çykarylyp, şanyň garşysyna getirilipdir.
Şa gyzy, jellada öwrülip, eli ýalaňaç gylyçly özüniň söýgülisini
öldürmäge gelýär. Yöne ol şazadanyň golaýyna gelip, elindäki
gylyjyny zyňyp goýberdi-de, onuň üstüne özüni oklady.
- Şeýdip ölsem, meniň armanym ýok - diýip, şazada aýtdy.
- Men bu dünýäde seniň didaryňa zar ahyryn, o dünýäde hem
saňa intizar men.
- Ýok! Bu diňe bir seniň didaryňy görmek üçin edilen zat diýip, şanyň gyzy dillendi.
Işiň tersine bolup çykanyny gören şa gazaba münüp, weziriň
üstüne:
- Bu näme boldugy, sen meni şunuň ýaly zatlara tomaşa
etmäge getirdiňmi?! - diýip gygyryp başlady.
Hyzmatkär şa gyzyny ýaş ýigitden çekip aýyrdy-da, ony
köşgüne äkitdi, hetdenaşa gahary gelen wezir bolsa bir zarbada betbagty iki bölüp taşlamak maksady bilen, gylyjyny syryp,
şazadanyň üstüne okduryldy, emma ol gylyjyny ýokary göteren
badyna, birdenkä gizlin tutynyň aňyrsyndan atylan ok onuň ýazzy
maňlaýyndan geçip, janyny takga çykardy.
*13
195
Bu wakany gören şa öz köşgüne gaçyp gitdi. Yaş ýigidi
ýene kapasa saldylar-da, baga alyp gitdiler. Menem gizlenmäge
çalyşdym. Yolda bir adam öz ýanyna çagyrdy-da, meni şa
gyzynyň ýanyna alyp bardy. Ol meniň ýaralydygymy bilip, tebip
çagyrtdy hem uly alada bilen oňa buýruk bermäge durdy:
- Oňat däri-dermanlar et, bu adam tiz gutulyp, gülap suwuna düşüner ýaly bolsun, ine, seniň etmeli işiň. Näçe jan edip
seretdigiňçe, şonça-da sylagy köp alarsyň.
Gepiň gysgasy, tebip hanymyň buýrugyny tutup, elinden
gelenini aýaman seretmäge başlady, kyrk gün diýlende bolsa
meni gülap suwuna düşürip, şa gyzynyň ýanyna alyp bardy.
- Yeri, neneňsiň? - diýip, şa gyzy menden sorady.
- Siziň merhemetiňiziň saýasynda men bütinleý sagaldym
- diýip, men oňa jogap berdim.
Şol wagt şa gyzy her hili zatlar sylag berdi-de, harytlaryma
kesen bahasyna iki esse köp pul töläp, meni azat etdi.
Şeýlelik bilen, men şol ýurtdan gaýtdym. Yöne welin men
gaýtsamam, meniň ýüregim şol ýerde galdy. Gaýdyp, şu ýere ýetenimizde bolsa, men öz söwdagärlerime şeýle diýdim:
- Siz watana gidiň. Men bu dagda bir monastyr saldyryp,
onuň içinde şol şa gyzynyň şekilini goýmagy hem hemişelik şu
ýerde galmagy ýüregime düwdüm.
Hyzmatkärlerime hem gullaryma her haýsynyň öz edenlerine göräräk engam berip: «Ölýänçäm meni ölmezödi bilen üpjün edip durmak siziň boýnuňyza, başga zatlardan bolsa siz boş»
diýen şerti öňlerinde goýdum-da, olary azat etdim. Indem olaryň
edýän aladalarynyň arkasyndan men henize-bu güne çenli açlyk
çekemok. Şonuň üçin hem men hiç bir zadyň aladasyny etmezden, öz kumirime tagat-ybadat edip ýörün. Galan ömrümde-de
bar maksadym şol. Ine, seniň eşitmekçi bolan zatlaryň hemmesi
- diýip, garry gürrüňini soňlady.
- Eý, derwüşler! Men şu gürrüňi eşiden badyma egnime
kafnimi atdym-da, derwüş eşigine girip, Pereň ýurduny görmek
umydy bilen ýola rowana boldum. Uzak wagtlap tokaýlarda, daglarda entäp, meniň sypatym Mejnundyr Perhadyňka meňzedi.
Ahyrysoňy, arzuwym meni şol şähere ýetirdi. Göýä telbe
ýaly, köçelerde, öwrümlerde entäp, uzak wagtlap şa gyzynyň
köşgüniň daşynda durdum, emma onuň içine girmäniň hiç bir
usulyny tapmadym. Şunça jebir-jepalar çekip gelenimden soň
hem şa gyzy bilen görşüp bilmezligim meniň lapymy keç etdi.
Bir gezek men bazarda durkam, adamlar çar tarapa gaçmaga başladylar, hatda dükançylar hem dükanlaryny ýapyp gizlendiler. Ýap-ýaňyja adamdan hyryn-dykyn doly bazar birdenkä
boşap galdy. Şol wagt Rüstem sypatly bir ýaş ýigit peýda boldy.
Ol gylyjyny asmana aýlap, ýolbars ýaly arlap gelýär. Onuň egninde sowut, başynda demir sopbajy bolup, guşagyna bolsa iki
sany sapança gysdyrylgydy. 01 bir zatlar samraýardy hem serhoş
ýaly iki ýana yranýardy, onuň yzyndan bolsa egni ýüň matadan
geýimli iki sany gul daşyna kaşaň mahmal çekilen tabydy depesine göterip gelýärdi.
Men bu waka haýran galyp, olaryň yzyna düşüp gitmegi ýüregime düwdüm. Öňünden çykan adam bolsa meni saklap, olaryň
yzyndan gidirmejek bolýardy. Ýöne men ol wagt adama gulak asjakmydym! Biraz gidenden soň ýaňky ýigit bir gowy jaýa baryp
girdi, menem yzyndan galmadym. 01 yzyna öwrülip, gylyjy bilen
bir zarbada meni iki bölüp taşlamakçy boldy. Men onuň öňünde
dyza çöküp, ant içip, özümiň hut şeýle bolmaklygy gözläp ýörendigimi ynandyrmaga başladym:
- Men öz ganymy saňa bagyşlaýaryn. Meni bu dünýäniň
azabyndan dyndar, meniň görenim görgi boldy. Men öldürsin
diýip seniň ýanyna bilgeşleýin geldim. Haýal etmän parçala!
Meniň ölmekligi ýüregime berk düwenimi bilensoň, ýaş
ýigidiň ýüregine Alla rehim saldy-da, gahary sowaşyp, sypaýy
ýumşaklyk bilen:
- Sen kim bolarsyň, näme üçin öz durmuşyňdan nägile? diýip sorady.
- Oturyň, baryny aýdyp bereýin - diýip, men haýyş etdim. Meniň başymdan geçen wakalar uzyn hem gaty daşdan başlanýar.
Men söýgi penjesiniň gurbany, ine, men näme üçin bikarar.
Bu sözleri eşidip, ol ýarag-lybaslaryny aýryşdyryp, el-ýüzüni ýuwdy, soňra meni hem çagyrdy-da, ertirlik edinmäge
başlady.
- Başyňdan geçen zatlary gürrüň beriber - diýip, ol nahardan soň maňa ýüzlendi.
Men şol garry barasynda, şa gyzy barasynda hem özümiň
näme üçin bularyň şäherine gelenim barasynda birin-birin gürrüň
berdim. Beýle sözleri eşidip, ol ilkibada aglady, soňra sözlemäge
başlady:
- Bagtygara şa gyzy, gör, kimleriň öýüni ýykmady. Aýby
ýok, meniň güýjüm seni beýle azapdan gutarar. Dogrusy, sen
meniň kömegim bilen arzuwyňa ýetersiň, onuň üçinem howsalalanma, ruhdanam düşme.
Ol dellege buýruk berip, meniň saç-sakgalymy syrdyrdy,
suwa düşürtdi, soňra gullaryň göterip gelen geýimlerinden
özüniň iki sany köýnegini maňa geýmäge berdi-de, ýene gürrüňe
başlady:
- Şu seniň gören tabydyň içinde şol kapasada bendi saklanan şazadanyň jesedi ýatyr. Ahyrsoňy, ony aldaw bilen patyşanyň
başga bir weziri öldürdi. Elbetde, onuň gany alyndy, sebäbi oňa
azar beren öldürildi. Men onuň süýt emşen dogany. Men ony öldüren weziri çapyp taşladym, şanyň hem janyny almakçydym,
ýöne patyşa men günäkär däl diýip ant içip, ýalbardy durdy; men
ol bigaýratyň günäsini geçdim. Men şol wagtdan bäri her aý täze
Aý gömende, ilkinji hepdäniň dördünji güni şu tabydy şäheriň
içine aýlap, şazadanyň halyna aglaýaryn.
Onuň sözleri meni bimeme köşeşdirdi. Men «Eger-de
şu göwnese, onda meniň arzuwym berjaý bolar. Bu akylsyza
sataşdyryp, Allatagala maňa uly garaşyk etdi. Hakykatdan-da,
Allanyň özi garaşyk etjek bolsa, hemme zatda garaşyk edýär»
diýip pikirlendim.
Gün ýaşyp, ýaňy iňrik garalyberende ýaş ýigit tabydy alyp
çykmagy buýurdy. Ony göterip çykanlaryň biriniň ýerine meni
goýdy-da, özi hem biziň bilen ugrady. Ýolda barýarkak:
- Men şa gyzyň ýanyna barýaryn. Eger şowuna düşse,
onuň bilen seni tanyşdyraryn. Ýöne sen hiç agzyňy ýaraýmagyn,
hemişe ümsüm gulak asgyn oturgyn - diýip, maňa tabşyrdy.
- Siz näme diýseňiz bolşy ýalyjak ederin - diýip, men oňa
jogap berdim. - Meniň halyma duýgudaşlyk bildireniňiz üçin,
Alla size uzak ömür bersin.
Ýaş ýigit patyşanyň bagyna tarap ugrady. 01 ýere girenimizde, men çemenlijegiň ortasynda mermerden edilen sekiz burçly sekini gördüm. Sekiniň üstiinde almazdan diregli, etegine bolsa dürden seçek aýlanyp, ak parçadan saýawan edilipdir. Astyna
zerli ýüpek matadan körpeçe ýazylypdyr. Şol körpençäniň üstünde bolsa parçadan tikilen tirseklik hem ýassyklar goýlupdyr. Ýaş
ýigit sekide tabydy goýduryp, biziň ikimize-de:
- Hol agajyň aşagyna baryp oturyň - diýdi.
Biraz wagtdan soň çyralaryň yşygy gömüp, daş-töweregi
kenizden doly şa gyzy geldi. Onuň ýüzi gaýgy-gamly görünýärdi. 01 gelip, körpeçäniň üstünde oturdy. Şazadanyň süýt emşen
dogany ilki birsalym gol gowşuryp durdy, sypaýyçylykly hormat
bilen halynyň bir çetinde oturdy. Ol merhum üçin doga okady-da,
soňra şa gyzyna bir zatlar diýmäge başlady. Men dykgat bilen
diňlemäge durdum. Iň soňunda şulara düşündim: - Älemiň gözeli, size tagzym edýärin - diýip, ol aýdýardy. - Ajam ýurdunyň
şazadasy siziň at-owazaňyz hem görk-görmegiňiz barada eşidip,
öz döwletini taşlapdyr-da, derwüş lybasyna giripdir; agyr
muşakgatlary başyndan geçirip, Ybragym Edhem' kimin sumugyp, bu ýere gelipdir. Siz diýip, ol ata watany Balhy taşlapdyr-da, bimäçe günden bäri siziň şäheriňizde aljyraňňy hem perişan
halda entäp ýör. Ahyrsoňy, ol dünýäniň azabyndan dynmakçy bolup, meniň yzyma düşüpdir. Men gylyjymy syryp, onuň üstüne
topulanymda, ol başyny ýere goýup, özüniň hut şeýle ölümi isleýändigini aýdyp, ant içdi. Gepiň gysgasy, ol sizi jany-teni bilen
söýýär. Men ony mazaly synap gördüm hem gaty oňat tanadym,
ine, şonuň üçinem ol barada size aýtmaklykdan çekinmedim.
Eger siz bir mysapyra mähribanlyk bildirseňiz, onda ol ýagşylyk
hem adalatlylyk etdigiňiz bolar.
Onuň bu gürrüňlerini eşidip, şa gyzy:1
1 Edhem - halal durmuşda ýaşamak üçin patyşalygyndan ýüz dönderen
legendar şazada.
- Ol nirede? Eger patyşa neslinden bolýan bolsa, azap çekmek nämä gerek? Goý, gaşyma gelip dursun - diýdi.
Şol wagt şazadanyň süýt emşen dogany ýerinden turup gaýtdy-da, meni şa gyzynyň ýanyna alyp bardy. Şa gyzyny
ýakyndan görüp, şeýlebir begendim welin, men akyl-huşdan
aýryldym-da, doňan ýaly bolup galdym, hatda ýekeje söz aýtmaga hem ragwatym bolmady. Göz açyp-ýumasy salymda şa gyzy
daşlaşyp gitdi, ýaş ýigit bolsa meni yzyma alyp gaýtdy.
- Men hanyma sen barada başdan-aýak gürrüň berdim hem
seni onuň gaşyna eltdim - diýip, ol öýe gelenimizden soň aýtdy.
- Indi sen ol ýere her gije baryp bilersiň, göwnüň isledigiçe lezzet
alarsyň, şatlanarsyň.
Men onuň aýagyna ýykyldym, ol bolsa meni gujaklady.
Şol ýere gider ýaly, Günüň ýaşaryna, garaňkynyň düşerine
garaşyp, bütin güni sagada seredip geçirdim. Garaňky gatlyşan
badyna, men hojaýynym bilen hoşlaşyp, patyşalyk baga bardym-da, şa gyzynyň sekisiniň üstünde ýassyga ýaplanyp oturdym.
Bir sagatdan soň hanym öz ýanyna diňe bir kenizini alyp,
assa basyp geldi-de, körpeçäň üstüne geçip oturdy. Bagtlylykdan
ýaňa şol demde, gör, nämeler bolup geçdi; men onuň aýagyny öpmäge başladym. 01 meniň başymy galdyryp, bagryna gysdy-da:
- Häzirki döwri özüňe sapaly hasap et hem maňa gulak as-da, meni nirä hem bolsa şu ýerden uzak bir ýere alyp git - diýdi.
- Yör gideli! - diýip, men jogap berdim. Şu sözlerden soň
biz bagdan çykdyk. Men şol wagt tolgunmakdan hem geň galmakdan ýaňa bütin dünýäni unutdym. Biz niräk barýanymyzy
hem bilmän gitdik oturdyk, emma hiç bir ýerden özümize mesgen
tapmadyk. Şa gyzy howsala düşüp:
- Men eýýäm ýadadym. Hany, öýüň nirede? Yör, basymrak
şol ýere gideli, bolmasa biz näme iş ederis? Meniň aýaklarymyň
aşagy pakgardy, men nire bolsa çökmäge kaýyl - diýip ýalbarmaga başlady.
Meniň hyzmatkärimiň öýi golaýda, häzir biz ýeteris. Sen
arkaýyn bol, ýene birazajyk ýöre - diýip, men ýalan sözledim,
özüm bolsa bütinleý howsala düşüpdim. Ony nirä alyp barsam-
V
kam? Edil şol mahallaram ýoluň ugrunda bir ýapyk gapa gözüm
düşdi. Men derrew onuň gulpuny döwdüm. Ol jaýyň içi edil gül
pürkülen ýaly eken. Onuň hemme ýerine haly - düşelipdir, tekjelerinde içi şeraply gaplar hatara goýlupdyr, aşhanada bolsa külçe hem çekdirme taýýar edilipdir. Biz gaty ýadapdyrys; biz adama bir käse şerap içdik-de, süýji zatlardan garbanyp, uzak gije
döwran sürdük.
Daň atan badyna, şäheriň içinde: «Şa gyzy ýitipdir!» diýen
gykylyk turdy. Şa gyzynyň ýitenligi barada jarçylar jar çekişip,
bütin şähere, çola köçelere aýlanmaga başladylar. Nirede-de bolsa şa gyzyny tutup getirmek üçin, jansyzlar hem şugulçylar iberildi. Şäheriň ähli derwezeleriniň agzynda patyşanyň nökerlerinden garawul goýuldy. Garawullar ýolda birugsat şäherden daşyna
garynjany hem çykarmaly däl diýen buýrugy aldylar. Kimde-kim
şa gyzy barada habar getirse, oňa müň tylla hem halat-serpaý beriljekdigi wada edildi. Şugulçylar şäheriň içine ylgadylar, her bir
öýe kürsäp girmäge başladylar.
Betbagt janymyza men gapyny gulplamagy unudypdyryn.
Gapynyň açykdygyny görüp, köne-küşüle çolanan, eli tesbili bir
kempir, melgun aýal (Hudaýym onuň ýüzüni gara etsin!) jaýa
kürsäp girdi. Şa gyzynyň garşysyna gelip durdy-da, ol iki elini
galdyryp, ýalbarmaga başlady.
- Hemä Alla siziň bagtyňyzy açyk etsin! Hiç haçan seniň
täjiň gyşarmasyn, gelin! Men bir garyp gedaý aýal, meniň gyzym
bar, ol göwreli hem çagasy bolup bilmän azap çekýär. Meniň çyra
ýakar ýaly bir damja ýaga-da ýagdaýym ýok, iýer-içer ýaly zat almaga-ha asla barara ýerim ýok. Eger-de ol öläýse, onda kepenlik
matany näme berip alaýyn hem mazary nädip gazdyraryn? Eger
çagasy bolaýsa, göbegenä näme bereýin, dogran aýala näme iýdireýin? Ynha, indi onuň agzyna bir dişlem zat salmanyma iki
gün boldy. Eý, rehimdar hanym! Özüňiziň päk göwnüňiz bilen
bize bir zatjyk emläň.
Şa gyzynyň rehimi inip, ony öz ýanyna çagyrdy-da, oňa
dört sany külçe hem bir bölek gowrulan et berdi. Soňra külembikesindäki ýüzügini çykardy-da:
- Muny sat hem özüňe gerek zady satyn al, hem rahat ýaşa,
ýene bir zat gerek bolaýsa, öz öýüň ýaly görüp geläý - diýdi.
Gizlin syryň üstüni açmak üçin gelen kempir özüniň doly
maksadyna ýetip, sagbolsun aýtdy-da, jaýdan begenip çykyp gitdi. 01 alan çöreginem, etinem daş işikde taşlady, ýüzügi bolsa
gysymyna berk gysyp, öz içinden «Indi hanym meniň elimde»
diýip pikir etdi. Emma, belli zat, Allatagalanyň bizi bu beladan
halas edesi geldi, çünki birdenkä arap atyň üstünde eli naýzaly,
öňüne umgany kese basyp, öýüň hakyky eýesi - söweşiji ýaş
ýigit geldi. 01 gulp döwlüp, jaýynyň gapysynyň açykdygyny
görensoň, çykyp gelýän ara bozýan aýala gözi düşüp, gahar-gazap bilen onuň saçyndan towlap tutdy-da, yzyna, howlynyň
içine süýräp getirdi. Ony aýagyna ýüp salyp, başaşaklygyna
agajyň şahasyndan asyp goýdy. 01 aýal birsalym titredi-de, jan
berdi. Ol adama gözüm düşen badyna şeýlebir gorkdum welin,
dyzlarymyň ysgyny gaçdy. Öý eýesi biziň howsala düşenimizi
aňyp, bizi köşeşdirjek bolup:
- Siz bijaý ýeňilkellelik edipsiňiz. Hatarly işe baş goşupsyňyz-da, gapyny açyk galdyrypsyňyz - diýdi.
Şa gyzy ýylgyryp:
- Bu meniň hyzmatkärimiň öýi diýip, şazada meni ýalňyşlyga eltdi - diýdi.
- Şazada ýalňyşmandyr - diýip, ol şa gyzynyň aýdan
geplerine edeplilik bilen jogap berdi. - Allanyň ähli bendeleri patyşalaryň guludyr. Raýatlaryň ömri hem abadançylygy
patyşalaryň rehim-şepagatyna, adalat-sahawatyna baglydyr. Men
siziň sadyk guluňyz, emma häzir siziň asylzadalygyňyzy gizlinlikde saklamak örän paýhaslylykdyr. Eý, şazada! Siziň şa gyzy bilen mübärek gadamlaryňyzy meniň garyp çatmama basmagyňyz
meni dygysyz bagtyýar etdi. Şeýlelik bilen meniň depämi göge
ýetirdiňiz. Men siziň üçin ähli maly-mülkümi hem janymy gurban
etmäge taýýardyryn. Öz öýüňiz hasap ediň-de, bu ýerde arkaýyn
ýaşaberiň. Bu ýerde siziň üstüňize hiç bir howp abanmaz. Eger-de ýaňky aýal şu ýerden aman giden bolsa, onda ol sizi elhenç
bagtsyzlygyň üstünden elterdi. Emma häzir öz päk göwnüňiz
rahatlanýança şu ýerde boluberiň. Dünýäde göwnüňiziň islän
zadyny maňa aýdyň, men baryny tapyp bererin. Patyşa-ha beýlede dursun, siziň bu ýerdedigiňizi perişde-de bilmez.
Ol uzak wagtlap şunuň ýaly köşeşdiriji sözleri aýtdy welin,
biz bimeme rahatlandyk.
- Örän gowy - diýip, men oňa minnetdar boldum. - Siz
asylly adam. Ýagdaýy bolan pursadynda siziň rehimdarlygyňyz
üçin, biz sizi sylaglarys. Siziň adyňyz näme?
- Siziň hyzmatkäriňiziň ady Bihzat han - diýip, ol jogap
berdi.
Gepiň gysgasy, ol wada berşi ýaly hem alty aýlap ak ýürekden hyzmat etdi. Biz bu alty aýy bolelinlikde hem erkinlikde geçirdik. Emma günleriň birinde watan hem dogan-garyndaşlarym
meniň ýadyma düşdi, men agyr oýa batyp otyrdym. Bihzat han
meniň ýüzümdäki gaýgy alamatyny görüp, edep bilen gollaryny
gowşurdy-da, meniň gaşyma gelip durdy.
Eger-de siziň wepaly hyzmatkäriňiziň hyzmatynda kemter
ýeri bolsa, şony aýtmagyňyzy haýyş edýärin! - diýip, ol maňa
ýüzlendi.
Allanyň hatyrasy üçin! - diýip, men gygyrdym. - Siziň
edýän gürrüňiňiz nähili? Siz bize şeýlebir rahat ýaşaýarlar welin,
özlerini edil eneleriniň göwresinde ýaly syzýarlar diýip düşüniň.
Biz şeýlebir howply ýagdaýdadyk, çünki her agajyň şahasy gözümize duşman bolup görünýärdi. Heý bolmanda, birazajyk dynç
alar ýaly, bize dostluk kömegini etjek adam barmydy? Hudaýym
siziň döwletiňizi artyk etsin! Siz gaty artykmaç adam.
- Bu ýerde bolmagy göwnüňiz islemese, onda nirä äkitmegi
buýursaňyz, men sizi aman-sag elterin.
- Men öz watanyma barmak, atam-enemi görmek isleýärin
- diýip jogap berdim. - Meniň başymdan, gör, nähili zatlar geçdi!
Şol döwrüň içinde bolsa, gör, olaryň başyna nähili günler düşendir,
ony diňe Alla bilýär. Men nähili maksat üçin öz mähriban watanymy taşlap gaýdan bolsam, şol maksadyma hem ýetdim. Indi
öz hossarlarymyň gadam tozuny gözlerime sürtmäge wagt boldy.
Olara meniň ölüdigim-diridigim belli däl, olar men barada hiç zat
204
bilmeýärler ahyryn. Olar, gör, nähili gaýgy-gama batyp oturandyrlar!
- Örän gowy! Gideliň! - diýip, Bihzat han dillendi.
Ol şol halatda ýüz wýorst ýoly ýadaman çapyp geçjek bir
arap aty bilen hanym üçin ýuwaş, emma ýel ýaly gidýän bir baýtaly alyp geldi. Bizi olara mündürip, özem boz sowut geýnip, birkemsiz ýaraglanyp atlandy-da:
- Men öňden gideýin. Siz bolsa atyňyzyň jylawyny ýazdyryň-da, meniň yzymdan galaýmaň - diýdi.
Ol şäher derwezesine ýetip, atynyň başyny çekdi; bir nagra
dartyp, derwezäniň gulpuny ok bilen döwdi-de, derwezebanyň
üstüne gygyrdy.
- Eý, muhannesler! Baryň-da öz hökümdaryňyza: «Bihzat
han şazada Kamgarany aç-açan alyp barýar. Eger sizde çigit ýaly
gaýrat bar bolsa, al meýdana çykyň-da, şa gyzyny elimden alyň,
soňundan Bihzat han ol gyzy gizlin alyp gidipdir diýip gürrüň
etmäň; ýok, ony etmeseňizem, onda galada oturyň-da, rahat dem
alyň» diýip aýdyň.
Bu habar derrew patyşa baryp ýetýär.
Patyşa wezirine hem goşun serkerdesine:
- Haýyn topalaňçylaryň üçüsiniňem elini-aýagyny daňyp,
meniň huzuryma alyp geliň ýa-da olaryň kellelerini kesip, maňa
getiriň - diýip höküm edýär.
Sähel wagtdan soň asman-zemini dumana gapladyp, san-sajaksyz goşun peýda boldy. Bihzat han bizi belentligi Jaunpur köprüsi ýaly uly bir köpriniň arkasynyň astynda gizledi-de,
özi bolsa atyny yzyna dolap, ýolbars dek arlap, duşmanlaryň
ortarasyna urup girdi. Duşmanlaryň eslisini palaç ýatyran ýaly
ýatyryp, Bihzat han at salyp bardy-da, goşun baştutanlarynyň
ikisiniňem kellesini togalady. Baştutanlarynyň öldürilenini gören
goşun şol bada basga düşdi. Baş bolmasa, göwre läş; «Alma ýaryldy, tohumy guma garyldy» diýen nakyl bar ahyryn. Şol wagt
eginleri sowutly bütin bir lek goşun bilen patyşanyň özi kömege geldi. Arslan ýürek batyr ýigidiň tenha özi ýene söweşe girip, doly ýeňiş gazandy. Patyşa gaçmaga başlady. Elbetde, ýeňşi
Alla berdi, emma Bihzat han şeýlebir edermenlik görkezdi welin,
ähtimal, beýle edermenligi diňe Zal ogly Rüstem görkezip biljekdi. Bihzat han söweş meýdanynda duşmanyň galmandygyny
görenden hem olary yzarlap geläýjek bir adamynyň ýokdugyna gözüni ýetireninden soň, biziň ýanymyza gaýdyp geldi. Biz
ýene ýola düşdük. Yolda wagt tiz geçýärdi. Hä diýmän biz meniň
watanymyň araçägine ýetdik. Biziň sag-aman gaýdyp gelýänligimiz barada hat ýazyp, atamyň - patyşanyň ýanyna çapar iberdim.
Meniň hatymy alyp, göýä teşnelikden damagy guran adamyň suw
görende begenişi ýaly, älem penakärleriniň ýüregi guwançdan
dolupdyr. Ol Allatagala köp alkyşlar okap, ähli wezir-wekillerini
ýanyna alyp, meni garşylamaga çykdy. Olar derýanyň gyrasyna
gelip durdular. Derýadan geçer ýaly, gämi taýýarlamaly diýlip,
flotuň hojaýynyna buýruk berildi. Meniň beýleki kenarda duran
wezir-wekillere, şa nökerlerine gözüm düşen badyna, atamyň
aýagyna ýykylmak üçin, mende sabyr-takat galman, atymy suwa
salyp, derýanyň beýlesine ýüzüp geçdim-de, olaryň huzuryna
baryp durdum. Atam meni mähir bilen bagryna basdy.
Şu ýerde garaşylmadyk bir betbagtlyk ýüze çykdy. Asyl
meniň atym şa gyzynyň münüp oturan baýtalynyň taýy bolsa
nätjek! Şonuň üçinmi ýa meniň atymyň hokranyp eden çagyryşy
bilenmi, garaz, biz suwa uran badymyza, hanymyň münüp oturan
baýtalam ony alyp suwa urdy-da, ýüzmäge başlady. Şa gyzy howsala düşüp, onuň jylawyny berk çekdi welin, baýtalyň emi näzik
bolany sebäpli, ol muňa döz gelip bilmän agdaryldy. Onuň bilen
bile şa gyzy hem derýanyň düýbüne gitdi. Bihzat han bu wakany
görüp, şa gyzyny halas etmek maksady bilen atyň üstünden özüni
derýa oklady, emma ol hem girdaba düşüp, ondan çykyp bilmedi;
elleri-aýaklary bilen her näçe urunsa-da, peýdasy bolman, gark
boldy.
Bu betbagtçylygy gören älem penakäri ullakan tor getirip, ony suwa taşlamagy tabşyrdy. Gämiçilere hem guwwaslara
derýanyň düýbüni barlamaly diýen buýmk berildi. Gözlegçiler
derýanyň düýbüni ýokaryk çöwürdiler, emma olardan derek tapylmady.
Eý, derwüşler! Bu waka şeýlebir elhenç boldy welin, tas
akyl-huşumdan jyda düşüpdim. Men derwüş lybasyna girip, edil
däli-diwana ýaly bolup: «Meniň täleýim şeýle boldy, indi şatlygy
gören gözler hesreti hem görsün» diýen sözleri öz ýanymdan,
yzyny üzmän gaýtaladym aýlandym ýördüm. Eger-de şa gyzy ýitip giden ýa aradan çykan bolsa, onda ony gözlemek bilen Allanyň
edenine şükür edip oturmak bilen ýürek aram tapardy. Emma ol
hut meniň gözümiň öňünde derýanyň düýbüne gidip, soňra ondan
derek bolmanyndan soň, maňa edere iş galmady. Ahyryn men,
gel, menem suwa gark bolaýyn, belki, ölenimden soň, söýgülime
gowşaryn diýen karara geldim.
Bir gije men şol derýanyň kenaryna bardym-da, niýetime
ýetmek maksady bilen, suwa girip ugradym. Suw bokurdagyma
çykyp, indi çümüp gidebermeli bolanymda, birdenkä, ine, şol
size hoş habar getiren ýaşyl donly, bir atly peýda boldy. 01 meniň
elimden tutdy-da, köşeşdiriji sözler aýtmaga başlap:
- Näumyt bolma. Hanym bilen Bihzat han diri. Nähak ýere
öz janyňa kast etmek nämä gerek? Dünýäde her hili zatlar bolup
biler, emma Allanyň rehimdarlygyna betgümançylyk ediji bolma. Diri gezip ýörseň, olaryň ikisi bilenem bu gün duşuşmasaň,
erte duşuşarsyň. Sen indi Rum welaýatyna ugra. Iki sany seniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 13
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.