Latin

Dört derwüş - 09

Total number of words is 4043
Total number of unique words is 2023
32.5 of words are in the 2000 most common words
47.3 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kömek berdi, soňra atlaryň eýer-esbaplaryny aýryp, olary otluk
meýdana kowdy.
Yaş ýigit egnindäki harby lybaslaryny çykaryp, dynç almaga oturansoň:
- Eý, bagtygara! - diýip, maňa ýüzlendi. - Seniň nähili
adamdygyň maňa-da aýdyň bolar ýaly, indi özüň barada gürrüň
ber.
Men öz adymy, gulluk derejämi, başyma düşen betbagtçylyklaryň baryny gürrüň berdim. Başymdan geçen wakalary
diňläp, ýaş ýigidiň gözleri ýaşdan doldy.
- Eý, Hudaýyň bendesi! - diýip, ol gürrüňe başlady. Indi meniň başymdan geçen wakalara hem gulak as. Men Zerbad1 ýurdunda bir rajyň gyzy, şol Süleýmanyň zyndanynda oturan - meniň halas etjek bolan ýaş ýigidim bolsa meniň atamyň
weziriniň ogly, onuň adyna Bahramand diýýärler. Bir gezek maharaja2 meniň atam her bir adamyň atyň üstünde edýän maşklary,
çalasyn ökdelikleri gömüp durar ýaly köşgüň öňünden geçip,
ýaý atyşyklar hem polo3 oýnuny guramaklygy ähli rajlara hem
şazadalara buýmk berdi. Men ejem - Rani4 ikimiz demir gözenekli penjiräniň tekjesinde oturyp, daşyma üýşen enekelerimdir
joralarym bilen bolýan wakalara tomaşa edýärdim. Weziriň ogly
hemmelerden owadandy hem aty bijaý ökdelik bilen sürýärdi.
Men ony haladym, meniň oňa göwnüm gitdi, emma men bu syry
bimäçe wagtlap gizlin sakladym.
Ahyrsoňy, sabyr-takatym galmansoň, bu syryň baryny
enekäme aýtdym, oňa köp sylag-serpaý berdim. Enekäm ol ýigidi gizlin ýol bilen meniň otagyma alyp geldi. Bu ýerde ol hem
maňa aşyk boldy. Biz köp günläp keýpi-sapada bolduk. Bir gün,
eli ýaragly sakçylar köşge aýlanyp ýörkäler, ony görüp tutdular-da, bu hakda raja habar berdiler. Raj ony asmaga höküm etdi,
1 Zerbad - hindiler Hindistanyň günorta-gündogar gapdalynda ýerleşýän ýere «Zerbad» diýip at berýärler.
2 Maharaja - beýik raj; hiç ýere boýun egmeýän hökümdar.
3 Polo - top oýny.
4 Rani - rajyň aýaly; patyşanyň aýaly.
emma ähli wezir-wekiller, han-begler öldürmezligini dilediler.
Şondan soň ony Süleýman zyndanyna taşlamak buýruk edildi.
Şol gije köşge bile gelen ol ýigidiň doganoglany bolan başga bir
ýetginjek ýigidi hem onuň bilen bile tussag etdiler. Olaryň şol
garaňky zyndanda oturanlary bäri eýýäm üç ýyl geçdi, emma ol
ýaş ýigidiň rajyň köşgüne näme üçin gelenini henize çenli hiç
kim bilenok. Biribaryň özi meniň namysymy gorap saklady.
Onuň öwezine men tussaglary suwdur iýmit bilen üpjün etmekligi guramagy borjum hasap etdim. Häzire çenli men her sekiz
gün içinde bir gezek şol ýere gidýärin-de, olara bir hepdelik iýmit
goýup gaýdýaryn.
Öten agşam men düýş gördüm. Düýşümde bir adam maňa:
«Tur bahym, atyňy eýerle, iýmit üçin pul al. Eliňe ýüp al-da,
garaňky zyndana tarap ugra, ol betbagtlary ondan halas et» diýdi.
Men tisginip oýandym-da, şatlyk bilen şaýymy tutmaga başladym.
Men erkek lybasyna girdim, bir sandyjagy altyndyr gymmatbaha
daşlardan doldurdym, birlaý eşik hem aldym, onsoň ata atlanyp,
ony çekip çykarmak üçin şol ýere ugradym. Emma zyndandan
halas bolmak bijesi seniň paýyňa düşen eken. Meniň niýetimi hiç
kim aňlamady, elbetde, zyndandan çykmaklyk seniň nesibäňde
bar ekeni. Aý, näme, kysmatdakyny görübermeli bolýar-da.
Ol gürrüňini gutaryp, düwünçeginden köke, külçe, et, gök
önümler çykardy-da, käsede gant ezip, onuň hem üstüne miwe
suwuny guýagada maňa berdi. Men onuň uzadan käsesini elinden alyp içdim; soňra biz az-maz garbak-gurbak edindik. Sähel
salymdan soň ol gyz esgi bilen uýat ýerimi ýapdy-da, meni suwa
düşündirmäge alyp bardy, gaýçy bilen saçymy, dymaklarymy
aýyrdy. 01 meni mazalyja ýuwundyryp, täze köýnek geýdirdi.
Gepiň gysgasy, ol gyz meni adama meňzetdi-dä. Men ýaradana
alkyş baryny okap, ýüzümi kybla öwürdim-de, namaz okadym.
Gözel gyz bolsa menden gözüni aýyrmaýardy.
Men namazymy okap gutaranymdan soň, ol:
- Sen näme iş etdiň? - diýip sorady.
Men:
- Jümle-jahany ýaradan biribar meniň ýanyma seniň ýaly
ajaýyp bir gyzy iberdi; ol seniň ýüregiňe rehim saldy-da, meni
zyndandan boşatmagy saňa tabşyrdy. Men häzir ol Biribaryň ýoluna takat-ybadat etdim, özümiň onuň bendesidigimi aýtdym-da,
alkyş etmek borjumy ýerine ýetirdim - diýip jogap berdim.
- Sen musulmanmy? - diýip, ol gyz menden sorady.
- Şükür alhamdilylla, musulmandyryn.
- Seniň ýaňky aýdan sözleriň meniň gulagyma ýarady.
Diniňiziň şertlerini öwret-de, menem öz diniňize sal.
Onuň ýiiregine biziň dinimize girmekligi Allanyň salandygyna şükiir edip, men: «Alladan başga hudaý ýokdur. Muhammedem onuň resulydyr» diýip aýdyp berdim-de, gyza öwran-öwran gaýtalatdym. Soňra atlandyk-da, ýola düşüp ugradyk.
Gije bir ýerde düşlänimizde bolsa, onuň bar gürrüňi din barada
boldy, meniň aýdan zatlarymy lezzet bilen diňledi. Şeýdip, biz iki
aýlap daň atandan Gün batýança at üstünden düşmedik.
Ahyrsoňy, biz Zerbad hem Sarandip' ýurtlarynyň araçäginde ýerleşýän bir welaýata baryp ýetdik. Tiz wagtdan soň
Ystambulyňkydanam köp ilatly bir şähere baryp girdik, ol ýeriniň
ýakymly hem ajaýyp howasy bar ekeni. Bu şäheriň patyşasy
Nowşirwandanam adyl bolup, öz raýatlary üçin ondan hem köp
aladalanýan ekeni. Bu ýagdaýy görüp, men örän şatlandym-da,
jaý satyn alyp, onda ýaşaberdim. Uzak ýoluň ýadawlygy ýok
bolandan soň, gerek zatlaryň baryny taýýarladym-da, musulman
şerigaty boýunça nikalaşyp, özümi halas eden gyza öýlendim. Üç
ýylyň içinde men ol ýeriň uly-kiçi adamlary bilen tanyş boldum,
bütin adamlara özümi aldyrdym hem-de söwda işinde ajaýyp
üstünlikler gazandym. Men ýerli täjirleriň baryndan ozdurdym.
Bir gün men baş weziriň ýanyna görme-görşe ugradym. Gidip
barýarkam, ýoluň ugrundaky giň meýdana üýşen märekä gözüm
düşdi. Men beýle mähelläniň näme üçin üýşenini soradym-da,
ogurlyk-jümürlik bilen meşgullanýan birki sany adamyny ele salandyklaryny bildim. Olary saňsara bir daş edip öldürjekler diýip
gürrüň etdiler.
Bu habary eşidip, özümi asjak bolanlary ýadyma düşdi,
Allanyň özi gowusyny etsin. Şeýle bela-betere uçraýanlar azmy
1Sarandip - Seýlon adasy.
näme? Olaryň günäsi barmy, ýokmy, entek belli däl, belki, meni
edişleri ýaly, ýalan töhmet bilen tutandyrlar. Men adamlary
itekleşdirip, märekäniň ortasyna bardym. Görsem, elleri arkasynda
daňlyp, çuw ýalaňaç duranlaryň ikisem meniň doganlarym ekeni.
Olary görüp, meniň ganym gyzyp gitdi, ýüregim bolsa agzyma
geldi. Men jellatlara bir goşawuç tyllany berip, olaryň gelýänçäm
garaşmagyny haýyş etdim-de, atymy öňürdikledip, häkimiň üstüne gitdim. Oňa gymmatbaha ýakut eltip berägede, öz arzymy
beýan etdim.
- Bir adam olary günäkärläp, garşysyna çykyp gepledi. Olar
eden etmişlerini boýun alandygy zerarly, patyşa eýýäm höküm
çykardy. Meniň elimden geljek zat ýok - diýip, ol maňa jogap
berdi.
Meniň irginsiz haýyş etmegim zerarly häkim tamakinçilik bildirdi. Men bäş müň rupiýa bilen olary ölüm jezasyndan
boşatmaklyga yrdym. Oňa puly sanap berip, olaryň günäleriniň
geçilýändigi barada hat ýazdyryp aldym-da, doganlarymy ölümden gutardym.
Älemiň penakäri! Meniň aýdýanlarymyň dogrudygyny,
däldigini bir şolaryň özlerinden sorap görüň!
Doganlarymyň ikisem ýüzlerini aşak salyp, seslerini çykarman durdular. Asyl olar utançdan ýaňa ýere giräýjek bolýardylar.
- Hawa! - diýip, täjir gürrüňini dowam etdi. - Doganlarymy halas edip, men olary öz ýanyma alyp geldim, hammamda
ýuwundyrdym, geýindirdim hem-de olar ýaşar ýaly köçe tarapdaky otaga alyp bardym. Men olara aýalymy görkezmek islemedim. Şol sebäpli öý işini özüm etdim-de, nahary olar bilen bile
edindim, diňe agşamyna öz jaýyma gidip ýatdym. Men olary üç
ýyllap öz ýanymda sakladym. Olar göwnüme deger ýaly hiç bir
erbetlik etmediler. Bir gezek bir ýere gidenimde, doganlarym
öýde galypdylar.
Ine, bir gün meniň söýgüli aýalym hammama ugrapdyr.
Köçe tarapky otaga gidip, onuň içinde erkek kişiniň bardygyndan
bihabar bolup, başyndan perenjisini aýrypdyr. Ine, bir betbagtçylyk, meniň ortanjy agam oýa ýatan bolsa nätjek. Agamyň gözi
düşen badyna, ol oňa aşyk bolupdyr-da, ony uly agama aýdypdyr.
Biler bolsaňyz, agalarym menden dynmaklygy wadalaşypdyrlar,
men bolsa beýle zatlary aňmandyryn, hatda men öz ýanymdan:
«Hudaýa şükür, bu sapar henize çenli olaryň maňa hiç bir eden
ýamanlyklary ýok. Ahyrsoňy olar ýola geldiler. Elbetde, ahyry
utanandyrlar-da» diýip pikir etdim.
Bir gezek nahardan soň meniň uly agam gözlerine ýaş
aýlap, öz watanymyzy taryplamaga hem-de Ajamyň gözelligini
suratlandyrmaga başlady. Onuň yzysüre ikinji agamam aglamaga
başlady.
Şol wagt men:
- Siz watana gitmek isleýäňizmi? Örän gowy. - Men siziň
islegiňize boýun. Meniňem arzuwym şol ahyryn. Alla ýol berse,
hemmämiz bile gideris - diýdim.
Men agalarymyň tukatlanýandyklaryny aýalyma habar berdim-de, hut öz niýetimem oňa aýtdym. Meniň akyllym maňa:
- Oýlanyp gör, olar ýene-de bir hile gurýarlar. Agalaryň
seniň din duşmanlaryň, sen öz goltugyňda zäherli ýylany saklaýarsyň. Olardan gowulyga garaşma! Göwün söýeniňi et, emma
nadanlardan özüňi gora - diýdi.
Şeýlelik bilen, men bahym ýola düşmäge taýýarlyk görüp,
şäheriň bir çetinde çadyr gurdum. Kerwen bary toplandy, meni
oňa ýolbaşçy hem serkerde edip saýladylar. Sähetli gün biz ýola
düşüp ugradyk. Men öz agalarymdan ätiýaçly boldum, emma
olaryň diýenine gulak salyp, olaryň göwnüni tapjak bolup jan etdim.
Bir ýerde düşlänimizde, ortanjy agam:
- Şu ýakynda Selsebil1çeşmesine meňzeş çeşme gaýnap
çykyp duran sapaly ýer bar. Onuň töweregi bolsa giň giden sähralyk bolup, ol çigildemiň, göýlüň, narsissanyň, ýene şoňa meňzeş
zatlaryň geňsi gülleri bilen bezenip otyr. 01 ýeri gezelenç etmek
üçin diýseň ajaýyp ýer. Eger sen razy bolsaň, ertir şol ýere seýil
etmäge hem dynjymyzy almaga gitsek bolar - diýdi. Men:
1Selsebil - behiştde bir çeşmäniň ady.
145
- Siz göwnüňiziň halan zadyny ediberiň. Sizden buýruk
bolsa, ertirem kerwen şu ýerde dynç alar, biz bolsa seýil etmäge
gideris - diýdim. Onda agalarym:
- Ajap bolar! - diýip ylalaşdyiar.
Men ertir bir günlük dynç alyşlyk boljagyny bütin kerwene
habar bermeli diýip aýtdym hem-de aşpeze gezelenç üçin dürli
tagamlardan taýýarlamaklygy tabşyrdym. Iki agamam daňdanlar
geýnip, ýaraglaryny dakyndylar-da, salkyn bilen tizräk gitmek
gerekdigini maňa ýatlatdylar. Men atlary getirmek üçin hyzmatkärimi iberdim, emma agalarym oňa göwnemän:
- Heý, pyýada gezelenç etmegiň höziri ýalam bir zat bolarmy? Hyzmatkäriňe aýt, atlary yzyna alyp gitsin - diýişdiler.
Kofe gaýnadylýan zatlary bilen suw çilimi alyp, biziň bilen
iki sany gulam gitdi. Gidip barşymyza biz ýaý atmak bilen gyzyklandyk. Kerwenden daşlaşanymyzdan soň, agalarym bir zat üçin
gullaryň birini iberdiler, az salymdan ikinji guly tapyp gelmek
üçin beýlekisinem iberdiler. Şol wagt göýä agzymyzy biri mumlap goýan ýaly, meniň bagtym ýatyp, olar göwünlerine gelen zatlary etdiler-de, meni gürrüňe güýmäp, uzaga alyp gitdiler. Meniň
ýanymda itiň galanam bir gowy zat. Biz örän daşa gitdik, emma
gaýnap çykýan çeşme-de, gülzarlyk sähra-da hiç ýerde görünmedi, diňe çarkandakly çölüstanlyk uzalyp gidýärdi. Men gaty
ýadandygym zerarly, demimi dürsäýin diýip oturdym. Birdenkä
ýeňsämde ýalpyldaýan gylyjyň ýalkymy gözüme kaklyşdy; yzyma gaňrylyp seretsem, kiçi agamyň asmandan inen gylyjy şol
demde kelleçanagymy ýardy. Gylyç inip gelýärkä: «Sütemkär!
Näme üçin meni urýarsyň?» diýip, çirkin ses bilen gygyrmaga
ýetişdim. Uly agam hem egnime urdy, soňra iki doganymam ýara
üstüne ýara salyp başladylar. Men huşumy ýitirip ýykyldym;
şondan soň olar birehimlik bilen meni öldürdim edipdirler-de,
gana bulaşdyryp gidipdirler. Meni ýençýänlerini gören it olaryň
üstüne gaharly topulypdyr, emma zalymlar onam ýaralapdyrlar.
Soňra özlerine ýeňil-ýelpaý ýara salypdyrlar-da, kerwene tarap
gidipdirler.
Bu nadanlar, ol ýere baryp şeýle diýipdirler:
*io
- Biziň üstümize garakçy döküldi. Olar kiçi doganymyzy
öldürdiler, bizem ýaraladylar. Tiz ugralyň, bolmasa olar häzir
yzymyzdan ýetip, kerweni talarlar.
Düýekeşler bu çöl-beýewanyň içinde garakçy bar sesini
eşiden batlaryna, göýä gorkudan ýaňa bütünleý huşlaryny ýitiren ýaly bolupdyrlar-da, şol demde ýerlerinden zöwwe galşyp,
kerweniň başyny çekişip ugrapdyrlar.
Agalarymyň gylyk-häsiýetine, abraýyna, mekirligine öňden
belet aýalym olaryň meniň üçin gurup ýören hilelerini aňlan ekeni. Bu ýalançylardan soňky bolan wakany eşiden badyna, aýalym
ýüreginden hanjar urup, amanadyny tabşyrypdyr.
- Eý, derwüşler! - diýip, Azatbagt gürrüňiniň arasyny
kesdi. - Ite sežde edýän hoja aýdyp oturan hekaýatynda öz betbagtlygynyň şu ýerine gelende, meniň gözüme biygtyýar ýaş
aýlandy. Bu ýagdaýy görüp, täjir maňa ýüzlendi-de:
- Älemiň penakäri! Eger aýyp bolmasady, onda men
ýalaňaçlanyp, bütin endamymy size görkezerdim - diýdi.
Şeýle-de bolsa, ol öz aýdýan sözlerini tassyklajak bolup,
ýakasyny ýyrtdy-da, omzuny ýalaňaçlap görkezdi. Dogrudanam,
onuň endamynda ýaraň yzyndan ýaňa bitin ýeri ýokdy. Soňra
ol sellesini çykardy-da, süýr depesindäki ýumruk sokaýmaly
hoňkaryp duran oýugy görkezdi. Şol ýere üýşen atly-abraýly
adamlaryň bary, seretmäge bogunlary ysman, gözlerini ýumaýdylar.
- Döwletiňiz berkarar bolsun, patyşa! - diýip, hoja hekaýasyny dowam etdirdi. - Agalarym meni öldi hasap edip gidenlerinden soň, şol çölde itim ikimiz ýaraly galyberdik. Menden şeýlebir gan gitdi welin, men bütinleý ysgyndan düşüp,
huşumdan mahrum boldum. Yaşaýşyň gaýtadan nähili üstüme
saýa salanyny bilmeýärin.
Meni taşlap giden ýerleri Sarandibiň araçägidi. Ýakynda
köp ilatly şäher bolup, onuň merkezinde ägirt uly buthananyň
ymaraty salgymlap duran ekeni. Ýurda hökümini ýöredýän
patyşanyň bolsa örän owadan gyzy bar eken. Onuň ugrunda ençeme şalar, şazadalar köýüp-bişýär eken. Ol ýerde ýüzlerini per-
de bilen ýapmak däbi bolmansoft, ol gyz öz joralary bilen uzak
gün seýil edip, gülüp-oýnap gezer eken. Şa gyzy bir sähetsiz güni
atasyndan rugsat alyp, şol meniň ýaralanan düzlügimiň bir çetinde ýerleşýän mülke gaýdypdyr. 01 bimäçe hyzmatkär gyzlar bilen
şäherden çykanda, gyzlar birdenkä bir iňňildi eşidipdirler. Olar
ýuwaşlyk bilen ýanyma gelipdirler-de, meniň gorkunç perişan
halymy görüp, yzlaryna dolanyp gaçypdyrlar. Hyzmatkärleri şa
gyzyna:
- 01 ýerde bir adam bilen it gana bulaşyp ýatyr - diýip habar beripdirler.
Şol mahal şa gyzynyň özi meniň ýanyma gelipdir-de, nebsagyryjylyk bilen:
- Seredip görüň, belkäm, entek onuň demi bar bolaýmasyn?
- diýipdir. Hyzmatkär gyzlar atlaryndan düşüp:
- Hawa, onuň entek jany bar - diýip habar beripdirler.
Şanyft gyzy:
Ony emaý bilen halynyft üstünde goýuň-da, mülke alyp
gidiň - diýip, buýmk beripdir.
Bizi mülke elten batlaryna, şanyň gyzy köşk tebibini çagyrdypdyr. Ofta köp sylag bermegi wada edip, meni hem iti bejermegi tabşyrypdyr. Tebip bedenimiň tozanyny, ganyny ýuwuşdyryp, ýaralaryma şerap çalyşdyryp saraşdyrypdyr. Suwa derek
bolsa gurplandyrýan miwe suwundan bogazyma damdyrypdyr.
Şanyň gyzy meniň düşegimiň ýanyndan aýrylman, gije-gündiz
meniň ugrumda bolupdyr, öz eli bilen maňa towuk çorbasyny ýa-da şerbet içiripdir. Haçan men özüme gelenimde, ilkinji gezek
hanymyň:
- Haýsy gana suwsan zalym seni şeýle ýaralady? 01 hatda baş butdanam gorkmandyr! - diýip aýdan gaýgyly sözlerini
eşitdim.
Maňa içirilen sagaldyş suwunyň, şerbediň, dermanlaryň
kömegi arkaly men on günden soft gözümi açdym. Meniň bu ýerde toplanyşyp duran gözellere gözüm düşdi welin, ol ýeri göýä
Indranyň köşgi, gözellere baş bolup duran bolsa, şol gyzyň özi
ýaly bolup göründi. Men ah çekdim-de, ýerimden gozganjakboldum, emma gurbatym çatmady.
- Eý, pars! - diýip, şanyň gyzy mylaýymlyk bilen aýtdy. Arkaýyn bol, ýöne gymyldaman ýat. Kimdir bir zalym seni şeýle
agyr hala salypdyr. Beýik but bolsa saňa rehimdarlyk etmegi
meniň ýüregime saldy. Indi sen gutularsyň.
Biribardan ant içýärin, ony görüp, men ýene huşumy ýitirdim. Hanymyň özi maňa seretmäge başlapdyr-da, hut öz eli
bilen ýüzüme gülab sepipdir. Ýigrimi günden soň meniň ýaralarym bitişip kesmekledi. Hemmeler ýatansoň, gijelerine hanym
meniň ýanyma gelip, maňa iýdirdi hem içirdi. Ine, kyrk günden
soň meni sagaldyş suwuna ýuwundyrdylar, bu bolsa meniň bütinleý sagalandygymyň alamatydy. Sagalanyma şa gyzy gaty begendi, tebibiň sahylyk bilen sylagyny ýetirdi-de, hyzmatkärlerine
meni gowy geýindirmegi tabşyrdy. Allanyň rehimdarlygy bilen,
hanymyň hossarlyk hem hemaýat etmeginiň arkasyndan meniň
bedenim berkedi, täzeden öňki kaddyma geldim. Item sagaldy.
Şanyň gyzy her gün maňa şerap berýärdi, meniň bilen gürrüň edip
oturýardy. Men adatdan daşary hadysaly hekaýalar aýdyp berip,
ony gyzyklandyrýardym. 01 bolsa ondan lezzet alýardy.
- Maňa özüň barada aýdyp bersene! Sen kim, seniň başyňa
şunuň ýaly bela nähili sataşdy? - diýip, ol bir gün menden sorady.
Men öz başymdan geçirenlerimi başdan-aýak aýdyp berdim. Ol meniň gürrüňimi gözýaş döküp diňledi-de:
- Men özümi seniň bilen şeýle alyp bararyn welin, sen öz
betbagtlygyfl baryny ýadyňdan çykararsyň - diýdi.
- Alla sizi öz penasynda saklasyn! - diýip jogap berdim. Siz meni täzeden dünýä getirdiňiz, indi men janym-tenim bilen
siziňki. Allanyň hatyrasy üçin, indiden beýlägem maňa mähribançylyk edersiňiz!
Biz şeýdip, onuň bilen tä daň atýança oturyp, gürrüň ederdik. Käwagtlar onuň enekesem biziň ýanymyzda oturardy; ol hem
meniň başymdan geçiren wakalarymy diňlärdi, öz başyndan geçirenlerini gürrüň bererdi. Hanym dagy gidensoň, ýeke galýardym-da täret kylýardym, bir burça baryp, namaz okaýardym.
Bir gezek şeýle boldy: hanym atasynyň ýanyna gitdi, men
bolsa hemişekim ýaly täret kylyp, arkaýyn namaza durdum welin,
birdenkä osgalsyz ýerden şanyň gyzy dolanyp gelipdir. 01 enekä:
- Parsyň häzir näme iş edýändigini göreli, ýatyrmyka ýa-da
uklaman otyrmyka? - diýipdir.
Olar hemişeki oturýan ýerimden meni tapman haýran
galypdyrlar, meniň nirä gidenimi bilip bilmändirler, biri bilen
gidäýdimikä diýip güman edipdirler. Ähli burçlara gözlerini
aýlap başlapdyrlar, gizlin ýerlerden meni gözlemäge durupdyrlar, ahyryn meniň namazy berjaý edip duran ýerimiň üstünden
barypdyrlar. Şanyň bu nowça gyzy hiç wagt namaz okalyşyny
görmändir. Men namazymy okap bolup, elimi ýere degrip, aşak
eglenimde, şanyň gyzy saklanyp bilmän, birdenkä gülüp goýberdi-de:
- Ol geň hereketler edýär. Näme, bu adam akylyny ýitirdimikä? - diýip, enekeden sorady.
Gülkiniň sesine tolgunmadan ýaňa meniň ýüregim endiräp
gitdi:
- Aý, pars! Bu näme etdigiň? - diýip, hanym maňa gygyrdy.
Men näme jogap berjegimi bilmedim.
Şol wagt eneke:
- Men bir zady pikir edýärin welin, şol pikirim ýalňyş çyksa, günäsi meniň boýnuma, janym saňa sadaga! - diýip, ýokuş
görüjilik bilen ara goşuldy. - Meniň pikirimçe, bu adam musulman, Lat hem Manatyň1 duşmany. 01 göze görünmeýän Hudaýa
sežde edýär.
- Onuň biziň hudaýymyza sala salmaýan musulmandygyny
nireden bileýin? - diýip, şanyň gyzy elini çarpyp goýberip, gaharly gygyrdy. - Men munuň üçin beýik butumyzyň gargynjyna
galdym. Men bu adamyň yzyndan nähak baryp, ony öýümize getiripdirin.
Ol şeýle diýip, meniň ýanymdan aýrylyp gitdi. Men bolsa
bu sözleri eşiden badyma, bütinleý aljyradym-da, indi meni näderkä diýen pikire batdym. Gorkudan ýaňa gözüme uky gelmedi,
gözlerimden boýur-boýur ýaş döküp, daň atýança agladym. Umyt
bilen gorkynyň arasynda yraň atyp, çirimem etmän, üç gije-gün1 Lat-Manat - yslam dini ýaýramazyndan ozal araplaryň sežde edýän
buty. Mir Amman bu ýerde günorta-gündogar Aziýanyň ilatyny şol buta sežde
edýän edip görkezýär.
diz gözýaş dökdüm. Şerapdan humarlanan hanym üçünji agşam
eneke bilen meniň ýanyma geldi. Ol ýaýyny hem peýkamyny elinde turup, gahar-gazap bilen jaýyň öňündäki çemenligiň gyrasyna
baryp oturdy-da, enekeden bir käse şerap sorady. 01 şeraby içip:
- Eneke, biziň beýik butumyzyň gaharyny getiren şol pars
ölüp-ýitip gidipmi ýa-da henizem dirimi? - diýdi.
- Janym saňa gurban bolsun! Onuň henizem jany bar diýip, eneke jogap berdi.
- Ondan göwnüm sowady, emma her näme-de bolsa, goý,
ol daşaryk çyksyn.
Eneke maňa gygyrdy welin, men şol bada daşaryk dazlap
çykdym. Görsem, gahardan ýaňa hanym hum ýaly gyzarypdyr.
Meniň ýüregim ýarylara geldi. Men tagzym etdim-de, gol
gowşuryp, dim-dik durdum.
- Biziň din duşmanymyzyň içinden peýkam okuny parran
geçirip, ony ýagty jahandan dyndarsam, beýik but meniň eden
günämi geçmezmikä? - diýip, ol gazaply nazaryny maňa aýlady-da, enekä ýüzlendi. - Ony öz ýanyma getirmek hem-de oňa
garaşyk etmek bilen men gaty köp günä gazandym.
- Şa gyzynyň näme günäsi bar? - diýip, eneke garşylyk
bildirdi. - Siz ony biziň dinimize garşydygyny bilmän alyp
gaýtdyňyz ahyryn. Siz ýöne oňa rehim etdiňiz, ýagşylyk edeniňiz
üçin ýalkanarsyňyz, oňa bolsa eden günäsi üçin beýik but göz
görkezer.
- Eneke, oňa aýt, goý, ol otursyn - diýip, şanyň gyzy haýyş
etdi.
Eneke maňa otur diýip yşarat etdi. Men özümi lampa aşak
goýberdim. Hanym ýene bir käse şerap içdi. Şanyň gyzy enekä:
- Bu betbagt adama-da şerap ber. Janyndan umydyny üzmek aňsat düşer - diýdi.
Eneke maňa bir käse şerap uzatdy, men sesimi çykarman,
ony başyma çekdim-de tagzym etdim. Hanym asyl başynam
galdyrmady, emma gözüniň gytagy bilen maňa seredýändigini duýdum. Şerap meniň ruhumy göterdi. Men käbir goşgulary
ýatdan aýtmaga durdum, ýogsam, ol ýerde şunuň ýaly sözlerem
bardy:
Men bütinleý seniň ygtyýaryňda,
Yöne entek diri bolsam, soň näme bolar?
Eger-de kükregine hanjar direlende,
Kimdir biri ah çekse, soň näme bolar?
Bu sözleri eşidip, şanyň gyzy ýylgyrdy-da, enekä ýüzlendi:
- Näme, seniň ukyň gelýärmi?
Öz hanymyň islegini aňlan eneke:
- Hawa, meni uky basyp b a rý a r- diýip jogap berdi. Ol gitmäge rugsat aldy-da, ýoklar bolaýdy.
Az wagt geçensoň şanyň gyzy özüne şerap berilmegini sorady. Men bada-bat käsäni doldurdym-da, oňa eltip berdim. Ol
eda bilen meniň elimden şeraply käsäni aldy-da, ony başyna çekdi. Şol wagt men onuň aýagyna ýykyldym.
- Wah, akmak! - diýip, ol meniň egnime kakdy. - Sen göz
göriinmeýän Hudaýa gulluk etmäge başladyň, näme, biziň beýik
butumyzyň erbet ýerini gördiiňmi?
- Hany, göwnüňize geňeşiň-de, özüňiz bir pikir edip görüň
ahyryn - diýip jogap berdim. - Eýsem, diňe bir damja suwdan,
edil siziň ýaly näzenini ýaradan Hudaý bu zatlara laýyk dälmidir? Siz bir bakyşda öz husny-jemalyňyz bilen müňlerçe adamy
akyl-huşdan aýyrmaga ukyply ahyryn. Buta sežde eder ýaly, ol
nämemişin? Daş ýonujylar ullakan gaty daşy ýonup, bir şekil
ýasaýarlar-da, akmaklara tor gurýarlar. Şeýtanyň aldawyna giden adamlar ýaradanyň şekilini öz elleri bilen ýaradan zadynyň
öňünde baş egýärler. Biz musulmanlar bolsa bizi ýaradana hormat
edýäris. Ol dine ynanmaýanlar üçin dowzahy, biziň üçin bolsa
jenneti döretdi. Eger-de şanyň gyzy ýalňyz Hudaýa ten berse, ol
Hudaýyň şepagatyna duçar bolar hem hakyky din-imana düşüner,
özüniň ozalky ynanýan dininiň ýalandygyna göz ýetirer.
Şular ýaly köp ynandyrmalardan soň, şanyň gyzynyň daş
ýüregi ýumşaşdy. Haka sygnyp, gözýaş edip, maňa ýüzlendi:
- Bolýar, maňa-da öz diniň ýollaryny öwret.
Men oňa kelemei-şahadaty aýdyp berdim, ol bolsa bimäçe
gezek tüýs ýürekden gaýtalady. Geçmişine toba edip, estagpyryl-
la aýdyp, ol musulman boldy. Şol wagt men gaýtadan onuň aýagyna ýykyldym. 01 tä daň atýança, kelemei-şahadaty gaýtalady,
öwran-öwran toba etdi, soňra:
- Yagşy, men-ä seniň diniňe girdim welin, emma hossarlarym bolsa gaýry dinde galdylar, olary nädip günäden halas edip
bolarka? - diýdi.
- Seniň olar bilen näme işiň bar. Goýnam öz aýagyndan
asarlar, geçinem - diýip jogap berdim. Şanyň gyzy:
- Meni daýymyň ogly üçin saklaýarlar, ol bolsa butparaz.
Hemä ertir durmuşa çykmakdan Hudaýyň özi saklasyn-da, ýogsam dini başga bilen ýaşap, erbet giinä gazanaryn. Häziriň öziinde
ol beladan gutulmagyň çäresini tapmagym gerek - diýdi. Men:
- Siz asylly gürrüň edýärsiňiz. Öz göwnüňize gelenini ediň
- diýip teklip etdim.
- Men indi bu ýerde galjak däl, gowusy, bir ýana gideýin diýip, ol jogap berdi.
-N ähili ýol bilen hem-de nirä gaçsam diýip pikir edýärsiňiz?
- Ozaly bilen, sen bu ýerden git. Seniň gideniň hakda il arasynda gürrüň ýaýrar ýaly, bir kerwensaraýa bar-da,
musulmanlaryň arasynda ýerleş. Şeýtseň, sen barada hiç kim
betgüman bolmaz. Özüň hem Ajama gidýän gämini gözlemek
bilen meşgul bol, ol hakda maňa habar berip dur, seniň ýanyňa
öz enekämi iberip duraryn. Gämi tapandygyň barada habar eden
badyňa, men seniň ýanyňa bararyn. Şeýdip, şol gämi bilen gaçyp,
bu dini başga nadanlardan başymyzy gutararys.
- Siziň janyňyzy howpdan goramak üçin ölmäge taýyn diýip, men jogap berdim. - Emma sen öz enekäňden nähili başyňy
gutaryp bilersiň?
- Ondan dynmagyň işi aňsat. Men oňa bir käse awy bererin.
Biz şeýle karara hem geldik. Men daň bilen kerwensaraýa ugradym, baryp bir otagy aldym-da, onda ýerleşdim. Şanyň
gyzyndan aýra düşenimden soň, onuň gelerine garaşdym ýördüm.
Iki aýdan soň bu ýere Yspyhandan, Şamdan hem Rumdan köp
täjir ýygnandy. Olar suw bilen gitmekligi ýüreklerine düwdüler-de, öz harytlaryny gämä ýüklemäge durdular. Adamlar bilen bir
155
ýerde ýaşasaň, tanyş bolunýar, ana, olar meni hem özleri bilen
alyp gitmekçi boldular.
Täjirler:
- Nädýäň, gadyrdan? Biziň bilen gideliň! Haçana çenli siz
bu dini başgalaryň arasynda ýaşajak? Goşlaryňyzy ýygnaşdyryň
- diýdiler. Men:
- Ýygnaşdyryp-ýygnaşdyrman, meniň bir ullakan goşum
ýok. Bar emlägim: gymagym hem itimdir sandygym. Gämiňiziň
bir çetjagazyndan ýer berseňiz, näçe tölemeli bolsa tölärdim-de,
siziň bilen arkaýyn giderdim - diýip jogap berdim.
Täjirler maňa gäminiň üstünden aýratyn bir jaýjagaz berdiler. Men ol jaýyň kireýini doly töledim-de, rahatlananymdan soň,
bir bahana bilen enekäniň ýanyna ugradym.
- Aý, ene jan! - diýip, men oňa ýüzlendim. - Men seniň
bilen hoşlaşmaga geldim. Watanyma gidýärin. Eger siz maňa iň
soňky gezek şa hanymyň jemalyny görmegime kömek bermegi
makul bilseňiz, sizden köp minnetdar bolardym.
Uzak wagtlap ýalbaranymdan soň, eneke ahyry razy boldy.
- Gije pylan ýere bararyn-da, şol ýerde garaşaryn - diýdim.
- Bolýar - diýip, eneke jogap berdi.
Men kerwensaraýa dolanyp geldim, sandygymy hem
ýorgan-düşegimi alyp, gämä tarap äkitdim-de, olary darga
tabşyrdym.
- Men ertir irden gymagym bilen gelerin - diýip, darga
aýtdym.
- Ýöne gijä galaýmagyn. Biz ertir ugrajakdyrys - diýip, ol
maňa duýdurdy.
- Örän gowy - diýdim-de, özüm bolsam garaňky gatlyşyp
başlandan eneke bilen belleşen ýerimize ugrap, şol ýerde
garaşmaga durdum. Ýarygijeden soň, basym köşgüň gapysy
açyldy, köne-söne geýnen şanyň gyzy içi gymmatbaha zatlardan
doly sandyjagy eline alyp çykdy. 01 sandyjagyny maňa berdi.
Biz ýola düşüp ugradyk. Daňa golaý biz deňziň kenaryna ýetdik-de, gaýyga münüp, gäminiň ýanyna bardyk. Bu wepaly it hem
biziň ýanymyzdady. Daň atyp, jahan mazaly ýagtylansoň, labyr
boşadyldy. Biziň janymyz aram tapyp, deňizde ýüzüp ugradyk.
Birdenkä gämi duralgasyndan top gümmürdisi eşidildi. Adamlar
nämäniň näme bolanyny bilmän, howsala düşdüler. Labyr gaýtadan taşlandy. Gäminiň içinde, görýän welin gämi duralgasynyň
hojaýynyna bir zadyň aladasy ýetendir, bolmasa toplary gümmürdedip durmak nämä gerek diýen gürrüňler başlandy.
Täjirler öz ýanlary bilen owadan gymaklary alyp barýarlar
diýen gürrüň ýaýrady. Gämi duralgasynyň hojaýyny alyp ötägitmesin diýip, täjirler gorkularyna öz ýanlaryndaky gyzlaryny
sandyga salyp gizlediler. Edil şolaryň edişi ýaly, menem şanyň
gyzyny sandyga salyp, daşyndan gulpladym. Şol wagt içinde
patyşanyň adamlary hem gämi duralgasynyň hojaýyny bolan
ullakan gaýyk göründi. Ol gaýyk basym gäminiň ýanyna geldi.
Enekäniň öldi, gyzynyň gaçdy habary patyşa baryp ýetende, ol
at-abraýdan düşmejek bolup, gyzynyň adyny tutman, ýöne hojaýyna: «Pars täjirlerinde oňatja gymaklar bar diýip eşitdim; men
olardan gyzym üçin keniz almakçy. Gämini sakla-da, täjirleriň
ýanyndaky gyzlaryň baryny meniň ýanyma alyp gel. Men göwnüme ýaranyny saýlap satyn alaryn, galanyny bolsa boşadyp goýbererin» diýen buýmgy beripdir. Şonuň üçinem gäminiň ýanyna
hojaýynyň hut özi ýüzüp gelipdir.
Meniň gapdalymda başga-da bir adam bardy, onuňam
sandygynda owadan gymak gizlengidi. Gämi duralgasynyň hojaýyny gymaklary çykarmagy tabşyryk berip, edil şol sandygyň
üstünde oturdy. Şa gyzy barada hiç zat aňmandyklary üçin, Hudaýa ýüzde müň şükür etdim. Ine, ynha, hojaýynyň adamlary tapan gymaklarynyň baryny öz jaýlaryna ýygnanlarynda, hojaýyn
oýun edip, öz üstünde oturan sandygynyň eýesine ýüzlendi:
- Eýsem, sende-de gymak bardy ahyry?
- Paýy gerdiňden ant içýärin, men bu işe goşulmadym diýip, ol akmak jogap berdi. - Bimäçe adamlar sizden gorkusyna
öz gymaklaryny sandyklarynda gizlediler.
Bu gürrüňi edişip, duralganyň hojaýyny sandyklary bir ýanyndan barlaşdyrmaga başlady. Meniň sandygymam açdylar-da,
şanyň gyzyny çykaryp alyp gitdiler. Meni şeýlebir gam-gussa gap-
lap aldy welin, heý, goýaý. «Indi meniň bütin ömrüm puç boldy.
Gör, hanymyň başyna nähili oýun getirler?!» diýip pikir etdim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 10
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.