Latin

Dört derwüş - 14

Total number of words is 3595
Total number of unique words is 1847
35.1 of words are in the 2000 most common words
49.6 of words are in the 5000 most common words
57.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaly umydygär bolup gezdim. Men taňrynyň beren güni körüň
ýanyna baryp, süýji sözler bilen erjel garryny yrmaga çalyşdym.
Ol birdenkä näsaglady. Men oňa oňat seretmäge başladym: ylgap
gidip, peşewini tebibe görkezdim, tebibiň aýdyşy ýaly edip, her
hili dermanlary garyşdyrdym-da, ony garra içirdim, hut elim bilen onuň üçin tüwiniň petini, ýeňiljek naharlary bişirip, öz elim
bilen oňa iýdirdim.
Bir gün ol howsalaly ses bilen:
- Yaş ýigit! Sen diýen-diýen, aýdan-aýdan ekeniň. Biz entek ýaşap ýörüs, biziň hemme zadymyz bar ahyryn, emma men
saňa elhenç betbagtlyk barasynda gürrüň bersem-de, gyzym barasynda edýän pikiriňden el çekmekligi tabşyrsam-da, meniň
islegimiň tersine gidýärsiň-de, öz-özüňi çukura itekleýärsiň.
Ýagşy, men şu gün sen hakda gyzym bilen gürleşip göreýin; hany
göreli, ol näme aýdarka - diýdi.
Eý, Taňrynyň bendeleri! Men bu şatlykly habary eşidip,
şeýlebir begendim welin, aýaklarymyň ysgyny gaçdy.
- Teý ahyry, meniň durmuşym barasynda hem pikirlendiňiz
- diýdim-de, edep bilen tagzym edip gitdim.
Men öýe gelip, bütin gijäni Mübärek bilen gürrüň edip geçirdim. Ne gözüme uky geldi, ne açlygy duýdum. Irden Günüň
çeti gömen badyna, men ýene garrynyň gaşynda peýda boldum.
Saglyk-esenlik soraşdyk.
- Näme diýsene, men gyzymy saňa berýärin. Allatagala sizi öz penasynda saklasyn. Siziň ikiňizem keremli Hudaýa
tabşyrýaryn. Entek meniň ýyly demim gelip-gidip durka, meniň
ýanymda bolarsyňyz; meniň gözüm ýumlan güni bolsa, isläniňizi
edersiňiz, erkiňiz eliňizde - diýdi.
Bimäçe gün geçenden soň bu hormatly adam öz amanadyny
Hudaýa tabşyrdy. Gynançdan ýaňa ýüz-gözümi ýyrtyşdyryp, garryny däp-dessur boýunça jaýladym. Ol jaýlanyp gaýdylandan
soň, Mübärek näzenini kejebä salyp, kerwensaraýa getirdi.
- Mälik Sadyk bu gyzy gorap saklamaklygy bize ynandy
- diýip, ol saraýda maňa ýüzlendi. - Bäriňi bak! Yöne şeýtanyň-zadyň ugmna gidip, biziň eden tagallalarymyzy, çeken zähmetlerimizi ýeliň ugmna sowmp goýberibermegin.
- Dostum! Bu ýerde Mälik Sadyk barmy näme? - diýip,
men oňa jogap berdim. - Yüregime diýen etdirip bilmeýärin.
Men nähili çydaýyn? Näme bolsa, şol bolsun, ölsem öleýin, galsam galaýyn, ýöne welin häzir men zowky-sapa süreýin.
- Oglanlyk etme! - diýip, Mübärek gaharly haýbat atdy. Göz açyp-ýumasy salymda her bir zat bolup biler. Mälik Sadyk
uzakda bolansoň oňa gulak asmasaňam bolýar öýdýärmiň? Biz
ýola düşen wagtymyzda, ol şol bada iş netijesiniň oňat hem erbet bolup biljekligi barada aýtdy ahyryn. Eger onuň aýdanlaryny
edip, el degirmän, bu gyzy eltip berseň, ol patyşa ahyryn, ähtimal,
ol seniň jan-ten bilen eden hyzmatyňa duýgudaşlyk bildirer-de,
bu gyzy saňa bagyşlar. Bu, hakykatdanam, gowy bolar, sen hem
aşygyňy ele salarsyň hem-de dostlugy saklarsyň.
Men onuň gorkuzyp aýdan sözlerini hem öwüt-nesihatlaryny diňläp, howsala düşdüm-de dymdym. Biz iki sany ýelmaýa satyn aldyk-da, olara münüp, Mälik Sadygyň döwletine
tarap ýola rowana bolduk. Biz uzak waglap ýol ýöredik. Ine, birdenkä öňümizdäki giň meýdandan alawagyrdy hem her hili sesler
eşidildi.
- Allaha ýüzde müň şükür - diýip, Mübärek seslendi. Biziň çeken jebri-jepalarymyzyň ahyry gowulyk bilen gutardy,
bu gelenler jyn goşunlary. - Mübärek olaryň mähellesiniň arasyna girdi-de: - Siz nirä barýarsyzyň? - diýip sorady.
225
- Patyşa sizi garşylamak üçin iberdi. Indi biz size boýun
egýäris; eger buýursaňyz, biz göz açyp-ýumasy salymyň içinde
sizi patyşanyň köşgüne alyp baraly - diýip, olar jogap berdiler.
- Gulak asyň! - diýip, Mübärek jogap berdi. - Şeýle köp
tagallalardan soň keremli Alla patyşanyň öňünde biziň ýüzümizi
gara etmedi. Indi howlukmak nämä gerek? Hemä Hudaýyň özi
dep etsin, eger bir bolmasyz iş bolaýsa, biziň bar çeken zähmetlerimiz puja çykar hem biz älem penakäriniň gahar-gazabyna sezewar bolarys.
- Halanyňyzy ediň - diýip, hemmesi biragyzdan ylalaşdylar.
- Nähili gidesiňiz gelse gidiberiň.
Gyssanyp oturasy işimiz bolmasa-da, biz gije-gündiz diýen
ýaly dynman ýol ýöredik. Barjak ýerimize ýetmäge sähelçe ýol
galanda bolsa men Mübäregiň uklanyny görüp, näzeniniň aýagyna başymy goýdum-da, zar-zar aglap, öz ýüregimdäki gam-gussam hem Mälik Sadygyň öňünde özümiň biçäreligim barasynda
gürrüň berdim.
- Siziň suratyňyzy gören günümden beýläk, gözüme uky
gelmedi, iýgi-içgiden kesildim, rahatlyk tapmadym. Ahyrda Allatagala siziň bilen sataşmaklygy miýesser etdi, ýöne şonda-da,
men size ýat bolup galýaryn.
- Meniňem ýüregim siziň üstüňizde - diýip, ol jogap berdi. - Biziň üçin siz nämeler etmediňiz, ençeme muşakgatlary
başyňyzdan geçirdiňiz! Allany çagyr hem meni ýadyňdan çykarma; hany göreli, syrly perde bize öz aňyrsyndan näme görkezerkä.
Şondan soň ol ýarym-ýaş bolup aglady. Ine, biz ikimiz
nähili ýagdaýda bolduk! Şol pursat Mübärek oýandy, bizi görüp,
aýralyga düşen ýaly, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi-de, olam
aglamaga başlady. Az salymdan soň bolsa:
- Köşeşiň, mende bir ýag bar; men ony bu ajaýyp bägüliň
bedenine çalaýyn welin, onuň ysy Mälik Sadyga ýakymsyz bolar.
Has dogrusy, şol wagt ol bu jenany size bagyşlasa gerek - diýdi.
Mübäregiň bu tapan maslahaty meni diýseň ruhlandyrdy.
- Atam jan! - diýip, men garsa gujakladym-da, onuň ýüz-gözüni sypalamaga başladym.
♦15
- Sen meniň atamyň omuny tutýarsyň. Siz eýýäm meni bir
gezek ölümden halas etdiňiz; şu gezegem bir ýagdaýyny tap, bolmasa men hut gam-gussadan öljek.
Ol meni uzak wagtlap köşeşdirdi. Daňam atdy welin, ýene
jynlaryň sesi gelip başlady. Bir görsem, Mälik Sadygyň nökerleri
ýakynlaşýarlar hem bize iki sany gymmatbaha uzyn halat, ýany
bilenem dür sapaklary bilen örtülen tagtrowany göterip gelýärler. Mübärek öz ýagyny näzeniniň bedenine çaldy, ony geýindirdi, soňra galan ýagyny ýygnap, gyzy Mälik Sadygyň ýanyna
ugratdy. Ol bizi diýseň güler ýüz bilen garşylady-da, uly hormat
goýup, kejebä mündürdi.
- Men saňa henize bu güne çenli etmedik ýagşylygymy
ederin - diýip, Mälik Sadyk mylakatly dillendi. - Indi ataň
patyşalygynyň gapysy seniň üçin açyk. Galyberse-de, sen şu günden şeýläk meniň oglum bolarsyň.
01 maňa şunuň ýaly ýakymly sözler aýdyp durka, biziň
näzeninimiz onuň garşysyna baryp durdy. Yagyň ysyna Mälik
Sadygyň beýnisi garyşyp, şol bada-da onuň keýpi bozuldy. Ol
bu erbet ysa çydap bilmän, ýerinden tump, tagtrowandan çykdy-da, biziň ikimizem öz ýanyna alyp barmaklygy hyzmatkärlerine
höküm etdi.
- Yeri, hormatly adam! - diýip, ol Mübärege ýüzlendi. Sen ýagşy-da bir şerti ýerine ýetirdiň! Aldamakçy bolýamyň,
eger aldaýsaňyz, betbagtçylyga uçrarsyňyz diýip, men size
ozal tabşyrypdym ahyryn. Bu murdar ys näme? Indi meniň sizi
edişime bir tomaşa ediň!
Soňra ol gazap bilen maňa tarap öwrüldi.
- Bu zatlar seniň işiňdir! - diýip, ol gygyrdy-da, gahar-gazap bilen agzyndan gelenini sögmäge başlady. Onuň bu sözlerinden şu pursadyň özünde meniň janymy almakçy bolýandygyny
aňmak bolýardy. Meniň ätiýaçlanmagymyň dogmdygy onuň ýüz
keşbiniň üýtgemeginden aýdyň bolansoň, men aşa gaýduwsyz
sypata girdim; men özüm hakda başga alada etmän, Mübäregiň
bilindäki gylyjy sogmp aldym-da, Mälik Sadygyň gamyndan
sokdum. Diňe polat onuň tenine galtaşan badyna, ol iki büküldi-de entirekledi. Men ol öläýdi öýdýän diýip haýran galdym hem
şol pursatda onuň şeýlebir ölüm howply ýaralanmagy mümkin
däl diýen netijä geldim; eýsem nähili boldy? Men bu waka täsin
galmak bilen seredip durun welin, ol ýerde togalanyp, bir şara
öwrüldi-de, al-asmana göterildi. 01 şeýlebir ýokary galdy welin,
bütinleý gözden ýitip gitdi; göz açyp-ýumasy salymda hem ol
gök gürrüldisi ýaly zenzele gopduryp, asmandan indi hem gahar-gazap bilen düşnüksiz bir zatlary gygyryp, maňa şeýlebir zarba
urdy welin, men ýüzinligine şarpyldap ýykyldym-da, dünýäni
bilmän ýatdym. Meniň näçe wagtlar özümden gidip ýatanymy
diňe Alla bilýär. Ahyrsoňy bir wagtlap meniň gözüm açylanda,
men özümi belent hem tikenekli pessejik agaçlardan başga hiç
zat bolmadyk bir gugaryp ýatan tokaýyň içinde gördüm. Meniň
akyl-huşum çaşdy, men näme etjegimi, haýsy tarapa gitjegimi
bilmedim. Men umytsyz, gamgynlyk bilen ýüzüm hanjak bolsa,
şol tarapa gidiberdim. Men gabat gelen adamdan Mälik Sadyk
barasynda soraşdym, emma meniň ýüzüme diwana seredýän ýaly
seredip: «Henize çenli şol zeýilli ady eşitmedim» diýip jogap berdiler.
Bir gün men dagyň depesine çykdym-da, beýik gaýadan
aşak böküp, bu dünýäniň azabyndan dynmakçy boldum. Men
ýaňy bir özümi aşak goýbermekçi bolanymda, şol bili zülpükarly,
ýaşyl donly, gara atly ýanymda peýda boldy.
- Sen näme üçin öz janyňa kast edýärsiň? Adamyň başyna
her hili gowgalar gelip geçýär. Seniň başyňdaky gara günler ötdi,
indi ýagty günler gelýär. Derrew Rum welaýatyna bar. Edil seniň
ýaly üç sany adam eýýäm ol ýere gitdi. Olar bilen sataş-da, şol
ýerde höküm sürýän patyşany tap. Siziň bäşiňizem bir ýerden öz
bagtyňyzy taparsyňyz - diýip, pata berdi.
Ine, meniň başymdan geçiren wakalarymyň beýany
şeýle. Ahyrynda men, biziň başymyzdaky agyr muşakgatlary
dep ediji adamyň maslahat bermegine görä, siziň araňyza hem
Allatagalanyň saýasy bilen patyşanyň huzuryna gelip gowuşdym.
Indi biziň hemmämiziň göwnümiz karar tapmalydyr.
229
H ekaýatyň
g u ta ryşy
|K )atyşa bilen dört derwüşiň arasynda gürrüň şeýle gitdi,
W birdenkä şanyň haremhanasyndan agta aýagaldygyna ylgap gelägede, edep bilen gutlag sözleri aýdyp, patyşanyň
aýagyna ýykyldy-da, ýaňyja şazadanyň dünýä inendigini, onuň
owadanlygynyň aýdan-günden zyýadadygyny habar berdi.
Patyşa bu habara geň galdy-da:
- Meniň aýallarymyň içinde hamyladary ýokdy-la, bu nurana gün haýsy bir topbak ýyldyzdan peýda boldy? - diýip, özüne
perzendi haýsy göwräniň bagyş edendigini bilmek maksady bilen
sorady.
- Eýýäm köp günlerden bäri, näme üçindir, patyşa gaharlanyp ýören, aý ýaly bir gymak bardy - diýip, agta ýuwaşlyk bilen
habar berdi. - 01 şu wagta çenli beýleki aýallaryň golaýyna barman, özüni bir gyrak-çetlerde saklady ýördi, şanyň gazabyndan
gorkularyna bolsa hiç kim onuň ýanyna hem barmady, ondan hiç
zat hem soramady. Keremli Allanyň garaşyk etmegi bilen onuň
göwresinden görmegeý nurana oglan dünýä indi.
Patyşany şeýlebir şatlyk gurşap aldy welin, begenjinden
ýaňa ol guş bolup uçaýyn diýdi.
Ajaýyp zat, eý, älemiň penakäri! - diýip, derwüşleriň dördüsem oňa alkyş okamaga başlady. - Hemä seniň öýüňde açylan güller hiç wagt solmasyn! Hemä seniň ogluň haýyr-sahawaty
kem bolmasyn, goý, ulalsyn hem seniň atalyk aladaň saýasynda
garrasyn!
- Aýagyňyz düşdi, siziň gelmegiňiz bilen bu şeýle boldy,
men beýle bagta garaşmaýardym ahyryn. Eger msgat etseňiz,
men ony görüp geleýin.
- Allanyň hatyrasy üçin, gidip görüň - diýşip, derwüşler
oňa jogap berdiler.
Patyşa haremhana baryp, şazadany eline aldy hem ýaradana alkyş okady. Onuň ýüregindäki gam-gussa syrylyp aýryldy.
Patyşa çagany bagryna basyp getirdi-de, ony derwüşleriň etegine atdy. Olar çaga doga okadylar-da, ony al-arwahdan goradylar. Soňra patyşa toý-tomaşa taýýarlanmaklygy tabşyrdy: saz
çalyndy; hazynanyň gapysy giň açyldy; gara köpük tapman ýören
garyp-gasarlar müňlerçe köpüge eýe boldular; döwletiň ähli tanymal adamlary iki esse mülk hem gulluk wezipesine eýe boldular;
goşunlara bäşýyllyk aýlyk berildi; ahunlara yzygiderli kömek berip durmaly edildi, ýer berildi; garyplaryň, gedaýlaryň tabakdyr
käseleri aşdan, eşrepi hem kümüşden doldy; ilat bolsa üç ýyllap
pul hem her hili salgytdan azat edildi, her kim halan zadyny ösdürip ýetişdirmäge ýa-da islän zadyny ekip, hasylynyň ýarysyny
däl-de, barysyny öz duluna ýygnamana hakly edildi.
Bütin şäherde, patyşa goşunlarynyň hem söwdagärleriň
öýlerinde şady-horramlyk başlandy; uludan-kiçi şatlykdan ýaňa
özüni patyşa ýaly duýdy. Toý-tomaşanyň gyzgalaňly wagty birdenkä haremhanadan her hili sanawaçlar hem agyly sesler çykdy.
Agta, enekeler hem hyzmatkär aýallar saçlaryny ýaýyp, ýüzlerini
ýyrtyp, patyşanyň ýanyna ylgaşyp geldiler-de:
- Şazadany ýuwundyryp, emdirýän enekäniň eline berenimizde, bir bölejik bulut gelip, olary gurşap aldy. Yz ýanyndan bolsa biz enekäniň bihuş ýatanyny gördük, şazada bolsa zym-zyýat
bolupdyr. Bu betbagtlyk näme boldugy? - diýip, habar berdiler.
Bu akyl ýetirip bolmajak habary eşidip, patyşanyň keýpi
bütinleý bozuldy. Yurduň hemme ýerine susluk aralaşdy. Iki günläp hiç ýerde, hiç bir zat bişirilmedi, çünki adamlar şazadanyň
ahy-zaryny çekdiler, dişleriniň suwuny sorup gezdiler hem şazada
üçin janlaryny gurban etmäge häzir boldular. Emma üçünji gün
diýlende ýene şol öňki bölejik bulut gelip çökdi welin, onuň içinde dür bilen bezelen sallançak peýda boldy. Bulut ony köşkde
galdyrdy, özi bolsa buga öwrüldi-de ýom-ýok boldy. Sallançak-
dan bolsa öz barmagyny sorup, arkaýyn ýatan şazada tapyldy.
Ejesi - patyşa aýaly näme bolsa maňa bolsun edip, baryp ony eline aldy-da, bagryna basdy. Bir görse, onuň egninde ýeň-ýakasyna
hem etegine dür aýlangy nepis muslindan tikilen köýnejik bar,
köýnejegiň üstünde bolsa zer goşulyp dokalan kirlijek geýdirilipdir, aýagynda, elinde gymmatbaha ýylpyldawuk daşdan bilezik,
boýnunda dokuz dürli gymmatbaha daşdan monjuk bolup, gapdalynda bolsa bezegli oýunjaklardyr emzik ýatyrdy. Töweregine
üýşen adamlar muňa täsin galyşyp, şazadanyň sag-salamat bolmagy üçin alkyş etdiler.
Goý, ejeňiň ýüregi rahat bolsun, sen halka wepaly adam
bolup ýetişersiň - diýişdiler.
Patyşa uly bir täze köşk saldyrdy-da, onuň içini haly bilen
bezäp, oňa derwüşleri göçürdi. Döwlet işinden boşan wagty bolsa
olaryň ýanyna gelip, aladalaryny edip durýardy. Emma her gezek
täze Aý dogup, onuň ilkinji penşenbesinde bulut peýda bolýar-da, şazadany alyp gidip, iki günden soň bolsa sowgatlar, oýunjaklar, ýene başga-da bir görende adamynyň akylyny çaşyrýan,
dürli ýurtlardan bolan her hili del zatlar bilen getirip gidýärdi.
Bu ýagdaý tä şazada jan saglykda ýedi ýaşyna ýetýänçä şeýle dowam etdi. Bir gezek onuň doglan güni gelende, Azatbagt patyşa
derwüşlere şeýle sözler bilen ýüzlendi:
- Hudaý halan bendeler! Şazadany kimiň äkidip, kimiň
hem gaýtadan getirip gidýänligi akyla sygýan zat däl. Gaty geň
galaýmaly iş. Bu näme boldugy?
- Bir iş ediň - diýip, derwüşler maslahat berdiler. - Merhemetli bir hat ýazyň-da, şazadanyň ýassygynyň aşagynda goýuň;
ol hat şeýleräk äheňde bolsun: «Meniň ogluma bolan ajaýyp
duýgyňyzy hem edýän garaşygyňyzy bilip, men Siziň bilen
duşuşmaklygy tüýs ýürekden arzuw edip başladym. Siz dostluk
hatyrasy üçin, özüňiziň kimdigiňizi aýan etseňiz, şonda meniň
ýüregim ynjalar hem howsala düşmesini goýar».
Patyşa dostlarynyň maslahat berşi ýaly edip, altyn nagyşly
kagyza hat ýazyp, ony şazadanyň ýassygynyň aşagynda goýdy.
Şazada hemişekisi ýaly ýene-de gaýyp boldy. Agşam düşensoň,
patyşa derwüşleriň ýanyna gelip, olar bilen gürrüňleşip otyrka,
birdenkä onuň ýanyna eplengi bir kagyz gaçdy. Patyşa kagyzy
açyp, haty okap gördi, ol onuň ýazan hatynyň jogaby eken. Onda
bary-ýogy bimäçe setir ýazylypdyr: «Näme diýseňizläň, bizem
Sizi görmegiň arzuwynda. Sizi şu ýere alyp gelmek üçin, Siziň
yzyňyzdan biziň tagtymyz iberildi. Eger haýal etmän gelseňiz,
ajap bolardy, sebäbi biz duşuşyp bilerdik. Göwün açyp, wagty
şady-horramlykda geçirmek üçin hemme zatlar häzir edildi, bir
ýetmeýän zat - ol-da häzir siziň şu ýerde ýoklugyňyz».
Patyşa derwüşler bilen bile asmandan inen tagta mündi. Tagt
bolsa edil Süleýman pygamberiň tagty ýaly asmana-da uçup bilýärdi. Tiz wagdan ýaňky tagt örän zynatlanyp salnan bir köşgüň
öňünde gondy, ol ýerde dyngysyz gowy taýýarlyk görlenligi görnüp durdy, ýöne ol ýerde janly jemendäniň barlygy-ýoklugy belli
däldi. Şol wagt kimdir biri çöpjagaz bilen Süleýmanyň sürmesini biziň bäşimiziň hem gözümize sürtdi welin, gözümizden iki
damja ýaş döküldi-de, biz içi gülap suwly küýzeleri göterip, biziň
öňümizden çykan, eginleri toý lybasly perileriň bir topbagyny
gördük.
Azatbagt iki hatara duran, üýtgeşik jynsdan bolan müňlerçe
perileriň arasy bilen ýöräp ugranda, belentlikde duran zümerretden ýasalan tagtyň üstünde tirsegini ýassyga berip, gabarylyp
oturan Şahruhyň ogly Mälik Şahpala gözi düşdi. Onuň öňünde
Azatbagtyň ogly şazada Bagtyýar bilen bir eýjejik gyzjagaz oýnap oturan eken. Ol tagtyň iki ýan gapdalynda oturgyçlar tertipli hatara goýlupdyr-da, olarda iň tanymal perizatlar oturypdyr.
Mälik Şahpalyň patyşa gözi düşen badyna, ol ýerinden turup,
tagtdan düşdi-de, patyşany garsa gujaklady; soňra onuň elinden
tutup, ony öz ýanynda oturtdy-da, örän mylakatlylyk, hoşamaýlyk
bilen gürrüň etdi. Olar ýeňiljek nahar edinip, saz diňläp, uzak
güni gyzykly gürrüňler bilen geçirdiler. Iki hökümdar ertesi ýene
täzeden duşuşanlarynda, Şahpal näme üçin dört sany derwüşi öz
ýany bilen alyp gelenligini Azatbagtdan sorady.
Patyşa özüniň eşiden - dört sany bagtsyz adamyň başyndan
geçiren wakalaryny birin-birin gürrüň berensoň, olary Şahpala
görkezdi-de:
- Bular ençeme horluklary, ençeme kynçylyklary başlaryndan geçirdiler. Eger siz indi öz rehim-şepagatyňyz bilen olary
bagtly etseňiz, her biriniň öz mukaddes maksadyna ýetmekligine
kömek berdigiňiz bolar, onuň üçin keremli Alla sizi sylar, men
hem tä ömrüm ötýänçä sizden minnetdar bolaryn. Siziň sahawatly nazaryňyz olaryň işleriniň düzelmegine kömek eder - diýip,
olara kömek bermegini ondan towakga etdi.
- Janym bilen! - diýip, Mälik Şahpal jogap berdi. - Siziň
näme haýyşyňyz bolsa, men baryny bitirerin.
Şeýle sözleri aýdyp, töweregini gurşap alan döwlere, perilere gazaply nazar saldy-da: «Şu buýrugy alan batlaryna, meniň
huzuryma gelmeli; eger-de kimde-kim boýun towlajak bolaýsa,
barybir, ol güýç bilen getiriler hem oňa jeza berler. Her kim özünde saklaýan bendilerini - aýal hem erkek baryny öz ýany bilen
alyp gelmeli, eger kimde-kim gizläp saklamaga synanyşsa, soňra
hem onuň üsti açylaýsa, onda şol boýun egmedik adamyň bütin
maşgalasy juwaz sokusyna salnyp mynjyradylar, onsoň özüniň
hem bu dünýäde ady-sory galmaz» diýip, aýry-aýry ýerlerde
hökümdarlyk edýän jynlaryň iň ulularyna perman ýazdy.
Döwler şeýle tabşyryk bilen dünýäniň ähli künjüne uçuşyp
gitdiler, iki şanyň arasynda bolsa mähirli dostluk gürrüňi dowam
etdi.
Mälik Şahpal derwüşlere hem patyşa ýüzlenip, şeýle diýdi:
- Menem perzentsizlikden köp gamgyn bolup ýörkäm,
bir gün, eger-de Allatagala maňa ogul ýa gyz beräýse, adamzat
patyşadan dörän nesil bilen nikalaşdyraryn diýip, men äht etdim.
Şeýle karara gelenimden soň, basym meniň aýalymyň hamyladarlygy aýan boldy. Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat geçenden
soň, şujagaz gyz dünýä indi. Men öz eden ähtimi ýadyma salyp,
jynlar jynsynyň baryna älem-jahany agtarmaly, niredenem bolsa
patyşadan ýa-da şahynşahdan täze dünýä inen şazadany tapmaly
hem örän aýawly saklap, tiz meniň ýanyma alyp gelmeli diýen
buýrugy berdim-de, olary gözlege iberdim. Meniň beren permanyma boýun synyp, bütin perizat nesli hem şol sagadyň özünde
çar tarapa uçdy. Aradan biraz wagt geçensoň, maňa siziň ogluňyzy
getirip berdiler. Allatagala ýüzde müň şükür edip, çagany elime
aldym welin, ýüregimde oňa gyzyma bolan söýgimden has güýçli
söýgi joşdy. Ony sähelçe wagt hem gözümiň öňünden aýrasym
gelmedi, şeýle-de bolsa, men ony yzyna iberdim, sebäbi ata-enesi öz balasyny görmese, däli-porhan bolar diýip pikir etdim.
Şonuň üçinem men her täze Aý doganda ony alyp gelmeklerini
talap edýärin-de, bimäçe gün öz ýanymda saklap, soňra yzyna
iberýärin. Biz indi siziň bilen duşuşdyk, eger Hudaý halasa, gel,
guda bolaly. Ölüm hemmäniň başynda bar, iň gowusy, häzir sag-aman gezip ýörkäk, olaryň toý-tomaşasyny göreli.
Mälik Şahpalyň akgöwünliligine, hoşamaýlygyna kaýyllar
galan Azatbagt şeýle diýip jogap berýär:
- Oglumyň syrly halda gaýyp bolmagy, biziň ýüregimize
salgyny berip bolmajak howsalany salýardy, emma siziň mukaddes sözleriňiz meni büs-bütin ynjaltdy. Goý, ol şu günden şeýläk
siziň ogluňyz bolsun; oňa guwanyň, söýüň, umuman göwnüňize
geleniňizi ediň.
Iki patyşanyň arasynda şunuň ýaly baldan süýji gürrüňler
gitdi hem olar wagtlaryny diýseň hoş geçirdiler. Bäş-on günüň
içinde yzlaryndan çapar gönderilen ajaýyp sapaly düzlüklerdäki, daglardaky hem adalardaky beýik häkimleriň bary Şahpalyň
huzuryna gelip durdular. Ol ilki bilen Mälik Sadyga ýüzlenip:
- Sen özüňden Adamatanyň neslinden kimi saklaýan
bolsaň, şu ýere g e tir- diýdi.
Ol özüniň närazylygyny hem gam-gussasyny basyryp, bialaç bolup, göz açyp-ýumasy salymda gülgün ýaňak näzenini körüň gyzyny getirip goýdy.
Mälik Şahpal şol gyz sebäpli däliräp, öküze palan atyp münen Nimroz şazadasy üçin Oman welaýatynyň hökümdaryndan
jynlar patyşasynyň gyzyny talap etdi. Olam ullakan ötünç soramak bilen gyzy berdi.
Haçan Pereň patyşasynyň gyzy bilen Bihzat hana gezek
gelende, hiç birimiz olary ogurlamaga gatnaşmadyk diýip, Süleýman pygamberiň heýkelinden ant içdiler. Şahpal Gulzam
deňziniň hökümdaryndan soraşdyrmaga başlady. 01 başyny aşak
236
salyp, sesini çykarman durdy. Mälik Şahpal ony yrmaga çalyşdy,
ony beýgeltmegi wada berdi, hatda ony gorkuzdam. Şol wagt ol
edep bilen gol gowşuryp, şeýle düşündirdi:
- Şanyň döwleti berkarar bolsun! Waka şunuň ýaly boldy,
Ajam ýurdunyň şasy ogluny garşylamak üçin derýanyň kenaryna sürüp gelen pursadynda, şazada hem sabyrsyzlyk bilen atyny
derýa salan mahalynda, men hut şol ýere tötänden gezim etmäge
hem aw awlamaga çykypdym. Olaryň golaýyndan meniň ýolum
düşdi, men bolsa öz ýanymdaky adamlarymy sakladym-da, olaryň
yzyndan seretmäge durdum. Şol wagt şa gyzynyň münüp oturan
baýtaly ony derýanyň içine alyp girdi. Oňa meniň gözüm düşen
badyna, ýüregim diýen etmedi-de, men perilerimiň birine ony
baýtaly bilen bile tut diýip buýurdym. Atyň üstünde oturan Bihzat
han onuň yzyndan özüni suwa oklady. Ol ýüzmäge başlanda, men
onuň gujur-gaýratyna hem edermenligine täsin galyp, ony hem öz
ýanyma almagy ýüregime düwdüm. Men olar bilen bile jaýyma
gaýdyp geldim. Olar häzir sag-salamat meniň ýanymda.
01 şeýle sözler aýtdy-da, olaryň ikisinem alyp geldi.
Şam soltanynyň gyzyny gözlemäge başladylar. Sypaýyçylyk bilenem, erjellik bilenem hemmelerden sorap çykdylar, emma
ony gizledim diýip boýun alan bolmady, hatda onuň yzyny-tozunam hiç kim görmändir.
- Hökümdar hem häkimleriň bary şu ýerdemi ýa-da gelmekden boýun gaçyranam barmy? - diýip, şol wagt Mälik Şahpal
sorady.
- Jadynyň güýji bilen Kap dagynyň kölegesinde özüne gala
saldyran Musalsala Jaddan - jadygöýden başga hemmesi geldi. Ol tekepbirlik edip, bu ýere gelmek islemeýär, biziň - siziň
hyzmatkärleriňiziň bolsa ony mejbury suratda getirmäge güýçleri
ýetmeýär; tilsim zerarly ol ýere aýak basar ýaly däl, onuň özi hem
uly şeýtan - diýip habar berdiler.
Bu sözleri eşidip, Mälik Şahpal gazaba mündi. Şol zaman
ol jyn-arwahlardan, laýhorlardan, döw-perilerden bütin bir lek
goşuny urşa häzirledi hem olara şeýle tabşyryk berdi:
- Eger ol razy bolup, şa gyzy bilen bile bu ýere gelsehä gelsin, ýok, onam etmese, onuň ýurduny derbi-dagyn ediň,
özüniňem el-aýagyny baglap, meniň ýanyma alyp geliň, onuň
täji-tagtydyr galasyny bolsa düýp-teýkary bilen ýumruň-da, ýumurtga togalabermeli ediň.
Şol halatyň özünde şeýlebir goşun stlýşüp gitdi welin, bir
gün geçip-geçmänkä tekepbir pitneçi eýýäm ele düşdi; onuň
boýnuna ýüp salyp getirdiler-de, şanyň öňünde dyza çökerdiler.
Mälik Şahpal şu jeza hem oňa ýeterlik hasap edip, derrew şa
gyzy barasynda sorady, emma buýsanjaň diňe «ýok» diýdi durdy.
Gahar-gazaba münen Şahpal öňi bilen hamyny soýup ýençmegi,
soňra bolsa etini dograşdyrmagy höküm etdi. Ol nireden-de bolsa
şa gyzyny agtaryp tapmaly hem ony alyp gelmeli diýip buýruk
berdi-de, gaýtadan bir topar perini Kap dagyna iberdi. Ahyrsoňy
ony tapyp getirdiler.
Ähli bendiler hem dört derwüş şady-horram bolup, Mälik
Şahpala alkyş okamaga durdular. Azatbagt patyşanyň hem göwni
hoş boldy. Şol wagt Mälik Şahpal erkek adamlary öz ýanyma, kabul edýän jaýyma, aýal-gyzlary şa köşgüniň içindäki haremhana
eltmeli, şäheri bolsa baýramçylyk görküne salmaly, toýa taýýarlyk görülmeli, hemmeler diňe buýruga garaşyp durmaly diýip
tabşyryk berdi.
Mälik Şahpalyň garaşýan sähetli güni geldi, şol gün ol öz
gyzy bilen şazada Bagtyýaryň arasyndaky nika tanapyny berkitdi. 01 Ýemenden bolan söwdagäriň ogluny dimaşkly şa gyzyna
öýlendirdi; pars ýurdunyň şazadasyny Basradan bolan şa gyzyna;
Pereň adasyndan bolan şa gyzy Ajamdan gelen şazada nikalap
berdi; Nimroz patyşanyň gyzyny Bihzat hana; Nimroz şazadasyna
jynlar patyşasynyň gyzyny bagyşlady, Çyn-Maçyn welaýatynyň
şazadasyny bolsa Mälik Sadygyň ýesir alany - garrynyň gyzy bilen nikalady. Şeýlelik bilen, Mälik Şahpalyň döwleti berkarar bolsun, ähli kemsidilenler öz maksat-myratlaryna ýetdiler. Şondan
soň kyrk gün toý guraldy, toý-tomaşa gije-gündizläp dowam etdi,
keýpi-sapa sürüldi.
Ahyrda Mälik Şahpal şazadalara geň-enaýy, gymmatbaha
zatlardan sylag-serpaý edip, olary öz ata watanlaryna gitmek üçin
azat etdi. Olaryň hemmesi sag-aman ýola düşüp ugradylar, her
kim öz ýurduna bagtly bolup bardy hem döwlete häkimlik etmäge
girişdi. Diňe Bihzat han bilen Ýemen ýurdundan bolan söwdagäriň
ogly öz islegleri boýunça Azatbagt patyşanyň ýanynda galdylar.
Ahyrda ýemenli söwdagär köşk işlerini dolandyryp başlady, Bihzat han bolsa bagtyň eýesi - şazada Bagtyýaryň goşunlarynyň
serkerdesi edilip bellenildi. Şeýlelik bilen, olar tä ömürleri ötýänçä sapaly döwran sürdüler.
Eý, Alla! Dört derwüşiň hem bäşinji - Azatbagt patyşanyň
öz maksat-myratlaryna ýetişleri ýaly, bäş sany süňňi päk
adamynyň, on iki ymamyň hem on dört sany bigünä çagalaryň1
kömeginiň üsti bilen ähli betbagtlara hem öz göwün-islegine ýetmek üçin (olara dünýäde parahatlyk hem rahatlyk bolaram-la!) öz
haýyr-sahawatyňyzy, rehim-şepagatyňyzy bagyş ediň. Omyn, eý,
iki dünýäniň hökümdary Alla!
1 Bäş sany süňňi päk adam - Muhammet pygamber, gyzy Patma,
giýewsi Aly, onuň çagalary Hasan hem Hüseýin. On dört sany bigünä çagalar
- Hasanyň hem Hüseýiniň çagalary.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.