Latin

Dört derwüş - 13

Total number of words is 4088
Total number of unique words is 1990
35.7 of words are in the 2000 most common words
49.9 of words are in the 5000 most common words
57.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaly ýüregi ýaraly derwüş häzir şol tarapa barýar. Sen olar bilen
duşuşanyňdan soň, öz maksat-myradyňa ýetersiň - diýdi.
Eý, derwüşler! Bize ýol salgy berip goýbereniň buýrugy
bilen şu ýere düşüp, menem siziň asylly üýşmeleňiňize geldim.
Indem biziň her birimiz öz gözleýän zadymyzy taparmykak diýip
umyt edýärin.
Ine, meniň size başdan-aýak gürrüň edip berenlerim, bir
döwüm çörek gözläp ýören şu gedaýyň başyndan geçen wakalardyr.
Dördünji derwüşiň
başyndan geçirenleri
ördünji derwüş gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp,
özüniň başyndan geçirenlerini şeýle sözler bilen
başlady:
Keç ykbaldan gürrüň berjek,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Şum täleýden söhbet gurjak,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Päk göwnümiň synyşynyň
Sebäbini söýläýin men,
Syrly ýumak çözläýin men,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Eý, siz, taňrynyň bendeleri! Maňa biraz üns bermegiňizi
haýyş edýärin, siziň öňüňizde oturan bu derwüş - Çin patyşasynyň
ogly öz başyndan agyr muşakgatlary geçirdi. Men lälik saklanyp,
gowy durmuşda terbiýelenip, betbagtlyk diýen zady bilmedim,
hemişe şunuň ýaly ajaýyp durmuşda ýaşaryn öýdüp pikir etdim.
Edil şunuň ýaly gaýgy-gamsyz gezip ýören günlerimiň birinde
men betbagtçylyga uçradym, uly iliň hemaýatkäri - meniň howandarym, atam aradan çykdy. 01 ölüm ýassygyna baş goýanda,
öz kiçi inisini - meniň agamy ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýip
tabşyrdy:
- Men maly-mülkümdir häkimiýeti taşlap, ýagty jahandan gitmekçi bolýaryn, indi sen meniň wesýetime gulak as-da,
agaň omuny tutup, işini dowam etdir. Entek şazada - tagtyň hem
täjiň eýesi ösüp ýetişýänçä, akyly mazaly goýalyşýança hem öý-işigiň gadyryny bilýänçä, oňa hossarçylyk et, goşunyň pes
düşüp, raýatlaryň dargamagyna ýol berme. 01 birkemsiz ýigit
çykansoň bolsa, mazalyja öwüt-nesihat berip, tagty oňa tabşyr-da, gyzyň Roşan Ahtara öýlendir; özüň bolsa häkimiýet başyndan
aýryl. Şeýle edilse, patyşalyk biziň neslimizden gitmez hem hiç
bir zyýan çekmez.
Şeýle sözleri aýdyp, ol amanadyny tabşyrdy. Agam patyşa
bolup, häkimlik sürmäge başlady. Ol maňa haremhanada ýaşamagy
hem tä ösüp ýetişýänçäm, şol ýerden çykmazlygy buýurdy. Men
on dört ýaşyma barýançam patyşanyň aýallarynyň, hyzmatkär
aýallaryň arasynda terbiýelendim, ol ýerde şady-horram bolup
oýnap gezdim. Geljekde agamyň gyzyna öýlenjekligim baradaky
habar meni begendirýärdi; şeýle umyt bilen men gaýgy-gamsyz
ýaşap, öz ýanymdan «Indi meni basym patyşa ederler hem toýum
bolar» diýip gezdim. Dünýäde umyt bilen gezilýär ahyryn.
Merhum atamyň bir Mübärek atly hyzmatkäri (hebeşi)
bardy. Ol gaty ynamdar, akylly hem tüýs ýürekden berlen adamdy.
Men onuň ýanyna köp barardym; ol hem meni gowy görýärdi,
meniň jahyl çykyp barýanymy görüp, oňa meniň bilen deň begenýärdi.
- Alla seni öz penasynda saklasyn, şazada! - diýip, ol maňa
aýtdy. - Siz indi jahyl çykdyňyz. Eger keremli Hudaý asan etse,
basym siziň agaňyz Taňrynyň ýerdäki saýasynyň - merhum
patyşanyň wesýetini tutup, size öz gyzyny hem ataňyzyň tagtyny
berer.
Bir gezek kelte boýluja bir keniz biderek ýere ýaňagyma
çalyp goýberdi welin, meniň ýaňagymda onuň bäş barmagynyň
yzy galdy. Men aglamjyrap, Mübäregiň ýanyna ylgap bardym. 01
gujaklap, gözümiň ýaşyny süpürdi-de:
- Ýör, men bu gün sizi patyşanyň ýanyna alyp baraýyn.
Belkem, sizi görüp hem-de sizi patyşalyga laýyk hasap edip,
hukugyňyzy berer - diýdi.
Şeý diýip, ol meni agamyň ýanyna alyp bardy. Agam bizi
köşk adamlarynyň ýanynda mylaýymlyk bilen garşy alyp:
- Siziň näme kemiňiz bar, bu gün näme bu ýerik gelipsiňiz-le? - diýip sorady.
209
- Biz bir zady habar bermek üçin geldik - diýip, Mübärek
oňa jogap berdi.
Bu jogaby eşidip, birdenkä agamyň özi:
- Indi-hä şazadany öýeräýseňem boljak - diýdi.
- Ajap boljak zat! - diýip, Mübärek dillendi.
Agamyň buýrugy boýunça şo halatyň özünde müneçjimler
hem gurrandazlar çagyryldy.
Agam gizlin bir pikir bilen:
- Bu ýylyň haýsy aýynda, haýsy gününde hem haýsy sagadynda toýuň sähedini bellemek boljak? - diýip, olardan sorady.
Patyşanyň häzir nähili isleginiň bardygyny aňyp, olar
hasaplaşdyrdylar-da:
- Eý, älem hemaýatkäri! Şu ýyl asyl sähetli gün ýok. Biz
gurra taşladyk, ýyldyzlary sanadyk, emma toý geçirmäge laýyk
hiç bir gün, hiç bir aý görünmedi. Eger üstümizdäki ýyl sag-aman geçäýse, onda indiki ýyl haýyr işler üçin oňat ýyl bolar diýişdiler.
Patyşa Mübärege ýüzlenip:
- Şazadany köşge alyp git. Alla ýol berse, şu ýyl geçensoň,
men onuň hukugyna degişli zatlaryň baryny oňa tabşyraryn. Goý,
ol arkaýyn bolsun hem okasyn - diýdi.
Mübärek tagzym etdi-de, meni özi bilen köşge alyp gaýtdy.
Aradan iki-üç gün geçensoň, men onuň ýanyna bardym. 01 meni
gören badyna, gözünden boýur-boýur ýaş döküp aglady.
- Näme boldy, atam? Sen näme üçin aglaýarsyň? - diýip,
men bitakatlyk bilen ondan soradym.
- Meni jany-teni bilen söýýän meniň gadyrdanym:
- Men ol gün seni näme üçin birehim adamyň ýanyna äkitdim? Beýle boljakdygyny bilen bolsamdym, asyl onuň ýanyna
hiç wagt äkitmezdim - diýip jogap berdi.
Men bijaý howsala düşüp:
- Biziň onuň ýanyna baranymyzyň nämesi erbet bolduka?
Hakykaty maňa bolşy ýaly aýdyp berseňizläň! - diýdim.
- Entek ataňyz höküm sürýän döwründen bar bolan adamlar: emirler, wezir-wekiller hem döwlet işgärleriniň uludan-kiçä
hemmesi sizi görüp diýseň begendiler, Hudaýa alkyş okamaga
*
I4
başladylar. «Ahyrym biziň hökümdarymyzyň mirasdüşeri ýetişip,
häkimiýet başyna geçmäge mynasyp boldy - diýşip, öz biri-birlerine aýdyşdylar. - Indi munuň öz hukugyna eýe bolup, işe girişjek
güni uzak däldir. Şonda ol biziň hyzmatymyzyň gadyryny biler,
biziň uzak wagtlap eden gullugymyza baha berer». Bu edilýän
gürrüňler siziň ähtiýalan agaňyzyň gulagyna ýetdi welin, onuň
gursagynda zäherli ýylan aýlanmaga başlady. 01 meni gizlinlikde öz otagyna çagyrdy-da: «Mübärek! Şazadadan dynmagyň bir
çäresini agtaryp tap; ol tarapdan abanýan howpdan meni dyndyr,
meniň janym a rahatlyk ber. Henize çenli men howsalaly ýagdaýda gezýärin» diýip tabşyrdy. Asyl agaňyz siziň süňk duşmanyňyz
bolup çykdy.
Bu ajy habary eşiden badyma, janalgyç sowuk meniň ýüregimi doňdurdy. Men ölüm howpundan hopugyp, Mübäregiň
aýagyna ýykyldym.
- Men patyşa bolmakdan el çekýärin, ýöne Allanyň hatyrasy
üçin ölümden başymy gutar.
Wepaly hyzmatkär meniň kellämi bagryna basyp:
- Gorkma, howply zat ýok. Mende bir pikir bar, eger ol
şowuna düşse, onda birahat bolmagyň hajaty ýok. Entek siziň
janyňyz sag, hiç bir zat ýitiremzok. Biziň işimiz rowaç bolup, siziň
janyňyzam ölüm howpundan halas bolar, ýetjek maksadyňyza-da
ýetersiňiz öýdüp pikir edýärin - diýip jogap berdi.
Maňa şeýle göwünlik berip, ol meni dünýäden öten ata-enemiň ýatyp-turan, ýaşan jaýyna alyp gitdi. 01 ýerde patyşanyň
tagty durdy. Mübärek onuň bir tarapyndan tutdy, beýleki tarapyndan tutmagy bolsa maňa tabşyrdy; iki bolup, biz ony zordan
ýerinden süýşürdik. Soňra ol halyny aýyrdy-da, şonuň duran ýerini gazmaga başlady. Birdenkä agzy zynjyrly gulp bilen gulplangy
bir ury peýda boldy. Mübärek meni ýanyna çagyrdy. Men öz ýanymdan «01 meni öldürip, şu ýerde jaýlamakçy bolup, bu çukury
gazýar-ow» diýen netijä gelip başladym. Ajal meniň alkymyma
geldi; emma men, her niçik-de bolsa, ýuwaşlyk bilen doga okap,
onuň ýanyna bardym. Bir görsem, gabsajygyň aňyrsynda dört
otagdan ybarat jaý bar; otaglaryň her haýsynda içi altyndan doly
on sany ullakan hum hatara goýlupdyr; olaryň altyndan gapagy
bolup, hersiniň üstünde bir ýasama maýmynjyk oturdylypdyr-da,
zümerret bilen bezelipdir. Men dörtjaýda goýlan gaplaryň baryny
sanap gördüm welin, otuz dokuz sany birmeňzeş hum eken, olara meňzeş bolmadyk kyrkynjy humuň içi-de gyzyl grandan dolam bolsa, olara meňzeş däldi, onuň ne altyn gapagy bardy, ne-de
maýmynjygy. Soňra içi gymmatbaha daşlardan dos-doly bir howza gözüm düşdi.
- Atam jan! - diýip, men Mübärege ýüzlendim. - Bu gudrat
näme? Bu kimiň jaýy, bu zatlar näme üçin beýle edilen?
- Seniň bu görüp duran maýmynlaryň taryhy şeýle - diýip,
ol gürrüň bermäge başlady. - Siziň ataňyz ýaşlygyndan jynlaryň
patyşasy Mälik Sadyk bilen dost bolup başlady, soňra hemişe
onuň bilen gatnaşyk etdi. Her ýylda biziň ýurdumyzda bar bolan ysy ýakymly zatlardan hem her dürli üýtgeşik, nepis harytlardan oňa sowgat äkitdi hem onuňkyda bir aýlap myhmançylykda
boldy. Hoşlaşyk wagtynda Mälik Sadyk siziň ataňyza zümerretden ýasalan maýmynjyk berdi, patyşa bolsa ony şu ýerzeminde
gizläp saklady. Bu syry menden başga bir adam bilmedi. Bir gezek men ýürek edip: «Dünýäniň diregi! Siz ýüz müňlerçe rupiýa
zady sowgat äkidýärsiňiz-de, oňa derek bolsa daşdan ýasalan bir
jansyz maýmyny alyp gelýärsiňiz, bulardan size nähili peýda
bar?» diýip, siziň ataňyzdan soradym. 01 ýylgyrdy-da: «Bäriňi
bak, hiç bir ýerde agzyňdan çykaýmasyn. Bu seniň görüp duran maýmynlaryň her birine müň döw tabyndyr, aýdanyňa gulak
salýandyr. Yöne mende şular ýaly maýmyndan kyrkysy ýygnanmasa, entek olardan peýdalanyp bolmaz, çünki olar hiç bir derde
ýaramaýarlar» diýip jogap berdi. Emma diňe ýekeje maýmyn galanda, patyşa aradan çykdy oturyberdi-dä. Şunça çekilen zähmet
biderek boldy! Olaryň hasylyny ýygnamak nesip etmedi! Siziň
biçäreligiňizi görüp, bu zatlar meniň ýadyma düşdi-de, nähili
ýol bilen hem bolsa, sizi Mälik Sadygyň ýanyna alyp barmagy,
siziň agaňyzyň zalymlygy barada oňa gürrüň bermegi ýüregime
düwdüm. Belkem, ol siziň ataňyz bilen bolan dostlugyny ýadyna salyp, ýetmeýän maýmyny size peşgeş berer. Ana, şondan soň
siz bu kyrk maýmynyň kömegi bilen döwleti öz eliňize gaýtaryp
alarsyňyz hem ýurdy arkaýyn dolandyryp bilersiňiz. Şeýle etsek,
bardy-geldi bu işimizden netije çykmasa-da, siziň janyňyz-a ha-
las bolar. Men bu bizi gysyp çykaranyň zulumyndan sypar ýaly
başga çykalga görmeýärin.
Şol wagt men oňa:
- Atam jan! Indi meniň ýaşaýşym hem, ölümim hem seniň
ygtyýaryňda; nädeňde oňat bolar öýtseň, şony ediber - diýdim.
Mübärek maňa göwünlik berdi-de, soňra atyr, her hili
hoşboý ysly zatlar, umuman, sowgat edip äkider ýaly zatlaryň
baryny satyn almak üçin bazara ugrady. Ertesi bolsa meniň birehim agamyň - häzirki Ebu-Jöhüliň' ýanyna barýar-da:
- Älemiň penakäri! Men şazadany ýok etmegiň tärini
tapdym. Eger rugsat etseňiz, men size aýdyp bereýin - diýýär.
- Nähili tär? - diýip, ol nejis begenýär.
- Eger ony köşkde öldürsem, ol sizi masgaraçylygyň üstünden elter. Gowusy, men ony haýsam bolsa bir tokaýa eltip,
onuň janyny jähennem bazaryna ibereýin-de, şol ýerde duwlap
gaýdaýyn. Şeýle etsek, muny hiç kim bilmez.
Agam Mübäregiň bu gürrüňini diňläp:
- Tüýs bolaýjak zat! - diýip seslenýär. - Men onuň sag-salamat gezip ýörmegini islemeýärin. Ol hakdaky pikir gije-gündiz
maňa ynjalyk bermeýär. Eger sen meni şu wehimden halas etseň,
görkezen hyzmatyň üçin men seniň sylagyňy mazalyja ýetirerin.
Äkit ony, nire amatly bolsa, şol ýerde öldür, diňe basymrak maňa
bu hakda hoş habar getir.
Şeýle ýol bilen patyşanyň şübhesini kemeldip, Mübärek
meni öz ýanyna aldy, sowgat üçin alnan zatlaryň hem baryny göterdi. Gijäniň birwagty biz şäherden çykdyk-da, günbatarlygyna
tarap ugradyk.
- Hudaýa şükür, indi biz barmaly ýerimize ýetdik.
- Atam jan! Aýdýanyň näme? - diýip, men geňirgendim.
- Eýsem siz jynlaryň goşunyny görmeýärsiňizmi näme?
- Senden başga maňa görünýän zat ýok - diýip jogap berdim.
Mübärek goltugyndan Süleýman pygamberiň içi sürmeli
gutujygyny çykardy-da, inçejik çöp bilen meniň gözlerime sürme
çaldy. Şol zaman meniň gözüm goşun çadyrlaryny, jaýlary hem 1
1 Ebu-Jöhül - Muhammet pygamberiň döwürdeşi täze diniň (yslamyň)
garşysyna örän erjel göreşipdir. 01 pygamberiň öz daýysymyş.
r ,(^
hut jynlary görmäge başlady. Olaryň bary owadan ýüzli, oňat
geýnüwli eken. Jynlaryň hemmesi Mübäregi tanaýar eken. Köne
dostlar gujaklaşdylar, bir-birleri bilen degişdiler.
Basym biz döwlet başlyklarynyň bolýan ýerine ýetdik-de,
köşge girdik. Töweregime seretsem, hemme ýerde oduň şöhlesi
görünýär; iki hatar edilip, her hili oturgyçlar goýlupdyr, olarda
bolsa akylly alymlar, derwüşler, emirler, wezirler hem şanyň maslahatçylary oturdylar. Şanyň janyny goraýjylar, sakçylar hem her
hili hyzmatkärler gollaryny gowşuryp, aýak üstünde durlar, ortarada bolsa zümerret bilen haşamlanan tagt dur. Tagtyň üstünde
başy dürden täçli hem egni donly ýassyga tirsegini berip, Mälik
Sadyk dabaraly gabarylyp otyr.
Men onuň huzuryna bardym-da, gol gowşuryp tagzym etdim. 01 mähremlik bilen maňa oturmagy buýurdy, soňra meni
stoluň başyna çagyrdy. Iýip-içip bolup, saçak ýygnalandan soň,
Mälik Sadyk Mübärege ýüzlendi-de, men hakda soraşyp başlady.
- Häzir bu oglanyň atasynyň deregine munuň ganym
duşmany bolan, agasy höküm sürýär - diýip, Mübärek jogap berip ugrady. - Şoňa görä-de men bu oglan bilen ol ýerden gaçdym, ony siziň ýanyňyza alyp geldim. 01 ýetim, patyşalyk hukugy bolsa muňa degişli, emma arkasyny tutýan adam bolmasa, ol
hiç bir zat edip biljek däl. Bu göwnüne deglen üçin men sizden
hemaýat gözläp geldim. Onuň atasynyň hyzmatlaryny ýadyňyza
salyň-da, ýetime kömek ediň: maýmynjyklaryň sany kyrka düzeler ýaly, iň soňky maýmynjygy hem berseňiz, olaryň kömegi
bilen patyşalyk hukugyny eline alyp, ol size ömri ötýänçä alkyş
okar. Siz goldamasaňyz, onuň başga hiç bir daýanjak adamsy ýok
- diýdi.
Mälik Sadyk biraz oýlananyndan soň:
Dogrudanam, merhum patyşanyň gullukda-da, dostlukdada eden hyzmaty az däl - diýip jogap berdi. Bu bagtygara ruhdan düşüp, özüniň miras düşýän patyşalygyny taşlap, diňe öz
şirin janyny halas etmek üçin gaçyp, biziň kömegimize hem
goldawymyza mätäç bolup gelensoň, öz höküm sürýän ýerimde,
hiç bir kynçylykdan çekinmän, onuň üçin elimden gelen kömegi ederin. Yöne meniň hem bir ýumşum bar. Eger ol ähtiýalan-
lyk etmän, bu ýumşumy ahyryna çenli ýerine ýetirip, synagdan
doly geçip bilse, onda men oňa öz atasyndanam gowy garaşyk
etjekdigime hem onuň göwnüniň islän zadyny bitirjekdigime söz
berýärin.
- Men siziň sadyk guluňyz - diýip, men gol gowşuryp,
hormat bilen aýtdym. - Patyşahyma janym-tenim bilen gulluk
edip, onuň bar ýumşuny höwes bilen ýerine ýetirerin, hemme zady oňatlyk, dogruçyllyk, akýüreklilik bilen bitirerin hem
patyşahymyň maňa bolan bu ynamyny iň bir bagtlylyk hasap
edýärin.
- Sen entek oglan, şonuň üçinem ýene bir gezek saňa gaýtalap aýdýaryn. Gulak as, ähtiýalanlyk etmegin, betbagtçylyga
uçraýmagyn!
- Siziň mertebäňiz belent bolsun! Allatagala meniň işimi
asan eder. Men bar güýjümi goýup, siziň ýanyňyza maňa ynanan
işiňizi bitirip gelerin.
Şol wagt Mälik Sadyk meni ýanyna çagyryp, ýadygärlik
depderçesinden bir kagyzy ýyrtyp aldy-da, ony maňa görkezdi.
Soňra ol:
- Şu ýerde kimiň ýüzüniň şekili çekilen bolsa, nirede-de
bolsa şony gözläp tap; tap hem ol gyzy meniň ýanyma alyp gel.
Sen onuň yzyna düşüp, ony gören badyňa, meniň ony çäksiz
söýýändigimi ol gyza aýt. Eger sen meniň şu ýumşumy bitiräýseň,
onuň üçin sen öz islegiňdenem artyk sylag alarsyň. Eger-de bitirip bilmeseň, onda näme ekseň, şony hem orarsyň - diýip, maňa
tabşyrdy.
Men ol kagyza seredip, onda şeýlebir gyzyň ýüzüni gördüm
welin, meniň huşum başymdan çaşyp gitdi, emma gorkujygymdan men zordan özümi sakladym.
- Ajap bolýar. Men gidýärin. Eger Alla ýar bolsa, hökümdaryň buýrugyny doly ýerine ýetirerin.
Şu sözleri aýdyp, men Mübärek bilen tokaýa tarap ugradym.
Biz patyşanyň beren suratyny öňümizden çykan adama görkezip,
ençeme wagtlap obama-oba, şäherme-şäher, welaýatma-welaýat,
ýurtma-ýurt aýlandyk. Emma ol gyzdan gördüm-bildim bolmady.
Biz ýedi ýyllap ençeme muşakgatlary ençeme horluklary
başymyzdan geçirip, ýurt gezip ýörşümize ýene bir şähere bardyk.
Bu şäheriň oňaýly gowy jaýlary bar eken, emma ol ýeriň halky
her hili ýowuz güýçlerden özlerini gorap saklamak üçin, doga
okap, keremli Hudaýyň adyny agyzlaryndan düşürmeýän ekenler. Hindistanly bir kör gedaý meniň gözüme ildi. 01 hudaýýoluna
zat dileýär, emma hiç kim oňa ne çärýek köpük, ne bir döwüm
çörek berýär. Men muňa geň galyp, oňa ýüregim awady. Men jübimden bir altyn gyrany çykaryp, ony ýaňky körüň eline berdim.
- Eý, jomart - diýip, ol meniň beren gyranymy alyp, alkyş
okamaga durdy. - Alla seniň bagtyňy açyk etsin. Görýän welin,
sen bir jahankeşde, bu ýeriniň adamy däl.
- Hak aýdýaň! Ýurt gezip ýörenime indi ýedi ýyldyr, öz
ömrümi haýp geçirdim. Gözlegine çykan zadymdan bolsa henize
çenli derek tapamok. Men bu şähere diňe şu gün düşdüm.
Garry maňa alkyş okady-da gidiberdi, men hem onuň yzyna
düşüberdim. 01 bir jaýa girdi, menem girdim. Görsem ol jaýyň
käbir ýerleri ýykylypdyr, emma bejerilmändir. Men öz ýanymdan: «Bu patyşa mynasyp köşk eken. Eger munuň kem-käs ýerleri bejerilse, gör, ne gözel jaý boljak eken! Ýöne häzir welin, gör,
nähili bolup galypdyr! Harabalyga dönüpdir, ýöne körüň bu jaýda
näme üçin ýaşaýandygyny kim bilýär!» diýip pikir etdim. Garry
hasasyna söýenip, henizem şol gidip otyrdy. Birdenkä:
- Atam jan! Eýgilikmi beri? Näme, sen bu gün ir geldiň-le?
- diýip, kimdir biriniň sesi eşidildi.
- Gyzym! - diýip, garry jogap berdi. - Allatagala maňa rehimi gelen akýürekli jahankeşde bir adamyny iberipdir. 01 maňa
altyn berdi. Ençeme gün bäri biziň iýmäge zadymyz bolmady,
şonuň üçinem men et, hoşboý ysly ot, saryýag hem bazar ýagy,
un hem duz, ýene saňa geýimlik mata hem aldym. Sen ony alyp
hasyr-husur egniňe geý-de, onsoň nahar taýýarlamak bilen bol.
Biz nahar edineli, munuň üçin jomart adama alkyş okady. Biz
onuň nähili maksat üçin gezip ýörenini bilmesek hem, ýöne
Alla keremdir, ol hemme zady görýär, ol biz kemsidilenleriň
alkyşlaryny kabul eder.
Men onuň öz garyplygyna şükür edişini eşidip, oňa ýene ýigrimi sany altyn gyrany bermegi ýüregime düwdüm. Emma men
şol halatda ses gelen tarapa gaňrylyp seretdimem welin, hut şu ýanymda göterip ýören suratymdaky jenanyň keşbi ýaly keşpli bir
jenana gözüm düşdi. Ýanymdaky suraty çykaryp, ol ikisini ýene
bir gezek deňeşdirip göriip, bu ikisiniň biri-birinden gyl ýalyjakda tapawutlarynyň ýokdugyna gözümi ýetirdim. Men şeýlebir
uludan demimi aldym-da, huşumy ýitirip ýykyldym. Mübärek
meni derrew gujaklap galdyragada oturtdy-da, ýelpewaç bilen
ýüzümi ýelpemäge başlady. Men özüme gelip, ýaňky jenana ýene
siňe-siňe seretmäge durdum welin, Mübäregem haýalçyrap maňa:
- Saňa näme bolaýdy? - diýiberdi.
Ýöne welin meniň bir söz aýtmaga-da mejalym bolmady.
- Ýaş ýigit! - diýip, şu ýerde ýaňky zenan dillendi. Nätanyş aýalyň ýüzüne seretme, taňryňdan gork. Her bir adamda
utanç bolmalydyr.
Ol şeýlebir sypaýyçylyk bilen gepledi welin, onuň şirin
sözleýşem meni jemalyndan pes özüne çekmedi. Mübärek meniň
daşymda perwana dek pyrlandy, ýöne ol meniň ýüregimdäki
gozgalaňy nireden bilsin.
- Eý, taňrynyň bendeleri, şu öýüň adamlary! - diýip, men
bihuş halda gygyrdym. - Men bir garyp ýolagçy. Eger siz meni
myhman alyp, dynç alar ýaly bir parça ýer berseňiz, uly sogap
gazanardyňyz.
Batyl meni ýanyna çagyrdy. Meniň sesimi tanap, ol gujaklady-da, meni gyzyň açylan bägül ýaly bolup oturan ýerine alyp
bardy. Näzenin bolsa çüňkde gizlendi.
- Hany özüň hakda gürrüň ber? - diýip, batyl söze başlady.
- Näme üçin sen öý-öwzaryňy taşlap, tenha özüň sergezdan bolup
ýörsüň? Sen nämäniň gözleginde?
Men Mälik Sadygyň adyny agzamadym, ol barada ýekeje
agyz dagam söz aýtmadym.
- Men bir öýsüz-öwzarsyz gezip ýören Çyn-Maçyn şazadasy - diýip, şeýle sözler bilen gürrüň bermäge başladym. Meniň atam şol ýurtlaryň patyşasy. Men bir täjirden ýüz müň
rupiýa berip, şu suraty satyn aldym. Suraty gören badyma, men
akyl-huşdan aýryldym, soňra derwüş lybasyna girdim-de, ony
gözläp, bütin jahany aýlanmaga başladym. Gözleýän zadymy
bolsa şu ýerden tapdym. Indi ygtyýar siziň eliňizde.
- Dostum! - diýip, kör uludan bir demini alyp, şeýle diýdi.
- Meniň gyzymyň takdyry ýaman. Hiç bir garamaýak oňa öýlenip, perzendine guwanjak gümany ýok.
- O näme üçin beýle bolýar, belki, siz maňa ony aýdyp
berersiňiz - diýip, men ondan haýyş etdim.
- Gulak as, şazada! - diýip, garry öz betbagtçylyga
uçraýşy barada gürriiň bermäge başlady. - Bu betbagt şäherde
men bir atly baýlaryň biridim. Meniň ata-babalarym abraýly
hem tanymal adamlardy. Allatagala maňa şu gyzy bagyş etdi. Ol
ýetişende onuň katdy-kamaty, edep-ekramy hem gözelligi barada
gürrüň ýaýrady, gözellik babatynda hüýr gyzlardyr periler bilen
bäsleşýän, adamzadyň keşbi bilen hiç bir jähtden deňäp bolmajak gyzyň şu jaýda ýaşaýandygy bütin äleme aýan boldy. Şeýle
öwgüleri eşiden şazadamyz heniz görmän, zat etmän, bu gyza
aşyk boldy. 01 hiç zat iýip-içmän, sargaryp-soldy.
Bu ýagdaýy patyşamyz eşitdi. Bir gün gije ol meni öz jaýyna çagyrdy, ýüzbe-ýüz oturyp, baryny gürrüň berdi hem tä men
guda bolmaga razylyk berýänçäm, meni yrmaga çalyşdy. Öýüňde
gyzyň bolsa, ahyrda ony kime-de bolsa birine durmuşa çykarmalydygyna men gowy düşünýärdim. Onsoň men «Men gyzymy
şazadadan gowa bererinmi? Şeýle etsem, patyşanyň hem göwnüni tapdygym bolar» diýip pikir etdim. Men razyllyk berdim-de
çykyp gaýtdym. Şol günden başlap, iki tarapda hem toýa taýýarlyk görülmäge başlandy. Ahyrda bir sähetli gün kazy-kelanlar,
kätipler, alymlar hem ady belli adamlar ýygnanyp, ýaşlara nika
gyýyldy, gelin paýy berildi, gelni dabara bilen äkitdiler. Toý
däp-dessurlary sowlansoň, jaýda diňe gelin bilen öýlenen oglan
galyp, bular ýatmakçy bolýarlar, emma şol wagt olaryň ýatan
jaýynda şeýlebir aýylganç gopgun turýar welin, daşarda sakçy
duran adamlar aljyraňňylyga düşüberýärler. Haýdan-haý jaýyň
gapysyny açyp, näme bolandygyny görmekçi bolýarlar, emma ol
gapy şeýle berk ýapylypdyr welin, ony hiç bir güýç bilen açyp
bilmeýärler. Onýança jaýyň gopgun-zenzelesi ýatyşýar. Adamlar
gapynyň petlesini sogrup, jaýa girseler, olaryň gözleri aýylganç
zada düşýär. Öýlenen ýigidiň kellesinden jyda edilen göwresi henizem titräp ýatyr, gelin bolsa agzyndan ak köpük saçyp, gana,
tozana bulaşyp, bihuş ýatyr eken.
Bu elhenç wakany gören adamlaryň bary doňan ýaly bolup galýarlar; milletiň şatlygy gaýgy-hesrete öwriilýär. Bu ýagdaý barada patyşa habar berýärler. Köşkdäki adamlaryň bary
ýygnanýar, emma bu bolan waka hiç kim diişiinip bilmeýär.
Gaýgy-hesretden ýaňa başy çaşan patyşa: «Bu betbagt gelniň
hem kellesini kesiň!» diýip buýruk berýär. Şeýle sözler patyşanyň
agzyndan çykan badyna, hälki aýylganç gopgun gaýtadan turýar.
Patyşanyň zähresi ýarylan ýaly bolup gaçyp, zordan öz janyny gutarýar; ahyrsoňunda ol meniň gyzymy köşkden kowmaly
edýär. Hyzmatkär aýal gyzymy getirip gitdi. Bu betbagtlygyň habary dtinýä ýaýraýar, muny eşiden adamyňam endamy tikenekläberýär. Şazada şeýdip ölensoň, men patyşanyňam, bütin şäher
ilatynyňam duşmany bolup galdym. Kyrk günläp ýas tutulandan
soň, patyşa döwletiň atly adamlaryna ýüzlenip, indiden beýläk
näme iş etmelidigi hakda maslahat soraýar. Olar: «Indi etjek
alajyň ýok. Ýöne ýüregim bir sowasyn diýseňiz, onda gyz bilen
atasyny ölüm jezasyna sezewar edip, ähli emläklerini almak gerek» diýşip, oňa maslahat berýärler. Şeýle höküm hem çykarylyp,
şäher garawulbaşysyna ýerine ýetirmeli diýlip buýruk berilýär.
Garawulbaşy öz adamlary bilen meniň öýümiň daşyny gabap,
biziň üstümize eňmek üçin derwezäň agzynda sumaý çaldyryp
ugranam şoldy welin, niredendigini Hudaý bilsin, birdenkä bir
daş ýagyp başlady, bir daş ýagyp başlady, ýaňkynyň goşunynyň
biri dagysy duraýsa nätjek. Kellelerini penalaşyp, bary dargaşyp
gitdiler. Edil şol halatda bolsa, köşkde oturan patyşanyň gulagyna şeýle ýaňlanýan elhenç ses eşidildi: «Näme, seniň akylyň
çaşdymy? Saňa haýsy arwah ýolukdy? Eger eýgilik hantama
bolsaň, ol näzeniniň ykbaly bilen işiň bolmasyn! Ýogsam, ony
beýdip ýanap ýörşüňe, şol toýunda ogluň başyna gelen gün
seniňem başyňa geler. Eger sen ol gyzy öz gününe goýmasaň,
onda jezaňy alarsyň!»
Patyşa gorkusyndan ýaňa sandyraýardy. 01 şo halat indiden beýlek bize zat degmeli däl, kemteresinden adymyzam tut-
maly däl diýip buýruk berýär. Şeýdip, şu jaýda ýaşamaga ygtyýar
etdi-de, soň bize azar bermedi. Şol günden bäri jadygöýler namaz okamak, doga-jady etmek bilen bu gözbagçylygyň üstüni
açjak bolup jan edýärler, şäher halky bolsa irmän-arman gudratly
Allanyň adyny agyzlaryndan düşürmeýärler, keramatly Gurhany
okaýarlar. Aýlar-günler geçýär, emma henize çenli bu syryň üsti
açylman gelýär; menem hiç zada düşünip bilmeýärin. Her niçik-de bolsa, bir gezek men näme görendigini gyzymdan soradym.
«Meniň bilýän zadym ýok - diýip, ol jogap berdi. - Adamym
ýorgana giren halatynda meniň göwnüme bolmasa, jaýyň üsti
ýaryldy-da, ýokardan jaýyň içine zümerret bilen bezelen bir tagt
inen ýaly boldy. Tagtyň üstünde patyşa lybasynda bir görmegeý
ýaş ýigit otyr, bir topar adam hem oňa hyzmat edýär. Olar meniň
adamymy öldürmäge häzirlendiler, olaryň baştutanlary bolsa
şeýle sözler bilen meniň ýanyma geldi: «Yeri, meniň söýgülim!
Indi sen nirä menden gaçyp gutularsyň?..» onuň sypaty adam,
emma men aýaklarynyň geçiniňki ýalydygyny gördüm... Meniň
ýüregim gürsüldäp urdy-da, gorkudan ýaňa men huşumdan aýryldym, şondan soňky bolan zatlardan meniň habarym ýok».
Şondan bäri biz şu ýykyk jaýda ýeke ýaşabermeli bolduk.
Şahyň gazabyndan gorkup, ähli dostlaram bizi taşlap gitdiler, men
sadaka dilemäge çykamda bolsa, hiç kim bir köpük berenok, hatda maňa dükanlarynyň ýanynda durmaga-da rugsat edenoklar.
Görgüli gyzym egnine ildirmäge, başyny bogmaga köne esgi tapanok, indi köp wagtdan bäri biz doýa garnymyzy doýrup bilemzok. Men ölümimizi diläp, gije-gündiz Hydaýa ýalbarýaryn. Bizi
gara ýer ýuwudyp, şu azaplardan dyndaraýsady. Şeýle ýaşandan
ölüp giden ýagşy. Dogry, Allatagala seni biziň maňlaýymyzdan
diremek üçin iberipdir. Seniň rehimiň gelip, maňa beren altyn
gyranyň bilen men tagamly nahar edindim, gyzyma geýimlik
aldym, Hudaýa ýüzde müň şükür etdim-de, seniň üçin alkyş
okadym. Eger-de meniň gyzymy arwah-jynlaryň hem perileriň
jadylary eýelemedik bolsady, men ony saňa gymak hatarynda
bererdim hem muny özüme uly bagt hasap ederdim. Ine, meniň
başymdan geçen wakalaryň bary şeýle. Onuň üçinem sen gyzym
barada pikirem etme, beýle niýetiňden el çek.
Men bu gürrüňi diňlänimden soň, goý, takdyrymda näme
bolsa, şony göreýin diýen maksat bilen meni özüne giýew edinmegi haýyş edip, oňa ýalbarmaga başladym. Garrynyň meň bilen hiç
ylalaşasy gelmedi. Garaňky düşmegi bilen men hoşlaşdym-da,
kerwensaraýa gitdim.
- Asyl bolaýdy, şazada! Gül ýaly! - diýip, Mübärek ol ýere
baranymyzdan soň dillendi. - Allatagala işleri ugruna etdi. Çeken
azaplarymyz ahyry ýerine düşdi.
- Men bu gün oňa şunça ýalbarsamam, naýynsap kör hiç
razylyk bermedi. Ahyrsoňunda-da berermi, bermezmi, Hudaý
bilsin.
Men şol gijäni zordan geçirdim: häli daň ataýar, şindi daň
ataýar diýip halys boldum, daň atybiläýdigem, ýene şol gyzyň
ýanyna gitjekdim. Şol wagt meniň kelläme, bardy-geldi, atasynyň
gyzyna rehimi inip, razylyk beräýse-de, Mübärek ony Sadyga eltip berer diýen pikir geldi. Soňra meni elhenç gorky gaplap aldy,
ýagny Mübäregem meniň bilen ylalaşaýsa, onda nätmeli bolar?
Şazadanyň başyna gelen waka meniň başyma gelmezmi näme?
Eger şeýle bolmaýanda-da, beýle ýagdaý bu ýeriniň patyşasyna
ýararmyka: onuň oglu-ha öldürilip, gelnem başga biriniň gujagyna doljak ahbetin.
Uzak gije gözüme uky gelmedi, her hili oý-pikirler meniň
kellämi garyşdyrdy. Daň atybildigi men bazara baryp, oňat matadan köýneklik hem ýaka tutar ýaly bejergiler, kişde hem täze
miweler satyn aldym-da, garrynyň ýanyna ugradym. 01 meni güler ýüz bilen garşy aldy-da:
- Dünýede jandan eziz görünýän zat ýok. Eger öz janymyz
seniň derdiňe derman boljagyny bilsem, onda men seniň üçin janymy gurban ederdim. Men häziriň özünde gyzymy saňa berip
biljek, ýöne ölüm howpy seniň hem başyňdan inäýse, onsoň tä
kyýamat-magşar gününe çenli meniň ýüregimde düwün bolup
galar - diýdi.
- Men bu ýerde ýeke. Siz meniň üçin durmuş hem din
ündewçisi, meniň atam - diýip, men jogap berdim. - Pikir edip
görüň, men näçe wagtdan bäri arzuwyma ýetjek bolup ýanyp-köýýärin, men şu ýere ýetýänçäm, ençeme gaýgy-hesretleri, en-
çeme muşakgatlary başymdan geçirdim, ençeme betbagtçylyklara duçar geldim. Ahyrda öz arzuw edýän zadymy tapdym, Allatagala siziň ýüregiňize rehim salansoň, sizem gyzyňyzy durmuşa
çykarman durjak däl. Diňe meniň janymyň howp astyndalygy
sizi ikirjiňlendirýär. Özüňiz bir adalatly, hiç ýiiz görmän aýdyň,
heý, diinýäde adam söýgi hanjaryndan başyny gorap saklamaly,
hyjuwyň howpundan janyny gutarmaly diýen däp-adat barmy?
Başa gelenini göriibiris! Bolmanda-da meniň boljagym boldy.
Söýgülime sataşsam, meniň dünýäde başga armanym ýok, onsoň
diri galsamam, ölsemem meniň üçin barybir. Hemmeden beterem,
eger meniň islegim ýerine ýetmese, gam-gussa zerarly sanaglymdan öň ölerin, kyýamat-magşar güni bolsa jogap sorap, siziň
ýakaňyzdan tutaryn.
Garry bilen jedelleşip hem harçaňlaşyp, men bir aýlap diýen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 14
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.