Latin

Dört derwüş - 10

Total number of words is 3974
Total number of unique words is 2002
34.6 of words are in the 2000 most common words
50.2 of words are in the 5000 most common words
56.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hanym hakda pikir edip, men gorky-ürkini ýadymdan çykardym. Bütin gije-gündiz Hudaýy kömege çagyrdym. Ertesi irden gymaklary gämä gaýtaryp getirdiler. Oňa täjirler örän begendiler.
—Meniň gymagym dolanyp gelmedi-le, bu näme boldugy?
- diýip, men soradym.
—Biz bilmedik, belkem, ol patyşa ýarandyr - diýip, maňa
jogap berdiler.
Täjirler meni mhlandyrmaga hem-de göwünlik bermäge
durdular.
— Yagşy, bolan işe indi çäre ýok. Gaýgy etme. Biz pul
toplaşdyrarys-da, gymagyňa taý geljek özi ýaly birini alyp bereris - diýip aýtdylar.
Men tas huşumdan gidipdim.
—Indi meniň Ajama gitmegimiň geregi ýok - diýip, olara
jogap berdim-de, gyzlary alyp gelen gaýykçylara ýüzlendim. Meni hem özüňiz bilen kenara alyp çykyň.
Olar razy boldular. Men gämiden düşdüm welin, item meniň
yzymsüre gaýygyň içine bökdi. Biz gämi duralgasyna ýüzüp baranymyzdan soň, men diňe hanymyň öz ýany bilen getiren içi
gymmatbaha zatly sandyjagyny alyp galyp, öz zatlarymyň baryny
hojaýynyň adamlaryna berişdirdim-de, heý, şanyň gyzyndan
bir habar-hatyr eşidip bolmazmyka diýen umyt bilen, çar tarapa aýlanmaga başladym, emma hiç bir nyşan tapmadym. Bir
gije hile bilen patyşanyň köşgüne-de girip, ony gözledim, emma
bitiren işim bolmady. Şäheriň içinde bir aýa golaý paşmagymy
süýräp gezdim. Meniň barmadyk gapym, aýlanmadyk köçäm galmady, gam-gussa çekmekden ýaňa özümi ölüm hetdine ýetirdim.
Diwana ýaly bolup, köp ýerleri entedim. Ahyrsoňy, men şanyň
gyzyny hojaýynyňkyda gizläp saklaýandyrlar, onuň başga ýerde
bolmajagy belli zat diýen karara geldim. Onsoň men onuň öýüne girmegiň ýoluny agtaryp, jaýynyň daşynda aýlanyp başladym.
Birdenkä meniň gözüm adam sygar ýaly bir örtüge düşdi, emma
ol demir gözenek bilen berkidilipdir. Men, her niçik hem bolsa, ondan peýdalanmagy ýüregime düwdüm: eşiklerimi çykaryp, çalpawlyga girdim-de, bar güýjümi tijäp, demir gözenegi
döwüşdirdim, hajathananyň üsti bilen oýnaşhana üçin gurlan jaýa
bardym. Ol ýerde aýal lybasyna girip, daş-töweregime seretmäge
durdum. Bir otagyň içinden kimdir biriniň namaz okaýan ýaly
sesi meniň gulagyma ildi. Men ýakyn baryp görsem, ol meniň
hanymym eken. 01 dynman aglaýardy. Hanym maňlaýyny ýere
berip, Muhammet pygamberiň hem onuň päk ruhunyň hatyrasy
üçin, dini başga adamlaryň ýurdundan halas eden, özüni yslamyň
ýoluna salan, şol adam bilen oňat duşuşmaklygy miýesser eden
Hudaýa doga okaýardy. Men şa gyzyny gören badyma, onuň
ýanyna ylgap bardym-da, onuň aýagyna ýykyldym. Ol meni
gujaklady, biz şol dem huşumyzy ýitirip, bütin dünýäni unutdyk.
Gaýtadan huşumyza gelen badymyza, onuň başyna düşen işler
barada hanymdan soradym.
- Hojaýyn gymaklaryň baryny kenara alyp çykansoň diýip, ol gürrüň bermäge başlady. - Hemä meniň syrym açylaýmabilse ýagşydyr, meni tanamaýadyrlar, seniň janyň howp astynda
galmaýadyr diýip, men Hudaýy çagyrdym. Hudaýa şükür, meniň
şanyň gyzydygymy güman eden bolmady. Men bularyň haýsy
birini özüme alsamkam diýip, gämi duralgasynyň hojaýyny bizi
gözden geçirmäge başlady. Onuň paýyna men düşdüm. 01 meni
gizlinlik bilen öz öýüne iberdi, galan gymaklary bolsa köşge äkitdi. Asyl bu başagaýlygyň bary meniň üçin döredilen eken: kakam
gymaklaryň arasyndan meni tapmansoň, olaryň hemmesini azat
etdi. Häzir bolsa şanyň gyzy gaty agyr ýatyr diýen habar ýaýradyldy, eger men tapylmasam, onda günleriň birinde meniň öldi habarym ýyldyrym çaltlygynda bütin ýurda ýaýrar welin, ana, onsoň
patyşa masgaraçylykdan halas bolar. Emma men häzir başga bir
bela uçradym. Gämi duralgasynyň hojaýyny niýetini ýamana baglapdyr. 01 meni özi bilen ýaşamaklyga yrjak bolup jan edýär. Men
oňa asla razyçylyk beremok, ol bolsa meni tüýs ýürekden söýýär,
henize çenli meniň razylyk bermegime garaşyp ýör, şonuň üçi-
nem entek el urman saklanýar. Bu ýagdaý uzak wagtlap dowam
etmez öýdüp gorkýaryn. Eger zorlamakçy bolsa, men öz janyma kast etmekligi berk ýüregime düwiipdim, emma seniň bilen
duşanymdan soň bolsa, mende täze bir pikir döredi. Alla kömek
etse, şol pikirden bir netije çyksa gerek, emma halas bolmaklygyň
şondan başga ýoluny görmeýärin.
- 01 nähili pikir, aýtsana! - diýip, men haýyş etdim.
- Eger sen jan çekip, zähmetden gorkmasaň, ol pikiri amala
aşyrmak bolar.
- Başym seniň ýoluňda gurban bolsun. Eger buýursaň, özümi ýanyp duran oda ataryn, maňa bir merduwan beren tapylsa,
seniň hatyraň üçin al-asmana çykardym. Sen bir zat buýursaň,
men baryny ederin.
- Onda beýik butuň ybadathanasyna ugra - diýip, şa gyzy
aýtdy. - Ybadathanadaky aýakgap çykarylýan ýerde gara düşek
düşelip goýlandyr. Bizde şeýlebir däp bar, ýagny mätäçlige sezewar bolan adam ybadathana barýar-da, şol düşegi bürenip oturýar.
Oňa ybadat etmäge gelýän adamlar bolsa öz joşanyny berýärler.
Bimäçe gün geçenden soň ol adam eslije ýygnaýar welin, pir
beýik butuň adyndan onuň egnine don ýapyp goýberýär. 01 baý
bolup gidýär, onuň kimdigini ybadathanadaky adamlaryň hiç biri
bilmeýär. Senem baryp, şol düşegi örtünip otur. El-ýüzüňi oňatja
ýapyşdyr-da, hiç kim bilen gürleşme. Üç günden soň brahman
bilen butparazlar don getirip bererler-de, saňa ugra diýip aýdarlar. Emma olar her näçe berk aýtsalaram, sen oturan ýeriňden
asla butnamagyn. Onsoň olar gaty haýyş edip başlarlar welin,
sen olara şeýle diý: «Bu pullar maňa derkar däl, men bu zatlar
üçin ölüp-öçüp baramok. Meni horlaýarlar, şonuň üçinem men
kömek sorap geldim. Eger-de brahmanlaryň enesi maňa adalatlylyk etse, örän gowy bolardy, ýogsam hut beýik butuň özüne
ýüz tutmaly bolaryn, meni ezýän adam barada-da arz ederin».
Seni her näçe yrjak bolsalaram, tä brahmanlaryň enesi ýanyňa
gelýänçä, hiç kime gulak salma; şonda brahmanlaryň enesi seni
bialaç kabul etmeli bolar. 01 örän garrydyr, onuň iki ýüz kyrk
ýaşy bardyr; ybadathananyň bar işini hem onuň otuz alty ogly
edýändir. Ony beýik butuň özi hem gaty zor hasaplaýar, şonuň
üçinem onuň hökümi şeýlebir güýçli welin, biziň ýurdumyzyň
uly-kiçi hemmesi onuň buýrugyny eşitmekligi özlerine bagt hasap
edýärler; ol näme aýtsa, aýdan zadyny bada-bat ýerine ýetirmäge
ikirjiňlenmän girişýärler. Onuň eteginden ýapyş-da: «Eý, ene
jan! Eger-de men jebir çeken ýolagçyny, meni horlaýan adamdan
goramasaňyz, hut beýik butuň öňünde maňlaýymy ýere urmaly
bolaryn; ahyrsoňy, şol-a maňa rehim edip, meniň arkamy tutar-da» diýip ýalbar. Şondan soň brahmanlaryň enesi seniň işleriň
barada soramaga durar welin, şeýle diý: «Men Ajam ýurdundan.
Men bu ýere siziň adalatlylygyňyzy eşidip, hem sizi göreýin, hem
beýik buta sežde edeýin diýip, uzak ýollary söküp geldim. Birnäçe gün men erkin ýaşadym; meniň ýanymda syratly, görmegeý bir aýalym bardy. Nähilidir bir ýol bilen gämi duralgasynyň
hojaýyny meniň aýalymy görüpdir, ol ony menden zorlap aldy-da, öýüne äkitdi. Biz musulmanlarda bolsa şeýle däp bar: keseki
adam biziň aýallarymyzyň birine ýaman göz bilen seretdigi ýa-da ony ogurladygy, äri şol göwne degen adamyny hökman öldürmeli, aýalyny gaýdyp almaly. Eger şol adam diri gezip ýören
bolsa, tä şony öldürýänçä, äri gaýgydan ýaňa iýmezem, içmezem,
aýalyna ýanaşmak bolsa gadagan. Ana, şol sebäplere görä, Sizden
şepagat gözläp, ýanyňyza bialaç gaýtmaly boldum».
Hanym näme etmelidigini aýdyp bolansoň, men hälki
ötükden çykdym-da, ýene ony demir gözenek bilen bekledim.
Ir bilen ybadathana bardym-da, gara düşegi üstüme örtünip
oturdym. Üç günüň içinde meniň daş-töweregim puldur dürli
eşikden doldy gitdi. Dördünji güni doga okap, hiňlenjiräp, meniň
ýanyma pir geldi-de, don getirip berip, meniň bu ýerden gitmegimi haýyş etmäge durdy. «Men sadaka üçin gelmedim, beýik
butuň ýanyna hem-de brahmanlaryň enesiniň adalatlylygy üçin
geldim. Tä adyllyk görýänçäm, şu ýerden aýrylmaryn» diýip,
onuň bilen razylaşmadym-da, beýik buty çagyrmaga durdum.
Pir bu sözleri eşidip, kempiriň ýanyna gitdi-de, oňa men barada
aýtdy. Soňra dört wedy1 bilýän brahman çykdy-da, garry enäniň
1 Wedy - hindi edebiýatynyň iň gadymy ýadygärligi bolan dört sany
kitap.
161
garaşýandygyny habar berip, meni çagyrdy. Şol bada başdanaýak düşege çolandym-da, ybadathananyň içine girdim. Görsem,
lagyl, almaz, dür hem merjen daşlary bilen bezelen gymmatbaha tagtyň üstiinde beýik but otyr. Beýle gapdalynda, nepis haly
ýazylan altyn sekiniň üstiinde daş-töweregi hem-de tirsekleriniň
aşagy ýassykly, gara geýimde at-abraýly kempir hondan bärsi bolup otyr. Onuň sag hem sol gapdalynda bolsa on-on iki ýaşlar
çemesi iki sany oglan dur. Ol aýal meni ýanyna çagyrdy. Men
hormat goýujylyk bilen ýakynlaşdym-da, tagtyň erňegini öpüp,
soňra kempire has gysmyljyradym. Şol wagt ol meniň habarymy
sorady. Men şa gyzynyň öwreden zatlarynyň baryny jikme-jik
aýdyp berdim.
Men gürrüňimi gutaranymdan soň, ol:
- Näme, musulmanlar öz aýallaryny terkidünýälikde saklaýarlarmy? - diýdi.
- Hawa! Hudaýym siziň çagalaryňyz bagtly bolsun! Biziň
obamyzyň däbi şeýle.
- Seniň gowy diniň bar. Men häziriň özünde gämi duralgasynyň hojaýynyna seniň aýalyň bilen şu ýere geler ýaly
buýruk berip, akmaga şeýlebir göz görkezerin welin, indikide
ol şunuň ýaly iş etmez hem-de gullugynda berk galar, hemişe
ätiýaçly gezer. Gämi duralgasynyň hojaýyny kimmişin? - 01 öz
adamlaryna ýüzlenip, sözüni dowam etdirdi: - Kişiniň aýalyna el
uzatmaga ol neneň het edip bildikä?
- Onuň gylygy şeýle - diýip, oňa jogap berdiler.
Kempir meni görkezip, öz hyzmatkär oglanlaryna şunuň
ýaly tabşyryk berdi:
- Bu adamy ýanyňyza alyp, onuň bilen patyşanyň ýanyna baryň-da, oňa: «Enemiz, beýik but şeýle buýruk berdi. Gämi
duralgasynyň hojaýyny adamlara gün berenok, ol bu mysapyryň
aýalyny elinden alypdyr. Hojaýyn uly günä edipdir, şonuň üçinem onuň emlägini elinden almaly-da, baryny heläkçilik çeken şu
türke bermeli; ýogsam şu gije bar zat weýran bolar, sizem biziň
rehimsiz gazabymyza uçrarsyňyz diýýär» diýip aýdyň.
Oglanlaryň ikisem ýerlerinden turup, ybadathanadan çykdylar-da, patyşanyň ýanyna ugradylar, brahmanlaryň galanlary bolsa
*u
buýnuzdan ýasalan suraaýlaryny çalyp, öwgi aýdymyny aýdyp,
olaryň ýany bilen gitdiler. Ýolda, şol ýerde ýaşaýanlaryň uludan-kiçä bary dumly-duşdan çykyşyp, tozan turzup, oglanlaryň yzyna
düşüp ugradylar. Olary öz gözleriniň göreçleri ýaly eziz görýärdiier. Şeýlelik bilen, biz şa köşgüne baryp ýetdik. Oglanlaryň geldi habaryny patyşa eşiden badyna, ol garşylamaga aýakýalaňaç
dazlap çykdy-da, iberilen wekilleri uly hormat bilen kabul etdi.
Olary öz gapdalynda tagta mündürip oturtdy-da:
- Siz bu gün näme üçin geldiňiz? - diýdi.
Bu brahman çagalary oňa eneleriniň tabşyrygyny gowşurdylar, üstesine-de, beýik butuň gahary bilen gorkuzdylar.
Patyşa olaryň habaryny eşidensoň:
- Örän ýagşy - diýdi-de, hyzmatkärlerine gämi duralgasynyň hojaýynyny hem şol aýaly alyp gelmekligi höküm etdi. Men onuň eden günäsini barlap görerin-de, oňa degişli jeza bererin - diýip, sözüni soňlady.
Bu sözlerden soň men rahatsyzlanyp başladym: «Wah, munymyz-a bolmady. Gämi duralgasynyň hojaýyny bilen şa gyzyny
alyp geläýseler, biziň bar syrymyz açylar, ýeri, onsoň meniň
başyma nähili oýunlar geler?» Meni howsala gaplap aldy. Men
Allany çagyrmaga durdum. Oglanlar meniň galpyldaýandygymy,
reňkimiň üýtgändigini aňdylar. Olar, ähtimal, bu buýrugyň maňa
ýaramandygyna düşündiler öýdýän, gazap bilen ýerlerinden turdular-da, igenç bilen patyşa ýüzlendiler:
- Biderek adam ekeniň! Sen näme, dälirediňmi? Görýäs
welin, beýik buta boýun egmäňi goýupsyň. Biziň sözlerimizi
nädogry hasap edip, ol ikisini çagyryp, hakykaty gözleýän kişi
boljak bolýarsyňmy? Ahmal bolma! Beýik but saňa gaharlanýar.
Biz saňa buýruk getirdik, indi özüň bil, beýik butuň bolsa özi
görer.
Bu sözleriň patyşa täsir edenine haýran galaýmaly. 01 gollaryny gowşuryp dim-dik durdy-da, ysytma tutýan ýaly sandyrap
başlady. Ol bagyşlamaklaryny haýyş edip, olary köşeşdirmäge
durdy, emma olar oturmak islemediler. Şol wagt patyşanyň töweregindäki wezir-wekilleri ýerli-ýerden gämi duralgasynyň hojaýy-
163
nyna gargap başladylar: «01 şeýlebir gurrumsak, azgyn, günäkär;
onuň etmedik pyssy-pyjurlygy ýok, onuň eden etmişleriniň haýsy
birini patyşa aýtjagyňy bileňok. Brahmanlaryň enesiniň iberen
buýrugy gaty dogry, eýsem bu buýruk beýik butdan gelen bolsa,
ol nähili dogry bolmasyn ahyryn?».
Ähli adamlaryň ýerli-ýerden şol hojaýyna sögýänlerini
eşidip, şa aljyrady, beren buýrugyna ökündi. Ol şol wagtyň öziinde meniň egnime täze don ýapdy-da, hut öz eli bilen perman ýazyp, möhür basdy-da, ony maňa berdi. Soňra ol brahmanlaryň
enesine hat ýazdy-da, oglanlara göwher-şamçyrag ýaly gymmatbaha daşlardyr altyndan doly jam berdi-de, bizi ýola saldy.
Men şatlygymdan ýaňa huşumy ýitirip, ybadathana dolanyp
geldim-de, garry aýalyň alnynda durdum. Patyşanyň enä ýazan
hatyny biz garry brahmana gowşurdyk. Onda, hormatyňyz artsyn,
döwletiňiz berkarar bolsun diýen ýaly sözlerden soň şeýle ýazylypdyr: «Siziň buýrugyňyz esasynda gämi duralgasyna hojaýyn
bolmak wezipesi şu musulmana tabşyryldy hem-de oňa şu don
gowşuryldy. Indi onuň öz göwnüne degen adamy jezalandyrmaga, onuň bütin emlägini elinden almaga doly ygtyýary bar. Goý,
göwnüne gelenini etsin. Meniň günäm geçilermikä diýip umyt
edýärin».
Brahmanlaryň enesi hoşal boldy. Ol sazandalara ybadathananyň nagarasyny kakmagy buýurdy-da, guşuň gözünden
urýan bäş ýüz mergeni ýanyma goşup iberdi.
- Gämi duralgasyna baryň - diýip, ol buýruk berdi. - Hojaýyny tutuň-da, ony şu musulmanyň eline tabşyryň; goý, oňa öz
islän jezasyny bersin. Onsoňam seresap boluň! Goý, haremhana bolsa bu musulmandan başga bir adam aýagyny sekäýmesin;
jeza bermegi hem-de onuň emlägini bütinleý şunuň garamagyna
geçiriň. 01 size gaýtmaklyk üçin rugsat beren mahaly, tabşyrylan
işleriň baryny ýerine ýetirendigiňiz hakynda ondan hatjagaz alyň.
Hoşlaşyk wagty ol maňa beýik butuň piriniň beren hormatly
donuny bagyş etdi hem-de meniň ata atlandyrylmagymy buýurdy.
Gämi duralgasyna men barmazymdan öň, meniň adamlarymdan biri duralganyň hojaýynyna bu wakanyň baryny habar
berdi. Men şol ýere baranymda, hojaýyn ýüzüni ak tam edip,
janyndan umydyny üzüp otyr eken. Gahardan ýaňa meniň ganym gyzdy gitdi; gämi duralgasynyň hojaýynyna gözüm düşen
badyna, gylyjymy gynyndan sogurdym-da, şol demde onuň kellesini togaladym. Soňra men gämi duralgasyndaky edaralaryň iş
dolandyryjylaryny, hazynaçylaryny, gözegçilerini hem gümrüklerini çagyrmaklygy buýurdym-da, hasap depderçelerini alyp,
hanymyň ýanyna tarap ýumlugaýdym. Biz biri-birimizi mäkäm
gujaklap, begençden ýaňa gözýaş dökdük-de, Hudaýa ýüzde müň
şükür etdik. Men onuň, ol bolsa meniň gözýaşlarymy süpürdi;
soňra biz daşary çykdyk. Biz masnadyň üstünde oturyp, işgärlere
halat-serpaý ýapdyk-da, olary öz öňki wezipelerine belledik, gullar bilen hyzmatkärlere sowgat edip, olaryň hem göwünlerini
hoşladyk. Brahmanlaryň enesiniň meniň bilen iberen adamlaryny
sylaglap, baştutanyna bolsa zer-zerbapdan köýnek geýdirip, olara rugsat berdik. Men gymmatbaha daşlar, top-top matalar, her
hili gülli ýaglyklar, tirme şal guşaklar, dünýäde belli nepis harytlar hem eslije pul, umuman, patyşa, onuň emeldarlaryna ýarar
ýaly, her kimiň öz wezipesine laýyk, pir hem-de onuň aýalyna
berer ýaly zat ýygnaşdyryp goýdum. Bir hepdeden soň men bu
zatlaryň baryny ýanyma aldym-da, beýik butuň ybadathanasyna girdim, baryp, ol sowgat-serpaýlaryň baryny brahmanlaryň
enesiniň öňünde goýdum. Ol meniň ýene-de wezipämi ýokarlandyryp, hormatly don bilen sylaglady. Soňra men sowgatlarymy
alyp, şanyň köşgünde peýda boldum-da, gämi duralgasynyň
öňki hojaýynynyň eden günäsiniň baryny ýuwmagy ýüregime
düwendigimi habar berdim. Şa, emeldarlar hem täjirler meniň
bilen ylalaşdylar; hökümdar mähribançylyk etdi, ol maňa mülk
berdi, ýokary wezipä belledi, halat-serpaý ýapdy-da, ata mündürip, abraý bilen ugratdy. Köşkden çykyp, emeldarlara hem
hyzmatkärlere köp engamlar berip, göwünlerine ýetdim, olaram
meniň üstüme alkyş baryny ýagdyrdylar. Gepiň gysgasy, şa gyzyna öýlenip, iň arzuwly maksadyma ýetdim-de, bu ýurtda gowy
durmuş gurup, gaýgy-gamsyz ýaşaberdim. Boş wagtym Hudaýa
tagat-ybadat etdim ýördüm, bütin halaýyk meniň beýle edişime
guwandy. Aýda bir gezek butuň ybadathanasyna hem-de şanyň
köşgüne baryp gaýtdym.
Şa meniň sylag-serpaýymy barha ýetirdi. Patyşa ahyrsoňy
meni öz ýakyn adamlarynyň ýanynda saklady hem menden
maslahatsyz hiç zat etmedi. Meniň durmuşym gülledi, emma
Alla şaýatdyr, agalarym hakyndaky pikir hiç kellämden aýrylmaýardy. «01ar niredekä, olaryň başyna näme iş düşdükä?» diýip
pikir edýärdim. Iki ýyl geçensoň biziň gämi duralgamyza Zerbatdan täjirleriň kerweni geldi. Olar deňziň üsti bilen Ajama geçip
gitmekçi ekenler. Düzgün boýunça, her gezek kerwen geçende,
kerwenbaşy keseki ýurt harytlaryndan, her hili nepis zatlardan
sowgat-serpaýly meniň ýanyma gelýärdi. Ertesi men kerwenleriň
ýanyna baryp, emläginiň ondan birini gümrük haky alýardym-da, gitmäge rugsat berýärdim. Meniň bilen şeýle duşuşyga
zerbatly täjir gelip, gymmatbaha sowgatlar getirdi. Ertesi men
onuň çadyryna ugradym. Bir görsem, egin-eşigi sal-sal iki sany
adam depesine ýük göterip barýar. Olaryň gülebentleri barlagdan
geçensoň bolsa, ol ýükleri yzyna alyp gaýdýarlar, özlerem agyr
ýüküň astynda egşerilýärler.
Siňe seredip görsem, olar asyl meniň agalarym bolsa nätjek. Gara iş bilen meşgullanyp ýören bu adamlara birbada özümi tanatmaklygy uslyp bilmedim. Men öýe dolanyp gelip: «Şol
iki adamyny alyp geliň» diýip, birki sany adama buýruk berdim.
Olary alyp geldiler. Ýene men olara täze köýnek geýdirip, öz
ýanymda oturtdym; bu wyždansyzlar bolsa ýene-de meni öldürmek üçin dil düwşüpdirler. Bir gün, yns-jyns ýatansoň, gijäniň
birmahaly olar meniň başujuma gelipdirler. Men öz janymdan
wehim edip, gapymyň agzynda garawul goýupdym, wepaly itim
hem ýanymda ýatyrdy. Olar ýaňy gylyçlaryny gynyndan sogran
batlaryna, it oýanýar-da, olaryň üstüne topulýar, onuň sesine bolsa öýdäki adamlaryň bary oýanýar. Menem ýerimden hasanaklap
galdym. Olary tutdular: olaryň kimdigi derrew aýan boldy. Ähli
adamlar meniň eden ýagşylygyma derek olaryň bu gurup ýören
işleri üçin näletlediler.
Patyşanyň döwleti berkarar bolsun! Şonda meni gorky
gaplap aldy. II içinde «Kör hasasyny bir aldyrar, iki aldyrmaz»
diýen belli nakyl bar. Indi olary azatlykdan mahrum etmek gerek
diýen netijä geldim. Emma men olary zyndana taşlasam, olaryň
yzyndan kim barar? Olar aç-suwsuz ölerler, beýle etmeseňem,
ýene bir zyýan ýetirerler. Olaryň täze bir hile oýlap tapmagyndan
arkaýyn bolar ýaly, hemişe gözümiň öňünden aýrylmaz ýaly,
olary kapasa saldym. Itimiň wepalylygy hem yhlaslylygy üçin,
edibilen hormat-sylagymy oňa etdim. Eý, keramatly Taňrym! Ähtiýalan ynsandan, eýesine wepaly itdir haýwanlaram ýagşydyr.
Ine, meniň başymdan geçirenlerim; men baryny patyşa
gürrüň berdim. Indi isleseňiz, jezalandyryň, isleseňiz, ýalkaň;
patyşanyň öz ygtyýarynda - diýip, hoja sözüni tamamlady.
- Onuň hekaýatyny diňledim-de - diýip, Azatbagt sözüni
dowam etdirdi. - Men bu akýürekli adamyny öwdüm. Seniň asylly iş edeniňe hiç sözüm ýok, olaryň nejisligini, deýýuslygyny
welin, aýdyp-diýer ýaly däl. «Egri agaç ýarysgynyna-da gider»
diýip, hakykatdan-da, gaty dogry aýdypdyrlar.
Soňra men hojadan itiň boýnuny bezeýän on iki sany lagly
nireden alanyny aýdyp bermegini haýyş etdim.
- Hudaýym patyşa ýüz ýigrimi ýaş ömür bersin! - diýip, ol
jogap berdi. - Gämi duralgasynyň hojaýyny edilip bellenenimden üç-dört ýyl geçeninden soň, bir gezek öz jaýymyzyň üstüne
çykypdym-da, deňziň gömüşine hem-de onuň kenaryna tomaşa
edip otyrdym. Men çar tarapa garanjaklaýardym; birdenkä
tokaýyň çetinde, ýol-ýoda bolmadyk ýerde iki sany hereket edýän
gara gözüm düşdi. Dürbini alyp, men bu iki sany adamynyň daş
görnüşiniň üýtgeşikdigini saýgardym-da, olary alyp gelmek üçin
sakçylary iberdim.
Olary alyp gelensoňlar, biriniň erkekdigi, biriniň hem
aýaldygy aýdyň boldy. Aýaly men öz heleýimiň bolýan haremhanasyna iberdim, erkek kişini bolsa öz ýanyma çagyrdym. Görsem,
bu bir ýaňy sakgal-murty taban ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky
ýaş ýigit ekeni, emma onuň Güne ýanan ýüzi gazanyň garasy ýaly
garalypdyr, edil ýabany adamlaryňky ýaly, saçlary ösüpdir, dyrnaklary palta ýaly bolupdyr. Ol keltekçesiniň ýeňiniň uçlaryny
bogup, halta ýalyjak edip, boýnundan asypdyr welin, döşüniň
&
üstünden monjuk ýaly bolup sallanyp durdy; egninde bolsa üç-dört ýaşly çagajyk otyrdy. Bu ýaş ýigidiň gömüşi meni haýran
galdyrdy.
- Eý, ýagşy ýigit! Sen kim bolarsyň, haýsy ýurtdan bolarsyň?
Başyňa näme iş düşdi?- diýip, men geňirgenip soradym.
- Aç öldüm! Nan! Allanyň haky üçin iýer ýaly bir zat beriň!
- diýip gygyryp goýberdi-de, ol gözlerinden boýur-boýur ýaş
döküp, haltajygyny meniň öňümde goýdy. - Ençeme günden bäri
ot hem agaçlaryň ýapraklaryny iýip mydar edip gelýärin, mende
ysgyn-mydar galmady.
Men derrew çörek, şerap hem nahar getirmeklerini talap etdim. Ol iýmäge oturdy, şol wagt agta haremhanadan onuň
aýalynyň ýanyndaky haltajygy getirdi. Men çözüşdirip gördüm
welin, olaryň içinde şeýlebir her hili ýaldyrawuk daşlar bar ekeni, asyl olaryň her biri bir welaýatyň töleýän pajyndanam gymmat boljak. Ol daşlar gurluşda-da, möçberde-de, arassalykda-da
biri-birinden oňat eken. Olaryň ýaldyrdysyndan tutuş jaýyň içi
her hili reňkde öwşün atdy. Gelmişek bir käse şerap içip, biraz
garbanyp, az-owlak dynjyny alyp, özüne gelensoň, men ondan
soraşdyryp başladym.
- Bu daşlar saňa nireden düşdi?
01 şeýle jogap berdi:
- Meniň watanym Azerbaýjan ýurdy. Men çagalygymdan
eneden-atadan, öýden-öwzardan jyda düşüp, agyr horluklary
başymdan geçirdim, köp wagtlap mazarystanlykdaky ýerzeminde ýaşadym. Men Ezraýylyň penjesinden ençeme gezek sypdym.
- Ýagşy ýigit, hemmesi aýdyň bolar ýaly, başyňdan geçen
zatlary jikme-jik gürrüň edip ber - diýip, men haýyş etdim.
- Meniň atam täjirdi. 01 elmydama Hindistana, Ruma,
Çyn-Maçyna, Khata hem Pereňistana syýahat ederdi - diýip, ýaş
ýigit öz başyndan geçirenlerini gürrüň bermäge başlady. - Meniň
on ýaşym dolanda, Hindistana ugramakçy bolup duran atam meni
hem öz ýany bilen äkitmek isledi. Enem hem daýzalarym «01
entek çaga, bular ýaly uzak ýola ýaramaz» diýdiler, emma atam
olara gulak asman:
- Men indi garrapdyryn. 01 meniň ýanymda bolup, söwdagärçiligi öwrenmese, onda men ölemde gözümi açyp giderin. Ol
atasynyň ogludyr. Şu wagt iş öwrenmese, onda ol haçan öwrensin? - diýip, olara jogap berdi.
Ol şeýle diýdi welin, men islesem-islemesem atam bilen gitmeli boldum. Biz sag-aman Hindistana baryp ýetdik-de,
harytlarymyzyň bimäçesini satdyk. Şol ýeriň nepis zatlaryndan
satyn alyşdyryp, aňyrlygyna Zerbada tarap ýüzlendik. 01 ýerde
hem işimiz şowly boldy. Biz ol ýerde hem söwda etdik-de, soňra
basymrak watanymyza dolanyp barar ýaly, gämä mündiik. Bir aý
geçensoň ýolda tupan turup, ýer-gök gapyşan ýaly boldy, iň ýamanam, gäminiň sürülýäni döwüldi. Gäminiň baştutany bilen darga
saçlaryny ýoluberdiler. Biz on günläp ýeliň hem tolkunlaryň içinde
gaýdyryldyk ýördük; on birinji gün diýlende gämi suw astyndaky
äpet bir daşa urlup, kül-owram boldy. Atamyň hyzmatkärleriniň,
bütin emlägimiziň nähili bolup ýom-ýok bolany bilinmedi.
Huşuma gelip görsem, men bir tagtanyň üstünde ýatyryn.
Bu tagta meni üç gije-gündizläp deňziň içinde ýüzdürdi-de, dördünji gün diýlende kenara bardy. Mende ýene-de ýaşaýşa bolan
umyt döredi; tagtadan düşdüm-de, gurbumyň ýetdiginden öňe
tarap süýşenekläp, gury ýere çykdym. Men uzak bolmadyk bir
ýerde bir topar adamy gördüm, emma olaryň bary şar garady,
eneden doguşlary ýaly ýalaňaçdylar. Käbirleri maňa bir zat-bir
zatlar diýdi, emma men düýbünden olaryň dillerine düşünmedim.
Meýdanda noýba bitipdir. Adamlar ot ýakyp, noýbanyň kösügini
bişirip iýdiler. Aňyrrakda bir topar çatma bar eken. Asyl noýba
bu gara adamlaryň esasy iýmitleri bolup, özleri hem şu ýerde
ýaşaýan ekenler. Olar maňa hamala senem iý diýýän ýaly, yşarat
etmäge başladylar. Men bir goşawuç noýbany alyp, ony bişirdim-de, elimiň aýasynda goýup iýdim. Soňra men suw içip, bir gapdalda gyşardym-da ukladym.
Men esli wagt ýatyp oýanamsoň, ol adamlardan biri
meniň ýanyma geldi-de, ýol görkezmäge durdy. Biraz noýba
ýygyşdyrdym-da, görkezilen ugra tarap gitdim. Töwerek iňläp
171
ýatan giň meýdan bolup, özem eliň aýasy ýaly tekizdi. Şeýle giň
meýdan, megerem, bolup bilse, magşar güni adamlaryň ýygnanjak ýeri bolar. Men şol noýba çeýnäp gidip otyrdym. Dört gün
geçenden soň öňümde bir gala peýda boldy; golaýyna baramsoň,
men onuň bimäçe menzil uzalyp gidýän gaty belent daş diwardygyny gördüm. Galanyň derwezesi tutuş daşdan ýonulyp-ýonulyp ýasalypdyr-da, agzyna ägirt uly gulp urlupdyr; emma ol
ýerde adamzadyň aýak yzy görünmeýärdi. Men aňyrlygyna gitdim. Basym meniň gözüm sürme çalnan ýaly gara depä düşdi.
Men onuň üstüne çykanymda, meniň öňümde ullakan şäher peýda boldy. Onuň daşyna diwarlar aýlanyp, käýerlerinde minaralar salgymlap görünýärdi; şäheriň gapdalyndan bolsa giň derýa
akyp ýatyr eken. Şäher derwezesiniň agzyna ýetip, men «Bismilla» diýip, onuň içine girdim. Onuň iç ýüzünde pereň köýnekli bir adam oturgyjyň üstünde otyr eken; meniň gaýry ýurduň
jahankeşde adamsydygymy ol şol bada bildi. Agzymdan çykan
«Bismilla» sözüni eşidip, ol meni ýanyna çagyrdy. Men golaý
bardym-da, tagzym etdim. 01 meniň tagzymymy örän oňat kabul etdi. Meni öýüne alyp bardy-da, saçagyň üstünde çörek, ýag,
towuk çorbasy hem şerap goýup, gerk-gäbe bolýançam iýmegimi sorady. Men biraz iýip-içemsoň, arkaýyn ukladym. Agşamara
turup, el-ýüzümi ýuwdum, hojaýyn meni täzeden naharlamaga
durdy-da:
- Hany, özüň barada gürrüň bersene, oglum! - diýip, haýyş
etdi.
Men başymdan geçen zatlaryň baryny oňa gürrüň berdim.
- Ýeri, bu ýere näme üçin geldiň?
Men gahardan ýaňa sandyrap:
- Sen dälimi näme? Köp wagtlap heläkçilik çekenimden
soň, ahyrsoňy öý-öwzara gözüm düşdi. Meni bu ýere Allanyň özi
getirdi, sen bolsa bu ýere näme üçin geldiň diýip soraýarsyň diýdim.
01 meniň bu sözlerime:
- Häzirlikçe dynjyňy al. Ertir men näme etmelidigini aýdaryn - diýdi.
Ertir ir bilen bolsa:
- Ammarda halta, elek hem pil bar. Şolary daşaryk ç y k a rdiýdi.
Men «Meniň gamymy çörekden doýrup, gör, ol nähili işleri
meniň boýnuma ýüklejegini Hudaý bilsin» diýip pikir etdim-de,
bialaç ol zatlary alyp, oňa eltip bermeli boldum.
- Şol öz düýnki gören depäňe bar-da, iki dyz boýy çukur
gaz; çykaran gumuňy elekden geçir, elekden galanyny bolsa şu
halta guýup, maňa getirip ber - diýip, ol maňa buýurdy.
Men gurallary alyp, depä tarap gitdim. Ýer gazyp, gumy
elekden geçirdim-de, elekde galanyny halta guýdum. Görsem,
bu zatlar her dürli gymmatbaha daşlar ekeni; ýaldyrdysy gözüňi
deşip barýar. Ol daşlardan haltany mazaly doldurdym-da, ony hojaýyna getirip berdim. Ol halta seretdi-de:
- Munuň baryny al-da, bu ýerden git. Saňa bu şäherde
ýaşamak gowy däl - diýdi.
Men:
- Munuň ýaly köp, her dürli gymmatbaha daşlary berip,
siz maňa örän oňat merhemet etdiňiz. Ýöne welin bular meniň
nämäme gerek? Men ajyksam, bulary çeýnäp, ýuwudyp biljek däl ahyryn. Onuň üçinem bu gymmatbaha daşlardan näçe
berseňizem, maňa peýdasy ýok - diýip jogap berdim.
01 ýylgyryp, şeýle diýdi:
- Meniň saňa haýpym gelýär, sebäbi senem edil meniň
ýaly, Ajam ýurdunda doglan. Şonuň üçinem men seniň bu ýerde
galmagyňy maslahat bermeýärin. Galanynam özüň bil. Eger-de
sen, her niçik hem bolsa, bu şähere girmekligi ýüregiňe düwen
bolsaň, onda meniň ýüzügimi ýanyňa al. Bazar meýdanyna
baranyňda, ol ýerde maňa gaty meňzeş bir çal sakgal adamy gözläp tap. 01 meniň uly agamdyr. Oňa ýüzügi berseň, ol seniň işiňi
bitirmäge ýardam eder, sen bolsa onuň aýdan zatlaryny edersiň,
ýogsam biderek ýere heläk bolarsyň. Meniň diňe şu ýere erkim
ýetýär, şähere men baryp bilmeýärin.
Men onuň ýüzügini aldym-da, baş egip hoşlaşdym. Şähere
girip, onuň gözelligine haýran galdym. Onuň köçeleri, bazary gül
pürkülen ýaly arassa, aýallar hem erkekler erkin söwda edýärler,
173
hemmeler oňat geýnipdir. Men daş-töweregimdäki zatlara tomaşa
edip barýaryn. Bazaryň ortasyna baranymda, şeýlebir mähellä
gözüm düşdi welin, olaryň ýokarsyna jam oklasaň, ol jam ýere
düşmän, ýöne adamlaryň depesinden typyp ýörjek. Adamlar
şeýlebir gyslyşykly welin, olaryň arasyndan geçmek gaty kyndy.
Mähelle biraz dargaşyp başlansoň, men öňe tarap ümzügimi atyp
ugradym. Ahyryn men gözleýän adamymy tapdym. 01 oturgyçjykda otyr eken, öňünde bolsa haşamlanyp ýasalan ýalpyldap duran owadan hasasy dur. Men baryp tagzym etdim-de, oňa
ýüzügi gowşurdym.
Ol maňa gaharly seredip:
- Sen bu ýere näme üçin geldiň? Betbagtçylyga uçramak
isleýärmiň? Meniň akylsyz inim saňa beýle işler etmegi gadagan
etmedimi? - diýdi.
- 01 aýtdam welin men gulak asmadym - diýip, men jogap
gaýtardym-da, öz başymdan geçen zatlaryň baryny başdan-aýak
gürrüň berdim.
01 adam ýerinden turdy-da, meni öz ýany bilen alyp gitdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 11
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.