Latin

Dört derwüş - 11

Total number of words is 4017
Total number of unique words is 2050
33.1 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Onuň öýüne göz aýladym welin, jaýy misli patyşanyň köşgi ýaly
eken; hyzmatkärleri hem örän köp eken.
Ol meni öz otagynda oturdyp:
- Oglum! Öz aýagyň bilen öz ajalyňa gelip, sen näme beýle
akmaklyk etdiň? Heý, bu betbagt jadyly şähere öz aýagy bilen
ýeke gelen adam barmy? - diýdi.
- Özüm barada aýtdym ahyryn - diýip, men garşylyk bildirdim. - Hut täleýim meni bu ýere itekledi. Emma merhemet
ediň-de, siziň, siziň iniňiziň näme üçin meniň bu ýerde bolmagymy maslahat bermeýändigiňiziň sebäbine düşüner ýaly, bu
ýeriniň däp-adaty hakda maňa gürrüň beriň.
- Bu şäheriň şasy hem ähli tanymal adamlary hakyky dine
ynanmaýarlar; olaryň däbi hem dini gaty geň - diýip, hormatly
adam maňa aýtdy. - Bu ýerdäki ybadathanada bir but bar, onuň
içinde her bir adamyň adyny, haýsy jynsdandygyny hem haýsy
dine ynanýandygyny aýdyp berýän şeýtan otyr. Bu ýere gelen her
bir pahyr ýolagçyny ybadathana sežde etdirmäge alyp barýarlar.
Ana, onsoň ol adamyň kimdigi patyşa aýan bolup duruberýär.
Eger ol şol butuň öňünden sag-aman geçse gowy zat. Geçip bilmese bolsa, ol betbagty derýa oklamaklyk tabşyrylýar. Bardy-geldi ol derýanyň aňyrsyna ýüzüp geçip, gaçmakçy bolaýsa,
onda onuň jyns organy çişýär-de, ol hereket etmekden mahrum
bolýar. Ine, gör, bu şäherde nähili jadyçylyklar höküm sürýär.
Seniň ýaşlygyňa meniň haýpym gelýär, şoňa görä-de, men iň bolmanda biraz wagtlyk seniň janyňy gorap saklap, seni bu beladan
halas etmek üçin bir ýol tapmakçy bolýaryn.
- O nähili ýol, aýtsaňyzlaň? - diýip, men ondan soradym.
- Men seni öýereýin, özünem weziriň gyzyny alyp bereýin.
- Wezir meniň ýaly gedaýa gyzyny berjek gümany barmy?
- diýip, men geň galdym. - Eýsem men onuň dinini kabul edip
bilerinmi? Ýok, men bu işi başaryp bilmerin.
- Bu şäherde şeýle däp bar. Nähili adam hem bolsa bolsun,
kim buta sežde etmäge gelse, ol näme dilese, onuň dilegi berjaý
edilmeli. Goý, ol gedaýam bolaýsyn, patyşanyň gyzynam diledigi, ony oňa bermeli-de, şol adamynyň göwnünden turmaly; ony
gaýgy-gamda galdyrmak bolmaýar. Meniň özüm bolsa patyşanyň
ynamdar adamy, ol meni gowy görýär, şonuň üçinem meni şu
ýeriniň iň akyldar hem tanymal adamsy hasap edýär. Olar her
hepdede iki gün içi butly ybadathana gidýärler. Asyl olaryň erte
şol ýere ýygnanaýjak günleri. Men seni öz ýanym bilen alyp gideýin.
Soňra ol meni iýdirip-içirdi-de ýatyrdy. Ertesi irden onuň
bilen ybadathana ugradym. 01 ýerde adamlaryň çar tarapdan gelip, buta sežde edýändiklerini gördüm. Öňde, piriň gapdalynda
hormat goýujylyk bilen başyny ýalaňaçlap, aýbogdaşyny gurup,
şa özüniň wezir-wekilleri bilen otyr. Olaryň daş-töwereginde bolsa, göýä jennetiň ýigitleri hem-de hüýr gyzlary ýaly bolşup, gyzlar hem görmegeý oglanlar hatara durlar.
Meniň arkamy tutýan adam:
- Indi men näme aýtsam, şony et - diýip, maňa ýüzlendi.
- Näme buýursaňyz, men baryny ýerine ýetirerin.
- Ilki bilen patyşanyň elinden hem aýagyndan ogşa, soňra
weziriň eteginden tut - diýip, ol maňa tabşyrdy.
Men şeýle hem etdim.
Şol wagt patyşa:
- Bu kim? 01 näme diýýär? - diýdi.
Meniň arkamy tutýan adam:
- Bu jahyl meniň garyndaşym. Ol şanyň gadam tozuny öpmek üçin uzak ýerden geldi. 01 beýik butdan buýruk hem-de siziň
alyhezretiňizden razylyk bolsa, wezir ony özüne hyzmatkär alyp,
uly wezipä çeker öýdüp tama edýär - diýip jogap berdi.
Şa:
- 01 biziň dinimizi, düzgünimizi kabul etse, onda örän oňat
b o la r- diýdi.
Şol demde ybadathananyň içinde nagaranyň sesi ýaňlandy.
Maňa hormatly don geýdirdiler, boýnuma gara ýüp dakyp, butuň
tagtynyň ýanyna çekip eltdiler-de, onuň öňünde ýüzinligine
ýykylmaga mejbur etdiler.
- Eý, hojanyň ogly! - diýip, birdenkä butdan ses çykdy. Seniň maňa gulluk etmäge geleniň gowy boldy. Indi meniň merhemetime hem-de mähribançylygyma bil bagla.
Şeýle sözleri eşidip, ybadathana ýygnanan adamlaryň bary
ýere ýazyldylar-da:
- Oň bolsun! Goý, şeýle bolsun! Biziň hudaýymyz şeýledir!
- diýşip gygyryşmaga durdular.
Agşam düşmegi bilen patyşa hem onuň ýakyn adamlary atlandylar-da, weziriň köşgüne tarap ugradylar. 01 ýerde toý edip,
öz däp-dessurlary boýunça onuň gyzyny maňa bagyşladylar, köp
şaý-sep, halat-serpaý berdiler, beýik butuň buýrugy boýunça indi
gyz munuňky diýşip, maňa öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Biz ikimizi bir jaýda galdyrdylar welin, şol wagt men öz öýlenen
näzeninimiň hatda saçlarynyň, dymaklarynyň uçlaryna çenli hiç
hili kem-kössüniň ýokdugyny görüp, hut peri bilen deňeşdirseň
boljakdygyny bildim. Padminilere' mahsus bolan görk-görmek
şu gyzda bardy, men ony gaty haladym. Ertir namazyny okap,
patyşanyň huzuryna bardym. 01 maňa öýlenen ýigide berilýän 1
1 Padmini - Hindi erotik edebiýatynda zenanlar owadanlygy boýunça
dörde bölünýär. Padminiler olardan hem ýokary hasaplanylýar.
dony bagyşlady-da, özüniň kabul edişiklerine hemişe gatnaşyp
durmagymy maňa tabşyrdy. Hawa, şeýdip-şeýdip, men ahyryn
onuň ýakyn adamlarynyň sanyna girdim.
Meniň töweregimdäki adamlardan patyşanyň diýseň göwni
hoş boldy, hälimi-şindimi, don diýermiň, başga zatlar diýermiň,
peşgeş berdi durdy. Ýöne welin patyşa bermäýende-de meniň
zadym gyt däldi, sebäbi aýalymyň getirýän puldur gymmatbaha
zatlarynyň hem sany-sajagy ýokdy. Birki ýyllap biziň hiç zatdan kemimiz bolmady, ine, onsoň meniň aýalym göwreli boldy.
Aýy-güni dolup, çaga bolmaly wagty gelende, aýalymyň burgusy
tutup başlady. Enekelermi, göbek enelermi gelip, bir öli çagany
çekip aldylar. Şol çaga üstünden ejesem aradan çykdy. Şeýle
bolup menem galyberdim gaýgy-gamyň içinde. Beýle-de bir işi
gaýtgynçylyk bolar eken! Men aýalymyň başujunda gözümden
boýur-boýur ýaş döküp otyrdym. Birdenkä öýüň içi agy sesinden doldy, töwerekden aýallar ylgaşyp gelşip ugradylar. Olaryň
gelenem betbagtlyga uçranlygym hökmünde birki gezek kelläme
patladyp goýberip, öňkülerindenem beter möňňürmäge durýardylar. Şeýlebir aýal üýşdi welin, olaryň arasynda men bütinleý ýitip
gidip, göwnüme dünýäden el üzüp barýana döndüm.
Şol wagt kimdir biri ýeňsämden gelip, ýakamdan çekdi.
Görsem, ol şol meni öýlendiren pars eken.
- Eý, akmak! Sen kimiň üçin aglaýarsyň? - diýip, ol maňa
ýüzlendi.
- Birehim! Seniň diýýäniň näme? - diýip, men oňa gaharlandym. - Meniň täji-tagtym weýran boldy, men göwünhoşumy
aldyrdym, sen bolsa maňa nämäniň gussasyny çekýäň diýýärsiň!
- Öz ölümiň üçin agla - diýip, ol nebsagyryjylykly ýylgyrdy. - Sen bu şähere öz aýagyň bilen ölmäge geldiň diýip,
men saňa birwagt aýdypdym ahyryn. Şeýle hem boldy. Indi saňa
ölümden başga hiç zat galmady.
Soňra meni tutdular-da, ybadathana alyp gitdiler. Görsem,
ol ýere eýýäm öz ýakyn adamlary bilen patyşa-da gelipdir, ähli
halaýygam ýygnanypdyr. 01 ýere meniň merhum aýalymyň bar
emlägini getirdiler. Her kim ondan özüne gerek zady alyp, nyrhjagazyny goýdy.
177
Gepiň gysgasy, bütin emläk nagt pula öwrüldi, ol pula bolsa
gymmatbaha daşlary aldylar-da, olary guta saldylar. Bir sandygy
çörek, süýji zatlar, gowurma, her hili miweler, olaryň kişdeleri,
başga-da dürli-diirli nygmatlar bilen doldurdylar; beýleki sandyga bolsa meniň aýalymyň jesedini goýdular-da, sandyklaryň ikisinem diiýä ýiiklediler. Menem diiýä miindiirdiler-de, elime hälki
gutujygy berdiler. Öňden brahmanlar buýnuz sumaýlaryny çalyp,
öz borçlaryny ýerine ýetirip barýardylar, yzdan bolsa ähli millet
alkyş okaşyp gelýärdiler. Biz şeýdip barşymyza, meniň iki ýyl
mundan ozal giren şol derwezämden geçip, şäherden çykdyk.
Derwezebanyň gözi maňa diişen badyna, onuň göziinden ýaş
paýrap gitdi.
- Wah, ajal ýakasyndan tutan, işigaýdan! - diýip, ol samyrdady. - Sen maňa gulak asman, bu şähere girdiňem, ardurja öz
tanapyňy kesdiňem. Men günäkär däl, saňa girmegin diýipdim
ahyryn.
Ol diýýärdi, men bolsam edil lal bolan ýalydym: jogap gaýtarmaga-da dilim aýlanmaýardy, özüme nämäniň garaşýandygyny
göz öňüne getirmäge-de güýjüm ýetmeýärdi.
Ahyrsoňy meni şol birwagtlap duşundan geçen beýik galama alyp bardylar. Bir topar adam güýçlerini jemläp, agyr derwezäni açdylar, tabytdyr sandygy içine saldylar. Meniň ýanyma
Pandir' geldi-de, göwünlik bermäge başlady.
- Adam dünýä bir gezek gelýändir - diýip, ol aýdýardy. Bir gezek hem ölýändir, dünýäniň işi şeýle. Ine, seniň aýalyň,
ogluň hem baýlygyň; ine, şu-da kyrk günlük iýmitiň, muny al-da,
beýik but seniň üstüňden günäni aýyrýança, şu ýerde gal.
Men gahardan ýaňa bu buty-da, şu ýeriň halkyny-da, şeýle
däp-adaty-da näletlemekçi boldum, brahmanlara bolsa ýumrugymy düwüp topulmakçydym, emma şol pars ýene maňa ýol bermedi.
- Saklan! - diýip, ol meni habardar etdi. - Ýekeje söz dagam aýdaýmagyn! Agzyňy ýaraýdygyň, olar seni duran ýeriňde
oda köýdürerler. Kaşyl bol, bular ozal-başda seniň maňlaýyňa ýa-1
1Pandir - ybadathana gulluk edýän, bilimdar.
»12
zylan zatlardyr. Indi Hudaýyň merhemetine sygyn, belki, Hudaýtagala saňa şu ýerden janyňy halas etmäge ýol açar.
Soňra meni ýalňyz galdyryp, hemmeler galadan çykdylar-da, gaýtadan derwezäni berk ýapdylar. Men özümiň ýeke hem
biçäre galanlygyma düşündim-de, zar-zar aglap, jesedi ýençmäge
başladym. Men: «Eý, jenaýatçy! Çaga dogurjak bolanyňda ölmeklik seniň maňlaýyňa ýazylan bolsa, näme üçin äre çykdyň,
näme üçin göwreli bolduň?» diýip gygyrdym. Demsiz-düýtsüz
ýatan göwräni ýenjip, men ýene-de oturdym. Oňa deňiç bolsa
Gün asmana galyp, gyzdyrmaga başlady. Gün beýnimi jokradyp,
erbet, ýakymsyz ys demimi tutup başlady. Haýsy tarapa göz aýlasam, adam süňkleri çagşaşyp, içi gymmatbaha daşly sandyklar
üýşüşip ýatyrdy. Men öňden bäri ýatan sandyklardan bimäçesini
ýygnaşdyryp, üsti-üstüne goýagada, gündiz Günden, gije çygdan
goranmaga pena edindim-de, suw gözlemäge gitdim. Töweregime seretsem, gözbaş ýaly bir zada gözüm düşdi; diwaryň ýüzi
deşilipdir-de, ol deşik küýzäniň bokurdagyna meňzäp durdy. Birnäçe günläp men şu suw hem galdyrylan iýmit bilen mydar etdim.
Ine, bir gün azygym gutardy. Men howsala düşüp, Hudaýy
çagyrmaga durdum. Onuň şepagatynyň güýçlüligi zerarly, derweze täzeden açylyp, galanyň içine bir aýalyň jesedini saldylar,
onuň ýany bilen bolsa bir gojany getirdiler. Hemmeler gidensoň,
bu garryny öldürip, onuň iýmitli sandygyny alaýyn diýen pikir
kelläme geldi. Sandygyň bir aýagyny elime alyp, garrynyň ýanyna bardym. 01 betbagt näme ederini bilmän, kellesini iki dyzynyň
arasyna salyp otyrdy. Men duýdurman baryp, depesinden bir
berdim welin, onuň kelle çanagy darka ýarylyp, beýnisi çogup
çykdy-da, şolbada amanadyny tabşyrdy. Garrynyň ýanyndaky
azygyny alyp, men onuň bilen günümi görmäge başladym. Men
uzak wagtlap merhumyň ýany bilen getirilen adamyny öldürip,
olaryň azyklary bilen mydar etdim ýördüm.
Bir gezek ep-esli wagt geçensoň, tabydyň ýany bilen bir
dygysyz owadan zenan geldi. Men ony öldürmäge dözmedim. 01
gyz meni gören badyna, gorkudan ýaňa özünden gidip ýykyldy.
Men onuň ýanyndaky azygynyň baryny alyp äkitdim, emma ýeke
özüm iýmedim; haçan ajyganymda, onuň ýanyna bardym-da, ikimiz bile iýdik, şunlukda ýaş gelin meniň özüne ýamanlyk etmekçi
däldigimi görüp, gün-günden maňa öwrenişdi hem-de maňa gulak asmaga başlady. Soňra onuň özi meniň sürenime gelip ugrady,
bir gün men onuň kimdigini soradym.
- Men patyşanyň iň ýakyn geňeşdarynyň gyzy hem
daýymyň oglunyň adaglysydym - diýip, ol aýdyp başlady. - Toý
gününiň agşamsy ony sanjy tutagada, ol dünýäniň azabyndan
dyndy oturyberdi. Meni bolsa onuň tabydynyň ýany bilen getirip,
şu ýere taşladylar.
Soňra ol meniň öz başymdan geçiren zatlarymy aýdyp bermegimi haýyş etdi, men başymdan geçen zatlaryň baryny başdan-aýak oňa gürrüň berdim.
- Seni bolsa Hudaý meniň üçin iberipdir - diýip, men
gürrüňimiň ahyrynda oňa aýtdym. 01 ýylgyrdy-da, sesini çykarman oturdy.
Tiz wagtdan ikimiziň aramyzda söýgi başlandy. Men oňa
musulman dininiň ýollaryny, şertlerini öwretdim-de, ony özüme
aýal edinip aldym. 01 basym göwreli bolup, ondan bir ogul boldy.
Üç ýyllap diýen ýaly biz şeýle durmuşda ýaşadyk.
- Haçana çenli biz şu ýerde şeýdişip ýörmeli bolarkak?
Nädip bu ýerden sypyp, gidip bilerkäk? - diýip, men bir gezek
oglum süýtden-zatdan aýrylansoň aýalyma ýüzlendim.
- Hudaý kömek etse, çykyp gideris, bolmasa-da, şu ýerde
galyp, ölmeli bolarys - diýip, ol jogap berdi.
Onuň öz ömri baradaky pikiri hem jogaby meni diýseň tolgundyrdy. Men diýseň hapa bolup, gözi ýaşlylygyma uka gidipdirin. Düýşüme bir adam girip, ol maňa: «Suwötükden çykmak
bolar. Çykyber!» diýdi.
- Aý, gelin! - diýip, men begençden ýaňa sandyrap
gygyrdym. - Köne sandyklaryň çüýlerini hem demirlerini ýygnaşdyryp getir, men olar bilen suwötügi giňeldeýin.
Ine, men tä ysgyndan gaçýançam, çüý bilen suwötügiň
gyrasyndaky daşlary goparyşdyrdym. Bir ýyllap çekilen zähmetiň
netijesinde bolsa, ötük adam sümüp çykaýar ýaly giňeldi. Soňra
biz ölüleriň egninden alan keltekçelerimiziň ýeňlerini gymmatbaha daşlaryň oňatlaryndan dolduryp aldyk-da, üçimizem galanyň
daşyna çykdyk. Men Hudaýa ýüzde müň şükür edip, oglumy
boýnuma mündürdim. Ine, indi gorkujygymyza ýol-ýoda-da
görünmän, bir aýlap ot-çöp bilen ýürekse edinip, dagdyr tokaýlardan geçip gelýäris. Ine, şu eşidenleriň bary meniň başymdan geçen zatlar. Mundan artyk geplemäge meniň gurbatym galmady.
- Patyşanyň döwleti yrylmasyn! - diýip, hoja gürrüňini
dowam etdirdi. - Onuň halyna ýüregim awady; men ony hammama iberdim hem eşigini täzeledim-de, özüme kömekçi edip belledim. Şeýlelikde, şa gyzyndan köp perzent öndi, emma olaryň hiç
haýsy durman, ýaş başlaryndan ölüp gitdiler. Bir oglum bäş ýaşap
öldi, onuň gaýgy-gussasyna döz gelebilmän, aýalymam dünýäden ötdi. Meniň gül ýaly günüm bozuldy; dildarym ölensoň maňa
ol ýurtda ýaşamak muşakgatly boldy, ýüregim gam-hesretden
doldy. Onsoň men Ajama gaýdyp barmagy ýüregime düwdüm.
Bu ýagdaý barada patyşa habar berdim-de, özümiň ýaş kömekçimi gämi duralgasynyň hojaýyny edip belledim. Şol ikarada
patyşa-da aradan çykdy. Men şu wepaly köpegimi hem özümiň
bar baýlygymy alyp, Nişapura gelip düşdüm. 01 ýerde meniň doganlaryma bolan beýle gatnaşygymyň taryhyny hiç kim bilmedi, şonuň üçinem meniň adymy hoja - itparaz diýip tutdular. Şol
masgaraçylyk üçinem men Eýran şasynyň köşgüne iki esse salgyt
töläp geldim. Ine, bir gün oslagsyz ýerden bu täjir ogly Nişapura
geldi. Onuň ömri uzak bolsun, siziň gadam tozuňyzy öpmeklik
bagtam, ine, şunuň üsti bilen maňa miýesser boldy - diýip, hoja
gürrüňini gutardy.
- Bu asyl seniň ogluň dälmidi? - diýip, men ondan soradym.
- Eý, älemiň serweri! 01 meniň oglum däl. Bu siziň raýatyňyzdan, emma mundan beýläk ol meniň hanymanym hem
mirasdüşerim; onuň aýdany hem b o la r- diýip, hoja jogap berdi.
Şol wagt men «täjir oglundan»:
- Sen haýsy täjiriň ogly? Seniň eneň-ataň nirede ýaşaýar?
- diýip soradym.
Yaş ýigit ýeri öpüp, özüniň bir çemçe ganyny ötmegimi sorady.
- Men ejiz, siziň weziriňiziň gyzy - diýip, ol gürrüňe
başlady. - Meniň atam şu täjiriň lagyllary zerarly, siziň aly
jenabyňyzyň gazabyna düşdi hem bir ýylyň dowamynda onuň
aýdan sözüniň çynlygy aýan bolmasa, ol janyndan jyda bolmaly
diýen buýruk berildi. Şeýle buýrugy eşidip, men daş keşbimi
üýtgetdim-de, Nişapura ugradym. Alla maňa kömek etdi, men bu
hojany öz iti bilen siziň ýanyňyza alyp geldim, onuň başyndan
geçirenlerini bolsa siz onuň öz agzyndan eşitdiňiz. Indem meniň
garry atamy azat edermikäňiz diýip umyt edýärin.
Weziriň gyzynyň aýdan sözlerini eşidip, hoja uludan demini aldy-da, essinden gidip ýykyldy. Onuň ýüzüne gülap suwuny
sepensoňlar, ol özüne gelip, şeýle diýdi:
- Gör, nähili bagtyýatgynlylyk! Men bu ýaş ýigidi ogullyk
alyp, öz mirasdüşerim edeýin-de, dilimden hat berip, bar emlägimi munuň adyna geçireýin, ana, şonda meniň adym galar hem
hemme adamlar oňa hojanyň ogly diýerler diýen umyt bilen uzak
ýollardan zähmet çekip şu ýere geldim. Emma meniň umydym
puç boldy, ol başgaça bolup çykdy. 01 aýal maşgala bolup çykdy,
men akyly çaşan garryny aldady. Men aýal mekirliginiň toruna
düşdüm. Meniňkem öňde biriniň dine uýup, haja gitjek bolup,
başyny-zadyny syrdyrybam, gitmän galyp masgara bolşy ýaly,
masgaralyk boldy. Indi il-gün men hakda näme diýip gürrüň eder.
- Gepiň gysgasy - diýip, Azatbagt gürrüňini dowam etdirdi. - Onuň bozulyşyna hem gözýaşyna meniň rehimim indi. Men
hojany ýanyma çagyrdym-da, pyşyrdap onuň gulagyna: «Gamlanma, men ol gyzy saňa bereýin. Hudaý berse, ondan ýene çagaň
bolar welin, ol seniň mirasyňa eýe bolar» diýip, bir hoş habar
aýtdym.
Bu sözler ony köşeşdirdi.
- Weziriň gyzyny köşge eltiň - diýip, men tabşyrdym. Atasyny bolsa zyndandan çykaryp, hammamda ýuwundyryň-da,
hormat geýimini geýdirip, tizden meniň ýanyma alyp geliň.
Wezir gelip köşge girende, men onuň öňünden çykyp,
gapynyň agzynda garşy aldym-da, artykmaç adam hökmünde
ony gujakladym. Soňra ýene-de onuň eline galamdany1 berip,
wezirligini bagyşladym. Hojany men mülk hem wezipe bilen sylagladym-da, sähetli güne garaşyp, weziriň gyzyny oňa nikalap
berdim. Bimäçe ýyldan soň ondan iki ogul hem bir gyz boldy.
Indi onuň uly ogly köpden bäri täjir, kiçisi bolsa meniň ýanymda
köşgüň işlerini dolandyrýar.
Eý, derwüşler! Men bu wakany öten agşam iki sany derwüşiň
başyndan geçirenlerini eşidenimden soň aýdyp berdim. Indi siz,
galan ikiňiz şol öňki ýeriňizde, meni bolsa öz hyzmatkäriňiz, bu
öýi hem öz mesgeniňiz hasap ediň-de, hiç çekinmän, her haýsyňyz
öz başyňyzdan geçiren wakaňyzy bize gürrüň edip beriň. Soňra
bimäçe günläp şu ýerde bolarsyňyz.
Derwüşler patyşanyň myhmansöýüjiligini görüp:
- Bolýar, siziň biz gedaýlary şeýle hormatlanyňyz üçin, biz
ikimizem başymyza düşen zatlary gürrüň edip bereli. Gulak salyň
- diýip jogap berdiler.
1 Galamdan - bu ýerde wezirlik wezipesini bildirýän nyşan.
184
üçünji derw üşiň
başyndan geçirenleri
çünji derwüş guşagyny berk çekip, ynjalykly oturdy-da, şeýle sözler bilen öz hekaýasyny gürrüň bermäge
durdy:
Dostlar, derwüş göwün açýar,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Durmuşyň kerweni geçýär,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Güýçii şanyň şum söýgüsi
Her dem maňa gusdurdy gan.
Bolşy ýaly edýän beýan,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Siziň garşyňyzda oturan, hiç zadyň alnyndan bolmadyk pars
şazadasydyr. Taňrynyň şepagatyna sezewar bolan meniň atam
Ajamyň patyşasydy, men bolsa onuň ýalňyz perzendidim. Meniň
ýaşlyk döwrüm ünji-aladasyz geçdi. Men köşk adamlary bilen
hemişe süňk, kart, küşt hem nardy1 oýunlaryny oýnardym ýa-da
şikäre gitmek, aw awlamak bilen gyzyklanardym. Bir gün men ýol
şaýymy oňatja tutmaklaryny buýurdym-da, dost-ýarlarymy ýanyma alyp, meýdana ugradym. Biz ördekleriň, käkilikleriň yzyndan
elguşlary goýberip, örän uzaga gitdik. Biziň öňümizde, niresine
seretseň, ter çemenli lälezarlyk bolup duran bir ajaýyp dere peýda boldy. Biz şeýle gözelligi görüp, atlaryň jylawyny çekdik-de,
gezelenç edýän ýaly, haýaljakdan sürüp gidiberdik. Bir görsek,
bu guş-gumry uçmadyk, adam aýagy degmedik deräniň içinde bir
gara umga arkaýyn otlap ýör: oňa parçadan jul, zer-zerewşandan
1Nardy - stoluň üstünde oýnalýan oýunlaryň bir gömüşi.
nogta edilipdir-de, onuň keşdelenip bejerilen boýunbagynda bolsa altyndan jaňjagazlar jyňňyrdaşýardylar. 01 atlaryň toýnak sesini eşidip, kellesini galdyragada, bize tarap üşerilip seretdi-de,
ýuwaşlyk bilen gaçmaga başlady.
Onuň täsin gömüşi meniň ýüregime şeýlebir ot saldy welin,
men öz hemralaryma:
- Siz şu ýerde dumň. Men ony diri tutaýyn. Ýöne siz meniň
yzymdan gitjek bolmaň, şu duran ýeriňizde gymyldaman dumň!
- diýdim.
Meniň münüp oturan atym şeýlebir ýyndamdy welin, edil
ýel ýaly gidýärdi. Onuň bilen ençeme gezek umgalaryň yzyndan
kowupdym. Her gezegem olaryň herýerden bir böküp baryşlaryna
garamazdan, biri-biriniň yzyndan baryny garbap tutardym. Ine,
bu gezegem men ýaňky umgaň yzyndan onuň jylawyny ýazdyryp
goýberdim. Maňa gözi düşenden dars-dars etdi-de, umga arany
açyp gidiberdi. Meniň ýel bilen bäsleşýän atym, asyl onuň
galdyrýan tozanynyň hem yzyny eýerip bilmedi. Şeýdip, biderek
kowalaşa-kowalaşa ahyry atym derläp, ak köpük boldy, özümiň
bolsa teşnelikden ýaňa bogazym gurap, dilim agzymdan çykyra
geldi.
Agşam düşüp gelýärdi, özümiň bolsa nire-nirelerden çykanymy Alla bilsin. Bialaç aldawa ýüz urmaly boldum. Men ýaýymy
gabyndan çykaragadan, sandagymdan bir ok alyp, oňa saldym-da, tä gulagymyň deňesine çenli çekip: «Ýa alla» diýip, umga
garşy atyp goýberdim. Ilkinji atan okum onuň aýagyndan degdi.
Şol wagt ol agsap, dagyň etegine öwrüldi. Men atdan düşdüm-de, onuň yzyndan pyýadalap ugradym. 01 dagyň içinde gizlenjek bolýardy, ýöne welin men ony birjik-de gözden salmaýardym.
Bimäçe beýikli-pesli ýerlerden aşamsoň, haýsydyr bir minaranyň
gümmezine gözüm düşdi, golaýlaşyberemde bolsa baglyja
çeşmejigi gördüm. Onýança ýaňky umga-da gözümden ýitip
gitdi.
Men gaty ýadapdym, hemem bir elimi-aýagymy ýuwaýaýyn-la diýip oturdym. Birdenkä minara tarapdan agy sesi
eşidilip ugrady.
- Wah, balam! - diýip, kimdir biriniň sesi gelýärdi. - Kim
seni şu ok bilen ýaralan bolsa, goý, meniň ahymyň oky onuň
ýüreginden parran geçsin. Ylahym, ol özüniň juwanlyk hözirini
görmesin. Taňrym onuň başyna-da meňki ýaly gam-gussany indersin.
Men baga girip seretsem, geýnüwli, hormatly bir çal sakgal goja masnadyň üstünde otyr, öňünde bolsa umga ýatyr. 01
umganyň aýagyna çümen oky sogurýar hem atana gargynýar.
Men oňa gol gowşuryp, baş egdim-de:
- Ömrüňiz uzak bolsun, aga. Ony eden men, siziň sadyk
guluňyz, aňşyrmazlyk bilen ýüzügara boldum; men bütinleý bilmändirin. Allanyň hatyrasy üçin meniň günämi ötüň - diýdim.
- Sen dilsiz-agyzsyz bir jandara sütem etdiň - diýip, ol jogap gaýtardy. - Emma ony seniň bilmezlikden edeniň üçin Alla
seniň günäňi geçer.
Men onuň gapdalynda oturdym-da, peýkamy çykaryşmaga
durdum. 01 peýkam bize örän kynlyk bilen aldyrtdy. Direldiji dermanyň melheminden ýarasyny dolduryp, garry umgany goýberdi. Soňra elini mazaly ýuwup, ýanyndaky zatlaryň
baryndan maňa hezzet etdi. Gamymy doýmp, men düşege geçip
süýndüm. Nahardan doýan ýadaw pyýada men derrew irkildim.
Men düýşüň arasynda ah çekilýänini hem agy sesini eşitdim.
Gözlerimi owkalaşdyryp seretsem, ne garry bar, ne başga biri,
meniň bir özüm düşekde ýatyryn, giden jaýyň içi bolsa boş ýatyr.
Men gorkujygyma töweregime garanjaklamaga başladym welin,
bir künjekde asylgy duran perdä gözüm düşdi. Men baryp, ony
galdyrdym. Görsem tagt, tagtyň üstünde bolsa, edil aýyň bölegi
ýaly bolup, on dört-on bäş ýaşlarynda dygysyz owadan bir zenan otyr. Onuň egninde pereňi köýnek bardy; ikiýan tarapdan ak
ýüzünde gara zülpleri towlanjyrap durdy, gözleri jadylaýjydy,
hälki hormatly garry bolsa onuň aýagyna başyny goýup, dynman
zarynlap aglaýardy hem akyldan-huşdan jyda düşmäge taýyndy.
Garrynyň bolşy bilen ol zenanyň tarypyny aýdyp-diýip bolmajak jemaly maňa şeýlebir täsir etdi welin, men şol bada huşum
başymdan uçup ýykyldym. Garry meniň ýykylanymy görüp,
çüýşejikden gülap suwuny alyp, meniň ýüzüme sepmäge durdy.
Men gaýtadan huşuma gelenimde, ýerimden turdum-da, salam
berip, ol gözele golaýlaşdym, emma ol gyz jogap hökmünde ne
ýerinden gozgandy, ne-de dodagyny gymyldatdy.
- Eý, gül beden melek! - diýip, men oňa ýüzlendim.
- Özüňi beýle ýokary tutup, taňry salamyna jogap bermezlik
haýsy dinde makullanylýar?
Dymmaklykda mertebe bar,
Yöne bilgin çakyn-çenin.
Aşyk näçe köýsün-ýansyn,
Biperwaý diňlär näzenin.
Yaradan Allanyň hatyrasy üçin, heý, bolmanda ýekeje söz
beri aýt. Men bu ýere tötänden düşdüm, myhman ataňdan uly
diýipdirler ahyryn.
Men köp ýagşy sözleri aýtdym, emma bary biderek boldy,
onuň şol öňki bolşy, meniň aýdanlarymy diňleýär-diňleýär-de,
özi bolsa ses-seda çykarman, misli doňdurylan ýaly bolup otyr.
Şol wagt men dyzyma çöküp, onuň aýagyna ýykyldym, emma
aýagyna elim degende, onuň gap-gatydygyny hem buz ýaly
sowukdygyny syzdym. Diňe şonda men bu gymmatly hazynanyň
daşdan ýonulyp edilendigine düşündim; bu buty Azaryň1 ýaradanlygy gömüp durdy.
- Öz okum bilen seniň umgaň aýagyny ýaraladym, sen
bolsa gazap okuňy meniň ýüregimden parran geçirdiň - diýip,
butparaz goja aýtdym. - Seniň gargyşyň kabul boldy. Indi sen
bu gudratyň näme üçin hem nähili ýaradylandygyny, näme üçin
iliňi-günüňi taşlap, dagdyr tokaýlaryň arasynda mesgen tutanyňy
aýdyp ber. Başyňdan geçen zatlaryň baryny maňa gürrüň ber.
- Wah, meniň işimi görenem şu-da - diýip, ol men aýagymy
depip duranymdan soň jogap berdi. - Indi bu wakany eşidip, senem meniň günüme düşjekmi?
- Besdir! - diýip, men gygyrdym. - Hile-mekirligi goý!
Bolan işi maňa aýdyp ber, ýogsa janyňy jähennem bazaryna
iberýärin!
1Azar - Gurhanda Injildäki Ybrahymyň ady şeýle berilýär.
188
Ol bir diýenimi tutup duranymy görensoň:
- Eý, ýigit, goý Allanyň özi adamy yşk oduna duçar etmesin!
Yşgyň ody adamzady, gör, nähili belalara sezewar edýär! Söýgi
üçin dul galan aýallar şirin janlaryndan geçip, hut öz ärleriniň jesedi bilen bile özlerini ýakýarlar; Perhat hem Mejnunyň gören görgülerini bilmeýän adam barmy? Meniň gürrüňimi eşitseň, nähili
bela-beterlere duşjagyňy bilýärmiň? Maşgalaňdan, emlägiňden,
watanyňdan jyda bolanyň bilenem oňmarsyň! - diýdi.
- Tüket! - diýip, men oňa duýdurdym. - Häzirlikçe dostlugyňy taşla-da, gowusy, meni duşmanyň hasap et. Janyňa haýpyň
gelýän bolsa, bolşy-bolşy ýalyjak edip gürrüň ber!
Başga çykalga tapmansoň, ol gözlerinden boýur-boýur ýaş
döküp, bialaç gürrüň bermäge durdy:
- Men bir gutaran adam, başymdan geçiren zatlarym bolsa
ine, şeýle. Meniň adyma Nima Saýýah diýerler. Owal men bir
baý täjirdim; şol wagtlar men söwda işi bilen älem-jahany gezýärdim hem ähli patyşalaryň ýanyna arkaýyn girip bilýärdim. Bir
gün meniň kelläme «Be, bütin älemi gezip çykdym welin, Pereň
adasyna baramog-ow. Ol ýeriň nähili şasynyň, nähili halkynyň,
goşunynyň bardygyny göremok, adat-düzgünleri, durmuşlary
hakda düýbünden bilýän zadym ýok. Şoňada-ha bir gidip görmeli»
diýen pikir geldi. Ana, onsoň men dogan-gardaş, dost-ýarlar bilen
maslahatlaşyp, şol ýere gitmegi ýüregime berk düwdüm-de, şol
ýurda alyp gidäýer ýaly, her hili del zatlary gözläp tapyşdyrdym.
Ine, bir günem täjirlerden kerwen düzdüm-de, gämä münüp
ugradym. Ýol biziň garşymyzdandy. Bimäçe aý ýol ýöräp, biz şol
ýurduň merkezine baryp düşdük. Bu şäher örän täsin ekeni. Onuň
owadanlygyny hiç bir şäher bilen deňär ýaly däldi. Bazarlaryna,
kelte köçelerine çenli daş düşelen bolup, olary suwlap durýarlar;
ol ýerler şeýlebir arassady welin, edil ýag döküp ýalabermelidi,
hapalyk hakynda-ha gürrüň hem bolup biljek däldi; ululy-kiçili jaýlar bolup, gijelerine bolsa iki hatara uzalyp gidýän çyralar
şähere görk berýärdi. Şäheriň daş-töweregi baglyk bolup, onuň
ajaýyp gülleri ýaly güli, miweleri ýaly miwäni, agaçlary ýaly
agajy diňe jennetden tapmak boljakdy. Gepiň gysgasy, bu şäheriň
gözelligini tarypladygyňça bärden gaýdýardy.
Hä diýmän şäheriň içine deňiz aňyrsyndan myhmanlar
gelenmiş diýen gürrüň ýaýrady. Biziň düşlegimize, ýanyna birnäçe hyzmatkärini alyp, hormatly köşk emeldary atly geldi.
- Kim siziň baştutanyňyz? - diýip, ol gele-gelmäne söwdagärlerden sorady.
Adamlar meni görkezdiler. Köşk emeldary meniň ýanyma geldi, men ony hormat bilen garşyladym, saglyk-amanlyk
soraşdym. Haly düşegiň üstüne geçirdim, ýassanar ýaly ýassyk
okladym-da, soňra soraşdyrmaga başladym:
- Habarlyja-dagyja geldiňizmi? Aýdyp oturyň, aga.
- Şa gyzy söwdagärleriň gelenini hem olaryň köp haryt getirenini eşidipdir. 01 maňa sizi öz ýanyna alyp gelmegi buýurdy.
Şonuň üçinem getiren zatlaryňdan patyşalyga laýyk harytlary
alyň-da ýörüň. Siz şanyň bosagasyny öpmäge bagt gazanarsyňyz
- diýip, ol jogap berdi.
Men oňa:
- Men gaty ýadaw bolanym üçin, şu gün onuň ýanyna
baryp biljek däl - diýip aýtdym. - Ýöne ertir welin janym-tenim
ähli emlägim bilen barardym. Goý, şonda hanym göwnüne ýakan
zady alybersin.
Men şeýle wada bilen betel hem hoşboý ysly zatlardan sowgat berip, köşk emeldaryny ugratdym, soňra bolsa söwdagärleri
ýanyma çagyryp, özümde hem olarda bolan del harytlaryň baryny
ýygnadym-da, ir bilen şanyň köşgüne ugradym. Derwezeban
meniň gelenimi habar edende, «Getiriň!» diýen buýruk berilýär.
Şol meniň ýanyma baran köşk emeldary çykdy-da, elimden tutup,
mylaýym gürrüň bilen meni alyp gitdi. Men hyzmatkärleriň bolýan ýerinden geçip, ajaýyp bezegli bir jaýa girdim.
Ah, gardaş! Saňa ýalan, maňa çyn! Göýä bu ýere ganatlary
aýrylan periler ýygnanypdyrlar. Nirä seretseň, gözümi aýrasym
gelmeýärdi! Meniň aýaklarymyň ysgyny gaçdy. Men bar güýjümi
tijäp, şa gyzynyň ýakynyna bardym. Emma nazarym onuň ýüzüne düşende welin, elimiň hem aýagymyň doňan ýaly bolup, akyl-huşdan jyda düşüp barýanymy duýdum. Men zordan tagzym etdim. Meniň sagymda hem solumda bolsa peri sypatly näzeninler
gollaryny gowşuryp, hatara durdular.
Şol wagt meniň şa gyzy üçin ýygnaşdyran gymmatbaha
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 12
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.