Latin

Dört derwüş - 06

Total number of words is 4009
Total number of unique words is 2137
31.7 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geldi-de, ýere düşüp, çök oturdy. Onuň bir elinde ýalaňaç gylyç,
beýlekisinde hem öküziň bagy bardy. Elindäki küýzä meňzeş
gaby bolsa ol gula beripdir. Gul bolsa ol küýzäni jemagata görkezip ugrady welin, oňa bakanlaryň hemmesi eňreşiberdi. Soňra
ýigit ol küýzäni ýere urup döwdi-de, guluň üstünden gylyjyny
şeýlebir aýlap saldy welin, onuň kellesi togalanyp, honda düşdi.
Ýigit haýal etmän, öküzine müniip, yzyna gaýtdy. Men şol wagt
onuň yzyndan eňdim, emma adamlar meniň golumdan tutup:
- Sen näme iş edýärsiň? Näme üçin göz-görtele ölüme
barýaň? Eger sen dünýäden doýan bolsaň, ölmegiň başga-da täri
kän ahyryn - diýişdiler.
Men olara özelenip ýalbarsam-da, sypjak bolup şunça dyzasam-da, olar meni goýbermediler. Olar meniň daşymy gallaşyp,
şähere alyp gaýtdylar. Men bijaý nägile boldum, sebäbi men ýene-de bir aýy biderek ýitirdim ahyryn!
Bu aý hem aýak bolup, täze Aý dogan gününiň ir säheri
adamlar ýene-de öňki ýere toplandylar. Bu gezek men azap bilen şäherden çykdym-da, tokaýa baryp, ýigidiň geçjek ýolunda
gizlendim. Bu ýerde maňa hiç kimiň azary ýetjek däldi. Ýigit
öňküsi ýaly öküzini çapyp geldi-de, ozalky eden işlerini gaýtalap,
ýene gelen tarapyna gidiberdi. Men onuň yzyndan aýagaldygyna ylgap ugradym. Ol meniň aýak sesimi eşidip, yzyndan kimdir
biriniň gelýänini aňdy. Ol haýdan-haý öküziniň jylawyny çekdi-de, aýylganç gygyrdy. Gylyjyny sogrup, çapjak bolup üstüme
süründi. Men diýseň edeplilik bilen salam berdim-de, iki bükülip,
gol gowşurdym welin, olam edep-ekram bilen:
- Eý, derwüş! Sen armanly ölýärdiň, ýöne häzir ajalyň ýetmändir. Seniň onsuzam köpüň geçip, azyň galypdyr. Ýeri, sen
nirä barýarsyň? - diýdi-de, bilindäki gymmatbaha daşlar bilen
haşamlanan, merjen asawaçly hanjaryny çözüp, öňüme oklady.
- Häzir saňa berer ýaly, ýanymda pulum ýok. Sen bu hanjary
patyşanyň ýanyna alyp barsaň, islän zadyňy alyp bilersiň.
Meni şeýlebir elhenç gorkudyr howp gurşap aldy welin,
men ne bir zat diýip bildim, ne-de bir ädim ädip bildim. Meniň
dilim basylyp, aýaklarym duşalana döndi.
Onýança ýaňky edermen ýigit öküzine haýbat atyp, ýene
ýoluna ugrady. Menem öz ýanymdan «Näme bolsa, şol bolsun!
Häzir hereket etmezlik akmaklykdyr. Indi amatly pursat dolanyp
gelmez» diýip pikir etdim. Men ýaňky ýaly howatyrlylyga duçar boljagymy bilsemem, ýene onuň yzyndan eňdim. Ýigit yzyna öwrülip, meni göreninde gazap atyna mündi, öldürjek bolup,
hemle urdy. Men sadyklyk bilen boýnumy burdum-da, oňa ähli
öwlatlaryň adyndan doga okap, şeýle diýdim:
- Eý, zamanamyzyň Rüstemi! Meni deň iki böl, ýöne
gylyjyňy şeýlebir batly ur, hatda azajyk derimem ilteşip galmasyn. Men şonda ähli hesretdir betbagtlykdan halas borun. Men
öz ganymy saňa bagyşlaýaryn.
- Eý, şeýtan sypatly! Sen näme üçin öz bigünä hunuňyň garamatyny atyp, meni günä galdyrjak bolýaň? Janyňdan irdiňmi?
Bar, öz ýoluňa ugra!
Men onuň diýenini etmän, yzyna düşüp ugradym, ol bolsa
indi maňa üns hem bermedi. Şeýdip men ony sypdyrman yzlap
gitdim. Bimäçe menzil geçenimizden soň, gyrymsy tokaýlyk gutardy-da, öňümizden bir gala çykdy. Yigit gapynyň ýanyna gelip,
eýmenç gygyrdy welin, işik öz-özünden açylyp gitdi. 01 howla
girdi, men bolsa daşynda galdym. Şonda ynjalyksyzlanyp: «Eý,
Alla! Men indi näderin?» diýip pikir etdim. Emma bimäçe wagtdan bir gul çykdy-da:
- Gel, seni hojaýyn çagyrýar. Seniň başyňda Ezraýyl
perişde ganatyny gerýän bolsa gerek. Sen bu ýerlere ne kysmat
bilen düşdüň? - diýdi.
- Tersine, bu meniň üçin bagtlylykdyr! - diýip, men oňa
jogap berdim-de, çekinmän howla girdim.
Gul meni şol ýigidiň oturan öýüne getirdi. Men oňaüç bükülip salam berdim. 01 hem maňa otur diýen yşaraty etdi. Men hormat
bilen aýbogdaşymy gump oturdym. Yigidiň oturan masnadynyň
öňünde zergäriň şaýlarynyň ýaýrap ýatyşyna, ýap-ýaňyja laglyjowahyrdan ýasalan zada haýranlar galdym. 01 ýerinden turjak
bolan wagty, ýigidiň daş-töwereginde duran gullaryň hemmesi
dyr-pytrak bolup, hersi bir jaýda gizlendi. Menem gorkymdan
bir otagça kürsäp urdum. Yigit ýerinden tump, hemme jaýlaryň
agzyny gulplady-da, bagyň bir çetine baryp, münüp gelen öküzini ýençmäge durdy. Öküziň aýylganç sesini eşidenimde, meniň
ýüregim elenip gitdi. Men şunça azaplary ýigitdäki gizlin syrlary
bilmek üçin çekdim ahyryn. Men örän howatyrlansamam, gapyny
açdym-da, bir ýogyn agajyň düýbünde gizlenip, oňa syn edip dur-
dum. Ýigit öküzi ýenjen taýagyny taşlap, açary bilen gapylaryň
birini açdy-da, içine girdi. Tiz wagtdan ol ýene daşaryk çykdy-da,
öküziň arkasyny sypalap, tumşugyndan ogşady, soňra iým berip,
yzyna gaýtdy. Men ony görenimden, ýene öňki otagçama ylgap
girdim. Şol wagt ýigit hemme gapylary açyp çykdy. Otaglardan
elleri altyn bilen nagyşlanan halyça namazlykly, kündükli, legenli
gullar çykdy. Ýigit täret kylyp, namaza durdy. Namazyny okap
bolansoň bolsa:
- Hany, ýaňky derwüş hany? - diýip, meni sorady.
Adymyň tutulanyny çala eşiden badyma, ýigidiň öňünde
dikilgazyk boldum.
- Oturyň - diýip, ol merhemet etdi.
Men baş egip, aşak oturdym. Garbanmak üçin nahar getirildi. Ol nahar iýmäge başlady-da, maňa-da hödür etdi. Men
onuň bilen nahar iýdim. Saçak ýygnalyp, elimizi ýuwanymyzdan
soň, ýigit gullaryny ýatmaga goýberdi. Jaýyň içinde bizden başga
adam galmadyk wagty ol:
- Gadyrdan! Ajal gözlegine çykar ýaly, seniň başyňa nämeler düşdi? - diýdi.
Men oňa öz başymdan geçirenlerimi bolşy ýaly, birin-birin
gürrüň berdim-de, sözümi şeýle tamamladym:
- Siziň merhemetliligiňiz saýasynda öz maksadyma ýeterin diýip umyt edýärin.
Ýigit içini çekip, bir ah urdy-da, çala bihuş bolup, şeýle
diýdi:
- Eý, gudratly Alla! Yşk derdini senden başga kim biler?
Aňzaga ökjesini ýaryk-ýaryk etdirmedik, kişi hasratyny nä bilsin.
Meniň derdimiň güýjüni şol derde sataşan biler.
Yşkyň derdin aşyk bolanlar biler,
Hazan dek sargaryp solanlar biler.
Ähtiýalan yşk derdini näbilsin,
Ony tüýs ýürekden söýenler biler.
Birsalymdan soň ýene özüne gelip, jaýy ýaňlandyryp, ýürek awudyjy ah çekdi. Men onuň hem yşk oduna ýanandygyny,
meniň uçran derdime sataşandygyny aňdym. Men batyrlanyp:
94
- Men size özüm hakda doly gürrüň berdim. Gadyrdanlyk
edip, siz hem öz başyňyzdan geçirenleriňizi gürriiň beriň. Men
şonda ilki bilen size elimden gelen kömegi edip, ähli güýjümi sizi
ýürek arzuwyňyza ýetirmegiň ýoluna sarp ederin - diýdim.
Gepiň keltesi, bu söýgi derdine sataşan ýigit meniň duýgudaşlygymy hem-de dertdeşdigimi aňyp, özüniň başyndan geçirenlerini gürrüň bermäge durdy.
- Gulak as, gadyrdan! Men şu Nimroz welaýatynyň betbagt
şazadasy. Men dünýä inemde patyşa atam müneçjimleri, gurrandazlary hem-de dana panditleri1 çagyrypdyr. 01 meniň haýsy
ýyldyzyň astynda doglandygymy bilmegi hem-de meniň her pursat, her sagat, her gün, her aý, her ýyl başyma näme düşjekdigini
aýtmaklygy buýrupdyr. Şu buýruk bilen olaryň hemmesi bir ýere
üýşüp, hersi öz hünärine, bilimine görä meniň täleýimi kesgitläpdirler. Olar şeýle diýipdirler: «Allanyň şepagaty bilen şazada
sähetli günde, bagtly pursatda dünýä inipdir. 01, Isgender Zülkarneýn ýaly döwlet gurup, Nowşirwan ýaly adyl boljak, dünýädäki
ähli ylymlaryň, hünärleriň aňyrsyna çykyp, her bir ýapyşan işi
hem şowly boljak. Ol özüniň pesgöwünliligi hem-de edermenligi
bilen Hatam Taýdyr Rüstemden-de artyk şöhrat gazanar. Yöne
14 ýaşy dolýança oňa Gün hem Aýy görmeklik gaty howatyrlydyr.
Hatda onuň akylyndan azaşmagy hem-de köp adamlaryň ganyny
dökmegi, terkidünýä bolmagy, öz ýüregini ýabany haýwanlaryň
arasynda köşeşdirip, tokaýlara baş alyp çykyp gitmegi mümkin. Bu ýagdaýdan çykmagyň ýalňyz ýoly - ony Günüň, Aýyň
ýagtysyndan gorap saklap, hatda hasaby tapylsa, asmanyň ýüzüne hem seretdirmezlikdir. Şol möhletden sag-aman ötenden soň
bolsa, ol bütin ömrüni parahatlykda, bagtlylykda höküm sürer».
- Patyşa olary diňläp, ine, şu howlyny salyp, onuň içinden hem her hili jaý gurmagy buýrupdyr. Ine, onsoň meni Aýyň,
Günüň şöhlesi düşmeýän, üsti keçeli gümmezde terbiýeläp
ugradylar. Meni şeýle alada bilen owadan jaýlarda her hili enekeler idetdiler. Okatmak üçin hem akyldar, tejribeli halypa tutdular. 01 maňa ähli ylymlary öwredip, ýedi dürli hatyň ýedisinde-de
ýazmagy öwretmelidi. Allanyň ýalkany atam häli-şindi menden
1Pandit - Ylymly indus.
habar tutar durardy. Meniň näme edýändigimi gündelik oňa habar berer durardylar. Men dürli-dürli oýnawaçdyr güller bilen
göwnümi açardym. Iýmäge bolsa dünýäde adyny tutan naharyň
bardy. On ýaşlaryma baranymda bir ýerde hünär bolsa ählisini
öwrendim.
Günleriň bir gününde men gümmeziň aşagynda, gözümiň
öňünde ösüp, ulalyp barýan bir täsin güli gördüm. Ony ýoljak
bolup, elimi uzatdym. Näçe tutjak bolup jan etsem-de, ol meniň
elimden sypdy durdy. Geň galyp, güle seredip durdum, şol wagt
bolsa gulagyma biriniň gülküsi eşidildi. Men ýokaryma sereden
badyma, gümmeziň üsti açyldy-da, aý jemally bir görkana ýüz
göründi. 01 ýüzi görenimden, tas, akylym çaşyp, özümden gidipdim. Özümi raslap, gaýtadan ýokary bakamda, deňi-taýy bolmadyk jenanlaryň eginlerinde duran gymmatbaha daşlar bilen bezelen tagty gördüm, onuň üstünde bolsa başy gymmatbaha jygaly
örän gowy donly, eli ýakut jam ly şerap içip oturan peri sypatly
ajaýyp gyzy gördüm. Tagt ýuwaş-ýuwaşdan ýere düşdi. Perizat
meni ýanyna çagyryp, gaşynda oturtdy-da, maňa iň ýakymly sözler bilen ýüzlendi. Soňra leblerini leblerimiň üstüne goýdy. Müşk
ysly şerapdan bir jamyny hödürledi-de, şeýle diýdi:
- Adamzadyň ähti bolmaýar, ýöne şeýle hem bolsa, meniň
ýüregim saňa tarap ymtylýar.
01 özüniň ýakymly, näzli sözleri bilen şol bada meniň erkimi aldy. Meni bagt gurşap alyp, men durmuşyň şadyýanlygyny
duýup, özümi diňe şo gün dünýä inen ýaly duýdum. Emma netijede men hiç zat bolup galdym. Yöne şeýle bagty hiç kim görüp-eşiden däldir. Biz şeýle duşuşygyň şatlygy bilen gurşalyp, ikiçäk
ýanaşyp, arkaýyn otyrkak, bu eşret duýdansyz bozuldy.
Diňle, men saňa duýdansyzlyk hakynda gürrüň bereýin.
Birden asmandan dört sany perizat indi-de, meniň söýgülimiň
gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Perizat olaryň aýdan zadyny
eşidenden, ýüz keşbini üýtgedip:
- Mähribanym! Meň seniň bilen oturyp ýene birsellem
eşret çekesim hem-de şundan beýläk-de hemişe seniň ýanyňa gelip ýa-da seni öz ýanyma äkidip durmak isleýärin, ýöne welin
asmandakylar biziň ikimiziň bir ýerde oturyp, şady-horram bol-
magymyzy islemeýärler. Hoş gal, söýgülim! Hudaý seni öz penasynda saklasyn - diýdi.
Bu sözleri eşidenimde, meniň başym aýlanyp, elimdäki
bagt guşum uçup, menden daşlaşdy.
Men:
- Hanym! Biz ýene haçan duşuşarys? Siz näme üçin
maňa beýle ajy sözler aýdýarsyňyz? Eger siz ýene çalt gaýdyp
gelseňiz, onda meni diri taparsyňyz, gelmeseňiz bolsa ýas tutmaly bolarsyňyz. Hiç bolmanda öz adyňyzy hem-de maňa haýsy
tarapa ugrajagyňyzy bir aýdyň - diýip gygyrdym. 01 bolsa:
- Hudaý saklasyn, seniň bu sözleriň şeýtanyň gulagyna beri
iläýmäwersin. Hudaý saňa ýüz ýigrimi ýaş bersin: janyň sag bolsa, duşuşyk hem bolar. Men jynlaryň şasynyň gyzydyryn, mekanym hem Kap dagydyr - diýdi.
01 şeýle diýdi-de, tagty-pagty bilen asmana göterilip, gelşi
ýaly hem gözden ýitip başlady. Tä gözden ýitýänçä biz biri-birimize seredip durduk, haçan gözden gaýyp bolanda bolsa, meni
jyn urana döndi. Kalbym gaýgy-gussadan doldy-da, huşum
başymdan uçup, göziimiň öňi garaňkyrap gitdi. Göwniim bozulyp, dynuwsyz möňňürmäge durdum, başymdan kül sowrup,
egnimdäki geýimlerimi ýyrtyşdyrdym. Men işdäden kesilip,
hemme zada parhsyz garadym.
Söýgi - betbagtlyk, söýgi - birehim,
Böküp dur gussadan dolan ýüregim.
Enekedir mollam meniň başymdan bir zadyň geçendigini
aňdylar-da, gorkup patyşanyň ýanyna bardylar.
Şazadanyň bolup ýörşi gaty geň. Onuň başyna duýdansyz
ýagdaýda näme belanyň düşenini aňar ýaly däl. Şazadanyň ukusy
tutman, rahatlykdan aýrylyp, iýmek-içmekden kesildi - diýip,
olar oňa habar ýetirdiler.
Patyşa öz ýanyndaky adamlaryny: weziri, akyldar emirleri, ökde tebipleri, ýiti gözli müneçjimleri, ylymly mollalary,
hojalary hem-de dindar derwüşleri yzyna tirkäp, özüniň nurana
ýüzi bilen howla şöhle saçyp, şu ýere geldi. Ol meniň galagoplugymy, köşeşmejek gözýaşymy görüp, howsala düşdi. Ol göz-
97
lerine ýaş aýlap, öz duýgusyna erk edip bilmän, meni bagryna
basdy-da, meniň dermanymy tapmagy buýurdy. Tebipler maňa
göwnüçökgünligiň garşysyna diýip her diirli doga-tumar berdiler-de, ýüzüme «çüfläp» ugradylar. Müneçjimler bolsa: «Beýle
ýagdaý asmandaky ýyldyzlaryň ýerleşişinden bolupdyr, muny
düzetmek üçin gurbanlyk bermeli» diýdiler. Garaz, her kim öz
hünärine görä bir zat diýdi. Yöne men ýüregimde dörän derdimi
özüm çekýärdim. Adamlaryň jan çekmegi, mekirlikleri maňa hiç
hili hemaýat berip bilmeýärdi. Meniň akylym gün-günden beter
çaşýardy. lýmek-içmekden galamsoň, bedenimiň kuwwaty gaçýardy. Men gije-gündiz agladym, kakynly ýaly çyrpyndym.
Şeýle ýagdaýda üç ýylymy geçirdim. Dördünji ýyl bize
köp ýurtlary gezen bir täjir geldi. 01 jahanyň ähli künjeklerinden
ýurduň şasy bolan atama akylyňy haýran ediji täsin sowgat getirdi hem-de özüniň ony şeýle hormatlaýandygyny bildirdi. Patyşa
ony mähribanlyk bilen garşy alyp, aman-saglyk sorandan soň:
- Siz köp ýurtlary görüpsiňiz. Siz gezen ýerleriňizde bir
ökde tebibiň bardygyny görüp-eşitmediňizmi? - diýdi. Täjir:
- Eý, älemiň häkimi! Men köp ýerleri gezip, ine, şeýle
bir zady gördüm. Hindistanda derýanyň içinde bir dag bar. Ol
dagda-da uzyn saçly bir keramatly galandar bar. 01 galandar
äpet Mahadewleriň' ymaratyny hem-de namaz okalýan meýdança saldyryp, burk urup duran çarbagy ýetişdiripdir. Onuň
özi şol bagda ýaşaýar. 01 galandaryň şeýle dessury bar: Her ýyl
Şewrat12 baýramynda öz jaýyndan çykyp, derýada suwa düşýär-de, şondan lezzet tapýar. 01, suwa düşüp, öz jaýyna gaýdanda
bolsa, onuň gapysynyň agzynda uzak-uzak ýurtlardan gelen hassalar hümerlenişip durýarlar. Biziň günlerimiziň Eflatuny bolan
bu keramatly adam jemagatyň arasyna baryp, olaryň peşewini
hem-de damaryny barlaýar-da, olara nesihat berýär. Allatagala
oňa şeýlebir eliýeňillik beripdir welin, onuň em edeni ýüzüniň
ugruna elinden çekilen ýaly bolýar ötägidýär. Men muny öz
gözüm bilen gördüm-de, özüne şeýle bendäni ýaradan Taňrynyň
1 Mahadew - hindi mifologiýasynda weýran ediji beýik Hudaý Şiwanyň bir ady.
2 Şerwat - induslaryň Şiwa hudaýyň hatyrasyna edýän baýramy.
*l
gudratyna haýranlar galdym. Eger siz rugsat etseňiz, biz şazadany
ol ýere äkidip, ony şol derwüşe görkezerdik. Siziň ogluňyzyň tiz
wagtdan gutulyp, tut ýaly boljakdygyna men ynanýaryn. Meniň
pikirimiň ýene-de bir gowy tarapy bar, olam bolsa şazada täze
ýurtlaryň tämiz howasyndan dem alyp, dürli-dürli tagamlaryndan
iýse, onuň birkemsiz şähdi açylar.
Täjiriň bu maslahaty patyşa ýarady.
- Ajap bolýar - diýip, ol begençli aýtdy. - Belkem, bu işde
ol tebibiň eli em bolup, oglumyň ýüregindäki gam-gussasy aýrylyp gider.
Patyşa ýol şaýymyzy kemsiz tutdy-da, meni ugratmak
üçin söwdagärler bilen bile özüniň köp zatlardan başy çykýan,
köp ýurtlary gezen ynamdar emirini belledi. Bir topar gämimi,
ýelkenli gaýyklarmy jemlenip, biziň ýüklerimizi şolara ýüklediler. Patyşa biziň bilen hoşlaşdy. Biz gije diýmän, gündiz diýmän
ýüzüp, ahyry barmaly ýerimize bardyk. Bu ýeriň tämiz howasy,
üýtgeşik naharlary meni biraz gurplandyrsa-da, men öňkim ýaly
gama batyp aglap ýördüm. Meniň perizadym hiç ýadymdan çykmaýardy. Men setanda-seýranda agzymy ýaranymda-da, şeýle
şygyr aýdardym:
Peri ýüzliň, humaý gözliň
kimdigini bile bilmen,
Bikarardyr şol günden soň,
hassa düşen ýüregim meň.
Iki-üç aýyň dowamynda ada dört müňe golaý näsag üýşdi.
Hemmesi hem «Hudaý berse, keramatly galandar hüjresinden
çykar-da, sözi bilen derdimize derman eýlär» diýýärdiler.
Ine, arzuwly gün ýetip gelende, ir bilen Gün dogan ýaly bolup, galandar peýda boldy. Ol derýa girip, suwa düşdi, derýanyň
aňry kenaryna ýüzüp, ýene yzyna dolandy, suwdan çykyp, küle,
tozana bulaşdy. Külüň içinde közüň ýitişi ýaly, onuň agaryp duran
bedeni külüň içinde ýitip gitdi. Maňlaýynyň ýüzüne oňat malabar
sandaly bilen tegmil basdy, langotisini1daňyp, el-ýüzüni süpürýän
1 Langot - aýaklarynyň arasyndan geçirip, erkekleriň billerine daňýan
matasy. Bu galandarlaryň ýeke-täk geýimidir.
matasyny egnine atdy, saçyny bogup, murtlaryny towlaşdyrdy-da,
gyrma köwşüni geýdi. Dünýä onuň parhyna-da däldigi ýüzünden
gömüp durdy. Galandaryň goltugynda gymmatbaha daşlar bilen bezelen bir gapjagazy bardy. Ol gezek-gezegine hemmeleriň
ýanyna baryp, näsaglara seretdi, näme etmelidigini ýazyşdyryp
berdi, ahyry meniň ýanyma golaýlaşdy. Nazary meniň nazaryma
kaklyşandan, ol böwrüni diňläp, biraz durdy-da:
- Yörüň, meniň yzyma düşüň - diýdi. Men tirkeşip gitdim.
Ol kesellileriň hemmesini aýlanyp çykanyndan soň, meni
öz jaýyna alyp bardy-da, bir çemelije owadan hüjräni görkezip:
- Şu ýerde ýaşaberiň - diýip, öz jaýyna gitdi.
01 kyrk gün geçenden soň ýanyma geldi-de, öňkimden biraz ganymatlaşandygymy aýtdy.
- Bagymyza girip geziberiň, göwnüňiziň islän miwelerinden ýolup alyp iýiň - diýip ýylgyryp aýtdy-da, soňra içi dermanly
hytaý jamjagazyny elime tutduryp, şeýle buýruk bilen sözüni tamamlady:
- Şu dermandan her gün ajöze bir owurt içiň.
Şol sözleri aýdyp, ol ýanymdan turup gitdi.
Men onuň buýruşy ýaly etdim. Özümiň gün-günden gurbatyma gelip, ýüregimde şatlyk alamatlary peýda bolup başlady.
Yöne yşk hesreti welin öz häkimligini ýöredýärdi. Perimiň jemaly meniň göz öňümden hiç gitmeýärdi.
Bir gün tekjede ýatan bir küti kitaba gözüm düşdi. Elime
alyp, açyp gördüm. Görsem, dünýädäki ähli bilimler göýä küýzä
sygan deňiz ýaly, şu kitaba ýygnanypdyr. Men gije-gündiz ol
kitabyň başyndan aýrylmadym. Tebipçilik käriň köp zatlaryny
hem-de arwah-jynlary okamagy öwrendim. Şol ikarada bir ýyl
geçip, ýene şol şatlykly gün gelip ýetdi. Keramatly galandar ornundan turdy-da, ýene öz hüjresinden çykdy. Men salam berip,
onuň ýanyna baranymda, galandar meniň elime öz galam gabyny
berdi-de, yzyna düşürip äkitdi. Biz derwezeden çykanymyzdan,
märeke oňa alkyş ýagdyryp başlady. Meni alyp gelen emir bilen
täjir hem şu ýerdedi. Olar meniň galandaryň ýany bilen gelýänimi
görüp, onuň aýagyna ýykyldylar, alkyş aýtdylar:
- Siziň şepagatyňyz bilen ol dertden dynypdyr.
Galandar öz adatyna görä her ýylky edişi ýaly, derýa baryp
suwa düşdi-de, doga okady. Gaýdyşyny bolsa kesellilere seretdi.
Birden bir topar telbeleriň içinde onuň gözüne bir görmegeý
ýaş ýigit ildi. 01 ýigit ysgynsyzlykdan ýaňa aýagynyň üstünde-de
durup bilmeýärdi. Galandar maňa ol ýigidi jaýyň içine eltmegi
buýurdy. Kesellilere maslahat hem doga berişdirip, hüjrä gaýdyp
gelenimizde, galandar ol kesel ýigidiň kellesinden kiçiräk deşik
açdy-da, atagzy bilen onuň beýnisine giren kyrkaýagy çykarjak
boldy. Şol wagt meniň kelläme bir pikir geldi. Eger-de atagzyny
gyzdyryp, kyrkaýagyň arkasyna bassaň, onda ol çykyp gitjek,
emma atagzy bilen tutup çekiberseň welin, onuň ýumşak ýerden
aýrylasy gelmez, ýigidiň janyna wehim salar. Men galandara pikirimi aýtdym. Ol menden şeýle sözleri eşideninde, sesini çykarman, ýüzüme seretdi-de, ýerinden turup, bagyň bir burçuna tarap
ýöneldi. Baryp agajy gujaklady-da, öz saçyndan halka ýasap asyldy. Men şol bada yzyndan ylgap bardym. Arman, onuň eýýäm
jany çykan eken. Men bu elhenç wakany görüp gaty gynandym.
Emma indi bu garryny jaýlamakdan başga meniň edip biljek işim
ýokdy. Onuň göwresini agaçdan aýyrjak bolanymda bulaşan
saçlarynyň arasyndan iki sany açar gaçdy. Ol açarlary aldym-da,
galandary gara ýere tabşyrdym. Soňra açarlar bilen jaýyň içindäki gapylary açjak bolup gördüm. Ahyry iki sany hüjräniň gapysy
açyldy. Görsem, olaryň içi gymmatbaha daşlardan hyryn-dykyn
eken. Bir ýerde bolsa daşyna mahmal tutulyp, altyn apbasylar bilen bezelen bir gapyrjajyk dur. Men onuň gulpuny açdym-da, gapagyny galdyrdym. Gapyrjajygyň içinde gudratly Allatagalanyň
ady ýazylan bir kitap bar eken. Onda jyn-perileri çagyrmagyň
ýollary, arwahlary özüňe boýun egdirmegiň tärleri, şeýle hem
okaňda Aý-Gün tutulýan doga ýazylan eken.
Men şeýle genji-hazyna tapanym üçin gaty begendim hem-de ondan peýdalanmakçy boldum. Metjidiň derwezesini açyp,
meniň bilen gelen emirdir onuň kömekçilerine bu pullaryň,
harytlaryň, gymmatbaha zatlaryň, kitaplaryň ählisini gämilere
ýükläp, watana gaýtmagy buýurdym. Biz az ýöräp, köp ýöräp
öýümize golaý baranymyzda, biziň dabaramyz patyşa ýetdi. 01
biziň öňümizden çykyp, begenjinden ýaňa guş bolup uçjak bolup,
meni bagryna basdy.
Men onuň dabanlaryndan öpüp:
- Men biçärä öňki howlymda ýaşamaga rugsat ediň - diýdim.
- Nazarkerde oglum! Ol howly emgekli howly, onuň üçinem onuň ugruna seredilmedi; indi onuň içinde adam ýaşar ýaly
däl. Sen beýleki köşklerden göwnüň halanyny al-da ýaşaber. Eger
sen galanyň içinden ýer tutup, meniň gözümiň görüp durjak ýerinde ýaşasaň, gezelençdir keýpi-sapa çekmek üçin hem göwnüňe
ýaraýşy ýaly edip, bir bag ekdirseň kem bolmazdy.
Emma men öňki haýyşymda berk durup, köne bagymda
ýerleşdim. Onuň içindäki zatlary täzeledim, baga timar berip
abadanlaşdyrdym, bejerip, jennetiň jaýyna dönderdim. Soňra
elimi boşadyp, jynlary özüme boýun etmek üçin kyrk gün oraza tutdum, yns-jynsyň ýok ýerinde arwahlary çagyrmaga taýýarlandym.
Kyrk güni geçirenimden soň, gijäniň birwagtlary şeýle
bir güýçli apy-tupan gopdy welin, beýik-beýik jaýlar ýumrulyp
ugrady, agaçlar bolsa köki-söki bilen gopup asmanda gaýdy.
Onuň yzysüre bir topar peri uçup geldi. Olar bilen bir tagt hem
ýere indi. 01 tagtyň üstünde eginleri tüýs owadan halatly, başy
merjen jygaly biri dabaraly gömüşde otyrdy. Men ony görenimden, uly hormat bilen salam berdim. 01 meniň salamymy alyp:
- Eý, gadyrdan! Sen näme üçin biderek galmagal turuzdyň?
Bizden näme isleýärsiň? - diýdi. Men:
- Men biçäre köpden bäri siziň gyzyňyza aşyk. Onuň
ugrunda zagpyran dek sargaryp, mahluga döndüm. Men dünýäden doýdum. Onuň ýolunda öz janymy bermäge-de taýýar. Men
indi bir size sygynýan, men göwni synyga şepagatlyk ediň. Bir
çemçe ganymy geçip, gyzyňyz bilen görüşmäge rugsat etseňiz,
uly sogap gazandygyňyz bolardy - diýdim.
Ol meniň haýyşyma:
- Adamzat toprakdan emele gelipdir, biz bolsa otdan döräpdiris. Bi iki zady birleşdirmek aňsat däl - diýdi.
- Onuň jemalyny görsem bolýar, ondan artyk zat islämok diýip, men ant içdim.
Ol bolsa:
- Azamzat lebzinde durmaýar. Olar tutan maksatlaryna ýetmek üçin ilki ant içip, awy ýalaýarlar, soňra hem beren wadasyny
unudýarlar. Men muny seniň bähbidiň üçin aýdýaryn: her haçan
hem sen ýaňky aýdanyňdan artykmaç bir zat etmekçi bolaýsaň,
onda ikiňiz hem öliime sezewar bolarsyňyz, janyňyz sal üstiinde
galar.
Biziň başymyza günä getirjek hiç bir zat etmän, onuň jemalyna bakjakdygyma söz berdim. Biz şeýdip, gürrüň edip durkak birden jynlar şasynyň tagty gaýyp boldy-da, gürrüňi edilip
duran perizat geldi. Onuň bezeg-şaýlaryna akylym haýran galdy.
Men özüme erk edibilmän, ony mähir bilen gujakladym-da:
Näm üçin men biderek
Garaşýan gaşy kemana?
Hany ol, onuň ugrunda
Tutdum men kyrk gün oraza diýip, bir gazal aýtdym.
Biz şady-horram bolup, meniň howlymda ýaşaberdik. Men
betbagtlykdan gorkup, diňe onuň näz-kereşmesinden mährem
tapýardym, ondan artyk zatlar barada bolsa pikir hem etmeýärdim. Meniň perizadym beren sözüme şeýle wepalydygyma juda
haýran galýardy.
01 maňa käte:
- Ezizim! Sen öz beren sözüňde berk durýarsyňam welin,
şonda-da men saňa şeýle maslahat berýärin: kitabyňy berkräk sakla. Jynlar maýyny tapsa, bu gün bolmasa, erte gelip, ony alyp
gaçjaklar ahyryn - diýýärdi.
- Men ony öz şirin janym ýaly görüp goraýaryn - diýip
jogap berdim.
Emma bir gije özümi şeýtana aldyraýypdyryn. Hyjuwdan
ýaňa özüme erk edibilmän: «Näme bolsa bolsun! Men haçana
çenli saklanyp ýöreýin» diýip pikir etdim-de, iň gabahat niýet
bilen perizady bagryma basdym. «Kitaby uzat, onda keramatly
adamyň ady bar. Ony masgara etme-de äber» diýen ses gulagyma
geldi. Meniň şeýle aýşy-eşretde düýpden akylym çaşdy. Meniň
bar erkim perizada gidendigi sebäpli, köýnegimiň içindäki kitaby
çykardym-da birine uzatdym. Peri meniň akmaklygymy görüp:
- Ah, eziji! Sen öz lebziňden dänip, meniň maslahatymy
unutdyň! - diýip gygyrdy. 01 şeýle diýdi-de, bihuş boldy. Men
onuň başujunda duran eli kitaply döwe gözüm düşdi. Men ony
tutup, birkemsiz ýenjip, elimden kitaby almak isledim, emma edil
şol wagt başga bir döw onuň elinden kitaby kakyp aldy-da gaçyp gitdi. Men dilime gelen dogalary okap ugradym. Ýaňky dik
duran döw öküze döndi. Wah, arman, perim bolsa, öňküsi ýaly
huşsuzdy. Şondan bäri ol jadyly ukuda ýatyr, hiç özüne gelenok.
Şol ýerde meniň hem akylym aýlandy. Ähli şatlyklar meniň
üçin hesret boldy. Men adamlary ýigrenip ugradym, olardan
daşlaşyp, şu bagda boluberdim. Güýmenje üçin bolsa göwherden gap-çanak ýasan bolýan. Her aý jadylanan öküzimiň üstüne
münüp, meýdana çykýan-da, adamlar meniň nähili hesret çekýänimi görüp, bile ýas tutar ýaly, jam döwüp, bir guly öldürýän. Belki-de, maňa rehimi inip, meniň üçin Alladan dileg etjek Hudanyň
bir bendesi tapylaýadyr, ana, şonda ýene öňki bagtyma ýeterdim.
Eý, dost, dost! Ine, men saňa özümiň nädip telbe, samsyk bolanymy aýdyp berdim.
Men onuň gürrüňini diňläp boldum-da, gözýaşyma erk edibilmän, şeýle diýdim:
- Eý, şazada! Sen, hakykatdan hem, yşkyň otly derdini
çekipsiň. Men indi öz arzuwlarymdan dänýän. Seniň işiň üçin
dag-jeňňelleri söküp, elimden gelenini etjekdigime kasam edýän.
Men şeýle wada berip, onuň bilen hoşlaşdym-da, bäş ýyl
telbe kimin ykdym, emma onuň derdine şypa berer ýaly hiç hili
derman tapmadym. Ahyry, dünýäni terk edip, bir beýik daga
çykyp ugradym-da, gapyrgama çenli çym-pytrak bor ýaly, özümi
dik aşak zyňmagy ýüregime düwdüm. Şol wagt hem ýaşyl donly
şol atly geldi-de:
- Janyňa kast etme. Bimäçe günden sen öz myradyňa
ýetersiň - diýdi.
Eý, Hudanyň wepadar derwüşleri! Men eýýäm sizlere-hä
duşdum. Indi bolsa Hudanyň şepagaty bilen biz şatlyga, bagta
eýe bolup, ähli garyplar hem öz gözleýän zadyna ýetermikä diýip
umyt edýän.
A zatbagt
p a tyşa n yň gürriiňi
^ k i n j i derwüş öz başyndan geçirenleri hakyndaky heW kaýatyny aýdyp gutaranda, gije tamam bolup, daň atdy.
Azatbagt patyşa sesini çykarman, öýüne gaýtdy. Köşge gelip namazyny okady, soňra howza suwa düşüp, gymmatbaha lybasyny
geýdi-de, umumy kabul ediş jaýyna girdi. Tagtyna geçip:
- Garawulbaşy pylan ýere barsyn. Ol ýerde dört sany mysapyr bardyr. Goý, ol olary hormat bilen şu ýere alyp gaýtsyn diýip, buýruk berdi.
Garawulbaşy patyşanyň emri bilen salgy berlen ýere
bardy. Görse ol ýerde dört sany gedaý gamdan egsilip, el-ýüzüni
ýuwupdyrlar-da, şaýlaryny tutup, hersi öz ýoluna ugrajak bolup
dur eken. Garawulbaşy:
- Hormatly jenaplar! Patyşa sizi öz huzuryna çagyrýar.
Meniň bilen gitmäge merhemet ediň! - diýip ýüz tutdy.
Derwüşler bir-biriniň ýüzüne seredişip, garawula şeýle diýdiler:
- Jenap! Biz bir öz günümize gezip ýören adam, biziň älem
häkiminiň işine dahylymyz ýok.
- Yok, gadyrdanlar!Arkaýyn boluň. Siz şanyň ýanyna barsaňyz, hemme zat göwnejaý bolar - diýip, garawul jogap berdi.
Şol wagt bularyň dördüsi hem Murtoza Alynyň aýdanlarynyň hakykata öwrülýändigini aňdylar. Olar begenişip, garawulbaşynyň yzyna düşdüler. Galanyň içine girip, patyşanyň
öňünde tagzym edip, şeýle alkyş aýtdylar:
- Jenap! Hemä döwletiň egsilmesin!
Patyşa az sanly adamlary kabul edýän jaýyna gitdi-de,
ýakyn emirlerini ýanyna çagyryp:
- Şol dört eleşan eşiklileri çagyryň - diýip buýruk berdi.
Derwüşler jaýa girenlerinde, patyşa olara ýer görkezdi-de:
- Siz biziň welaýatymyza nirelerden geldiňiz? Indi nirä
gitmekçi bolýaňyz? Siziň öý-öwzaryňyz nirede? - diýip, ýagdaýlaryny sorady. Derwüşler:
- Patyşanyň ömri uzak bolsun, döwleti artsyn! Biz bir mysapyrlar. Biz köpden bäri sergezdançylyk edip ýörüs. Mysapyryň
öýi Günüň ýaşan ýeridir. Goş-golamymyz bolsa hemişe arkamyzda. Bu pany dünýäde biziň görüp-eşiden zadymyzy bolsa aýdyp
tükeder ýaly däl - diýdiler.
Azatbagt mylaýym söz bilen mysapyrlary köşeşdirdi-de,
nahar getirmegi buýurdy. Olary öz gaşynda oturdyp, nahar berdi.
Nahar iýlip bolnansoň, patyşa ýene gürläp başlady:
- Menden hiç zady ýaşyrman, öz başdan geçirenleriňizi
gürrüň beriň, men bolsa siziň üçin hiç zatdan gaýtman, elimden
gelen kömegi edeýin.
- Başymyza düşen zatlaryň hemmesini aýtmaga biziň gurbatymyz çatmaz, patyşa bolsa olary diňläp lezzet tapmaz - diýip,
olar jogap berdiler. - Onuň üçin, gowusy, bizi bagyşlaň.
Onda patyşa ýylgyryp goýberip, şeýle diýdi:
- Siziň öten agşamky biri-biriňize öz başdan geçireniňizi
gürrüň beren ýeriňizde menem bardym. Hawa, men eýýäm iki
derwüşiň gürrüňini eşitdim. Indi beýleki ikisiniň gürrüňini
eşidesim gelýär, onsoňam men bimäçe gün meňkide arkaýyn
dynç almagyňyzy isleýän. Derwüşiň bar ýerinde bela-beter dep
bolarmyş.
Mysapyrlar patyşanyň bu sözlerini eşidip, gorkudan ýaňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 07
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.