Latin

Dört derwüş - 03

Total number of words is 4038
Total number of unique words is 2106
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýeri hem ýüregime düşüp ugranda, tentek ýaly bolup, ýene köçelerde selpeýärdim. Men hiç ýerde özüme orun tapman ygyp ýören
it ýaly, ençe günläp zat iýmän, gijeler kirpigimi gözüme çalman
geçirýärdim. Jan diýeniň iýmit bilen saklanýar, adam ogly çörek
gurçugydyr, onuň üçin hem men iýmek-içmeksiz tiz gurpdan gaçdym. Tüýs ysgynsyz halda men birwagt perime garaşan ýerim
bolan metjidiň diwarynyň düýbünde ýykylyp galdym. Günleriň
birinde meniň tanyş agtam ýassy namazyny okamaga geldi. 01
meniň ýanymdan galtaşyp giden ýaly geçip gitdi. Men bolsam
gurpsuzlykdan ýaňa çala eşidilýän sesim bilen şeýle gazaly
okadym:
Ölermikäm ýa bu derde dözermikä ýüregim,
Eý, Hudaýym, boljak işler bolup dynsady basym.
Owurdym owurdymdan geçip, sypatymyň üýtgändigi zerarly, meni öňki tanaýanlar indi tanajak gümany ýok hem bolsa,
ýaňky agta meniň zaryn sedamy eşidip saklandy. 01 maňa siňe
40
seredip, bir ah çekdi-de, meniň nädip beýle ýagdaýa düşendigimi
duýgudaşlyk bildirip sorady. Men oňa:
- Bolup geçen işleri indi düzedip bolmaýar. Men ol peri
üçin janymy gaýgyrman, elimden gelenini etdim. Indi onuň permany şeýle bolansoň men nädeýin? - diýdim.
Agta meniň sözlerimi gulak salyp diňledi-de, öz hyzmatkärlerinden birini ýanymda galdyryp, metjide girdi. Namazyny okap,
metjitden çykansoň bolsa, meni tagtrowanyň üstünde ýatyryp,
hyzmatkäre özüniň yzy bilen ol rehimsiz jenanyň ýanyna äkitmegi buýurdy. Ol meni eltip, tutynyň öňünde oturtdy, tutynyň
aňyrsynda bolsa perim bardy. Meniň öňki görk-görmegimden
nam-nyşan galmadyk-da bolsa, peri meni tanamalydy. Sebäbi
men ençe gije-gündizi onuň ýanynda geçirdim ahyryn. Emma
şonda-da peri bilgeşleýin meni tanamadyk boldy.
- Kim bu? - diýip, ol agtadan sorady.
- Bu sizi gazaba mündürip, siziň käýinjiňize sezewar bolan
bagtygara - diýip, ol mylakatly adam jogap berdi. - Şonuň üçin
hem bu şu derejä ýetipdir. Muny ýakýan yşk ataşy. Bu ol ataşyň
üstüne näçe gözýaş dökse-de, ol has möwjäp tutaşýar hem ýüregi
hiç bir aram tapmaýar. Üstesine-de, ol öz eden etmişi üçin utanyp,
ýere girip bilenok.
- Sen näme ugursyz zatlary ýaňraýarsyň - diýip, peri oňa
garşy çykdy. - Ol adamynyň öz ýurduna gaýdyp barandygy barada meniň adamlarymyň habar getirenine eýýäm bimäçe gün
boldy ahyryn! Elbetde, Hudaýyň özi hemmeden gowy bilýändir.
Yöne bu kim? Sen kim hakda gürrüň edýäň?
Agta gol gowşuryp:
- Bir çemçe ganymy geçseňiz, men hemmesini düşündireýin
- diýdi.
- Aýt, geçýärin!
- Siziň aslyňyz adalatly ýagşyzadalardandyr. Hudanyň
hatyrasyna araňyzdaky tutyny açmaga rugsat beriň, siz ony
tanaň-da, bu ejize garaşyk ediň. Gadyr bilmezlik gowy zat däl.
Şu betbagtlykda bu adama näçe köp rehim etseňiz, ol jaýyna
düşer hem-de şonça sogap gazanarsyzyň. Size artykmaç maslahat
bermäge bolsa meniň hetdim ýokdur. Siziň rehim parasadyňyz
nämäni laýyk bilse, şondan gowusy bolup bilmez.
Peri ýylgyryp:
- Ýagşy. 01 kim bolsa-da, ony bejeriň. Birkemsiz sagalanyndan soň bolsa ony özümiz sorag ederis - diýdi.
Agta ýene gürrüňi dowam etdi:
- Eger-de siz hut öz eliňiz bilen onuň üstüne gyzyl suw sepeläp, öz diliňiz bilen hem bir zat aýtsaňyz, şonda onda ýaşamak
arzuwy dörär. Näumytlyk hatar zatdyr. Dünýä umyt bilen saklanýandyr.
Peri muňa hiç hili jogap bermedi.
Men bu gürrüňi eşidip, has hem gamgynlandym, birjik-de
ýaýdanman:
-B e ý le durmuşa meniň ýüregim çydam etmeýär! Men eýýäm
aýagymy gabra sokup otyryn. Meniň ajalym ýakynlaşypdyr, meni
ondan gutarmak bolsa şa gyzynyň elinde. Gutarmalymy, gutarmaly däldi, ony şa gyzynyň özi gowy bilýändir - diýip dillendim.
Ýürekler eýesi Allatagala zalym jenanyň köňlüne rehim-şepagat inderdi öýdýän, ol öňki gazabyndan dänip:
- Tizräk şanyň tebiplerini alyp geliň - diýip buýurdy.
Şol sagadyň özünde tebipler jem boldy.
01 meniň damarlarymy, peşewimi barlap, esli wagtlap bir-birleri bilen maslahat edişdiler. Ahyryn, hassa ýanyp-öçüp, ak
ýürekden aşyk bolupdyr, onuň magşugy bilen duşuşmakdan
başga dermany ýok, ol öz aşygyna ýetdigi, derrew sagaljak diýen
netijä geldiler. Tebipleriň agzyndan çykan sözleriň hem agtanyň
aýdyşy ýaly meniň öňki derdimi tassyklany üçin, şa gyzy meni
hammama eltip, ýagşy ýuwmagy hem-de gelşikli geýimler geýdirip, öz ýanyna getirmegi buýurdy. Meni haýal etmän hammama
eltip ýuwdular-da, iň gowy geýimleri geýdirip, periniň ýanyna
getirdiler.
Gözel jenan gyzmaçlyk bilen şeýle diýdi:
- Sen maňa nähak ýerden dil ýetirdiň hem-de meni biabraý
etdiň. Indi menden näme isleýärsiň? Göwnüňde näme bar bolsa,
aç-açan aýt, göreli.
Eý, mysapyr dertdeşler! Men şeýlebir şatlandym welin, begenjimden ýaňa iki bolup bilmän, ýüz-gözüm hem üýtgäp gitdi.
Men Hudaýa müňde bir şükür edip:
- Häzir siz şu sözüňiz bilen ähli tebipçilik ylmyny maňa
gerekmez etdiňiz. Men bir meýitdim, siz sähelçe pursatda maňa
jan berdiňiz. Bir serediň! Meniň öňki bolşum bilen häzirki
ýagdaýymyň arasynda, gör, nähili tapawut bar! - diýip, oňa jogap
berdim.
Men şol sözleri aýdanymda, oňa goýýan hormatymy, minnetdarlygymy görkezmek üçin üç gezek daşyndan aýlandym.
Soňra ýene garşysynda durup:
- Hanym, siz maňa göwnümde bar zady aýtmagy höküm
etdiňiz. Men guluňyz üçin dünýä malyndan gymmat zat, ullakan hoşamaýlyk edip, men bimynasyby golaýyňyza goýberip,
dabanyňyzdan öpmäge rugsat etmeklikdir - diýdim.
01 meniň sözlerimi eşidip pikire batdy. Soňra hem öçüksi
nazar bilen maňa bakdy-da:
- Oturyň. Siz bize iňňän wepaly gulluk etdiňiz. Onuň üçin
siz näme sorasaňyz hem bolar. Siziň eden hyzmatyňyz ýadymyzdan çykmaz. Biz siziň islegiňiz bilen razylaşýas - diýdi.
Şol günüň özünde amatly wagty saýlap, kazy bize sessiz-üýnsüz nika gyýdy. Şunça hesret-güzaplardan soň, ahyry
Hudaýyň özi meni ýürek arzuwymyň berjaý bolan gününe ýetirdi! Emma öňler ýüregimde ykbalymy şu perimiň durmuşyna
birleşdirmek isleginiň ýer edişi ýaly, indi öz gözüm bilen gören
şol täsin işlerimiň anygyna ýetmek meniň küýüme düşdi. Men şu
wagta çenli öz perimiň hem-de bölejik kagyzy görüp, maňa şonça
haltajyk altyn berip goýberen şol görmegeý hebeşiniň kimdigini hem bilmeýärdim. Onsoňam şol gyssagly ikiarada patyşalara
mynasyp meýlis üçin hemme zat nädip taýýar bolup bildi? Näme
üçin şol meýlisde meniň günäsiz myhmanym bilen söýgülisiniň
başy kesildi? Meniň wepaly hem-de boýun sunup gezmegime
garamazdan, perimiň maňa gazaplanmagy, indem birden meni
beýle derejä çykarmagy nämedenkä? Men perimi çaksyz söýsemem, şu ikirjiňlemeler sebäpli, toý edilenden soňam, bütin bir
hepdeläp söýgi lezzetine berlip bilmedim. Gijelerine bir ýorganda
ýatsagam, men oňa ärlik edip bilmedim.
Bir gün ir bilen men suwa düşmek isläp, hyzmatkär aýallaryň
birine suw gyzdyrmagy buýurdym. Hanym ýylgyrdy-da:
- Gyzgyn suw nämäňe gerek? - diýip sorady.
Perimiň meniň özümi alyp barşymdan närazy bolýandygyny
men öňräjik aňsam hem sesimi çykarmadym.
Ahyry ol bir gün:
- Siz nähili täsin adam ekeniňiz: bir görseň gyzmaç, bir
görseň parhsyz. Yeri, siziň bu bolşuňyza näme diýip aýtmak bor?
Eger-de siziň erkeklige gaýratyňyz bolmasa, maňa öýlenjek bolup, manysyz çabalanyp nätjekdiňiz? - diýdi.
Men birjik-de ikirjiňlenmän:
- Eý, meniň söýgülim! Adalatlyrak boluň. Her bir adam öz
gep-gürrüňinde adalatlylykdan boýun gaçyrmaly däldir - diýdim.
- Saňa indi nähili adalatlylyk gerek? Men edip biljek adalatlylygymy bireýýäm etmedimmi näme? - diýip, perim menden
sorady.
- Dogrudanam, meniň iň uly arzuwym wysal boldy. Ýöne
meniň ýüregimde her hili şübheler höküm sürýär. Ünjüli adamyň
bolsa göwni ynjalanok. Şonuň üçinem ol bar zada ukypsyz bolup,
adatdaky adamlara asla meňzemeýär. Meniň ýüregimi şatlykdan
dolduran toýy edenimizden soň, akyl-huşuma sygmaýan, ýeke
özümiň aslyna ýetip bilmejek ençe zatlarymy sizden soraryn
diýip, öz-özüme söz beripdim. Siziň merhemetli diliňizden şol
zatlaryň gürrüňini eşidenimde, meniň göwnüme ynjalyk aralaşar.
- Ah, asyl şeýle diýseňiz-le! - diýip, peri gaşlaryny çytdy. Siz meniň aýdanymy eýýäm ýadyňyzdan çykardyňyzmy? Ýatlaň
onda! Meniň işime hiç wagt garyşmaň hem-de hiç zat barada
soramaň diýip, men size näçe gezek aýtdym. Dessura gelşiksiz
beýle edepsizligi etmek size nämä gerek boldy? - diýdi.
- Siz meniň beýleki gödeksi işlerimi bagyşladyňyz, muny
hem bagyşlarsyňyz - diýip, men güldüm.
Jenan gözüni gazap bilen alardyp, tüweleý ýaly gahar-gazaba mündi-de:
- Görýän weli, sen tumşugyňy gaty ýokary tutýaň! Bar,
öz işiň bilen bol! Bu zatlary bilmekden saňa haýyr ýok! - diýip
gygyrdy.
- Dünýäde başga birine öz ýalaňaç teniňi görkezmekden
beter aýyp zat ýok - diýip, men oňa jogap berdim. - Emma biz
bolsa birek-biregi gowy tanaýarys ahyryn. Indi siziň ýüregiňiz
şoňa razy bolandan soň, başga nähili syr bolup biler?
01 biraz pikir edip:
- Bu aýdýanyň dogry. Ýöne öz syrymy açsam, ullakan
betbagtçylygyň boljagyny men öňünden syzýaryn - diýdi.
- Men, näme, şindi hem siziň ynamyňyza laýyk dälmi? Siz
öz başyňyza düşen zatlary çekinmän maňa aýdyp bilersiňiz, men
olary ýüregimiň jümmüşinde gizlärin, siziň ol syryňyzy ömür
boýy agzymdan çykarman gezerin. Arkaýyn boluň, menden
başga biljek adam bolmaz - diýdim.
Syryny açman, menden gulagynyň dynmajagyny aňansoň,
ol alaçsyz aýtmaly boldy:
- Meniň işlerimiň üstüniň açylmagy köp azar ýetirer, ondada nätjek, sen gaty özelendiň. Men seniň köşeşmegiňi isleýän,
onuň üçin hem öz başymdan geçirinimi gürrüň bereýin. Ýöne sen
ony hiç ýerde agzyňdan çykarmaly dälsiň.
01 bu hakda dilimi ýarmazlygymy sargap-sargap, gürrüň
bermäge başlady:
- Men şumbagt. Dimaşk ýurdunyň patyşasynyň gyzydyryn.
Meniň atam soltanlaryň soltanydy, menden başga onuň perzendide ýokdy. Men dünýä inen günümden bäri ene-atamyň mähirli
aladasy bilen läliksiredilip terbiýelendim. Bimeme göze gömüp
ugranymda bolsa, mende gelşikli hem görmegeý ýüzlere bolan höwes döredi. Şonuň üçin meniň ýanyma jora edip döwletli
maşgalalarda önen, misli periler ýaly zyba gyzlary berdiler. Meniň
bilen ýaşytdaş iň gowy gymaklar, kenizler bolsa hyzmatymy etdiler. Men hemişe tansy gowy görýärdim, aýdym diňläp, lezzet tapýardym, dünýäniň aladasy bilen meniň işim bolmazdy. Özümiň
şeýle aladasyz ýaşaýşym üçin Hudaýa müňde bir şükür ederdim.
47
Emma birden meniň häsiýetim öz-özünden üýtgäp gitdi. Meni hiç bir zat gyzyklandyrmady, her hili jemagatly
ýygnanyşyklaram meni şatlandyryp bilmedi. Göýä diýersiň,
garahassalyga uçran ýaly boldum. Ýüregim bozulyp, gam laýyna batdy, gözüme mähirli görünýän zat ýok, hiç bir adam bilen gepleşesim gelmedi. Meni bu ýagdaýda gören enekelerdir kenizler näderini bilmän aljyraňňylyga düşdüler. Meniň bu
gamgynlygymy hemişe maňa wepaly bolan agta hem aňdy. Sen
ol agtany tanaýarsyň, men köp wagt bäri ondan hiç zat gizlemän,
öz syrlarymy aýdýaryn. Ana, şol agta maňa:
- Eger-de, şazada gyz, siz «arzuw ýapragy» diýen ösümligiň
ýapragynyň suwuny içmegi merhemet etseňiz, janyňyz gutular,
size ýene-de öňki şady-horramlygyňyz gaýdyp geler - diýip teklip etdi.
Onuň maslahaty meniň göwnüme ýakany üçin, men oňa
çaltrak şol içgini getirmegi buýurdym. Agta gitdi-de, iş edinip,
bir golçajyk içgi ýasady. Ony buzuň üstünde goýup sowadansoň,
golçajygy bir oglanyň eline berdi-de, ol ikisi meniň ýanyma geldi.
Men ol içgini içip, agtanyň aýdanlarynyň hakykata öwrülýändigini duýup ugradym. Munuň üçin men oňa birkemsiz bezegli halat
serpaý ýapdym, hemişe şol bir wagtyň özünde şonuň ýaly içgini
getirip bermekligini buýurdym. Ana, onsoň şol günden bäri agta
bilen oglan ikisi maňa günde bir golçajyk içgi getirdi, menem
içdim. Serhoşlyk başymy çalaja sämedip ugran wagtlary, men ol
ýetginjek oglan bilen degşip, onuň bilen güýmeň-süýmeň edip,
ýüregime teselli berýärdim. Ol dura-bara öwrenişip, ýakymly
süýji sözler tapyp, täsin taryhlary gürrüň bermäge başlady. Käte-käte bolsa ah çekip aglaberdim. Özem görmegeýdi - görmäge
göz gerekdi. Meniň göwnüm oňa biygtyýar meýil etdi. Halanym
üçin ýa-da ýöne meni güýmäni üçin, men bu oglana günde bir zat
sowgat berýärdim. Emma bu betbagt oglan bolsa meniň ýanyma
şol öňki garagäz, ýyrtyk geýimi bilen gelýärdi.
Bir gün men ondan:
- Sen menden şunça zat alsaň hem, geýim-gejimiňi täzeläňok-la. Bu nä boluş? Sen ol pullary nämä harçlaýaň, ýa sen
olary basyp goýýamyň? - diýip soradym.
48
Oglan meniň sözlerimi eşidip, özüniň aladasyny edýändigimi aňdy-da, gözlerine ýaş aýlap:
Siziň guluňyza berýän hemme zadyňyzy meniň elimden halypam alýar. Maňa bolsa gara köpük hem berenok. Siziň
ýanyňyza geýip geler ýaly täze geýimi men nireden alaýyn? Men
günäkär däl ahyry. Meniň edip biljek alajym ýok - diýdi.
Munuň görýän görgüsini eşidenimde, meniň oglana ýüregim awady. Men şol sagadyň özünde bu oglany özüne şägirt edip
almaklygy hem-de oňa gowy geýim tikip bermegi agta buýurdym.
Deň-duşlary bilen biderek ylgaşyp ýörmän, meniň göwnümi açyp durar ýaly, oňa patyşalaryň hyzmatlaryna laýyk gowy
gylyklary öwredip, menden daşlaşdyrmazlygyny tabşyrdym.
Agta diýlişi ýaly hemmesini ýerine ýetirip, oglany gowy bakyp
ugrady. Dynçlykdyr gowy iýmit köp wagt geçmänkä oglana
täsir edip ugrady. Onuň sypaty tanalmaz ýaly üýtgedi. Men öz
duýgularymy saklamaga şunça erk etjek bolsamam, bu içiňden-bagryňdan geçip barýan ýetginjegiň keşbi meniň kalbyma şeýle
bir çuň omaşyp, ygtyýarymy öz erkine aldy welin, men ony ýüregime salyp götermäge kaýyl bolup, ondan gözümi sähelçe-de
aýryp bilmeýärdim.
Ahyryn men ony öz ýanyma hyzmatkär edip alyp, iň gymmatbaha daşlar bilen bezelen halatlary geýdirdim, hemişe oňa seredip, hezillik tapdym. Şol oglan hemişe golaýymda bolany üçin,
meniň görejime bagt şuglasy çaýylyp, ýüregimden gamgynlyk
dagy aýryldy gitdi. Men sagatsaýyn onuň pikirini edýärdim,
ahyrsoňy şeýlebir derejä ýetdim weli, ol oglan bir zerur iş bilen
ýanymdan aýrylsa-da, görüşmäge howlugyp, kararym ýetmedi
durdy.
Bimäçe ýyldan ol ýigit çykdy. Onuň murty tabap, bedeni
berkeşdi. Köşk adamlary onuň gürrüňini edip ugradylar. Derwezebanlar, hyzmatkärler, garawullar ony köşge goýbermän
ugradylar. Soňra onuň düýpden gelmesi kesildi. Men bolsa onsuz
janym a rahat tapman, her sagadymy agyr gussa bilen geçirdim.
Men öz ýagdaýymyň umytsyzdygyna düşünenimde bolsa, öz
başyma musallat inen ýaly boldy. Men öz ýagdaýymy duýduryp
49
hem bilmeýärdim, ol ýigitsiz ýaşamaga hem ejizdim. Eý, Hudaý!
Men şondan başga näme edip biljekdim. Meniň çekýän hesretimi
dil bilen aýdar ýaly däldi. Men näderimi bilmän, ýanyma wepaly
agtany çagyrdym-da, şeýle diýdim:
- Meniň şol ýigidimiň aladasyny edesim gelýär. Häzirki
ýagdaýda oňa müň tylla berip, bazaryň adamlyrak ýerinden zer
dükanyny gurup berenden gowusy bolmaz. Söwdadan geljek girdeji bilen ol arkaýyn ýaşap biljek. Meniň köşgiimiň golaýyndan
bolsa hiç bir zatdan kemi bolmaz ýaly oňa ýaşamak iiçin jaý salyp
başlaň, geregiçe gul-gymak satyn alyp, oňat hyzmatkärler tutup
beriň.
Agta edil aýdylyşy ýaly hemmesini ýerine ýetirdi. 01, ýigide ýaşamak, zergärlik hem söwda tiçin gerek şaýlaryň hemmesini
taýýar edip berdi. Tiz wagtdan ol ýaş zergäriň diikany beýleki
dükanlaryň arasynda şeýlebir şöhratlandy weli, şanyň köşgüne
ýa-da emirlere bezegli halatlar, ýaldyrawuk daşlardan edilen
gymmatbaha şaýlar gerek bolanda, ony diňe şondan alýardylar.
Yuwaş-ýuwaşdan onuň söwda işleri giňelip, tizden bu dükanda daşary ýurtlardan getirilen islän geň zatlaryňy hem tapmak
mümkin boldy. Şäheriň beýleki zergärleriniň işi bolsa pese düşdi.
Garaz, şäherde onuň bilen hiç bir zergär bäsleşip bilenokdy, asyl
başga ýurtlarda hem onuň taýy ýokdy.
Onuň rowaçlanyp, öz işlerinde ýüz-müňlerçe mpiýa gazanýan wagtynda meniň saglydym aýralyk sebäpli gün-günden
erbetleşýärdi. Men onuň bilen duşuşyp, ýüregimi köşeşdirmegiň
täsirini oýlap tapyp bilmeýärdim. Ahyry men tejribeli agta ýüz
tutup, kömek sorap:
- Ol ýigidiň öýünden başlap tä köşge çenli ýeriň astyndan
ýol gazdyrmagy buýur. Men ony hiç bolmanda sähelçe salymlyk
görmegiň mundan başga tärini tapamok, ýüregim bolsa indi takat
edenok - diýdim.
Meniň bu buýrugy berenimden soň bimäçe gün geçip-geçmänkä, ýerasty ýol taýýar boldy we her gün garaňky gatlyşdygy,
agta meniň ýanyma ol ýigidi getirýärdi. Bütin gijeleri şerapdyr
nygmat başynda şady-horramlyk bilen geçirýärdik. Onuň bilen
*4
duşuşyp durmaklyk maňa ynjalyk berýärdi, ol bolsa meniň didaryma bakyp doýup bilenokdy. Daň ýyldyzy gömüp, azançy
azan aýdyp namaza çagyranda bolsa, agta ol ýigidi getiren ýoly
bilen yzyna äkidýärdi. Üç adamdan: agta hem-de meni ideden iki
enekeden başga hiç kimiň bu işden habary ýokdy.
Şeýdip bimäçe gün geçdi. Ine, onsoň günleriň bir güni
agtanyň hemişekisi ýaly ol ýigidiň yzyndan gidendigi şu günki
dek ýadymda. Baryp görse, ýigit bir zadyň pikirini edip, tukat
bolup otyrmyş. Agta oňa:
- Ýeri, aman-saglykmydyr? Ne beýle tukat görünýärsiň?
Ýörüň, sizi hanym çagyrýar - diýipdir.
Ol bolsa agzyny hem ýarmandyr.
Agta täk geldi-de, ýigidiň hal-ahwalyny habar berdi. Rast
şonda-da söýgini ýüregimden çykaryp kowup bilmedik bolsam,
kalbymy jyn eýelän bolmaga çemeli. Eger-de meniň bu ähtiýalana bolan söýgimiň ahyrynda maňa ysnat, biabraýlyk getirjegini şol wagt bilen bolsam, şo sagadyň özünde ondan umydymy
üzüp, ýüz döndererdim, onuň adyny ömürbaky unudardym we
ýüregimden hemişelik zyňyp taşlardym. Ýöne başgaça bolup duruberdi. Onuň beýle gabahat niýetleri bardyr öýtmeýärdim. Şol
günki gelmezligine bolsa söýgi näzi diýip düşündim. Netijede senem bu taryha duýdansyz gatyşdyň duruberdiň. Ýogsa bu wagt
men, gör, nirede bolardym, gör, sen nirede bolardyň. Bolýar-da,
bolany boldy.
Ine, onsoň ol eşegiň kesirligine artyk üns bermän, ýene-de
onuň ýanyna agtany iberdim-de, şu sözleri aýtmagy buýurdym:
«Eger şu sagadyň özünde gelmeseň, men özüm her edip, hesip
edip ýanyňa barjak bolsam, onda biziň bu gizlin syrymyzyň üsti
açylmak howpy bar. Syrymyzyň üsti açylsa bolsa, seniň üçin eýgilik bolmajagy açykdyr. Işiň soňuny biabraýlyga eltmejek bolsaň,
gowusy, özüň tizräk gel, bilip goý, ýogsa-da özüm barýan». Ýigit bu habary eşidip hem-de meniň köşeşmejek hyjuwyma gözi
ýetensoň, ýaranjaň gysmyljyramadyr haýýarlyk bilen ýanyma
geldi.
01 meniň gapdalymda oturanda:
- Sen näme diýip bu gün wagtynda gelmediň, nämeden nägile bolýarsyň? Sen mundan öň beýle bihaýa geleňsizlik
etmeýärdiň, ikinji gezek adam ibertmän gelýärdiň - diýdim.
Ol:
- Men garyp biçäre siziň meni alada edinip, hossarlyk
etmegiňiziň arkasyndan şeýle uly mertebä ýetdim, munuň ýaly
eşretli durmuşa eýe boldum. Men hemişe siziň saglygyňyzy
hem-de döwletiňiziň egsilmezligini dileýärin. Men siziň rehimdarlygyňyza ýazykly hem günäkär boldum. Siz meni bagyşlarsyňyz diýip umyt edýän - diýdi.
Men ol ýigidi tüýs ýürekden söýýärdim. Şol sebäpli men
onuň jögi sözlerine ynanyp, gepiniň ýalanmy-çynlygyna üns hem
bermändirin. Gaýta mylaýymlyk bilen:
- Sen nämeden kynçylyk çekýärsiň? Sen näme üçin beýle
gamgyn? Aýt, seniň bu çekýän gamyňdan halas bolmagyň üçin
bir zat oýlap taparys - diýdi.
01 öňki tabynlygy bilen:
Meniň ýekelikde çekýän kynçylygym sizi gören badyma
ýeňläp gidýär - diýdi.
Ýigidiň ondan soň aýdan sözleriniň mazmuny şeýledi: onuň
jaýynyň golaýynda, edil şäheriň merkezinde beýik jaýly, howuzly,
kölli hem-de daşdan örülen guýuly tapylgysyz owadan bir çarbag
satylýarmyş. Çarbagyň ýany bilen hem saz sungatynda deňi-taýy
bolmadyk bir aýdymçy gymak berilýärmiş. Bagyň ýeke özüni
aýratyn satyn almak bolmaýar. Olaryň ikisi boýny pişikli düýe'
ýaly bile satylýar. Kim bu bagy satyn aljak bolsa, gyzyň hakynam
tölemelimiş. Hileli ýerem, çarbagyň bahasy ýüz müň rupiýamyş-da, gymagyň bahasy bäş ýüz müňmüş. Munça puly bolsa ýigidiň
nagt tapyp bilmejegi belli zat.
1 Boýny pişikli düýe - Gündogarda giňden ýaýran anekdot bolup, şonda bir arap ýitiren düýesini tapman, ondan el üzüpdir-de, şol düýe tapylaýsa,
ony bir dinara satjak diýipdir. Şondan soň basym ýiten düýe tapylyp, eýesi
ony diýen ýerine satmaly bolanda, ol düýäniň boýnuna bir pişigi daňypdyr-da:
«Düýäň bahasy bir dinar, pişigiň bahasy bolsa müň dinar. Olary bir-birinden
aýry satjak däl» diýip mekirlik edipdir.
Men ýigidiň şol bagy satyn almagyň tüýs kül-külüne
düşenini aňdym. Şol bag diýip, onuň göwni ynjalmaýardy. 01
meniň garşymda oturan hem bolsa, onuň ýüz keşbi tukatdy. Men
bolsa ony her sagat, her pursat bagtly, şadyýan görmek isleýärdim.
Onuň üçin hem men derrew agtany çagyryp, şa hazynasyndan
altyn alyp, ertire çenli çarbagdyr gymagyň söwdasyny edip,
olaryň ikisine hem eýelik etmegiň hatyny ýigide gowşurmagy
buýurdym. Yigit meniň buýrugymy eşiden badyna, maňa alkyş
baryny ýagdyryp ugrady hem-de onuň şol bada gamly ýüzi açyldy. Biz bütin gijäni hemişekimiz ýaly şady-horramlykda geçirdik.
Daňdanlar bolsa ol ýene gitdi. Agta çarbagy hem, gymagy hem
satyn alyp berdi, ýigit hem hemişekisi ýaly her gije ýanyma geldi
durdy.
Baharyň ajaýyp bir günüdi. Asmanda bulutlar haýalja
ýüzýärdi, ýagyş çisňäp, käýerde ýyldyrym çakýardy, käte bolsa mylaýym şemal öwüsýärdi. Birden meniň gözüm dürli-dürli
reňkli çüýşejikli hem-de golçaly tekjä düşdi-de, bir owurt şerap
içesim geldi. Iki-üç bulgur şerap içenimden soň, meniň ýadyma
ýaňy-ýakynda satyn alnan çarbag düşdi. Meniň şol bagda şeýle
bir gezim edesim geldi. Bagtyň ýatsa, düýäniň üstünde it ýarar
diýipdirler.
Ine, men bir gaýgy-gamsyz, diňe bir enekäm ikimiz ýerasty ýol bilen ýigidiň öýüne gitdim-de, ol ýerden hem şol baga
bardym. Görsem, dogrudan hem, çarbag edil jennetiň bagy ýaly.
Agaçlaryň ýaşyl ýapraklaryndaky ýagyş damjalary, zümerret jama
salnan ýakut ýaly ýalpyldaýar. Ajaýyp güller agşam şapagy ýaly
bolup şöhle çaýýar-da, buludyň ýüzüne düşüp, al öwüsýär, pürepür dolup duran howuzlaryň dumagöz dury suwunda bolsa owunjak tolkunlar oýnaýardy. Men Gün ýaşyp, garaňky gatlyşýança,
bagyň içinde gezim etdim. Ine, baga bürenip oturan ýoljagazlaryň
birinde meniň ýigidim göründi. Ol meni göreninden, alçaklyk hem güler ýüz bilen maňa tarap okduryldy-da, golumdan
tutup, öýüne alyp gitdi. Men jaýyň içine girenimde, daşynda
gören zatlarymyň ählisini unutdym. Öýüň içi gündizlikden hem
ýagtydy: nirä baksaň fonarjyklar, ýagty şamçyraglar, şemdanlar,
hytaý fonarlary, äpet şemdar panuslar ýylpyldaýardy. «Şab-e-barat»' baýramyny köçeleriň, jaýlaryň hem-de Aýyň ýagtysy
bilen ýadyňa salanyňda hem munuň ýanynda garaňkylykdy. Bir
ýerde ot altyn gyryndysy dek syçrasa, başga bir ýerde wazyrdap hem uçgun bolup syçraýardy: käte çarh ýaly aýlansa, käte
hem gülälek ýaly açylýardy, kämahal lagyl ýaly uçgunlap, Aýyň
kümüş şöhlesi dek ýalpyldaýardy.
Edil şu wagt Aý buludy ýaryp, daraýy geýimli gözel dek,
gülüp göründi. Şeýlebir gözellikdi! Aý şöhlesini açan badyna, ýigit meniň ýokaryk çykyp, eýwanda oturmagymy teklip etdi. Men
şeýlebir akmak bolup, ol deýýusyň hemme gepine ynanýardym.
Indi ol meni minara eltmegi ýüregine düwen eken. Minara şeýle
bir ýokardady welin, şäheriň ähli jaýlary, bazaryň yşyklary onuň
edil düýbünde ýatan ýalydy.
Men onuň boýnundan golumy geçirip, bagt kölünde ýüzüp
otyrdym. Şol wagt eli şerap çüýşeli, ýigrenji, bedroý hem-de edil
şu wagt peçden çykyp gelen ýaly şar gara aýal geldi. Onuň bu
ýere gelmegi maňa asla ýaramady, betnyşan sypaty bolsa, aňrymy
bärime getirdi.
- Bu ne bela? Sen muny nireden tapdyň? - diýip, men tolgunyp soradym.
- Bu siziň merhemetiňiz bilen çarbagyň ýanyna goşulyp
satyn alnan şol gym akdyr- diýip, ýigit gol gowşuryp jogap berdi.
Men bir ýerden bu samsygyň ony heziller edip garşy
alandygyna, ýüreginiň näzik duýgularynda oňa meýliniň bardygyna hem düşündim. Beýle ýagdaýa gamlanyp, sesimi çykarmadym. Yüregim bada-bat çuň iňkise gidip, düýpden keýpim
bozuldy. Bu bihaýa ýigit bolsa, gaýta ol ýakymsyzy ýanymyzda
sakçy edip goýdy. Meniň ýüregime gan öýlüp, men garga bilen bir
kapasa salnan totuguş ýaly boldum. Gideýin diýsem goýberenoklar, oturmaga-da takadym galmady.
Bu hebeşi aýalynyň getiren şeraby şeýlebir güýçlüdi welin,
ol adamyny däliredip hem biljekdi. Ýigit şerapdan yzly-yzyna 1
1 «Şab-e-barat» - musulmanlaryň Rejep aýynda şamanot geçirýän
baýramy.
bimäçe jamy içensoň, onuň tagallasy bilen men hem ol awudan
ýarty bulgur içmeli boldum. Soňabaka ol uýatsyz wejera aýal
serhoş bolup, bu deýýus bilen her hili bihaýalyk edip ugrady. 01
haramzada ýigit hem serhoşlykdan wyždanyny ýitirip, her hili nejisliklere ýüz urdy.
Şol wagt ýer ýarylmady, men girip bilmedim, şonda-da
men samsyk ony söýenligim üçin, sesimi çykarmadym. Ýöne ol
tüýs zandyýaman nejis bolsa meniň geçirimliligime düşünmedi.
01 sämän başyna erk edip bilmän, ýene-de iki jam şeraby başyna
çekdi-de, zyrrajym däli boldy duruberdi. Maňa daga hormat goýmaklyk başyndan uçup gitdi. Ýigit özüni hujuw bilen bu arwahyň
göwsüniň üstüne oklady, ol hem ony başardygyndan mähribansyrap garşy aldy. Şeýdip olar edil meniň gözümiň öňünde
gujaklaşyp öpüşdiler. Ne ähtiýalanda äht galdy, ne-de bihaýada
haýa, şeýdip bular ýüreklerinde bar zatlaryny ýüze çykardylar.
Men özümi hetden çykyp, agzyna gelen zady samrap, aýdyma
gygyrýan adama meňzedýärdim. Öz-özüme gargynyp: «Ýeri,
seniň bu ýerde görüň gazylypdymy? Muňa-da, heý, çydam edip
bolarmy?» diýip pikir edýärdim. 01 jaýyň diwarlary meni gysyp-gowrup barýan ýalydy, özüm hem köz üstünde oturan ýalydym.
Men gahar-gazaba münüp, özümiň bu ýerde geregimiň ýokdugyna düşündim-de, ýerimden turup gitjek boldum.
Emma bu şeraphor üstüne betbagtçylyk abanýandygyny
aňdy. 01 «Şa gyz bu gün gazaba münen bolsa, onda, gör, ertir
meniň başyma näme düşer? Daň atsa, gör, nähili tupan turar.
Beýle bolsa, ony şu wagt ýok edenim gowy» diýip pikir etdimikä diýýan. Öz ýoldan çykany bilen maslahatlaşdy-da, ýüregini
bire baglap, meniň aýagyma ýykyldy. Başyndan sellesini aýryp,
gözýaş edip, bagyşlamagymy sorady. Wah, meniň ýüregim onuň
ýesiri ahyryn, şonuň üçin hem ol meni degirmeniň daşy ýaly, islän
ugruna aýlap bilýärdi. 01 eýdip-beýdip, meni yrdy-da, ýene ýerimde oturtdy. Şol güýçli şerapdan jamlary doldurdy-da, özi hem
içdi, maňa hem içirdi. Meniň onsuz hem ganym gyzyp oturan
halyma, bu şerap meni bada-bat serhoş etdi, akyl-huşdan aýyrdy.
Bu daşýürek rehimsiz dönük bolsa, gylyjy aýlap saldy-da, öldürdim hasap etdi. Men bolsa şonda-da gözümi açyp:
- Bolýar, men-ä almytymy aldym, ýöne senem şu nähak
dökülen ganyň hunundan seresap bol. Rehimsiz ar almakdan ägä
bol. Indi boljak iş boldy. Ýere dökülen gany ýuw-da, syry hiç
kime aýtma. Men saňa soňky demime çenli ynanýardym - diýip
pyşyrdadym.
Şondan soň men ony Hudaýa tabşyrdym, meniň hem janym
güm bolana döndi. Men hiç bir zat duýmadym. 01 jellat meni
öldi hasaplap, sandyga salyp, galanyň diwaryndan sallan bolmaga çemeli. Ony bolsa özüň gördüň. Meniň hiç kime ýamanlygym ýokdy, elbetde, maňlaýyma ýazylan şeýledir-dä, takdyra
ýazylany bolsa bozup bolmaýar. Men çeken azabym üçin özüm
günäkär: eger görk-görmegeýlige gyzmadyk bolsam, ol nejis
boýnuma towky bolmazdy.
Senimeniňhalasgärimedip,dadymaýetişmeküçinHudaýyň
özi iberäýipdir. Men mundan beýläk nädip ýaşajagymy, neneň iliň
gözüne görünjegimi bilmän gaty utanýardym. Ýeri, ýeke özümiň
bitirjek işim barmydy? Adamzadyň amanady öz erkinde däl:
Taňry meni bir öldürip, ýene kysmatyndakyny görsün diýip jan
berdi. Meniň şeýle agyr ýaralardan sag-aman gutulmagyma seniň
alada-yhlasyň ýardam eden bolmaga çemeli. Sen meniň üçin
özüňden hem, malyňdan hem geçip, eliňde baryny aýamadyň. Şol
günler men seniň pulsuz galyp, nätjegiňi bilmeýändigiňi aňyp, öz
hazynaçym Seýdi Baharyň adyna hat ýazyp, saňa beripdim. Men
şol hatda pylan ýerde sag-aman gezip ýörün diýip ýazdym hem-de
men maňlaýygara hakda käbäm eneme habar bermegini soradym.
Hazynaçy hem bize sowar ýaly seniň ýanyň bilen şol pully haltajyklary iberipdi. Men seni halatdyr gymmatbaha zatlary almak
üçin söwdagär ogly Ýusubyň dükanyna iberen wagtym, ol müýnli
işigaýdan her bir göreni bilen tanyşjak bolar-da, seniň ýat ýurtdan
gelendigiňi bilip, dost bolmak üçin myhmançylyga çagyrar diýip
güman etdim. Men öz çaklamamda ýalňyşmadym, ol, dogrudan-da, meniň güman edişim ýaly etdi. Sen onuňka söz berip, meniň
ýanyma geleniňde, onuň seni tutanýerlilik bilen myhmançylyga
çagyryşyny gürrüň bereniňde bolsa, men öz içimden begendim.
Eger sen onuň öýünden iýip-içseň, onuň öwezine senem ony ça-
gyrmaly bolarsyň, ol bolsa böküp geler diýip pikir etdim. Şonuň
üçinem men seni bada-bat goýberdim. Sen myhmançylykdan üç
gün geçensoň gaýdyp geleniňde, menden ötünç soradyň. Şonda
seni köşeşdirmek üçin:
- Aýby ýok. Sen myhmançylykdan ol ýigit jogap berensoň
gaýdypsyň ahyryn. Yöne adamynyň hödür-hormatyny hödür-hormat bilen gaýtarmalysyň. Bar, indi sen ony bize çagyr-da, myhmançylyga alyp gel - diýdim.
Sen onuň ýanyna ugran badyňa, myhman kabul edere hiç
zadymyzyň ýokdugyny gördüm. Yeri, ol gelse nätjek diýsene!
Bolsa-da bir çykalga tapyldy. Biziň ýurdumyzyň patyşalarynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 04
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.