Latin

Dört derwüş - 02

Total number of words is 3976
Total number of unique words is 2156
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şeýle täsin ýaradylan zady parçalap bildikä, näme üçin beýle etdikä? Onuň kellesine nähili pikir geldikä, ol neneň muňa elini
galdyryp bildikä? Bu demini sanap ýatyrka hem onuň adyny tutýar, diýmek, oňa bolan söýgi şindi hem munuň ýüreginden çykmandyr». Öz-özüm bilen şeýle gepleşip durkam, meniň sözlerim
onuň gulagyna ildi. 01 ýuwaşjadan perenjini syrdy-da, maňa göz
aýlady. Nazarym nazaryna kaklyşandan başym aýlanyp, özümi
ýitirip başladym. Men özümi zordan rasladym-da, gaýrata galyp:
- Siz kim, size näme boldy, dogrusyny aýdyň? Başyňyza
näme iş düşdi? Eger şony aýtsaňyz, ýüregim ynjaljak - diýdim.
Onuň geplemäge zordan ragbaty ýetýärdi.
01 :
- Sag boluň. Meniň nähili parçalananymy özüňiz görüp
dursuňyz. Ýeri, men size nämesini aýdaýyn! Men bu ýerde az
salymlyk myhman. Ýöne demim sogrulanda, Hudanyň haky üçin
asyllylyk edip, men betbagty nirede bolsa-da, bir ýerde şu sandykda jaýlaň. Şonda men ýagşy-ýaman adamlaryň gybatyndan dynaryn, siz bolsa sogap gazanarsyňyz - diýip dymdy.
Gijäniň içinde meniň edip biljek hiç bir zadym ýokdy. Men
ol sandygy öz goşumyň ýanyna getirip, daňyň ataryna garaşdym.
Haçan gije ötüp, daň şapagy gyzararka? Haçan men şähere gidip,
bu zenana ýardam boljak zatlary jan aýaman gözläp taparkam?
Bu gije şeýlebir uzaga çekdi welin, hut ýüregime düşdi. Daň
atýança Hudaýy agzymdan düşürmän çagyrdym. Ahyry, horazlar
gygyryp, adamlaryň hümürdisi eşidilip başlady. Men erte namazymy okadym-da, sandygy eýere daňyp, derwezäni açan batlaryna şähere girdim. Öňümden çykan adamlardan hem dükançylardan nirede kireýne berilýän jaýyň bardygyny soradym. Esli wagt
sorag-ideg edenimden soň, ahyry bir çemelije täze jaý tapyp,
şonda bolmaklygy makul bildim. Men hemme zatdan öňürti görmegeý zenany sandykdan çykaryp, ýumşak düşekde ýatyrdym.
Soňra hem onuň ýanynda bir ynamdar adamy goýup, tebip gözlegine çykdym.
Men her bir öňümden çykandan:
- Bu şäherde iň ökde tebip kim, ony nireden tapmak bolar?
- diýip soraýardym.
- Ussa tebiplikden başy çykýan bir dellek bar, ol bu işlere
örän ökdedir. Onuň ýanyna ölini alyp barsaňam, ol Hudaýyň gudraty bilen şeýlebir melhemler tapar welin, onuň jany gaýtadan
jesedine gelýär. 01 şu ýerde ýaşaýar, adyna hem Isa diýýärler diýip, kimdir biri maňa aýtdy.
Bu şatlykly habar meni şeýlebir begendirdi, şol bada salgy berlen ýere ugradym, köp wagt geçmänkä ol adamyň öýüne
bardym. Gapynyň iç işiginde bir çal sakgally goja oturan eken.
Onuň daşynda bolsa bimäçe adam her dürli ýaglary çalyp oturan
eken. Men oňa hormat goýup ýüz tutdum:
- Men siziň at-abraýyňyzy eşidip geldim. Habarym hem
şeýle: men bu ýere watanymy taşlap, söwda etmek üçin gelipdim, özümiň çaksyz söýýän aýalymy hem ýanym bilen alyp getirdim. Siziň şäheriňize ýakynlaşanymyzda iňrik garaldy. Gijäniň
içinde nätanyş ýurtda entäp ýörmegi makul bilmedim, meýdanda
bir agajyň düýbünde düşledik. Daňa golaý üstümize galtamanlar
çozup, ählije goşumyzy taladylar. Aýalymyň gymmat bahaly şaý-sepini sypyrdylar, özünem ýaraladylar, meniň bolsa olara hiç
zat etmäge gurbum çatmady. Gijäni zordan geçirip, daň çagy
şähere girdim-de, kireýne bir jaý aldym. Onsoň aýalymy düşekde
ýatyryp, siziň ýanyňyza ylgadym. Alla size beýik hünär beripdir.
Men ýolagça rehim ediň, tünegime baralyň, aýalyma bir seredip
beriň. Siz ölüm howpundan halas etseňiz, şöhratyňyz has-da artar, men bolsa ömrüm ötýänçä, siziň guluňyz bolup galaryn.
Isa tebip örän rehimdar hem şepagatly adam eken. Meniň
günüme onuň rehimi inip, bile öýümize geldi. Aýalyma gözi
kaklyşandan, ol meni derrew köşeşdirdi:
- Hudaýyň merhemeti bilen bu hanymyň ýarasy kyrk güne
ýetmän gutular, ana, şondan soň sagaldyş suwuna1 ýuwulmaga
rugsat ederin.
Ine, onsoň bu Hudanyň bendesi onuň ýaralaryny arassalap,
nim2 agajynyň şiresine ýuwuşdyrdy. Soňra olaryň tikmelilerini
tikdi, galanlaryna bolsa, haltajygyndan däri-dermanlaryny çykaryp, käsine öl daňy, käbirine hem daňy saraşdyrdy-da, birhili
hoşniýetlilik bilen:
- Men günde iki gezek gelerin, ýöne sen şuňa gözegçilik
edip otur, ol seresapsyz gozganmasyn, bolmasa ýaralarynyň tikinine zyýan ýetiräýmegi mümkin. Özüni dürsär ýaly towuk
çorbasyny bişirip ber hem-de bedmuşkyň3 şiresine gül suwuny
garyp, ýygy-ýygydan içir —diýdi.
Ol şony aýdyp, hoşlaşyp gitdi. Men oňa müň-de bir hoşallyk
bildirip, gollarymy gowşuryp, alkyş okadym hem-de atyrdyr betel4 sylag berdim.
1 Sagaldyş suwy - näsagyň gutulandygyny aňlatmak üçin kyrk günden
soň, ol ýörite suwa düşürilýär.
2 Nim - agaç, ýaranyň azmazlygy üçin şonuň şiresinden peýdalanýarlar.
3Bedm uşk- ösümliklerden ýasalýan ýakymly ysly derman. Adamy kuwwata getirmek üçin ulanylýar.
4 Betel - ýapraklary arek palmasynyň tohumy we başga-da bimäçe
zatlar bilen garyşdyrylyp, sakgyç edilýän ösümlik.
Men özüme dynç almagy hem gadagan edip, gijämi-gündizimi öz perim hakynda oýlanyp geçirýärdim. Onuň sagalmagyny diläp, her gün Hudaýa mynajat edýärdim. Uzak wagt geçmänkä, meniň bagtyma, goşlarymy alyp gaýdan täjir geldi.
Men ähli malymy deger-degmez islendik bahasyna satyşdyryp,
pulumy däri-dermana harçladym. Tebip yzyny üzmän gatnap
durýardy, ine, onsoň köp wagt geçmänkä zenanymyň ýaralary
bitişip, gutulyp ugrady. Bimäçe gün geçenden soň bolsa, birkemsiz edip, ony sagaldyş suwuna düşürdiler. Men begenjimden iki
bolup bilmedim. Isa dellege halat-serpaýdyr altyn sylag berdim;
sypanyň üstüne owadan haly düşedip, perini bolsa şonuň üstünde oturtdym. Gedaýlara bolelin hudaýýoly berip, şol gün özümi
ýedi älemiň şasy ýaly duýdum. Birkemsiz sagalan zenan gunça
dek açylyp, ýüzleri Gün deý nur saçýardy. Ýaňaklary altyn suwy
dek nuranady. Onuň owadan keşbini görmäge göz gerekdi. Men
gije-gündiz onuň hyzmatynda bolup, islän zadyny sessiz-üýnsüz
ýerine ýetirerdim. 01 bolsa öz gözelligine hem-de häkimliligine
buýsanyp, käte maňa nazaryny salaýsa-da, diňe şu sözleri aýtmak
üçin görejini maňa dikýärdi:
- Ägä bol! Eger biziň merhemetimizden mahrum bolmajak
bolsaňyz, hiç haçan biziň işimize gatyşmaň. Biziň her bir aýdan
zadymyz hiç hili hykgy-çokgusyz ýerine ýetirilmelidir. Iliň işine
goşulsaň, soň armanly bolarsyň.
Meniň wepalylygymyň hem-de tabynlygymyň oňa gümansyz ýaraýanlygy zenanyň maňa ýüzlenip sözleýşinden aňlanýardy.
Men onuň razylygyny alman, hiç bir işe baş urmazdym hem-de
onuň buýruklaryna bütinleý tabyn bolýardym. Bimäçe wagtlap
ähli işler gowulykda hem asudalykda geçdi. Zenanyň göwnüniň
islän zadyny men şol pursadyň özünde tapyp bererdim. Emma bir
gün meniň ähli malym, pulum, girdejim gutardy dumberdi. Bu
nätanyş ýurtda kim maňa ynanyp, karz berer? Ine, iň derwaýys
zatlarda kynçylyk ýüze çykyp başlady. Meni gaýgy-gam gaplap
aldy. Agyr pikirlerden ýaňa horlanyp, ýüzüm garört boldy. Kime
ýüz tutmalydygy barada köp pikirlenýärdim. Emma bularyň bary
biderekdi. Garyp öz hesretini özi çekmeli ahyryn.
Günlerde bir gün gözel peri özüniň duýgurlygy zerarly
meniň ýagdaýymy aňdy-da, şeýle diýdi:
- Eý, adamzat! Seniň wepaly hyzmatyň meniň kalbymda
hemişelik galdy, ýöne bu wagt seniň bu hyzmatyňy ýanyşdyryp
biljek däl. Eger sen zerur harçlar üçin gama batyp ýören bolsaň,
ony ýüregiňden çykar. Hany, maňa bir tagta kagyz, syýa hem
ýüwüş galam äber.
Men bu zenanyň beýle uly gepleýşine haýran galyp, hökman bir döwletiň şasynyň gyzydyr diýip pikir etdim hem-de haýdan-haý hat ýazylýan esbaplary getirdim. Görmegeý zenan hat
ýazyp elime berdi-de:
- Galanyfl ýanynda depesi ýaý kimin üç öwrümçe bir derweze bardyr. Şol ýerdäki köçejigiň ýanynda bolsa bir ullakan jaý
bardyr. Onuň eýesine Bahar Seýit diýýändirler. Şu haty elt-de,
şoňa gowşur - diýdi.
Men onuň buýruşy ýaly, salgy beren ýerleri bilen gidip,
şol ýere bardym-da, hatly gelendigimi duýdurmak üçin gapyda
hyzmatkäri jaýa iberdim. Şol pursatda meniň ýanyma görmegeý,
kaşaň selleli bir hebeşi geldi. Onuň ýüzi garaýagyzdan nuranady.
01 meniň elimdäki haty aldy-da, menden hiç zat soraman, jaýa
girip gitdi. Tiz wagtdan soň ol on bir sany guly yzyna tirkäp geldi.
01 gullaryň depesindäki mejmede parçadan tikilen haltajyk bardy.
- Şu ýigidiň yzyna düşüň-de, zatlaryňyzy şunuň baran ýerine eltiň - diýip, hebeşi olara buýurdy.
Men baş egip, ol gullary yzyma düşürdim-de, öýüme getirdim. Gapynyň agzynda mejmeleri alyp, perimiň öňünde goýdum-da, gullary goýberdim. Perim mejmelere seredip:
- Şu içi altynly on bir sany haltajygy al-da, gerek-ýaragyňa
harçlaber. Bize Hudaý garaşyk eder - diýdi.
Men ol pullary aldym-da, gerek zatlarymy alyp başladym.
Yöne men öňki aladalarymdan dynsam-da, meniň kalbymda bir
iňkis döredi. «Eý, Alla, bu näme boldugyka? Sygryň dili ýalyja kagyza kese ýurtla meňzeş nätanyş adam hiç bir zat soraman,
maňa şeýle baýlygy berdi. Perimden sorap, bu syrly işiň anygyna
ýetäýsem niçik bolarka? Ýok-la! Her bir zady biljek bolup ýör-
megi ol maňa öňünden gadagan edipdi ahyryn diýip pikir etdim.
Men onuň gaharynyň gelmeginden gorkdum, dilimi ýarmaga-da
milt edip bilmedim.
Bir hepde geçensoň, meniň söýgülim maňa şeýle sözleri
aýtdy:
- Allatagala adamzada hiç wagtda hapalanmajak hem
ýyrtylmajak geýim beripdir. Köne geýim adamzadyň aslyny üýtgetmeýän hem bolsa, Hudaýyň bendeleriniň öňünde hormatdan
düşürýär. Sen iki haltajyk altyny al-da, bazaryň orta gürpündäki
Ýusup täjiriň dükanyna baryp, gymmatbaha bezegler bilen iki
sany zynatly don al.
Men säginmän ata mündüm-de, dükanyň işiginde häzir
boldum. Görsem, ol dükanyň içinde zagpyran reňkli geýim geýnen bir görmegeý ýigit otyr weli, onuň didaryny görmek üçin
uly märeke üýşüp, bütin bazaryň ýoluny böwetläp durlar. Men
haýran galyp, onuň ýanyna bardym, salamlaşyp oturdym-da, özüme gerek zady soradym. Meniň gepleýşim bu şäheriň ilatynyň
gürleýşinden tapawutlanýardy, muny dükanyň eýesi derrew
aňdy-da, hoşamaýlyk bilen:
- Jenabyň göwnüniň islän zady bizde bardyr. Ýöne bir
zady soramaga rugsat ediň: siz haýsy ýurtdan bolarsyňyz, sizi
ýat şäherde ýaşap ýörmäge näme mejbur edýär. Merhemet edip,
özüňiz hakda gürrüň beriň - diýdi.
Men asla öz hal-ýagdaýymyň üstüni açmak islemeýärdim.
Men gürrüňi başga ýana sowjak bolup, gymmatbaha geýim-gejimleri aldym-da, olaryň bahasyny töläp, hoşlaşmakçy boldum.
Söwdagär ýigit tukatlanyp:
- Eý, jenap! Eger-de meniň bilen tanyşmakdan gaça durjak
bolsaňyz, onda näme sebäpli dostlarça salamlaşdyňyz? Päk ýürekli adamlaryň salamy ýokary baha mynasypdyr - diýdi.
Şeýle sypaýy hem-de ýürekden aýdylan sözlere meniň ýüregim erksiz tabyn boldy. Bu sözlerden soň turup gidibermek
adamçylyga gelişýän zat däldi. Men ony hoşal etjek bolup, ýerimde oturdym-da:
- Men jan-tenim bilen size tabyn bolup, hyzmatyňyzda bolmaga taýyndyryn - diýdim.
29
Bu sözler ony örän begendirdi. Ol ýyljyraklap:
- Eger siz şu gün meni hormatlap, biziň külbämize barsaňyz,
onda siziň hatyraňyz üçin birki sagat ýüregimizi ynjaldardyk
hem-de dürli nygmatlaryň, meýiň başynda bile oturardyk - diýdi.
Meniň şindi öz perimi ýeke goýan wagtym ýokdy, häzir
hem onuň ýekeligini ýatlap, dürli bahana gözläp başladym, emma
söwdagär ýigit zatlarymy perime elten badyma gaýdyp gelmäge
kasam edenimden soň, ol maňa gitmäge rugsat berdi. Men dükandan çykyp gaýtdym-da, gymmat bahaly zatlary hem donlary
hanyma eltip berdim.
Ol menden bu zatlara näçe pul tölänimi hem-de dükançynyň
nähili zergärdigini sorady. Men oňa harydy satyn alşym barada,
onuň ýeň bermän öz öýüne çagyryşy barada aýtdym. 01 maňa:
- Adam diýen sözünde tapylmalydyr. Meni Hudaýa tabşyr-da, wadada wepaly bol. Toý-tomaşa çakylygyna barmaklygy
bize Allanyň resuly wesýet edendir - diýdi.
- Sizi ýeke goýup gitmäge meniň ýüregim etmeýär. Yöne
siziň islegiňiz şeýle bolsa, men öz erkimiň garşysyna giderin,
emma tä gaýdyp gelýänçäm, meniň göwnüm rahat tapmaz.
Men şu sözleri aýdyp, ýene dükançy zergäriň ýanyna
gaýtdym. Bosagada oturyp, ol maňa garaşýar eken. Meni gören
badyna:
- Geçiberiň, gadyrdan, siz eslije garaşdyrdyňyzam - diýip,
dessine ýerinden galdy-da, elimden tutup, yzyna düşürip äkitdi. Ol meni birgeňsi ajaýyp baga getirdi. Howuzlaryň içinde,
ýapjagazlaryň boýunda suw fontanlary dik ýokary çüwdürilişip
durlar, agaçlar ýetişen miwelerini göterip bilmän, başlaryny
egşip otyrlar, dürli reňkdäki guşjagazlaryň sesi daş-töweregi
ýaňlandyrýar, bagyň ortasyndaky ajaýyp jaýyň zallaryna başdan-aýak owadan halylar düşelipdir. Ol meni akyp ýatan suwuň
boýundaky teläriň astynda oturtdy-da, gözümden gaýyp boldy,
az salymdan soň eýýäm başga, gelşikli täze täsin geýimde peýda
boldy.
- Eý, beýik taňrym! Gözden-dilden saklaweri! -d iý ip , men
ony şol gömüşde gören dessime gygyrdym. Ol ýylgyrdy-da:
- Jenap hem öz geýimlerini çalşyrsa gowy bolardy - diýdi.
Men onuň islegini kabul edip, geýimlerimi çalşyryndym.
Meniň hojaýynym kemsiz meýlis etdi, göwün açmaga gerekli bolan hiç bir zady ýatdan çykarmady. 01 meni mähirli kabul
edip, oňat gürrüňler berdi. Onýança hem eli küýzeli, buldurawuk
pyýalaly saky geldi. Dürli-dümen miweler, tagamlar getirilip,
stoluň üstüne döküldi-de, şeraplar süzülip başlandy. Üçünji, dördünji saparky pyýalalaryň göterilmeginiň öň ýanynda, şindi sakgal-murtlaryna bir gezek hem päki degmedik, buýra saçlary seçelenip duran dört sany görmegeý ýetginjek ýigit gapydan girdi-de,
aýdym-tansa başlady. Olaryň aňk ediji müň dürli duýguly sazyny
şol wagt Tan Sen1 eşitse, öz mukamlaryny ýadyndan çykarardy,
Baýju Bawra2 bolsa olaryň sungatyny göreninden akyly çaşardy.
Emma birden bu şagalaňyň arasynda öý eýesini tukatlyk
gurşady. 01 gözýaşyna erk edip bilmän:
- Biz ikimiz indi dost bolduk ahyryn. Öz dostuňdan ýürek
syryňy gizlemeklik bolsa, hiç bir dine hem dogry gelmeýär. Onuň
üçin hem men sizden ýaýdanman bir zady haýyş etmekçi: eger
siz garşy bolmasaňyz, şu ýere öz söýgülimi çagyryp, ýüregimi
köşeşdireýin. Onsuz meniň göwnüm rahatlanmaýar - diýip, maňa
ýüzlendi.
Bu sözler şeýlebir janypkeşlik bilen aýdyldy welin, eýýäm
oňa duýgudaşlyk bildirdim:
- Meniň arzuwym siziň bagtly bolmagyňyzdyr. Ondanam
bir zat bolarmy?! Haýal etmäň! Hakykatdan hem, ýanyňda ýaryň
bolmasa, hiç bir zadyň hezili bolanok.
Yaş ýigit tuta tarap öwrüldi-de ümledi welin, şol bada jyn
ýaly betnyşan gap-gara aýal geldi-de, onuň ýanynda oturdy. Bu
aýaly gören dessiňe aňryň bärik geljekdi. 01 maňa seredende has-da gorkunç boldy, men öz-özümden: «Bu elhenç aýalyň şeýle
owadan ýigidiň söýgülisi bolaýşyny! Şonda-da bu ony hyjuwly
1 Tan-Sen - meşhur sazanda. XVI asyrda, Akbar imperatorlyk edýän
döwründe Demirgazyk Hindistanda ýaşapdyr.
2 Baýju Bawra - Demirgazyk Hindistanda meşhur aýdymçy bolup,
XVII asyrda ýaşapdyr.
joşup taryp edýär-ä» diýip pikir etdim. Sesimi çykarman, «Bize
bir şunuň ýaly zady görkezmäweri, Alla» diýip içimden dileg etdim.
Biz üç gije-gündizläp şerap içip, aýdyma, oýundyr şagalaňa
berildik. Dördünji güni serhoşlyk, ýadawlyk bizden üstün çykdy.
Men neneňsi halda süýji uka gidenimi bilmedim. Ertiri meni öý
eýesi oýardy-da, serhoşlykdan açýan içgiden bimäçe käse berip,
aýňalmaga kömek etdi. Men şonda gaýtmak üçin rugsat soradym.
01 menden hoşallygy sebäpli garşylyk görkezmedi-de:
- Myhmany mundan artyk saklamak gowy däl - diýip,
söýgülisine aýtdy.
Men haýal etmän öňki geýimlerimi geýdim-de, öýde oturan perimiň gaşyna bardym. Şu wagta çenli perimi ýeke goýup,
ýekeje gijäni aýra geçiren günüm ýokdy. Indi men üç günläp
öýde bolmanlygyma aljyrap, ondan ötünç soradym, özümi aklamak üçin meýlis barada, hojaýynyň toý sowulmazyndan öň meni
goýbermeýşi barada bolşy ýaly gürrüň berdim.
01 jemgyýetiň däplerine beletdi. Onuň üçin hem:
- Dostuň hatyrasy üçin eglenmegiň aýby ýok. Men hemmesini bagyşladym. Sende günä barmy näme? Adam biriniňkä
barsa, diňe öý eýesiniň erk-ygtyýary bilen çykyp gaýdyp biler.
Ýöne men başga zat hakynda aýtmakçy bolýaryn. Sen myhman
bolup iýdiň, içdiň, keýp çekdiň. Sen indi şunuň bilen rahatlanmakçymy ýa-da öz edişi kimin, hödür-hezzet etmekçimi? 01 täjiri
myhmançylyga alyp gelip, onuňka görä iki esse şagalaňly meýlis
gurmagyň gerek. Ony gurmagyň gaýgysyny etme, Hudaý berse,
gerek zatlar bada-bat taýýar bolar-da, meýlis dabaraly gömüşe
geler dumbir - diýdi.
Men onuň aýdanyny edip, zergär ýigidiň ýanyna bardym.
Oňa:
- Men siziň islegiňizi ses-üýnsüz ýerine ýetirdim. Indi siz
hem adalatlylygyň ýoluna düşüp, meniň kiçi göwünli haýyşymy
kabul ediň - diýdim.
- Men size janym-tenim bilen tabyndyryn - diýip, ol jogap
- Eger siz özüňiziň sadyk guluňyzyň öýüne gelseňiz, siziň
maňa uly merhemet etdigiňiz bolar - diýip, men gürrüňimi dowam etdim.
01 ýigit bagyşlamagymy sorap, uzak wagtlap bahana gözläp sypjak boldy, emma men tä onuň razyçygyny alýançam el çekmedim. Şol bada onuň bilen tirkeşip gaýtdym-da, ýol boýy ony
nähili garşylamak, onuň göwnünden turmak hakynda oýlandym:
«Yeri, ine, muny alybam barýan-da, munuň soňy nähili bolarka?»
diýip oýlanýardym.
Şeýle aladaly pikirlerbilenjaýymyzyň golaýynaýetenimizi-de duýmandyryn. A1 saňa gerek bolsa, bu ne gudrat! Gapymyzyň
daş-töweregi gül pürkülen ýaly. Köçäni syryp-süpürip, suw sepip, her ýerde garawullar, hyzmatkärler goýupdyrlar. Men öz
öýümdigini anyklap bilmän, haýranlar galdym. Ahyrsoňy, öz
öýümdigine gözümi ýetirip, içeri girdik. Görsem, otaglaryň hemmesine ajap halylar ýerbe-ýer düşelipdir. Masnadlar, içi betelli
gapyrjajyklar, gyzyl-gyzyl suwly küýzeler, müşk ysly gapjagazlar, tüfdanlar, desse-desse çemenler hem-de kaşaň küýzelerde
oturdylan nerkesler örän nepislik bilen ýerleşdirilipdir. Tekjelerde her dürli apelsinler we gaýry süýji zatlar ýaýrap ýatyr. Bir ýanyndan tutularyň aňyrsyndan aýnaly çyraglar, beýleki ýanyndan
serwidir lotos bolup duran şamçyraglar şöhle saçýar. Bütin zalyň
ugrunda bolsa tylla jamjagazlaryň içinde kükäp duran hoş ysly
şemjagazlar goýlup, kaşaň panuslar asylypdyr. Adamlar wezipesine görä ýer alyp, taýýar bolup durýar. Aşhanada gap-çanaklar
şakyrdaýarlar, suw saklanýan jaýda bolsa bar zatlar ýerbe-ýer dur:
kümüş mejmeleriň üstünde agyzlary hasa bilen daňylgy küýzejikler hem içi ýyly suwly gaplar, aňyrrakda bolsa naharly gaplaryň
gapagynyň üstünde susakmy, çemçemi, jamjagazlar ýaly zatlar goýlupdyr; uly küýzeler buzuň içinde goýlupdyr, sowadyjy
erginleriň içinde boýunlak-boýunlak çüýşeler yraň atyşyp otyrdy.
Tansçy gyzlar, oglanlar, masgarabazlar, sazandalar, bagşylar bezenip-beslenip gelipdirler; olar öz sazlaryny düzüşip otyrdylar.
Men myhmanymy öýe getirip, masnadyň üstünde oturtdym.
Özüm bolsa şindem «Eý, Hudaý! Heý-de, şu az wagtyň içinde öýi
33
şeýle bezäp ýetişmek bormy?» diýip, haýran galyp durdum. Men
şunça daş-töweregime seretsem-de, öz perimiň garasyny görüp
bilmedim. Men ony gözläp, aşhana bardym. Görsem meniň gözelim ýönekeýje geýnip, hiç hili bezenmändirem: egni kürtekçeli,
başyna hem ak ýaglyk atypdyr.
Gerek bolmaz bezeg oňa,
Alla berse gözelligi!
Seret, Aý dek şugla saçýar,
Hakykatdyr ezelligi.
Ol myhmany hezzetlemegiň pikirine gümra bolup oturan
eken. 01 her bir naharyň has tagamly, ýakymly ysly hem-de ýeterlik jazly bolmagy üçin hersinden hut özi dadyşdyryp görýän
eken. Hysyrdylardan ýaňa onuň gül bedeni der damjalary bilen
bezelen eken.
Men onuň golaýyna baryp, baş egdim-de, dabaraly sözler bilen akyl hem başamygyny magtap ugradym. 01 meniň bu
ýaranjaň sözlerime gaşyny çytyp jogap berdi:
- Perişdeleriň ukybynyň çatmaýan ençe zatlary hem
adamzadyň erkinde bolarmyş. Ýeri, maňa haýran galaryň ýaly,
men beýle näme iş edipdirin? Sen maňa onsuz hem göwnüme
ýakmaýan çylkasyz sözüňi köp aýtdyň. Sen maňa, gowusy, aýt:
myhmanyňa üns bermän, ony ýeke goýup, başga bir ýerde gezip
ýörmegiň uslyp zatmydyr? Ol nähili pikir eder. Häziriň özünde
bar-da, ýeriňe geçip, myhmanyň göwnüni tapyp otur. Söýgülisinem çagyr-da, gaşynda oturt!
Men şol bada myhmanyň ýanyna bardym, oňa gadyrlylyk bilen üns berip başladym. Edil şol wagt hem ýanymyza iki
sany görmegeý gul gelip durdy. Olar ellerindäki küýzelerinden
göwherli jamlara şerap guýup, biziň öňümizde goýdular.
Men myhmana ýüzlendim:
- Men hemme zatda siziň wepaly guluňyzdyryn. Meniň
jenabymyň ýüreginiň sahypjemaly hem şu ýere gelse, juda gowy
bolardy. Eger rugsat berseňiz, men häziriň özünde onuň yzyndan
adam iberjek - diýdim. Täjir dessine:
*3
- Orän ajap boljak. Siz hut meniň ýüregimden turduftyz diýip, hoşallyk bilen seslendi.
Men onuň yzyndan gullarymyň birini iberdim. Ine, ýarygijeden aşyberende, ýaş täjiriň sahypjemalyny başymyza düşen
duýdansyz bela ýaly edip, kaşaň tagtrowana mündürip, ol bedroý ýüzli aýaly getiräýdiler. Myhmanymyň hatyrasy üçin güler
ýüz bilen garşy almaly boldum. Başardygymdan hormatlap, öýe
saldym-da, ýigidiň gaşynda oturtdym. Myhmanym ony göreninden göýä dünýäniň ähli eşretine ýeten ýaly juda begendi, betnyşan
aýal bolsa şol bada bu görmegeý ýigidiň boýnundan dolap aldy.
Göýä diýersift, güler ýüzüň öňüne gara perde tutulana döndi.
Meýlise çagyrylanlaryft ählisi ony görüp, aňk boldular. «Beýle
bolar ýaly, bu ýigidiň başyna ne hupbatlar düşdükä?» diýip pikir
etdiler. Hemmäniň gözi şolardady, keýpi-şagalaň unudylypdy.
Myhmanlaryň biri şeýle diýdi:
- Dostlar! Adamyň ýüregi bilen pähim-paýhasy oftuşýan
zatlar däldir: akylymyzyň sygdyrmajak zadyny bidin käpir bolan ýüregimiz eýýäm kabul edendir. Mejnunyň didaryna Leýliniň
gözi bilen bir garap görüň.
Oturanlar:
- Hakykatdan hem şeýle - diýişdiler.
Men perimiň buýruşy ýaly, myhmanlarymyň ýanyndan
aýrylmaýardym. Ýaş ýigit maňa şerapdyr nahardan datmagy
şunça haýyş etse-de, men perimiň gaharynyň gelmeginden gorkup, iýmek-içmekden hem, oýun-şagalaňdan hem bizardym,
myhmanlarym bilen başagaýlanan bolup, hemme zatdan boýun
gaçyrýardym. Şunlukda, üç gije-gündiz geçdi. Dördünji gije ýigit
meni ýanyna çagyrdy-da, mähirlilik bilen haýyş etdi.
- Indi bize gaýtmaga wagt boldy. Siziň hatyraftyz üçin ähli
işlerimizi taşlap, üç gün myhmanyňyz bolduk. Geliň, indi bir ýanymyzda oturyp, bizi birazajyk begendiriň.
«Eger men şu gezegem munuň diýenini etmesem, bu gaty
görer. Täze dostuň myhman gelende bolsa, oňa aýratyn üns bermeli ahyryn» diýip, men pikir etdim-de:
- Öz jenabymyň haýyşyny ýerine ýetirmeli bolaryn, edeplilik her bir zatdan belentdir - diýdim.
Ýaş ýigit bu sözleri eşiden badyna, maňa tarap şeraply
pyýalany uzatdy. Men ony bir demimde jyňkydyp goýberdim.
Şundan soň bize yzyny üzmän şerap çekdiler. Myhmanlaryň kellesi sämäp, kemsiz serhoş boldular, özüm hem bihuş bolup, bir
ýanyma ýykylyp galypdyryn.
Daň atyp, Gün naýza boýy galanda, men gözümi açdym.
Emma ne öňki ýaly kaşaňlyga, ne meýlise, ne perime, hiç bir
zada hem gözüm düşmedi. Zal haňlap galypdyr. Diňe bir burçda
üsti örtülgi nämedir bir zat bardy. Men örtügini galdyranymdan,
kellesi kesilgi myhman ýigidimi, onuň söýgülisini gördüm. Bu
gömüş meni aňk-taňk etdi. Men ýatanymda, bu ýerde nämeler
bolanyna asla düşünip bilmedim. Men geň galyp, daş-töweregime
garadym. Birden meýlise taýýarlyk görlendäki kömek beren haremhana agtasyna gözüm düşdi. Men ony görüp, bimeme özüme
geldim-de, nämeler bolanyny soramaga durdum.
- Indi muny bileniňiziň näme peýdasy bar? - diýip, ol maňa
jogap berdi.
Birkemsiz pikirlenenimden soň, onuň mamladygyna gözümi ýetirdim. Biraz wagt ikirjiňläp duranymdan soň:
- Bolýar, gerek däl. Ýöne häzir hanymyň nirededigini bir
aýdyň! - diýdim. Onda agta:
- Rugsat berseňiz, men bilýänjämi aýdaýyn. Ýöne siz ýaly
bir akylly adamyň hanymdan bidin, ýat adamyň az wagtlyk dostlugyna bil baglap, onuň bilen birlikde meý içip, mes bolmak ýaly
gödeklik hem-de wejeralyga ýüz urmagyňyza nähili düşünmek
bolarka? - diýdi.
Öz etmişimden hem-de agtanyň nesihatyndan meniň lapym
keç boldy.
- Bolup geçen işleri indi düzedip bolmaýar - diýip, meniň
bar aýdyp bilenim şol boldy.
Teý ahyry, agtanyň maňa rehimi inip, perimi nireden gözlemelidigimi aýtdy. Ölüleri jaýlamagyň alada-hysyrdysy bilen agta
ýanymdan gideninde, men bu etmişler baradaky şübhämi kowup,
diňe bir zady pikir edýärdim: perimi nireden taparkam? Ýykylyp-sürşüp, şäherde uzak gün sergezdan bolanymdan soň, agşamara
agtanyň salgy beren köçesine ýetdim. Daň ataryna garaşyp, uzak
gijämi perimiň gapysynda müň bir hupbat bilen geçirdim. Uzak
gije ýekeje çygşyldy hem eşidilmedi, daş çykyp, meniň perişan
halymdan habar alan bolmady. Şeýdip, ýalňyzlykda daňymy
atyrdym. Gün ýokary galyp ugranda, eýwanyň bir äpişgesinden
meniň aýjemalym gömüp, maňa seretdi. Şu pursatda meni gurşap
alan şatlykdan diňe meniň ýüregimiň habary bardy.
Biraz salymdan soň meniň ýanyma bir agta geldi. Ol:
- Hol metjide baryň-da garaşyň. Belki-de, siziň islegiňiz
berjaý bolup, ýürek maksadyňyza ýetersiňiz - diýdi.
Maslahatyna gulak salyp, metjide bardym. Emma bu ýerde oturanymda hem perde tutulan syrly gapydan gözümi aýryp
bilmeýärdim. Men uzak günümi oraza tutýanlaryň ertir irden,
agşama garaşyşlary ýaly, sabyr-takatsyz geçirdim. Ahyry agşam
ýakynlaşyp, gündiz meniň ýüregimiň üstünden aýrylan gara dag
ýaly bolup bir ýana agdy. Birden metjide perimiň öýüni salgy beren agta geldi. Perimiň ähli syrlaryny ynanýan adamsy bu mähirli
agta agşam namazyny okady-da, ýanyma gelip köşeşdiriji sözler
aýtdy. Soňra hem elimden tutup, bir kiçeňräk bagyň içine eltip
oturtdy-da:
- Islegliňize gowuşýançaňyz, şu ýerde garaşyň - diýdi. Özi
hem men hakda hanyma habar bermäge gitdi öýdýän.
Bagyň içinde ter gyzyl güller bark urup, duma gözli suwlara Aýyň ýalkymy düşýärdi. Akarlarda hem-de howuzlarda asmana atylýan suw çüwdürimleri bolsa Aýyfl kümüş ýagtysynda
böküşip oýnaşýan ýalydy. Yöne men güle seretsem-de, güldenem
görmegeý näzenin hakda oýlanýardym; Aýa gözüm düşende bolsa, aý jemally perimi ýatlaýardym. Perim şu wagt ýanymda bolmanlygy üçin, bu ajaýyplyklaryň hemmesi meniň tenime tiken
bolup dürtülýärdi.
Ine, birden Taňrym onuň ýüregine salyp, ol zenan on dördi
gijäniň Aýy kimin ýaldyrap, daşary çykdy. Onuň egninde merjen dakylyp bezelen köýnegi bardy. Başyndaky bürenjeginiň ujy
topugyndaky düwmelerine çenli aýlaw-aýlaw bolup, aşak sallanýardy. 01 başdan-aýak lagly-jöwahyr bolup lowurdap durdy.
01 gözel iki gapdaly bagly ýol bilen ýöräp geçdi-de daýandy.
Onuň gelmegi bagyň görküne görk goşdy, meniň kalbymy hem
şatlykdan doldurdy. 01 bagyň içinde azrak gezmeledi-de, eýwana çykyp, düşekçedir ýassyk atylgy sypada oturdy. Perwananyň
şemiň daşynda pyrlanyşy ýaly, men ylgap, onuň ýanyna bardym-da, hyzmatkär ýaly gol gowşuryp, sadyk gul ýaly bolup gullugynda durdum. Şol wagt hem maňa hossarlyk eden agta oňa men
hakda habar berdi.
- Men siziň ejiz, ýazykly hem etmişli guluňyzdyryn. Goý,
meniň günälerim üçin laýykly jeza berilsin - diýip, men perä ýüzlendim.
Peri menden gaty närazydy.
Ol ýigrenç bilen:
- Indi munuň edäýmeli işi - ýüz haltajyk altyn alyp, goş-golamlaryny ýygnap, öz watanyna gaýdybermekdir - diýdi.
Bu sözleri eşidenimde, göýä agaç ýaly gurap galdym. Edil
şol wagt biri gelägede meniň tenimi kesse-de, belkäm, bir damja-da gan çykmazdy. Meniň gözüm garaňkyrap gitdi. Çuň ýüregimden haşlap, uludan demimi alanymy duýman galdym, gözümden
ajy ýaşlar akyp başlady. Şol mahal Hudaýa sygynmakdan başga,
meniň tutunjagym ýokdy.
Bolýar - diýip, men büs-bütin umytsyzlyga berlip dillendim. - Yöne siz bir pikir edip görüň, eger men bagtygarada dünýä
malyna çigit ýalyjak-da ýykgyn bolan bolsa, men siz üçin gowy
günümden, hany-manymdan jyda düşermidim? Siz men bagtygara beýle rehimsiz daraşdyňyz welin, ýa indi bu dünýäde wepalylyk
hem pidagärlik diýen zadyň gadyr-gymmatam galmanmy? Aý,
nätjek, indi meniň üçin dünýäde ýaşadymam bir, ýaşamadymam.
Dildaryň ýüz döndermegi meni şu gözgyny durmuşyma bolan
höwesden el çekdirýär.
- Şeýle diýiň-le - diýip, peri gaşlaryny çytyp, gahardyr ajy
kinaýadan doly äheňde aýtdy. - Näme, siz bize aşyk bolduňyzmy? Siz öte gidýäňiz! Akmak! Hetdiňizden artyk gepleýärsiňiz!
Siz örän batyrgaý görünýärsiňiz. Boldy, sem bol! Bu biderek
gürrüňi bes ediň. Üstümizde Hudaý bar, eger sizden başga bir
adam bolan bolsa, läşi bireýýäm garaguşlara şam bolardy. Ýöne
men sen bolaňsoň, nätjegimi bilemok. Seniň eden ýagşylygyň
meniň ýadymdan çykanok. Gowusy, indi seniň öz ugruň bilen
gidibermegiň gerek. Sen bizden nesibäňde bar zady aldyň.
Emma men şonda-da gözýaş edip aglamjyrap:
- Ýüregimiň arzuw maksadyna gowuşmazlyk hem-de boýnumy oňurmak gorkusy bilen dag-tokaýlarda azaşyp gezmeklik
meniň maňlaýyma ýazylan bolsa, onda men oňa döz getirip bilmerin - diýdim.
Siziň bu gabahat nadaralygyňyz hem ümlemeleriňiz maňa
ýaranok. Bar, bu kinaýaly gürrüňleriňi kimiň ýanynda aýtjagyňy
bilip aýt - diýip, peri has gaharlanyp jogap berdi.
Soňra hem şol öňküsi ýaly gaharly ýerinden turdy-da, Taňry
nazaryny salan mekanyna tarap ýöneldi. Meniň halym halys teň
bolup, başym aşak sallandy, emma peri oňa üns bermedi. Men
gaýgy-hesrete batyp, ol ýerden alaçsyz gaýtdym.
Gam-gussa bilen kyrk günümi geçirdim. Men şäherde ygyp
ýadanymdan soň, başymy alyp, tokaýa entemäge gidýärdim. 01
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 03
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.