Latin

Dört derwüş - 07

Total number of words is 3972
Total number of unique words is 2019
32.8 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sandyradylar, ýüzlerini aşak salyp, haldan gaçyp, jyňklaryny çykarman oturdylar. Azatbagt bolsa olaryň gorkudan ýaňa dymyp
oturyşlaryny görüp, özi gürrüň bermäge durdy:
- Şu dünýäde nähili bolsa-da başyndan bir geň hem täsin
wakany geçirmedik adam ýok öýdýän. Patyşa bolsamam, men
köp zatlary gördüm. 01 hakda men size ozaly bilen gürrüň bereýin, siz bolsa arkaýyn diňläp oturyň.
Derwüşler:
- Patyşanyň işi şowly bolsun! Mysapyrlara bolan söýgiftiz
şeýle uly bolsa, onda gürrüňiňize başlamaga merhemet ediň diýişdiler.
Şeýlelikde, Azatbagt başyndan geçirenlerini gürrüň bermäge durdy:
Pakyrlara çyn hekaýat sözläp berjek, gulak asyň,
Şum täleýiň oýunlaryn çözläp berjek, gulak asyft,
Başa düşen belalary yzlap berjek, gulak asyň,
Güýjüm ýygnap, bir hekaýat sözläp berjek, gulak asyň.
Atam aradan çykansoň, tagta men çykdym. 01 wagt meniň
ýaşlygymyň gülleýän wagtydy. Meniň hökümim ähli Rum iline
ýöreýärdi. Günlerde bir gün meniň ilime Badahşandan bir täjir
köp-köp haryt alyp geldi. Menift wezirlerim biziň şäherimize
şeýle baý täjiriň şindi gelmändigini habar berdiler. Men ony öz
ýanyma çagyrtdym.
Ol meniň ýanyma dünýäniň dürli ýurtlarynyň zadyndan
mertebäme laýykly sowgatlar alyp geldi. Dogrusy, olaryň hemmesi hem bahasyna ýetip bolmajak zatlardy. Şeýle hem bolsa,
olaryň arasynda-da, bir gutujykda ýatan lagyl bölejigi aýratynam
tapawutlanýardy. Onuň çüýşe ýaly owadan dury reňki bardy.
Agramy bolsa bäş mysgaldy. 01 maňa örän ýarady. Men patyşa
bolsamam, mundan öň şeýle gymmatbaha daşy görmändimem,
eşitmändimem. Men ol täjiriň sylagyny ýetirip, gadyr-hormat
goýdum. Meniň welaýatymda onuň söwda işlerine hiç kim zyýan
bermez ýaly, baran ýerinde ony gowy garşy alyp, zadynam öz
zatlary ýaly goralyp saklanylmagy üçin, oňa tarhanlyk haty ýazyp
berdim. Täjiri köşkde kabul edemde bolsa, ol özüniň salyhatlylygyny, söze çeperligini görkezdi. Onuň beren laglyny şondan soň
hemişe kabul edişlik wagty ýanyma getirmeklerini buýurýardym,
adamlaryň öňünde buýsanýardym.
Günlerde bir gün umumy kabul ediş jaýyma baranymda,
emirler hem döwlet emeldarlary öz derejelerine görä orun alyp
durdular. Ähli ýurtlaryň patyşalarynyň wekilleri hem bardy. Olar
meni gutlamaga gelipdiler. Şonda men adatça edişim ýaly, şol
lagly getirmegi buýurdym. Hazynaçym lagly alyp gelende, men
ony elime aldym-da öwüp ugradym, soňra hem Pereňden gelen
wekile berdim. 01 lagla bakyp ýylgyrdy-da, ýaranjaňlyk bilen
ony öwmäge durdy. Şeýdip ol daş elden-ele geçdi, görenler oňa
biragyzdan: «Şeýle daşy tapmaga diňe siziň hezretiňiziň bagtlylygy sebäp bolandyr. Bahasyna ýetip bolmajak şeýle baýlygy heniz hiç bir patyşa ele salyp bilmändir ahyryn» diýdiler.
Meniň häzirki wezirim, kakam patyşa wagty hem şu gullugyndady. 01 hormat bilen gol gowşuryp:
- Bir çemçe ganymy geçseňiz, men size bir zat aýtmakçy
- diýdi.
- Aýt!
- Eý, älem häkimi! - diýip, ol gürrüňe başlady. - Siz patyşa,
patyşalara bolsa bir daşy öwüp, arşa çykarmaklyk ýaraşmaýar.
Goý, onuň gömüşine, reňkine taý geljek zat bolmasyn,
emma bu aslynda bir daşjagaz ahyryn. Kabul edilişikde bolsa dürli
ýurtlaryň wekilleri bar. Olar öz şäherlerine gaýdyp baranlarynda,
elbetde, siziň gürrüňiňizi edip: «Geň-taň görmeli patyşa eken. Bir
ýerden bir lagl tapypdyr-da, ony şeýlebir tapylgysyz hasap edip,
günüň-güni ýanyna getirmegi talap edýär, ähli adamlaryň öňünde
öwüp çykarýar» diýerler. Şonda bu gürrüňi eşiden patyşadyr rajalar' ähli wezir wekilleriniň ýanynda siziň üstüňizden güler. Eý,
häkim! Nişapurda bir bolgusyz täjir bar. Täjir her biri şunuň ýaly
ýedi mysgal lagldan on iki sanysyny itiniň boýnundan asypdyr.
Men bu sözi eşidenimden gazapdan ýaňa huşumy ýitirip:
- Bu weziriň kellesini kesiň! - diýip gygyrdym.
Jellatlar şol bada häzir bolup, ony südürläp ugradylar welin,
Pereňiň ilçisi öňe çykdy-da, hormat bilen gol gowşurdy.
- Saňa näme gerek? - diýip, men ondan soradym.
- Men ýaňky weziriň näme günäsiniň bardygyny bilmek
isleýän - diýip, ilçi dillendi.
- Yalan sözlemekden beterem bir günä bolarmy? Onda-da
patyşanyň öňünde! - diýip, men jogap berdim.1
1 Raja - Hindistan knýazy, patyşa. Awtor musulman däl häkimleri patyşalardan tapawutlandyryp diýýär.
- Onuň sözleriniň galatlygy şindi mälim däl, belki, aýdan
zatlarynyň hemmesi çyn bolup çykar. Anygyna ýetmän, bigünä
adamynyň ganyna galmak adalatly däl.
Peýdanyň küýünde özüni pida edip, öý-öwzarsyz kimin
şäherden-şähere, ýurtdan-ýurda ygyp, köpüjegini sanap ýören bir
täjiriň on iki sany ýedi mysgallyk lagyl dänesini itiň boýnundan
asmagy akyla sygjak zat däl - diýip men jogap berdim.
Onda Pereň ilçisi şeýle diýdi:
- Hudaýyň keramaty geň görmeli zat däldir. Onuň ýaly
zat hem bolup biler. Şeýle geň zatlar täjirdir jahankeşdeleriň eline seýrek düşmeýär, sebäbi olar köp-köp welaýatlary keşt edip
gelýärler, ol ýerden eline düşen zatlaryny alyp gelýärler. Weziri
günäkär hasap edýän bolsaňyz, ony zyndana atmakdan ýagşysy
bolmazdy. Wezirler patyşalaryň akyl-paýhasy ahyryn. Öz garamagyndaky adamlaryny olaryň oýlanman aýdan sözi üçin, ýalançylygy üçin ýa-da şindi hakykatdygy subut edilmedik zatlar
üçin, mundan öňki eden ähli hyzmatyny, wepalylygyny unudyp,
jezalandyrmaklyk soltanlara ýaraşmaz. Şowluluk saňa ýar bolsun! Öňki wagtky zyndanlar patyşalar ýa-da emeldarlar gazaba
münüp günäkärlän adamlaryny şoňa salmaklary üçin bina edilipdir ahyryn. Bimäçe günden patyşanyň gazaby ýatyşyp, bendi edileniň günäsizligi mälim bolsa, patyşa nähak gana galyp,
magşar güni onuň jogabyny bermeli bolmaz.
Men ony şunça ynandyrjak boldum, emma ol özüniň
paýhasly sözleri bilen, geplemegime ýol goýmady. Men ahyryn
razy boldum:
- Yagşy, seniň aýdýan zatlaryňy dogry hasap edýän. Men
onuň ganyny döküp durman, ýöne zyndana taşlaryn. Eger bir ýylyň
içinde weziriň itiň boýnuna dakylan lagyl hakyndaky gürrüňi dogry çyksa, onda ol azatlyga çykar, ýogsa-da horlanyp öler.
Şol wagtyň özünde weziri zyndana salmagy buýurdym.
Meniň hökümimi eşiden ilçi uly hormat bilen iki bükülip baş egdi.
Bu wakanyň habary weziriň maşgalasyna ýetende, onuň
öýünde dady-perýat gopup, ol ýeri ýasa döndi. Weziriň on dört-on
bäş ýaşlarynda örän owadan, hatly-sowatly, her bir zada ukyply
ýalňyz gyzy bardy. Wezir ony gaty gowy göreni üçin, öz jaýynyň
ýeňsesinde bir owadan jaý gurdurypdy. Atly-abraýly adamlaryň
gyzyny jora tutup, owadan-owadan kenizler beripdi. Gyz boş
wagty joralary bilen şady-horramlykda şadyýan geçirýärdi.
Weziriň zyndana atylan güni, ol gyzjagaz joralary bilen
gurjak oýnuny oýnaýardy. 01 deprekdir tamburyny alyp, adatda bolşy ýaly, ýatylmaýan agşama taýynlanýardy, oduň üstünde
saç ataryp, kökedir dürli tagamlar bişirýärdi. Şol wagt onuň ejesi
döşüne urup aýakýalaň, başy pürenjeksiz, dady-perýat edip ylgap
gelipdi. Ol iki eli bilen gyzynyň kellesine urup:
- Saňa derek maňa bir kör oglam beren bolsa, meniň ýüregim ynjalykly bordy, ataňam arkadaýançly bordy! - diýip
gygyryp Ugrapdyr.
Gyzy şeýle jogap beripdir:
- Kör ogul nämäňe gerek? Ogluň etmeli işini özüm hem
edip bilerin.
- Heý, başy kesilen! Kakaň bagty ýatypdyr. 01 patyşanyň
öňünde bir zat diýeni üçin, ony zyndana atypdyrlar - diýip, ejesi
jogap beripdir.
- Neneňsi beýle bolupdyr? Aýtsana! - diýip, gyzy ejesine
özelenipdir. Onda weziriň aýaly:
- Seniň ataň Nişapurda itiniň boýnundan on iki sany lagyl
dakan täjir bar diýipdir öýdýän. Bu bolsa patyşanyň gulagyna ýakmandyr, ol ony ýalançylykda aýyplap, zyndana atmagy
buýrupdyr. Şu wagt meniň oglum bolsa, ol bu işiň anygyna ýetmek üçin, kakaňy halas etmek üçin ähli güýjüni goýardy hem-de
patyşa ýalbaryp-ýakaryp, atasyny boşadardy - diýipdir.
- Eje! - diýip, gyz jogap beripdir. - Biz ykbala garşy göreş
alyp baryp bilmeris. Adamzat başyna düşen muşakgaty Allanyň
şepagatyna boýun bolup çekibermelidir. Alla rehimlidir, ol
adamzada derdi ömürlik berýän däldir. Dyngysyz gözýaş döküp
oturmak bolsa ýagşy däl. Iň ýamany hem patyşanyň öňünde
rakyplar ýamanlyk edip, gybatkeşler gybat ýagdyryp, şanyň aşa
gaharyny getirmeginden Hudaýyň özi saklasyn. Gaýtam, jahany
113
öz penasynda saklaýana tagat-ybadat ediň, biz onuň wepaly gullarydyrys, ol bolsa biziň eýämizdir. Ol gazaplanandyr, gerek bolanda rehimdarlyk hem eder.
01 tä ejesine ynamlylyk, sabyrlylyk berýänça, ony paýhaslylyk bilen köşeşdiripdir, soňra bolsa sessiz-üýnsüz öz tamyna giripdir. Agşam düşende weziriň gyzy adam iberip, öz terbiýeçisini
çagyrdypdyr. Ol gyz onuň aýagyna ýykylyp, gözýaş bilen haýyş
edip:
- Men ejemiň meni ýazykly hasap etmezligini, kakamyň
bolsa azat bolmagyny isleýän. Eger sen maňa kömek berseň,
men Nişapura baryp, itiniň boýnuna lagyl dakan täjiri tapjak-da,
kakamy halas etmek üçin elimden gelenini aýajak däl - diýipdir.
Ol ilki gyzyň gitmegine büs-bütin garşy bolupdyr, emma
onuň tutanýerli haýyşyndan soňra, ahyry razy bolupdyr.
- Syýahat üçin gerek zatlaryň hemmesini assyrynlyk bilen taýýar et - diýip, weziriň gyzy oňa tabşyrypdyr. - Patyşalara
sowgat edeniňde-de, ýüzüň gyzmajak dürli-dürli haryt satyn al.
Bulardan başga-da näçe gerek bolsa hyzmatkärdir gul taýyn edip
goý, ýöne meniň niýetimi hiç kime mälim etme.
Terbiýeçi söz berip, gerek zatlary taýýarlap ugrapdyr. Ähli
zat taýýar bolan badyna, ony düýeleriň, öküzleriň üstüne ýükläp,
ýola rowana bolupdyr. Weziriň gyzam erkek lybasyny geýip, onuň
bilen bile gidipdir, emma muny weziriň maşgalasynda duýan kişi
bolmandyr. Daň atanda bolsa weziriň köşgüne «Hojaýynyň gyzy
bir ýaňa ýitirim bolupdyr, onuň başyna näme düşendigi belli däl»
diýen gürrüň ýaýrapdyr.
Masgaraçylykdan howatyr edip, ejesi gyzynyň ýitendigi hakyndaky habary ýaşyrypdyr, gyzy bolsa şol wagt ýaş täjir
gömüşinde ençe welaýatlaryň duşundan geçipdir. Ahyry ol
Nişapura ýetipdir-de, sabyrlylyk bilen kerwensaraýda aýak çekipdir. Ertesi bolsa ol hammamda suwa düşüp, Rum ilatynyňka
çalymdaş täze lybas geýipdir-de, şähere gezelenje çykypdyr. Bazar meýdançasyna ýetip, köçäniň çatrygynda aýak çekipdir. Onuň
nazary bir zergär dükanyna kaklyşypdyr. Ol dükanda gymmat*8
baha daşlar üýşmek-üýşmek edilip goýlan eken. 01 ýerde gol
gowşuryp, toý lybasly gullar duran eken. Yeňsiz keltekçäniň üstünden don geýnen elli ýaşlaryndaky dükan eýesi bolsa daşyna
üýşüp oturan adamlar bilen hoşamatlylyk bilen gürrüň edýärdi.
Gürrüňdeşleriniň hemmesi kürsüde otyrdylar.
Özüni täjir ogludyryn diýip atlandyrýan weziriň gyzy ony
görenden geň galypdyr hem öz içinden: «Hemä ýalňyşmaýan
bolaýyn-da, Hudaýym; dogmdan hem, bu şol kakamyň patyşa
gürrüňini edip beren täjeri-le. Keremi güýçli Allam! Maňa munuň
syryny beýan eýle» diýip oýlanyp begenipdir. 01 daşyny garanjaklanda, birdenkä başga dükana gözi düşüpdir, onuň içinde bolsa her
birinde bir adam oturan iki sany demir kapasa bar eken. Ol oturan adamlaryň keşbi Mejnunyňky ýaly bolup, elhenç üýtgäpdir.
Olaryň diňe süňki bilen hamy galypdyr. Dymaklary bilen saçlary
bolsa gaty ösen eken. Olar başlaryny aşak salyp otyrdylar, her
gapdallarynda bolsa iki sany ýaragly betgelşik hebeşi dur. Weziriň
gyzy muňa haýran galypdyr. Ol al-arwahyň garşysyna doga okap,
daşyna garanda, onuň gözüne ýene bir dükan ilýär. Onuň içine
haly düşelgi, üstünde hem mahmal ýassykly pil süňkünden edilen oturgyç durdy. Ol oturgyçda it otyrdy. 01 itiň boýnundaky
gymmatbaha boýunbagdan bolsa sap altyndan ýasalan zynjyr
daňylgydy. Iki sany sakgalsyz-murtsuz görmegeý gul ol itiň hyzmatyndady. Olaryň biri tutary ýaldyrawuk daşlar bilen bezelen
tawusyň ýeleginden edilen ýelpewaç bilen ony ýelpeýärdi, beýlekisi bolsa eline zerli ýaglygy alyp, onuň tumşugyny, penjelerini
süpürýärdi. Weziriň gyzy oňa siňe seredip, itiň boýunbagynda hut
aýdyşlary ýaly, on iki sany lagyl daşynyň bardygyny aňşyrypdyr.
Gyz Hudaýa ýüzde müň şükür edip, nähili ýol bilen bu lagyllary patyşanyň ýanyna eltip, kakasyny betbagtçylykdan gutaryp
boljakdygy hakda oýlanmaga durupdyr. Gyz pikire çümüp durka,
bazaryň, goňşy köçeleriň bar adamy toplanyp, onuň gözelligine
aňk bolup galypdyrlar. Adamlar bir-birine: «Henize çenli şunuň
ýaly görmegeý ýigidi gören däldiris» diýişýär ekenler. Dükanyň
hojaýyny hoja-da ony görüp:
- Bar, şol täjiriň ogluny meň ýanyma çagyr - diýip, ol guluna aýdypdyr. Gul gyzyň ýanyna baryp:
- Siz bize bir merhemet ediň, hojaýynymyz siz bilen
gürleşmek üçin sabyr-takatsyz garaşýar. Kyn görmeseňiz, onuň
ýanyna baralyň - diýipdir. Erkek lybasyny geýnen weziriň gyzyna geregi şoldy, ol:
- Onuň hem kynçylygy borm y?- diýip jogap beripdir.
01 hojanyň ýanyna barypdyr welin, hoja oňa seredenden,
söýginiň oky onuň ýüregine sanjylypdyr. Hoja hoşamaýlyk bilen ýerinden galyp, ony garşylapdyr, emma onuň akyl-huşy serinden uçupdyr. Weziriň gyzy «Bu eýýäm toruma düşdi» diýip
oýlanypdyr. Olar gujaklaşyp görşüpdirler. Hoja myhmanyň
maňlaýyndan ogşap, ony öz ýanynda oturdypdyr-da:
- Maňa öz adyňy, derejäňi aýdyp ber. Nireden gelip, nirä
barýarsyň? - diýip, mylaýymlyk bilen sorapdyr.
- Men bir Taňry bendesi, özüm rumly bolaryn - diýip, «täj iriň
ogly» jogap beripdir. - Ystambul hem köpden bäri meniň ata-babalarymyň watany bolupdyr. Atamyň asly täjir. Häzir ol garrylygy sebäpli gezmäge ýaranok, şol sebäpli hem söwda işlerini
öwrenerim ýaly meni ugratdy. Şu wagta çenli hiç haçan öýden
çykyp görmändim. Bu maňa miýesser bolan ilkinji syýahatdyr.
Men deňiz bilen gaýtmaklyga ýürek etmedim-de, gury ýer bilen
gezelenç edenimi kem görmedim. Siziň şu ýerdäki - Ajamdaky
salyhatlylygyňyzyň, akgöwünliligiňiziň şöhraty gulagyma ýeten mahaly, siz bilen duşuşmagy niýet edinip, şu ýere ugradym.
Ahyrsoňy, Allanyň emri bilen siziň belent jemgyýetiňize düşmek,
meniň bagtyma miýesser boldy. Siz meniň çak edişimden hem
artykmaç ekeniňiz. Indi göwün islegim berkarar boldy. Alla sizi
öz penasynda saklasyn, indi men bolsam ýoluma gideýin.
Bu sözleri eşidenden başy aýlanan hoja:
- Oglum! Maňa beýle zatlary aýtma, hiç bolmanda bir günlükçe bir galyp, meniň garyp külbämi bagtly et. Aýt, hany seniň
harytlaryň, hyzmatkärleriň nirede? - diýip sorapdyr. - Syýahatçynyň öýi kerwensaraý bolar, men siziň ýanyňyza gaýdamda, bar
zadymy kerwensaraýda goýup gaýtdym - diýip, «täjir ogly» jogap beripdir.
- Saňa kerwensaraýda ýaşamak gelişmez - diýip, hoja
aýdýar. - Öz şäherimizde meniň ynamym, hormatym bardyr. Tizräk hyzmatkärleriňi çagyrmagy buýur, men seniň ýüküň üçin
jaý bereýin. Öz getiren harytlaryň hemmesini maňa görkezersiň.
Men saňa bimeme peýda bolar ýaly çäre dörederin. Bu bolsa saňa
oňaýly bolar, artykmaç hysyrdydan dynarsyň. Eger meniňkide bir
näçe gün galaýsaň, onda örän minnetdar bolardym - diýipdir.
«Täjir ogly» boýun gaçyran bolupdyr, emma hoja aýdanyndan dänmändir. Ahyrsoňy ol hyzmatkärlerine hemme zatlary
aýdylan ýere getirmek üçin myhmanyň goş-golamynyň yzyndan
hammallar ibermegi buýrupdyr. Olar bilen bile «täjir ogly»
harytlaryň, goş-golamlaryň getirilmegine gözegçilik eder ýaly,
gara guly iberip, özi bolsa hojanyň ýanynda galypdyr.
Söwda gutaryp, dükanlar ýapylansoň, hoja öýüne ugrapdyr.
Gullaryň biri iti göteripdir, beýlekisi haly bilen oturgyjy. Hebeşiler
hem ýesirli kapasalary hammallaryň egin-eşiklerine ýükläp, ýarag
şaýlaryny tutup, olaryň yzlaryna düşüp ugrapdyrlar. Hoja «täjiriň
ogly» bilen aýakdaş ýöräp, edip berýän gürrüňini kesmän, ony öz
öýüne alyp gelipdir.
«Täjiriň ogly» emirdir patyşalara mynasyp bezelen jaýy
görýär. Çeşmäniň kenarynda ak haly düşelgi, masnadyň öňünde
bolsa wagtyňy hoş geçirmek üçin dürli zat üýşürilipdi. Itiň oturgyjyny hem şol ýerde goýýarlar. Hoja myhman bilen ýanaşyk
oturýar-da, hetdenaşa mylaýymlyk bilen şerap hödürlemäge
durýar. Kelleleri az-kem sämän mahaly, hoja nahar çekilmegini
talap edýär. Saçak ýazylýar, onuň üstüne ýer ýüzünde adyny tapan nygmatlaryňy üýşürýärler. Bar zatdan ozal mis gaba az-kem
nahar salyp, üstüni altyn gap bilen ýapýarlar-da, ony itiň öňündäki
zer bilen tikilen saçagyň üstüne goýýarlar. It öz oturgyjyndan
böküp düşýär-de, doýýança iýýär, soňra bolsa altyn jamdan suw
içip, ýene öz omuna barýar. Gullar ýaglyk bilen onuň penjesini hem-de tumşugyny süpürýärler, onsoň olardan biri jam bilen
tabagy kapasalaryň ýanyna eltýär, hojadan açarlary diläp, gulplary açýar. Ol ýesirleriň ikisini hem taýaklap çykarýar-da, itiň
agzyndan galan nahardyr suwy iýip-içmäge olary mejbur edýär.
Onsoň ýene-de olary kapasa salyp gulplaýar, açarlary bolsa hoja
gaýtaryp berýär. Bu zatlaryň hemmesi gutarandan soň, hoja nahar
iýmäge durýar.
«Yaş täjire» bu zatlar ýaramaýar. Onuň işdäsi almansoň,
nahara elem urmaýar; hoja näçe hödür etse-de, ol iýmekden
boýun towlaýar.
- Sen näme sebäpden iýmeýärsiň? - diýip hoja soraýar.
- Siziň bu edýän işleriňiz aňrymy bärime getirýär - diýip
«täjir ogly» jogap berýär. - Adamzat dünýäde ýaradylan zatlaryň
iň asyllysy ahyryn, it bolsa durmuşda iň bir myrtar zat. Siz
bolsaňyz iki sany Allanyň guluny itiň agzyndan galan sarkyt bilen naharlaýarsyňyz. Haýsy din muňa ýol berýärmiş? Olar diňe
siziň ýazykly ýesiriňiz bolaýmasa, galan zatlaryň hemmesinde
olar siz bilen deň ahyryn. Indi men siziň musulmandygyňyza-da
gatybir ynanyp duramok. Özüňiz ite sežde edýän bolsaňyz, siziň
kimdigiňizi men nireden bileýin. Ýüregim şübheden saplanýança, siziň naharyňyzy işdäm aljak däl.
- Oglum! - diýip, hoja dillenýär. - Men seniň aýdanyňa
düşünýän. Şu zerarly men hemişe ýüzügara bolup gelýän. Şäherimiziň ilaty maňa: «Ite uýýan hoja» diýýärler. Olar meniň adymy
şeýle diýip tutýarlar, şu at arkaly ii meni tanaýar. Ýöne, Allam,
dinden çykaranlar bilen dili uzynlara özüň jeza bereweri!
Hoja sözüniň soňuny dine baglanyşdyryp gutarýar. Bu bolsa «täjiriň ogluny» köşeşdirmäge ýardam berýär.
- Eger siz musulman bolsaňyz, onda näme üçin siz munuň
ýaly işler zerarly özüňizi abraýdan düşürýärsiňiz? - diýip, ol soraýar.
- Oglum! Men bir adyýaman boldum. Öz syrymyň hiç
kime aýan däldigi sebäpli, diňe men bu şäherde iki esse salgyt
töleýän. Iş şundan ybarat: meniň syrymy kimde-kim eşitse, onuň
gaýgy-gamdan başga görjek zady bolmaz. Şu sebäpli hem meniň
günämi öt, çünki meniň-ä aýtmaga gurbum çatmaz, seniň hem
diňlemäge takadyň ýetmez.
«Täjiriň ogly» «Men öz işim hakda aladalanmaly ahyryn,
nähak ýere köp zat tutjak bolmak nämä gerek» diýip oýlanandan
soňra:
118
- Bolýar! Eger bu aýdar ýaly zat bolmasa aýtmaň —diýýär-de, ol nahary iýmäge durýar.
«Täjiriň ogly» hojanyňkyda iki aý bolýar. 01 özüni şeýle
bir seresap hem-de akylly alyp barypdyr welin, onuň gyzdygyny
hiç kim aňmandyr. Hemmeler ony ýaş ýigitdir öýdýär ekenler.
Hojanyň bolsa oňa bolan söýgüsi gün-günden artyp, ony sähelçe
wagtlykça-da ýanyndan aýrasy gelmändir.
Bir gün şerap başynda otyrkalar, «täjiriň ogly» birden
aglamaga durýar. Hoja näderini bilmän, ýaglyk bilen onuň göz
ýaşyny süpürip başlaýar-da, ondan beýle hapa bolandygynyň sebäbini soraýar.
- Wah, atam! Men size nädip aýdaýyn? - diýip, ol jogap
berýär. - Wah, men size duşmadyk bolsamdy, onda siz beýle azary
çekmeli hem bolmazdyňyz. Men bir kyn güne düşdüm, meniň
sizden aýrylyşasym gelenok, emma mundan buýana bu ýerde galmaga bolsa ýagdaýym ýok. Indi maňa gitmek gerek, ýöne men
sizsiz aýraçylykda ömrümiň nähili geçjekdigini hiç göz öňüme
getirip bilemok.
Bu sözlere jogap gaýtarmagyň deregine hoja aglaýar welin,
ol ýöne ysytma tutýan ýaly sandyraberýär.
- Eý, didämiň nury! - diýip, ol özelenip aýdýar. - Sen ne
beýle garry hyzmatkäriň halyny perişan edip gitmekçi bolýaň,
dogrudan hem, ol seni şeýle tiz irizäýdimi? Gitmek pikiriňi
ýüregiňden çykar. Şindi men dirikäm şu ýerde gal. Sensiz meniň
halym harap, eger meni taşlap gitseň, sanalgym dolmazdan
öň ölerin. Bu biziň Farsymyzyň ajaýyp, jana şypa berýän howasy bar ahyryn. Eger sen bir ynamdar adamyny ýollagada, öz
hossarlaryňy bar goş-golamlaryňyz bilen geliň diýip, şu ýere
çagyraýsaň, gowy bolardy, bu ýere göçüp gelmek üçin çykjak
harajadyň hemmesini öz üstüme alardym. Ejeň bilen ataň bütin
emlägiňiz bilen şu ýere gelenlerinden soňra bolsa, sen söwda
işleri bilen meşgullanyp göwün solpudan çykardyň. Men ömrümde köp muşakgatlyklary başymdan geçirdim, köp-köp ýurtlary
gezdim. Indem garrapdyryn, oglum bolsa ýok. Seni öz oglum
ýaly söýýärin, şonuň üçin seni öz mirasdüşerim hem-de teleke-
çim ederin. Meniň işlerime gowuja göz-gulak bolup, olary özüň
ýöret, maňa bolsa ölýänçäm, bir döwüm nandan gysmasaň bor.
Amanadymy tabşyranymdan soň bolsa, meni jaýlarsyň, soňra
menden galan zatlaryň baryna eýe bolarsyň.
- Hakykatdanam, siz meni öz eziz atamdam hem artyk
söýüp, men hakda köp aladalanýarsyňyz - diýip, «täjiriň ogly»
oňa jogap berýär. - Siz öz hossarlarymy unutdyrmaga-da ukyply; ýöne atam men günälini bary-ýogy bir ýyllyk goýberipdi.
Eger men eglensem, onda ýaşynyň soňunda hesretden jan bermegi mümkin. Onsoň hem hossaryň erkine boýun bolmak Allanyň
emridir, eger atam menden nägile bolsa, ol meni näletlärmikä
diýip gorkýaryn. Şeýlelikde, meniň o dünýäde, bu dünýäde
Allanyň merhemetine ýüzüm düşmez. Siz maňa şeýlebir gowy
garaşyk etdiňiz, atamyň erkine boýun bolmagyma, onuň öňünde
öz borjumy bitirmäge rugsat etjegiňize şübhelenmeýärin. Siziň
eden ýagşylyklaryňyzy iň soňky demime çenli unutmaryn, watana gaýdyp baranymdan soň hem men sizi her demde ak ýürekden
minnetdarlyk bilen ýatlaryn. Perwerdigär, belki, ýene siz bilen
duşmaklygy, siziň aýak tozuňyzy maňlaýyma sürtmekligi miýesser eder.
«Täjiriň ogly» şeýle dilewarlyk bilen sözlänsoň, biçäre hoja
diňe ylalaşmakdan başga zat galmaýardy. Ol, «ýaş ýigidi» şeýlebir sulhy alypdyr welin, hiç diýip-aýdar ýaly däl eken.
- Yagşy, sen galmasaň, özüm seniň bilen ötägiderin - diýip,
ol aýdýar. - Sen meniň janym, eger janym meni taşlap gitse, boş
jesetden ne peýda? Sen şoňa razy bolsaň, ýola düş, meni hem
özüň bilen alyp git.
«Täjiriň ogluna» şeýle diýip, ol gitmekligiň kül-külüne
düşüp ugraýar. Öz iş dolandyryjysyna bolsa haýdan-haý ýol
şaýlaryny tutmaklygy buýurýar.
Hojanyň gitjek habary şähere ýaýran mahaly, ýerli täjirleriň
hemmesi ýola taýýarlyk görüp ugraýarlar. Ite ynanýan hoja öz
sansyz-sajaksyz hazynasyny, gymmatbaha zatlaryny ýygnap,
hyzmatçylardan, gullardan ummasyz mähelläni alyp, bir topar
geň-enaýy zatlary, şalara mynasyp goş-golamlary ýygnap, şäheriň
etegine çykýar-da, dürli gömüşli çadyrdyr saýawanlar gurdurýar.
Beýleki täjirler hem gurby çatan harydyny alyp, şol ýere barýarlar. Olaryň ýanlarynda bir topar goşuny hem bar eken.
Ine, onsoft, bir sähetli gün hemmeler ýola düşýärler.
Müňlerçe düýelere dürli ýük, gatyrlara bolsa içi pully, gymmatbaha zatly sandyklary ýükläp alyp gaýdýarlar. Bäş ýüz ýaragly
gul gypjak sähralarynyň, Zanzibaranyň, Rumuň üsti bilen gelýär: arap, türk, yrak atlarynyň üstünde eli gylyçly gerçekler atlaryny säpjedip gelýärler. Hemmeleriň yzyndan kejebäniň üstünde gymmatbaha eşiklerden birkemsiz geýnen hoja bilen «täjiriň
ogly» gelýär. Düýeleriň biriniň üstünde bagdat kürsüsi berkidilgi bolup, onuň üstündäki ýassykda it ýatyr. Başga bir düýäniň
iki gapdalynda bendileriň kapasalary hallan atyşyp gelýär. Her
düşelgede täjirler hojanyft çadyryna üýşüp, ol ýerde saçagyň
daşyna egelenişip, nahar edinýärler, şerap içýärler. Ýanynda
«täjiriň oglunyň» bardygyna begenip, hoja Hudaýa şükür edýär,
kerwen bolsa birsyhly öňe gidip barýar. Ahyrsoňy olar sag-aman
Konstantinopola ýetýärler-de, şäheriň galasynyň eteginde çadyr
gump düşleýärler.
- Atam! - diýip, «täj irift ogly» hoja ýüzlenýär. - Eger
rugsat etseňiz, men hossarlarym bilen görme-görşe gideýin-de,
myhmanlary kabul etmäge taýynlyk göreýin. Siz bolsaňyz şähere
göwnüňiz söýen mahaly girersiňiz.
- Bolýar, bar. Men bu ýere sen diýip geldim ahyryn. Ýöne
meniň ýanyma tizräk gaýdyp gel. Onsoň düşlärim ýaly amatly jaý
hem tapyp ber - diýip, ol jogap berýär.
«Täjiriň ogly» onuň bilen hoşlaşyp gaýdyberýär. Öýe kürsäp uran erkek kişini görenlerinde weziriň köşgündäkiler howsala
düşýärler. Emme «täjiriň ogly», dogrusyny aýtsaň, weziriň gyzy
ejesinift aýagyna ýykylýar-da, ýarym-ýaş bolup:
- Men siziň gyzyňyz - diýip, özüni tanadýar.
- Wah, sen geň gylykly gyzjagaz! - diýip, weziriň aýaly
sögüp, gargynyp, onuň üstünden dökülýär. - Gör, sen nähili bolup
çykdyň! Sen özüňi wejera edip, biziň maşgalamyzy hem masgara
etdiň! Men bolsam indi seni görmerin öýdüp, ýasam tutan bolýan.
Bar, güm bol şu ýerden!
Gyzy başyndaky sellesini taşlaýar-da:
- Eje jan! - diýip gygyrýar. - Men ýaramaz ýerde bolmadym, hiç bir bihaýalyk etmedim. Men bu işleriň baryny seniň
islegiňi bitirmek, kakamy betbagtçylykdan gutarmak üçin etdim.
Hudaýa şükür! Seniň okan dogalaryňdan, Allanyň keremi bilen
meniň işim rowaç boldy. Men Nişapurdan şol täjiri boýny lagylly
iti bilen alyp geldim. Öz namysyma hiç bir hili şikes ýetirmedim.
Hawa, ýöne men syýahat iiçin erkek lybasyna girmeli boldum.
Indi meniň ýene bimäçe giinlük oduk-buduk işim galdy, olary gutaryp, men kakamy zyndandan boşadaryn-da, öýe gelerin. Eger
mgsat etseň, men ýene-de gideýin. Seniň ýanyňa birigün gaýdyp
gelerin.
Ejesi ahyrsoňy gyzynyň erkek kişiniň işine baş goşandygyna, özüni päk saklandygyna düşünen badyna, ol maňlaýyny
ýere goýup, Hudaýa şükür edýär. Onsoň begenjinden ýaňa gyzyny
bagryna basýar-da öpýär:
- Nädeňde gowy bolsa, şony et. Indi men arkaýyn - diýip,
ejesi gyzyna pata berip, erbetlikdir betbagtçylyk degmez ýaly
doga okap, ony ýola salýar.
Gyz ýene «täjiriň ogluna» öwrülip, hojanyň ýanyna
ugraýar. Hoja bolsa aýralygyň dagyna döz gelip bilmän, eýýäm
ýola düşüpdir. Şäher derwezesiniň ýanynda, ýoluň ortasynda olar
duşuşýarlar.
- Oglum! - diýip, hoja ozaly bilen şeýle diýýär. - Men garryny ýeke taşlap, nirä gitdiň?
- Men sizden rugsat alyp, öýümize gitdim ahyryn, ýöne
size gulluk etmek islegi meni ol ýerde eglendirmäge-de goýmady.
Ynha, men gaýdyp geldim - diýip, ol jogap berýär.
Edil şäher derwezesiniň agzynda, derýanyň kenarynda goýy
saýaly bag görüp, olar şol bagyň içinde düşleýäler-de, çadyr gurdurýarlar. Hoja bilen «täjiriň ogly» bir ýerde ýerleşip oturýar-da,
şerap içmäge hem-de garbanmaga durýarlar. Günortadan agandan
soňra olar göwün açmak, tomaşa etmek üçin çadyrdan çykýalar-da, daşardaky oturgyçlarda oturýarlar. Birden şa ýasawullarynyň
biri peýda bolýar. Uly goşuny, gelen adamlaryň özlerini alyp
baryşlaryny görüp, ýasawul haýran galýar-da, öz ýanyndan «Megerem, haýsy hem bolsa bir patyşalykdan ilçi gelen bolsa gerek»
diýip oýlanýar.
Hojanyň kerwenbaşysy ony ýanyna çagyrýar-da, onuň kimdigini soraýar. 01 özüniň şanyň şikarbaşysydygyny duýdurýar.
Hyzmatkär bu hakda hoja habar berýär.
- Bar, şol adama biz syýahatçy diýip aýt - diýip, hoja gara
gula buýurýar. - Eger islese, goý, meýlisimize goşulsyn. Şerbet
içse şerbet, çilim çekse çilimimiz bar.
Olaryň täjirdigini eşidip, şikarbaşy gaty geň galýar, guly
bilen tirkeşip, hojanyň ýanyna gelýär. Olary gurşap duran baýlyga, gymmatbaha zatlara, goşunlara, gullara göz aýlap, ol hojadyr
«täjiriň ogly» bilen edepli görüşýär. Iti nähili hormat bilen saklaýandyklaryny gören mahaly aňk bolup, huşundan gitmän zordan saklanýar. Hoja oňa ýer görkezip, şerbet hödürleýär, ol bolsa
onuň adyny, mertebesini soraýar. Şikarbaşy hoşlaşmaga duran
mahaly, hoja oňa bimäçe bölek ýüpek parçadyr oduk-buduk geň-enaýy zatlary sylag berýär.
Ol irden köşge gelip, köşk hyzmatkärlerine hoja täjir hakda
gürrüň berýär.
- Onuň habary hä diýmän, maňa-da ýetdi - diýip, Azatbagt
gürrüňini dowam edýär. - Men şikarbaşyny ýanyma çagyrdym-da, ondan täjir hakda soraşdyrdym. 01 hemme gören zatlaryny
maňa jikme-jik gürrüň berdi, itiň iň gymmat zatlar bilen bezelendigini, iki adamynyň bolsa kapasada saklanýandygy hakdaky
gürrüň meni gazap atyna atardy.
- Murdar täjir ölüme mynasyp - diýip, gazaplandym-da,
harby naçalniklerime: - Tizräk gidiň-de, ol hudaýsyzyň başyny
getiriň - diýip buýurdym.
Köşge öňki pereňli ilçi tötänden gelen eken. Ol meniň sözlerimi eşidip ýylgyrdy. Men öňküdenem beter dergazap bolup:
- Nadan! Patyşalaryň ýanynda sebäpsiz gülmek aýyp
bolar, ýersiz ýere gülenden aglan ýagşydyr - diýip gygyrdym.
Onda ol:
- Älemiň penakäri! - diýip, maňa ýüzlendi. - Meniň kelläme bolgusyzja pikirler geläýdi, şol sebäpli hem ýylgyrdym.
Ozaly belen-ä, weziriň aýdanlary çyn boldy, indi ony zyndandan goýbermek gerek, onsoňam patyşa-da nähak gan dökmekden özüni halas etdi; galyberse-de, dünýäni özüne baş egdirýän
adam sebäpsiz, günäsiz täjiri ölüme buýurdy. Ynha, indi men
haýran galýaryn, siz düşünişmän, diňe akmagyň atan töhmetine
ynanyp, öňýeteni derrew ölüme buýurmaga taýýar. Hakykatda,
ol täjiriň işleri nähilimiş? Eger siz onuň özüni şu ýere getirmegi
buýursaňyz, onuň bilen bolan zatlaryň hemmesi hakynda özünden soraşdyryp görseňiz gowy bolardy. Eger täjiriň günäsi şu
ýerde boýnuna goýulsa, onda siz erk-islegiňiz boýunça iş görüp
bilersiňiz.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 08
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.