Latin

Dört derwüş - 01

Total number of words is 3821
Total number of unique words is 2231
32.5 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
M ir JAmman
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Bagtyýar zamanamyzda häzirki esasy wezipämiz diinýä ýazyjylarynyň, döredijilik ussatlarynyň
naýbaşy eser/erini türkmen okyjylaryna giňden elýeterli
etmekden ybaratdyr.
-
MirAMMAN
Tilrkmen döwlet neşirýat gullugy
A şgabat-2012
UOK 894.361
A 58
A 58
Mir Amman.
Dört derwüş. - A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
Bütin gündogara meşhur bolan «Dört derwüş» eseri perzende
zar bolup ýören patyşa baradaky sadaja hekaýaty, derwüşleriň şowsuz
süýgüleri baradaky dört rowaýaty, şonuň ýaly-da bir söwdagär bilen
onuň ähtiýalan agalary hakdaky powesti öz içine alýar. Umumy häsiýeti boýunça bu bitewi esere jadyly ertekilere ýakyn bolan gündogar
romanynyň özboluşly formasy hökmünde garamak bolar.
TDKPJVo 198, 2012
KBK 84 Tür 7
© Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
H ekaýatyň
başlan yşy
eýlelik bilen, öz hekaýatyma başlaýaryn. Üns berip
diňläň-de, hoşniýetli degşiriň. «Dört derwüşiň başdan
geçiren wakalarynda» şeýle diýilýär: Gadym eýýamda Rum
diýen bir ýurt bolup, onuň patyşasynyň adyna Azatbagt diýer
ekenler. Ol adyllykda Nowşirwança, sahylykda Hatam Taýça
şöhrat gazanan eken. Konstantinopol - häzirki Ystambul diýilýän
şäher onuň paýtagty bolupdyr. Şol patyşanyň häkimliginde halk
eşretde ýaşapdyr, onuň egsilmez hazynasy bolupdyr, leşgerleri
bir diýenini ikinji gezek gaýtalatman edipdirler, garyp-gasarlaryň
ondan göwni hoş bolupdyr. Adamlar şeýlebir erkinlikde hem
şatlykda ýaşapdyrlar welin, her bir öýde gije-gündiz toý-tomaşa
bara meňzeýär eken. Azatbagt ogrularyň, talaňçylaryň, jübi
kesýänleriň, hilegärleriň, aldawçylaryň hemmesini ýok edipdir,
asyl bütin ýurtda olaryň tohum-tijini tükedipdir. Gijelerine öýleriň
gapylary gulplanylmandyr, bazardaky dükanlar bolsa açyklygyna galdyrylypdyr. Syýahatçylar altyn pullaryny şaňňyrdadyşyp,
tokaýlaryň, sähralaryň içi bilen geçip gider ekenler, şonda-da
olaryň ýüküniň nämedigini, nirä alyp barýandyklaryny soran-idän bolmandyr.
Müňlerçe şäher şol patyşa garaşly bolup, ençeme soltanlar
oňa paç beripdir. 01 şeýle uly hökümdar bolsa-da, Hudaýa gulluk etmegi otursa-tursa ýadyndan çykarmaz eken. Onda guşuň
süýdünden başga, dünýäde göwnüniň islän zady tapylypdyr, ýöne
welin mülkünde durmuşyň miwesi - ogly bolmandyr. Şonuň üçinem ol, köplenç, gaýgy-gama batyp oturar eken hem-de bäş wagt
namazdan soň, özüniň medetkäriniň dergähine ýüz tutup:
- Eý, taňrym! Men mynasyp bolmasam hem, sen öz
merhemetliligiň bilen maňa hemme zat berdiň, emma meniň
garaňky öýüme şamçyrag bermediň. Meniň mülküme eýe boljak
bir arkadaýanjymyň ýoklugyna men gam-gussa çekýärin. Seniň
gizlin hazynaňda islän zadyň bar ahyryn. Maňa bir edenli, akylly perzent ber, şonda meniň adym ýitmez hem häkimligimden
nyşan galar - diýer eken.
Patyşa şol umydy bilen kyrk ýaşyna ýetipdir. Bir gün ol aýna
jaýda namazyny okap, soňra gurhan açyp otyrka, onuň nazary
aýna düşüpdir welin, birdenkä öz murtundan misli kümüş sapak
ýaly ýylpyldap duran akja gyly görüpdir. Gözüne ýaş aýlap, ol ah
çekipdir-de, öz içinden: «Wah, seniň, gör, näçe ömrüň haýp geçdi! Sen ýer ýüzünde şöhrat gazanjak bolup, bütin dünýäni agdar-düňder etdiň, emma seniň alan ýerleriň indi seniň nämäňe gerek,
ahyrda bularyň hemmesini bir keseki tozduryp goýberer. Seniň
üstüňe bolsa ajal buşlukçysy gelipdir. Sen entek ölmän gezip
ýörseň hem gitdikçe gurbatyň gaçar. Täji-tagta eýelik etjek ogly
öndürmek seniň kysmatyňda ýokdugy gömüp dur. Ölen günüň
baryny galdyryp gidersiň, wessalam. Ähli zadyňy terk edip, galanja ömrüňi ýaradanyň hyzmatynda geçirseň gowy bolaýmasyn»
diýip oýlanypdyr.
01 ýüregini şoňa düwüp, aşaky baga tarap ugrapdyr, ol
ýerde adamlaryň arzyny diňläp, olara şu günden beýläk özüne
hiç kimiň ýüz tutmazlygyny we öz işlerini umumy kabul ediş
jaýynda çözmegi adat edinmeklerini tabşyrypdyr. Şondan soň
içki otaglaryň birine sümlüp, namazlyk halyçasyny ýazypdyr-da, namaz okamak bilen boluberipdir. Agy bilen ah çekmekden başga ondan seda çykmandyr. Şeýdip, Azatbagt patyşa gije-gündiz namaz okaýan jaýyndan çykman, birnäçe gününi geçiripdir. Agşam agzaçarda ol bir hurma iýip, yzyndan üç owurt
suw içer eken. Bu baradaky gürrüň köşgüň daşyna çykan badyna, patyşa täji-tagtdan ýüz dönderip, ýekelikde bolýarmyş diýen
habar bütin ýurda ýaýrapdyr. Ezijiler hem pitneçiler ýerli-ýerden
baş göterip, onuň ýurduna giripdirler-de, çem gelen adam halky
gysypdyr, topalaň turzupdyrlar, ýerli hökümdarlaryň hemmesiniň işi dolandyryşynda kemçilikler ýüze çykyp başlapdyr. Kanunsyz edilýän işler barada ýurduň hemme ýerinden köşge şikaýat
ýagyp başlapdyr. Şol wagt köşk hyzmatkärleriniň bary ýygnanyp,
öz aralarynda maslahat geçirmäge başlapdyrlar.
Olar, wezir paýhasly hem işe ökde, patyşanyň ýakyny hem
ynamdar adamsy, galyberse-de, onuň derejesi hemmämiziňkiden
ýokary diýşip, oňa ýüzlenmegi maslahat bilipdirler-de, onuň ýanyna baryp, bu işde nämäni makul bilýändigini soramakçy bolupdyrlar.
Weziriň ýanyna gelen emirler:
- Patyşanyň nähili haldadygy, ýurduň nähili ýagdaýa düşendigi size mälimmi? Eger patyşa mundan beýläk hem öz hökümdarlygyny dowam etdirmese, şeýle azap çekilip gurlan döwlet
dargajak. Ony gaýtadan dikeltmek bolsa aňsat düşmez - diýşipdirler.
Wezir köp zatlary başyndan geçiren tejribeli adam bolup, ol
adalatly hem-de paýhasly eken, şonuň üçinem onuň Hiradmand1
diýen lakamy hem bolupdyr^
- Patyşa ýanyma gelmäň diýen hem bolsa, siz barjak bolup
görüň. Menem siz bilen bile gideýin. Allatagala ýalkasa, belki,
patyşa bizi kabul eder - diýip, wezir olara maslahat beripdir.
01 bularyň hemmesini umumy kabul ediş jaýyna getiripdir,
olary şol ýerde goýup, özi maslahat jaýyna barypdyr-da, bu barada habar bermek üçin şol ýerdäki hyzmatkäre:
- Bar-da, şöhraty dünýä ýaýran adama bimäçe gün bäri
didaryňyzy görüp bilmedik garry hyzmatçyň geldi diý. Ol sizi
görmegi arzuw edýär, siziň gadam tozuňyzdan öpüp, ýüregime
tesseli bersem diýýär diý - diýip, ony patyşanyň ýanyna iberipdir.
Patyşa weziriň haýyşyny kabul edipdir, ol Hiradmand
weziriň akyl-paýhaslydygyny hem-de wepalydygyny bilýär
eken, ol az salym oýlanypdyr-da, weziri öz ýanyna çagyrmagy
buýmpdyr. Wezir ygtyýar edilenini eşiden badyna, şanyň öňünde
häzir bolupdyr, ol edeplilik bilen tagzym edipdir-de, onuň öňünde
gol gowşuryp durupdyr. 01 patyşanyň keşbiniň üýtgänini görüp
haýran galypdyr. Gije-gündiz gözýaş etmekden, oraza tutmakdan
ýaňa onuň gözleriniň öňi gögerip, ýüzüniň reňki solup gidipdir.
1Hiradmand - parasatly.
Hiradmand wezir saklanyp bilmän ylgap barypdyr-da,
hojaýynyň aýagyna ýykylypdyr. Ol garry weziriniň başyny ýerden galdyryp:
-Ý eri, näme? Meni görüp köşeşdiňmi? Indi ötägit. Maňa
başga azar berme, ýurdy öz eliňe al-da, özüň dolandyr - diýipdir.
Hiradmand wezir oňa jogap bermegiň deregine, zar-zar
aglap:
- Siziň merhemetli, rehim-şepagatlylygyňyzyň arkasyndan
uly hökümdar bolmaga meniň hemişe ýolum açykdyr. Ýöne häzirki wagtda jahan penakäri birdenkä işden elini sowadan pursadyndan, bütin ýurda tolgunma aralaşdy, bu bolsa gowulygyň
nyşany däl. Başymyzyň täjiniň kalbyny eýeläp, ezýet, berýän zat
nämekä? Öz eliňizde kemala gelen hyzmatkäriňize öz syryňyzy
aýan etseňiz örän oňat bolardy. Men özümiň ujypsyzja akylymyň
çatan zadyny size aýdardym. Ýurduň aladasyny kän bir patyşa
ýetirmezlik üçin hyzmatkärlere emeldarlyk berilýär-de, şeýle
belent mertebeli adamynyň başyny agyrdyp durjak bolsak, onda
patyşanyň hyzmatkärleriniň nämä geregi bar - diýipdir.
- Wezir, seniň aýdýanlaryň dogry - diýip, patyşa jogap
beripdir. - Ýöne kalbymy eýeläp, azar berýän pikirden maňa
dynma ýok, Hiradmand, sen bir gulak as! Meniň ömrüm döwleti
berkitjek bolup, ony giňeltjek bolup, agyr alada bilen ötdi. Şol
haý-haýly döwrüm ötüp, indi maňa diňe ajal garaşýar. 01 eýýäm
meniň üstüme çapar iberipdir. «Ertir gün çoýmadygy öýlänem
gün çoýmaz» diýen nakyly eşitmänmidiň? Şu wagta çenli meniň
ýüregime teselli berer ýaly zürýadym bolmady ahyryn. Ana,
şonuň üçin hem gam-gussa ähli zady terk etmäge mejbur etdi.
Goý, ýurda, baýlyga kim islese, şol eýe bolsun, ol meniň işim däl.
Adama gözüm düşmez ýaly, ähli zadymy taşlap, tokaýlara, dag-derelere başymy alyp gitmegi hem-de özümiň iň soňky günlerimi şol ýerlerde geçirmegi öňräkden bäri ýüregime düwýärdim.
Göwnümiň isleýän ýerinde bolup, taňrym üçin gullyk edip, onuň
hyzmatynda amanadymy tabşyryn. Belkem, ol maňa ömrümiň
ahyrynda rehim eder. Men bu dünýäden doýdum, meniň üçin jahanda gyzyklanar ýaly zat ýok.
10
Hiradmand onuň atasynyň hem weziri bolupdy. 01 Azatbagty baryp şazada wagtyndan bäri gowy görýärdi. 01 özüniň
paýhaslylygy hem-de eserdeňligi bilen tapawutlanýardy.
Wezir patyşa ýüzlenip, şeýle diýipdir:
- Allatagalanyň merhemetinden hiç wagt umyt üzmeli däldir. Bir kün diýende on sekiz müň janly-jandary ýaradan
gudratlynyň ýanynda size bir zürýat bermegiň kynlygy bolarmy? Goý, ýagty jahanyň hökümdary ýüregindäki gamgyn pikirleri ýok etsin, ýogsam bütin ýer ýüzüni bidüzgünçilik eýelejek.
Siziň we siziň ata-babalaryňyzyň jepa çekip, güýç goýup döreden döwletiňiz nähak eliňizden gider, ugruna seredilmän galan
ýurt bolsa tozap, Alla görkezmesin, onuň üstesine-de, abraýdan düşüler! Magşar gününde: «Seni patyşa edip, saňa hyzmatkär berdik, sen bolsa şepagatlylygymyza pitiwa etmän, öz
raýatlaryň arasynda başagaýlyk hem howsala döretdiň» diýip,
senden dilgir bolarlar. Siz oňa näme jogap berersiňiz? Şonda
özüňi her hili aklasaň hem peýdasy bolmaz, sebäbi adamyň ýüregi taňrynyň öýüdir, patyşadan bolsa diňe adyllygy nähili berjaý
edendigini sorarlar. Siz meniň günämi ötüň, men siziň ýüregiňize
düşdüm, ýöne öz öýüni taşlap, tokaýlarda selpäp ýörmek, gapy
gezýänleriň, garyp-gasarlaryň işidir, patyşa bolsa onuň ýaly iş etmek ýaraşmaz. Siz ýüregiňize düweniňizi edip bilersiňiz, ýöne
Allatagalanyň hyzmatyny diňe bir daglara, tokaýlara baryp etmeli
däl ahyryn. Dogry, siz şeýle gazaly eşiden bolsaňyz gerek:
Alla onuň ýanyndadyr,
Emma uzak tokaýlarda
Gözläp gezýär Allany.
Belkem, çagalary bardyr
Hut öziiniň ýakynynda,
Emma gözlemek kysmaty
Ýüreginde belläni.
Eger siz öz wepaly hyzmatkäriňize adalatly pikirini aýtmaga rugsat edip, beren maslahatyny kabul etseňiz, onda, iň gowusy,
bütin älemiň penasy Taňra sygnyň, her demiňizde onuň merhe-
metini diňläň, ol öz adalatlylygy bilen hiç kimi gözden salmaýar
ahyryn. Allanyň bendeleri siziň hökümdarlygyňyzda parahat saýalar ýaly, siz gündizlerine ýurda ýolbaşçylyk ediň hem-de adyllyk
görkeziň, gijelerine bolsa tagat-ybadat ediň. Pygamberlere alkyş
ediň-de, sessiz-üýnsüz umyt edip ýören galandar-derwüşlerden
kömek soraň. Ýetim-ýesirleri, köp çagaly bilen dul galan aýallary doýruň. Şeýle sogap iş etseňiz, Alla ýalkasa, göwün isleýän
arzuwyňyzyň wysal boljagyna men pugta ynanýaryn. Diýeniňiz
geler, päk ýüregiňiz bolsa şatlykdan dolar. Ýaradana sygnyň, ol
göz açyp-ýumasy salymda islän zadyny edip biler.
Weziriň maslahatlary Azatbagty ruhlandyrdy:
- Bolýa! - diýip, ol aýtdy. - Seniň aýdýan zatlaryň örän
oňat. Seniň diýeniňi etjek bolaýyn. Galanynam Allatagalanyň özi
goldar-da.
Onuň ýüregi aram tapyp, emirleriň, begleriň näme işleýändiklerini, näme hakda pikir edýändiklerini sorady.
01 şany hormatlap, şeýle jogap gaýtardy:
- Döwletiň gömükli adamlarynyň hemmesi Allatagaladan
kyblaýy älemiň jan saglygyny dileýärler. Olar siz hakda alada
edýärler. Eger siz olara merhemetli ýüzüňizi görkezseňiz, onda
hemmeler rahatlanjakdyr. Häzir bolsa olar daşky kabul ediş
jaýyňyzda size sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Onda patyşa:
- Allatagalanyň halany bolar! Ertir kabul etjek, aýt, olaryň
hemmesi gelsinler - diýip buýruk berende, Hiradmand wezir
şady-horram bolup, iki elini gowşuryp:
- Dünýä dursun, patyşamyzyň täji-tagty berkarar bolsun!
- diýdi.
Wezir keýpikök bolup, şaga baş egip çykyp gitdi-de, bu
şatlykly habary emirlere ýetirdi. Hemmeler heşelle kakyşyp,
öýli-öýlerine dargapdyrlar. Şatlyk bütin şähere doldy. Şanyň ertir
umumy kabul edişlik gurajagyna halk juda begendi.
Ertersi daň bilen uly-kiçi emeldarlaryň, atly-abraýly
adamlaryň hemmesi ýygnandy. Olar wezipelerine laýyklykda
hatarlanyşyp durup, şanyň gelmegine garaşýardylar. Jahan ýagtylyp, Gün dogdy, tagtyň öňündäki tuty syryldy, tagtyň üstünde
patyşa peýda boldy. Nagara kakyldy. Hemmeler baş egip, hökümdara salam berdiler hem-de onuň eşretli döwran sürmegini Alladan dilediler. Her kim öz gullugyna hem wezipesine laýyk sylag
aldy, adamlaryň göwni hoş boldy hem-de olar rahatlandylar. Günortanlar şa ýerinden turup, içki jaýyna ugrady. 01 ýerde lezzetli
tagamlardan iýip, dynç almak üçin haremhana bardy. Şol günden
başlap, ol şony adat edindi, ertirine umumy kabul edişlik gurady,
öýleden soň gurhan açdy, Allatagaladan ýardam isläp, oňa alkyş
aýdyp, doga okady hem-de göwün isleginiň berjaý bolmagyny
diledi.
01 bir gün kitap açyp otyrka «Adam gaýgy-gama batyp, bu
gaýgydan çykyp bilmeýän bolsa, onda ol adam takdyryna tabyn
bolup, öwlüýälere ýüz tutsun, pygamberiň adyna doga okasyn,
özüniň ejizligini ýatlap, gaýgy-aladadan el götersin. Ana, şonda
ol gorkusyndan gözýaş eder, Allatagalanyň gudratyny görüp pikirlener-de: «Dünýäde menden öň hem, gör, näçe hökümdarlar
bolupdyr, emma çarhy pelek olaryň baryny topraga garypdyr. Parasatly aýdylan şeýle bir söz hem bar:
Degirmen daşyny görüp,
Kabir' agy-gözýaş eder.
Iki daşyň arasynda
Duraýmazlar etmän heder.
Indi olardan bir gysym gumdan başga zat galmandyr. Olar
dünýäniň ähli baýlygyny unudyp, öýünden, maşgalasyndan, dost-ýaryndan, hyzmatkärlerinden, malyndan-mülkünden aýra düşüp,
gara ýeriň astynda ýatyrlar. Indi olara hiç zadyň geregi ýok. Hiç
kim olaryň adyny-da tutmaýar. Onsoň hem olar jaýlananlaryndan
soň, gör, nämeler bolandyr, olary gurçuklar, ýylanlar, tomzaklar, garynjalar iýip gitdimikä ýa-da olaryň täleýi başgaça boldumyka?! Ine, şu zatlary göwnüne geňeşip göreninden soň, ol bu1
1 Kabir (1440-1518) - Demirgazyk Hindistanyň meşhur halk şahyry.
14
dünýäniň humardygyna, boş hyýaldygyna düşüner, şonda onuň
ýürek gunçasyna hiç wagt hazan ýeli degmez, hemişe öz terligini
saklar» diýen ýazgyny okady.
Patyşa kitapdan bu wesýetleri okandan soň, Hiradmand
weziriň aýdan sözlerini ýadyna saldy. Onuň diýenleri kitapdaky
aýdylýanlar bilen deň gelýärdi. Patyşa şonuň ýaly edip görmekçi
boldy. «Yöne patyşalaryň edişi ýaly, ata münüp, wezir-wekilleri
yzyňa tirkäp gitmegiň geregi ýok. Gowusy, geýimimi üýtgederin-de, ýüzümi garaňka tutup, öwlüýä ýa-da bir terkidünýäniň hüjresine baryp, şol ýerde ertire çenli oturaryn. Belki-de, Hudaýyň
bendeleriniň delalaty bilen arzuwlaryma ýeterin» diýip, patyşa
pikir etdi.
Şunlukda, ol şony pugta ýüregine düwüp, bir gije köne-küşül geýim geýdi-de, ýany bilen biraz pul alyp, hiç kime duýdurman köşkden çykyp, çöl-beýewana tarap ugrady. Az ýöräp, köp
ýöräp, bir öwlüýä ýetdi. Päk ýürek bilen namaz okamaga durdy.
Şol wagt güýçli ýel turdy. Birden uzakda daň ýyldyzy ýaly ýylpyldap, bir otjagaz göründi. Azatbagt: «Şeýle tüm gijede, onda-da
bu harasadyň içinde ol oduň ýanmagy ýöne ýerden däldir. Munda
bir jadyly gudrat bar bolaýmasyn? Hawa, peltäniň daşyna kükürt
bilen ýag çalsaň, onuň her hili apy-tupanda hem öçmän ýanýanlygy hakykatdyr. Yöne bu ody ýakýanlar keramatly adamlar bolaýmasyn? Her näme-de bolsa, baryp görmek gerek. Belki, ol
oduň täsiri astynda meniň öýümde şamçyrag ýanyp, mukaddes
arzuwyma ýeterin» diýip pikir etdi.
Şu pikir bilen ol oda tarap ugrady, oňa ýakynlaşanda, onuň
nazary donlaryny ýasgynjak alşyp oturan dört sany mysapyr gedaýa düşdi. Olar başlaryny dyzlarynyň arasyna salşyp, sessiz-üýnsüz çuň pikire gark bolup otyrdylar. Olaryň gam-gussa boglup oturyşlary ýekirilip, öz mähriban ýurtlaryndan, illerinden jyda
düşen awaralara meňzeýärdi. Olar diwaryň ýüzüne çekilen surat
dek gozganman, doňan ýaly bolup otyrdylar. Öňlerindäki gabra
goýlan daşyň üstünde bolsa otjagaz ýylpyldaýardy. Ýalnyň gyzyl-
ja diljagazyna hiç bir zat päsgel bermän, asuda ýokary göterilýärdi. Ony bu güýçli ýelden asman aýtymy gorap saklaýan ýalydy.
Azatbagt ol mysapyrlary gören badyna: «Hudaýyň şu
bendeleriniň kömegi bilen meniň islegim hökman berjaý bolar
diýip pikir etdi.
Ol öz-özüne: - Şularyň şepagaty bilen seniň hazan uran
umyt agajyň gök öwsüp, miwe getirer. Sen bularyň ýanyna bar-da, öz betbagtlygyň hakda gürrüň ber hem-de olaryň söhbedine
goşul. Belki-de, olaryň saňa rehimi inip, Allatagala mynajat ederler, belkem, olaryň dilegi kabul b o la r- diýdi.
01 eýýäm olaryň ýanyna barmakçy boldy. Emma birden:
«Eý, bipaýhas! Gyssanma! Akylyňa aýlan. Sen bularyň kimdigini, nireden gelip, nirä barýandyklaryny bilýärmiň berin? Olar
döw ýa-da arwah bolup, adam sypatyna girip oturan bolsalar
näbilýäň, ätiýajy elden berme, alňasama! Gowusy, ilki şu golaýda
bir ýerde gizlen-de, olaryň nähili derwüşdigine bir gözüňi ýetir!»
diýen düşünje ony saklady.
Azatbagt edil şonuň ýaly etdi. Ol gelenini duýdurman,
ýuwaşlyk bilen aşak otyrdy-da, derwüşleriň gürrüňini eşitmek
umydy bilen bütin ünsüni olara berdi.
Derwüşleriň biri asgyrdy-da:
- Şükür alhamdilila! - diýip batly gygyrdy. Onuň sesine beýleki üçüsi hem tisginip oýandy. Olar şemiň ösüntgisini
aýyrdylar, ol has şöhlelendi. Şybyklaryny temmäkiden dolduryp,
çilim otlandylar. Oturanlaryň biri:
- Eý, garabagt, sergezdan dostlar! Ykballarymyzyň ters
gelmegi, bizi öý-öwzarymyzy taşlap, bu dünýäde dyngysyz
sergezdançylyk etmäge mejbur etdi. Hudaga şükür, biziň bagt
ýyldyzymyz bizi bu gün şu ýerde biri-birimize duşurdy. Erte
başymyza näme geljegi belli däl. Belki, dördimiz ýene bile galarys, belki-de, herimiz bir ugra gideris. Gije uzak hem-de tukat,
beýle irden ýatmak hem gowy däl. Iň gowusy, geliň, her birimiz
özümiziň dünýäde başymyzdan geçiren zatlarymyz hakdaky he-
kaýatymyza başlalyň, ýöne welin ýalan sözleri agza almazlyk,
şerti bilen nobatyna gürrüň bereliň. Şeýtsek, biz gijäni gürrüň bilen geçiris, daňa golaý bolsa irkileris - diýdi.
- Eý, hadi!1 Biz siziň aýdýanlaryňyza razy. Siz ilki özüňiz
başlaň-da, görüp-eşiden zatlaryňyz hakda aýdyň, biz bolsa üns
berip diňläli - diýip, galan üçüsi oňa jogap berdiler.
' Hadi - dini ýolbaşçy.
17
"7 V
Birinji derwüşiň
başyndan geçirenleri
a\
'rnnji derwüş aýbogdaşyny gurnp oturdy-da, öz
başdan geçirenlerini gürrüň bermäge başlady:
- Eý, Hudaýyň halan bendeleri! Öýsüz-öwzarsyz men
biçäräniň başymdan geçirenlerimi diňlemegi makul biliň.
Başlaýaryn hekaýata,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Pelek saldy ýanar oda,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Başdan geçen işi doly
Gürrüň berýän bolşy ýaly,
Gulak goýuň, gulak goýuň.
Eý, dostlar! Men biçäre hem ata-babalarym ýaly, Ýemen
ýurdunda önüp-ösdüm. Meniň atamyň adyna Hoja Ahmet diýerdiler. 01 söwdagärleriň ýaşulusydy, özi hem uly söwda işlerini
alyp barardy. Şol wagtlar ýekeje söwdagärem, birje süýthor hem
oňa taý gelmeýärdi. 01 ençeme şäherlerde dükanlar açyp, söwda
eder ýaly dükançylar tutupdyr. Öýümizde bolsa hemişe tükeniksiz pul bolardy, dünýäniň dürli ýurtlarynyň mallaryndan müňlerçe
rupiýalyk haryt durardy. Kakamyň iki çagasy bardy. Olaryň biri,
şu öňüňizde oturan, boýny gymmatbaha daşly, egni kafnili' mendim, beýlekisi özümden kiçi uýamdy. Enem-atam heniz barka,
ony goňşy şäherdäki bir söwdagäriň ogluna durmuşa çykardylar,
uýam adamsynyň öýünde ýaşap ýördi. Elbetde, şeýle gurply, baý
öýde ýeke çaga - men hakda edilýän aladanyň çeni-çaky ýokdy.
Men atam-enemiň elinde, olaryň mähirli söýgüsine ýugrulyp ös-1
1Kafni - kerpiç-kerpiç bolup duran ýeňsiz keltejik adaty geýim.
♦2
düm. Kemala gelenimden soň, men okap-ýazmagy, ata münmegi,
tüpeň atmagy, söwda işlerini alyp barmagy hem hasabat ýöretmegi öwrenip başladym. Ömrümiň on dört ýylyny hiç bir hili alada-ünjüsiz, bolelinlikde hem-de şady-horramlykda geçirdim. Emma
Hudanyň emri bilen meniň ejemem, kakamam bir ýylyň içinde
aradan çykdy.
Şol wagtky meniň çeken gam-gussamy söz bilen beýan
eder ýaly däl. Men duýdansyz ýetim galdym. Ugruma sereder
ýaly, özümden uly hiç kimim galmady. Men gije-gündiz hesret
çekip, gözýaş döküp, iýmek-içmekden kesildim.
Ýas tutup, kyrk güni zordan geçirdim. Kyrk birinji gün
diýlende bolsa, uly-kiçi ähli dogan-garyndaşlarymyz, tanyş-bilişlerimiz gelip, aýat-gurhan okadylar, kakamyň sellesini
meniň kelläme orap, meni köşeşdirmäge durdular:
- Dünýäde enesi-atasy ölmejek adam ýokdur. Sanaglyň dolanda sen hem ölersiň. Şükür et, sabyr-kanagatly bol. Öýüňize
göz-gulak bol! - diýdiler.
Olar meni köşeşdirip gaýtdylar. Olaryň yzy bilen dükançylar, iş dolandyryjylar hem her hili hyzmatkärler geldi. Olar maňa
sowgat getirip:
- Siz, pul, haryt hazynalaryna merhemetli nazaryňyzy salyň
- diýdiler.
Egsilmez baýlyklara gözüm kaklyşanda, dünýäm ýagtylan
ýaly boldy. Men ilkinji, kabul ediş jaýy bezemegi buýurdym. Bezegçiler onuň içine haly düşediler, gapylara kaşaň tutular asdylar.
Myhmanhanada hyzmat etmek üçin, meniň buýrugym boýunça,
kaşaň geýindirilen oňat hyzmatkärler saýlanyp getirildi. Özüm
bolsam ýassygy tirsegimiň aşagyna atyp, körpençäň üstünde
gyşardym. Her hili kezzaplar, işsizler, ýal ýagylary, ýalançylar, şugulçy-ýaranjaňlar hyrra meniň daşymy alyp, dostlaşmaga
başladylar. Men gije-gündizimi şolar bilen geçirdim, biz bolgusyz
zatlar barasynda lakgyldaşýardyk. Olar maňa hemişe: «Ýaşlygyň
gözel pursadyndan peýdalanyň. A1 şeraplar getirdiň, zyba gözellere şerap süzdüriň, keýp çekiň!» diýýärdiler.
Hawa, adamzadyň adamdan erbet duşmany ýok eken!
Men olaryň maslahatyna uýup, ýolumy urdurdym. Şerap içmek,
tans etmek, keýpli oýunlara gyzyklanmak meniň üçin adat bolup galdy. Wagt geçdigiçe men söwda işlerimi unudyp, her tüýsli
tomaşalara, keýp çekmelere öziimi aldyrdym. Meniň işden elimiň
sowandygyny gören gullukçylarym, hatda dostlarym hem eline ilen zatlaryny öýlerine daşap ugradylar. Göz-görtele talanyp
ugradym, puluň näçe harçlanýandygyna, nireden gelip, nirä gidýändigine hiç kim üns bermedi. Kişi öz zähmeti bilen mal gazanmasa, gelen döwletiň peýanyny bilmeýär ahyryn. Şeýle talaňa
Karunyň hazynasam çydamazdy! Bimäçe ýyl geçenden soň, diňe
kellämdäki telpegim bilen bilimdäki guşagymyň galandygyny
duýup galdym. Nebsewürlik bilen duzumy iýip, agzynda aş
gatyklap, meniň üçin «gan döken dostlarymyň» birisi-de gapymdan garamady. Gaýtam, tötänden duş gelen ýerlerinde ýüzlerini
sowup, görmediksirän bolup geçdiler. Köp sanly hyzmatkärim
hem meni taşlap gitdiler, şeýlelik bilen, «Başyňa ne iş düşdi?»
diýip, halymy sorar ýaly adam galmady. Diňe hesret bilen ýas
meniň ýalňyz ýaranym bolup galdy.
Şol wagt meniň ýeke gysym dänäm-de ýokdy. Ençeme wagt
mätäçlikde gezdim, ahyrsoňy, beýle elhenç horluga çydamadym.
Bir gün ýüzüme gara çekip, uýamyňka gitmekçi boldum. Atamyz
öleli bäri uýamy ýekeje gezek hem görmäge barmandym. Asyl
birki sözi çyrmapjyk hat hem ýazmandym. Şonuň üçin men bijaý utandym. Serhoşlygyň keýpine düşüp, onuň mähribanlyk,
dözümsizlik bilen ýazan hatlaryna hem jogap ýazmandym. Oňa
ýüz tutmaklyk namyssyzlyk hem bolsa, şondan başga çykalga ýokdy. Men her ädimde diýen ýaly büdräp, ençeme günlük
ýoly pyýada, müň-de bir muşakgat bilen zordan geçdim-de, iki
elimi bumuma sokup, uýamyň gapysyndan girdim. Uýam meniň
bolup gelşimi görüp, ýüzümden sypap garşy aldy, boýnumdan
gujaklap, möňňürip aglady. Meniň sag-aman gelenim üçin, ol hudaýýoly hökmünde gedaýlara ýag, däne, ownuk pul berişdirdi.
Soňra:
— Dogan, seniň bize geleniňe men gaty begenýän, ýöne
sypatyň nähili bolaýypdyr? - diýdi.
Yeri, men oňa näme diýip biljekdim. Gözüme ýaş aýlap
dymyp durdum.
Uýam meni hammama iberdi, gelýänçäm, ol maňa täze
eginbaş tikdirip goýupdyr. Men ony geýdim. Ýaşamak üçin ol öz
otagynyň gapdalyndan oňat bezelen bir otagy boşadyp berdi. Iýmek-içmegi özi getirýärdi. 01 ertirine dürli tagamlar bilen şerbet
bererdi, soňra bolsa halwa, badam, pisse getirerdi. Öýlänler her
hili kişdeler hem-de ter miweler bererdi; günde iki gezek; günortan hem agşam naharynda bolsa diýseň süýji palaw, mele-myssyk
çörek, kebap hem gyzgyn nahar bererdi.
Şol başyma düşen jebri-jepalardan soň, şeýle gaýgy-aladasyz rahatlyga ýetenim üçin, Hudaýa ýüz-de müň şükür etdim.
Şeýdip men ençeme aýlap uýamyň öýünde işsiz-pişesiz ýatdym.
Şonda meni hut enem dek eziz görýän uýam günleriň birinde maňa şeýle äheňde ýüzlendi:
- Eý, dogan jan! Sen meniň nury didämsiň, ata-enemiziň
dogmasysyň. Seniň bize gelmegiň, meniň ýüregime teselli berdi. Men seni görenimde göwnüm açylýar. Sen maňa bahar dek
şatlyk getirdiň, ýöne Allatagala erkek adamyny ýaradanda, öz
iýjegini-içjegini özi gazanar ýaly edip ýaradypdyr. Olara öýde
oturmak gelişmeýär. Öýde bus-bus bolup, wagtyny bisarpa geçirýän adamlar iliň gözünden düşýär, gargyş alýar. Aýratyn hem
biziň goňşularymyz, ýerliksiz hem bolsa, uludan-kiçä gürrüňiňi
ederler. «Atasynyň tükeniksiz baýlygyny iýip gutarypdyr-da,
indi giýewsiniň ýanyna bir döwüm çörek üçin gelipdir» diýerler.
Bu bir binamyslyk bolar! Biziň üstümizden gülüp, ata-enemiziň
at-abraýyny gaçyrarlar. Şol bolmasa, men öz hamymdan seniň
aýagyňa paşmak tikmäge, saňa ömür boýy gözümiň üstünden ýer
bermäge taýyndyryn, ýöne indi meniň berjek maslahatym şu: sen
bu ýerden git. Hudaý berse, dünýä düzeler-de bu ynjalyksyzlyk,
garyplyk ötüp, ýerine bagt hem bolçulyk geler.
Uýamyň sözleri mende namysjaňlyk duýgusyny oýatdy,
men onuň maslahaty bilen razylaşdym.
- Bolýar, indi sen meniň ejemiň deregini tutýarsyň, sen
näme diýseň, şony ederin - diýdim.
01 menden soraşyp, öýe girdi-de, elli gapjygy altyndan
dolduryp, hyzmatkär aýallar bilen dolanyp geldi we uýam maňa
şeýle diýdi:
- Biziň söwdagärlerimiziň kerweni Dimaşga' gidýär. Şu
pullara dürli haryt al-da, ony şol kerwenden iber. Malyňy bolsa
bir ynançly adama tabşyr, özünem ondan dilhaty almagy unutma.
Özüň hem Dimaşga git. Ol ýere sag-aman baraňsoň, malyňa, ondan gelýän girdejä göz-gulak bol, ýogsa-da ony özüň sat.
Men puly aldym-da, bazara bardym. Geçäýjek harytlardan alyşdyryp, olaryň ählisini bir baý täjire tabşyrdym-da, ondan
dilhaty alyp ynjaldym. 01 täjir mallaryny gämä basyp, deňiz bilen gitdi, men bolsam gury ýer bilen ugramak üçin şaýymy tutdum. Aýrylyşmak pursady gelende, uýam maňa kaşaň lybaslar
geýdirip, ähli şaýlary gymmatbaha daşlar bilen bezelen at berdi,
eýerine bolsa suwly meşik hem-de içine dürli-dümen tagamlar,
kökeler salnan sandyjak asmagy buýurdy. Ýolda her hili belalardan gorar diýip, goşaryma ymam rupiýasyny daňdy. Maňlaýyma
süzme bilen tika12 basdy we gözýaş edip, şeýle diýdi:
- Ýola düş, Alla ýaryň bolsun! Bu gün ýüzüň aňryk, tizräk
bärik öwrülsin!
- Allatagala seni hem öz penasynda saklasyn! Men seniň
diýşiň ýaly edendirin - diýip, menem doga okap aýtdym.
Howludan çykyp atlandym-da, Hudaýy çagyryp, her günde
iki menzil ýol geçip, häh diýmän Dimaşga ýetdim. Emma men
şäheriň derwezesiniň agzyna baranymda gijäniň birwagtydy.
Derwezebandyr garawullar derwezäni ýapan ekenler. Men özümiň ýolagçydygymy, alys ýoldan gelendigimi hem-de şäherde
agşamlyk edinmek, dynç almak, atyma iým gözlemek isleýändigimi aýdyp, olara köp ýalbardym. Emma derwezäniň aňyrsyndan:
- Gijäniň bu mahaly derwezäni açmak gadagan. Näme üçin
beýle giç geldiň? - diýip, gödeksi gygyrdylar.
Men şeýle aýgytly jogap alanymdan soň, atymdan düşdüm-de, basyrygyny ýazynyp, galanyň düýbünde oturyberdim. Ukla1Dimaşk - Damask, Siriýanyň paýtagty.
2 Tika - başam barmak bilen maňlaýa basylýan tegmil. 01, köplenç,
reňk, süzme ýaly zatlar bilen basylyp, nikalaşmak, ýokary wezipä çekilmek,
haja, syýahata gitmek ýaly dabaraly wakalary aňladýar.
mazlyk üçin, wagtal-wagtal iki ýana gezmeledim. Daňyň atmagyna näçe wagtyň galanyny, gijäniň haýsy wagtydygyny aňyp
bilmeýärdim. Bir görsem, galanyň diwaryndan ýuwaşlyk bilen
bir gapyrjak sallanyp gelýär. Men haýran galdym. «Bu ne bela!
Meniň çeken jebir-jepalaryma rehimi inip, Hudaý maňa asman
hazynasyndan hak berýän bolaýmasyn?» Gapyrjak onýança ýere
düşdi. Men ätiýaç bilen onuň golaýyna bardym. Görsem ol bir
ýönekeý agaç sandyk eken. Men sabrymy gaçyryp, onuň agzyny
açdym-da, aňk-taňk boldum. Jemaly akylyňy çaşyrýan, deňi-taýy bolmadyk bir gözel zenan parçalanyp, gana bulaşyp ýatyr.
Onuň gözleri ýumukdy, bedeni tirpildeýärdi, dodaklary çala
müňküldeýärdi. Ondan:
- Ah, bagtyraga dönük! Ah, rehimsiz eziji! Meniň
ýagşylyklaryma, söýgime seniň jogabyň şu boldumy? Bolýar, ur
ýene! Goý, her kimiň jezasyny Allatagalanyň özi bersin! - diýen
ýuwaşja nala eşidilýärdi.
Ol şu sözleri aýdyp, ýene-de öňküsi ýaly huşsuz halda
ýüzüni perenjiniň gyrasy bilen örtdi, maňa bolsa seretmedem.
Men onuň bolup ýatyşyny görüp, agzyndan hem şeýle sözler eşidemsoň, doňan ýaly saň gaty bolup galdym. «Haýsy zalym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 02
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.