Latin

Dört derwüş - 08

Total number of words is 4037
Total number of unique words is 2028
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ilçi şunuň ýaly edip maňa öwüt berip durka, weziriň aýdan sözlerini ýatladym-da, haýal etmän, täjiri ogly bilen ýanyma getirmeklerini buýurdym. Garawullar olara tarap eňdiler-de,
göz açyp-ýumasy salymda alyp geldiler. Men olary ýanyma çagyrdym. Ilkinji bolup, hoja «ogly» bilen girdi, ikisiniň hem bezemen eşigi bar eken. «Täjir oglunyň» owadanlygyny görüp, köşk
emeldarlarynyň ulusy-kiçisi haýran galyp, sabyr-karardan aýryldylar. Oglan üsti gymmatbaha daşlary doly mejmäni tutup durdy,
ol daşlaryň her biriniň öwüşgini bütin bir zaly ýagtylandyryp
biljekdi. 01 tagtyň ýanyna gelip, şol zatlaryň hemmesini maňa
sowgat berdi-de, bir gapdala çekildi. Hoja bolsa ýeri öpüp, meni
öwmäge durdy. Onuň sözleýşi şeýlebir ýakymlydy welin, ony
diňe iň bir gowy bilbiliň saýraýşy bilen deňeşdirmek boljakdy.
Onuň hoşamaýlygy maňa gaty ýaran hem bolsa, gaharlanan kişi
bolup:
- Eý, adam sypat arwah! Bu seniň gurýan toruň, öz ýoluňda
gazýan çukuryň näme? - diýdim. - Diniň haýsy, sen haýsy kanuna tutunýaň? Sen haýsy pygamberiň ymmatyndan? Eger ýoldan
çykan bolsaň, onda sen haýsy mezhepden? Onsoňam, eger şular
ýaly işler bilen meşgullanýan bolsaň, saňa näme diýip at bermeli?
- Älem penakäriniň ömri uzak bolsun, döwleti artsyn diýip, ol jogap berdi. - Siziň mysapyr guluňyzyň düşünişi boýunça Alla ýekedir hem-de oňa taý ýokdur. Men keramatly Muhammediň sözüne uýýan. Hemä Alla oňa, şonuň ymmatyna rehim
etsin, ýalkasyn! Onsoň men on iki ymamlara uýýan. Meniň ka-
nunymam, ine, şeýle: günde bäş wagt namazymy okaýan, remezan aýynda oraza tutýaryn, haja gidýän, emlägimiň bäşden birini hüşür-zekat berýän, bir bölegini garyplara paýlaýan, ite sežde
edýänim bolaýmasa, başga tarapdan musulmançylyk düzgünlerini berjaý edýän. Siz menden närazy. Bu meniň üçin uly urgy.
Allanyň ýaradanlarynyň meni biabraý hasaplamagynyň hem öz
sebäbi bar, ýöne men ony aýdyp biljek däl. Ite sežde edýän kişi
hökmünde at-owazam köp ýerlere ýaýrady. Şol sebäpli salgydy
iki esse tölemäge mejbur bolsam-da, men bu zatlaryň baryna
kaýyl boldum, emma hiç kime öz syrymy beýan etmedim.
Onuň sözleri meni öňküdenem beter gahar-gazaba atlandyrdy:
- Sen erteki otarýarmyň? - diýip, men gygyrdym. - Men
olary eşitmek islämok. Eger sen öz edepsizlikleriňiň düýp sebäbini birkemsiz düşündirseň, onda seniň bilen ylalaşyp bilerin, bir
çemçe ganyňy hem geçerin. Bolmasa men bu işleriň üçin şeýle
bir jezalandyraryn, hatda seniň gamyňy ýarmaklaryny buýraryn.
Hiç kim Muhammediň ýolundan çykmaz ýaly, ol hemmelere-de
sapak bolar.
- Eý, patyşahym! - diýip, hoja ýalbardy. - Sen meniň ganymy dökme-de, gowusy, meniň hemme emlägimi al, onuň hetdi
bar, hasaby ýok. Öz mertebeli tagtyňyň öňünde maňa, ogluma
rehim et. Ganymyzy geç-de, bizi goýber.
- Akmak! - diýip, men jogap ýerine güldüm. - Sen meni öz
baýlygyň bilen yrjak bolýarmyň! Yöne bilip goýgun, maňa gizlin
syryňy bolşy ýaly aýtmakdan başga çykalgaň ýokdur.
Hojanyň gözleri ýaşdan biygtyýar doldy-da, ýaş ýigide tarap öwrülip şeýle diýdi:
- Patyşanyň öňünde men günäli boldum. Şonuň üçinem
öläýmeli. Oňa alaç ýok. Yöne men seni kime galdyrkam?
- Eý, mekir! - diýip, men oňa haýbat atdym. - Indi gürrüňi
bes et: aýtmaly zadyňyň hemmesini tizräk gutar.
Şonda ol ýerinden galdy-da, tagta golaý geldi. Meniň aýaklaryma ýykylyp, öwgi sözleri bilen maňa ýüz tutdy:
- Eý, şalaryň şasy! Eger siz meni ölüme buýurmadyk
bolsadyňyz, onda horluga çydardym welin, özüm hakda gürrüň
bermezdim. Ýöne jan bar zatdan gymmat; hiç kimiň özüni gorpa itekläsi gelmez. Ondan başga-da dine uýýan kişi öz janyny
goramaga borçludyr, diniň talabyndan boýun gaçyrmaklyk bolsa Allanyň buýrugyna garşy çykmaklyk bolar. Bolýar-da, eger
perwerdigäriň emri şeýle bolsa, onda biçäre garrynyň başyndan
geçirenlerine gulak asyň, ýöne öňi bilen içi adamly kapasalaryň
ikisini hem şu ýere getirmegi buýruň. Men özüm hakda gürrüň
berip ugraryn. Eger-de siziň göwnüňize haýsy-da bolsa bir ýerde
men, hakykatdan hem, gyşarýandyr öýtseňiz, onda siz ýesirlerden
sorarsyňyz, goý, olar tassyklasynlar. Onsoň siziň özüňiz bir pikir
edip görüň.
Onuň sözi maňa ýarady. Men kapasalary getirmegi talap
etdim. Bendileriň ikisinem boşadyp, hojanyň ýanynda oturmagy
buýurdym.
- Eý, patyşam! - diýip, hoja söze başlady. - Sagda duran
adam meniň uly doganym, çepdäki bolsa, ortanjy doganym. Men
olaryň ikisindenem kiçi. Meniň kakam Fars ýurdunda täjirlik
ederdi. Meniň on dört ýaşym dolanda, biziň atamyz dünýäden
ötdi. Ine, onsoň, kakam pahyry jaýlap, däp-dessurlar berjaý edilenden soň, doganlarym maňa şeýle diýdiler:
- Indi bize atamyzyň baýlygyny üleşmek gerek, paýlaşanymyzdan soň, goý, her kim öz islänini etsin.
- Agalar! Siziň aýdýanyňyz näme? - diýip, men olara ýüz
tutdum. - Men siziň guluňyz, doganlyk paýymy almaga göz dikemok. Meniň atam öldi, siz ikiňiz bolsa maňa ata omuna galdyňyz.
Size hyzmat eder ýaly, maňa ölmezödülik gury çörek bolsa bes.
Meniň paý nämäme gerek? Men sizden galanyny iýip oňaryn-da,
ýanyňyzda ýaşabererin. Men şindi oglan, hiç bir işden başym çykanok. Köp zatlary öwretmeli bolarsyňyz.
- Sen bir özüňi däl-de, eýsem bizem heläkçilige eltmek,
gedaý etmek isleýärsiň - diýip, agalarym meniň aýdanyma garşy
çykdylar.
Men burça gysylyp, ýuwaşja agladym. Onsoň men «Meniň
agalarym eýýäm uly adam çykypdyrlar. Belki, olar maňa akyl
öwretmek isländirler» diýip oýlandym. Şu pikir bilenem gitdim.
Ir bilen meniň ýanyma kazynyň ýasawuly geldi-de, meni kazyň
ýanyna - «adalat öýüne» alyp bardy. Görsem, meniň doganlarym
eýýäm şol ýerde ekenler.
- Sen näme üçin kakaňyň emlägini paýlaşmak islemeýärsiň?
- diýip, kazy sorady. Men oňa-da doganlaryma aýdanymy gaýtalap berdim. Onsoň agalarym:
- Eger ol muny tüýs ýürekden aýdýan bolsa, goý, onda mirasdan zat almak islemeýänini, atamyzyň baýlygynda öz paýynyň
ýokdugyny dil haty bilen tassyklasyn - diýdiler.
Men haýdan-haý: «Agalarym maňa ýamanlyk edesleri ýok-la, bular maňa bolmaly zady aýdýandyrlar. Öz paýyny alan bolup, ýeliň ugruna biderek sowrup goýbermesin diýýändirler diýip
pikir etdim-de, olaryň islegine laýyklykda atamyň emläginden,
özüme düşýän mirasdan boýun gaçyrýandygym hakda dil haty
ýazyp, oňa golumy çekdim, kazy bolsa möhürini basdy. Agalarym hoşal bolup, meniň bilen öýe gaýtdylar. Ertesi olar maňa:
- Inim! Seniň ýaşaýan jaýyň bize gerek. Sen özüňe başga
jaý tap-da, şol ýere ugra - diýdiler.
Şu ýerde asyl atamyň öýünde ýaşaýandygymyň hem olara
ýakmaýandygyna düşündim. Men biygtyýar gitmeli boldum.
- Älemiň penakäri! Kakam dirikä her gezek syýahatdan
gaýdyp gelende, maňa dürli ýurtlardan geň-enaýy zatlary sowgat
getirerdi. Her kim öz çagalarynyň içinde iň kiçisini hemmesinden
köp läliksiredýär ahyryn. Kakamyň getiren sowgatlaryny satyp,
az-owlak pul topladym-da, özüm söwda edip başladym. Mundan
başga-da, öz wagtynda kakam maňa Türküstandan gymak getirip
beripdi. Başga bir gezek ýylky sürüsini sürüp getiripdi. Olaryň
içinde gowy at bolup çykjak bir tez taý bardy. Ony kakam maňa
sowgat beripdi. Onsoň oňa özüm göz-gulak bolup başlapdym. Ine,
onsoň, kakam ölensoň agalarymyň maňa birehim garaýanlaryny
görüp, men öý satyn aldym-da, şol ýere göçüp bardym. Bu it hem
meniň bilen gitdi. Men öý hojalygynda gerek zadyň hemmesini
edindim, iki sany hyzmatkär gul satyn aldym, galan serişdämi bolsa mata dükanyny açdym-da, Hudaýa sygnyp, söwda işi bilen boluberdim. Men öz ykbalymdan nägile däldim. Agalarymyň meni
edip goýberişleri adamkärçilik bolmasa-da, Alla rehimdar eken,
üç ýylyň içinde söwdam şeýlebir şowly boldy, şäherde hormat
gazandym duruberdim. Tanymal adamlaryň hemmesi az tapylýan
bir gowy zat almak islänlerinde, maňa ýüz tutdular. Men bu işde
köp pul gazandym hem-de bolelinlikde ýaşamaga durdum. Men
her demimde ýaradana minnetdar bolup, günlerimi hoşallykda,
doly parahatlykda geçirýärdim hem-de özüm hakda oýlanamda,
ýygy-ýygydan şeýlebir şygry ýatlaýardym:
Gorkman göwnüm ýyksa-da şa,
Kimdir ol maňa - men oňa?!
Diňe, ýaradan bir Huda,
Aýandyr alkyşlam saňa.
Yyksa-da göwnüm gardaşym,
Şepagat etgil sen maňa.
Wah, däldir ol meň syrdaşym,
Kömek diýp ýüz tutýan saňa.
Goý, dostum hem-de duşmanym
Etsin göwün-kine menden.
Yok armanym, hiç puşmanym
Etsem gulluk janu-tenden.
Garşy çyksa jüm le älem,
Seň gudratyň güýçli ondan.
Ogşarlar meň elim olar,
Diňe sen razy bolsaň menden.
Anna güni men öýde otyrdym, hyzmatkärlerim bolsa zat
satyn almak üçin bazara gidipdi. Tiz wagtdan ol ýarym-ýaş aglap
geldi.
- Saňa näme boldy? - diýip, men habaryny aldym.
Siziň ne işiňiz? - diýip, ol gaharly jogap berdi. - Wagtyňyzy
hoşlukda geçiriň oturyň-da. Siz maşgar güni näme jogap bererkäňiz?
- Eý, hebeşi! Seni ne jyn urdy? - diýip, men onuň üstüne
gygyrdym.
- Betbagtçylyk, ine, şunda: Bir musaýy siziň agalaryňyzyň
elini arkasyna daňyp, bazaryň ortasyna çykarypdyr. 01 olary
129
gamçy bilen saýgylaýar-da: «Eger siz meniň pullarymy gaýdyp
bermeseňiz, onda sizi ölýänçäňiz ýenjerin. Hiç bolmanda şeýdip
armandan çykaryn» diýip, olary masgara edýär. Agalaryňyzyň
başyna şeýle gün düşüpdir, siz bolsaňyz bu ýerde gaýgy-gamsyz
otyrsyňyz! Bu gowumy? Il-gün näme diýer?
Bu habary eşidenimden ganym gyzyp, bir erbet boldum.
Men gullaryma:
- Pul alyň-da, yzymdan galmaň - diýip, aýakýalaň, baş
açyk bazara ylgadym.
- Hudaýyň haky üçin saklanyň! - diýip, häkim ýasawulyna
ýüz tutdum. - Men musaýydan bularyň näme günä edendiklerini,
näme üçin olara beýle jeza berýändigini soraýyn.
- Bu gün anna ahyryn, olary näme üçin beýle ýençýärsiňiz?
- diýip, men musaýa ýüz tutdum.
- Eger siz olaryň arkasyny tutmakçy bolsaňyz, onda siz
bularyň maňa bergisini töläň, bolmasa-da gelen ýeriňize gidiberiň
- diýip, musaýy jogap berdi.
- Näçe tölemeli? - diýip, men soradym. - Getiriň dil
hatyňyzy, men häzir size nagt sanap bereýin.
- Olaryň dil hatyny men eýýäm häkime berdim - diýip ol
aýtdy.
Bu wagt meniň gullarym içi tyllaly iki haltajyk bilen
ýetişdiler. Men musaýa müň rupiýa berdim-de, agalarymy azat
etdim. Olaryň gömüşi gözgynydy. Olar ýalaňaç halyna açlykdan,
suwsuzlykdan horlanypdyrlar. Men agalarymy özüm bilen alyp
gaýtdym. Ilki bilen olary hammamda ýuwdum, naharladym. Olar
utanarlar öýdüp, atamyň şonça baýlygyny nirä harçlandyklary barada ýatlamadym.
- Eý, patyşahym! Ine, olaryň ikisi hem siziň öňüňizde.
Men çynymy aýdýarynmy ýa-da ýalan aýdýarynmy, ony, ynha,
bularyň özlerinden soraýyň.
Hawa, onsoň bimäçe günden olar ýaralaryndan aýňaldylar.
Men bir gezek olara:
- Agalar! Siz indi öz şäheriňizde abraýdan düşdüňiz,
gowusy, size syýahata giden ýagşy - diýdim.
*9
Olar sözüme jogap bermän dymdylar. Men agalarym razydyrlar diýen karara geldim-de, olary ýola salmanyň taýýarlygyny görüp ugradym. Çadyrlary, ýükleri, garaz, ähli gerek-ýaragy barada alada etdim. Ýigrimi müň rupiýalyk haryt satyn
aldym-da, olary Buhara gidýän kerwene goşup goýberdim.
Bir ýyldan kerwen gaýdyp geldi; emma men agalarymdan
habar-hatyr eşitmedim. Ahyrsoňy bir tanşymdan agam barada soradym. Ol maňa:
- Agalaryňdan bir-ä Buhara baran badymyza bar baýlygyny
humara utdurdy. 01 indi şol ýerde jaý süpürýär, diwarlary suwaýar,
agardýar, oýunbazlara hyzmat edýär. Olaryň oňa rehimi inip, pul
berýärler, ol hem şolaryň hyzmatynda ýer-ýesirdi. Beýleki agaň
şerap ýasaýanyň gyzyny söýdi. Bar zadyny bolsa biderek sowup
gutardy. Indi ol şerap dükanynda hyzmat edýär - diýip, ol birin-birin aýdyp berdi. Asyl, söwdagärler meniň hatyramy görüp,
aýdyp bilmän ýören ekenler.
Täjirden beýle habary eşidip, men gaty hapa boldum. Öz
ýanymdan pikir öwrüp, ukudanam, iýmek-içmekdenem kesildim.
Ine, onsoň, ýol harajatymy tutup, Buhara ugradym. 01 ýere baran
badyma, derrew agalarymyň ikisini hem gözläp tapdym. Olary öz
ýanyma getirdim, ýuwundyrdym, täze geýim geýindirdim. Olary
utandyrmajak bolup, etmişleri barada dilimem ýarmadym. Olara
haryt satyn alyp berenimden soň, hemmämiz Buharadan çykyp
gaýtdyk. Nişapuryň golaýynda men olary bar haryt zatlar bilen bir
obajykda goýdum-da, özüm şähere gaýtdym. Men olaryň özümden soň barmagyny isleýärdim. Sebäbi şäherde meniň olaryň
yzyndan gidenimi bilmeklerini islemeýärdim. Iki günden soň agalarym syýahatdan gaýdyp gelýärler, erte men olary garşylamaga
gidýän diýen habary ýaýratdym. Irden ýola düşmekçi bolup duran
pursadymda, birdenkä, meniň agalarymy goýup gaýdan obamdan
bir daýhan geldi-de, gaty ses bilen möňňürmäge durdy. Men onuň
sesine daş çykdym. Onuň ýarym-ýaş aglaýanyny görüp:
- Sen nämä aglaýaň? - diýdim.
- Siziň agalaryňyz sebäpli meniň öýüm talandy - diýip,
ol jogap berdi. - Siz berin doganlaryňyzy ol ýerde galdyryp
gaýtmasaňyz bolmaýarmydy!
- Näme boldy ahyryn? - diýip, men tolgundym.
- Gije öýüme galtamanlar döküldiler. Siziň agalaryňyzyň
emläklerini äkitdiler, üstüne meniňkinem taladylar - diýip, ol
gürrüň berdi.
- Indi meniň agalarym nirede? - diýip, men bozulyp soradym.
Olar aýakýalaň-başaçyk, şäheriň eteginde otyrlar. Olaryň
hiç zady galmady - diýip, ol aýtdy.
Men şol pursadyň özünde iki jübüt geýim alyp, olaryň
yzyndan gitdim. Doganlarymy geýindirip, öýüme alyp geldim.
Halk bu hakda eşidip, olary görmek üçin ýygnandylar, emma
agalarym utançlaryndan garasyny hem görkezmeýärdiler. Üç aý
şeýle geçdi. Men içimden: «Bular haçana çenli burça bukulyşyp
oturmaly bolarlar? Eger başartsa, gowusy, men olary hem özüm
bilen syýahata alyp gitsem gowy bolardy» diýip oýlandym.
- Eger ygtyýar etseňiz, onda men siziň garyp guluňyz,
siz bilen jahana keşt etmäge gitjek - diýip, men agalaryma sala
saldym.
Olar seslerini çykarmadylar. Onsoň men dürli harytlar ýygnap, gerek-ýaraklaryň hemmesini taýýarladym-da, agalarym bilen ýola rowana boldum. Men eçilip, sadaka berdim-de, ýükümi
gämä ýükledim; labyry göterenimizden, gämi öňe hereket etdi.
Bu wagt meniň itim kenarda uklap ýatyrdy. Gözüni ýalpa açyp,
gäminiň eýýäm deňizdedigini görende, ol birahatlanyp üýrüp
başlady, özüni suwa urup ýüzmäge durdy. Men ony getirmek üçin
gaýyk iberdim, iti gaýyga mündürip alyp geldiler. Biz bir aýlap
parahat hem-de şowly ýüzdük. Şu ikaralykda ortanjymyz meniň
gymagyma maýyl boldy.
- Inimiziň rehimliligi bizi uly utanja goýýar - diýip, ol bir
gezek uly agama aýdypdyr. - Biz nähili edip, ondan dynyp bilerkäk?
- Men bir zady pikir edýärin. Eger şony berjaý etmek
başartsa, erbet bolmazdy - diýip, ol oňa jogap beripdir.
Ine, onsoň ikisi maslahatlaşyp, meni öldürmegi, hemme
baýlygymy ellerine salmagy makullaşypdyrlar.
Men bir gezek gämidäki jaýymda irkilip ýatyrdym, gymagym bolsa meniň aýaklarymy owkalaýardy. Birdenkä kiçi agam
içeri girdi-de, meni howlukmaç oýardy. Men howul-harsal böküp
turdum-da, daş çykdym, itim hem meniň yzym bilen çykdy. Görsem, uly agam ellerini gäminiň erňegine diräp dur; ol aşak eglip,
suwa seredip durşuna meni ýanyna çagyrýardy. Men dykylyp
baryp:
- Ol ýerde näme bar? - diýdim.
- Geň galmaly zat bar. Suwuň astynda üsti ýakut teňňeli,
merjen ýüzgüçli tritonlar bökjekleşýärler.
Eger şunuň ýaly bolgusyzlygy başga biri aýdan bolsady,
men asla ynanmazdym. Ýöne agamyň sözüni hakykat diýip hasap etmäge men öwrenipdim. Seretmek üçin başymy aşak egdim, emma gören zadym bolmady. Ol bolsa öwran-öwran: «Indi
görýäňmi?» diýýärdi. Eger ol ýerde bir zat bolan bolsady, onda,
elbetde, görerdim ahyryn. Ana, şol wagt kiçi agam meniň seresapsyzlygymdan peýdalanyp, ýeňsämden gelägede, şeýlebir itdi
welin, men gäminiň üstünden kelemenläp gaýtdym. Olaryň özi
ýarym-ýaş bolup:
- Tizräk ýetişeweriň, inimiz gark boldy - diýşip gygyrmaga
durýarlar.
Şu ikaralykda bolsa gämi daşlaşdy, meni bolsa suw gapdala alyp gitdi. Men tä ýadaýançam, tolkunlar bilen göreşip, hopugýardym. Ahyrky demimde biygtyýar Alla sygnyp başladym.
Birdenkä elime bir zat ildi. Gözümi açyp görsem, ol itim eken.
Megerem, meni suwa zyňanlarynda, ol hem özüni deňze taşlap,
yzymdan ýüzüp gelen bolmaga çemeli. Men onuň guýrugyndan
tutdum, şeýlelikde, Allanyň gudraty bilen ol meni halas etdi. Biz
ýedi gije-gündizläp tolkunlaryň üstünde ýüzüp, sekizinji gün
kenara baryp direldik. Aýak üstüne galmaga ragbatym ýokdy.
Süýşenekläp-süýşenekläp, agdaryla-agdaryla, zordan gury ýere
çykdym. Şondan soň uzak wagtlap özümden gidip ýatypdyryn,
diňe ertesi gün itiň üýrýän sesi meniň gulagyma geldi. Men gözümi açdym, Hudaýa şükür edip, daş-töweregime seretmäge durdum. Uzakdan şäheriň sudury görünýärdi, emma ol ýere ýetmäge
gurbum çatjak däldi. Men her ädimden soň dynç almaly bolýardym. Agşama deňiç diňe bir wýorstdan gowrak ýol geçdim.
Ýarpy ýolda baýyrlyga duş geldim, şol ýerde hem gije ýykylyp galypdyryn. Ertesi şähere ýetdim hem-de bazara çykdym.
Hemme ýerde meniň gözüme ilýän süýji satýan bakgallaryň dükanlarydy. Meniň ýüregim gülsüldeýärdi: jübimde gara köpük
pulum ýokdy, mugt dilemäge bolsa bognum ysmajakdy. Şeýdip,
men gidip otyryn, gidip otyryn. Her ädimde indiki dükana ýetenimde, iýer ýaly bir zatjagaz dilärin diýen pikir bilen özümi
köşeşdirýärdim. Ahyrsoňy, men halys ysgyndan düşdüm, içim
halys goruldy, göwnüme ýene ýekeje ätlesem, janym jesedinden
jyda düşäýjek ýaly. Bir görsem, iki sany pars eşikli ýaş ýigit gol
tutuşyp maňa ýakynlaşyp gelýärler. Men gaty begendim. «Ine,
meniň watandaşlarym, belki, bular meniň tanşymdyr, men bulara öz ýagdaýymy düşündirerin» diýip, öz ýanymdan ýüregime
düwdüm. Ýakyn gelenlerinde, men olaryň agalarym ekendigini
tanadym. Men olaryň duşanyna begenip, keseki adamlara el sermäge mejbur etmän, olaryň namysymy gorap saklajakdyklaryna
Hudaýa şükür etdim. Olaryň ýanyna baryp, men uly agam bilen
salamlaşdym-da, onuň elini öpdüm. Ol maňa alarylyp bir seretdi-de gykylyklap ugrady. Kiçi agam bolsa ýaňagyma şeýlebir batly
şarpyk çaldy welin, men entirekläp ýykyldym. Men uly agamyň
synyndan ýapyşyp, ol meni gorarmyka öýtdüm, emma nähak bolup çykdy, ol hem urdy. Gepiň tümmek ýeri, olar doganlarynyň
Ýusuby edişleri ýaly, meni urup süýndürdiler. Men näçe ýalbarsam-da, Hudaýa sygnyp gargyş etsem-de, olaryň maňa rehimi
gelmedi. Mähelle üýşdi. Hemmeler näme ýazygymyň bardygyny
soraýardylar.
- Bu ýigrenji, biziň doganymyzyň hyzmatkäri - diýip, olar
jogap berdiler. - Bu ony deňze gark edip, emlägini ogurlady. Biz
bu ganhory uzak aňtadyk, ine, ahyr bu gün biziň girimize düşdi.
- Haramzada! - diýip, onsoň agalarym maňa ýüzlendiler. - Saňa ne döw çaldy? Sen biziň doganymyzy näme üçin
heläklediň? 01 saňa näme ýamanlyk etdi? Ýa seni öz hojalygynda
dolandyryjy edip, ýagşylyk edenini ýamanlyk hasap etdiňmi?
Şeýdişip, olar ýakalaryny ýyrtyp, ýalandan ýarym-ýaş aglan
kişi bolup, meni urmaga, depmäge başladylar. Bu wagt häkimiň
ýasawuly geldi. 01: «Näme diýip bu adamy urýarsyňyz?» diýip,
olara haýbat atdy-da, meniň elimden tutup, biziň işimizi çözmäge
alyp gitdi. Agalarym hem onuň bilen bile gitdiler. Olar häkime-de bazarda diýen zatlaryny aýtdylar, oňa näçe para beripdirler.
Şeýdip, günäsiz janymy horlap, menden ar almak islediler. Häkimi hem yryp, işi öz islegleri boýunça çözmek islediler. Häkim
maňa ýüz tutdy. Men şol mahal şeýlebir ýagdaýdadym: açlykdan,
ýenjilmekden ýaňa dilimi ýarmaga ragbatym ýokdy, diňe başymy
aşak sallap durdum. Häkime hiç bir jogap bermedim. Onsoň häkim, dogrudanam, meni gandardyr öýdüp pikir etdi.
- Ony meýdança eltiň-de, asyň! - diýip, ol buýurdy.
- Älemiň penakäri! Men olar üçin pul töledim, men olary
musaýyň ýesirlerinden sypdyrdym, minnetdarlyk deregine bolsa
olar meni heläk etmek maksady bilen para üçin pullaryny gysganman häkime berdiler. Ynha, olaryň ikisem öňüňizde. Eger men
hakykaty aýtman, gyl ýaly gyşardýan bolsam, onda özlerinden
sorap görüň.
Yeri bolýar-da, ana onsoň meni alyp ugradylar. Dar agajyny
görüp, men durmuş bilen hoşlaşdym. Meniň günüme itimden
başga aglajak ýokdy. Ol bolsa şeýlebir howsala düşýärdi weli,
hemmeleriň aýagynyň aşagynda togalanyp çyňsaýardy. Kim
taýak bilen, kim daş bilen ony kowýardy, emma ol gitmeýärdi.
Men bolsam ýüzümi kybla tutup, Alla sygynmaga durdum:
- Häzir meniň senden başga howandarym ýok. Men günäsizi goldaweri. Eger özüň rehim etseň, men halas bolýan - diýip,
jebir çekenleriň dogasyny okap, huşumdan gidip ýykylypdyryn.
Allanyň emri bilen bu ýurduň patyşasynyň içinden güýçli
sanjy tutupdyr. Emirler, tebipler ýygnanyşypdyrlar, emma her
näçe däri-derman berseler-de, asla peýda etmändir. Bir tanymal adam garyplara bol sadaka bermegi, tussaglary zyndandan
boşatmagy maslahat beripdir. Jebir çekýänlerden alkyş almaklyk
her hili däri-dermanlardan gowy haýyr etjekdigini düşündiripdir.
Şol wagtyň özünde şanyň hyzmatkärleri zyndanlara tarap
eňipdirler. Hyzmatkärlerden biri tötänden menýdança göz gezdir-
ýär. Mähelläni görenden ol kim-de bolsa birini asmakçydyklaryna
düşünipdir. 01 derrew dar agajynyň ýanyna at salyp gelip, gylyç
bilen ýüpi çapýar. Patyşa şeýle agyr haldaka, siz Allanyň bendesini dara çekýärsiňizmi diýip, häkimiň kömekçilerine haýbat urup,
meni boşatdy. Onsoň agalarym ýene häkimiň ýanyna ugradylar-da, meniň öldürilmegimi talap etdiler. 01 bolsa para alanlygy sebäpli, olar näme islese, şoňa razydy.
- Arkaýyn boluň - diýip, häkim olara jogap berýär. - Indi
men ony şeýlebir yzyny tapmaz ýaly ederin welin, ol şol ýerde
açlykdan, suwsuzlykdan öler. Hem-de bu hakda hiç kim hiç zat
aňmaz.
Meni tutup wagtlaýynça gizlinje ýerde sakladylar. Şäheriň
ýanyndaky dagda Süleýman pygamberiň döwründe döwleriň gazan dar hem garaňky gowagy bar eken. Gepiň gysgasy, agalarym
häkimiň kömekçileri bilen bilelikde bir gije meni şol daga eltdiler. Gowaga taşladylar-da, ýürekleri rahat tapyp gaýtdylar.
- Eý, patyşahym! Bu it bolsa meniň yzymdan gelipdir.
Meni gowaga sallanlarynda, ol onuň gyrasynda ýatypdyr. Men
aşakda çalam-çaş bolup, huşsuz ýatyrdym. Bimeme özüme gelemde, men özümi ölüdirin hasap etdim, ýatan ýerimi bolsa
gabyr däldir öýtmedim. Şu ýerde men nämedir bir zat hakda
gürleşýän iki adamyň sesini eşitdim. Bular ahyret perişdeleridir
- Müňkir bilen Nekirdir. Bular menden sorag etmäge gelendirler diýen pikir kelläme geldi. Kimdir biri bir ýüpi aşak sallan
ýaly, onuň şygyrdysy eşidildi. Men haýran galyp, daş-töweregimi
sermeleşdirip başladym, emma meniň elim diňe süňke degýärdi.
Biraz wagt geçenden soňra, edil diýersiň biri iýmäge duran ýaly,
meniň gulagyma bir zadyň çeýnelýän sesi geldi.
- Eý, Allanyň bendeleri! Siz kim bolarsyňyz, biz häzir nirede? Allanyň hatyrasy üçin maňa aýdyň! - diýip gygyrdym.
- Bu beýik Süleýmanyň zyndany, bizem ondaky bendiler diýip, kimdir biri gülüp jogap berdi.
- Aýdyň, eýsem men dirimi? - diýip, ýene soradym.
Batly çykan gülki sesinden soň:
- Şindä-hä sen diri, ýöne indi hökman ölersiň - diýen sesi
eşitdim.
- Siz näme iýýäňiz? Maňa-da az-owlak beriň-dä - diýip,
men batyrlanyp diledim.
Jogap ýerine bir zadyň şapbyldadyp iýilýän sesinden başga
zat eşitmedim. Doýup, suwsuzlyklaryny gandyryp, nätanyşlar
ukladylar. Men bolsam gurbatsyz, açlykdan hem-de ýarym huşly
halda ýatyşyma gözýaş seçip, Allany kömege çagyrýardym.
- Eý, dünýäniň perwerdigäri! Yedi güni deňizde geçirmeklik, ondan soňra ganybir agalarymyň töhmeti zerarly iýmek-içmeksiz galmaklyk, has beteri hem -ýenjilm eklik! Şeýle zyndana
düşenimden soň bolsa, ondan boşamak bardyr diýen pikir kelläme-de gelmeýärdi. Ahyrsoňy, janhowly başlady, demim bir gelýärdi, bir gidýärdi. Birdenkä gijäniň birwagty ýokardan kimdir
biriniň aýak sesi eşidildi, ujuna içi çörekli suwly küýzeli ýaglyk
daňlan ýüp sallandy, onsoň biri ýuwaşja çagyrdy. Meň bilen ýatan
beýleki ikisi bir zady aldylar-da, iýip-içip başladylar. Gowagyň
agzynda ýatan it ony görüp, bu ýerik çörekdir suw sallap boljagyna göz ýetiripdir. Eger şeýlelik bilen taşlanan hojaýynyna
azyk getirip bilse, onuň janyny halas etse boljagyna düşünipdir.
Şu niýet bilen şähere ylgapdyr. Ol ýerde nan satýanyň dükanynyň
içindäki tagtanyň üstünde çörek goýlan eken. 01 bökägede birine agyz urup, dişine gysypdyr-da, ýazzyny beripdir. Mähelle
onuň yzyndan kowupdyr, oňa kesek zyňypdyrlar, emma it çöregi
taşlamandyr. Adamlar ýadap, yzlaryna gaýdypdyrlar, olara derek, onuň yzyna şäheriň itleri düşüpdir. 01 itler bilen dalaşanda-da, çöregini gidermändir, nanyny gowagyň ýanyna getirip, aşak
taşlapdyr. Gündizlikdi, men ýanyma gaçan çöregi gördüm-de,
ony elime aldym. Şonda itimiň üýrýän sesini eşitdim. It bolsa
maňa çörek getirip berip, suw gözlegine gidipdir.
Golaýdaky obanyň eteginde ýalňyz ýaşaýan kempiriň
külbesi bar eken. Onuň öňünde suwdan doly golçadyr küýzeler
duranmyş, onuň özi bolsa ik egrip oturanmyş. It bir küýzäniň ýanyna baryp, ony göterjek bolupdyr. Kempir oňa elini salgapdyr.
Küýze itiň diýşinden sypypdyr-da, golçanyň üstüne gaçypdyr.
Golça kül bolup, suwy ýere çaýkanyp gidipdir. Kempir taýak
alyp, iti urmak üçin ýerinden galypdyr, it onuň eteginden dişläp,
bumuny onuň aýagyna sürtäp, guýmgyny bulaýlamaga durapdyr.
It daga tarap ylgapdyr-da, onsoň ýene kempiriň ýanyna gaýdyp
gelipdir. It bir bedräni, bir ýüpi dişläp, kempire olary görkezipdir-de, kempiriň aýagyna oýkanmaga, onuň eteginden çekmäge durapdyr. Megerem, Alla kempiriň ýüregine rehim salan bolara çemeli. Ol bedre bilen ýüpi alypdyr-da, itiň yzyna düşüpdir, it bolsa
köýneginden dişläp, ol aýaly öýünden çykaryp, yzyna düşürip
alyp gaýdypdyr. Ahyrsoňy, olar daga gelipdirler. Itiň bu bolşuny
görüp kempir «Bu haýwanyň hojaýyny bu gowakda oturan bolarly, megerem, şoňa suw gerek bolandyr» diýip pikir edipdir. It
kempiri zyndanyň agzyna getiripdir, ol bolsa içi suwly bedräni
sallapdyr. Men ony aldym-da, bir bölek çörek ýuwudyp, üstünden hem bimäçe gezek suw owurtladym, şeýdip, biraz garbanyp
ýürekse edindim. Yaradandan minnetdar bolup, gapdala çekilip
oturdym. Allanyň indiki etjek garaşyklaryna garaşmaga durdum.
«Göreli bakaly, soňy näme bilen gutararka?» diýdim.
Ine, şeýdip bu dilsiz-agyzsyz haýwan maňa çörek getirýärdi, kempiriň kömegi bilen suw üpjün edýärdi. Söwdagärler itiň
hemişe çörek alyp gaçýanyny görüp, rehimleri inipdir-de, özleri
oňa çörek oklamaga durupdyrlar. Eger kempir suw getirmese, it
onuň golçalaryny döwüşdiripdir. Şeýlelikde, ol kempir biygtyýar
her gün maňa bir küýze suw getirmäge mejbur bolupdyr. Bu
dört aýak wepadar dostum azyk-suw bilen üpjün edip, meni
köşeşdirýärdi. Özi bolsa wagtyny zyndanyň agzynda ýatyp geçirýärdi. Şeýle ýagdaýda alty aý geçdi. Kemteresinden tämiz howada girmeýän şunuň ýaly zyndanda oturan adamyň haly niçik bolar
öýdýäňiz? Men diňe süňk bilen ham bolup galdym, durmuşdan
irdim welin «Eý, Allam! Bu horluklary görkezeniňden janymy
alsaň gowy bolardy» diýip, içimden pikir eden wagtym seýrek
bolmady. Bir gezek gije bendileriň ikisi hem ýatyrdy, meniň bolsa ýüregim gamdan doludy. Men saklanyp bilmän, aglamaga
durdum, ýüzümi ýere berip, Hudaýa sygyndym. Gije ýarymdan
aganda men birdenkä Hudaýyň gudraty bilen çukura ýüp sallanýandygyny duýdum.
- Eý, bagtygara keç ykbal! - diýen ýuwaş pyşyrdy eşidildi.
- Yüpüň ujuny elleriňe berk daňyp, ol ýerden çyk.
139
Bu sözleri eşidip: «Ahyrsoňy, agalarymyň maňa rehimi
inipdir-ow, ganlary çekip, özleri meni boşatmaga gelipdirler-ow!» diýip oýlandym. Begenjimden ýaňa näme edip, näme
goýýanymy bilmän, ýüpi bilime daňdym. Kimdir biri meni ýokary çykardy. Gije şeýlebir garaňkydy welin, men özümi halas
edeniň kimdigini hem saýgaryp bilmedim.
- Ýör tizräk. Bu ýeri durulýan ýer däl - diýip, ol daşyna
çykan badyma aýtdy.
Meniň düýpden ysgynym ýokdy, emma gorkymdan ýaňa
ýykylyp-sürşüp, zordan dagdan düşdüm. Görsem, iki sany eýerlengi at taýyn dur. Meni halas eden kişi maňa atlaryň birini görkezdi-de, münmegime kömek etdi, özi bolsa beýlekisine mündi,
onsoň biz atlary gamça basdyk. Bimäçe wagtdan soň deňziň kenaryna ýetdik.
Biz daňa golaý eýýäm şäherden ýigrimi wýorst uzaklykdadyk. Bir görsem, meniň hemram demir donly, hatda atyny hem
demir esbaplar bilen basyran ýaş ýigit ekeni. Ol gazaply nazaryny
maňa dikip, gahardan ýaňa dymaklaryny gemirýärdi. 01 ýigit
berdenkä gylyjyny gynyndan sogmp aldy-da, göni meniň üstüme
at saldy. Men şol demde atdan towsup düşdüm-de:
- Meniň hiç bir ýazygym ýok - diýip, ýalbarmaga
başladym. - Eý, rehimli hökümdar, sen näme üçin meni öldürmekçi bolýarsyň? Meni zyndandan çykaranam özüň ahyryn, häzir bolsa şeýlebir gazaba münýärsiň!
- Dogryňy aýt, sen kim bolarsyň? - diýip, ol sorady.
- Men syýahatçy. Gazaply adalatsyzlyk zerarly şu zyndanda bendilikde ýatyrdym. Diňe siziň merhemet etmegiňiz bilen ol
ýerden sag-salamat çykdym - diýip jogap berdim-de, ýene birnäçe ýakymly sözler aýtdym.
Ahyrsoňy, Alla onuň ýüregine rehim saldy.
Bolýar, Hudaýyň edenine ýok diýmek bolmaz - diýip, ol
hümürdedi-de, gylyjyny gynyna saldy. - Bar, seniň janyň halas
edildi. Mün atyňa derrew, bu ýerde eglenmegiň hajaty ýok.
Biz atlary aňyrlygyna sürüp gitdik. Meniň hemram ýol boýy
gamlanyp, uludan demini alýardy. Gün iki deň bolanda bir ýere
baryp ýetdik. 01 atyndan towsup düşdi-de, meniňem düşmegime
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Dört derwüş - 09
  • Parts
  • Dört derwüş - 01
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2231
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 02
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 2156
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 03
    Total number of words is 4038
    Total number of unique words is 2106
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 04
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 2113
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 05
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 2045
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 06
    Total number of words is 4009
    Total number of unique words is 2137
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 07
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 2019
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 08
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 2028
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 09
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 2023
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 10
    Total number of words is 3974
    Total number of unique words is 2002
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    50.2 of words are in the 5000 most common words
    56.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 11
    Total number of words is 4017
    Total number of unique words is 2050
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 12
    Total number of words is 4116
    Total number of unique words is 2042
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 13
    Total number of words is 4088
    Total number of unique words is 1990
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Dört derwüş - 14
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1847
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    49.6 of words are in the 5000 most common words
    57.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.