Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 09

Total number of words is 3674
Total number of unique words is 1649
23.5 of words are in the 2000 most common words
31.1 of words are in the 5000 most common words
35.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düýp söz üýtgemän sagdyn galýar. Dilleri Agglutinativ bolan halklar
şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1- Ural-Altaý dilleri, mysal üçin
türkler, tatarlar, mogollar, Finler, tonguzlar, samuidiler we … 2Ýaponýalylar hem Koreýalylar, 3- Hind Drawidiler we basklar, 4Ýerli Emirkalylar (gyzyl derililer), 5- Afrikaly nubililer, huttentutlar
we…
Gadymy halklardan bu dil toparyna girýänlerden, Ilamlylar,
Hititlerdir. Sumerliler hakda-da gürrüň edilýär. Alymlaryň birnäçesi
sumerlileri-de Agglutinativ dilli hasap edýärler. Üçünji dil topary
bolsa Hindi-Ýewropalylardan we samidlerden ybarat bolan “Flexiv”
dil toparydyr…»141
Ýokarda ady geçen “Türk Ensiklopediýasy”nda şeýle
maglumat bar: «Sumer dili samid ýa-da Hindi-Ýewropa dilleri ýaly
flexiv dillerden bolman eýsem Agglutinativ dildir. Bu jähetden
Sumer dili bilen Ural-Altaý dillerinden türkçe, Wengerçe, käbir
Kawkaz dilleriniň arasynda söz gurulşy taýdan gaty köp meňzeşlikler
bar. Sumer dili sözlem gurluşy taýyndan kompleksiv diýilýän
çylşyrymly sözlem aýratynlyklary bilen hem, türki dil maşgalasyna
ýakyn bolup, ;kursiv; diýiýän samid hem Hindi-Ýewropa dilleriniň
sada hem gönümel aýratynlyklaryndan uzakdyr… Sumer diliniň
kompleksiv sözlem gurluşy bilen baglylykda zynjyrlama (tirkeşik)
sözlem formasy bardyr. Onuň bu ýagdaýy-da türk dilleriniňkä
meňzeşdir. Dünýädäki dilleriň ýa-da dil maşgalalarynyň bary bilen
derňelen Sumer diliniň, olaryň haysysyna degişlidigi heniz
gutarnykly kesgitlenmedik bolsa-da, onuň kompleksiv dil
aýratynlygy, tirkeşik söz düzümleri bilen sözlem ýasalyşy hem-de
söz ýakynlyklary, türkçede hem Sumerçede birinji şahsyň ;m; we
ikinji şahsyň ;s; bilen başlanmagy ýaly ýagdaýlar, Sumer bilen türk
we başga-da Aziýadaky dillerden artdyryp boljak dilleri, bir uly
toparda biri-birine baglanyşdyrýar. Sumer diliniň diňe käbir
häsiýetleri türkçede ýokdur. Söz meňzeşligi taýyndan bolsa diňe türk
141
: Hasan Pirniýa „Taryhe Irane bastan“ 1-nji tom, s. 10-11
129
dilleri bilen Sumer diliniň
arasynda
birnäçe
kanagatlandyryjy ýakynlyklardan söz etmek mümkindir. Bu
ýakynlygyň öňde baryjy goldaýjysy bolan F. Hommel, iki diliň
arasyndaky ýakyn sözlerden 350-syniň üstünde aýak dirän bolsa-da,
olar şu günki ylmy metodlar bilen gaýtadan derňelmelidir…»142
Gürrüňimiziň bu bölümini, ýene-de bir çeşmede öňe sürülen
pikir bilen aýaklaýarys:
«Ada ýa-da ata sözi türk dillerde-de, Sumer dilinde-de „ata“
manyda gelýär. „Ser Persi Saýks“, „Jorj Sarten“, „Will Durant“ we
„S. N. Kramer“ ýaly bir topar taryhçylar, Sumer we Ilam dillerini, bu
iki diliň gurluşyny (strukturasyny), şonuň yaly-da olaryň arasyndaky
söz we ses meňzeşliklerini göz öňünde tutmak arkaly, olary UralAltaý (türk-mogol) dilleriniň hatarynda goýýarlar. Alym dostum Dr.
„Ziýa-oddin-Sädrol-äşrafi“ meniň ünsümi şu aşakdaky meselä çekdi:
“Sumerleriň we lamlaryň dilleri, bütin taryhçylaryň ykrar
etmegine görä samid dil-de däl, arýan dil-de. Ilam diliniň Ural-Altaý
dilleri bilen forma hem ses taýyndan meňzeşligi, atlaryň we beýleki
sözleriň bir toparynyň bu dilleriň arasynda bir bolmagy, birnäçe
taryhçylardyr arheologlary Ilamly hem Sumerli uruglaryň göçüp
gelen ýerleriniň Daglyk Kawkaz, Azerbeýjan we Orta Aziýa bolmak
ähtimalyny bermäge mejbur etdi.»143
142
143
: „Türk ensiklopedisi“ 30-njy tom, Ankara-1980, s. 127-28
: Iräj Iskenderi „Där tariki hezareha“ Europa-1985, s. 215
130
3. Türkmen-Sumer dilleriniň arasyndaky grammatiki
gatnaşyklar
1. Ses we onuň kämilleşme taryhyny öwreniş(Lautlehre)
1.1. Sumer ỳazuwynyň kämilleşiş prosesi we onuň bu dile
ỳetiren täsiri:
Sumer dilini öwreniji alymlaryň berýän maglumatlaryna görä:
« Pahna (Çüý) ýazuwy özüniň kämilleşme prosesini uzak wagtyň
dowamynda başdan geçirýär. Ilkinji döwürde her söz üçin belli bir
belgi ulanylýar. Mysal üçin bir ýyldyz () belgisini iki hili okalýar:
hem ;dingir; ýagny ;taňry; hem-de ;An; ýagny ;uzak; we ;asman; .
Soňky prosesde sözler bogunlara bölünip ýazylýar. Iň soňky prosesde
bolsa bogunlar sesler esasynda ýüze çykan harplar bilen
ýazylýar.»144
Alymlaryň açyklamasyna görä bogunlaryň harplara bölünip
ýazylmasy b. e. ö. birinji müň ýylda ýüze çykypdyr.145
A.Falkenstein hem bu barada şeýle ýazýar: «Sumer
ýazuwynda ýagny sumerlileriň döwründäki çüý ýazuwynda köplenç
her söz üçin belli bir belgi ulanylypdyr. Sözleri bogunlara bölüp
ýazmak bolsa sumerlilerden soňky döwürlerde ýüze çykypdyr. Şonuň
üçin hem Sumer dilindäki köp sesler ýazylyp saklanmandyr. Onuň
üstesine-de sumerlileriň goỳup giden mirasyna eýe bolan samid
uruglarynyň dil aýratynlyklary düýbünden başgaça bolupdyr we
Sumer dilindäki sesleriň köpüsi olaryň dilinde bolmandyr. Mysal
üçin Sumer dilinde ;ň; burun sesi bolupdyr. Bu sesi soňky uruglar
başga harplar bilen ýazypdyrlar, meselem ;Aň; ýerine ;Am; , ;iň;
ýerine ;im; we ;eň; ýerine ;em; ýazypdyrlar.
Akkad diline giren Sumer sözlerindäki ;ň; sesi bolsa ;ng;
görnüşinde ýazypdyrlar. Mysal üçin ;Aň; ýerine ;Ang; , ;iň; ýerine
;ing; we…»146
144
:Hübner, B. und Reizammer, A. „Inim-Kiengi, Sumerisch in Wort und Schrift“
s. 6-21 Marktredwitz-1989
145
:Jaspers, Karl „Von Ursprung und Zeit der Geschichte“ München-1949, s. 69
146
: Falkenstein, A. „Das Sumerische“ Leiden-1959, s. 18-24
131
Bu ýerde meseläniň örän
manyly hem gyzykly tarapy, şol
günki Sumer dili bilen samid uruglaryndan bolan Akkad diliniň
arasyndaky gatnaşyk, häzirki türkmen dili bilen samid urugy bolan
arap diliniň arasynda-da gaýtalanýar, ýagny biz şu gün hem türkmen
dilindäki ;aň; sözüni arap hatynda ;ang; görnüşinde ýazmaga mejbur
bolýarys, sebäbi arap dilinde burun sesi bolmany üçin, bu sesi
görkezýän belli harp hem ýok.
1.2. Sesler: „Sumer dilinde bar bolan çekimli we çekimsiz
sesleriň şu güne çenli alymlaryň tarapyndan kesgitlenenleri şu
aşakdakylardan ybaratdyr:
1.2.1. Çekimli sesler: 1- Ýeke çekimli sesler a, e, i , u
seslerinden ybarat bolup ;o; sesi üçin bolsa çüý ýazuwynda belli belgi
ýokdur. 2- Goşa çekimli (uzyn çekimli) sesler aýry-aýry bogunlaryň
çekimlileriniň biri-biri bilen çaknyşmagy netijesinde ýüze çykypdyr:
a-u-u, ga-iş, ga-eş, … 3- Çekimli sesler düýp sözlerde umuman
durgun bolup, üýtgemän galýar. Sumer dilinde uly üýtgemelere
uçramadan aýry-aýry çekimlileri kabul edýän (dialektlerde) sözleriň
sany gaty azdyr: har(hir)>hur(>gur>mur)>ar>ir>ur, dib>dab>dub,
ama>eme>umu, …
1.2.2. Çekimsiz sesler: 1- Sumer dilinde bogunlaryň başynda
gelýän çekimsizler şu aşakdakylardan ybaratdyr: «b, p; g, k, q(k); d,
t., t; z, s, s., ş; l; m; n; r; h.
;R; harpy bilen başlanýan ýagdaý, soňky döwürlerde
Akkadlaryň täsirinde ýüze çykypdyr (Bilşimiz ýaly türkmen dilinde
hem sözler ;r; harpy bilen başlanmaýar. B. G.). Sumer dilinde ýeketäk bokurdak sesi bolsa, köplenç çekimli bilen başlanýan bogunlaryň
başynda gelýän ;h; sesidir. 2- Köp dillerde bolşy ýaly Sumer dilindede sözleriň başynda, ortasynda hem soňunda gelýän şu aşakdaky
çekimsizler, biri-birine öwrülip (üýtgäp) bilýär: b>p , g>k>q , d>t>t.
, z>s>s>ş , ş>l>r , m>b. Mysal üçin: udug>utuk, tun>dun,
kilim>gilim, udul>utul, suhuş>suhus, sal>zal>şal, dil>diş, sis>şeş,
şar>sar, sa>şa, şar>sar, uşu>uzu, ka>ga, kar>gar, su>zu, zi>si,
kuşu>kuzu, buzur>puzur, gibit>kibir, gidim>kitim, bal>pal,
dim>tim, gisal>gizal, barun>marun, işib>izib…
132
h>g : humun>gumun,
har>hir>hur>ar>ir>ur,
didim>etimmu, tibira>ibira, giş>issu,
b>g: şag>şab, zubud>zugud, dug>sib, şeb>sig, dug>dub…
k>g>ş: gir>şer, kid>şid…
Dentale-Sibilante (diş sesleri): nidaba>nisaba, di>si, gud>gus,
tuş>şuş, dug>zug, siskur>diskur, dug>sib>zeb… d>g: diş>giş…»147
1.3. Bogunlar: «Bogun sistemasynda goşa çekimli ses sözüň
öňünde ýa-da yzynda gelmeýär. Şeýle ýagdaýda oňa bir çekimli ses
artdyrylyp gaýtadan (bogun artdyrylyp) ýazylýar. Mysal üçin: ;bra;
sözi ;ba-ra; görnüşinde ýazylýar.»148
Türkmen dilinde-de sözüň başynda iki çekimsiz biri-biriniň
yzyndan gelmeýär. Başga dilden giren şeýle sözler bolsa, Sumer
dilinde bolşy ýaly bir çekimli ses artdyryp bölünýär. Mysal üçin ;tras;
sözüni ;tyras; ýa ;taras; , ;wraç; , sözüni ;wyraç; , ;plan; sözüni bolsa
;pylan; okalyp ýazylmagy türkmen diline uỳgundyr.
1.4. «Sumer dilinde sözüň başynda ;f; sesi gelmeýär. Şeýle
ýagdaý soňky döwürlerde Akkad diliniň täsirinde ýüze çykýar.
Sumer diliniň çekimsiz seslerinde-de ;f; ýok emma ;p; bar.»149
Sumer diliniň bu aýratynlygy hem türkmen diline doly gabat gelýär.
2. Morfologiýa(Morfoloie)
2.1. Çalyşmalar:
2.1.1. Özbaşdak çalyşmalar
« Menlik: me: men
Senlik: ze: sen
Olluk: e-ne: ol »150
147
« za/ze: sen
e/a>ö (he)>he: o, ol
me-en-ze-en: siz »151
: Deimel, A. „Sumerische Grammatik mit übungen und zwei Anhängigen“
Roma-1939, s. 11-16
148
: Falkenstein, A. „Das Sumerische“ s. 20
149
: Deimel, A. „Sumerische Grammer...“ s. 15
150
: Falkenstei, A. „ Das... “ s. 33
151
:Csöke, Sandor „The Sumerian and Ural-Altaik elements in The old Slavic
Language“ München-1979 s.36-38
133
«Özbaşdak çalyşmada
aýal we erkek urugy biribirinden tapawutlanmaýar hem-de ;a ; we ;e ; harplary biri-birine
öwrülip, çalyşyp bilýär : ma>me , za>za-e>ze , e-ne.»152
Bu ýerde Menlik, Senlik we Olluk çalyşmalarynyň türkmen diline
gabat gelýändigi görnüp dur.
«Özbaşdak çalyşmalaryň yzyna, atlarda bolşy ýaly, düşüm
goşulmalary goşulýar :
na-k-am = meňki (mir gehörig)
za-ra = saňa (dir)…»153
«Eýelik hem wagt-orun düşümlerde Menlik, Senlik hem
Olluk ýöňkemeler şu aşakdakylar ýaly gelýär:
-a (-k): meň (meniň)
-za (-k): seň (seniň)
-a-na (-k): anyň (onuň)
-na-a: mende
-za-a: sende
-a-na: anda (onda)»154
«Çalyşmalar eýelik düşümde habar ornunda gelende ;ge;
goşulmasyny alýar:
mag: meňki (mein)
zage: seňki (dein)
Ýöneliş düşümde bolsa ;ra; goşulmasyny alýar:
Ma-ra: maňa (mir)
za-ra: saňa (dir):155
Bu ýerde örän manyly hem gyzykly zat ýöneliş düşüm goşulmasy
köne türki ýazgylarynda hem edil sumerlerde bolşy ýaly ;ra;
bolandygydyr. „ Mysal üçin: içre: içerik, taşra: daşaryk …»156
2.1.2. Ýönkeme goşulmalaryna owrülen çalyşmalar (afiksleşen
çalyşmalar):
«Sumer dilinde ýöňkeme goşulmalary ;at çalyşmalaryndan;
gelip çykýar.[Bu türkmen dilinde-de şeýledir. B. G.]:
152
: Delitzsch, Friedrich „Kleine Sumerische Sprachlehre... „ Leipzig-1914 s. 15
: Falkenstei, A. „Das ... „ s. 33
154
: ýene şol. S. 33
155
: Delitzsch, F. „Klein Sumerische... „ s. 15-16
156
: Grönbech, K. „ Türkçenin ýapysy“ Ankara-1995 s. 35
153
134
«1- mu, ma: im, um,...
e-mu: öýüm: (mein Haus)
du-mu: dogmam, çagam: (mein Kind)
ad-damu: atam: (mein Vater)
ama-mu: enem, emmäm (kökleň dialekti): (mein Mutter)
dug-mu: dyzym: (meine Knie)
2- zu: iň, ň ...
e-zu: öýüň : (dein Haus)
izi-zu: oduň, yssyň: (dein Feuer) »157
«3- ni, bi: si, i, …
ama-ni: enesi, anasy (Az.t.): (sein Mutter)
dingir-bi: taňrysy: (sein Gott)
4- ani: anyň, onuň, i,…
e-ani: öý anyň, onuň öýi: (sein Haus)
dingir-a-ni: taňry anyň, onuň taňrysy: (sein Gott)
ad-da-ani: atasynyň: (seinen Vater) »158
Görşümiz ýaly Sumer we türkmen dillerinde ;ýöňkeme; hem
;düşümler; adyň ýa-da çalyşmalaryň yzyna tirkelýän goşulmalar
arkaly görkezilýär, emma Indo-German dillerinde bolsa ýagdaý
düýbünden başgaça bolup ol, predloglaryň (Präposition-laryň) üsti
bilen düşündirilmeli bolýar.
2.2. Atlar:
« A- Sumer dilinde atlaryň köki köplenç bir bogundan, seýrek
ýagdaýlarda iki bogunly sözlerden ybaratdyr:
ge: gije: (Nacht)
gig: kesel: (Krank)
lu: ynsan, adam (Mensch, Mann) uru: ýurt, şäher: (Stadt)
sag: baş(saka), kelle: (Haupt) temen: düýp, temel(türk):
(Grund)
B- Sumer dilinde atlaryň daş görnüşi işlikden tapawutlanmaýar, hemde orän durnuklydyr ýagny olar aýdylşynyň üýtgemegi ýa-da sözüň
düzümine aýry-aýry goşulmalaryň girmegi bilen üýtgemän galýarlar.
157
158
: Delitzsch, F. „Kleine Sumerische...“ s. 17-18
: ýene şol. S. 21
135
Grammatiki
hadysalar
we
elementler bu düýp sözleriň
daşynda ýagny öňünde ýa soňunda galýarlar.»159
Öňki bölümlerde-de durup geçişimiz ýaly, ýokarda gören
kadalarymyz ylaýta-da düýp sözleriň durnuklylygy Sumer we
türkmen hem beýleki türki dillerde bir-birine doly gabat gelýär,
emma Indo-German dillerde munuň tersine düýp sözler durnukly
bolman eýsem grammatiki hadysalaryñ täsirinde çalt üýtgäp kä
ýagdalarda özüniň öňki durkuny tanalmajak derejede ýitirýär.
«Çalyşmalarda bolşy ýaly, atlarda-da (hem-de sypatlarda)
aýal we erkek uruglary gaty seýrek ýagdaýda belli bir belgi bilen
tapawutlanýar, kä ynsan hem haýwan atlarda bolsa uruglary aýryaýry ýörite atlar bilen aňladylýar:
giş: kişi, erkek adam: (Mann)
ki-el: heleý, hatyn (kadin): (Frau)
ur: köpek: (Hund)
nig: ganjyk: (Hundin)
anşe: eşek: (Esel)
eme: maçy: (Eselin)
am: ýaban öküzi:(Wildochse)
silim: sugun: (Wildkuh)»160
Görşümiz ýaly Sumer hem türkmen dillerinde erkek we aýal
uruglary aýry-aýry ýörite atlar bilen aňladylýan bir wagtyň özünde
Alman dilinde erkek urug atlaryň soňuna ;in; goşulmasy tirkelmek
arkaly görkezilýär. Sumer dilinäki ;ur; ỳagny köpek sözi bilen
türkmen dilindäki ;üỳr-mek; sözüniň arasynda-da manyly gatnaşyk
bar.
D- Sumer dilinde köplük goşulmalary bar (-ene, mes), onuň daşyndan
şu aşakdaky ýollar bilen hem köplügi aňladylýar:
Adyň iki gezek gaýtalanmagy bilen:
« Kur-kur: (alle) Bergländer: (bar) daglyk ýurtlar. [Bu sözi
türkmen dilindäki:
Küren-küren, gorgan-gorgan (köp oba, köp depe) sözleri
bilen, hem many we söz meňzeşligi hem-de grammatiki orunlary
bilen derňemek mümkindir,B. Gerey].
159
160
: Falkenstein, A. „Das Sumerische“ s. 35
: Delitzsch, F. „Kleine...“ s. 28
136
bal-bal: Beile: paltalar
palta-palta (balta-balta.»161
Adyň iki gezek gaýtalanmagy bilen köplügi aňlatmak ýagdaýy
türkmen dilinde-de bar: köl-köl, hatar-hatar, deşik-deşik …
« Ada degişli sypatyň iki gezek gaýtalanmagy bilen:
dingir-gal-gal: die grossen Gotter
uly-uly taňry, galyň-galyň taňrylar
2.3. Düşümler (Die Kausus):
Sumer dilinde düşümler, sözleriň sözlemde tutýan orunlary
bilen belli bolmadyk ýagdaýlarda, düşüm goşulmalary arkaly
görkezilýär. Goşulamalar bilen görkezilýän düşümler şu
aşakdakylardan ybaratdyr:
2.3.1. Eýelik düşümler (Der Genetiv): Eýelik düşümiň
goşulmasy ;ak; bolup ondaky ;k; harpy diňe çekimli bilen başlanýan
goşulmalaryň öňünde saklanyp galýar. Çekimli bilen gutarýan sözden
soň düşüm goşulmasy ;k; görnüşinde galmak kadasyna eỳerýar.
Çekimsiz bilen başlanýan goşulmanyň öňünde bolsa ol, durşuna
düşüp galýar:
Dumu-an-ake (dumu-an-na-ke): Kind Ans
Çaga (dogma) Anyňky/Anyň çagasy ( An, taňryň ady)
Sipa-anşe-ka-ni: sein Eselhirte
Çopan eşegiňki onuň/onuň ;eşek çopany;
e-lu-ka: in das Haus eines Menschen
öýliňkide / bir adamyň öýünde
e-nanşe: Haus der Nanşe
öý Nanşaň(ky) / Nanşaň öýi.»162
161
162
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 36
: ýene şol. s. 39
137
Alym Sandor Scöke´niň
açyklamasyna görä-de «Sumer
dilinde eýelik düşümiň goşulmasy şu aşakdaky görnüşde bolupdyr:
-ag/-ak> phonetics ag>ai>ei,eu>u/-u »163
Bu ýerde görşümiz ýaly Sumer diliniň eýelik düşüminiň
goşulmasy bolan ;-ak; we ;-k; türkmen dilindäki eýelik düşümleriň
goşulmalary bolan –ň, -iň, -uň, ýaly goşulmalar bilen hem forma
hem-de atlaryň yzyna goşulmagy taýdan deň diýip boljak derejede
meňzeşdir. Emma alman, iňlis we ors ýaly Indo-German dillerde
bolsa düşümler, predloglar (präpositionlar) arkaly görkezilmeli
bolýar. Biz ýokarda Sumer sözlemlerini (ýa söz dözümlerini) ilki ol
diliň grammatikasynyň esasynda sözme-söz many edip soň häzirki
zaman türkmen diliniň grammatikasyna laýyklykda gaýtadan ýazdyk.
Şeýle etmek bilen biz, bu iki diliň arasyndaky gatnaşygy has
aýdyňrak görkezmegi göz öňünde tutduk.
2.3.2.Ýöneliş düşümi (Der Dativ):
«Ýöneliş düşümiň goşulmasy Sumer dilinde ;-ra; bolup ol,
öňündäki sözüň Çekimli ýa çekimsiz bolşuna görä üýtgeýär, kä
ýagdaýda bolsa ;r; düşüp galýar:
En-lil-la: dem Enlin
Enlile (Enlile tarap)
ama-nu-ra: meiner Mutter
enemlere (eneme).»164
Amani-ra : seiner Mutter
Enesine, anasyna (az.)
an-ra: dem Anu
Aun-a (Anu taňryň ady)165
Za-ra: dir: saňa166
Görşümiz ýaly bu düşümiň ýagdaýy-da Sumer we türkmen
dillerinde bir meňzeşdir. Ylaýta-da ýokarda belläp geçişimiz ýaly
ýöneliş düşümiň goşulmasy gadymy türkçede-de edil Sumer dilinde
bolşy ýaly ;-ra, -re; bolupdyr.
163
: Scöke, Sandor „The Sumerian ... “ s. 21
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 39
165
: Pöbel, Arno „ Sumerische Studien „ Leipzig-1921, s. 20
166
: ýene şol. s. 30
164
138
2.3.3. Wagt-orun düşümi (Der Lokativ):
«Wagt-orun düşüminiň goşulmasy ;a; bolup, öňünden gelýän
söz bilen garyşyp hem gelýär. Giçki Sumer döwründe çekimli ;a; sesi
;e; sesine öwrülýär hem-de umumy (näbelli) wagt-orun düşümi bilen
belli wagt-orun düşümleri biri-birinden tapawutlanýar:
e-a: im Haus
Öý-de
uru-du-a-a>uru-du-a: in der gebauten Stadt.
ýurt dikilende/dikilen ýurtda
Sil-a: auf der Strasse
ýolla/ ýolda
an-na: im Himmel
an-da/ asman-da/ asmanna
ki-a: auf der Erde
ỳer-de /gyr-da
ge-a/e: in der Nacht
gije-de
ge-ge : Nacht für Nacht.
Gije-gije/ gijeden gijä.
2.3.4. Belli wagt-orun düşümi (Der Lokativ-terminativ der...):
Bu düşüm ;e; goşulmasy bilen görkezilýär. Ol aýry-aýry
ýerlerde üýtgäp hem gelýär:
ka-e: neben der Tür
egera-ne: hinter ihm
gapy-da /kapy-da(tr.)
arkasyn-da
2.3.5.Ýöneliş düşümi (Terminativ):
Bu düşümiñ goşulmasynyñ esasy görnüşi ;-ese; bolup,
çekimli ses bilen gutarýan sözleriñ yzyndan ;-şe; we seýrek ýagdaýda
;-eş; görnüşlerinde-de gelýär:
An-şe: zum Himmel
nam-ti-la-ni-şe: für sein Leben
Asman-a
onuñ diriligi-ne/ onuñ diriligi üçin.
2.3.6. Orun düşümi (Komitativ):
Bu düşümiñ goşulmasy ;-da; bolup ol, ;ýanynda; diýen
manyny añladýar. Giçki Sumer döwründe ;-de; görnüşine üýtgeýär
139
hem-de onuñ düýbünden düşüp
galan ýagdaýlaryna-da gabat
gelinýär :
Lagaş-da: mit Lagaş
Lagaş-da/ Lagaşyñ ýanynda (Lagaş ýurt ady)
a-de: mit dem Haus
öý-de/ öý bilen.
2.3.7. Çykyş düşümi (Der Ablativ-Instrumental):
Bu düşümiñ goşulmasy ;-ta; we ;da; bolup, irki we giçki
Sumer döwürlerinde durşyna düşüp galan ýagdaýlary-da bar. Şonuñ
ýaly-da onuñ ;-t; harpy öñünden gelýän ;-r; harpynda assimile
bolmak (eremek) arkaly ;orun düşümine; hem öwrülýär:
kur-da: vom Bergland
dag-dan/gorgan-dan (daglyk ýurtdan)
sahar-ra/ sahar-ta/da: vom Staub
gum-dan (belki-de ;sähra-dan, B. G.) »167
Görşümiz ýaly ;çykyş düşümi; türkmen we Sumer dillerinde
edil deñ diýen ýaly ýakyndyr. Şonuñ ýaly-da Sumer dilindäki ;-ta;
goşulmasy biziñ dilimizdäki ;-dan; goşulmasy bilen deñ roly ýerine
ýetirýär. Orhun-Ýeniseý ýaly gadymy türki ýazgylarynda-da ;-dan;
goşulmasynyñ ýerine edil Sumer dilinde bolşy ýaly ;-ta; goşulmasy
ulanylan ýagdaýy bar. Mysal üçin: «Uýgurçada anta ötürükie ỳagny
ondan ötensoň / ondan soňra.»168
2.4. Meñzetme sözi (goşulmasy) / (Der Aquativ):
«Meñzetme Sumer dilinde ;gim; goşulmasy bilen añladylýar.
Bu goşulma bir görnüşinde galman eýsem diliñ aýry-aýry kämilleşiş
etabynda ;-gim; , ;-gin; , ;-gi; , ;-ge; ýaly görnüşlerde gabat gelýär.
167
168
: Falkenstein, A. „Das Sumerische“ s. 39
K. Grönbech, Türkçenin Yapysy, s. 42, Ankara-1995 (terjime: M. Kalin)
140
Ýanyndan gelýän sözleriñ täsiri
we eglişik etmegi netijesinde ;gi-nam; , ;-gi-in; , ;-gi-im; ýaly görnüşlerde-de duş gelýär:
gimi: gleich wie
kimin, gimi, gibi (tr.) »169
«zi-gim/ zi-gi-in: wie Mehl
uwn kimin/ uwn gimi (kö. Tr.)
an-gim: wie Himmel
asman kimin/ gimi.»170
Görşümiz ýaly meñzetme Sumer dilinde goşulma görnüşinde
ulanylmagyna garamazdan, türkmen we beýleki türki dillerinde
ulanylýan ;kimin; , :gimi; we ;gibi; ýaly meñzetme sözlerine, hem
şekili hem-de sözlemde eýeleýän grmmatiki orny taýyndan doly
gabat gelýär.
2.5. Sorag (Interrogativ):
« Sorag sözi a-ba?> a-na? we has anygy ;nam?; ýagny näme?
Sözleridir:
nam-lugal: was ist er, Der König?
näme uly adam?/ şa näme?
Şonuñ ýaly-da ynsandan başga zatlar üçin ;name; ýagny
;näme?; görnüşinde ulanylýar:
u-name: Tag, was ist er?> Jeder tag
gün näme?/ gün, ol näme?> her gün »171
2.6. San sözleri (Die Zahlwörter):
Sumer diliniñ sanlarynda hem türkmen diline gabat gelýänleri
bar mysal üçin:
«Eş: üç
u/uh: on
uşu: otuz»172
169
: Pöbel, Arno „Sumerische Studien“ s. 15
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 39-40
171
: ýene şol. s. 35
170
141
Indi Sumerologiýa ylmynyñ kerwenbaşylaryndan bolan
görnükli alym ;F. Delitzsch;iñ aýry-aýry düşüm goşulmalary hem-de
predloglar hakyndaky düşündirişleri bilen tanyş bolalyñ:
«A- Goşulmalar: Sumer dilinde sözleriñ soñuna goşulýan ;a;
, ;ka; , ;ge; goşulmalardan tapawutlylykda, bir bogundan ybarat
;eýe;leriñ yzyndan goşulýan we Alman dilinde: ;in; (bir zadyñ
içinde), ;nach; (bir ugra tarap, ýönelme), ;aus; (bir zatdan, bir ýerden,
çykyş), ;zu; (belli bir maksada ýöneliş) we ;gegen; (garşy) ýaly
predloglar bilen deñ manyny añladýan düşüm goşulmalary bar.
Olardan ilkinji nobatda ;da; , ;ta; , ;ra; , ;su; ýaly ýeke bogunly sözler
durýar [ biz bu sözleri, türkmen dilindäki goşulmalaryñ ýerini
tutýany üçin, mundan beýläk ;goşulma; diýip alýarys. B. G.] :
;da;
Bu goşulmanyñ esasy manysy ;ta; goşulmasy ýaly ;seiten;
(ýan, tarap) diýmekdir. Emma ol ;ra; bilen tapawutlylykda diñe ;biri
bilen, bir adamyñ yanynda; diýen manyny añlatmak bilen çäklenýär:
An-da: mit/neben Anu dumu*ama-da: Tochter mit der Mutter.
An-da, Anyň (Anuwyñ) ýanynda
gyz enede/anada(az.).
dumu*ama-da: Tochter mit der Mutter.
gyz enede/anada(az.).
*: (dumu sözi köplenç ;oglan; we kä ýagdaýda bolsa ;gyz;
manysynda gelýär. Ol türkmen dilindäki ;dogma; sözi bilen deñiräk
manyda ulanylýar. Bu sözleriñ ikisi-de ;dogmak; sözünden gelip
çykandygy iki dilde-de duỳulỳar, B. G.)
;ta;
Bu sözüñ esasy manysy seiten(ýan, tarap) bolup ol, ;bir ýerde,
bir ýerden; diýen manylary añladýar.
a- Belli wagt-orun düşümi añladýar:
172
: ýene şol. s. 40
142
an-da: droben,
anda/onda,ýokarda
ki-ta: drunten
ýerde, aşakda
da-da-ta: an den seiten
her ýanda
me-a-ta?: wo?
nirede?
an-ki-ta: über Himmel und Erde
asman we ýerde, asman bilen
ýeriñ üstunde.
b- Belli bir çykyş düşümi añladýar:
an-ta: aus dem Himmel.
andan/ asmandan.
an-za-ta: von Rande des
Himmels.
asman çäginden.
e-ta e-a-su: von Haus zu Haus.
öýden öýe sary/öýden öýe çenli.
Sil-ta: von der Strasse
ýoldan
;ra;
Esasy manysy ;bir ýana ýöneliş; we ;bir ýana gidiş; (nach, zu)
bolup ýöneliş düşümiñ goşulmasynyñ ornunda ulanylýar:
En Nin-gir-su-ra: für den Herrn Ningirsu.
Eýe(tañry) Ningirsu-wa / tañry Ningirsu üçin
ad-da-na-ra: zu seinem Vater
Atasyna / atasyna tarap
ma-ra: maña (mir)
za-(e)ra: saña, saña tarap (dir, zu dir hin).
;dim;
Bu söz türkmen dilindäki ;deñ; diýen manyny añladýar:
an-dim: asman deýin / asmana deñ (gleisch dem Himmel).
e-a-ni-dim: öý anyñ deñ/ onuñ öýi bilen deñ (gleisch seinem
Haus).
143
B- Predloglar (goşma sözler, präpositionen):
igi, i-de: öñ, yüz (front, vor, Antlitz)
igi-mu: öñümde (vor mir)
igi-zu: öñüñde/seniñ öňüňde (vor dir)
igi-na/ide-ani: öñünde/öñünde anyñ/onuñ öñünde (vor ihm)
aga: arka, yz, arka ýany (hinter, nach, hinterseite)
a-ga-na: arkasynda/yzynda (hinter)
gab: gursak, gabak (Az.), garşy, garşy ýüzi (Brust, entgegen,
gegenüber)
si: garşy (gegen).»173
2.7. Sypatlar (Adjektiv):
Sumer dilinde sypat, at ýa-da işlik bilen tapawutlanmaýar at
hakynda aýdylan umumy meseleler, sypat üçin hem deñdir. Düzgün
boýunça biz ony, oña umumy häsiýet berýän zat ýagny ;eýäniñ
yzyndan gelmegi; bilen tanaýarys:
« aşag-dagal: ekin daş / daş ekin (das weite Feld)
Bu düzgünden çykýan ýagdaý, ýagny sypatyñ atdan öñ gelýän
ýagdaýy diñe tañry atlarynda gabat gelýär [Sintaktis bölümde bu
barada giñiräk gürrüñ ederis, B. G.]:
Kug-In-anna: reine Inanna
Arassa In-anna [belki-de gutly we mukaddes In-anna, In-anna
tañry ady B. G.].
2.7. Işlikler ( Das Verbum):
Elde bar bolan maglumatlar esasynda Sumer diliniñ işliklerini
öwrenmekligiñ kyndygy hakynda F. Delitzsch şeýle ýazýar:
«Akkad terjimeçileri öz dillerinde işligiñ uzadylmak kadasy
nätanyş bolansoñ [ bu ýerde sözleriñ düşüm hem ýöñkeme
173
: Delitzsch, Friedrich „Kleine ... „ s. 36-40
144
goşulmalary bilen uzalmasyndan
gürrüñ gidýär, B. G.], bu
işlikleriñ manysyna näçe üns berseler-de ony gaty köp düşündirişler
arkaly düşündirmäge mejbur bolupdyrlar. Beýle çylşyrymly
düşündirişler bolsa, bu uzalan işlikleriñ köklerini tanamagy gaty
kynlaşdyrypdyr ...
Şeýlelikde Sumer diliniñ hakyky we ylmy leksikografiýasyny
ýazmagyñ dogrudan hem kyn iş bolup, ony diñe bir güýçli filologik
metodlaryna daýanmak arkaly çözüp boljakdygyny aýdyñ
görýäris.»174
« Sumer dilinde ;bolmak; işligi, eýe bilen habary biri-birine
baglaýjy agza ornunda gelýär:
Aşak-dagal-am: Ekin daş-dyr (das Feld ist weit) »175
Görşümiz ýaly Sumer we türkmen dillerinde işlik sözüñ
soñunda gelýär, emma Indo-German dil toparyndan bolan Alman
dilinde ol beýle däl. Bu bolsa dilleriň aỳratynlyklaryny kesgitlemekde
uly faktor hem ölçeg hasap edilỳär. Sumer işliklerini şu aşakdaky
bölümler esasynda ele alýarys:
2.7.1. Düýp işlikler (DieVerbalwurzek):
«Sumer dilinde işlikleriñ daş görnüşi
tapawutlanmaýar. Sypatlar hem işlik ýerine ulanylýar:
Sypat:
Işlik:
atlar
bilen
gal: uly, galyñ? (gross)
gal: ulalmak, galmak (gross sein)»176
Sypatyñ işlik ýerine ulanylmak ýagdaýy türkmen dilinde-de
edil sumerlilerde bolşy ýalydyr. Mysal üçin ýokardaky Sumer sözüne
gaty ýakyn, belki-de bir söz bolan ;gal: sözüni alyp göreliñ:
galyñ: ýukanyñ garşylygy (basym ;l; harpynyñ üstünde)
174
: Delitzsch, F. „ Kleine Sumerische ... „ s. 54
: Hübner, B. unad Reizammer, A. „ Inim-Kiengi 3, ... „ s. 25
176
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 41
175
145
galyñ!: ýokaryk galyñ!,
üstünde)
ulalyñ (basym
;a;
harpynyñ
Türkmen dilinde şeýle ýagdaý ak/ak , aç/aç ýaly sözlerde,
olardaky ;a; harpynyñ gysga we uzyn çekilmegi bilen hem ýüze
çykýar. Sumer dilinde-de hut şeýle ýagdaýyñ bolandygy hakynda
suerolog alym A. Deimel şeýle ýazýar: «Belki sumerliler-de
hytaýlylar ýaly sözleriñ dört hili we dört äheñde aýdylmagy arkaly,
ýagny çekimli sesleriñ gysga hem uzyn çekilmegi hem-de sözleriñ
sorag we jogap äheñde aýdylmagy bilen, bir görnüşdäki sözden
azyndan alty sany aýry-aýry many añlandyrlar.»177
Eger-de bu alym ýokardaky sözlemleri ýazan wagty biziñ
dilimiziñ aýratynlyklary bilen tanyş bolan bolsady onda: “şu günki
türkmen dilinde bolşy ýaly” diýen söz düzümini hem sözlerine
goşardy diýip düşünýäris.
«Düýp işlikleriñ Sumer dilinde üç sany görnüşi bardyr: sada,
goşma we uzadylan işlikler. Sada düýp işlikler köplenç bir bogundan
ybarat bolýar:
ag: etmek (machen),
gen: gitmek (gehen),
il: almak, eltmek (heben, tragen),
gaz: owratmak, öldürmek (zerchneissen, töten),
Bulug: Bölmek(agajy), ýarmak (Holz schneissen),
bulug: howlukmak (eilen).
2.7.2. Goşma işlikler:
ýeñiş düşüminde gelýän işlikler: Bu ýagdaýda gelýän işlikler
köplenç ;ag;, ;du(g);. ;gar; ýaly ;etmek, ýerine ýetirmek; sözüniñ
dürli görnüşleri bilen ýüze çykýar [türki dillerdäki ;etmek;,
;eýlemek;, ;gaýyrmak;, ;ýapmak; ýaly. B. G.]:
na-ri...ga(r): rein machen
ary etmek (gaýyrmak) / arylamak / arassalamak.»178
177
178
: Deimel, A. „ Sumerische Grammatik ... „ s. 20
: Delitzsch, F. „Kleine Sumerische ... „ s. 49-51
146
2.7.3. Gural manyda (Instrumentale Bedeutung):
«tu-tu: tut-mak, almak (el bilen): (mit der Hand) nehmen
gir...gen: gir-mek, ýöräp gitmek, ätmek (mit dem Füsse)
gehen, treten.»179
2.7.4. Uzadylan işlikler:
«Işlikleriñ uzadylmagy Akkad diline uýgun bolmandygy üçin
olar, ony düşündirmek üçin köp möçberde düşündiriş sözleri
ulanmaga mejbur bolupdyrlar. Bu ýagdaý bolsa bu işlikleri
düşünmegi kynlaşdyrypdyr. Şonuñ üçin hem olary inçeden
öwrenmek üçin örän güýçli filologiýa bilimine eýe bolmagy talap
edýär. Bu işlikler ;da;, ;ta;, ;si; ýaly goşulmalar bilen uzadylyp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 10
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.