Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 05

Total number of words is 3739
Total number of unique words is 2054
25.6 of words are in the 2000 most common words
36.3 of words are in the 5000 most common words
41.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Okuwda bu däbi jikme jigi bilen öwrendim. Onuň goşgy görnüşinde
ýazylan tekstini ençeme gezek ýatdan okadym diýip bilerin. Men bu
ýerde şuny-da aýtman geçip bilmerin: biz sumerliler her zady goşgy
bilen ýazmaklygy gaty halaýan, ozan ruhly, şahyr gylykly halkdyrys.
Meniň idäp-sorap öwrenşime görä, bu baýramyň başlangyjy biz
sumerlilere degişli bolup, gürrüňi bolsa şeýledir:
Söýgüli hanym taňrymyz In-Anna ;bilbad; ýyldyzyndan
gelipdir ýa-da onuň bilen bir baglanşygy barmyş. Biz, ol ýyldyz gaty
yssydyr diýip düşünýäris. Ol ýyldyzyň şeýle yssylygyny biziň atababalarymyzyň nädip bilendiklerine düşünmeýärin. Ol hakykatdan
64
hem şeýle yssymy? Ony-da bilmegim
mümkin
däl.
Ynanjymyza görä bu ýyldyzyň yssylygy, hanym taňrymyza yssylyk
hem jynsy güýç berýänmiş. Şonuň üçin hem oňa ;söýgi taňrysy; diýip
at berilipdir. Bize söýgini hem söýmegi öwreden hem oldyr. Şonuň
ýaly-da ýigrenjimiz, gaharymyz we söweşjeňligimiz hem ondan
ýetenmiş. Her bir söweşde şalarymyzyň öňüne düşüp, olara ýeňişi
üpjün eden şol hanym taňrymyz, hem örän gözel, hem-de çenden aşa
özüne çekiji eken. Oňa aşyk bolanlar gaty köp bolupdyr. Emma
olaryň içinde iň ýüregi otlusy çopan taňrymyz Dumuzi bolupdyr.
Gaty ir döwürlerde biziň Dumuzi adynda bir şahymyz bolupdyr.
Şalarymyz özlerine ;çopan; diýipdirler. Belki-de olar „mallary
çopanlaryň idedişi ýaly biz-de ynsanlary idetýäris“ diýip
düşünendirler. Dumuzi halkymyzyň tarapyndan örän söýülen
adamdyr. Halkymyz gaty hormatlany üçin oňa ;taňry; gözi bilen
seredipdirlermi ýa-da ol dogrudan-da taňrymydy, onçasyny
bilmeýärin. Hanym taňra aşyk bolanlaryň biri-de daýhançylyk
taňrysy ;Enkimdu;dyr. Bularyň ikisi-de özlerini hanym taňra aldyrjak
bolup biri-biri bilen ýaryşa giripdirler. Biri oňa öz önümlerinden süýt
hödürlese, beýlekisi arpa suwy (piwe, bier) eltip beripdir. Biri goýun
eltip berse beýlekisi egin-eşik hödürläpdir. Hanym taňrynyň göwni
has köpüräk Enkimduda bolanmyş, emma Dumuzi haýsydyr bir ýol
tapyp, hanym taňrynyň erkek dogany bolan güneş taňrysy UTUwy
ara salýar-da gözel hanym taňrymyzyň ýüregini awlap onuň bilen
öýlenýär.
Günlerde bir gün hanym taňrymyz, yer astynyň hanym şasy
bolan aýal dogany ;Ereşkigal;y görmek üçin ýeriň aşagyna gitmegi
ýüregine düwýär. Belki-de asyl maksady, ýer astynyň şalygyny-da
eýelemekdi. Ol, ýeriň astyna gidenleriň yzyna dönüp bilmeýändigini
bilse-de, özüniň bir hanym taňry, aýal doganynyň bolsa ol ýeriň şasy
bolandygy üçin, yzyna çykyp bilerin diýip umyt edýär. Emma şeýlede bolsa öz weziri (ministri) bolan hanym taňry ;Ninşubur;a: „bardygeldi men üç gün içinde ýer astyndan çykyp bilmesem,
taňrylarymyzyň ýygnagyna git-de meni gutarmaklary üçin olara
ýalbar!“ diýýär...
Aradan üç gije üç gündiz geçýär, weziri garaşyp otyr, emma
ne giden bar, ne gelen! Ol derrew taňrylaryň ýygnagyna tarap ylgap
65
barýar,
olara
ýekän-ýekän ýalbarýar, emma hiç biri oňa üns
bermeýär. Hatda ;En-Lil; atamyz, onuň garry kakasy bolmagyna
garamazdan: „gitmese bolmaýamydy, ol ýerde näme işi bardy?“
diýýär-de ýardam etmäge ýanaşyp bilmeýär. Ýöne onuň bagtyna
biziň bilim taňrymyz ;En-Ki; bardy. Ol, derew ;Kurgarra; we
;Kalaturra; atly iki jyny ýaradyp, ellerine dirilik suwy bilen dirilik
imiti berdi-de ýer astyna iberdi. Olar ellerindäki dirilik suwy hanym
taňrynyň üstüne serpen badyna ol, direldi-de ýeriň aşagyndan çykjak
boldy, emma ol ýerdäkiler: „dur heniz! Bu ýerden beýle aňsat
çykylmaz, ýeriňe birini goýmak gerekdir!“ diýýärler. Hanym taňry:
„men derrew kimi ýerime goýup biljek? Emma ýeriň ýüzüne
baramda birini iberip bilerin“ diýýär.
Hanym taňry ýanyndaky iki sany gorkunç keşpli ýer asty jyny
bilen ýeriň ýüzüne çykýar we ýerine birini tapyp ibermek üçin obaoba aýlanyp başlaýar. Baran her bir obasynda, hanym taňrylarynyň
ýogolanyna matam tutup ýas eşigini geýen taňrylary görýär-de olaryň
hiç birsini gara ýere bermäge dözmeýär. Iň soňy, adamsy Dumjuziniň
oturan şäheri ;Kullab;a barýar. Bir görse, adamsy iň owadan
eşiklerini geýinip, başyna jygasyny sanjyp, tagtyna buýsanyp otyr,
hanymynyň öleni parhyna-da däl! Hanym taňrymyz bu ýagdaýy
görüp şeýle bir gahary geldi welim, gazabyndan: „alyň şuny meniň
ýerime ýeriň aşagyna äkidiň!“ diýýär. Jynlar onuň ýakasyndan tutup
idirdedip äkidýärler. Dumuzi gaýyn agasy, güneş taňrysy Utuwa
özüni ýer astyndan gutarmagy üçin ýalbarýar. Ol hem, onuň elaýagyny ýylana öwrüp, gaçar ýaly edýär. Emma jynlar onuň yzyndan
galmaýarlar, nirä gaçsa tapyp getirýärler. Hatda aýal dogany bolan,
düýş ýorujy hanym taňry ;Geştin-Anna;nyň öýüne baryp atsa-da
tapjakdylar. Şeýle-de bolsa özüni howply çöllere çekmek arkaly,
birara gutarýar. Jynlar aýal doganynyň öýüne baryp, Dumuziniň
nirededigini aýtdyrmak üçin ony gynaýarlar. Şeýle bir gynapdyrlar,
asmany aşak çekip, ýeri ýokary galdyryp, ikisiniň arasynda
gysypdyrlar, emma oňa doganynyň nirededigini aýtdyryp
bilmändirler.
Şol arada çollere sygynan Dumuzi bir ýerde uwklap galypdyr.
Ol yerde, ony elhenç gorka salan bir düýş görüp, hopugyp turýar-da
ylgap aýal doganynyň öýüne baryp: „eziz doganym! Men çölde
66
ýatyrkam bir düýş gördüm, ony maňa ýorup bermegiňi haýyş
edýärin. Men onuň nämeleri aňladýanyny bilip bilmedim“ diýýär
hem-de gören düýşini gürrüň bermäge başlap: „gaty güri gargylygyň
içinde gabalyp galdym. Bir tarapda maňa baş egip duran ýaly bir
gamyş görünýärdi. Ýene bir tarapda, ýan-ýana boý çekip duran iki
gamyşdan birisi kökünden goparylypdyr. Olaryň töwereginde bolsa
üstüme ýykyljak ýaly bolup duran gür agaçlyk bardy. Mukaddes
ýaýygym ýerinde ýok, takjadan asylgy çanagym ýere gaçypdyr. Bir
bürgüt bir guzyny penjesine alyp barýardy“ diýýär.
Hanym taňry agyr gaýgy-hasrat bilen: „Bagty ýatan doganym,
gören düýşüň asyl gowy däl, käşgä maňa aýtmadyk bolsadyň“ diýýär
hem-de ony ýormaga başlap: „Töweregňi gurşap alan gamyşlar, saňa
hüjüm etjek janalyjylardyr. Seniň üçin başyny egen gamyş, seni
doguran eneň seniň üçin boýnuny sallajagyna; goşa ösen gamşyň
biriniň kesilmesi, ikimizden birimiziň öljegine; üstüňe ýykyljak ýaly
üstüňe abanyp duran agaçlar, töweregňi gabajak jynlara; mukaddes
ýaýygyň ýerinden alynmagy, bir erbet eliň seniň ýakaňdan tutjagyna;
asylgy duran gabyň ýere gaçmagy, seni doguran eneň mähirli
gujagyndan aýryljagyňa; bürgüdiň guzyny penjesine alyp gitmegi
bolsa, uly Galla jynlaryň bir gün seni ele saljagyna yşaratdyr“ diýýär.
Dogrudan-da olar, taňrymyz Dumuzini tutup ýeriň aşagyndaky dünýä
äkidýärler.
Bu ýagdaýa gaty gynanan hanym taňrymyz Geştin-Anna,
taňrylar ýygnagyna baryp: „Erkek doganymyň ýerine meni iberiň!“
diýip olara ýalbarýar. Emma hanym taňrymyz In-Anna, adamsynyň
oňa eden hormatsyzlygynyň we rähimsizliginiň jezasyz galmagyna
göwni yrazy bolmany üçin, onuň eden teklibine garşy çykýar. Şonuň
üçin Geştin-Anna: „Beýle bolsa ýylyň ýarysyny men ýeriň aşagynda
geçireýin, beýleki ýarysyny-da doganym geçirsin“ diýýär. Gaty
gaharda bolsa-da adamsynyň bütin ýyl ýeriň aşagynda ýaşamagyna
dözmedik hanym taňrymyz, bu teklibi uýgun görip, ony taňrylar
ýygnagyna tassykladýar.
Şol hadysadan soň, taňrymyz Dumuzi gyş aýlaryny yeriň
aşagynda geçirenden soň, ýaz başynda ýeriň ýüzüne çykyp, söýgüli
hanymy bilen birleşýär. Biz bu birleşmäniň, ýeriň ýüzüne bolluk hem
bereket getirjegine ynanýarys. Şonuň üçin hem, taňrymyzyň yerine
67
şahymyz, hanym taňrymyzyň yerine bolsa ruhany hanymlaryň
baş tutany, ýylda bir gezek bile bolýarlar. Olaryň bile bolan
günlerinde sazandalardyr bagşylar söýgi hakda örän tolgundyryjy
hem ýangynly aýdymlar aýdýarlar, sazlar çalýarlar...
Biziň bu, täze ýyl baýramymyza-da kesekiler eýe çykýarlar,
hamana biziňki däl-de olaryňky ýaly. Hanym taňrymyzyň adyny (InAnnaň ýerine) ;Iştar;, taňrymyzyň adyny bolsa (Dumuziň ýerine)
;Tammuz; edip üýtgetdiler. Özleriniň başga ýurtlardaky
soýdaşlaryna-da öwretdiler. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň çäginden
aşyp, her ýana ýaýramaga başlady biziň bu däbimiz. Bilip bolmaz,
belki-de şeýle ýagdaý ýene-de ýüzlerçe ýyl dowam eden ýagdaýynda,
bu däbiň kimden we nireden gelip çykandygyny hiç kim bilmez. Gör
nähili haýyp! nähili ajy! Şeýle dälmi?.
Ludingirranyň ýatlamalary, üçünji tabella.»53
2.2. Dumuzi bilen In-Anna degişli liriki goşgulardan bölekler:
«25-nji sany, toýdan öň aýdylýan söýgi aýdymlary bolup, ony
şu aşakdaky ýaly bölmek mümkindir:
Birinji: “Söýgi öz ýoluny tapar”. Bu bölüm ýazyjylarynyň
tarapyndan ;tigi; diyip bellenipdir. Ýagny, belli saz gurallarynyň
ýanynda aýdylýan aýdym. Bu aýdym (tigi) iki bölümden ybarat.
Birinjisi In-Annanyň öz-özi bilen geplemesinden başlaýar:
Öten agşam men hanym soltan, ýalpyldap açylan çagym,
Öten agşam men asmanyň hanym soltany, ýalpyldap açylan çagym,
Ýalpyldap açylyp, tans eden çagym,
Ýagty yşygyň, gijäni ýeňen salymlarynda, içimden hiňlenen çagym,
***
Ol, maňa sataşdy, ol maňa sataşdy.
Goç ỳigit ;Kuli-Anna; (Dumuzi) maňa sataşdy
Goç ýigit, elini meniň elimde goýdy
;Uşumgal-Anna; (Dumuzi), meni gollaryna salyp gujaklady.
53
: Muazzez Ilmiýe Çyg „Sumerli Ludingirra » Istanbul-1996, s. 19-25
68
***
Munuň yzysüre, iki söýüşen ynsanyň arasynda, erkini ýitiren ýaly,
örän näzik hem inçe duýga ýugrulan aýdyşyklar geçýär. Ilki In-Anna
özünden goranýar:
Gel? indi? meni goýber, men öýmize gitmeli
Kuli-Anna (Dumuzi), meni goýber, men öýmüze gitmeli!
Men ejemi aldamak üçin näme aýdyp bilerin?
Men ejem ;Ningal;y aldamak üçin näme aýdyp bilerin?
Emma Dumuzi ony yzyna goýbermän eýsem eýýäm bir
gaýtargy taýýarlap goýupdyr:
Men saňa aýdýaryn, men saňa aýdýaryn!
Gelinleriň iň gözeli In-Anna, men saňa aýdýaryn
Saňa aýdýan, meniň ezizim! Sen meni özüň bilen bazaryň iň açyk
Meýdanyna äkit!
Ol ýerde bizi güýmär, bir sazanda oýny bilen.
Ol özüniň ýakymly aýdymlaryny, biziň üçin aýdar.
Ol özüniň gyzykly oýunlary bilen, biziň wagtymyzy geçirer.
***
Ikinji bölümi In-Annanyň öz söýgülisi hem-de gelejekdäki
adamsyna, öwgä mynasyp hem şowhuna ýugrulan, üstünlikli
monology bilen gutarýar:
Ýaşaýan öýi ýakymly barkurỳan,
Sözi şatlyk getirýän, ol
Meniň adamym, iň arassa hem sylagly agzadyr.
;Ama-uşumgal-Anna; Siniň giýewisi!
Meniň adamym! Seniň ösümlikleriň süýjüdir
Seniň sähraňdaky otlaryň hem gallaň datlydyr
Ama-uşumgal-Anna! Seniň ösümlikleriň süýjüdir
Seniň sähraňdaky otlaryň hem gallaň süýjüdir.
69
***
In-Anna ýene-de dowam etdirýär, ylaýta-da Sumer diliniň
dogmalary bilen baglylykda…
Eý meniň… goý gol salyşaly
Gel… hezil edip birek-birege bakyşaly
Eý Kuli-Anna, meniň adamym! Ýüreklerde näme bar.
***
Men eýämiň huzuryna giderin, oňa aydaryn:
Sen, En-Liliň ýanynda oturupsyň,
Meniň atam ;Sin;, seni öz ýüreginde seçipdir,
Sen meniň ýüregimde seçilipsiň, men geldim…
Ol (Sin) ebedilik :tyýarany;, mukaddes jygany, seniň başyňda
goýdy.»54
***
Giýewi, ýüregimiň söýdigi,
Seniň şowhuň bal dek datly.
Arslan ýüregimiň söýdügi,
Seniň şowhuň bal dek datly.55
2.3. Dumuzi bilen In-Anna dessanynyň hem-de bahar
baỳramynyň pelsepesiniň yzlary türkmen edebiỳatynda
Bu dessanyň mazmunyny hem oňa degişli liriki goşgular bilen
tanyş bolan ildeşlerimiz, olary öz hakydasyndaky türkmen
ertekileridir dessanlary hem volklorik goşgularyna meňzedendirler.
54
55
: S. N. Kramer, „Sumerische Literarische...“, s. 12-14
: M. Ilmiýe Çyg, ö. iş, s. 24
70
Biziň pikrimize gelýän manyly meňzeşlikler şu aşakdakylardan
ybaratdyr:
Bu dessanyň hem esasy temasy Gilgamyş dessanynda bolşy
ýaly, ölüm we ýaşaýşyň arasyndaky gapma-garşylygyň, adamzadyň
ebedi ýaşamaga we ölenleriň gaýtadan direlmegi ýaly hemişelik
arzuwynyň beýanydyr. Bu dessanda En-Lil taňrynyň jynlardan iberen
dirilik suwuny In-Annanyň jesediniň üstüne serpilen badyna, onuň
gaýtadan direlmegi, Akpamygyň Ak maýanyň süýdüni doganlarynyň
jesedleriniň üstüne serpen badyna olryň gaýtadan direlmekleri bilen
doly gabat gelýär.
In-Annanyň ýeriň aşagyndaky ölüler dünýäsine gidenden soň
gaýtadan ýeriň ýüzüne öwrülip ýaşaýşyny dowam etdirmegi, edil
Göroglynyň görden çykyp ýaşaýşyna başlamagyny ýaňsydýar.
Olaryň ikisi-de adamzadyň ölenden soň direlmek baradaky arzuw
hem ynanjynyň beýanydyr. Munuň üstesine-de Sumer dilinde ;kur;
söziniň bir manysy „ýeriň aşagyndaky ölüler dünýäsi“dir56. Bu
Sumer sözüň türkmen dilindäki ;gör; sözi bilen köküniň birdigi bolsa
görünip duwr. Sebäbi Sumer ýazuwynda o, ü, ö seslerini-de diňe ;u;
bilen görkezilipdir.
In-Annanyň ölümden gutulmak üçin ýerine adam tapmaga
mejbur edilşi, şonuň ýaly hem Dumuziniň aýal doganynyň, ýylyň
ýarysyny öz doganynyň ýerine ölüler dünýäsinde galmaga yrazy
bolmagy, Gorkut-Ata dessanynda, Däli Domrulylň ölümdem
gutulmak üçin ýerine adam gözlemäge mejbur bolup yakyn
adamlaryna ýüz tutmagy hem-de iň soňy bolsa hanymynyň onuň
ýerine gitmäge yrazylyk bermegine doly gabat gelýär. Şunuň ýaly-da
Sumer dessanlarynda ynsanlaryň taňrylar bilen gürleşip gatnaşyk
saklamagy, belli derejede Gorkut-Ata dessanynyň aýr-aýry
boýlarynda-da gabat gelýär. Däli Domrul bilen ;Ezraýylyň; arasynda
geçýän dialogi muňa mysal görkezmek bolar.
Dumuzi bilen In-Annanyň arasynda geçýän liriki goşgulary
bilen türkmen folklorik aýdymlary hem-de dürli dessanlardaky gyzoglan arasynda geçýän liriki goşgularyň arasynda-da manyly
meňzeşlikler bar. Mysal üçin, Gorkut-Ata dessanyndan alynan şu
56
: M. Ilmiýe Çyg „Kur-an, injil we tewratyň Sumerdäki kökeni“ Istanbul-1996,
s.23
71
aşakdaky
bendler
bilen
goşgularyny deňeşdirip göreliň
ýokardaky
Sumer
liriki
Bäru gelgil, Salur begi, Salur görki
Başym bagty, ewim tagty,
Han babamyň giýewisi,
Kadyn enemiň sewgisi
Atam-enem werdigi
Göz açyban gördügim,
Köňül werip sewdigim
Beg ýigidim Gazan! (Gazan beg ogly Oroz begiň tutsak oldugy boý)
Ne diýer sen, ne söýlär sen?
Göz açuban gördügim,
Köňül werib sewdigim,
Goç ýigidim, şabaz ýigidim,
Datly damak werüb soruşdygym,
Bir ýasdykda baş goýup emişdigim. (Döwhe goja ogly Däli Domrul
boýy)
Bulardan başga-da Dumuzi bilen In-Anna dessanynda çopan
taňry bilen daýhan taňrynyň arasynda In-Annnyň ýüregini almak üçin
bäsdeşlik gidýär. Munuň özi bu dessanyň gözbaşy, adamzadyň
maldarçylykdan ekerançylyga geçen döwrüne degişlidigini aňladýar.
Alymlaryň Sumer tekstlerinden netije çykarmagyna görä sumerlileriň
döwründe Mezopotamiýanyň yktysadynda ekerançylyk ylaýta-da
söwda esasy rol oýnapdyr. Aslynda ýazuwyň ýüze çykmagy hem
yktysatda söwdanyň esasy rol oýnamagy bilen göni baglanşyklydyr
diỳip Almanly alymlar Karl Oberhuber hem F. M. Heischelheimyň
belleỳärler57. Netijede bu dessanyň dörän döwri sumerlileriň
Mezopotamiýa gelmezinden has öň bolmalydyr. Eger-de alymlaryň
açyklamagyna görä Türkmenistanda has irräk, Änew-Altyndepe
medeniýetiniň döwründe ekerançylyga geçilen bolsa we sumerlileriň
bolsa Orta-Aziýadan, has anygyragy Türkmenistandan göçüp
57
: Karl Oberhuber „Die Kultur des Altesorientes“ Frankfurt am Main-1972, s.
43-44
72
barandyklary kabul edilse, onda bu dessanyň
gadymy topraklarymyz bolan bolmagy gaty
Mezopotamiýa
gözbaşy biziň
ähtimaldyr.
Bu ỳerde üstünde durup geçmeli ỳene bir örän manyly mesele
bolsa Dumuzi sözi bilen biziň dilimizdäki Tomus sözüniň deň
manyny aňladỳanlygydyr. Ỳagny Tamuz görnüşinde samid diline
geçen bu sumer sözi hasyl we bereket eçilỳän tomus aỳlarynyň hem
adydyr. K. Oberhuber bu barada şeỳle ỳazỳar: «Tamuz, Iỳun-Iỳul
aỳlaryna gabat gelỳän aỳ bolup iň esasy dabara bolan ekiş hem tohum
sepme baỳramçylygynyň möwsümidir. Şonuň ỳaly-da bu aỳ En-Liliň
(ỳel piri we taňrysy, B. G.) dünỳä inen aỳydyr...»58
Umuman alanymyzda bahar baỳramynyň pelsepesi edil
sumerlilerde bolşy ỳaly biziň mifologiỳamyzda hem acyk görünỳär.
Mysal üçin Akpamyk ertekisinde hem gaỳtadan doguş we ỳaşaỳşyň
täzeden başlanmagy edil ỳazyň başlanmagyna gabat gelỳär. Sebäbi
Akpamygyň dirilik suwy bolan Akmaỳanyň süỳdüni alan mahaly
tebigatyň al-ỳaşyl öwsüp, goỳun-guzydar köşekleriň erkana otlap,
mallaryň bol süỳt eçilỳän bahar möwsümine gabat gelỳär.
Türkmenlerde iňňän gadymlardan bäri gara gyşyň sowlup ala
baharyň başlanmagy uly şowhun bilen garşylanypdyr hem-de biribirine ;togsan doldy; diyip şadyỳanlyk bilen baỳramçylyk ruhunda
gutlanyp gelipdir. Şunuň ỳaly hem umumy türk uluslarynda oňa ;ỳeni
gün; ỳa-da ;ỳengi kün; ỳagny täze gün diỳip at berilipdir. Nowruz
sözi bolsa bu türk sözüniň täjik diline edilen sözme söz terjimesidir.
Eger-de bu sözüň asly täjikçe bolsa ol Nowruz däl-de ;Ruze now;
bolmaly, sebäbi bu diliň grammatikasynda sypat adyň öňüne däl-de
yzyna goşulỳar.
2.4.Umumy türk mifologiỳasynda bahar baỳramy
2.4.1. Oguzhan güni
«Oguz güni hakynda Jame-ott-tawaryh atly eserde şeỳle
maglumatlar bar: Türkleriň aňyrsy Ỳafes Ibn-i Nuhdan gaỳdỳar. Olar
gündogara gitdiler. Bu göcüň netijesinde Ỳafesiň ady Abulje ya hut
Abulbeje diỳit üỳtgedildi. Inanç şäherine ỳakyn bolan ;Oratag; we
58
Karl Oberhuber „Die Kultur des Altenorient“ Frankfurt/M-1972, s. 319
73
;Kurtag; ỳurtlaryny ỳaỳlak hem- de Ỳursak, Gagian, Garagum,
Talas we Karaseỳni bolsa gyşlak üçin begenledi. Abulje hanyň Dip
Bakuỳ adynda bir ogly boldy ... Dip Bakoỳuň dört ogly bardy.
Garahanyň bir ogly boldy, adyna Oguzhan goỳdular. Oguzuň dünỳa
inen güni gül-çiçekler, agaçlar we bütin ỳer ỳüzi täze bir ỳaşaỳyşa
başlady. Bir näçe ỳyl şondan soň edil şol möwsümde Oguzhan öz
duşmanlaryny ỳeňip Talas şäherinden Buhara çenli baryp ỳetỳän
ỳurtlary aldy. Şol günüň hatyrasy üçin uly toỳ dabarasyny geçirip oňa
;Oguz güni; we ỳahut ;Ỳeni gün; diỳip at berdiler.»59
2.4.2. Hunlarda bahar baỳramy
Sumerlileriňkä meňzeş bahar baỳramyň Hunlaryň arasynda-da
bolandygy hakynda şeỳle maglumatlar bar: «Hytaỳ çeşmelerinde Hun
medeniỳetinden gürrüň edilende, her ỳylyň başynda geçirilỳän dini
dabaralar hakynda-da durup geçilỳär. Bu dabara Hunlaryň 24
taỳpasynyň hanlary gatnaşỳarlar, şonuň ỳaly hem ỳylyň 5-nji aỳyndada Lung-Çeng şäherinde ỳygnanyp Gök taňry hem-de Ỳer-suw
ruhlarynyň ỳoluna janly aỳdyp sadaka bererdiler. Beỳik hakan her
gün irden çadyryndan çykyp güne, gijeler bolsa aỳa çokunardy.»60
2.4.3. Aỳzit Baỳramy
«Bu baỳram Altaỳlylaryň gözellik taňrysy bolan Aỳzite
bagyşlanyp ỳazyň başynda tokaỳlarda dabara bilen geçirilip gutlanar
eken. Baỳram däpleri Akşamanlar tarapyndan alnyp barylypdyr.
Şamanlara ak we gara sypatyny olaryň geỳỳän eşikleriniň reňkine
görä berilipdir. Baỳramcylyk günlerinde öỳler arassalanyp, bezelip,
iň oňat damaklar bişirilip, iň owadan eşikler geỳiler eken. Şaman
dokuz gyz bilen dokuz oglany saỳlap sag we sol ỳanynda
duruzarmyş, son olary özi bilen Aỳzitin köşgüne alyp gidip şol
ỳerden hem dabaralar başlanar eken. Aỳzit şeỳle suratlandyrylỳar:
Başynda ak başlyk, omzunda ak atgy (ỳalyk), aỳaklarynda bolsa gara
goçly ädik bar. Ol, şeỳle eşikleri bilen tokaỳlarda agaçlaryň arasynda
gezmeleỳär ỳa-da gaỳalara arkasyny berip uka gidỳär.»61
59
Nevruz 1995 ... , s. 131
Muzaffer Sencer „Dinin Türk Toplumuna Etkileri“ Istanbul-1974, s. 53
61
Kamil Veliyev „Elin Yaddaşı Dilin Yaddaşı“ Baki-1988, s. 59
60
74
2.4.4. Göktürklerde bahar baỳramy
Türk dünỳäsiniň iň belli dessanlaryndan biri hasaplanỳan
Ergenekon dessanyna görä Göktürkler duşmanlarynyň tarapyndan
gaty elhenç ỳagdaỳda gyrylanlaryndan soň, gaty az sanly galanlary
bir ỳerik ỳygnanyp şeỳle karara gelỳärler: «Ỳurdumyza dolanaly
diỳsek töweregimizdäki ähli taỳpalar bize ỳagy, iň gowusy daglaryň
arasynda kisäniň ỳoly düşmejek bir ỳer tapmaly. Olar bu karara
ỳetenlerinden soň sürülerini daga sürüp gitdiler. Ahyr soňy bir ỳerik
baryp ỳetdiler. Özleriniň gelen ỳollaryndan başga ỳol ol ỳerik
barmaỳardy, ol ỳol hem şeỳle bir bekdi welin diňe at bilen düỳe
zordan geçip bilỳärdi. Bu bek daglaryň ortasyndaky giň tekizligiň
bolsa çägine göz ỳetmeỳärdi. Onda akarsuwlar, çeşmeler, dürlidümen otlar, miweli agaçlar boldy. Ol ỳere gözleri düşenden beỳik
taňra şükür etdiler. Mallarynyň gyşyna etini iỳdiler, ỳazyna süỳdini
içdiler, derisini geỳdiler, täze ỳurtlaryna Ergenekon diỳip at
goỳdylar...
Ergenekonda 400 ỳyldan gowrak galanlaryndan soň olaryň
ilaty hem-de mallarynyň sany şeỳle bir köpeldi welin, olar indi bu
ỳurda sygmaỳardylar. Çäre tapmak üçin gurultaỳa ỳygnanyp şeỳle
maslahata geldiler:
Ata-babalarymyzdan eşidişimize görä
Ergenekonyň daşynda çäksiz meydanlar we gözel ỳurtlar barmyş...
Biziň watanymyz hem ir zamanlardan başlap şol ülkelerdemiş. Soň
duşmanlarymyz birleşip biziň ỳurdumyzy alyp eỳeläpdirler. Hudaỳa
şükür indi biz bu daglara bogulup oturasy ỳagdaỳda däl. Daglaryň
arasyndan bir ỳol tapyp çykalyň. Il bolanlar bilen oňuşyp duşman
bolanlara garşy bolsa söweşeliň.
Hemmeler bu karary mahullap ỳol aradylar emma tapmadylar.
Ahyry olardan biri şeỳle diỳdi: Bu ỳerde bir demir magdanly dag bar,
onuň demirini eretsek ỳol açylardy. Ol ỳerik baryp seretdiler we bu
pikiri hem mahulladylar. Dagyň töweregini hem üstüni bir gat odun
we bir gat kömür bilen doldurdylar, soň 70 deriden körük ỳasap
ỳetmiş ỳerden durdular we körüklemäge başladylar. Beỳik taňrynyň
garaşygy bilen otlar tutaşyp gyzandan dagyň demiri eräp başlady we
ỳükli kerwen geçer ỳaly ỳol açyldy. Şol aỳy, güni, sagady belläp
dagdan çykdylar. Şondan bäri Göktürklerde şol güni toỳ-baỳram
75
etmek däbe öwrülipdir. Bir bölek demiri oda salyp gyzartỳarlar.
Soň Han ony demir gysaç bilen otdan çykaryp sandalyň üstünde
goỳup çekiçleỳär. Begler hem bu güni türmeden çykyp Ata Watana
dünülen güni hökmünde mukaddes hasap edỳärler.
Ergenekondan çykanlarynda Göktürkleriň uly hakany Gaỳy
urugundan bolan Börteçine, ähli illere ilçi iberip özleriniň daglardan
çykandyklaryny habar berdiler. Ähli iller muny eşiden badyna olara
baş egip uly Türk Kagany Börteçinä sylag-hurmat etdiler. Duşmanlar
bolsa munuň tersine söweşe girdiler. Göktürkler üstün çykdylar.
Şeỳlelik bilen olar 450 ỳyldan soň Ata Watanlaryna eỳe bolmak
bilen, öňkileri ỳaly dünỳäniň iň uly ulusyna öwrüldiler…»62
Alymlaryň açyklamasyna görä Göktürkleriň bek daglardan
çykan wagty tebigatyň al-yaşyla bürenen ỳaza gabat gelipdir.
Azerbeỳjan alymy K. Veiyeviň açyklamasyna görä bolsa ol gün 9-njy
Marta gabat gelỳär.63
2.4.5. Uỳgur bahar baỳramy: ilk ỳaz, Buku Kagan, Köken we
Ỳeniden doguş
Bu baỳram hakynda Aktok-Kaşgarly şeỳle ỳazỳar. «… Uỳgur
taỳpalarynyň Ỳaradylyş, Ỳeniden doguş we Buku Kagan rowaỳatlary
türk mifologiỳasynyň iň ähmiỳetli bölekleriniň biridir… Çin
çeşmelerinde bu rowaỳatlara uly orun berilipdir: Ol ỳerde bir agaç
bar, gündogardan iki akarsuw akỳar. Tola we Selingan atly iki
derỳanyň arasynda ỳerleşen gurap galan bir uly agaçda göwreliligiň
alamatyna meňzeỳän bir çiş görülỳär. Gökden dowamly bir yşyk
inỳär. 9 aỳ 9 gün soňra agajyň üstündäki çiş ỳarylỳar we bäş sany
çaga görünỳär. Bu bäş çaga Uỳgur türkleriniň doguşuny, onda-da
olaryň nesilleriniň tebigat ỳaly gaỳtadan direlişini aňladỳar…
Takeo, Buku Kagan mifiniň ỳüze çykmagyny Orta Asyr
Uỳgur kalenderlerine esaslanmak arkaly 28. Fewral bilen 21. Mart
aralygy hasap edỳär… Buku Kagan mifiniň iki manysy bardyr:
Birinjisi Uỳgur türkleriniň köküni, ikinjisi bolsa Gaỳtadan Doguş,
Bahar Baỳramy we ỳaşaỳyşyn täzelenmesi… Uỳgur türkleri Budizm,
Manizm, Nastury Hyrystiỳanlygy we Yslam ỳaly aỳra-aỳry dinleri
62
63
Seyit Kemal Karalioglu „Türk Edebiyatı Tarihi“ Istanbul-1973, s. 63-65
Kamil Veliyev , ỳokarda ady geçen eser , s. 45
76
kabul edipdirler. Emma bu ynançlarynyň ählisinde-de olaryň
milli ynançlary bolan ;Göktaňry; ynanjyň öwüşginini ap-açyk
yzlamak mümkindir. Agajy göwreli eden Gök Taňrynyň yşygydyr…
Bu mifiň ;Bukhan; ady bilen berilỳän Mogul wariỳantynda, bir
Hanym Taňry Bukhan bilen öỳlenỳär we ondan bir ogly bolỳar.
Hanym Taňry ony bir agajyň gowagynda saklaỳar. Bukuhan çagany
şol ỳerden alỳar.»64
V
Sumer göreşi
64
Nevruz 1995 ... , s. 168-71
VI
Türkmen göreşi
77
3. Dini ynançlardaky manyly gabat gelmeler
3.1. Din hakda umumy düşünje
Diniň ỳüze çykmagy hem-de türki halklaryň yslamdan oňki
dini ynançlary hakyndaky umumy teoriỳany biz, Muzaffer Senjeriň
bu ugurdaky ylmy işinden almagy doru tapdyk: « Türkleriň yslamdan
öňki ynançlary hakyndaky çeşmeler, beỳleki dini teoriỳalarynyň
temasy bolan totemizm, animizm ve naturizm elementleriniň bir ỳere
jemlenip Şamanizm ady berilen bu sistemanyň, şol ynançlaryň
älisiniň bir ỳerede toplanan görnüşidir diỳip kabul edilỳär. Şu
gözgaraỳyşdan aỳra-aỳry döwürleriň önümi bolan ỳokarda agzalan
dini sistemalar bilen gysgaça tanyş bolmak ỳerlikli bolar.
3.1.1. Totemizm:
Umumy ynsan taryhyna ilkinji gezek Mak
Lennan tarapyndan girizilen Tutemizm, Durkheimyň pikrine görä iň
ilkinji hem iň ỳönekeỳ düzgün bolan ilkinji urug (obşina) guruluşuna
degişlidir.
Bu uruglary düzen ynsanlar biri-biri bilen belli bir
garyndaşlyk ỳüpi bilen bagly hasap edilỳär. Ỳöne bu baglylyk gan
birligi bilen däl-de eỳsem has özboluşly bir bag bilen, ỳagny diňe
belli bir ortak ady göterỳändikleri bilen üpjün bolỳar. Bu at şol bir
wagtyň özünde, özlerine aỳratyn baglydygyna ynanylỳan başga bir
maddy barlygyň hem adydyr. Bu gatnaşyklar bir garyndaşlyk
gatnaşygy bolup, bütin urugy görkezmäge we beỳan etmäge ỳaran
barlyga bolsa ;Tutem; diỳilỳär.
Urugyň tutemi şol bir wagtyň özünde onuň her bir agzasynyňda tutemidir. Her ururgyň diňe özüne mahsus bolan belli bir tutemi
bardyr. Bir urugyň içindäki iki toparyň aỳry-aỳry tutemi bolup
bilmeỳär. Tutem üçin ulanylỳan barlyklar köplenç ỳagdaỳda
haỳwanlar we ösümlikler, ylaỳta-da haỳwanlardan ybaratdyr.
Tutem diňe bir at bolman eỳsem bir belgi we simwoldyr. Diňe
bir belgi ỳa simwol hem bolman eỳsem belli bir mukaddes barlyk
tipidir. Tutem, urug agzalary bilen tutem edip alynan barlygyň
arasyndaky bar bolan tüỳs (jöwher) birligi manysyny aňladỳar.
Görlüşi ỳaly tutemizm esasan ururg toplumuny suratlandyrỳan bir
78
simwolyň mukaddesleşmegidir. [biziň pikrimize görä türkmeniň
tire-taỳpalaryndaky öküz, tana, teke, tilki, turaç ỳaly atlar-da şu
döwriň ỳadygärilkleri bolmaly. B. Gerey].
3.1.2. Animism: Dinleriň gelip çykyşy bilen baglylykda esasy
ugurlary bilen Animizm ady astynda bir system düzen Taỳlordyr.
Ondan soň bu teoriỳany ösdüren Spenser bolsa oňa esasy üỳtgetme
girizmeden tekrarlamak bilen bir wagtyň özünde, onuň ulanỳan
adalgalary we öňe süren teklipleri-de öňküligine galypdyr.
Taỳlor we Spenseriň pikrine görä ;ruh; düşünjesi diniň iň
esasy düşünjesidir. Ilkinji ynsanlar ỳönekeỳje bir ỳalňyş bilen belli
bir gönümel düşünjä barypdyrlar. Düỳşlerinde göwreleri bir ỳerde
duran bir wagtyň özünde özleriniň başga ỳerlerde aỳlanyp, başga işler
etmeginden olar, hökmäni ỳagdaỳda özlerinde iki barlyk bolmaly
diỳip düşünipdirler. Ỳene-de olar, gwreleri düỳş görülen ỳerde
bolmadyk adamlar bilen görüşip, olar bilen gürleşmeginden, olar hem
özlerinde iki barlygy jemleỳän bolmaly diỳen hyỳala barypdyrlar.
Şeỳlelik bilen “her kimiň özünden başga-da her ỳerde erkin aỳlanyp
gezip bilỳän bir ỳoldaşy bolmaly” diỳen netijä gelipdirler. Bu ỳoldaş
özüne meňzeş bolmagy bilen bir wagtyň özünde, belli aỳratynlyklary
bilen tapawutlanỳardy. Bu ỳoldaş ;Jan;dyr. Ol bir ruh (spirit) bolman
eỳsem adatdan daşary ỳagdaỳlarda özünden aỳrylỳan belli bir göwrä
baglydyr. Jan diňe köp üỳtgemelerden soň ;Ruh; diỳen düşünjä eỳe
bolupdyr.
Ỳene bir tarapdan bolsa, ölümiň diňe bir uzak wagtlap
özünden gitmek ỳa-da uwklamakdyr diỳip düşünen şol ilkinji
ynsanlar, göwräniň ỳene-de oỳanjakdygyna ynanypdyrlar. Şeỳlelik
bilen Ruhuň göwreden garaşsyz bolmagy hem-de maddileşen Janlary
döredỳändigini hakyda getirmäge mejbur bolupdyrlar. Netijede, hiç
hili organizme bagly bolmadyk garaşsyz hem erkin ;Ruh; dünỳä
inipdir.
Indi Jan öz hilini degişdiriỳär. Ol indi diňe ynsan göwresiniň
diriligini üpjün edỳän bir Tin (Spirit) bolman eỳsem ;Ruha; ỳagny
ỳagşy we ỳaman Ruhlara, ỳagşy we ỳaman Jynlara we hatda Tňrylara
öwrülỳär. Emma bu taňrylaşan adamlaryň ölüme sezewar bolỳandygy
79
üçin, ynsanlaryň belli bolan ilkinji
mukaddes
ynançlary
Ruhlara, ata-babalaryň ruhlaryna sejde etmek bolupdyr.
Bu özbaşdak galan ruhlaryň dirileriň arasynda aỳlanyp gezip
ỳörendigine, şonuň ỳaly hem olardan her hili ỳagşylyk ỳa-da
ỳamanlygyň çykyp biljekdigine ynanan ynsanlar, özlerini olaryň
ỳetirip biljek ỳamanlyklaryndan gorap bilmekleri üçin her hili
ỳollara ỳüz urmak mejburiỳetinde galypdyrlar. Şeỳlelik bilen ilkinji
jynaza we jaỳlama dabaralary, janly aỳdyp gurbanlyk etmek we
ötenleriň gereklerini garşylamak üçin iỳmek-içmek hödürlemek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 06
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.