Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 06

Total number of words is 3714
Total number of unique words is 1890
20.6 of words are in the 2000 most common words
29.5 of words are in the 5000 most common words
34.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
däpleri ỳüze çykỳar. Ilkinji sadaka berilen ỳerler bolsa
gonamçylyklar bolupdyr.
Ata-baba ruhlarynyň özbaşdak bir barlyk meỳdanyny
döredỳändigine ynanmakdan hereket eden bu düzgün (sistema),
tebigat daşynda gezỳän bu ruhlaryň ugrukdyryjy hem ỳolgörkeziji
güỳjüne, şonuň ỳaly-da mukaddesligiň ata-babalardan gelỳändigine
ynanypdyrlar. Şu düşünje bilen hem urug agzalary, ata-babalarynyň
ruhuny gutly we mukaddes bilip, olryň adyna ỳakylan ody hiç-haçan
söndürmejek bolupdyrlar [Türkmenlerde-de ỳaşulylar yzygiderli
ỳaşlara “Ataňyzyň ojagy öçmesin, öỳlenip ogul-gyz urbadyň!”
diỳerdiler. Eger-de birinden ogul-gyz galman aỳrylsa ony iň ajy hem
hakyky ölüm hasap edip “pylan pahyryň-de ojagy öçdi” diỳerdiler.
Mundan başga-da, Otak we ojak sözleriniň hem ;ot; sözünden gelipçykmagy örän manylydyr. B. Gereỳ ].
3.1.3. Naturizm: Animizmiň esasy aỳratynlygy we onuň
özenini düzỳän hyỳal, bu diniň hiç hili fiziki barlyga
daỳanmaỳandygyny görkezỳär. Emma Maks Müller muňa gapmagarşy bir düşünje bilen başga tüỳsli çemeleşỳär. Onuň pikrine görä
diniň, özünin bütin täsirini alan bir tejribä daỳanmagy gerekdir.
Mülleriň sözi bilen aỳdanymyzda: “egr-de din, biziň bilim
kanunlarymyza uỳgun bir predmet hökmünde öz ornuny eỳelejek
bolsa, onda ol beỳleki ylymlar ỳaly, duỳgularyň derňewlerinden
başlanmalydyr”.
Dogrudan hem Maks Müller we beỳleki sanskritçäni
öwrenenler, diniň gözbaşyny başga bir ugurdan, töweregi gurşap alan
tebigatyň ynsana goỳan täsirinden gözlediler.
80
Taňrylaryň atlary ỳaha şu gün hem ulanylỳan maddi
atlardan ỳa-da düỳp manysyny maddi barlyklardan tapyp boljak
atlara degişli sözlerden düzülỳär. Bu sözleriň iki itpi hem uly tebigy
hadysalary aňladỳar. Mysal üçin Hindistanyň Ene Taňrylaryndan
bolan ;Agni; sözüniň köki, hiç hili mifiki garynjasy bolmadan diňe
biziň duỳgularymyzy täsir astyna alan ;ot ỳanmak; hadysasyny
aňladỳar. Şu we şuňa meňzeş tebigy hadysalar we tebigy güỳçler,
ynsan toplumlarynyň dini duỳgularyny öz täsiriniň astyna alan we
soňra olaryň tarapyndan taňrylaşdyrylan ilkinji zatlardygyny
görkezỳär.
Mülleriň pikrine görä, “ilkinji bakyşda tebigatdan az tebigy
bolmadyk zat yokdur. Tebigat iň uly geňlik, gorky we howsala
döredyän bir mugjuza (adatdan daşary hadysa) dyr. Onuň dowamly,
üỳtgewsiz we belli düzgün bilen gaỳtalanmagy netijesinde, belli
ỳagdaỳlary öňden syzyp boljak, bolmaly we düşnükli hadysa hasap
edilipdir. Ilkinji çaglardan başlap, dini düşünje hem-de dili döreden
bu çäksiz geňlik, gorkunç we aljyraňňylyk meỳdany, bu bilinenden
köp bilinmedik, has düşnüklüräk edip aỳtsak; geçijilikden köp
ebedilik hem soňsuzlyklardyr”. Bu soňsuzluklaryň duỳulmagyndan
;Din; döräpdir. Hakykatda din diňe bu tebigy güỳçlariň ynsan
hakydasynda belli bir ölçüde özleşdirilen ỳagdaỳyndan döreỳär. Indi
bu güỳçleriň şahsylaşmasy, ỳaşaỳan hem düşünỳän barlyklara hemde ruhy güỳçlerdir Taňrylara öwrürülmegi gerek. Maks Mülleriň
pikrine görä bu wezipäni hem ynsanyň aňyna goỳỳan täsiri arkaly
;Dil; ỳerine ỳetirỳär…
Şeỳlelik bilen dil, ynsan duỳgularyna açyk bolan maddi
dünỳäniň üstünde, ỳokdan ỳaradylan we fiziki hadysalaryň netijesi
hasaplanỳan we ruhy barlyklardan düzülen bir düỳä ỳasapdyr.
Ses dünỳäsini ỳüze çykaran sözler, dünỳä inenlerinden soň
çäksiz ỳaỳylyp-ỳaỳramak güỳjüne eỳe bolupdyr. Şeỳlelik bilen hem
biri-biriniň yzyndan Panteon (köp taňrylyk) we bir taňrylyk
hirarşiỳasyny ỳaradyp bilipdir. Ynsasnlaryň öz ruhy we düşünjesi
ikinji derejede bir kämilleşme bolup, onuň ata-baba dini bolsa has
ähmiỳetli bolan tebigata sygynyp sejde etmegiň bir owüşgüni hem
ỳaňlantysyayr.
81
Ỳokarda aỳdylyp geçilen üç teoriỳanyň esaslanỳan we öz
içine alỳan zatlary, düzỳän ynanç hem praktikasynyň biri-birine
gapma-garşy bolup şonuň ỳaly-da her biriniň diniň gözbaşyny aỳryaỳry açyklaỳan bir sistema bolmagyndan has ähmiỳetli mesele, iň
bolmanda türkleriň dini ynançlaryna gelenimizde, biri-birini
yzarlaỳan kämilleşme dini döwürleri beỳan edỳändigi şüphesizdir.»65
3.2. Şamanizm
«Şamaniz hakykatda Tutemiz, Animizm we Naturizm
elementlerini öz içine alỳan ynanç hem däplerdir. Gadymy türkleriň
uly bir ỳeke Taňra ynananlygy dogrusynda kesgitleỳji maglumat ỳok.
Hytaỳ çeşmelerine görä Orta-Asỳada döwlet guran ugruglaryň
barysynda Asman-Taňry ynanjyna gabat gelỳäris. Göktürk
ỳazgylarynda 6-njy we 7-nji asyrlarda Asman-Taňrysyna bolan
ynanjyň ösen nusgasyny görỳäris we Taňry adynyň başga taňrylary
goşmadan ỳekelikde ulanylandygyna gabat gelỳäris. Şol bir wagtyň
özünde Göktürkler hem-de ilkinji Uỳgur hakanlarynyň döwründe
heniz maddi barlyk bolan ASMAN bilen onuň eỳesi hasaplanỳan
RUHY BARLYK biri-birinden aỳrylmadyk bolsa gerek.
Kaşgarly Mahmyt TENGRI sözüniň düşündirişinde şeỳle
ỳazỳar: “Kapyrlar göge Tengri diỳỳärler. Şonuň ỳaly-da olar beỳik
bir dag ỳa-da uly bir agaç ỳaly gözlerine uly görünen her bir zada-da
Tengri diỳỳärler. Bu sözler irki türklerde Taňry sözüniň görünỳän
Asman hem-de ;uly barlyk; manysynda gelmegi, maddi barlyk bolan
Asman bilen uly bir güỳjüň (gudratyň) birleşmegini görkezỳär. Şu
günki şamanist türkler-de Taňry sözüni irki türklerdäki manysynda
ỳagny Asman sözüniň ỳerine ulanỳarlar. Güneş, Aỳ, Ỳyldyz,
Ỳyldyrym we Ỳel bilen bagly ynançlar hem Asman-Taňry bilen
gatnaşykdadyr.
Altaỳly şamanistler güneşe ant içỳärler. Olaryň düşünjesine
görä Güneş ene we Aỳ atadyr. Şamanistleriň ynanjyna görä aỳ-gün
tutulmagynyň sebäbi, günüň hem aỳyň ỳaman ruhlara garşy söweşe
girmekleri we kä ỳagdaỳlarda olaryň bu ruhlaryň tarapyndan tutulup
garaňky dünỳälere sürgün edilmegidir. Bütin türk dillerinde bu
hadysany ;tutulmak; sözi bilen beỳan edilmegi, olaryň köne
65
Muzaffer Sancer, Dinin Türk Toplumuna Etkisi, Istanbul-1974, s. 43-48
82
dinleriniň yzyny görkezỳär. Şamanistler
aỳ-gün
tutulan
wagty, olary ỳaman ruhlaryň elinden gutarmak ücin uly gykylyk
turzup deprek kakỳardylar.»66. Şeýle däp hem-de belli munasybet
bilen, ertir irden turup üç gezek güne salam bermek däbi ỳaňy
ỳakynlara çenli türkmenlerde-de saklanyp gelỳärdi.
3.3. Sumerlileriň dini ynançlary we onuň biziň atababalarymyzyň ynançlary bilen derňewi
Alymlaryň açyklamasyna görä Ỳahudi, Hyrystiỳan we Yslam
dinlerindäki ynançlaryň, şonuň ỳaly-da Ỳunan we Rim (Rum)
mifleriniň aglaba döpüsiniň gözbaşy hem gönezligi Sumerlileriň
döreden ajaỳyp medeniỳeti bolupdyr. Mysal üçin: dünỳä we
adamlaryň ỳaradylyşy, Uçma we Dowzah, ynsanyň uçmadan
kowulmagy ỳaly düşünjeler, şonuň ỳaly-da Nuhuň tupany ỳaly dini
dessanlar, ilki sumerlileriň ynanç sistemasynda döräp, soň olaryň
mirasçysy bolan kowmlaryň arasynda dörän dinlere girizilip, döwrüň
şertlerine uỳgunlykda gaỳtadan işlenip kämilleşipdir.
Bu bölümde biz ata-babalarymyzyň yslamdan has ozal
döreden we şu güne çenli hem azda-köpde saklanyp gelen dini
ynançlary bilen sumerlileriň dini ynançlaryny derňemäge çalyşarys.
Şonuň ỳaly hem birnäçe sumer dini sözleriniň şu günki türkmen
dilinde galdyran yzlary bilen tanyş bolarys.
3.3.1. Sumerlileriň bu jahana garaỳşy
«Sumerlileriň dini, ỳazuwlaryň üsti bilen tanalan iň gadymy
dindir. Bu ỳazuwlar sumerlileriň ynançlaryny görkezmegiň daşyndan
hem bütin adamzadyň, ỳaşaỳşyň dürli taraplary dogrusyndaky ruhy
hem pelsepi garaỳşlaryny suratlandyrỳar. Olar, ỳaşaỳyş hem ölümiň
iň täze syrlary hakynda şeỳle bir kanagatlandyryjy açyklamany öňe
sürmek hem-de dürli öwüşginli mifleri miras galdyrmak arkaly soňky
ỳüze çykan dinlere yzygiderli täsir edỳär. Bu taryhy wakalardan hem
dürli kanunlardan düzülen formulalar, adamzady yzygiderli
ynjalyksazlanyrỳan esasi soraglardyr meseleleri batyrgaỳ we açaçan
orta atỳar: biz kim? Biz nireden geldik? Biz nähili bu ỳerik ỳetdik?...
66
ỳene şol ỳer, s. 57-58
83
Mezopotamỳalylar
bu soraglara göni hem manyly
(elbetde bu günki çagdaş we modern ylmy metodlar arasynda orun
tutup bilmejek ỳagdaỳda) jogaplar berỳärler.
Olaryň düşünjesine görä ;Ỳer; daşy çäksiz boşluk bilen
gurşalan we töweregi asman tüỳnügi bilen çäklenen bir ỳaỳbaňlykdan
ybaratdyr. Bularyň barysy bilelikde ;Jahan;y emele getirỳär. Oňa
sumer dilinde ;An-Ki; ỳagny Asman-Ỳer, Asman bilen Ỳer we
asman bilen ỳeriň arasyndaky göwrümi doldurỳan madda bolsa ;Lil;
ỳagny Ỳel, Howa diỳilỳär. Ỳer bilen asmanyň daş töweregini,
dinuwsyz tolkun atyp ỳatan uçsuz-bujaksyz suwlar gurşaỳar.
Sumerlileriň dşünjesine görä iň ozaldan başlap soňsuz zamana çenli
ebedi barlyk bolan şol suwlar, bar zadyň gözbaşy hem gönezligidir.
Bütin jahan, özüniň asman tüỳnügi hem ỳer ỳaỳbaňlygy, ata asman
bilen ene ỳeri biri-birinden aỳyrỳan atmosferada ỳaldyraşỳan
ỳyldyzlar, aỳ, gün, ỳaradylyş hem ỳaşaỳyşyň, şol sanda adamzydyň
hem ỳaradylyş hem medeniỳetiniň ösüş mekany, bularyň barysy şol
suwdan döräpdir.»67
3.3.2. Köp taňrylyk (Politeizm)
Biziň ata-babalarymyzda-da, sumerlilerde-de köp tanri ynanjy
bolupdyr. Sumerliler tebigatyň dört esasy görnüşi bilen baglylykda
dort uly taňra we başga-da yüzlerçe, belki-de müňlerçe ikinji derejeli
taňrylara we ỳarym taňrylara ynanypdyrlar. Bular köplenç ỳagadaỳda
türkmenleriň Eỳe, Pir we Döw ỳaly atlar bilen suratlandyrỳan
ynsanüsti güỳçlerden onçakly tapawuty ỳok. Sumerolog W. V. Zoden
beỳle köp sanly taňrylaryň örän geň galdyryjy hem-de
düşünülmeginiň gaty kynlygy dogrusynda şeỳle ỳazỳar:
«Sumer tekstleri öwrenilende ilkinji ünsi çekỳän mesele,
adatdan daşary köp sanly taňrylar hem olaryň atlarydyr. Ilkinji
açyklanan taňry atlaryň listesinde eỳỳäm b.e.ö. üçünji müň ỳylyň
ortalarynda ỳüzlerçe taňrynyň ady ỳüze çykỳar. Giçki sumer
döwründe bolsa olaryň sany ỳene-de artỳar. Sumerlileriň özleriniň
elbetde ep-esli gabartmak bilen berỳän taňry sany 3600dir.
67
Kramer, Mesopotamien, s. 98
84
Wawilonyň dar çygrynda şeỳle köp
taňra
ymykly
ynanylandygyny nähili kellä sygdyryp boljakdygyna düşüner ỳaly
däl...»68
«Bu taňrylar sanlarynyň küp hem dürli bolmagyna
garamazdan, belli düzgüni ỳöredỳän panteon fantazỳasy arkaly
umumy harmony (sazlaşyk) içindedirler. Taňrylar özleriniň şahsy
ähmiỳeti hem täsiriniň üstesine, belli bir hirarhi (hiyerarşi) düzgünede uỳỳardylar. Iň uly taňrylar, jahanyň dört gudratyna häkimlik edỳän
dört sany taňrydan ybaratdy: Asman taňrysy An (Anu), howa we ỳel
taňrysy En-Lil, ỳeriň (ỳerleriň we suwlaryň) taňrysy En-Ki hem-de
ỳeriň uly Enesi bolan Ninhursag. Bu dördüsi taňrylar dünỳäsiniň iň
yokarsynda oturỳardylar. Olar dünỳädäki bar güỳçleri hem barlyklary
planlaşdyrỳarydylar hem-de ỳaratỳardylar...»69
Bu dört taňrynyň roly, döwrüň geçmegi bilen jemgiỳỳetçilik,
yktysady hem syỳasy şertleriň üỳtgemegine uỳgunlykda çlyşỳar:
«B.e.ö. dördünji müňỳyllykdan başlap An (Anu) birinji orny
eỳeleỳär. Soň Uruk şähariniň synmagy bilen ol öz ornuny ỳitirỳär we
b.e.ö. 2500-nji ỳyllardan başlap En-Lil onuň ornuny eỳeleỳär. Soňlar
En-Liliň, Nin-Lil adynda bir ỳaş gyz taňra hormatsyzlyk edeni üçin
beỳleki taňrylaryň tarapyndan ỳeriň aşagyna sürgün edilmegi bilen,
taňrylaryň ỳolbaşçylygyna En-Ki geçỳär... En-Kiniň gyzy In-Anna
bolsa sumerlilerde gözelligiň simwoly hökmüne çykyş edỳär.
Ỳunanlylaryň Afroditi we Rumlylaryň Wenusi hem In-Annadan
nusga alynyp döredilỳär.»70
Ỳokarda ady geçen uly taňrylar ỳurdlary siỳasy taỳdan
dolandyrmak hem-de özleiniň ỳaradan ynsanlaryny dürli howplardan
goramak we durmuşuň maddi hem ruhy meselelerinde olara garaşyk
etmek maksady bilen köp sanly taňrylary belli wzipeler bilen
iberipdirler. «Bütin ỳurduň sumerlileriň ynanỳan taňrylaryna degişli
bolmak ynanjy kesgitli höküm sürỳärdi. Ähli şäherlerde bu göze
görünmeỳän taňrylaryň ägirt uly ybadathanalary blupdyr. Bu jaỳlar,
iliň depesinden syn edip oturar ỳaly gaty beỳik edip salynỳan eken.
68
Wolfram von Soden, Einführung in die Altorientalistik der Geschichte, s. 166
Kramer, ỳ.a.e., s. 100
70
ỳene şol ỳer, s. 101-105
69
85
Taňrylar, hökümet hem-de dini ỳolbaşçylyk wezipesini öz üstüne
alỳan Ruhany-Hanlar görnüşinde sypatlandyrylypdyr...»71
Bu taňrylaryň roluny Kramer şeỳle açyklaỳar: «En-Lil
„ME“leriň [belli taňrylar ýa-da ýarym Taňrylar topary, B. G.]
ỳaradyjysy bolmaly... Me´leriň bolmagy Mezopotamỳalylar üçin bu
galagoply dünỳäde olaryň arkaỳynlyga bolan isleginiň üpjün
edilmegidir diỳen manysy bardy. Olaryň arzuwy, bu jahan we ondaky
ähli barlyklar bir gezek ỳaradylandan soň geljekde hem özüniň
durkuny saklamagyny üpjün etmekden we onuň dargap gimegine ỳol
bermezlikden ybaratdy...
Ỳüzden köp Me bardy. Durmusuň ähli taraplarynyň ỳörite
Me´leri bardy: Taňrylar, ynsanlar, ỳer-ỳurt hem şäherler, köşklerdir
ybadathanalar, söỳgüdir kanun, çyn bilen ỳalan, uruşdyr baryş,
sazdyr sungat, dindir däp-dessurlar, we şonuň ỳaly-da her bir el işi
hem wezipe... bularyň hersiniň özleri üçin aỳratyn Me´leri bardy...»72
Görşümiz ỳaly sumerlileriň beỳle ynançlary biziň şamançylyk
belki-de ondan hem has öňlerde ynanan dini ynançlarymyzyň yzlary
bolan birnäçe ynançlarymyza doly diỳen ỳaly gabat gelỳär.Ỳokarda
agzalan Me´ler türkmenleriň ynanyp gelen Eỳe, Pir, Öwülỳä ỳaly
keramatly hem goraỳjy hasap edilen güỳçlere gaty ỳakyndyr. Mysal
üçin bizde-de edil sumerlilerde bolşy ỳaly pylan dagyň, deräň,
tokaỳyň, derỳalaryň olumlarynyň we ş.m. eỳesi bar diỳilỳärdi ỳagny
ol ỳerleriň şol göze ilmeỳän (kä halatlarda görünäỳmegi-de mümkin
bolan) eỳeleriň tarapyndan goralỳandygyna ynanylỳardy. Hut şonuň
üçin hem ol ỳerlerden ỳoly düşen adamlar birneme gorkulyrak belkide belli dogalary okap geçerdiler. Şonuň ỳaly hem bizde Ỳelpir,
Sygryň piri (Zeňňibaba), saz sungatyň piri (Aşygaỳdyň pir), düỳäň,
goỳnuň ... pirleri bar. Belli bir agyr ỳagdaỳlarda, mysal üçin deňizde
gämi batanda ỳa-da duşmanyň gabawuna düşülende belli pirlerdir
öwülỳäleri çagyryp ỳolunda sadaka aỳdylardy we olaryň ỳetişip
howpdan gutaryp biljekdigine ynanylardy. Şeỳle ynançlaryň yzy
biziň ir zamanlardan gelỳän folklorik eserlerimizde-de köp gabat
gelỳär, meselem Göroglyda „Pir bolmasa merdiň işi harapdyr“ ỳaly
setirler bar.
71
72
Emin Bilgiç, Türk Ansiklopedisiniň Sümerler maddasy, 30. cild, s. 122
Kramer, ỳ.a.e., s. 102-103
86
Bu barada türkmenleriň yslamdan öňki dini ynançlyryny
öwrenen türk alymy Ỳaşar Kalafat şeỳle ỳazỳar: «Türkmenleriň
yslamdan öňki dini „Gök Taňry“ bolupdyr. Türkmenler göge Asman
diỳỳärler. Asman Taňry ähli janly we jansyzlaryň häkimidi... Asman
Taňry ynanjyndaky ;ot; Zertüşt dinindäki oatdan tapawutlydyr. Bar
bolan kä bir meňzeşlikleine garamazdan Asman Taňry ynanjy Zertüşt
dininden has gadymydyr. Asman Taňry ynanjynda ỳeriň örän
hormaty bardyr. Merhumy jaỳlanan wagtynda: Ỳere jaỳlandylar, şu
gün bu kişini ỳere jaỳladyk, bu kişini ỳer kabul etdi diỳilỳär. Şondan
soň ol adamyň ỳaşaỳşy ỳeriň aşagynda dowam edỳär.
Türkmenlerde Taňra Hudaỳ-da diỳilỳär. Türkmen halky iki
zady mukaddes hasap edỳärler, biri Taňry, ỳene biri bolsa Hakandyr.
Bugra han bir Hakandyr. Han hakandan kiçidir. Hakanda ençeme
hanyň ukyby bardyr. Türkmen halk ynanjyna görä dünỳä öküziň
şahyndadyr...
Türkmenleriň arasyndaky ;Burkut ata; ynanjy meni örän
gyzyklandyrdy. Däli Dumrul ỳaly tiplendirilip ;Çömçe Gelin;iň
roluny ỳerine ỳetirmegi hem-de Ata ornunda ỳatlanmasy örän
manylydyr. Burkut Ata Burkut pyhambar-da diỳilỳär.
Rowaỳata ỳa-da däbe görä, gaty gurakçylyk bolan möwsimde
Burkut Ata ellerini açyp Taňra ỳüzlenỳär we: „Taňry bolsaň ỳagyş
iber, ỳagyş ibermeseň sen Taňry dälsiň“ diỳỳär. Taňry-da öz guly
bolan Burkut Ata: „men ỳagmyr ỳagdyrsam sen Taňry ỳolunda näme
edersiň?“ diỳỳär. Burkut Ata-da „kyrk gije-gündiz bir aỳagymyň
üstünde duraryn, bu ybadatym saňa sowgat bolsun ỳagmyr ỳagdyr“
diỳỳär. Şondan soň ỳagyş ỳagỳar. Şeỳlelik bilen Burkut Ata (Burkut
diwana) ỳagyşyň eỳesi (piri) hasab edilỳär. Yslamdam öňki bu
ynanja görä, Burkut Ata öz ekin ỳerini sürỳän wagty arkaỳyn sürer
ỳaly bulutlary gamçysy bilen kowỳar...
Burkut Ata Taňra: „eỳ uly Taňry Dowzahy ỳok et, ähli
ynsanlar Uçma gider ỳaly“ diỳip ỳalbarypdyr. Uly Taňry-da Burkut
Ata: „ähli Dowzahylary däl-de bir bölegini ỳalkaryn“ diỳipdir.
Rowaỳata ỳa-da däbe görä, ỳekeje oglany bolan bir kişiniň bu
ogluna ölüm höwpy abananda ol ata, Beỳik Taňrynyň bu oglany
87
bagyşlamasy üçin Burkut Atadan ara
düşmegini
isläp
oňa
ỳalbararmyş.»73
Şeỳle ynanjyň Gyrgyzlaryň arasynda-da bolandygy hakynda
gyrgyz alymy Akilbek Kylyçyw bahar baỳramyna degişli
makalasynda şeỳle ỳazỳar: «Öňki gyrgyzlaryň dürli dinlere (Şaman,
Manyçylyk, Budda, has soňra Yslam) ynanandyklary hem-de suw we
dag pirlerine sejde edip gelendikleri her kime bellidir. Olar göreş
pirine ;Umaỳ Ene; diỳỳärlerdi hem-de onuň dünỳädäki bar zatlaryň
başynda bolandygyna ynanỳardylar. Ỳene-de oduň pirine we onuň,
ynsanlaryň ỳaşaỳan ỳerlerindäki erbet jynlardyr şeỳtanlary yok
etjekdigine ynanỳardylar. Hut şonuň üçin hem olar köne ỳyl bilen
hoşlaşyp täze ỳyly garşylanlarynda gecirỳän Bahar baỳramynyň
dabarasynda biri-birlerini gutlap, alas-alas diỳişip oduň üstünden
bökỳärler, arça agajyny ỳakyp ondan çykỳan tüssäniň içinden ähli
maşgalalary hem goshlary bilen üç gezek geçmek arkaly jynşeỳtanlary kowỳardylar. Gyrgyz halky gaty ir zamanlardan bäri
Bahar baỳramyny dabara bilen gutlap gelipdirler...»74
Ỳokarda-da belläp geçişimiz ỳaly geçmişde türki halklaryň
hemmesinde-de sumerlileriňkä doly gabat gelỳän ynançlar höküm
sürüpdir. Olarda-da taňrylaryň we ỳarym taňrylaryň atlary Han
lakamy bilen ỳöräpdir. Bu barada çeşmelerde şeỳle maglumatlara
gabat gelỳäris:
«Türkler mawy asman bilen gara ỳeriň arasyndaky taňra
;Garahan; diỳỳärdiler. Garahan taňry ỳurtlary ỳeke özi
dolandyrmaỳar. Ỳagty ỳurtlary dolandyrmagy Asmanyň 17-nji
gatynda oturan ogly ;Baỳülken Hana; tabşyrỳar. Garaňky ỳurtlary
dolandyrmagy bolsa, beỳleki ogly ;Ärlik Hana; tabşyrỳar. Baỳülken
Han ỳagtylygy alkyşlaỳan, ỳagşylyk hem haỳyr taňrysydyr. Ỳer
ỳüzini dolandyrỳan taňrylardyr pirlere „Ỳersuklar“ diỳip at berilỳän
eken. Türkleriň ynanjyna görä suw, ot, demir we agaç mukaddes
hasap edilipdir. Uly toỳlarda Baỳülkeniň ỳoluna ak goỳun we Ärlik
Hanyň ỳoluna bolsa gara goỳun gurbanlyk ederler eken. Irki türklerde
73
NEVRUZ, Türk kültüründe Nevruz Uluslararasi Bilgi Sempozyumu Bildirisi,
Ankara-1995, s. 207-208
74
ỳ.ş.e., s. 149
88
ỳaman ruhlara ;jyn; diỳilipdir. Türkler ỳer ỳüzüniň ỳagşy hem
ỳaman ruhlardan doludygyna ynanypdyrlar...»75
Bu dini meňzeşlikleriň dogrusynda sumerolog F. Hommel
şeỳle ỳazypdyr: «...ỳokardaky fatktlara esaslanmak bilen sumerliler
Ural-Altaỳ dil topary bilen iň ỳakyn garyndaşlygy bardyr diỳip
bileris. Munuň üstesinede-de Din, Mifologiỳa we haỳwanat
dünỳäsinde hem örän geň galdyryjy gatnaşyklar yüze çykỳar. Bu
bolsa arassa dil derňemeleriň yzyndan iň üstünlikli netijeleri tassyk
edỳär. Sumerlilere degişli iň gadymy tekstler, Erbet Taňrylaryň
gazabyndan goranmak üçin ruhanylaryň tarapyndan beỳan edilỳän
formulalardan (dogalardan) ybaratdyr. Bu dogalar yzygiderli Asman
we Ỳer Taňrylaryň atlary bilen bagly bolup, olar beỳleki taňrylardan
yokarda durỳan taňrylar hökmünde ỳüze çykỳarlar. Wawilonlylaryň
iň esasy panteonlarynyň arasynda sumerlileriň üç sany iň uly taňrysy
has görnükli orunda durỳar. Bular: Anu (Asman Taňrysy), En-Lil
(Howa, Ỳel taňrysy), En-Ki (Ỳer Taňrysy) we şonuň ỳaly-da EA
ỳagny ỳer bilen asmanyň arasyny doldurỳan howa göwrümine diňe
kömekçi hökmünde girỳän Aỳ duralgasydyr. Edil şunuň ỳaly
ynançlary biz, şu gün hem Orata-Asỳada şaman dinini saklap gelỳän
türklerde-de görỳäris. Bu ỳerde-de edil ỳokarda görşümiz ỳaly
Asman we Ỳer Taňrylary iň esasy rol oỳnaỳar. Gadymy türk
ỳazgylayndan hem biz, primitiw (ỳönekeỳ) kosmologiỳadaky ỳaly
mawy asmanda Gök Taňry we gara ỳerde bolsa Ỳagyz Ỳer bilen
başlanỳandygyny öwrenỳäris. Bu ikisiniň aralygynda bolsa Ynsan
Dünỳäsi durỳar. Asman güỳç hem bereket eçilỳän sahawat simwoly
bolup, onuň ady köplenç ỳagdaỳda ỳekelikde ỳa-da Ỳer bilen
gatnaşykda tutulỳar.»76
Biziň sumerlileriň dini ynançlaryna doly gabat gelỳän we örän
irki çaglaryň yzy we galyndylarynyň bir bölegi bolan, hatda
ertelilerimizde-de ỳygy-ỳygy gabat gelỳän ynançlarymyzdyr. Ỳagny
ỳer ỳüzüni ỳagşy-ỳaman, ak-gara Arwah-jynlardyr Döwlerden doly
görmeklik hem-de olar bilen ynsanlaryň ỳa-da olaryň öz aralarynda
ỳüz berỳän yzygiderli söweşlere bolan ynanjymyzyň galyndylarydyr.
75
76
Seyit Kemal Karalyogly, Türk Edebiỳaty Taryhy, s. 22
F. Hommel, ỳ.a.e., s. 21-22
89
Şeỳle ynanjyň sumerlilerdäki ỳagdaỳy dogrusynda W. V.
Zoden şeỳle ỳazỳar:
«Sumerlilerde iki hili jadyçylyk bardy. Gara jady ynsanlaryň
başyna agyr günler hem erbetlikler getirỳärdi [Türkmen dilinde
„gargyş“ Su manyny aňladỳar, B.G.], ak jadyny bolsa döwleri we
ỳaman güỳçleri ynsanyň daşyndan kowmak hem-de olary agyr
günlerden hem betbagtçylykdan gutarmak üçin ulanylỳardy [alkyş,
doga şu manyny aňladỳar, B.G.]...
Gara jynlaryň alkyş-dogalara aralaşjak bolup edỳän dalaşlary
hakynda-da giňden gürrüň edilỳär. Biz şu ỳerden, sumerlileriň nähili
uzynly gün zyỳan ỳetiriji jadylaryň gorkunçlygy hakynda oỳlanyp
hem-de oňa ynanyp gezỳändigine göz ỳetirỳäris...
Sumerliler ỳaman Udug´laryň (döwleriň) ỳanynda ỳagşy
Udug´laryň hem bardygyna ynanypdyrlar. Sumerlileriň başga döwleri
„Dimme“ we ỳel döwi „Lil“dir. Olaryň köp sanlysy hem ölenleriň
ruhy „Gidim“ [gid sözi sumer dilinde daşlaşmak, B. G.] bolup,
bularyň barysy bilelikde „Ỳedi ỳamanlar“ diỳen lakam bilen
birikỳärler. Ỳel gyzy ;Kisil-Lilla; hem-de çagalara zyỳan ỳetiriji
dimmäň garşysyna, olardan goranmak üçin ỳörite dogalar ỳa-da jady
sözleri bar...»77
Ỳokarda suratlandyrylan sumer ynanclarydyr däplerini
okanyňda eỳỳäm 1960-njy ỳyllara çenli Türkmensährada türkmeniň
Ata taỳpasynda saklanyp gelen „Zikir“ däbi (häzirki küştdepdi
oỳnunyň köki) göz öňünde janlanỳar. Gadymky dini däplerimizden
yslama uỳgunlaşyp galan bu däbiň bir görnüşi şeỳledi:
Belli bir däli ỳa-da kakgynly, ỳagny arwah-jyn kakypdyr
diỳilỳän ruhy taỳdan kesellän adamy il arasynda meşhur bolan bir pir
ỳa işananyň ojagyna ỳykardylar. Ỳagny hossarlary ony bu keselden
gutarmad üçin işana tabşyrardylar. Işan hassa üçin ỳörite zikir däbini
gurnardy. Onda 7-8 adam yzygiderli ileri-gaỳra yranyp hem aỳlanyp
bokurdaklaryndan gitdikçe güỳjäp möwj alỳan sesleri bilen zikir
çekerdi, ỳene biri bolsa örän täsirli heňde gazal aỳdardy. Bu gazallar
köplenç Hoja Ahmat Ỳesewi, Meşreb Diwana we başga türküstan
pirlerinden bolardy. Ortada porhançylyk edỳän işan bolsa gitdikçe
çaltlaşỳan hereketler ederdi. Zikir gyzyp bir çene baranda, işanyň
77
W. V. Soden, ỳ.a.e., s. 189-190
90
edỳän hereketleri-de ỳüz-göz keşbi-de
adaty
ỳagdaỳdan
çykỳardy. Başga söz bilen aỳdanymyzda däli-porhan bolỳardy we
oturan märekäni bolsa bir hili haỳbat hem gorky basỳardy. Işan edil
şol pellede dälirän adamyň kä ỳüzüne şapbat urardy, kä-de elindäki
gamçysy bilen onuň arkasyna sykdyrmak bilen ony örän güỳçli
täsiriň astyna alardy, şol bir wagtyň özünde hem ol, birzatlary okap,
çüflärdi hem-de: hanha gaçdy! Hanha gara jyn! Ynha alaja jyn! Haỳ
doňuzlar!... ỳaly sözleri gaỳtalap elindäki gamçy bilen jynlary däliniň
töwereginden kowup gapydan çykarỳan ỳaly hereketler edrdi...
Ỳokarad belläp geçişimiz ỳaly irki türklerde tňrylaryň ady han
lakamy bilen tutulypdyr, mysal üçin Garahan Taňry. Aslynda belkide olar dirilikde taňry derejesinde sylanan hanlar bolup ölenlerinden
soň halk arasynda atlary taňrylaşandyr. Şeỳle ỳagdaỳyň sumerlilerdede bolandygy dogrusynda Kramer şeỳle ỳazỳar:
«Sumerlileriň ähli adyny tutmaga laỳyk şalary, Uruk
köşgünde Mesgi Aggaşer´iň ỳoluny sowam etdiler. Olardan käbiri öz
raỳatlarynda şeỳle bir oňat täsir galdyrỳarlar, hatda ölenlerinden
soňra hem Taňrylar derejesinde we Taňrylar hökmünde
sylanypdyrlar. Olaryň arasynda ;Dumuzi; adynda birisi, bol hasyl
hem bereket eçilỳän taňry ornunda Mezopotamỳanyň taňrylar
dünỳäsinde iň ähmiỳetlilerinden hasaplanypdyr. Belki-de onuň kult´i
(oňa bolan dini täsib) gadym gündogaryň beỳleki uruglarynyň
dinlerine-de täsir edendir. Mysal üçin Ỳewreỳler ony ;Tammuz; diỳip
tanaỳarlar. Ibrany kalendarynyň bir aỳy şu güne çenli Dumuzis adyny
göterỳär, bu bolsa Samileriň Tammus adydyr.»78
Biziň düşünşimize görä, eger-de uly sumer öwreniji Kramer
türkmenistan we türkmen dili bilen tanyş bolan bolsady, sözüni şeỳle
dowam etdirerdi: Şu gün howa şertleri Mezopotamỳa bilen kybapdaş
hem-de taryhy gatnaşyklary belli bolan güneşli Türkmenistanyň ilaty,
hasyly we dürli-dümen iriimişi bol eçilỳän möwsümiň adyna Tomus
diỳỳärler, üstesine-de şu günki türkmen dilinde bolşy ỳaly sumerliler
hem tomsuň iki aỳyna (Iỳun-Iỳula bilelikde) Dumuzi belki-de Tomus
diỳipdirler (ser. sözl.).
Bu ỳerde ỳokarda görşümiz ỳaly şalaryň taňrylaşmagynyň
gadymy türklerde-de bolandygynyň yene bir nusgasy bilen tanyş
78
Kramer, ỳ.a.e., s. 42
91
bolalyň: «Hunlaryň baştutany hem beỳik Hakany Mao-Tun
(Mete b.e.ö. 209-174) özüne Asmanyň ogly diỳen manyda „TengriKut“ lakamyny beripdir...
Hytaỳ çeşmelerine görä, köp taỳpalardan düzülen türk
konfedrasỳasynyň baştutanyna ilkiler Şan-Ỳu, b.e.ö. 3-nji ỳüz ỳylda
Teňri-Kut, soňlar bolsa Kagan diỳip at beripdirler. Türklerde Hakan,
güỳjüni Asmandan (Taňrydan) alan, adatdan ỳokary bir gudrat
hasaplanylypdyr. Göktürk ỳazgylarynda şeỳle sözlere gabat gelỳäris:
Men Taňra meňzeỳän, asmanda dogulan Bilge-Kagan öz tagtymda
oturdym. Meniň sözlerime doly we soňuna çenli gulak asyň!.»79
«Mete Hytaỳ hakanlaryna iberỳän hatlarynda özüni: Gök
bilen Ỳeriň dogurup Gün bilen Aỳyň tagta çykarany, Hunlaryň beỳik
;Teňri-Kuty; diỳip tanadỳar.»80
Şalar bilen taňry ỳa-da taňrylaryň arasyndaky gatnaşyklaryň,
görşümiz ỳaly sumerliler bilen türki halklaryň ata-babalarynyň dini
ynançlarynda biri-birine doly diỳen ỳaly gabat gelỳan bir wagtyň
özünde, olaryň goňsusy bolan gadymy Müsürde düỳbünden
başgaçadyr. Munuň özi Mezopotamỳa bilen Türküstanyň arasyndaky
bolan gatnaşyklaryň ỳene bir delilidir diỳip düşünỳäris. Bu barada I.
Geis şeỳle ỳazỳar:
«Mezopotamỳada şalar, şa-ruhanylar „EN“ ornunda
taňrylaryň ỳer ỳüzündäki iň ỳokary derejeli ilçisi hasaplanỳardy.
Emma Müsürde welin munuň tersine, şalar taňrylaryň özi
(şahsylaşan, maddileşen taňrylar, B.G.) hasaplanỳardy.»81
Bu ỳerde ỳokardaky „EN“ sumer söziniň hem türkmen
dilindäki „iň“ we türkçede „en“ sypat güỳçlendiriji söz (iň uly, iň
güỳçli...) bilen yakyn manysynyň bardygyny ỳatlatỳarys (ser. Sözl.).
3.3.3. Ỳaradylyş dessany
Dünỳäniň we ynsanyň ỳaradylyşy, ynsanyň Uçmadan
kowulşy dogrusynda-da sumerliler bilen biziň ata-babalarymyzyň
dini ynançlarynyň arasynda manyly meňzeslikler, hatda doly gabat
79
M. Sencer, ỳ.a.e., s. 31-33
ỳene şol., s.54
81
Imanuel Geis, Epochen und Strukturen, Grundzüge einer Universalgeschichte für
die Oberstufe, Frankfurt, am Main-1994, s. 16
80
92
gelmeler bardyr. Bu meselä göz ỳetirmek üçin birnäçe nusgalara
dikgat edỳäris. Ilki ;Ỳaradylyş dessanynyň; sumerlileriň arasyndaky
birnäçe wariỳanty bilen tanyş bolalyň:
1-nji wariỳant: «Süỳji suw simwoly bolan Ap-Su bilen şor
suw simwoly Tiỳamat atly bir inen düỳeden asmanlar hem ỳer ỳüze
çykỳar, soň bolsa Asman taňrysy ANU, Howa taňrysy EN-LIL we
Deňiz taňrysy EA döreỳär. EN-KI´niň ỳaradan bu üç taňrynyň hem
öz nobatynda güni, aỳy we ỳyldyzlary ỳaradandyklary görülỳär.»82
2-nji wariỳanty: «Eposda açyklanmagyna görä başda diňe suw
giňişligi bardy. APSU (süỳji suw) bilen TIYAMAT (deňiz, şor suw)
bilelikde dünỳäni hem taňrylary ỳaratdylar. Soňra Apsu taňrylaryň
garşysyna çykmagy ỳüregine düwdi. Emma her zatdan habarly bolan
EN-Ki ony yok etdi. Gazaba münen TIYAMAT taňrylara garşy
söweşmegi öz üstüne aldy. Taňrylaryň hiç biriniň onuň garşysynda
durup bilerlik güỳji yokdy. Iň soňy EN-Ki´niň ogly MARDUK (Marud) TIYAMATa garşy söweşmek üçin özüni teklip etdi. Munuň üçin
ol, taňrylaryň öňünde birnäçe şert goỳdy... maslahata ỳygnanan
taňrylar onuň tekliplerini oňladylar hem-de oňa kanuny güỳç berdiler.
Agyr söweşden soň MARDUK TIYAMATy ỳeňdi we onuň
göwresiniň ỳarysyndan asmany ỳaratdy, soň aỳy hem ỳyldyzlary
ỳerleşdirdi. TYAMATyň gepine giden bir taňryň ganyndan bolsa
ynsany ỳaratdy. Soň taňrylar bu üstünlikleri üçin oňa uly
minnetdarlyk bildirdiler hem-de onuň ücin ägirt uly ybadathana
saldyryp dabaraly toy-baỳram etdiler.»83
3-nji wariỳant: Bu dessanyň ỳene bir wariyantyny Kramer
sumer ỳazgylaryndan netije çykaryp şeỳle düşündirỳär: «Asmany we
ỳeri ỳaradan NAMMU atly bir hanym taňry bolupdyr. Dünỳä bir
bitöwy dag, bu dagyň etegi ỳer we depesi asman eken. Asman
Taňrysy AN we Ỳer Taňrysy KI bolup, olaryň ikisinden hem Howa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 07
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.