Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 02

Total number of words is 3450
Total number of unique words is 1871
23.4 of words are in the 2000 most common words
33.1 of words are in the 5000 most common words
38.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
deñizinde mundan beýläk-de şol ilerlemäniñ täsiri bilen biz häzirki
zaman günbatar ilerlemesiniñ esasyny döretdik.»8
R. Pumpelly soñ Änew medeniyetiniñ Mezopotamýa (Sumer)
medeniýetiniñ döremegindäki roluny nygtamak bilen sözüni
jemleýär:
«Awçylyk bilen güzeran görýän halklaryñ şol döwrüñ
dowamynda öý haýwanlary mesgen tutan jülgelerden oba hojalygyny
ýöretmegiñ parçalaryny hem alandygy we diñe biziñ zamanymyza
çenli dördünji müñýyllykda adatdan daşary gurakçylyk ýagdaýynyñ
ýüze çykandygy, onuñ bolsa göçüp-gonup ýören çarwa herekete
getirendigi barada iş çaklamasy hökmünde, megerem, biz çak edip
8
Ýene şol ýer, s. 70 -73
19
bileris. Şolar bolsa has gadymy we has soñky döwürleriñ
dowamynda olaryñ kem-kemden Atlantika çenli ýetmekilerini hemde häzirki dünýäniñ fiziki we durmuş aýratynlyklaryna çuñ täsir
etmeklerini öñünden kesgitläpdir.
Halklaryñ şu aşakdaky giñişliklerde göçüp-gonup hereket
etmeklerinde göçüp-gonup ýören çarwalaryñ ýol ugurlary gürrüñsiz
ýagdaýda Ýewraziýa sähralaryna hem-de demirgazyga – Garadeñize
ýetmelidir.
Şol jülgeleriñ ekerançylary hut şol sebäp bilen täze ýerleri
eýeläp hem-de şowsuzlyga duçar bolup, bir jülgeden beýleki jülgä
hereket edipdirler. Şunluk bilen olaryñ seçip alan ýollary
Mezopotamýada we Kiçi Aziýada tamamlanypdyr.
Doktor Duýerst Wawilondan tapylan uzyn şahly öküziñ
şekilini Änewden tapylan öküziñ şekili bilen bir meñzeş derejede
goýdy. Şunluk bilen, eger biz öküzleri eldekileşdirilmegiñ biri-birine
bagly bolmadyk dürli yerlerde bolup geçendigi we bu dürli
merkezlerde şol bir ýabany haýwan bolan Bos namidicus bolandygy
bilen ylalaşmaga taýýar bolmasak, şol Wawilonda peýda bolmanka
Änewde eldekileşdirilendigini we Änewdäki birinji medeni döwrüñ
özünde eldekileşdirilen öküz bolan Wawilon medeniýetiniñ şonuñ
ýaly tapgyryndan has irki bolandygyny belläp geçmek gerekdir.
Pahna ýazuwyndan öñki ýazuwyñ baş-başdak ýagdaýyndaky çyzykly
görnüşinde ýabany öküz üçin hem, eldekileşdirilen öküz üçin hem
has irki piktofrafiki görnüşlerden miras galan nyşanlaryñ bardygyny
nazara alsañ, bu eldekileşdirilen haýwanlar eýýam Akkad Sargonyñ
döwrüne çenli dowam eden semit döwründäki şumer (Sumer) medeni
döwründe mälim bolupdyr, ol döwür bolsa adatça Winklere görä we
Meýere laýyklykda, biziñ eýýamymyzdan öñki 3800-nji ýa-da 2800nji ýyllar bilen senelenýär.
Şunluk
bilen,
alys
döwürde,
Akkad
Sargonyna
çenli(döwürden) has öñ pahna ýazgysyna çalymdaş ýazgy heniz
piktografiki ýagdaýynda bolan mahaly alysda, Eýran tekizliginiñ
añyrsynda Wawilondan demirgazyga 500 mil we gündogara 600 mil
töweregi aralykda Änewiñ ilaty şäherlerde ýaşapdyr, esasy dänelik
ekinleri ösdürip ýetişdiripdir, olary bolsa Ýefratda we Nilde has giçki
döwürlerde mallary ösdürüp ýetişdiripdirler, şolar bolsa ýerli ýabany
20
görnüşlerinden eldekileşdirilipdir we şolary göni ýagdaýda we göni
bolmadyk ýagdaýda Haldeýe beripdirler. Bu oturymly ekerançylyk
medeniýeti mallary ösdürip ýetişdirmekden başga ýagdaýlarda eýýam
Änewde bize mälim bolan ikinji gonalgalarda ahyrky derejesine çenli
ösdüripdirler.
Bu däp-dessur dünýäniñ haýsy böleginde bolup geçýär,
medeni ösüşiñ bu ulgamy nireden geçýär? Gadymy Ýewropa
hakynda biz nämeleri bilýän bolsak, indi biz şol mahallar Hzaryñ
añyrsyndaky sebtiñ bugdaýdyr arpany we <ýetişdirilýän>> eldekileşdirilen haýwanlary neolit döwrindäki
Ýewropa getirendigini we has giçki döwürlere çenli olaryñ deregine
hiç zady almandygyny gypynç etmän aýtmak bolar. Biz Änewde has
irki medeni döwürlerde ýüze çykarylan, adamzadyñ gazanan
üstünlikleriniñ arasynda öz mynasyp ornuny tapan medeni parçalaryñ
hiç birini hem Afrikanyñ bermändigini ynamly aýdyp bileris diýip
hasap edýärin…
Häzirki wagtda biz onuñ ýaşamagynyñ ýatlanyp geçilen
tapgyrynda şol medeniýetleriñ ýerleşen çäklerini (bu ýerde gadymy
suz ýa ilam medeniýetinden söz gidýär, B. G.) takyk kesgitlemek
üçin maglumatlara eýe däldiris. Munuñ özi professor Saýsyñ belläp
geçişi ýaly, Wawilon tekizligi bolup bilmez. Ol öz tebigy häsiýeti
boýunça geçip bolmaýan batgalyk bolupdyr we ony oba hojalyk
maksatlary üçin <we emeli ýagdaýdaky esasda öýleri hem-de ybadathanalary gurmaga
mümkinçilik berýän ýokary medeniýeti bolan adamlar>> peýdalanyp
bilerler.
Iki derýanyñ tekiz böleginde her yyldaky dowamly suw
joşmasy şeýle tebigy şertleriñ ýüze çykmagyna sebäp boldy, şol
derýalaryñ birinde suwuñ joşmagy beýlekisindäki şeýle suw joşmagy
bilen gezekleşip gelýär we Ruhnama (Septambr) aýyna çenli dowam
edýär. Has soñra, Änewiñ irki medeniýetiniñ gülläp ösýän döwründe
Wawilon tekizligi heniz hem aýlagyñ suwunyñ astyndady.
Derýalary öz hajatlary üçin peýdalanmaga ilkinji gezek
girişen adamlaryñ köp nesilleriniñ ýaşap geçen döwrüniñ
dowamynda jülgelerde ýaşap geçendiklerine hiç bir hili ikirjiñleme
bolup bilmez, şol ýerlerde şertler şeýle bir agyr bolmasa-da,
21
kynçylyklary ýeñip geçmek üçin ep-esli
derejede
injenerlik
ukyplaryny ösdürmegiñ endiklerini ele almagy talap edýärdi. Bu
bolsa uly wagt aralygyny göz öñünde tutýar, ol bolsa Änew III mis
asyrynda günortadaky gadymy depäniñ dowam eden irki döwrüne
gabat gelýär we mümkin bolan birnäçe göçüş tapgyrlary bilen
utgaşyp gelýär, şonda Suziana(ilam) Ýewrata barylýan ýolda iñ
soñky duralga bolup bilerdi, Wawilon medeniýeti bolsa şondan
gözbaşyny alýar. Bu medeni döwürleriñ sebitiñ daşky dünýäden
üzñeleşmeginiñ döwri bilen deñeşdirip görmek Mezopotamiýadan
gündogara tarap olaryñ gelip çykan ýerlerini kesgitleýär…
Demirgazykdaky gadymy depäniñ ikinji medeni döwründe
düýäniñ, itiñ, geçiniñ we granitiñ yzlarynyñ tapylandygy, şeýle hem
bezelen kramiki gap-gaçlaryñ täze görnüşleriniñ ýüze çykarylandygy
mälimdir. Biziñ eýýamymyza çenli IX asyrda Salmansar II çenli
Wawilonda we Assyriýada bir örküçli düýe barada ujypsyzja
ýatlamalar düýeleriñ günorta Änewde dörändigi baradaky çaklamany
berkidýär. Granitiñ esasy tebigy çeşmesiniñ Hindiguş daglarynda
ýerleşýändigi sebäpli şolaryñ Änewde duş gelmegi medeni
gatnaşyklarynda özleriniñ Änewdäki ata-babalary bilen çalymdaş
bolan adamlaryñ günbatar ugurda gündogar Eýrana ýa-da Bakteriýa
göçüp gelendiklerini görkezýär, munuñ özi bolsa, hususan-da, biziñ
barlaglarymyzyñ meselesi bolup durýar. Şumerler(Sumerler) hem
diñe Haldeý tekizligine göçülip barandan soñ, ýolbarsyñ bardygyny
bilipdirler. Gündoardan günbatara göçülen halatynda Änewiñ we
Susýananyñ bolşy ýaly öñ göçülip barlan, ekerançylygyñ we
oturumly yaşaýşyñ dörän ýerleri munuñ üçin başlangyç nokat bolup
hyzmat eder. Ilkinji Änew medeniýetiniñ turuwbaşynda ýüze
çykarylan ýagdaý – gonalgalaryñ döremegi, ekerançylyk we tañsyk
(keramiki) gap-gaçlary ýasamagyñ tilsimatynyñ ösüşi we
şekillendiriş sungaty mundan beýläkki ösüş üçin wagtlaýyn
ilerlemeleri talap edýändigine ikirjeñlenme bolup bilmez, şol ýagdaý
bolsa heniz hem görlüp-eşidilmedik tümlüklere bürenýärdi.
Mysal üçin, Haldeý tekizliginiñ giçki tebigy ykdysady
mümkinçilikleri dürli etniki we dil toparyndaky halklaryñ
Sumer(şumer) medeniýetine köre-körlük bilen goşulmagyna getirdi,
dogrusy, gündogar Eýranda adamlaryñ öz yzlaryna düşmekleri üçin
22
çalymdaş şertleriñ emele gelmegi mümkin bolmajak ýaly bolup
görünýär, şolaryñ bir bölegi – Sumerler bolsa, soñra günbatara tarap
ýola düşüpdirler.»9
R. Pumpelliniñ baş tutanlygyndaky amerikaly ekspedisýa
toparynyñ başda Änew bolmak bilen gadymky Türkmenistanyñ
adamzat siwilizasýasyna goşan bu ajaýyp goşantlary hakyndaky
açyklamalaryny, olardan soñraky ylmy işler hem doly tassyklap onuñ
üstüni yetirdi we ýetirýär. Bu ekspedisiýadan soñky 50 ýyl töweregi
edilen barlaglaryñ we ylmy işleriñ esasynda öñki Şurewiniñ tanymal
alymlarynyñ tarapyndan ýazylan ;TSSR Taryhy;nyñ I. tomunda,
Türkmenistanda adamzat ýaşaýşynyñ galdyran 300,000 ýyllyk
yzlaryny görkezip çyklamanyň ardyndan, Jeýtun we Änew
medeniýetleri hakynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris:
«Köpetdagyñ eteklerinde, ýeriň tebigy suwarylmagy üçin
peýdalanyp boljak gaty akýan çeşmeleriň we bulaklaryň boýunda
täze medeniýet emele gelýär we täze ekerançylyk durmuşy gurulýar.
Hut şol dag etek welaýatlary şondan beýläk Türkmenistanyñ gadymy
ilatynyñ we şol ilat bilen ýanaşyk sebitlerindäki ilatyñ taryhynda
esasy orny eýelemeli bolupdyr.
Yzgytsyz tebigy şertler sebäpli primitiw ekerançylygy bolup
bilmedik ýerleri bolan beýleki goñşulykdaky welaýatlarda
awçylykdan, iýmit çöpleýjilikden we balyk tutmakdan öý
haýwanlaryny edinmeklige geçiş amala aşýar, bu geçiş bolsa
adamlaryñ ýaşaýşyny ozalkydan has üpjünçilikli edipdir. Şoña görä,
Jebel gowagynyñ ýokary gatlaklarynda ýabany haýwanlaryñ süñkleri
bilen birlikde öý geçileriniñ süñkleriniñ hem peýda bolanlygy
tötänden däldir.
Türkmenistanda gezip ýören awçylaryñ, balykçylaryñ we
iýmit çöpleýjileriñ ilkidurmuş medeniýetiniñ zamany gutarýar. Dag
eteklerinde ekerançylyk, sähralardaky we çöllerdäki welaýatlarda
maldarçylyk – hojalygyñ progressiw ösüşiniñ esasy iki ugry bolup, şu
ugurlar şol iñ gadymy medeniýet esasynda ösüpdir.
Şu ýerde neolit zamanynda bolan wakalaryñ gidişine doly
suratda düşünmek üçin, Türkmenistanyñ çöllerini we sähralaryny
goýup, dag eteklerine geçmek, birinji nobatda hem Garagumuñ
9
Ýene şol ýer s. 81-88(gysgaldyp alyndy)
23
üstüne Köpetdagyñ ägirt uly gaýalarynyñ abanyp durýan
ýerine geçmek gerek.
Ýer şarynyñ ýüzündäki iñ gadymy we öñde baran
ekerançylyk medeniýetleriniñ biriniñ başlangyjyny hem-de
ilkibaşdaky ösüşini beýan edýän has irki ýadygärlikler hut şu ýerden,
Eýran daglygy bilen Turan düzlüginiñ arsyndaky serhetden tapyldy.
Şol medeniýetleriñ iñ gadymylary Jebel gowagynda irki neolit
adamlarynyñ
heniz
ýaşan
zamanynda,
ýagny
biziñ
eramyzdan(eýýamymyzdan) ozalky takmyn V-nji müñ ýyllyga
degişlidir. Birinji nobatda Aşgabadyñ 30 kilometrlik demirgazykgünbatar tarapyndaky Jeýtunyñ ýanynda bolan oturym ýeri şonuñ
ýaly ýadigärlikdir.
Şol ýerde gumlyk depäniñ üstünde palçykdan salnan jaýlar
bolupdyr. Şol jaýlaryñ diwarlarynyñ bir bölegi togalanan toýun
palçykdan salnypdyr, ondan has soñrakky zamanda bolsa bu palçyk
süýrüräk çig kerpiçler bilen çalşyrylypdyr. Şol zamanyñ başga bir
ýadigärliginde – Gökdepeden gündogar tarapdaky Çopandepede
bolan jaýlar hem şonuñ ýaly edlip salnypdyr. Şu iki ýadygärlik
özboluşly neolitik medeniýete degişli bolupdyr, şol medeniýeti özüne
has mahsus ýadygärligi boýunça Jeýtun medeniýeti diýip
atlandyrmak bolar. Şu medeniýet SSSR-iñ territoriýasynda bolan iñ
ekerançylyk-maldarçylyk taýpalarynyñ medeniýetidir…
Biziñ eramyzdan ozalky IV-nji müñ ýyllykda gadymy
ekerançylyk oturum ýerleri aýratyn giñ ýaýrap, şol wagtda günorta
Türkmenistanda ýaşaýan oturumly taýpalar özboluşly we özleriniñ
zamanyna garanyñda ýokary derejede ösen enolitik medeniýeti
döredýärler…
Şeýlelik bilen, Günorta Türkmenistanyñ teritoriýasynda
(çäklerinde) biziñ eramyzdan ozalky V-IV-nji müñ ýyllyklarda
hojalykda aýgytly üýtgeşmeler bolupdyr. Awçylygyñ we iýmit
çöpleýjiligiñ deregine ekerançylyk, maldarçylyk, barha ösüp barýan
metallurgiýa hem-de küýzegärçilik önümçiligi gelipdir…
Köpetdag etegindäki zolagyñ oturymly oazisleri özleriniñ
ösüşinde Orta Aziýanyñ beýleki sebitlerinden öñe geçýärler. Amatly
tebigy şertler şuña ep-esli derejede ýol açypdyr. Mundan başga-da
eneolitiñ we bürünç asyrynyñ dowamynda Gadymy Gündogaryñ örän
24
ösen medeniýetleri bilen Günorta Türkmenistanyñ
aragatnaşygy
Orta Aziýanyñ beýleki welaýatlarynyñ şol medeniýetler bilen
aragatnaşygyndan has güýçli bolupdyr.
Günorta Türkmenistanyñ eneolit medeniýeti gadymy
ekerançylyk medeniýetleriniñ demirgazykdaky merkezleriniñ birini
emele getiripdir, bu medeniýetler bolsa Balkan ýarym adasyndan
başlap Kawkazyñ we Eýranyñ üsti bilen Demirgazyk Bulujystana
hem Hind derýasynyñ aşak akymlaryna baryp ýetipdir.» 10
Emirkanyň hem bütin dünýanyň tanymal alymy, ençeme uly
tomlardan ybarat „Dünýä medeniýetleriniň taryhy; atly eseri döreden
;Will Dorant; özüniň bu işiniň birinji tomunyň “Medeniýet
sallançaklary, Orta-Aziýa ;Änew; - akly haýran edýän ýollar” diýen
sözbaşyly bölüminde şeýle ýazýar: «Haçan-da biz geologlar taryhdan
öňki uzak geçmişleriň dumanyna aralaşmaga synanşanymyzda, şu
günki Orta-Aziýanyň gurak çölleri, irki zamanlarda çygly hem maýyl
kilimaty bolandygyna ynanýarys hem-de bu ýerlerde gölleriň we bol
suwly akabalaryň bolandygyny görýäris. Buzlaryň iň soňky gezek
çekilen geologik döwründe bu ýerlere gurakçylyk aralaşýar, ýagyn
suwlary bolsa bu ýerde döredilen obalardyr şäherleriň saklanyp
galmagy üçin ýeterlik bolmaýar. Hut şonuň üçin hem bu
medeniýetleri döreden adamlar, öz ýurtlaryny taşlap suw gözleginde
dünýäniň dört ýanyna dargamaly bolýarlar. Bakteriýa ýaly ýary
göwresi çölüň çägesine gömülip galan şäherlerde gaty köp ilatyň
ýaşandygyny görýäris. Hatda 1868-nji ýylda-da Günorta-Türtüstanyň
80,000 ýaşaýjysy, süýşüp gelýän çägelerden howatyrlanyp ýurtlaryny
terk etmäge mejbur bolupdylar.
1907-nji ýylda ;Pumpelli; Änewde (Günorta-Türküstanda)
biziň eýýamymyzdan öňki 9-njy müň ýyla degişli medeniýetiň
galyndysy hasaplanýan daş gurallary hem başga zatlary gazyp
çykardy…
Biz bu ýerde arpa, bugdaý we dary ýaly gallalaryň
ýetişdirilendigini, mis ýaly metallaryň ulanylandygyny, haýwanlarň
ekdi edilip ýetişdirilendigini hem-de taňsykdan (kramikadan) ýasalan
bezeg şaýlaryň ulanylandygyny görýäris. Şu düşünjeden hereket
10
Türkmenistanyň (TSSR) Taryhy, Türkmenistanyň ylymlar akedemiýasy, I jilt,
Aşgabat-1959, s. 37-45
25
etmek bilen biz, öz bilip bilmeýän zatlarymyz üçin şeýle
bir pikiri öňe sürýäris:
Ýagynsyz asmanyň abanmagyna we guraklyga uçran
topraklardan emele gelen çölleriň basgysyna çydap bilmedik ilat üç
ýana dargap, döreden medeniýetlerini hem özleri bilen alyp
gidýärler… olar, gündogara tarap Hytaý, Mençury hem demirgazyk
Emirka, gönorta tarap Demirgazyk Hindistana, günbatara tarap bolsa
Ilama, Sumere we Müsüre hatda Italya we Ispanýa çenli baryp
ýetýärler. Susada (häzirki günorta-günbatar Eýrandaky Şuş) irki
Ilamda tapylan köne medeniýet galynydlary-da Änew medeniýetiniň
tipi bilen şeýle bir meňzeş welim, adamzadyň medeni taryhynyň
ümüş-tamyşynda, takmynan biziň eýýamymyzdan 4 müň ýyl öň,
Änew bilen Susanyň arasynda medeni gatnaşyk saklanandygna esas
döreýär. Şeýle bir meňzeşligiň hem yakyn garyndaşlygyň bolsa,
Änew bilen Mezopotamiýadyr Müsüriň gadymy sungat we el
işlerinde görülmegi, bu ülkeleriň arasynda-da taryhdan öňki
döwürlerde gatnaşygyň bolandygyny hakyda getirýär…»11
Alym sözüniň dowamynda sumerlileriň hem Orta-Aziýadan
ýa Hindistandan ýa-da Kawkazdan gelen bolmak ähtimallaryny öňe
sürenden söň, sumerlileriň dili bilen mogul (mangul) diliniň arasynda
bar bolan meňzeşlikleri-de nygtap geçmek bilen, özüniň bu baradaky
jemleýji pikrini şeýle açyklaýar:
«Ýazuwa geçen taryhyň azyndan 6 müň ýyl ýaşy bar. Biziň
elimizdäki maglumatlara görä bu döwrüň deň ýarysynda ynsanlyk
hereketiň merkezi ýakyn gündogar bolupdyr. Ýakyn gündogar diýip
gümürtigiräk salgy bermekden biz, bütin Gündogar-Aziýany göz
öňünde tutýarys. Bu giňişlik, Orsýet we Garadeňziň günortasyny,
Ýakyn-Gündogar bilen gatnaşykda bolan Müsüri-de öz içine alýar.
Bu giňişlikde ýaşaýan örän işeňňir hem dörediji halkyň döreden dürli
medeniýetleriniň bir-birine ýetiren garşylykly täsiri netijesinde:
Ekerançylykdyr söwda gatnaşyklary, at ýetişdirmekdir araba
ýasamak, zikge kakmakmakdyr kredit düzgüni ýola goýmak,
dokmaçylykdyr el işleri, döwlet hem kanun, ýazuwdyr elipbi,
matematikdir meditsine, ylmy esasda ýer suwaryş sistemasy,
geometriyadyr astronomiýa, edebiýatdyr saz sungaty we… ýüze
11
: Will Durant „Kulturgeschichte der Menschheit“ Köln-1985, s. 109-110
26
çykypdyr. Şu günki Emirkanyň we Ýewropanyň medeniýeti-de
Kret adasy, Ýunan hem Rimiň araçlygy bilen, gönüden-göni şol
medeniýetlerden gelip çykypdyr…
Eger-de biz öz medeniýetimiziň hakyky esaslandyryjylaryny
sylamak isleýän bolsak, Orta-Aziýa minnetdar bolmalydyrys.»12
Türk ensiklopediýasynda bu barada şeýle setirler bar:
«Günorta-Mezopotamiýada geçirilen derňewlerde, ylaýta-da URUK
şäheriniň harabasynda kesgitlenen medeni gatlaklary bilen, başga-da
aýry-aýry ýazuw merkezlerinde bulara deňeşdirmek arkaly alynan
maglumatlara görä, sumerlileriň Mezopotamiýanyň ýerli ilaty
bolmandygyny görkezýär…
Sumerlileriň umuman gündogardan gelendikleri ykrar ediýär.
Bu pikiriň, arheologik hem-de filologik taýdan bir topar
gatnaşyklaryň hem meňzeşlikleriň barlygyndan ýüze çykmagy örän
tebigydyr…
Tanymal sumerolog alym ;S. N. Kramer; hem sumerlileriň b.
e. ö. dördünji müň ýylyň ikinji yarymynda gelen bolmaklaryny, ata
ýurtlarynyň bolsa doly kesgitlenmändigini ýatlaýar. Onuň ynamyna
görä “Enmerkar we Aratta” barada gürrüň edilýän ;epiki urug;lardan
kesgitlenip boljakdygyna esaslanmak arkaly, belki-de Hazar
töwereginde gurulan şäher-döwleti bilen ýakyn baglanşykda hem
gatnaşykda bolandyr diýmek bolar. Belli möçberde Ural-Altaý
dillerini hakyda getirýän Sumer dili-de biçiwi taýyndan bir
Agglutinativ (Iltisaky) dildir. Bu dil hadysasy-da ;Aratta; dessany
ýaly edil şol ýurt çäklerine (Hazar töweregine, m.) yşarat edýär.“13
Biz ýokarda prof. Krameriň tarapyndan, sumerlileriň ýakyn
gatnaşykda bolan hem-de onuň pikrine görä Hazar töwereginde
ýerleşen ;Aratta; şäheriniň irki türkmenistanda ýerleşendigi barada,
öňki şurewiniň görnükli alymlarynyň tarapyndan ýazylan TSSRiň
taryhynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris: “Margiýananyň oturan
tutuş welaýeti dogrusynda aýdylanda, olaryň ýerleriniň köp bölegi
suwuň azlygy sebäpli çol bolsa-da, olaryň birnäçesi bar” diyen gösgöni görkezme bar. Parfiýa Margiýanasynyň şäherleriniň has doly
sanawy, onda-da koordinatynyň gorkezilmegi bilen, ýöne welin,
12
13
: ýene şol ýer, s. 115
: “Türk Ansiklopedisi” 30-njy tom, s. 115-119
27
koordinatynyň
asla
dogry bolmadyk görkezilmegi bilen
biziň eýýamymyzyň ikinji yüz ýylynyň birinji ýarymynda ýaşan
awtor ;Klawdiy Ptolemeý tarapyndan ýazylandyr. Bu şäherleri
gündogar uzaklygyň 102 gradusy bilen 106 gradusy aralygynda diýip
görkezip, şäherleri günortadan demirgazyk tarapa sanamak bilen, ol
şu aşakdaky dokuz şäheriň adyny ýazýar: Nigeýa (Niseýa), Gurýana,
Reýa, Antihoýa, Margiana, Nasoiý, Argadina (Aradena), Sena (Sina),
ARATA we Ariaka.»14
Alym Gina Pishel özüniň „Dünỳäniň uly sungat taryhy“ atly
eserinde şeỳle ỳazỳar: «Takminan b.e.o. 3-ji müňỳylda Günorta
Mezopüotamỳa sumerliler höküm sürüp başlaỳar. Olar, Hazar
Deňiziniň aňyrsyndaky pesliklerden (jülgelerden) gelen bolmaklary
ähtimal bolan Aziỳaly halkdyr. Sumerliler ol ỳerden özleri bilen
ỳokary derejede ösen ekerançylyk tehnelogiỳasyny getiripdirler.“ 15
Eýranly taryhçy Dr. M. Mäşkur hem bu ugurda seýle ýazýar:
„Wawilonyň ilkinji oturumly uruglarynyň sumerliler ýa-da samidler
bolandygy hakynda, dürli garaýyşlar bar. Bu gün alymlaryň köpüsi
sumerlileriň Wawilonda oturumlylyga geçendigini nygtaýarlar.
Sumer ýurdy Töwratda ;Şen-ar; ady bilen geçýär… Sumerden
tapylan bürünç şaýlardan düşünilşine görä, olary Ýefrat derýasynyň
ýakalaryna birden, garaşylmadyk ýagdaýda gelip, medeniýetlerini
bolsa Hzar deňziniň günorta-gündogaryndan özleri bilen getiripdirler.
Emma alymlaryň kä birleri bolsa, olaryň deňiz tarapyndan bosup
gelendiklerini öňe sürýärler.»16
Ýene bir Eýranly taryhçy Hasan Pirniýa bu barada şeýle
ýazýar: «… Emma akkadlaryň we sumerlileriň nireden gelendigi
hakynda, Aşgabadyň golaýyndaky Änew, Astrabadyň ýakynyndaky
(Türkmensähradaky B. G.) Tureňdepe ( kä çeşmelerde Turandepe B.
G.) hem-de Daraýgezden (Mäne-Çäçe töweregi B. G.) tapylan
taňsykdan (keramikadan) ýasalan gap-gaçlar we şoňa meňzeş
zatlaryň ýasalşy Ilam istili bilen deň bolup, altyn küýzeleriň ýüzünde
bolsa sumerlileriň suratlary gazylandygyny göz öňünde tutmak bilen
kä alymlar, Ilam medeniýeti bilen Zakaspy (Günorta we Günbatar
14
: “TSSR-niň taryhy” Aşgabat-1959, 1-nji tom, s. 108
Gina Pischel „Grosse Kunstgeschichte Der Welt“ München-1975, s. 23
16
: Muhammedjäwad, Mäşkur “Iran där ähde bastan” Tähran-1985, s. 115
15
28
Türkmenistan
B.
G.) medeniýetiniň
bir-birine
baglanşygy bolupdyr, belki-de sumerliler hem demirgazyk tarapdan
pars aýlagyna hem-de Wawilon jülgesine gelendirler diýen pikri öňe
sürýärler…» 17
Bu alym kitabynyň giriş bölüminde, dünýädäki ähli dilleri bir
näçe topara bölüp, Sumer hem Ilam dillerini-de Ural-Altaý we
beýleki Agglutinativ (iltisaky) dil toparynda goýýar.
Türk taryhçysy prof. Kamuran Gürün, Sumer hem Änew
medeniýetleri dogrusynda şeýle ýazýar: «Änew medeniýetiniň
gadymlygy hakynda alymlar dürli pikirler öňe sürýärler. Prof.
Pumpelli onuň taryhyny b. e. ö. 9-njy müň ýyllardan alyp gaýtssa,
Peake we Fleure ýaly alymlar ony b. e. ö. 3900-njy ýyllara
degişlidigini ileri sürýärler. Ikinji topar alymlaryň pikrini kabul
edenimizde-de, Änew medeniýeti magdan döwrüniň soňlaryna gabat
gelýär…
Dünýäniň iň irki ösen medeniýeti bolan Sumer medeniýetini
alyp görsek, bu medeniýetiň başlangyjy hasap ediýän ;Obeýd;
medeniýetiniň döwri b. e. ö. 4100-4000-nji ýyllara gabat gelýär. Bu
medeniýetiň döredijileri b. e. ö. 6-njy müň ýyllardan başlap,
Türküstanyň gündogar tarapyndan, belki-de Altaý eteklerinden
hereket edip, Irtiş töwereginden gündogarlygyna inip, Mezopotamiýa
gelendikleriniň üstünde durulýar.
Mezopotamiýada magdan bolmandyr. Emma muňa
garamazdan Sumer medeniýeti ösen magdançylygy orta çykarýar.
Magdan bolmadyk bir ülkede magdançylyk senagatyny
öwrenmekligiň mümkin bolup bilmejekdigini göz öňünde tutsak,
gelen göçmenleriň magdan işlemesi bilinýän hem magdanyň bol
ýerinden çig materiallaryny-da özleri bilen getirip, ol ýerde
kämilleşdirendiklerini göz öňüne getirmek ýeterlikdir...
Alym gürrüňiniň dowamynda Änewde ele getirilen bir näçe
netijeleriň üstünde durmagyň örän ähmiýetlidigini hem nygtap
geçýär.»18
17
18
: Hasan, Pirniýa „Taryhe Irane bastan“ Tähran- birinji tom, s. 113-114
: Kamuran, Gürün „Türkler we türk döwletleri“ Ankara-1981, s. 31-35
29
Alym „Andre Parrot“yň pikrine görä: «Sumerleriň şeýle
çalt ösüp bilmeginiň sebäbi olaryň özleriniň ençeme müň ýylyň
dowamynda gazanan tejribelerinden peýdalanmaklarydyr…
Mezopotamiýa täze gelen bu uruglaryň nireden gelendigi we
olaryň nädip biri-birleri bilen birleşendikleri baradaky soraglar bu
gün hem alymlaryň arasynda jedelli meseledir, çünki oňa anyk jogap
bermek gaty kyndyr. Şeýle-de bolsa, aýdyp boljak zat olaryň samid
uruglaryndan däldikleri, dilleriniň bolsa häzirki tanalýan diller bilen
derňäp bolmaýandygy hem-de olaryň Ata-Watanlarynyň Hazar
deňziniň aňyrsyndan (alym deňziň gündogaryny göz öňünde tutýar,
B. G.) we ondan hem aňyrrakdan gözlenmelidigidir. Has anygyrak
aýdyp boljak zat bolsa, olaryň gelmekleriniň Mezopotamiýa
medeniýeti üçin örän uly ähmiýeti bolup, özlerinden ölmez-ýitmez yz
galdyrandyklarydyr…»19
Elbetde alymyň bu ýerde “Sumer dilini häzirki tanalan diller
bilen derňäp bolmaýar” diyip, haýsy dilleri göz öňünde tutup
aýdýandygy bize belli däl. Biziň pikrimizçe eger-de Sumer dilini
aýry-aỳry türki diller ylaýta-da biziň iňňän gadymy sözlere baý
türkmen dilimiz bilen derňemek mümkinçiligi bolsady, onda
başgaçarak pikir ederdi mikä diýýärin.
Almanly alym prof. „Werner Stein“yň bu baradaky iň täzeräk
öňe süren pikiri bilen tanyş bolalyň: «Sumerlileriň (b. e. ö. 3300)
Orta-Aziýadan gelen bolmak ähtimaly şu aşakdaky faktorlardan ýüze
çykýar: Olaryň dilleriniň Altaý türk diline çalymdaş bolmagy,
çokunma jaýlarynyň (ybadathanalarynyň) formasy we şonuň ýaly-da
çokunma jaýy suratlandyrmak üçin ulanylan belgileriň ;dag motiwi;
bolmagy hem-de umuman yazuwda ulanylan belgileriň dag ýurtlary
bilen kybapdaş gelmegidir.
Sumerlileriň dini ynançlarynyň köküniň-de Orta-Aziýadan yada Bakteriýadan bolmaly diýen manyny aňladýan zatlar bolsa, dag
çokunma jaýlary, dag öküzine sejde etmek ýaly faktlardyr…»20
Ýokarda getirilen ylmy faktlar ýagny, arhelogik barlaglaryñ
netijesine hem-de tanymal alymlaryñ olar hakyndaky ylmy ýorum we
19
20
: Andre Parrot „Sumer“ München-1969, s. 63-64
: Werner, Stein „Der grosse kultur Fahrplan, München“ Berlin-1993, s. 20
30
analizlerine üns berenimizde şu aşakdaky netijeler aç-açan yüze
çykýar:
1- Adamzadyñ medeni taryhynyñ üçünji etaby, ýagny jülge
medeniýeti* biziñ eýýamymyzdan ozalky V-IV-nji müñýyllyklarda
Köpetdag we Hindiguş ýaly daglaryñ eteklerindäki jülgelerde,
dagdan inýän çeşme suwlarynyñ töwereginde dowam edipdir.
2- Bu jülge medeniýetleri biri-birinden üzňelikde hem-de
özboluşly dowam edipdir.
3- At, düýe we öküz ýaly, adamzat medeniýetiniñ ösmeginde
örän aýgytly rol oýnan haýwanlar ilkinji gezek Köpetdag eteklerinde
has takygy Änewde eldekileşdirilipdir. Bu haýwanlaryñ we soñrak
bolsa tigirli arabalaryñ ulanylmagy bolsa, Änew medeniyetiniň bu
medeniýeti döerden adamlaryň üsti bilen dünýäniñ beýleki ýaşaýyş
merkezlerine ýaýramagyna mümkinçilik döredipdir.
4- Biziñ e. oz. IV-nji müñ ýylyñ dowamynda Türkmenistanyñ
we bütin Merkezi Aziýanyñ çenden aşa gyzyp guraklaşmagy we
Garagum çölüniñ has ýaýramagy sebäpli, Änew medeniýetini
döreden ilatyñ uly bölegi dünýäniñ dört ýanyna ýaýrapdyr hem-de
olar Mezopotamýa we Hindistan ýaly ýaşamaga amatly ýerlerde,
özlriniñ baý tejribelerinden peýdalanmak arkaly dünýäniñ iñ esasy
gadymy medeniyetleriniñ döremeginde aýgytly rol oýnapdyrlar,
hatda ýazuwly taryhyñ başlangyjy bolan Sumer(şumer) medeniýetide Änew medeniýetiniñ özboluşly dowamy bolupdyr dimäge
ynandyryjy esaslar bar.
Gürrüňimizi
gadymy
Türkme-Sumer
medeni
gatnaşyklarynyň dürli ugurlary bilen dowam etdirýäris.
31
2. Arhytektura we heỳkeltaraşlykdak sungatynda manyly
meňzeşlikler hem gabat gelmeler
Ỳokarda görşümiz ỳaly Mezopotamỳada taryh möçberi bilen gaty
az wagtyň içinde medeniỳetiň dürli ugurlarynda adatdan daşary uly
özgerişleriň bolandygyny göz öňünde tutmak bilen alymlar, bu
medeniỳetiniň gönezliginiň şol döwürde has ösen başga bir ỳurtdan
getirilen bolmagyny nygtaỳarlar. Msyal üçin magdana garyp bolan
Mezopotamỳada ösen magdançylygyň ỳüze çykmagy, bu tehnikanyň
şol döwürde magdana baỳ bolan Änew ỳaly ỳurtlardan getirilen
bolalygygyny ỳazỳarlar.
Şeỳli düşünjäni alymlar Mezopotamỳada gysga wagtyň içinde
ỳüze çykan, ösen ekerançylyk hem çylşyrymly suwaryş sistemalar
dogrusynda-da öňe sürỳärler. Biz bu prosesiň ilkinji başlan ỳeriniň
Türkmenistandygyny hem taryhy çeşmelerden hem-de arheologik
barlaglaryň iň soňky netijelerinden öwrenip bilỳäris: « Ỳer şarynyň iň
gadymy we öňde baran ekerançylyk medeniỳetleriniň biriniň
başlangyçlaryny hem-de ilki başdaky ösüşini beỳan edỳän has irki
ỳadigärlikleri hut şu ỳerden, Eỳran daglary bilen Turan düzlüginiň
arasyndaky serhetden tapyldy. Şol ỳädygärlikleriň iň gadymylary
;Jebel Gowagynda; irki Neolit adamlarynyň heniz ỳaşan zamanynda,
ỳagny biziň eỳỳämimizdan ozalky takmyn 5-nji müňỳyllyga
degişlidir. Birinji nobatda Aşgabatdan 30 kilometrlik demirgazykgünbatar tarapdaky ;Jeỳtun;yň ỳanynda bolan oturym ỳer, şonuň ỳaly
ỳadigärdir.»21
Arhitektura we heỳkeltaraşlyk sungatynyň ösmeginiň esasy şerti
bolan bu proses, Mezepotamỳada has giciräk takmyn b.e.o. 3000
ỳylda ỳüze çykỳar. Bu iki sungatda-da Türkmenistan bilen, howa
şetrleri oňa meňzeş bolan Mezopotamỳanyň arasynda örän manyly
gabat gelmeler bar. Biz bu meselä arheologlaryň bu iki gadymy ỳurt
hakynda öňe süren pikirleri bilen tanyş bolmak arkaly doly göz
ỳetirip bileris.
Mezopotamỳanyň arhitektura ve heỳkeltaraşlyk sungaty
21
Türkmenistan SSSRniň Taryhy, 1. Jild, Aşgabat-1959, s.38
32
«Mezopotamỳa, ylaỳta-da onuň günorta ỳarysyna tebigy
baỳlyk gaty az berilipdir. Onuň esasy baỳlygy suw bilen palçyk
bolupdyr. Muňa garamazdan (belki-de hut şonuň üçin)
Mezopotamỳalylar şu günüň medeniỳeti bilen mümkin bolup biljek
esasy iş gurallardyr tehnikalary döredipdirler. Şeỳlelikde olar özleri
üçin diňe iỳmek-içmek, egin-eşik we öỳ şaỳlary ỳaly iň gerek zatlary
üpjün etmek bilen çäklenmän eỳsem has ỳokary derejedäki ruhy
isleglerini kanagatlandyrmak ücin gerek bolan sungat, gözellik hemde din bilen gyzyklanmaga mümkinçilik berjek dereje bolan ỳaşaỳyş
standardyny döredipdirler. Olar ilkinji ỳaşaỳyş jaỳlaryny
töwereklerindäki bar zatlar bilen bezemekden başlap, adamzad
taryhynda iň gadymy hem uly hasap edip boljak gözel sungat we
manyly arhytekturany döretmek derejesine-de baryp ỳetipdirler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 03
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.