Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 10

Total number of words is 3648
Total number of unique words is 1673
24.1 of words are in the 2000 most common words
31.7 of words are in the 5000 most common words
36.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
olaryñ esasy manysy ;ýan;, ;ýanynda;, ;ýanyna; dimekdir:
ta-e: daşaryk gitmek, daşaryk sürmek, çykmak (heraus
gehen, heraufuren, austreiben)
ta-sar: daşaryk sürmek, çykarmak (austreiben)
bara-e: bar-mak(öne), öñe gitmek (fortgehen, forttreiben)
bara-du: barmak, öňe gitmek (fortgehen)
baran-gub: wegtreten(von seiner bisherigen Stätte)
çykyp gitmek (öñki oturan ýeriñden, ýurduñdan).»180
Ýokardaky ;bara; goşulmasynyñ Sumer dilinde barmak;
daşlaşmak; gitmek ýaly manylary bar, ýagny türkmen dilindäki bar
bilen bir sözdir.
2.7.5. Ỳasama işlikler:
Sumer dilinde düýp işlikleriñ ýanynda köp sanly ýasama
işlikler-de bar. Ýöne bu düýp işlikler olara goşulýan (tirkelýän)
elementlerde eremän, öz öñki durkuny saklaýarlar. Bu ýasama
işliklerden şu aşakdakylary görkezmek bolar:
179
180
: ýene şol. s. 52
: ýene şol. s. 56
147
«a- At bilen işlik:
gu-de: gürlemek/söz dökmek (das Wort ausgissen>sprechen)
gula: gujaklamak/ boýnundan asylmak (sich um den Hals
hangen>umramen).
b- Sypat bilen işlik:
gal-di: uly diýmek/ uly gürlemek (Gross sprechen)
mi-du: mylaýym diýmek>aýallar ýaly gürlemek (nach
Frauenart sprechen>freundlich sprechen).
c- Işligiñ at formasy (Die Nominalform Verbums):
Bu işlik, işligiñ uzamaýan ýagdaýynda (hiç zat goşulmazdan)
ýa-da ;-e(d); goşulmasy goşulmak arkaly ýasalýar:
e-du: öý diken/öý salan adam (der, das Haus gebaut hat ).
gu-nun: gygyran (adam), çagyran (der Lautrufende).
d- Işligiñ näbelli görnüşi (Der Infinitiv Verba):
„Işligiñ näbelli görnüşi ;-a ýa –ed-a; goşulmalary bilen
görkezilýär:
du-da>du-a: dik-mek, salmak (das Bauen)
gi-a: gaýt-mak/ýa-da gaýtarmak (das Zurückkehren oder
Zurückbringen).
e- Ortak işlikler (Das Partizip. Verba):
Bu işlikler-de ;-ed-a;dan gelip çykan ;-a; goşulmasy bilen
görkezilýär:
du-a: dikilen, salynan (gebaut)
gin-a: giden, gidỳän (der geht)
zi-ga: çykan (yokary), münen (ansteigend).»181
181
: Falkenstei, A. „ Das Sumerische“ s. 43
148
Görşümiz
ýaly
ýokardaky
işlikleriñ
yzyna
goşulýan ;-ed-a; we ;-a; goşulmasy türkmen dilindäki etmek we eden
sözlerine hem daş görnüşi hem-de grammatiki orunlarydyr añladýan
manylary taýyndan örän çalymdaş hem ýakyndyr.
3. Sintaksis (syntax)
3.1. Sumer dilinde sözlemiñ düzüliş tertibi
3.1.1. Normal sözlemler (kada laýyk sözlemler) :
«Normal sözlem iki bölümden ybarat bolup, onuñ birinji
bölümi sözlemiñ eýesidir. Bu bölüm sözlemiñ garaşsyz bölümi
hasaplanýar. Ikinji bölümi habardan ybarat bolup, işligiñ belli
görnüşi arkaly beýan edilýär :
Nanna-ra ur-nammu-(ke) e-a-ni mu-na-du (Dem Gott Nammu
hat urnammu sein Haus gebaut).
Nann-ga urnammu öýüni dikipdi/ Urnammu öýüni tañry
Nanna üçin dikipdi.»182
Ýokardaky tertip bilen ýagny tirkeme düzgüni esasynda
düzülmek hem-de sözlemiñ başynda eýe we soñunda işligiñ
ýerleşmegi türki dilleriñ grammatikasyna örän ýakyn bolan bir
wagtyñ özünde Indo-German we Samid dilleriniñ grammatikasyna
uýgun däldigini alymlar ykrar edýärler. Biz ony ýokardaky Sumer
sözleminiñ terjimelerinde-de aýdyñ görýäris
3.1.2. Kadadan çykma sözlemler:
«Kä ýagdaýda, meselem eýeden başga bir söz agzalarynyñ
üstünde basym(tekge) bolanda, sözlemiñ tertibi kadadan çykýar:
e-a(k) en-ki-ke tmenmu-si-ge: des Hauses Fundament grundet
Enki.
Öýüñ Enki düýbüni tutdy / temelini atdy (türk.).
182
: ýene şol. s. 51-52
149
3.2. Eýe:
Sumer dilinde eýe, özüne bagly bolan sypatlar bilen bilelikde
gelýär hem-de köplük goşulmasyny kabul edmeýär:
dimmer ana: (die Götter des Himmel)
tañry asman> asman tañrysy.
dimmer gal-gal: (die grosses Götter).
tañry uly-uly> uly-uly tañrylar/ galyñ-galyñ tañrylar.
uku-dagala: (die weiten Völker).
oklar daşda>daşdaky halklar [ok ýa uk sözi Sumer hem köne
türki dilde ;halk; dimekdir,ser. sözlük bölüme B. G.].
Şonuñ ýaly-da iki sany adyñ hiç hili ýöñkeme ýa-da düşüm
goşulmasyny kabul etmeden biri-biriniñ yzyna tirkelmek arkaly:
bilen, hem, we ýaly baglaýjylaryñ manysyny añladýar:
An-ki(a): (Himmel und Erde) Arazu-zu-ra: (Gebet und Fehlen)
Asman-ýer/ ýer bilen asman
Çokunma-zarlama/ arzuw-isleg
Ge-*ud-da: (bei Tag und Nacht)
Gije-gündizde »183
[*ud sözi Sumer dilinde gün, köne türkide wagt dimek, ser. sözl.]
Şeýle kada türkmen diliniñ grammatikasynda-da uýgundyr.
Mysal üçin: isleg-arzuw, gije-gündiz ...
Bu bölümde durup geçmeli mesele, Sumer dilinde biziñ
dilimiziñ grammatiki aýratynlyklaryna laýyk gelmeýän ýagdaý-da,
ýokardaky mysallarda görşümiz ýaly, sypatyñ köplenç halatda adyñ
ýa-da umuman aýdanymyzda „garaşly“ sözleriň „esasy“ sözleriň
yzyndan gelmegidir. Emma F. Hommel ýaly alymlaryň pikrine görä
bu ýagdaý sumer dilinde Akkadlar ýaly samid uruglaryň dilleriniň
183
: Delitzsch, F. „ Kleine ... „ s. 38-39
150
täsirinde ýüze çykypdyr. Bu
ýagdaýy biz, uzak wagtlap
samid dil toparyna girýän arap diliniň täsirinde galan, emma IndoGerman dil toparyndan saýylýan häzirki täjik dilinde-de görýäris.
Emma Alman, Iñlis we ors ýaly beýleki Indo-German dillerde beýle
däl, ýagny bu dillerde täjik diliniň tersine sypat atdan öň gelýär. Täjik
we arap dillerinde bolsa sypat atdan soň gelýär.
Indi käbir alymlaryñ bu ugurda öňe süren pikiri bilen tanyş
bolalyň. A. Falkenstei: «Sumer dilinde at bilen oňa bagly bolan
sypatyñ ýeri çalyşyp, sypat öňden hem gelip bilýär:
ama-nanşe: (Mutter Nanşe)
ene Nanşe/ ana Nanşe(Az.)
ku-inanna(k): (die heilige Inanna)
gutly (kutly) Inanna /mukaddes Inanna »184
F. Delitzsch: «Ada degişli san sözleriň adyň öňünden gelşi
ýaly, sypatlar-da azda-köpde üstünde basym bolan ýagdaýda atlaryň
öňünden gelip bilýär:
gul nam-erina: der böze Bann
gyňyr arwah/ gaharjaň arwah »185
Prof. A. Deimel: «Sumer dilinde söwda degişli tekstlerde
;gal;(uly) sypatyñ atdan öñ gelendigi anyklandy ... şonuñ ýaly-da söz
düzüminde basym (tekge) sypatyñ üstünde bolsa, atdan öñ gelýär:
gal-dam-gar: Grosshandler
uly söwägär
gal-uku: Oberst
uly goşun-çinleri
gal-nar: ober Sänger
uly bagşy »186
3.3. Çalyşma goşulmalary:
184
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 53
: Delitzsch, F. „ Kleine ... „ s. 100-101
186
: Deimel, A. „ Sumerische Grammatik ... „ s. 29
185
151
« Giçki Sumer döwründe
Akkad diliniñ täsirinde, üçünji
şahs (olluk) çalyşmasynda , şahs üçin ulanylýan ;-ani; ýagny ;ol; ,
;onuñ, anyñ; bilen, ortak-urug üçin ulanylan ;-bi; goşulmasynyñ
arasyndaky tapawut ýitipdir. Emma onuñ dogrusy bi-da: mit seinem
(bile, onuñ bile)dir. Bu goşulma ;we; baglaýjy sözüñ ýerine ulanylyp
;şahs eýe; sözüne baglylykda gelýär. Şonuñ yaly-da ol irki Sumer
diliniñ galyndysydyr.»187
Ýene bir ylmy işde bu barada şeýle maglumat bar: «Sumer
dilinde bar bolan ;-bi; we bi-da; sözleriniñ ýerine ulanylan baglaýjy
söz ;u; ýagny ;we; ir döwürde Akkadlardan alynan sözdür.»188
Görşümiz ýaly Sumer dilinde ulanylan ;-bi ; ýa ;-bi-da;
baglaýjy sözler, türkmen dilinde ulanylýan ;bile; (bi-le) sözi bilen
hem gaty meñzeş hem-de edil deñ diýip boljak grammatiki roly
ýerine ýetiripdir. Sumer dilinde soňlar bi-de baglaỳjynyň ỳerini
Akkad dilinden giren „u“ alyşy ỳaly, türkmen dilindäki „bile“
baglaỳjynyň ỳerini hem arap dilinden giren „we“ alypdyr.
«Sumer diliniñ söz düzümlerinde çalyşma goşulmalarynyñ
birlik we köplük sany köplenç ýagdaýda biri-biriniñ ýerine ulanylýar:
uku-lu-a: (Landesbewoner) ad-da-zu: dein (eur) Vater
ülkeli, ülkäniñ ýaşaýjylary atañ, atañyz, seniñ atañ
ama-zu: (eure Mutter)
eneñiz, ananyz (Az.)
Çalyşma goşulmalary, ylaýta-da basym üstünde bolan söz
düzüminiñ öñünde gelýär:
Za-e e-ne-im-zu: (dein Wort)
Seniñ sözüñ.
Başda gelen çalyşma, ýöñkeme düşüm kabul etmeden hem
gelýär:
za-ar-gal-gal-zu: (deine grosse Glorie)
187
188
: Falkenstein, A. „ Das ... „ s. 53
: Häbner, B. und Reizammer, A. „ Inim-Kiengi, 3 ... „ s. 112
152
seniñ aryñ uly-
ulysy>seniñ uly-uly şöhratyñ
(aryñ-namysyñ).»189
Ýokardaky söz düzümleriniñ aýratynlyklary hem-de onda
ulanylan birnäçe Sumer sözleriniñ şu günki türkmen sözlerine
ýakynlygy açyk duýulýar. Mysal üçin ad-da=ata, ama=ene(ana), ar:
takminan ar-namys manyda, uku: bu sözüñ uk bölümi ýokarda ok
(halk) manysynda gelendigini görüpdik, bu ýerde bolsa uku sözi
;ülke; manysynda gelýär.
3.4. Atlar
3.4.1. Atlaryñ iki toparlyk sistemasy (Das Zweiklassensystem):
« Sumer dilinde bu iki Synpa degişli bolan zatlarda girizilen
degişiklik, olaryñ
asman tañrysynyñ ornundaky ;AN; hem-de
ertekilerdäki käbir haýwanlaryñ, agaçlaryñ we otlaryñ
ynsan
sypatyna girizilmegidir. Olar ynsan ýaly edim-gylymlara eýe
bolýarlar hem-de gepleşýärler, jansyzlary janly hasap edilýär:
Lu-me-luh-ha: Mann von (Land) Melluha
Melluhaly, Melluhañ (ýurt) adamsy.
(Bu ýerde Melluha ýurdy grammatiki taýdan ynsan toparyna girýär).
3.4.2. Köplük:
Köplük Sumer dilinde köplenç ýagdaýda belli bir alamat bilen
görkezilmeýär. Ynsanyñ daşyndaky zatlara (predmetlere) degişli
sözlerden köplük ýasalmaýar. Belli bir san bilen aýdylýan zatlar üçin
hem köplük alamaty ulanylmaýar. Kä ýagdaýlarda adyñ ýa-da ada
degişli sypatyñ gaýtalanmagy bilen hem köplük añladylýar. Bu
ýagdaý „gal: uly, tur: kiçi, kal: gymmat“ ýaly belli möçberi añladýan
sypatlar bilen bolýar.»190
Öñde belläp geçişimiz ýaly bu ýagdaý hem türkmen diliniñ
grammatikasyna uýgundyr. Meselem türkmen dilinde-de belli bir san
bilen gelýän atlaryñ yzyna köplük goşulmasy goşulmaýar: 15 adam,
6 kitap ... emma Alman we Iñlis ýaly Indo-German dillerinde beýle
189
190
: Delitzsch, F. „ Kleine ... „ s. 97
: Falkenstei, A. „ Das ... „ s. 53-54
153
atlaryñ yzyna köplük goşulmasy
adamlar), 6 Bücher (6 kitaplar)...
goşulýar:
15
Personen
(15
3.5. Düşümler (Die Kausus):
« 3.5.1. Eýelik düşümi (Der Genetiv):
Eýelik düşümi diñe ada bagly elementleriñ düşümi hökmünde
ulanylýar. Sumer dilinde atdan sypat ýasalmansoñ eýelik düşüme
dürli sypatlar artdyrylýar:
e-nam-lugal-a(k)-nu: (mein Haus des Königtum>mein
königliches Haus)
öýüm şañky kimin>meniñ şalyk öýüm.
3.5.2. Ýeñiş düşümi (Der Akkusativ):
Ýeñiş düşümi Sumer dilinde hiç hili goşulma goşulmadan
añladylýar hem-de bir sözlemde iki ýeñiş düşümi gelmeýär:
sipa-se-pa: einen Hirten berufen, jemanden als Hirten berufen
çopan çagyrmak»191
Ýeñiş düşümiñ goşulmasyz gelmesi türkmen dilinde-de bar:
adam çagyrmak (adamlary çagyrmagyñ ýerine), bagşy aýtdyrmak
(bagşyny aýtdyrmagyñ ýerine) ...
3.5.3.Ýöneliş düşümi (Der Dativ):
«Sumer dilinde ;ra; düşüm goşulmasy bilen görkezilýän
ýöneliş düşümi diñe şahs eýe bilen baglylykda gelýär. Şahs
doldurgyjyny özüne eýerdýän işlik bolsa, predmet özüniñ
doldurgyçlaryna ;orun; , ;wagt-orun; we seýrek ýagdaýda bolsa
;wagt; düşüminiñ goşulmalary bilen baglanýar.»192
Biz bu düşümiñ türkmen dilinde ;-a, -e; we gadym türkide
bolsa edil Sumer dilinde bolşy ýaly;-ra; goşulmasydygy hakda
ýokarda durup geçipdik.
« 3.5.4. Wagt-orun düşümi (Der Lokativ):
191
192
: ýene şol. s. 55
: ýene şol.
154
Bu düşüm ;-a; düşüm
goşulmasy bilen görkezilýär. Ol,
köplenç predmet eýeler (şahs bolmadyk eýeler) bilen ulanylýar, kä
ýagdaýda bolsa diñe şahs sözleriniñ yzyndan gelýän doldurgyçlara
hem goşulyp gelýär. Giçki Sumer döwründe bolsa ol, şahs sözleriniñ
hem yzyna goşulýar.
Wagt-orun düşümi orun bilen baglylykda, ;nirede?; diýen
soraga jogap bolup gelşi ýaly, niräk? diýen soraga jogabyñ ýerine-de
gelýär. Şonuñ ýaly hem ol, wagt bilen baglylykda, ;haçan?; diýen
soragyñ jogabynda gelýär. Bularyñ daşyndan hem, hil we ýagdaý
;hallaryna;-da goşulýar:
diñgir-ña-i-şa: (meinem Gott ist er genehm).
tañrym, ol sylagly>meniñ tañrym, ol sylaglydyr.
ama-na: (seiner Mutter)
enesi, anasy(Az.)
hula-na: in seiner Freude, Freudig
halanynda>begenjinde,begençli
şa-ga: darinen
şonda>şonuñ içinde »193
Bu derñemeler Sumer diline uýgun bolmadyk bir IndoGerman diliniñ grammatikasynyñ esasynda alyp barylany üçin,
ençeme ýerde bu diliñ aýratynlyklaryny düşündirilmekde kynçylyk
ýüze çykýar, hatda görşümiz ýaly düşümleriñ tertibinde garyşyklyk
bar. Mysal üçin ýokardaky ;hul-la-na; söz düzüminiñ yzyndaky ;-na;
ýa ;-a; wagt-orun düşüminiñ goşulmasyny, türkmen dilinde oña örän
ýakyn bolan ;-nda; goşulmasy bilen deñeşdirmek ýeterlik bolan bir
wagtyñ özünde, ony Alman dilinde ;in seiner; ýaly predlogdyr
ýöñkemeler arkaly düşündirmeli bolýar.
3.5.5. Wagt-orun düşüminiñ ysnaşykly görnüşi (Der Lokativterminativ die unmittelbaren Nahe):
193
: ýene şol.
155
«Bu
düşüm
;-e;
goşulmasy bilen görkezilip,
;ýanynda; , ;bile; ýaly manyny añladýar (türkmen dilindäki ;-nda; ,
;-nde; , ;-de; ýaly goşulmalar bilen deñ.B. G.). Ol ;predmet eýe
atlaryñ; yzyna goşulýar … bu düşüm orun üçin azyrak ulanylýar.
3.5.6. Orun düşümleriniñ ;ýanynda; , ;ýoldaş; manyda gelişi (Der
Komitativ):
Sumer dilinde ;ýanynda; we ;ýoldaş; ýaly many ;-da; düşüm
goşulmasy bilen görkezilýär.;da; sözi; ýan, tarap; manysyndaky at
bolup, ;bilelikde; we ;biri-biriniñ ýanynda; ýaly ýagdaýy añladýar.
Bu goşulma şahs hem predmet eýe atlarynyñ yzyna tirkelýär. Şonuñ
ýaly hem ol ;-bi; çalyşma goşulmasy bilen birigip, ;bile; hem ;we;
sözleriniñ ýerini tutýar. Bu manyny añladýan başga bir söz bolsa
Akkad dilinden alynan ;u;dyr:
an-ki-bi-da: (der Himmel mit seiner Erde)
Asman ýer bile> asman ýeri bile
e-da im-da-hul: (er freude über das Haus)
Öýden ol şat> Ol öýi halady.
3.5.7. Çykyş düşümi (çykyş guraly: Der Ablativ-Instrument):
Çykyş düşümi ;-ta; düşüm goşulmasy bilen görkezilýär we
;bir ýerden; ýa ;bir ýoldan; diýen manyny añladýar. Bu düşüm ;wagt
düşümi; bilen hem meñzeş bolup, köplenç ýagdaýda (hemişe
bolmasa-da) zat (predmet) eýe atlarynyñ yzyna goşulýar. Wagt
düşümiñ ornunda ol, ;dan ... çenli; ýaly ýagdaýy añladýar:
Eridu-ta nam-lugal ma-an-si: (in Eridu hat er mir das
Königtum gegeben).
Eriduda(ol) maña şalyk sundy>Eridudan başlap ol maña şalyk
berdi.
Bu ýerde göz öñünde tutulýan gürrüñ ;ol ýerde; diýen many
däl-de eýsem ;ol ýerden başlap; diýen manyny añladýar.»194
194
: ýene şol. s. 55-56
156
Görşümiz ýaly bu ýerdede ;-ta; düşüm goşulmasy şu
günki türkmen dilindäki ;-ad; we ;-dan; goşulmalary bilen deñ diýen
ýaly ýakyndyr. «Gadymy türki dilde bolsa ;-ta; goşulmasy, edil
Sumer dilinde bolşy ýaly ;-dan; ýerine ulanylypdyr. Mysal üçin ;anta; : andan/ondan.»195
Bize belli bolan bu gysgaça maglumatlaryñ dowamynda
görşümiz ýaly Sumer diliniñ grammatikasy Indo-German dil
toparynyñ esasylaryndan bolan Alman diliniñ garammatikasyna näçe
uzak bolan bir wagtyñ özünde, şonça-da biziñ dilimiziñ
grammatikasyna ýakyndyr. Mysal üçin ;wagt-orun; düşümi ýaly
grammatiki ýagdaýy biziñ dilimizde ýekeje söz düzümi bilen
düşüdirmeklik mümkin bolsa, ony Alman dilinde beýan etmek üçin
bir paragraf möçberinde düşündiriş ýazmaga mejbur bolupdyrlar. Bu
hakykatlary, şonuñ ýaly-da gürrüñimiziñ indiki bölüminde
açyklanjak gaty köp söz meñzeşliklerini göz öñünde tutmak bilen biz,
bu örän gadymy dil bilen türkmen diliniñ köküniñ bir ligini, başgaça
aýdanymyzda biziñ baý hem gözel ene dilimiziñ iñ azyndan bäş müñ
ýyl dokumental geçmişiniñ barlygyny, ynam bilen aýdyp ony ylmy
esaslar bilen subut edip bileris.
195
: A. von Gabain „Eski türkçenin Grameri“ Ankara-1995, s.260
157
VII. Türkmen-Sumer dillerinde biri-birine gabat gelýän
sözlerden düzülen gysgaça sözlük
ýa
(5000 ýyl öň ýaşan ata-babalarymyzyň dilinden saklanyp galan)
söz nusgalary
Giriş: Türkmen we Sumer dilleriniň arasyndaky söz meňzeşlikleri ýa
doly gabat gelmeleriniň üstünde gürrüň edilende şu aşakdaky
meseleleri göz öňünde tutmalydyrys:
Birinji: Biziň häzirki türkmen dilimiziň şu güne çenli ýüze
çykan iň gadymy ýazuw nusgasy, ýagny takmynan mundan 1300 ýyl
öň ýazuwa geçen Orhon-Ýeniseý dili bilen giçki Sumer döwründen
galan ýazuwlarynda ulanylan diliň arasynda takmynan 2700 ýyl
araboşlygy bar. Orhon-Ýeniseý ýazgylaryndan bäri 1300 ýyl
kämilleşiş prosesini geçiren şu günki türkmen dili bilen şol
ýazgylaryň dilini derňänimizde grammatiki taýdan ylaýta-da
morfologiýada ep-esli özgerişler hem çylşyrymlaşmalar göze ilýär,
Sumer döwründe bolsa heniz diller grammatiki taýdan has-da sada
hem ýönekeý bolupdyr. Mysal üçin, geçen bölümde-de görşümiz
ýaly Sumer dilinde düýp sözler çylşyrymly grammatiki elementleri
kabul etmeden aýry-aýry manylary aňladýar, emma häzirki türkmen
dilinde bolsa şol düýp sözler garammatiki elementler kabul etmeden
ol manylary aňladmaýar. Şonuň üçin hem biz belli bir Sumer sözüni
türkmen sözi bilen derňänimizde grammatiki elementleri kese çyzyk
bilen düýp sözden aýryp görkezýäris. Mysal üçin: ;bar;(sumer): barlyk, bar-mak(gitmek), bar-lamak (seretmek) ýa-da ;di;(sumer): diý,
diý-mek, diýdi, diýer, ýa-da ;dil;(sumer): dol-durmak,dol-y w. ş. m.
Türkmen dili bilen Sumer diliniň arasyndaky özgerişler duýular ýaly,
söz listesinde ilki Sumer zözi, ikinji “gadymy tükçe“ ady bilen: sakiskit taýpalar birleşigine we olardan ýüze çykan Parfiýa dörüne
degişli kä türki ýazuw ýadigärlikden galan sözleri, şonuñ ýaly hem
Orhon-Ýeniseý, Kutatgu-Bilik we Diawanol-logat-ettürk ýaly
gadymy tekstlerden alynan sözler, üçünji syraçda bolsa häzirki zaman
türkmen (we kä bir beýleki türki dillerden) sözleri ýerleşdirildi.
158
Ikinji: Geçen bölümdede görşümiz ýaly Sumer
ýazuwynda heniz çekimli sesleriň köpüsi bolmandyr. Mysal üçin u,
ü,o, ö, seslerden diňe ;u; bar. Hut şonuň üçin hem sumerlilerden
galan sözleriň, olaryň özüniň nähil aýdyp ýazandygy doly anyk däl.
Netijede bolsa biziň ol sözleri aýry-aýry çekimliler bilen göz öňunde
getirmegimiz tebigy hem dogrudyr. Mysal üçin alymlaryň ;Uk;
görnüşinde ýazan we ;halk;, ;taýpa; diýen manylary aňladýan Sumer
sözüni biz, edil şol manyny aňladýan gadymy oguz sözi ;ok; bilen
doly gabat gelýär diýip bileris, şonuñ ýaly hem Sumer dilinde-de edil
şu günki türkmen dilinde bolşy ýaly, sesleriñ uzyn hem gysga
çekilme kadasy bolupdyr. Netijede biz Sumer sözlerindäki sesleri iki
görnüşde-de göz öñünde tutup bileris. Munuň şeýle edilmelidigini
sumerolog alymlaryň özleri hem teklip edipdirler. Mysal üçin Sumer
dili barada iň soňkyrak edilen akademik işleriň birinde şeýle pikir
öňe sürülýär:
«Sumer dili Indo-German dil maşgalasyna degişli däldir.
Şonuň üçin hem Sumer diliniň grammatikasyny bir Indo-German
diliniň grammatikasy bilen doly düşündirmek mümkin däldir… IndoGerman dilli bolmadyk okyjylarymyz, bu ugurdaky ylmy makalalary
okanlarynda, Alman diliniň grammatikasynyň çygryndan çykyp öz
ene dilleriniň aýratynlyklary bilen derňeseler has netijeliräk bolüp
biler…Şu sebäplere görä Sumer dili hakda aýry-aýry Hipotezler
(nazaryýalar) öňe sürülýär. Her bir ylmy işde bolsa, okyjylaryň
artdyryp ýazjak bellikleri üçin boş sahypalar goýulýar…»196
Üçünci: Dilleriň kämilleşiş kanunlarynyň esasynda sesleriň
özgerip biri-biriniň ýerini almagy tebigy hadysadyr. Alymlar bu
grammatiki hakykaty göz öňünde tutmak bilen gaty köp Sumer we
türki sözleriň bir kökdendigini öňe sürýärler, emma biz bu ýerde diňe
Türkmrn-Sumer
sözleriniň
gönüden-göni
meňzeş
hem
manydaşlaryny saýlap aldyk. Bu bolsa, bu sözlriň 4000 ýyl bäri
düýpli özgermeden biziň dilimizde saklanyp galan sözler dimekdir.
Bu iki diliň arasynda şeýle sözlerden 200 çemesi tapylmagy, öarän
uly ähmiýete eýe bolup, häzirki zaman ylmy normalar esasynda-da
(oalryň arasyndaky grammatiki gabat gelmeleri-de göz öňünde
196
: B. Hübner, A. Reizammer „Inim Kiengi III, Sumerisch in Wort und Schrift“
Marktredwitz-1987, s. III
159
tutmak bilen) köküniň birliginiň
subutnamasy hökmünde tutaryk
edinip boljakdygy aýdyňdyr. Eger-de sesleriň üýtgeme kanunlarynyň
esasynda köküniň birligini subut edip boljak dürli sözleri-de
artdyrylsa, iki diliň arasyndaky garyndaş sözleriň sany ençeme gezek
köpelerdi.
Meseläniň gyzykly hem manyly tarapy bolsa umumy türk
dilleriniň näçe gadymkyrak tekstlerini göz öňünde tutulsa, olar bilen
Sumer diliniň arasynda hem söz hem-de grammatika taýdan
ýakynlyk has güýçliräk duýulýar. Gynansak-da Sumer ýazgylarynyň
döwri bilen Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyň döwrüniň arasyndaky 2700
ýyl çemesi aralykda ýaşan ata-babalarymyzdan şol sanda gadymy
;Turan dili; diýilýän Sak-Iskit taýpa birleşiginiň hem-de olaryň
arasyndan çykan Parfiýalylaryň dillerine degişli, belli geo-syýasy
sebäplere görä şu güne çenli gaty az dokument galypdyr. Eger-de biz
şol döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň dilleri bilen tanyş bolup
bilsek, onuň häzirki türki diller bilen Sumer diliniň arasynda köpri
boljagy ikuçsyzdyr diýip düşünýärin. Gadymy Turan diline degişli
alymlaryň ykrar eden az sanly sözler muňa aýdyň mysaldyr:
Sumer
I
Anu
Kur
Gadymy Turan
Şu günki türki diller
I, Ik
Irmak (kä türki dilde derýa dimek)
Anap
Anna (bu söz hakda ýokarda gürrüň edilipdi)
Kur
Kurgan, gorgan (depe, dag, beýgeltmek)197
Şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen eger-de biz, AtaWatanymyzda ýüze çykan Zartustra dininiň mukaddes kitaby bolan
;Awesta;nyň iň gadymy bölümleri we soňky dillere terjime edilmän
galan bolmagy gaty ähtimal bolan ;Gatlar;yň ýazylan dilini öwrensek
ol, dilimiziň taryhyny we onuň kämilleşiş prosesini öwrenmekde uly
ädim bolardy diýip düşünýärin. Soňky ýyllarda;Gatlar;yň häzirki
türkmen hem Azerbeýjan türkçesine örän ýakyn bir dilde
ýazylandygy hakynda, Eýran metbugatynda ençeme ylmy makalalar
ýazyldy. Biz bu ýerde olardan birnäçe setir getirmek bilen
çäklenýäris. Aýry-aýry alymlaryñ, şol sanda biziñ Eýranly ildeşimiz
Aýmämmed Aýmämmediniñ tarapyndan ýazylan bu makalalaryň
197
: ser. sözlük bölüme
160
birinde,
ençeme
ylmy
maglymatlara esaslanmak bilen
şeýle ýazylýar: «... bu dokumental maglymatlara esaslanmak arkaly,
Awestanyñ heniz belli bir dine degişli materýala öwrülmezinden oñ,
belli bir ortak dilde ýazylandygy, bu diliñ bolsa häzirki türkmen he
Azerbeýjan türkçesinden az-owlak tapawutlanmagyna garamazdan
bu diliñ grammatikasyna gabat gelýändigi aç-açan ýüze çykýar.
Mysal üçin:
Köne Awesta dili:
Türkmen dili:
Täze pars dili:
Eý är-ýeme-işu
Ig ärime üýşu (üýşmek)
Äz bäraỳe Äsilzadegane när
änjomän.»198
Görşümiz ýaly bu tekst böleginiñ dili bilen häzirki pars diliniñ
arasynda hiç hili gatnaşyk duýulmaýan bir wagtyñ özünde ol,
türkmen diline hem grammatika hem-de söz meñzeşligi taýdan örän
ýakyndyr.
Bulardan başga-da soñky ýyllarda Prfiýa döwletini guran atababalarymyzyñ öz ene dillerinde ýazan ýazuwlaryndan iki sanysy
tapylypdyr. Dr. Selahi Diker özüniñ Iñlis dilinde ýazan „The Wole
Erth was of One Language“ kitabynda aramy hatynda ýazylan şol
tekstleri gaýtadan işläp oňa gerek bolan we bu ýazuwda bolmadyk
çekimli sesleri artdyryp okanynda, bu ýazuwlaryñ hatda OrhonÝeniseý ýazuwlaryndan hem şu günki türki dillere ýakyndygyny
görüp geñ galyp tolgunýar. Bu tekstlerde Sumer, sak-iskit we hazirki
türkmen dilinde bar bolan: «ary: ary, arassa, ti/di: diýmek, an,anna:
tañry ýaly sözlerden başga-da: kal: galmak, aty: atmak/taşlamak, aka:
aga, beze: bezemek, diz: dyzamak, dede: däde, ekün: ekiz/iki, dur/tur:
durmak, sew: söýmek, swü: söýgi, tang: taň etmek/geñ galmak, tüz:
düzmek, umuh: umyt etmek ýaly türkmen sözleri bar.»199
Biz aşakdaky gysgaça sözlügimiziň birinji sütüninde Sumer
sözlerini, ikinji sütüninde eger bar bolsa ;Gadymy türki; ady bilen
198
: „ýol“ neşriýesi, 1373 şemsi ýyly, 38-nji sany, s. 30-33 we „Umidi Zenjan“
neşriýesiniñ 1378 şemsi ýylynyñ Azer hem Bähmän aýlary.
199
-alyndy: prof. Dr. Muhammedtagy Zehtabi (Krişçi) “Iran Türklerinin Eski
Taryhy” Täbriz-2000, s. 356-66.
161
Turan dilinden galan sözleri,
Orhon-Ýeniseý
ýazgylarynyñ
sözleri hem-de ;Kutatgu bilik; we ;Diwanul-logatet-türk; ýaly köne
eserleriñ sözlerini girizdik, üçünji sütünde bolsa ;Türkmen dili; ady
bilen türkmen hem-de kä bir beýleki häzirki zaman türki halklaryñ
söz baýlygyndan alynan sözler ýerleşdirildi. Emma türkmençe
bolmadyk sözleriñ nireden alynandygy goşa dyrnagyñ içide belli
edilýär.
162
Sumer-Türkmen we beỳlaki Türk dilleriniň
Arasyndaky meňzeş sözleriň sözlügi
Her setirdäki goỳy yazylan söz Sumerçe we aşagyndaky sözler türkmen we
beỳleki türk dillerden alynanlar
A (Sumerçe): açyk,dury,yagty / klar, hel (Deımel, 89)
Ak, Açyk (Türkmençe)
AB: Wohnung (Delitzsch.1, 4)
Öỳ , Äb(Orh.=Orhun yazgylaryndan)
AB-BA: öỳler / Haeuser (Delitsch.1, 4)
Oba , Äb-bark, evler(Orh.)
ABBA: yaşuly / Greis (Hommel, 22)
Aba / Aba: Ata (Orh.), Abuka: yaşuly (Kt.B.)
AD, AD-DA: Vater (Deimel, 36) , (Delitzsch.2, 8)
Ata / Ada (Orh.)
AD-AD: Ata / Grossvater (İn. Ki. 2.,45)
Ataň Atası
AD-AMA: Grossvater mütterlicherseites (Hübner.2, 45)
Eneň Atası, baba / çuwaş türklerinde ;ene; sözüniň ỳerine edil
sumerçedäki ỳaly ;ama; diỳilỳär (Grönbech, 78).
AG: höküm etmek, buỳruk / beordern, Befehl (Delitzsch.1, 109),
(Delitzsch.2, 6)
Aga, Aga-lyk (Türkmen dilinde Aga sözi häkim manysynda-da
ulanylỳar)
Aka (Turan t.,1)
AGA, AGU: höküm etmek / beordern (Delitzsch.2, 6)
A:ga / Aka-men: hakyky aga (Turan t.,1)
163
AGA: Rückseite,hinter(Pöbel, 29), (Delitzsch.1, 110)
Arka
AGAR: Acker (Hommel, 22)
Ekin
AGAR: agyr ỳagdaỳ, çöl / Flur (Falkenstein, 30) , (Delitzsch.1, 110)
Agyr, ygyr
AGARIN: Oglan ỳatagy / Mutterleib, Haus des Kind (Hommel, 22),
Garyn
(Deimel, 42)
AGIL: Ringmauer,Umfadung(Delitzsch.2, 4)
Agyl (mal agyly)
A-GIM: ỳaly, kimin, meňzeş / wie, so (Hübner.2, 11)
Agyn (agyn özi)
AI: Aỳ taňrysy / Mondgott (Hommel, 22)
Aỳ
A-KAR: joşgun, syl / überflutet (Hübner.2, 21)
Akar, Akar (D.L.T.)
Akku: Ekmek / pflanzen (A. D.,24)
Ek-mek, Ekin
AMAN, EMEN: Erkek adam, kişi / Herr (A. F. ,26-29)
Aman (başga söz goşulmasa erkek ady)
AN: Gök, yokary, beỳik / Himmel, Hoch (Delıtzsch.1, 110)
Asman, An(da) / An, Annap: taňry (Turan t.,1)
AN sözüniň gadymy sumer döwründe belgisi bir ỳyldyzdyr(*). Bu
belgi sumer dilinde iki hili okalypdyr. Birinjisi ỳokarda-da görşümiz ỳaly
An okalyp, uzak hem asman diỳen manyny aňladỳar, ikinjisi bolsa Dingir
164
okalyp,Taňry,Tengri manydadyr.
Irki türkçede-de Tengri gök, asman
manyda-da ulanylypdyr. Tengri kuty yagni :Asmanyň ogly; diỳen manyny
aňladỳar. An we Annap sözleiri irki Turan yagny Sak-Iskit ve Part dilindede taňry manysynda ulanylypdyr.Yokarda Gramer bölümünde ;Anna;
sözüniň şu günki Türkmen dilinde-de Taňry diỳen manyny
aňladỳandygynyň üstünde durup geçipdik. An sözi irki Türkçede-de uzak,
yokary manysynda ulanypdyr hem-de bu sözüň kabul edỳän grammatiki
göşulmalary-da Sumer hem türk dillerinde deňdir (ser. Aşakdaky sözlere).
AN-A: Asmana / nach Himmel(Delitzsch.2, 13)
Ana(D.L.T.), oña, Asmana
AN-DA, AN-NA: Asmanda / im oder am Himmel (Falkensteın, 39 ),
ỳokarda / droben (Delıtzsch.2,13)
On-da (An-da), Onna, Asmanda, An’da(D.L.T.)
AN-TA: Asmandan / von oder aus Himmel (F. D. 1. 37)
An’dan, Ondan, Asmandan / An-ta: ondan (Orh.)
A-NA(-k), A-NI: ihr, sein (Hübner.2, 25-26)
Onuň, Anyň (Kt.B.), Any (D.L.T.)
A-NIR, UNIR: Erkek adam / Herr (Delitzsch.2, 202)
Iner (erkek, erkek düỳe)
ANŞE: Esel (Hommel, 22), (Deimel, 44)
Eşek
AR: Buỳsanç, şöhrat / Ruhm (Deimel, 47), (Delitzsch.1, 110)
Ar (ar-namys, arly-namysly).
AR: erkeklik / Herrlichkeit (Pöbel, 31)
Är
165
ARA: Geçit, geçelge / Gang
(Deimel,
(Falkenstein, 41), Ỳol / Weg
90)
Ara (iki zadyň arasy, geçelge)
Ara: orta(Orh.), Art: geçit (Gabain, 261)
ARA, AR: parlak, ỳaldyramak / glanzen (Deimel, 74), (Delitzsch.2,
10)
Ary ( Aỳdan ary, günden dury)
Ary: arassa (Orh.) we (Turan t.1), Aru: gözel (Kt.B.)
A-RA: Erbet ruhlaryň aralaşmagy / treiben der Daemonen (Hübner.2,
29)
Ara-laşmak
ARA-ZU, ARZU: doga, ybadat, gurban / Gebet,opfer (Delitzsch.2,
10), (Falkensteın, 26), çagyrmak / Anruf (Hübner.2, 28).
Arzu(Kt.B.)
Arzuw, Ara-mak (bu sözler hem taňryny aramak, çagyrmak, doga
etmek ỳaly mynylara örän ỳakyndyr)
AKATU: Rückseite (Deimel, 45)
Arka, Arkada, arka tarap
AŞ: Ỳaỳmak, açmak / ausstrecken (Delitzsch.2, 17)
Aç-mak, Açak(Kt.B.)
AZ, ASI: Arslan manyny aňladỳan göşulma söz / folgen die Wörter
für Löwe (Delitzsch.2, 15)
Aslan, Arslan / Asry(D.L.T.)
AZA, AZU: Baer(A. D.,34)
Aỳy / Adhyg, Aỳyg (D.L.T.)
166
A-ZAG: Belli bir zadyň dini taỳdan gadagan bolmagy, tabu / Tabu
(Hübner.2,1, 38)
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 11
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.