Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 03

Total number of words is 3423
Total number of unique words is 1796
21.2 of words are in the 2000 most common words
29.8 of words are in the 5000 most common words
34.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bu sungat dörediji zehiniň ösmegine birinji derejede din itergi
beripdir. Ybadathanalaryň Mezopotaỳadaky ỳaly ap-açyk ỳüze
çykmasyna başga ỳerde gabat gelmeỳäris. Bu ỳurtdaky
ybadathanadyr mährablar, Ỳehudi Sinanoglaryň,
Hyrystiỳan
Klisalaryň, Katedrallarynyň hem-de Musulman Mejjitleriniň
başlangyç nusgasy bolupdyr. Şeỳle jaỳlaryň dikeldilmesiniň
aňyrsynda, ynsanlaryň öz mukaddes goraỳjylary bolan Taňrylar üçin
hem bir jaỳ gerekdir diỳen düşünje durỳar.
Ynsanlaryň oturumlylyga geçip özlerine ỳaşaỳyş jaỳ salynmagy
öwrenmekleriniň yzysüre, Mezopotamỳalylar öz Taňrylaryna-da
özleriniňkä meňzeş ỳaşaỳyş jay salmagy oỳlap tapypdyrlar... ilkinji
ybadathanalar olaryň öz öỳlerine gaty meňzeş bolupdyr.»22
Ỳokardaky setirleriň awtory, bu ilkinji ỳönekeỳ jaỳlaryň soňlar
äpet uly hem küňňüreli ybadathanalara (Zikkuratlara) we köşklere
öwrülendigi hakda gürrüň berip, sözüniň yzyny heỳkeltaraşlyk
sungatyna syrykdyrỳar:
«...ilkinji
ybadathanalardaky
heỳkeller,
tehnikasynyň
gödegiräkligine garamazdan sungat taỳdan ỳokary derejede
gymmatlydyr. Täsirli garaỳşlar, gipnotistik (jadylaỳjy) jiňkermeler
hem-de kiçipällilik bilen sallanan gollar, bularyň barysy çuňňur dini
duỳgularyň ap-açyk görünişleridir... şonuň bilen bir wagtyň özünde22
Kramer, Mesopotamien, s. 142
33
de bu heỳkeller özlerine bolan buỳsanjy hem-de goỳulỳan uly
sarpany suratlandyrỳar.
Şeỳle bir daşa garyp ülkede heỳkeltaraşlyk sungatynyň şeỳle
derejede ösmegi örän geň galdyryjydyr…»23
H. Şmokel hem, arhitekturadyr heỳkeltaraşlykda ulanylan
materiallaryň esasan toỳun palçygy bolandygy we seỳrek ulanylan
daşlaryň bolsa gaty uzaklardan bu ỳerik getirilendigini nygtaỳar:
«Gurluşyk ukybynyň ilkinji nusgalaryny görkezỳän arhitektura,
Sumer, Akkad we Asurlaryň ybadathanadyr köşklerinde görülỳär.
Ỳaşaỳyş jaỳlarda welin ỳokary derejede bolan gurluşyk
çeperçiliginden söz etmek mümkin däldir. Hek we mermer
daşlaryndan diňe b.e.o. 3-nji müň ỳyla degişli, Uruk şäheriniň
yabadathanalary ỳaly gaty seỳrek gabat gelỳän jaỳlarda ulanylypdyr.
Galan gurluşyklarda welin gurak howa hem ỳiti güneş güỳji bilen çalt
guraỳan laỳ palçykdan, kepe saman bilen eỳlenen toỳun palçykdan
guỳulan iỳne-dördül ỳa-da uzyn-gönüburçly çig kerpiçler
ulanylypdyr. Kerpiçleriň ululygy ilkinji uruglaryň döwründe 17:12:7
sm. bolup, soňraklar 30:20 sm. ỳaỳbaňlykda bolup, galyňlygy bolsa
9-10 sm. möçberinde galỳar...
Dini gurluşyklaryň ösüşi belli bir medeniỳetiň galkynyşyny
aňladỳar. Bu gurluşyklar her ỳany 3 metrden ybarat bolan ỳönekeỳ
iỳne-dördül ỳeke otagly ybadathanalardan başlap köp otagly, bir
howlyň töweregine düzülen mukaddes jaỳlara çenli baryp ỳeten ösüş
ỳoluny görkezỳär.»24
Alym gürrüňiniň yzyny arhitekturadan küỳzeçilik hem
heỳkeltaraşlyk sungatyna gönükdirỳär:
«Toỳun palçyklar diňe bir kerpiç guỳmak üçin däl-de eỳsem oňat
eỳlenip dürli figuralar (göwrümler) ỳasamak üçin hem ỳaraỳar.
Mezopotamỳanyň yssy güneşi, artykmaç adam güỳji gerek bolmadan,
şekillendirilen gabaralary guradyp gatadỳar. Käse, gap-gaç, küỳze we
çyra ỳaly öỳler Üçin iň gerekli zatlary ỳasap otda bişirip
berkleşdirmegi
hem-de
syrçalamagy
çalt
öwrenỳärler.
Şekillendirmegiň tebigatyndan döreỳän gözellik, toỳun palçygyny
sungatyň ilkinji materiỳalyna öwürỳär. Göwresi, sapy we gulpy
23
24
ỳene şol e., s. 153
Hartmut Schmökel, Kulturgeschichte Des Altenorient, Stuttgart, 1961, s. 235-7
34
gyradeň hem gelşikli bolup, ulanylmaga niỳetlenip bişirilen
gap-gaçlaryň gözellegi, bezeg çyzgylardyr dürli boỳalar arkaly has
kämilleşỳär...
Şonuň ỳaly-da toỳun palçyk, köpçülügiň ulanyp biljek arzan
önümi bolan heỳkeltaraşlyk sungatynyň ỳüze çykmagyna-da çig mal
hökmünde hyzmat edỳär. Biz şeỳle önümlare b.e.o. 4-1-nji müň
ỳyllar aralygynda yzygiderli gabat gelỳäris. G. B. Şawyň aỳtamagyna
görä bu sungatyň bütinligine dini esasy bolupdyr. Hakykatdanam
gadym gündogaryň toỳun sungaty umuman dini kultleriň çygrynda
diỳilip hasap edilỳär. Çünki biz onda: çagaly ỳa-da çagasyz, kä
halatlarda bolsa ỳylan bilen bilelikde duran sansyz ene taňrylaryny
görỳäris... şonuň ỳaly-da ỳalaňaç gyzlaryň ỳa-da göwsi doly,... özüne
çekiji aỳallaryň, önümiň hem bereketiň simwoly hasaplanan
„öküzleriň“ gözleri gaty uly (taňry gözleri) bolan kelleleriniň
heỳkellerine gabat gelỳäris...
Köpçüligiň dini ỳa-da toslama ynançlarydyr yrymlary gaty köp
zähmetli tilsimleri hem simwollary talap edỳärdi. Mezopotaỳalylar
özlriniň gazanan pullary bilen al-elwan boỳalan heỳkeljikleri alyp
öỳe getirỳärdiler we ỳaman arwahlary kowmak maksady bilen, olary
jaỳyň
uly
girelgesinde
ỳa-da
gapylaryň
işiginde
oturtỳardylar...bularyň ỳanynda ỳene-de bişen toyundan (taňsykdan)
ỳasalan hem-de yokarda bolşy ỳaly köpçüligiň aň-düşüncesini we
dini ynançlaryny aňladỳan işleri-de görỳäris. Bu ỳerde-de ỳene
söỳginiň piri ỳa-da eneligiň goraỳjysy hasap edilỳän In-Anna hem-de
oňa bagly bolan başga aỳal taňrylara gabat gelỳäris...
Alym bu ỳerde ỳene-de dogum (önelge, urbaỳyş) taňrysy, elinde
dirilik suwy bolan aỳal taňry, dik duran ỳa-da çommalyp oturan taňry
güỳçleri, bökeler, ỳolbars bilen söweşijiler, it saklaỳjylar, ỳaşaỳyş
simwoly bolan mukaddes agajy töwerekläp duran goşa geçi,
aždarhalar, ganatly öküzler we ş.m. barada gürrüň edỳär.»25
Mezopotamỳanyň arhitektura hem heỳkeltaraşlyk sungaty
hakynda ỳörite iş ỳazan S. Muskati hem ỳokarda ady geçen
alymlaryň pikrini makullaỳar. „bu alym hem heỳkeltaraşlykda
ulanylan esasy materỳalyň kepe saman bilen eỳlenen toỳun
palçykdan guỳulan çig kerpiç bolandyyg, bişen kerpiçiň bolsa b.e.o.
25
ỳok. a. E., s. 244-246
35
3-nji
müňỳyldan
başlap ulanylandygyny, bu sungatyň din
bilen baglylykda ösendigini hem-de jaỳlarda ulanylan bezegleriň
doga-tumar hökmünde belli bir kult bilen baglylykda öỳleri ỳaman
arwahlaryň aralaşmagyndan goramak üçin niỳetlenendigi w.ş.m.
barada gürrüň berỳär. Şonuň ỳaly-da daş we metalyň
Metzopotamỳada gyt bolmagy uly kemçilik hökmünde ỳüze çykyp,
gaty uzaklardan getirilỳänligi üçin gaty gymmat bolandygy sebäpli
ony heỳkeltaraşlykda ulanylmagyň has gijiräk başlanandygyny
nygtap geçỳär.»26
Alym bu işinde b.e.o. 2500 ỳyla degişli bürnüçden (bronzdan)
ỳasalan bir öküz kellesiniň heykeliniň suratyny hem ol hakda öz
düşündirişini ỳerleşdiripdir.
Arheolog alym Jean-Claude Margueron hem bu tema dogrusynda
şeỳle ỳazỳar: «Mezopotamỳanyň iň irki şäherlerinde geçirilen
arheologik barlaglar netijesinde aỳal göwrümleriniň (figuralarynyň)
çommalyp oturan ỳagdaỳda tapyldy. Gadymy sungatyň manyly
işlerini görkezỳän bu heỳkellerde, ayallaryň adamzat ỳaşaỳşynyň
dowam etmegindäki aỳgytly roluny hem-de ỳaşaỳyş eçiliji güỳjüni,
olaryň göwsüni, dyzlaryny, .. has uly görkezmek arkaly
suratlandyrylypdyr. Emma olaryň kellelerini welin kiçiräk hem
güỳçsiziräk ỳagdaỳda görkezilipdir. Bu heỳkeller dini düşünjeleri
aỳdyňlatyan gymmatly nusgalardyr... Ỳene-de bir geň galdyryjy zat
bolsa, bu heỳkelleriň arasynda öküze çenden aşa hormat goỳulmagy
we uly orun berilmegidir.
Arhitekturada bir gümmezli (depesi öỳüň tüỳnügine meňzeş, B.
G.) jaỳlara köp gabat gelỳäris. Olar esasy forma hökmünde uzak
wagtlap soňky döwürleriň arhitekturasyna-da täsir edipdir.»27
Alym b.e.o. 2600 ỳyllara degişli bir öküz kellesiniň heỳkeliniň
suratynyň aşagynda şeỳle düşündiriş ỳazỳar: «Mis heỳkeltaraşlyk
sungatyna degişli we gözleri sadap bilen göwherden goỳulan, öküz
kellesi. Boỳy 17sm. bolup, belli bir maksady aňlatmak üçin işlenen
bu sungat, ybadathanalaryň arhitekturasynda bezeg üçin ulanylan
bolmaly. Öküziň kellesi mukaddeslik simboly bolupdyr. SumerAkkad ỳadigärliklerinde gabat gelỳän taňrylaryň we ỳarym
26
27
Sabatino Moskati, Wie erkenne içh Mezopotamische Kunst, Zurich-1979, s. 8-10
Jean –Claude Margueron, Die Grossen Kulturen Der Welt, münchen-1989,s. 148
36
taňrylaryň başyndaky şahly täçler hem şol düşünjäni açyklaỳar.
Şeỳle däp b.e.o. 3-nji müňỳyllykdan giçki Asur döwrüne çenli miras
galypdyr...»28
2.2. Türkmenistanyň arhitektura we heỳkeltaraşlyk sungaty
Indi, bu sungatlaryň irki Türkmenistandaky yagdaỳy bilen,
alymlaryň bu ugurda ỳazan soňky işlerine esaslanmak arkaly tanyş
bolalyň. M. Mämmedow şeỳle ỳazỳar:
«Arheologik gazuw-agtaryş işleriň netijesinde Türkmenistanyň
territoriỳasy Gündogaryň iň bir gadymy medeni regỳony diỳip subut
edildi. Arheologik açyşlar biziň ỳurdumyzda bolup geçen
formasiỳalara, türkmen halkynyň medeniỳetiniň, şol sanda
arhitekturasynyň köklerine göz aỳlamaga mümkinçilik berdi.
Arheologlar tarapyndan açylan gadymy binalaryň galyndylary bize
türkmen arhitekturasynyň müňỳyllyklar dowamynda bolup geçen
ewolỳusỳasyny suratlandyrmaga mümkinçilik berỳär.
Biziň e. o. 6-njy müňỳyllykda (neolit zamanynda) gurlan, jeỳtun
medeniỳetine degişli bolan ỳaşaỳyş jaỳlaryna mahsus bolan häsiyeti
olaryň planlarynyň tertipsizligidir. Bu kiçiräk posỳoloklar bir otagly
gönüburçly şekilli ỳaşaỳyş jaỳlardan ybarat. Her otagda owal formaly
bir ojak bolupdyr. Bu otaglaryň diwarlary saman garylan palçykdan
ỳasalan kerpiçlerden örülipdir we toỳun bilen suwalypdyr. Jeỳtun
medeniỳetine degişli bolan ỳadygärlikleriň arasynda Gökdepe
töwereginde ỳerleşỳän Pessejikdepe ady bilen belli ỳadygärlikler ünsi
özüne çekỳär. Bu ỳerde ỳaşaỳyş jaỳlary bilen bilelikde
ybadathananyň üsti açyldy. Ybadathananyň içinde diwaryň ỳüzi
awçylyk siỳujetini şekillendirỳän jiwopisler (suratlar B.G.) bilen
bezelipdir.
Bu jiwopis dünỳäniň şekillendiriş sungatynyň iň gadymy
ỳadygärlikleriniň biri diỳip hasap ediỳär.
Eneolit zamanynda (b.e.o. 4-3-nji müňỳyllyklarda) umumy
medeniỳetde bolşy ỳaly arhitekturada-da belli bir ösüşlere eỳe
bolupdyr ...
Bu arhitekturanyň tapawutly tarapy, öňki bir oatagly ỳaşaỳyş
jaỳlaryň köp otagly uly ỳaşaỳyş massiwlere (giň jaỳlara B.G.)
28
ỳene. ş. e. , s. 190
37
öwrülmegidir.
Posỳoloklaryň (şäherçeleriň B.G) daşynda,
planynda tegelek şekil bolan diň-jaỳlar bilen bezelen diwarlar emele
gelỳär ...
Altyndepäniň arhitekturasynyň arasynda aỳratyn bellemeli bina
zikkurat şekilli (depesi küňňüreli uly) ybadathanalardyr (b.e.o. 2-nji
müňỳyllykda) ... »29
Arheolog W. Sariỳanidi: «... Hakykatdanam, eỳỳäm b.e.o. 6-njy
müňỳyllykda, başgaça aỳdanymyzda, biziň günlerimizden sekiz müň
ỳyl ozal buỳerde Merkezi Aziỳanyň ilkinji daỳhanlarynyň ilkinji
obalary ỳüze çykỳar. Olar ỳerli medeniỳetiň gadymy gündogar
görnüşiniň esaslaryny goỳupdyrlar. Ỳerli Gündogar Türkmenistan
medeniỳetiniň pajarlap ösmegi netijesinde ilkinji daỳhanlaryň
horaşaja obalary, soňky ỳüzỳyllaryň, hatda müňỳyllyklaryň
dowamynda hakyky şäher derejesine çenli ösüp ỳetişỳär. Gözden
gaỳyp bolan şäherleriň weỳrançylyklary şu mahala çenli Köpetdagyň
ỳakalarynyň birsydyrgyn görnüşiniň ỳüzüni täzeleỳär ...
Goňuryň gyrak-bujaklarynda küỳzegärleriň kwartaly (bölegi,
mähellesi B.G.) ỳerleşipdir. Olaryň ellerinden iňňän nepis, kämahal
örän çylşyrymly görnüşdäki gap-gaç ỳasamak gelipdir, kämahallar
bolsa gap-gaçlaryň ỳönekeỳ nagyşlysy, şol sanda Böwri iki geçili
suratly agaç görnüşlisi-de duşỳar. Ỳerli demirçi ussalar eỳỳäm her
hili mis-bürünçden ỳaraglary we şaỳ-sepleri ỳasamagy öwrenipdirler.
Şolaryň arasynda adamyň gözi şekillendirilen dabaraly paltalar
saỳlanỳar. Daş ỳonujy ussalaram şu ỳerde zähmet çekipdirler, olar
daşyň her dürli görnüşinden her dürli şaỳ sepler, şol sanda inçelik
bilen nagyşlanan daş möhürleri-de ỳasapdyrlar.Ỳöne olar daş
tumarlary ỳasamakda aỳratyn ussatlyk gazanypdyrlar. Muňa kellesini
yzyna öwrüp, aỳagyny ỳalap duran, gowy bwzwlwn düỳe şeklindäki
tumaram şaỳatlyk edỳär. Tumar goňurdan däl-de, Togalak-21
ybadathanasyndan tapylsa-da, munuň özi Mezopotam sungatyndan
birjigem gaỳra durmaỳan daş ỳonujylyk senediniň umumy ỳokary
derejedigine şayatlyk edỳär.
Bu adamlaryň ỳazuw haty ỳa saklanmandyr, ỳa-da arheologlar
tarapyndan tapylmandyr. Şonuň ötri olaryň ruhy dünỳäsine aralaşmak
üçin ỳüzüne şekil çekilen, kämahal gürrüň beriji kompozisỳaly
29
M. Mämmedow, Turkmen Medeniỳeti jurnaly, 1993/1 Aşgabat, s. 12-14
38
(gürrüň briji ỳagdaỳda düzülen, B.G.) daş tumarlara ỳüzlenmek
ỳeke-täk çykalga bolup hyzmat edỳär...
Tumarlardaky şular ỳaly köp sanly şekilleri öwrenmegiň özi olary
döreden adamlaryň örän aň-düşünjeli bolandyklaryndan habar
berỳär...
Bizde olaryň ỳazuw hatlary bolmasa-da, şu ỳerde ỳaşan
adamlaryň çylşyrymly mifologiỳasynyň, hatda haỳyr bilen şeriň
göreşiniň ideỳasy bilen baglanşykly öz mifologiỳasynyň
bolandygyny ynam bilen aỳtmak mümkin. Haỳyrly güỳçler ỳylanlar,
şer tarapy ajdarhalar bolupdyr. Ynha, hut ata-baba gelỳän haỳyr bilen
şeriň göreşini köp sanly tumarlar görkezỳär ...
Marguş ỳurdunda gadymy arhitekturanyň aỳratyn mekdebiniň
bolandygyny soňky ỳyllarda bu ỳerde duỳdansyz üsti açylan köşkler
we ybadathanalar şaỳatlyk edỳär. Mysal üçin, goňuryň merkezinde
ybadathana üçin niỳetlenen monumental (ägirt uly, çuň manyly B.G.)
arhitektura kompleksi gazylyp tapyldy. Şu ỳerde tapylan 12 burçly
diňli ybadathana tutuş Ỳakyn Gündogar sistemasynda täsin bina,
aỳratyn üns berilmäge mynasypdyr...
Biz entek bu medeniỳetiň gelip çykyşyny doly bilmesegem, oňa
Günorta Türkmenistanly taỳpalaryň gatnaşandygy aỳandyr, bu ỳerik
täze taỳpalaryň gelendigi-de hakykatdyr. Olaryň ata watanlary şol
wagtky dünỳäniň öňde baryjy merkezleri saỳylan Anadola çenli
ỳaỳylyp gidỳär.»30
Bu ugurda G. Kuraỳewa şeỳle ỳazỳar: « Heỳkeltaraşlyga türkmen
Şekillendiriş sungatynyň iň gadymy görnüşi diỳip aỳtmak mümkin.
Ol daş asyrlaryň soňky döwründe döräp, çylşyrymly we köp
basganjakly ösüş yoluny geçdi. Iň irki gadymy dessurlar we
merhumy jaỳlamak dessury bilen baglanyşykly heỳkellere gadymy
döwrüň adamlarynyň özüni gurşap alỳan dünỳä bilen arabaglanyşygy
täsirli beỳan edilipdir ...
Tebigatyň güỳçlerine sejde etmek, jadygöỳlik dessurlary, ine daş
asyryň soňky döwründäki gadymy sungatyň emele gelmeginiň ruhy
sredasy (daş-töweregi, atmesforasy B.G.) şeỳleräk. Bu ỳerde, şu
döwrüň heỳkeltaraşlykda giňişleỳin pikirlenmegiň düwünçegi
30
Sarianidi Viktor, Gdymy Marguşyň Beỳik medeniỳeti, türkmen medeniyeti
jurnaly, s. 31. Aşgabat-1994/1
39
düwülỳär,
şolarda
ynsanyň töweregini
gurşap
alỳan
tebigatyň durmuşyna akyl ỳetirmegiň uzak we çylşyrymly prosesi öz
täsirini tapỳar...
Orta Aziỳanyň sungatyny öwreniji G. A. Pugaçenkowanyň
getirỳän mysaly örän gyzyklydyr. Onuň tassyklamasyna görä, gadym
zamanda Türkmenistanyň çygrynda bişen we bişmedik toỳundan
ỳasalan, haỳwanlaryň şekilleri gabat gelỳär. Winkilman diỳen alym
bolsa toỳny hudojnikleriň (suratçylaryň) ilkinji materialy diỳip
hasaplapdyr. Gödeksi ỳasalan şol şekiljikler umumylaşdyrylan
görnüşde haỳwanlaryň keşbini berỳär. Gadymy adamlar özleriniň
durmuş bilen baglanyşyklaryny sungatda ine, şeỳleräk beỳan
edipdirler. Haỳwanlaryň (geçi, goỳun, öküz) süňkden, daşdan ỳasalan
şekilleri gadymy döwürde tumar görnüşinde ulanylypdyr. Olary
önelgesiz eneler, şonuň ỳaly-da al-arwahy kowmak üçin
dakynypdyrlar.
Adamlaryň şekilleri-de şeỳle maksatlar üçin ulanylypdyr.
Şolaryň arasynda aỳal şekilleri has giňden ỳaỳrapdyr. Olar jeỳtunda,
Garadepede tapyldy. Ilkidurmuş adamy aỳal bilen erkegiň arasynda
bar bolan nähildir bir möhüm tapawudy aňşarypdyr. Ynha, Z. A.
Abramowa şu garaỳyşda dört sany esasy ugry görỳär: 1. Aỳalyň öỳ
ojagy bilen baglanyşygy, 2. Aỳal keşbiniň nesil öndürmek ideỳasy
bilen baglanyşygy,
3.
Aỳalyň
nesilbaşlaỳjy
hökmünde
suratlandyrylyşy, 4. Aỳalyň aw jadygöỳligindäki rolunuň
nygtalmagy...
Şularyň barysy birigibem matriarhatyň (Enehanlygyň B.G.)
emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr...
Günorta Türkmenistanyň giňişliginden tapylan, çommalyp oturan
aỳallary suratlandyrỳan gadymy toỳun şekiller, baryp b.e.o. 6-njy
müňỳyllyga, daş asyryň has soňky döwrüne degişlidir.
Daş asyryndan bürünç asyryna geçiş döwrüne degişli gyzymtylgoňur reňkli toỳundan ỳasalan bir topar şekiljik bardyr. B. M.
Masson bilen B. N. Sarianidi şol şekiljikleriň 7 görnüşini
belleỳärler...
Gadymy döwrüň adamy sudura derek göwräniň belli bir bölegini
Şekillendiripdir. Şunuň bilen birlikde aỳal-enäniň esasy alamatlaryny
40
kesgitläpdirler.
Ayal-Hudaỳyň döremegi-de şulardan gaỳdỳar.
Munuň özi durmuş jadygöỳliginiň esasy alamaty bolupdy.
Şeỳlelik bilen, jadyly funksiỳlar kämilligiň çeper beỳanynyň
gözleglerini ikinji derejä geçirỳärdi. Şol döwürler heỳkeltaraşlyk
sungaty ỳol aỳrydynda durdy.»31
Indi, Türkmenistanyň iň gadymy medeniỳetini owrenmekde örän
gymmatly açyşlar eden tanymal alym V. M. Massonyň öňe süren
pikirleriniň biziň temamyza degişli taraplary bilen tanyş bolalyň. Ol,
Alman dilinde “Das Lan der tausend Städt” (Müň şäheriň ýurdy) ady
bilen çap bolan we girişinde “bu eser ors dilinde çap bolandan soň,
soňky ylmy tejribeler bilen has baýlaşdyrylandyr” diýip nygtalan
kitabynda şeýle ylmy nazaryýalary öňe sürýär:
«Altyndepe töwereginde ilkinji ekerançylaryň oturumly
ýurtlary iň giç b. e. ö. 5000 ýylda ýüze çykandygy bellidir. Olardan,
ýüzi ýönekeý geometrik nagyşlar bilen bezelen küýze döwükleri
galypdyr. Şol döwriň ýaşaýjylary öz döreden medeniýetlerini ösdürip
ýaýratmagy başarypdyrlar. Biz bu ösüşi yzarlanymyzda, küýzeler
yzygiderli owadanlaşýar hem bezegleri artýar. Bezeglere
haýwanlaryň we ynsanlaryň suratlary-da girýär, şonuň ýaly hem
çylşyrymlaşýar. Sazlaşykly iki reňkli nagyşlar, keçäniň ýüzüne
salynýan nagyşlary ýatladýar.
Gazuw işlerinde köp gabat gelýän bürünçden guýulan,
owadan daşlardan şekillendirilen gap-gaçlar, tehnikanyň ösendigini
aňladýar. Olar, ekerançylykda has öndümliräk tehnikalary girizmek
üçin, dürli suwaryş gurallary döredipdirler…
Radio-karbon usuly bilen kesgitlenende, döredilen gadymy
şäherleriň taryhy b. e. ö. Üçünji müň ýyla gabat gelýär…
Altyndepedäki şäheriň aýry-aýry böleklerinde (etraplarynda)
geçirilen gazuw işleriň netijelerini şeýle suratlandyryp bileris: şäheriň
ýaşaýjylary aýry-aýry gatlaklara bölünip, ol gatlaklaryň arasynda
bolsa manyly çäkler saklanypdyr. Bu şäheriň ähli böleklerini
öwrenmek arkaly onuň ilatynyň sanynyň hem takmyny belli bolýar.
Bu gadymy şäherleriň ilatynyň sany bir çaklama bilen 6000-7500
ýaşaýjydyr. Bu san şol döwür üçin örän manylydyr. Sumer
31
Kuraỳewa Gurbanjemal, Türkmen Heykeltaraşlyk Sungatynyň Kökleri, Türkmen
Medeniỳeti jurnaly, s. 14-16, 1994/2 Aşgabad
41
medeniyetiniň merkezi bolan UR şäheriniň ilaty hem b. e. ö. 2500
ýylda 10000 adamdan ybarat bolupdyr...»32
Alym Altyndepäniň arhitektura we heýkeltaraşlygynyň
aýratynlyklary hem onuň din bilen bolan baglanşygyny düşündirýän
bölüminde, şol sanda şeýle ýazýar: « Daşdan ýasalan bir plaketiň
ýüzündäki bir haç (atanak) bilen ýarym aýy suratlandyrýan, şonuň
ýaly hem bir gurt bilen öküziň kelleleriniň heýkelleriniň tapylmagy,
aýratyn üns çekiji hem manylydyr. Öküziň gözi, hem-de bir aý
görnüşindäki heýkeljigiň ýanyndaky ýyldyz, ýakutdan ýasalypdyr.
Bu tapylan zatlary bilelikde alanyňda, belli bir çylşyrymly hem köp
taraply funksiýany aňladýar. Gadymy Mezopotamiýadaky dini
tekstleriň düşündirişine görä, aý taňrysy Nin-Sun, güýçli hem gyzma
öküz görnüşinde ýüze çykypdyr. Heýkeltaraşlar ony altyndan ýasalan
öküzüň heýkeli bilen suratlandyrypdyrlar. Aý taňrysy Sumeriň UR
şäheriniň iň ýokary derejeli goraýjysydyr. Hut şonuň üçin hem örän
uly hem çylşyrymly çokunma jaylary (kultkompleksi) oňa
hödürlenipdir. Bu şäheriň meşhur zigguraty hem şoňa degişlidir (bu
ybadathananyň ady ANUdyr, B. G.). Nin-Siniň Altyndepedäki ýerli
wariýanty bolan bir erkek ;aý taňrysy; hem ünsi çekýär. Oňa-da bu
şäheriň bir dini kompleksi hödürlenipdir. Bu kompleksiň köp gatly
diňi (minarasy) Sumeriň zigguratlarynyň prototipidigi (irki
nusgasydygy) aýdyňdyr. Bu merkez, Altyndepäniň şäher gurluşynyň
aýratynlygynyň simbolydyr…
Arhitektura derňemeler, Altyndepede-de Sumerde bolşy ýaly
uzynlyklary ölçmekde belli bir sistemanyň ulanylandygyny subut
edýär. Köp sanly agram daşlaryň (kileleriň) ýüze çykmagy bolsa,
agramlary ölçmekde-de belli sistemanyň bolandygy hakda gürrüň
etmäge ýol açýar. Seýle ölçegler bilen, ýygnalan hasyllaryň
möçberini hasaplapdyrlar. Şonuň ýaly hem metalorglar (demirçiler)
aýry-aýry metallaryň agramyny örän dogry hem inçelik bilen ölçüp
bilelikde eretmek arkaly täze metallar döredipdirler…
Heýkeltaraşlykda örän uly kelleleri kiçi göwreleriň üstünde
goýulmagy hem-de bütin ünsi özüne çekýän iňňän uly gözleriň
oturdylmagy görülýär. Sumerlilerde şeýle uly gözleriň hem
32
: Vadim M. Masson „Das Land der tausend Städte“ München-1987, s. 22-28
42
gulaklaryň, bilim hem hüşgärlik organlary hökmünde, taňrylaryň
bar zady görýän hem eşidýändiginiň simboly bolmagy ýerliksiz
däldir…
Biz, Altyndepe medeniýetinde suratlandyrylmagy we düşündirilmegi
täze metodlar hem gurallar talap edýän bir dini sistemanyň ýüze
çykandygyny kabul edip bileris.»33
Masson soň Altyndepäniň ýeke täk nusga bolman eýsem
Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde hem onuň bilen bäsleşen
medeniýet merkezleriniň bolandygyny ýatlatmak bilen sözüni şeýle
dowam etdirýär:
«Ýokarda agzalan alamatlaryň baryny jemlemek bilen biz,
Garagumyň töwereginde ýüze çykan, şu güne çenli tanalmadyk örän
ösen we gadymy gündogar oturumly medeniýetinden gürrüň
etmelidiris…Bu ýerde biz gadymy orta-gündogaryň şäher
medeniýetiniň taryh kitabynyň birinji sahypasyny we soňraky medeni
ösüşleriň örän ähmiýetli hem manyly bölümini görýäris…
Ýene-de bir aýratyn ähmiýetli mesele bolsa, Altyndepe
medeniýetiniň ýokdan (noldan) döremän, boşlukda dowam etmän
eýsem, öz goňşulary hem-de döwürdeş medeniýetleri bilen
baglylykda ýüze çykyp dowam edendigidir. Bu medeniýetiň bronz
döwründe iki däbi yzarlandygy esassyz däldir; birinjiden, özüniň
gadymy baýlygyndan, ýagny Günorta-Türkmenistanyň has gadymy,
giçki neolitik döwründäki ekerançylyk medeniýetinden, ikinjiden
bolsa beýleki ösen medeniýetler, birinji derejede bolsa
Mezopotamiýanyň täsirinde ösüpdir…
Altyndepäniň ýerli medeniýeti bilen Mezopotamiýa
medeniýetiniň arasyndaky gatnaşygy aňladýan iň gyzykly nusga, bu
ýerden tapylan altyndan ýasalan öküziň kellesiniň heýkelidir. Bu
kelläniň durky, gözüniň we gulaklarynyň biçiwi we… bizi UR şäherdöwletinden başlanýan we şalaryň mazarynda gabat gelýän öküz
kelleleri bilen meşhur bolan, sumerlileriň heýkeltaraşlyk sungatyna
äkidýär…
Biz gürrüňimizi şeýle netijeler bilen jemläp bileris: Altyndepe
medeniýeti gadymy gündogaryň ägirt giň medeniýetiniň örän
görnükli bölegi bolup ol, Mezopotamiýa we gadymy Hindistan ýaly
33
: ýene şol. S. 37-38
43
uly medeniýetleriň çatrygynda, olar
we
beýleki
gadymy
ýurtlardyr halklar bilen garşylykly täsir etmek hem täsir almak
ýagdaýynda çylşyrymly prosesi başyndan geçiripdir… »34
2.3. Türkmenistanda ilkinji ỳazuwyň yzlary
Ỳokarda biz V. Sarianidiniň: „Bu adamlaryň ỳazuw haty ỳa
saklanmandyr, ỳa-da arheologlar tarapyndan tapylmandyr. Şonuň ötri
olaryň ruhy dünỳäsine aralaşmak üçin ỳüzüne şekil çekilen, kämahal
gürrüň beriji kompozisỳaly (gürrüň briji ỳagdaỳda düzülen, B.G.) daş
tumarlara ỳüzlenmek ỳeke-täk çykalga bolup hyzmat edỳär“ diỳen
pikiri bilen tanyş bolupdyk. Bu barada V. Massonyň hem örän
gymmatly hem manyly açyşlary bar:
«Jemgiýet strukturasynyň özgermegi bilen çygry örän giňelen
maglumatlary bellige alyp saklanmalydy. Bu mesele bolsa, bu
gazanylan bilimleri özünde saklap bilmek üçin ynamly hem mynasyp
belgileri oýlap tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde
Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň belli bir ýazuw sistemasyny ulanan
bolmaklary örän ähtimaldyr. Dogrudan-da, taňsykdan ýasalan aýal
heýkelleriniň ýüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri,
biri-birine ylaýyk gelýän alty topara bölmek mümkindir. Olar
dowamly gaýtalanýar, her bir heýkelde aýry-aýry belgiler topary,
belli formalarda biri-birine baglanýar… birinji hatarda bir ýyldyz
belgisi bilen asmandaky bir hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň
pudagy bilen bolsa, belli ösümlikleriň ýa-da bugdaýyň goraýjy
taňrysyny suratlandyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir näçesi
protoilam (Ilam ýazuwynyň aňyrsy) piktografiýasynda-da gabat
gelýär.
Tapylan ýeketäk nusga bolan bir möhüriň ýüzünde bolsa
protohind (Hind ýazuwynyň aňyrsy) ýazuw sistemasyna degişlidigi
açyk belli bolýan belgiler bar. sowet alymlarynyň Ý. V. knorozowyň
ýolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ýüze çykarmakda ulanylan
metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden tapylan bu ýazuwy “belli
bir uly hanym ýa erkek taňryny aňladýar” diýip ýrup bileris…
Bularyň barysyny göz öňünde tutmak bilen biz, Altyndepäniň
ýaşaýjylarynyň özleriniň hem bir protohind ýazuw sistemasy bolan
34
: ýene şol. S. 41-43
44
bolmaly
ýa-da
her
halda
düşünipdirler diýip bileris…»35
protohind ýazuw tekstlerini okap
(Vadim M. Massonyň ýokarda ady geçen kitabyndan, s. 38)
1. Günorta Türkmenistandan tapylan belgiler
2. Ilamdan öňki ỳazuw belgileri
3. Irki Summer ỳazuw belgileri
4. Hindistandaky Harappadan tapylan belgiler
35
:Massn V. , ýene şol. S. 38-40
45
Biz
ỳokarda,
hem
sumerlileriň
döwründäki
Mezopotamỳa hem-de biziň iňňän gadymy watanymyz bolan
Türkmenistanyň şol döwre degişli arhitektura we heỳkeltaraşlyk
medeniỳetiniň aỳratynlyklary bilen tanyş bolduk. Bular barada öňe
sürlen iňkär edip bolmajak hakykatlary biri-biri bilen derňänimizde
olaryň arasynda örän manyly hatda edil bir ỳurt hakda gürrüň gidỳän
ỳaly meňzeşlikler hem doly gabat gelmelere köp duşýarys, şol sanda:
1. Altyndepeden tapylan öküziň kellesiniň heýkeli b. e. o. 4nji müň ýyllyga(kä çaklamalara göre 3-nji müňỳyllyga) degişli sap
gyzyldan bolup, çeperçilik taýdan hem örän ýokary derejededir.
Mezopotamiýada sumerlilere degişli öküzüň kellesiniň heýkeli,
Türkmenistanyňkydan gijiräk döwre (b. e. ö. 3 müň ýyla) degişýli
bolmagyna garamazdan, çeperçilik taýdan gödegsiräk hem-de
bürnüçden ýasalypdyr. Bularyň ikisi-de ynsanlaryň maldarçylykdan
ekerançylyga geçilen döwründe, ýer sürülýän öküziň yktysatda
oýnaýan roly üçin mukaddes hasaplanyp, hatda oňa sejde edilendigini
aňladýar. Türkmenistandan çykan öküziň kellesi we bir topar beýleki
zatlaryň has öňki döwürlere degişli bolmagy-da „Türkmenistanyň
medeniýetiň has gadymyrakdygyna aýdyň mysaldyr.
2. Hem Türkmenistanda hem-de Mezopotamiýada köp sanly
taňrylaryň (aglaba köpüsi hanym taňrylaryň) heýkelleri tapylypdyr.
Bu taňrylaryň daş görnüşi biri-birine meňzeşligi hem-de aňladýan
dini düşünjeleriniň deňligi örän üns çekijidir. Mysal üçin
Mezopotamiýada taňry heýkelleriniň ýanynda, iki we dört tigirli
arabalaryň maketi hem bar. Sumerlileriň dini ynanjyna görä, taňrylar
şol arabalara münüp asmana gidýän ekenler. Türkmenistanda tapylan
iň gadymy, pirimitivräk hem gödegsiräk taňry heýkelleriniň ýanyndada dört tigirli arabalaryň bolmagy edil şol manyny aňladýandygy özözünden düşnüklidir.
3. Iki ýurtda tapylan gadymy gap-gaçlaryň, hem formalary
hem-de olaryň ýüzündäki nagyşlary, edil bir almany ikä bölünen ýaly
meňzeşdir. Mysal üçin, bir agajyň her ýanynda bir geçi bar. „Bu agaç
hem geçileri diriligiň simbolydyr“ diýip alymlar nygtaýarlar. Änew-
46
Altyndepe medeniýetine degişli bolan bu gap-gaçlaryň ýüzünädki
nagyşlaryň, şu günki türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde ulanýan
nagyşlaryna gabat gelýändigi bolsa, N. Rosliakow we beýleki
alymlaryň tarapyndan ykrar edilen meseledir.
4. Türkmenistandan hem Mezopotamiýadan tapylan köne
şäherleriň pylany, ybadathanalaryň (çokunma jaýlarynyň) we
zigguratlaryň (basganjakly diňleriň, minaralaryň), arhitekturasy,
ulanylan materiallary, şonuň ýaly-da ulanylan heýkeljikleriň
aňladýan dini motiwleri hakynda ýazylan ylmy makalara üns
bereniňde, köp ýagdaýda biri-birinden habarsyz ýazylandygyna
garamazdan, edil bir ýurt hakynda gürrüň gidýän ýaly
meňzeşliklerdir doly gabat gelmeleri görmek kyn däl. Elbetde bu
meseleler hakynda doly hem anyk gurrüň etmeklik biziň hormatly
arheologlarymyzyň paýyna düşýändigi-de öz-özünden düşnüklidir.
Biz hormatly okyjylarymyza soňky sahypalardaky suratlara üns
bermeklerini teklip edýäris.
5. Ỳazuwy hem tigiri oỳlap tapanlaryň sumerlilerdigi şu güne
çenli dünỳäde ykrar edilen mesele. Şeỳle-de bolsa görşümiz ỳaly hem
tigirli arabalaryň has gadymyrak nusgalary Türkmenistandan
tapylypdyr hem-de ỳazuwyň ilkinji başlangyç yzlary bu gadymy
topraklarda duş gelỳär.
Hut şeỳle hakykatlary göz öňünde tutulmak bilen
sumerlileriň biziň gadymy topraklarymyzdan göçüp gidendigi hakda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 04
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.