Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 04

Total number of words is 3586
Total number of unique words is 1883
28.7 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
46.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gürrüň edýän çeşmeler gaty köp. Biz bu ýerde gürrüňimizi ors
arheologiasynyň atasy hasaplanýan N. Nikolskiniň sözleri bilen
jemleýäris:
« Sumerlileriň ata watany Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň
töweregidir. Bu ýeriň kurganlaryndan (depelerinden) tapylan, daşdan,
kümüşden we taňsykdan ýasalan zatlar, Mezopotamiýanyň
günortasyndaky sumerlilere degişli depelerden tapylan zatlara gaty
meňzeşdir. Bütin bu zatlar “sumerlileriň şu günki Türkmenistandan
Mezopotamiýa göçüp baran bolmagy güýçli ähtimaldyr” diýen netijä
eltýär. Bu iki medeniýetiň iň soňky analizleri, olaryň arasynda köp
sanda ortak zatlary ýüze çykarypdyr.
Sumerlileriň baş taňrylary bolan ;En-Lil;iň tutan orny,
Mezopotamiyanyň günortasyndaky düzlükler bolman eýsem,
47
daglyklarda bolupdyr. Belki-de ;Köpetdagyň; etekleri olaryň ata
watany bolandyr…»36
Bu ỳerde ỳene bir bellemeli mesele-de sumerolog alymlaryň
birnäçesi, Sumer diliniň Hindistanda Ariýanlardan (arylardan) has öň
ýaşan we dilleri bolsa Ural-Altaý dilleriniň aýratynlyklaryna eýe
bolan „DRAWIDA“laryň diline-de kä meňzeşlikleriniň barlygyny
göz öňünde tutmak bilen, belki-de sumerliler Hndistandan häzirki
Eýranyň gündogaryndan geçip Mezopotamiýa gelendirler diýen pikiri
öňe sürýärler. Emma ol döwürleriň tebigy şertlerinde Günorta-Eýrany
gaty giň hem yssy çölleriň gurşap alandygyny göz öňünde tutmak
bilen, bu pikiriň dogry bolup bilmek ähtimaly gaty azdyr diýen netijä
barýarlar. Galyberse-de aslynda bu ;drawida; (drawidi) halkyň özi
hem diliniň Ural-Altaý dilleriniň aýratynlyklaryna eýedigini göz
öňünde tutmak bilen, ýokarda Will Dorant tarapyndan öňe sürülen
Änew-Altyndepe döwürnde Türkmenistandan göçüp giden bolmagy
gaty ähtimaldyr.
Bu pikiri (sumerlileriň Hindistandan gitmek ähtimalyny) öňe
sürenleriň biri „Wolfram von Soden“dir. Ol, sözüniň dowamynda
şeýle ýazýar: «Bu Agglutinativ dile eýe bolan Drawidalar
Hindistandaky baý medeniýetiň döredijileri hasap edilýär. Hindistana
iň soňky aralaşan halk bolan Ariýanlar bolsa, olary GünortaHindistana sürüpdirler. Emma welin Drawidalary günbatara göçmäge
nämäniň mejbur edendigini hem-de b. e. ö. 4-nji müň ýylynyň haýsy
bölüminde göçendiklerini kesgitlemek gaty kyn.»37
Drawidalar hakynda sumerolog alym F. Hommel şeýle
ýazýar: «Kollar (Kolhlar) Hindistanyň iň gadymy ýaşaýjylarynyň
nesilleridir. Soňra Turanly (Türtüstanly) Drawidalar Hindistana
gelýärler, iň soňunda bolsa Ariýanlar gelip Drawidalary GünortaHindistana sürýärler.»38
36
: K. Matweew, A. Sazonow „Zemlýa Drewnego Dwureç-ýa“ Moskwa-1986,
s.38
37
: Wolfram von Soden „Êinführuň in die Altorientalistik“ München-1925, s. 18
38
: F. Hommel „Ethnologie und Geographie des Alten orient“ München-1925, s.
18
48
«Drawida
dilinde gepleýän ilatyň şu günki sany
takmynan 200 milion bolup, Hindistan ýarym-adasynyň dörtden
birini düzýär. Bu dil, ylaýta-da onuň „Tamil“ dialekti güçli
edebiýaty, gadymy ýazuw ýadigärlikleri hem-de b. e. ö. 300 ýyla
ýetýän geçmişi bilen özüniň aýratynlyklaryny saklap gelýär. Bu dil,
Tamil, Andrapradaş we Misur ýaly birnäçe ülkede resmi döwlet
dilidir.»39
Bu getirilen faktlaryň barysy, üstesine-de biziň indiki
bölümlerde ele alyp açyklajak Türkmen-Sumer dil we edebiýat
gatnaşygy hem garyndaşlyg, Emirkaly alym ;Will Dorant;yň
ýokardaky: “Türkmenistan-Änew- dünýäniň iň uly medeniýet
ojaklarynyň başynda gelýär, Sumer, Ilam we gadymy Hindistan
medeniýetleri bolsa b. e. ö. 4000 ýylda aralaşan agyr gurakçylyk
zerarly göçüp gidenleriň üsti bilen ýaýrap ol ýerde dowam edendir”
diýen ylmy nazaryýasyny doly tassyklaýar.
Biziň pikrimize görä, iňňän gadymy Oguznama dessanymyz,
özüniň gözbaşyny ýokarda gürrüňini eden döwürlerimizden alyp
gaýdan bolmaly. Sebäbi, biz bu dessany okanymyzda, onuň has
soňky döwürlerde, şol döwriň şertlerine uýgunlaşdyrylyp ýazuwa
geçirilendigine garamazdan, Oguz hanyň yöriş eden ýurtlarynyň
giňişligi, Änew-Altyndepe medeniýetini döreden ata-babalarymyzyň
agyr gurakçylyk zerarly bosgun edip giden ugurlaryna gabat gelyär.
Bu hakykat we ondan başga-da dessanyň motiwi, ondaky gaty ir
döwürlere degişli kä bir atlar, onuň gaty ir döwürlerden gursakdan
gursaga geçip gelendigini aňladýar. Bu barada geljegki bölümlerde
has anygyrak gürrüň etjekdiris.
Bu hakykatlar, merhum Ahmat Bekmyradow ýaly kä türkmen
alymlaryň: «Görogly, Korkut-Ata we olaryň gözbaşynda duran
Oguznamanyň, halkymyzyň ýüzyyllar däl-de belki-de müňýyllaryň
dowamynda döredip, sünnälän pähim-paýhas önümidigini ylmy
esaslar subut edýär»40 diýen pikirlerini doly goldaýar.
39
40
: Hans Joachim Störig „Abenteuer Sprache“ s. 297-98
: Ahmat Bekmyrat „Göroglynyň yzlary“ Aşgabat-1988
49
III
Türkmenistan (b.e.o. 3-nji müňỳyl)
50
IV
Mezopotamỳa (A-b.e.o. 2700 ỳyl, B-b.e.o. 2000 ỳyl)
51
A- Türkmenistan, altyndan ỳasalan öküz kellesi (b.e.o. 4000.,
kä çaklama görä 3000. ỳyl)
B- Mezopotaỳa, bronzdan ỳasalan öküz kellesi, b.e.o. 3000.
ỳyl (Mesopotamien. Jean-Claude Margueron, München1978, s. 45)
52
IV. Türkmen-Sumer ruhy medeniýetleriniň
gatnaşy
1. Türkmen we Sumer edebiýatyndaky manyly meňzeşlikler
Sumer edebiýaty köplenç ýagdaýda din bilen ýygy
baglanşyklydyr. Dünýäde ilkinji gezek ýazuwa geçen bu gadymy
edebiýatyň başynda meşhur Gilgamyş (Gilgamiş we Gilgameş
görnüşlerinde ýazylýar, biz hem öz dilimize uygunladyp aldyk) eposy
gelyär.Mundan başga-da ;Dumuzi bilen In-Anna; dessany , bahar
bayramynyň däpleriniň gürrüňi, aydyşyk aýdymlar, ýüzlenme hatlar
ýaly edebiýatyň dürli žanrlary bar. Bu tekstlerde biz, türkmen hem
beýleki türki halklaryň edebiýatyna, ylaýta-da Oguznama, KorkutAta, Görogly ýaly, gözbaşyny müňýyllaryň tümliginden alyp
gaýdýan folklorik eserlerdir ertekilerine örän manyly meňzeşlikleri
hatda doly gabat gelmeleri görýäris. Bu hakykatlary, şonuň ýaly-da
sumerologlaryň Sumer dilini onuň grammatiki aỳratynlygy boỳunça
Ural-Altaý dilleri bilen bir dil toparyna girizmeklerini göz öňünde
tutmak bilen kä alymlar türk edebiýatynyň taryhyny sumerlileriň
ýokarda ady geçen Gilgamyş dessany bilen başlaýarlar. Mysal üçin
bu dessan bilen başlanýan “Türk edebiýaty taryhy” atly eserde, Helmi
Ziýa Ülken şeýle ýazýar: «Eger-de sumerliler, taryhçylaryň
çaklamagyna görä bir türk urugy bolan bolsa, onda dünýäniň iň
gadymy dessanlarynyň biri-de bir türk dessany bolandygy
hökmanydyr…»41
Biz bu ýerde, ýokarda ady geçen iki sany tekst bilen tanyş bolup,
olary öz gadymy edebiýatymyzyň nusgalary bilen derňemek arkaly,
olaryň arasyndaky örän manyly meňzeslikleri ýüze çykarmaga
synanşarys.
1.1. Gilgamyş (Gilgamiş, Gilgameş) eposy
Gilgamyş dessany dünýäniň iň gadymy hem gözel
eposlarynyň biridir diýip, alymlar nygtaýarlar. Bu dessandan ylham
almak arkaly hem-de onuň güýçli täsiriniň astynda dünýäniň köp
41
: Seýit Kemal, Karalyoglu „Türk edebiýaty taryhy“ Istanbul-1973, s. 26
53
ýurtlarynda we dürli halklaryň arasynda dürli-dürli eposlar
döredilipdir. Bu barada Kramer şeýle ýazýar: «Gilgamyş URUK
şäheriniň adygan (meşhur) şalaryndan biri bolupdyr. Onuň höküm
süren döwri b. e. ö. 27-nji asyrlar bolupdyr. Soň-soňlar köp sanly
mifler we legendalar bu ajaýyp haýbatly şahyň bitiren işleriniň
esasynda, onuň adyna döredilipdir. Ol, asyrlar boýy diňe bir
Mezopotamiýanyň ýarym taňrysy hem sylanýan milli gahrymany
bolmak bilen çäklenmän eýsem, bütin gadymy dünýäniň taryhy
gahrymanlarynyň arasynda iň beýik şahsyýatlarynyň biridir. Ýüzlerçe
ýyl onuň söweşleri, wahşy haýwanlardyr ynsanüsti güýçlere garşy
alyp baran göreşleri, şonuň yaly-da soňsyz diriligiň (ebedi ýaşaýyş)
syryny tapmak ugrundaky geçiren gözlegleri, sumerlileriň,
akkadlaryň, hititleriň we ýakyn gündogaryň beýleki uruglarynyň
arasynda dilden-dile dessan edilip gelipdir. Ýunan gahrymany
Heraklesiň döremeginde-de onuň nusga bolan bolmagy gaty
ähtimaldyr.»42
Bu alym başga bir eserinde Gilgamyşyň şahsyyatyny şeýle
suratlandyrýar: «… Tekstiň bu iki bölüminde, Gilgamys bir
gaýdusyz gahryman, söweşjeň serdar, howatyrly gygyrýan çaga,
geňeşçi dana, adalatly soltan we ölümden gorkỳan pany (geçiji)
ynsan görnüşlerinde çykyş edýär.»43
Ýene bir rowaýata görä bolsa Gilgamyş 120 ýaşapdyr. Onuň
göwresiniň üçden iki bölegi taňry, galan bir bölegi ynsan eken. Bu
dessanyň köki, belli bir dini tekst ýa-da goşgy bolman eýsem, iliň
arasyndaky ertekilerdir rowaýatlardan alynyp düzülipdir. Ol poema
görnüşinde bolup, her biri bir gözel hem özbaşdak goşgy bolan 12
tabelladan ybaratdyr.
1.1.1. Dessanyň mazmuny
«Gilgamyş Uruk şäheriniň deňi-taýy bolmadyk bökesidi. Ol
şeýle bir batyrdy welin, onuň ursgadyny almadan, ýigitler atasynyňky
däldi, gözeller bolsa söýgülilerine gowuşmaýardy. Şäheriň ilaty,
taňrylaryň huzuryna baryp aglap-eňrediler hem-de Gilgamyşyň
öňünde durup biljek bir batyr pälwany ýaratmaklary üçin olara
42
43
: S. N. Kramer “Mesopotamien” New York-1971, s. 42-43
: S. N. Kramer „Sumerische Literarische texte aus Nippur“ Berlin-1961, s. 11
54
ýalbardylar. Asman taňrysy ANU, Gilgamyş ýaly güýçli
bolan ;Enkidu;wy ýaradyp Gilgamyşyň üstüne iberdi. Enkidu
tokaýlarda ýaşap, haýwanlar bilen ýatyp-turup ýördi. Bir gün ony bir
awçy görüp gorkdy hem-de baryp atasyna habar berdi. Atasynyň
maslahaty boýunça, Enkiduwy özüne çekip biljek bir hanymy tokaýa
iberdiler. Enkidu aýaly gördi-de ýanyna bardy. Hanym ony
haýwanlaryň arasyndan aýrylmaga ylalaşdyryp özi bilen şähere
getirdi. Enkidu başda Urukyň bökesi Gilgamyş bilen söweşe girdi. Iň
soňy Gilgamyş üstün çykdy. Şondan beýläk olar dost boldular.
Günleriň birinde, serwi tokaýlarynda ýaşaýan ;Humbaba; atly
bir döw bilen söweşmek üçin ikisi bilelikde ýola düşdüler. Olar
tokaýlyga girenden Humbabanyň sakçysyna sataşdylar hem ony
öldürdiler. Şonuň yzysüre Enkidu hassalady we on-iki gün özüni
bilmän ýatdy. Ol ýagşylaşyp başlanyndan Gilgamyşy bu dawasyndan
el çekmäge çagyrdy, emma ol ylalaşmady. Döw bilen aralarynda bir
gorkunç söweş başlandy. Iň soňunda Humbabany ýeňip kellesini
kesdiler. Bu başarjaňlygy üçin, hanym taňry Iştar (Sumerçesi InAnna B.G.) Gilgamyşa aşyk boldy, emma Gilgamyş ony äsgermedi.
In-Anna atasy ANUwa baryp şikaýat etdi hem-de Gilgamyşy
öldürmek üçin asmandan bir mukaddes ;buga; ibermegini isledi.
ANU iň soňy onuň islegini kanahatlandyrmak üçin bugany iberdi.
Gilgamyş bilen Enkidu bilelikde bugany ýeňip öldürdiler, ýüregini
bolsa güneş taňrysyna sowgat berdiler. In-Annanyň muňa has-da
gahary geldi, emma hiç zat edip bilmedi.
Şondan soň Enkidu bir gorkunç düýş gördi. Bu düýşde
taňrylar Enkiduwyň ölümine, Gilgamyşyň bolsa bagyşlanmagyna
karar berdiler. Enkidu şondan soň hassalady we uzaga çekmän hem
öldi.
Gilgamyş Enkiduwyň ölümine çenden aşa gynandy. Özüniň
hem bir gün öljekdigine pikir edip gaýga batdy we taňrylardan
Enkiduwyň ruhuny bir çäkli wagt üçin ýeriň ýüzüne çykarmaklaryny
haýyş etdi. Taňrylar bu isleg bilen ylalaşyp, Enkiduwyň ruhunyň
ýeriň ýüzüne çykmagyna ursgat berdiler. Gilgamyş ondan, ýeriň
astyndaky dünýäni, Dowzahy we ynsanlaryň ol ýerdäki ýagdaýyny
sorady. Alan jogaplaryndan iýni sandyrady.
55
Gilgamyş
ölümden gutulmak
we
ölmezleriň
dünýäsine girmegiň çäresini gözläp tapmak maksady bilen ýurduny
terk etdi. Gün geçdikçe gorkusy artyp ynjalygy gaçýardy. Şol arada
Gilgamyş, tupandan (Nuhuň tupanyndan, B. G.) sag-amn gutulyp
ölmezleriň arasyna giren ;Utananapiştim;i hakydasyna getirdi hem-de
ondan ölmezligiň syryny öwrenmegi ýüregine düwdi. Onuň bolýan
ýerini tapmak üçin ýola çykdy. Soňsuz ýaşaýşa gowuşmak arzuwy
gün geçdikçe onuň ünjüsini köpeldýärdi.
Bir gün ;Maşu; dagyna bardy. Bu dagyň girelgesini ynsaniçýanlar saklaýardy. Gilgamyş bulary görenden gaty gorkdy. Olaryň
birisi aýalyna: “bu ynsanyň göwresi taňrylaryň etinden ýasalandyr”
diýdi. Onuň aýaly hem: “onuň göwresiniň üçden ikisy taňry we
üçden biri ynsandyr” diýdi. Şonuň üçin hem içýan-ynsan Gilgamyşy
oňat garşy aldy. Gilgamyş oňa maksadyny aňlatdy. Ol, bu
ýolagçylygyň gaty howplydygyny, bir gije-gündizde aşyp boljak bu
dagyň garaňky ýüzüne hiç kimiň geçip bilmändigini aýtdy.
Gilgamyş ene taňry Siduriniň galasyna barday. Onuň bilen
görüşdi. Siduri ondan bu aljyraňlykly talaşynyň sebäbini sorady.
Gilgamyş ölümden gaty gorkandygyny bolşy ýaly aýtdy. Taňry oňa,
bu görüp ýören görgüleriniň biderekdigini aydyp, bu umytsyz
ýolagçylykdan el götermegini maslahat berdi. Gilgamyş ýene-de
ýalbaryp, ondan özüne ýol görkezmegini haýyş etdi. Siduri
Gilgamyşa: öňunde bir deňiz barlygyny, ol gorkunç deňzi henize
çenli hiç kimiň aýşyp bilmändigini aýtdy. Belki-de onuň ýakasyna
baryp bilse, ol ýerde Utanapiştimiň adamlaryndan onuň gaýykçysy
;Ur-Şanapi;ni ol ýerden tapyp, deňzi onuň bilen geçmegi, bolmasa
yzyna öwrülmegi maslahat berdi.
Gilgamyş Siduriden aýrylyp ýola düşdi we gaýykçyny tapdy.
Gaýykçy gilgamyşdan maksadyny sorady, ol hem düşündirdi.
Gaýykçy Gilgamyşa, paltasyny alyp tokaýlardan agaç kesmelidigini
aýtdy. Gilgamyş onuň aýdanlaryny etdi. Gaýyga münüp aý ýarym
gitdiler. Iň soňy Utanapiştimiň bolýan ýerini tapdylar. Utanapiştim
bulary görüp, hem geň galdy hem-de güldi. Gilgamyşdan näme üçin
gelendigini sorady. Gilgamyş oňa-da arzuwlaryny aýtdy.
Utanapiştim oňa, hiç zadyň hemişelik we soňsyz däldigini, hiç
kimiň ölümden gutulyp bilmejekdigini düşündirdi. Gilgamyş ýene-de
56
gaýtalap ýalbardy hem-de, onuň özüniň
nädip
ölümden
gutulandygyny aýtmagyny, şonuň ýaly-da tupan (Nuhuň tupany, B.
G.) hakda gürrüň bermegini haýyş etdi, ol hem düşündirdi we
„taňrylar ebedi ýaşaýşy hiç kime bermän özlerine sakladylar“ diýdi.
Gilgamyş ýene-de ýalbardy. Bu gezek Utanapiştim oňa: „tur-da ýedi
gün ýedi gije ýatmazlyk üçin, ýanyňy ýere berme!“ diýdi. Emma
Gilgamyş şeýle bir ýadawdy welim, ýerinden galmadan gyşardy-da
derrew uwka gitdi. Utanapiştimiň hanymynyň Gilgamyşa ýüregi
awap, adamsynyň ursgady bilen oňa damak bişirip berdi. Gilgamyş
ýedi gün ýedi gije uwklady. Utanapiştim ýedinji günden soň ony
yralady. Gilgamyş çalt oýandy-da zöwwe ýerinden galdy. Ol henizem
ölümden gutulmagyň çäresini tapmak hakda oýlanýardy. Ýene-de
Utanapiştimden ol hakda sorady. Ol hem oňa, yzyna öz ýurduna
gaýtmalydygyny aýtdy.
Çäresiz galan Gilgamyş, gaýykçy bilen ýola düşdi. Emma
ýola düşmezden öň, Utanapiştim oňa deňiziň düýbünde bir ot
barlygyny, ony tapyp alsa soňsyz ýaşaýşa ulaşjakdygyny düşündirdi.
Gilgamyş aýagyna bir agyr daş baglap deňziň düýbüne çümdi. Oty
tapyp aldy-da aýagyndaky daşy çözüp suwuň ýüzüne çykdy. Indi
Gilgamyşyň ýüregi ynjalypdy. Gaýykçy bilen suwdan çykyp ýola
dowam etdiler. Gidip barýarkalar ýolda bir gölüň ýakasyna bardylar.
Gilgamyş ýuwunmak üçin göle girdi. Edil şol arada bir ýylan otuň
ysyny alyp geldi-de ony yuwdup gaçdy.
Şeýlelikde ýylan ýigdelip soňsuz ýaşaýşa ulaşdy, Gilgamyş
bolsa agyr hasrata batyp, çaşgyn ýagdaýda öz ýurdy URUK şäherine
gaýdyp geldi. Ol indi, ölümden gutulyp bolmajakdygyna gözi çatyp
maňlaýda ýazylana boýun boldy.»44
Bu tekst soňky döwürlerde ýazylan tekstden terjime edileni üçin,
ondaky birnäçe Sumer atlaryň ýerine olaryň samit variýanty
getirilipdir.
1.1.2. Gilgamyş eposynyň original tekstinden bölejikleriň
terjimesi
Dessan hakyndaky tabellalaryň (tagtalaryň) birnjisinde
Gilgamyş şeýle suratlandyrylýar: A- «Onuň görmedik zady yokdy.
44
: Murat Uraz „Türk mitolojisi“ Istanbul-1967, s. 221-24
57
Ol dünýäniň bütin bilimlerini öwrenip, yzyndakylara galdyryp
giden adamdyr. Syrlary öwrenip perdesini syran, bu adamdyr.
Tupandan (Nuhuň tupanyndan) öň, boljagynyň habaryny getirdi.
Uzak ýoldan argyn geldi emma çökmedi. Gözi bilen görüp egni bilen
çeken zatlarynyň barysyny bir ýadygärlik daşyň yüzüne ýazdyrdy.
Uruk şäheriniň dört töweregine gala çekdirdi. Mukaddes InAnnanyň öýüne (mejjidine) hem-de arassa gaznanyň galalaryna seret!
Ol galanyň typary (diwary) tüýdülen ýüňden örülen urgan ýalydyr…
Uly taňry Gilgamyşy iň doly hem kämil görnüşde ýasady.
Taňrylar oňa iň oňat gylyk-häsiýetleri bermekde biri-birleri bilen
ýaryşýardylar. Güneş taňrysy oňa gylyk-häsiýetleriň iň oňadyny, ýer
astyndaky süýji suw okeanyň taňrysy ;EA; bolsa oňa bilim (sowat)
bagş etdi. Uly taňrylar Gilgamyşy şu aşakdaky ölçülerde ýaratdylar:
Boýunyň uzynlygy ýedi metr, döşüniň giňligi dokuz
garyş…ädimleriniň giňligi…dy. Sakaly ýaňaklaryndan aşaklygyna
sallanýardy. Owadan murtlary bardy. Saçlary öz ugruna gidipdi.
Göwresi we bütin durky her bakymdan ölçeglidi. Onuň üçdenikisinde taňrylyk, üçden birinde bolsa ynsanlyk bardy. Göwresi örän
iridi. Ähli ülkeleri aýlanandan soň, URUK şäherine gaýdyp geldi. Bu
şäheriň köçelerinde haýbatly başyny dik tutup gezýärdi. Köçelerde
ýaban bugasy ýaly bögürýärdi. Deňi-taýy ýokdy. Ynsanlary
ýaşaýyşdan mahrum etmekde eli dek durmaýardy. Ýaşaýyşdan
mahrum bolmaklary zerarly URUKyň ilaty gitdikçe azaldy…»45
B- «Ertir bilen daň atan çagy, erkek dogany bolan güneş taňrysy
;Utu; özüniň ýatan ýatagyndan çykanda, In-Anna aglamyşlap
huluppu agajynyň ýanynda, öz başyndan geçenleriň barysyny oňa
aýtdy. Emma Utu oňa kömek üçin hiç zat etmek islemedi. Onsoň InAnna özüniň arzyny Gilgamyşyň ýanynda gaytalady. Gilgamyş oňa
kömek etmegi ýüregine düwdi. Ol, ýaraglaryny berk dakyndy…»46
C- «Alty gün, alty gije agladym çünki,
Aỳylganç gorkupdym…
Ölümden gorkupdym, şonuň üçin aýlanýaryn dünýäni.
45
46
: ýene şol ýer, s. 24-25
S. N. Kramer „Sumerische texte...“ s. II-X.13-14
58
Ýoldaşymyň ölümi, çykgynsyz ýagdaýa saldy meni,
Şonuň üçin dünýäde, uly ýolagçylyga çykdym.
Men neneňsi ynjalaýyn? Men neneň zaryn bagyrmaýyn?
Meniň söwer ýoldaşym toprak boldy.
Men hem ýatmaga we
Hiç-haçan turmazlyga mejbur bolmajakmy näme?.47
d- Gilgamyş! Niräk barýarsyň?
Sen gözläp ýören (soňsyz) diriligiňi tapmarsyň.
Taňrylar ynsany ýaradanlarynda,
Ölümi-de oňa paýladylar.
Diriligi bolsa öz ellerinde sakladylar.
Sen eý Gilgamyş! iý!, iç!
Gijäni gündizi oňat geçir!
Günleriňi şatlykdan doldur!
Gije-gündiz tans et, oýna !
Arassa eşikler geýin !
Suwa düşün ! başyňy ýuw !
Eliňdäki çaga seret !
Hanymyň, seniň gollaryň arasynda şatlansyn!
Ynsanyň bolmalysy (ynha) şeýledir.»48
Hormatly okyjylar bu dessanyň mazmuny bilen bir näçe
türkmen ertekileridir folklorik dessanlarynyň arasyndaky manyly
meňzeşlikler, hatda gabat gelmeleri duýandyrlar diýip düşünýäris.
Biz şeýle gabat gelmeleri şu aşakdaky tertip bilen açyklamaga
synanşarys:
1.2. Gilgamyş eposy we türkmen ertekileri:
Enkiduwyň tokaýlarda haýwanlaryň arasynda ýaşamagy hemde Gilgamyş bilen bilelikde ynsanlara zyýan yetirýän haýwanlardyr
döwleriň garşysyna göreş alyp barmagy, türkmen ertekilerini doly
göz öňünde janlandyrýar. Aýal-gyzlaryň erkin hereket edip görnükli
rol oýnamagyny hem muňa goşsa bolar. Bu dessanyň mazmuny
47
48
: Seýitkemal Karalyoglu, ö. iş, s.25
: S. N. Kramer „Mesopotamien“ s. 141
59
bilen biziň örän köneden gelýän belli ertekimiz ;Akpamygyň;
arasynda şu aşakdaky ýaly meňzeşligiň uly taryhy ähmiýeti bar diýip
düşünýäris:
Olaryň ikisiniň hem tutuş mazmuny, adamzadyň iň esasy
meselesi bolan “ýaşaýyş bilen ölüm” arasyndaky gapma-garşylyk
bolup, ynsanyň ölüme garşy çäre tapmak üçin edýän aladalaryny,
ymtylyşlaryny hem dalaşlaryny, soňsyz ýaşaýşa bolan hemişelik
arzuwyny suratlandyrýar. Akpamyk, döwleriň tarapyndan öldürilen
ýedi doganyny gaýtadan direltmek üçin, soňsyz diriligiň syryny
tapmak maksady bilen uzak ýolagçylyga ýüz urýar we iň soňy ony ak
maýanyň süýdi görnüşinde tapyp, doganlaryny gaýtadan direldýär.
Gilgamyş bolsa ony belli bir ot görnüşinde ele salýar, emma ýolda
ýylana aldyrýar.
1.2.1. Gilgamyş we Gorkut-Ata dessanlary
Kä alymlaryň pikrine görä «Gilgamyş dessanynyň, ýylyň 12
aýyna uýgunlykda 12 bölümden ybarat bolmagy, 12 bölümden ybarat
Gorkut-Ata dessanyny hakyda getirýär.»49
Gilgamyş örän kakabaş, pälwan hem-de il-güne ot
ýakdyrmaýan şerbaşy görnüşinde çykyş edýär. Adamlary köp işledip,
olara agyr salgytlar salýar, hatda URUK şäheriniň daşyny beýik gala
bilen gabaýar. Däli Domrul hem edil şeýle adamdyr. Ol hem bir gury
çaýyň üstünde köpri saldyryp, geçenden 30, geçmedikden bolsa 40
akjany zor edip alýar (Döwhe goja ogly Däli Dorul boýy).
Gorkut-Ata we Gilgamyş dessanlarynyň ikisinde hem taňry
(ýa taňrylar) bilen ynsan arasynda belli derejede gapma-garşylyk
gidýär. Mysal üçin, Gilgamyş taňrylaryň tarapyndan iberilen Enkidu
(şonuň ýaly-da mukaddes buga) bilen söweşýär. Korkut-Ata
eposynda bolsa Däli Domrul bilen taňrynyň tarapyndan iberilen
Ezraýyl arasynda söweş gidýär.
Gilgamyş we Dirse han ogly Bugaç, ikisi hem öküz bilen
söweşýär. Gilgamyş ANUwyň tarapyndan iberilen mukaddes öküz
bilen söweşse, Dirse han ogly Bugaç, Baýyndyr hanyň bugasyny
öldürip at gazanýar.
49
: Seýitkemal Karalyogly, ö. iş, s. 25
60
Gilgamyşyň ilki duşmany soň hem dosy bolan Enkidu,
tokaýlarda haýwanlar bilen ýaşaýar hem-de bir hanymyň maslahaty
bilen ol ýerden şähere getirilýär. Oruz gojanyň ogly Beset hem
arslanlar bilen ýaşaýar we Gorkut-Atanyň nesihaty bilen oguzlaryň
arasyna gelýär.(Beset Depegözi öldürdigi boýy)
Gilgamyş dessanyna degişli tabellalaryň birinjisinde,
Gilgamyş şeýle suratlandyrylýar: “onuň görmedik zady ýokdur,
dünýäniň bütin paýhasdyr bilimlerini bilip, soňky nesillere galdyran
adamdyr. Tupandan öň onuň gopjagyny habar berdi. Uzak ýoldan
gelip ýorgun düşdi emma çökmedi. Başdan geçenleriniň barysyny bir
ýadygärlik daşyna ýazdyrdy”. Gilgamyşyň şahsyýatynyň şeýle
taraplary Gorkut-Atanyň şahsyýaty hakynda, dessanyň giriş
bölüminde ýazylanlara gabat gelýär.
Gilgamyş we Däli Domrul ikisi-de ölümden gaty gorkýarlar
we olaryň hersi özüçe ondan gaçmaga synanşýar, şonuň ýaly-da olar
bilen taňry (ýa taňrylar) arasynda bu ugurda dialog geçýär. Taňrynyň,
olaryň kä sözlerinden gahary gelip, kä sözlerinden bolsa hoşal
bolýarlar.
Gilgamyş bilen Enkiduwyň bilelikde ;Humbaba; atly döwüň
kellesini kesmekleri we onuň yzysüre bolsa Enkiduwyň ölmegi, bir
tarapdan Besediň Depegözi öldürmegi bilen gabat gelse, ýene bir
tarapdan bolsa Akpamygyň doganlarynyň bilelikde ;gara döwi;
öldürmekleri we yz ýanyndan bolsa galan döwleriň gelip olary
öldürmekleri bilen gabat gelýär.
1.2.2. Gilgamyş, Oguzhan we Göroglynyň şahsyýatlary
Azerbeýjan alymy Kamil Weliew özüniň „Iliň ýaddaşy, diliň
ýaddaşy“ atly eserinde şeýle ýazýar: «Sumer gahrymany Gilgamyşyň
enesi ;Nin-Sun; atly bir ene-taňrydy. Onuň göwresiniň üçden-ikisi
taňry, üçden-biri bolsa ynsan etindendi. Oguz hanyň enesi hem
;Aýhan; atly bir ene-taňry hasap edilýärdi.»50
Korkut-Ata dessanyndaky ;Depegöz;üň hem enesi bir peridir.
Umuman türkmen ertekilerinde peri bilen ynsan arasyndaky öýlenme
gatnaşygy köp gabat gelýär. Bu Sumer dessanlarynda hem şeýledir.
50
: Kamil Weliew „Elin ýaddaşy, dilin ýaddaşy” Bky-1988, s. 39
61
Gilgamyşyň
ýigitlik ýaşlaryndaky
batyrlygy,
kakabaşlygy we kä bir ýönekeý adamlar ýaly beýleki gylykhäsiýetleri, hatda kä alymlaryň açyklamasyna görä onuň 120
ýaşamagy, Göroglyň şahsyýatyna gabat gelýär. Gilgamyşyň ýer
astyndaky ölüler dünýäsi bilen gyzyklanmagy bolsa, Görogly
eposynyň türkmen wariýantyndaky ady, görden, ýeriň aşagyndan
çykmagy bilen aralarynda manyly meňzeşlikler bar.
2. Bayram dabaralary we mazmunyndaky meňzeşlikler
Ynsan toplumlarynda baỳramlar başda din bilen gatnaşykda
ỳüze çykypdyr. Sumerlileriň edebiỳatydyr dini ynançlarynda bolşy
ỳaly olaryň baỳramçylyklarynyň pelsepesi we däpleri bilen hem türki
halklaryň mifologiỳasynda öz beỳanyny tapỳan baỳramçylyk larynyň
arasynda hem örän manyly meňzeşliklerbar. Hem sumerlilerde hemde gadymy türki halkaryň arasynda baỳramlaryň iň ähmiỳetlisi bahar
baỳramy bolupdyr. Sebäbi gyşyň gazaply günleri synyp öz ỳerini
mylaỳym hem gözel bahara bermegi bile bütin durmuşy şatlyk,
heỳjan we joşgun gurşap alỳar. Bu möwsümiň bütin ỳaşaỳşy
gönüden-göni tebigata bagly bolan irki ynsanlarda nä derejede umyt
hem şadyyanlyk döredendigi öz-özünden düşnüklidir.
Aslynda bahar baỳramçylygynyň esasy pelsepesi hem
gaỳtadan doguş we ỳaşaỳşyň täzeden başlanmagynyň beỳanydyr. Bu
barada prof. Harun Güngör şeỳle ỳazỳar: «Taryhyň gadymy hem iň
medeniỳetli halky bolan sumerliler kozmopolitik struktura eỳe bolan
täze ỳyl baỳramyny dabara bilen belläp oňa ;A-ki-til; diỳip at
beripdirler. Bu ỳerde ulanylan ;Til; sözi bolsa ỳaşamak we gaỳtadan
dogmak ỳaly manylary aňladypdyr. Bu baỳram Sumer-Akad sentezi
ỳagdaỳynda-da öz oruny tapỳar we Akadlar bolsa oňa Akitu diỳip at
berỳärler.»51
2.1. Sumerlilerde bahar baýramy (gaỳtadan doguş)
«Mezopotamỳanyň uly şäherlerinde her gün diỳen ỳaly
taňrylaryň ỳoluna janly aỳdyp gurbanlyk dabaralary bolupdyr. Et,
galla önümleri, suw, şerap w. ş. m. Sadaka berilip dürli atyrlar
51
Nevruz 1995, Türk Kültüründe Nevruz Uluslararası Sempozyumu Bildirisi,
Ankara-1995, s. 31
62
ulanylỳan eken. Bu dabaralar diňe ruhanylar tarapyndan alynyp
barylypdyr. Ỳönekeỳ adamlar gatnaşmaỳardylar ỳa-da gaty az
gatnaşypdyrlar. Emma munuň tersine her aỳda ỳa-da ỳylda bir gezek
gaỳtalanỳan baỳram dabaralaryna ähli adamlar uly joşgun bilen
gatnaşyp dini däplerini hem ỳerine ỳetirỳän ekenler. Bu
baỳramçylyklaryň iň ähmiỳetlisi bolsa ỳaryň başynda gutlanỳan
bahar baỳramy bolupdyr. Şol gün mukaddes kitabda Tammuz diỳip
ady geçỳän Uruk şäheriniň şasy ;Domuzinyň; roluny ỳerine ỳetirỳän
häkim bilen bu şäheriň goraỳjy taňrysy ;In-Annanyň; roluny ỳerine
ỳetirỳän hanym ruhanynyň biri-biri bilen görüşmesi sahnalaşdyrylỳar
eken. Hakykatda bu günki dabara ỳagny Domuzi bilen Urukyň
goraỳjy hanym taňrysy In-Annanyň biri-biri bilen öỳlenmek dabarasy
sumerlileriň iki arzuwynyň beỳanydyr. Birinjiden ỳurtda bereket hem
bolelinligiň üpjün bolmagy, ikinjiden bolsa bu şäheriň şasynyň
hanym taňrynyň adamsy ornunda ỳaşynyň uzak bolmak
arzuwydyr.»52
Alymlaryň açyklamasyna görä, bahar baýramy (nowruz)
dünýäde ilkinji gezek sumerlileriň tarapyndan däbe öwrülýär. Soň
olaryň üsti bilen beýleki ýurtlara hem halklara geçýär. Alymlaryň
şeýle baha bermeginiň sebäbi, bahar baýramynyň däpleriniň, dünýäde
ilkinji gezek ýazuwa geçen tekstiniň sumerlilere degişli bolmagydyr.
Biz aşakda bu däp hakynda döredilen dessandyr goşgularyň mazmun
taýdan biziň edebiýatymyzyň iň gadymy nusgalaryna gabat
gelýändigini, hatda ondaky birnäçe Sumer sözleriniň hem biziň
dilimizde şu güne çenli saklanyp gelendigini göreris.
Bahar baỳramynyň mazmuny we pelsepesi bilen tanyş bolmak
üçin bu barada ỳazylan bir sumer tekstine üns bereliň. Biz bu teksti,
giçki Sumer döwründe (4000 ýyldan gowrak mundan öň)
;Ludingirra; atly bir sumerli şahyr hem mugallymyň ýazuwa
geçirmek arkaly galdyryp giden örän manyly ýatlamalarynyň
terjimesinden aldyk. Ony türk diline terjime edn bolsa, ömrüniň 40
ýyl çemesini sumerlileriň edebiýatyny, dini ynançlaryny hem-de
olaryň ýazuwyny öwrenmäge sarp eden görnükli alym „Muazzez
Ilmiýe Çyg“dyr. Sumerli şahyryň bahar baýramy hakyndaky
gürrüňiniň gysgarak mazmuny şeýle:
52
S. N. Kramer “Mesopotamien” Hamburg-1971, s. 113
63
Täze ýyl baýramyna ilkinji gezek gidişim
«Çagalyk ýyllaryma degişli ilkinji ýatlamam, bir bada
hopukdyrýan gaty uly märeke bilen çokunma jaýa (ybadathana) tarap
ylgap gidişimizdi. Adamlar uly joşgun hem şatlyk içinde ;hanym
taňrymyz; bilen taňrymyzyň öýlenjegini biri-birine gutlaýardylar.
Munuň
nämedigine
bir
hili
düşünip
bilmeýärdim.
Ýakynladygymyzça gulagmyza dürli aýdym sazlaryň owazy gelip
başlady. Nämeler görjegime uly tolgunma bilen garaşýardym.
Garşymdan edil göge degäýjek ýaly beýik ziggurat (basgançakly diň,
minara) bilen, ýaňy salynan ýaly ýaldyr-ýuldyr edip parlap duran
;Ekur; mejjidi göründi. Meýdanda şeýle bir ilat bardy welin,
dünýäniň ähli adamlary bu ýerik ýygnanan ýalydy…
Men uly tolgunma bilen, ýene nämeler bolarka diýip
garaşýardym. Ýanymdaky ulularyň gürrüňine pugta üns berip
başladym: “Bu ýyl bahar baýramçylygmyz örän gyzykly hem gözel
geşjege meňzeýär, howanyň nähili oňatlygyna seretsenäň! Güneş
taňrymyz ;Utu;-da biziň begenjimize goşulýar we ýetişi bildiginden
şhöle saçýar. Taňrymyz Dumuzi ýeriň aşagyndan çykyp, söýgüli
hanym taňrymyz In-Anna bilen bir öýlensin bakaly! Ekinimize,
ahyrymyza we agyllarymyza gör nähili bolçulyk geler! Ähli
önümlerimiz köpeler, haýwanlarymyz urbar, towuklarymyz bol-bol
ýumurtga guzlar, balyklarymyz bol-bol tohum ýaýradar!”
diýýärdiler…
Birneme ulalamsoň, täze ýyl baýramynyň ýatlamasyny
ýazmagy ýüregime düwdim-de soraşdyryp öwrenmäge başladym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 05
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.