Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 07

Total number of words is 3666
Total number of unique words is 1846
23.4 of words are in the 2000 most common words
32.6 of words are in the 5000 most common words
37.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Taňrysy EN-Lil döräpdir. Başga bir rowaỳata görä, dünỳä bir uly
agaç, onuň depesi asman we taňrylaryň duralgasy, aşagy bolsa ỳer we
ỳaradylanlaryň mekany hasaplanypdyr. Sumerlileriň mukaddes şäheri
NIPPUR bolsa EN-Lil´iň ỳurdy hasaplanylypdyr. Bu şäheriň
82
83
Murat Uraz, Türk Mitolojisi, ikinji çap, Istanbul-1994, s. 15-16
Kramer, ỳ.a.e., s. 114-115
93
ybadathanasynyň sekisine bolsa DUR-AN-Ki
(duralga-asmanỳer) ỳagny ỳer bilen asmanyň arasyndaky duralga diỳilipdir.»84
4-nji wariyant, ynsanyň ỳaradylyşy: «Sumerlileriň soňky
döwürlerine degişli ERIDU şäheri bilen bagly mifiniň ynsanyň
ỳaradylyşy hakyndadygy ap-açyk bellidir. Bu mifiň merkezine ENKi´den yakyn duran ỳokdur. Ol, akyl hem gaỳypdan habar berỳän
taňry hökmünde alkyşlanỳar, şonuň ỳaly hem ol, ERIDU we beỳleki
sumer şäherlerini dolandyrỳan ME´lere gözegcilik edipdir.
Ỳer Taňrysy diỳen manyny aňladỳan EN-Ki, ỳer astynyň
eỳesi ornunda-da çykyş edỳär. Ol, Wawilonyň taňrysy YAHWE ỳaly
ỳer ỳüzüni ynsanlaşdyrmak, ynsanlary ỳer ỳüzüne ỳerleşdirmek
dogrusynda alan kararyndan soňuna çenli ỳüz öwürmeỳär.
Sumerlileriň beren maglumatlaryna görä, EN-Ki agyr uwka
gidỳär. Taňrylar bolsa onuň tabşyran mukaddes we örän agyr
teklipleriniň aşagyndan çykyp bilmän urunup bagyrşỳarlar. Ahyr
soňy enesi NAMMU ondan ỳol görkezmegini islemek üçin ỳanyna
barỳar. EN-Ki bolsa, diňe öz enesi bolman eỳsem gök bilen ỳeri hem
doguran ene taňry NAMMU´a, APSU´wyň üstündäki toỳun
palçykdan bir diri barlyk ỳaratmalydygyny we taňrylaryň hem bu
işde oňa ỳardam etjekdiklerini aỳdỳar.
Şeỳlelik bilen, sumer mifine görä ynsan Mezopotamỳanyň
ỳumşak palçygyndan taňrylaryň ỳasan bir barlygy hökmünde
ỳaradylỳar. Hanym taňry NAMMU ony bir tokga palçykdan ỳasaỳar,
ỳenede sekiz hanym taňry-da oňa ỳardam edỳär. Olaryň iň güỳçlisi
bolan ene taňry NINMAH, özüni äsgerilmän hasaba alynmady
öỳdüp, özüne çenden aşa buỳsanma keseline uçraỳar we özüniň
ỳaratma ukybyny subut etmek isleỳär. Hawa, bu erbet düşünceden
dörän gazap ony kör edỳär we gahardan ỳaňa hiç zady dogry
saỳgaryp bilmeỳär...
Şeỳlelike NINMAH palçygyň galyndylaryndan ỳedi sany
göwresi aỳyply, jyns taỳdan normal bolmadyk kesel barlyklar
ỳaratdy. Olar adamzat dünỳäsiniň gözelligini bozmalydy.
Bu ỳerde uçmadan kowulmagynyň sebäbi ynsanyň öz ỳazygy
we eden ỳalňyşlyklary bolman eỳsem bir hanym taňrynyň eden
gödekligidir...»85
84
Bajalane Farruhy, Aferineshe Jahan der Asatire Sumer, Tehran, s. 145
94
«Bu tekstiň Landsberger tarapyndan edilen terjimesi şeỳle:
Ỳokarda asmanyň ady ỳok çagy,
Etekde Ỳer ady bolmadyk çagy,
Her zatdan öň bar bolan APSU (şekilsiz suw)
(Hem-de şekilsiz) we şekil maỳasy bolan TIAMAT,
Olar bar zady dogurdylar,
Olaň suwy bir-birine garyldy (…)
Taňrylardan (heniz) hiç biriniň döremedik cagy,
Kimsäniň at bilen çagyrylmadyk, ykballaryň
kesgitlenmedik çagy,
Şol çagda taňrylar döredildi.
Ilki LAHMU hem LAHAMU dünỳä indi.»86
Indi bu dessanyň türk halklaryň arasyndaky wariỳantlary bilen
tanyş bolalyň. Türkolog alym Wilhelm Radlow´yň (1837-1918) türki
halklaryň arasyndan toplam materỳallaryndan, ir eỳỳälerde ỳüze
çykan Ỳaradylyş dessanynyň mazmuny şeỳle:
«Suw, uwçsuz-bujaksyz suw... diňe suw ỳaradylypdy. Heniz
zaman-da ỳaradylmandy ỳer-de. Heniz suwdan başga zat ỳokdy. Giň
jahan uwçsuz-bujaksyz suw bilen örtülipdi. Ỳer-gök ỳaradylmazdan
öň, bar zadyň diňe suw bolan bu ỳokluk içinde, bir Taňry Garahan
bardy bir-de suw!...
Taňry Garahan bir uly gaz bolup bu uçsuz-buwjaksyz suwyň
ỳokarsynda uçỳardy. Bütin barlyklaryň başlangyjy, taňrylaryň iň
ulusy, adam oglunyň ilkinji atasy bolan Garahan, bu çäksiz boşlukda
içi gysyp uçup ỳörkä, suwlaryň içinden ;Ak Ene; göründi. Taňry
Garahana: ỳarat! diỳdi. Taňry Garahan ỳalňyzlykdan çykmak ücin
özi bilen suwlarda ỳüzüp boşlukda uçar ỳaly, özüne meňzeş ;Kişi;ni
ỳaratdy. Tanryda ỳaratmak islegini oỳandyran bir hanymdy, Ak
Enedi. Ỳaradan bilen ỳaradylan, biri ak biri gara bilelikde ucup,
bilelikde-de ỳüzỳärdiler.
Kişi, taňrydan has ỳokarlarda uçmak isleỳärdi. Taňry bolsa
Kisiniň içki dünỳäsinde geçỳän zatlary bilỳärdi we gahary gelỳärdi.
Kişiden uçmak ukybyny aldy. Kişi suwlarda bogulyp barỳarka
85
86
Helmut Uhlig „Die Sumerer, ein Volk am Anfang der Geschichte“ s. 21-22
ỳene ş. E., s. 30-31
95
ỳalbardy: Eỳ taňrym! Meniň üçin üstünde
durar
ỳaly
ỳer
ỳarat!.Taňry Garahan oňa: gal! diỳdi. Kişini suwlaryň çuňlugyndan
çykaryp bir ỳyldyzyň üstünde oturdup bogulmakdan gutardy. Taňry
Garahan, uçmak ukybyny elden beren Kişi ỳaşap biler ỳaly ỳer
ỳüzüni ỳaratmagy ỳüregine düwdi. Suwlaryň ortasynda ỳiti uçly bir
gaỳa ỳaratdy. Kişi bu gaỳanyň üstünde oturandan gysylyp başlady.
Ol, teriň suwlara seredende gözleri garaňkyraỳar, suwlara garap
bogulmakdan korkusyndan ini tikenekleỳär. Ol ỳene-de Taňry
Garahana ỳalbaryp: Üstünde arkaỳyn ỳaşar ỳaly giňiräk toprak ỳarat!
diỳdi. Taňry şol wagt ỳer ỳüzüni ỳaratmagy ỳüregne düwdi we Kişä
ỳüzlenip: suwyň düỳbüne çüm-de toprak çykar! Diỳdi. Kişi çümüp
suwlaryň düỳbünden bir gysym toprak çykardy. Taňry Garahan oňa:
Topragy suwa sep! diỳdi. Kişi çykaran topragyny suwun ỳüzüne
sepdi. Taňry topraga: ulal! diỳdi. Gara ỳer, inişsiz-çykyşsyz düp-düz
çöller ulaldykça ỳene-de ulaldy. Kişi özi üçin gizlin bir dünỳä
ỳasamak niỳeti bilen bir bölek topragy agzynda saklaỳardy. Taňry
Garahan muny görüp oňa: tüỳtür diỳip büỳruk berdi, ỳogsa
boguljakdy. Kişiniň agzyndan saçylan topraklar, ỳer ỳüzüni ähli
oỳlary, batgalyklary, depeleri, daglary, inişleri we çykyşlary bilen
örtdi. Taňry Garahan dünỳäni bu bolşuna-da taşlamady. Ösümlikler
bilen haỳwanlary-da ỳaratdy. Etmeli we etmesiz işleri-de öwretdi.
Agzynda toprak saklany üçin Kişiden gahary gelipdi. Ony ỳagtylyk
dünỳäsinden kowdy we: Seniň adyň mundan beỳläk Ärlik (şeỳtan)
bolsun! Diỳdi. Kişini ỳeriň aşagyndaky garaňkylyklara sürgün etdi,
emma soňra bagyşlady. Ärlik ỳeke galsynmy? diỳdi. Taňry Garahan
dokuz pudakly bir agajyň her pudagyndan dokuz tüỳsli ynsan ỳaratdy
we Ärlige şeỳle diỳdi: Men ynsana buỳruklarymy bildirdim. Nämeri
etmeli, nämeleri etmeli däldigini bilỳärler. Git-de olary öz töweregiňe
çagyr! Meniň buỳruklarymy diňlänler menden, seniň buỳruklaryňy
diňlänler senden bolsun!...
Ärlik ynsanlary nädip özüne çekmesini, ỳaman işlere
itermesini, Taňry Garahanyň garşysyna küşgürmesini bilỳärdi we
olary buỳruklaryndan dändirỳärdi. Taňry Garahanyň muňa gahary
geldi we Ärligi ỳene-de ỳeriň aşagyndaky tümlük dünỳäsiniň üçünji
gatyna sürgün etdi, özi bolsa asmanyň 17-nji gatyndaky ỳagtylyk
dünỳäsine çekildi. Özüniň ỳaradanlaryny başsyz goỳmazlyk hem-de
96
olary dogry yola çekip Ärlikden gutarmak maksady bilen bir
perişte iberdi.
Taňry Garahanyň dünỳäsini gören Ärlik, köp ỳalbarypỳakarmak arkaly ỳer bilen asmanyň aralygynda taňryň dünỳäsine
meňzeş bir dünỳä döretmegi başardy. Bu dünỳäniň erbetliklere
öwrülendigini gören Taňry Garahan, Mandy-Şiräni ỳer ỳüzüne
musallat etdi. Mandi-Şire özüniň gorkunç gürrültileri, ỳer
titiretmeleri hem-de äpet güỳçli naỳzasy bilen şol dünỳäni derbidagyn edip goỳberdi. Taňry Garahan Ärligi ỳeriň iň aşaky gatyna,
yşygyň yşarmaỳan, güneşiň çoỳmaỳan, aỳyň aỳdyňlatmaỳan,
ỳyldyzyň ỳaldyraşmaỳan ỳerine, bar zatdan mahrum edip taşlady...»87
Ynsanyň tupandan soň ỳaradylyşy hakda gadymy Şaman
dinini saklap gelen Altaỳlylaryň arasyndaky bir mifde şeỳle
maglumatlar bar:
«Tupandan soň ;Ülken; ynsany gaỳtadan ỳaratmagy ỳüregine
düwdi. Bir gyzyl piỳalanyň içine bir gök güli saldy. Dogany Ärlik bu
gülüň bir bölegini ogurlady hem ondan bir ynsan ỳaratdy. Ülken bu
işden ynjady we oňa şeỳle diỳdi: Seniň ỳaradanlaryň gara gaỳyş
guşakly we gara bolsunlar. Meniň ỳaradanlarym gündogara, seniň
ỳaradanlaryň günbatara gitsin! diỳdi.
Ärligiň ỳaradan ynsanlary deriden bir uly deprek ỳasadylar
we ỳer ỳüzünde ilkinji gezek ŞAMAN däbini gurdular.»88
Ynha, görşümiz ỳaly dünỳäniň ỳaradylşy hakyndaky
ynançlaryň hem Mezopotymỳada sumerlileriň arasyndaky wariỳanty
bilen Türküstanda biziň ata-babalarymyzyň arasynda ỳüze çykan
wariỳantynyň arasynda örän manyly meňzeşlikler bar. Mysal üçin:
A- Olaryň ikisinde-de başda ỳalançyda suwdan başga zat ỳok, ähli
barlyklar suwdan döreỳär. B- Taňrylar bilen şeỳtanlaryň (ỳa
döwleriň), şonuň ỳaly hem ỳagşy bilen ỳamanyň arasynda yzygiderli
söweş gidỳär we iň soňunda bolsa taňrylaryň hem-de ỳagşylygyň
ỳeňmegi bilen gutarỳar. C- Ynsanyň taňrylaryň Uçmasyndan
(Jennetden) kowulmagynyň meňzeş sebäbi bar. Ỳagny ynsanlaryň
ulumsylyk keseline uçrap taňrylar bilen bäsleşmegidir. D- Taňrylar
87
88
Karalioglu, ỳ.a.e., s. 47-48
Kamil Veliyev, Elin Yaddaşi Dilin Yaddaşi, Baku-1988, s. 16
97
heniz ynsandan gaty arany açmadyk we ynsana meňzeş
sypatda suratlandyrylỳar we ş.m.
3.3.4. Nuhuň Tupany
Häzirki dinleriň mukaddes kitaplarynda bar bolan bu dessany
alyp göreliň. Esasy mazmuny bir bolup dürli wariỳanda formalaşan
Nuh Tupanynyň gelip çykyşy hakda iki esasy piker bar: Birinjisi
düşünjä görä bu dessanyň gözbaşy, dördünji geologik döwrüň
soňlaryndaky dünỳäni suw-syl eden agyr hem dinuwsyz ỳagyşlaryň
netijesinde derỳalaryň hem deňizleriň joşup çykmagyndan dörän uly
weỳrançylyklardan başlanỳar.Ỳagny bu pajygaly hadysanyň nesilden
nesile rowaỳat edilmegi netijesinde Nuh tupanynyň dessany ỳüze
çykypdy.
Ikinji pikire görä bu dessanyň döremegi sumerlileriň
döwrüne degişlidir. Bu barada M. Rawendi şeỳle ỳazỳar: «Biziň
eỳỳämimizden 2,300 ỳyl ozal Mezopotamỳanyň şahyrlarydyr
alymlary öz taryhlaryny ỳazmagy ỳüreklerine düwỳärler. Şahyrlar:
Ỳaradylyş, ilkinji Uçma, şonuň ỳaly-da şalaryň biriniň azgynçylygy
zerarly (taňrylaryň karary bilen) gorkunç apy-tupan gopub şol
Uçmany gark etmegi barada dessanlar döredipdirler. Bu dessany
Wawilonlylar hem-de ibranilar dowam etdirip, olaryň üsti bilen hem
Hyrystyỳanlaryň dini ynançlarynyň bir bölegine öwrülipdir…»89
Bu düşünjeleriň ikisiniň-de dogry bolmagy hakykata
laỳykdyr. Ỳagny bu dessan örän ir eỳỳämlerden başlanyp agyzdan
agyza gecip sumerlileriň döwründe ỳazuwa geçen bolmaly. Sebäbi
olaryň barysynyň esasy temasy ynsanlaryň belli bir azgynlyk
netijesinde taňrylaryň gazabyna uçrandyklaryny aňladỳar. Biz şeỳla
meňzeşlikleri ỳokarda Ỳaradylyş dessanynda-da görüpdik. Bu barada
H. Uhlig şeỳle belleỳär: «Sumerlileriň çüỳ ỳazgylarynda-da
Mukaddes Kitabyň iň irki tekstlerinde-de Nuhuň Tupanyny görỳäris.
Olaryň ikisinde-de uly bir weyrançylygy we onuň bilkaslaỳyn
döredilendigi ap-açyk görülỳär.»90
Sumerologlaryň nygtamagyna görä, Ỳewropalylaryň ünsüni
Mezopotamỳadaky medeniỳete çeken meseleleriň biri hem
89
90
Murteza Rawendi, Trihe ejtemaiỳe Iran, 1. jild, 1978, s. 168
H. Uhlig, ỳ.a.e., s. 17
98
ỳokardaky mesele, yagny olaaryň asyrlar boỳy Bibilden öwrenip
gelen ynançlarynyň has gadyma degişli summer ỳazgylarynda
tapylmagy bolupdyr.
Bu dessanyň türki halklaryň ata-babalarynyň arasynda bar
bolar wariỳanty bilen sumerlileriň arasyndaky wariỳantyny derňäp
göreliň; Nuh tupanynyň türki halkalaryň arasyndaky bir
wariỳantynyň mazmuny şeỳle:
«Ỳakyn geljekde gopjak apy tupany herkimden öň bir gök
tüỳli teke habar berdi. Gök tüỳli teke ỳedi gije ỳedi gündiz dünỳaniň
dört burçuny aỳlanyp, uly ses bilen jar çekmek arkaly hemmelere
duỳdurdy. Şondan soň ỳedi gün ỳer titredi, ỳedi gün daglar ot pürkdi,
ỳedi gün ỳagmyr, doly we gar ỳagdy, ỳedi gün apy-tupan gopdy,
ondan soň gorkunç aňzak başlady.Ỳedi dogan bardy, apy-tupanyň
gpjagy olara habar berilipdi.Olaryň iň ulusynyň ady Ärlik we ỳene
birisiniň ady bolsa Ülkendi.Olar ỳedi dogan bolup bir gämi ỳasadylar
we her dürli haỳwanlardan bir jüwtini gämä mündürdiler.Tupan
ỳatandan soň bir horazy goỳbardylar, sowga çydaman derrew yzyna
dolandy.Soň bir gazy suwa goỳbardylar, ol yzyna dolanmady.Üçünji
gezek gargany goỳbardylar, ol hem gaỳdyp gelmedi.Bir maslyk tapyp
oňa güỳmenipdir.Ỳedi dogan kenara gelendiklerini bilip gämiden
ỳere düşdiler.»91
Bu dessanyň Altaỳlylardaky bir wariỳanty şeỳle: «Ülken ỳer
ỳüzünde ỳaşaỳan ;Noma; atly bir adama apy-tupan gopjagyny aỳdyp
oňa bir gämi ỳasamagy maslahat berỳär. Nomanyň Balyksa, Sarwul
we ;Soozunul; atly üç sany ogly bardy. Bular bir dagyň üstünde gämi
ỳasadylar hem-de ynsan we her dürli haỳwanlaryň hersinden bir jüwt
gämä mündürdiler…»92
Dessanyň sumerlilerdäki wariỳantynyň mazmuny şeỳle:
«Tňrylar bir apy-tupan goỳberip ynsany ỳer ỳüzünden ỳok etmek
dogrusynda özara aňlaşỳarlar.Ynsany dowzahyň aňyrsyndaky bir
toprakdan ỳaradan En-Ki ony bu howpdan gutarmak isleỳär. En-Ki
Sippar şäheriniň takwa şasy Ziu-Sudranyň ỳanyna baryp ony
taňrylaryň bu kararyndan habardar edỳär. Ziu-Sudra (Nuh) bir gämi
ỳasap mahluklaryň (ỳaradylanlaryň) hersinden bir jüwt gämä
91
92
Kamil Weliyew, y.a.e., s. 15
Murat Uraz, ỳ.a.e., s. 140-141
99
mündürỳär… gorkunç apy-tupan gopỳar we gämi alty gün alty gije
uly gomlar bilen garpyşỳar, ỳedinji gün güneş taňrysy UTU ỳeri-gögi
yşyklandyrỳar we tupan ỳatỳar.Ziu-Sudra, UTUwyň öňünde dyza
çöküp bir öküz gurbanlyk edỳär hem-de bir goỳun öldürip sadaka
berỳär… Ziu-Sudra baryp En-Liliň hem ANUwyň öňünde dyza
çökỳär. Ol, ynsany we beỳleki ỳaradylanlary howpdan gutarany üçin
ebedi ỳaşaỳa gowuşỳar. Bu gäminiň soňky ykbaly ỳazuwlaryň
bozulandygy zerarly belli däl.Emma tekstiň galan böleklerinde ZiuSudra we beỳleki janly-jemenderler gutulanlaryndan soň taňrylaryň
buỳrugy boỳunça Dilmun topraklaryna ỳerleşỳärler.Şeỳlelik bilen
täze ỳaşaỳyş Dilmunda başlanỳar.Bu dessan soň Akkad, wawilon we
Asurlaryň miflerine girip kämilleşỳär.»93
Bu dessan sumerlilerde Gilgamiş dessany bilen hem utgaşỳar.
Onuň başga bir wariỳantynda Ziu-Sudra bu habary eşidenden soň
derrew Gilgamişe habar berỳär.
Nuh tupany hakyndaky dessanyň esasy mazmuny, yokarda
görşümiz ỳaly sumer we türki wariỳantlarynda biri-birine doly gabat
gelỳär. Munuň üstesine-de dessandaky käbir gahrymanlaryň ady-da
biri-birine meňzeşdir. Mysal üçin sumer wariỳantynda Nuhuň ady
„Ziusudra“, türki wariỳantynda Nomanyň oglunyň ady
„Soosunul“dyr. Nuh sözüniň manysyna gelenimizde bolsa bu söz
sumer dilinde NU görnüşinde bolup onuň manylary bolsa: «ynsan,
döretmek ve tohum diỳmekdir»94. Bu söze many taỳdan deň we
forma taỳdan hem örän ỳakyn sözler türk dili bilen garyndaş bolan
Altay dillerinde hem bar. Mysal üçin: «Gold dilinde Nai, Kore
dilinde Nei, Mogul dilinde Nialma, bularyň üçüsi hem ;ynsan;
diỳmekdir.»95
Türkmenlerde-de bir adamy öwmek üçin: „Pyalany
Naỳbaşydyr“ diỳilỳär. Megerem aslynda ;naỳbaşy; sözi, ynsanlryň
başydyr, baş ynsandyr diỳmek bolsa gerek.
Biz bu ỳerde öz mümkinçiligimiziň çäginde ynsan
medeniỳetiniň uly bölegi bolan dini ynançlarydyr däpleriň
93
Bajalan Farrohi, y.a.e., s. 150-151
Friedrich Delitzsch, Sumerische Glossar, Leipzig-1914, s. 206
95
N. Poppe, Bemerkungen zu G. J. Ramstad´s Einführung in die Altaische
Sprachwissenschaft, Helsinki-1990, s. 11
94
100
sumerlileriň hem-de biziň iň
gadymy
ata-babalarymyzyň
arasynda dörän wariỳantlary bilen tanyş bolduk. Olaryň ikisinde-de
aỳry-aỳry ỳaşaỳyş şertlerini we taryhy döwürleri beỳan edỳän ynanç
sistemalary görỳäris. Emma olaryň ikisinde-de iki tip dini ynanç apaçyk orta çykỳar. Olaryň birisi ekonomide awçylygyň hem
maldarçylygyň höküm süren iň gadymy döwre degişli ;Animizm;dir.
Bu ynanjyň esasy aỳratynlygy ỳokarda-da görşümiz ỳaly dünỳani
ỳagşy-ỳaman ruhlarydan, arwah-jynlardan, döwlerden doly görmek
hem-de jadyçylyk däbiniň gaty ỳörgünli bolmagydyr.
Dini ynançlaryň ikinji esasy wariỳanty bolsa maldarçylykdan
ekerançylyga geçilen hem-de ilkinji uly obalardyr şäherçeleriň ỳüze
çykan döwrüne degişli ;Naturizm;dir. Bu dini ynançda belli bir
düzgün-tertip höküm sürỳär. Yktysady we jemgiỳỳetcilik
gatnaşyklarda şalardyr şäher we oba häkimleriniň arasyndaky
düzgünler taňrylaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da görülỳär. Bu
ynanjyň esasy aỳratynlygy bolsa tebigy şertleriň hem-de öküz
güỳjüniň ekerançylykda esasy rol oỳnanlygy üçin Asman, güneş, aỳ,
ỳel, ỳer, suw ỳaly tebigi güỳçleriň taňrylara öwrülmegi hem-de
öküzüň mukaddes hasap edilmegidir.
Ỳokarda biz Animizme degişli birinji ynançlaryň edil
sumerlileriň arasynda bolşy ỳaly biziň ata-babalarymyzyň arasyndada bolandygynyň üstünde durup geçipduk. Ikinji wariỳant bolan
Naturizme gelenimizde bolsa, ỳokarda görşümiz ỳaly, taryhçylardyr
arheologlaryň berỳän maglumatlaryna esaslanmak bien biz, bu
ynanjyň hem başlanan ỳeri Türkmenistan we başlanan döwri bolsa
Änew medeniỳetiniň ỳüze çykan döwrüne degişlidir diỳsek öte
geçdigimiz bolmasa gerek. Aslynda Änew sözüniň hem sumer
dilindäki ANU görnüşiniň manysy ;Asman Taňrysy; diỳmekdir.
Arheologlaryň Türkmenistandan hem Mezopotamỳadan şu güne
çenli toplan çäksiz materỳallary-da bu hakykaty doly tassyklaỳar.
Maysal üçin: ene taňrylaryň heỳkelleri, öküz heykelleri, iki we dört
tigirli arabalar, gap-gaçlaryň ỳüzündäki suratlaryň motiwi hem
aňladỳan zatlary, ilkinji ỳazuw belgileri w.ş.m. doly hem manyly
ỳagdaỳda biri-birine meňzeşdir.
101
4. Sanaw sistemasyndaky meňzeşlikler (müçe hasaby)
Birnäçe alymlaryň pikrine görä alty esasyndaky sanaw
sistemasy (Sexagesimalsystem) sumerlileriň tarapyndan oỳlanyp
tapylypdyr. Şonuň ỳaly hem bir ỳylyň 360 güne, 12 aỳa, her aỳyň 30
güne, her günüň 24 sagada we her sagadyň 60 minuta bölünmeginide sumerliler oỳlap tapypdyrlar.
Alym G. Ifrah bu barada şeỳle ỳazỳar: «Alymlar,
Ỳunanlylaryn tarapyndan astronomiỳada giňden ulanylan alty
esasyndaky sanaw sistemasynyň sumerlileriň tarapyndan oỳlanyp
tapynandygyny Mezopotamỳada geçirilen gazuw işleriniň netijesinde
tapylan ỳazgylaryň üsti bilen subut edipdirler. Sumer diliniň sanaw
sistemasynyň esasy-da altylyk sanaw sistemasy bolupdyr. Bu sistema
şu gün hem zaman, tegelek we burçlary ölçemekde ulanylỳar. Mysal
üçin: bir ỳyl 12=6.2 aỳ, bir gije-gündiz 24=6.4 sagat, tegeleklik
360=6.6.10 gradus …
On (10) esasyndaky sanaw sistemasyny (Dezimalsystem)
adamzat toplumlarynyň aglaba köpüsi ulanypdyrlar. Onuň sebäbi
bolsa, ynsan ilki bada öz barmaklarynyň sanynyň esasynda
töweregindäki zatlary sanap başlapdyr. Emma onuň tersine,
sumerlileriň welin nämäniň esasynda alty esasly sanaw sistemasyny
döredendiklerine düşünmeklik gaty kyn… ony kä alymlar bir ỳylyň
360 gününiň esasynda döredipdirler diseler, käleri bolsa Wawilonyň
her sagadynyň biziň iki sagadymyza deň gelmegini göz öňünde
tutmak bilen, sumerliler bu sistemany bir gündizi (günüň görünỳän
zamanyny) olçmek arkaly düzüpdirler diỳen pikiri öňe sürỳärler.»96
Bu ỳerde biz, türkmenleriň bir ỳyla 360 gradusly geometric
şekile meňzedip “tegelek bir ỳyl” diỳmeklerine hem ünsi çekmek
isleỳäris.
«Alym F. Beckeriň açyklamasyna görä, asmandaky ỳyldyz
toparlaryny belli haỳwanlara meňzetmek arkaly döredilen 12
haỳwanly kalendary müsürliler we ỳunanlylar Mezopotamỳadan
96
Ifrah Georg „Universalgeschichte der Zahlen“ Frankfurt/M. 1982, s. 74
102
alypdyrlar. Meseläň manyly
tarapy bolsa, irki Hytaỳda
ỳörgünli bolan ỳyl hasaplama, sumerlilerde bolşy ỳaly aỳ hasaby esa
synda
(kamari) bolup, Mezopotamỳanyň goňsusy Müsürde bolsa gün
hasaby esasynda (şemsi) bolupdyr.»97
Bu meselede-de biz sumerlileriň gündogar bilen manyly
gatnaşygyny görỳäris. Biziň ata-babalarymyzyň gaty ir zamanlardan
bäri ulanyp gelen we özboluşly türkmen kalendary bolan 12
haỳwanly MÜÇE hasabynyň hem 6 esasyndaky sanaw sistemasynda
bolmagy hem bu gatnaşygyň aỳdyň mysalydyr. Munuň has manyly
tarapy bolsa müçe sözüniň sumer dili bilen bolan gatnaşygydyr,
ỳagny MU (MÜ) sözi sumer dilinde “ỳyl” manysynda gelỳär (ser.
Sözlük bölüme). Diỳmek, biziň irki ata-babalarymyz hem MÜ (MU)
sözüni ỳyl manysynda ulanypdyrlar we yzyndaky “-çe” bolsa kiçiligi
hem azlygy aňladỳan goşulma bolup “az sanly ỳyl, 12 ỳyl” diỳen
düşünjäni aňladypdyr.
Munuň üstesine-de gözbaşyny gaty ir zamanlardan alyp
gaỳdan we soň-soňlar ỳazuwa geçen Gorkut Ata dessanymyzyň 12
bölümden düzülmegi, nesilbaşymyz bolan Oguzhanyň agtyklarynyň
hem-de Oguz taỳpalarynyň sanynyň 24 bolmagy, «arheologlaryň
türkmen topraklaryndan tapan we b.e.o. 2-3 müň ỳyla degişli bolan
ybadathanalaryň her ỳanyndaky diňleriň sanynyň 6 bolmagy, şonuň
ỳaly-da şol döwürlerdäki uly jaỳlaryň burçlarynyň sanynyň 12
bolmagy98» we ş. m. bu gatnaşyklaryň inkär edip bolmajak
subutnamalarydyr.
Bu bölümi sumer we türkmen dillerinde biri-birine gabat
gelỳä kä bir sanlara ünsi çekmek bilen aỳaklaỳarys:
Sumerçe
Türkmençe

üç
U
on
Uşu (eş-u, üç-on)
otuz (ser. Sözlük bölüme)
97
Becker Friedrich „Geschichte der Astronomie“ Zürich-1980, s. 14-16
M. Mämmedow „Türkmen medeniỳeti jurnaly 1993/1“ s. 14. Ỳene-de
V. Sarianidi „Türkmen medeniỳeti jurnaly 1994/1“ s. 32
98
103
«Ỳokarda görülen medeni gatnaşyklaryň üstesine-de
sumerolog alym F. Hommeliň pikrine görä arassa dil derňemeler
arkaly, sumerliler bilen türk dilli halklaryň arasyndaky gatnaşyklar
dogrusynda çykaryp bolỳan netijeleriň üstesine mifologiỳa, din we
haỳwanlar dünỳäsinde hem geň galdyryjy gatnaşyklar ỳüze çykỳar.
Ol, haỳwanlar dünỳäsindäki gatnaşyklara mysal hökmünde düỳe
bilen eşegi görkezỳär. Alymyň pikrine görä bir örküçli düỳäniň irki
mesgeni arap ülkeleri hasap edilse-de iki örküçli düỳelere gelende
welin, olaryň diňe Orta-Aziỳanyň tebigy şertleriniň täsiri hem-de ol
ỳerde idedilip belli maksada uỳgunlykda ỳetişdirilipdir.
Asly çöl gulanlaryndan bolan eşek hem şonuň edilip
ỳetişdirilipdir. Bu haỳwanlaryň ikisi hem Orta-Aziỳadan
Mezopotamỳa äkidilen bolmaly…»99
Biz ýokarda Emirkaly arheloglaryň at, düýe we öküz ýaly
haýwanlaryň ilkinji gezek Günorta Türkmenistanda, Änewde
ýetişdireldigi hakyndaky ylmy açyklamalary bilen tanyş bolupdyk.
99
Fritz Hommel „Ethnologie und Geographie Des Alten Orients“ München-1925,
s. 22-24
104
105
V. Sumer tekstlerinde geçýän bir näçe atlaryň yzy
türkmen dilinde
1. Dini we edebi tekstlerde:
Dingir: Sumerolog alymlaryň ykrar etmeklerine görä, bu söz şu
günki türki dillerdäki taňry (tengri, tanry) sözi bilen birdir. Sumer
dilinde-de şu günki türkmen dilinde bolşy ýaly ;burun sesi;
bolandygyny göz öňünde tutmak bilen kä alymlar ony ;diňir;
görnüşinde-de ýazypdyrlar. Bu sözüň belgisi bir ýyldyz (*) bolup, ol
Sumer dilinde iki hili okalypdyr. Bir okalşy „dingir“ ýene bir okalşy
bolsa „AN“ bolup ol, asman, ýokary hem uzak ýaly manylary
aňladypdyr100.
Ýokarda görşümiz ýaly, V. M. Massonyň açyklamasyna görä
ýyldyz (*) belgisi Altynddepe medeniýetinde-de şeýle manylary
aňladypdyr.101
Edil sumerlilerde bolşy ýaly gadymy türki dillerde-de „taňry“
bilen “asman” deň manyda gelipdir, ýagny „dengir“ sözi, hem taňry
hem-de asman (gök) diýen mynyda ulanylypdyr102.
An: Bu sözüň manysy ýokarda görşümiz ýaly asman, uzak we
ýokary ýaly manylary bardyr. Bu söz türki dillerde-de uzak we
ýokary ýaly manylarda bar. Bilşimiz ýaly ähli dini ynançlarda
“uçma;nyň (jennetiň) ýokarda, asmanda we ;tamug;yň (dowzahyň)
bolsa ýeriň aşagynda ýerleşendigine ynanylýar. Biziň dilimizdäki
;uçma; söi hem şony aňladýar. Şamanlaryň hem bir näçe
pygammarlary uçup ýa-da uçýan haýwanlara münüp asmana ýa
uçmaha (jennete) gidýärler. Hut şonuň üçin hem, biziň umumy türk
edebiýatymyzda-da, türkmen edebiýatynda-da ;anda; sözi ýokarda,
asmanda, uçmahda we ol dünýäde ýaly manylarda gelýär. Muňa
100
: Friedrich Delitzsch „Sumerische Glossar“ Leipzig-1914, s. 12-13
: V. M. Masson “Das …“ s. 38
102
: Muzaffer Sancer „Dinin türk toplumuna etkisi“ Istanbul-1974, s. 57-58
101
106
mysal
hökmünde
milli
şahyrymyz Magtymgulynyň şu
aşakdaky setirlerine üns bereliň:
Ýa Hyzyr-Ilýas ile şa Süleýman „andadur“
Ýa Selimşa Mekke hany Ibni-sultan andadur
Baýezid Sultan-Oweýs Harykan-Migan andadur
Daýanur Musa Hasasy, mary gördüm andadur.
„An“ sözi uzak manysynda Indo-German dil toparyndan
saýylýan täjik dilinde-de bar. Emma aşakdaky delillere görä ol sözüň
asly Sumer-Türk dillere degişlidigi bellidir:
Sumer dili täjik we beýleki Indo-German dillerinden has
gadymy dil bolup, şonuň ýaly hem ol, ýokarda belläp gçişimiz ýaly
grammatika taýdan täjik dilini öz içine alýan Flexiv dilleden bolman
eýsem, türki dilleri öz içine alýan Agglutinativ dil toparyna
degişlidir. Bu ýerde, köp sanly Sumer sözüniň dini we edebi
tekstleriň üsti bilen samid hem Hindi-Ýewropa dillerine geçendigini
hem göz öňünde tutulmalydyr. Munuň üstesine-de aşakdaky iki delil
hem bu pikiri nygtaỳar
a- Bir näçe dilde ýörgünli bolan ortak sözleriň aslynyň haýsy
dile degişlidigini anyklamak üçin, ol sözüň haýsy diliň
grammatikasyna uýgunlygy göz öňünde tutulýar. Mysal üçin „nur“
sözi şu günki türk, pars we arap dillerinde giňden ulanylýar. Emma
onuň arap diliniň grammatikasyna uýgunlykda „änwar“ (nurlar,
yşyklar), tänwir (yşyklandyrmak), münewwer (yşykly) ýaly köp
görnüşleri bar bolany üçin, onuň bir arap sözidigi ykrar edilýär. Egerde biz „an“ sözüniň Sumer, türk we täjik dilleriniň
grammakiasyndaky görnüşlerini derňäp görsek, onuň Sumer we turki
dillerdäki tutýan orunlarynyň deňdigine göz ýetirýäris:
Sumer
An-a
An-da(Anna)
An-ta
103
köne türk.
ana
anda
anta, andan
türkmen
oňa
onda(onna)
ondan
täjik
be anja
där anja
äz anja 103
: F. Delitzsch „ö. iş“ , s. 12-13 ýene F. D. „Kleine Sumerische Sprachlehre..“
Leipzig-1914, s. 36-37
107
Görşümiz ýaly AN sözi
ýöneliş, wagt-orun hem çykyş
düşümlerde, Sumer we türk dillerinde edil deň ýagdaýda degişli
goşulmalary kabul edýän bir wagtyň özünde, täjik dilinde predloglar
hem-de beýleki Hindi-Ýewropa dillerinde gabat gelmeýän we türk
diliniň grammatikasynyň täsiri astynda kabul edenligi gaty ähtimal
bolan „ja“ goşulmasyny alýar.
b- Ortak sözleriň aslynda haýsy dile degişlidigini kesgitleýän
ýene bir ölçeg bolsa, belli bir sözden gelip çykan aýr-aýry sözleriň
haýsy dilde köp hem giňden ulanylýandygydyr. Biz gürrüňimiziň
dowamynda Anu (Änew), Anna ýaly AN sözünden gelip çykan
sözleriň diňe türkmen we Sumer dillerine mahsusdygyny hem-de
giňden ulanylỳandygyny göreris.
Anu: Sumerlileriň iň uly taňrysy bolan ;asman taňrysy; şonuň ýaly
hem Uruk şäherinde ýerleşýän, sumerlileriň iň uly metjidiniň ady. Bu
sözüň „Änew“ bilen bir sözdigine şuhelenmek mümkin däldir,
sebäbiÝewropalylar biziň Änew sözümizi hem Anu ýa Anau
görnüşinde ýazýarlar. Mundan başga-da Sumer dilinde bu söze ýakyn
bolan ENU ýagny asman, ENNU ýagny goraýjy, Indeýji (inneýji)
ýaly sözleriň hem barlygyny göz öňünde tutulmalydyr104. Bu bolsa
sumerlileriñ edil şu töwereklerden göçüp gidendigini ýañsytýan ýene
bir hakykatdyr.
In-Anna: Sumerlileriň ;gözellik taňrysy; bolup, kä uly taňry
ANUwyň gyzy käte bolsa onuň hanymynyň ornunda çykyş edýär. Bu
goşma sözüň başyndaky ;In; sözi ikinji bölümi ;Anna; sözüne
goşulma ornunda gelýär. Bu ýerde örän manyly hem üstünde
durulmaly mesele, ;Anna; sözi Sumer dilinde-de edil şu günki
türkmen dilinde bolşy ýaly, belli goşulmalary kabul etmek bilen, aýal
hem erkek atlary hökmünde giňden ulanylypdyr. Mysal üçin
ýokardaky tekstden:;Kuli-Anna; we „Uşumgal-Anna“ (Dumuziniň
lakamlary), Geştin-Anna (Dumuziniň aýal dogany), şonuň ýaly-da
„Anna-tu“ (uly taňrynyň hanymy)105. Türkmen dilinde Annakuly
(Annaguly), Annagözel, Annaberdi, Annaoraz ...
104
105
: F. Delitzsch „Sumerische Glossar“ s. 34-35
: Murat Uraz, s. 54
108
„Kuli-Anna“ sözüni alyp
görenimizde
bolsa,
Sumer
dilinde taňrynyň ýakyny, taňrynyň dosy ýa guly ýaly manylary
aňlamak bolýar. Sebäbi „Anna“ sözi taňrynyň ady we KULI sözi
bolsa „dost“ diýen manyny aňladýar.106, 107
Netijede Kuli-Ann goşma sözüniň manysyna taňrynyň
ýakyny, taňrynyň dosy belki-de taňrynyň guly diýip düşünýäris.
Türkmen diliniň grammatikasyna uýgunlykda ondaky aýyrgyjy adyň
soňuna geçirenimizde bolsa ol „Anna-Kuli“ bolýar.
„Anna“ sözünden türkmen dilinde-de taňry diýen manyny
aňlamak mümkin, sebäbi biz ähli dinlerde taňrynyň güni, dynç güni
hem sogaply, hormatly hasaplanýan (taňry alty günde dünýäni
ýaratmak işini gutaryp, ýedinji güni dynç gün hasaplaýar) juma
gününe „anna güni“ ýagny taňrynyň güni diýýäris. Galyberse-de
Anna ýa Annap sözi gadymy turan dilinde Parfia döwründe-de ;taňry;
manysynda ulanylypdyr108, hatda Parfia şalarynyň atlarynyň
düzüminde hem bar (Am-inapes). Netijede Annakuly (Annaguly),
Annaberdi ýaly atlary biziň ata-babalarymyzyň tarapynda Taňryguly,
Taňryberdi, Hudaýguly, Hudaýberdi ýaly atlara sinonim hökmünde
paralel ulanylypdyr diýip bileris.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 08
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.